Latin

Nejep oglan - 4

Total number of words is 2269
Total number of unique words is 1275
33.2 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Balym ajam, janym ajam,
Saba boldy, tur, git indi.
Bir boldy gündizim-gijäm,
Saba boldy, tur, git indi.
Saba bolsa, agam duýar,
Yzymyzdan kowgy kowar,
Läşimizden gurt-guş doýar,
Saba boldy, tur, git indi.
Günüm gussaýa doldurar,
Syrym äleme bildirer,
Agam duýsa, meni öldürer,
Saba boldy, tur, git indi.
Mylaýym diýr, gorkym çohdur,
Dostumdan duşmanym köpdür,
Senden gaýry ýarym ýokdur,
Saba boldy, tur, git indi.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden soň, Nejep jan ýalpa
gözüni açsa, «Tur gitden» başga söz eşitmedi. «Alla, biwepanyň boljagy şu eken-ow» diýip, oglan bir donuny egnine
geýip, bir donuny ýasgynçak alyp: «Indi men ölýän, ölsem-de
ukymy alyp öleýin» diýip ýöriberdi, bir boljumrak jaý gözläp
barýardy. Mylaýym hanyň enesiniň kyrk tanap seýilgäh bagy
bardy, ortasynda bir serhowzy bardy. Nejep jan şonuň başyna baryp, bir desse güli ýassanyp, bir desse güli hem ýüzüne
örtüp ýatyberdi.
55

Indi habary kimden al, Mylaýym hanyň enesinden al.
Ol, günlerde bir gün bagyna seýýl etmäge çykmakçy boldy.
Keniziniň birini: «Eý, keniz, bar-da, howzuň başyny päkize
süpür» diýip ýollady. Keniz howzuň başyny syryp ýördi. Şol
wagt keniziň gözüne gülüň içinde bir peýkam ädigiň burny
göründi. Ol gül dessesini Nejebiň ýüzünden aýyrsa, ak ýüzli,
gara kekilli Nejep jan, bir gijäniň daga düşen bir bölek gary
kimin bolup ýatyr. Nejep janyň husny-jemalyny görüp, keniz
oňa aşyk bolup, iki dyzyny gujaklap, dik asmandan gaýdyberdi.
Bir mahaldan essine gelip: «Bibimiňem bagyň derwezesine
geler wagty bolan bolsa gerek» diýip, entiräp-tentiräp bagyň
derwezesine barsa, bibisi gelipdir. Hemişe ol bibisini atdan
göterip düşürerdi. Bu gün atdan göterip düşürmäge ýaramady.
Onda bibisi:
– Eý, bidöwlet keniz, ýüz-gözüň peşabyň ýüzi-gözi ýaly bolupdyr, saňa ne bela boldy? – diýip sorady.
– Eý, bibi jan, howzuňyzyň başynda bir käkilpereň oglan
ýatan eken, şony görüp bolup gelişim-dä meniň.
– Meniň howzumyň başynda ýatan ne ýeser oglan ol, bar
turzup, iýdirip, ýok edip goýber.
– Eý, bibi jan, ol oglana «tur, git» diýmäge meniň bognum
ysmaýar, özüň kowmasaň.
Garry kempir «Özümiz ýogsa-da kowarys ony» diýip, hasany çalyp, ümedekläp ýöremek bilen boldy. Çoryda awçynyň
tazysy ýaly onuň yzyna düşüp otyr. Kempir bärden baryp, Nejep janyň husny-jemalyny görüp, çorynyň özünden gitmegi
gitmekmi, ondan-da beter din asmandan gaýdyberdi. Keniz:
«Bibim meniň ýaly masgara bolmasyn> diýip, onuň ýüzüne
gülap suwuny sepdi, huşa getiriji güli ysgatdy. Kempir asgyryp
huşuna gelip: «Ýaşym ýaňy on dördümden on bäşime gadam
basan bolsa gerek, maňa ýaşymyň soňunda beýle ýary hudaýyň
özi ýetirdi» diýip, ýaşyny kä on dört-on bäşe getirip, kä ýaşynyň
soňuna çykyp, agzynyň aýdanyny gulagy eşitmän, samyrdap,
uklap ýatan oglanyň kellesini dyzynyň üstüne alyp, ogşamaga
durdy.
56

