Latin

Ördek ýa-da Bürgüt - 7

Total number of words is 2616
Total number of unique words is 1459
33.2 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
19. Gaty ses bilen gygyryň: “Ahyrkynyň öň ýanyndaky ýumuş!”
20. Bularyň ählisini ünsli okap çykanyňyzdan soňra, sizden haýyş, diňe 1nji we 2-nji ýumuşdaky talaplary ýerine ýetiriň.
At______________ Sene______________ Gol______________
Ýeri, niçik, şowly geçmegi başardyňyzmy? Käte, her näme diýseňem, bir
işi beýlekiniň yzyndan, yzygiderlilikde ýerine ýetirseň gowy bolýar. Uilýam Pit
bir ýola örän dogry nygtapdyr: “Meniň şeýle köp işi ýerine ýetirmegi
başaranlygymyň sebäbi, hemişe diňe bir işi edenligimden ybaratdyr”.
10. Meýilnamalaşdyrmak wagty tygşytlaýar. Bürgüt halyndaky adamlar
meseläniň çözgüdine oýlanmazdan girişmeýärler. Bürgütler näçe dogumly,
gaýduwsyz bolsalar-da, olaryň üstünlik ýörelgeleriniň biri hem anyk
meýilnamalaşdyrmak bolup durýar. Wezipe näçe çylşyrymly bolsa,
meýilnamalaşdyrmaga şonça-da köp wagt sarp edilmelidir. Şeýle edilende işi
ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagt birnäçe esse azalar we netije-de has gowy
bolar.
Ördek halyndaky adamlar bolsa meýilnamalaşdyrman, gönüläberýärler
we bir gün bilen ýaşaýarlar: “Näme bolýanyny we ony nähili çözmeli
boljagymy görübereris-dä. Birden ýene-de läbige batybersem, onda iýme
ýetmek üçin has çaltrak ýüzerin-dä (iýmlenilýän ýere ilkinji bolup barmak üçin
strategiýani işläp düzmäge derek)”.
11. Netijeli böleklere bölmek. Telefon arkaly gepleşikleri geçirmek,
elektron poçtadan hatlary ugratmak, zerur maglumatlary ýazmak — köplenç
biz bir wagtyň özünde aşa köp iş edýäris. Amerikaly ylmy barlaglary geçirijiler
149
Terjime eden Orazmyrat Myradow
muny köpwezipelilik režimindäki iş diýip atlandyryp, onuň wagty köp
alýandygyny we ünsi jemlemäge zyýan berýändigini anyklapdyrlar. Şonuň
üçinem hemişe diňe bir işi ediň we mümkingadar, öz iş günüňizi böleklere
bölüň. Şeýlelikde, bir sagadyň dowamynda gerekli telefon jaňlaryny etmeli,
30 minutyň dowamynda hatlary gözden geçirip, tertiplemeli we ş.m. Şonuň
ýaly-da gün içinde edilmeli işleriň wajyplygy boýunça sanaw düzüň, şonda siz
hemişe nämedir bir wajyp zady unutmak gorkusyndan saplanyp bilersiňiz.
Zatlary dogry berjaý etmek we olary öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda
siz näderejede kämilleşmegi başardyňyz? Strategiýa babatda dürs,
maksadaokgunly we şonuň bilen birlikde üstünlige tiz ýetmek üçin özüňize
“gurallar toplumyny” dörediniň.
12. Bürgütler dartgynlylykdan saplanmagy başarýandyrlar. Bir çopan
bar eken, ol goýunlaryny çola ýerde bakýarmyşyn. Bir gökden düşen ýaly
bolup, täp-täzeje jip Cherokee peýda bolupdyr-da, onuň gabadynda
saklanypdyr. Ulagdan egninde Brioni penjegi, aýagynda Cerutti köwşi bolan,
gözüne günden goraýan Ray-Ban äýnegi dakylan, boýny YSL galstukly sürüji
— ýaş ýigit düşüpdir-de, çopana ýüzlenipdir: “Seniň goýunlaryň näçedigini
bilsem, olardan birini maňa berersiňmi?” Çopan ýaş ýigide tiňkesini dikip
biraz durupdyr, soňra agyp-dönüp otlap ýören mallaryna garap, parahat
halda şeýle diýipdir: “Gepleşdik”. Ýaş ýigit jibini ykjamlap goýupdyr,
noutbugyny el telefonyna birikdiripdir, Internetden NASA-nyň saýtyna girip,
GPS hemra gözegçilik ulgamynyň kömegi bilen şol töweregiň şekilini alypdyr,
maglumatlar bankyny we juda köp formulaly 60 sany Excel tablisasyny
açypdyr.
