Latin

Polkownige hat ýazýan ýok - 2

Total number of words is 3667
Total number of unique words is 2083
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Seniň beýniň hemişe-de şeýledi — diýdi. Soň aýalynyň daş-töwereginiň
dürli reňkli gyýkyndylardan doludygyny görüp: — Sen daşdeşene meňzeýäň — diýip
sözüniň üstüni ýetirdi. Aýaly:
16
— Seniň eginbaşyňy bejermek üçin daşdeşeniň sabyrlylygy gerek-dä — diýip,
dürli reňkli üç bölekden tikilen köýnegi açyp görkezdi. Diňe golsapy we ýakajyk
birmeňzeşdi. — Eger karnawala9 gitseň, penjegi çykarmak ýeterlik bolar duruberer.
Agşamky ybadata çagyrýan jaň sesi onuň sözleriniň arasyny kesdi.
Egin-eşikler bilen ýatyş otaga barşyna, aýaly:
— Hudaýyň perişdesi Bibi Merýeme ýüzlenip, şuny aýan etdi... — diýip
samyrdady.
Polkownik mekdepden gelýärkäler, ýolugra horazy görmäge gelen çagalar
bilen gümür-ýamyr etdi. Soň ertire mekgejöwen galmandygy ýadyna düşüp,
aýalyndan pul soramak üçin ýatyş otagyna ýöneldi. Aýaly:
— Elli sentawodan10 köp galmadyk bolsa gerek — diýdi.
Ol puluny ýaglygynyň ujuna düwüp, düşeginiň aşagynda saklaýardy. Bu pul
Agustiniň tikin maşyny üçin berlen puldy. Olar özlerine hem-de horaza her
sentawony sanap sarp edip, indi dokuz aýdyr, şol puluň hasabyna ýaşaýardy. Häzir
ýaglygyň ujunda diňe iki ýigrimi we bir on sentawolyk teňňe galypdy. Aýaly:
— Bir gadak mekgejöwen satyn al. Galanyna — ertire kofe. Dört unsiýa-da11
peýnir al — diýdi.
— Gapyda asyp goýar ýaly, gyzyl çaýylan pil hem alaýaýyn — diýip,
polkownik alyp göterdi. — Mekgejöweniň özi kyrk iki sentawo ahyryn.
Olar oýa batdylar.
— Horaz — haýwandyr, diýmek, çydap biler — diýip, aýaly söze başlady.
Ýöne polkownigiň ýüzüniň üýtgemegi ony dymmaga mejbur etdi.
Polkownik krowata geçdi, tirsegini dyzyna diräp, gysymyndaky teňňeleri
jyňňyrdadýardy.
Birsalymdan:
9
Kamawal — şüweleň.
10
Sentawo – ownuk pul birligi.
11
Unsiýa – 300 gramdan sähel agyr agram birligi.
17
— Gep mende däl — diýdi. — Maňa galsa-ha, şu günüň özünde ondan çorba
bişirerdim, içimem mazaly bozulardy... Tutuş elli pesolyk! — Ol bir pursat dymdy,
boýnundaky çybyny mynjyratdy. Nazary aýalynyň yzyna düşüp, otagda bir ýerde
duranokdy. — Meni biynjalyk edýän zat biçäre oglanlar. Olar biziň horazymyza
goýmak üçin pul süýşürýär ahyry.
Indi pikirlenmek gezegi ýene-de aýalyna ýetdi. Ol otagda aýlanyp, çybynçirkeýiň garşysyna serişdäni pürkýärdi. Polkownige birden aýaly öýüň ruhlaryny
geňeşe çagyrýan ýaly bolup göründi. Ahyr aýaly pürkgüji daş basma suratyň
ýanyndaky kiçijik doga tagtajygyna goýdy we onuň miwe şiresi ýaly gözleri äriniň
miwe şiresi ýaly gözlerine dikanlap garady.
— Mekgejöwen satyn al. Biziň günümizi nädip aýlajagymyzy diňe Hudaý
bilýä.
Soňky hepdäniň tutuş dowamynda her gezek stoluň başyna geçen mahaly,
polkownik: «Çörege bereket goşup paýlamagyň gudraty bu» diýip gaýtalaýardy.
Onuň hiç zat ýok ýerden täze çykalga döretmäge haýran galaýmaly ukyply aýaly hiç
zat ýok ýerden owkat taýýarlamagyň-da tärini tapana meňzeýärdi. Oktýabr
arakesmäni uzaltdy. Çyglylyk omuny alasarmyk ymyzganma bilen çalyşdy. Günüň
mis kimin lowurdysyna göwni göterilen aýaly üç agşamy öz saçyna sarp etdi.
Kümüş sepen uzyn saçyny seýrek dişli darak bilen darap ugran güni
polkownik:
— Ynha, dabaraly ybadat hem başlanýar — diýdi.
Ikinji gün aýaly howluda dyzyna ak örtük ýazyp, syrkawlan mahaly köpelen
bitleri gür dişli darak bilen aýyrdy. Üçünji gün başyny lawanda suwy bilen ýuwdy,
saçy guraýança garaşdy, ony ýeňsesinde çogdamja düwüp, saçgysgyç sançdy.
