Latin

Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 1

Total number of words is 3292
Total number of unique words is 1907
25.2 of words are in the 2000 most common words
37.3 of words are in the 5000 most common words
44.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pyragynyň arzuwlan
berkarar döwletinde
bedew waspy
the glory of the
racehorse in tne
EPOCH of might
pyragy dreamed about
СЛАВА СКАКУНА
В ЭПОХУ МОГУЩЕСТВА,
О КОТОРОЙ МЕЧТАЛ
ФРАГИ
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2014
2
BELENT MERTEBELI PREZIDENTIMIZ
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ
TÜRKMEN BEDEWLERI BARADA
AÝDANLARYNDAN:
T
ürkmen halkynyň dünýä medeniýetine
goşan gymmatlyklarynyň arasynda bedewi aýratyn orny eýeleýär.
***
Türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan
çuňňur söýgüsi halk döredijiliginde we ýazuwly
edebiýatda giňden orun alypdyr.
***
Türkmen halky «At–myrat» diýýär. Beýik buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleri ähli
döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady,
uçar ganaty bolupdyr.
***
Ýurdumyzda tohum atçylygy ösdürmekde
gazanylan üstünlikler ussatlyga ýeten ezber hü­
närmenlerimiziň, tutanýerli seýislerimiziň, zähmetsöýer atşynaslarymyzyň döredijilikli, agzybir,
halal zähmetiniň netijesidir.
***
Türkmeniň şanly taryhyna içgin syn etseň,
merdana milletimiziň uly ösüşlere, belent at-abraýa eýe bolmagynda bedew atyň ornunyň
uludygyny görmek bolýar.
***
Geljekde buýsanjymyza buýsanç goşýan,
köňüllerimize ylham berýän bedew atlarymyz
barada döwlet derejesinde uly alada ediler.
***
Türkmen halky bedew atyna uly sarpa goýýar.
«Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy»
diýen nakyl hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
***
Atlaryň şekillerini gadymy döwürlerden
biziň günlerimize gelip ýeten dürli tapyndylarda, şol sanda irki döwürleriň gap-gaçlarynda,
teňňelerinde, binalaryň böleklerinde we örän
seýrek duşýan golýazmalarda görmek bolýar.
***
Halkymyzyň seýisçilik sungaty asyrlardan asyrlara,
nesillerden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilipdir.
***
Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar
gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gady­
myýetiň alymlary, ýazyjylary Gerodotyň, Strabonyň,
Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Kseno­
fontuň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär.
***
Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem-de yzygiderli alnyp barlan maksada okgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary
ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň
dowamynda sünnälenip, sungat eseri derejesine
ýetirildi.
***
Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda
– türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn
belent sarpa goýulýar.
3
4
Türkmeniň
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül gunçasy, gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, nazara giriftar bolmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal — ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.
Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýatlar diri
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.
Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly — sözlär tili türkmeniň.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
islärin
Kerem etseň, kadyr Alla,
Dünýälikden at islärin.
Talygym ukuda galmyş ,
Bir açylgan bagt islärin.
Ýalan dünýäde ýörmäge,
Döwlet ber eşret sürmäge,
Ömür ekläp, gün görmäge,
Segsen ýyl pursat islärin.
Ýoksullyk bir ýaman ýoldur,
Pakyr menem, golum galdyr,
Halal ryzk ber, kesp bildir,
Kimýa atlyg ot islärin.
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet islärin.
5
6
bedew waspy
söz äleminde
B
erkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe
hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda
özüniň milli medeni mirasy bilen tutuş dünýäniň
ösüşine mynasyp goşandyny goşan türkmen
halkynyň baý medeniýetini, sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi.
Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine
goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary
bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň
dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy
gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy
gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty,
toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýol­
daşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göw­
her gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň
sarpasy belent tutulyp, atlara goýulýan hormat
has-da artdy, olara berilýän üns güýçlendirildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, biziň ahalteke behişdi
bedewlerimiz barada, olaryň dünýä ýüzündäki
şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak barada uly aladalar edýär. Hormatly Prezidentimiz öz
atşynas pederleriniň ata-baba ýoluny dowam etdirip, atçylyk sport toplumlaryna ýygy-ýygydan
at münmäge gelip, behişdi bedewlerimiz bilen
ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol özüniň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri bilen meşgullanýan
gyzyldan gymmatly wagtynyň arasyndan wagt
tapyp, behişdi bedewlerimiz barada kitaplar
hem ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke
bedewlerimize bagyşlap ýazan «Ahalteke be-
dewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly
ylmy kitabynyň çap edilip halkymyza ýetirilmegi
türkmen halkymyza, esasan, atçylyk bilen gyzyk­
lanýan ahalteke bedewlerimiziň janköýerlerine
uly sowgat boldy.
Hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi – biziň
buýsanjymyz we şöhratymyz» atly fundamental
işi atçylygyň taryhy bilen bagly gymmatly mag­
lumatlary özünde jemleýär. Ähmiýeti boýunça
ýokary derejeli bu eser ahalteke atlarynyň kemala
gelen gadymy topragynyň Türkmenistandygyny
anyk maglumatlar esasynda subut edip, ahalteke
atlarynyň iň gadymy tohum atdygyny tassyklaýar.
«Ata sarpa goýýanyň döwleti zyýat» diýýän
türkmen halkymyz öz bedew atyny janyndan hem
eziz görýär. Ata-babalarymyz türkmene kybapdaş
namysjaň we gujurly bedew atlara başarnykly
erk edip, ony mynasyp bezemegi her bir ýigidiň
başarmaly işi hasaplapdyrlar. Şonuň bilen baglylykda türkmen at seýisçiligi döräpdir we kemala
gelipdir. Türkmen seýisleri aty seýislemegiň inçe
syrlaryny öz neberelerine miras geçiripdirler.
Geçmişde halkymyzyň milli buýsanjyna we
guwanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleri
türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr.
Gözel­likde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk
türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde,
«Görogly» eposynda, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly
nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapdy.
7
Wepadarlygyň, gaýduwsyzlygyň, watançyly­
gyň agzalýan ýerinde bedew atyň hem gürrüňi
edilýär. «Gorkut ata» kitabynda Gorkut ata özüniň
atçylyga degişli parasatly sözlerinde «Ata namart
ýigit münüp bilmez, münenden münmedigi
ýeg» diýýär. Bedew atyň çeper keşbi «Görogly»
eposynyň içinden hem eriş-argaç bolup geç­
ýär. Gyrat Göroglynyň soňky demine çenli wepaly ýoldaşy, ömürlik hemrasy bolýar. Ol ynsana
wepalylygyň baş nusgasyny görkezýär.
Özüniň edebi eserini taryhyň sahypasynda
altyn harp­lar bilen ebedilik ornaşdyran beýik
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň lirikasynda
wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, watançylyk barada
gürrüň edilende ata uly orun berilýändigi bellärliklidir.
Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň,
owal bedew aty gerek» diýip, öz goşgy setirlerinde ýigidiň abraý gazansa-da, bedew atsyz hiç kim
boljakdygyny belläp geçýär.
Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy
gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen
deňelýär. Muňa mysal edip Annagylyç Mätäjiniň
«Bedew» şygryndan:
Pelläge barsaň, meger, gyzdan gylykly duruşyň,
Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň
– diýen setirlerini görkezmek bolar.
Nusgawy şahyrymyz Mollanepes hem «Bedew» şygrynda aty adamyň gylyk-häsiýeti bilen
deňeşdirip şeýle diýýär:
8
Türkmen şygyr sungatynda türkmen bedewlerine bagyşlanan goşgulardyr poemalary bir ýere
jemleseň, olar birnäçe kitap bolardy. Bu bolsa
biziň öz milli baýlygymyz, göz guwanjymyz bolan
atlarymyza goýulýan aýratyn sarpadan nyşandyr.
Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:
«Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe yn­
san syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem
gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy ­hem-de
namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz
goýýar» – diýip, örän jaýdar belleýär.
