Latin

Ördek ýa-da Bürgüt - 1

Total number of words is 3597
Total number of unique words is 1860
31.1 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Ardeşir Hagmaýer
Dert-aladalary gözlemek ýa-da
çözgütleri tapmak
Terjime eden
Orazmyrat Myradow
1
Terjime eden Orazmyrat Myradow
2
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Giriş
Bir gezek bürgüt bilbiliň şan-şöhraty
barada eşidipdir-de, bu gürrüňiň näderejede
hakykatdygyna göz ýetirmek isläpdir. Onsoň ol
bilbiliň owadan ganat-perini synlamak we
saýraýşyny diňlemek üçin tawus bilen torgaýy
ugradypdyr. Dolanyp gelensoňlar tawus şeýle
diýipdir: “Onuň ganat-periniň gözgyny haly
meni lapykeç etdi, onsoň onuň saýraýşyna
oňly gulak asybam bilmedim”. Torgaý bolsa
şeýle diýipdir: “Onuň saýraýşy meni haýran galmakdan ýaňa bendi edip goýdy welin, men
onuň ganat-perini synlamagy hem unudypdyryn”.
Karlfrid graf Dýurkhaýl bir gezek bu tymsala kybap gelýän şu jümläni
aýdypdyr: “Nämedir bir zady diňe seredýän tarapyňda görüp bolar, şonuň
ýaly-da diňe gözleýän ýeriňden nämedir bir zat tapmak mümkindir”. Hemişe
diňe aladadyr meseleleri görýän adamlar bolýar, sebäbi olaryň ünsi şol
aladalara tarap gönügendir; emma mümkinçilikleri görýän adamlar hem bar,
çünki olar çözgütleriň bar ýerine tarap garaýandyrlar. Ýeri, siziň ünsüňiz
gündelik nämede jemlenen?!
Gündelik durmuşymyzda biz elmyda nähilidir bir iş bilen gümradyrys.
Gep biziň hut zerur zady edýänligimizde ýa-da etmeýänligimizdedir. Ony biziň
dogry ýerine ýetirýänligimizde ýa-da ýetirmeýänligimizdedir.
Siz taslamanyň amala aşyrylmagyndan ýüz döndermek üçin hemişe
degerli esas tapmagy başarýan adamlara degişli kişimi? Ýa-da siz çözgüt
tapmak üçin çeýe hem ýeterlik derejede okgunly adammy? Siz dertaladalaryň çözgüdini agtarmaga derek, olaryň gürrüňini edip oturmaga endik
eden kişimi? Jemgyýetimizde meseledir alada-ha juda köp, olary çözmek
isleýän adamlar bolsa örän az.
Hut şu-da bu kitabyň ýazylmagyna esas boldy. Munuň hut häzirki siziň
görýän ýagdaýyňyzda bolmagynyň sebäbiniň hem örän sada hem wajyp
3
Terjime eden Orazmyrat Myradow
düşündirişi bar: öňler men köplenç adamlardan özümiň ýaltalygym barada
eşidýärdim, wagtyň geçmegi bilen, muňa hatda özümem ynandym. Diňe epesli wagt geçeninden soň men özümiň barypýatan ýalta däldigime, diňe
güýjümi aýaýanlygyma akyl ýetirdim. Göwnüme, bu örän tygşytly halda
ýazylan şu kitap babatda-da şeýle. Men Siziň (hawa, hut Siziň!) bu kitaby
eliňizde saklap, sahypalarynda barmaklaryňyzy ýöredişiňizi ýöredişiňizi göz
öňüme getirýärin. Ähtimal, siz eýýäm munda nämedir bir zadyň bütinleý
başgaçadygyny aňşyransyňyz! Dogry, bu beýleki meşhur kitaplardan
parhlanýar: her bir tema aýratyn sahypada bolup, özbaşdaklyga eýedir.
Suratlar bilen aňladylan tymsallaryň köpüsi aýratyn temalaryň özboluşly
üstüni ýetirýär. Nähilidir bar ýagdaýbabatda netijä gelmeli bolanyňyzda,
belki, hut şonuň bilen bagly bolan şekil siziň içki nazaryňyzyň alnynda örboýuna galar. Hany, indi meniň bilen bile öňe gitmek hem-de bütinleý
başgaça — mini-maks (az çykdajy — köp üstünlik) ýörelgesine laýyklykda,
düýbünden başgaça — tygşytly halda hereket etmek üçin çuslanyň.
Bir amerikan ylmy-barlagy (onuň gelip çykyşy maňa mälim däl, aslynda
bu beýle bir ähmiýetli hem däl) eger-de biz nämedir bir zada höwesli
çemeleşsek, ony kabul edýänligimizi we 11 esse çalt öwrenýänligimizi
görkezdi. Şonuň üçinem bu kitap siziň okamakdan lezzet almagyňyzy hem-de
durmuşyň özi tarapyndan ýazylan tymsallara we durmuşda hemişe
mümkinçilikleriň köp bolýandygyny ýatladýan heneklere ýylgyryp bilmegiňizi
maksat edinýär. Beýan edilen käbir wakalar, tymsallar sizi oýlanmaga
itermelidir. Ýöne sizi dürli baglanyşykly ýagdaýlar we teoretiki pikir
ýöretmeler bilen oýa çümmäge itermezden öňinçä men kepderi hakyndaky
bir rowaýaty gürrüň bereýin.
