Latin

Otly Türkmenistana barýar - 07

Total number of words is 3759
Total number of unique words is 2018
32.6 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ads place
tutuş Orta Aziýanyň, arabyň, tutuş dünýäniň tragediýasy! Ol hem kim tarapyndan
öldürilýär? Bir tentek tarapyndan. Ýogsa duşmanlaram oňa tyg çekmäge milt edip
bilmän, at tapyp ony öz goşunynyň arasyna aşyrmakçy bolýarlar. Duşman ýaly
duşman hem bilýär, soltana tyg çekmek bolmaýanyny. Ol soltan, ol Allanyň ogly!
Emma tentek nadan asylzadany nireden bilsin, soltany nireden bilsin, garamaýagy
nireden bilsin!
Sarly aga köşeşip:
– Eýse soltany öldürmek bolmaýarmy? – diýip, ýuwaşja sorady. Onuň atuwa
gelendigini bilen Medet aga dessine:
– Saparmyrat jan, gadymda bir tüntaw soltany, garamaýagy parhlandyryp
bilmändir diýip janyňy ýakyp oturma, ynha, şunuň tüntaw kemi barmy? Bu-da
bilenok – diýip, Sarly aga goluny uzatdy.
– Sarly aga başga gep, bu sekiz ýüz ýyl döwleti bolmadyk, döwleti, patyşany
hakydasyndan çykaran adam... – diýip, Saparmyrat gamgyn dymdy. Içinden: «Ynha,
watan diýip söweşen, özüni gahrymandan kem görmeýän kişiniň geçmişini
bilmeýändigi beýlede dursun, hatda patyşanyň, soltanyň ýöne adam däl-de, Alla
tarapyn saýlanan adamdygyny hem bilenok» diýip oýlandy, halkynyň
dünýägaraýşynyň pesligi üçin gynandy...
Saparmyrat turup Batyr Gaýlynyň ýanyna ugrady.
30.
Medet aga küpesine girip barýan Gylyçly Babany çala görüp:
– Haý, artist! – diýip gygyrdy. Gylyçly Baba ony eşitmedi, ýöne Sarly aga
Medediň ýakasyndan ebşitledi:
– Çüşş! Eşitse gaty görer ahyry...
– Nämäni gaty görer?
– Artist diýeniňi.. Men saňa artist diýsem, urşaýjak bolarsyň...
Medet aga Sarly aga gözlerini höwlendirip seretdi:
– Sen meniň çakymdan-da samsyk ekeniň!.. Ol-how artistligine buýsanyp ýör...
Ol artistligine guwanyp donuna sygman ýör. Aýaly onuň artistligine guwanyp, köçä
sygman ýör. Ol onuň käri ahyry...
– Goý-aýt, ondanam bir kär bormy? O ýyl kolhoza oýun gelende ol hakyt heleý
bolup hem oýnapdy. Görmedikmi?
– Oýundyr-da, heleý bolup oýna diýilse, heleý bolup oýnarsyň...
– Ýok, mollanyň dogmasy... Oýundan-çyndan heleý bolmaly däldir, bir ýola
heleýleseň, gutardygyňdyr... Asyl ýöne, nädip barypýatan heleý bolanyňy duýman
galarsyň...
70
31.
Bu mahal Batyr Gaýly Saparmyradyň gündeligini ýapyp, ýaňyja okan
goşgusynyň ruhundan çykyp bilmän otyrdy. Ol köp oturdy, gaty köp oturdy. «Ýurda
sapar kylmak hajdyr» diýen setirleri öz-özünden onuň aňynda meteor ýaly bolup
aýlanyp ýördi. «Ýurda sapar kylmak hajdyr! Hajdyr! Hajdyr!» diýip, ol setiri hem
aňynda, hem zybanynda gaýtalady.
Ol çilim otlanyp, daş çykdy, darajyk dälizde Medet, Gylyçly Baba, Sarly aga
dagy üýşüp gürrüň edip, gülşüp durdular. Batyr Gaýly oý-pikirine, düşen ruhy
dünýäsine zeper ýeter öýdüp, çep tarapdaky gapa tarap ýöneldi. Aňynda bolsa
aşakdaky goşgy gaýtalanyp durdy. Goşgynyň ady «Gözle».
GÖZLE
Saparmyrat periň ýetdi,
Gözle, ulus-iliň gözle.
Gamgyn gezen çagyň ötdi
Sagyň gözle, soluň gözle.
Mekan – ýakyn, menzil – daşdyr,
Ýurda sapar kylmak – hajdyr!
Dünýä bir soňsuz darkaşdyr,
Ata-baba ýoluň gözle.
Duman kalbyň örteninde,
Watan diýdiň her demiňde,
Ýüküň bardyr gerdeniňde,
Biribardan dalda gözle.
Sen ýanmasaň, ol ýanmasa,
Il gaflatdan oýanmasa,
Güýç-gaýrata daýanmasa,
Hakdan berlen halyň gözle.
Menzil-mekanyň – diýardyr,
Ýary gerçek, ýary batyr,
Seniň beýik iliň bardyr
Gadym türkmen ýolun gözle.
Deňiz güýjüň bar çagynda,
Är-u-pirleriň çagyr-da,
Göroglynyň Çardagynda
71
Garry Çandybiliň gözle.
32.
