Latin

Otly Türkmenistana barýar - 01

Total number of words is 3663
Total number of unique words is 2060
31.8 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
55.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ads place
OSMAN ÖDE
Otly Türkmenistana barýar
Eziz okyjylar, siz eliňizdäki «Otly Türkmenistana barýar» atly romany
okap, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň
talyplyk ýyllarynyň bir hepdesi bilen içgin tanşyp bilersiňiz. Onda SanktPeterburgda institutyň ikinji kursuny tamamlandan soň, Saparmyrat
Nyýazowyň ejesi, kakasy bilen duşuşmak üçin ýörite gaýdyşy,
tolgundyryjy hyýaly duşuşygy, ejesine, kakasyna bolan perzentlik söýgüsi
beýan edilýär.
© Ödäýew O.H., 2009 ý.
1
«Otly Türkmenistana barýar»
Roman
1.
«Ugradandan ýoldaş bolmaz» diýýär türkmen. Ýöne ugradýan ýoldaşyň iň
ýakynyň bolýandygyna, gözüňe has yssy görünýändigine Saparmyrat göz ýetirdi.
Ýeke sagady biri-birinden aýry geçmeýän ýigitler, bir hepdäniň aýraçylygyny
nähili geçirjegini bilmän, kösendiler. Saparmyrat Türkmenistana baryp gaýtjakdygyny
aýdanda, dostlary özleri üçin ýyla öwrüljek bir hepdäni göz öňüne getirip, onuň
pikirini oňlaslary gelmedi, ýöne gitme-de diýip bilmediler. Ýigitleriň durmuşyň
durşuna aýraçylykdygyny boýunlaryna alaslary gelenokdy. Şonuň üçin hem olar
aýraçylygy sähelçe-de bolsa gysgaltmak islegi bilen, Saparmyrady Moskwa çenli
ugratmagy ýüreklerine düwüpdiler.
...Wokzalda duran ýigitleriň ellerinde kiçijik çemodany bardy. Olaryň
studentdigi duýulýardy. Çünki şol döwürde şeýle çemedanjygy, köplenç, studentler
göterýärdiler. Dostlary Saparmyradyň sag-aman dolanyp gelmegini, özüni
goramagyny öwran-öwran sargytäedýärdiler.
Olar bir desse gül deýin gujaklaşdylar.
Dostlarynyň uzyn boýlusy:
– Saparmyrat jan, uzak eglenme, tiz gaýt, gazanç edeli, ylmyň aşagyna ýaglyja
binýat gerek... Ýigrimiňden geçip, ata-eneň boýnunda, ýa başga biriniň boýnunda
oturmak bolmaýar. «Adam – özüňi adam et!» diýýär, Aristotel.
Saparmyrat ýylgyryp:
– Hawa-da, biz Allatagalanyň ýaşa, ýaýna, döwran sür diýip ýaradanlaryna
girmeýäris. Biz özümizi adam etmeli!..
– Duşuşýançak... Ýöne, köp eglenme! – diýip, üçünji ýoldaşy Saparmyrady
bagryna basdy, edähede görä taýly gezek bir-birini ogşadylar.
Ýoldaşlary goşlaryny alyp, argyn gijäniň sazlaşygyny bozup, metro tarap
ugradylar, ullakan «M» harpyna ýetiberenlerinde, yzlaryna dönüp, gollaryny
buladylar.
Gije salkyndy, hatda çigrek diýseňem boljakdy.
Saparmyrat uzaklara nazaryny aýlap, hyýalynda ejesini janlandyrdy. Birsalym
ýylgyryp ejesiniň didaryna garap duransoň:
– Eje, eje jan, käbäm, garaş, hä diýmän bararyn! – diýdi. – Kyblam pederim,
garaş, hä diýmän bararyn!.. Sizi göresim gelip, iki ýyly zordan geçirdim, zordan.
Saparmyrat çemedanjygyny alyp, ýüzüniň bakyp duran tarapyna ýöräp ugrady...
Saparmyrat Leningradyň M.I.Kalinin adyndaky politehniki institutynyň ikinji
kursuny tamamlap, tomusky dynç alşa çykypdy. Soýuzyň ähli ýokary okuw
2
jaýlarynda bolşy ýaly, on sekiz müňli institutda hem dynç alyş döwri studentler
zarpçy gurluşyklarda işleýärdiler. Saparmyrat ýene bir hepdeden zarpçy gurluşyga
gitmelidi. Studentler gurluşyk otrýadlarynda işläp, uly-uly binalary gurmalydy.
Düýn institutyň komsomol komiteti studentler bilen duşuşyk geçiripdi.
– Biz ylymda öwrenenlerimizi tejribe bilen baglanyşdyrmalydyrys. Biziň student
gurluşyk otrýadlarymyz soýuzda tapawutlanmalydyr. Kanikuly bihuda geçirmek
bolmaz... – diýip, institutyň komsomol komitetiniň sekretary uzyn nutuk sözläpdi.
Studentler onuň sözlerini makullap çykyş edipdiler.
Netijede, ýene bir hepdeden gurluşyga ugramak bellenipdi.
