Latin

Polkownige hat ýazýan ýok - 4

Total number of words is 2587
Total number of unique words is 1554
33.6 of words are in the 2000 most common words
47.7 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kerosin çyra ýanyp durdy. Alwaro kesirlik edip, zol ýigrimi üçe goýýardy, her
gezegem utdurýardy. Oýna onuň egninden üstaşyr syn edip duran polkownik on biriň
köplenç utýanyna dykgat etdi.
Alwaronyň gulagyna pyşyrdap:
20
Ruletka – humarly oýnuň bir gömüşi.
51
— On bire goý — diýdi.
Alwaro kleýonka çekilen stoluň ýüzüne ünsli seretdi. Indiki oýunda hiç zat
goýmady. Jübüsinden petde pul bilen bilelikde bir tagta kagyz çykaryp, ony stoluň
aşagyndan polkownige berdi.
— Agustiniň ýazany — diýdi.
Polkownik gizlin çagyryş ýazylan ýaňky el ýaly kagyzy jübüsinde gizledi.
Alwaro on birlige birbada köp pul goýdy.
Polkownik:
— Az-azdan başla — diýdi.
Alwaro:
— Siziň duýgurlygyňyz gowy bolmaly — diýip jogap berdi.
Dürli reňkli ullakan tigirçek aýlanyp başlanynda, Alwaronyň gapdalynda
oturan oýunçylar birden öz goýumlaryny beýleki belliklerden aýyrdy-da, on bire
goýdy. Polkownigiň ýüregi süýşüp gitdi. Humaryň o süýjüsini we ajysyny ilkinji
gezek dadyşydy.
Utuş bäşlik belgä düşdi.
— Şeýle bolaram öýtdüm-le. Başganyň işine sokjaryp, nä körüň bar diýsene —
diýip, polkownik Alwaronyň pullaryny agaç dyrmyjygyň çekip alşyna seredip
durşuna müýnli gepledi.
Alwaro oňa seretmän ýylgyrdy.
— Gamlanmaň, polkownik. Bagtyňyzy söýgüde synap görüň.
Birden mambany21 ýerine ýetirýän surnaýlar sem boldy. Oýunçylar ellerini
galdyryp, dyr-pytrak boldy. Polkownik ýeňsesinde ýarag çakmagynyň hyrsyz, sowuk,
aýdyň şakyrdysyny eşitdi. Ol polisiýa gabawyna duş bolanyna düşündi we şobada
jübüsindäki kagyz ýadyna düşdi. Elini galdyrman, yzyna çalaja öwrüldi. Ine, şol
wagtam — ilkinji gezek — öz ogluny atan adamy gördi. Ol tüpeňi polkownigiň
garnyna degrip diýen ýaly, göni öňünde durdy. Kelte boýly, indeýlere mahsus ýüz
21
Mamba – latyn-amerikan sazy we tansy.
52
keşpli, hamy gaýzygan kişidi. Onuň ysy körpeje bäbegiňki ýalydy. Polkownik
dişlerini gysdy, nili barmaklarynyň ujy bilen bir ýana ýuwaşja sowdy.
— Rugsat ediň — diýdi, soň nazary ýarganatyňky ýaly kiçijik, tegelejik
gözlere kaklyşdy. Şol gözler ony bir pursatda ýuwutdy, çeýnedi hem-de yzyna
gaýtardy.
— Baş üstüne, polkownik. Geçiň.
***
Dekabryň başlananyna göz ýetirmek üçin penjiräni açmagyň zerurlygy ýokdy.
Polkownik muny aşhanada horaza ertirlik üçin miwe dograp oturyşyna her süýejigi
bilen duýdy. Gapyny açanynda bolsa, howlynyň birgeňsi keşbi ýaňky duýgusyny
tassyklady. Otlar, agaçlar, hajathananyň külbejigi ertiriň dury howasynda gaýyp
ýören ýalydy.
Aýaly dokuza çenli düşekden galmady. Ol aşhana çykan mahaly polkownik
eýýäm otaglary ýygnaşdyrypdy we horazyň daşyna egelenişip oturan çagalar bilen
gürleşýärdi. Aýaly pejiň ýanyna barmak üçin olaryň daşyndan aýlanyp geçmeli
boldy. Ol horaza ýüz-gözüni egşidip seretdi-de:
— Siz maňa päsgel berýäňiz! Biz bu näletsiňen guşdan haçan dynarkak? —
diýip gygyrdy.
