Latin

Polkownige hat ýazýan ýok - 1

Total number of words is 3602
Total number of unique words is 2097
29.6 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ ALTYN HAZYNASYNDAN
«Polkownige hat ýazýan ýok» powesti, Gabriel Garsia Markesiň özüniň
aýtmagyna görä, onuň eserleriniň iň naýbaşylarynyň biridir. 1958-nji ýylda okyjylara
hödürlenen bu powestiniň has çeper, gahrymanlaryň ruhy dünýäsiniň doly açylyp
görkezilmegi üçin ýazyjy ony 11 gezek täzeden göçüripdir. Ýazyjynyň yhlas baryny
siňdiren bu eseri okyjylaryň ünsüni çekmegi başardy.
Ýalňyzlyk, durmuşyň hupbatlary, mätäçlik, açlyk we bimarlyk, emeldarlaryň
parhsyzlygy hakda söhbet açýan, şol bir wagtda hem şeýle kynçylyklara uçran
adamyň ýanbermezligi, adalatyň dabaralanmagyna egsilmez ynamy wasp edilýän bu
powest diňe bir kolumbiýa edebiýatynda däl, eýsem, tutuş latyn-amerikan
edebiýatynda hem nusgalyk eserdir.
Döredijilik terzi, diliniň özboluşlulygy, birnäçe jümlede ummasyz manyny
beýan edip bilýändigi, döreden keşplerini aýdyň göz öňüne getirip bolýandygy bilen
tapawutlanýan ussat ýazyjynyň bu powesti onuň esasy eseriniň — «Ýüz ýyl
ýalňyzlyk» romanynyň buşlukçysy mysalydyr.
1
Gabriel Garsia Markes
Polkownige hat ýazýan ýok
(powest)
Polkownik demir gutyny açdy-da, onuň içinde galan
kofäniň bir çaý çemçeden köp däldigini gördi. Gazanjygy
otdan aýryp, suwuň ýarysyny ýere dökdi we pos bilen
garyşan iň soňkuja kofe owuntyklaryny gazanjyga silkeläp
başlady.
Polkownik kofe gaýnaýança, pejiň golaýynda oturyp, böwrüne diň saldy. Onuň
göwnüne iç goşlarynda zäherli kömelekdir suwotulary gögeren ýalydy. Hatda wagtyň
ýüregedüşgünç akymyna werdiş bolan polkownik ýaly adama-da çekip-çydamak kyn
düşýän oktýabr günleriniň säher çagydy. Ýogsam ol, gör, näçe oktýabry başdan
geçiripdi ahyry! Ynha, indi elli alty ýyldyr — raýat urşundan bäri şunça ýyl geçipdi
— polkownigiň bar edýäni garaşmakdy. Bu oktýabr säheri hem onuň garaşyp ýeten
günleriniň biridi.
Aýaly onuň ýatyş otagyna kofeli girenini görüp peşehanany galdyrdy. Agşam
demgysma horlansoň, häzir uky bürüp barýardy. Ýöne, her niçigem bolsa, ol kofeli
gaby almak üçin dikeldi.
— Özüňe-de barmy?
— Men eýýäm içdim. Gutynyň içinde tutuş bir nahar çemçesi kofe bar eken —
diýip, polkownik ýalan sözledi.
Şol pursatda kilisäniň jaňynyň sesi eşidildi. Bu gün merhumyň jaýlanylýany
polkownigiň ýadyna düşdi. Aýaly kofe içýänçä, ol ýatýan tor sallançagyny aýyrdy,
düýrläp, gapynyň aňyrsyna ýygşyrdy.
Aýaly merhum hakda pikirlenip oturyşyna:
— Ol ýigrimi ikinji ýylda doglupdy. Oglumyzdan laýyk alty aý soň. Altynjy
aprelde — diýdi.
Haşlap, agyr dem alyp, arasynda kofäni az-azdan owurtlaýardy. Onuň süňkleri
inçedi, sähel zada döwläýjek ýalydy, bedeni bireýýäm çeýeligini ýitiripdi. Demini
2
kynlyk bilen alýanlygy sebäpli, sesine bat berip bilenokdy, şonuň üçin hem onuň ähli
sowallary tassyklama äheňinde eşidilýärdi. Ol kofäni içip boldy. Merhum hakdaky
pikirler halys ony goýmady.
— Oktýabrda jaýlanylsaň, elhenç bolýar gerek, dogry dälmi? — diýdi.
Emma adamsy onuň sözlerine üns bermedi, baryp penjiräni açdy. Eýýäm
oktýabr höküm sürýärdi. Suwy bol ýeten gür ösümliklere, ýagyş gurçuklarynyň
yzgarly ýeriň ýüzünde görünýän yzlaryna ser salyp durşuna, polkownik ýene onuň
elhençligini ähli içgoşy bilen duýdy.
— Meniň-ä süňklerimem çyg çekipdir öýdýän — diýdi.
— Gyş-da. Ýagyş başlaly bäri saňa aýagyň joraply ýat diýe-diýe dilim syryldy
— diýip, aýaly jogap gaýtardy.