Özüňe mälim, dişsiz agzyň pakgyldysy, göýä oglanlar paklawuk oýnaýan ýaly, pakgyldaberdi.
Kempiriň bolup oturşy, siňek peýlap oturan gurbakgany
ýada salýardy.
Indi habary kimden al, Mylaýym handan. Ol köşgüň üstüne
çykyp, bolup duran işleri görüp otyrdy: «Alla janym, kellesiniň gyzyp barşyna meniň ýarymy iýäýmese ýagşydyr» diýip,
enesine garap, bir bäş keleme söz diýse gerek:
Ene jan, arzym aýdaýyn,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Beýle ýaman iş bolurmy,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Garry, seniň batdy bazyň,
Zemistandyr bahar-ýazyň,
Kölden uçan guba gazyň,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Ne söwdaga düşen başdyr,
Gözden akan ganly ýaşdyr,
Öpmeklik ne müşgil işdir,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Göwnüm müň gussaýa dolur,
Hazan urup, meňzim solur,
Bilmeseň, giýewiň olur,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Barabilmenem ýanyňa,
Girebilmenem donuňa,
Ot saldyň Mylaýym janyna,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden, kempiriň göwnüne
güman gidip, kellesini galdyrdy. Ol kenizine:
57

– Eý, keniz, şu gyz köşgüň üstünde ýaman çyrlaň urup gygyrýar, «Ýar meniňki» diýýär, meniň göwnüme bolmasa, şu
ýatan bidöwlet oglan ozal şu gyz bilen bir iş göräýdimikä diýýän, bar, Ziwer bege habar ber, ýa şu ýatan bidöwlet oglany
öldürsin, ýa ýurtdan çyksyn, onuň uýasynyň işini bitiripdir bu –
diýdi. Çory çäresiz baryp, Ziwer bege habar berdi. Ziwer beg
uç-dört atlyny ýanyna alyp gelip, uklap-ýatan oglanyň boýnuna
syrtmak salyp, ata süýredip alyp gidiberdi. Ony patyşanyň
ýanyna eltip: «Eý, tagsyr, baýaky bidöwlet oglan meniň enemiň
bagyna giripdir, iýenini iýipdir, iýmediginiň şahasyny döwüpdir» diýdi. Patyşa onuň ullakanrak miwäniň ogrusy ekenini
bilip: «Bar, kyrk peşaba eltip ber» diýdi. Ziwer beg Nejep jany
kyrk peşaba eltip berip: «Demhe-demden dara çekiň» diýip,
öwrülip gaýdyberdi. Kyrk peşap Nejep jany dara çekjek bolup
boýnuna gyl tanap salyp, oglany dara çekmäge gözleri gyýman:
«Göz gyýyp dara çeker ýaly oglan däl ekeni» diýip, oýlanyşyp
durdular.
Indi habary başga tarapdan eşidiň. Patyşanyň alty aýlyk
ýolda bir Ahmet beg atly inisi bardy. Patyşa kyrk gije-gündiz
toýa başlanda: «Ahmet beg gelsin, eşitse, meniň aýdyjy bagşym bar» diýip, muňa çapar atly ýollapdy. Şol wagtlar Ahmet
beg kyrk atlysy bilen gelýärdi, olaryň ýoly daryň üstünden
düşdi. Ahmet beg görse, daryň aşagynda üýşmeleň görünýar.
Ol atlylaryna: «Siz gala tarap sürüp gidiberiň, men şu aşagyny bir barlap öteýin» diýip, at başyny öwürip, daryň aşagyna
barsa, kyrk peşap Nejep jany dara asjak bolup dur. Ahmet
beg: «Eý, peşaplar, bu näme boldugy?» diýdi. Onda peşaplar:
«Patyşanyň aýdyjy bagşysy ölümli bolup, biziň elimize düşdi»
diýende, Ahmet beg: «Bu bir günä etjek oglana meňzemeýär-le, oglanyň geýimlerini geýdiriň, oglany öldürmeg-ä bu ýana
dursun, şu oglana agramly söz aýtsaňyzam, sizi tohummurt
edip, gyraryn» diýdi-de ugraberdi. Nejep janyň boýnunda gyl
tanap, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, Ahmet bege garap
«Eý, beg aga, bäri dur, öz günämi özüm saňa aýdyp galaýyn»
diýip, zar-zar ýyglap, bir bäş keleme söz diýse gerek:
58

Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Meni azat et, Ahmet beg.
Ogurlyk maňa töhmetdir,
Meni azat et, Ahmet beg.
Bardym Mylaýym ýanyna,
Rakyplar suwsar ganyma,
Delalat bol şu janyma,
Meni azat et, Ahmet beg.
Men aşygam gyzyl güle,
Ýetişdiň kyrk ýigit bile,
Bar-da meni şadan dile,
Meni azat et, Ahmet beg.
Gyzyl gülem, gyrmyzyýam,
Men ýören ýaban-düziýem,
Men birewiň ýalňyzyýam,
Meni azat et, Ahmet beg.
Asmana ýetmedi dadym,
Seni ýetirdi hudahym,
Aşyk Nejep diýerler adym,
Meni azat et, Ahmet beg.
Nejep bu sözüni tamam edenden, Ahmet beg atyny sürüp
gidiberdi. Bärden gahar-gazap bilen agasynyň ýanyna bardy,
salam ýok, zat ýok. «Eý, aga, aga bolsaň bol weli, bu ne iş?»
diýdi. Onda patyşa: «Ahmet beg, eýgilikmi?» diýdi.
– Eýgilik bolanda şeýle iş ederlermi, aýdyjy bagşym bar
diýip, meni alty aýlyk ýoldan heläk edip getirdiň, bu günki gün
ol bagşyňy daryň aşagynda gördüm.
– Ahmet jan, ölümlidir ol, öldürjekdirin ony.
– Aga, bir ölümli-iki ölümlini biz diläp alyp bilmerismi!
– Eý, Ahmet jan, eger öz janymy dileseň, bereýin, başga
näme dilegiň bolsa bitireýin, ýöne oňa ölüm jezasyny hudaýyň
59

