Latin

Ördek ýa-da Bürgüt - 4

Total number of words is 3603
Total number of unique words is 1809
31.3 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tapmaga hatda synanyşyp hem görmezlik — ördeklere mahsus ýagdaýdyr we
bürgütlere mynasyp däldir. Käte täze ýollary saýlap, köne endikleriň torç
edilen ýodalaryny taşlaň, şonda siz diňe bir öz ruhubelentligiňizi, ynamyňyzy
berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, has gowy netije hem alýandygyňyza göz
ýetirersiňiz.
83
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Ruhuň güýji çäksizdir, bedeniň güýji çäklidir.
Koiçi Toheý
Hepdäniň sowaly
Siziň üçin, hakykatdan hem, wajyp zat näme we nähili ynanç size bu
hepdede kuwwat berer?
84
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
38. Bürgütler hemişe işi dürs etmeklige däl-de, dürs işi
etmeklige üns berýärler
Professor talyplara filosofiýadan sapak berýär eken. Ol hiç hili düşündiriş
bermezden gül oturtmak üçin niýetlenen uly golçany alypdyr-da, ony golf
topjagazlary bilen doldurypdyr. Soňra ol talyplardan: “Golça doldumy?” diýip
sorapdyr. Olar tassyklapdyrlar. Professor ýörite gapda taýýarlanyp goýlan
külke daşlary alyp, golça goýupdyr. Daşlar golf topjagazlarynyň arasyndaky
boşluklary doldurypdyr. Professor ýene-de talyplardan golçanyň dolupdolmanlygy barada sorapdyr. Talyplar onuň dolanlygyny tassyklapdyrlar.
Onda professor çägeli çüýşäni alypdyr-da, ony hem golça gapgarypdyr.
Elbetde, çäge-de boş galan yşlary doldurypdyr. Professor ýene öňki sowalyny
gaýtalapdyr. Talyplar biragyzdan: “Doldy!” diýip jogap gaýtarypdyrlar. Soňra
professor iki çüýşe piwony golça guýupdyr. Suwuklyk çäge zerrejikleriniň
aralygynda galan boşluklara siňip, golçany doldurypdyr. Talyplar gülşüpdirler.
“Siziň bu golça öz durmuşyňyzyň keşbi hökmünde garamagyňyzy
isleýärin — diýip, professor talyplara ýüzlenipdir — Golf topjagazlary — bu
durmuşyňyzdaky iň möhüm zatlardyr: maşgala, saglyk, dost-ýar hem söýgi.
Bular beýleki zatlaryň baryndan mahrum bolaýsaňyz hem, durmuşyňyzy
doldurar. Külke daşlar iş, jaý, ulag ýaly zatlary alamatlandyrýar. Çäge beýleki
owunjak zatlardyr. Eger siz golçany ilki çäge bilen doldursaňyz, onda külke
daşlar üçinem, golf toplary üçinem ýer galmaz. Durmuşda-da şonuň ýaly. Ilki
iň möhüm zatlara üns beriň”. Talyplaryň biri elini galdyrypdyr-da, piwonyň
nämäni aňladýanlygy bilen gyzyklanypdyr. Professor ýylgyryp, şeýle diýipdir:
“Soranyňyz gowy boldy. Ol size durmuşyňyz näçe agyr hem bolsa, onda
hemişe bir-iki kürüşge piwo üçin ýer tapyljaklygyny alamatlandyryp
görkezmelidir”.
Bürgüdiň pendi
Bürgütler özlerine şeýle sowal berýärler: “Geljekde
maksatlaryma ýetmek üçin men şu gün näme etmeli?”
Ördekler bolsa, tersine, arzuw-isleglerinden ünslerini sowýan
we daşlaşdyrýan bolgusyz zatlar bilen gümra bolýarlar.
85
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Häzirki ornuňda, özüňde bar zat bilen, başarjak işiňi berjaý et.
Teodor Ruzwelt
Hepdäniň sowaly
Täze bir zady synap görmek üçin bu hepde siz näme edersiňiz?
86
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
39. Bürgütler halaýan zadyny gazanmagy başarýarlar, onsoň
olar almagy başaran zadyny halamaga borçly bolmaýarlar
Olimpiadanyň ýeňijisi Bob Riçards bir ýola şeýle diýipdir: “Olimpiadada
baýrakly orna mynasyp bolup biljek adamlar, ýagny muňa hiç haçan
synanyşyp görmedik türgenler köp. Ýokarlygyna bökmekde menden üstün
çykyp biljek, ýagny menden has güýçli hem ýyndam bolan bäş million erkek
kişiniň bolup biljekdigine düşünýärin. Emma olar hiç haçan ellerine uzyn syryk
alyp, ýerden aýaklaryny üzüp, bellenilen belentlikde böküp geçmäge
synanyşyp hem gören däldirler. Biziň daş-töweregimizde hemme ýerde-de
belentlikler ýeterlikdir”.