Studentlere bir hepde boş wagt ýörite berlipdi. Olar bir hepdäniň içinde öz
mähriban ata-enesiniň ýanyna baryp, olar bilen didarlaşyp, mähirlerini gandyryp
gelmelidiler. Ata-enelerine okaýyşlary hakda gürrüň bermelidiler. Ata-enelerine
kömek bermelidiler. Studentler ýedinji gün diýlende institutda bolmalydy.
Saparmyrat bir hepde berilýän bu wagta sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Ol
hyýalynda käbesiniň, kyblasynyň ýanlaryna nädip barjakdygyny göz öňüne getirýärdi.
Saparmyrat ejesini-de, kakasyny-da hiç wagt ýadyndan çykaranokdy, olar onuň
ýüreginiň töründe ýaşap ýörler. Saparmyrat olary ezizläp, apalap ýör. Olara nädip
ýogalan, olara nädip ýok diýjek?! Olara ýok diýmäge Saparmyradyň dili barmaz. Ol
men ýetim diýip müzzermeýärdi. Müzzereni hem halamaýardy. Şonuň üçin
Saparmyradyň ata-enesiniň ýokdugyny kursdaşlarynyň köpüsi bilenokdy hem.
Saparmyrat käbesine salam bermäge, ýagdaýlarynyň, okaýşynyň gowudygyny
aýtmaga barýardy.
Saparmyrat kyblasyna salam bermäge, ýagdaýlarynyň, okaýşynyň gowudygyny
aýtmaga barýardy.
Saparmyrat olaryň ruhlarynyň ýalňyz galan ogullarynyň her bir dimini
bilesleriniň, didaryny göresleriniň gelýändigini açyk bilýärdi.
Oňa Türkmenistanda eziz ejesi garaşýardy.
Oňa Orsýetiň alys bir ýerinde mähriban kakasy garaşýardy.
Saparmyrat olaryň ruhlaryny rahatlandyrmak üçin barýardy.
2.
Olar hamana ýedi ýyl aýraçylykdan soň duşuşan ýaly, garagadyr görüşdiler, iki
elläp salamlaşyp, gol silkişdiler, bu dessur şeýle uzak dowam etdi, hatda, töwerekden
ötüp barýan biparh, biperwaý ötegçilerem säginip, gaňrylyp garap, geň galyp gitdiler.
Sugry telpekli pyýada ýylgyrýardy, ýaş ýetginjek hem ýylgyrýardy. Ilki sözi, türkmen
edähedi boýunça, ýaşuly başlady:
– Beýleden nireden gelýäň-aýt?
Saparmyrat ýygrylybrak jogap gaýtardy.
– Kitaphanadan...
Ýigidiň çaklaýşy ýaly hem boldy, sugry telpek gulagyna ynanman, tiňkesini
dikip, ýaňadan soramak isledi, emma magat eşiden sözüni soramagy oňlaman:
3
– Kitaphanadan? – diýip, gaty geňirgendi. Ýogsa, Saparmyrat ony
geňirgendirmejek bolup, ýygrylybrak, ýuwaşja aýdypdy. Sugry telpek ýaňadan
hemrasyny başdan-aýaga içgin-içgin synlap, pyşyrdady: – Hawa-da, restorandan ýa
başga bir elpe-şelperäk ýerden gelýän diýseň ynanjagam däl.
Sugry telpek aradaky oňaýsyzlygy aýyrmak üçinmi, ýa soramak-ideşmek
dessury üçinmi, garaz, ýetginjegiň goluny goýbermän, bir goly bilen goşuny alyp,
ýigidi çete, adam-garanyň azrak geçýän ýerine çekdi:
– Ýör hany, bir çilimleşeli, gyssag ýeriňe bir çilim çekerlik pursat gijä galyp
baraý...
Sugry telpek gaty mährem, ýüzünden-gözünden nur damyp duran, üýtgeşik,
özüne çekiji adam bolup, daş keşbi bilen içki ruham gabatlaşýan ynsanlardan eken. Ol
çilim çykardy, ýetginjek hem çilim çykardy-da, otlandy. Çilimiň tüssesi sugrytelpegiň
filosofiki dünýäsini oýaryp ugrady:
– Görýämiň, inim, ikimiz birinji gezek duşuşdyk, özem nirede, Moskwada,
ýurtdan dört ýarym müň kilometr uzaklykda. Belki, men ozal seni Aşgabatda kän
görendirin, belki, senem meni köp görensiň, belki, bir ýerräkde ýaşaýandyrys, emma
birek-biregiň gözüne ilen däldiris. Ynha, indi bolsa, men seni doganymy gören ýaly...
hut gujaklaýasym gelip dur... Bi kakabaş türkmenleri dogan etmek üçin hökman
ýurdundan dört ýarym müň kilometr alyslara alyp gitmelimi? Heý, dünýe!
Adatça, beýle esentanyşlyk halanmaýar, çünki, köplenç, onuň aňyrsynda bir
çöpjagaz, maýdaja bähbitjik ýatýar, emma Saparmyrat sugrytelpegiň mylaýym
keşbine seredip, onuň aňyrsynda galdyr-bassyrlygy, melgun keşbi görmedi. Hudožnik
bolsaň, ol adamyň suratyny çekip, aşagyna «dogan» diýip ýazaýmalydy. Saparmyrat,
seýrek hem bolsa, beýle adamlara ömründe duşup görüpdi. Beýle kişiler obalarda
entek bar, olar ejesiniň obasynyň adamlarynyň ählisine daýy-daýza diýip ýüzlenýär,
kakasynyň obasynyň adamlaryna bolsa, «pylany kaka-pylany eje» diýip ýüzleýär.