Ownuk, ýüregedüşgünç ýagyş ýagýardy. Polkownigiň ýüň ýapynja dolanagada, ýene-de tor sallançakda ýatasy gelýärdi. Ýöne çat açan bürünç jaňlaryň batly sesi
merhumyň jaýlanyljagyny ýatladýardy. Ol:
— Hawa, oktýabr-da — diýip pyşyrdady-da, penjiräniň öňünden aýryldy.
Krowatyň aýagyna daňlan horaz diňe şol wagt onuň ýadyna düşdi. Ol
uruşdyrylýan horazdy.
Polkownik kofe içilen gaby aşhana äkitdi, uly otagdaky oýulyp nagyş çekilen
agaç gapyrjakly diwar sagadyna tow berdi. Demgysmaly üçin juda darajyk ýatyş
otagyndan tapawutlylykda, uly otag has giňdi, içinde örtük örtülen, üstünde gipsden
ýasalan owadan pişik oturan stol, onuň töwereginde bolsa dört sany örme kürsi bardy.
Diwarda, sagadyň garşysynda gaýykda oturan ýukajyk ak eşikli, daşy bägüllerdir
amurlar1 bilen gurşalan aýalyň keşbi çekilen surat asylgydy.
Sagada tow berip bolanda, ýediden ýigrimi minut işleýärdi. Horazy aşhana
äkitdi, ony ojagyň golaýynda daňdy, jamdaky suwy täzeledi, öňüne bir goşawuç
mekgejöwen guýdy. Çybyklardan örülen haýatyň deşiginden birnäçe oglanjyk girip,
horazyň daşynda egele bolup oturdylar we ony ses-üýnsüz synlap başladylar.
Polkownik:
1
Amur – antik mifologiýada ganatly oglanjyk şekilinde suratlandyrylýan eli ok-ýaýly söýgi
Hudaýy. — Terjimeçiniň belligi.
3
— Hany, tiňkäňizi dikip oturmaň. Uzak syn edilse, horazlar sandan çykýar —
diýdi.
Çagalar gymyldamady. Olaryň biri dodak garmonikasynda2 ýoň bolan
aýdymjygyň heňini çalyp başlady. Polkownik:
— Bu gün saz çalmak bolmaýar. Şäherde adam ýogaldy — diýdi.
Oglanjyk garmonikasyny jübüsinde ýygşyrdy, polkownik bolsa ýas ýerine
gitmek üçin eşigini çalşyrmak üçin otaga girdi.
Demgysmanyň güýjemegi sebäpli, aýaly onuň ak kostýumyny ütüklemändi,
onsoň polkownige öýlenenden soň diňe seýrek ýagdaýlarda geýýän gara mawut
kostýumyny geýmekden başga alaç galmady. Ol naftalin sepilip, gazete dolanan
eginbaşyny sandygyň düýbünden kynlyk bilen tapdy. Aýaly düşeginde süýnüp
ýatyşyna, entegem merhum hakda oýlanýardy.
— Ol häzir Agustin bilen eýýäm duşuşan bolsa gerek. Ýöne ýogalandan soň
güzeranymyzyň agyrlaşanyny Agustine gürrüň bermäýbilsedir — diýdi.
— Megerem, ol ýerde-de horazlar hakda jedelleşýän bolsalar gerek — diýip,
polkownik çak etdi.
Ol sandykdan örän ullakan, köne saýawan tapdy. Aýaly ony polkownik hem
agzasy bolan partiýanyň haýryna geçirilen lotereýada3 utupdy. Olar şol agşam
spektakldady; oýun daşarda görkezilipdi, hatda ýagyş ýagsa-da, onuň arasyny
kesmändiler. Polkownik, onuň aýaly we Agustin — ol şol wagt sekiz ýaşyndady —
saýawanyň aşagynda gizlenip, soňuna çenli oturypdy. Indi Agustin-ä aýatdaýok,
saýawanyň ak atlaz içligine bolsa güýe düşüpdir.
— Bu masgarabaz saýawanyna seretsene — diýip, polkownik endigi boýunça
bälçiredi-de, saýawanyň demir simlerden örülen binýadyny depesinde açdy. — Bu
indi diňe ýyldyzlary sanamagaýarajak.
Ol ýylgyrdy. Emma zenan saýawana seretmedem.
— Indi hemme zat gutardy. Biz diriligimize çüýräp barýarys — diýip, aýaly
pyşyrdady.
2
Garmonika – üflenip çalynýan saz gurallarynyň bir görnüşi.
3
Lotereýa – petek çekilip ýa satyn alnyp oýnalýan bijeli oýun.
4
Hiç bir zat merhum hakda pikirlenmäge päsgel bermez ýaly gözlerini ýumdy.
Telli-pelli syrynyp — aýna bireýýämden bäri ýokdy — polkownik sesini
çykarman geýindi. Içinden geýilýän eşik ýaly dar jalbary aýaklaryna syrlaşyp durdy,
ilikleri topugyň ýanynda ildirilip, bilinde iki sany insizje mata bölegi gyzyl çaýylan
halkajykdan geçirilip daňylýardy. Polkownik kemer dakynanokdy. Könelen gaty
kagyza meňzeş galyň matadan tikilen köýnegi mis ilik bilen baglanýardy, köýnegiň
ýakasynam şol ilik saklaýardy. Ýöne ýaka ýyrtylypdy, şol sebäpli polkownik ony
daňmazlygy, bolanyna görä, boýunbagyny-da dakynmazlygy makul bildi.