Bürgüdiň pendi
Durmuşda özüni alyp baryş babatda iki hili adamlar
duşýar: käbir kişi ördekler ýaly, ömür ýolunda mykyldap
ýöräp, diňe zeýrenmegi başarýarlar: “Men günäkär däl”,
“Meniň edip biljek alajym ýok”, “Muny başga birinden
sorasana”, “Munuň üçin men jogapkärçilik çekemok”, “Beýle etseň, başa
barmaz”, “Muny men hiç haçan edip görmändim”... Ördekleriň iş alyp
barmakdaky çygry kölçe we onuň töwerejikleri bilen çäklenýändir. Şonuň
üçinem olar almagy başaran zadyny halamaga mejbur bolýarlar.
Bürgütler bolsa, tersine, halaýan zadyny gazanmagy başarýarlar. Şonuň
üçin olar awa çykýarlar-da, özlerini halaýan zatlary bilen üpjünleýärler. Olar
uçup
belende
göterilýärler, töwerege
nazar
aýlaýarlar
we
maksadaokgunlylyk bilen “awuna” tarap şaglap inýärler. Olar meseleler,
aladalar barada oýlanyp, şolaryň gürrüňini edip ýörmegiň deregine, çözgüt
mümkinçiligini ideýärler. Eger siz bürgüt bilen gabatlaşsaňyz, ol sizi
ganatlaryna galdyryp, belende göterer. Ol ýerden bolsa ähli zat bütinleý
başgaça görünýändir. “Men hut şonuň üstünde hem işläp ýörün”, “Men
munuň bir alajyny taparyn”, “Men size höwes bilen kömek ederin” ýa-da
“Munuň hökman bir çözgüdi bolaýmaly…” Eger siz şu jümleleri eşidýän
bolsaňyz, onda bilip goýuň — siziň alnyňyzda bürgüt durandyr.
87
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Kynçylyklarda hemişe oňyn mümkinçilikler bardyr.
Albert Eýnşteýn
Hepdäniň sowaly
Siz kynçylyklarda mümkinçilikleri görýärsiňizmi? Siz bu hepdede
nireden mümkinçilikler we çözgütler gözlärsiňiz?
88
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
40. Bürgütlere kynçylyklar tanyşdyr, emma olar
mümkinçilikleri gözleýändirler
Bir kiçijek gyzjagaz uçmah bilen dowzahyň aratapawudyny bilmek isläp,
bu babatda atasyndan sorapdyr. Ol agtygyna şeýle wakany gürrüň beripdir.
Urşuň yzysüre halkyň güzeran ýagdaýynyň kyn mahaly garyp-gasarlar üçin
ýörite aşhanalar bolup, ol ýerde mätäçlere nahar paýlanar eken. Uly bir jaýyň
içinde äpet gazanda juda tagamly çorba bişiriler eken. Her kimiň polatdan
guýlan uzyn saply hem agyr çemçesi bolup, öňem mejalsyz adamlaryň ol
çemçe bilen çorba susup alyp, agzyna ýetirmäge, owurtlamaga hem
ysgynlary bolmanmyşyn. Açlykdan ýaňa aňkasy aşan adamlar gaharlanyşyp,
biri-birlerine-de topular ekenler.
Başga bir jaýda-da edil şonuň ýaly şertler bolupdyr: içi çorbaly mähnet
gazan, götermesi hyllalla bolan agyr çemçeler, emma adamlar bu ýerde dok
hem bir-birekden göwnühoş halda ekenler. Munuň sebäbi hem adamlardan
iki sanysy saýlanyp, agyr çemçeli susup alan çorbalary bilen beýlekileri
naharlapdyrlar. Biraz wagtdan soňra olaryň ornuna ýoldaşlary geçer eken.
Ine, şu hem uçmah eken.
Bürgüdiň pendi
Ördekleriň özlerini alyp baryşlarynyň bürgütleriňkiden
bütinleý tapawutlydygy gürrüňsizdir. Bürgütler çözgüt
tapýarlar, ördekler bolsa, tersine, hatda gözlejegem
bolmaýarlar, sebäbi hemişe nämedir bir zadyň başa
barmajakdygy barada oýlanýarlar hem-de näme üçin başa barmaýandygyny
özgelere düşündirmek bilen gümradyrlar. Bürgütler her bir çözgüde dahylly
belli bir meseläniň bardygyny, şonuň ýaly-da her bir mesele üçin çözgüdiň
bolmalydygyny bilýärler. Ördekler diňe meseleleri görýärler we şolar bilen
şeýle bir başagaý bolýarlar welin, olaryň çözgütler barada oýlanmaga asla
wagty hem galanok.
89
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Biz özümiz barada nähili pikirde bolsak, şol hem ykbalymyzy
kesgitleýändir.
Mark Twen
Hepdäniň sowaly
Siz öz gymmatyňyzy bilýärsiňizmi? Siz özüňiz we ukyp-başarnyklaryňyz
barada nähili pikirde?