Polkownik horaza ünsli seredip, onuň nämesi bilen aýalynyň gaharyny
getirenine düşünjek boldy. Horaz bigörkdi, naýynjardy: kekeji dilim-dilimdi, per
galmadyk boýundyr aýaklary gök öwüsýärdi. Ýöne synasy birkemsiz guratdy. Ol
türgenleşige eýýäm taýýardy.
Çagalar gidensoň polkownik:
— Horazy unut-da, penjireden seretsene. Şeýle säherde ýadygärlik üçin surata
düşäýesiň gelýär — diýdi.
Aýaly penjireden boýnuny uzatdy, emma onuň ýüzünden entegem gar
ýagýardy. Pejiň ýanyna dolanyp gelşine:
— Meniň bägül ekesim gelýär — diýdi.
53
Polkownik kerpiçden örülen pejiň ýüzünde aýnany asyp, sakgalyny syrmaga
durdy.
— Ekesiň gelýän bolsa, ekibermeli-dä.
Ol päkini aýnada görünýän aýalynyň hereketi bilen sazlaşykly ýöretmäge jan
edýärdi.
Aýaly:
— Olary doňuzlar iýer-dä — diýdi.
— Iýende näme?! Bägül bilen bakylan doňuzlaryň eti, baý, süýji bolar-a.
Ol aýalyny aýnada gözledi, ýüz-gözüniň öňküsi ýaly gamaşyp duranyny gördi.
Ýalnyň öwüşginlerinde ol hem peç deý, şol bir toýundan ýasalan ýalydy. Polkownik
ondan gözlerini aýyrman, uzak ýyllaryň endigi boýunça aýna seretmän syrynmagyny
dowam etdi.
Oz pikirlerine gümra aýalyndan uzak wagtlap ses çykmady. Ol ahyry:
— Şonuň üçinem bägül ekesim gelenok — diýip dillendi.
— Bolýa-da, islemeýän bolsaň ekme.
Ol özüni gowy duýýardy. Dekabr onuň içegelerindäki suwotularyny birneme
guratdy. Tutuş säheriň dowamynda diňe kelte gonçly täze köwşüni geýmäge
synanyşanda, bir ýakymsyzlyga sezewar bolupdy. Birnäçe gezek synanyp, biderek
azap edýänine göz ýetirdi-de, gonçsuz ýalpyldawuk köwşüni geýdi. Aýaly muny
gördi.
— Eger täze köwşi geýmeseň, ony giňeldip bilmersiň — diýdi.
Polkownik garşy boldy.
— Bu ysmazlaryň köwşi ahyry. Köwşi ilki bir aýlap geýip, şondan soň satsalar
gowy bolardy.
Şu gün hökman hat aljagyna berk ynanç duýgusy bilen gurşalyp, polkownik
köçä çykdy. Kateriň gelmegine entek esli wagt bolansoň, ol don Sabasyň edarasyna
degip geçmegi karar etdi. Ýöne ol ýerde oňa don Sabasyň duşenbeden bärde
gelmejegini aýtdylar. Polkownik bu garaşylmadyk eglenme sebäpli ruhdan düşmedi.
«Iru-giç ahyr-a geler» diýip özüne göwünlik berdi-de, gämi menziline ugrady.
Nurana säheriň entek hiç zat zeper ýetirmedik ajaýyp pursadydy.
54
Ol siriýaly Moiseýiň dükanyna baryp dyz epdi-de:
— Dekabr arly ýyllap dowam etse gowy bolardy. Özüňi şähdaçyk, ýep-ýeňilje
duýýarsyň — diýip pyşyrdady.
Siriýaly Moiseý bu sözleri unudaňkyrlan arap diline geçirmek üçin özüne zor
salmaly boldy. Ol ýylmanak ýüzünde ýekeje ýygyrt hem bolmadyk, gark bolanyňky
ýaly gowuşgynsyz hereketli, ýuwaş adamdy. Ol, dogrudanam, ýap-ýaňyja suwdan
çykarylan ýaly bolup görünýärdi.
Moiseý:
— Ozal şeýledi. Häzirem şeýle bolaýanlygynda men sekiz ýüz togsan alty ýaşy
arka atmaly. Sen näçe ýaşamaly? — diýdi.