Ýazyjy-şahyrlarymyzyň tas hemmesi diýen ýaly
bedew atlarymyz hakda, aýlawlarda guralýan
ýaryşlar hakda goşgular ýazdylar. Türkmenista­
nyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň
«Aý­lawda» diýen goşgusy, şahyr Ahmet
Gurbannepesowyň «Bedewler kişňesin seniň
üstüňde», Orazmyrat Gurdowyň «Angliýa sowgat berlen Meleguşuň yzyndan aýdylan sözler»,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýe­wiň
«Çapyksuwar», «Taýçanak» ýaly goşgulary aýratyn
bellenilmäge mynasypdyr.
Şu ýerde Türkmenistanyň halk ýazyjysy,
Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi
Gözel Şagulyýewanyň milli Liderimize bagyşlap
ýazan «Sen ak atda, sen Gyratda, ganatda» atly
goşgusynyň şu günüň ruhunda ýazylanlygy
aýratyn bellärliklidir.
Hakykatdan-da, biziň behişdi bedewlerimiz
hem ganatly, hem halatly. Megerem, şonuň üçin
gadym hytaýlylar olara «Asman atlary» diýendir­ler.
Görogly beg bir sözünde «At – ýigidiň gardaşydyr»
diýipdir. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Atamyrat Atabaýew täsirli goşgy ýazypdyr:
Häsiýetiňni aýtsam, söýetiň söýgüli sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.
Nusgawy şahyrlarymyz bedew atyň gahrymançylygyny wasp etmekde diliň dürli çeperçilik
serişdelerinden we dürli gurluşlaryndan ussatlyk
bilen peýdalanypdyrlar.
Türkmen bedewleriniň at-abraýy ir zamanlardan bäri dünýä ýaýrapdyr. Baryp XIII asyrda Merkezi Aziýanyň üsti bilen uzak Gündogara geçip
giden italýan syýahatçysy Marko Polo: «Men size
aýtsam: bu ýerde örän gowy türkmen atlary we
ajap, gymmatbaha halylar bar» diýip, «Dünýäniň
täsinlikleri barada» diýen kitabynda ýazypdyr.
Elbetde, halkymyzyň «Gorkut ata», «Görog­
ly» ýaly eposlarynda hem bedew atlarymyzyň
gözelligi, ýyndamlygy, wepadarlygy hakynda
köp ýazgylar, goşgular bar. Şonuň ýaly-da nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragy, Seýdi,
Magrupy, Mätäji ýaly şahyrlarymyz-da türkmen
bedewiniň waspyny ýetiripdirler. Sebäbi türkmen
jemgyýetinde bedew atlar söweşlerde mert ýigitleri myradyna ýetirýän, ýeňşe ýardam berýän
ýakyn ýoldaş, syrdaş hökmünde görlüpdir. Dürli
ýaryşlarda üstün çykýan ýelden ýyndam, boz toýnakly atlar toý-baýramlaryň-da bezegi bolupdyr.
Şonuň üçin halkymyzda «Atdyr ýigidiň myrady»,
«Irden turup ataňy gör, ataňdan soň–atyňy» diýen
ýaly nakyllar döräpdir. Türkmen halkynyň milli
gahrymany Görogly öz Gyratyna «Ýow gününde ýoldaşym, gamly günüm syrdaşym» diýip
ýüzlenýär. Klassyk şahyrymyz Magtymguly öz
döwürdeşi Durdy şahyryň: «O nämedir adam ýaly
syzýa?» diýen sowalyna: «Bedew atlar adam ýaly
syzýar» diýip jogap berýär. Görnükli şahyrymyz,
Türkmenistanyň halk ýazy­jysy Gurbannazar Ezizow hem:
«At ýigidiň ganatydyr» diýen söz
Ýöne ýere dörän däldir aslynda.
Türkmen bedewi deý ganatly jandar,
Meger, ýokdur bu Zeminiň üstünde.
Aty debsiläp çapma,
Ol hem adam ahwetin
«At ýigidiň gardaşydyr» diýen söz
Ýöne ýere dörän däldir aslynda.
