Latin

Nejep oglan - 2

Total number of words is 3909
Total number of unique words is 1794
30.8 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Bilbiller ah çeker güle ýetmäge,
Bagbanlar ah çeker ony tutmaga,
Töwriziň bagyna seýran etmäge,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Elbent aýdar, saz arkamda baglydyr,
Synalarym syýa, çapraz daglydyr,
Aslyn sorsaň, Genje-Garabaglydyr,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Elbent sözüni tamam edenden, ýaňky ýigitleriň biri:
– Eý, ýigitler, biziň hemmämiz bu ýerde Sona diýip otyrys,
bu bidöwlet bagşy-da Sona diýip barýan ekeni, ol bu sazy-bu
sözi bilen, bu ýagşy ýigitligi bilen, bu hoşroýlygy bilen, bu
bagşyçylygy bilen bardy-aldygydyr, hiç haýsymyza Sona ýok –
diýdi. Ol wagtda bu ýandan ýene biri:
– Bir aljak şumy? – diýdi.
– Häzir-ä bir şu.
Ýene biri:
– Muny öldüräýende bolmyýamy, bar, daşary çykyp gözläp
gel – diýdi. Ol adam çykyp, daşaryny gözläp geldi hem: «Agalar, özümizden başga iňlär siňek ýok» diýdi. Bagşyny aldylar
depginiň aşagyna, depip-ýumruklap, urup öldürip barýarlar.
Elbendem:
– Alla janym, bu bidöwletler-ä öldürkek – diýip, ölen kişi
bolup ýatyberdi. Şonda ýigitlerin biri:
– Eý, dostlar, bi-ýä ölüp galdy. Daşary çykalyň, gün batandan soň bir raýyşa süssiris-dä – diýdi. Ýigitler tamyň güneşine
çykdylar. Ikibir-ikibir gürrüňe başladylar.
«Eý, jora, bu senden boldy-da, senden boldy» diýşip, her
kim günäni özüniň üstünden aýyrmak isledi. Şunlukda: «Özi
18

bir ýagşy ýigit ekeni, özi bir bagşy ýigit ekeni – nesip etse, aljak
ekeni, nesip etmese, gaýtjak ekeni. Hiç zat ýok ýere nahak
gana galdyk» diýip, igenişip oturmak bilen boldular.
Indi habary kimden al, Elbent bagşydan. Bir wagtdan başyny galdyryp seretse, özünden başga jandar ýok. Ol dutarynyň
ownugyny çöpläp, ony tary bilen daňyp, horjunyna saldy. Dutarynyň dessesini arkasyna gysdyrdy, gorkan bagşy özüňe mälim,
ýorgasyny gözlese, eýwançada gaňtarylyp dur. Işigi penalap,
hüjräň düýbüne bat alyp, «Şu ýerden zyňsam, ýorga galyp
bolmanmy?» diýip, öz göwnüne getirdi. Elbent bat alyp «ýa,
biribar» diýip, özüni oklady, ýorga galyp boldy duruberdi, çekdi
bir jübüt gamçyny. Ýorgasy ýyldyz kimin süýnüp gidiberdi.
Habary kimden al, baýaky ýigitlerden. Olar «Al gitdi-hä, al
gitdi» diýip, gygyryşyp galdylar.
Elbent bagşy baýaky gumlukdan geçdi, bir tokaýlyga bardy. Barsa, özüňe belli, gury odun çaşyp ýatyr. Elbent bagşy
atdan düşüp, ot ýakyp, elim eredip, döwlen dutaryny jaýma-jaý ýelmedi. Täze kiriş işip, täze perze baglap, dutaryna des
urup görse, dutaryň sesi göýä tokaýy göçüreýin diýýär. Dutarynyň bejerileniniň wagtyhoşlugyna, özüniň depgi iýeniniň
«wagtyhoşlugyna» şu ýerde zar-zar, çyn ebir-nowbahar ýyglap,
gözünde ýaş, bagrynda baş, bir bäş keleme söz diýse gerek.
Gör-bak, näme diýýär:
Arzuw eýläp, ýara gelip,
Şu boldumy maksat maňa?
Boýnum burup, zar aglaýyp,
Şu boldumy maksat maňa?
Oturdym, girýan agladym,
Kesip, jigerim dagladym,
Gitmäge bilim bagladym,
Şu boldumy maksat maňa?
19

