Latin

Nejep oglan - 3

Total number of words is 3884
Total number of unique words is 1778
29.9 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
48.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
saz çalyp duranyny görsek hem ömrümize peýdasy bardyr, içeri gireliň-de, içeri gireliň» diýişdiler. Ondan soňra «Bir sep
ýigidiň arasynda bir sep gyz durmaýanmydyr, mundan öň kada
şeýle dälmidir?» diýip, çarwanyň mes gelin-gyzlary hasyrdaşyp
içeri girdiler, bir sep bolup duruberdiler. Nejep jan jahyl oglan,
gelin-gyzlara seretdi, baýaky gelinleriň içinde özüniň suwa
ýykan gelnini tanady. Ol özge gelinlere gatyşanak. Olardan ýokarrak galyp dur. «Meniň sözümiň başy şu gelin bolaýsyn-da»
diýip, Nejep janyň elinde sazy, dilinde sözi, şol gelne garap,
bir bäş keleme söz diýse gerek:
Owal-başda meýlisiňde tutuldym,
Sözle, näzli gelin, kimiň ýary sen?
Öldürjekler bolduň, gaçdym-gutuldym,
Sözle, näzli gelin, kimiň ýary sen?
Tomaşa eýlediň meniň oýnuma,
Edep-ekram bilen geldiň ýanyma,
Kemer deýin zülpüň saldyň boýnuma,
Sözle, näzli gelin, kimiň ýary sen?
36

Gözleriň jellatdyr, kirpigiň hatar!
Bilmen, şu nesibäm nä ýere tartar,
Seni görgeç, gün-gün bu derdim artar,
Sözle, näzli gelin, kimiň ýary sen?
Tarypyň aýdaýyn ýagty jahanda,
Owazaň düşendir Balh-Badahşanda,
Seniň deý peri ýok Rum, Ispyhanda,
Sözle, näzli gelin, kimiň ýary sen?
Bizem aşyk bolduk şo jellat göze,
Hakygat aşykdyr, bu jebre döze,
Nejep, sen sözleseň, öz sözüň sözle,
Sözle, näzli gelin, kimin ýary sen?
Nejep sözüni tamam edenden, ol gelin. – Alla janym, bu oglan ozal hiç zat görmedik utançsyz oglan ekeni. Şunça adamyň
arasynda maňa «Kimiň ýary sen, kimiň ýary sen» diýip dur,
bidöwlet, bolmasa şu oglanyň bir zaman gözüne görünmäýin –
diýip, aşak oturyberdi.
Nejebem:
– Eý, gözüňe döneýin, boýuňa döneýin, owalky durşuň bir
ganymatdy, näme üçin bizden ýüzüňi dönderdiň? – diýip, bäş
keleme söz diýse gerek:
Saňa diýrin, näzli dilber,
Janym aldy jellat gözler.
Gel, lebiňden bir posa ber,
Janym aldy jellat gözler.
Bilebilmedim hoýuňy,
Özüme kylsaň toýuňy,
Görkezgin çynar boýuňy,
Janym aldy jellat gözler.
37

Seniň bilen baga girsem,
Çemen baglap, güller tirsem,
Gol salyşyp, bile ýörsem,
Janym aldy jellat gözler.
Bizden ýüzüňi dönderdiň,
Suwsan duşmanyň gandyrdyň,
Aşyk Nejebi ýandyrdyň,
Janym aldy jellat gözler.
Gelin uýalyp turabilmedi. Şu ýerde Nejep jan gelne hoşamat urup, taryplap, ýerinden turuzjak bolup, ýene bäş keleme
söz diýse gerek:
Eýranda-Turanda, ajam ilinde
Görmedim seniň deý owadan gelin.
Hublar arasynda, jennet gülunde
Görmedim seniň deý owadan gelin.
Bir uzümsiň, şerbet diýip ýutmaga,
Namys etdim, üstüň basyp ötmäge,
Duzak eýläp, aşyklary tutmaga,
Çüňki başdan aýak owadan gelin.
Boýlaryň uzyndyr, ýaňagyň nardyr,
Lebleriň şerbetdir, zülpleriň tardyr,
Gül ýüzüň görmäge gözlerim zardyr,
Görkezgin ýüzüňi, sabadan gelin.
Nejep aýdar, aşnalygym ýat olmaz,
Gül ýüzüň görmesem, asyl zat olmaz,
Seniň kimin asla perizat olmaz,
Meger, sen inensiň howadan gelin.
Nejep bu sözüni tamam edenden soň, işikden iki sany atly
«Habarlaş» diýip gygyrdy. Bir ýigit towsakga çykyp «Agalar,
38