Polkownigiň küýi-köçesi horaz bilendi. Hatda gijesine, tor sallançakda oýa
ýatyrka-da, diňe şol hakda pikirlenýärdi. Çarşenbe güni horazy çekip gördüler,
agramy laýyk eken. Şol gün hem Agustiniň ýoldaşlary polkownik bilen hoşlaşan
mahaly horazyň ýeňjegi barada welilik satanynda, polkownigem özüni oňat duýdy.
Aýaly onuň saçyny bejerdi. Polkownik kellesini sypap:
— Sen-ä meni ýigrimi ýaş dagy ýigdeldäýdiň — diýdi. Aýaly: «Ol mamla»
diýip oýlandy we:
— Özümi gowy duýýan mahalym merhumy-da direldip bilerin — diýdi.
18
Ýöne olaryň horramlygy uzak dowam etmedi. Öýde sagatdan we suratdan
başga satar ýaly hiç zat galmandy. Penşenbe güni agşam, gorlarynyň düýbi görnüp
ugranda, aýaly oda-köze düşüp başlady.
— Howsala düşme. Ertir poçta gelýär — diýip, polkownik ony köşeşdirdi.
Ertesi gün lukmanyň iş otagynyň ýanynda durup, gämä garaşdy.
— Uçar — ajaýyp zat. Onuň bir gijede Ýewropa uçup baryp bilýänini eşitdim
— diýip, polkownik poçta haltasyndan gözüni aýyrman durşuna aýtdy.
Žurnal bilen ýelpenip oturan lukman:
— Bolup biler — diýdi.
Polkownik poçta hadymyny kater gelip kenara ýananda oňa böküp münmäge
häzirlenip duran märekäniň içinde gördi. Poçtahadymy ilkinji bolup towusdy.
Gämibaşydan möhürlenen bukjany aldy. Soňra gäminiň üstüne çykdy. Poçta haltasy
iki nebitli çelegiň arasyndady we olara daňylgydy.
Polkownik:
— Ýöne uçarda uçmak howpludyram welin — diýdi. Ol poçta hadymyny tas
gözden ýitiripdi, emma tiz wagtdan onuň ýürek sowudyjy içgili göz gamaşdyryjy
çüýşeler ýüklenen söwdagär arabasynyň ýanynda duranyny gördi. — Adamzat ösüş
üçin muzduny tölemeli-dä.
Lukman:
— Indi uçarda uçmak gämide ýüzenden howpsuz. Ýigrimi müň fut1
belentlikde hiç hili apy-tupan gorkuly däl — diýdi.
Haýran galan polkownik şeýle belentligi göz öňüne getirip bilmän:
— Ýigrimi müň fut — diýip gaýtalady.
Lukman gürrüňe gyzygypdy. Ol iki elini uzadyp žurnaly olaryň üstünde goýup
galdyrdy-da, ony gymyldatman saklady.
— Ajaýyp dumuklylyk — diýdi.
Emma polkownigiň bar ünsi poçta hadymyndady. Onuň bulgury çep elinde
saklap, köpürjikli limonad içişine seredýärdi. Sag elinde poçta haltasy sallanyp durdy.
Lukman gürrüňi dowam etdi:
19
— Mundan başga-da, deňizde labyr taşlap duran gämiler gijeki uçarlar bilen
yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Şeýle ätiýaçlyk çäreleri görlende uçarlar gämilerden
has howpsuz bolýar.
Polkownik lukmana seretdi.
— Elbetde. Megerem, uçarda uçmak halyda oturan o ýaly bolsa gerek.
Poçta hadymy göni olara tarap ýöneldi. Polkownigi birden sürgüç bilen
möhürlenen bukja ýazylan ady okamaga şeýlebir isleg gurşap aldy weli, ol hatda çalt
yza tesdi. Poçta hadymy haltanyň bogusyny çözdi. Lukmana gazetleri berdi. Soň
şahsy hatlar salnan uly bukjany açdy, sanawhaty boýunça ibermeleriň sanyny
barlady, bukjalardaky hat iberilen adamlaryň atlaryny okap başlady. Lukman
gazetleri açdy. Sözbaşylary gözden geçirip:
— Ýene-de Sues meselesi. Günbatar ýan berýärmiş — diýdi.
Polkownigiň sözbaşylar ýadyna düşenokdy. Ol aşgazanyndaky agyrynyň
hötdesinden gelmäge çalyşýardy.
— Gözegçilik girizileli bäri, gazetler diňe Ýewropa hakdaýazýar.
Ýewropalylar-a bäri gelse, bizemÝewropa göç etsek gowy bolardy. Şonda her kim öz
ýurdunda nämeleriň bolup geçýänini bilerdi — diýdi.
— Günorta Amerika diýlende ýewropalylaryň gözüniň öňüne murtly, gitaraly
hem-de sapançaly erkek kişi gelýär — diýip, lukman gazetden ünsüni sowman
oturyşyna güldi. — Olar bize düşünmeýär.
Poçta hadymy oňa hatlary berdi. Galanlaryny halta salyp, onuň agzyny ýene
bogdy. Lukman hatlary okap başlajak boldy, ýöne ilki polkownige, soňra poçta
hadymyna seretdi.
— Polkownige hiç zat ýokmy?