Yşgyň lybasyny geýdim,
Syrymy äleme ýaýdym,
Öz dilimden depgi iýdim,
Şu boldumy maksat maňa?
Bilmedim ýaryň hyýalyn,
Şeker-şirin lebde balyn,
Görmedim sahyp jemalyn,
Şu boldumy maksat maňa?
Boýuň uzyn, kaddyň elip,
Durma, ýar, bizden uýalyp,
Aşyk Elbent ýara gelip,
Şu boldumy maksat maňa?
Elbent bagşy bu gazaly tamam edenden soň, ýorgasyna münüp, basaýdy gamçyny, ol depeden ol depä at çapdyryp, çykyp
barýar, baýaky bag diýeniniň garasy göründi, ol gara çatma
heý görünmedi. Bir beýgiräk depäniň üstüne çykyp gözlese,
bir ýapynyň ýüzünde gury ýapynja ýatan ýaly bir gara peýda
boldy, görse çatma diýleni şu bolup çykdy. Çatmanyň ýanyna
baryp görse, ol şeýle bir çagşapdyr, onuň üstüne towuk-da
münse, pişik-de münse, patda aşak gaçagaýjak. Şunuň ýaly
terzli «oňat» çatma. Elbent bagşy: «Alla, görgimdir-dä» diýip,
ýorgadan düşüp, ýorganyň teblesini çatmanyň işiginde kakyp,
horjunyny eline alyp: «Essalawmaleýkim» diýip, çatmanyň
işiginden barsa, onuň töründe iki dyzy gulagyndan bir garyş
ýokary aşyp duran bir kempir otyr. «Waleýknm essalam» diýip,
zordan bir gymyldan ýaly boldy. Görse, Elbendiň arkasynda
dutary bar. Ol: «Toý günleri ýadap gelen bagşydyr-da, meniň
çatmamy çola görüp gelendir-dä» diýip, pikir etdi. Emma Elbent bir günde-de gitmedi, iki günde-de gitmedi, on-on bäş
günläp şol ýatyşy, kempiriň o ýerden-bu ýerden çöpläp getiren
odunlaryny hem çaý oduny edip, gutaryp barýar.
Günlerde bir gün kempir:
20

– Eý, bidöwlet, bisähet güni gelen bagşy, meniň owadan
gyzym-da ýok, owadan gelnim-de, ýa seniň bilen gürrüňleşer
ýaly oglumam ýok, tur git, ýok bol – diýdi.
– Eý, ene jan, sen habar soramadyň, menem habarymy
bermedim. «Habary soranda ber» diýen nakyl bar – diýip,
baýaky patyşanyň beren hatyny mamanyň öňüne oklady. Mama
ýaşlykda köp okan bidöwlet sowathondy. Haty okap gördi.
– Eý, oglum, mamaň nas pulusyny ýetirsen, bu hyzmatyňy
mamaň bitirse gerek.
– Mama jan, şu hyzmatymy bitirseň, geregiň nas puly bolsun.
Şol wagtda mama patyşanyň ýanyna ýelk ýasaýdy. Baýaky
haty eltip patyşanyň öňüne oklady. Patyşa haty okap gördi. Ol:
«Eý, mama, özi Soltanesen patyşadan gelen ilçi bolsa, Sonanyň
özüni göwnetseň, meniň garşylygym ýok» diýdi. Ondan soňra
mama Sonanyň ýanyna bardy. Ol agyz süýjütme gürrüňlerden
gürrüň tapyp:
– Eý, Sona jan, seniň ataň bilen atam dostdy, eneň bilen
enem dostdy – diýip, damarma-damar, tohumma-tohum yzarlaşdyryberdi. Sözüniň ahyrynda bolsa:
– Eý, Sona jan, oglum, seniň üçin bir ýigit gelipdir, özi ýagşy
ýigit, özi bagşy ýigit, beýdip oturanyňdan, şoňajyk baragaýsaň,
näderkä? – diýdi.
– Eý, ene jan! Meniň elimde ýedi aýlyjak oglum bar, şony
ynjytman saklaýyn diýse, baraýyn – diýdi.
Kempir: «Seniň diňe bir ýedi aýlyk ogluň däl, ol seniň
ýetmiş ogluň bolsa-da saklajak adam» diýip magtap, etek alty,
ýeň ýedi bolup, ýüwrüp yzyna gaýdyberdi. Şol gelşine Elbent
bagşynyn ýanyna geldi:
– Eý, oglum, patyşa Sona razylyk berdi, söýünjimi ber –
diýdi. Elbent mamanyň etegine iki tyllany taşlady. Kempir:
«az!» diýdi. Bagşy ýene bir näçe tylla oklady welin, mamanyň
wagty hoş bolup, aýagy ýeňläp:
– Eý, oglum, ýorganyň syrtyny galyň edip, dembe-demden
galanyň syrtyna baryber – diýdi, özem Sonanyň ýanyna gidiberdi. Elbent bagşy: «Ajap bolýar» diýip galyberdi. Kempir
21

Sonanyň ýanyna baryp, oňa dokuz ýyldan bäri mes bolup ýatan
şerapdan bir käse şerap berdi. Dokuz gat perdäni ýüzüne tutduryp, Elbent bagşynyň syrtyna mündürdi. Baýaky ýedi aýlyk
Nejep jan diýen ogluny hem aralygyna berdi. Elbent sürüp
gidiberdi. Birniçe ýol geçip, daň säher çagy bir serhowzuň
başyna ýetip bardylar. Görseler gumrular owaz edip, bilbiller
jak-jak urup, bulaklar her tarapa akyp barýar. Şeýle bir sapaly
jaý.
Elbent:
– Alla janym, ýoluň ýarpysyny aldym, şu ýerde demimi-dynjymy alyp gidibersem bolmazmyka? – diýip oýlandy. Atyndan
düşdi, soňra: – Alla janym, şu bidöwlet kempir Sona diýip,
başga kimersäni, patyşanyň hyzmatynda gezip ýören kenizeklerden birini syrtyma mündürip goýberen bolmasa ýagşy. Gel-ä
şu ýerde janymy barlagaýyn-la – diýip, Sona gelni ýorganyň
syrtyndan alyp, ýerde oturdyp, baýaky ýüzündäki perdeleri bir-birden aýyrmaga başlady. Sekiz gat perdäni aýryp, dokuzlanjy
gata gezek gelende, Elbendiň gözi gamaşdy duruberdi. Ýüzi
on dördi gijäniň aýy kimin, bir gijäniň daga düşen bölek-bölek
gary kimin, ýaňaklary gunça kimin, mämmeleri tüňçe kimin,
kepder topukly, maral ýörüşli, täze helal gaşly, merwerit dişli,
dawut towuşly, bernaý, hoşroý, taryp edip aňyrsyna çykar ýaly
däl. Elbent: «Alla janym, munuň Sona diýen-ä rast boldy. Öz
wagtyhoşlugy bilen berse, bir posa diläýin, bermese, gaňyryşyna gitmäýin» diýip, Elbent bagşy elinde sazy, dilinde sözi,
daň säher çagy Sona gelinden posa diläp, bir bäş keleme söz
diýse gerek:
Gel, perim, gideli gülşen seýline,
Bilbil ürküşmesin, gül ynjamasyn.
Össe bady-saba zülpüň meýline,
Bir moý aýrylmasyn, tel ynjamasyn.
22