Saparmyrat gije çenli Iwan Semýonowiç bilen gümürdeşip oturdy. Ol şu gije
hökman düýşümde kakamy görerin diýip pikir etdi, aýdyşy ýaly hem boldy. Kakasy
bilen ejesi bile düýşüne girdiler. Ikisiniň-de wagty hoş... Diýmek, olaryň ruhy
ynjalandyr diýip, Saparmyrat oýlandy.
Ol Iwan Semýonowiç bilen tanşan gününden başlap, diňe şonuň bilen oturdy,
diňe şonuň bilen naharlandy, diňe şonuň bilen gürleşdi. Nega-da bir ýere çagyrylsada, ol Iwan Semýonowiçsiz gitmeýärdi.
Basym Iwan Semýonowiç düşmelidi.
Iwan Semýonowiç onuň bilen dünýäniň gürrüňini edýärdi. Ol:
– Oglum, Saparmyrat jan, men mekdepden gündelik ýöretmäge ram eden adam.
Uruşdaky gündeligimi, mümkin boldugyndan, has giň ýazdym. Seniň kakaňyň äden
ädimine çenli bar: tüýs gahrymanyň ýyl ýazgysy ýaly... Ýöne roman edip ýazaýmaly,
talantyň bar bolsa... Hudaý maňa bolsa demri beripdir... Nesip bolsa, kanikuldan gel,
men seni Moskwa çagyraryn. Okap görersiň... Ol wakalary gürrüň berer ýaly däl.
Mahal-mahal gündeligimi elime alýan, edil ýöne kino-da. Senem gündelik ýöretmäňi
goýma. Ýaşyň bir çene baransoň, gündeligiňi eliňe alarsyň welin, ylla geçen günleriň
bilen duşuşan ýaly bolarsyň...
Men kakaň bilen bagly wakalary elin maşynkadan geçirip, – Igor Iwanow diýip
režissýor bardyr, eşitdiňmi? – diýip sorady, Saparmyrat «hawa» diýdi. – Şoňa okap
gör diýip berdim. Iwanow okap görüp, «Süžeti maňa ber» diýdi. «Al» diýdim. Soňra
ondan ssenariý ýazypdyr, maňa okamaga berdi... Okadym, gül ýaly ssenariý, emma
üýtgedipdir. Kakaňyň obrazyny bolsa, bir gürji ýigidiniň obrazy edipdir. Men
ylalaşmadym. Yzyna aldym... Ýalbaryplar çykdy, bermedim...
Men oňa aýdýan: «Igor Iliç, ol hakykatda ýaşap geçen gahryman, türkmen
gahrymany! Näme diýip ony gürji diýip üýtgetmeli! Türkmen diýilse bolmaýarmy?»
diýýärin.
Iwanow: «Bolmaýar, Iwan Semýonowiç, bolmaýar. Beýle töwekgel gahryman
ors bolsa ýa gürji bolsa – tomaşaçy ynanýar, türkmen diýseň... Türkmeni kim
tanaýar?»
– Tanarlar-da, tanalmaýan bolsa – diýýän.
Garasaý, men oňa düşündirjek bolýan, ol maňa. Ahyry hem men süžeti ondan
aldym.
Saparmyrat uludan dem aldy.
Ol dymdy.
– Režissýor diýen milletem bir tip bolýar. Özlerini Hudaý sanyp, öz diýenini
gögertjek bolýarlar... Ynha, şonuň üçinem, Beýik Watançylyk urşy barada ikinji
Beýik Watançylyga mynasyp film ýok!..
Şindem duşsa, ssenariniň bagtyny ýatyrma, ber diýýär, men hem hiç haçan
diýýärin. Ahyry režissýor taparyn diýýärin.
72
Saparmyrat kakasynyň gahrymançylygy barada kino edilmändigine gynandy.
Başyny ýaýkady...
Agyr dymyşlyk boldy. Ahyry Iwan Semýonowiç:
– Saparmyrat jan, är ýigit bolup ýetişipsiň... Men saňa ýene bir zady
aýtmalydyryn – diýip, ol ýesirlik barada, iki sany obadaşynyň ýönekeý zadyň üstünde
gaharlanyp, kakasyny faşistlere satyşyny gürrüň berdi.
– Olaryň biriniň ady Şadyman Ýanar, Gökje obasyndan. Beýlekisiniň ady
Perman Küle, Gypjakdan...
Uruşdan bäri köp ýyl geçdi ahyry, emma rus adamsynyň bu atlary, oba atlaryna
deňiç ýat bilşine Saparmyrat haýran galdy.
– Beh, Iwan Semýonowiç, olaryň adyny ýat biläýýärmiň?
– Saparmyrat jan, men ol iki Iudanyň adyny ýylanyň agzynda zäherini göterişi
ýaly göterdim... Men ol iki kezzabyň adyny ýüregime sanjylan iki sany mina gyýçagy
ýaly göterdim... Köp ýyllar olaryň uruşda adam satandygy barada prokuratura
maglumat ýazyp ibereýin diýip hem gezdim dişimi gaýrap... Ahyry «Aý, namart adam
näme ýaşamaly dälmi? Goý, wyždanlary azar bermeýän bolsa, ýaşasyn ýörsünler,
binamyslar» diýip, goýbolsun etdim-dä, oglum... Ýöne, sen olary gör, meniň
diridigimi aýt olara, kakaňy satandyklaryny bilýäniňi aýt, goý, gahryman bolup bir
gezmesinler!..
