Latin

Polkownige hat ýazýan ýok - 3

Total number of words is 3688
Total number of unique words is 1952
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
göwnüme horaz öläýjek ýaly bolup dur.
Alfonso:
— Biynjalyk bolmaň, polkownik. Şu wagt horazlaryň täze peri ösýär, şonuň
üçin siziňkiniň-de häzir hamy çişýändir — diýdi.
German ony goldady:
— Bir aýdan dikgerer.
— Barybir, men ony özümde saklamak islämok.
German polkownigi gözi bilen iýäýjek boldy.
— Düşüniň ahyry, polkownik, horazy galýera siziň hut özüňiziň eltmegiňiz
zerur.
Polkownik böwrüni diňledi.
— Düşünýärin. Ony şonuň üçin häzire çenli saklap ýörün-dä. — Ol dişlerini
gysdy, güýjüni jemläp, dowam etdi: — Uruşdyrma çenli üç aýyň bardygy ýaman.
German düşündi.
— Eger iş şunda bolsa, ondan aňsat zat ýok-la — diýdi.
Soň teklibini aýtdy, hemmesi onuň bilen ylalaşdy.
Polkownik agşam daşy dolanan sagady goltugyna gysyp öýüne dolananda,
aýaly ondan göwnüniň geçenini gizläp bilmedi.
— Satmadyňmy? — diýip sorady.
Polkownik:
— Satmadym. Ýöne indi munuň ähmiýeti ýok. Horazy oglanlar iýmlejek —
diýip jogap gaýtardy.
***
34
— Tagapyl ediň, garyndaş, men size saýawan bereýin.
Don Sabas edaranyň diwarynda gurnalan şkafy açdy. Onuň içi akan-dökändi:
at münülende geýilýän ädikler, üzeňňiler, jylawlar, ökje depgisinden hyryn-dykyn
alýumin gapyrjak münder bolup durdy. Ýokarky böleginde alty sany gara ýagyş
saýawany we Günden goranmak üçin ala-mula zenan saýawany asylgy durdy.
Polkownik: «Bir weýrançylygyň galyndylaryna meňzeýär» diýip oýlandy.
Penjiräniň bosagasyna elini diräp:
— Sag boluň, garyndaş, men gowsy howa açylyşýança garaşaýaýyn — diýdi.
Don Sabas şkafy ýapyp-da durmady. Ol hat stolunyň başynda ýelpewaçdan
özüne salkynlyk geler ýaly oturdy, gapyrjakdan deri derman goýberilmegi üçin pagta
dolanan sanjym iňňesini çykardy. Polkownik ýagyş zerarly küljümek bolup görünýän
badam agaçlaryna seredýärdi. Köçede janly-jemende ýokdy.
— Siziň penjiräňizden ýagyş bütinleý başgaça bolup görünýär. Göýä ol bärde
däl-de, başga bir şäherde ýagýan ýaly — diýdi.
— Nireden seredeniňde hem, ýagyş ýagyşdyr-da — diýip, don Sabas seslendi.
Ol aýna düşelen hat stolunyň üstünde iňňäni gaýnatmaga goýdy. — Şäher dälde, pohpüsür-le bi.
Polkownik egnini gysyp, edaranyň içinde gezmeledi: ýere ýasy ýaşyl daş
düşelipdir, mebeliň ýüzüne açyk reňkli matalar tutulypdyr. Tördäki duzly haltalar,
bally meşikler, eýerler bitertip münder bolup durdy. Don Sabas polkownige
perwaýsyz nazar aýlady.
Polkownik:
— Siziň ýeriňize bolsam, men-ä beýle pikir etmezdim — diýdi.
Ornaşdy, aýaklaryny biri-biriniň üstüne atyp, kiçijik adamjygyň küýkerip
oturan hat stoluna asuda nazar aýlady. Onuň göwresi ýarsandy, tultukdy, bakyşynda,
birhili, gurbaga gussasy bardy.
Don Sabas:
— Sizem lukmana görünäýmeli eken, garyndaş. Ol günki gölegçilikden soň,
siz öte tukat görünýärsiňiz — diýdi.
Polkownik başyny galdyrdy.
35
— Men özümi örän oňat duýýaryn.
Don Sabas suw gaýnaýança garaşdy.
— Menem özüm hakda şeýle diýip bilsedim — diýip zeýrendi. — Siz bagtly
adam, hatda mis ökje depgisini-de iýip biljek. — Ol özüniň tüý örten we goýy goňur
siňňilden doly ellerine dykgat bilen syn etdi. Ogulhajat barmagynda nika ýüzüginden
başga-da, gara gaşly ýüzük ýalpyldaýardy.
Polkownik:
— Hawa, başararyn — diýip ylalaşdy.
Don Sabas öýüň ýaşalýan bölegine girilýän gapa tarap öwrülip, aýalyny
çagyrdy. Soň ejirli zeýrenip iýmitleniş tertibi hakda gürrüň berip ugrady. Köýneginiň
jübüsinden kiçijik çüýşejik çykaryp, nohudyň ululygyndaky ak gerdejigi stolda
goýdy.
— Muny hemişe ýanyňda göterip ýörmegiň özem ezýet. Göýä jübiňde ajaly
göterip ýören ýaly-da — diýdi.
