Latin

Robinzon Kruzo - Turkmen - 12

Total number of words is 3828
Total number of unique words is 2246
27.2 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
deňze goýbermek üçinem şonçarak hupbat çekipdim.
Şunlukda men, çaklaýşyňyz ýaly, ýene bir ýyl töweregi öz erkimi jylawlap, sessizüýnsüz, örän parahat ýaşadym. Oý-pikirlerim ýagdaýyma uýgunlaşypdy. Biribaryň
erk-isleglerine tabyn bolmagy özüme çäksiz bagt saýýardym. Adamzat
jemgyýetinden başga, ähli babatda juda bagtyýar ýaşaýandygym hakynda
oýlanýardym.
Şol döwrüň dowamynda zerurlyklaryň menden talap edýän ähli el senetlerinde
kämilleşdim. Ylaýta-da, abzal-gurallarymyň çäklijedigine seretseň, onda, meniň,
çemi gelende, ökde agaç ussasy bolaýmagym hem ahmaldy.
Ondan başga-da, men garaşylmadyk ýerden, elinden dür dökülýän küýzegäre
öwrüldim gidiberdim. Men gap-gaç ýasalýan tegelek çarhy ulanmagy hem gowy
öwrendim, asyl, onda işlemek ýeňil hem-de gaýym ekeni. Ozalky tüňňi-süňňi gapgaçlaryma garanyňda, indi ýasaýanlarym göräýmäne tegelek, gelşiklije bolup durdy.
Şybyk ýasamagyň hötdesinden gelen wagtym, göwnüme bolmasa, men öňde-soňda
öz bitiren işimden şonuň deýin göwnüm bitip, eden açyşyma şonça şatlanan däldirin.
Ýogsam, ol juda betgelşikden oňaýsyzja bolupdy. Men ony şykgyly toýundan tasa
getirip, edil beýleki gap-gaçlarym ýaly çym-gyzyl bolýança otda bişiripdim. Emma,
şonda-da, bişeýtelje şybygym örän mäkämdi we tüssäni dartyp bilýärdi. Şondan soň
has-da janym aram tapyp, geçim daga ýaýrady, sebäp diýseň, men şybyk çekmegi
ölemen halaýardym. Dogrymy aýtsam, çägä batyp ýatan gämide başda köp şybyk
bardy, emma, adada temmäki ösýändir öýdüp kelläme-de gelmändigi üçin, ilkibaşda
olary gämide galdyryp gaýdypdyryn. Soňky sapar gidip agtaranymda bolsa, hiçhili
şybyga duş gelmedim.
Men sebet örmäge-de diýseň ezber boldum, üşügim joşdugyça gereg-u-bigerek sebet
baryny münderläp çykdym. Olar göze gelüwli bolmasa-da, içine zat salmaga ýa-da
öýe odur-budur äkelmäge örän çemeli hem-de ykjamdy. Meselem, aýdaly, geçi awlan
wagtym, ony agaçdan asyp, derisini ýüzýärdim we etini şakgalap, sebede salýardymda, öýe alyp gaýdýardym. Pyşdylam edil şonuň ýalydy; men ony kesip, içindäki
ýumurtgalaryny, iýmäge bolarlyk birki bölek etini sebede oklap, galanynam taşlap
101
gaýdyberýärdim. Şeýle hem, men ullakan çuň sebetlere elim bilen owup, köwzäp,
güne serip guradan dänelerimi gapgaryp goýýardym.
Indi meniň därimiň ep-esli azalandygy göz dürtülip ugrapdy; onuň üstüni dolmak
bolsa, meniň üçin hiçhili mümkin däldi. Därim gutaransoň näme alaç ederkäm,
ýagny, geçileri nädip awlarkam diýen pikir meni otdan alyp, suwa salýardy. Öň
gürrüň berşim ýaly, adadaky üçünji ýylymda ýaşajyk bir owlajygy tutup, ekdi
edipdim. Men oňa höwür bolar ýaly, erkejik bir owlak tutjak bolubam, pursat peýläp
gezipdim, ýöne ol hyýalym başa barmandy. Şeýdibem, owlajygym geçi çykan wagty
ony öldürmäge teý ýüregim dözmänsoň, ol janawer ahyrsoňunda garrap, öz ajalyna
ölüp gidipdi.
