Latin

Ördek ýa-da Bürgüt - 3

Total number of words is 3570
Total number of unique words is 1783
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
janyňdan umydyňyz üzäýgin”. Ol adamyň dost-ýarlary bu ýagdaýdan
haýygyp, ondan sorapdyrlar: “Beýle zady sen nädip patyşa teklip edip
bilýärsiň? Bir ýyldan seniň öljekligiň ujy iki däl ahbetin!” Onda ol şeýle jogap
beripdir: “Bir ýylyň dowamynda köp zat bolup biler: mümkin, patyşa
amanadyny tabşyrar, belki-deç ýaby öler, bilip bolmaz, birdenkä ýabynyň
uçmagy öwrenämegi hem ahmal ahyry, öňünden bu zatlary görüp gelen
barmy näme?”
Bürgüdiň pendi
Ördekler her bir mümkinçilikde kyn mesele görüp,
goguldaşýarlar. Bürgütler her bir kynçylykly meselede
mümkinçilik görýärler we hereket edýärler. Ördekler size hiç
bir zadyň başa barmajakdygyny aýdyp, goguldaşýarlar. Bürgütler käte
nämedir bir zatlaryň başa barman hem biljekdigine düşünýärler, emma badabat munuň dürli ýollary barada düýpli pikirlenip, munuň usullaryny we
çykalgalaryny gözleýärler. Ömrüňiziň islendik pursadynda siz bürgütler ýaly,
her bir meselede mümkinçilik görýänligiňiz ýa-da ördekler ýaly, her bir
mümkinçilikde kynçylyk görýänligiňiz barada netijä gelip bilersiňiz. Eger bu
babatdaky netije hut şu wagt siziň kelläňize gelmeýän bolsa, garaşyň.
55
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Akylly adamlar hatda duşmanlaryndan hem sapak almagy
başarýandyrlar.
Aristotel
Hepdäniň sowaly
Jedelleşme wagtynda sowukganlylygy, akylly-başlylygy saklamak üçin
siz näme edip bilersiňiz?
56
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
24. Bürgütler ugurtapyjydyrlar, ýöne şonda-da özgeleri
ynjytmazlar
Bir är-aýal dynç günlerini geçirmek üçin köl boýuna gidipdirler, ol ýerde
balyk tutmak üçin hem mümkinçilik bar eken. Erkek kişi daňdan çagy balyk
tutmagy halaýar eken, aýaly bolsa kitap okamagy gowy görýärmişin. Ir säher
bilen balyk tutmakdan aryp gelen maşgalabaşy ýatyp galypdyr. Aýaly bolsa
bu jelegaýlara o diýen bir belet bolmasa-da, gaýykda gezelenç etmegi
ýüregine düwüpdir. Biraz wagt kürek uransoň, küreklerini taşlap, kitap
okamaga oturypdyr.
Aradan esli wagt geçensoň, ýörite hereketlendirijili gaýygynda bu
ýerleriniň gözegçisi onuň ýanyna gelip, zenana şeýle diýipdir: “Ertiriňiz haýyr,
hanym! Bu jelegaýda näme işleýärsiňiz?” “Kitap okaýan” diýip jogap gaýtaran
aýal öz ýanyndan: “Görüp duran zadyny näme üçin soraýarka” diýip
oýlanypdyr. “Siz häzir balyk tutmagyň gadagan edilen ýerinde, hanym”.
“Görüp dursuňyz, men balyk tutamok ahyry”. “Görýän, ýöne balyk tutmak
üçin gerekli zatlaryň ählisi siziň ýanyňyzda. Men sizi saklap, jerime ýazmaga
mejbur bolýaryn”. “Eger siz şeýle etseňiz, menem sizi namysyma degmäge
synanyşyk etmekde aýplaryn” diýip, gahary gelen zenan oňa gaýtargy
beripdir. “Hanym, men size barmagymy hem batyramok ahyry!” “Dogry,
ýöne siz om iki synasy sagat bolan erkek kişi ahyry!”
Bürgüdiň pendi
Käte biz zerur ýerinde jaýdar jogap tapyp
bilmeýänligimize geň galýarys. Şunuň ýaly pursatlarda biziň
aljyraňňylygymyzdan peýdalanyp, şermendelikli usullar bilen
bize garşy söz hüjümini gurnaýarlar. Şeýle halatlarda
bürgütler hemişe sypaýyçylygy we dogry netijä gelmegi başarýarlar. Ýöne şol
bir wagtda olar özleriniň ugurtapyjylygyny hem taplaýarlar. Olaryň jaýdar
jogaby elmydama taýýardyr, ýokarky gürrüňdäki zenan maşgala ýaly, olar öz
söhbetdeşlerini alada goýmagyň hötdesiniden gelýändirler. Ördekler bolsa,
tersine, derrew özlerini şahsy babatda kemsidilen hasaplap, jogap urgusyny
berýärler. Olar söhbetdeşlerine garşy hüjüm edip, soňra bolsa umumy dil
tapyp bilmeýändiklerine geň galýarlar.