90
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
41. Bürgütler özleriniň gymmatyny bilýärler we islendik
baha kaýyl bolup hereket etmeýärler
Bir awtozawodda konweýer döwlüpdir. Munuň üçin jogapkär bolan
mehanik bu näsazlygyň sebäbini aradan aýyrmagy başarmandyr. Onuň
hereketsiz duran her sagady kärhananyň 100 000 ýewro zyýanyna bolupdyr.
Şonuň üçinem mehanik baş mehanige jaň edipdir, emma ol hem konweýeri
gözden geçirenden soň, ony herekete girizip bilmejekdigine göz ýetiripdir.
Wagt bolsa geçip dur. Sehiň başlygy mehanige kärhananyň çäginden daşda
bolsa-da, ökde hünärmen tapmagy tabşyrypdyr: “Bahasynyň näçe
boljaklygyna garamazdan, işi ýola goýmagyň derrew bir alajyny tapyň!”
Hünärmen işiň başyna baranyndan 15 minut soňra döwlen enjam hereket
edip başlapdyr. Hemmeler begenipdirler. Emma munuň üçin 10 000 ýewrolyk
töleg hasaby gelende, buhgalteriýa başlykdan bu barada gaýtadan hem bir
barlag geçirmegi haýyş edipdir. Ol gaharly halda ussa til kakypdyr: “15
minutlyk iş üçin 10 000 ýewro — heý, beýle-de bir haýasyzlyk bolar oguşýa!
Beýle bahany siz nähili delil bilen tasa getirip bilýäňiz?” Ussat hünärmen şeýle
jogap beripdir: “Nädip bu bihaýalyk bolýarmyşyn? 100 ýewro — meniň azap
hakym, 9 900 ýewro bolsa — meniň haýsy nurbady berkitmegiň gerekdigini
bilýänligim üçin tölenilmeli hakdyr!”
Bürgüdiň pendi
Siz öz gymmatyňyzy bilýärsiňizmi? Anyk bir ugur babatda
beýlekilerde bolmadyk tejribe, ähtimal, sizde bardyr?! Siz
nämäni beýlekilerden has oňat ýerine ýetirmegi
başarýarsyňyz? Bürgütler özlerine ynamlydyrlar we muny
bolmalysy ýaly derejede peýdalanmagy başarýandyrlar. Ördekler bolsa
edýän we edip biljek işlerine kembaha garaýarlar. Olar gowur baryny
turzubam, özlerini arzan bahadan “satýarlar!” Eger siz mynasyp derejeli zady
teklip edýän bolsaňyz, onda siz şoňa laýyk bahany talap edip ýa-da şeýle baha
garaşyp bilersiňiz.
91
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Pikiriň nirede bolsa, sen hem şol ýerdesiň, nirede bolmak isleýän
bolsaň, pikiriň hem şol ýerde bolmagyny gazan.
Rabbi Nahman
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede siziň pikirleriňiz nämä gönükdirilen? Siz nämede ünsüňizi
jemleýärsiňiz?
92
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
42. Bürgütler hatda akyl ýetirmezden hereket edenlerinde-de
dürs hereket etmek üçin öz pikirlerine akyl ýetirýärler
Iki dostuň biri hemişe berhiz tutýan eken, çünki ol diňe bir özüni öte
semiz hökmünde duýman, eýsem, hakykatdan hem, juda semiz eken. Ol
horlanmak üçin uzak wagtlap yhlas edipdir. Bir gezek dosty garaşman durka
onuň öýüne baranda, gözlerine ynanmandyr: “Sen şu wagt berhiz
saklaýaňmy?” diýip, ol öý eýesinden sorapdyr. “Elbetde, berhizli” diýip “çişik”
öý eýesi jogap gaýtarypdyr. “Onda seniň bu tabagyňdaky peýnirli kökeden
ýalmap oturmagyňa nähili düşünmeli?” Öý eýesi dostunyň ýüzüne geň galyp
garapdyr-da, şeýle jogap beripdir: “Aý, bu kiçijek bölejik hasaba alnanok-la”.
Bürgüdiň pendi
Peýnirli kökäniň her bölejigi hem hasaba alynýandyr!
Biziň pikirlerimiz babatda-da edil şu köke bölejigi ýalydyr.
Özüňize rugsat edýän zatlaryňyzyň ählisi size oňyn täsirini
hem, ýaramaz täsirini hem ýetirýändir. Eger siz bürgütler ýaly,
pikir babatda bulam-bujarlykdan ýokary galmagy öwrenseňiz,
pikir gigienasy müşgil zat däldir.