– Student! – diýip, sugrytelpek gelen netijesiniň ýalňyş däldigine şek-şübhesiz
ynanyp aýtdy. – Studentiň çykaýmaly ýeri hem kitaphana!.. Inim, bu dünýä her kim
almaga gelýär, her kim her etjek-hesip etjek – aljak, ýöne beýik Perwerdigär, basgy
bolaýmasyn diýip, her kime bir zady almaly edipdir. Her gün Aşgabatdan on alty
wagon millet gelýär, on alty wagon. Kimsi Moskwadan haly aljak, kimsi maşyn,
kimsi mata-marlyk... Emma seniň aljak zadyňy almak üçin hemme kişide ambar hem
ýok – diýip, ol sugry telpeginiň astyna süýem barmagyny uzatdy. – Seni Allatagala
bagtyýar ýaradypdyr, atyber ambaryňa, atyber, seniň alýan harydyň agramy ýok, pul
tölemeli däl, üsti agyr nobat däl. Her kim almaga gelýär, emma aslynda berip gitmeli
dünýä bi! Alanyny berip gitmedik adam bolsa iň bir Hudaý gargan adamdyr...
Aýtmaýarmy könelerimiz, o dünýäňe alyp gidesiň ýok diýip...
Saparmyrat söhbetdeşini aşaklyk bilen synlaýardy, synlamak üçin hem däl, belki,
onuň içki dünýäsine aralaşmak üçin, belki, ondan gözüni aýryp bilmeýäni üçin.
Saparmyrat içinden «Şeýle agaň bolaýsa» diýip pikir öwürdi.
4
Moskwa, dörjelen garynjanyň içki hini ýaly, adam bary ibirt-de-zibirt. Kimiň
goly goşly, kimiň ýany itli, kim aýalynyň golundan tutup barýar, garaz, her kim bir
ugra eňaşak. Sugrytelpek ýetginjegiň Aşgabada gaýtmakçymy-däldigini sorady.
– Ýetişsem şu gün, ýogsa-da ertirki otly bilen gaýtjak...
– Belki, sen meniň bilen gidersiň, men prowodnik, «Aşgabat – Moskwa»
otlusynyň iň gowy wagonynyň prowodnigi... Ynjytmanjyk, inim şekilli edip elterdim.
Sugrytelpek tüýs Saparmyrada gerek adamdy, arman onuň wagony iň gowy
wagon, entek iň gowy wagon Saparmyrat üçin ir, ir, entek ol gaty wagonda süňklerine
agram salmaly, entek ol halkyň içinde bolup, halkyň ýagdaýlaryny öwrenmeli, ol halk
bilen, halk onuň bilen...
– Inim, sen ýagşyzada diýip eşidensiň, ýagşyzada Hydyr ata ýaly keramatly,
gudratly däl, emma ýagşyzadalaryň hem özüne ýetesi gudraty bolýar. Olar adamdan
ýokarda, perişdeden aşakda... Ýagşyzada özüniň duşmagy bilen-de, salamy bilen-de
her kişä haýyr edip bilýär. Sen ýagşyzadasyň, hökman ýagşyzadasyň, beýle nurana,
ynsanperwer, mähri ýüzünden-gözünden çogup duran adam ýöne adam bolmaýar!
Gör, ikimiz duşduk, gürleşdik, tanyş bolduk... Seni maňa Hudaý duşurandyr! Näme
diýip duşurandyr? Hol öwrümden aňyrda meniň bilen pete-pet gabat gelmeli
melgundan ýolumy sowmak üçin, onuň bilen duşurmazlyk üçin, belkem, hol köçeden
geçjek bolanymda, kakmaly maşyn geçip gidýänçä meni saňa duşuryp saklandyr
ýokarky...
Sugrytelpegiň ýagşyzada baradaky pelsepesini doňdurma satýan daýzanyň şaňňy
sesi böldi.
– Laýyk wagtynda geldi, edil şumat buz ýalyjak doňdurmanyň keýpi bardyr –
diýip, sugrytelpek iki sany doňdurmanyň hakyny berdi, Saparmyrat özi üçin
tölenmegini halamady, emma ony duýdurmagy hem ýokuş gördi, sebäbi ol adamyň
keşbi dogan keşbini ýada salýardy. Doňdurmany iýip durşuna, hamana, bir abyrsyz
uly hata goýberen ýaly, sugrytelpek goluny uzadyp:
– Taky-takylap tanyşmagy hem unudypdyrys... Meniň adyma Kelhan diýýärler,
hakyky adym hem bar, ýöne Kelhan adyma şeýle bir öwrenişipdirin weli, hakyky
adym ýasama bolup, hiç gelşenok... Özümem biraz kelrägem...
– Ýaşuly, siz hakyky adyňyzy aýdaýyň maňa, men siziň hakyky adyňyzy
tutaýyn.
– Haý, sypaýylygy ýüzünden bildirip duran, inim-eý, utanman Kelhan aga
diýiber.
Emma Saparmyrat göze doly, kalbyna ornaşyp barýan mährem adama Kelhan
diýip biljek däldi, onuň içki medeniýeti başgady.