57
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Bize bar bolan watymyz däl-de, peýdalanmaýan wagtymyz
ýetmezçilik edýär.
Seneka
Hepdäniň sowaly
Siz şu hepdede kynçylykly meseleleri çözmek üçin nähili oňyn
tekliplerleri girizip bilersiňiz?
58
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
25. Bürgütler kynçylykly meseleler barada diňleselerem,
diňe çözgütler barada gürleýärler
Ýolbaşçy düzümiň ýygnagynda çekeleşikli geçen pikiralyşmadan soňra
dolandyryjylaryň ikisi özara söhbet edýärler. Biri beýlekiden soraýar:
“Gadyrly kärdeş, Siz ýaňy özüňiziň ajaýyp hem ynandyryjy çykyşyňyzda
gaýragoýulmasyz meseläniň çözgüdi üçin näme teklip etdiňiz?” “Hiç zat!”
diýip, ol jogap beripdir. “Hawa, hawa, men muňa düşündim, ýöne men Siziň
bu teklibi nähili şekilde düzendigiňizi bilmek isleýärin…”
Bürgüdiň pendi
Ördekler näçe köp goguldaşsalar, olar bilen şonça-da
gyzyksyz bolýar. Bürgütler muny bilýärler. Şonuň üçinem olar
üns berip diňleýärler, söhbetdeşleriniň çykyşyndan
gulaklaryny gandyryp diňleýärler. Olar sowal berýärler, şeýle etmek bilen has
köp zat bilýärler. Olar setir arasyny okamagy öwrenmedik hem bolsalar,
“sözleriň arasyndakyny eşitmegi” welin anyk öwrenendirler. Gürlemeli bolsa
welin, olar diňe çözgütler hem mümkinçilikler barada gürleýändirler.
59
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Ýaşamak sungaty — bu gerekmejek zatlary aýyrmak sungatydyr.
Koko Şanel
Hepdäniň sowaly
Haýsy zatlary siz bu hepde sadalaşdyrarsyňyz? Haýsy ugurda siz has
tygşytly hereket etmegi başararsyňyz?
60
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
26. Bürgütler çuňňur pikirlenýärler we zatlary
sadalaşdyrýarlar
Amerikaly aktýor Donald Sazerlend hiç haçan awtograf bermez eken. Ol
muny ýakymsyz alamat hasaplapdyr we hemmeler ýaly kadaly adam bolup
galmak isläpdir. Bir gezek ol bir är-aýaldan hat alypdyr. Olar doglan güni
golaýlap gelýän ogullary üçin awtograf sotaýar ekenler. Sazerlend üç
sahypadan ybarat hat ýazyp, onda özüniň näme sebäpden awtograf
bermeýändigini sypaýyçylyk bilen beýan edipdir. Iki hepdeden soňra ol
hatyna jogap alypdyr. Är-aýal oňa minnetdarlyk bildirip, entek hiç haçan
munuň ýaly degişme äheňinde ýazylan haty alyp görmändiklerini belläpdirler:
“Biz Siziň hatyň aşagyndaky goluňyzy gyrkyp alyp, oglumyza sowgat etdik. Siz
muny sadalaşdyryp, diňe goluňyzy hem ýollap bilerdiňiz”.
Bürgüdiň pendi
Bürgütleriň durmuşynda hem, ördekleriň durmuşynda
hem bir esasy ýörelge hereket edýär: akmaklyk hem
yhlaslylyga garanyňda, ýaltalyk hem mekirlik köplenç has
netijeli bolýar. Üstünligiň baş ýörelgesi has uzak hem janypkeş zähmet
çekmekden däl-de, özgelere garanyňsa has tygşytly işlemekden ybaratdyr.
Bürgütler sadalyk ýörelgesine laýyklykda ýaşaýarlar! Emma bu olaryň öz
durmuşlaryny öte ýeňilleşdirýändiklerini aňlatmaýar, olar peşeden pil
ýasamagyň gerek däldigine düşünýärler. Ördekler bolsa bir döwüm çörek
üçin bir-birleri bilen söweşýärler we bürgütleriň edişi ýaly, çylşyrymly zatlary
ýeňilleşdirmegiň deregine, sadaja zatlary-da çylşyrymlylaşdyrýarlar.
61
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Başlamak däl-de, aňrybaş derejedäki durnuklylyk, tutanýerlilik
baýraga mynasyp görülýändir.
Katarina fon Siena
Hepdäniň sowaly
Siz nämä ynanýarsyňyz? Tap getirip bilmek üçin siziň (özüňize,
maksatlaryňyza) ynamyňyz ýetirlikmi?