Öz atyna «dogan» diýen başga halk,
Meger, ýokdur gök asmanyň astynda.
– diýip, Magtymgulynyň bu pikirini özüçe dowam edýär.
9
Görnükli şahyrymyz, Magtymguly adyndaky
döwlet baýragynyň eýesi Mämmet Seýidowyň
dörediji­liginde bedew at temasy aýratyn orun
tutýar. Şahyryň «Gaplaň», «Garlawaç», «Kepderi» diýen poemalarynyň her haýsysy atşynas­
lygyň taryhynda bolup geçen wakalar hakynda,
ýyndamlykda, gözellikde özüni diňe bir Türk­
menis­tanda däl, eýsem, onuň çäklerinden da­
şarda hem tanadan belli-belli bedewlerimiz barada gürrüň berýär.
Şahyr Nobatguly Rejebowyň döredijiliginde
hem bedew atlarymyza bagyşlanan, örän çeper ýazylan goşgular bar. Olaryň biri-de şahyryň
«Dal bedew» diýen şygrydyr. Awtor nesilbaşymyz
Oguz hanyň Nur diýen aty barada söhbede
başlap, türkmen bedewiniň köp asyrlardan geçip gelen ýoluny yzarlaýar. Aýratyn-da, Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedewle­
rimize goýulýan sarpa hakda gürrüň berýär.
Bu gün Döwlet nyşanymyz bolan Tugramyzyň
törüne giren dal bedewimiz – Ýanardag hakda
hem köp goşgular ýazyldy. Hormatly Preziden­
timiziň iň gowy görýän aty Akhan hakynda,
Hanbürgüt we beýleki atlarymyz barada ýazylan
şygyrlar hem diýseň ýatda galyjy.
Ýazyjylarymyzyň proza eserlerinde hem türkmen bedewiniň özboluşly waspy edilýär, olaryň
ajaýyp, asylly häsiýetleri hakynda söhbet açylýar.
Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň
baş gahrymany Artygy atsyz göz öňüne getirip
bolanok. Onuň ýalňyz göz guwanjy bolan atyny
pälä alanlarynda Artygyň gözünden daman ýaş
onuň alaşasynyň hem gözünden syrygýar. Bu
pursat atyň wepasyndan, adam ýaly aýralygy
syzýandygyndan habar berýär.
Görnükli ýazyjymyz Ata Gowşudowyň «Dördepel» diýen ajaýyp powesti ýazylanyna altmyş
ýyldan hem kän wagt geçendigine garamazdan,
şu gün hem öz täsirini ýitirmän gelýär. Onlarça
gezek türkmen we rus dillerinde neşir edilen bu
kyssa eseri wagtyň synagyndan geçip gelýär.
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Gyratyň ho­
walasy» diýen powesti, «Berdi jedeliň aty» diýen
hekaýasy hem bedew at temasyna degişli eserler
bolup, bedewlerimiziň çeper keşbini aýdyň suratlandyrýar.
Biz bedew atlarymyzyň gözelligini, asyllylygy­
ny gelin-gyzlarymyzyň gözelligine, asyllylygyna
meňzedýäris. Geçmişde biziň gelin-gyzlarymyz
hem at münmegi, oňa erk etmegi başarypdyrlar.
Muňa mysal edip «Saýatly-Hemra» dessanynda
Saýat hanyň öz söwer ýary Hemra bilen ýurda
at münüp gaýdyp gelýärkäler, ýolda duşan ga­
rakçylara garşy Saýat hanyň hem Hemra bilen deň
söweşýän pursadyny görkezmek bolar. Gadym
döwürdäki söweşjeň amazonkalar hem türkmen
gelin-gyzlarydyr. Ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanyny okanymyzda-da, Altynjan
hatynyň öz ýanýoldaşy, beýik türkmen serkerdesi
Togrul begden at çapmakda, duşmana garşy at
üstünde söweşmekde kem oturmaýandygynyň
şaýady bolýarys.