size ne habar gerek?» diýdi. Onda ol ýigitler: «Biz ötermenräk
ýolagçy, bir çilim berseň» diýdiler. Olara çilim berdiler, olar
ötüp gidiberdiler.
Indi habary kimden al, Soltanesen patyşadan al. Ol bu atlylary «Elbent bagşy bolsa garrapdyr, ýalançyny seýil ediň, geziň,
päkize bir oglan bagşy tapyň» diýip iberen eken. Baýaky öýüň
işiginden «Çilim ber» diýip gelenlerinde, gapyny açanlarynda,
Nejep janyň husny-jemalyny gördüler. Aýdyşynam daşardan
gulak asyp eşitdiler.
Aňyrrak baryp ýaňky iki atly:
– Patyşamyza aňrujy ýarajak bolsa, şu oglan bagşy ýarar.
Baryp habar edeli, daşdaky ýumuşymyz ýakyndan bitdi – diýip begendiler. Olar hilegärçilik bilen baýaky oglanyň aýdyp
oturan gapysyndan gelip, ýene-de «Habarlaş» diýdiler. Ýene
bir ýigit towsup daşary çykdy. Görse, iki ýorganyň jylawyny
deň tutupdyrlar, atlaryň toýnagyndan der syrygýar. Ol ýigit:
«Agalar, nä habaryňyz bar?» diýip sorady. «Habarymyz-a – biz
ötermenräk, bir çilim berseň» diýdiler.
– Agalar, päkize aýdyjy bagşymyz bar, bagşy eşideris diýseňiz düşüň.
– Bagşyňyz-a bir diňläýmeli bagşy ekeni, şol bagşyňyz bir
eli bilen çaý berse, bir eli bilen çilim berse, düşäýeris diýip
durus.
Nejep jan hoşamaý oglan, bir elinde çaý, bir elinde çilim:
«Agalar, şonda wagtyňyz hoş bolsa, ine» diýip käsäni birine,
çilimi birine uzatdy. Olar çaý, çilimi alan kişi bolup, her haýsy
Nejebiň bir elinden tutup, ýorga gamçyny basaýdylar. Oglan iki
atlynyň arasynda batbörek gaýdyrylan ýaly gaýdyrylyp barýar.
Indi habary kimden al, baýaky gelinden al. Ol öýleriň arasynda kebelek ýaly ikibaka ýüwrüp: «Eý, ýüzi garalar, şu oglany
berip goýberseňiz, ýüzüňize gara, gaýnatamyň aty ýüwrük dälmi? Daýymyň üç ýaşary ýüwrük dälmi?» diýiberdi. Ol wagtda
çarwada at ne işlesin, it ne işlesin, ýaby-esge, baýtal-okajyň
üstüne palan taşlap, otuz çemesi atly bolup, olaryň yzyndan
kowdular, emma patyşanyň atlylary ýetdirmän, özlerini gala
gaçyp atdylar. Baýaky ýigitleriň içinde köpi görenräk, pähimli39

räk biri bardy. Ol: «Joralar, duruň şu ýerde, bular patyşanyň
atlysy bolmaga çemeli, olar özlerini gala gaçyp atdy, häli-de
bir pille, bu ýerden gaýdalyň. Patyşanyň ýanyna biziň bagşymyzy ber diýip bärden depirjeşip barsak, biziň barjygmyzy
tohummurt edip gyrar» diýip, öz töwellaçysy özünden tapylyp,
öwrülip gaýdyberdiler.
Habary kimden al, Nejep jandan. Ony patyşanyň huzyryna
eltdiler. Nejep arz jaýynda gol gowşuryp, salam berip, baryp
oturberdi.
Patyşa baýaky ýigitlerden: – Eý, ýigitler, bu oglany nireden
tapdyňyz? – diýip sorady.
– Tagsyr patyşahym, daşdaky ýumşumyz ýakyndan bitdi.
Pylan çarwanyň obasyndan tapdyk.
Şol wagtda patyşa otuz iki emeldaryna:
– Eý, ýigitler, bu taryply aýdyjy oglan bagşy bilen aýdyşar
ýaly ýurdumyzda bagşy barmy? – diýdi. Bu ýandan biri çykyp:
– Eý, tagsyr, ýurtda bagşy galdymy, baýaky garry Elbent
bagşy bolmasa? – diýdi.
– Baryň, alyp geliň, şol garry bidöwleti, hälem oglan-uşaga
depgi bererligi bardyr.
Derrew Elbendiň yzyndan bir atly iberildi. Atly Elbendiň
ýanyna baryp:
– Eý, Elbent, seni patyşa çagyrýar – diýdi.
— Patyşa näme etjekmişin meni?
– Patyşanyň huzyryna bir oglan bagşy gelipdir, şonuň bilen
seni aýdyşdyrjak bolup çagyrýar.
– Meni garran wagtymda oglan-uşak bilen agzymy deň edip
ýörüp, patyşanyňam akly çaşypdyr-ow, bolsa-da patyşadyr-da,
barmasak bolmaz – diýip, gara dutaryny arkasyna atyp, ugramak bilen boldy. Arz jaýyna gol gowşuryp, salam berip bardy,
görse, patyşanyň ýanynda bir oglan otyr. Özge ýeri üýtgese-de, gözi üýtgemändir. Pikir edip otursa, şol baýaky ogullygy.
Elbent Nejebiň syrtyndan geçiberen kişi bolup, ädiginiň burny
bilen oglany depip ötdi: – Eý, bidöwlet oglan, meni garran
wagtymda aýdyşjak diýip çagyrdyp getirdip ýören senmidiň? –
40