Polkownigi gurşan howsalanyň ejiri çydar ýaly däldi. Poçta hadymy haltany
egnine atyp, basgançakdan düşdi-de, yzyna gaňrylman:
— Polkownige hat ýazýan ýok — diýdi.
Öňki endiginiň tersine, polkownik bada-bat öýüne ugramady. Agustiniň
ýoldaşlary gazetleri gözden geçirýänçä, tikinçilik ussahanasynda kofe içdi. Özüni
aldanan ýaly duýdy. Aýalynyň ýanyna iki elini burnuna sokup baranyndan, şol ýerde
20
indiki anna çenli galanyny gowy görjekdi. Ýöne ussahanany ýapdylar, boljak işi soňa
goýmak mümkin däldi.
Aýaly oňa garaşyp oturan eken. Ol:
— Habar ýokmy? — diýip sorady.
— Ýok.
Soňky annada-da ol, hemişekileri ýaly, kateri garşylady. Ýene hemişe bolşy
ýaly, öýe hatsyz dolanyp geldi.
Şol agşam aýaly:
— Garaşa-garaşa gözümiz ýolda galdy. Diňe sen öz öküz kanagatyň bilen hata
on bäş ýyl garaşyp bilýäň — diýdi.
Polkownik tor sallançakda gazet okamak üçin gyşardy.
— Nobatyň ýetýänçä garaşmaly-da. Biziň belgimiz: müň sekiz ýüz ýigrimi üç.
— Biziň garaşyp başlanymyz bäri bu belgi eýýäm iki gezek lotereýada utdy.
Polkownik, adatça bolşy ýaly, ählisini birden — bildirişleri-de goşmak bilen,
birinjiden tä soňky sahypa çenli okardy. Emma bu gezek ünsüni bir ýere jemläp
bilenokdy: ol özüniň weteran pensiýasy hakda oýlanýardy. On dokuz ýyl ozal,
kongress kanun kabul edende, polkownik şol kanunyň özüne-de degişlidigini subut
etmegiň ugruna çykypdy. Bu ýagdaý sekiz ýyl dowam edipdi. Soň polkownigiň
weteranlaryň sanawyna girizilmegi üçin ýene alty ýyl gerek bolupdy. Şol hem onuň
alan iň soňky hatydy.
Ol okamagyny komendant sagadynyň başlanany jar edilenden soň goýdy.
Çyrany öçüijek bolanda, aýalynyň oýadygyny dykgat etdi.
— Sen gazetden kesilip alnan şol bölegi saklaýarmyň?
Aýaly oýa batdy.
— Hawa. Ol kagyzlaryň arasynda bolmaly.
Aýaly aýakçydan goraýan peşehanany galdyrdy-da, seneler boýunça goýlup,
daşyna rezin dartylan petde hat salnan agaç gapyrjagy şkafdan çykardy. Uruş
weteranlaryna pensiýany resmileşdirmekde işjeň kömek etjegini wada berýän
aklawçylyk edarasynyň bildirişini tapdy.
21
Gazetiň kesilip alnan bölegini ärine berip durşuna:
— Aklawçyny çalyş diýip, men saňa näçe gezekler aýtdym-a — diýdi. — Biz
şu mahala çenli puly diňe bir alyb-a däl, eýsem sowubam ýetişerdik. Indeýlere edilişi
ýaly, biziňem tabydymyza pul salsalar, heý, hezili bolarmy?
Polkownik iki ýyl ozal kesilip alnan gazet bölegini okady. Soň ony gapynyň
aňyrsynda asylgy köýnegiň jübüsine saldy.
— Aklawçyny çalyşmak üçin pulam-a gerekdir.
— Asyl beýle däl — diýip, aýaly ör-gökden geldi. — Ugruna çykyp
pensiýamyzy alyp berseler, haklaryny şonuň ujundan tutup alaýyň diýip ýazybam
bilýäris-ä. Olary höweslendirmegiň ýeke-täk usuly şudur.
Ine, onsoň polkownik şenbe güni aklawçysynyň ýanyna ugrady. Aklawçy tor
sallançakda käwagt çala üwrelip bigam ýatyrdy. Ol ýokarky dişlerinden diňe iki
gyraky alyn diş abat galan äpet negrdi. Aýaklaryny agaç oltaňly sandala 12 sokup, iş
otagynyň penjiresini açdy. Penjiräniň öňünde üsti kagyz düýrümlerinden, «Diario
ofisialdan» kesilip alnan bölekler berkidilen köne hasaphana kitaplaryndan we
Inspektor gözegçiliginiň bölek-büçek býulletenlerinden13 doly tozan basan pianola14
durdy. Düwmeleri gopan pianola hat stoly bolup hem hyzmat edýärdi. Polkownik
gelmeginiň sebäbini düşündirmezden ozal, işiň ýagdaýynyň biynjalyk edýänini aýtdy.
— Beýle işiň sanlyja günde çözülmeýänini men size duýdurypdym ahyry —
diýip, ara düşen böwşeňlikden peýdalanan aklawçy aýtdy. Yssy ony halys tapdan
düşüripdi. Epleme kürside arkan gaýşyp oturyşyna, mahabat kitapçasy bilen ýelpenip,
gyşaryp ýatyrdy. — Ynanylan adamlarym umytdan düşmeli däldigini maňa
yzygiderli ýazýar.