Bedew atlarymyz hakda, olaryň şöhrat-şany
hakda şahyrlarymyz Italmaz Akmyradowyň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Bibi Orazdurdyýewanyň,
Akmyrat Rejebowyň, Döwletgeldi Annamy­
radowyň, Ahmet Mämmedowyň, Kakamyrat
Rejebowyň ýazan goşgularyndan hem kän-kän
mysallar getirse bolar. Iň esasy zat, biziň milli
buýsançlarymyzyň biri bolan, bütin dünýä ýaň salan bedewlerimiziň hemmeleriň ýüreginde orun
alandygy, olaryň kalplary joşa getirýändigidir.
Ýazylan goşgulardyr poemalar, hekaýalar, po­
westler, çeper publisistikalar halkyň ýüregin­den
orun alýar. Ýene-de bir bellemeli zat: hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
«Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöh­
ratymyz» atly çeper-publisistik kitabynyň hem
nusgalyk kitap bolup, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedigidir. Milli Liderimiz türkmeniň bedew atlary,
çeper halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ta-
10
gallalar edýär. Şol tagallalara jogap edip, biziň söz
ussatlarymyz–ýazyjy-şahyrlarymyz çeper sözüň
üsti bilen türkmeniň buýsanjyny wasp edýärler. Bedewlerimiz barada aýdylanda bolsa, Araz
çaýyndan uçup geçen Göroglynyň Gyratyny ýatlap, şeýle şahyrana setirler kalbyňa dolýar:
11
Adamzat kosmosa uçmanka heniz,
Türkmen aty bilen asmana çykdy.
Kowsa ýeter, gaçsa, ýetdirmez hergiz,
Türkmen aty bilen asmana çykdy.
12
HALKARA ATÇYLYK-SPORT
TOPLUMY
H
äzir Türkmenistan sportuň, bedenter­
biýäniň köpçülikleýin hereketiniň ýaý­baň­
lanýan ýurduna öwrülýär. Bu babatda atçylyk
sporty hem onuň aýrylmaz bir bölegidir. Şeýle
bolansoň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň
iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi.
Indi welaýatlarymyzyň ilaty öz ýerlerinde at
çapyşyklaryna tomaşa edip, aýlawlary hakyky
toýhana öwürýärler. Gojaman Köpetdagyň
eteginiň gözel künjekleriniň birinde bina edilen atçylyk-sport toplumy-da şeýle desgalaryň
naýbaşylarynyň biridir. Häzir bu ýerde halkara
derejesindäki at çapyşyklary, gözellik bäsleşikleri
geçirilýär.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen bu ajaýyp Halkara atçylyk-sport
toplumy belent başly gojaman Köpetdagyň etegine özboluşly bezeg berýär. Uzaklardan seleňläp
görünýän bu toplum tebigat gözelligi bilen özara
sazlaşygy emele getirip, kalbyňy joşdurýar. Ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyňy artdyrýar.
Türkmen bedewine goýulýan sarpanyň belentdigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň kämil tehnologiýalary bolan bu toplumda atçylyk boýunça
dürli ýaryşlary geçirmäge, şeýle-de atşynaslardyr
tomaşaçylar üçinem amatly şertleriň döredilendigini ýatlamak bellärliklidir. Toplumyň baş girelgesinden giren badyňa özüňi, hakykatdan-da,
behişdi bedewleriň arasynda ýaly duýýarsyň. Suw
çüwdürimleri çar ýana çapyp barýan atlaryň heýkelleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
7 müň tomaşa orunly (onuň 2 müň orunlygy ýapyk,
5 müň orunlygy açyk) bolan bu Halkara atçylyk-sport toplumy 400 çapuw ata niýetlenendir.
