Latin

Nejep oglan - 1

Total number of words is 3518
Total number of unique words is 1820
32.0 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

NEJEP OGLAN
dessan
NEJEP OGLAN
(DESSAN)
«Türkmenistan» neşirýaty,
Aşgabat, 1977
«Nejep oglan» dessany awtory näbelli dessanlaryň biridir.
Bu dessanda bagşylar sungatynyň dowam edişi, halk arasyna ýaýradylyşy, onuň jadylaýjy nepis ýollary hakynda gürrüň
berlip, oňa halk köpçüliginiň we agalyk ediji toparlaryň garaýşy
çeperçilik bilen beýan edilýär.
Waka esasan Elbent we Nejep diýen bagşylaryň gatnaşmagynda dowam edýär.
Dessanyň bu neşiri belli bagşy Mämmedanna Sopyýewiň
dilinden ýazylyp alnan nusga esasynda çapa taýýarlandy.

Çapa taýýarlan K. Seýitmyradow
Redaktor D. Haldurdy
Suratçy A. Agaýewa
Surat redaktory D. Mämijikow
Tehnik redaktor T. Keçäýewa
Korrektor O. Ýowyýew

Ýygnamaga berildi 12.04.1976.
Çap etmäge rugsat edildi 13.12.1976.
PDF-a geçirildi 21.01.2018.

«Türkmenistan» neşirýaty, 1976
Mazmuny
I
Sözbaşy
1
II
Nejep oglan
13
III
Sözlük
66
ii

SÖZBAŞY
Awtorynyň kimdigi barada ynançly maglumat bolmadyk, bir
eýýämden bäri bagşylaryň repertuaryna girip, diňe şolaryň
ýatdan aýtmaklary arkaly biziň günlerimize gelip ýeten eserleriň biri-de «Nejep oglan» dessanydyr.
«Nejep oglan» dessanynyň teksti 1939-njy ýyldan başlap,
aýry-aýry bagşylaryň dilinden ýazylyp alynýar. Häzir biziň
elimizde dessanyň köneürgençli bagşylar: Mämmedanna Sopyýewden, Nury Halykowdan, Artyk Durdyýewden, tagtaly
bagşylar: Öre Seýitmädowdan, Öre Käbäýewden, Gylyç Ödäýewden ýazylyp alnan doly wariantlary bar. Dessanyň ähli
wariantlarynyň sýužet ýordumynyň birmeňzeşräk bolmagyna
garamazdan, olaryň her birinde dürli häsiýetdäki tapawutlara-da duş gelinýär:
Bar wariantlar ilki bilen möçber tarapdan tapawutlanýar.
Şygyr setirleriniň sanynyň köplügi boýunça Mämmedanna Sopyýewiň warianty birinji orunda, Nury Halykowyňky ikinji,
Öre Käbäýewiňki üçünji, Öre Seýitmädowyňky dördünji, Artyk Durdyýew bilen Gylyç Ödäýewiňki bolsa soňky orunlarda
durýarlar.
Eserde duş gelýän geografik atlar dürlüçe berilýär. Mämmedannanyň wariantynda Soltanesen patyşanyň hökümdarlyk
edýän ýurdy «Ýemen ili» bolsa, Nury bagşy hem Öre Käbäýewiňkide «Harazmin welaýaty», Öre Seýitmädowyňkyda «Ziýar
welaýaty», Artyk bagşynyňkyda «Müsür ýurdy» diýlip görkezilýär.
Nury hem Artyk bagşynyň wariantlarynda patyşanyň ady-da üýtgeşik gelýär (Mämmetsöýün, Mämmedesen).
Wariantlaryň ählisinde Nejep Aşygaýdyňyň ýanyna aýdym-saz öwrenip, atalygyny ýeňmek üçin gidýän bolsa-da, Nury
1