diýdi. Ol wagt Nejebi horluk basdy, gözünden katra-katra ýaş
dökdi. Patyşa muny görüp, dergazap boldy:
– Bidöwlet Elbent bagşy, meni penalap oturan oglany näme
üçin depýärsiň?
– Eý, tagsyr, munuň özüne ýetesi sebäbi bar.
– Onuň näme sebäbi bar?
– Tagsyr, muny bir sorasaňyzlaň.
– Ine soradygymyz, aýt.
– Sorasaňyz, bu baýaky Genje-Garabagyna iberdip getirden
aýalyňyzyň elinde gelen ýedi aýlyk oglan. Men muny bakdym-bejerdim, kemala getirdim. Men gahar üstüne muňa iki şapbat
çalaýypdym. Munuň şol gideni gidenidir. «Men Aşygaýdyň
piriň ýanyna gidip, ýedi ýyl hyzmat edip, bagşy bolup gelip, şu
bagşy bilen aýdyşyp ýeňip, arymy almasam, armanda bolsam
gerek» diýip, munuň şol gideni-gideni. Şondan bäri ine görüp
durşum muny. Ol meniň bilen aýdyşar ýaly kim bolupdyr? –
diýip, Elbent bagşy öz-özünden men-menlik satdy.
Onda patyşa:
– Eý, bidöwlet Elbent bagşy, oglanyň tarypyny ýaman belent
eşidýäris, aýdyş, ýeňseň-ä her iş et, ýenilseň, nädersiň? – diýdi.
Onda Elbent:
– Päheý, patyşahym, şundanam bir ýeňilme bormy?
Ýeňilme bolmasa, al eliňe sazyňy.
Elbent bagşy sazyny silkip aldy. Gahary gelip:
– Oglan, meniň bilen aýdyşarmyň-aýt? – diýdi.
– Aýdyşmada gözüňem oýaryn seniň.
Ikisi şu ýerde dutarlaryny bir gulakdan düzüp, saz çalmaga
başladylar. Elbent ilki başlap, Nejep jan ony kowanda Nejep
set-hezar artyk çalýar. Nejep başlasa, Elbent bagşy onuň yzyna
eýerip bilmän galaýýar. Patyşa: «Bu garry bidöwlet sazynda-ha
oglandan gaýra geldi, sözünde gör nädýär-dä?» diýip otyrdy.
Elbent bagşam öz içinden:
– Alla janym, bu oglan sazynda ökdelän eken, sözünde
şunuň ýaly ökdelän bolsa, meni heläkläýmese ýagşy – diýip
gahary gelip, gözleri alaryp, reňki gaçyp, murtlary syh-syh
bolup, – Gel-ä şu oglandan dünýäniň binýat bolan ýerinden bir
41

habar soraýyn – diýip, owaly Elbent bagşy sowal sorar, Nejep
jan hem sowala jogap berer, ikisi garşylykly bir bäş keleme söz
aýdyşar gerek:
Elbent:
– Bizden salam bolsun il uşagyna,
Adam Sefi-ylla ne şäher saldy?
Ne mekanda durup, galam çaldylar?
Nije ýyl jesetde lemýezal galdy?
Nejep:
– Dunýä «çarköşedir» orta ýerinde,
Adama jan berip, galam çaldylar.
Mundan owal hiç bir şäher gurulman,
Owal başda Kufe şährin saldylar.
– Şähri Luty nije perişde ýykdy?
Haýsy ýerde gurlan Suleýman tagty?
Haýsy ýyl an hezret Magraja çykdy?
Ol ne ýerde arslan ýüzügin aldy?
– Şehri Luty bäş ýüz perişde ýykdy,
Ýol arkasynda gurlan Süleýman tagty,
Lu ýyly an hezret Magraja çykdy,
Ol semadan arslan ýüzügin aldy.
– Düldüliň enesi mahy zeňňinden,
Habar bergin şol düldüliň reňňinden,
Hezreti Resulyň owal jeňňinden,
Ozal zülpükary kime çalyndy?
– Düldüliň enesi mahydyr-zeňňi,
Misli semawatdyr, düldüliň reňňi,
Emir Antar bilen eýledi žeňňi,
Owal zülpükary şona çalyndy.
42

– Näden garadyldy Musanyň tury?
Näden ýaradyldy Esrapyl sury?
Ol nedir, kim, mydam alnynda nury?
Owal kim tanady, musulman boldy?
– Nykabyn göterdi, ýandyrdy tury,
Köpükden ýaraldy Esrapyl sury,
Hezreti Resulyň alnynda nury,
Hatyja tanady, musulman boldy.
– Elbendiniň söwdüjegi destinde,
Nä ölüdir dirileriň kastynda?
Ol nedir, kim, mydam Basra üstünde?
Ne ýerde Ýezidiň myhy ýolundy?
– Bäş wagt namaz gul Nejebiň destinde,
Öli toprak dirileriň kastynda,
Muhammet Mustapa Basra üstünde,
Magrypda Ýezidiň myhy ýolundy.
Bular sözlerini tamam edenden soňra patyşa aýtdy: «Bu
garry bidöwlet sazynda-da, sözünde-de oglandan ryswa boldy,
ýeňildi. Emeldarlarymy synap göreýin, olar näme diýerkä?»
diýip, patyşa otuz iki emeldaryny ýanyna çagyrdy, hem:
– Eý, emeldarlar, bagşylaryň haýsy ýeňdi, haýsy ýeňildi,
maňa şony aýdyp beriň – diýdi. Ol wagtda bu ýandan biri
çykyp: «Eý, tagsyr patyşahym, bir zaman möhlet berseňiz, biz
aýdyp bereli» diýdi.
Orda patyşa: «Möhlet berdim» diýdi. Otuz iki emeldar bir
ýere ýygnanyşyp, maslahat edip: – Eý, joralar, bu garry bidöwlet-ä sazynda-sözünde oglandan ryswa bolup ýeňildi. Patyşa-ha
muny bilmedi, Elbent ýeňilse-de, ýeňdi edeliň, «Pygamberler
hem öz goşunynyň arkasyny sypapdyr» diýen bir nakyl bar
– diýen netijä geldiler. Soňra patyşanyň ýanyna baryp: – Eý,
tagsyr patyşahym, Elbende söz barmy? Ol ýeňdi – diýdiler. Ol
wagt patyşa olara: – Eý, bidöwletler, garry býdöwlet sazyn43