62
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
27. Bürgütler hatda amala aşyrmagyň anyk ýollaryny
bilmeselerem, öz maksatlaryna ynanýandyrlar
Syýahatçylaryň topary şweýsar Alp daglarynda elhenç gar-syrgynly
tupana üstlerini basdyrypdyrlar. Olar ýollaryny ýititrip, azaşypdyrlar. Bu
ýagdaýdan baş alyp çykmak umytlaryny bütinleý ýitiriberen çagynda, bir
ýerde togtap, maslahat edipdirler. Näme edenlerinde gowy boljaklygy barada
hiç kim hiç zat aýdyp bilmändir. Ýöne syýahatçylaryň biri, ine, birden
goşhaltasyndan karta tapypdyr. Bu olarda umyt oýarypdyr. Häzir
nirededikleri we ýakyndaky oba nädip barmalydygy barada birneme
oýlanyşyp duranlaryndan soň, olar ýola düşüpdirler, eli kartaly syýahatçy
öňden ýöräpdir, beýlekiler hem oňa eýeripdirler. Şunlukda, iki-üç sagatdan
soň olar bir dag obasyna baryp ýetipdirler. Olar halas bolupdyrlar! Bir daýhan
olary myhman alypdyr. Syýahatçylar oňa başdan geçiren ahwallaryny we
işleriniň ugruna bolup, içlerinden biriniň başlaryny gutarmaga sebäp bolan
kartany tapyşy barada gürrüň beripdirler. Daýhan üns bilen kartany gözden
geçiripdir-de, ýylgyrypdyr: “Bu Alp daglarynyň däl-de, Pireneý daglarynyň
kartasy ahyry!”
Bürgüdiň pendi
Saýlan kärimizde we şahsy durmuşymyzda üstümlikli
bolmak üçin, häzir her birimiz ýokary netijeleri gazanmaga
borçludyrys. Öňe tarap doly güýjünde hereket etmek üçin,
b.rgütler ýangyjy — energiýalaryny dogry peýdalanmagy başarmalydyrlar.
Maksadymyza ynanmak arkaly biz bu energyýany güýçlendirip bileris.
Ördekler başa barmaz diýip pikir edýärler, şeýle-de bolýar — başa barmaýar.
Siz babatda hut ynanýan zadyňyz bolup geçer. Ähli zat size baglydyr!
63
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Aquila non captat muscas — bürgütler siňek tutmaýarlar.
Olar ownuk zatlara meşgul bolmaýarlar.
Latyn pähimi
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede siz energiýaňyzy nämä gönükdirersiňiz? Siz nähili “ýangyç”
ulanýarsyňyz?
64
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
28. Bürgütler gowşaşmagy başarýandyrlar
Bir erkek kişi gaýyk gatnawly kenara tarap demi-demine ýetmän ylgaşlap
gelşine kenardan üç metr çemesi daşlykdaky paroma ilki ullakan çemodanyny
oklaýar, soňra bolsa güýjünde baryny edip böküp, özi hem münüp ýetişýärde, ýenillik bien uludan dem alýar: “Hernä, münüp ýetişdim!” Ony synlap
duran matros bolsa şeýle diýýär: “Tüweleme, ýöne beýle alňasamak nämä
gerekdi? Kenara diräp durýançak garaşaýan bolsaňyz hem bolardy ahbetin!”
Bürgüdiň pendi
Nemes nakylynda şeýle diýilýär: “Her kim suwda
gaýnadýar”. Göçme manydaky bu aýtgy üstünlige ýetmek
isleýän adamlaryň ählisiniň deň şertlerde bolýandyklaryny
aňladýar. Emma näme üçin bürgütler has tiz, irginsiz hem
netijeli hereket edýärlerkä? Hawa, biziň ählimize-de tebigat tarapyndan deň
mümkinçilik berlen, ýöne biz tapawutly strategiýalary ulanýarys. Käbirleri öz
suwuny mikrotolkunly peçde goýýarlar, käbirleri göni oduň üstünde, üçünji
birleri bolsa, ähtimal, ördekler ulaldyp görkezýän aýnadan düşýän şöhläniň
kömegi bilen ot tutaşdyrjak bolup, uzak wagtlap zeýrenip oturýarlar.
65
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Eger paýhasly jogaba garaşýan bolsaň, akylly-başly sowal ber.
Iogann Wolfgang fon Gýote
Hepdäniň sowaly
Söhbetdeşiňizi ynandyrmak üçin siz nähili sowal bermäge borçlusyňyz?
66
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
29. Bürgütler iň gowy sowallary berip, iň gowy jogaplary
alýarlar
Ybadathana täze ýerleşen biri bu ýerdäki geljekki durmuşy barada baş
ruhany bilen gürleşipdir. Ölemen çilimkeş bolansoň, ol baş ruhanydan ybadat
wagtynda çilim çekmäge rugsat berlip-berilmeýänligi barada sorapdyr.