hem Artyk bagşynyň wariantlarynda hiç hili aýdyşyk, güýç synanyşma ýok. Nejep tötänden patyşanyň serpaýyna mynasyp
bolýar. Elbent bolsa diňe garrylygy zerarly köşkden kowulýar.
Wariantlaryň köpüsinde Nejep ýeke özi bir çatmada ýaşaýan kempiri Sona üçin sawçylyga ýollaýar, Elbendiň şol kempire ýüzlenip aýdan «Dünýädir» şygry diňe Nury bagşynyň
wariantynda duş gelýär. Genje-Garabagda Elbendiň Sona bilen aýdyşygy, Sonanyň Elbent bilen gaýdan wagtynda ýurdy
bilen hoşlaşyp aýdan «Daş galdy» şygry Nury bagşyda, Elbendiň Sonany getireninden soň Soltanesen patyşadan rugsat
sorap aýdan «Bäş günden bir» şygry Nury hem Artik bagşyda,
Nejebiň Aşygaýdyň bilen aýdyşygy («Habar ber – Şeýledýr»)
Nury bagşyda, Nejebiň Soltanesen patyşa ýüzlenip aýdan «Hak
salamyn aldyňyzmy?» şygry diňe Nury bagşyda, Nejebiň Mylaýyma ýüzlenip aýdan «Oýan indi» şygry diňe Nury hem Artyk
bagşyda duş gelýär.
Dessanyň wariantlary aýry-aýry şygyrlaryň bir bagşynyň
wariantynda bolup, beýlekisinde ýoklugy bilen tapawutlanman, şol bir şygryň özi bent sanlarynyň az-köplügi, bentleriň,
setirleriň many tarapdan başga-başgalygy bilen-de tapawutlanýarlar.
Dessanyň personažlarynyň biri bolan Ahmet begiň kimdigi
barada hem dürlüçe maglumat berilýär. Ol Nury bagşyda
«patyşanyň baş wezirleriniň biri», Mämmedanna bilen Gylyç
Ödäýewde «patyşanyň inisi», Öre Seýitmädowda «bir şäheriň
baştutany», Artyk bagşyda «Mylaýym hanyň daýysy» diýlip
görkezilýär.
Dessanyň wariantlarynda Nejebiň ölümden halas edilişi-de
dürlüçe berilýär. Mämmedanna, Öre Käbäýew, Öre Seýitmädowda ony Ahmet serdar halas edip, aşyklary öz ýurduna alyp
gidýän bolsa, Nury Halykow bilen Artyk Durdyýewiň wariantlarynda Nejebiň ölüme höküm edilmegine sebäp bolan Abadan
kempiriň hilesi paş edilip, aşyklary hut patyşanyň özi maksatlaryna ýetirýär.
«Nejep oglan» dessanynyň bize belli wariantlarynyň möçber taýdan has ulusy, ideýa-çeperçiligi taýdan has oňady Mäm2

medanna Sopyýewden (1884-1944) ýazylyp alnan wariantdyr.
Bagşy maşgalasyndan çykan Mämmedanna diňe bir öz raýonynda däl, Ahal töwereklerinde Gara oglan ady bilen, Garagalpagystanyň aýry-aýry ýerlerinde Ýomut bagşy ady bilen
oňat tanalypdyr. Döwrüniň belli bagşysy Sopy bagşy Mämmedanna ýaş çagaka aradan çykypdyr. Mämmedanna ilkinji
bagşyçylyk tälimini öz agasy Kakyş bagşydan alypdyr.
Mämmedanna «Hüýrlukga – Hemra», «Şasenem – Garyp»
dessanlaryny, «Görogly» eposynyň käbir şahalaryny bilen hem
bolsa, onuň toýda-tomaşada iň köp aýdýany «Nejep oglan»
dessany eken.
Belli saz öwreniji W. Uspenskiý 1926-njy ýylyň aprel aýynyň
26-synda şol wagtlar Tagta raýonynda ýaşan Mämmedanna
bagşy bilen duşuşypdyr hem onuň ýerine ýetirmeginde «Taý
atym, gel», «Goşa dest», «Aýralyk», «Buzly» aýdymlaryny nota
geçiripdir.
«Nejep oglan» dessany N. Hojaýew hem P. Agalyýew tarapyndan çapa taýynlanyp, ilkinji gezek 1943-nji ýylda neşir
edilipdir. Dessanyň neşir edilmegi edebiýat jemgyýetçiliginiň
arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Meşhur alym professor
Ý. E. Bertels bu dessana bagyşlap, «Nejep oglan» şahyr hakdaky türkmen romanydyr» (1946 ý.), «Şahyr hakda türkmen
poemasy» (1947 ý.) atly makalalaryny ýazypdyr. Soňra S. Gutlyýewa «Nejep oglan» dessanyna bagyşlap, ýörite dissertasion
iş ýazdy.
Dessan ikinji gezek B. Ahundow tarapyndan çapa taýynlanyp, 1960-njy ýylda neşir edildi. Emma bu neşirleriň ikisi-de
belli bir wariantyň esasynda däl-de, dürli wariantlaryň gatyşdyrylmagy netijesinde düzülen tekstlerdir.
Dessanyň eliňizdäki şu neşiri bolsa diňe Mämmedanna
Sopyýewiň warianty esasynda çapa taýynlandy.
Türkmen dessanlary, onuň folklora ýa-da ýazuw edebiýatyna degişlidiklerine garamazdan, köplenç söýgi gatnaşyklary
bilen bagly bolan wakalary öz içine alýar. «Şasenem – Garyp»,
«Saýatly Hemra», «Zöhre – Tahyr», «Gül – Bilbil» ýaly onlarça
3