Saparmyrat Iwan Semýonowiçiň gözlerine dikan seretdi... Göreçler tapyşdy.
33.
Saparmyrat küpä girdi. Ikinji gatda ýatan student aňyrsyna bakyp çalaja horlaýar.
Batyr Gaýly düwlen iki ýumrugyny üst-üstüne stola goýup, onuň üstündenem
maňlaýyny goýup oturan eken...
Onuň aglandygy bildirip dur...
Ol Saparmyradyň gelenini bilip, ýüzüni galdyryp, hamana ýaňyja şum habar
alyp, içine sygdyryp bilmän oturan ýaly, başyny ýaýkady.
– Ynha, Allanyň pelegi!.. Mahal-mahal men şu dünýäniň Allanyňkydygyna-da
ynanamok... Alla şu dünýäni ýaratsa-da ýaradandyr, ýöne «Bar, şu dünýä seňki!»
diýip, melguna bagyş eden ýaly bolup dur... Garaşan zadyň ters bolup çykýar... Heý,
beýik bir är ýigidi, şir ýigidi, ahyry gylyjyň güýji bilen tagtyny alyp, halkyny ýowuz
duşmanlardan gorajak ýigidi gel-gel bir melgun öldüräýmelimi?
Batyr Gaýly başyny ýaýkap, kitabyň dünýäsinden çykyp bilmän gama batyp
otyr. Saparmyrat hem oňa päsgel berip durmady, köşeşdirjegem bolmady.
Ýurt üçin, halk üçin, watan üçin janyňy ýakmak – mukaddes iş ahyry diýip pikir
öwürdi.
34.
73
«Moskwa – Aşgabat» derhal otlusy uly şäherleri, kiçi şäherleri, obalary,
tokaýlary, ýaýlalary yzda galdyryp, ýüzüni günorta tutup gidip otyr. Gijesem ýok,
gündizem.
Ýolagçylaryň köpüsi uzak ýola gidýän ýolagçylardy, şol sebäpli täze münýänem,
düşýänem ýok diýerliklidi. Bir wagonyň ýolagçylary iki-üç günüň içinde
öwrenişibem, ýürek döküşip gürleşibem, dostlaşybam ýetişipdiler. Hatda olar eýýäm
birek-biregiň ýüregine-de düşüpdiler.
Sarly aga, Medet molla, Meretli aga dagy açyk penjiräniň gapdalynda durup,
ondan-mundan gürrüň edýärdiler, ýöne gürrüňlerem saýpallapdy, Meretli aga, togsan
ýaşa baryp ýören Meretli aga bolsa, göýä bu dünýäniň ähli gürrüňini gürläp gutaran
ýaly, gürlemeýärdi. Ol wagonyň duşundan zymdyrylyp geçip ýatan meýdanlary
synlap, ahyry başyny ýaýkady:
– Ors ynsaply, ors ynsaply diýen bolýarlar... Ynsaply bolan kişi munça ýurdy
boş ýatyrka, ýygyn dartyp kesekiniň ýurduna barmaz... Pah-pah, nähili ýerler, pah...
Suwunam Taňry depesinden guýup dur...
Meretli aga gürrüňine hä diýilmeginem, gürrüňine beýleki kişiniň
goşulmagynam islemän, diňe öz gelen netijesini aýdypdy. Ol hasasyna daýanyp,
küpesine bakan gitdi.
Sarly aga bilen Medet Molla gojanyň yzyndan bakyp galdylar. Ahyry küpeleriň
birinden Gylyçly Baba çykdy, ol bir ýere ugran bolmaga çemeli. Ony gören badyna
içinden begenen Sarly aga gygyrdy:
– Artist! Haw, artist, munda gel!
Gylyçly Baba «Häzir barýan» diýip, wagondan çykyp gitdi. Medet aga gözlerini
ýeser oýnadyp:
– Ak girse-de, aň girmedik-how sen... Köpüň içinde «Artist» diýip gygyryp
durmaň näme, gaty göreriň ýok, ýumşak göreriň ýok... Gaty görse näme etjek? –
diýdi.
Sarly aga gözlerini mölerdip, aňk bolup oňa bakdy:
– O nä gaty görermiş? Artist bolsaň, artist diýler-dä...
– Saňa artist diýilse janyňa ýakarmy?
– Maňa ýakmaz! Elbetde, ýakmaz!.. Emma onuň käri şol ahyry... Aý, seniň
bilenem adam pakyr gürleşäýýär... Halys ýüregime düşdüň sen – diýip, öýkeländen
boldy.
– Ýüregiňe düşsem-de, çydaber, seniň bilen menden başga gürrüň etjek bolmaz –
diýip, Medet aga güldi...
Sarly aga kitap okap oturan Batyr Gaýla bakyp başyny ýaýkady:
– Özem ýörite türkmen görjek diýip türkmeniň otlusyna münýär, kitapdan
başyny galdyrmanam, ynha düşüp gider... Ýat ýerde mesgen tutan adam ýaly däl,
ynha gelip gürrüň bermeli, ýaşaýan ýurdunyň ýagdaýlary, halky, gün-güzerany
hakda...
– Seniň bilen gürleşenden kitap okanynyň amatlydygyny bilipdir ol...