Onuň geýnişi dabaraly bir dessury berjaý edýäne meňzeýärdi. Süňklek eliniň
gyzyl menekler — şeýle menekler boýnunda hem bardy — ören aňyrsy görünýän
hamy çekilişip durdy. Ýalpyldawuk köwşüni geýmezden ozal, onuň tikinli gyrasyna
ýelmeşen hapany gazap aýyrdy. Polkownige nazar aýlan aýaly onuň edil toý
günündäki ýaly geýnenini gördi. Şobada hem ýanýoldaşynyň gaty garranyna dykgat
etdi.
— Ne beýle bezenipsiň-le? Hamala diýersiň, üýtgeşik bir waka bolan ýaly —
diýdi.
— Elbetde, üýtgeşik zat. Şunçaýylyň içinde ilkinji adam öz ajalyna ýogaldy —
diýip, polkownik jogap gaýtardy.
Sagat dokuzlara ýagyş diňdi. Polkownik öýden çykjak bolanda, aýaly ýeňinden
tutup saklady.
— Saçyňy dara.
Ol özüniň polat reňkli gaty saçyny buýnuz darak bilen ýylmamaga synandy.
Ýöne eýgertmedi.
— Men, totuguşa meňzeýän öýdýän — diýdi.
Zenan ärine ünsli syn etdi. «Ýok, ol totuguşa meňzänok» diýip oýlandy.
Polkownik berk bedenli, agajet adamdy. Ýöne ol spirtli çüýşä salnan ýaly görünýän
gojalara meňzänokdy: gözi ýaşamak hyjuwyndan purepürdi. Aýaly:
— Hemme zat gül ýaly — diýdi. Äri otagdan çykyberende hem — Lukmandan
sorasana: bize gelenok welin, näme, üstünden gaýnag suw dagy guýlaýdymyka? —
diýip, sözüniň üstüni ýetirdi:
5
Olar kiçijik şäherjigiň çetinde, diwarlarynyň kä ýerinde suwagy gopan, üsti
palma ýapraklary bilen basyrylan öýjagazda ýaşaýardy. Ýagyş eýýäm diňenem bolsa,
howa ozalkysy ýaly çyglydy. Polkownik öýler biri-birine gysylyşyp duran kiçijik
köçe bilen ýöräp meýdança bardy. Merkezi köçä ýetenden, birden üşüdip başlady.
Tutuş şäherjige garagörnüme çenli, göýä haly ýaly edilip güller düşelipdi. Gara
geýnen aýallar gapylarynyň agzynda oturyşyna, gölegçileriň geçerine garaşýardy.
Polkownik meýdançadan geçip barýarka, ýagyş gaýtadan çisňäp ugrady.
Bilýardhananyň hojaýyny jaýynyň açyk gapysyndan seredip, elini bulady-da:
— Polkownik, aýak çekiň, men size saýawan bereýin — diýip gygyrdy.
Polkownik yzyna gaňrylman:
— Alada galmaň, şeýle-de bolýar — diýip jogap gaýtardy.
Merhum heniz çykarylmandy. Ak kostýum geýip gara boýunbag daňnan erkek
kişiler saýawanlaryny açyp girelgäniň ýanynda durdy. Olaryň biri polkownigiň
meýdançada oýtumlara ýygnanan suwuň üstünden böküp geçýänine gözi düşüp:
— Garyndaş, şu ýere geläý — diýip, saýawanyň aşagynda ýer hödürledi.
Polkownik:
— Sag bol, garyndaş — diýip jogap berdi.
Ýöne mürehetden peýdalanmady. Merhumyň ejesine gynanç bildirmek üçin,
derrew öýe girdi. Şobada hem, burnuna gül ysy urdy. Demi tutuldy. Ýatyş otagynda
hyň berýän märekäniň arasyndan omzap başlady. Bir-ä onuň arkasyna elini diräp,
hatar-hatar bolup duran aljyraňňy ýüzleriň deňinden otagyň törüne — merhumyň
burnunyň uly we çuň deşikleri garalyp görünýän ýere itekläp goýberdi.
Merhumyň ejesi tabydyň ýanynda oturyşyna, palma ýapraklaryndan ýasalan
ýelpewaç bilen siňekleri kowýardy. Gara geýnen beýleki aýallar jan giden göwrä edil
derýanyň akyşyna seredýän terzde seredýärdi. Birden märekede gowur eşidildi.
Polkownik bir aýaly gapdala sowdy-da, merhumyň ejesine eglip, elini onuň egnine
goýdy. Dişini gysyp:
— Çuňňur gynanjymy kabul ediň — diýdi.
Merhumyň ejesi başyny galdyrmady. Agzyny açyp, uwlamaga başlady.
Polkownik tisginip gitdi. Gamgyn ahy-nala başlan märekäniň özüni jesede tarap
itekleýänini duýdy. Diwardan ýapyşmaga synandy, emma elleri ony tapman,
6
adamlaryň bedenine direnýärdi. Gulagynyň ýanynda biriniň ýumşak, ýuwaş sesi
eşidildi:
— Ägä bolaweriň, polkownik!