Ýöne, indi adada on bir ýyldan bäri ýaşap ýöremsoň, ýaňyja aýdyşym ýaly, därili
çeleklerim taňkyrap, düýbi görnüp başlapdy. Şeýle bolansoň, men geçileri diri
tutmagyň hyýalyna münüp, gapanmydyň, duzakmydyň, garaz, bir tilsim tapmagyň
alajyny gözlemäge girişdim. Ylaýta-da, owlaklyja geçi tutaýsam, onda tüýs jüpüne
düşjekdi. Şol matlabyma ýetmek üçin, men geçileriň aýagyna çolaşar ýaly herhili
duzak işip, olaryň geçýän ýodajyklaryna gurup gördüm. Geçiler telim sapar duzaga
düşdi, ýöne mende ibaly sim bolmansoň, her gezegem olar ugursyzja tilsimlerimi
üzüşdirip, gaçyp gidýärdi. Haçan barsaň, duzagyň-a çöpe-çalama ilişip ýatandyr,
üstündäki aldawaç ot-iýmem ýom-ýokdur. Ahyrsoňy, men gürpbassy gazyp görmegi
ýüregime düwdüm. Onsoň, men geçileriň otlaýan bellije ýerlerinde birnäçe sany çuň
çukur gazyp, olary saldamly şahalar bilen, aşak çökmez ýaly edip basyrdym. Olaryň
üstüne wagtal-wagtal arpa sümmülleri bilen gury tüwi sepeleşdirdim. Munuň sebäbi,
men geçileri hut şu ýerik öwrendekli etjek bolýardym. Hakykatdan-da, her gezek
barlaga gelenimde geçileriň bu ýerde bolup, däneleri iýip gidendigini görýärdim,
olaryň aýak yzlary hem mesaňa-mälim bildirip durdy. Şondan soň, men bir gün üç
sany gürpbassyny ýukajyk edip basyryp goýdum. Ertesi ir säher bilen baranymda,
duzaklar öňki-öňküligine duran ekeni, aldawaç däneleri bolsa iýlipdir. Men muňa
örän lapykeç boldum. Men teýahyr bolmajagyny bilip, gürpbassylary başgaçarak
gurnadym, ýöne gürrüňi çintgäp, kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Garaz, bir gün irden
gelip görsem, al saňa gerek bolsa, göýä bolsady ekilen ýaly, çukurlaryň birinde
daýaw bir garry teke tarsyldap çekrese, beýleki bir çukurda biri erkek, ikisi urkaçy,
üç sany owlajyk lägirýä.
Garry geçi maňa hezil bererli görünmeýärdi, ol şeýle bir gazaply tabyrdap, dikine
zyňýardy welin, men çukura girmekden, has dogrusy, ony diri tutmakdan elli bizar
geçdim. Ony kaklaýsam hem bolman durjak däldi, ýöne birinjidenä meniň başdan
beýle niýetim ýokdy, ikinjidenem etim-hurşum ýeterlikdi. Onsoň, çukuryň üstündäki
şahalary bir ýaňa aýyrdym welin, ýaňky kesir geçi edil ýüregi ýarylan ýaly bolup,
towsup çykdy-da, ýazzyny berdi. Ýöne, men ol wagt, soň öwrenişim ýaly, aç
saklamak arkaly hatda ýolbarsy hem ekdi edip bolýandygyndan bihabardym. Eger
şonda garry geçä üç-dört gün ot-suw bermän çukurda saklap, dördülenji gün
diýlende, az-küş dänedir suw görkezen bolsam, onda ol hem owlaklar ýaly, mumly
ýüplüge dönjek ekeni. Mahlasy, geçi maly örän düşbi we diýen ediji bolansoň, olaryň
peýdasy diýseň kän degýär.
102
Ýöne, şol pille maldan başym çykmaýandygy üçin, garry geçini boşadyp goýberdimde, owlaklaryň ýanyna bardym. Olary bir-birden çukurdan çykaryp, bir ýüpe
kökerdim-de, itek-çomak bolup öýe alyp gaýtdym.
Owlaklar ürküşip, wagty bilen ota-suwa öwrenişmediler, emma men hajyk-hujuk
edip, öňlerine gökje sümmül oklaberdim welin, olar az-kem ýerläp ugrady. Şonda,
men däridir seçmäm gutaran mahaly, özümi huruşlyk geçi eti bilen üpjün etmek üçin,
megerem, ýeke-täk ýoluň geçileri eldekileşdirip, öýümiň golaýjygynda goýun sürüsi
ýaly edip, giden bir süri köpeltmek bolup durýandygyna göz ýetirdim. Şol arada,
owlajyklary ýabany geçilerden üzňe saklamalydygy, ýogsam olaryň sähel ers-mers
boldugy tokaýa bakan leňk ýasajakdygy kelläme geldi. Munuň öňüni almak üçin
ýeke-täk çykalga — içindäkiler boşap gaçmaz, daşyndakylar böwsüp girmez ýaly
berk agaç haýat ýa-da janly aýmança bilen gurşalan bir agyl ýasap, owlaklary şoňa
gabap goýmakdy.
Agyl gurmak bir jübüt el üçin ýeňil-ýelpaý iş däldi, emma ol örän derwaýysdy.
Şeýlelikde, men owlaklar üçin göwnejaý baky ýer tapmaga hyýallanyp, ümürsin otly
çemenlik ýer agtarmaga girişdim. O taýda owlaklar suw içmäge iner ýaly güzer hemde günüň ýandyryjy howrundan penalanar ýaly saýaly agaçlar hem bolmalydy.
Men aýlanyp ýörşüme şonuň ýaly eliň aýasy ýaly tekiz çemenzarlygyň ýa-da
günbatar koloniýalarda ýaşaýan iňlisler aýtmyşlaýyn, sawannanyň üstünden bardym.
Bir çeti goýry kölegeli jeňňellige direýän çemenzarlygyň iki-üç ýerinden dagyn
şildireşip, duruja suwly çeşme-çaýlar akyp ýatyrdy. Men tutuş çemenzarlygyň daşyna
pesinden iki mil töweregi agaç ýa-da örme haýat aýlajak bolup, işe girişendigimi
aýtsam, onda şol hili agyl aýlamakdan başy çykýan islendik adam meniň bu binowa
pähimsizligime ýylgyrsa gerek. Bu ýerde gep gerimiň giňliginde däldi; sebäbi,
haýadyň uzynlygy, bar, on mil bolýanda-da, ony gurup gutarmaga ýeterlik wagtym
boljakdy. Asyl, men geçileriň munça giň meýdanda, hamala diýersiň, uly bir ada
düşen mysaly, ýene-de ýabany bolup ýaşajakdygy hem-de dänim bu giden düzlükde
olary kowalap dagyn tutjak bolaýsam, onda olaryň maňa zygam etdirmejekdigi
hakynda pikir etmändirin ekenim.