– Hakyky adym Beghan... Gadym ata-babalarymyzda iki dogan bolan, biriniň
ady Baýhanmyş, biriniň ady Beghanmyş... Atam pakyr şolaryň ady ýerde ýatmasyn
diýip, maňa Beghan dakýar, inim bolanynda bolsa, Baýhan diýip at dakypdyr, ol
neresse ýer astynda galdy...
Beghan aga uludan dem aldy, Saparmyrat hem uludan dem aldy...
5
– Türkmen bir bagty pes halk boldy... Bir pursadyň içinde, ýekeje pursadyň
içinde müňlerçe adamy alaýmak bolarmy?..
Süýji zat jüp ýagşy diýip, ýene bir doňdurmany iýdiler. Beghan aga ýaşuly
soranjaňlygy bilen Saparmyradyň Leningradda okaýandygyny, institutyny, okuwy
gutaransoň kim bolmalydygyny, birki gün Moskwada bolup, muzeýleri görüp,
Aşgabada dolanjakdygyny bilip:
– Inim, Saparmyrat jan, Aşgabada gideli, ejeň-kakaňyň gözi ýoldadyr. Bir gün
öň barsaň bir gün olaryň ömrüne artykmaç ömür goşarsyň – diýip, eje-kaka hakynda
pelsepe otaryp ugrady. Saparmyradyň ýüregi jigläp, gursagy som-yza bolup gitdi,
duýgur ýoldaşy ony duýmady, gaýta:
– Muzeýi soňa goý, Saparmyrat jan. Kelhan agaň her kime töwella edip ýören
hem däldir, bileje gideli... Senem maňa kömek et...
– Näme kömek?
– Öňi bilen, gowuja taksi tutaly, maňa biri derman sargady, şony tapaly... Ine,
hol epdek iň bir dermana baý epdek, içigargalmyş, ýok eken onda... Tapman barsam
bolmaz, bir bende şu dermana garaşyp ýatyr... Kesel, gaty kesel...
Beghan aga derman barada, keselli barada şeýle bir ýürekden gür berýärdi,
hamana, şol derman bolmasa, bir bende heläk bolaýjak ýaly, hamana, şol dermanam
Saparmyrat ýany bilen gitse, aňsat tapaýjak ýaly...
Garaz, Saparmyrat aýak diräp durmady. Dogrusy, özüniňem ýurdy göresi gelip,
ýürejigi atygsap durdy.
Saparmyrat taksi tutdy, gözüňe söweýin türkmen aty ýaly, belent «Wolga»
maşyny. Sürüjem gaty mylakatly, jübä ataýmalyja ors adamsy eken. Taksa münen
badyna Beghan aga arassa ors dilinde gürläp, taksiçiniň goluna kagyzy tutduryp, şu
dermany nirede bolsa-da tapaýmalydygyny aýtdy. Taksiçi kagyzy okap, dessine
gatnawy köp, uly köçä düşdi.
Dermanhana yzyna dermanhana görüldi, taksiniň hasap guraly pul üstüne pul
urup gidip otyr, emma Beghan aganyň perwaý-piňine-de däl.
Taksiçi hem ynsaply adam eken. Ol ozal iki ýola aýtdy, üçünji ýola hem göz
gyýtagyny maşynyň hasaplan puluna aýlap, maşyny saklady:
– Dostum, sen kagyzy goýup git, men ertir, giç galsa birigün taparyn, hökman
«Aşgabat – Moskwa» otlusy bilen saňa gowşar ýaly ederin. Ýoldaşlaryň seni
tanaýandyr ahyry – diýip, janykdy.
– Iwan, sen mamla, men oglum üçin telpek ýa kostýum gözleýän bolsam, başga
gep, bi derman başga gep… Üç günden Selim aga otla çykar, men «Tapmadym»
diýeýinmi? Ullakan ýurduň paýtagty Moskwa ýaly şäherden iki sany dermany
tapmadym diýeýinmi? Bolmaz, han, bolmaz. Sen ýadan bolsaň hasaplaşaly, biz başga
maşyn tutaýarys. Ýadan bolsaň, Saparmyrat jan, senem wokzala ugradaýyn takys
bile...
Saparmyrat başyny ýaýkap, taksiçä gözlemelidigini, tapmalydygyny aýtdy,
Beghan aga haşlap dem aldy, maşyn ýene ýola düşdi...
6
Ýeňil oglan hökmünde her gezek diýen ýaly, Saparmyrat maşyndan düşüp,
dermanhana baryp soraýardy, soňabaka ýalbaryp hem ugrady, emma peýdasy ýokdy.
Derman tapylmaýardy. Ol her gezek dermanhanadan çykansoň, Beghan aganyň
ýüzüne bakmagy gaty ýokuş görýärdi. Beghan aga bolsa Saparmyrat gapydan çykan
badyna, işiň bitmändigini sözsüz aňýardy.
Ara uzak dymyşlyk düşdi. Beghan aga Saparmyrada:
– Inim, men şu dermanyň tapylmaýanyny hem gowulyga ýorýan. Şol saňa duşan
ýerimdäki dermanhanada ýok eken weli, göwnüme dessine şu pikir geldi. Derman
kynlyk bilen tapylsa, hassa aňsatlyk bilen gutular! – Bu Beghan aganyň ynamydy.