Meselem. Eger-de siz indikile iş stolunyň başynda otyrkaňyz gohgalmagal sebäpli, telefonyň zol-zol jyrlap duranlygy üçin, kadaly iş ornuňyz
bolmanlygy sebäpli, gerekli kagyzlaryň ýere gaçýanlygy üçin gaharyňyz gelse,
üstesine-de ertirden bäri hiç zat garbanmanlygyňyz üçin, özüňizi duýşuňyz
ýaramaz bolsa (üns beriň, ördek ahwaly ýakynlaşýar), onda, gowusy, otagdan
çykyň ýa-da açyk penjiräniň öňüne geçiň. Bürgüt ahwalyna geçiň, etmeli
işleriňizi gözden geçiriň, pikirleriňizi tertipläň we wajyp zatlaryň baryny
ädimme-ädim ýerine ýetirjekligiňize akyl ýetiriň. Dürli çeşmelere laýyklykda,
adamda günde 15 000-den 30 000-e çenli pikir bolýar. Olary oňyn hem
maksada okgunly peýdalanyň:
1. Ýagdaýy bolşy ýaly kabul ediň (geçmişi siz özgerdip bilmersiňiz);
2. Ýaramaz pikirleri ýazyň, soňra muňa dürs tarapdan çemeleşip, oňyn
görnüşinde beýan ediň. “Men mundan beýläk näme etmelidigimi bilemok”.
Oňyn görnüşindäki beýany şeýle bolar: “Kim maňa maslahat berip biler?”
93
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Garaşmaga derek herekete geçmeli!
Grinpis
Hepdäniň sowaly
Özgeler haýal-ýagallyk edýärkäler siz eýýäm şu hepde nämeler etmäge
başlap bilersiňiz?
94
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
43. Özgeler haýal-ýagallyk edýärkäler bürgütler herekete
geçýärler
Ýalňyz adada bir erkek kişi ýaşapdyr. Günlerde bir gün ol çalaja ýer
yranýanlygyny duýupdyr. “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly
bolsam gerek” diýip ol adam oýlanypdyr. Ýöne adadaky sarsgyn sowlansoň,
ol alňasaman, garaşmaly diýen netijä gelipdir. Tizara adanyň ep-esli bölegi
suwuň astyna gidipdir. Adam biynjalyk bolupdyr. “Men nämedir bir zatlar
etmegiň ugruna çykmaly bolsam gerek” diýip oýlansa-da, ol ýene garaşmaly
diýen netijä gelipdir. Ol adanyň abat galan böleginde-de günemasyny aýlap
biljek eken. Basym adanyň başga bir bölegi hem suwuň astyna gidip, ýitirim
bolupdyr. Adam howsala galypdyr. “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna
çykmaly bolsam gerek” diýip oýlanypdyr. Emma soň kän bir üýtgeşiklik
bolmansoň, ol garaşmaly diýen karara gelipdir. “Şu çaka çenli-hä hemme zat
ugruna bolupdy” diýen sözler bilen ol öz-özüne göwünlik beripdir. Ýöne bu
ýagdaý uzak dowam etmändir, ada tutuşlygyna suwuň astyna gidipdir, şonuň
bilen birlikde adadaky ýalňyz adam hem gark bolupdyr. Heläk bolmagynyň öň
ýanynda onuň soňky sözi: “Men nämedir bir zatlar etmegiň ugruna çykmaly
ekenim” bolupdyr.
Bürgüdiň pendi
Häzir juda köp gürlenip, juda az iş edilýär! Durmuşyň ähli
ugrunda tükeniksiz gürrüňlere, üznüksiz maslahatlaşmalara
gümra bolan ýaňra kişiler her birimize tanyşdyr. Ördekler
suwytly bir zat aýtmazdan we meňki bolsun diýer ýaly hiç bir
iş etmezden, örän köp gürleýärler. Bürgütler aýdýan zatlaryna amal edýärlär
(elbetde, öňünden akylly-başly oýlanyşýarlar), şonuň üçinem olara üstünlik
ýar bolýar. Eger siz oňat oýlanmagy, ondanam ýagşyrak iş etmegi oňarýan
bolsaňyz, adamlar munuň gadyr-gymmatyny bilerler.
95
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Kelläniň togalak görnüşli bolmagy pikiriň öz ugruny üýtgedip bilmegi
üçindir.
Fransis Pikabia
Hepdäniň sowaly
Siz nirede togtap galdyňyz? Siz bu hepdede haýsy pikirleri täze ugra
gönükdirip bilersiňiz?
96
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
44. Bürgütler ýumşy çynlakaý kabul edýärler we adaty
bolmadyk ideýalary öňe sürýärler
Balyk tutmaga ýöriteleşen gäminiň baş aşpezi özüniň kömekçisi bolan
ýaş oglana her gün irden sagat 10-da gäminiň kapitanyna bir çaşka kofe eltip
bermegi tabşyrýar. Ýumuşdan gelensoň ol aşpeze şeýle diýýär: “Ol-a
ýeňsäme bir şarpygy suňşurdy, sebäbi ýolda kofe biraz döküläýipdi-dä. Ýöne
bu şemalda dökmän äkitmek mümkin däl-ä!” “Onda indikile çaşkaňy gyragyrma doldurman, azrak guýup äkidäý” diýip, baş aşpez oňa maslahat
beripdir, ertesi irden oglan şeýle-de edipdir. Emma ýene-de gelip arz edipdir:
“Çaşka doly bolmanlygy üçin ýene-de bir şarpyk iýmeli boldum”. “Onuň ýaly
bolsa, men-ä näme diýjegimi bilemok, özüň bir alajyny tapaýmasaň!” diýip,
aşpez oňa pikirini aýdypdyr. Ertesi irden oglan dolanyp gelende: “Ýeri, niçik?”
diýip, baş aşpez ondan sorapdyr. Oglan göwnühoş halda şeýle diýipdir: “Örän
oňat, hemme zat gülala-güllük. Men ilki çaşkany pürepürledim, soňra ondan
owurdymy dolduryp gidip, kapitanyň gapysynyň agzyna baryp, gaýtadan
owurdymdaky ajy kofeni çaşka goýberdim… Bu gezek ol meni öwdi!”