Polkownik:
— Bu iş on bäş ýyla dagy çekdi-le. Eşidýänimizem şol bir heň. «Hoşuň atasy
ölmändir» edýäňiz — diýdi.
Aklawçy edara ediş ulgamynyň çylşyrymlylygy barada örän çeper gürrüň
etmäge başlady. Onuň ýag ýygnan kädisi kürsä sygmajak bolýardy.
12
Sandal – teletin bagjykly, ökjesiz ýeňil köwüş (ýelken köwüş mysaly).
13
Býulleten — bellibir edaranyň çykarýan ýörite neşiri.
14
Pianola – saz guralynyň bir görnüşi.
22
— On bäş ýyl ozal hezildi — diýip, ol gürrüňi jemledi. — Şol wagt
weteranlaryň ýerli birleşmesi hereket edýärdi, ol iki partiýadanam adamlary öz içine
alýardy. — Ol ýakyp-ýandyryp barýan howany öýkenine dartdy we hamala edil şu
wagt özi oýlap tapan ýaly, gopbamsylyk bilen: — Güýç bitewilikdedir — diýdi.
Özüniň ýalňyzdygyna ilkinji gezek göz ýetiren polkownik:
— Bu maňa degişli däl. Meniň ýoldaşlarymyň hemmesi poçta garaşa-garaşa
ölüp gitdi — diýdi.
Emma aklawçy öz diýenine tutup dowam etdi:
— Kanun juda giç kabul edildi. Hemme kişiniňki siziňki ýaly şowlaýmandyr:
siz eýýäm ýigrimi ýaşyňyzda polkownik bolupsyňyz. Onsoňam, kanun pensiýalar
üçin puly nireden almalydygyny görkezmändir, şol sebäpli-de hökümet büjeti düýpli
özgertmeli bolupdyr.
Şol bir heň. Polkownik ony her gezek diňlände, öz ýanyndan jany ýanardy. Ol:
— Biz sadaka soramyzok. Eglişik edilmegini-de soramyzok. Biz Respublikany
halas etmek üçin janymyzy orta goýduk — diýdi.
Aklawçy gollaryny gerdi.
— Hawa, polkownik, bu şeýle. Adamyň gadyrbilmezliginiň çägi ýokdur.
Bu aýdymam polkownige tanyşdy. Ony ilkinji gezek hökümet ýitgileriň
öwezini dolmaga we iki ýüz serkerdä öýüne dolanmaga kömek etjegine söz berende
— Neýerland şertnamasy baglaşylan günüň ertesi eşidipdi. Ynkylap batalýony,
esasan, mekdepden gaçan ýetginjeklerden ybaratdy. Olar Neýerlandda äpet
seýbanyň15 töwereginde düşelgede ýerleşip, üç aý garaşypdy. Soň her kim öz gamyny
özi iýip, öýüne aşypdy. Öýünde-de garaşmagyny dowam edipdi. Ondan bäri tas elli
ýyl geçipdi, polkownigiň bolsa şol garaşyp ýörşüdi.
Ýatlamalar kalbynda tolgunma döreden polkownik buýsançly keşbe girdi.
Süňklek elini hortaň ýanbaşyna diräp, gyryk ses bilen:
— Şeýlelikde, men bellibir karara geldim — diýdi.
Aklawçy üşerildi:
15
Seýba – tropiki agaç. — Terjimeçiniň belligi.
23
— Ýeri, nähili netijä?
— Men aklawçymy çalyşýaryn.
Saryja jüýjejiklerini yzyna tirkäp, iş otagyna ördek girdi. Aklawçy olary
kowmak üçin kürsüden turdy. Gollaryny galgadyp durşuna:
— Gözel göwnüňiz, polkownik. Goý, aýdyşyňyz ýaly bolsun. Gudrat
görkezmegi başarýan bolsam, bu ketekde ýaşamazdym — diýdi. Gapa agaç gözenek
diredi-de, kürsä dolanyp geldi. Polkownik:
— Meniň oglum ömürboýy işledi. Öýüm girewe goýlan. Pensiýalar hakdaky
kanun bolsa aklawçylara aňsat eklenjiň çeşmesine öwrüldi — diýdi.
Aklawçy:
— Ýöne maňa däl — diýip garşy çykdy. — Alan pulumyň hemmesi iň soňkuja
sentawo çenli kazyýet hysyrdylaryna sarp edildi.
Nähak göwne degen bolaýmaýyn diýen pikiriň özi polkownige ezýet berdi.
— Menem hut şony aýtmak isläpdim. Bu yssy beýniňem eretjek — diýip, ol
soňuny ýuwmarlady.
Bir minut geçenden soň, aklawçy ynanç hatyny gözläp, ähli zady agdar-düňder
etdi. Gün eýýäm onuň ýonulmadyk agaçlardan ýasalan bigörk külbesiniň ortasyna
ýetipdi. Uzaga çeken we şowsuz gözleglerden soň, aklawçy dyzyna çökdi-de, haşlap,
pianolanyň aşagyndan düýrmek kagyz çykardy. Tugraly bir tagta kagyzy polkownige
uzatdy.
— Ynha, ol — diýdi. — Meniň ynanylan adamlaryma onuň nusgasyny ýok
etmelidigini ýazmaly.