Derman hassa em bolmalydy. – Inim, gadym zamanlar haja gider ekenler, özlerem
ýolda näçe jebri-jepany köp çekip, köp görgi görseler, şonça-da hajlarynyň kabul
boljakdygyna ynanypdyrlar – diýip, Beghan aga soňundan öz filosofiki pikirlerini
orsça öwrüp, taksiçä aýdyp berdi. Ahyry hem – Ýokardaky görüp oturandyr, synlap
oturandyr. Ol biziň yhlasymyz üçribem, keselli bendä rehim-şepagatly nazaryny aýlar.
Derman melhem bolýan däldir, melhem seniň, meniň, onuň ylhasydyr – diýip, ol
sözüni tamamlady...
Dermanhana yzyna dermanhana görüldi, ahyry...
3.
Haýran galaýmaly köçedi, hamana Moskwanyň köçesi däl ýalydy... Maşyn ýok
diýen ýalydy, özem bir taraply köçe. Ýoluň iki gyrasyna ýaşyl gyrymsy daragt ekilip,
kemsiz çyrpylyp bezelipdi. Birden gapdaldan çykan tigirli adam göründi. Taksiçi bar
güýji bilen tormoza mündi! Tormozyň eýmenç sesi hamana elhenç tyg ýaly bolup,
ýüreklerden geçip gitdi. «Wolga» maşynynyň öň aýnasy durşuna gyzyl reňke
boýaldy. Ilkinji bolup özüni ele alyp ýetişen Saparmyrat gapydan atylyp çykdy,
seretse, hanha bir adam gaçyp barýar, tigriň aşagyna seretse, hiç kim ýok. Tigir
gapdala zyňlypdyr. Beghan aga hem çykyp ylgady, gaçyp barýan hem özüni ele alyp,
yzyna gaýtdy:
– Men günäkär, men... men...
Beghan kapotyň üstüne barmagyny batyryp, ilki ysgap gördi, soňam ýalap,
birden ha-ha-haýlap heziller edip güldi:
– Tamatlaý!..
Tigirli adam hem düşündi. «Tomat, tomat» diýip gaýtalap sürüjiniň ýanyna
bardy:
– Bagyşla... gorkma, maňa hiç zat bolanok!..
Sürüji gara suw bolup derläpdir, aýaklary, elleri, tutuş göwresi saňňyldap dur.
Tigirli ýene ötünç sorap, maňa hiç zat bolanok diýdi. Sürüji:
– A maňa näme bolanyny bilýärmiň?!
Haýran galaýmaly bir ýagdaý bardyr. Adam üýşürjek bolsaň, ýolda durup
maşynyň kapotyny açaýmalydyr. Awariýa dagy bolaýsa, bar onsoň, duran ýeriň
jygyllyga döner...
7
Adamlar motorly welosipedi synlap, başyny ýaýkaýarlar, oňa-da hiç zat
bolmandyr. Gülüşýärdiler, diňe sürüjiniň gülmäge mejaly bolman, birsyhly başyny
ýaýkaýardy.
4.
Saparmyradyň ýüregi atygsaýardy. Ol häzir türkmenlere duşmalydy...
Kazan wokzalyna «Moskwa – Aşgabat» derhal otlusy gidýärdi.
Näme diýip Aşgabat wokzalyndan däl! Million-million tonna «gara altyn», «ak
altyn», «mawy altyn» tabşyryp duran türkmeniň, Hindistanda öz derwezesini guran
türkmeniň hatyrasyna bir wokzala adyny goýup bolmaýarmy?
Saparmyrat häzir garyndaşlaryna, gaty köp garyndaşlaryna duşmaly: her egninde
adam oturybermeli, gara gözlerinden türkmen mähri, türkmen gory dökülip duran
salyhatly kişä, türkmen çöregi ýaly kalbyňy dokundyryp duran mährem türkmen
enesine, dünýäniň geçmişine, geljegine akyl ýetiren döşüne ak tüý biten türkmen
gojasyna, mazy ýaly yslyja posalajyk türkmen çagasyna duşmaly!
Bardyr, gün ýaly nurana ildeşleri bardyr!
Bardyr, gül ýaly bir menzilden hoşboý ysyna melul edýän jüm-jüme gyzlar
bardyr!
Bardyr, türkmen gawuny ýaly, gürrüňi datly, göwni päkize adamlar bardyr!
Bardyr, görseň eje diýesiň gelip duran mähriban aýallar bardyr!
Doganyň ýok bolsa, doganoglanyň bardyr, doganoglanyň ýok bolsa, dolananyň
bardyr, dolananyň ýok bolsa, babadaşyň bardyr, babadaşyň ýok bolsa, obadaşyň
bardyr diýýändir türkmen.
Beghan aga rast aýdýar, ýat ilde türkmen görseň, dogan-garyndaşyňy gören ýaly
bolýarsyň!..
Beghan aga rast aýdýar, ýat ilde türkmen görseň, hut dogan-garyndaşyny, dostýaryňy gören ýaly bolýarsyň!
Türkmeniň içinde ýaşap ýörkäň näme diýip her bir türkmeni göreniňde
doganyňy gören ýaly bolmaly däl!..
Saparmyrat agyr oýa batdy, onuň gözüniň öňüne ojarlary-sazaklary tokaý bolup
oturan Garagum geldi...
Garagum geçmişden geljege barýan müň bir düýeli, inerli-maýaly, hatarly,
tirkeşli kerwen...