Çaky, şol pikir birden kelläme gelende, haýady ýaňy bir elli ýarda ýetiripdim; onsoň,
men işlemegi tapba kesdim-de, häzirlikçe uzynlygy ýüz elli, ini ýüz ýarda barabar
çemenlik ýeriň daşyna aýmança çekmegi ýüregime düwdüm. Üç sany geçi üçin şol
öleňlik şol wagtlykça besdi, süri ulaldygyça, agyly hem şoňa görä giňeldibermeli
boljakdy.
Men ätiýaçly hereket etmegi ýüregime düwenimden soň, batyrgaýlarça işe başladym.
Şol başlangyç agylymyň daşyna haýat aýlap dynýançam, üç aý töweregi wagt gerek
boldy. Işleýän döwrümde owlaklaryň üçüsinem agylyň iň otluk ýerlerine eltip,
öwrenişer ýaly öz golaýrajygyma örkläp goýýardym. Ýygy-ýygydan olara birki
bogdak arpa ýa bolmasa bir goşowuç tüwi eltip, öz elim bilen iýdirýärdim. Şeýdeşeýde haýady tamamlap, owlaklary agyla goýberdim welin, olar juda öwrendekli
bolansoň, birki gysym dänä tamakin bolup, mäleşip, nirä ýöresem yzymdan ylgap
ýören boldular.
103
Şeýlelikde, «yhlasa-myrat» diýleni, ýene ýyl ýarym gowrak wagtdan meniň eýýäm
ululy-kiçili geçiden-owlakdan jemi on iki baş ownuk maldan ybarat bolan kiçiräk
sürim bardy. Ýene iki ýyl geçensoň bolsa, sürimdäki geçileriň sany kyrk üçe ýetdi,
onda-da, şoňa çenli söwüşläp, gazana atanlarymy hasap etmäniňde. Şol döwrüň
dowamynda ýene bäş sany ýanaşyk agyl ýasadym-da olaryň öz arasyna ötüpgeçmäge girelge goýup çykdym. Her bir agylyň içinden bolsa, islän wagtym geçileri
gabap tutar ýaly çaklaňja agylçalar guruşdyrdym.
Ýöne bu entek hemmesi däl, sebäbi indi mende diňe bir göwnüm täzeje et küýsän
çagy soýar ýaly mal däl-de, eýsem, güžžüldedip sagaýyn diýsem, üňüz ýaly süýtlek
geçilerim hem bardy. Dogrymy aýtsam, ilkibaşlarda, ene geçileri sagybermelidigini
güman hem etmändirin. Günlerde bir gün, şol pikir kelläme gelen pillesi, ol meniň
üçin örän ýakymly sowgat boldy. Şondan soň, men mähetdel etmän süýt hojalygyny
gurmaga girişdim we kähalatlarda günde birki gallona ýetirip süýt almaga başladym.
Ähli janly-jandaryň azyk-engamyny ýetirip durýan tebigat hatda şol nygmatlardan
nähili peýdalanmalydygyny tebigy görnüşde öwredýär ekeni. Şeýlelikde, geçi-hä
beýlede dursun, heniz sygyr diýlen janaweriň ýelnini elläp görmedik, mesgedir
peýniriň ýasalyşyny diňe oglanjyk mahaly kesesinden gören men zaňňar näçe tulum
süýt-gatygy zerzaýa edenimden soň, ahyr bir gün, ynha görseň, hozanaklap, mesge
ýaýyp, peýnir ýasap oturan bolaýdym.
Şol arada, men adanyň ýakasyndaky gaýalyklaryň ýüzünde günüň jöwzasyna agaryp
ýatan duzdan başga-da duz almagy hem öwrendim we gaýdyp şoňa zar bolmadym.
Abyrsyz külpetleriň astynda ýegşerdik diýip hasap eden pillämizde hem,
Ýaradanymyz biz bendelerine gör nähili merhemet edýär! Ol iň bir ýowuz täleýi gör
nähili süýjedýär we hatda zyndandyr zulmathanalar üçin hem Özüne şükür eder ýaly
esas döredýär! Ilkibada açlykdan ölüp gitmekden başga uç görmedik şu ýalazy
meýdanymda Ol meniň üçin gör neneňsi sahawatly saçaklary ýazyp goýan ekeni!
XI BAP
Kiçijik maşgalamy daşyma tegeläp, şamlyk naharynda saçak başynda oturanymy
gören islendik adam myssa ýylgyrsa gerek. Törde gabarylyp oturan men — adanyň
aly hezretleri şazadasy hem-de hökümdary, dergähimdäki raýatlarymyň barysynyň
jany meniň elimde: islesem, dara çekdirerin, islesem ganyny geçerin; erkinlige
goýberip ýa-da gul edibem bilýän; bu ýerde edenime däl diýip biljek ýekeje
topalaňçy tüpbozana-da duşaýmarsyň. Pah-pah, ähli hyzmatkärlerim aýak üstünde
daşymda döwre gurap, meniň misli korol deýin bir özüm dabaraly naharlanaýşymy
diýsene! Totuja bolsa, hamana diýersiň, syrdaş mäterim ýaly hekgildäp, meniň bilen
hemsöhbet bolmaga ýeke-täk hukukly kişi. Öz neslini dowam etdirmäge höwür
tapynman, bireýýäm lagar düşüp, jydalykda öwzaýy üýtgän garry köpegim bolsa,
elmydama sag tarapymda garysyny ýassanyp ýatandyr. Hersi stoluň bir gapdalyndan
oturan pişijekler bolsa, öz merhemedimiň alamaty hökmünde, haçan birki bölek
owkat uzadarkam diýip, elime garap, ýalmanyşýarlar.