Ahyry kiçijek printerinde 175 sahypalyk hasabatyny kagyza geçiripdir-de,
çopana tarap dönüp, şeýle diýipdir: “Siziň şu ýerde laýyk 1586 baş goýnuňyz
bar”. Çopan: “Dogry, saýla goýnuňy” diýipdir. Ýaş ýigit bir maly alypdyr-da,
jibe ýükläpdir. Çopan oňa garap, şeýle diýipdir: “Eger näme kär bilen meşgul
bolýanlygyňyzy bilsem, siz goýny yzyna berersiňizmi?” Ýaş ýigit ylalaşypdyr.
“Siz — edaranyň geňeşçisi” diýip, çopan çürt-kesip aýdypdyr. “Dogry, ýöne
150
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
siz muny nirden bilýäňiz?” diýip, ýaş ýigit geň galyp sowal beripdir. Çopan
jogap berip, şeýle diýipdir: “Ony bilmegiň müşgili ýok:
-birinjiden, hiç kim çagyrmadyk bolsa-da, siz şu ýere geldiňiz;
-ikinjiden, sizsizem meniň magat bilýän zadym üçin hak tölemegimi
isleýärsiňiz;
-üçünjiden, siz meniň näme iş bilen meşgul bolýanlygyma bütinleý
düşüneňizok, sebäbi siz goýna derek meniň itimi saýlap tutdyňyz”.
Belki, siz häzir gülersiňiz, ýöne şu üç alamat siziň alnyňyzda peleňsireýän
ördegiň goguldap duranlygyny aňladýandyr.
-Hiç kim pikirini soramasa-da, olar hemişe we hemme ýerde goşulyşyp
ýörendirler.
-Olar wada berenlerinden has az zat edýändirler, soňra-da özleriniň
taryplanmandyklary üçin zeýrenýändirler hem.
-Olar özlerini özgelerden köp zat bilýän hasap edýärler,
ýalňyşandyklaryna düşünenlerinde bolsa, yzgytsyzlanyp, has çasly
goguldaýandyrlar.
Siziň bilen beýle ýagdaýyň bolmazlygy üçin dert-aladaly (stres) ýagdaýlar
dörän badyna bürgüt boluň. Dynç alyp biljek ýeriňizde ýalňyz galyň. Beýle
ýeriň nirede bolup biljekligi barada oýlanyň. Ol siziň, hakykatdanam, özüňizi
rahat duýýan we arkaýynlaşyp biljek ýeriňiz bolmalydyr.
Meniň özümi ajaýyp duýýan ýerim, meniň adam:
__________________________________________________________
13. ÖGKÝ formulasy. Dawa-jenjelleri aradan aýyrmak ýa-da olaryň ýüze
çykmazlygyna düýbünden ýol bermezlik üçin ajaýyp hem täsirli maşk — ÖGKÝ
formulasydyr. Bu gysgaldylan sözleriň tersin nusgasy köplere tanyşdyr, oňyn
nusgasy bilen bolsa beýle bir köp kişi tanyş däldir. ÖGKÝ: “Özgelere
garanyňda köpräk ýylgyr” diýmegi aňladýar. Ýylgyryş (ýaňsyly we kineýaly
ýylgyryş däl) örän rahatlandyryjy täsir edip biler.
151
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Meniň bürgüt türgenleşigi meýilnamam
3-nji bölek
Şu ýerde geljekde ulanmak kararyna gelen sowukganlylyk
(giňgöwrümlilik) kadalaryňyzy ýazyň. Bu sanaw dolulyga dalaş edýän sanaw
diýip bolmaz. Möhüm bolan zat, aljyraňly, dert-aladaly (stres) ýagdaýlarda,
isleýän kadaly hala dolanyp gelmek üçin, “köşeşdiriji düwmäniň” dogrusyny
basmakdyr.
Haýsy ýagdaýlarda siz özüňiziň “köşeşdiriji düwmäňizi” basýarsyňyz?
Meselem:
Dert-aladaly (stres) ýagdaý
1. Meni nähak aýyplaýarlar!
Köşeşdiriji düwme
1. Uludan dem alyp, 10 sekunt
garaşmaly.