Ruhany çürt-kesik jogap beripdir: “Ýok, bizde bu gadagandyr. Ybadat wagty
çilim çekilenok”. Ertesi güni ol ybadat üçin çöküne düşüp oturan çagy öňünde
bir goja ruhanynyň keýp edip şybygyny tütedip oturanyny görüpdir. Täze
baran kişi bir hili aljyraňňy hala düşüpdir, sebäbi baş ruhany oňa çilim
çekmegi gadagan edipdi ahbetin. Goja ruhany ondan bu ýagdaýyň sebäbini
sorapdyr. Ol özüne baş ruhanynyň ybadat wagty çilim çekmekligi gadagan
edendigini aýdypdyr. “Sen ondan anyk näme diýip soradyň?” diýip, goja
ruhany gyzyklanyp sowal beripdir. “Men ondan: “Ybadat wagty çilim çekip
bilerinmi?” diýip soradym. Şonda ol: “Ýok” diýip jogap berdi”. Goja ruhany
ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir: “Şeý diýsene, bilýäňmi, men ondan: “Çilim
çekýän wagtym ybadat edip bilerinmi?” diýip soradym. Ol: “Hawa” diýip
jogap berdi”.
Bürgüdiň pendi
Jogaplaryň hili sowallaryň hiline baglydyr. Ördegiň
sowalynyň düýp özeni bolsa geçmişe gönükdirilendir.
Ördekler indi özgertmäge güýçleriniň ýetmejek zatlary barada
goguldaşyp zeýrenmäge başlaýarlar. Ördekleriň öňünde bir
mesele keserende, olar aglaba ýagdaýlarda özlerine has-da beter batgalyga
dartýan sowallary berýärler. Meselem: “Näme üçin bu hemişe men babatda
şeýle bolýar? Bu zatlaryň şeýle bolmagyna, eýsem, men günäkärmi? Näme
üçin men?”
Ýaramaz sowallar köplenç bizi ýaramaz jogaplara ýetirýär: “Sebäbi sen
aşa uly, aşa kiçi, öte gyssanýaň, öte akmak, öte gorkak ýa-da aşa tejribesiz…”
Bürgütler başgaça sowal berýärler, meselem: “Aýdaly, häzir meniň üçin
jaýdar çözgüt ýok, ýöne mundan beýläk maňa kim ýardam edip biler? Munuň
netijesinde men näme öwrenerin? Men bu meseläni nähili çözüp bilerin?”
67
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Bir kynçylygyň hötdesinden gelmegi başar, şonda olaryň ýüzlerçesi
senden gaýra teserler.
Konfusiý
Hepdäniň sowaly
Bu hepde siz nähili meselelere üstünlikli hötde gelersiňiz?
68
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
30. Bürgütler päsgelçilikleri gözleýärler we sada ýaşaýarlar
Oglanjyk kebelejigiň öz pilesini ýaryp çykjak bolup yhlas edýänini
görüpdir. Oňa nebsi agyryp, kebelegiň pileden çykyp bilmegi üçin oglan
kiçijek çakgysy bilen piläni dilipdir. Kebelek ysgynsyz ganatlaryny bir-iki gezek
kakypdyr-da, ölüpdir. Muňa gaty gynanan çaga kakasynyň ýanyna baryp,
bolan wakany gürrüň beripdir. Kakasy oňa şeýle düşündiripdir: “Pile bilen
darkaş gurmak kebelege durmuşda baş çarap, ýaşap biler ýaly güýç
toplamagy üçin zerur”.
Bürgüdiň pendi
Päsgelçilikler we kynçylykly meseleler näçe kösençli we
ýakymsyz bolsa-da, olar zerurlykdyr. Kynçylykly meseleler
arkaly biz özüňiziň ukyp-başarnyklarymyz barada bilýändiris.
Meseleler sporzaldaky götermek üçin niýetlenen agyrlyk daşlary ýalydyr: olar
bizi taplaýar, berkidýär. Şonuň üçin hem bürgütler kynçylykly meselelerden
gaçman, gaýtam olara minnetdardyrlar. Biz olary ýeňip geçenimizde, has
güýçli bolýarys. Ördekler, her bir ýerde gabatlaşsalar hem, meselelerde gaça
durýarlar, soňra bolsa näme sebäpden ösmeýändiklerine geň galmaklaryny
bes etmeýärler.
69
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Tejribe gymmatly emläk bolup, ol bize bolup biläýjek ýalňyşlyklary
öňünden bilmäge we olardan ezberlik bilen sowulmaga mümkinçilik
berýär.
Ardeşir Hagmaýer
Hepdäniň sowaly
Siz bu hepdede haýsy ýalňyşlygyňyzyň beren tejribesine akyl
ýetirersiňiz? Geljekde siz nämäni başgaça edersiňiz?
70
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
31. Bürgütler hem ýalňyşlyklary goýberýärler, emma olaryň
beren tejribesini geljekde peýdalanýarlar
1. Men ýol bilen barýaryn. Ýanýodada çuň çukur hoňkaryp ýatyr. Men
oňa gaçýaryn. Işim gaýtdy… Hiç hili umyt ýok. Men günäkär däl. Men ondan
çykýançam tutuş bakylyk geçip gidýär.