Polkownik tozanyny kakyp, kagyzy köýneginiň jübüsine saldy.
Aklawçy:
— Ony siziň özüňiz ýyrtaýyň — diýdi.
Polkownik:
— Ýok. Bu hat meniň ömrümiň ýigrimi ýyly — diýip jogap berdi. Ol
aklawçynyň gözlegi dowam etmegine garaşdy, emma aklawçy tor sallançagyň
24
ýanyna bardy-da, derini syldy. Soň Gün şöhlesine ýaldyrap duran howanyň
aňyrsyndan polkownige seretdi. Polkownik:
— Maňa beýleki resminamalaram gerek — diýdi.
— Haýsylar?
— Ozaly bilen-ä polkownik Buendianyň dilhaty.
Aklawçy gollaryny gerdi.
— Bu mümkin däl, polkownik.
Polkownik alada galdy. Makondo ynkylap bölüminiň gaznaçysy hökmünde ol
ynkylap goşunynyň gatyra ýüklenen iki çemedan gaznasy bilen alty günlük agyr ýol
geçipdi. Açlykdan ýaňa zordan yraň atyp gelýän gatyry yzyna tirkäp, şertnama gol
çekilmezinden ýarym sagat öň Neýerland düşelgesine gelipdi. Atlantik
kenarýakasynyň ynkylap güýçleriniň baş intendanty16 polkownik Aureliano Buendia
oňa dilhaty berip, iki çemedany-da urşy bes edip boýun egilýän mahaly tabşyrylýan
emläkleriň sanawyna girizipdi. Polkownik:
— Şol resminamalaryň uly ähmiýeti bar. Polkownik Aureliano Buendianyň öz
eli bilen ýazan dilhaty aýratyn-da möhüm — diýdi.
Aklawçy:
— Mümkin — diýdi. — Ýöne şol resminamalar müňlerçe elden, müňlerçe
edaradan geçip, harby ministrligiň haýsy bölüminde ýatanyny Hudaý bilsin.
Polkownik:
— Beýle resminamalar haýsy işgär bolanda-da, görünmän geçip bilmez —
diýdi.
— Emma soňky on bäş ýylda emeldarlaryň özleri-de köp gezek çalşyldy
ahbetin — diýip, aklawçy ünsi çekdi. — Ýadyňyza salyň, şol wagtyň içinde ýedi
prezident boldy, her prezidentem öz ministrler kabinetini azyndan on gezek çalyşdy;
her ministr bolsa öz işgärlerini ýüz gezekden az çalyşmandy.
Polkownik:
16
Intendant – üpjünçilik işgäri.
25
— Ýöne hiç kim şol resminamalary ýany bilen äkiden däldir-ä. Her täze
emeldar olary hökman öňki ýerinden tapandyr — diýdi.
Aklawçynyň sabyr käsesi doldy.
— Ýöne şol resminamalar häzir ministrlikden çykaýanda, siz ýene sanawa
goşulýançaňyz, olar täze öwrüm etmeli bolar.
— Tapawudy ýok.
— Bu ýene ýüz ýyla çeker.
— Tapawudy ýok. Şunça garaşan adam ýene birneme garaşyp biler.
***
Polkownik stoljuga bir topbak çyzykly kagyz, syýagalam, sorguç, syýadan
goýdy. Birden aýaly bilen maslahatlaşmaly bolaýmagynyňam gamyny iýip, ýatyş
otagynyň gapysyny açyp goýdy. Aýaly tesbisini sanap oturyşyna, doga okaýardy.
— Şu gün aýyň näçesi?
— Ýigrimi ýedinji oktýabr.
Ol ýeňil dem alar ýaly, arkasyny göni tutup, galam tutýan elini sorguç kagyza
goýup, örän yhlasly — edil özüne mekdepde öwredilişi deý ýazýardy. Öýdäki
kapaslygy çekip-çydar ýaly däldi. Der damjasy hata damdy. Polkownik ony sorguç
bilen sordurdy. Soň ýaýrap giden harplary sylmaga synanyşdy, ýöne hapa tegmil
emele geldi. Emma ol ruhdan düşmedi. Bellik edip, kagyzyň gyralaryna:
«Ähli hukuklar goralýar» diýip ýazdy. Ýazanlaryny okady.
— Meni sanawa haçan girizipdiler?
Aýaly okaýan dogasynyň arasyny kesmän oýlandy.
— Bir müň dokuz ýüz kyrk dokuzynjy ýylyň on ikinji awgustynda.
Edil şol wagt ýagyş ýagyp başlady. Polkownik sahypany Manaurdaky döwlet
mekdebinde hat ýazmagy öwredişleri ýaly, çaganyňka meňzeş iri harplar bilen
doldurdy. Soň ikinji sahypanyň ýarysyna çenli ýazyp, goluny çekdi.
26
Haty aýalyna okap berdi. Aýaly her jümleden soň makullaýan terzde baş atyp
diňledi.
— Haty maşynkada ýazyp bermegi birinden haýyş edäýseň nädýär?
Polkownik:
— Ýok. Men kömek soramakdan ýadadym — diýdi.
Ol ýagyş damjalarynyň üçekdäki palma ýapraklaryna degip seslenişini ýarym
sagatlap diňledi. Şähere hakyky sil inipdi. Komendant sagady başlanyndan soň, ýagyş
jaýyň depesiniň bir ýerinden ýene geçip ugrady.