Polkownik stoluň ýanyna bardy, gerdejigi eline aldy we don Sabas dadyp
görmegi teklip edýänçä, oňa seretdi durdy. Don Sabas:
— Muny kofä atýarlar. Bu şeker, ýöne şekersiz — diýdi.
— Düşnükli — diýen polkownik agzynda süýjümtik kakýan tagam duýdy. —
Edil jaň sesi ýaly, ýöne jaňsyz.
Aýaly sanjym edenden soň, don Sabas tirsegini stola diräp, ýüzüni aýalarynda
gizledi. Polkownik özüni nirä uijagyny bilenokdy. Aýal elektrik ýelpewajy öçürdi,
ony seýfiň üstünde goýdy-da, şkafa ýöneldi.
— Saýawanlar maňa, näme üçindir, ölümi ýatladýar — diýdi.
Polkownik ony diňlänokdy. Ol bu gün poçtany garşylamak üçin öýünden sagat
dörtde çykypdy. Emma ýagyş ony don Sabasyň edarasynda gizlenmäge mejbur etdi.
Katerler zoguny çalanda, ýagyş entegem guýup durdy.
Don Sabasyň aýaly:
— Hemmeler ajaly aýal sypatynda göz öňüne getirýär — diýip, sözüni dowam
etdi. Ol ärinden uzyndy, etli-ganlydy, ýokarky dodagynda tüýli meň bardy. Sesi
elektrik ýelpewajyň hyzzyldysyna meňzeýärdi.
36
— Men-ä ony asla beýle göz öňüne getiremok... — Şkafy ýapyp, polkownigiň
nazaryna sataşmak isläp, bärsine öwrüldi. — Meniň göwnüme-hä, ol haýwan sypatly
ýaly. Toýnakly.
Polkownik:
— Mümkin. Jahanda nämeler bolmaýar — diýdi.
Ol: «Suw geçirmeýän ýapynjaly poçta hadymy häzir, megerem, katere böküp
girýän bolsa gerek» diýip oýlandy. Polkownigiň aklawçyny çalşanyna bir aý geçipdi,
indi onda jogap tamasyny etmäge esas bardy. Don Sabasyň aýaly polkownigiň özüni
diňlemeýänini aňýança, ölüm hakda gürlemegini dowam etdi.
— Garyndaş, endişeli görünýäňiz-le? — diýdi.
Polkownik pikirleriniň arasyny böldi.
— Hawa, garyndaş, men sagadyň eýýäm bäşdigi, horaza bolsa entegem sanjym
edilmändigi hakda oýlanýaryn.
Aýal ör-gökden geldi:
— Horaza, sanjym etmelimişin! Ol nä adammy? Bu ne tersalyk! — diýip
haýkyrdy.
Don Sabasyň sabyr käsesi doldy. Çym-gyzyl bolan ýüzüni galdyryp, aýalyna:
— Agzyňy bir minutjyk berin ýumsana — diýip buýurdy. Aýaly, dogrudanam,
elini agzyna ýetirdi. — Sen eýýäm ýarym sagat bäri öz samsyklygyň bilen garyndaşy
bizar edip dursuň.
Polkownik:
— Asla beýle däl — diýip garşylyk görkezdi.
Aýal gapyny gürpüldedip ýapdy. Don Sabas lawanda18 müşki sepilen ýaglygy
bilen boýnuny süpürdi. Polkownik ýene-de penjiräniň öňüne bardy. Ýagyş diňer ýaly
däldi. Uzyn sary aýakly towuk boş meýdançany kesip geçdi.
— Horaza, hakykatdanam, sanjym edilýärmi?
Polkownik:
18
Lawanda – gülüň ady.
37
— Hawa. Indiki hepde türgenleşik başlanýar — diýdi.
— Bu-ha paýhassyzlyk bolýar. Beýle zatlar siziň üçin däl.
— Ylalaşýan. Emma bu ýagdaý horazyň boýnuny towlamak üçinem sebäp däldä.
— Barypýatan paýhassyzlyk — diýip, penjirä ýönelen don Sabas gaýtalady.
Onuň agyr dem alşy körügiň sesini ýadyňa salýardy. Garaýşy bolsa polkownigiň
ýüregini awadýardy. Don Sabas:
— Meniň maslahatymy alyň, garyndaş. Siz şol horazy satyň, ýogsam soňra
juda giç bolar — diýdi.
— Hiç wagtam juda giç bolýan däldir.
Don Sabas öz diýenine tutdy:
— Öňüni-soňuny ölçeriň ahyry. Sizde bir okda iki towşan urmaga mümkinçilik
bar: birinjiden-ä, bu aladalardyr hysyrdylaryň hemmesinden dynarsyňyz,
ikinjidenem, jübüňize dokuz ýüz peso salarsyňyz.
Polkownik:
— Dokuz ýüz peso! — diýip gygyrdy.
— Dokuz ýüz peso.
Polkownik pikirlendi.
— Şonça pul bererler öýdýäňizmi?
— Öýdemok. Doly gözüm ýetip dur — diýip, don Sabas jogap berdi.
Ynkylap goşunynyň gaznasyny tabşyrandan soň, polkownige şeýle köp pul
bilen iş salyşmak miýesser etmändi. Don Sabasyň edarasyndan çykan mahaly, ýene
garnynda güýçli agyry duýdy. Ýöne bu gezek munuň howanyň işi däldigini bilýärdi.