Bürgüdiň pendi
Ördekler işe ýararlyk ideýalary öňe sürmäge ukyply
däldirler. Olar ähli zat babatda öz gurşawlary bilen şeýlebir
çäklidirler welin, öz kölçejiklerinden aňyrda hiç bir zady
görmeýärler (hatda pikirinem etmeýärler). Olar nämedir bir
zady ahyryna çenli alyp gitmäge derek, uly tolkunlardan zeýrenýärler we
haýal-ýagallyk edenlerini kem görmeýärler. Bürgütler täze zatlardan
çekinmeýärler, eger-de bilimleri ýa-da başarnyklary ýetmezçilik edýän bolsa,
olar öz derejelerinden ýokary göterilmegi başarýarlar. Bürgütler gürrüňiň
näme barada gidýänligine düşünýärler (meselem, gyzgyn kofe) we munuň
bilen bagly bütünleý adaty bolmadyk çözgütleri teklip edýärler. Belki, sizem
“kofe owurtlamak bilen” töweregi geň galdyrmalysyňyz.
97
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Eger adam oýananyndan uka gidýänçä öz halaýan zadyny edýän
bolsa, ol üstünlige eýedir.
Bob Dilan
Hepdäniň sowaly
Siz öz halaýan zadyňyzy edýärsiňizmi? Ömrüňiziň agramly böleginde
siz näme bilen meşgul bolýarsyňyz?
98
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
45. Bürgütler arzuwlar bilen ýaşaman, öz arzuwlarynda ömür
sürýändirler
Enriko Karuzonyň çagalykdan Milanyň “La Skala” opera teatrynyň sahnasynda aýdym
aýtmak arzuwy bar eken. Wagtyň geçmegi bilen ol bu pikirinden ýüz dönderip, ýerli opera
teatryna işe ýerleşipdir. Bir gezek ol Sisiliýada özüniň çagalyk arzuwlaryndan habarly bolan
dosty bilen gabatlaşypdyr. Dosty ondan sorapdyr: “Sen bu ýerde näme işleýäň?” Karuzo
oňa: “Men saňa gürrüň beripdim ahyry!” diýip jogap beripdir. Dosty garşy çykypdyr:
“Düşünmediň. Men seniň hut şu ýerde näme işläp ýörenligiňi bilmek isleýärin. Men seniň
öz mümkinçiligiňi näme edenligiň babatda özüňe sowal berip görmegiňi isleýärin”. Diňe
şonda Karuzo düşünip galypdyr: ol türgenleşmesini bes edip, wagtyny bihuda geçiripdi. Ol
ortataplyk lüýgüne batyp galypdy.
Juda lapykeç hala düşüp, Karuzo çakyndan artyk çakyr içipdir. Sahna çykmaly wagty
gelende ol eýýäm bütinleý serhoş halda eken. Ol gelniň rolunda oýnaýan aktrisanyň
köýneginiň ýerden süýrenip ýatan etegine basypdyr, köýnek sypyrylypdyr. Soňraky bolan
başagaýlyk sebäpli sahna ýykylypdyr. Çynlakaý opera masgarabaz oýnuna öwrülipdir.
Karuzony işden boşadypdyrlar. Emma şonda-da ol operanyň dördünji bölüminde çykyş
etmeli eken. Gorkudan ýaňa serhoşlukdan aýňalyp, ol roluny örän ýokary derejede ýerine
ýetiripdir. Ol öň hiç haçan hem şol gezekkisi ýaly ussatlyk bilen aýdym aýtman eken.
Tankytçylar haýran galypdyrlar. Hemmeler şu çaka çenli hiç haçan beýle aýdymy diňläp
görmändiklerini boýun alypdyrlar. Opera ýolbaşçysy ony täzeden işe çagyrypdyr. Emma
indi Karuzo öz mümkinçiligini peýdalanmak isläpdir we Milana ugrapdyr. Ol ýerde her gün
yhlas bilen türgenleşipdir. Onuň ukyp-başarnyklaryny aýan etmän geçiren ýeke güni hem
bolmandyr. Şeýdip ol dünýä derejesindäki ýyldyza öwrülipdir.
Bürgüdiň pendi
Biziň zehinimiz — hiç haçan kör galmaýan çeşmedir we
biz ony, gynansagam, öz-özünden bolaýmaly zat hasap
edýäris. Ördekler köplenç özlerinde zehin bardygyny hem
bilenoklar, onuň gymmatyny bilmek we ondan peýdalanmak
hakda-ha gürrüňem ýok. Bürgütler hemişe özlerinde kanagatlanma
duýgusyny berýän we munuň üçin energiýa sarp etmäge talap hem bolmadyk
aýratynlyklary açýarlar. Kalbyňyza diň salyň, durmuşyňyza bürgüt
nukdaýnazaryndan garaň! Ine, şu-da siziň zehinli tarapyňyzdyr!