— Bireýýäm şeýtmelidiň. Öz işiňi özüň ýöretseň hemişe-de gowudyr — diýdi.
— Bu hiç wagtam giç däl — diýdi.
Suwuň damyşyny diňläp oturan polkownik dillendi:
— Belki, mesele öýüň girew hatynyň möhletinden öň çözläýedi-dä.
Aýaly:
— Iki ýyl galdy — diýdi.
Polkownik çyrany ýakdy, suw goýberýän ýeri tapdy, şol ýere horazyň
okarajygyny goýdy we onuň galaýy düýbüne düşýän damjalaryň şaňňy sesini diňläp,
ýatyş otagyna dolanyp geldi.
— Belki, olar öz pulumy çalt alar ýaly, meseläni ýanwara çenli çözer — diýdi
we muňa özi hem ynandy. — Şoňa çenli Agustiniň aradan çykanyna bir ýylam geçer,
onsoň ikimiz kino gidip bileris.
Aýaly ýuwaşjadan güldi.
— Men-ä multiplikasiýalaryň nähili bolýanynam unudypdyryn.
Polkownik peşehananyň içinde oturan aýalyny görmäge synanyşdy.
— Sen iň soňky gezek kino haçan gidipdiň?
— Otuz birinji ýylda. «Merhumyň wesýetini» görkezipdiler.
— Ýumruklaşmalymydy?
27
— Muny bilmän galdym. Arwah ýaňy bir gyzyň gymmat monjugyny ogurlajak
bolanda, güýçli jala gelipdi.
Ýagşyň sesi olaryň ukusyny tutdurdy. Polkownik garnynda çala agyry duýdy.
Ýöne howatyrlanmady. Bu ýylyň oktýabryndan sag-aman geçdi diýen ýalydy.
Aýalynyň boguk demi polkownigiň düýşüne sähelçe pursatlyk aralaşan
mahaly, ol ýüň ýorgana dolanyp, eýýäm uklapdy. Polkownik oýandy-da, gepläp
başlady.
Aýaly hem oýandy.
— Sen kim bilen gürleşýärsiň?
Polkownik:
— Hiç kim bilen. Men şol wagt, Makondoda özümiziň mamla ekenidigimiz
hakda oýlandym. Biz boýun synmaly däldigini polkownik Aureliano Buendia
aýdypdyk. Şondan soň ähli zat puç bolupdy — diýdi.
Ýagyş bir hepdeläp ýagdy. Ikinji noýabrda, merhumlar ýatlanýan günde,
polkownik göwnemese-de, aýaly Agustiniň mazaryna gül äkitdi. Gonamçylykdan
dolanyp gelende, onuň derdi täzeden möwç aldy. Hepde agyr boldy. Polkownige
«ölmesem ýagşy» diýdiren dört sany oktýabr hepdesindenem agyr boldy. Lukman
geldi. Syrkawa seretdi, onuň otagyndan çykyp barşyna gaty ses bilen:
— Men şeýle kesellere üns berenimde, tutuş şäheri ölüme höküm etmeli
bolardym — diýdi. Ýöne soň polkownik bilen ýüzbe-ýüz gürrüň edip, aýalyna berk
berhiz saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Polkownik hem gaýra üzüldi. Ol sowuk dere batyp hem-de içgoşlarynyň
çüýreýşini, böleklere bölünişini duýup, hajathanada birnäçe sagatlap oturardy.
Umydyny ýitirmezlik üçin «Belanyň körügi gyşda. Ýagyş tamamlanaram weli, ähli
zat başgaça bolar» diýip, özüne göwünlik berýärdi. Özi-de hat gelen wagty aýatda
diri boljagyna, hakykatdanam, ynanýardy.
Indi hojalyk bilen meşgullanmak — güzerany aýlamak nobaty oňa ýetipdi.
Häli-şindi dişlerini gysyp, goňşy dükanjyklardan nesýe soramaly bolýardy. Öz
sözlerine özi-de ynanman:
— Diňe indiki hepdä çenli. Men anna güni az-owlak pul almaly — diýmeli
bolýardy.
28
Birneme bäri bakan aýaly äriniň keşbini görüp haýran galdy:
— Süňk bolup galaýypsyň-la.
Polkownik:
— Özümi satuwa taýýarlaýaryn. Eýýäm klarnet fabriginden buýurma-da bar —
diýdi.
Ol diňe hata bolan umyt bilen aýak üstünde gezip ýördi. Ysgyn-deramatsyz,
ukusyzlykdan ýaňa süňkleri sorkuldap duran halyna öý işleri bilen horazyň arasynda
legzan urýardy. Noýabryň ikinji ýarymynda horaz iki gün mekgejöwensiz oturdy
weli, polkownik ol öler öýtdi. Ine, şol wagt hem iýul aýynda pejiň ýokarsynda asyp
goýan bir daňy noýbasy ýadyna düşäýdi. Gabygyny artyp, horazyň okarajygyna bir
gysym gury noýba guýdy.
— Bärik gel — diýip, aýaly çagyrdy. Polkownik horazy synlap oturyşyna:
— Häzir — diýdi. — Işdä bolsa, nahar dannalmaz.