Ugruňda giderdi şems ile kamar,
Zülpüňe sepilmiş müşk ile anbar,
Kaddyňa ýaraşar murassag kemer,
Bile baglaganyň, bil ynjamasyn.
Gujaklaşyp, gol salyşyp gitmedim,
Rakyplaryň täne sözün etmedim,
Arman köpdür, gije-gündiz ýatmadym,
Edep bilen uzan gol ynjamasyn.
Bagynda bitendir bakjaly-bary,
Bol olar, tirerler alma-enary,
Isteseň, taparsyň söýgüli ýary,
Ile baryp gelen ýol ynjamasyn.
Elbendi köýüňden tapyp howaýa,
Ýüzüňi ogşatdym şems ile aýa,
Lebiňden posa ber men binowaýa,
Dodak deprenmesin, dil ynjamasyn.
Elbent bu gazalyny tamam edenden soňra Sona gelniň perdelerini jaýma-jaý goýup, ýorganyň syrtyna mündürip, ilatynyň
çetinden ýetip bardy. Patyşaga söýünjiläp adam iberdi. Patyşa öň barana at mündürdi, soň barana don geýdirdi, kyrk
gije-gündiz toý etdi. Kyrk gije-gündizlik toýuny sowup, Elbent
bagşy bilen Sona gelni bir-birine gowşurdy. Ikisini bir ak öýe
saldy. Bular maksat-myradyna ýetdiler.
Aradan birnäçe wagt geçdi. Baýaky ýedi aýlyk Nejep ýedi
ýaşady, günlerde bir gün atalygy Elbent bagşy ony molla berdi.
Ony Elbent molla eltip berse, günortana galman gaçyp gelýär.
Günortan eltip gelse, peýşine galman gaçyp gelýär. Şondan
soň Elbent:
– Eý, bidöwlet oglan! Sen okap kazy bolasyň ýok, sakydyň-a
başymdan sowuldy, şu gün şu ýorga ýadap geldi, gün batan soň,
ýorganyň ot-iýmini berip, päkize bejerip, arkalap goýaweri,
oglum – diýip tabşyryp, nirädir bir ýere gitdi.
23

«Ajap bolýar, ata» diýip, galyberdi oglan. Oglan aşyk oýnady, çilik oýnady, enesiniň goýnuna girip, ukyny urdy, ertir
turup, ýene oýnamaga başlady.
Habary kimden al, Elbent bagşydan al. Ol ertesi giden ýerinden gaýdyp gelse, ýorga sereden kişi bolmandyr, ýorganyň
içi aç, ilmek ýaly bolupdyr. Görse, Nejep oglam oýnap ýör.
Elbent: «Eý, Nejep jan, oglum, bäri gel» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Nejep jan ýüwrüp geldi. «Eý, Nejep, oglum, şu
ýorgany biri bir ýana münüp geldimi, ýa bolmasa-da özümiň
goýup gidişimmi?» diýdi. Nejep jan ýalan sözlemäniň ugruny
tapman: «Eý, ata, men hemişe ýorga bakýarmydym, öz goýup
gidenjigiňdir» diýdi.
– Eý, bidöwlet oglan, meniň özümden önen perzent bolanyňda beýle etmezdiň – diýdi, oglanyň ýakasyndan tutup, her
ýaňagyna bir şapbat urdy. Oglanyň gözünden ýalpyldap ot
çykdy. Oglan zordan özüni enesiniň ýanyna gaçyp atdy.
– Eý, bidöwlet oglan, sen eneňi arka tutunar bolduňmy?
– diýip, Elbent bagşy eline ilen bir tal çybyk bilen oglanyň
ýagyrnysynyň üstüne ikisini saldy. Oglan syçrap-syçrap bökdi.
Elbent bagşy gaharyna çykyp gidiberdi.
Habary kimden al, Nejepden al. Ol enesiniň ýakasyndan
alyp: – Eý, ene, şu bidöwlet bagşy meniň çyn atammy ýa ýalan
atammy? – diýip sorady.
Enesi:
– Eý, oglum, seniň çyn ataň bolanda, ol öz perzendini beýle
awundyryp urmazdy – diýdi.
– Eý, ene jan, meniň çyn atam nirededir?
– Seniň çyn ataň Genje-Garabagyndadyr, ol patyşanyň weziridi, seniň ataň dünýäden ötdi, bu bagşy nesip bolup bizi alyp
gaýtdy.
– Eý, ene, men başym ýaş bolsa-da, könelerden eşidýärin,
şu ýanda Aşygaýdyň diýen bir pir barmyş, şoňa kim ýedi ýyl
hyzmat etse, myrady hasyl bolarmyş, men şoňa ýedi ýyl hyzmat
edip, bagşy bolup gelip, şu bagşy bilen aýdyşyp, ýeňip arymy
almasam, bolmaz.
24