Ol öwrüldi. Gözi merhuma düşdi. Ony tanamak kyndy: diri mahaly berdaşly,
ýeňil gopýan adamdy, häzir weli, ak kepene dolanan, eli klarnetli halda edil
polkownik ýaly aljyraňňy görünýärdi. Polkownik agzy bilen birneme howa dartmak
üçin kellesini galdyran mahaly, eýýäm ýapylan tabydyň adamlaryň depesinde hallan
atyp, diwara degip ezilýän gülleriň tolkuny bilen gapa tarap äkidilip barýanyny gördi.
Polkownigi der basdy. Bogunlary syrkyrap başlady. Bir minutdan gabaklaryna ýagyş
damjalary düşdi — şonda polkownik köçede duranyna düşündi. Biri ýeňinden tutup:
— Çaltrak, garyndaş, men size garaşýaryn — diýdi.
Ol don Sabasdy. Ol polkownigiň ýogalan oglunyň çokundyran atasydy,
partiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda syýasy yzarlanmalardan sypan we şäherde
ýaşamagyny dowam edýän ýeke-täk adamdy.
Polkownik:
— Sag bol, garyndaş — diýdi-de, saýawany penalanyp sesini çykarman
ýöräberdi. Orkestr göleg sazyny çalýardy. Polkownik klarnetiň ýetmeýänine üns
berdi we merhumyň, dogrudanam, aradan çykany edil şu pursatda hem oňa,
hakykatdanam, düşnükli boldy-da:
— Biçäre — diýip pyşyrdady.
Don Sabas ardynjyrady. Ol polkownikden esli gysga bolansoň, saýawany
tutýan çep elini ýüzüniň deňine diýen ýaly galdyrypdy. Gölegçiler meýdançadan
geçensoň, erkekler dil açdy. Don Sabas gussaly görnüşde polkownige tarap öwrüldi:
— Horaz nähili, garyndaş?
— Gezip ýör öz-ä.
Şol wagt hem:
— Merhumyň yzynda sürrenekleşip nirä barýaňyz-how? — diýen gykylyk
eşidildi.
7
Polkownik gözüni galdyrdy: kazarmanyň eýwanynda nutuk sözlejek ýaly
bolup, alkald4 durdy. Ol tammanly, ýeňiljek ýüň köýneklidi, sakgal-murty
syrylmadyk, ýüzi ýellenendi. Sazandalar göleg sazynyň arasyny kesdi. Edil şol
pursatda diýen ýaly hem, polkownik jogap hökmünde alkalda bir zat diýip gygyrýan
tagsyr Anhemiň sesini eşitdi. Polkownik gulagyny keýertdi: saýawana urulýan
ýagşyň şybyrdysy sözleri basýardy.
— Näme bold-aý? — diýip, don Sabas sorady.
— Hiç zat — diýip, polkownik jogap berdi. — «Merhumy polisiýa jaýynyň
öňünden göterip geçmek bolmaýar» diýýär.
— Men düýbünden unudan ekenim-ä! Gabaw ýagdaýynda ýaşaýanymyzy
mydama unudyp ýörşüm-dä — diýip, don Sabas janykdy.
— Ýöne biz gozgalaň turzamzok ahbetin. Ýönekeý garyp sazandany
jaýlaýarys-a— diýip, polkownik närazylyk bildirdi.
Gölegçiler başga ugur bilen ýöräp ugrady. Şäheriň garamaýaklar ýaşaýan
çetinden geçilende, aýallar gölegçilere seredişip, sesini çykarman dyrnaklaryny
dişledi. Soň bolsa köçäniň ortasyna döküldiler-de, hamala diýersiň, merhumyň
tabytda özlerini eşidip ýatanyna ynanýan ýaly, gölegçileriň yzyndan öwgi,
minnetdarlyk, hoşlaşyk sözlerini aýtmaga durdular. Gonamçylykda polkownigiň
özüni duýşy ýaramazlaşdy. Don Sabas tabyt göterip gelýän adamlary geçirmek üçin,
polkownigi diwara tarap itdi, soň ötünç soraýan şekilde ýylgyryp oňa tarap
öwrülende, polkownigiň ýüzüniň garört bolanyny gördi.
— Size näme boldy, garyndaş?
Polkownik tisgindi.
— Oktýabr, garyndaş, otýabr...
Yzlaryna-da şol ýol bilen dolandylar. Ýagyş diňdi. Asman has beýgelipdi,
göm-gökdi. «Ine, ýagyşam diňdi» diýip, polkownik oýlandy. Özüni duýşy oňadrakdy,
ýöne ol entegem içki ýagdaýyna diň salýardy. Don Sabas:
— Siziň lukmana görünmegiňiz gerek, garyndaş — diýip, ony hakykata dolap
getirdi.
4
Alkald – Ispaniýada we Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurtlarynda ýerli häkimiýet edarasynyň
başlygy.
8
— Men syrkaw däl. Ýöne oktýabrda özümi içgoşlarymy edil ýabany haýwanlar
çeýneýän ýaly duýýaryn — diýip, polkownik jogap berdi.
— Hä-ä...