dessanlarda dürli meseleler goýulsa-da, olaryň hemmesi söýgi
meselesiniň daşyna jemlenendir.
«Nejep oglan» dessany özüniň ideýa-tematik ugry boýunça
türkmen dessanlarynyň köpüsinden tapawutlanýar. Dessanda ýaýbaňlanýan wakalaryň ählisi bagşylaryň durmuşy bilen
baglanyşykly gidýär.
Türkmen halkynyň medeni durmuşynda bagşylaryň oýnan
we oýnaýan roly örän uludyr. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan ozal bagşylaryň türkmen halkynyň öňündäki
medeni hyzmaty has-da köptaraply bolupdyr. Olar diňe aýdymçylar, sazandalar bolmak bilen çäklenmän, halk döredijiliginiň,
edebiýatyň ajaýyp nusgalaryny halkyň arasyna ýaýratmak bilen, teatryň, kitaphananyň, gazet-žurnalyň, radionyň hyzmatyny-da amala aşyrypdyrlar. Asyrlar boýy bagşylaryň ýerine
ýetirmeginde dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten
edebi mirasymyz indi neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetirilýär.
Türkmen halky öz bagşylaryna uly hormat goýýar. Türkmen halkynyň bagşylara bolan söýgüsi halk döredijiligi eserlerinde-de, klassyky edebiýatda-da şöhlelenipdir. Bagşynyň,
aýdym-sazyň, poeziýanyň täsir edijilik güýji, onuň ähmiýeti
köne edebi mirasymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
«Nejep oglan» dessanynyň içinde ýaýbaňlanýan wakalar,
gahrymanlarynyň hereketleri bizi sungatyň entek sinkretik,
ýagny köp taraply hyzmaty ýerine ýetirýän döwrüne alyp gidýär. Biziň günlerimizde sungatyň dürli pudaklary bolup, sungat
wekilleriniň her biriniň bir pudak boýunça hünäri bar: bagşy,
artist, şahyr, suratkeş, kompozitor we ş. m. Emma adamzat jemgyýetiniň irki döwürlerinde şeýle bölünişik bolmandyr.
Sungatyň dürli pudaklarynyň ýerine ýetirýän hyzmatyny diňe
bir adam amala aşyrypdyr. Dessanyň gahrymanlarynyň alyp
barýan işlerini göz öňünde tutsaň, Aşygaýdyňyň, Elbendiň,
Nejebiň, Nowruzyň hünärleriniň diňe bir bagşylykdan ybarat
däldigi görünýär. Olar bagşy bolmak bilen bilelikde, ýatdan
döredýän şahyrlar hökmünde-de göz öňüne gelýär. Aşygaýdyň
Nejebi döredijilik synagyndan geçirende ilkinji nobatda onuň
4

ýatdan döretmek ukybyny göz öňünde tutýar. Aşygaýdyň Nejebe onuň şahyrçylyk zehinine gowy göz ýetirenden soň pata
berýär.
Nowruzam Nejebiň kämilligini barlanda berlen soraga tiz
jogap bermek, şahyrlyk oýlaptapyjylygyna üns berýär. Şanyň
köşgünde ýaryş geçirilende bolsa Nejep diňe bir sazanda däl,
şahyrçylykda-da Elbentden üstün çykýar.
Türkmen medeniýetiniň taryhynda hem bagşyçylyk, hem
şahyrlyk bilen meşgullanan adamlaryň bolandygy mälim. Halk
şahyrlary Durdy Gylyç, Baýram şahyr dagynyň şahyrdyklarynyň daşyndan aýdym aýtmak, bagşyçylyk etmek käriniň-de bolandygy mälimdir. Ýigriminji ýyllaryň ahyrynda aradan çykan,
Daşhowuz sebitlerinde özüni tanadan Gajar bagşy şahyrçylyk bilen-de meşgullanypdyr. Biziň belli klassyk şahyrlarymyz
Şabendäniň, Mollanepesiň we beýleki bir topar şahyrlarymyzyň bagşyçylyk bilen-de meşgul bolandygy bellidir. «Nejep
oglandaky» Aşygaýdyň, Elbent, Nejep, Nowruz hem şol tipli
bagşylaryň obrazy, şahyr bagşylaryň obrazydyr.
Irki wagtlarda bagşylaryň şeýle tipiniň giň ýaýran bolmagy
ähtimaldyr. Sebäbi, ençeme türkmen dessanlarynda hut şeýle
bagşynyň tipi berilýär. Bu babatda «Şasenem – Garyp» dessanynda hereket edýän Babahasan aşygyň obrazy gyzyklydyr. Ol
bu ýerde ussat bagşynyň roluny oýnaýar. Aşygaýdyňyň Nejebi
synagdan geçirişi ýaly, Babahasan aşyk-da Garyby synagdan
geçirýär.
«Nejep oglan» dessanynda gozgalýan esasy mesele sungat
işgärleriniň, hususan-da, bagşylaryň tälim alyş meselesidir.
Iliň içinde aýdym aýdýanlaram, saz çalýanlaram köp. Emma olaryň hemmesi bagşy bolup duranok. Hakyky bagşylar
bagşyçylygyň özboluşly mekdebini geçipdirler. Elbetde, köne Türkmenistanyň ýagdaýynda biziň günlerimizdäki ýaly saz
mekdepleri, konserwatoriýalar bolmasa-da, bagşylyk käriniň
kyn ýoluny geçýän ekenler. Aýdym-saza, bagşyçylyga höwesi
hem-de zehini bolan adamlar bagşy bolup orta çykmazyndan
öň belli bir ussat bagşydan, käwagt birnäçe bagşydan tälim
alar eken. «Nejep oglan» dessanynda Aşygaýdyňyň, Elbendiň,
5