Medediň sözüne Sarly öýkeledi hem:
74
– Ýör, küşt dikeli. Seniň bilen gürleşip janyňy ýakandan, utaga-da seniň janyňy
ýakanym amat...
– Hamana utup gören ýaly...
Olar tirkeşip küpesine girdiler...
35.
– Medet han, näme diýip içiň gysýanyny aýdaýynmy?.. Garagum çöli bar, äpet
beýewan çöl, ana, şol ýöne-möne çöl däl. Türkmen aganyň kalbyny ýylatmak üçin
Taňrynyň ýakyp goýan ody ol! Ondan türkmeniň kalbyna yssy, mähir, söýgi ýaýraýar.
Türkmen halky näme diýip onuň daşyna egele bolup otyr? Sebäbi ol onuň ojagy...
– Kim aýdýar? – diýip, Medet aga gabakman gaşlarynyň aşagyndan ýeserlik
bilen ýylgyryp duran gözlerini Sarla dikdi.
– Saparmyrat aýdýar!..
Medet molla owhuldap, uludan demini aldy:
– Ýüregim ýaryldy birden saňa akyl gel ýendir öýdüp!..
Batyr Gaýly ýeser henege hezil edip ýylgyrdy. Özem gyrada durmaýyn diýip.
– Doganym, Medet... Sarly ellä ýetip barýar... Adamyň kyrk ýaşynda akyl käsesi
dolarmyş. Kyrkda gelmedik akyl ölse-de gelmezmiş... – diýdi.
– Batyr jan, gelmedi. Munuň kyrk ýaşyny toýlan günem, gijesem ýanynda men
boldum. Haýp toý edeni boldy. Gündizem, gije-de akyl gelmedi, men gözli şaýat.
Sarly onuň oýnuna gulak gabartman, gözlerini açyk penjirä dikdi:
– Haçan, açyk penjireden gelniň otly demi ýaly bolup Garagumuň howry urar! –
diýip, uzaklara nazaryny dikip durdy. Batyr Gaýlynyň hakydasynda Saparmyradyň
«Bady-sabada meni» gaýtalanyp ugrady. Ol ony öwran-öwran okapdy. Batyr Gaýly
kem-kemden gözleriniň öňüni ümez baglaýandygyny duýdy, ol ümez – ýukajyk
gözýaşydy...
BADY-SABADA MENI
Ýa, Biribar, goýbergin göwün galaňa meni,
Ýandyrmasyn kaknus deý ýowuz zamana meni,
Dost halyma sanmasyn – duşman hamana meni,
Keremiňe duş eýläp, çagyr salama meni.
Ýalkaweri gaýypdan bady-sabada meni.
Kä dürs, kä ters aýlangan dünýä çarhsyz pelekdir,
Dünýä gylyç-gürzi däl, näzik ýürek gerekdir.
Dost bolana tor gurar, dumly-duşuň kerepdir,
Agyr derdi beripsiň, Taňrym, özüň em etgin!
Ýalkaweri gaýypdan bady-sabada meni.
75
Garly daglaň goýnunda göwnümi joş eýledim,
Guşlaň owazyn diňläp, didämi ýaş eýledim,
Asmandan inen ogluň Ýerde ýalňyz neýlesin?
Yhlasyma duş eýläp, syryňy paş eýlegin,
Ýalkaweri gaýypdan bady-sabada meni.
«Milletim» diýp ýanar men, haýykmyşdyr görenler,
Hümmet hasasyn süýräp, heý, gelmezmi erenler?
Bir ojaga jem boluň, ýad-u-ýakyn, ýaranlar,
Sežde kyldym Ýeriňe, Allam Arşdan kerem ber,
Ýalkaweri gaýypdan bady-sabada meni.
Batyr Gaýly alyslara garap uzak oturdy, tä gözleriniň öňüni duman tutup,
penjiräniň aňyrsyndaky keşpler ýitip gidýänçä oturdy. Ol içki oý-pikirleriniň
girdabyna düşüp, kenar haýsy ýanda, çykalga haýsy ýanda aňyna-da getirmän oturdy.
«Oýlara, çuňňur oýlara gark bolan adam ýaşaýar» diýip, ol Saparmyradyň
gündeliginde okapdy. Häzir ol sözlerem ýadynda däldi, diňe öz pikirlerine gark
bolupdy.
Birhaýukdan ol haşlady-da, özi bilmezden daşyndan seslendi.
– Saparmyrat hak aýdýar, men şonuň düz ýerde büdüräp, saý ýerde gark bolýan
adamlaryndan. – Ol Saparmyradyň gündeliginden okan sözlerini heçjikläp gaýtalady:
Adamyň akmagy düz ýerde büdürär!
Adamyň nadany saý ýerde ýüzjek bolup, gark bolar!
Adamyň akyllysy ýatlaryň arasyna düşeninde ýatdan ýakyn ýasar. Adamyň
akmagy ýakynlarynyň arasyna düşeninde ýakynyndan ýat ýasar...
Adamyň akmagy öz dilinden bela galyp, duşman gazanar. Adamyň akyllysy iliň
dilini ulanyp, dost gazanar.
Ol şeýdip Saparmyradyň setirleri bilen özüni kötekläp köp oturdy. Pikir etdi,
oýlandy, oturdy oýlandy, turdy oýlandy... Haçan-da Saparmyrat gelende Batyr Gaýly
çyny bilen sorady:
– Saparmyrat jan, Hudaý barmy? Bar bolsa, ol nirede?