Bir obada günlerini diňe şady-horramlykda geçirýän iki sany mekir ýaş
ýigit ýaşapdyr. Ol obada bir dana goja kişi hem bar eken, onuň juda köp zat
bilýändigini we hiç haçan ýalňyşmaýandygyny aýdar ekenler. Ol dana al
salmagy ýüreklerine düwen iki ýigit şeýle niýete gelipdirler: kepderini alyp,
ony arkalarynda gizläp, gojadan bu kepderiniň ölüdigini ýa-da diridigini
soramaly.
4
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Eger akyldar kepderi öli diýse, ony boşadyp goýberjek ekenler. Eger-de
diri diýse, şol bada kepderiniň boýnuny omrup, ony goja görkezjek ekenler.
Her hal goja näme diýse-de, onuň jogaby ýalňyş boljak eken. Niýetlerini
düwüşleri ýaly hem edipdirler. Emma ýaşlaryň hasaby barybir ters çykypdyr.
Goja şeýle jogap beripdir: “Kepderiniň diridigi ýa-da ölüdigi diňe size bagly”.
Gadyrly okyjylar, bu kitabyň we mundaky bilimleriň diriligi ýa-da ölüligi
diňe size baglydyr. Ondan näme haýyr tapyp biljekligiňizi diňe Siz
kesgitleýänsiňiz. Size üstünlik arzuw edýärin! Bu kitabyň ýaşamagyna
mümkinçilik beriň, oňa, başardygyňyzdan, ýygyrak ýüzleniň! Bürgüdiň
ýörelgeleri barada ýygyrak oýlanyň, özüňiziň şowly taraplaryňyzy ýygyrak
peýdalanyň! Esasy zat — ruhdan düşmäň, ýaňy bir başlan badyňyza taşlamaň,
eger nämedir bir zat ilkinji gezekde “bäşlige” laýyk bolmasa, gorkmaň!
Kitaby boýdan-başa okamak hökman däldir. Men siziň üçin ýylyň 52
hepdesiniň her birine niýetläp bir tema taýýarladym. Şunlukda, özüňizde
bürgüt ýörelgesini güýçlendirmek üçin, ine, size bir ýyllyk maksatnama.
Kitabyň gurluşyna laýyklykda, özüňiziň şu günki ahwalyňyza görä tema saýlap
hem-de kölçeden aňyrsyna garamagy ýa-da birneme ýokarrak uçmagy
başarmak üçin ylham susup alyp bilersiňiz.
Men size özgermegi, durmuşyňyzyň hilini gowulaşdyrmagy, şunlukda,
mundan lezzet almagy arzuw edýärin. Size ömür ýoluňyzda iň gowy ýagdaýlar
we üstünlikler ýar bolsun!
Siziň Ardeşir Hagmaýeriňiz.
5
Terjime eden Orazmyrat Myradow
6
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
Meniň durmuş filosofiýam
Bürgüt bilen ördegiň arasyndaky tapawut, esasan, şol bir ahwalatyň
olar tarapyndan başgaça bahalandyrylýanlygyndan ybaratdyr.
Ardeşir Hagmaýer
Ençeme million ýyl ozal Biribar Zemini ýaradandan soňra ördegi hem
ýaradyp, ony köle goýberipdir. Ördegi iýmläpdirler, bakypdyrlar, ol hiç zadyň
gamyny iýmeli bolmandyr. Ol hiç bir zat babatda hiç bir jogapkärçilik çekmeli
bolmandyr. Birnäçe wagtdan soňra Biribar bürgüdi hem ýaradypdyr. Onuň
durmuşy jepaly zähmetden hem howp-hatardan doly bolupdyr. Ol dünýäniň
iň belent gerişlerine çykypdyr, asmanda ganat ýaýypdyr we özüniň çäksiz
erkinliginden lezzet alypdyr. Bu erkinligiň bahasy hökmünde iýjek awuny
onuň özi aňtamaly bolupdyr, öz ömri üçin jogapkärçilik çekipdir.
Hudaý ynsany hem ýaradypdyr-da, ördegiň içgysgynç durmuşy bilen
bürgüdiň erkin durmuşynyň arasynda öz saýlawyny etmäge mümkinçilik
beripdir. Ýöne soňra nämedir bir zad-a bolupdyr. Adamlar ördegi
synlanlarynda olar diňe ine-gana dok durmuşyň eçilýän artykmaçlyklaryna
eýe bolmak isläpdirler, şeýle-de munuň üçin hiç hili öwez tölegini tölemek
islemändirler. Bürgüdi görenlerinde bolsa, adamlar onuň erkin durumşynyň
berýän gowulyklaryndan hem lezzet alyp ýaşamak isläpdirler. Emma munuň
üçinem olaryň töleg töläsleri gelmändir.