Saparmyradyň ylhamy joşup, göwün guşy göterilip, setir yzyna setir döredi.
Emma ol, käbir süwümsiz şahyrlaryň edişi ýaly, depder-galamyna ýapyşmady.
Aňynda dörän setirleri aňynda berkitdi. Soň ol ýolda hiç kim ýok mahaly bu şygry
gündeligine göçürip, depesine «Garagum» diýip at goýar.
GARAGUM
Çille dolar, kükräp-kükräp ýaz geler,
Nowruzyňda togsan tamam, Garagum.
8
Durna däldir, Gökden guruk ýaý geler,
Ol ata-babamdan salam – Garagum.
Tozdurdym men sende çaryk-çokaýym,
Paý-pyýada gezip ojar tokaýyň.
Owsaryň ber, kerweniňi çekeýin,
Özgermişdir köne zaman, Garagum.
Gökde – bulut, ýerde baran gezendir,
Owsunjy selinleň zülpün ezendir.
Hol näz edýän gyzkamatly sözendir,
Gören gözelligňe haýran, Garagum.
Çöl däldir, çaýkanyp ýatan ummandyr,
Däli ýele owsun urup durýandyr.
Oguz han kowmuna ýalňyz dermandyr
Üç aý sende däli seýran, Garagum.
Çöküp otyr süri-süri düýeler,
Her birisi çölde gurlan öý olar.
Çapar deý alakjap gelýän tüweleý,
Bir pursatda dünýä ýaýrar, Garagum.
Böreň-böreň kak suwunda düýş görýä,
Bölek-bölek bulut-dowarlar barýa.
Goýnunda tolkunyp tereň bir derýa,
Syrylýar üstüňden duman, Garagum.
Sen asmanyň halatysyň, halysyň,
Yrsgal-bereketsiň, maňyz-manysyň.
Türkmeniň egsilmez desterhanysyň
Naz-u-nygmatyňa haýran, Garagum.
5.
Wokzal...
Duşuşyklaryň hem aýraçylyklaryň, wysalyň hem hijranyň simwoly...
Wokzala geleniňizde hem begenersiňiz, wokzaldan gideniňizde hem...
Ýaşaýyş – älem möçberinde pikir kylsaň, diňe wokzal, wokzal...
Saparmyrat ýokarky pikirleri beýnisinde aýlap, ilki wokzal bilen hyýalynda
duşuşdy. Entek görmedik wokzaly bilen...
Ol bu duşuşyga köp garaşypdy, Alla bilsin alty aýmy, bir ýylmy? «Ýurt
gadyryny şalar bilmez, ýurtdan ýurda aşmagynça» diýip, aýdylmaýarmy näme?
Ýurduň gadyryny bilmek üçin ýurduňdan jyda düşüp görmek gerek.
9
Ony Saparmyrat gördi. Öz egni bilen çekip gördi, öz jigerini ýakyp gördi.
Serediň, Adam!
Onuň daşynda geýim-gejimi bar, onuň daşynda doganlary, ene-atasy bar, onuň
daşynda dogan-garyndaşlary bar, onuň daşynda oba-garasy bar, onuň daşynda ýurdy
bar. Ählisiniň içinden iň buky ýerde bolsa, adamyň jany, ruhy ýerleşýär, gaty çuňda.
Gaty çuňda ýerleşendigine garamazdan, ol bilýär, dessine bilýär, daşyndaky bir halka
aýryldygy bilýär. Saparmyrat muny öz başyndan geçirip duýdy, ol beýik hasratdy, uly
hasratdy, örtäp, ýakyp-ýandyryp barýan hasratdy. Şol hasratlary ýeňmek üçin bolsa ol
öz içine çuňlaşdy, ol kitaphanada kitap baryny dörüp, oguz taryhyndan tä Köneürgenç
şalarynyň taryhyna çenli okap-okap hyýalynda ýitigini döretdi.
Türkmenistan onuň hyýalynda ýaşaýar.
Bir Türkmenistan däl, iki Türkmenistan!
Oguzlar uka kiçijik ölüm diýipdirler, eý görýän maly ölse, talaňa düşse – kiçijik
hasrat çekipdirler. Ynha, häzir Saparmyrat kiçijik Türkmenistan bilen duşuşýar. Dörtbäş müň kilometr hem bir ýyl mundan aňyrda galan Türkmenistan bilen! Ol bu
duşuşyga gaty köp garaşdy. Ilkinji duşuşyk şowly boldy. Beghan aga bilen duşuşyk
ony begendirdi. Beghan aga, meger, gowy adamdyr. Hawa-la, onuň gowudygyny
aňmak üçin aýratyn bir üşük gerek däl: sebäp onuň ýüregi, niýeti dilinde, ýüzünde.
Her hili adam bolýar, käbir adam edil ýapyk kitap ýalydyr, asyl okap bilmersiň, käbir
adamyň bolsa içki dünýäsi dilinde bolýar. Beghan aga hem içki dünýäsi dilindäki
adamlaryň hilinden. Saparmyrat Beghan agada käbir kemçilikleri hem gördi, birinjisi,
Beghan aga onuň hyýalynda döreden Türkmenistanynyň adamlaryna çalym etse-de,
edil ol ýurduň adamy däldi. Ikinjiden, Beghan aga islendik mesele babatda pelsepe
otarýardy, özem daşyndan. Beghan aga ýaly adamlara primitiw akylly adam diýilýär
ylymda...