ýanynda wada edendirin.
Görse, agasynyň jylawy özünden-de gatyrak. Ahmet beg:
«Alla janym, bu bidöwlet meniň diýenimi etjek däl-ow, muňa
başga bir akyl tapaýyn» diýip oýlandy-da: «Eý, aga, onda başga
bir dilegim bar» diýdi.
– Ahmet jan, başga nä arzyň bar?
– Eý, aga, şol bagşyny üç gije-gündiz aýtdyryp eşideýin, üç
gije-gündiz toý tutaýyn, üç gije-gündizem patyşalyk süreýin,
özüňem tagtyňdan düş.
– Ajap bolýar, Ahmet jan:
Patyşa tagtyndan düşüp, haremhanasyna urup gidiberdi.
Ahmet jan tagta münüp: – Üç gije-gündiz toýum bar, eşidip
gelmedigiň başy ölümli, maly talaňly – diýip, çar tarapa jar
çekdiriberdi. Patyşanyň jarçysynyň biri Mylaýymyň köşgüniň
ýanyndan: «Patyşanyň bagşysyny üç gije-gündiz aýtdyryp, eşidip, öldürjekler, şuny eşidip, barmadygyň başy ölümli, maly
talasly» diýip, gygyryp ötüberdi. Muny Mylaýym han eşidip,
bitakat, biaram boldy, sabyr-takaty galmady, janyna howul düşüp, «Alla janym, ýarymy görmän galmaly boldum-ow» diýip,
haremhana girip, perizat lybaslaryny geýip, dakyna bilenini
dakynyp, ýer, minnetdar bolsaň-basaryn, bolmasaň basmaryn
diýip, özüni bezäp, köşgüniň öňüne çykdy, bir garry kempir
mama sataşdy. Mylaýym: «Ýör, mama jan, toýa barsaň» diýip,
mamanyň elinden tutup, tasanakladyp, süýräp ýöriberdi. Mamanyň her aýagy bir ýere degýer. Onda mama: «Eý, oglum,
assarak» diýýär, – Assaragyňy görüpdirin – diýip, mamany deri
süýrän ýaly, süreý-süýreý märekäniň bir çetinden eltip taşlady.
«Al mama jan, hoş, alla ýaryň indi seniň» diýdi. Özüne mälim,
Nejep janam bazary guralan toýda aýdym aýdyp otyr. Mylaýym
han Nejep janyň husny-jemalyny görüp, takat berip durabilmedi. «Şu zaňňaryň ogly bilen men ýedi gije-gündiz hemra bolup
ýatdym, meniň boýnumda ýupar-müşk dermanlarynyň ysy bar.
Şunuň ýele tarapyna geçip duraýyn, ysym baryp burnuna ursa,
meniň şu märekä gelenimi bilip, maňa bir söz gatsa, ölsem-de
şunun bilen bile öleýin. Ýok, ony bilmese, onda öz aýagyndan
özi tozar gider-dä» diýip, Mylaýym han Nejep janyň ýele ta60

rapyna geçip durdy. Nejep janyň baýaky ýedi gije-gündizläp
öwrenişen yslary burnuna urdy. Ýarynyň gelenini bilip «Eý,
gözüňe döneýin, boýuňa döneýin, jan bazary gurlan toýuma
sen-de geldiňmi?» diýip, Mylaýymy gözi görmezden, ortada
oturan ýerinde zor, çyn ebri-nowbahar ýyglap, bir bäş keleme
söz diýse gerek:
Gitme-gitme, senden habar alaýyn,
Gözleri messanym, toýa geldiňmi?
Söwdügim, adyňa gurban bolaýyn,
Jennetim, bossanym, toýa geldiňmi?
Sensiz ýagty günüm maňa erir şam,
Biçäre misginem, dertlidir synam,
Derdime dermanym, genjim-hazynam,
Gazalym, dessanym, toýa geldiňmi?
Bu yşgyň ataşy ýakdy magrajy,
Muhabbet süýjüdir, aýralyk ajy,
Gözümiň rewşeni, depämiň täji,
Hem hanym, soltanym, toýa geldiňmi?
Jan şährini saňa bereýin para,
Bir ejiz bendäň men, çekdirme dara,
Goýnuň içi meňzär pasly-bahara,
Bilbil gülüstanym, toýa geldiňmi?
Aşyk Nejep ýar ýoluna baş goýup,
Kim ötdi dünýäden didardan doýup,
Al ýaňak üstüne zülpüňi ýaýyp,
Alma zenehdanym, toýa geldiňmi?
Bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz:
– Eý, zaňňaryň ogly, indi sen söz gatdyň, indi seniň bilen
ölmedik namart bolsa gerek – diýip, märekäni o ýana-bu ýana
tirsekläp, märekäniň orta gürpürägine baryp, Nejep janyň
61