Nejebiň üsti bilen halypa bagşydan şägirtleriň tälim alşynyň
käbir taraplary şöhlelenipdir. Eserde görkezilşine görä, Aşygaýdyň köp şägirtleri ýetişdiren halypa bolupdyr. Dessanyň
personažlaryndan Elbendiň, Nowruzyň, Nejebiň Aşygaýdyňda
şägirt bolandygy görünýär. Dessanyň Artyk Durdyýew we Nury
Halykowdan ýazylyp alnan wariantlarynda umumy häsiýetde
bolsa-da, Aşygaýdyňyň öz şägirtlerine aýdym, saz öwredip
oturan pursaty barada aýdylýar.
Elbendiň hem, Nowruzyň hem Aşygaýdyňdan terbiýe alandygy diňe ýatlanyp geçilýän bolsa, Nejebiň halypasy bilen bolan gatnaşygy has jikme-jik beýan edilýär. Mälim bolşyna görä,
halypa bagşylar öz şägirtlerini ýanynda saklap, toýa-tomaşa, il
arasyna bile alyp gider ekenler. Şägirdiň ähli eklenjini halypa
çeker eken. Şägirt bolsa özüni terbiýeläniň muzdy hökmünde
halypasynyň hojalyk işlerine kömekleşer eken. Dessanda şägirdiň halypasynyň gapysyndaky hyzmaty beýan edilýär. Nejep
Aşygaýdyňyň ýanyna baryp öz arzyny aýdan badyna, ol: «Bagşy boljak bolsaň, aşhanadaky oglanlar näme iş etse, sen hem
şonuň bilen boluber» diýip tabşyrýar. Şeýlelikde, Nejebiň pişesi günde bir arka odun çöpläp getirmek bolýar, ol halypasynyň
ýedi ýyllap hyzmatyny edýär.
Dessanda ussat bagşylaryň öz şägirtlerine diňe bir aýdym-saz öwretmek bilen çäklenmän, olara ahlak terbiýesini-de
berendikleri görünýär. Aşygaýdyň Nejebe pata bermezden öň
oňa nesihat bilen ýüzlenýär:
Sen baraňsoň şa istemiş Elbendi,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Tekepbirlik goç ýigide har getir,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Ussat bagşylaryň hakykatdan hem şägirtlerine bir topar
asylly maslahat berendikleriniň faktyny W. Uspenskiý özüniň
«Türkmen sazy» (Moskwa, 1928) diýen kitabynda görkezipdir.
Onuň belleýşine görä, maryly Annaguly bagşy (Saryýew) öz
ussady Ärsary ussa Batyr oglundan dört sany maslahat alypdyr:
6

Hiç haçan il-halkyň göwnüne degmeli däl, berlen her bir pul
sylagy üçin, az bolsa-da, sag bolsun aýtmaly, özüňden pes
tüýdükçi bilen ýaryşmaly däl, ogurlyk etmeli däl.
Dessanda bagşynyň durmuşynyň ýene bir tarapy öz beýanyny tapypdyr. Ol hem bolsa bagşynyň, umuman sungat
adamlarynyň çeperçilik ussatlygyny ýüze çykarmakda, ony has
kämil derejä ýetirmekde uly rol oýnan özara ýaryş, aýdyşyk
meselesidir. Dessanda aýdyşyk ilki bilen bagşynyň ussadyna
özboluşly ekzamen bermegiň serişdesi hökmünde ulanylýar.
Aşygaýdyň Nejebe pata bermezinden ozal ony gowy synagdan geçirýär. Aşygaýdyň şägirdine tapmaçalaryň üsti bilen
sorag berýär, Nejep bolsa jogap gaýtarýar. Ol tapmaçalaryň
mazmuny köplenç dini rowaýatlar bilen baglanyşykly bolsa-da,
durmuş hakykatyna degişli tapmaçalar hem duş gelýär.
Aşygaýdyň özüniň ähli soraglaryna pert-pert jogap gaýtaran şägirdiniň bagşylyk ukybyny ýene bir gezek has ykjam
barlamagy ýüregine düwýär. Emma Nejep bu synagyň-da hötdesinden gelýär. Diňe şondan soň Aşygaýdyň Nejebe, «Ýoluň
ak bolsun, baran ýeriňde ýurt alasyň» diýip pata berýär. Nejep
Nowruzyň hem synagyndan geçýär.
Nejebiň synagdan geçişiniň kulminasion nokady Soltanesen patyşanyň köşgünde bolýar. Bagşy bolup atalygyndan
aryny almak uçin Aşygaýdyňdan tälim alyp gelen Nejep üçin
aýgytly pursat gelip ýetýär. Nejep sazynda-da, sözünde-de
Elbentden üstün gelýär.
«Nejep oglan» dessanynda halk bagşysynyň-şahyrynyň ussatdan tälim alşynyň, umuman olaryň durmuşyna degişli ençeme real hakykat şöhlelenen bolsa-da, olaryň tälim alşynyň
jikme-jikligi dessandan görünmeýär. Onuň tersine, dessanda
zehin, ylham, bagşyçylyk-şahyrlyk ukyby tötänden taýyn halda
berilýär diýen ideýa ündelýär.
Dessandan görnüşine görä, Aşygaýdyň öz şägirtlerine aýdym-sazdan, poeziýadan hiç hili konkret tälim bermeýär. Gaýtam şägirtleriň işi-pişesi onuň gara hyzmatyny ýerine ýetirmekden ybarat. Olar ýa onuň aşhanasynda bulaşyp ýörler, ýa-da
arkalary bilen odun daşaýarlar. Türgenleşmek, sazy, poeziýany
7