da-sözünde oglanyň öňünde heý gaçyp gutulyp bildimi? Siz
näme patyşany haýwan diýip eşidipmidiňiz? Baryň, oglanyň
egnine iki gat zerli don getirip ýapyň, altynly jüp jygany getirip,
başyna sanjyň – diýdi. Oglanyň egnine iki gat zerli don getirip
ýapdylar. Altynly jüp jygany hem getirip, başyna sançdylar.
Oglan tagta çykan şazada kimin boldy. Ol wagtda bu ýandan
biri çykyp aýtdy:
– Eý, tagsyr patyşahym, Elbent-de gadymdan gelen hyzmatkärdi, muňa bir köne güpbi-de bolmady – diýdi. Onda patyşa
bir dogmanyň eline dört ýarym teňňe çykaryp berip: – Bar, bu
gün şäheriň bazarydyr, Elbent ýaly garry adama üşemez ýaly
arzan bahasyndan getir-de beräý – diýdi. Şol wagt ýene biri:
– Eý, tagsyr, onda jygasy kemis bolýar – diýdi. Onda patyşa:
– Bir bakgalyň tawusynyň perini ýol-da, al-da gaýdyber –
diýdi. «Ajap bolýar» diýip, dogma ýöribermek bilen boldy. Bärden çapanpurşuň ýanyna bardy, arzan bahasyndan şaýy kem
dört teňňä her ýerinden pagtasy çykyp duran bir don satyn
aldy. «Men-de aýak kireýini alyp galaýyn» diýip, üç şaýysyny
jübüsine urdy. Alan donuny egnine atyp, bir bakgalyň ýanyna
bardy: – Eý, bakgal aga, maňa şol tawusyň perini ber – diýdi.
Onda bakgal: «Tur, ýok bol, patyşa gerek boldy diýip, men
nişämden aýrylarynmy?» diýdi. Dogma alan donuny egnine
atyp, haýran bolup gaýdyp gelýärdi. Şol gelşine bir nanbaýyň
tamdyrynyň başyna geldi. Görse, üç-dört sany towuk gezip ýör.
Içinde bir horaz bar, görse, peri al-ýaşyl öwüsýär. «Alla janym,
tawusyň peri bolmasa, towguň peri boljak eken-dä. Şunuň
yzyndan ýetip bolsa, bir oňaý söwda ekeni» diýip, daýaw dogma horazyň yzyna düşdi. Horaz gaçmaga, dogma kowmaga
aýlanyşdy. Şol barşyna horazy ýadatdy. Bir ýerde horazy gaňrak-ga basdy. Bularyň güpürdisine bir kepbe tamdan bir oglan
çykdy, görse horazyny bir bela basyp ýatyr. Ol: «Eý, meniň
horazymy nädýärsiň?» diýip gygyrdy. Dogma: «Horazyň peri
patyşa gerek boldy» diýip, horazyň guýrugyny ýolup, bilini
bogup alyp, ýöribermek bilen boldy. Elbendiň donuny eltip
egnine ýapdy. Onda patyşa «Hany jygasy?» diýdi. Onda dogma:
«Tagsyr patyşahym, tawusyň perin-ä tapmadym, bir towguň
44

perini tapdym» diýdi.
Patyşa: «Hany ony telpeginiň gyrasyna sanç» diýdi. Elbendiň jygasyny sançdylar. Ol Nejep janyň jygasyna görä syrdamrak, owadanrak, egjemräk görünýär. Elbent kölegesine
gözläp: «Alla janym, meniň jygam-a onuňka görä owadanrak,
bu oglandyr, donuň gadryny biler, jyganyň gadyryny bilmez, jygamyzy alşaly diýip, bir söz aýdaýyn, alyşaýsa, kempir ikimiziň
ömrümiz ötinçä iýmäge boljak eken, alyşmasa, bu-da bir köýen
sözüň biri boljak eken-dä» diýdi. Elbent bagşy: «Oglum, bäri
otur, jygamyzy alyşaly» diýýär, Nejep jan «Alyşman» diýýär.
Ikisi şu ýerde ýagly bagyr, sowala jogap, garşylykly gulpy-kilt,
bir bäş keleme söz aýdyşar gerek:
Elbent:
– Seniň jygaň iki başly,
Gel, jygamyz alyşaly.
Men bir pakyr, gözi ýaşly,
Gel, jygamyz alyşaly.
Nejep:
– Bu dünýä hem iki başly,
Men jygamy alyşmanam.
Gözden akan ganly ýaşly,
Men jygamy alyşmanam.
– Saba gülşene barmazmyň
Bilbilden habar almazmyň?
Oglum, öl diýsem, ölmezmiň?
Gel, jygamyz alyşaly.
– Saba gülşene bararmen,
Bilbilden habar alarmen,
Eýäm ýel diýse, ölermen,
Men jygamy alyşmanam.
45