Ol ýanyna baranda, aýaly ýerinden dikelmäge çalyşdy. Bedeninden derman
ösümlikleriň ysy gelýärdi. Aýaly her sözi pert-pert aýdyp:
— Sen haýal etmän horazdan dynmaly — diýdi.
Polkownik onuň iru-giç şeýle diýjegini bilýärdi. Bu pursada ogly öldürilen we
horazy saklamagy makul bilen agşamyndan bäri garaşypdy. Oňa aýalyna berjek
jogaby barada oýlanmaga wagt bardy.
— Indi howlugasy iş ýok. Ýene üç aýdan horaz urşy başlanar, ine, onsoň biz
ony has gymmat satyp bileris.
Aýaly:
— Gep pulda däl. Oglanlar geler welin, olara aýt, goý, horazy alsynlar-da,
nätseler şeýtsin — diýdi.
— Men ony Agustiniň hatyrasyna saklaýaryn — Polkownik bu delili bireýýäm
taýýarlap goýupdy. — Bize horazyň ýeňeni barada gürrüň berjek mahaly onuň
ýüzüniň nähili boljagyny göz öňüne getirip bir gör-ä!
Ogly ýadyna düşen aýaly:
29
— Şol nälet siňen horazlar dälmi onuň başyna ýeten! Üçünji ýanwarda öýde
oturaýanynda, belki, betbagtlygam bolmazdy — diýip gygyrdy. Çöpe dönen
barmagyny gapa çömmeldip dowam etdi: — Goltugy horazly hol ýerde durany ýaňy
ýaly. Onuň bagta töwekgellik etmezligini, galýerada17 görünmezligini özelenipler
ýalbardym. Ol bolsa gülüp, «Bes etsene! Biz şu gün agşam altyny suw kimin
üstümizden guýarys» diýipdi.
Biçäräniň ysgyny gaçyp, özüni düşege goýberdi. Polkownik usullyk bilen onuň
kellesiniň aşagyna ýassyk goýdy. Onuň gözleri aýalynyň özüniňkä meňzeş gözlerine
sataşdy. Aýalynyň gursagyndan sykylyk atýan ýaly sesiň çykýanyny eşidip:
— Hereket etmejek bol — diýdi.
Aýal özünden gitdi. Ýene aýňalanda, dem alşy birneme asuda ýalydy. Ol:
— Munuň hemmesi doýa garna iýmeýänimizden. Çöregi öz agzyňdan kesip,
horaza bermek günädir — diýdi.
Polkownik maňlaýyny düşekdaşynyň burçy bilen süpürdi.
— Eýdip-beýdip üç aý çydajak bolarys-la.
— Ýeri, onsoň şol üç aýda näme iýeris?
Polkownik:
— Bilemok. Ýöne açlykdan ölmek maňlaýymyza ýazylan bolsa, bireýýäm ölüp
giderdik — diýdi.
Horaz diri we salamatdy, ol boşan okarajygyň öňünde durdy. Polkownigi
görende, kellesini silkip goýberäge-de, adamyňka çalymdaş ses bilen bogazynda
gaýnatdy. Polkownik oňa duýgudaşlyk bilen ýylgyrdy.
— Durmuş — agyr zat, gardaş.
Polkownik soň öýden çykdy. Hiç zat hakda pikir etmän, ýagdaýdan nähili-de
bolsa bir çykalganyň bardygyna hatda özüni ynandyrmaga-da çalyşman, siýestany —
günorta dynç alşyny — gulaçlaýan şäherde aýlandy. Tä öler ýaly ýadaýança boş
köçelerde entedi.
Soň öýüne dolandy. Aýaly onuň gelenini eşidip, ýanyna çagyrdy.
17
Galýera – horaz uruşdyrmak üçin ýörite jaý.
30
— Näme gerek?
Ol äriniň ýüzüne seretmän:
— Biz sagady satyp bileris — diýdi.
Polkownik bu barada eýýäm pikirlenipdi. Aýaly:
— Alwaronyň onuň üçin saňa gep-gürrüňsiz kyrk peso berjegi ikuçsuz. Onuň
tikin maşynyny derrew satyn alanyny ýadyňa sal — diýdi.
Ol Agustiniň işlän ýeriniň tikinçisini göz öňünde tutýardy. Polkownik:
— Ertir onuň bilen gepleşerin — diýip ylalaşdy.
Aýaly:
— Ertire goýmak nämä gerek? — diýip garşy boldy. — Oňa sagady häzir
äkidersiň. Stolda goýarsyňda, «Alwaro, ynha, satmaga sagat getirdim» diýersiň. Ol
derrew düşüner.
Polkownik özüni betbagt duýdy.
— Munyňyz merhumyň tabydyny köçeden süýräp barýan ýaly ildençykgyç bir
zad-a — diýip garşy çykdy. — Eger elimde daşy dolangy bu zat bilen göräýseler,
men hakda aýdym aýdyp ugrarlar — diýdi.
Ýöne aýaly ony bu gezegem göwnetdi. Sagady özi diwardan aldy-da, gazete
dolap, ärine uzatdy.
— Kyrk pesosyz dolanaýmagyn.
Polkownik goltugy daşy dolanan sagatly tikinçilik ussahanasyna ugrady.