– Eý, oglum, bu bagşy patyşanyň uly bagşysydyr, munuň
öňüne bagşy çykmaz.
– Eý, ene, äriňi kän magtaberme, gözünem oýsa bolar.
Görse, oglanyň çyny, hökman gitjek. Ene-ogul ikisi ýakalaşa-ýakalaşa galanyň agzyna bardylar. Şol wagt galadan bir
topar kerwen çykyp barýardy. Sona gelin olara ýüzlenip:
– Eý, kerwenler, nirä barýarsyňyz? – diýip sorady.
– Genje-Garabagyna barýas.
– Genje-Garabagyna barýan bolsaňyz, meniň şujagaz oglum
Aşygaýdyň pire hyzmat etjek bolýar, muny ýolda şoňa tabşyryp
gidiň – diýdi. Kerwenler:
– Ajap bolýar, ogluňy taşla düýäniň üstüne, özümiz hem
Aşygaýdyň piriň jaýyna düşüp ötýäris – diýdiler. Sona gelin
ogluny düýäniň üstüne mündürdi. Birnäçe günler ýol ýöräp,
kerwenler Aşygaýdyň piriň saraýyna düşdüler. Olar Aşygaýdyň
pire getiren berim-peşgeş, nezir-niýazlaryny berdiler. Soňra:
– Eý, pirim, size bir hyzmatkär oglan hem alyp geldik –
diýdiler. Aşygaýdyň:
– Baryň, alyp geliň, göreýin – diýdi. Kerwenler oglany
Aşygaýdyň piriň ýanyna getirdiler. Pir: – Eý, oglum, mahlasyň
näme? – diýip sorady. Nejep jan bolsa: «Eý, pirim, mahlasym
bagşy bolmak» diýdi.
– Bagşy boljak bolsaň, aşhanadaky oglanlar näme iş etse,
sen hem şonuň bilen boluber.
Nejep jan şunlukda Aşygaýdyňyň hyzmatynda geziberdi.
Aýdan aý, günden gün geçdi. Günlerde bir gün oglan ir säherden ukudan oýandy. Ol:
– Alla janym, men ýalaň aşyň yssysy barka ýetibilmeýärin. Şu gün aşyň yssysy barka ýetip bolmazmyka? – diýip,
irden turup oduna gidiberdi. Munuň edýän bar pişesi günde
bir arka odun çöpläp getirmekdi. Ol odunyny göterip ýadap
gelýärdi. Öňünde bir ýapgydrak depe peýda boldy, Nejep şol
ýerde: «Alla janym, birje sagat demimi alagaýyn» diýip, odunyna arkasyny berip oturdy. Oturan ýerinde gelen gününi hasap
etdi, hasap etse, ýedi ýyl ýetip, sekizlenji ýyla gadam basypdyr.
«Alla, men enemiň gargyşyna galdym gerek, gitme diýende
25

gaýtdym» diýip, odunyna söýenip, aglamaga başlady. Şol aglap
oturyşyna gözi gaflat uka gitdi. Düýşünde kyrk erenler jem
bolup, oglanyň töweregini gurşap oturdylar. Kyrk erenleriň her
haýsysy oglana bir käse – bir käse şerap berdiler. Aşygaýdyň
piriň özi hem gelip, bir uly käse şeraby dolduryp oglana berdi,
munuň bilen kyrk bir käse şerap boldy. Oglan ýalpa gözüni
açsa, pir-de ýok, peşwar-da ýok. Oglan sag eliniň başam barmagynyň dyrnagynyň ýüzüne seretse, arşy-kürsi on sekiz müň
älem oglanyň dyrnagynyň ýüzüne ýazylyp dur. Oglanyň ökjesi
ýeňläp, oduny göterip gaýdyberdi. Getirip, oduny aşhananyň
törüne düňküldedip urdy. Piriniň ýanyna bardy.
– Eý, pirim, towşana dogduk depe diýýänleri, rugsat berseň,
ýurduma gaýdýaryn.
– Eý, oglum, ýedi ýyl hyzmat bitirdiň, ýedi ýyllap saňa aýdym-saz öwretsem gerek.
– Eý, pirim, aýdymy-da özüm bilerin, sazy-da, rugsat berseň
bolýar.
– Eý, oglum, aýdymy-sazy özüň bilýän bolsaň, piriň senden bir näçe sowal sorar, şolara jogap berseň, rugsat bererin,
bolmasa saňa asla rugsat ýok.
– Pirim, tiz sorawer.
Aşygaýdyň pir şu ýerde oglandan sowal sorar, oglan jogap
berermi-bermezmi, bir bäş keleme söz aýdyşsa gerek:
Aşygaýdyň:
– Ol ne dagdyr, gary gitmez, erimez?
Ne derýadyr, dolar-daşar, ýörimez?
Ne sakydyr, ölmez-ýitmez, garrymaz?
Ne kerwendir, münmeý hatar ider deý?
Nejep:
– Kap dagynyň gary gitmez, erimez,
Köňül-derýa, dolar-daşar, ýörimez,
Hakyň özi ölmez-ýitmez, garrymaz,
Jan bir kerwen, münmeý hatar ider heý.
26