Poçta hadymyndan gözüni aýyrman oturan polkownik:
— Ýetmiş bäş — diýip jogap gaýtardy. Birdenem sirke gözi düşdi, poçta
kateriniň üstünde — münderlenip ýatan ala-mula gülberleriň arasynda onuň ýama
salnan çadyryny tanady. Beýleki katerlerde münderlenen gapyrjaklaryň arasynda
haýwanlary görjek bolup, hadymy bir pursatlyk gözden ýitirdi. Ýöne haýwanlar
görnenokdy.
Polkownik:
— Sirk geläýipdir. Soňky on ýylda ilkinji gezek — diýdi.
Siriýaly Moiseý bu habary aýaly bilen paýlaşdy. Olar arap hem-de ispan
sözlerini dürüşde edip gepleşýärdi. Aýaly oňa dükanyň yzyndaky jaýdan jogap
berýärdi. Moiseý onuň aýdan sözlerini ilki aňynda aýlady, soň aýalynyň nämäniň
aladasyny edýänini polkownige düşündirdi.
— Ol pişigini gizleýär, polkownik. Ýogsam oglanjyklar ony ogurlar-da, sirke
satar.
Polkownik poçta hadymynyň yzy bilen ýöneldi. Ol:
— Bu sirkde haýwanlar ýok — diýdi.
— Tapawudy näme. Darbazlar süňkleriniň döwülmezligi üçin pişik etini iýýär.
Polkownik gämi menziliniň dükanjyklarynyň deňi bilen hadymyň yzyna düşüp
barýardy. Meýdança ýetende, galýeradan çykýan güýçli sesler onuň ünsüni çekdi.
Geçip barýan ötegçi oňa horaz hakda bir zatlary aýtdy. Şu gün türgenleşige
55
başlamagyň belleneni polkownigiň ýadyna düşdi we ol poçtanyň deňinden geçip
gitdi. Aradan bir minut geçmänkä, eýýäm galýeranyň galagoply ýagdaýyna çümüpdi.
Ortada onuň horazy durdy: ol ýalňyzdy, gorawsyzdy, dyrnaklaryna esgi oralandy,
gorkýany mese mälimdi — muny titreýän aýaklaryndan aňmak bolýardy. Onuň
garşydaşy kül reňkli, ýüzi salyk horazdy.
Polkownik horazlaryň darkaşyna biperwaý syn edýärdi. Olar biri-birine zol-zol
gazap bilen topulýardy. Aýaklar, boýunlar, perler ýumak ýaly pyrlanýardy. Daştöwerekdäki şadyýan gykylyk möwç alýardy. Tagta germewe tarap pyzylyp giden kül
reňk horaz kellesiniň üstünden omman aşaga-da, ýene söweşe girýärdi. Polkownigiň
horazy hüjüm edenokdy. Ol garşydaşynyň ähli hüjümlerini yzyna gaýtarýardy-da,
ýene göni öz ornuna baryp durýardy. Indi aýaklary titränokdy.
German germewden böküp geçdi, polkownigiň horazyny göterip,
tribunalardaky22 tomaşaçylara görkezdi. Şowhunly gykylyk, el çarpyşmalar ýaňlandy.
Polkownik: «Märekäniň ruhubelentligi-hä çişirilen» diýip oýlandy. Bolup geçýän
zatlaryň hemmesi ýasama pyrryldak bolup, horazlaram oňa bilgeşleýin, öz islegi
bilen gatnaşýan ýalydy.
Ol bildirer-bildirmez göwnüýetmezçilikli bilesigelijilik bilen tegelek galýera
göz aýlady. Göçgünli märeke tribunalaryň basgançaklaryndan ortadaky aýtyma eňdi.
Polkownik şatlykly umyt bilen gurşalan göçgünli, gyzaran ýüzlere seretdi. Bular
eýýäm başga adamlardy. Bu şäheriň täze adamlarydy. Ine, şol wagt hem, aňyna
üýtgeşik bir ýalkym düşen ýaly, ol hakydasynyň gyrak-bujagynda bireýýäm ýitip
giden pursatlary ýadyna salyp, ýaňadan örtenip-bişdi. Ýadyna salybam, germewden
aşdy-da, märekäni itişdirip barşyna, Germanyň asuda garaýşyna sataşdy. Olar biribirine gözlerini gyrpman seretdi.