13
14
Bu täsin toplumyň aýratynlyklary barada ýene-de nämeler aýtsa bolar?! Bu ýerde 500 orunlyk sirkiň, 800 orunlyk açyk we ýapyk manežiň,
500 orunlyk restoranyň, Aşgabat şäheriniň we
ähli welaýatlaryň baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ak öýleriň, 500 orunlyk amfiteatryň,
çagalar üçin oýun meýdançasynyň, sport
meýdançasynyň, awtoulaglar üçin duralganyň
gurulmagy-da bellärliklidir. Atşynaslardyr atlar
üçinem uly amatlyklaryň, giň mümkinçilikleriň
döredilmegi-de oňaýly şertleriň gerimini artdyr­
ýar. Atlary ýaryşa taýýarlaýyş binasy, baýrak gow­
şurylýan meýdança, 20 atlyk karantin binasy,
atlaryň türgenleşik howzy, ussahanalar, bedeler
üçin we garylan ot-iýmler üçin ammarlar, mahlasy, giň mümkinçilikler olaryň ygtyýarynda. Bu
bolsa halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge
oňaýly şertlerdir.
Halkara atçylyk-sport toplumy häzir iň arzyly, iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.
Onuň çapuw ýodalarynda gamyşgulak, inçe bil,
alma göz, duýgur bedewlerimiz öz ýyndamlyk­
laryny görkezýärler. Olaryň toýnak sesleri batly
kakylýan dokma daraklarynyň sesini ýada salyp,
kalplara özboluşly, şirinden-şirin mukam bolup
ornaýar.
15
16
Türkmenistan:
Atçylyk pudagyndaky
halkara hyzmatdaşlyk
G
oja taryhyň altyn sahypalarynda şeýle
setirler yz galdyrypdyr: „Marydan Serdar
şäherine çenli uzalyp gidýän klimat taýdan iň
amatly sebitde ýerleşen giňişle­ýin oazis ahalteke
bedewleriniň watanydyr.“
Ýa-da bolmasa şeýle jümlelere gabat gelmek bolýar: „Gadym zamanda köp sanly syýahatçylar, taryhçylar Nusaý sebitindäki tohum
atlarynyň iň oňat hem-de örän gymmatly hasap­
lanýandygyny jümle-jahana jar edipdirler. Aleksandr Makedonskiniň goşunbaşysy Kserksiň go­
şunynyň hatarynda oňat bezelen on sany bedewiň
Ahuramazadyň keramatly arabasynyň öňünden
hemişe ýörändigini taryhyň atasy Gerodot ýazýar.
Bu owadan atlary Nusaý düzlüginde ýaşaýan ýerli
halk ýetişdirýär... Şonuň üçin hem dünýäniň dört
künjeginde ýaşaýan her bir adam gadymy Nusaý
bedewini edinmegi arzuw edipdir.“
Biziň bu mysallarymyzy Oppianyň şeýle sözleri-de tassyklasa gerek: „Nusaýyň bedewleri beýleki atlardan owadanlygy bilen tapawutlanýar. Mylaýym ädimli, agyzdyrygyna ýeňil boýun egýän
tüňňi boýun, kellesini buýsanç bilen belent tut­
ýan, altyn ýallaryny howada pasyrdadýan bu atlary kuwwatly patyşalar münmäge mynasypdyr“.
Türkmen bedewi! Bu sözlerden oňa dünýäniň
ýüzüniň çyn ýürekden aşykdygyna magat göz
ýetirmek bolýar. Ýöne onuň at-abraýynyň, şan-şöh­ratynyň, at-owazasynyň, mertebesiniň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki ýaly belent derejelere ýeten zamanasynyň ýokdugyny
açykdan-açyk aýtsa bolardy. Süňňi halal behişdi
bedewlerimiziň alnyndan ak Gün bolup dogan
Gahryman Arkadagymyz sözüň doly manysynda
türkmen bedewleriniň iň ýakyn dostuna, dil
2*
tapyşyp bilýän syrdaşyna, wepaly ýoldaşyna,
galyberse-de, hak howandaryna öwrüldi.
2011-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk as­
sosiasiýasynyň I maslahatynda Türkmenista­nyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow­
2010-njy ýylyň awgust aýynda merkezi Aş­
gabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, ahalteke
atçylygyny ösdürmegiň taryhynda täze döwrüň
başlanandygyny aýdypdy:
„Men Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy
hökmünde, siziň goldawyňyz bilen atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, atlary ylmy esasda öwrenmek, olaryň tohum arassalygyny saklamak, Ýer
ýüzünde ahalteke atlarynyň – behişdi bedewleriň
giňden ýaýradylmagyna ýardam bermek boýunça
alyp barýan işimizi has-da güýçli depginler bilen
dowam etjekdigimize berk ynanýaryn“.