2. Men şol bir ýol bilen barýaryn. Ýanýodada çuň çukur hoňkaryp ýatyr.
Men ony görmedik bolýaryn. Ýene-de oňa gaçýaryn. Men şol öňki ýere ýene
ýykylanlygyma ynanamok. Ýöne muňa men günäkär däl. Men ondan
çykýançam ýene tutuş bakylyk geçip gidýär.
3. Men ýene-de şol bir ýol bilen barýaryn. Ýanýodada çuň çukur
hoňkaryp ýatyr. Men ony görýärin. Ýöne barybir… endige görä oňa
ýykylýaryn. Meniň gözlerim açyk. Niredeligime meniň akylym çatýar. Bu
meniň öz günäm. Men derrew çukurdan çykýaryn.
4. Men ýene-de şol bir ýol bilen barýaryn. Ýanýodada çuň çukur
hoňkaryp ýatyr. Men ondan aýlanyp geçýärin.
5. Men başga ýoldan ýöreýärin.
Bürgüdiň pendi
Bürgüt hökmünde, siziň hem ördek kölçesine gaçmaga
mejbur bolan pursadyňyz bolan bolsa gerek, şeýle-de siz
adama ýalňyşmaklygyň mahsuslygyny-da bilýändiňiz, emma
öz säwlikleriňden sapak almazlyk bagyşlanyp bolmajak ýagdaýdyr. Bürgüt
hökmünde, siz kösençlik çekmezden, gury ýere çykyp, süpürgiç alyp,
guranmalysyňyz. Sebäbi öl ganatlar bilen uçmak müşgildir. Bürgütler şuňa
akyl ýetirýändirler: hiç bir ýagdaý we hiç bir netije ondan nämedir bir zat
öwrenip bolmaz derejede ýaramaz bolup bilmez. Siziň häzirki toplaýan
tejribäňiz, belki, size geljekde netijä gelmekde örän peýdaly bolar.
71
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Akylly adam hörürlenilýän mümkinçiliklere garanyňda, özi üçin has
köp mümkinçilik döreder.
Frensis Bekon
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede siz özüňiz üçin haýsy goşmaça mümkinçilikleri
döredersiňiz?
72
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
32. Bürgütler mümkinçilikleri döredýärler we olary ezberlik
bilen peýdalanýarlar
Nasreddin barada onuň düzgüni bozup, bikanun baýaýandygy barada
myş-myş ýaýrapdyr. Ol her gün eşeklije serhetden geçer eken. Onuň
ýanyndaky torbalaryna diňe saman dykylan bolup çykýan eken. Serhetçiler
Nasreddin baradaky gürrüňlerden habarly bolansoňlar, her gezek ony
boýdan-başa barlap çykýar ekenler. Onuň eşiklerine çenli sermäp
barlapdyrlar, samanyny ýaýradyp, suwa salypç derde ýaramaz ýaly edip hem
görýär ekenler. Käte Nasreddini ýükünden mahrum hem edipdirler. Emma
hiç hili bidüzgün zat tapyp bilmändirler.
Nasreddin bolsa bir syrly ýol bilen has gurplanyp barýarmyşyn. Ahyry ol
garrap, dynç alşa çykypdyr. Şonda oňa hormatly dynç alşa çykan bir gümrükçi
gabat gelipdir. “Nasreddin, indi sen maňa şol döwürlerde bidüzgün ýol bilen
nähili haryt getirenligiň barada gürrüň bersene?” diýip, ol gyzyklanyp
sorapdyr. Nasreddiniň jogaby gysga bolupdyr: “Eşek”.
Bürgüdiň pendi
Hemme zat edil bir ilkinji gezek göreniňde galdyran täsiri
bilen meňzeş bolup duranok. Bürgütler öň tarapyndan garan
halatlarynda bolup geçýän zat babatda doly kartinany görmegi
başarýarlar. Olar käbir sada zatlar babatda ussatdyklary bilen hem
meşhurdyrlar. Olar biziň içimizde iň bir tanymal kişiler hem däldirler. Olaryň
adaty bolmadyk derejedäki döredijilikli strategiýalary özüniň sadalygy bilen
hereket etmäge ukyplydyr we şonuň üçinem genialdyrlar. Ördekler bolsa,
tersine, kän bir fantaziýa görkezip bilmän, bolanja zatlary bilen
kanagatlanýarlar we öňküje edýän zatlaryny edýärler.
73
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Baýramçylyksyz durmuş — myhmanhanasyz uzak syýahat etmekdir.
Demokrit
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede her gün nähilidir bir täze zada geň galmak üçin siz näme
edip bilersiňiz?
74
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
33. Bürgütler hemişe höwesek bolmasalar-da, hereket
edýärkäler elmydama höweslidirler
Agşam çagy myhmanhana bir erkek kişi gelip, özüne bir gijelik otag
bermeklerini haýyş edipdir. Ýerleşen otagy onuň şeýle bir göwnünden
turupdyr welin, ol ýene bir gije-gündizlik şol otagda galypdyr, soňra bir
hepde, ondan soňra bolsa bir aý… Her agşam ol myhmanhananyň eýesine
şeýle diýer eken: “Men ýene-de bir gijelik eglenmek isleýärin”. Iki aý
geçenden soň hojaýyn onuň ýanyna baryp: “Eger näçe möhlet galjaklygyňyzy
anyk aýtsaňyz, men Size amatlyrak baha-da teklip edip bilerdim” diýipdir.