Ol poçtada göni hadymyň ýanyna ugrady.
— Men gyssagly bir hata garaşýan. Awiapoçta bilen gelmeli.
Hadym bukjalaryň hemmesini elden geçirip, ýeke agyz söz diýmezden, ýene
öňki ýerlerinde goýdy. Diňe aýalaryny kakyşdyryp, polkownige manyly seretdi.
— Maňa şu gün hat gelmelidi ahyry. Hökman.
38
Hadym egnini gysdy.
— Diňe ajal hökman gelýändir, polkownik.
Onuň dolanyp gelerine aýaly mekgejöwen ýarmasyny bişiren eken. Ol her
çemçeden soň uzak wagtlap pikire çümüp, naharyny sessiz-üýnsüz iýdi. Garşysynda
oturan aýaly onuň ugrunyň ýokdugyny duýdy:
— Saňa näme bolýar?
— Men güzerany pensiýama bagly emeldar hakda oýlanýaryn — diýip,
polkownik ýalan sözledi. — Elli ýyldan soň, biz-ä gabyrda arkaýyn ýatarys, ol biçäre
bolsa özüne pensiýa bellendimikä ýa-da bellenmedimikä diýip pikir edip, her anna
güni ezýet çeker ýörer.
Aýaly:
— Bu ýaramaz alamat. Bu seniň ýan berip ugranyňy aňladýar — diýdi. Ol
ýene aşyny iýmäge durdy, ýöne bir minutdan adamsynyň ýene pikire çümüp
oturanyna dykgat etdi.
— Hany, sowamanka, aşyňy iýsene.
Polkownik:
— Tagamly bolupdyr. Sen mekgejöweni nireden aldyň? — diýdi. Aýaly:
— Horazdan. Ussahananyň oglanlary oňa köp mekge getirdi-de, men özümize
hem almagy makul bildim. Ýagdaý-ha, ine, şeýle! — diýip jogap berdi.
Polkownik uludan dem aldy.
— Hawa. Durmuşda şeýlebir zatlar bolup geçýär weli, ýörite oýlabam tapjak
gümanyň ýok.
Ol peje daňlan horaza seretdi. Onuň bir zady üýtgän ýalydy. Aýaly-da horaza
seretdi.
— Men şu gün çagalary taýaklap kowmaly boldum. Horaza depeletmäge bir
garry towuk getiripdirler — diýdi.
Polkownik:
— Bolaýýan zat-da. Obalarda polkownik Aureliano Buendia üçin hem gyzlary
getirerdiler — diýdi.
39
Degişme aýalyna ýarady. Horaz bir zat madyrdan ýaly etdi, onuň madyrdysy
uzakdan ynsanyň bogazynda sesini gaýnadyşyna meňzeýärdi. Aýaly:
— Kämahal şu birden gepläberjek ýaly bolubam görünýär — diýdi.
Polkownik ýene horaza seretdi.
— Horaz-a horazjandyr-la. — Ol gäwüşäp oturyşyna, aňynda bir zatlary
hasaplaýardy. — Bizi üç ýyllap iýmit bilen üpjün eder bi.
Aýaly:
— Arzuwlar! Arzuwdan aş bişiresiň ýok-la — diýdi. Polkownik:
— Arzuw-hyýaly iýip bolmaz, ýöne ol garnyňy doýrup biler. Bu edil garyndaş
Sabasyň täsin dermanlary ýaly bir zat-da — diýip jogap berdi.
Gije ukusynyň mazasy bolmady — şol sanady, hasaplady ýatdy. Ertesi aýaly
günorta naharyna ýene mekgejöwen atardy. Aýaly kelam agyz diýmän, başyny
galdyrman iýip otyrdy. Polkownik onuň keýpsizliginiň özüne-de geçýänini duýdy.
— Saňa näme bolýar?
— Hiç zat.
Polkownik düşündi: ýalan sözlemek nobaty indi aýalyna ýetipdi. Aýalyny
köşeşdirjek boldy, ýöne ol diňlemedi.
— Merhumyň ýerlenenine iki aýa golaý geçen bolsa gerek, men welin onuň
ýerine henizem görnemok. Men şol hakda pikir edip otyryn.
Ol şol agşam aýdan ýerine gitdi. Polkownik aýalyny ugratdy, soň bolsa ses
güýçlendirijiler arkaly ýaňlanýan saz bilen özüne imrindirýän kinoteatra sowuldy.
Öýüniň işiginde oturan tagsyr Anhel märekä seredýärdi — ol özüniň on iki gezek
kakan duýduryjy zaňlaryna garamazdan, kimiň kino girjegini barlaýardy. Çagalaryň
gykylygy, gulagy deşip barýan saz, girelgäniň öňündäki kiçijik giňişlikdäki ýagtylyk
mähelläniň köpdügini mesaňa mälim edýärdi. Bir oglanjyk polkownige agaç tüpeň
gezäp:
— Horaz nähili, polkownik? — diýip gygyrdy.
Polkownik ellerini galdyrdy.
— Gezip ýör öz-ä.