104
Bu pişikler meniň ilkibaşda gämiden halas eden pişiklerim däldi, sebäbi olaryň ikisi
hem birwagt ölüpdi we men olary öýümiň gapdalynda ýere duwlapdym. Emma şol
pişikleriň biri heniz diri wagty bir gezek mawa gelen pillesi, näbelli bir jandar bilen
jübütleşip çagalapdyr. Şol pişijekleriň iki sanysy öýdeçi boldy, galanlary bolsa, çöpeçöre siňip, ýabanylaşyp gitdiler. Soň şol ýabany pişikler kümürsikleşip, baý bir,
başymdan inen melamata dönendirler-ow! Olar zol-zol öýüme darap, azyk-engamlary
tüýtmeläp, ogurlap, maňa gün ýamanyny berýärdiler, onsoň men juldan çykyp, halys
kanagat käsämiň dolan güni tüpeňimi alagadan, ýaňky alkakmyşlary bir ujundan
pürreläp çykdym. Olaryň öleni-ölüp, galany hem dolanyp gara bermedi. Şeýlelikde,
men öz hemralarym bilen, bal günüme batyp ýaşap ýördüm, ýekesireýän
diýäýmesem, başga kem zadym ýokdy. Ýogsa-da, ýekesireýän diýen bolup otyryn
welin, şondan kän wagt geçmänkä, indi adajykda gereginden artyk gaýmalaşyk
boljakdygy ýüze çykdy.
Öňem aýdyşym ýaly, indi kellämi etegime salyp, howp-hatara töwekgelçilik etmäge
örän göwünsiz-de bolsam, gaýygymda ýüzesim gelip içim byjyklap durdy. Şonuň
üçin-de, kämahallar ony adanyň bu ýüzüne getirmegiň tärini gözläp, jöwlan
urýardym, käteler bolsa, gaýygy jähennem edip, şonsuz kanagat edip geziberýärdim.
Emma welin, soňky deňiz gezelenjimde adanyň ýerleşişini we akymyň nähilidigini
görmek üçin üstüne münen baýyrlygyma ýamaşgan gitmek barada ýüregime geňenaýy bir gozgalaň düşdi. Ol gozgalaň meni günbe-günden gysyp-gowurýardy.
Ahyrsoňy, men kenaryň gyrasyny yzarlap, şol baýyrlyga guryýerden baryp gaýtmagy
ýüregime düwdüm-de, ýola rowana boldum. Şonda, eger Angliýada kimdir biri
mysalasy meniňkä çalym edýän adam bilen pete-pet gelen bolsady, onda ol ýa
tisginip, elini-aýagyny ýitirerdi ýa-da hahahaýlap, gülüp keýpden çykardy. Hatda
özümem zol-zol aýak çekip, ebtimi-başymy synlaýardym we şu üpül-süpül
jindelerimi, sallam-sajak eginbaşlarymy geýip, Ýorkşiriň köçelerinden barýanym göz
öňüme geleninde ýylgyrman durup bilmeýärdim. Gowusy, geliň, men size öz eleşan
sypatymy suratlandyryp bereýin.
Kellämde günden gorap, ýagyrnymdan ýagşyň suwuny geçirmez ýaly yzky etegi
aşaklygyna esli sallanyp duran, geçiniň derisinden bejerilip tikilen, zömmek bişekil
telpek bardy. Şunuň ýaly petiş klimatda eşigiňden syrygyp, endamyňa ýelmeşýän
ýagyş suwundan zelleli zat ýok bolsa gerek.
Egnimde syýlary uýlugymyň ortagürpüne çenli baryp ýetýän, geçi derisinden tikilen
keltejik donum bardy; dyzymdan bolup duran jalbar geýipdim. Garrap sandan galan
bir tekäniň hamyndan syrdalan ol jalbaryň çöpürleri dagysy şeýle bir sallam-sajak
sülpüldeýärdi welin, olar edil ýöne yýma geýen ýaly injiklerime ýetip durdy.
Köwüşden-jorapdan hiç zadym ýokdy, ýöne, näme diýip atlandyrjagymy-ha bilemok
welin, özüme hopul-sopul keltejik ädige ýa-da bolmasa iki tarapyndan bagjyk bilen
daňylýan, aşagy tasmaly ýyljajyk gonja çalym edýän bir zat emel edipdim.
Hakykatdan-da, onuň daş görnüşi beýleki geýim-gejimlerimiň arasynda iň bir ýabany
görnüşlisidi.
Bilime gurap çakyry çykan geçi teletininden ýasalan, toka derek iki sany gaýyş çeki
bilen çekdirilen ýasy kemer guşanypdym; kemeriň iki gapdalyna pugta daňylan
105
asgyçlara bolsa, gama bilen hanjaryň deregine bir byçgyjyk bilen paltajyk iltenilgidi.