Gonak oňa garşy çykypdyr: “Sag boluň, men her gün täze netijä gelmek
isleýärin. Galyberse-de, eger biz siziň aýdyşyňyz ýaly etsek, siz maňa juda tiz
öwrenişersiňiz we meniň bilen öňküňiz ýaly höwesek iş salyşmarsyňyz”.
Bürgüdiň pendi
Uzak wagtlap bürgüt ýagdaýynda galmaklyk üçin her gün
nämedir bir zada buýsanmak möhümdir. Özüňi diňe işiň
başlangyjynda höweslendirmek we munuň kyn pursatlar üçin
hem saklanyp galmagyna ýa-da bu işiň endige öwrüljekligine
umyt baglamak ýeterlik bolmaz. Uly ruhubelentlik bilen bir işiň başyna baryp,
soňra bolsa orta ýolda ördek kölçesine gonýan kişiler şeýle ýagdaýa
düşýändirler. Ördek halyndakylaryň köpüsi: “Ilki men höweslidim, soňra
bolsa bir döw-ä çaldy” ýaly jümleler bilen goguldaşyp, jogapkärçiligi bolup
geçýän ýagdaýlaryň üstüne ýükleýändirler. Bu ýola hiç haçan amala aşmaýan
oňyn niýetler paýandaz edilip düşelendir: “Men horlanjak”, “Men her säher
yzygiderli ylgajak” ýa-da “Men çilimimi taşlajak” we ş.m. Biziň
maksatlarymyza ýetip bilmeýänligimiziň esasy sebäpleriniň biri özümizi
höweslendirmegi unudýanlygymyz bilen baglydyr.
75
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Men nirä gitmeli bolsa-da, taýýar, ýöne diňe öňe gitmeli bolsa bolýar.
Dawid Liwingston
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede siz özüňizde haýsy özgerişi niýet edip goýarsyňyz?
76
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
34. Bürgütler okgunlydyrlar, emma şeýle-de bolsa, olar
gyssanman hereket edýärler
Iki dost dynç alyş günlerini geçirmek üçin Afrika gidipdirler. Baryp olar iň
uly ýabany haýwanlara baý bolan seýilgähi saýlap, janlaryna töwekgellik
edýän hem bolsalar, bu ýerleriň sährasyny, haýwanat dünýäsini öwrenmegi
ýüreklerine düwüpdirler. Olar tebigy şertlerde ýaşaýan žiraflary, pilleri
synlapdyrlar.
Bir gün awa şikara çykanlarynda, garaşylman durka, olaryň kireýine alan
ulaglary bir sebäp bilen öçüp galypdyr, ol ýerde radiostansiýa hem işlemeýär
eken. Keseden kömege garaşmakdan hiç bir netije bolmajakdygyna düşünip,
olar ulagdan goşhaltalaryny we çadyrlaryny alyp, pyýadalap, gelen ugurlary
bilen yza gaýdypdyrlar.
Iňrik garalyp, düşläp, çadyrlaryny gurmaga duranlary hem şol eken
welin, olaryň gözi özlerine tarap golaýlap gelýän, açlygy hem duýlup duran
ýolbarsa düşüpdir. Olaryň biri gorkudan ýaňa dikilgazyga dönüpdir,
ýoldaşynyň sport aýakgabyny geýip başlanyny görüp bolsa, geň galyp dil
açypdyr: “Seniň başga edere işiň ýokmy? Ýolbars seni barybir sypdyrmaz!”
Onda ol şeýle jogap beripdir: “Edil beýle bolar öýdemok. Sport aýakgabyny
geýenim bilenem men, elbetde, ýolbarsdan gaty ylgamaryn, umuman-a, bu
hökmanam däl, esasy zat, senden ozsam, ýetik bolar”.
Bürgüdiň pendi
Planetamyz entek hiç haçan hem şu günküsi ýaly tiz
aýlanmandy, durmuş barha okgunly we özgerişli bolup barýar.
Düýnki gün ýoň bolan zatlar hem bu gün eýýäm gerekmejek
köne zada öwrülýär. Bürgütler güýçlerini we energiýalaryny
biderek ýere harçlaman, durmuşyň döwrebap depginine laýyk bolmaga
çalyşýarlar. Ördekler hemişe özgerişlerden nalaýarlar, bürgütler bolsa,
tersine, olara buýsanç bilen çemeleşýärler. Olar üýtgeşmelerde ösüş üçin uly
mümkinçilikleri görýärler hem-de mundan peýda alýarlar. Siz gyssagly
ýagdaýda täze zada uýgunlaşmaga we öz üstünligiňiziň üstünde çeýelik bilen
işlemäge taýýarmy?