Ol perrona çykaýan ýerinde – sag tarapda ilkinji türkmeni gördi. Dört-bäş sany
çemodan, maýdaly-uşakly el goşlary... Ol maşgalasy bilen gelen bolmaly. Goşlarynyň
arasynda aňyrrak çekilip kellesini gaýşardybrak durşy, hamana, ony Allatagala edil
şumat ýaradypdyr, özem anha ýaşamaly dünýäň-ä şol, isleseň ýere ibereli diýipdir, ol
bolsa Taňrynyň ýaradan ýerine-de, adamlaryna-da göwni ýetmän duran ýalydy. Ol
daýawdy, epeýdi, arkasynda gowşuran golunda şlýapasy bardy. Saparmyrat ony
gözasty synlady-da, geçiberdi, çünki oňa salam berseň, alaryndan almazy ýakyndy.
Salamyň aýak astyna gaçjakdy...
Herhal, Saparmyrat baş atdy, epeý adam görmedi!..
Elbetde, ol görmelem däldi, çünki ol Ýaradanyň ýanynda durdy, asmanda, ýedi
gat asmanda durdy ahyry. Onsoň ol aşakdaky – zemindäki Ýaradanyň bendelerini
nädip görsün?!
Ol epeý adamy başdan-aýaga göz astyndan synlap, ony öz hakydasynda döreden
Türkmenistanynyň bir adamyna, haýsydyr bir taryhy şahsa meňzetjek boldy,
bolmady. Ol taryhy şahslaryň hiç birine-de meňzemeýärdi, belki, beýle sypatly
adamlary taryh alyp galýan hem däldir, beýle tumakly kişilere Hudaý taryh
etdirýänem däldir...
10
Saparmyrat birden tisginip gitdi...
Ol öz ýanyndan öz ýalňyşyny duýdy...
Onuň hakydasynda ýaşaýan türkmenlerem, Türkmenistanam, hiç bolman,
mundan müň ýyla golaý aňyrda ýatyr ahyry... Bu adamlar, hiç bolman, alty-ýedi
asyryň jebrini çekip, beýik türkmeniň synyşyny görüp, ençeme asyrlap söweşip,
göreşip, ahyry hem kişiniň holtumyna düşüp, kynam bolsa, gününe razy bolan
türkmenlerdi ahyry...
Saparmyrat ýüreginiň gyýlyp, kalbynyň lerzana gelenini duýdy. Ol dessine
gatbar-gatbar taryhyň gatlagyndan çykyp, perronyň basgançaklaryna däl-de, asyrlara
dyrmaşyp, otla münülýän ýere golaýlamaga gyssandy.
Taryh, sen gal, gal, Saparmyrat real Türkmenistana barýar!
Hakyda, sen bir meýdan dynjyňy al, Saparmyrat sende ýaşamagyny birdem bes
edip, hakyky ýurdunda ýaşamaga barýar!..
6.
Kazan wokzalynda märeke azdy, emma Moskwanyň ölçegi bilen ölçelende azdy.
Saparmyrady adamlaryň azlygy däl-de, ony tisgindiren başga bir zat boldy. Diňe
Saparmyradyň däl, hemmäniň gözi şondady.
Başy şar gara, buýralary seçelenip duran silkmeli, egni gyrmyzy donly, aýagy
gonjy dyzyndan ötüp duran şar gara ädikli pyýada, gapdalynda gynly gylyjy, hamana
başga planetadan gelen ýaly bolup, her ýerden bir dogumly basyp, öz peýwagtyna iki
tarapa aýlanýar. Ol, hamana, bir süri gulanyň içinde bedew at ýaly, towuk ýatagynda
toklutaý ýaly bolup, gözleriň endik etmedik görnüşinde gözüňe sanjylyp dur. Bir
syýny bilindäki zerrin guşagyna gysdyrylypdyr. Ol Saparmyrada on dokuzynjy
asyrdan ýigriminji asyryň ikinji ýarymyna atylan adam ýaly bolup göründi.
– Hakyky türkmen! – diýip, Saparmyrat içinden dillendi.
Moskwanyň ilaty hakyky türkmeni synlaýardy. Hüňkar patyşanyň teklibi bilen
baranynda Görogly begi goşunyň synlaýşy ýaly, arkaýyn synlaýardy. Saparmyrat hem
ony içgin synlady, agyr gabaklaryna, boldumly murtlaryna, çapgy agajy ýaly
boýnuna, her egninde bir adam oturybermeli gerdenlerine syn etdi. Saparmyrat
içinden «artistdir» diýip pikir etdi. Emma artistiň perronda beýdip ýörmesi nämäniň
alamatyka diýip, Saparmyrat içinden pikir öwürdi. Şol pursat Saparmyradyň ýadyna
okan kitaplaryndan bir waka düşdi.
Alymlaryň aýdyşyna görä, taryh gaýtalanýar, ir gaýtalanýar, giç gaýtalanýar,
garaz, spiral şekilde, hyr şekilde gaýtalanýar.