Gaýyş bagjyk bilen birikdirilgi has insizje başga bir kemeri bolsa egnaşyr geçiripdim;
ol kemeriň çep goltugymyň aşagyndan geçýän ýerinde geçiniň çeriminden ýasalan iki
sanak haltajyk asylgydy, olaryň birinde däri, beýlekisinde bolsa seçme bardy.
Kebzämde sebedim, gerdenimde tüpeňim bardy, depämde bolsa, her näme diýseň-de,
tüpeňden soň iň zerur serişdäm — geçi derisinden ýasalyp, uzyn tüýleri dagysy aşak
sallanyşyp, sal-sal bolup duran, tagaşyksyz we eleşan äpet saýawanymy göterip
barýardym. Meňzim barada aýtsam, ol ekwatordan dokuz-on gradus uzakda ýaşaýan,
ýüz-gözüne onçakly goraglamaýan meniň ýaly adamda bolar diýlip çak edilýäniniň
tersine, mulatlaryňky ýaly bugdaýreňk öwüsmeýärdi. Sakgalymy bir ýola hiňňildik
uçaýmaly edip goýberipdim; emma soňra ýeterlik mukdarda päki bilen gaýçy
edinenimden soň, gürzelek sakgalymy gytyjak çyrpyp, gyrçuw etdim, ýöne murtumy
welin, Sale şäherinde duş gelen käbir türklerde görşüm ýaly, musulmanlaryň edähedi
boýunça timarlap, aşaklygyna goýberdim, beýle murt marokkalylarda däl-de, eýsem
diňe türklerde bolýardy. Elbetde, murtumyň uzynlygy şyrdagymy asybermeli boldyha diýip biljek däl, ýöne Angliýada onuň egrelip, salparyp durşuna gözi düşen
adamyň ziňkildäp, ör-gökden geljegi gürrüňsizdi.
Bu zatlary gepiň gerdişine görä ýöne gürrüň beräýdim, çünki degre-daşymda üstibaşymy synlara üýşüp ýatan adam-gara bolmansoň, egnime näme geýenimde-de
göwnüm bir ýalydy. Şonuň üçinem, bu gürrüňe indi gaýdyp gelmerin. Men, ine, şu
hili sulbalarym bilen täze gezelenje çykypdym we indi bäş-alty günden bäri ýol
üstündedim. Men deňziň kenary bilen ýöräp, ilki bilen, daş-töweregi synlar ýaly
baýra dyrmaşmak üçin gaýygymy labyrda goýan ýerime bardym. Şindi, bärde ünji
edip oturar ýaly gaýygym bolmansoň, şonda aňyrlygyna guryýeriň içi bilen
gönüledim-de, şol öňki baýryň depesine dyrmaşyp çykdym. Şol ýerde durup, ozal
gaýygym bilen daşyndan aýlanyp geçmeli bolan gaýalyk dilkawyma esewan eden
wagtym, deňziň eliň aýasy dek tekiz, imi-sala durandygyna gözüm düşüp aňk-taňk
boldum. Suwuň ýüzünde ne akym bardy ne-de bir hereket, hatda zire-zire
tolkunjyklar hem göze ilmeýärdi; beýleki ýerler hem edil şonuň ýalydy. Men bu täsin
ahwalata akyl ýetirip bilmedim we oňa daşgyndyr gaýtgynyň ugurlary dagysy täsir
edýärmikän diýip, düşünjek bolup, birsalym deňzi synlap durmagy ýüregime
düwdüm. Men uzak eglenmän nämäniň-nämedigine göz ýetirdim, ýagny günbatar
tarapdan gelýän gaýtgyn bilen şu golaý-goltumda okeana gelip guýulýan haýsydyr bir
uly derýanyň döredýän akymy utgaşaga-da, hökmany suratda häzirki akymy emele
getirýän bolmalydy. Şemalyň günbatar ýa-da demirgazyk tarapdan has güýçli
öwsüşine baglylykda, ol akym bir görseň-ä kenara ýakynlaşýardy, bir görseňem
ondan daşlaşýardy. Gün ýaşyp, agşam düşýänçä men oýana-buýana gezmeläp,
daşgyn gutarýança güýmendim-de, ýaňadan depä çykdym. Oňa deňiç gaýtgyn
başlandygy sebäpli, men araky akymy şol öňki bolşy ýaly äşgär gördüm, ýöne ol bu
wagt kenaryň ýarym mil çemesi uzagyndan geçýärdi. Asyl, görüp otursam, bu akym
araky galagoplukda adanyň edil alkymyndan geçýändigi sebäpli, meni gaýygymýenäm bilen bilelikde akdyryp, ummadan çykaran borly. Başgarak wagt
bolanlygynda, edil beýle boljagam däl ekeni.
106
Men täze açyşym arkaly, diňe daşgyn bilen gaýtgynyň başlaýan wagtyna gözegçilik
etmek bilen, indi öz gaýygymy adanyň bu tarapyna emgenmän getirip biljekdigime
göz ýetirdim. Şeýle-de bolsa, bu meýlimi iş ýüzüne geçirmegi ýaňy bir kellämde
öwrüp ugran pilläm, birdenkä ozal başyma düşen howp hakydama geldi welin, edil
ýylan gysymlan ýaly bolup, on iki agzamyň bary birden gowşady. Şondan soň bu
meseläni öwrüp-çöwürmäge ýüregim takat edip bilmedi. Emma, munuň tersine, has
kösençli, ýöne has howpsuz başga bir ýol saýlap aldym. Meniň täze tapan çykalgam
— ýene-de bir gaýyk ýa-da taýmyl ýasanyp, adanyň her tarapynda bir sany gaýyk
saklamak bolup durýardy.