Don Sabas penjireli ýerine demir gözenek edilen täze, ikigat öýüniň gapysynyň
agzynda onuň bilen hoşlaşdy. Polkownik öýüne tarap ýöneldi, gara toý kostýumyny
çaltrak egninden sypyrasy gelýärdi. Az salymdan çüňkdäki dükanjykdan bir guty
kofe we horaza ýarym gadak mekgejöwen satyn almak üçin ýene daşary çykdy.
Polkownik bu penşenbäni tor sallançakda ýatyp geçirmegi kem görmese-de,
horaz bilen meşgul boldy. Ýagyş eýýäm birnäçe günläp dyngysyz ýagýardy. Onuň
garnyndaky suwotulary geçen hepdäniň içinde pajarlap ösüpdi. Aýalynyň boguk
hyrryldysy uklamaga goýmansoň, gijelerini çirim etmän geçirdi. Anna güni gündiz
oktýabr arakesme etdi. Agustiniň işlän ussahanasynyň tikinçileri — horaz urşunyň
janköýerleri bolan deň-duşlary — pursatdan peýdalanyp, horazy görmäge geldi.
Horaz guratdy. Polkownik olar gidenden soň, aýalynyň ýanyna gaýdyp bardy. Aýaly:
— Olar näme diýýär? — diýip sorady.
— Olaryň-ha gaty göwni ýetdi. Eýýäm horaza goýmak üçin pul süýşürip
başlapdyrlar.
— Olaryň bu gorkunç horazyň nämesine söýünýänini bilýän däldirin — diýip,
aýaly seslendi. Aýaklaryna seredeniňde kellesi juda kiçi gelýär — tüýs bir
betnyşanyň bar-da.
— Olar-a «Munyň töwerekde iň gowy horazdyr» diýýär. Bahasy elli pesodan5
arzan dälmiş — diýip, polkownik garşy boldy.
Polkownik bu deliliň oglundan galan horazy özüniň saklamak niýetini
aklaýanyna ynanýardy: ogluny çagyryş kagyzlaryny ýaýradýany üçin dokuz aý ozal
horaz uruşdyrylýan mahaly oka tutup eleme-deşik edipdiler.
— Näme peýdasy bar? Mekgejöwen gutarsa, biz ony öz bagrymyz bilen
iýmlemeli bolaýmasak — diýip, aýaly ýeň bererli däldi.
Şol wagt eşik salynýandan kenep matadan tikilen balagyny gözleýän
polkownik oýa batdy.
5
Peso – ownuk pul birligi.
9
— Birküç aý sabyr etsek, bolany. Ýanwarda horaz urşunyň boljagy anyk belli.
Onsoň ony has gymmat satarys — diýdi.
Balak ýygyrt-ýygyrtdy. Aýaly ony ýasy demriň üstünde goýup, gyzgyn howa
bilen gyzdyrylýan iki ütükde ütükläp başlady.
— Saňa öýden çykmagyň näme zerurlygy bar? — diýip adamsyndan sorady.
— Poçta aýlanmakçy...
Aýaly otaga dolanyp barşyna:
— Şu gün annadygyny asla unudaýan bolsam nätjek — diýdi. Polkownige diňe
balagyny geýäýmek galypdy. Aýaly onuň köwşüne seretdi. — Muny-ha indi
zyňaýmaly bolupdyr. Ýalpyldawuk köwşüňi geýiber-dä.
Polkownik lapykeç boldy.
— Ol ýetimiňkä meňzeýär ahyry. Her gezek geýenimde, özümi ýetimler
öýünden gaçyp gaýdan ýaly duýýaryn.
Aýaly:
— Agustin aradan çykandan soň, biz ýetimem-dä — diýdi.
Bu gezek hem polkownigi göwnetdi. Ol gämi menziline ir, heniz katerleriň6
zoklary ýaňlanmanka ugrady. Ýalpyldawuk köwüşli, ak balakly we mis ilik ildirilen
ýakasyz köýneklidi. Siriýaly Moiseýiň dükanynda durup katerleriň duralga gelşine
syn etdi. Şol birýerde sekiz sagatlap gymyldaman oturmakdan halys bolan ýolagçylar
kenara düşüp başlady. Hemişe bolşy ýaly, olar gezende söwdagärler we geçen
hepdede şäherçeden giden, indi bolsa adaty durmuşa dolanyp gelýän ýaşaýjylardy.
Poçta kateri iň soňundan geldi. Howsalaly garaşýan polkownik onuň gelip
durşuna seredýärdi. Kateriň üstünde turba daňlan we bölek çadyr bilen örtülen poçta
haltasy ýatyrdy. Polkownik ony derrew nazary bilen tapdy. On bäş ýylyň intizarlygy
onuň duýgurlygyny ösdüripdi. Horaz bolsa sabyrsyzlygy güýçlendiripdi.
Poçta hadymy gäminiň üstüne çykyp, haltany çözüp, arkasyna atan
pursadyndan başlap, polkownik ondan gözüni aýyrmady. Otlem-ötlem dükanjyklaryň
we görkezmäge goýlan dürli reňkli harytlar münder bolup duran ammarlaryň
arasyndan gämi duralgasyna ugurdaş köçe bilen onuň yzyna düşüp barýardy. Her
6
Kater – kiçeňräk gämi.
10
gezek poçta hadymynyň yzyna düşüp gidende, polkownik mydama, birhili, üýtgeşik,
ýöne hökman edil gorky ýaly darykdyryjy howsalany başdan geçirerdi.