– Ol nedir, kim, husny sapa çoh olur?
Ol nedir, kim, gün çykansoň ýok olur?
Ol nedir, kim, atylmaýyn ok olur?
Ne kemandyr, gol degmeýin dolar heý?
– Melaýyklar husny sapa çoh olur,
Gün çykansoň, ol ýyldyzlar ýok olur,
Ol kirpikdir, atylmaýyn ok olur,
Gaş bir keman, gol degmeýin dolar heý.
– Ol nedir, kim, ýer ýüzünden akynan?
Ol nedir, kim, ýerden göge bakynan?
Ol nedir, kim, merdiwana çykynan?
Ol nedir, kim, pelle-pelle iner heý?
– Ol suw bolar ýer ýüzünden akynan,
Oglanlygam ýerden göge bakynan,
Ýigitlik bir merdiwana çykynan,
Garrylyk bir pelle-pelle iner heý.
– Aşygaýdyň, näler gezer howada?
Kimiň adyn okaýarlar dowada?
Ol ne guşdur, mesgen tutmaz bu dagda?
Ne saýýatdyr oňa albaý bular heý?
– Nejep aýdar, köňül gezer howada,
Hakyň müň bir ady ýatyr dowada,
Jan bir guşdur, mesgen tutmaz bu dagda,
Ajal – saýýat, oňa albaý bular heý.
Bular sözlerini gutardylar. Aşygaýdyň:
– Eý, oglum, bujagaz jogabyňdan jogap bolmaz, muny aşhanadaky dogmalaryň baryjygy bilýändir, muny şolardan ýat
alansyň, piriň senden gaýtalap ýene bir näçe sowal sorar, şoňa
jogap berseň, rugsat ederin, bolmasa, saňa asla rugsat ýokdur
– diýdi. Oglanyň ýüregi jaýly: «Sora, pirim, sowalyň bolsa»
27

diýdi. Şol wagtda Aşygaýdyň pir gaýtalap sowal sorar, Nejep
jan sowalyna jogap berermi, bermezmi!
Aşygaýdyň:
– Ol nedir, kim, iki başly,
Parasy bar, çäresi ýok?
Ol nedir, kim, bäş ýüz ýyllyk,
Menzili bar, arasy ýok?
Nejep:
– Bu dünýä bir iki başly,
Parasy bar, çäresi ýok.
Ýer bilen gök bäş ýüz ýyllyk,
Menzili bar, arasy ýok.
– Ol ne meýlisdir araksyz?
Ol ne möwsümdir oraksyz?
Ol ne kitapdyr waraksyz,
Galamy bar, garasy ýok?
– Hakyň meýlisi araksyz,
Ajal möwsümi oraksyz,
Jebraýyl özi waraksyz,
Galamy bar, garasy ýok.
– Ol nedir, bile bitişen?
Biri-birinden ötüşen?
Ol nedir, rysgy ýetişen,
Uçmaga mydarasy ýok?
– Aý, gündür bile bitişen,
Biri-birinden ötüşen,
Symrugyň rysgy ýetişen,
Uçmaga mydarasy ýok.
28

– Ol nedir, kim, mälär geçer?
Dagy-daşy ýalar geçer?
Ol nedir, kim, diler geçer,
Gany akmaz, ýarasy ýok?
– Ol bulutdyr, mälär geçer,
Dagy-daşy ýalar geçer,
Ýaman sözdür, diler geçer,
Gany akmaz, ýarasy ýok.
– Aşygaýdyň bolsa hajy,
Ol ne iýmiş, bolmaz ajy?
Ol nedir, kim, bar alajy?
Ol nedir, kim, çäresi ýok?
– Nejep aýdar, bolman hajy,
Jan iýmişi bolmaz ajy,
Barça işiň bar alajy,
Şum ölümiň çäresi ýok.
Bular sözlerini gutardylar. Aşygaýdyň pir Nejebe garap:
– Oglum, sen maksadyňa ýeten ekeniň, bagşy bolan ekeniň
– diýdi. «Jogap bermen» diýse, gorkup oturan Nejep «Bagşy
bolan ekeniň» diýenden ökjäni göteriberdi. Aňyrrak baryp:
«Alla, pirime men biedep bolan ekenim» diýip oýlandy, ýene
piriniň ýanyna gaýdyp gelip, «Eý, pirim, meniň günämi öt»
diýdi.
– Oglum seniň ne günäň bar, günäňi ötdüm.
– Meniň günämi öten bolsaň, pirim, maňa asmandan inen
gara dutaryňy berseň, ak pataňy berseň.
– Oglum, asmandan inen dutar arkaky hüjräniň burçunda
durandyr, bar, meniň ýanyma alyp gel, kirişi sazmy, perzesi
jaýmy, men bir görüp bereýin – diýdi. Oglan begenjinden ýüwrüp-ýortup, derrew ol dutary piriniň eline getirip berdi. Piri
dutary görüp:
29