Saparmyrat Batyr Gaýla dowamly seredip, gülümsiredi:
– Näme çagyraýsam diýýärmiň, Batyr kaka?
– Men çynym bilen soraýaryn.
Saparmyrat göni onuň gabat garşysynda oturyp, nazaryny nazaryna dikdi:
– Batyr kaka, Hudaýyň bardygyny, nirededigini bilmek üçin, ilki adam özüniň
nirededigini we kimdigini bilmeli... Hanha, daşarda sygyrlar, baýtallar otlaşyp ýör,
olara Hudaý gerek däl. Olar garnyny otaranyny bilýär, köp iýip, aşa doýup tüýüni
täzelejek... Adamlar bolsa, şol mahluklardan tä Hudaýyň bäri ýanyna çenli aralykda
ýaşap ýör. Şol mahluklaryň töwereginde ýaşap, bar pikiri-zikiri ýagşy iýip, ýagşy
geýip, beýlesine emläk basmak bolsa, ol adam mahluklaryň golaýynda ýaşaýar...
Emma durmuşda ýagşyzada kişiler bar, olar edil Hudaýy görmese-de sesini eşidýär,
duýduryşyny duýýar...
76
– Saparmyrat jan, men ömrümde Hudaýy köp çagyrdym, gaty köp çagyrdym...
Hotýa, gaty bir ynanyp barmasam-da...
Saparmyrat gyýlyp Batyr Gaýla seretdi, soňam:
– Batyr kaka, aýdaly, sen çilim çekeňok, şu ýatan otluçöpüň saňa geregi ýok. Sen
häzir otludan düşýärsiň-de gidýärsiň, şu gür tokaýlara girip. Gür tokaýda azaşýarsyň,
üşeýärsiň, horlanýarsyň, emma sen otluçöpi ýanyňda götermediň, sebäbi ol saňa gerek
däldi. Gerek wagty bolsa sende otluçöp ýok... Şeýle-dä!.. Ilki özüňi gözlemeli, özüňi
tapmaly, nirede duranyňy kesgitlemeli. Mahluklaryň golaýyndamyň, melgunyň
golaýyndamyň ýa Hudaýyň golaýyndamyň...
– Hawa-da, men bir özüni ýitirip, ömrüni weýran eden adam. Ilki özüňi tapmaly,
özüňi... Özüňi...
Batyr Gaýly ýene öz pikirleriniň yzyna düşüp gitdi...
***
Batyr Gaýly goýmady...
Halys goýmady, ýogsa restoranda, onda-da otlynyň restoranynda oturmagy
Saparmyrat hem, Aşyr hem oňlamady. Aşyr:
– Ýigitler, päkize küpe, özümjik elin nahar edeýin, ýogsa-da gidip restorandan
alyp geleýin – diýip, köp özelenipdi.
Gylyçly:
– A-haw, ildeşimiz halysalla haýyş edýär, munuň göwnüni ýykyp durmalyň-la!
Adamyň sähelçe göwni bardyr-da... Batyr jan ýat ile düşen ýigit, hezzet-hormat edesi
gelýär.
Bular dört bolup wagon restoranda, bufediň golaýyndaky boş stola çökdüler.
Moskwadan ýüklenip gaýdan wagon-restoran, naharlaram gowy, üýtgeşik-üýtgeşik
nazy-nygmatlaram bar, naharam bar...
Nahar gelip, bismilla edilensoň, Batyr Gaýly şampan şerabyny açdy.
– Doganlar, hoşlaşyk pursaty golaýlaýar. Düşüp galmalydygym ýadyma
düşeninde, ýüregim gyýlyp-gyýlyp gidýär.
– «Towşana dogduk depe» diýlenidir, Batyrym, ýurduňa dolanmak gerek!
Aýtmaýarmy könelerimiz: «Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýip.
Batyr Gaýly uludan demini aldy, şerap ýöretdi. Aşyr şerapdan ýüz dönderdi,
onuň çynylygyny bilip, köp mürehet edip, dyzap hem durmadylar.
Batyr Gaýly:
– Gardaşlarym, men siziň myhmanyňyz, men türkmeniň myhmany, bir pursat
türkmen topragynyň myhmany! Eger garşy bolmasaňyz, men şu tosty Saparmyradyň
saglygyna götermegi teklip edýärin.
– Tüýs jüpüne düşen tostä– diýişdiler. – Gardaşlarym, görmek üçin göz
ýarylandyr, eginäçekmek üçin berlendir. Durmuş meni köp südüriň üstünden eltip,
uçutdan uçurdy, gorpa atdy, emma hiç haçan men öz kysmatymdan nalamandym,
takdyrym agyr boldy diýip zeýrenmändim, ýöne... Ýöne... Akyl pyýalam dolup pikir
77
öwrüp, başga bir zada göz ýetirdim. Ana, şol pikir meniň ýüregimi çakyp, düýbünden
bedibagt edip taşlady: oýnam öýli türkmen!.. Meger, halkyň kiçiligi içinde ýaşap
ýörene görünýänem däldir, emma daşa çyksaň, ol göz-görtele duýulýar. Bir halk
bolýar, onuň ogullaryny her kim tanaýar, çünki olar köplük. Ýene bir halk bolýar,
azlyk hem bolsa ogullary agzybir. Birek-birek üçin janyny bermäni hem hiç zatça
bilmeýär... Türkmeni bolsa bilýänem ýok, sylaýanam ýok... Ynha, bu bedibagtlygy
götermek mümkin däl... Ýöne, Allanyň gudraty bilen Saparmyrat jan ýagşyzada ýaly
bolup duşdy, gözümi açdy, göwnüm göterildi. Görsem, türkmen halky kiçi halk dälde, az sanly halk eken. Görsem, türkmen halky ejiz halk däl-de, taryhyň bir
öwrüminde ejiz düşen halk eken...