2. Men otagdan çykýaryn.

2. Men … gaharlanýaryn!

152
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Indi bolsa özüňiziň getirip biljek mysallaryňyzy ýazyň:
Dert-aladaly (stres) ýagdaý
Köşeşdiriji düwme
Üçünji bölegi tamamlanyňyzdan soňra ony özüňiziň türgenleşik
meýilnamaňyzyň birinji hem ikinji bölekleri bilen birleşdiriň. Indi siziň bürgüt
türgenleşigi meýilnamaňyz taýýar, ony siz durmuşa ornaşdyryp bilersiňiz.
Haýsydyr bir düwme babatda hiç hili kynçylyk çekmezden, ýada salmagy
başarmagyňyz üçin, meýilnamadan birnäçe nusgasyny taýýarlap, olary
görnüp duran ýerlerde goýup çykmagy maslagat berýärin. Haýsydyr bir
düwmäni näçe ýygy bassaňyz, bu tehnikany şonça tiz özleşdirip bilersiňiz.
153
Terjime eden Orazmyrat Myradow
154
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Oýlanmak üçin
Bürgütler beýlekileriň millionlarçasyndan has bagtlydyrlar
Eger tutuş adamzady 100 adamdan ybarat ilaty bolan bir oba hökmünde
göz öňüne getirsek hem-de şunlukda bar bolan halklaryň ählisiniň
wekilleriniň degişli mukdaryny şu sanyň çygryna ýerleşdirsek, onda bu oba,
ine, şeýle düzümde bolar:
-57 aziýaly
21 ýewropaly
14 amerikaly (demirgazyk we günorta)
8 afrikaly
-52 zenan
48 erkek
-70 akýagyz däl
30 akýagyz
-70 hristian däl
30 hristian
-6 adam dünýäniň tutuş baýlygynyň 59 göterimine eýelik ederdi we
olaryň hemmesi amerikaly bolardy
-80 kişi kanagatlanarsyz şertlerde ýaşardy
-70 kişi sowatsyz bolardy
-50 kişi aç-hor bolardy
-1 kişi ölüm halynda bolardy
-2 kişi ýap-ýaňy dünýä inen bolardy
-1 kişi şahsy kompýuterli bolardy
-1 (bary-ýogy) kişiniň alymlyk derejesi bolardy
Eger siz şu gün säher bilen sagdyn halda oýanan bolsaňyz, onda siz indiki
hepdeden aňry geçmejek million adamdan has bagtlysyňyz.
155
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Eger siz hiç haçan urşy başdan geçirmedik bolsaňyz, türme tussaglygyny
görmedik ýa-da açlyk çekmedik bolsaňyz, onda siz 500 million adamdan has
bagtlysyňyz.
Eger siz dini garaýşyňyz sebäpli öldürilmek howpundan çekinmän, ýörite
niýetlenen ýere ybadata baryp bilýän bolsaňyz, onda siz dünýädäki 3 milliard
adama garanyňda has bagtlysyňyz.
Eger siziň sowadyjyňyzda garbanara zat tapylsa, egin-başyňyz üpjün
bolup, üstüňizde tünegiňiz we ýumşak düşegiňiz bar bolsa, onda siz Zeminiň
ilatynyň 75 göteriminden has baýsyňyz.
Eger siziň bankda hasabyňyz, gapjygyňyzda biraz puluňyz we tygşytlan
az-owlak serişdäňiz bolsa, onda siz dünýäniň gurply adamlarynyň 8
göteriminiň içine girýänsiňiz.
Eger siz şu kitaby okamagy başarýan bolsaňyz, onda üstünlige bolan
mümkinçilikleriňiz tükeniksizdir. Çünki siz hat okap bilmeýän 2 milliard
adama degişli dälsiňiz.
Bütinleý pula mätäçlik çekmeýän kişi ýaly işläň.
Henize çenli hiç kim size agyry-yza bermedik ýaly söýüň.
Edil sizi hiç kim görmeýän ýaly tans oýnaň.
Sesiňizi hiç kim eşitmeýän ýaly tans oýnaň.
Edil Zeminde uçmah bar ýaly ýaşaň.