– Eý, oglum, dutaryň-a saz eken, öz dutaryň bilen özüňe bir
nesihat bereýin» diýip, bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak,
näme diýer:
Sen baraňsoň, şa islemiş Elbendi,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Tekepbirlik goç ýigide har getir,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna,
Altyn jygasyny sanjar başyňa,
Özüňden ýaşula, deňi-duşuňa,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Zamana beýledir, niçik zamana,
Indi seni hak saklasyn amana,
Özüňden gaýryga, ýagşy-ýamana,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Aşygaýdyň aýdar, magrypet şuldur,
Şerigat-tarykat bir dogry ýoldur,
Menden saňa soňky nesihat oldur,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Aşygaýdyň sözüni tamam edenden soň Nejep jana:
«Ýoluň ak bolsun, baran ýeriňde ýurt alasyň» diýip, ak
patyýasyny berdi.
Habary kimden al, Nejep jandan. Nejep jan ýola rowana
bolup, çykyp gidip barýardy. Ol bir kentiň gapdalyndan ötüp
barýardy, ol kentden eline bir sanaç un alyp, bir çory çykdy
hem: «Eý, Nejep jan, bäri dur» diýdi.
Onda Nejep jan: «Habaryňy ber, çory» diýdi.
– Habarymy bersem, Nejep jan, ýolazyk gerek bor, şujagaz
uny al-da ýöriber, gerekli daşyň agramy ýok diýenleri diýdi.
Muny Nejep jan makul bilip, aldy-da, sanajy arkasyna atdy-ýö-
30

riberdi. Birnäçe günläp ýol ýöräp barýardy. Yzyndan bir hatar
kerwen ýetdi, Nejep olara salam berdi. Salamyny aldylar.
Nejep:
– Eý, agalar, men ýadap gelýärin, meni birje zaman düýäňize
mündürip, aýagymy sowatsaňyz näder? – diýdi.
– Eý, oglan, seni mündürere halymyz ýok, düýämiziň ýüki
agyr – diýip, oglanyň deňinden şaglap ötüberdiler.
Nejep:
– Eý, agalar, eýsem, meniň şujagaz unumy alyp gidiň – diýdi.
– Unuňy alyp gitsek, özüň aç ölüp galmazmyň?
– Siz ganat baglap uçup gitjekmi, ýa her ýerde menzil söküp
düşüp gitjekmi?
– Düşüp gitjek.
– Her düşen ýeriňizde ot ýakarsyňyz, oduňyzyň teýine ýumruk ýaly hamyry ýassylap taşlap ýöriberiň, men yzyňyzy yzarlap, tapyp alyp, iýip, owkat-güzeran edip barsam gerek – diýdi.
Kerwenler muny makul bilip, uny alyp ýöriberdi. Her düşen
ýerlerinde ot ýakýarlar. Oduň teýine ýumruk ýaly hamyry ýassylap gömdüler-de ýöräberdiler.
Indi habary kimden al, Nejep jandan al. Ol kerweniň yzyny
yzarlap, külüň teýinden hamyry agtaryp alyp, ýary ýanan, ýary
çig çöregi iýip, birnäçe günläp owkat-güzeran edip barýardy. Birden oglanyň gözi bir agaçlyga düşdi. Ol «Eý, hudaýym,
maňa-da bir agajyň garasy görünme bar eken» diýip, ökjesi
ýeňläp barýardy. Ol agaçlykdan bir ýorgaly çykdy. Görse, iýermende-içermende zat ýok. Ýorgaly deňine geliberende Nejep:
«Aga, salawmaleýkim» diýdi. Ýorgaly oglanyň salamyny içinden almasa, daşyndan almady. Ýorgaly aňyrrak baryp, yzyna
öwrülip, Nejebe seretdi, görse, oglanyň arkasynda dutary bar.
«Alla janym, şu bidöwlet ýöne-möne oglan däl-ow, şunuň birje habaryny alyp iberäýeýin-le» diýip, ýorgaly yzyna öwrülip:
«Oglan, bäri dur, habaryňy ber» diýdi.
– Menden habar iberipmidiň, ýaňy taňry salamyny alaňokdyň?
– Bolsa-da, oglan, gelşiň nireden?
– Gelşim Aşygaýdyň pirden.
31