77
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Sussupes hiç zadyň başa barmajakdygyny subut etmäge dyrjaşýarka,
ruhubelent kişi syýahat etmekden lezzet alýar.
Daniel Reardon
Hepdäniň sowaly
Duýguçyllyk ýagdaýyňyza erk etmegi başarýarsyňyzmy?
78
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
35. Lapykeçlik bürgütlere tanyşdyr, emma olar üstünlik
duýgusyndan lezzet alýarlar
Bir adam lukmanyň ýanyna baryp, uzak wagt bäri göwnüçökgün
haldalygyndan şikaýat edipdir. Onuň daş keşbini görenden lukman bu
adamyň, hakykatdanam, agyr dert-aladalary “göterip ýörenligine” salparan
gerdenlerindenem göz ýetiripdir. Lukman oňa melhem beripdir-de, egilmän,
süňňüni dik tutup ýöremegi we göni öňüne seretmegi tabşyrypdyr. Muny
melhemiň täsiriniň ýetmegi üçin örän möhüm şert ýaly edip tabşyrypdyr.
“Onuň dermanyň täsiri bilen bagly ýeri ýokdur-la!” diýip, siziň garşy
çykmagyňyz mümkin. Dogry, aslynda “dermanyň” özi hem diňe ýörite gaba
gaplanan üzüm şekeri eken. Ol adam, elbetde, bu zatlardan bihabar eken.
Bir hepdeden soň dertlerinden saplanan ýaňky adam begençden ýaňa
uçaýjak bolup lukmanyň ýanyna barypdyr-da, dermanyň juda oňat täsir
edendigini habar beripdir. Hassahana gelýärkä onuň edil iki ädim öňüne,
ýanýoda üçekden bir daş bölegi gaçypdyr. Eger lukmanyň beren melhemlik
gerdejiklerini atmadyk bolsa, şol daşyň hut öz depesinden injek ekenligine ol
gaty ynamly eken. Şonda lukman oňa maýyp bolmaklykdan goran zadyň
derman däl-de, süňňüňi dik tutup, göni öňe seredip ýöremekdigini — özüňe
ynamly bolmakdygyny düşündiripdir.
Bürgüdiň pendi
Edeniň ugruna bolup barýan günler hem bolýar, hiç bir işiň şowuna
bolmaýan günleri hem bolýar. Näme bilen meşgul bolýanlygyňyza
garamazdan, üstünlik bedewine atlanan ýaly duýgy size tanyşmy? Edeniň
tersine bolup duran günler hem size tanyş bolsa gerek. Bularyň esasy
tapawudy nämede? Esasy zat — duýguçyllyk ýagdaýyňa erk etmegi
başarmak gerekdir, özi-de akylly-başly derejede. Diňe şeýle eden halatyňyzda size sähelçe
sekundyň içinde üstünlik “donuny geýmek” başardar. Üstünlikli adamlar özleriniň beden
ýagdaýyny üýtgetmek arkaly (gerdenleriňi dik tutmak, seriňi belent saklamak, göni öňüňe
garamak) sähelçe salymyň içinde bürgüt halyna geçmäge ýa-da ýakymly wakalar (dynç
alyş, tagamly nahar, sulhy alýan adamyň we ş.m.) barada oýlanyp, özlerini ýakymly
duýgular bilen gurşalan hala getirmäge ukyplydyrlar. Ýöne köp kişi islenýän gün ahyry geler
diýen umyt bilen, galyberse-de, bu dünýäniň gurluşynyň özlerine garşydygyna ynamlylyk
bilen tutuş ömürlerini ördek halynda geçirýärler.
79
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Üstünligiň syry özgäniň nukdaýnazaryna düşünmekden ybaratdyr.
Genri Ford
Hepdäniň sowaly
Nämedir bir zady meýletin we göwünjeň etmäge sizi höweslendirmek
özgelere nädip başardýar?
80
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
36. Bürgütler altyn1 kadalary bilýärler, emma platina2
kadalara eýerýärler
Üç sany şäherli oglanjyk dynç alyş günlerini obada geçirýär ekenler. Bir
gün gölejik daňydan boşanyp, döleden çykypdyr. Oglanjyklar güýçlerinde
baryny edip, onyyzyna salmaga çytraşypdyrlar. Biri onuň ýaçy bir dürterilip
çykyp ugran şahjagazyndan tutup çekipdir, beýleki ikisi bolsa yzyndan
itipdirler. Emma çagalar näçe jan etdikleriçe, göle-de şonça keçjallyk
görkezipdir. Ol duran ýerinden hatda butnamandyram. Bu ýagdaýy obaly bir
kiçijek gyzjagaz hem görüp duran eken. Gyzjagaz howlukman gölejigiň
ýanyna gelipdir-de, barmagyny göläniň agzyna tutdurypdyr. Göle emzik ýaly
edip barmagy sormaga başlapdyr, onsoň gyzjagaz ony yzyna düşürip, aňsatlyk
bilen dölä salypdyr.