99
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Hakyky ynanja eýe bolan bir adam ýönekeý gyzyklanmasy bolan 99
adamdan güýçlüräkdir.
Jon Stýuart Mill
Hepdäniň sowaly
Siz özüňize ynanýarsyňyzmy? Öz maksadyňyza ynanýarsyňyzmy?
100
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
46. Bürgütler maksatda ünsüni jemläp, päsgelçilikleri aradan
aýyrýarlar
Bir begzada gezelenç edip ýörkä gyzgan şahasy oňa ilişipdir. Howlukmaç bolansoň, ol
muňa ähmiýetem bermän, ýoluny dowam edipdir. Ýöne agşamlyk dyzynda tiken çyzan
ýeriniň ganjaryp duranlygyny görüpdir. Ol uly zat bolmasa-da, garaz, ganaýar eken. “Muňa
derman çalmaly” diýip oýlanypdyr-da, begzada hyzmatkärini çagyrypdyr. Sypjyryk
kiçijegem bolsa, oňa eli degende biraz yza duýupdyr. Begzada gije oýanypdyr. Ol dyzyny
sypalap görüpdir. Sypjyrylan ýeri edil öňki bolşy ýaly eken, birneme lorsuldysy hem
duýulýar eken. Ol ýara birhili betgelşik görünýär eken. Ýara oňa päsgel berip başlapdyr,
onuň bir alajyny tapmak gerek bolupdyr. Ol ýaranyň üstünden barmagyny ýöredipdir.
Kesmeklän ýeri sypyrylypdyr. Tutuş gijäni begzada ýarasyna dümtünip geçiripdir. Ertesi
irden onuň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Ol lukman çagyrmagy buýrupdyr. Lukman ýara
düşen ýeri üns bilen gözden geçirip, gerekli dermanlary belläpdir. Känbir töwekgellik
etmezlik üçin begzada düşekde ýatmaga mejbur bolupdyr. Indi ol ýatan ýerinden hemişe
şol sypjyrylan ýeri barada oýlanypdyr. Beýdip oturmagyň gelşiksizligini bilse-de, ol zol-zol
ýarasyny gözden geçirip, ony elleşdirip görer eken. Üç günden soň sypjyryk sebäpli düşen
ýara azypdyr. Dyzy güp ýaly çişipdir. Lukman aladaly halda: “Aýagyň dyzdan aşagyny
kesmeli boljak” diýipdir.
Bürgüdiň pendi
Bürgütler ruhubelentdirler. Olar ýaramaz tarapdan dälde, oňyn tarapdan pikirlenýändirler, gowulykdan ugur alyp,
gowulyga-da ýorýandyrlar. Olar hemişe nämedir bir zady
özgertmegiň, şonuň bilen birlikde-de gowulaşdyrmagyň
mümkindigini bilýändirler. Ördekler sussupesdirler. Olar gülleri ysganlarynda
hem tomusky burk urýan gülli sähra barada däl-de, ýas çäresi barada
oýlanýarlar. Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, maksada ýetmek
babatda-da welilik bilen öňünden aýdylan zatlaryň öz-özünden amala aşmak
kanuny hereket edýändir. Şonuň üçinem maksatlaryňyza gowy niýetler bilen
çemeleşiň. Eger-de nämedir bir zada ýetmek isleýän bolsaňyz, oňa hemişe
ýetmegi başarjaklygyňyz baradaky pikirden ugur alyň. Meseledir aladalary
çagyryş hökmünde kabul ediň-de, olara özüňiz üçin täze mümkinçilikleri
açýan oňyn hadysalar hökmünde garaň!
101
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Maksada ýetmegiň iň bir gysga ýoly köplenç çylşyrymly ýollaryň
üstünden geçýändir.
Malkom Forbs
Hepdäniň sowaly
Munuň näme sebäpden beýle bolanlygyny kim bilýär?