– Ok kimiňdir? – Atanyňdyr,
Ýaý kimiňdir? – Tutanyňdyr,
Ogul maly – atanyňdyr,
Gel, jygamyz alyşaly.
– Dine girmeýen mülhidem,
Hem tersaýam, hem jöhidem,
Meňki saňa näbähbidem,
Men jygamy alyşmanam.
– Elbent diýer, saz çalmanam,
Oglum, sen gitseň, galmanam,
Närazy bolsaň, almanam,
Razylykda alyşaly.
– Nejep aýdar, hub sözüm bar,
Ilde-halkda bir resim bar,
Men oglanam, höwesim bar,
Men jygamy alyşmanam.
Bular sözlerini tamam edenden soň Elbent bagşy: «Eý, alyşmasaň, ters alyş» diýip, keseräge-de bakyp oturberdi. Nejep
janyň: «Arymy almagyň ýeri geldi gerek» diýip, göwnüne gelip:
– Eý, ata, bäriňi bak-la, ýaşuly halky kän kine saklamazak bolar
– diýdi. Muňa Elbent bagşy öz ýanyndan: «Maňa rehimi geldi
gerek, jygasyny berjek gerek» diýip, çak edip, ýüzüni Nejep
tarapa öwürdi. Oglan Elbendiň sakalyndan orap alyp, onuň her
ýan çekgesine bir şapbat çaldy. Özüňe mälim, degmän ýören
eliň tekiz degişi bilen Elbent bagşynyň gözünden ýalpyldap-ýalpyldap ot çykdy. Patyşa tagt üstünde oturan ýerinden muňa
gözi düşdi. Ol: «Oglanyň ary bary çyn ekeni» diýip, bir güldi,
onuň gülenine hem Elbendiň gözi düşdi. Ol: «Patyşamyzyň-a
Nejebiň meni uranyna wagty hoş bolup gül-dow» diýip, pikir
etdi.
Elbent:
46

– Men iň gowusy şu ýerden gideýin, bolmasa patyşa «Elbendi öldüriň» diýip, perman berermi-nädermi – diýip, ýerinden
turdy, gapa tarap ugrady. Elbent bosagadan ýaňy bir aýagyny
ätläpdi. Şol wagt Nejep oglan: «Bu bidöwlet ýaňy meni depip
ötüpdi, şol depgi üçinem arymy alyp galaýyn» diýip, errek goçy
ýaly bolup, bat alyp, ýüwrüp baryp, Elbendiň syrtynyň ýumralan ýerine ras çüwüp bir depdi. Dyzynyň kuwwaty giden garry
honda baryp düşdi. Özüňe mälim, patyşanyň gök daşdan bina
bolan jaýy, Elbendiň maňlaýy bilen kükregi ebşiri baryp, daşa
degdi... Elbent bagşy öýüne garşy ýoklar bolaýdy. Ol baryp,
öýünde karar tapsyn.
Habary kimden al, Soltanesen patyşadan al. Ol: «Alla janym, Elbent bagşyny bolsa beýdip goýberdik, bu oglan bolsa
elden çykarar ýaly oglan däl ekeni. Muny öz ýurdumyzdan öýlendirip, aýagyny baglaýyn» diýip, göwnüne düwdi-de, kyrk gije-gündüzlik toýa başlady. Patyşanyň emeldarlary: «Eý, tagsyr
patyşahym, bu kyrk gije-gündizlik toýuň bagşysy kim bolar?»
diýdiler.
– Özüni aýtdyryp, onsoň gelin alyp berenimizde bolmaýarmy?
Patyşa Nejep janyň ýanyna baryp:
– Eý, Nejep jan, bize ýatyp-turup, dem-dynjyňy alyp, kyrk
gije-gündiz hyzmat edersiň, otuz iki emeldarlarymyň barysy
«Asla seniň sazyňdan-sözüňden gana bilmeýäris» diýýärler –
diýdi. Onda Nejep «Ajap bolar» diýip, kyrk gije-gündiz hyzmat
etmek bilep boldy.
Patyşanyň bir garry weziri bardy, adyna Esen wezir diýerdiler. Ol wezir dünýäden ötüpdi, onuň Ziwer beg diýen ogly
bardy. Atasy ölenden soň onuň ornuna wezir bolupdy. Ziwer
begiň bir ýetişip oturan gyz dogany bardy. Adyna Mylaýym
han diýerdiler. Onuň bir garry enesi bardy. Ol Mylaýym hanyň
köşgüne gelip:
– Eý, oglum, Mylaýym jan, agaň Ziweriň gala gideli bäri bir
aýdanam ötüp barýar, hemişe hepde, bazar ortalygy aýlanyp
durýardy. Bu sapar ondan hiç bir habar bolmady. Gülçemen
çoryny iberip, bir habar aldyrsak niçik bolar? – diýdi. Onda
47