Eýýäm bilşiňiz ýaly, meniň adada iki sany mülk ýerim bardy. Olaryň biri, gaýanyň
aşagynda ýerleşýän, yz tarapy gowakly, daşyna haýat aýlanan çaklaňja berkitmämdi.
Men bu wagta çenli ony düýplügine bakan biri-birine sepleşýän birnäçe otag, has
dogrusy, gowak görnüşinde gazyp giňeldipdim. Şol otaglaryň birinde, ýagny, arka
tarapynda, haýatyň gaýa bilen birleşýän ýerinden, berkitmäniň daş ýüzüne ötelgesi
bar bolan iň giňiş we gury otagda öň gürrüň beren ullakan toýun gaplarymdan we her
birine bäş-alty buşel däne sygýan on dört-on bäş sany çuň sebetden ýaňa aýak
basmaga ýer ýokdy. Men olarda azyk-engamlary, ylaýta-da, samany bilen orlup
goýlan sümmülleri we el bilen owlup, köwzelen arpadyr-şalyny saklaýardym.
Birwagtlar diwaryň daş ýüzüne iki hatar edip, ýere kakyp çykan ýaşajyk pürslerim
düýp tutup, bu çaka çenli şeýle bir ösüp, şaha ýaýradypdy welin, asyl, olaryň
arkasynda giden bir howly bardygyny, adam ýaşaýandygyny keseden seredip aňyp
boljak gümanasy ýokdy.
Şol mesgenimiň golaýjygynda, ýöne adanyň biraz jümmüşinde ýerleşýän düzlük
ýerde wagtly-wagtyna topragyny işläp-bejerip, däne sepýän iki sany atyzym bardy.
Olar orak möwsüminde boldumly hasyl berýärdi. Bardy-geldi has köp däne zerurlygy
ýüze çykaýanda ulanar ýaly, şol atyzlaryňkyça mes toprakly ýanaşyk ýerler hem
bardy.
Meniň ikinji mülküm — jülgedäki telärli howlymdy, o taýda-da bolşuna görä
ekinçiligim bardy. Ilkibaşda bu ýerde kiçijek telär gurunypdym, onuň bar zadyny
jaýba-jaý saklaýardym, has dogrusy, onuň daşyny gallap oturan janly aýmançanyň
çybyjaklaryny belli boýdan geçirmän çyrpyp durýardym, merdiwanjygy bolsa,
hemişe howlynyň iç ýüzüne söýäp goýýardym. Aýmançanyň başda inçejik bolan
bolsa-da, indi juda ösüp, syrdam şaha ýaýradan agaçlaryny mydama pudarlap
saklaýardym, olar bolsa has-da eriş-argaç bolup, durdugyça gürelip, tüýs meniň
isleýşim ýaly has jana ýakymly kölege salýardy. Aýmançanyň ortarasynda bolsa,
ýere kakylan mäkäm gazyklar bilen göwnejaý gurnalan ýelken çadyrym bardy, ony
henize deňiç abatlamak ýa-da täzelemek gerek bolmady. Çadyryň içinde awlan
haýwanlarymyň derilerinden we başga her tüýsli mymyjak zatlardan ýasalan seki
bardy, onuň üstüne gämiden galan deňizçi ýorgan-düşekleriniň arasyndan tapan
körpeçämi atypdym. Ýorgana derek bolsa, uzyn deňizçi şinelimi ulanýardym. Men
uly öýümde içim gysan çagy, ynha, şu telärli howlyma ýatymlaýyn gezelenje
gaýdyberýärdim.
107
Bu mülkhanamyň ýanaşygynda mal-garalarym, ýagny geçilerim üçin salan agyllarym
bardy. Olaryň daşyna germew aýlap çykmak üçin bijaý köp zähmet çekmeli
bolupdym. Geçiler aýmançany böwsüp gaçaýmasyn diýen gorky bilen, men şeýle bir
ünjä galýardym welin, edil iňňäň üstünde oturan ýaly, dynuwsyz renç edip, tä tutuş
aýmançanyň daş ýüzüne goltuk-goltuk suwluja gazyklary sünjüp çykýançam ýüregim
ynjalyk tapmady. Men olary biri-birine şeýle bir ýakyn edip dürtüşdirdim welin,
olaryň arasynda eliňi sokar ýaly hem boş ýer galmandy. Nobatdaky ýagyşly
möwsümde ol gökje gazyklaryň hemmesi kök salyp, şeýle bir pyntyklap, ýapraklap
ösdi welin, asyl ýöne, agylyň aýmançasy häzir iň bir mizemez diwara-da gaýra dur
diýdirip biljekdi.
Şu gürrüň beren zatlarym meniň bikär ýatmandygymy, elpe-şelpe ýaşamagym üçin
derwaýys bolup görünýän islendik işi ýerine ýetirmek üçin janymy aýaman, zähmet
çekendigimi görkezmäge ýeterlikdir. Sebäbi, men şu adada ýaşadygym saýy, hamala,
ol ýene kyrk ýyl dowam etjek ýaly, el astymda ownuk başly mal saklap, gözli çeşme
kimin täze et-süýt diýermiň, mesgedir peýnir diýermiň, iýjegimiň-içjegimiň
aladasyny edýärdim. Hut şonuň üçin-de, ol janawerleri el aýtymynda saklamagyň
ýeke-täk usuly — olaryň oňa-muňa tazygyp gitmeginiň öňüni alýan aýmançany biçak
jebis edip gurnamak bolup durýardy. Men bu usuly diýseň jaýdar ulanypdyryn, çünki
hälki düýp tutup, ösüp başlan gazyjaklary şeýle bir ýygjam ekipdirin ekim welin,
olaryň käbirini sogrup çykmaga mejbur boldum.