40
Jaýyň ýüz tarapyny «ýarygijelik boý gyz» diýen dürli reňkli bildiriş tutup
durdy. Boý gyzyň egninde dilkawyndan bir aýagy görnüp duran meýlis köýnegi
bardy. Polkownik tä uzakda ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp başlaýança, kinoteatryň
golaýynda köw-söw etdi. Şondan soň aýalynyň yzyndan gitdi.
Aýaly merhumyň öýünde ýok eken. Öýe-de dolanmandyr. Diwardaky sagat
ýatyp galypdyr, emma polkownik komendant sagadyna çenli az wagt galan bolsa
gerek diýip çaklady. Ol tupanyň şähere golaýlaşyşyny diňläp garaşýardy. Aýalyny
gözlemäge gitmekçi bolany-da şoldy weli, onuň özi geläýdi.
Polkownik horazy ýatyş otagyna geçirdi. Aýaly çalşyrynyp uly otaga çykdy, ol
ýerde polkownik sagada tow berip bolup, ony düzlär ýaly, komendant sagadynyň
duýduryşyna garaşyp otyrdy.
Ol:
— Sen nirede bolduň? — diýip sorady.
Aýaly:
— Şol ýerde — diýdi. Ärine seretmän, bulgur bilen legenden suw susup alyp,
ýatyş otagyna dolanyp bardy. — Ýagyş şu gün şeýle ir başlar öýdüp, kimiň kellesine
geljek?!
Polkownik sesini çykarmady. Surnaý sesini eşidip, sagady düzetdi, penjiräni
ýapdy, oturgyjy ýerine süýşürdi. Ýatyş otagyna girende, aýaly tesbisini sanap, doga
okaýardy.
Polkownik:
— Meniň sowalyma jogap bermediň-le — diýdi.
— Haýsy sowala?
— Nirede bolduň?
— Şol ýerde düşegim ýumşaýdy-da. Öýden çykman oturanyma ýoňsuzja wagt
bolaýypdyr.
Polkownik tor sallançagy asdy. Gapyny gulplady, o çybyn-çirkeýe garşy
serişdäni pürkdi. Soň çyrany ýerde goýup gyşardy-da, gussa bilen:
— Men saňa düşünýärin. Garyplygyň iň ýaramaz ýeri — ýalan sözlemäge
mejbur edýäni — diýdi.
41
Aýaly uludan demini aldy.
— Men tagsyr Anheliň ýanynda boldum. Nika ýüzügimi girew goýup, ondan
pul alaýjakdym.
— Ýeri, ol näme diýdi?
— «Mukaddes zady girew goýmak günädir» diýdi. — Ol peşehanany aşak
goýberdi. — Birki günlükde sagady satmaga synanyşdym. Ýöne ony hiç kim almady,
häzir san belgileri yşykly täze sagatlar-da nesýe satylýar. Oňa seredip, garaňkyda
hem wagty bilmek bolýar.
Polkownik kyrk ýyl bile ýaşalsa-da, bile açlyk çekilse-de, bile ezýet görülsede, aýalyny gowy tanamanyna düşündi. Olaryň söýgüsi-de, megerem, garran bolsa
gerek.
Aýaly:
— Suratam hiç kime gerek däl. Hemme kişide diýen ýaly şoňa meňzeşi bar.
Men hatda türk dükanlaryna-da bardym — diýdi.
Polkownik hapa boldy.
— Ine, şonuň üçinem biziň açlykdan ölýänimizi indi hemme kişi bilýär-dä.
Aýaly:
— Men ýadadym. Erkekler hojalyk barada alada etmeýär. Bişirmäge
zadymyzyň ýokdugyny goňşular aňmasyn diýip, men telim gezek peje içi daşly gazan
atarypdym — diýdi.
Polkownik utandy:
— Kemsidiji ahwal.
Aýaly peşehanany galdyrdy, onuň tor sallançagynyň ýanyna geldi-de:
— Bu sapalaklardyr hilegärlikleri bes edere çen boldy. Men kaýyllykdanam,
mertebedenem gerk-gäbe doýdum — diýende, onuň sesi gahardan ýaňa gödeňsi
çykdy.
Polkownigiň ýüzüniň ýeke damary-da tirsildemedi. Aýaly dowam etdi:
— Her gezekki saýlawdan soň, wada berlen durna ýere düşer diýip tama edip
ýörmek, ahyrynda-da ogluňy ýitirmek — ine, biziň garaşa-garaşa ýeten zadymyz.
42
Polkownik bu gyjalatlara eýýäm werdiş bolupdy. Ol:
— Biz öz borjumyzy berjaý edýäris — diýdi.
— Olar bolsa öz borçlaryny ýigrimi ýyllap senatda berjaý etdi, her aýda müň
pesony-da jübülerine urdy. Sabas garyndaşy alyp göräý: onuň puly ikigat jaýyna-da
syganok. Şähere gelende bolsa entäp ýören söwdagärdi ahyryn. Boýnuna ýylan orap,
derman satar ýörerdi — diýip, aýaly jogap gaýtardy.
— Ol süýji keseli sebäpli öljek bolup ýörem-dä.
— Sen bolsaň açlykdan ölýärsiň. Mertebe bilen garny doýrup bolmaýanyna
düşün ahyry!
Ýyldyrym çakdy. Daşarda gök gübürdäp, ýatyş otagyna kürsäp urdy, üýşmek
daş ýaly, krowatyň aşagyna togalanyp gitdi. Aýaly hasyr-husur tesbisine ýapyşdy.