102
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
47. Bürgütler parahat halda hereket etmek güýjüne eýedirler
Bir goja özüniň ýalňyz ogly bilen ýaşaýan eken. Olaryň meýdan işlerinde
peýdalanýan bir ýabysy bolup, şonuň bilen hem güzeran aýlaýar ekenler. Bir
gezek ýaby tazygyp, ümdüzine tutduryp gaçyp gidipdir. Obadaşlary
duýgudaşlyk bildirmek üçin gojanyň ýanyna barypdyrlar: “Beýle kynçylyklary
görmek hem nesibäňizde bardyr-da…” Goja bolsa gaýtam parahat halda:
“Munuň näme sebäpden beýle bolanlygyny kim bilýär? Belki, bähbidedir”
diýipdir. Bir hepdeden ýaby dolanyp gelipdir, ajaýyp ýabany ýabylaryň hem
bir sürüsini yzyna düşürip alyp gelipdir. Esli wagt geçenden soň gojanyň ogly
şol ýabany ýabylaryň birine münüş öwretmek isläpdir. Emma sarç ýaby ony
ýere ýykypdyr, oglanyň aýagy döwlüpdir. Indi meýdan işlerinde gojanyň ýeke
özi zähmet çekmeli bolupdyr. Obadaşlarynyň ýene-de oňa nebsi agyrypdyr:
“Beýle kynçylyklary görmek hem nesibäňizde bardyr-da…” Goja bolsa:
“Munuň näme sebäpden beýle bolanlygyny kim bilýär? Belki, bähbidedir”
diýip jogap gaýtarypdyr. Basym goňşy döwlet bilen arada uruş turupdyr. Ýaşy
ýeten erkek kişileriň ählisini söweşe äkitmek üçin oba esgerler gelipdirler.
Urşa gidenleriň aglabasy gurban bolupdyr. Gojanyň ogly bolsa aýagy
döwlenligi üçin öýünde galan eken.
Bürgüdiň pendi
Ördekler meseleler we hiç bolmanda, häzirlikçe
üýtgetmäge güýçleri ýetmeýän ýagdaýlary sebäpli
zeýrenýärler. Olar özleriniň höweslerini ýitirýärler we munuň
netijesi hökmünde şu gün we geljek üçin zähmete
ukyplylygyndan hem jyda düşýärler. Bürgütler bolsa islendik ýagdaýda-da
indiki gün, indiki hepde, indiki ýyl barada oýlanýarlar. Olar özgerdip bilmeýän
zatlary babatda lapykeç bolman, özlerine “Munuň näme sebäpden beýle
bolanlygyny kim bilýär?” diýen sowaly berýärler.
Eger-de siz zatlara bürgüt nukdaýnazaryndan, “bürgüt uçar
belentlikden” garap görseňiz, zatlaryň arabaglanyşygy köplenç göz-görtele
bolup durandyr. Ýyllar soňra siz başdan geçiren ýagdaýlaryňyzdan peýda
alarsyňyz we toplanan tejribä laýyklykda hereket edip bilersiňiz.
103
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Eger-de biz elmydama şol bir eden zadymyzy edýän bolsak, onda
aljak zadymyz hem elmydama şol bir alýan zadymyz bolar.
Helmut Zessler
Hepdäniň sowaly
Aýdaly, bir çykalga — çözgüt bar diýip göz öňüne getireliň. Ol nähili
görnüşde bolup biler?
104
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
48. Bürgütler öz maksatlarynda üns jemleýärler we öz
nukdaýnazaryny özgertmegi hem başarýarlar
Bir gezek tebigaty öwrenijiler ýaşylbaş bilen bagly tejribe geçiripdirler:
guşy gury ýer bilen arasyna uly bolmadyk germew çekilen kölçä
goýberipdirler. Haýatdan aňyrda iým goýlan eken. Olaryň Erih diýip
atlandyran ýaşylbaşy goguldap, kölçede ýüzüpdir. Iými görüp, tizräk oňa
ýetmek isläpdir. Ilki ol haýatdan uçup geçjek bolupdyr, emma germew onuň
üçin juda belent bolup görnüpdir. Soňra ol haýaty zabt edip almaga
synanypdyr, emma germew synmandyr. Biderek arrygyny gynany bolupdyr.
Sähel wagtdan ol boýun egip, kaýyl hala gelipdir. Ol, esasan, bir düýpli
ýalňyşlyk goýberipdir: ol hemişe iým gözüne görnüp durar ýaly aralyga
daşlaşypdyr. Eger-de ol birneme saga ýa-da çepe ýüzen bolsa, onda haýatyň
bary-ýogy sähelçe metr uzynlykdadygyna düşünerdi we onuň aňry tarapyna
geçip, arkaýyn iýme ýetmegi başarardy.
Bürgüdiň pendi
Biziň saklanmagy başarýan uçuş belentligimiz pikirleniş
usulymyza baglydyr, pikirlenişimiziň hili bolsa sowaly goýuş
usulymyza bagly bolup durýar. Her gezek alnyňyzda
päsgelçilik, ýagny “mesele” ör-boýuna galanda, oň bürgüt
uçar belentlikden garamaga çalşyň: “Aýdaly…”
“Aýdaly, haýsydyr bir mesele üçin çözgüt bar diýip göz öňüne getireliň.
Ol nähili görnüşde bolup biler?” Ördekler çäklije garaýşa eýedirler, olar şol bir
ugur boýunça ýüzýärler. Hiç hili täze zada synanyşyp görmeýändikleri sebäpli,
olar başgaça ýol tapyp hem bilmeýärler. Bürgütler bolsa, tersine, täze ýollar
boýunça hereket edýärler. Olar nukdaýnazaryny özgertmegi hem
başarýarlar, bolup biläýjek serhetleri aşyp geçýärler, belentlige göterilýärler
— şu zatlar mynasybetli hem olaryň öňünde bütinleý başgaça mümkinçilikler
açylýar.