öwrenmekde şägirtler tarapyndan hem hiç hili alada, hereket
dessanda ýok. Göýä halypalary-da çeperçilik zehiniň tötänden,
taýyn halda şägirtleriniň kalplaryna guýulmagyna garaşýan
ýaly. Ol Nejebiň mysalynda şeýle hem bolup çykýar.
Çeperçilik zehininiň sungat işgärlerine tebigatdan daşary
güýçler tarapyndan taýyn halda bagş edilişi baradaky rowaýat Gundogaryň hem Günbataryň dürli halklarynyň arasynda
giňden ýaýrapdyr. Ol rowaýatlar bir-birinden dürli ýagdaýlar
boýunça tapawutlansalar-da, esasy manysy boýunça bir-birlerine örän meňzeş. Ol rowaýatlaryň ählisinde-de şahyranalyk
ylhamy keramatly güýçler tarapyndan taýyn halda berilýär.
Türkmen halkynyň arasynda haýsydyr biriniň öz kärine
ökdeligi aňladyljak bolanynda, «Ol hakdan içen ýaly» diýip,
baha berişlerini ýygy-ýygydan eşitmek bolýar: «Alili (Magtymguly bagşy) aýdyma gezek gelende hakdan içen ýaly» we ş.
m. Bu bolsa öňki wagtlarda halk köpçüliginiň arasynda sungatyň bar syrlary göýä aýry-aýry adamlaryň kalbyna keramat
bilen guýulýar diýen düşünjäniň kök urup güdenligine şaýatlyk
edýär.
Hakyky şahyryň döredijilik zehininiň «hakdaniçenlik» ýoly
bilen döreýändigi baradaky düşünjäniň örän ýörgünli bolandygyny XVIII asyr şahyrlarynyň döredijiligi görkezýär. Ençeme
şahyrlar özleriniň şahyrana döredijiliginiň aslyýetini hak tarapyndan berildi diýip düşündiripdirler. Şeýle düşündirme öz
gezeginde dine, hudaýa ynanýan halk köpçüliginiň arasynda
ol şahyrlaryň eserlerine bolan hormaty köpeltmek üçin ýöredilipdir.
Şabende «Begler» şygrynda özüniň «Gül – Bilbil» dessanyny döredişi barada söz açyp, dessanyň döredilmeginde çeken
zähmetini, hyzmatyny inkär edip:
Diýmäňiz «Şabende özunden diýdi»,
Dertli jana däri sözünden diýdi,
Meý içipdir yşkyň gözünden diýdi,
Hak beripdir genji-bu käni, begler!
8