ýanyna barmaga uýalyp, bürenip duruberdi. Muňa Nejep janyň
gözi düşüp:
– Eý, gözüňe döneýin, boýuňa döneýin, indi kimden bürenip
dursuň, kimden basylyp dursuň, ýanjagazyma geläýseň bolmaýamy!– diýip, Mylaýym gyza garap, bir bäş keleme söz aýdar
gerek:
Söwdügim, kaýdan geler sen,
Ýoluňa gurban bolaýyn.
Haýsy ulusdan bolar sen,
Iliňe gurban bolaýyn.
Söwdügim, näge durar sen,
Ýüzüňi kimden bürär sen,
Perenjäň ýerden suýrär sen,
Halyňa gurban bolaýyn.
Nala-ha, söwdügim, nala,
Meger, peýmanamyz dola,
Meni şitde kimin ora,
Biliňe gurban bolaýyn.
Doldur-ha, söwdügim, doldur,
Indi peýmanamyz şoldur,
Gul Nejebi özüň öldür,
Eliňe gurban bolaýyn.
Nejep bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz gelip,
Nejebiň garşysyna geçdi-de oturyberdi. Ol:
– Eý, zaňňaryň ogly, «Özüň öldür-pözüň öldür» diýip, namartçylyk edip oturma, eliňdäki sazy bäri al, men ölemde sen
öljek dälmi näme? – diýdi. Onda Nejep:
– Eý, Mylaýym jan, ýüregimde ýene birje pinhan sözüm
bar, şonam aýdyp, sazymy saňa bereýin – diýip, Nejep jan
ýüregindäki sözüni aýdar, gör, näme diýýär:
62

Seriňe döneýin, gül ýüzli ýarym,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Gije-gündiz meniň sen intizarym,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Hanym jellat buýrmuş meniň kastyma,
Kişi beýle giç gelermi dostuna,
Üç günden soň elter daryň astyna,
Özün öldür, berme meni jellada.
Tomaşa eýlediň meniň oýnuma,
Edep-ekram bilen girdiň goýnuma,
Üç gunden soň arkan düşer boýnuma,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Arzyňy ýetirin şirin diliňe,
Gurban olam lebleriňe-balyňa,
Nejebi öldür, hanjar alyp eliňe,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Nejep bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz aýtdy:
– Eý, zanňaryň ogly, men saňa ýaňy aýtmadymmy, «jellat-pellat» diýip oturma, eliňdäki sazyňy bäri al – diýdi. Onda
Nejep jan: «Ine dutar, Mylaýym jan» diýdi. Mylaýym gyz şu
ýerde Nejep janyň piriniň beren gara dutaryny elinden alyp,
örboýuna galyp, dutary iki ak mämmäniň ortasynda jaýlaşdyryp goýup: «Eý, halky-halaýyk, garyndaş-dogan, daýy-egen,
men şu gün şu oglana gurbanlyk bolmaga geldim» diýip, bir
bäş keleme söz aýdar gerek:
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Nejebe gurbana geldim.
Arzym eşit, begler, hanlar,
Men şuňa gurbana geldim.
63

Çölde gezen ahylarym,
Suwda ýüzen mahylarym,
Eşidiň, beg daýylarym,
Nejebe gurbana geldim.
Eý, gadyrdan tagalarym,
Hassa bolsam, sagalaram,
Eşidiň, beg agalarym,
Nejebe gurbana geldim.
Säheriň daň ýyldyzyýam,
Esen weziriň gyzyýam,
Mylaýym hanyň özüýem,
Nejebe gurbana geldim.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden soň, Ahmet beg agasynyň ýanyna bardy. «Eý, aga, baýaky öldürjek diýen oglanyň,
owal bir bolsa, indi iki boldy» diýdi. Onda patyşa: «Ikisinem
öldüräýerin» diýdi.
– Eý, aga, ol oglanyň işi jan ýaljak weziriň gyzy bilen eken,
«Pylan patyşa weziriniň gyzyny bir aýakýalaň jalataýa deň edip
öldüräýipdir» diýen at başga birinden galsa galsyn, senden
galmasyn. Aga, iň gowusy sen blary ýurtdan çykaraý.
– Ahmet jan, eýse, gözüme görünmesin, ýurtdan çyksyn.
– Aga, şol oglanlary ýurtdan çykarjagyň çynmy?
– Hawa, çyn.
– Aga, meniň. ýurdumdan daş ýurt ýok, men olary alyp
ýöribersem näderkä?
– Gözüme görünmese bolýar.
Ine şundan soň Ahmet beg Nejep jan bilen Mylaýym jany
päkize bir ata mündürip, alty aýlyk ýola alty basyp, ilatyna
baryp ýetdi.
Ahmet beg ilatyna baryp, kyrk gije-gündizläp toýberdi. Kyrk
gije-gündizlik toýuny sowup, iki molla, bir kazy getirip, Mylaýym jany Nejep jana nikalap, alyp berdi. Olaryň ikisini bir
64

ak öýe salyp, dört töwereginde bagşy aýtdyrdylar. Şunlukda
bular maksat-myratlaryna ýetdiler.
65