Soňra hemme zat bolmalysy ýaly bolupdyr. Adamlaryň aglabasy bürgüt
bilen ördegiň arasynda haýsyny saýlajaklaryny bilmändirler. Ýaradan bu
saýlaw hukugyny ynsan üçin synag hökmünde hödürläpdir. Şondan bäri hem
bir göwrede iki ruh mesgen tutýar: biri — goguldap, öz kölünden daşary
çykmak islemeýän ördek; ikinjisi bolsa erkin halda belent uçuşyny amala
aşyryp, azatlygyndan lezzet alýan bürgüt. Biziň her birimizde bürgüdem,
ördegem ömür sürýär: hemme zatda diňe aladadyr meseleleri görýän
ördekler we olaryň çözgüdini nazarlaýan bürgütler.
7
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Belki, siz häzir meniň haýwanat dünýäsinden näme üçin hut şu iki wekili
saýlap alanlygym barada özüňize sowal berýänsiňiz.
Ördekleri naharnamalardan (menýu) tapyp bolýar, bürgütleri bolsa —
Gyzyl kitapdan. Bürgüt ýolbarsdan soňra meşhurlygy boýunça döwlet
tugralarynda (şol sanda Germaniýanyň hem döwlet tugrasynda) orun alan
ikinji jandardyr. Medeniýetleriň köpüsinde ylahy hem döwlet häkimiýetiniň
nyşany hökmünde bürgüde gabat gelmek mümkindir. Ördek bolsa iýmit
pudagynda meşhur bolup, gowy naharyň nyşany bolup durýar. Meniň hem
halaýan naharym ördek bolansoň, naharnamalardan (menýu) köplenç ony
ideýärin, onsoň men ikinji nyşan hökmünde ördegi saýlap aldym. Ýene-de bir
täsin ýagdaý bu guşlaryň ady agzalanda olara mahsus aňsatlyk bilen
saýgardýan häsiýetler biziň göz öňümizde janlanýar.
Bu kitapdan siz özüňi ördek ýaly ýa-da bürgüt ýaly alyp barmagyň
nämäni aňladýanlygyny bilersiňiz. Men bu sözleriň astynda haýsy ýagdaýlary,
nähili pikirleri we hereketleri göz öňünde tutýaryn? Şeýle-de adamyň haýsy
ýagdaýdalygyna — ördekmi ýa bürgüt — baglylykda oňa nähili çemeleşmeli?
Siz täsin hekaýatlary okarsyňyz, höweslendiriji strategiýalar bilen
tanşarsyňyz we özüňizde bürgüt akyl ýetirişini ösdürmek üçin peýdaly
maslahatlary alarsyňyz. Ýa-da bir ýola Ralf Uoldo Emersonyň aýdyşy ýaly:
“Özüňiň bolup biljek iň gowy derejäňe ýet, sebäbi bu sende bar bolan iň
aňrybaş ýagdaýdyr”.
Bürgüdiň mynajady
Özgerdip biljek zatlarymy özgertmek üçin maňa güýç-kuwwat ber,
özgerdip bilmejek zatlaryma kaýyl bolmak üçin parahatlyk ber, şeýle-de
bularyň birini beýlekisinden parhlandyryp bilerim ýaly, akyl-paýhas ber.
8
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
1-nji bölüm
Bürgüdiň eýerýän kadalary
9
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Başarnykdan öňinçä isleg gelýändir, sebäbi islemegem başarmak
gerek.
Ardeşir Hagmaýer
Hepdäniň sowaly
Näme üçin siz maksatlaryňyza ýetmek isleýärsiňiz ýa-da ährimal,
ýetmäge borçlusyňyz?
10
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
1. Bürgütler uly zada ýetmäge diňe bir ukyply bolman, eýsem,
oňa ýetmegi isleýärler hem
Bir gezek şägirt halypasyndan sorapdyr: “Durmuşda üstünligiň syry
nämede?” Halypa şeýle jogap beripdir: “Ertir irden derýanyň kenaryna gel”.
Irden kenarda durkalar halypa: “Hany, ýör, suwa gireli” diýipdir. Şägirt
höwesek halda halypasynyň yzyna düşüpdir. Suw gerdenlerine ýetiberen
çagy halypa birden, sen-men ýok, şägirdiniň kellesinden basyp, suwa
çümdüripdir. Görgüli näçe çytraşsa-da, halypa uzak wagtlap ony sypdyrman
saklapdyr. Biraz gowşadanda suwdan kellesini çykaran şägirdiň nägileligi
duýlup duran eken. Halypa sowal beripdir: “Suwuň astyndakaň iň uly islän
zadyň näme boldy?” “Elbetde, howa, howadan dem almak boldy!” şägirt
öýkeli dillenipdir. “Ine, üstünligiň syry hem şunda. Eger sen suwuň
astyndakaň nä derejede howa islän bolsaň, şol derejäňde üstünlige ýetmek
isleseň, şonda sen oňa ýetmegi başararsyň” diýip halypa aýdypdyr.