Batyr Gaýly pikirini jemlemek üçin dymdy, onuň şüdügär ýüzünde baharyň
ýakymy ýaly bir mähir peýda boldy.
– Doganlarym, Saparmyrat jan maňa türkmen halkyny beýik halk edip gaýtaryp
berdi. Men türkmen görjek bolup türkmen otlusyna münüp, Türkmenistanyň
geçmişini gördüm, bagtyýar boldum...
– Türkmenistanyň geçmişiniň bir sahypasyny...
– Hawa, ýekeje sahypasyny. Emma şol sahypa maňa başga bir dünýäniň
derwezesini açdy, göwnüm ganatlanyp, egnim dikeldi, gerdenim ýazylyp, bilime
kuwwat geldi... Doganlar, haýyş edýän, şu tosty Saparmyrat jan üçin içeliň, meniň
bagtymyň açylmagy üçin içeliň...
– Halk, millet müňlerçe ýylyň dowamynda döreýär, kämilleşýär. Millet her bir
adamyň buýsanjy, guwanjy bolmak bilen, onuň emer-damaryny, etsem-petsemlerini,
matlaplaryny suwaryp duran köklerdir. Ol her bir ogluň badalgasy, aşagynyň
mizemez binasydyr. Binasyz jaý gurup bolmaýar, aslyňy bilmän, eždatlaryňa
daýanman gowy adam hem bolup bolmaýar – diýip, Saparmyrat aýtdy.
– «Bir okana bar, bir dokana» diýip, könelerimiz ýönelige aýdan däldir.
Tüweleme, Saparmyrat, saňa Alla beripdir. Guýmagursak, doga kämil kişi sen,
ýüzüň-gözüň däl... Okumyş-okumyş kişileri hem görýäris, emma – diýip, Aşyr
dillendi. – Bir gün bir gowy görüşýän ýigidim öýüne çagyrdy, oturdyk, iýdik, içdik,
soňra ol sandygyň içinden mahmala dolanan bir kitap çykardy. Hamana bir pitne
turuzjak ýaly bolup, töweregine ýalt-ýult edip: «Aşyr, şu kitaby okap gör, tüýs
türkmeniň taryhy» – diýdi. Maşynkada ýazylan, üç ýüz sahypa töweregi eken,
okadym, emma suw gysymlan ýaly.
– Saparmyrat, ynha, men aktýor, sahna az çykýan, köplenç, kinoda oýnaýan. Ilgünem meni barypýatan intelligent adamdyr öýdýär, men bolsa adymy zordan
ýazýan... – diýip, Gylyçly ýylgyrdy. – Hudaý kessin, zordan ýazýan...
– Gylyçly kakamda oýun köpdür – diýip, Saparmyrat degip güldi-de, saňa biziň
gorumyzy görjek bolýan aga diýerler...
– Ynanmaýarlar, boýnuň galstukly bolansoň, ors dilini suwara bileňsoň, ylmyň
aňyrsyna-da barandyr diýip güman edýärler. Bagşy bilen tehnikumda okanymyň
bolsa, öz taryhy bar. Artistligiň ýeser ýeri – teatrda, kinoda hut baş gahrymanyň
roluny oýnaý, gaty diplomyň bolmasa, iň pes kategoriýadan hak berilýär. Ana, şonuň
78
üçin, kinostudiýanyň oglanlary meni aň-bilim tehnikumyna okuwa saldylar, diplom
alyp berdiler. Bir sagat, ýarym sagat sapakda oturyp gören bolaýmasam, egzamyna
beýlek baranymy gören ýokdur...
Hawa, bisowatlaryň içinde menden meşhury ýokdur!..
– Pespällik, kiçigöwünlik gylyklaryň ýagşysydyr.
Bular nahar iýip, peýwagtyna içip otyrdylar.
Gylyçly:
– Saparmyrat jan, men köpçüligiň adamsy, sowatsyzlygym bilen öwünjek hem
bolamok, ýagdaýymy aýdýan. Iliň içine barýan weli, onda-munda türkmeniň taryhy
barada hem soraýýarlar. Sen meniň ýala hem düşnükli bolar ýaly edip, türkmen
taryhyndan aýdyp beräýsene.