— Gün haýyrly bolsun, polkownik!
Polkownik horazy onuň elinden aldy.
— Şeýle bolsun! — diýip pyşyrdady.
Guşuň gyzgyn galpyldysyny barmaklary bilen duýup, başga hiç zat diýmedi.
Ellerinde şu horazdan gaýry hiç bir janly zady duýmagyň özüne hiç wagt miýesser
etmäni barada oýlandy.
22
Tribuna — sport we ş.m. çäreler geçirmek üçin niýetlenen desgalarda tomaşaçylaryň oturýan
ýeri.
56
German geň galyp:
— Siz öýde ýok ekeniňiz — diýdi.
Täzeden ýaňlanan göçgünli el çarpyşmalar onuň sözüni böldi. Polkownik özüni
oňaýsyz duýdy. El çarpyşmalardyr gykylyklardan gulagy gapylara gelip, ýene-de hiç
kime seretmän, horazy goltugyna gysdy-da dyzap märekäniň arasyndan sogrulyp
köçä çykdy.
Tutuş şäher, has takygy, ähli garamaýaklar daşyna mekdep okuwçylaryny
üýşürip onuň nirä barýanyna seretmäge çykdy. Meýdançanyň burçunda boýnuna
ýylan oran döw ýaly negr stoluň üstüne çykyp derman satýardy. Gämi menzilinden
dolanyp gelýän märeke onuň harydyny magtamasyny diňlemek üçin aýak çekdi.
Ýöne goltugy horazly polkownigi görüp, hemmesi oňa tarap öwrüldi. Öýe barýan ýol
hiç wagt oňa şeýle uzak bolup görünmändi. Polkownik muňa gynananokdy. Şäher on
ýyllap ukudan aýňalmandy, wagt onuň üçin doňup galan ýalydy. Emma bu anna güni
— ýene bir hatsyz anna güni — şäher oýandy.
Polkownik başga döwri ýatlady: ynha, onuň özi, aýaly we ogly güýçli ýagýan
ýagşa garamazdan, teatr oýnunda saýawanyň astynda gizlenip otyr; ynha, saçlary
yhlasly daralan partiýa ýolbaşçylary onuň öýüniň howlusynda sazyň depginine görä
ýelpewaç bilen ýelpenişip dur. Depregiň tagyrdysy polkownige ezýet berip,
gulagynda ýaňlanýardy.
Ol derýanyň gapdaly bilen uzalyp ýatan köçäni kesip geçdi, bu ýerde-de
hemme kişi tarapyndan bir eýýäm unudylan saýlawlardaky ýaly, göçgünli märekä
gözi düşdi. Märeke sirkiň goş-golamynyň düşürilişine syn edýärdi. Polkownik
dükançalaryň biriniň deňinden geçip barýarka, ol ýerden bir aýal horaz hakda bir zat
diýip gygyrdy. Emma polkownik düýrmegi bilen özüne berlipdi: göýä galýeradaky
ýaňky el çarpyşmalaryň ýaňy mysaly, kalbynda entegem ýaňlanyp duran, uzaklarda
galan, unudylan diýen ýaly sesleri diňleýärdi.
Öýüniň öňüne ýetip, çagalara tarap öwrüldi-de:
— Hany, öýli-öýüňize dagaň! Ýogsam häzir elime kemer alýan — diýdi.
Gapynyň sürgüsini itekledi-de, göni aşhana ugrady. Ýatyş otagyndan haşlap
çykan aýaly:
— Olar horazy güýç bilen alyp gitdi — diýip gygyrdy. — Men olara «dirikäm
horazy size beräýmen» diýdim.
57
Polkownik horazy peje daňyp, okarajygyndaky suwy çalşyrýarka, aýaly
janyýangynly nalamagyny dowam edýärdi.
— Olar bolsa hatda ikimiziň ölümimiziňem öňlerine böwet bolup bilmejegini
aýdyp «Horaz size däl-de, tutuş şähere degişlidir» diýip, ony alyp gitdi.
Polkownik diňe aýaly dymandan soň, onuň perişan ýüzüne seredip, oňa
ýüreginiň awamaýanyna-da, oňa haýpynyňam gelmeýänine-de geň galdy.