Polkownik ýylgyrdy:
— Bu saňa diliňi saklap bilmeýäniň üçin. «Hudaý — meniň partiýa egindeşim»
diýip, saňa hemişe aýdýardym ahyry.
Aslynda welin, onuň oýun ýadyna düşenokdy. Birsalymdan çyrany öçürip,
ýyldyrym bilen paralanýan garaňkylykda ýatyşyna, gamly oýlara çümdi. Makondony
ýadyna saldy. Neýerlandiýanyň öz wadasyna wepaly bolaryna polkownik on ýyllap
garaşypdy. Ol bir gezek günorta dynç alşynyň melul sagady yssydan demigýän, hatda
wagonlaryň depesine dyrmaşyp çykan erkeklerdir aýallardan, haýwanlardan hyryndykyn tot-tozanly sary otlynyň ýetip gelýänini görüpdi. Banan «keseli» başlanypdy.
Şäherçe bir gije-gündizde üýtgäpdi. Polkownik şol wagt özüne: «Giderin. Bananyň
ysyna ýüregim bulanýar» diýipdi. Ol yzyna gidýän otly bilen 1906-njy ýylyň 24-nji
iýunynda, çarşenbe güni, öýlän iki sagat on sekiz minutda Makondodan ugrapdy.
Neýerlandiýa synaly bäri ýeke minut hem rahat bolmanyna polkownigiň akyl
ýetirmegi üçin ýarym asyr gerek bolupdy.
Ol gözlerini açdy.
— Diýmek, bu barada indi pikir etmek hem gerek däl.
— Näme barada?
Polkownik:
43
— Horaz barada. Ony ertir irden garyndaş Sabasa dokuz ýüz peso satjak —
diýdi.
***
Penjiräniň aňyrsyndan biçilen haýwanlaryň naýynjar sesleri, don Sabasyň
gykylygy eşidilýärdi. Iki sagat irikge bolandan soň, polkownik: «Eger on minutdan
dolanyp gelmese giderin» diýip, özüne söz berdi. Ýöne ýene ýigrimi minut garaşdy.
Ahyry ýüregini bire baglap, gitmekçi bolany hem şoldy weli, don Sabas işgärler bilen
edarada peýda boldy. Ol polkownigiň hatda ýüzüne-de seretmän, deňinden birnäçe
gezek eýläk-beýläk geçdi. Diňe işgärler gidenden soň, polkownige üns berdi.
— Garyndaş, maňa garaşýaňyzmy?
Polkownik:
— Hawa, garyndaş. Ýöne siz iş bilen başagaý bolsaňyz, men başga bir gün
geläýerin — diýdi.
Don Sabas muny eşitmedi, ol eýýäm gapynyň aňyrsyndady we şol ýerden:
— Häzir gelýän — diýip gygyrdy.
Günortanyň tüp yssysydy. Edaranyň içi daşardan düşýän Gün şöhlesine gark
bolupdy. Yssydan ýaňa tapdan düşen polkownik gabagyny aşak goýberdem weli,
gözüniň öňünde aýalynyň keşbi janlandy. Edara jaýyna daraklygyna basyp, don
Sabasyň aýaly girdi.
Ol:
— Dynç alyň, dynç alyň, garyndaş. Men häzir tutulary ýapaýyn: bu ýer
dowzah ýaly gyzgyn — diýdi.
Polkownik oňa düşünmeýän garaýyş bilen seretdi. Don Sabasyň aýaly tutulary
ýapyp, alagaraňkyda geplemegini dowam etdi:
— Siz düýşi köp görýäňizmi?
Ymyzgananyna utanan polkownik:
— Kämahal. Hemişe diýen ýaly hem meniň daşyma kerep saralýar — diýip
jogap gaýtardy. Aýal:
44
— Maňa bolsa her agşam garabasma ezýet berýär. Ine, onsoň men düýşümde
görýän adamlarymyň kimdigini bilmek kararyna geldim — diýdi. Ol elektirk
ýelpewajy işletdi. — Geçen hepde başujumda bir aýal peýda boldy. Men
batyrgaýlanyp, ondan kimdigini soradym. Ol: «Men şu otagda on iki ýyl ozal
ýogalypdym» diýdi.
— Öý bary-ýogy iki ýyl ozal gurlupdy ahyry.
— Hut şeýle. Diýmek, hatda merhumlaram ýalňyşýan bolmaly.
Ýelpewajyň
hyzzyldysy
alagaraňkylygy
goýaldýardy.
Polkownik
ynjalyksyzdy, uky melullygy we düýşlerden merhumlaryň janlanmagynyň syryna
geçen aýalyň lakgyldysy ony horlaýardy. Ol hoşlaşmak üçin böwşeňlige garaşýardy,
ýöne şol wagt edara jaýyna dolandyryjy bilen don Sabas giräýdi. Aýaly:
— Men saňa çorbany dört gezek gyzdyrdym — diýdi. Don Sabas:
— Ýene on gezek gyzdyryber, ýöne häzir meni günüme goý — diýip jogap
gaýtardy.
Ol seýfi açdy, dolandyryja bir daňy pul uzadyp, käbir görkezmeleri berdi.