Sekizinji asyryň başynda yslam dini, yslam taglymaty bilen ýaraglanan araplar
türkmen topragyna ýöriş edip, yslamy ornaşdyryp başladylar. Güýjem ulanyldy,
zorlugam, gyrgynçylygam boldy. Täze, ynsanperwer dini meýletinlik bilen kabul
edenlerem boldy.
Allatagala käýarym durmuşy başga bir akaba salyp goýberýär. Allatagala istese,
oňa päsgel bolmaýar. Ýogsa, heý, ömrüni at üstünde gylyç oýnap, bedew seýisläp, ok
atyp, gönder urup, gürzi atyp ýören türkmeni düýeli araplar basyp alyp biljekmi?
11
Düýe janawar herki zada bolýandyr, emma söweşe bolmaýar... Araplaryň bolsa halan
maly hemem bar maly düýe... Baryp-ha, Muhammet pygamber mekgeli ildeşleri bilen
söweşmeli bolanynda, pygamberiň goşunynda atly goşun hem ýokdy, Abu Sufýanyň
ýolbaşçylygynda Medinä gelýän mekgelileriň goşunynda bolsa bary-ýogy üç ýüz atly
goşuny bardy. Üç ýüz atly! Pygamberimiz atly goşuny bolmanyndan soň, goranyşa
geçmegi karar edipdir...
Yslamyň tugy dünýäniň köp ýurtlarynda pasyrdaýar...
Bir asyr geçip-geçmänem arap atlary diýen düşünje döreýär.
Dünýä arap atlarynyň hyrydary bolýar.
Hany, indi araplaryň şol atlary türkmenlerden alyp gidendigini nädip subut
edersiň?!. Beýik ideologiýany getiren araplar türkmen topragyndan yzyna olja
hökmünde türkmen bedewlerini äkidäýmeli, çünki olar bütin dünýä yslam dini
ýaýratmak ideýasy bilen başagaý. Ol ideýa Allanyň pikiri bolanda-da, ony söweşsiz
kabul edäýenoklar. Diýmek, olara ýylboýy seýislenip ýörlen türkmen bedewleri zerur.
Emma, indi ençeme asyr geçeninden soň, arap atlarynyň aňyrsynda türkmen bedewi
ýatyr diýip subut edip bilseň, et-dä!
Gaýta arap atlarynyň şan-şöhraty türkmen rowaýatlaryna, dessanlaryna hem girip
gidipdir...
Hawa, taryh hyr boýunça ösýär hem gaýtalanýar. Sekizinji asyryň başynda
ummanyň owsuny, deňziň tolkuny ýaly bolup gelen arap basybalyjylykly söweşiniň
daşgyny üç asyrdan soň yzyna gaýdyp bardy. Türkmen begi, soltan Togrul beg goşun
çekip arap ýurtlaryna doldy, ol ýöne basybalyjy bolup girmändi, ýok, ol külli
musulmanyň halyfynyň gyssagly çakylygy bilen barypdy. Ol waka Saparmyradyň
ýadyna jikme-jikligi bilen düşdi.
1058-nji ýylyň ýedinji dekabrynda buweýhi serkerdesi, patmaçylaryň goşunynyň
goşunbaşlygy Bagdada girýär, sünni halyfy al-Kaýym paýtagtdan Hadysat Ana,
ondanam Anbara gaçýar. Buweýhi goşunyň serkerdesi al-Besasyry tutuş halyfaty,
tagty-täji Kahyra geçirýär. Halyf al-Kaýym türkmen soltanyna ýüz tutýar. Türkmen
soltany Togrul beg sanalgy goşun bilen Kufanyň ýanynda al-Besasyrynyň goşunyny
kül-peýekun edip, halyflygyň täji-tagtyny ýaňadan Bagdada geçirip, al-Kaýyma
tagtyny gaýtaryp berýär. Üstesine-de, oňa topalaňçy Besasyrynyň kellesini sowgat
edýär.
Halyf al-Kaýym onuň hormatyny-sylagyny ýetirýär: Halyflykda ony Magrybyň
hem Maşrygyň soltany diýip yglan edip, iki sany gylyjy dakýar. Ýedi yklymyň
soltanlygynyň alamaty hökmünde ýedi sany don geýdirýär. Öz gyzyny berýär. Togrul
beg hem öz gezeginde oňa uýasyny durmuşa çykarýar. Bagdada türkmenler dolýar...
«Her bir daşgynyň gaýtgyny hem bolýandyr» diýip, Saparmyrat oýlandy-da,
halyfa durmuşa çykarylan gyzyň täleýini öwrenmeli diýip, öz ýanyndan belledi.
Ynha, Moskwada epeý türkmen, pajygaly söweşde syndyrylan türkmen! Hakyky
milli geýim-gejiminde!.. Orslaryň basyp almagy bilen bolsa, türkmen ýuwaş-ýuwaş
geýim-gejimini başgalap başlady. Hawa-da, atdan düşürileniňden soň nähili eşik
12
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Otly Türkmenistana barýar - 02
  • Parts
  • Otly Türkmenistana barýar - 01
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2060
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 02
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 2109
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 03
    Total number of words is 3791
    Total number of unique words is 2177
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 04
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2054
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 05
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2118
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 06
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2036
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 07
    Total number of words is 3759
    Total number of unique words is 2018
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 08
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 2100
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 09
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2014
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 10
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2084
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Otly Türkmenistana barýar - 11
    Total number of words is 3709
    Total number of unique words is 2078
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.