— Olar dogry edipdir — diýip, ol parahat jogap berdi. Soň jübülerini
elleşdirip: — Horaz satylmaýar — diýip, birhili, aýratyn ýumşaklyk bilen sözüniň
üstüni ýetirdi.
Aýaly ony ýatyş otagyna çenli ugratdy. Polkownik hem-ä adatdakysy ýalydy,
şol bir wagtyň özünde-de, göýä aýaly ony ekranda görýän deý daşdady. Ol şkafdaky
puly çykardy, jübülerindäkileri-de üstüne goşdy, gaýtadan sanabam, şkafda gizledi.
— Bärde ýigrimi dokuz peso bar, biz ony garyndaş Sabasa yzyna bereris.
Galanyny pensiýany alanymyzda üzeris — diýdi.
— Almasak näme?
— Alarys.
— Birden almasak?
— Diýmek, üzmeris.
Krowatyň aşagyndaky täze köwşüni tapdy. Karton gapyrjagy almaga şkafa
dolandy, köwşüň oltaňyny esgi bilen süpürdi-de, ony aýalynyň ýekşenbe agşamy
getirişi ýaly edip, gapyrjaga saldy. Aýal gozganmady.
Polkownik:
— Köwşi dükana gaýtararys. Bu bolsa ýene otuz peso — diýdi.
— Yzyna almazlar.
— Alaýmaly. Men ony bary-ýogy iki gezejik geýdim — diýip, polkownik
garşy çykdy.
— Türkler muňa düşünmeýär.
— Düşünäýmeli.
58
— Düşünmeseler?
— Düşünmän geçsin.
Olar şamlyk edinmän düşege girdi. Polkownik aýaly doga okap bolýança
garaşyp, çyrany öçürdi. Ýöne uklap bilmedi. Ol filmleriň ahlak derejesine baha
berilýän jaňy, yz ýanyndan diýen ýaly hem — aslynda bolsa aradan üç sagat
geçensoň — komendant sagadynyň duýduryşyny eşitdi. Gijäniň sowuk howasyndan
aýaly ýene harlap dem alyp başlady. Aýaly onuň bilen, özi-de bu gezek parahat,
ylalaşykly gepleşip başlan mahaly polkownigiň gözleri entek açykdy.
— Sen uklaňokmy?
— Ýok.
— Haýyş edýän: oňatja oýlan. Ertir garyndaş Sabas bilen gürleş.
— Ol duşenbeden bäri gelmez.
— Has hem gowy. Sende pikiriňi üýtgetmäge üç gün bar.
— Pikirimi üýtgedere zat ýok.
Oktýabryň ýürege düşgünç ümür-dumanyndan soň, ýakymly hoştaplyk
başlandy. Dekabryň başlany hakgeý guşuň indi başga wagtda gygyrýanyndan bellidi.
Sagat iki bitdi, polkownigiň gözüne çiş kakylan ýalydy. Aýalynyňam oýadygyny
bilýärdi. Ol tor sallançakda beýlesine agdaryldy.
— Sen uklaňokmy? — diýip, aýaly ýene sorady.
— Ýok.
Aýaly birsalym geplemedi.
— Biziň beýtmäge ýagdaýymyz ýok. Ikimiz üçin dört ýüz pesonyň nämedigi
hakda özüň pikir edip gör-ä.
— Indi az galdy, pensiýa bahym geler.
— Men muny on bäş ýyl bäri eşidip gelýärin-ä.
— Ine, şonuň üçin hem, ol indi kän garaşdyrmaz.
Aýaly dilini ýygdy. Ýöne ol ýene gürläp ugranda, polkownige bir sekundam
geçmedik ýaly bolup göründi.
59
— Meniň göwnüme-hä şol pul hiç wagt gelmejek ýaly.
— Geler.
— Gelmese näme?
Polkownik muňa jogap gaýtarmady. Horazyň ilkinji sesi ony oýardy, ýöne ol
ýene uklady, özem düýş görmän agyr uka gitdi. Oýananda, Gün al-asmandady. Aýaly
entek oýanmandy. Iki sagat gijä galsa-da, polkownik, adatça, irden meşgullanýan
zatlarynyň ählisini yzygiderli bitirdi. Ertirlik edinmäge saçak başyna geçer ýaly,
aýalynyň oýanaryna garaşdy.