Poçtada lukman gazetleriň gelerine garaşýardy.
Polkownik:
— Lukman, aýalym öýümizde «siziň üstüňizden gaýnag suw dagy guýlan-a
däldir-ä?» diýip soramagy haýyş etdi — diýdi.
Lukman ýaşdy, gara buýra saçlary ýalpyldap durdy, dişleriniň ajaýyplygy
ynanardan beterdi. Ol näsagyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Polkownik hatlary
öýjüklere elipbiý tertibinde ýerleşdirip duran poçta hadymyny gözden salman
durşuna, jikme-jik jogap berdi. Onuň äwmezek hereketine polkownigiň ýeňse damary
gataýardy.
Lukman hatlary we gazetli bukjany aldy. Ylmy neşirleriň gysgaça beýany
berilýän kitapçalary bir gyra goýup, hatlary okamaga durdy. Poçta hadymy bolsa şol
wagtýygnananlarapoçtany paýlaýardy. Polkownik öz adynyň birinji harpyna hatlar
goýlan öýjüge nazar aýlady: bukjanyň gyralary gök zolakly we «awia» belgili hata
gözi düşende tolgunmasy artdy.
Lukman gazetli bukjanyň möhürini gopardy. Ol has möhüm maglumatlary
gözden geçirýärkä, polkownik öýjükden gözlerini aýranokdy — poçta hadymy
öýjügiň ýanynda saklanar öýtdi. Ýöne ol saklanmady. Lukman gazetlerden ünsüni
sowdy, ilki polkownige, soň eýýäm telegraf enjamynyň ýanynda oturan poçta
hadymyna, soň ýene polkownige seretdi-de:
— Ýörüň — diýdi.
Poçta hadymy başyny galdyrmady.
— Polkownige hiç zat ýok.
Polkownik utandy.
— Men hiç zada garaşmandymam — diýip ýalan sözledi. Soň çaga garaýşy
bilen lukmana seretdi. — Maňa hiç kim hat ýazanok.
Olar yzlaryna dymşyp gaýtdy. Lukman gazetlere gümrady. Polkownik adaty
ýöreýşi bilen barýardy: ol hamana ýitiren teňňesini gözleýän ýaly görünýärdi.
Güneşli agşamdy. Meýdançadaky badam agaçlary köne ýapraklaryny dökýärdi.
Lukmanyň iş otagyna ýetenlerinde iňrik garalyp ugrapdy.
11
Polkownik:
— Näme täzelik? — diýip sorady.
Lukman oňa birnäçe gazet berdi.
— Belli däl. Elekden geçirilen setirleriň arasyndan bir zat okap aňmak kyn —
diýdi.
Polkownik iň iri sözbaşylary okady. Halkara habarlary. Sahypanyň ýokarsynda
Sues kanalyny döwlet eýeçiligine geçirmek hakynda dört sütün. Birinji sahypany
tutuşlygyna diýen ýaly aradan çykanlar baradaky habarlar tutýardy.
— Saýlawlardan-ha hiç hili tama ýok — diýip, polkownik dillendi.
Lukman:
— Beýle sada bolmasaňyzlaň, polkownik. Biz täze bir pygamberiň gelerine bil
baglar ýaly, indi oglan-oglanjyk däl ahyry — diýip jogap gaýtardy.
Polkownik gazetleri yzyna berjek boldy. Ýöne lukman:
— Özüňizde durubersin. Agşam okarsyňyz, ertir bolsa yzyna beräýersiňiz —
diýdi.
Sagat sekizden işläninde, minarada kinolara degişli jaň kakylyp başlandy.
Filmleriň gysgaça mazmuny ýazylan görkezijini poçta arkaly alýan tagsyr Anhel
olaryň ahlak derejesi bilen halaýygy habarly etmek üçin kilise jaňlaryny
peýdalanardy. Polkownigiň aýaly on iki urgy sanady. Ol:
— Hemme kişä zyýanly. Eýýäm bir ýyl bäri hemme kişä zyýanly filmler
görkezilýär — diýdi-de, peşehanany goýberip: — Dünýä azgynlyga gark boldy —
diýip pyşyrdady.
Polkownik jogap bermedi. Horazy krowatyň aýagyna daňdy, öýüň gapylaryny
gulplady, ýatyş otagyna çybyn-çirkeýlere garşy serişdäni pürkdi. Soň çyrany ýerde
goýup, tor sallançagy asdy-da, gazet okamak üçin gyşardy.
Gazetleri çap edilişi ýaly yzygiderlikde, birinji sahypadan başlap, soňkusyna
çenli bildirişleri bilen okaýardy. Sagat on birde surnaýyň sesi komendant sagadynyň
başlananyny7 mälim etdi. Ýarym sagatdan polkownik okamasyny gutardy, gapyny
7
Komendant sagady — adatdan daşary ýagdaý we şuňa meňzeş düzgün- ler yglan edilende laýyk
öýünden çykmagyna girizilýän çäklendirme.
12
howla — gözedürtme garaňka tarap açdy, buşugdy-da, çybynlardan gaçyp ýeňse
berdi. Otaga dolanyp gelende, aýaly entek uklaman eken. Aýaly:
— Weteranlar hakda hiç zat ýazanoklarmy? — diýip sorady.