Bürgüdiň pendi
Üstünlik — bu diňe bir başarnyga däl-de, eýsem, islegede baglydyr. Bürgüt ahwally adamlar üstünlik üçin sebäbiň
bolmalydygyny bilýärler. Siz nämä we näme üçin ýetmek
isleýändigiňizi bilýärsiňizmi? Umumy aýratynlyklarda özüňiz
üçin (hawa, hut özüňiz üçin!) üstünligiň nämäni aňladýandygyny kesgitläň!
Bu hiç bir zada borçlandyrmaýan ördek ýaňramasymy ýa-da nämedir bir zady
özgertmäge ukyply bolan bürgüt netijesimi? Siz näderejede üstünlikli bolmak
isleýärsiňiz? Nähili strategiýalary ulanýarsyňyz? Siziň üstünligiňiz nämä
esaslanýar?
11
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Özgerişler — lezzetiň duzudyr.
Fridrih Şiller
Hepdäniň sowaly
Hatda ujypsyzja-da bolsa, siz şu hepdede nähili özgerişi amala aşyrmak
isleýärsiňiz?
12
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
2. Bürgütler dünýäni däl-de, özlerini özgerdýärler
Bir zenan kenarda iki ýana ylgaşlap ýören gyzjagaza sataşypdyr. Möwçli
gomlar gaý-tupan wagtynda deňiz ýyldyzlarynyň müňlerçesini kenara taşlan
eken. Olar ak çägäniň üstünde leýis bolup ýatan eken. Gyzjagaz ol ýyldyzlary
ýerden göterip, yzyna deňze oklaýarmyşyn. Zenan oňa sowal beripdir: “Ýeri,
sen muny näme üçin edýärsiň? Sen hiç haçan munuň soňuna çykyp bilmersiň,
bu ýyldyzlaryň hetdi-hasaby ýok ahyry. Olar öler. Seniň edip bilen ýardamyň
bolmaz”. “Belki, siz mamlasyňyz, ýöne, ine, şu ýekeje deňiz ýyldyzy üçin
nämedir bir zat özgerer ahbetin” diýip, gyzjagaz zenana jogap gaýtarypdyr.
Bürgüdiň pendi
Ördekler goguldaşyp gowur turuzýarlar we özgerdip
bilmeýän zatlaryna gaharlanýarlar. Bürgütler bolsa nämedir
bir zady özgertmek üçin, hiç bolmanda, iki mümkinçiligiň
bardygyny bilýärler. Olar ýa-ha zatlar babatda özleriniň garaýşyny
üýtgedýärler, ýa-da ýagdaýy özgerdýärler. Ördekler özleriniň eýerýän üçünji
bir mümkinçiliklerini oýlap tapypdyrlar: olar hemme zady öňki-öňküligine
galdyryp, goguldaşmaklaryny dowam etdirýärler…
Ähtimal siziň hem: “Men muny edip bilmerin” diýen gezekleriňiz
bolandyr. Eger-de siz bir ýola bu jümläni aýdan bolsaňyz (ýa-da diňe oýlanan
bolsaňyz), onda şu ýerden siziň şahsy serhediňiz geçýändir. Geçen bir
döwürde siz özüňiz üçin nämeleri başaryp biljekligiňizi kesgitlänsiňiz: belki,
muňa öz tejribäňizde göz ýetirensiňiz, belki-de, özgeleriň sözüne
ynanansyňyz. Bu serhet siziň şu günki durmuşyňyzyň ýagdaýyny
kesgitleýändir.
Bu gün özüňize ýene şeýle sowal bermekde many bardyr: “Men kim? Bu
ynanç nireden gelip çykýar? Ol haçan-eýýamky zat?” Belki, ony täzelemegiň,
özüňi başgaçarak ýagdaýa sazlamagyň müddeti gelendir, has takygy, size
güýç-kuwwat berjek we şu günki ýagdaýyňyza has muwapyk geljek derejede
özgertmegiň pursady gelendir.
13
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Ýüzbe-ýüz bolýan meselelerimiz olaryň ýüze çykan çagyndaky
pikirleniş derejämiz bilen çözlüp bilinmez.
Albert Eýnşteýn
Hepdäniň sowaly
Siz işlere bu hepdede haýsy nukdaýnazardan täzeçe gararsyňyz?
14
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
3. Bürgütler ýakyndaky zada gowy düşünmek üçin uzaklara
uçýarlar
Gijäniň çakynda bir erkek kişi köçedäki çyranyň ýanynda emedekläp,
nämedir bir zat gözleýär eken. Onuň gabadyndan geçip barýan polisiýa işgäri
ondan soradyr: “Ýeri, bu ýerde sermenip näme işleýärsiňiz?” Ol: “Açar
gözleýän” diýip jogap beripdir. Polisiýa işgäri hem eglip, üns bilen açar
gözleşip başlapdyr. Emma oňa-da açar tapmak başartmandyr. “Siz,
hakykatdanam, ony şu ýerde — çyranyň astynda ýitirendigiňizi anyk
bilýärsiňizmi?” diýip, ol ýitigini agtarýan kişiden janygyp sorapdyr. “Ýok, men
ony hol ýerde ýitirdim, ýöne o taýy açar gözlärden has garaňky” diýip, ol jogap
beripdir.