Gapynyň agzynda Agustiniň dostlary oturan eken.
Olaryň biri polkownige oturmagy mürähet etdi. Ol aljyrady.
— Sag bol. Men ýekeje minutlyk — diýdi. Ussahanadan Alwaro çykyp,
dälizde çekilen sime bir bölek öl matany serip başlady.
Alwaro ýaş, berk bedenli, tagaşyksyzrak ýigitdi; gözleri hemişe göçgünli
uçganaklap durdy. Ol hem polkownige oturmagy mürähet etdi. Polkownik biraz
dogumlandy. Oturgyjy gapa tarap süýşürip oturdy-da, sagady hödür eder ýaly,
Alwaro bilen ikiçäk galaryna garaşdy. Ýöne bahym töweregindäkileriň hemmesiniň
ýüzleriniň galagoplydygyny gördi.
31
— Men päsgel beren-ä däldirin-dä? — diýip sorady. Ýigitler «ýok-da-ýok»
boluşdy. Olaryň biri oňa tarap egildi-de, pyşyrdap:
— Bizde Agustiniň ýazan çagyryş haty bar — diýdi.
— Näme hakda?
— Şol bir zat hakda.
Oňa haty berdiler. Polkownik ony jübüsine saldyda, ses-üýnsüz doňup galdy.
Diňe barmaklary bilen daşy dolanan sagady tyrkyldatdy oturdy. Özüne
seredýändiklerini görensoň, asla doňan ýaly boldy.
— Eliňizdäki daşy dolanan zat näme, polkownik?
Polkownik Germanyň bilesigeliji ýaşyl gözleriniň nazaryndan gutulmaga jan
etdi.
— Hiç-le. Ine, şu sagady bejermäge nemese alyp barýan — diýip ýalan sözledi.
German:
— Kelläňize gelýän zady diýsene, polkownik. Siz bärde otyrkaňyz, oňa özüm
seredeýin — diýip, German gazete dolanan sagady almakçy boldy.
Polkownik sagady elinden goýbermedi. Ol ýeke sözem diýmedi. Ýöne
gabagyna çenli gyzardy. Töweregindäkileriň hemmesi:
— Oňa seretmäge beriň, polkownik. Mehanikadan başy çykýandyr — diýişdi.
— Ony azara goýasym gelenok-da.
— Onuňam bir azary bormy — diýip, German ahyr sagady aldy. — Nemes on
pesony-ha ýonar, bitiren goşy-da bolmaz.
German Alwaronyň eýýäm tikin maşynyny işledip oturan ussahanasyna
giripdi. Biraz aňyrda, diwara golaý oturan bir gyz ilik tikip otyrdy. Onuň depesinde,
diwarda gitara asylgydy, has ýokarda-da: «Syýasat hakda gürrüň etmek gadagan!»
diýen ýazgy bardy.
Elinden sagady alnan polkownik näme etjegini bilenokdy. Aýagyny oturgyjyň
kese agajyna goýdy.
— Ýagdaý-ha pyrryk, polkownik.
Ol tisginip gitdi.
32
— Sögünmek gerek däl.
Alfonso polkownigiň köwşüni ýagşyja synlamak üçin, burnundaky äýnegini
düzetdi.
— Men köwüş hakda aýdýaryn. Siz-ä indi ýalpyldawugyny geýäýen ekeniňiz
— diýdi.
— Muny paýyş sözsüzem aýdyp bolýandyr ahyry — diýip, polkownik jogap
gaýtardy-da, ýalpyldawuk köwşüniň oltaňyny görkezdi. — Bu şylha kyrk ýyl boldy,
ýöne bütin ömründe ýeke gezegem hapa söz eşiden däldir.
— Taýýar! — diýip, German ussahanadan gygyran badyna sagadyň zarňyldysy
eşidildi. Goňşulardan biri diwary tyrkyldatdy-da, aýal sesi:
— Gitara degmäň, Agustiniň ýogalanyna entek bir ýyl bolanok! — diýip
gygyrdy.
Hemmeler gülüşdi.
— Bu sagadyň sesi.
German daşy dolanan sagatly daş çykdy.
— Sagat gül ýaly işleýär. Isleseňiz, sizi öýüňize çenli ugradaýyn: ony dogry
asmak gerek.
Polkownik boýun towlady.
— Men näçe tölemeli?
Ýene-de öz ornuna geçen German:
— Azara galmaň, polkownik. Ýanwarda horaz tölär — diýdi.
Polkownik amatly pursady elden sypdyrmak islemedi.
— Men saňa bir zat teklip etmekçi — diýdi.
— Näme?
— Men horazy saňa sowgat berýän. — Polkownik oturanlaryň ýüzlerine ünsli
seretdi. — Men horazy siziň hemmäňize sowgat berýän.
German geň galyp oňa tiňkesini dikdi.
33
— Men indi gojalypdyryn — diýip, polkownik dowam etdi. Ol öz sesiniň
saldamly çykmagyny isledi.
— Onsoň bu meniň üçin örän uly jogapkärçilik. Ynha, birnäçe aý bäri
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Polkownige hat ýazýan ýok - 3
  • Parts
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2097
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 2
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2083
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 3
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 1952
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 4
    Total number of words is 2587
    Total number of unique words is 1554
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.