– Gylyçly kaka, türkmeniň hiç bolman bäş-alty müň ýyllyk ýazuw taryhy bar,
müňlerçe hananlary, şalary, soltanlary, hanlary bar, olary nahar başynda aýdyp
tükedip bolmaýar, ýöne esasy biläýmeli taryhy şahslar bar, olar öwlüýä, olar gudrat,
keramat! Olara sežde edip hem bolýar. Biziň adyny dilimizde doga edinmeli atamyza,
düýp babamyza Oguz han diýýärler. Oguz hanyň alty ogly bolýar, atlaryna üns beriň:
Gün han, Aý han, Gök han, Ýyldyz han, Dag han, Deňiz han. Alty ogluny daşyna
jemläp, tutuş oguz halkynyň agzyny birikdirip, ol bütin dünýäniň bilinýän ýerlerini
basyp alýar, emma talamak üçin däl. Oguz han elipbiý düzüp, hat-sowat diýlen zady
döredip, basyp alan ýurtlaryna oguz medeniýetini ýaýradýar. Oguz hanyň alty
oglundan ýigrimi dört agtygy bolýar, ol her agtygyna bir tagma ýasap berýär, şol
tagma agtyklarynyň gerbi. Şol tagmalar esasynda hem Oguz han öz elipbisini
döredýär. Ol:
– Ogullarym, siziň her biriňizde bir tagma bar, siziň her biriňiz elipbiniň bir
harpy, eger siz mydama meniň barymdaky ýaly jem bolsaňyz, döwlet taparsyňyz,
ýok, her kim öz bähbidi diýip çaşyp gitseňiz, döwletiňizem bölüner, ykbalyňyzam,
hat-sowadyňyzam dargar – diýipdir.
– Bi Oguz han atamyz haçanrak ýaşap geçen?
– Bäş müň ýyl mundan owal...
– Saparmyrat jan, soltan Sanjaram türkmen bolupdyr diýýärler, ol haçanrak
ýaşap geçipdir? – diýip, Aşyr sorag berdi.
Gylyçly:
– Aşyr jan, dur entek, aňyrdan gaýdaly-la – diýdi.
– Oguz han öleninden soň ornuna Gün han tagta çykýar. Gün han döwrem
ýurduň meşhur begleri, kethudalary, aksakallary jem bolup, häzirki dilimizde döwlet
konstitusiýasyny ýazýarlar, onam eýlenen öküz hamyna ot bilen tagmalap ýazyp
ençeme arka şol ýol bilen ýöräpdirler...
Batyr Gaýly şampan şerabyny guýdy. Gylyçly:
– Türkmen halkynyň geljegi üçin içäýeliň! – diýip teklip etdi. Olar içdiler,
tamşandylar. Aşyr birhili ýaýaplap:
79
– Oglanlar, bir minut özara gürrüň edip otursaňyzlaň, men derrew maşgalamy
görüp geleýin... Näsagym bar – diýip ötünç sorady, soňra Saparmyrada ýüzlenip –
Inim, gara gözüňe döneýin, men gelinçäm taryhy aýtmasana...
Batyr Gaýly:
– Biziň halkymyzyň birhili egni gysyk. Serediň, hanha, ol ýerde dört sany
türkmen ýigidi otyr, ol ýerde dört, onda dört, bizem ynha dört. Emma bize derek dört
sany dagly milletiň wekili gelip bir stoluň başyna çökse, tutuş restorany ala-goh edip
oturardylar. – Ol oturanlara «Men häzir gelýän» diýip, öz işi bilen gümra bufetçiniň
ýanyna bardy. Bir zatlar diýibem dessine geldi.
– Batyr kaka, ol türkmeniň egni gysyklygyndan däl. Türkmeniň örän gadymy
gany bar. Türkmen halky ençeme galkynyşy-synyşy, ösüşi-tesişi, döwletleriň
döreýşini, dargaýşyny gören halk. Ol nesilleriň hakydasynda galmasa-da, ganynda
galýar. Gany gadymy halklarda beýik ogullar köp dogulýar. Läheňler. Türkmeniň
geçmişine seretseň, dünýä ýaň salan beýik-beýik alymlar, şahyrlar ummasyz köp. Ol
ganyň oýny. Ýönekeý mysal, Magtymgulyny alyp göreliň. Magtymgulynyň
beýikligine akyl ýetirmek juda kyn. Ol şahyr däl. Şahyr – Seýdi, Zelili, Andalyp we
beýlekiler. Hudaý zehin berse, her bir kişi Andalyp ýa Mollanepes ýaly şahyr bolup
bilýär, emma Magtymguly ýaly ägirt bolmak üçin zehin hem ýeterlik däl.
Magtymguly – türkmen halkynyň iň soňky partlamasy! Ýaňadan beýik millet
bolmaga çagyryş, bina, badalga!.. Magtymguly ýaly dünýäniň belent derejesine
göterilen şahyrlar bir-ä haýsydyr bir halk uly imperiýa, soltanlyk, şalyk bolup, birnäçe
halklary basyp alyp, birleşdirip, täze medeniýet döreden çagynda döräp bilýär, birem
halk dargap, ýitip barýarka! Magtymguly on sekizinji asyrda dargap, tozup barýan
halkyň ähli güýjüni jemläp, täze bir beýiklige ymtylmasy!.. Magtymguly – geljekki
döwletiň, özem beýik döwletiň daşdan, mermerden binasy.
– Hawa-da, ors ýöne ýere Pyragynyň goşgularynyň ýarpysyny gadagan edýän
däldir, aňýandyr, bilýändir... Ýene, orsam bir ýagşy millet, görýämiň, haty-sowady
gaýgyrman öwredýär. Belki, Hudaý, türkmen hem okap-okap ýaňadan bir dogulmaly
halk bolaýady-da... – diýip, Gylyçly hyrçyny dişledi.