diýip görkezýär.
Beýik şahyr Magtymguly-da öz poetik ylhamynyň «keramat» arkaly berlişi barada «Turgun diýdiler» diýen goşgusynda
gürrüň berýär.
Dessanda sungat adamlarynyň halk bilen gatnaşygy barada-da mesele gozgalýar. Mälim bolşy ýaly geçmişde bagşylaryň
aglaba köpçüligi zähmetkeş adamlaryň içinden ýetişip, şolaryň
arzuw-isleglerine hyzmat edipdirler. Olar özleriniň sungatyny
halkyň umumy bähbidine bagyşlapdyrlar. Beýle bagşylar halk
bagşylarydyr. Şonuň bilen birlikde öz zehinini, ylhamyny eziji
synplaryň bähbidine gulluk etdiren bagşylar-da bolupdyr.
«Nejep oglan» dessanynyň iň ähmiýetli tarapy-da bu ýerde
bagşylaryň şol iki topary barada-da aýdylýanlygydyr. Aşygaýdyňyň, Nejebiň üsti bilen halk bagşysynyň obrazy berilýär.
Ylaýta-da Aşygaýdyňyň obrazynda halk bagşylaryna mahsus
ençeme häsiýetler bar. Ol Nejebe ahlak taýdan oňat terbiýe
berýär.
Elbendiň mysalynda öz sungatyny eziji synplaryň, patyşanyň hyzmatynda goýan satlyk bagşynyň obrazy berilýär. Elbentde, Aşygaýdyňyň tersine, men-menlik, öz-özüne mahabat
bermek ýaly otrisatel häsiýetler bar. Onuň men-menligi, şöhratparazlygy Nejep bilen gatnaşygynda aýdyň ýüze çykýar.
Dessanda dürli synpy toparlaryň bagşa, aýdym-saza bolan
garaýyşlary belli bir derejede şöhlelenipdir. Eger-de ýönekeý
zähmetkeş halk bagşyny, aýdym-sazy tüýs ýürekden söýýän
bolsa, olara uly hormat goýýan bolsa, agalyk edýän toparyň
wekilleri bagşyny, aýdym-sazy öz şahsy bähbitlerine peýdalanypdyrlar. Ýönekeý halkyň aýdym-sazyň gadyryny bilýändigini dessanyň ençeme ýerinde görmek bolýar. Elbent bagşy
Sonanyň yzyndan gidende, kyrk sany ýigidiň üstünden barýar. Ýigitler Elbendi ol bagşy bolany sebäpli kabul edýärler.
Bagşylaryň ýönekeý halk tarapyndan hormatlanyşy Nejebiň
çarwalaryň arasyna düşen epizodynda hem görünýär.
Agalyk edýän toparyň sungata, sungat adamlaryna bolan
garaýşy Soltanesen patyşa bilen Elbendiň mysalynda aýdyň
bolýar. Elbent bagşy bütin ömrüni şanyň hyzmatynda geçi9

ripdir. Onuň bar maksady patyşanyň göwnüni açmak, ony
şöhratlandyrmakdan ybarat bolupdyr. Şoňa garamazdan, ol
garran wagtynda rehim-şepagat edilmezden kowulyp goýberilýär. Elbendiň garran wagtyndaky gün-güzerany patyşanyň
kellesine-de gelenok. Gaýtam «pagtasy çykyp duran» köne don
geýdirip, telpegine jyganyň ornuna horazyň perini gysdyryp,
wejera edip, Elbendiň masgara ýagdaýa düşmekliginden lezzet
alýar.
«Nejep oglan» dessanynda söýgi temasy-da bar. Elbendiň
dul aýala, onda-da çagaly dul aýala aşyk bolşy original häsiýete
eýedir. Bu ýagdaý beýleki dessanlarda duş gelmeýär.
Elbendiň aşyklyk epizody dessanyň birinji ýarymynda dowam edip, esasy temany ösdürmekde goşmaça rol oýnaýar.
Elbendiň çagaly aýala öýlenmegi täze bir wakanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýar, onuň ogullygynyň göwnüne degmegi
Nejebiň bagşylyk arkaly aryny almak üçin hereket etmegine
eltýär.
Nejebiň Mylaýyma aşyklyk «taryhy» dessanda Elbendiňkä
görä köp ýer tutýar. Dessanyň şu bölüminde rewolýusiýadan
öňki döwre häsiýetli bolan bir detal ünsüňi özüne çekýär. Patyşa Nejebiň «aýagyny baglamak üçin» ony öýlendirmegiň
ugruna çykýar, toý başlanýar, emma bu barada Nejebiň göwün
matlabyny soraýan adam ýok, patyşanyň alyp berjek gelinligi onuň göwnüne ýarajakmy-ýaramajakmy – onuň aladasy
edilmeýär.
Nejep bilen Mylaýymyň söýgi wakalary dessanyň gahrymanlarynyň synpy ýüzüni has aýdyň görmeklige kömek edýär.
Bu wakalar Nejebiň sosial pozisiýasyny aýdyňlaşdyryşy ýaly,
Soltanesen patyşanyň-da tipik despotdygyny aýdyňlaşdyrmaga
ýardam edýär. Dessanyň önki bölümlerinde Soltanesen patyşanyň hereketlerinde şöhratparazlyk, gopbamsylyk alamatlary
aýdyň görkezilen bolsa, bu ýerde onuň zalymlygy, aşyklaryň
mukaddes duýgularyny depeleýändigi hem ýüze çykýar (Nejebiň ölüme buýrulmagy, aşyklaryň ýurtdan çykarylmagy we
ş. m.). Şeýlelikde, Gündogaryň tipik patyşasynyň obrazy göz
öňüne gelýär.
10