– Aşygaýdyň pire ne maksat bilen barypdyň?
– Bagşy bolmaga barypdym.
– Bagşy bolduňmy?
– Bagşy boldum.
– Bagşy bolan bolsaň, bäri dur, taýyn uruş diýenleri, Aşygaýdyň piriň senden owalky çykaran şägirdi biz bolarys. Biz
senden bir sowal sorarys, sowalymyza jogap berseň-ä bagşy
bolanyň, eger-de jogap beribilmeseň, bizde-de ýedi ýyl hyzmat
edip gitseň gerek.
– Soraberiň, halypa, sowalyňyz bolsa.
Ýaňky ýorgaly Nowruz kyrk käse şerabyň garasyny gören
ekeni, ýöne özüni içebilmän ekeni.
Ol: «Bu näden şeýle boldy?» diýip, Nejep jandan sowal
soraýar. Nejep jan hem sowalyna jogap berýärmi-bermeýärmi,
şu ýerde halypa Nowruz bilen Nejep jan ikisi ýoluň üstünde
bir bäş keleme söz aýdyşar gerek.
Nowruz:
Bizden salam bolsun gardaş Nejebe,
Ganatlanyp uçabilmen, bu nedir?
Alnym alyp duran nije ýagydyr?
Gözüm görüp, gaçabilmen, bu nedir?
Nejep:
– Halypam Nowruz, pirden rugsat almasaň,
Ganatyň ýetirip, uçabilmersiň.
Alnyň alyp duran ajal ýagydyr,
Gözüň görüp, ondan gaçabilmersiň.
– Ne jemaldyr, ne şöhledir, ne tapdyr?
Ne galadyr, bir lahzada harapdyr?
Ne derýadyr, ne ummandyr, ne abdyr?
Katrasyndan içebilmen, bu nedir?
32

– Hakyň jemalyny görseň ne tapdyr,
Bir köňül ynjytsaň, Käbe harapdyr,
Hakykat ummandyr, tarykat abdyr,
Şerigat şertinden geçebilmersiň.
Jebraýylyň durduk ýeri nirede?
Onuň bilen kimler tapdy erada?
Bir tilsim, bir nokat bardyr arada,
Okymyşam, seçebilmen, bu nedir?
– Jebraýyl durdugy hakyň ýerinde,
Dört perişde mukarredir derinde,
Üç ýüz altmyş kitap pirler elinde,
Okymaý, manysyn seçebilmersiň.
– Ol nedir, kim, iýmeý-içmeý doýdular?
Ol nedir, kim, ýuwmadylar, goýdular?
Ol nedir, kim, dirileýin soýdular?
Bu ne syrdyr, açabilmen, bu nedir?
– Melaýyklar iýmeý-içmeý doýdular,
Ol Musany ýuwmadylar, goýdular,
Nesimini dirileýin soýdular,
Halypam, bu syry açabilmersiň.
– Nowruz aýdar, ajdarhany demime
Ýudaý edim, çekeý edim kämime,
Bir meýdirki, doldurdylar jamyma,
Katrasyndan içebilmen, bu nedir?
Nebsiň aždarhadyr, hyýalyň hamdyr,
Nije kim saklasaň, bilgin kelamdyr,
Nejebiň içdigi kyrk-da bir jamdyr,
Tä rugsat bolmaýyn, içebilmersiň.
Bular sözlerini tamam etdiler, Nowruz Nejebe garap: «Us33

sadyňa rähmet, oglan, bagşy bolan ekeniň» diýdi. Ondan soň
Nowruz hem, Nejep jan hem öz ýollary bilen gidiberdiler.
Habary kimden al, Nejep jandan al. Ol birnäçe günläp ýol
ýöräp barşyna daň säher çagy bir serhowzuň başyna ýetip,
aýak çekdi. Görse, bir sapaly jaý, gumrular owaz edip, bilbiller
jak-jak urup, bulaklar her tarapa akyp barýar. Nejep: «Alla
janym, birje sagat demimi alyp, soňra ýöribersem bolmazmy?»
diýip, pikir etdi. Ol serhowzuň suw alynýan tekjegine girip,
baýaky ýary ýanan, ýary çig çöregini suw bilen huruş edip
iýmäge başlady, çöregini iýip bolup, suwy aşak-ýokary zyňyp,
oglanlygyny ýat edip, oýnamaga durdy. Şol oýnap oturyşyna
namaz wagty boldy. Howzuň kybla tarapyna seretse, bir bölek
çarwanyň küren obasy eken. Ol çarwa obasyndan elinde ak
kündükli gelin suwa baka ýöredi. Suwuň başyna geldi, onuň
gözi bir ýalkyma düşdi. «Alla, bu ýalkymyň hi bir eýesini tapmak alajy bolmazmyka?» diýip, daşyna aýlanyberdi. Howzuň
daşyna üç-dört aýlandy, ýalkymyň deregini tapmady. Ondan
soňra agaçlaryň arasyny bir-birden gözlemäge başlady. Şol
wagt gün dogdy, guşluk galdy. – Alla, men bir baýyň töründe
oturan gelni bolsam, «gideniň namaz wagtydy, guşluk galdy, şu
wagta çenli näme işlediň?» diýseler, men näme jogap bererin,
suwumy alyp gaýdaweräýin – diýip, suw alynýan tekjege girse,
şol ýalkym aýagynyň aşagynda peýda boldy. Gelin oglanyň
egniniň üstünden kündügini sallaberdi. Şol wagtda oglan gelniň ýüzüne bakdy. Şol wagtda gelin oglany şapba bir ogşady.
Bu ýanyna bakdy, bu tarapyndan ýene ogşady. Ýaňagyna sowuk agyz degmedik oglan zöwwe ýerinden turuberdi. Gelin
«Kündük bolsa hiç ýana gitmez» diýip, kündügi howzuň içine
oklap, oglanyň egnine hopba bolup duruberdi. Nejep: «Alla,
bu meniň başyma inen bir towky boldy how, muny bir aýyrmanyň alajy bolmazmyka?» diýip, iki dyzyna darak urup, eglip,
gelni silkip goýberdi. Bihabardan duran gelin suwa garşy başaşak ýok bolaýdy. Nejep jan: «Alla janym, men gelip-gelip
şu ýerde gandar bolaýjag-ow» diýip pikirlendi, oglany howp
basdy. Bir mahaldan howzuň kybla tarapyndan gelniň her omzy ýumruk ýaly gök laýy göteriň turdy. Özüne mälim: ýazyň
34