105
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Hiç bir betbagtçylyk hem hakykat ýüzünde biziň gorkymyz kimin uly
däldir.
Frans Werfel
Hepdäniň sowaly
Haýsy ugurlarda siz çendenaşa seresaplylygy saklaýarsyňyz? Bu
hepdede siz näme babatda edermenlik görkezersiňiz?
106
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
49. Bürgütler özgelerden hem öwrenýärler, şahsy
tejribelerini hem toplaýarlar
Bir telekeçi firmasyny uzak wagtlap üstünlikli dolandyrmagy başarypdyr.
Ol 60 ýaşyny doldurypdyr, mirasdüşeri bolmansoň, ol kärhanany nurly
geljege sary alyp gitmegiň hötdesinden geljek dolandyryjynyň gözlegine
çykypdyr. Şu maksat bilen ol yglan edilen uly bäsleşikde saýlanmagy başaran
dalaşgärleriň üçüsini ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmak üçin ofisine çagyrypdyr.
Olara gymmat bahaly zatlar salnan sandygy açmagy ýumuş tabşyrypdyr.
Sandyga Germaniýada tapmak mümkin bolan iň gowy gulp urlan eken.
Telekeçi şeýle düşündiriş beripdir: “Iň uly hem agyr gulp asylan şu sandyk
meniň kärhanamy alamatlandyrýar. Siziň haýsy biriňiz ony açmagyň tärini
tapyp bilersiňiz?”
Üç dalaşgäriň gulplardan ezber baş çykarýan biri oňarmajaklygyny
duýduryp, bada-bat başyny ýaýkapdyr. Ikinjisi kagyzdyr galam sorap,
aljyraňňy halda munuň üçin derde ýaraýjak strategiýa oýlap tapmagyň
usulyny gözläpdir, emma ahyrky netijede bu-da degişli açary bolmasa, bu
gulpy açyp bolmaz diýen karara gelipdir. Üçünji dalaşgär aýgytly gadam urup
sandygyň ýanyna barypdyr-da, gulpy gözden geçiripdir, dürli usullar bilen ony
gymyldadyp görüp we gulpy itipdir. Birden gulp açylypdyr. Gulp soňky çägine
çenli doly ýerine eltilmän, çala iltelip, sandyga ýaplap goýlan eken. Ol ýaş
ýigide edermenlikden we muňa akyl ýetirmek üçin aýgytly hereket etmekden
başga hiç bir zat zerur hem bolmandyr. Telekeçi oňa guwanyp garapdyr we
işleri dolandyrmagy şol dalaşgäre ynanypdyr: “Siz diňe bir görýän we eşidýän
zatlaryňyza bil baglaman, eýsem, çözgüt tapmak üçin ähli güýjüňizi
gaýgyrmaýarsyňyz we ony amala aşyrmak üçin dogumly çemeleşýärsiňiz”.
Bürgüdiň pendi
Ördekler özbaşdak pikirlenmäge we nämedir bir zady
amala aşyrmak üçin dogumlylyk bilen synanyşmaga derek
köplenç özgeleriň aýdýan zatlaryna bil baglaýarlar. Bürgütler
özleriniň şahsy pikirlerine daýanyp işe çemeleşýärler, olarda
özlerine we öz bilimlerine ynanyp, nämedir bir täze zada synanyşyp görmek
üçin edermenlik we mertlik ýeterlikdir.
107
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Öz ugruňy beýleki gämileriň çyralaryna däl-de, alysdaky ýyldyzlara
gönükdir.
Knut Usein Kloster
Hepdäniň sowaly
Siziň alysdaky ýyldyzlaryňyz nirede ýerleşýär? Size öz ugruňyzy,
çelgiňizi taraşlamak derkarmy?
108
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
50. Bürgütler hatda asmandan alyp bilmeselerem, ýyldyzlara
ymtylýarlar
Bir alym “Adamy uzak wagtyň dowamynda näme ruhlandyrýar we näme höwes
döredýär?” diýen sowala jogap gözläpdir. Ol muňa dürs jogap tapmak kän bir kyn bolmaz
diýip pikir edýär eken. Ol gündelik, howanyň nähilidigine garamazdan, daşlary gaýtadan
işlemek bilen meşgul bolýan daş ýonujydan sorapdyr: “Sen daşlary yzyny üzmän ýençgiläp
otyrsyň. Seni bu işe höweslendirýän zat näme?” Daş ýonujy şeýle jogap beripdir:
“Howamyň ýakymly bolmagy meni ruhlandyrýan, höweslendirýän ýagdaý”. Elbetde, alym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ördek ýa-da Bürgüt - 5
  • Parts
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 1
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 1860
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1890
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 3
    Total number of words is 3570
    Total number of unique words is 1783
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 4
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 1809
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 5
    Total number of words is 2421
    Total number of unique words is 1233
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 6
    Total number of words is 3152
    Total number of unique words is 1640
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 7
    Total number of words is 2616
    Total number of unique words is 1459
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.