Mylaýymyň obrazy wakalaryň gidişinde birneme ösýär. Ilkibaşda onuň hereketlerinde jemgyýetiň baý gatlagyna mahsus
bolan durnuksyzlyk, aşaky gatlagyň wekillerini äsgermezlik
ýaly otrisatel häsiýetleri görünýär. Emma wakalaryň gidişinde onuň häsiýeti üýtgeýär, Nejebiň ölüme buýrulandan soňky
hereketleri ony söýgüsine wepaly, tutanýerli, hatda batyr gyz
hökmünde janlandyrýar. Ol märekäniň içinde söýgülisi üçin
ölüme-de gitmeklige taýyndygyny mälim edýär, käbir derejede
ejizlän Nejebi mert bolmaklyga çagyrýar. Mylaýymyň mertligi
Nejebiň ölümden halas bolmagynda ep-esli rol oýnaýar.
«Nejep oglanyň» epizodik personažlarynyň biri Abadan
kempirdir. Onuň üsti bilen ýokary synp wekilleriniň ahlak
taýdan bozuklygy paş edilýär. Dessany aýdyjylar Nejep bilen
Mylaýymyň söýgüsine simpatiýa bildirýän bolsalar, Abadanyň
galp söýgüsiniň üstünden gülýärler.
Kakabaý Seýitmyradow
11

12

NEJEP OGLAN
Rawylar andag rowaýat kylarlar, gadym eýýamda Ýemen ilinde
Soltanesen diýen patyşa bar erdi. Taryp etsek, atarmanlykda-çaparmanlykda bir özi erdi. Onuň ýurduna Genje-Garabag
diýen ýurtdan bir hatar kerwen geldi. Kerwenler aljagyny aldy,
satjagyny satdy. Ýurtlaryna gaýdarman bolup, oturyp maslahat
etdiler. Bu ýandan biri çykyp:
– Söwdagärler, patyşadan birugsat gaýtmalyň, rugsatly
gaýdalyň – diýdi. «Şu ýagşy-ha, şu ýagşy» diýşip, patyşanyň
ýanyna bardylar.
Olar patyşanyň arz jaýynda gol gowşuryp, salam berip:
«Tagsyr, arzymyz bar» diýip durdular.
– Eý, myhmanlar, ne arzyňyz bar?
– Tagsyr, ýurduna gelen bir hatar kerwendik, aljak zadymyzy aldyk, satjak zadymyzy satdyk, rugsat berseňiz, ýurdumyza
gaýdýarys.
Rugsatdyr gaýtsaňyz.
– Rugsadyň-a ýagşy welin, ýurduňa gelýäris, gaýdýarys,
heý bir resim-kadaňy bilebilmedik.
– Myhmanlar, biziň ýurdumyzda-da geň resim-kada bolmaz,
siz öz ýurduňyzyň resim-kadasyndan aýdyberiň.
– Ýok, tagsyr, biziň ýurdumyzda hem geň resim-kada bolmaz, ýöne bizde baran myhmany saz bilen, söhbet bilen atarýarlar, biz sizde ony görmedik – diýdiler.
Patyşanyň bir bagşysy bar erdi, onuň adyna Elbent bagşy
diýer erdiler. Patyşa: «Bar, Elbent bagşyny alyp gel, myhmanlaryň göwni saz-söhbet isläpdir» diýip, bir atlyny ataryberdi.
Atly Elbendiň ýanyna bardy. Barsa, Elbent bagryny sowuk ýere
berip, ah-wah edip ýatan ekeni.
Atly Elbende aýtdy:
13

– Eý, Elbent, patyşa saza gelsin diýdi.
– Meniň patyşanyň hyzmatyna bararlyk halym ýok, daňdandan bäri kesel bolup ýatyryn.
Elbent bagşy dul ekeni. Onuň keseli – düýşünde bir Sona
atly gelin bilen öpüşip-guçuşyp, muhabbet posasyny alşyp,
oýanansoň düýşüdigine lapykeç bolup, bagryny sowuk ýere
berip ýatan ekeni, keseliniň başy hem şu ekeni. Patyşanyň
goýberen atlysy gaýdyp geldi.
Patyşa: «Hany Elbent bagşy?» diýip sorady.
– Elbendiň ýanyna bardym, bärden barsam, bagryny sowuk
ýere berip ýatan ekeni, patyşanyň hyzmatyna bararlyk halym
ýok, daňdandan bäri kesel bolup ýatyryn, bar, patyşaňa şuny
baryp aýt diýdi.
– Seniň bilen bir-iki agyz gepleşmäge ýaradymy?
– Hawa, ýarady.
Bar, onda ony demme-demden kowup alyp gel.
Höküm bilen baran atly:
Gitseň-de alyp giderin, gitmeseň-de alyp gide-rin – diýip,
Elbendi atyň öňüne salyp gaýdyberdi.
Elbent patyşanyň arz jaýyna gelip, gol gowşuryp, salam
berip durdy. Patyşa:
– Eý, Elbent bagşy, bir mertebe adam goýberende gelmän,
iki mertebe adam goýberdip, heýwere ulalan ekeniň – diýdi.
– Ýok, tagsyr, daňdandan bäri kesel bolup ýatyryn.
— Kesel bolsaň, al eliňe sazyňy, hemişeki ýaly seni üç gije-gündiz, dört gije-gündiz kowup oturjak däl, gaýdarman myhmanlara bir-iki aýdym aýdyp, bir-iki ýol saz çalyp ber.
Elbent bagşy: «Bu myhmanlar-a bir jahankeşde ýigitler
ekeni, her kim öz gijän ýerini gaşasa ýagşy, şu myhmanlardan
Sonanyň idegini sorasam, ondan bir derek tapylmazmyka?»
diýip, elinde sazy, dilinde sözi, myhmanlardan Sonany sorap,
bir bäş keleme söz diýse gerek.
14