Mylaýym han «Ajap bor» diýip, Gülçemen çoryny ýanyna çagyryp: «Bar, Ziwerden habar alyp gel» diýdi, «Ajap bolar» diýip,
Gülçemen çory gidiberdi. Ol galanyň ýanyna baryp, görse,
ýygnanypdyr ýygyn-märeke, çöpde-çörde san bar, emma bu
märekede san ýok. Olaryň ortarasynda bir oglan bagşy çyrlap
aýdym aýdyp otyr. Gülçemen birinden:
– Bu waka haçandan bäri peýda boldy? – diýip sorady.
– Eý, bu dünýäden bihabar çory, otur, bu oglanyň patyşanyň
gaşynda aýdyp oturaly bäri otuz ýedi gije-gündizdir.
– Munuň adyna näme diýerler?
– Munuň adyna Nejep oglan diýerler.
– Haý-haý, ajap oglan eken-ow – diýip, çory yzyna ökjäni
göteriberdi. Görse, Ziwerem hoşlukda otyr aken. Ol dolanyp
geldi-de:
– Eý, bibilerim, söýünji, agam wagtyhoşlukda oturan eken,
otuz ýedi gije-gündizden bäri patyşamyzyň dergähinde bir käkil pereň oglan aýdym aýdyp oturan ekeni, görmäge göz gerek
– diýdi. Emma muny eşiden Mylaýym gyz enesiniň gitmegine howlugyp, oturyp-turuberdi. Enesi baryp köşgünde karar
tapsyn.
Habary kimden al, Mylaýym gyzdan al. Ol Gülçemeni ýanyna çagyryp: «Ýaňy patyşanyň gaşynda bir oglan bagşyny
görüp geldim diýdiňmi? – diýip sorady. Ol «Hawa» diýdi.
– Onda maňa şony alyp gelip beräýseň.
– Eý, bibi jan, ony iki aýakly bende alyp gelip bilermi?
– Alyp gelseň-de alyp gelersiň, alyp gelmeseň-de alyp gelersiň.
– Eý, bibi jan, öýdenden, özüň öldürjek diýsene.
– Öldürmeden bäri-de iş kän, emel öwretsem edermiň?
– Hawa, ederin.
– Etseň, haremhana gir, meniň peri lybasymy geý, eliňe tylla
sadaply gazmany al, ýüzüňe-de bir çeşmendi tut. Şol oglanyň
çat maňlaýyna geç-de, iki gözüňden başga ýeriňi görkezmän,
bar yşaraty yşaratyň üstüne uruber. Eger şol oglanyň gaýraty
bolsa, hökman çykyp, seniň habaryňy aljak bolar. Şonda sen
meniň tarypymy belent etgeýsiň.
48

Çory: «Ajap bolar» diýip, ýöribermek bilen boldy. Nejep
janyň aýdyp oturan ýerine baryp, onuň ýazzy maňlaýyna geçip,
gözi owadan çory yşaraty yşaratyň üstüne uruberdi. Nejep jan
muny görüp aýdyp oturan aýdymyny ýalňyşyberdi:
– Sen ýa bir aşyk sen, ýa bir magşuk sen, ýa bir aşykdan
gelen dil sen, seniň bir çykyp habaryňy almasam, maňa-da bir
uly namartçylyk bolsa gerek – diýdi.
Nejep jan derrew ýerinden turup: «Patyşahym, bir arzym
bar» diýdi.
– Oglum, ne arzyň bar?
– Tagsyr patyşahym, hyzmatyňyza düşeli bäri, sanap otursam, otuz ýedi gije-gündiz bolupdyr. Bir sakydym bardy, şony
aýtmak ýadymdan çykypdyr.
– Oglum, ne sakydyň bar?
– Ýedi ýaşymdan bäri bir rekagat namazy kaza goýmaýardym, rugsat berseň, şony okap, soňra aýtsam bolmaýarmy?
– Rugsatdyr.
Nejep janyň eline bir ak kündük çykaryp berdiler. Ol täret
kylan kişi bolup, ortara gelip, namaza durdy. Oturyp okan
boldy, ýartysy ýok, turup okan boldy, elhemi ýok, iki eline salam
berme ýok, egildi, galdy-egildi, galdy, otuz ýedi gije-gündiziň
namazyndan bir sagatda dynyp, sähralap geljek kişi bolup,
çykdy ýöriberdi. Özüni buljumdan-buljuma çekip barýardy.
Habary kimden al, Gülçemen çorudan al. Ol Nejep janyň
gapdalyndan çykyp: «Nejep jan, bäri dur» diýdi. Nejep janam:
«Habaryňy ber, çory» diýdi.
Aýyplaşdyrmasaň, habarymy saz bilen bereýin.
– Saz bilen berseňem, tiz ber, bidöwlet, bolup durşumyzy
biri göräýmesin.
Şu ýerde çory bentlerini ýazdyryp, synalaryny agardyp,
tylla desseli gazmany ak mämmäniň ikisiniň ortasynda goýup,
Nejep jana garap: «Eý, Nejep jan, saňa Mylaýym han gelsin
diýdi» diýip, bir bäş keleme söz aýdar gerek:
49