Bürgüdiň pendi
Dürli basgançaklar dürli derejeleri açýarlar. Aýdaly, siz
kölde ýüzüp ýörsüňiz. Siz näderejede uzak aralygy görüp
bilersiňiz? Siziň bada-bat dogry karara gelip bilmek
ähtimallygyňyz näderejede ýokary bolup biler? Emma eger-de birneme
“ganatlaryňyzy” işledip, suwdan sähelçe ýokary göterilseňiz, eýýäm kenaryň
kert gyralaryny görmegi başararsyňyz. Eger bürgüt ýaly bolup pelpelläp,
asmana göterilip, barha belende galsaňyz, onda siziň öňüňizde, gör, nähili
ägirt görnüş hem köp sanly çözgütler açylar!
15
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Geljegi iň takyk derejede çaklamak ony özüň guranyňda mümkindir.
Alan Keý
Hepdäniň sowaly
Arzuwlaryňyzyň geljekde amala aşmagy üçin siz şu hepde näme
edersiňiz?
16
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
4. Bürgütler geljege ymtylýarlar, ýöne şu gün hereket
edýärler
Göz öňüňize getiriň, siz nätanyş bir dükanyň bosagasyndan ätleýärsiňiz.
Ol ýerde sizi bir mähirli, dostana ýaşuly garşylap, satlykda nämeleriň bardygy
baradaky sowalyňyza şeýle jogap gaýtarýar: “Islän zadyňyzyň ählisi bar”. Siz
şol bada hemişe eýelik etmek islän zatlaryňyzyň baryny sanamaga
durýarsyňyz:
-Başyna baran işlerimiň hemmesiniň şowly bolmagyny isleýärin.
-Iň bir arzyly arzuwlarymyň hasyl bolmagyny isleýärin.
-Baý hem hormatlanylýan adam bolmak isleýärin.
-Gülküdir şatlygyň durmuşda hemram bolmagyny isleýärin.
-Ylham berýän, ruhlandyrýan işimiň bolmagyny isleýärin.
-Çyn dostlarymyň bolmagyny isleýärin.
-Durmuşymyň täsirli başdan geçirmelerden doly bolmagyny isleýärin.
-Hemişe sagdyn bolmak isleýärin.
-… isleýärin…
Ol ýaşuly ýakymly ýylgyryş bilen siziň sözüňizi bölýär: “Bagyşlaň, men
düşnükli aýtmadym öýdýän. Biz taýýar zatlary däl-de, diňe önümleriň
tohumyny satýarys”.
Bürgüdiň pendi
Durmuşda ajaýyp hem islegli zatlar örän köp, emma hiç
bir zat mugtuna berlenok. Hatda ördekler muňa näçe umyt
baglasalar-da, berilmeýär. Bankyňyzda siz karz alyp bilersiňiz,
durumşda welin başarmarsyňyz. Sebäbi bu ýerde ilki ekmeli, soňra ormaly
diýen kada hereket edýär. Bürgütler geljekleriniň diňe özlerine baglydygyny
bilýärler. Özüňize nähili düşek taýýarlansaňyz, şoňa görä-de ýatarsyňyz.
Özüňiziň geljegiňizi şowly gurnamak ýa-da maksatlaryňyza ýetmek üçin,
elbetde, siz nähilidir bir işler gaýyrmalysyňyz. Eger hereket etseňiz,
islegleriňiz hökman myrat tapar.
17
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Özgeler barada köp zat bilýän kişi, mümkin, sowatlydyr, emma özüni
tanaýan kişi paýhaslydyr.
Özgelere erk etmegi başarýan kişi, mümkin, kuwwatlydyr, emma
özüne erk etmegi başarýan kişi has-da kuwwatlydyr.
Lao Szy
Hepdäniň sowaly
Bu hepdede siz kime ýaňadan mümkinçilik berersiňiz?
18
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
5. Bürgütler bagyşlaýarlar, ýöne unutmaýarlar
Bir erkek kişi diwardan surat asmakçy bolýar. Onuň çüýi bar, ýöne çekiji ýok. Çekiç
goňşusynda bar. Ol aşakdaky goňşusyndan çekiç soramak üçin aşak düşmegi netine
düwýär, emma kalbyna müňkürlik aralaşýar: “Birdenkä goňşy çekijini bermek islemese
näme? Düýn ol etek alty-ýeň ýedi bolup barýarka meniň bilen zoraýakdan salamlaşdy.
Onuň bir ýaňa gyssanyp barýan bolmagy-da mümkin, belki-de, bilgeşleýin şeýdip, onuň
maňa göwni ýetýän däldir. Näme üçin? Meniň oňa eden ýamanlygym ýok ahyry. Ähtimal,
onuň nämedir bir zatda menden göwni galandyr. Eger kimdir biri menden sähel salymlyk iş
guralyny sorasa, men-ä mähetdel etmän bererdim. Näme üçin ol bermeli dälmişin? Ýakyn
goňşyň üçin şeýle ýönekeýje zadyňa-da dözmezlik, heý, boljak zatmydyr?! Şu ýigit ýaly
adamlar özgeleriň durmuşyna-da awy gatýarlar. Ýene-de ol, hamana diýersiň, meni özüne
garaşly kişidirem öýdýändir. Hil bir, çekiji barmyşyn-da. Çekiçli bolduň — ýitä galdyň. Besdir,
mundan artyk çydap bolmaz!” Şeýle içgepletmeler bilen ol aşaky gata düşüp, goňşusynyň
gapysyndaky düwmäni basypdyr. Ýigit gapyny açyp, salam berip, habaryny almaga
ýetişmänkä, biziň gahrymanymyz onuň üstüne ajysyny pürkmäge başlaýar: “Çekijiňi aňry
ýanyňda goý, garasöýmez myrtar diýsäni!..”