Bürgüt pähimi
Bürgütler belende uçýarlar
Her bir uly böküş uly bat alyşy talap edýär! Riçard Bah muny şeýle
aňladypdyr: “Eger sende isleg dörän bolsa, diýmek, ony amala aşyrmak üçin
güýç hem peýda bolar”. Siziň özüňize ynamyňyz barmy? Siz, hakykatdanam,
öz güýç-kuwwatyňyza ynanýarsyňyzmy? Meşhur şahslar baradaky aşakdaky
“garaýyşlar” hakyky üstünlikli adamlaryň ýaramaz ynançlara, aýtdy-diýdilere
eýermän, özlerine hem-de öz maksatlaryna ynanýandyklaryny subut edýär.
156
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Görnükli şahslar baradaky
garaýyşlar. -1933-nji ýylda film
direktory
ilkinji
synaglary
geçirenden soňra Fred Aster barada
şeýle
diýipdir:
“Oýnamagy
başaranok!
Loturak!
Az-maz
tansdan başy çykýar!” Aster bu
“netijäni” Bawerli Hillzdäki öýünde
ojagyň ýokarsynda saklapdyr.
-Sokrata “ýaşlary azdyryjy
ahlaksyz” diýipdirler.
-Bethoweniň
skripka
çemeleşişi tagaşyksyz eken, şonuň
üçinem tehnikasyny düzetmegiň ýerine diňe öz kompozisiýalaryny çalypdyr.
Mugallym ol babatda “umyt ýok” diýer eken.
-Tutuş dünýäde meşhur bolan Enriko Karuzonyň ata-enesi onuň inžener
bolmagyny isläpdirler. Mugallymy onda asla owaz ýokdugyny we onuň aýdym
aýdyp bilmejekdigini nygtar eken.
-Ewolýusiýa taglymatynyň atasy Çarlz Darwin lukmançylyk
karýerasyndan ýüz öwrüpdir. Kakasy ony ýazgarypdyr: “Seniň ok atmakdan,
itleri hem alakalary tutmakdan başga gyzyklanýan zadyň ýok”. Özüniň
terjimehalynda Darwin şeýle ýazypdyr: “Mugallymlaryň hemmesi we kakam
meni akyl derejesi ortataplykdan hem pes bolan adaty oglanjyk
hasaplaýardylar”.
-Uolt Disneýi ideýasynyň kemterlik edýänligi sebäpli gazet neşir işinden
boşadypdyrlar. Disneýlendi döretmezden ozal ol köp gezek batyp-tozupdyr.
-Tomas Edisonyň mugallymlary onuň nämedir bir zady öwrenip biler ýaly
derejede däldigini, onuň aşa akmakdygyny aýdar ekenler.
-Albert Eýnşteýn dört ýaşyna çenli gürläp, ýedi ýaşyna çenli hat ýazyp
bilmändir. Mugallymlar ony şeýle häsiýetlendiripdirler: “Ruhy taýdan
ösmedik, garasöýmez we hemişe özüniň samsyklaç arzuwlarynda gaýyp
157
Terjime eden Orazmyrat Myradow
ýören”. Ony mekdepden çykarypdyrlar, ony Sýurihiň tehniki institutyna hem
kabul etmändirler.
-Heýkeltaraş Awgust Rodeniň kakasy bir gezek şeýle diýipdir: “Meniň
oglum duranja bir tentek”. Mekdebiň iň ýaramaz okuwçysy diýip atlandyrylan
Rodeni çeperçilik mekdebine üç ýola kabul etmändirler. Daýysy ony bilim
almaga ukypsyz diýip atlandyrypdyr.
-“Uruş we parahatçylygyň” awtory Lew Tolstoý instituta girmäge
synanyşanda ýykylypdyr. Ony “okamaga-öwrenmäge ukyby bolmadyk we şol
birwagtda islemeýän kişi” hökmünde häsiýetlendiripdirler.
-Genri Ford ahyry soňunda üstünlik gazanmakda ozal şowsuzlyklara
uçrap, bäş gezek batyp-tozupdyr.
-Uinston Çerçill altynjy synpdaka ilkinji ýyla galdyrylypdyr. Ol ençeme
şowsuzlyklardan we ýeňlişlerden soňra 62 ýaşynda Angliýanyň premýerministri bolupdyr. Uly üstünlige ol gartaşandan soň ýetmegi başarypdyr.
-Riçard Bahyň “Jonatan Lewingston atly çarlak” eseri 1970-nji ýylda
«McMillan» neşirýatynda çap bolup çykmazdan öňinçä neşirçileriň on sekizisi
ondan ýüz öwrüpdir. Diňe ABŞ-da 1975-nji ýyla çenli ol kitabyň ýedi million
nusgasy satylypdyr.