Dolandyryjy tutyny syryp, puly sanap başlady. Don Sabas edaranyň töründe oturan
polkownige seretdi, emma onuň ýanyna baraýynam diýmän, dolandyryjy bilen
gürrüňi dowam etdi. Olar ýene gitmekçi bolanda, polkownik ýerinden turdy. Eýýäm
gapyny açmak üçin elini uzadan don Sabas aýak çekdi:
— Bärläpsiňiz-le, garyndaş?
Polkownik dolandyryjynyň özüne seredýänini gördi.
— Aý, hiç-le. Siziň bilen gürleşäýjekdim.
— Aýdyberiň-dä onda. Men ýekeje minuty-da ýitirip bilemok.
Ol gapynyň tutawajyny sabyrsyzlyk bilen tutup durdy. Polkownik sekuntlaryň
— öz ömrüniň iň uzak bäş sekundynyň nähili geçýänini duýdy. Ol dişlerini gysdy-da:
— Men horaz barada gürleşäýjekdim — diýip pyşyrdady.
Don Sabas gapyny açdy. Ýylgyryp, dolandyryjyny çykalga itekläp durşuna:
— Hä, horaz barada... — diýip gaýtalady. — Dünýe agdar-düňder bolaýsyn,
garyndaş horazynyň aladasy bilendir — diýdi. Soň polkownige ýüzlenip dowam etdi:
— Ýagşy, garyndaş. Häzir gelýän.
45
Däliziň aňry çetinde olaryň aýak sesleri ýatýança, polkownik otagyň ortasynda
gymyldaman durdy. Onsoň köçä çykyp, ýekşenbäniň siýestasy gurşap alan şähere
aýlandy. Tikinçilik ussahanasynda hiç kim ýokdy. Lukmanyň iş otagy ýapykdy.
Siriýalylaryň dükanlarynda çykarylyp goýlan harytlary hiç kim goranokdy. Derýa
polat zolak ýaly ýaldyraýardy. Gämi menzilinde bir kişi başgaby bilen ýüzüni
Günden gorap, nebitli çelekleriň üstünde ukyny urýardy. Polkownik öýüne barýarka,
özüniň şu mahal tutuş şäherde köçä çykmaga het eden ýeke-täk adamdygyna gözi
ýetip durdy.
Günortan naharyny taýýarlap garaşýan aýaly:
— Bulary ertir irden tölejegime söz berip, nesýe aldym — diýip düşündirdi.
Nahar başynda polkownik oňa don Sabasyň edarasynda bolup geçenler barada
gürrüň berdi. Aýaly ony darygyp diňledi.
Polkownik gürrüňini gutaranda, ol:
— Saňa tutanýerlilik ýetenok. Belanyň körügi şonda. Özüňi hamala sadaka
dileýän ýaly alyp barýaň. Garyndaşy bir çete çekäge-de, gümmi-sümmi edip durman,
«Garyndaş, men horazy satmakçy» diýmeli ekeniň — diýdi.
— Durmuşda ähli zat şeýle aňsat bolsady.
Şol günüň säherinde aýaly bilini berk guşady. Äri gelýänçä öýi tertibe saldy,
özem üst-başy diýseň üýtgeşikdi: aýagyna ýassykdaşynyň köne köwşüni geýipdi,
horoşaja öňlük daňynypdy, kellesine oralan esginiň uçlary gulaklarynyň ýokary
ýanynda düwülgidi.
Ol:
— Sen tutan ýeriňi goparyp bileňok. Bir zat satjak bolaňda özüňi hamala sen
satyn aljak ýaly alyp barmaly — diýdi.
Aýaly häzirki sypatynda polkownige şoh bolup göründi.
— Hemişe şeýle geýinsene — diýip, ol aýalynyň sözüni böldi. — Sen süleli
gapyrjagyň ýüzündäki adamjyga meňzeýärsiň.
Aýaly kellesindäki esgini aýyrdy.
— Meniň gara çynym. Häziriň özünde horazy garyndaşa äkitjek, ýene ýarym
sagatdan dokuz ýüz pesoly dolanyp geljegime nämeden jedel etseňem men bar.
46
Polkownik:
— Şonça puldan başyň aýlanaýdy öýdýän. Sen eýýäm horazy jedele goýup
başladyň — diýdi.
Aýalyny pälinden dändirmek hyllalla boldy. Säher bilen aýaly puluň üç ýyla
ýetjegini, ikisiniň her annada janhowluna düşen ýaly bolman ýaşap biljegini
çaklamaga eýýäm ýetişipdi. Ol dokuz ýüz pesony almaga taýýarlanypdy. Satyn
alynmaly iň zerur zatlaryň sanawyny düzüpdi, polkownik üçin täze köwşi-de
unutmandy. Aýnany ýatyş otagynyň niresinde goýjaklaryny takyklapdy. Ähli etsempessemleriniň duýdansyz puja çykmagy onda utançdyr ahmyryň garyşyk duýgusyny
döretdi.
Ol dynç almaga gyşardy. Turanda polkownik howluda otyrdy. Ol:
— Ýeri, sen indi näme edýäň? — diýip sorady.
— Oýlanýaryn.
— Aý, onda hemme zat gül ýaly. Biz şol puly elli ýyla-da ýetirmän alarys.