Owazyň arşa ulaşdy,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Seni soraşdy-yzlaşdy,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Seniň ýoluňa bakandyr,
Dagy-hijranyň çekendir,
Gözden ganly ýaş dökendir,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Owazyň düşdi illere,
Düşüp sen dilden-dillere,
Bar, dolan inçe billere,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Misli enaryň özüdir,
Şekerden şirin sözüdir,
Esen weziriň gyzydyr,
Gyz Mylaýym gelsin diýdi.
Aşyk ýolundan dänmedi,
Dünýäge iki inmedi,
Eglemegin Gülçemendi,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Gülçemen sözüni tamam edenden soň Nejep jan:
– Eý, bidöwlet, bedrek çory, namaz bilmeýän ýerime namaz
okan bolup, munça halaýyga it ryswasy, masgara boldum, meni
çykaryp aýdan habaryň şumy, men ozal bir hanyň hyzmatyndan
gutulabilmän ýörün, meniň ýene bir han nämäme gerek? –
diýdi.
– Eý, oglan, «bidöwlet» diýip, agzyňy onda-munda uruberme, meniň aýdyýanym näzenin han.
– Näzenin han diýdiňmi?
– Hawa.
50

Nejep jan jahyl oglan, çorynyň «näzenin han» diýeni gulagyna ýokup gitdi.
– Bidöwlet, bolup durşumyzy biri göräýmesin, maňa köşgüni, ýoluny salgy ber.
– Köşgi-de ýakyn, ýoly-da ýakyn, barjak wagtyňy aýt.
– Barjak wagtym – namaz şam ýa bararyn, ýa öldi habarymy
eşidersiňiz, bar bibileriňe söýünjiläber.
Nejep jan Gülçemen çorudan ýol salgyny aldy-da, yzyna
gaýtdy, ýaňky aýdym aýdyp oturan ýerine baryp, «wah» diýip,
özüni ýüzünleýin taşlady. Patyşa Nejebiň başujynda perwaz
urýar. Ol: – Meniň bagşyma göz çaldymy, dil boldumy, meniň
şu bagşymyň keseliniň emini tapan adam bolsa, salgytdan azat,
işigini ýel açyp, ýel ýapar ýaly ederin – diýip, duran halaýyga
jar çekdirdi. Bu oturan halaýykdan hekim galmady, gurrandaz
hem galmady, hemmejigi Nejebi görüp çykdylar, emma onuň
keselini tapabilmediler. Patyşa dergazap bolup:
– Meniň soraýan kentimde ýene hekim galdymy, ýa indi
hemmesimi şu? – diýip sorady. Ol wagt bu ýandan biri çykyp:
– Eý, tagsyr patyşahym, pylan kentde bir garry mama bar,
Lukmandan bärki hekim-a şoldur, özi gelmäge ýaramaýar, ol
ýüz on ýedi ýaşynda – diýdi. Patyşada gyt zat barmy? Bir
ýelmaýa kejebäni urup iberdiler, baýaky garry mamany dembe-demden getirdiler. Iki dyzynyň aşagyndan gujaklap kempiri
Nejep janyň başujuna eltip goýdular. Patyşa kempire: –Eý, mama jan, şu bagşynyň keselini tapsaň, islän maksadyňa ýetseň
gerek – diýdi.
– Eý, tagsyr patyşahym, bagşyň aňryujy keseli bar bolsa,
taparys.
Nejep janam, özüne mälim, masgarabaz ýaly saňgaty bolup
ýatyr. Kempir Nejep janyň kükreginiň üstünden uran eli ondan
oňa, mundan muňa ýetip barýar. Onda patyşa oňa: «Eý, mama
jan, eliňi ýaman gaty silkip aldyň-la?» diýdi.
– Eý, tagsyr, bagşyň keselini tapdym – diýdi.
– Bagşymyza näme bolupdyr?
Bagşyňyza aşyklykdan dil ýetipdir.
51

– Eý, mamajan, özümiz-de şoňa ýorup otyrdyk, bagşynyň
keselin-ä tapdyň.
Şondan soň patyşa Nejep janyň başujyna gelip: – Eý, Nejep
jan, tur ýeriňden, aljagyň dokuz gyzam bolsa, alyp bereýin,
ýene üç gije-gündiziň galypdyr, ony hem sow – diýdi. Nejep
jan ölse-öljek welin, wada-da ýalançy boljak däl. Patyşanyň üç
mertebe sözi syndy. Iň soňunda patyşa:
– Sen bidöwlet oglan, ogurlukda-jümrülikde görsem, öldürmesem, Soltanesen patyşa adym ite dakylsyn. Ýörüň, halaýyk,
munuň daşyndan – diýdi. Halaýyk güwläp ördi, Nejebiň aşagyndaky keçäni hem silkip aldylar. Nejep doňan terne ýaly,
şaly samanyň üstunde galyberdi.
Indi habary kimden al, Nejep jandan al. Ogrynça gözüni
açyp görse, özünden başga iňlär siňek ýok. Niredesiň gaýraky
derweze diýip, guş atjak mergen ýaly bolup, gara dutaryny
egnine atyp bükedekleý-bükdekleý gidip, iki ýaşyl syrçaly köşgüň ýanyna bardy. Haýsy Mylaýym hanyň köşgüdigini, haýsy
enesiniň köşgüdigini bilmän, Nejep jan şu ýerde çyn ebir-nowbahar ýyglap, gözünde ýaş, bagrynda baş, her elinde kyrkagyr
daş, zar-zar ýyglap, bir bäş keleme söz diýse gerek:
Seni görmäge gelmişem,
Görmeginçe gidermiýem?
Birnäçe nar gülleriňden
Tirmeginçe gidermiýem?
Ajam ilinden gelmişem,
Ganly jigerim dilmişem,
Myrat almaga gelmişem,
Almagynça gidermiýem?
Aç, ýykylmyş gapyny aç,
Ak ýüzünden alaýyn paç,
Gardaşyň boýnuma gylyç
Çalmagynça gidermiýem?
52