-Arnold Şwarsenegger üstünlikli bodibilder, Golliwudyň aktýory we
syýasatçy bolmak isleýändigini aýdanda obadaşlary ony hyýalbent kişi diýip
atlandyrypdyrlar.
Meni hem üçünji synpdakam kemisli diýip, ýörite mekdebe
ugradypdylar. Meniň üçin çaga hökmünde bu örän kyn döwür boldy. Men
çagalar öýünde we öweý ata-enäniň elinde ulalamsoň, nähili adam bolup
ýetişjegime käbir kişiniň akyly çatmaýardy.
Ýeten derejäme, şeýle ýagdaýda nämeleri öwrenip we nämeleri gazanyp
boljaklygyna garamak meniň üçin indi has-da gyzykly. Häzir men ýokary okuw
mekdeplerinden soňky bilim ulgamynda işleýärin, işgärleriň we ýolbaşçylaryň
köp sanlysyny okadýaryn hem türgenleşdirýärin. Häzirki zaman
ykdysadyýetiniň çylşyrymly şertlerinde adamlara we edaralara üstünlikli
bolmaga ýardam edýärin. Meniň hödürleýän maslahatlarym dürli pudaklara
158
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
dahylly bolup, kiçi kärhanalara-da dünýä belli konsernlere-de degişlidir. Men
ençeme kitaplaryň awtordaşy bolmak mertebesine mynasyp boldum, şeýlede özbaşdak awtor hökmünde-de ep-esli işim neşir edildi. Her aýda dürli
žurnallarda meniň makalalarym çykyp durýar.
Adamlaryň köpüsi özlerinde üstüniň açylmagyna garaşyp ýatan näçe
zehiniň bardygyny hatda gümanam edenoklar. Özüňize hem-de öz ukypbaşarnyklaryňyza ynanyň-da, daş-töwerekdäkileriň siz barada nähili piker
edýändiklerine känbir ähmiýet bermäň. Hemişe iň wajyp bolan zat barada
oýlanyň: bu gün haýsy ýoly saýlaýarsyňyz, öz geljegiňiz babatda bu gün nähili
netijä gelýärsiňiz we maksatlaryňyzy amala aşyrmak üçin näderejede yhlas
sarp edýärsiňiz.
Siziň nireden gelenligiňiz wajyp däl, Siziň nirä barýanlygyňyz wajyp.
Ardeşir Hagmaýer
Bu siziň gelen netijäňiz
Hiç bir adam hem diňe bürgüt ýa-da ördek bolup dogulmaýar — siziň
durmuşyňyzda ýagdaýlar üýtgäp durýar, şonuň ýaly-da häsiýetiňiziň hili hem
wagtyň geçmegi bilen özgerip biler. Siziň häzirki pursatda näme bilen meşgul
bolýanlygyňyz möhüm däl, siz elmydama beýle tarapa “ylgap geçip
bilersiňiz”. Öň ördek halynda bolan adamlaryň käbiri, garaşylman durka
asmana galkyp, özlerine çenli hiç bir bürgüdiň hem uçmadyk belentligine
galyp bilendirler.
Olaryň süňňüni tutuşy hem özgerendir, “ördek owazlary” hem pert-pert,
ynamly owaza öwrülendir. Täzeçe nukdaýnazar özüne we öz ýakynlaryna
bütinleý başgaça garaýşyň peýda bolmagyna ýardam edendir. Emma başgaça
ýagdaýyň hem bolan halatlary bardyr: bürgütleriň käbiri kölçä özlerini oklap,
uzakdan görüjiliginden jyda düşüp, ördekleriň gallap almagynda özleri hem
höwes bilen goguldamaga başlandyrlar. Jeýms Aggri suratlar bilen bezelen
159
Terjime eden Orazmyrat Myradow
“Uçmak islemedik bürgüt” atly kitabynda bu ýagdaýy dolulygyna beýan
edipdir. Ine, käbir bölekler.
Uçmak islemedik bürgüt. Bir adam tokaýdan guş tutmak bilen meşgul
bolýar eken. Bir gezek ol gyzyletene bürgüt jüýjejigini tutupdyr. Öýüne gelip,
ony ketege — towuklaryň we ördekleriň arasyna goýberip, şolara berýän iými
bilen hem iýmläp başlapdyr.