Polkownik bolsa horazy şol gün agşam satmagy karar etdi. Ol don Sabasyň boş
edarada, elektrik ýelpewajyň öňünde gündelik sanjyma garaşyp oturanyny göz öňüne
getirdi. Polkownik garyndaşynyň näme diýjegi barada öňünden pikirlendi.
Aýaly:
— Horazy ýanyň bilen alyp git. Harydyňy elin görkezmelisiň — diýip
ündeýärdi.
Emma polkownik boýun bolmady. Umydyny ýitirip, jany ýanan aýaly ony
howlynyň dereçesine çenli ugratdy.
— Edarasy märekeden doly bolaýsyn, elinden tut-da, tä dokuz ýüz pesony
berýänçä goýberäýmegin.
— Görsene muny, biz hamala hüjüme taýýarlanýan ýaly-aýt.
Aýaly onuň sözlerini gulagynyň duşundan geçirdi.
— Horazyň eýesidigiňi, eglişik edýäniň ol däl-de, sendigiňi unutma.
— Bolýar.
Don Sabas lukman bilen ýatyş otagynda otyrdy.
47
Don Sabasyň aýaly polkownige:
— Pursady sypdyrmaň, onuň bilen edil häzir gepleşiň. Ol mülke
ugramagyndan öň lukman bilen maslahatlaşýar. Yzyna penşenbeden bäri dolanmaz
— diýdi.
Polkownigi garyşyk duýgular gurşap aldy. Ol horazy satmagy berk ýüregine
düwüpdi, şol bir wagtyň özünde-de, gijä galmanyna, don Sabasyň öýünden gitmänkä
gelenine gynanýardy.
— Men garaşybam bilerin — diýdi.
Ýöne aýal ony diňlemegem islemedi. Ony ýatyş otagyna eltdi. Don Sabas
bulançak gözlerini lukmana dikip, ýumşak düşelen gaba krowatda içki tammanly
otyrdy. Polkownik lukman syrkawyň peşewi guýlan çüýşejigi gyzdyryp, bugy ysgap,
don Sabasa makullamaklyk bilen baş atýança garaşdy. Lukman polkownige ýüzlenip:
— Muny atyp dynmakdan gowusy ýok. Süýji keseli öte uzaga çekýän kesel,
beýdip biz baýlardan hiç wagt dynyp bilmeris — diýdi.
— Şonda-da näletsiňen insulin sanjymlaryňyz bilen eliňizden gelenini edýäňizle — diýip, don Sabas myssyk otyrýerinde towsanjyrady. — Ýöne men berkje
hozduryn, maňa dişiňiz ötmez. — Soň polkownige ýüzlendi: — Geliň, geçiň,
garyndaş. Men irdenem sizi gözledim, ýöne başgabyňyza-da gözüm düşmedi.
— Hiç kimiň öňünde çykarmaz ýaly, men ony geýemok.
Don Sabas geýnip ugrady. Lukman içine seljerilme üçin gan guýlan çüýşejigi
penjeginiň jübüsine saldy. Polkownik ol gitmekçidir öýtdi.
— Siziň ýeriňize bolsam, lukman, garyndaşa müň pesolyk töleg hatyny
bererdim. Şonda ol iş bilen ber-başagaý bolup ýörmezdi.
Lukman:
— Men oňa eýýäm bir millionlyk ylalaşygy teklip etdim. Süýji keseliniň iň
gowy dermany garyplykdyr — diýdi.
Don Sabas gaba garnyny at münülende geýilýän balaga saljak bolup jan edip
durşuna:
— Teklibiňiz üçin sag boluň. Ýöne men sizi baý bolmak betbagtlygyndan halas
etmek üçin ol maslahatyňyzy peýdalanmaryn — diýdi.
48
Lukman çemodanyň nikel çaýylan ildirewajynda görünýän dişlerine buýsançly
seredip monça boldy. Gyssanmaçlygyň hiç hili alamaty bolmadyk görnüşde sagadyna
seretdi. Şol wagt ädigini geýmäge oturan don Sabas polkownige duýdansyz ýüzlendi:
— Ýeri, garyndaş, horazyň ýagdaýy nähili?
Polkownik lukmanyňam jogaba garaşýanyny gördi.
Dişlerini gysdy.
— Erbet däl, garyndaş. Ýöne men ony satmaga geldim — diýip pyşyrdady.
Don Sabas ädigini geýip boldy. Ol hiç zat aňlatmaýan äheňde:
— Gowy edipsiňiz, garyndaş. Bu siziň pikirlenip tapyp biljek zadyňyzyň iň
gowsudyr — diýdi.
Polkownik hiç zat aňşyrmaýan lukmanyň ýüzüne seredip durşuna:
— Beýle işler üçin men juda garry — diýip, özüni aklajak boldy. —
Häzirkimden ýigrimi ýyl ýaş bolsadym, ähli zat başgaça bolardy.
— Siz hemişe-de öz ýaşyňyzdan ýigrimi ýyl dagy juwan görnersiňiz — diýip,
lukman seslendi.
Polkownik demini dürsedi. Don Sabasyň bir zat aýdaryna garaşdy, ýöne ol
dymýardy. Syrmaly gaýyş keltekçesini geýip, gapa ýöneldi. Polkownik:
— Eger isleseňiz, indiki hepdede gürleşäýeliň, garyndaş — diýdi.