— Hiç zat. — Polkownik çyrany öçürip, tor sallançakda gyşardy. — Öňler
juda bolmanda pensionerleriň sanawlaryny çap ederdiler. Indi bolsa, ine, bäş ýyldyr,
hiç zat ýazanoklar.
Ýagyş ýarygijeden soň başlady. Polkownik ymyzganypdy, emma garnyndaky
agyry zerarly derrew oýandy. Öýüň bir ýerinden damja damýanyny eşitdi. Ýüň
ýorgana kellesi bilen bürenip, anyk nirededigini kesgitlemäge çalyşdy. Buz ýaly der
oňurgasynyň uzaboýuny yzarlap syrygýardy. Onuň gyzgyny galypdy, özüni, hamala,
buz ýaly batgada halka atyp ýüzüp ýören ýaly duýýardy. Biri onuň bilen gepleşýärdi.
Ol bolsa öz ýöriş krowatynda ýatyşyna jogap gaýtarýardy. Aýaly:
— Kim bilen gürleşýärsiň-ä? — diýip sorady.
— Gaplaň derisini geýip, polkownik Aureliano Buendianyň düşelgesine gelen
iňlis bilen — diýip, polkownik jogap berdi. Ysytmadan ýaňa lowlap ýanyp, beýleki
gapdalyna öwrüldi. — Oňa gersog Marlboro diýerdiler.
Polkownik irden özüni bütinleý ysgyn-mydarsyz, endamy kül-owram halda
duýdy. Ybadat etmäge çagyrýan jaň ikinji gezek kakylanda, ol tor sallançakdan
towsup düşdi we horazyň sesi bilen rahaty bozulan daň saz beren alasarmyk dünýä
düşen ýaly boldy. Başy entegem aýlanýardy. Ýüregi bulanýardy. Ol gyşyň ýuwaş
şygyrdysy we garyşyk yslary bilen gurşalan howla çykyp hajathana ýöneldi. Agaçdan
salnan, üsti gögümtil reňkli ýuka demir bilen ýapylan hajathananyň içinde ammiagyň
ysy bardy. Polkownik gapagy galdyrdy weli, çukurdan üçburç siňekler bulut bolup
göterildi.
Hiç zat ýok ýerden howsala düşen eken. Ýonulmadyk tagtalaryň üstünde
oturan polkownigiň öz-özüne haýpy gelýärdi. Meýdan etmek islegi içegelerindäki
erbet agyry bilen çalyşdy. Ol:
— Dogrudanam, şeýle-dä. Oktýabrda meniňki hemişe şeýledir — diýip
pyşyrdady we garnynda ösýän kömelekleriň ynjalaryna garaşyp doňup galdy. Soň
ýene horazyň ýanyna, öýe girdi. Aýaly:
— Sen agşam ysytma tutup samradyň — diýdi.
13
Bir hepdä çeken nähoşlukdan soň, birneme özüne gelen aýaly, öýi syrypsüpürip başlapdy. Polkownik ýadyna salmaga synanyşdy.
— Ysytma däl. Düýşüme ýene kerep girdi — diýip, ol ýalan sözledi. Keseliň
güýjemesi geçensoň, aýaly hemişe bolşy ýaly, tow berlene dönýärdi. Ir ertirden öýi
agdar-düňder etmäge ýetişipdi. Sagatdan we perili suratdan başga ähli zadyň duran
ýerlerini üýtgedipdi. Polkownigiň aýaly şeýle kiçijik hem arrykdy welin, öýde
matadan edilen şypbykly we bokurdakly gara köýnekli öňe-yza gaýmalap ýörkä,
diwaryň içinden geçip gidýän ýalydy. Ýöne sagat on ikilerde aýalyň gabarasy göze
ilip, agramy-da bildirip başlaýardy. Ol krowatda ýatan mahaly göýä ýok ýalydy; häzir
bolsa paporotnikli we begoniýaly8 küýzeleriň arasynda gezip ýörşüne tutuş öýi
doldurýardy.
Ol tropiki topragyň şol pitide gaýnadylýan miweleriniň kesilen böleklerini
garyp durşuna:
— Eger Agustiniň ýogalanyna bir ýyl geçen bolsady, men aýdym aýdardym —
diýdi.
— Aýdasyň gelýän bolsa aýdyber. Aýdym aýtmak öt haltasy üçin peýdalymyş.
Lukman günorta naharyndan soň geldi. Gapyny zarply açyp:
— Biziň syrkawlarymyz nähili, entek ölenoklar dälmi? — diýip gygyran
mahaly, polkownik aýaly bilen aşhanada kofe içip otyrdy.
Polkownik ony garşylamak üçin ýerinden turdy.
— Gynansagam, şeýle. Sagadyňyzyň öňe gidýänini men hemişe aýdyp ýörünä.
Aýaly lukmana görünmäge taýýarlanmak üçin otaga girdi, lukman bilen
polkownik uly otagda galdy. Yssa garamazdan, lukmanyň kenep matadan tikilen
kostýumy tämizjedi. Zenan taýýardygyny duýdurandan, lukman ýerinden galdy,
polkownige içi bir kagyzly bukjany uzatdy.
— Bu ýerde düýnki gazetlerde ýazylmadyk zatlar o bar.