Bürgüdiň pendi
Bürgütler gündelik owunjak aladajyklardan ýokarda
bolmagy başarýarlar we weýran ediji ýaramaz pikirleriň
lüýgüne batyp galmaýarlar. Olar bagyşlamagy başarýarlar,
şeýlelik bilenem ownuk aladalardan saplanmaga hötde gelýärler. Ördekler
bolsa, tersine, gyjalatdyr teýeneli sözlere pikir taýdan boýlary bilen çümýärler
diýen ýaly, hiç zady unutmaýarlar, kimdir birini bagyşlamagy-ha asla-da
başaranoklar. Özüňize we töweregiňizdäkilere ýaňadan şert dörediň, täzeden
mümkinçilik beriň. Bu size her bir gezek başardanynda, şahsyýetiňiz
öňküliginden birneme ösüp, ers-mers bolýandyr. Onsoň siz özüňize we
özgelere ynsan bolup galmaklyga ygtyýar berýän kişi hökmündäki ýakymly
duýgy bilen durmuş ýoluňyzy dowam edip bilersiňiz.
19
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Akylly adam ähli ýalňyşlygy diňe bir özi goýbermeýär: ol özgelere-de
mümkinçilik berýär.
Uinston Çerçill
Hepdäniň sowaly
Bu hepde size kimiň tejribesi ýardam eder?
20
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
6. Bürgütler tejribelidirler, özgelerden hem öwrenýändirler
Dört sany batyl adam piliň nämedigini bilmek isläpdirler, ine, onsoň
olaryň ýanyna pil getiripdirler. Biri onuň holtumyny eline alypdyr-da: “Pil suw
geçiriji rezin turba meňzeş eken” diýip oýlanypdyr. Ikinjisi onuň gulagyny
sypalap görüpdir-de: “Ýok, pil ýelpewaja meňzeş eken” diýip garşy çykypdyr.
Üçünji biri onuň aýagyndan tutupdyr hem öz pikirini aýdypdyr: “Seňkem
dogry däl, pil sütüne meňzeş”. Dördünjisi elini piliň ýagyrnysyna goýup
görüpdir hem: “Siziň hemmäňiz ýalňyşýarsyňyz. Pil edil tagt ýaly eken”
diýipdir.
Bürgüdiň pendi
Körleriň hiç biri hem hakykata doly akyl ýetirip
bilmändirler, hersi onuň diňe bir ülüşjigini bilmegi başarypdyr.
Şeýle-de bolsa, olaryň her biri diňe özüniň mamladygyna
ynanypdyr.
Siziň täk özüňiz birbada hemme zada akyl ýetirip bilmersiňiz. Siz muňa
borçly hem dälsiňiz, çünki başga-da adamlar bar ahyry. Bürgüt-adamlar
arabaglanyşykda bolmagy başarýarlar. Işdeşleri bilen we biznes boýunça
şärikdeşleri bilen ýa-da şahsy işleri babatda dost-ýarlary bilen söhbet
gurnamagy, pikir alyşmagy başarýarlar. Şunlukda, özleriniň garaýyşlaryny
özgertmek arkaly, olar başgaça garaýyşlary hem özleri üçin elýeterli edýärler.
Özüňiziň oňyn ýa-da tersin tejribeleriňize özgeleriň hem gatnaşmagyna
ygtyýar beriň. Özüňiziň aladalaryňyzy we umytlaryňyzy adamlar bilen
paýlaşyň.
Ördekler köplenç halatda töwereklerini özlerini tankytlaýan we
aşaklygyna dartýan beýleki ördekler bilen gurşaýarlar. Hatda size ýagşylyk
etjek bolýandyklaryny aýtsalar-da, beýle adamlardan gaçarak duruň. Dost —
bu onuň ýanynda sesli oýlanyp bilýän kişiňizdir, dogry sowallary bermegi
başarýan kişidir.
21
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Üstünlige tarap diňe bir ýol bardyr — öz düşünjeleriňe eýermek
gerek.
Kristofer Morli
Hepdäniň sowaly
Bu hepde siz töwerekdäkileriň pikir-garaýşyna üns bermezden, nähili
karara gelersiňiz?