Bir gezek onuňka tebigylygy öwrenýän alym myhman bolupdyr. Towuk
ketege göz aýlanyndan, ol bada-bat: “Bu guşjagaz towuk däl, bürgüt” diýip
kesgitleme beripdir. Öý eýesi oňa jogap berip şeýle diýipdir: “Dogry, ýöne men
ondan towuk döretdim, ganatlaryny gerende üç metre dagy golaýlaýan
bolsa-da, bu indi bürgüt däl, towuk”. “Ýok — diýip, ornitolog (guşlary öwreniji
alym) garşy çykypdyr — bu her niçigem bolsa, entek bürgüt: onuň özüni
tutuşy hem ýüregi bürgüdiňki, ol al-asmana galkmaga ukyplydyr”. “Ýok, ýok,
indi ol hakyky towuk, gaýdyp ol hiç haçan hem bürgüdiňki ýaly uçup bilmez”
diýip, guşuň eýesi hem öz diýenine tutupdyr.
Onsoň olar tejribe geçirip görmeli diýen karara gelipdirler. Ornitolog
bürgüdi eline alyp, ony belende galdyryp, şeýle diýipdir: “Eý, guş, sen
bürgütsiň, seniň täleýiň asmandyr, Zemin däldir, ganatlaryňy ýaý-da, uç!”
Bürgüt tebigaty öwreniji alymyň elinde ynamsyz halda oturan eken. Ol başyny
gapdala öwrüp, towuklaryň däne çokalap ýörenini gören badyna aşaklygyna,
olara tarap böküpdir. Şonda guşuň eýesi: “Men saňa bu bürgüdiň indi towuk
bolandygyny aýtdym ahyry” diýipdir. “Ýok, ol bürgütdir, bürgütligine hem
galar. Men ertir ýene bir gezek synanyp görerin” diýip, alym garşy çykypdyr.
Ertesi ornitolog bürgüdi alyp, jaýyň üçegine çykypdyr, ony ýokary
galdyrypdyr-da, ýene-de şeýle diýipdir: “Eý, guş, sen bürgütsiň, ganatlaryňy
ýaý-da, uç!” Ýöne bürgüt howluda gezmeläp ýören towuklary göreninde,
ýene-de olaryň arasyna böküp düşüpdir-de, şolar bilen gum peşemäge
başlapdyr. Öý eýesi: “Diýdim-ä men saňa, şu towuk-how indi” diýipdir. Alym
ýene ylalaşmandyr: “Ýok, ol bürgütdir, bürgütligine hem galar. Ertir ýene bir
ýola synanyşyp göreli”.
160
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Ertesi irden ornitolog bürgüdi alyp, ony towuk ketekden uzaga, belent
daglaryň etegine alyp gidipdir. Eýýäm Gün dogup, dagyň çürbaşyna altynsow
reňkini çaýan eken. Alym ýene bürgüdi ýokary göterip, oňa şeýle diýipdir: “Eý,
guş, sen bürgütsiň. Seniň täleýiň asmandyr, Zemin däldir. Ganatlaryňy ýaýda, uç!” Bürgüt ynamsyzlyk bilen töweregine garanjaklapdyr, süňňüni täze bir
durmuş gaplap alýan ýaly sandyrapdyr, emma barybir uçmandyr. Şonda alym
ony Güne tarap bakdyrypdyr. Birdenkä bürgüt ganatlaryny ýaýypdyr,
bürgüde mahsus owaz edip, howa galkypdyr, ol barha belende galypdyr hemde soňra hiç haçan yzyna dönmändir.
Bürgütmi ýa-da ördek? Siziň kimdigiňiz we kim boljakdygyňyz — özüňize
bagly. Siz şol birwagtda ördekler bilen goguldaşyp we bürgütler bilen uçup
bilmersiňiz. Her bir gün täze başlangyçdyr, durmuşda ördek ýaly (ördekleriň
arasynda) ýöreýärsiňizmi ýa-da bürgüt ýaly (bürgütleriň arasynda)
uçýarsyňyzmy, bu diňe size baglydyr. Diňe bir zat üýtgewsizdir — eger siz
ördek bolsaňyz, töweregiňizde çasly ses bilen goguldaşýandyrlar. Eger-de siz
bürgüt bolsaňyz, siz bürgütleriň arasyndasyňyz, bürgütler bilen
duşuşýansyňyz, olar bilen bile işleýänsiňiz, kiçijek bürgütleri kemala
getirýänsiňiz. Şonuň ýaly-da ördeklere duşanyňyzda olary nädip öňküsinden
biraz ýokary uçmaga mejbur etmelidigini we olaryň hiç haçan mümkin hasap
etmedik ýollaryny (netijelerini) görkezmegi başarýansyňyz. Özüňizde we
özgelerde bürgüdi oýaryň!