Hormatly Prezidentimiz assosiasiýanyň esasy
wezipeleriniň ahalteke bedewleriniň muşdak­
larynyň we hünärmenleriň atçylygy ösdürmek­
däki edýän tagallalaryny birleşdirmekden we
alyp barýan işlerini utgaşdyrmakdan, atçylyga
bagyşlanan duşuşyklary, dürli ylmy maslahatlary,
bedew bäsleşiklerini we ahalteke bedewlerine
bagyşlanan halkara sergileri guramakdan hem-de
geçirmekden ybaratdygyny belläp geçipdi. Ondan
bäri geçen döwür içinde ýerine ýetrilen işler kän.
Döwlet derejesinde ýörite baýram edilmegi-de,
welaýatlarda atçylyk-sport toplumlarynyň, Halkara
atçylyk-sport toplumynyň gysga döwür içinde bina
edilip, ulanylmaga berilmegi-de anyk mysaldyr.
Atçylykdaky, atçylyk sportundaky gazanylan
üstünligi has-da berkitmek, ösdürmek, kämilleş­
17
18
dirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Dünýä ýüzünde türkmen seýisçiliginiň özboluşly
aýratynlyklaryna uly hormat goýýarlar hem-de isleg bildirýärler. Şoňa görä-de türkmen atşynaslary
bilen ýakyndan-ýakyn aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk
saklamaga isleg bildirýän döwletleriň sany gün-günden artýar. Hyzmatdaşlyk saklamak, pikir
alyşmak, maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi.
Türkmen atşynaslary Ýewropanyň Fransiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly döwletleri bilen birlikde
Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda bolup, tejribe alyşdylar, maslahatlaşdylar,
atçylykdaky, atçylyk sportundaky pikirlerini,
garaýyşlaryny paýlaşdylar. Türkmen çapyksuwarlary bolsa geçen ýyllar içinde Türkiýede bolup,
hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.
Fransiýanyň dünýäde tanalýan „Lonşam“ aý­
lawynda iki gezek bolup, ýerli atlary çapyp, türkmen çapyksuwarlyk mekdebiniň aýratynlygyny,
ussatlygyny, usullaryny, tilsimlerini görkezdiler.
Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlan­
gyçlary esasynda merkezi Aşgabatda döredilen
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýa­
kyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg
bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny
ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara
assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr.
Muny käbir mysallar arkaly delillendirmek bolardy.
2012-nji ýylyň 14-nji noýabrynda „Türkmen
atlary“ döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respub­
likasynyň Premýer ministriniň ýanyndaky Türk
hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligiň (TIKAnyň) arasyndaky „Ahalteke atlarynyň genetiki
gorlarynyň goralmagy Taslamasynyň ýerine ýetirilmegi baradaky Teswirnama“ gol çekildi. Ol
ýedi maddadan ybarat bolup, onda iki tarapyň
bu ugurdaky borçlary öz beýanyny tapýar. Häzirki
wagtda bu teswirnama boýunça iki tarapyň alyp
barýan işleri bellärliklidir.
Geçen 2013-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa bolan resmi saparyndan köpimiziň habarymyz bardyr. Şonda
Ýaponiýada geçirilen forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy
bolupdy. Şonda „Türkmen atlary“ döwlet birleşigi
(Türkmenistan) bilen „Japan Reysing Association“
assosiasiýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu
waka iki tarapyň-da ahalteke atlaryna näderejede
uly söýgi bildirýändiginiň aýdyň alamatydyr. Ähtnama laýyklykda, geljekde taraplar iki döwletiň
arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde
hem-de pugtalandyrmakda taraplar bolup durmak bilen atçylykda, at çapyşyklarynda ýetilen
sepgitleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça özara düşünişmäge borçlanýarlar. Şonuň bilen birlikde bu ugurda toplanylan tejribeleri,
atçylykda häzirki zaman tehnologiýalarynyň
ornaşdyrylmagy bilen bagly hyzmatdaşlyklar-da
göz öňünde tutulýar. Resminamanyň mazmuny
iki tarapyň hem atçylykda, at çapyşyklarynda ýetilen sepgitlerini, tejribelerini özara paýlaşmakdan,
düşünişmekden, maslahatlaşmakdan ybarat­
dyr. Şonuň ýaly-da özara hyzmatdaşlygyň,
gatnaşyklaryň çäklerinde at çapyşyklaryna
gatnaşdyrylýan atlaryň doping-barlagy, weterinar
hyzmatlary, bäsleşikleri guramak, at çapyşyklaryny
geçirmek, atlaryň döwlet tohumçylyk kitaplaryny
ýöretmek hem-de hyzmatdaşlaryň gyzyklanýan
beýleki meseleleri bar.