22
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
7. Bürgütler özgeleri bagtly halda görmek isleýärler, emma
hemmeleri bagtly edip bilmeýärler
Kakasy eşekli barýar eken, gapdalyndan bolsa kiçijek ogly ylgaşlap, oňa eýgerjek
bolýarmyşyn. Ötegçileriň biri bu ýagdaýy oňlamazlyk bilen: “Bu nekgendä bir serediňä! Ol suw ýaly oglany eşegiň gapdalyndan ylgamaga mejbur edýär” dillenýär. Kakasy
eşekden syrylyp düşüp, ogluny eýere gondurýar. Ýene sähel ýol külterläpdirler welin,
başga biriniň nägile sesi eşidilipdir: “Bu ikisiniň bolup barşy dagy näteňenälet! Oglyha patyşa ýaly eşekde gaýşaryp otyr, ýaşuly adam bolsa pyýada barýar”. Onsoň atalyogul artlaşyp eşege bile münüpdirler. Ýene biraz wagtdan ötegçileriň başga biri
geňirgenipdir: “Bu ikisiniň bolup barşy dagy nähilaýt! Heýem, bir janawary beýle
horlamak bolar oguşýa!” Derrew olaryň ikisi-de eşekden düşüpdirler. Emma olaryň
bu bolup barşyny ýene-de ýazgarýan kişi tapylypdyr: “Beýle derejede-de akmaklyk
boljak eken-aý! Münmejek bolsaň, eşek nämä derkar?!”
Bürgüdiň pendi
Näçe jan etsegem, hemme kişiniň göwnüni görmek mümkin
däldir. Şonuň üçinem edýän işimiziň özgelere ýarap-ýaramaýanlygy
baradaky sowala berilmek bimanydyr. Olaryň garaýşy çeküw daşy
bolup bilmez. Bürgüt-adamlar nämäniň özleri üçin dürsdügini,
nämäniň bolsa tersdigini özleriniň kesgitlemelidigini bilýärler. Mümkin, siz käbir
işewür ýygnaklarda oňa gatnaşýan ördekleriň biragyzdan meseleriň çözerden
çökderdigi barada aýdýandyklarynyň şaýady bolup görensiňiz:
-Döwür barha kynlaşyp barýar!
-Bazar şertleri agyrlaşýar!
-Go-go-go…
Şunuň ýaly gürrüňlerden soň hatda ýeňillik we ynamlylyk duýgusy döreýän hem
bolsa, hakykatda, hiç bir zat üýtgemeýär. Biraz wagtlyk ördek özüni gowy duýýar
(sebäbi ol beýleki ördekler bilen goguldaşyp, keýpden çykdy), bürgüt bolsa eýýäm
öýüne tarap barýarka hiç zadyň üýtgemänligini we gowulaşmanlygyny duýýar,
tersine, onda wagtyny bihuda sarp edenligi barada duýgy döreýär. Şunuň ýaly
söhbetdeşliklerden soňra özüňizden sorap görüň: “Şunuň maňa beren peýdasy
näme?” Eger anyk netijeler we ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin teklipler bolmasa, bu
sowalyň jogabyny kanagatlanarly hasaplamak bolmaz.
23
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Minnetdarlyk — bu ýüregiň hakydasy.
Žan-Baptist Massilion
Hepdäniň sowaly
Siz näme gazandyňyz? Siz nämä minnetdar?
24
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
8. Bürgütler seýrek razy bolýarlar, şeýle-de bolsa, köplenç
minnetdar bolýarlar
Gadym zamanlarda bir şazada güneşli, al-elwan gülleriň burk urýan bir
çemenzarlygynda ýatan eken, ol töwerekdäki ajaýyp reňbe-reň güllere
ünsem bermändir. Ol hatda asmandaky göçüp geçýän bulutlara-da üns
bermändir. Ol gabadyndaky baýra garap, oýlanypdyr: “Men patyşa bolsam,
şu baýryň üstünde ujy çürelip gidýän minaralary bolan, köp sanly penjireli
kaşaň köşk guraryn”.
Ýyllar geçipdir. Şazada şa bolupdyr. Şol baýryň üstünde ol ujy çürelip
gidýän minaralary bolan we köp sanly penjireli kaşaň köşk gurdurypdyr. Ýaş
patyşa indi özüniň köşgünden güneşe bulduraýan reňbe-reň gülli
çemenzarlygy synlapdyr: “Wah, men häzir patyşa bolmadyk bolsam, şol
çemenzarlykda ýatyp, ajaýyp güllerden lezzet alyp bilerdim, bölek-bölek ak
bulutlaryň göçüşini gaýgy-gamsyz synlardym” diýip uludan dem alypdyr.
Bürgüdiň pendi
Kanagatlanmaklyk — bary-ýogy bezegdir, emma
onsuzam öňe tarap hereket edilýändir. Ördekleriň edişi ýaly,
kim özünde bar zatlardyndan hemişe göwnühoş, razy halda
bolsa, olar durumuşda kän bir öňe gidip bilmezler. Elbetde, ýetmek başardan
derejäň üçin şatlananyňa degýändir. Ýöne bürgütleriň ediýi ýaly, minnetdar
bolmagy hem başarmak zerurdyr. Olar ýeten maksatlaryny kaşaň baýram
edip bellänlerinden soňra täze başdan geçirmelere we çözülmegi talap
edilýän wezipelere tarap ymtylýarlar.
25
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Eger ynam güýçli bolsa, ol daglary hem gozgap biler. Emma eger-de ol
kör bolsa, ähli gowy zatlary astyna düýrläp, guma garyp biler.