Näzli han, köşgünden bakyp,
Ganly jigerimi ýakyp,
Jynazam gapyňda okyp,
Ölmeginçe gidermiýem?
Sen meni saldyň oýnuňa,
Webal-ýazygym boýnuňa,
Aşyk Nejebi goýnuna
Salmagynça gidermiýem?
Nejep bu sözüni tamam etdi. Habary kimden al, Mylaýym
handan. Ol köşgüniň üstunde oturan ýerinde: – Eý, Gülçemen çory, gulagyma bir ýakymlyja owaz ilen ýaly bolup gidýär,
daşaryk çykyp gözlesene – diýdi.
Ajap bolar – diýip, Gülçemen çory çykyp gözlese, Nejep jan
iki köşgüň arasynda «Almagynça gidermiýem» diýip delmirip
dur.
Gülçemen:
– Eý, Nejep jan, alsaň-da, islegiň bärde – diýip, onuň elinden
tutup, idip gaýdyberdi. Mylaýym han bir şum pikire gitdi. Ol:
«Gülçemen çory bolsa-da, bir owadan çory, şu ýere gelende
çykman, meniň aýagym maýypmykany?» diýip, towsup çykyp
gözlese, çory Nejebiň elinden tutup gelýär.
– Eý, bidöwlet bedrek, betbagt çory, ol oglanyň eli kim, seniň eliň kim, a onuň elinden tutup, idip gelip onuň gözi körmi?
– diýip, Mylaýym han gahar-gazap bilen goşa ýumrugy düwüp,
çorynyň ras iki göwsüniň üstune saldy. Çory iki dyzynyň aşagyndan gujaklap, daň asmandan gaýdyberdi. Eňsäniň düwlen
ýeri, ýagyrnyň hekgeren ýeri, zigirrigiň tükenen ýeri – üçüsi ras degdi güpläp, ýygrylyp düýrülip, jürre bolan mal ýaly,
ýatybermek bilen boldy. Çory şu ýerde galyberdi.
Indi habary kimden al, Mylaýym han bilen Nejep jandan.
Mylaýym han bilen Nejep jan ikisi gol boýna salşyp, köşk üstüne çykdylýar. Mylanym han şu ýerde bentlerini ýazdyryp,
synalaryny agardyp, tylla desseli gazmany ak mämmäniň ikisiniň ortasynda goýup, Nejep jana garap: – Eý, Nejep jan, owaly
53

bilen bir sözbaşy bolsun – diýip, bir bäş keleme söz aýdar
gerek:
Alys ýoldan gelen oglan,
Başyň üçin al gaç meni.
Ýürek-bagrym dilen oglan,
Başyň üçin al gaç meni.
Sapa bolsa, öser batlar,
Mundan ýeg bolarmy ýatlar,
Teble doly bedew atlar,
Başyň üçin al gaç meni.
Ter hynalar bar golumda,
Binalar sagy-solumda,
Pyýada gezem ýoluňda,
Başyň üçin al gaç meni.
Mylaýym diýr, gara saçly,
Gara gözli, galam gaşly,
Meni goýma gözi ýaşly,
Başyň üçin al gaç meni.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden soň, Nejep jan:
– Meniň barara ýerim bolmasa, batara kölüm bolmasa, men
seni göre alyp gaçaýynmy? Meni patyşa ýaly adamyň hyzmatyndan getirip, aýdan habaryň şu bolýan bolsa, ine meniň
turanym – diýip, ýerinden turuberdi.
– Eý, Nejep jan, owal birje sözbaşy diýmedimmi men saňa,
mahlasyňy aýdybersene-mahlasyňy – diýip, Mylaýym gyz ýüz
müň jülwe bilen tawus dek daranyp, humaýun dek jilwe kylyp,
dyzboýundan tekýe ýassyk, bil bagdan körpe düşedi, Hindistan
çitinden dokuz gat körpäniň arasyna girip, yşgy peçek kimin
bolup ýatyberdiler. Bular şu ýatyşda ýedi gije-gündizläp ýatdylar, ýedi gije-gündizden soň Mylaýym jan oýandy. Otuz ýedi
gije-gündiziň ukusyndan galan Nejep jan oýanmady. Mylaýym
54

han oýanansoň: «Munuň bilen bolup ýatmam däl eken-ow, men
bir weziriň gyzy bolup, bir aýak ýalaňaç jalataý bilen bolup
ýatmam däl eken-ow, häläm wagty barka muny basymrak turuzyp kowawereýin» diýip, kowmaga-da kän gözi gyýman, Nejep
jana garap, elinde sazy, dilinde sözi, bir bäş keleme söz aýdar
gerek:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Nejep oglan - 4
  • Parts
  • Nejep oglan - 1
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 1820
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 2
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1794
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 3
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 1778
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 4
    Total number of words is 2269
    Total number of unique words is 1275
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.