Hormatly Prezidentimiz geçen 2013-nji ýylyň
dekabr aýynyň ilkinji ongünlüginde Birleşen
Arap Emirliklerine resmi saparyny amala aşyrdy.
Bu saparyň çäklerinde milli Liderimiziň Dubaý
şäheriniň dünýä belli „Meýdan“ aýlawyna baryp
görmegi-de tötänden däldir.
Ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk,
aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sany
barha köpelýär. Hytaý döwleti bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň teklibi boýunça
onuň şu ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi
göz öňünde tutulýar.
Jemläp aýdanymyzda, Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň
ýadawsyz aladalary netijesinde atçylyk pudagyndaky halkara gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary
has-da giňeýär. Muňa bolsa diňe bir atşynas­
larymyz däl, tutuş halkymyz, galyberse-de, dünýä
halklary guwanýar, buýsanýar.
19
20
ahalteke atçylyGYNYŇ
Halkara ähmiýeti
A
halteke tohum atlary dünýä ýüzüniň
beýleki tohum atlaryndan özüniň ajaýyp­
lyklary we gymmatlyklary bilen tapawutlanýan,
örän gadymy wagtda dörän çapuw atlarydyr. Bu
tohum atlaryň tebigy gözelligi, çydamlylygy barada kalby heýjana getirýän rowaýatlar halkyň
arasynda ýaşaýar.
Taryhda XX asyryň başynda bolup geçen wakalar, bu ajaýyp tohum atlaryň sanynyň azalmagyna getirdi. Hakykat ýüzünde, bu tohum atlar
ýitip gitmegiň öň ýanynda boldy. Diňe ahalteke
bedewlerini ýetişdirýän käbir adamlaryň tagal­
lasy bilen bu tohum bedewlere ol agyr günlerden
geçip, täzeden güllemäge mümkinçilik döredi.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gyzgyn goldamagy bilen 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi, ol
assosiasiýanyň esasy wezipesi ajaýyp tohum atlaryny has köpeltmek we kämilleşdirmek maksady bilen bütin dünýädäki ahalteke atlaryny
ýetişdirýänleriň bir gurama birleşmeklerini üpjün
etmekden ybaratdy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dö­
redilmegi türkmen halkynyň tüýs öz wagtynda,
üstesine-de, örän möhüm çözgüdi bolup durýar.
Dünýäniň atçylyk bilen meşgullanýan jem­
giýetleriniň ahalteke bedewleriniň örän täsin,
akylyňy haýran edýän mümkinçiliklerini ykrar
etmekleri zerurdy. Bu bolsa ahalteke atlarynyň
janköýerleri, dünýädäki tohum atlary söýüjileriň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 2
  • Parts
  • Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 1
    Total number of words is 3292
    Total number of unique words is 1907
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.3 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 2
    Total number of words is 4368
    Total number of unique words is 1417
    7.3 of words are in the 2000 most common words
    10.4 of words are in the 5000 most common words
    11.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 3
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 1942
    2.0 of words are in the 2000 most common words
    4.2 of words are in the 5000 most common words
    5.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletinde bedew waspy - 4
    Total number of words is 590
    Total number of unique words is 397
    7.7 of words are in the 2000 most common words
    11.3 of words are in the 5000 most common words
    13.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.