Şäherli oglanjyklar bolsa bolup geçýän ýagdaýa haýran galyp garapdyrlar
we özleriniň nädogry hereket edendiklerine düşünipdirler. Olar göläniň näme
isleýändigi hakda hatda pikir hem etmän, göle janawardan diňe özleriniň
isleýän zadyny talap edipdirler. Gyzjagazyň peýdalanan usuly bolsa şowly
bolupdyr, sebäbi göle isleýän zadyny alypdyr.
Bürgüdiň pendi
Ördekler özgeler barada özlerine görä netije çykarýarlar.
Olar beýleki adamlaryň özleri ýaly pikir etmeýändiklerini
hatda göz öňüne-de getirip bilenoklar. Şonuň üçinem olar
adatdan daşary ýagdaýlarda “güýje” bil baglaýarlar, soňra
bolsa öz maksatlaryna ýetmeseler, geň galýarlar. Bürgütler bolsa, tersine,
beýleki bir adamy nämäniň gyzyklandyryp biljekligi barada akylly-başly
oýlanýarlar. Olar ördek iýminiň özlerine-de ýaramaýandygyny bilýärler ahyry.
Şol sebäpli hem olar özge kişiniň nämedir bir zady “meýletin” ýerine
ýetirmegi üçin, oňa tüýs isleýän zadyny berýärler. Şunlukda, zorluk
ulanmazdan, ikisi hem maksadyna ýetýär.
Adamlaryň saňa nähili çemeleşmeklerini isleýän bolsaň, sen olara hemişe şonuň
ýaly çemeleş!
2
Adamlar özlerine nähili çemeleşilmegini isleýän bolsalar, sen olara şonuň ýaly
çemeleş!
1
81
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Uly ädim ätmekden gorkma. Iki sany kiçijek towsuş bilen sen uçutdan
aşyp bilmersiň.
Hytaý pähimi
Hepdäniň sowaly
Tanyş çözgütler diňe tanyş meseleler üçin laýyk gelýändir — bu hepde
siz haýsy mesele üçin adaty bolmadyk çözgüt taparsyňyz?
82
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
37. Bürgütlerde endikler bardyr, emma bürgütler kähalatda
olardan ýüz öwürýärler
Haýdelberg şäherindäki uniwersitetde talyplar büreler bilen tejribe
geçiripdirler: büreleri aýna gabyň içine salyp, onuň ýokarsyny açyp
goýupdyrlar. Munuň netijesini öňünden hem çaklamak mümkin eken:
büreler ýokarlygyny bökmäge başlapdyrlar, ahyr netijede-de gapdan böküp
çykmagy başarypdyrlar. Talyplar büreleri tutup, gaýtadanam birnäçe gezek
gaba salypdyrlar, ýöne olar ýene-de gapdan derrew çykmagyň ugruny
tapypdyrlar.
Onsoň talyplar gabyň üstüne gapak ýapypdyrlar. Büreler öňki
endiklerine görä gapdan çykmaga synanyşypdyrlar, emma olaryň indi zol-zol
gabyň gapagyna urlup gaýtmakdan başga bitiren işleri bolmandyr. Belli bir
wagtdan soň olar gapdan çykmagyň mümkin däldigine kaýyl hala gelipdirler.
Hatda gabyň ýapysy aýrylandan soň hem olar juda pese böküpdirler we
erkinlige çykmagy başarmandyrlar. Soňra talyplar öň bu gapda bolup
görmedik täze büreleri hem olaryň arasyna goşupdyrlar. “Täzeler”
beýlekileriň böküş derejesini synlap, basym olaryň ýagdaýyna
uýgunlaşypdyrlar. Olar erkinlige tarap ýoluň açykdygyna garamazdan,
köpçüligiň özüni alyp barşyny gaýtalapdyrlar.
Bürgüdiň pendi
Ördekler belli bir wagt yzygiderliginde ýaşaýarlar: olar
hemme zady endige görä edýärler, şonuň üçinem öňe
ilerlemän, şol bir duran ýerlerinde galýarlar. Bürgütler bolsa,
tersine, öz mümkinçiliklerine akyl ýetirýärler, özleriniň adaty
serhetleriniň çäginden çykyp oýlanýarlar we hereket edýärler. Bürgütler
özgeleriň näme edip-goýýandyklaryna kän bir üns bermeýärler. Olar öz
ýollaryny gözleýärler, köp oturylan ýerlerini taşlaýarlar we özgelere
garanyňda has belentden uçýarlar. Özgeleriň tejribesine bil baglap, öz ýoluňy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ördek ýa-da Bürgüt - 4
  • Parts
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 1
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 1860
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1890
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 3
    Total number of words is 3570
    Total number of unique words is 1783
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 4
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 1809
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 5
    Total number of words is 2421
    Total number of unique words is 1233
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 6
    Total number of words is 3152
    Total number of unique words is 1640
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 7
    Total number of words is 2616
    Total number of unique words is 1459
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.