8
Paporotnik, begoniýa — tropiklerde we subtropiklerde ýaýran reňkli ýaprakly, açyk gülli
ösümlikler.
14
Polkownik kagyzlaryň mimeografda çap edilen, soňky wakalar hakda gizlin
maglumatlardygyny derrew aňdy. Ýurduň içki etraplaryndaky ýaragly garşylyk
görkezmeler baradaky habarlar. Polkownik aňk boldy. Gadagan edilen edebiýatlaryň
on ýyllap okalmagy, oňa soňky täzelikleriň hemişe iň tama etdiriji bolýanyny
öwredip bilmändi. Lukman uly otaga dolanyp gelende, ol eýýäm okap bolupdy.
Lukman:
— Meniň näsagym mendenem salamat. Özüm-ä şeýle demgysma bilen ýene
ýüz ýyl ýaşardym — diýdi.
Polkownik oňa tukat seretdi. Hiç zat diýmän, bukjany uzatdy. Emma lukman
almady.
— Beýlekilere beriň — diýip ýuwaşja dillendi.
Polkownik bukjany jübüsine saldy.
Olaryň ýanyna gelen syrkaw zenan:
— Lukman, men bir gün ölerin, sizi-de ýanym bilen dowzaha alyp giderin —
diýdi.
Jogap ýerine lukman diňe göz gamaşdyryjy dişlerini ýalpyldatdy-da oňaýdy.
Soň çalasyn hereket edip oturgyjy stola tarap süýşürdi, gapyrjagyndan täze
dermanlaryň birnäçe mahabatlyk nusgalaryny çykardy. Aýal eglenmän, aşhana geçdi.
— Garaşyň, men kofäni gyzdyraýyn.
— Ýok, sag boluň — diýip, lukman başyny galdyrman aýtdy: ol dermanhatyny
ýazýardy. — Meni zäherlemek üçin size sähelçejigem mümkinçilik berjek gümanym
ýokdur.
Aşhanadan aýalyň gülküsi eşidildi. Ýazmasyny gutaryp, öz hatyna hiç kimiň
düşünmejegini bilensoň, lukman dermanhatyny sesli okady. Polkownik bar güýji
bilen pikirini jemlemäge jan edýärdi. Aýal otaga girip, geçen gijäniň adamsy üçin
ýöne geçmänini aňlady. Ol:
— Şu gün daňa golaý ony ysytma tutdy, lukman. Iki sagada golaý raýat urşy
hakda samrady — diýip şikaýat etdi.
Polkownik tisginip gitdi. Ol özüni ele almaga çalşyp, hötjetlik bilen:
15
— Ysytma däl — diýdi. — Onsoňam ýagdaýymyň, dogrudan-da,
ýaramazdygyny duýsam, hiç kime bil baglamaryn. Öz elim bilen özümi ýuwundy
dökülýän çukura taşlaryn.
Ol gazetleri almaga otaga gitdi. Lukman:
— Güller üçin sag boluň — diýdi.
Ikisi meýdança çenli bile ýöredi. Howada nem-çyg ýokdy. Asfalt yssydan ýaňa
eräp ugrapdy. Lukman hoşlaşan mahaly, polkownik mäkäm gysylan dişleriniň
arasyndan syzdyryp, ýuwaşjadan:
— Size bergimiz näçe, lukman? — diýip sorady.
— Häzir-ä hiç zat — diýip, lukman onuň egnine kakdy. — Ine, horaz ýeňer
weli, onsoň size eslije töleg hasabyny ibererin.
Polkownik lukmandan alan kagyzlaryny Agustiniň Q dostlaryna bermek üçin
tikinçilik ussahanasyna ýöneldi. Ussahana onuň üçin ýeke-täk gaçybatalgady.
Partiýadaş ýoldaşlary öldürileni ýa-da şäherden göçürileni bäri ol her anna güni
poçtany garşylamakdan başga işi-pişesi bolmadyk ýalňyz adama öwrülipdi.
Gündiziň jokrama yssysy aýalyny has-da ruhlandyrdy. Dälizde begoniýalaryň
arasynda, köne-sana eşik saklanýan sandygyň ýanynda oturyşyna, ol hiç zat ýok
ýerden täze zatlary emele getirip, indi näçinji gezekdir baky täsinlik döredýärdi.
Ýeňlerden ýakajyklar, eşigiň ýagyrny böleginden golsapylary, dürli reňkli
gyýkyndylardan ajaýyp dörtburç ýamalyklar önüberýärdi. Howada teneçiriň birsyhly
jyrryldysy ýaňlanýardy. Gün ýuwaşjadan gözýetime süýşüp barýardy, ýöne aýal onuň
begoniýalaryň arasyndajan berşini görenokdy. Ol başyny işden diňe agşam,
polkownik öýe dolanyp gelensoň galdyrdy. Barmaklary bilen boýnuny gysdy, soň
ellerini aşak goýberip:
— Meniň beýnim halys agaja döndi — diýdi. Polkownik:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Polkownige hat ýazýan ýok - 2
  • Parts
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 1
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2097
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 2
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2083
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 3
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 1952
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Polkownige hat ýazýan ýok - 4
    Total number of words is 2587
    Total number of unique words is 1554
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.