— Meniň özümem size hut şuny teklip etmekçidim. Meniň bir müşderim bar,
siziň horazyňyz üçin dört ýüz peso beräýmegi mümkin. Ýöne penşenbä çenli
garaşmaly bolar.
Lukman:
— Näçe? — diýip sorady.
— Dört ýüz peso.
— Men onuň has gymmat durýanyny eşidipdim — diýip, lukman geň galdy.
— Siz maňa dokuz ýüz peso agzapdyňyz — diýip, lukmanyň sözlerine
ruhlanan polkownik ýatlatdy. — Ol tutuş etrapda iň gowy horazdyr!
49
— Başga wagt bolanlygynda oňa müň peso-da bererdiler. Ýöne häzir gowy
horazy orta çykarmaga hiç kim ýürek edip bilmez. Galýerada gülle iýmek
töwekgelligi hemişe bar — diýip, don Sabas lukmana düşündirdi. Soň polkownige
öwrüldi-de aýratyn haýpygelijilik bilen: — Men size hut şuny ýatlatmak isläpdim,
garyndaş — diýdi.
Polkownik baş atdy.
— Düşnükli.
Ol däliz içi bilen ikisiniň yzyna düşüp barýardy. Lukmany don Sabasyň aýaly
saklady. Ol «duýdansyz peýda bolaga-da, alarladyberýän keselleriň» dermanyny
sorady. Polkownik lukmana edara jaýynda garaşdy. Don Sabas seýfi açdy, pullary
jübülerine dykyşdyrdy we polkownige dört sany kagyzjyk uzatdy.
— Ynha, size altmyş peso, garyndaş. Horazy satanyňyzda hasaplaşaýarys —
diýdi.
Polkownik lukman bilen agşam serginliginiň golaýlaşmagy bilen janlanyp
başlan dükanlaryň we dükanjyklaryň deňinden barýardy. Şekerçiňrik ýüklenen
barkas19 aşak ýüzüp barýardy. Polkownik birden lukmanyň şu gün, birhili, juda köp
dymýanyna üns berdi.
— Ýeri, onsoň siziň özüňizi duýşuňyz nähili, lukman?
Lukman kibtini gysdy.
— Bir mydar bar. Menem özümi lukmana görkezsem, zyýany degmezdi diýip
pikir edýärin.
Polkownik:
— Munuň hemmesine gyş sebäpkär. Ynha, meniňem içimde bir zadyň sepi
açylan ýaly — diýdi.
Lukman oňa aladaly nazar saldy, garaýşy-da lukman garaýşy däldi. Soň
dükanlarynyň gapylarynyň agzynda oturan siriýalylara ýekänme-ýekän baş atdy.
Lukmanyň iş otagyna ýetenlerinde, polkownik ýene horazdan söz açdy.
— Mende başga alaç galmady. Bu janawar adamyň eti bilen iýmitlenýär —
diýip düşündirdi. Lukman:
19
Barkas — kiçeňräk ýük gämisi.
50
— Adamyň eti bilen iýmitlenýän ýeke-täk haýwan don Sabasdyr. Onuň horazy
soň dokuz ýüz peso satjagyny bilipjik durun — diýdi.
— Şeýle bolar öýdýäňizmi?
— Gözüm ýetip dur — diýip, lukman gaýtalady. — Bu iş onuň edil alkald
bilen baglaşan meşhur watançylyk ylalaşygy ýaly düşewüntli işjagaz-a.
Polkownik öz gulaklaryna ynanmady.
— Garyndaş öz janyny halas etmek üçin geleşige gitdi. Diňe şol sebäpli-de
şäherde galyp bildi — diýdi.
— Diňe şol sebäpli-de ol alkaldyň şäherden kowan adamlarynyň — öz
partiýadaş ýoldaşlarynyň emläklerini ýarpy bahasyna satyn alyp bildi — diýip,
lukman garşy çykdy. Ol jübüsinden açary tapmady, gapyny kakdy, ýene ýaňky
aýdylanlara ynanyp bilmän duran polkownige ýüzlendi: — Beýle mön bolmaň. Pul
don Sabasy öz janyndanam has köp gyzyklandyrýar.
Şol agşam polkownigiň aýaly odur-budur satyn almaga çykdy. Ony
siriýalylaryň dükanyna çenli ugradyp barşyna, polkownik lukman bilen bolan
gürrüňini gaýta-gaýta ýatlady.
Aýaly:
— Häziriň özünde ussahananyň oglanlaryny tap-da, horazyň satylanyny aýt.
Biderek ýere tama edip ýörmesinler — diýdi.
— Tä don Sabas dolanyp gelýänçä horaz satylmaz — diýip, polkownik jogap
gaýtardy.
Ol Alwaro bilýard oýnalýan jaýynda duş geldi. Ýigit ruletka20 oýnaýan eken.
Şenbe agşamy bolansoň, jaý baş-başa, jan-janady. Doly güýjünde goýberilen
radiodan ýaňa yssy has güýçlenen ýalydy. Polkownik uzyn stoluň ýüzüne çekilen
gara kleýonkadaky açyk reňkli sanlara seretdi. Stoluň ortasynda, gapyrjagyň üstünde
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Polkownige hat ýazýan ýok - 4
  • Parts
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2097
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 2
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2083
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 3
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 1952
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 4
    Total number of words is 2587
    Total number of unique words is 1554
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.