Ol ýatyş otagyndan çykanda, ýüz-gözi gamaşykdy. Birek-birege ertiriň haýyrly
bolmagyny diläp, stoluň başyna sessiz-üýnsüz geçdiler. Polkownik süýji zatlar
goşulyp ýugrulan hamyrdan bişirilen çörekdir bölek peýnir bilen bir bulgur gara kofe
içdi. Günortana çenli wagtyny tikinçilik ussahanasynda geçirdi. Sagat birde öýe
dolanyp gelende, aýalynyň begoniýa gülleriniň arasynda oturanyny gördi: ol eşikleriň
tikin-çatyny bilen gümrady.
Polkownik:
— Nahar wagty-da boluberen ýaly — diýdi.
Aýaly:
— Nahar ýok — diýdi.
Polkownik kibtini gysdy, çagalaryň aşhana sümlüp geçýän ýerini —
germewdäki gädigi beklemäge gitdi. Öýe dolanyp gelende saçak ýazylgydy.
Nahar başynda polkownik aýalynyň gözýaşyny zordan saklaýanyny gördi. Ol
howsala düşdi. Aýalynyň häsiýetiniň dogabitdi berkdigini, kyrk ýyllyk hasratdyr
mätäçlikden soň has-da berkänini birinden sorap bilmeli däldi; hatda ogly ölende hem
gözlerinden ýeke damja ýaş çykarmandy.
Ol aýalyna teýeneli seretdi. Aýaly dodagyny dişledi, gözlerini köýneginiň ýeňi
bilen süpürdi-de, ýene nahar iýip başlady.
— Sen meni sylaňok — diýdi.
Polkownik jogap gaýtarmady.
— Sen ynjyk, dikdüşdi adam, özi-de meni birjigem sylaňok. — Ol çemçedir
çarşagy atanaklaýyn goýdy, yryma eýeribem, derrew biri-birinden aýyrdy. — Men
60
saňa tutuş ömrümi bagyş etdim, indi bolsa, gel-gel, horaz seniň üçin menden zyýada
boldy duruberdi.
— Beýle däl — diýip, polkownik dillendi.
— Ýok, şeýle — diýip, aýaly ýan bererli däldi. — Saňa meniň aňrymyň
golaýlaýanyna düşünerçe wagt boldy. Häzir meniň enter-pelegimi öwürýän zat kesel
däl-de, janhowly.
Polkownik tä stoluň başyndan turýança, başga bir söz hem diýmedi.
— Eger horazy satanymdan soň, seniň demgysmadan gutuljagyňa lukman kepil
geçse, men ony haýal etmän sataryn. Kepil geçmese — satman.
Polkownik nahardan soň, horazy galýera alyp gitdi. Öýüne dolanyp gelende,
aýalynyň ýagdaýy has agyrlaşdy. Ol tiz-tizden hyklap dem alyp, saçy bulaşan halda
ellerini serip, dälizde eýläk-beýläk gatnaýardy. Iňrik garalýança şeýtdi ýördi. Soň
ärine ýeke agyz söz aýtman, düşegine geçdi.
Komendant sagady jar edilip başlanan mahaly, ol henizem doga okap otyrdy.
Polkownik çyrany öçürmekçi boldy, ýöne aýaly ony etdirmedi:
— Garaňkyda ölesim gelenok.
Polkownik çyrany öňküsi ýaly edip ýerde goýdy. Özüni kül-owram edilen ýaly
duýýardy. Ähli zady unudasy, uka gidäge-de, kyrk bäş günden, ýigriminji ýanwarda,
öýlän sagat üçde galýerada — öz horazy orta çykýan pursatda oýanasy gelýärdi.
Emma aýalynyň oýadygy sebäpli, onuň hem gözüne uky gelmeýärdi.
Az salymdan aýaly ýene dillendi:
— Durmuş diýlen şeýle-dä: özgeler iýsinler diýip, özümiz aç gezýäris. Eýýäm
kyrk ýyl bäri şeýle.
Polkownik aýalynyň uklanyny-uklamanyny soraryna garaşdy. «Ýok» diýip
jogap gaýtardy. Aýal sözüni aýlaw-öwrümsiz, birsydyrgyn äheňde, rehimsizlik bilen
dowam etdi:
— Bizden başgasynyň ýüzi utuşa düşýär. Horaza goýara birje sentawo-da
çykmajak ýeke-täk maşgala bizdiris.