Bufetçi türkmenleriň oturan stollaryna – dört stola şampan şerabyny eltdi, emma
ony hiç kim duýmady. Bir salymdan bufetçi mejimä salyp bularyň oturan stoluna hem
dört sany şampan şerabyny getirdi, şonda Gylyçly geň galyp:
– A-haw, ýagşy ýigit, sen bizi şampana gark ederin öýdüp çaklaýan bolsaň-a
ýalňyşýaň – diýip, bufetçä göz gypyp güldi.
– Türkmen ýigitleri ýolladylar, içiň, noş bolsun! – diýip, ol gitdi...
– Ynha, ýaşaýşyň baş ýörelgesi şü – diýip, Saparmyrat şampanlara barmagyny
uzatdy. – Batyr kaka gerçeklik edip, ilki olara sowgat ugratdy, ol hem gaýdyp geldi.
Türkmen aýtmaýarmy, «Saçakly barsaň, saçakly hem gaýdyp gelersiň, pyçakly
barsaň, pyçakdan hem ölersiň» diýip.
Adam ýagşylykdan başlanýar! Özüni oňaran adam goňşusyna, dogangaryndaşyna, syrgynyna, hataryna, obadaşlaryna ýagşylyk edýär. Ýagşyzada ýaly
adamlar bolýar, olar tanamaýan-bilmeýän adamsyna hem ýagşylyk edip geçiberýärler.
80
Pygamberler bolsa Allanyň saýlan adamlary, olar hatda duşmanyna-da ýagşylyk
edýärler, şony hem ündeýärler!.. Biz oglankagam diwana gelerdi, ozallar derwüşler,
galandarlar hem bolupdyrlar. Olar «Huw-hak» diýip, ilini-gününi terk edip oba-oba,
şäher-şäher aýlanypdyrlar hem tutuş halkyň, külli musulmanyň sag-salamat
ýaşamagyny Alladan diläpdirler. Halk olary hezzetläpdir, hormatlapdyr...
Adam ýagşylykdan başlanýar!..
Batyr Gaýly:
– Saparmyrat jan, sen inim, bir zady aýt, men ýurduma arkaýyn gideýin! Heý,
türkmen bolup, irde-giçde ýene ozalkymyz ýaly göterilip bilermikäk? – diýip, sorag
berdi.
– Munuň tebigatyna seredip görmeli. Görýäňizmi, biziň hemmämiz taryhymyzy
bilmek işleýäris. Diýmek, bu eýýäm gowulygyň alamaty!.. Keseli açlyk bilen bejerip
bolýandygy barada eşidipmidiňiz?
Oturanlar başyny ýaýkadylar.
– Men häzir oba baryp, ýaňy garny doýup ugran obadaşlaryma: «Ençeme keseli
açlyk bilen bejerip bolýar» diýsem, hiç bolmanda meni küýli hasap ederler. Emma
häzir Amerikada ähli keselleri diýen ýaly açlyk bilen bejermäge synanyşyk, dogrusy,
ýoň bolupdyr. Bu täze tapylan hokga däl. Gadymy Müsürde ussat tebibe şägirt
bolmak üçin, kyrk günläp duz datman, arassa suw bilen özüňi saplamaly eken, Isa
pygamber pygamberlige başlamazdan ozal kyrk günläp açlyk çekip, göwresini
päkläpdir. Budda pygamber bolsa arly ýyllap...
– Beý, Muhammet pygamberiň bir aý orazany dessur etmegi mundan gelen
eken-ow – diýip, Gylyçly öz açyşyna hezil etdi.
– Näme diýip Amerikada açlyk bilen kesel bejermek ýoň bolup barýar? Sebäbi
Amerika dok ýurt, dok adamlar keseliň diňe ýetde-gütdelikden däl-de, ýagşy
naharlanmadan hem döreýändigine akyl ýetirýärler... Men muny ýöne mysal getirdim.
Eýýäm sende, mende, onda taryha gyzyklanma bar, sebäbi başymyzy çaraýarys. Öz
başyny çaran adam beýlekileriňem aladasyny edýär. Özi bir derejä baran adam
halkyny hem şol beýik derejede görmek işleýär... SSSR-iň beýik bir tarapy bar, ol
okadýar, höwes bilen okajagam, okamajagam okadýar, pes tarapy bar, ol halklaryň
geçmişine gulp urup, taryhyny gizläp, bukup saklajak bolýar – diýip, Saparmyrat
çilim otlanmak üçin entek açylmadyk çilim gabyny açmaga durdy. – Emma SSSR
halklaryň gözi açylsyn diýip okadýandyr diýmek, bir taraply bolýar. SSSR – biz
dünýäde iň okumyş, iň sowatly, iň beýik döwlet diýip, özge halklary özüne
imrindirmek üçin okadýar!..
– Saparmyrat jan, «Tamda gulak bar, tüýnükde göz» diýleni, ýuwaşrak! – diýip,
Gylyçly Saparmyradyň edip oturan gürrüňinden howatyrlandy.
Aşyr geler ýerde gelmedi. Batyr Gaýly häli-şindi gaňrylyp garap, onuň
gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol gürrüň diňlejekdi, taryhy gürrüň!..
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Otly Türkmenistana barýar - 08
  • Parts
  • Otly Türkmenistana barýar - 01
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 02
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2109
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 03
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2177
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 04
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2054
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 05
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2118
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 06
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2036
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 07
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 2018
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 08
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 2100
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 09
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2014
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 10
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2084
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 11
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2078
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.