Telärli howlymyň beýle ýanynda giden üzüm baglary ösüp otyrdy. Aşhanamyň iň bir
naýbaşy we iň hoştap iýmiti bolan gyşlyk kişmişimi taýýarlamak üçin hemişe şol
baglardaky üzüm hoşalaryny usullyk bilen ýygyp, güne serip guradýardym.
Hakykatdan-da, kişmiş diňe bir süýji däl-de, eýsem, jana tenekär, şypaly, ýokumly
hem-de biçak mazaly iýmitdi.
Bu ýer meniň esasy öýüm bilen gaýygymy goýup gaýdan buhtajygymyň orta
gürpünde ýerleşýärdi, şonuň üçin-de, ýygy-ýygydan gaýygymy görmäge gidenimde,
ýolugra şu telärli howlymda gije düşläp geçýärdim. Gaýygyma dahylly ähli närseleri
jaýba-jaý tertipläp saklaýardym, idegini ýetirýärdim. Käýarymlar göwün hoşlamak
maksady bilen gaýyga münüp gezelenje çykaýmam bardy, ýöne sähelçe bir akymdan,
şemaldan ýa bolmasa başga bir ahmalçylykdan ätiýaç edip, hamana diýersiň, akyp
umma gidiberjek ýaly, gorkudan ýaňa ýüregim agzyma gelýärdi. Şonuň üçinem,
howply ýüzüşlere çykmakdan elli bizar geçen, kenardan birki daş zyňymlyk
aralykdan kän uzaklaşmaýardym.
Şol günlerde men indi öz ömrümiň täze bir sahnasynyň açylýandygyna şaýat boldum.
Gün günorta çagy, bir gün deňziň gyrasy bilen gaýygyma bakan mytdyldan bolup
barýarkam, birdenkä çägäniň ýüzünde ýalaňaç adam aýagynyň mese-mälim bildirip
duran yzyna gözüm düşüp, allaniçigsi boldum. Men edil ýyldyrym uran ýa-da arwahjyn gören ýaly duranja ýerimde doňup galdym. Men diňşirgenip, daş-töweregime
äňetdim, ýöne ne-hä bir ses eşitdim, ne-de bir gyrmyldy gözüme ildi. Men dumlyduşy birlaý synlamak üçin, ýüwrüp, bu ýandaky depejige çykdym; soňra ýene aşak
düşüp, kenarda bir eýläk-bir beýläk gezmeledim, haýran galaýmaly — hiç ýerde ynsjyns ýokdy. Şol ýekeje yzdan başga aýak yzy görünmeýärdi. Men gözüme görnüp
108
dagyn edäýýärmikä diýip, ýaňadan şol aýak yzyň ýanyna baryp çiňerildim.
Allajanlarym, munuň beýle bolaýşyny, bu hakyt aýak bilen galdyrylan yz ahyryn —
ine, barmaklary, ökjesi, tutuş dabany. Beh, bu ýere nädip aýak yzy düşüp ýörkä? —
ol, asyl, ýedi uklamda düýşüme girjek zat däldi. Men kellämde pelesaň urýan set müň
sany oý-pikirden ýaňa halys näme edip, näme goýanymy bilmän, bir gez howada
ýöreýän ýaly bolup, berkitmeli öýüme bakan yza dolandym. Ýolda gelýärkäm, ylla,
tazy gören towşan ýaly, çem gelen gyrymsy agajy, daragty, ýa bolmasa, uzagrakda
somalyp duran töňňäni adamdyr öýdüp, her iküç ädimden bir arkama garanjaklap,
ýaltak-ýultak edýärdim. Tüweleý turýan hyýalymda her tüýsli waswasalaryň neneňsi
üýtgeşik sypatlarda janlanýandygyny, her bir pursatda gözümiň öňünde nähili elhenç
pikirleriň ör-boýuna galýandygyny we kelläme nä tüýsli geň-enaýy, düşnüksiz
hokgalaryň gelýändigini söz bilen düşündirmek mümkin däl.
Men galajygyma ýeten badyma (ýalňyşmaýan bolsam, men şol günden başlap, öz
öýümi şeýle atlandyryp ugradym), ýeňsämden ýagy gelýän ýaly içerik kürsäp urdum.
Hemişeki endigime görä merdiwana dyrmaşyp geçdimmi, ýa gaýanyň böwründäki
gapy diýip atlandyrýan sümelgämden ötdümmi, garaz, ýadyma düşenokdy. Ol ertesi
gün irdenem ýadyma düşmedi, sebäbi meniň alabasga düşüp, öz tünegime zybyrdap
girişim ýaly, öňde-soňda ne-hä towşan öz hinine okdurylandyr, ne-de tilki öz
sürenine şeýdip kürsäp urandyr.