Karl Genrih Waggerl
Hepdäniň sowaly
Ýaramaz ynaçlardan ýüz döndermek üçin siz bu hepdede nireden täze
tejribe toplap bilersiňiz?
26
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
9. Bürgütler özlerine ynamlydyrlar we täze zatlary kabul
etmegi hem başarýandyrlar.
Bir gezek şäheriň ýakasynda bir gojanyň ýanyna gaýry ýurly biri gelip, sowal
beripdir: “Bu şäherde ýaşaýan adamlar nähili?” “Seniň soňky baran şäheriň adamlary
nähili eken?” diýip, goja onuň özüne sowal bilen ýüzlenipdir. “Örän ajaýypdy. Men ol
ýerde özümi juda oňat duýdum. Olar dostanadylar, päkgöwünlidiler, hemişe
hemaýata gaýymdylar”. “Bu ýerde-de adamlar, takmynan, solar ýalyrakdyr”.
Başga bir alys ülkeden gelen kişi hem gojanyň ýanyna baryp, oňa ýüzlenipdir:
“Bu şäherde ýaşaýan adamlar nähili?” Goja bolsa ýene-de öňki sowalyny
gaýtalapdyr: “Seniň soňky baran şäheriň adamlary nähili eken?” Saýry kişi muňa
şeýle jogap beripdir: “Ýaramazdylar! Betniýetli hem duşmançylyklydylar. Hiç kim
birek-birege kömek berenokdy”. “Bu ýerde-de adamlar şol şäherdäkiler ýaly bolup
çykar diýip güman edýärin”.
Bürgüdiň pendi
Agaçlar zerarly tokay görünmeýär diýen pikir size tanyşmy?
Ördekler hem bürgütler şäherde özleriniň ulagyny goýar ýaly
amatly ýer peýlänlerinde täsin ýagdaý bolup geçýär. Ördek, adatça,
ulagyny goýar ýaly laýyk ýer tapyp bilmeýär. Halys bizar bolup,
kejigip, iň soňunda zoraýakdan bir ýer tapýar. Ýa-da gözläp wagt ýitirmän, ol derrew
tölegli duralga tarap ugraýar, sebäbi her näçe jan etse-de, şäherden boş orun
tapmajagyna ynanýar.
Eger bir ýolagçy-bürgüt oňa ulag goýar ýaly köp sanly boş orun görkezse, ol:
“Wah, men bulary düýbünden aňşyrmandyrynam!” diýip, geň galyp jogap gaýtarar.
Aslynda ol aňşyryp hem bilmezdi, sebäbi onuň ünsi duralgada öň eýelenen orunlarda
örklenip galandyr. Şol pursat ol özüniň kölçesiniň çäginden daşarda hiç bir zady hem
gören däldir. Eger-de ol bir pursatlyk öz garaýşyna “ýokarrak uçnaga” mümkinçilik
beren bolsady, onda ol, ähtimal, bürgüdiň belentlik derejesinden ulag goýmak üçin
boş orunlary görüp bilerdi.
Indikele garaýşyňyzy özgerdiň-de, ulag goýmak üçin boş orunlarda (ýa-da
isleýän başga bir zadyňyzda) ünsüňizi jemläň. Şonda siziň hatda edil işigiň agzyndan
hem boş orun tapaýmagyňyz mümkindir.
27
Terjime eden Orazmyrat Myradow
Mümkin bolan zady gazanmak üçin mümkin däl zada synanyşyp
görmek gerek.
German Gesse
Hepdäniň sowaly
Haçan siz ilkinji gezek göräýmäge mümkin bolmadyk zady mümkin
edersiňiz?
28
Ardeşir Hagmaýer. Ördek ýa-da bürgüt
10. Bürgütler mümkin bolan zady gazanmak üçin mümkin
bolmadyk zady amala aşyrmaga çytraşýarlar.
XV asyrda Florensiýadaky meşhur ybadathananyň gümmezini gurmak üçin şäher häkimiýeti bu
işi mynasyp derejede bitirip biljek arhitektor gözläpdir. Florensiýa bu işiň ussatlarynyň örän köp sanlysy
çagyrylypdyr, häkimiýet bu jogapkärli işi olardan haýsy birine tabşyrmalydygy barada anyk netijä gelip
bilmän, kyn ýagdaýda galypdyr. Şonda florensiýaly arhitektor Filippo Brunelleski gümmezi gurmagy
tekiz mermer daşyň üstünde ýumurtgany dik duruzyp bilen kişä tabşyrmagy teklip edipdir. Hemmeler
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ördek ýa-da Bürgüt - 2
  • Parts
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 1
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 1860
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 2
    Total number of words is 3544
    Total number of unique words is 1890
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 3
    Total number of words is 3570
    Total number of unique words is 1783
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 4
    Total number of words is 3603
    Total number of unique words is 1809
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 5
    Total number of words is 2421
    Total number of unique words is 1233
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 6
    Total number of words is 3152
    Total number of unique words is 1640
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ördek ýa-da Bürgüt - 7
    Total number of words is 2616
    Total number of unique words is 1459
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.