SÖZLÜK
A
Ab – suw.
Arşy-kürsi – gögi-ýeri.
Ataş – ot.
Adam sefi-ylla – Adamata, Adamatanyň lakamy.
An hezret – ol jenap.
Ahylar, ahular – keýikler.
B
Bady-saba – daň şemaly.
Bakgal – ownuk-uşak zat satýan satyjy.
Basra – Yrakda bir şäheriň ady.
Bahry-baz – oýun-maza.
Bedrek – binamys, betnyşan.
Bernaý, berna – ýaş ýigit, juwan.
W
Warak – sahypa, ýaprak.
Webal – zyýan, günä.
G
Gaflat – gapyllyk, habarsyzlyk.
Gidermiýem – gideýinmi?
66

D
Der – gapy, işik.
J
Jebraýyl – dini düşünjelere görä kuranyň sözlerini pygambere
ýetiren perişde.
Jilwe – näz-kereşme.
Z
Zenehdan – alkym, eňek.
Zemistan – gyş.
K
Kad – boý.
Kamar – aý.
Katra – damja.
Käm – agyz, maksat.
Kufe – Arabystanda bir şäheriň ady.
L
Lahza – az wagt, pursat.
Leb – dodak.
Lemýezal – hemişelik, ebedilik, ölmez-ýitmez.
M
Magryp – Günbatar.
Magrypet – bilim, ylym, terbiýe.
Magraç – gök, asman, basgançak, ýokary çykma.
Mahy – balyk.
67

Moý – saç, gyl.
Mukarrar – karar tapan, duran.
Mülhit – dinsiz.
Murassag – bezelen, bezegli.
Muhabbet – söýgi.
N
Nezir-niýaz – hudaý ýoly, hudaý ýoluna sadaka, sowgat.
Nişe – bezeg.
P
Peşap – patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirýän nökerler, jellat.
R
Rawylar – rowaýatçylar, gürrüňçiler.
Rakyp – bäsdeş, duşman
Resim-kada – däp-dessur.
S
Saba – ertir.
Saýýat – awçy.
Sahişemal – owadan, gözel, görkli.
Sema – asman.
Set-hezar – ýüz müň.
Simrug – mifiki guş ady.
T
Taga – daýy.
Tagna – kinaýaly söz, töhmet.
Tarykat – ýol.
68

Tersa – dinsiz.
Töwriz – Eýranda bir şäheriň ady.
U
Umman – deňiz.
H
Hekim – tebip.
Helal – ýaňy dogan aý.
Haremhana – aýallaryň ýaşaýan öýi, garem.
Hub – ýagşy, oňat.
Husn – görk, gözellik.
Humaýun – şalara berilýän titul, bagtly manysynda.
Ç
Çapanpuruş – don satyjy.
Çarhy-pelek – asman, döwür manysynda.
Çeşment (çeşm bent) – göze tutulýan perde, gözlük.
Çoh – köp.
Ş
Şam – agşam, garaňky.
Şems – gün.
Şitde – guşak.
Ysrapyl sury – Ysrapylyň surnaýy, dini rowaýatlara görä perişdileriň biriniň ady.
E
Ebri-nowbahar – ýaz paslynyň buludy, ýagyşy.
69


«Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen
hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa
zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik
çekmeýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Nejep oglan - 1
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 1820
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 2
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1794
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 3
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 1778
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 4
    Total number of words is 2269
    Total number of unique words is 1275
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.