— Horazyň eýesiniň ýigrimi göterime hukugy bar.
61
— Saýlawlar mahaly maňlaýyňy ýardyranyňda-da saýlawly wezipä hukugyň
bardy — diýip, aýal hüňürdedi. — Raýat urşunda janyňy orta ataňda hem weteranyň
pensiýasyna hukugyň bardy. Ýöne illeriňk-ä gülala-güllük boldy, sen bolsa ýeke
galyp, açlygyňdan öljek.
Polkownik:
— Beýle güne düşen diňe men däl — diýdi.
Ol aýalyna bir zatlary düşündirjek boldy, ýöne uky bürdi. Aýaly tä äriniň
uklanyny görýänçä samyrdady oturdy. Soň peşehanany galdyrdy-da, geplemegini
dowam edip, garaňky otagda ikibaka ýöräp ugrady. Polkownik daňdan onuň adyny
tutup çagyrdy.
Aýaly ýerde duran çyranyň öçügsi ýagtysynda arwah ýaly bolup, gapyda peýda
boldy. Düşege girmezden öň çyrany öçürdi. Ýöne geplemegini dowam etdi.
Polkownik onuň sözüni bölüp:
— Gel, näme edeli diýsene... — diýdi.
— Edip boljak ýeke-täk zat — horazy satmaly.
— Sagady satybam bolar-a.
— Ony hiç kim satyn almaz.
— Ertir ony Alwaro kyrk peso teklip ederin.
— Bermez.
— Onda suraty satarys.
Aýaly ýene düşekden turdy-da, hümürdäp ugrady. Polkownik onuň dermanlyk
ot-çöpleriň ysy ornan demini syzdy.
— Ony hem satyn almazlar.
— Görübereris. Häzir ýat. Eger ertir hiç zat satmasak, ýene näme edip boljagy
barada akyllaşarys — diýip, polkownik ýumşak, parahat ses bilen jogap gaýtardy.
Ol gözlerini ýummazlyga synanyşdy, emma uky rüstem çykdy. Polkownik
gorpa gaçan ýaly uka gitdi. Wagt-da, giňişlik-de duýulmaýan äleme, aýalynyň sözleri
hem başgaça mana eýe bolýan dünýä düşdi. Ýöne bir minutdan soň, aýalynyň
egninden silterleýänini duýdy.
62
— Maňa jogap ber ahyry!
Polkownik bu sözleri düýşünde ýa-da huşunda eşidýänini birbada aňşyryp
bilmedi. Daň saz beripdi. Penjireden ýekşenbe säheriniň açyk ýaşyl öwüşgini aýdyň
görünýärdi. Polkownigiň gyzgyny galyp başlady, gabaklary ýanyp barýardy, ol diňe
özüne zor salyp, pikirlerini bir ýere çugdamlady.
— Eger hiç zat satyp bilmesek, biz näme ederis? — diýip, aýaly teý köşeşerli
däldi.
Ukudan doly aýňalan polkownik:
— Ondan soň eýýäm ýigriminji ýanwar geler. Ýigrimi göterimi şol günüň
özünde töleýärler — diýdi.
— Eger horaz ýeňäýse şeýle. Ýeňmese näme? Onuň ýeňiläýmeginiň
mümkindigi kelläňe gelenokmy?
— Biziň horazymyzy ýeňip bilmezler.
— Birden ýeňäýdiler-dä?
— Ýene kyrk bäş gün bar. Bu hakda häzir kelle agyrtmak nämä gerek?
Aýaly janyýangynlyk bilen:
— Ýeri, onsoň biz şoňa çenli näme iýmeli? — diýdi. Äriniň ýakasyndan
ebşitläp tutup, batly silterledi. — Aýt-da, biz näme iýeris?
Polkownige şu pursada gelip ýetmek üçin ýetmiş bäş ýyl — minutma-minut,
göni ýetmiş bäş ýyl — ýaşamak gerek bolupdy. Ol:
— Poh-püsür iýibiris-dä — diýip, pert hem düşnükli jogap gaýtardy we şol
pursat özüni mertebesini goramagy başaran kişi hökmünde duýdy.
Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW.
63
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2097
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 2
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2083
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 3
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 1952
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 4
    Total number of words is 2587
    Total number of unique words is 1554
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.