güni, ýuka köýnek, daraýy köýnek, öl bolan köýnek gelniň
endamyna syrlaşyp ýapyşypdyr. Oýy-oý, ýumrusy-ýumry, käse-käse, akyn-çukun bolup barýar. Nejep jan muňa seredip
gülýär. Muňa gelniň gahary gelip: «Eý, bidöwlet oglan, sen
meni şeýder gidermiň?» diýip, düşdi onuň ökjesine, oglany
kowalap, howzuň daşyndan üç-dört gezek aýlady. Nejep jan
kowalap gelýän gelne ýetdirmän, bir depäniň üstüne çykyp
üýşerlip oturberdi. Şonda gelin: «Eý, bidöwlet oglan, sen maňa ýetdirmediň, çarwa jahylyndan üç-dört sany dehenek jahyl
tapmarynmy?» diýip, öýüne ylgady. Özem şol barýan ýerinde:
«Eý, hudaýym, öýde adam ýok bolaýsa ýagşydyr» diýip, hudaýy
çagyryp barýardy. Görse, hemme kişi işli işine dargaşyp gidipdir. Gelin öl bolan geýimlerini çykaryp goýup, gury geýimlerini
geýip, daşary çyksa, üç-dört sany ýigit otyr. Öňlerinde üç-dört
sany çukalak. Çukalagyň içinde üç-dört sany gumalak, oýun
oýnap otyrlar. Biri «Bogaz boldy» diýýär, biri «Guzlady» diýýär.
Gelin bularyň oýnuna seredip durdy, emma bogaz bolup, garny
gabany ýok, guzlap, biri iki bolanam ýok. Gelin gumalaklary
aýagy bilen kakyp iberdi. Ýigitler: «Eý, pylan baýyň gelni, sen
däli bolduňmy, biziň oýnumyzy bozýarsyň?». diýdiler.
– Şundan hem bir oýun bolarmy, bogaz boldy diýýärsiňiz,
garny gabarany ýok, garny gabardy diýýärsiňiz, biri iki bolany
ýok.
– Aý, bir oýundyr-da, bir güýmenmedir-dä, haçandan bäri seniň didaryňa muşdak bolup, görüp bilmän ýördük, özüň
ýagşy geläýdiň – diýip, ol ýigitleriň tüýsi üýtgäp, bu gelniň
alkymyna girip, haşlaşyberdiler. Gelin bularyň tüýsüniň bozulanyny bilip: «Eý, ýigitler, men size bir täze oýun tapyp geldim»
diýdi. Onda bu ýigitler «Nirede?» diýip soradylar. Gelin: «Pylan baýyň serhowzunyň başynda bir käkil pereň oglan bar,
dembe-demden şony alyp geliň. Men öýe baraýyn, ot ýakaýyn,
çilimi, çaý-temmäkini taýyn edeýin» diýdi. Ýigitler «Nirede ol,
hany, nirede?» diýip, düňküldeşip ugraberdiler. Bulara Nejep
janyň gözi düşdi. Ol: «Alla janym, şol gelin hossarlaryna habar
berip, bulary iberipdir-ow, indi meni öldürerler» diýip gorkup,
olaryň garasyny görenden: «Agalar, salawmaleýkim» diýip gy35

gyrdy. Munuň salam-aleýgine kim gulak asdy. Iki elinden iki
adam, iki aýagyndan iki adam tutup, dördörme edip, göterip
ýöriberdiler. Şol barşyna Nejep jan baran ýerinde: «ýa suw,
ýa saman, ýa garaman, ýa güjüm, ýa bir ýumşagrak ýer» diýip
bir toklusy ýok ýerden, demi saýy bir janlyny hudaýýoly aýdyp
barýar, şol barşyna Nejep jany bir ak öýüň içine eltip goýdular.
Ondan soňra ýigitler: «Eý, oglan, sazandamysyň, bagşymysyň,
arkaňda dutaryň bar?» diýip soradylar. Onda oglan gorkusyna
«Eý, agalar, meniň ýaly bagşy, sazanda jahan älemine gelmez»
dýýdi. Ol wagtda bu ýanyndan biri çykyp: «Al eliňe sazyňy»
diýdi. Nejep jan: «Ajap bolar» diýdi, gamyş kimin galdyrap,
piriniň beren gara dutaryny sazlap düzüp çalmaga aýlanyşdy.
Indi habary kimden al. Baýaky Nejep jany kowalan gelinden al. Onuň otuz çemesi gelin-gyz deň-duşy bardy. Olaryň
barysy Nejep janyň saz çalyp duranyny görüp, onuň daşyna
ýygnandylar. Gelinler bir-birlerine: «Eý, gelinler, şu oglanyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Nejep oglan - 3
  • Parts
  • Nejep oglan - 1
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 1820
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 2
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1794
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 3
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 1778
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 4
    Total number of words is 2269
    Total number of unique words is 1275
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.