Men tä daň atyp, jahan ýagtylýança çirim hem etmän, uzynly gijäni uklaman
geçirdim; ýüregime dowul salan wakadan daşlaşdygymça, şonça-da peşeden pil
döräp, gorkularym ulalýardy. Bu ýagdaý munuň ýaly ahwalatlaryň tebigatyna, ylaýtada islendik bir zatdan gorkan ähli janly-jandarlaryň özüni alyp barşyna düýbünden
tersdi. Aýak yzynyň eýesi baradaky eýmenç pikirler meni şeýle bir hopukdyrýardy
welin, şol kenardan allaowarrada, ygtybarly ýerde oturan-da bolsam, aňymda biribirinden edrenç mysalalar at salýardy. Birden-birden «ol melgun bolaýmasyn» diýip
göwnüme gelýärdi, paýhasym hem şu çaklama bilen ylalaşýardy: adam sypatyna
giren melgundan başga kim bu jelegaýa gelip biler? Gelenler, adam bolsa, hany olary
getiren gämi nirä gürüm-jürüm boldy? Näme üçin başga aýak yzynyň alamatlary
ýokka? Bu ýere adamlaryň gelmegi mümkinmikä beri? Ýöne, başga bir tarapdan
seredeniňde welin, bar, şeýtan adam sypatyna girendir diýeniňde-de, meniň görjegimgörmejegim gümana bir ýerde, onuň beýdip aýak yz galdyran bolup ýörmegem-ä
birhili gülkünç görünýär. Dogrudanam, eger melgun ikibaşdan meni gorkuzmagyň
hyýalyna münen bolsady, onda ol şu çaka deňiç täk aýak yz galdyryp ýörmän, müň
dürli al salyp, gözümi-başymy aýlamazmydy? Ýedi derýanyň suwuny içen myrryh bu
adanyň beýleki tarapynda, meniň görenimden görmezim on müň esse ýakyn ýerde,
onda-da sähel ýel oýnasa, deňziň ilkinji tolkunynda ýuwlup gitjek çägäniň ýüzünde
aýak yzyny galdyrar ýaly ýeňilkelle däldir-ä. Bu wakanyň öz içinde bir gapmagarşylyg-a bardy, ol, asyl, şeýtanyň mekirligi barada göz öňüne getirýän adaty
pikirlerimize-de bap gelmeýärdi.
Başga-da şu zeýilli tutaryklar köpeliberensoň, meniň şeýtan baradaky şübhelerim el
bilen syýrylan ýaly dagap gitdi — ol aýak yzy, ähtimal, şeýtandan has howply bir
äteňede degişli bolmalydy. Megerem, adanyň gabat-garşysyndaky gury ýer böleginde
109
ýaşaýan wagşy adamlaryň bir kowçumy gaýyklary bilen deňze çykandyr-da, soňam
akymyň ýa-da garşydaş şemalyň ýelginine azaşyp, şu ada gelip düşendir. Onsoň olar
kenarda birmeýdan timisgenendir-de, belkem, meniň olara sataşmakdan
gorkuşymdan bäş esse beter bu çolaja adada galmakdan elheder alyp, ýaňadan ýüzüp
owarrasyna gidendirler.
Şu hili pikirleri aňymda aýlap oturşyma, ol bedähetler gelen pillesi şol golaýgoltumda bolmandygyma, olaryň meniň gaýygymy görmändigine öz içimden, baý,
begenmek-begendimä. Şeýle bolanlygynda ol päliýamanlar bu ýerde adam-garanyň
ýaşaýandygyny bilip, gözlegime çykmakdanam gaýtmazdy. Şol wagt, «birdenkä olar
gaýygymyň üstünden baryp, bu ýerde adam ýaşaýandygyny bilen bolaýmasynlar»
diýip, beterinden-beter pikirler hyýalyma hüjüm etdi. Eý toba, eger şeýle bolaýsa,
onda adamhorlar ýamaşgan sürreklenişip gelerler-de, meni iýerler; eger saý-sebäp
bilen, gizlenip sypmagy başaraýanymda-da, barybir olar ysyrganyşyp meniň agylymy
taparlar, ähli ekin-dikinimi torç edip, eldekije geçilerimi lägirdip, sürüp äkiderler.
Onsoň, aýaklaryňy uzyn salyp, açlygyňdan syrylja-da, ajalyňa garaşyber.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
  • Parts
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 01
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2162
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 02
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2147
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 03
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2209
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 04
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2093
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 05
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 2138
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 06
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2143
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 07
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2126
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 08
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2119
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 09
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 2182
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 10
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2145
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 11
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2126
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.7 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 12
    Total number of words is 3828
    Total number of unique words is 2246
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2229
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 14
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2236
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2129
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 16
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2101
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2014
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 18
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1970
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 19
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2126
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 20
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 1919
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 21
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2034
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 22
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2122
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2202
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 24
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2193
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 25
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2140
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 26
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2221
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 27
    Total number of words is 3870
    Total number of unique words is 2037
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 28
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2095
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 29
    Total number of words is 3887
    Total number of unique words is 2144
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 30
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2149
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 31
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2207
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 32
    Total number of words is 3912
    Total number of unique words is 2159
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 33
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2187
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2253
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 35
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2240
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2228
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 37
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2137
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 38
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2128
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 39
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1957
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 40
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 1929
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 41
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2109
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 42
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2011
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 43
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1975
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 44
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2033
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 45
    Total number of words is 3892
    Total number of unique words is 2069
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 46
    Total number of words is 40
    Total number of unique words is 40
    57.5 of words are in the 2000 most common words
    72.5 of words are in the 5000 most common words
    75.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.