Bürgüdiň on ýörelgesi
1. Biz näçe minnetdar bolsak, şonça-da razy halda bolýandyrys.
2. Biz näçe ruhubelent halda bolsak, şonça-da biziň gadrymyz
bilinýändir.
3. Biz näçe tutanýerli bolsak, şonça-da üstünlikli bolýandyrys.
4. Biz näçe sabyrly (ýigrençden sap) bolsak, şonça-da özümize
düşünilmegine eýe bolýandyrys.
161
Terjime eden Orazmyrat Myradow
5. Biz näderejede gyzykly bolsak, durmuşymyz şonça-da doly bolýandyr.
6. Biz näçe şadyýan bolsak, şonça-da özüne çekiji bolýandyrys.
7. Biz näderejede ünsümizi jemlemegi başarýan bolsak, şonça-da
parahat halda bolýandyrys.
8. Biz näçe bilesigeliji bolsak, şonça-da döredijilikli bolýandyrys.
9. Biz näçe açykgöwünli bolsak, şonça-da biz kömek goluny uzatmaga
taýýar halda bolýandyrys.
10. Biz näderejede parahat halda bolsak, şonça-da erkin bolýandyrys.
162
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Goşundy
Görnüşleri goramagyň maksatnamasy
Ördek bürgüdiň türgenleşigi üçin
peýdalydyr. Kölüň ýokarsynda, asmanda
bürgüt pel-pelläp uçup ýören eken. Kölde
bolsa ördek ýüzüp ýören eken. Bürgüt
ony gören badyna, ganatlaryny kakypdyrda, owaz edip, göni oňa tarap şaglap
inipdir. Iň soňky pursatda ördek ony
görüp, suwa çümüp ýetişipdir. Bürgüt
suwa ýetäýmän dolanypdyr-da, ýene
göge göterilipdir. Ördek ahyry suwuň
ýüzüne çykanynda bolsa ýene-de oňa
tarap okdurylypdyr. Ördek gaýtadan çümüpdir. Bürgüt aşak — ördek aşak;
bürgüt ýokary — ördek ýokary! Şeýle ýagdaý 24 gezek gaýtalanypdyr. Ördek
janawar halys tapdan düşüp, tas gark bolan eken. Ýöne ony bu ýagdaýdan
bürgüt halas edipdir… Eger bürgüt ilkinji gezekde ganatlaryny öl eden bolsa,
onda ol beýle aýgytly öwrümleri edip bilmezdi, 24 ýola inip-galkmaga güýjem,
çydamlylygam ýetmezdi. Jemleme: Ördek bürgüdiň türgenleşigi üçin
peýdalydyr. Netije: Diňe tutanýerlilik we başarnyk maksada ýetirýär.
Muny maňa hanym F. gürrüň berdi, onuň bilen men bürgütleriň
görkezme uçuşlarynda tanyşdym. Onuň maňa bürgütler we olara mahsus
aýratynlyklar barada gürrüň beren zatlarynyň köpüsi şu kitapda orun tapdy.
Men bürgütleri goramagyň aladasyny diňe bir öz üstüme alman, eýsem, olary
şeflige almagy size-de maslahat bermeli diýen netijä geldim. Munuň üçin diňe
kadalaryň hemişe siziň ýadyňyzda galmagy we bu dünýä bürgüt bakyşy bilen
köpräk garamak zerur!
163
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Häzir haýsy belentlikdäki uçuşda bolsaňyz hem, lezzet almagyňyzy we
has köp üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Siziň Ardeşir Hagmaýeriňiz
Terjime eden Orazmyrat Myradow
(20180927)
164
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
165
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 1
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 1860
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1890
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 3
    Total number of words is 3570
    Total number of unique words is 1783
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 4
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 1809
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 5
    Total number of words is 2421
    Total number of unique words is 1233
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 6
    Total number of words is 3152
    Total number of unique words is 1640
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 7
    Total number of words is 2616
    Total number of unique words is 1459
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.