Agalar, ýatyrdym, birje düýş gördüm,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Nägehandan ony görüp, iş gurdum,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Onuň bilen bir düşekde oturdym,
Aglaýa-aglaýa daňym atyrdym,
Men golumdan näzli ýarym ýitirdim,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Kaýdan geldigini bilebilmedim,
Şol dilberden habar alabilmedim,
Bagynyň gülünden ýolabilmedim,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Dilber bilen baga seýran etmedim,
Gol uzadyp, goşa naryn tutmadym,
Arman köpdur, gije-gündiz ýatmadym,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Elbent aýdar, begler, sizden soraly,
Bilebilmen, ne ýerlerden garaly,
Söwdagär siz, ülkäňize baraly,
Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň.
Elbent bagşy bu gazaly tamam edenden myhmanlar bir-birilerine bakyp gülüşiberdiler. Şonda patyşa:
– Eý, myhmanlar, bagşymy halamadyňyzmy, resim-kadamy
halamadyňyzmy, oturyp-turşumyzy halamadyňyzmy, gülşeniňiziň sebäbini düşündiriň – diýdi. Ol wagtda myhmanlar aýtdy:
– Ýok, tagsyr, biziň ýurdumyzda-da patyşamyz bar, ol patyşanyň bir weziri bar erdi, ol wezir dünýeden ötüpdi, onuň Sona
atly aýalynyň başy boş galypdy, onuň at-owazasynyň düşmedik
ýurdy, düşmedik kenti ýok, şonuň at-owazasy bu ýerlere-de
düşdümikä diýip, bagşyňyzy aýtdyryp eşidenimiziň sebäbi-de
şol boldy, ýogsa biziň bagşy eşidesimiz gelenokdy, bu ýurda-da
15

şonuň at-owazasy düşen eken-ow diýip, gülüşmegimiz şonuň
üçindi.
Onda patyşa:
– Eý, myhmanlar, onuň at-owazasy biziň ýurdumyza düşenokdy, bu bidöwlet bagşynyň sözüne görä, ol şol gelne düýşünde aşyk bolupdyr. Biz bagşymyzy ibersek, siziň patyşaňyz
şol gelni biziň bagşymyza berermi? – diýip sorady.
Onda kerwenler:
– Tagsyr, onuň gürrüňi bolmaz, bir patyşadan bir patyşanyň
dilegi bitegen bolar – diýdiler.
Şondan soňra patyşa Elbent bagşynyň ýol şaýyny tutduryp,
eline hat berip, kerwenlere goşup goýberdi. Elbent kerwenler
bilen üç gün ýol ýöredi weli, oňa üç günüň özi üç ýylça boldy.
Ol:
– Eý, kerwenli dostlar, maňa bu ýeriň dagyny-gyryny, çölüni
ýagşy salgy beriň, men siziň aýagyňyza takat edip gidebilmeýärin – diýdi. Ol wagtda biri bir ýandan çykyp:
– Eý, bagşy aga, mundan gitseň, bir gumluk bardyr, gumlugyň aňrysy bir kentdir, kentiň aňry ýany ýene bir gumlukdyr,
gumlukdanam çykar gider otyrsyň, gaýraňda bir gara bag peýda bolar, gara bagyň gaýrasynda bir gara çatma peýda bolar,
şol çatma baryp düşseň, şonuň içinde bir kempir bardyr, seniň
hyzmatyňy şol bitirer – diýdi. Elbent bu jogaby eşidip, ýeke özi
atyny sürüp ötägitdi. Baýaky gumlukdan geçdi, kentiň garasy
göründi, ol kentden bir oglan çykdy. Elbent:
– Eý, oglan, bu kentiň adyna näme diýerler? – diýip sorady.
– Aga, bu kentiň adyna Töwriz diýýärler.
– Elbent Töwriziň içi bilen sürüp barýardy, kybla tarapda
bir jaýyň işiginden bardy. Görse, bir sapaly jaý. «Alla janym,
şu ýerde çaý içip, çilim çekip ötäýsem, kem bolmazdy» diýip,
Elbent bagşynyň göwüne geldi-de: «Habarlaş» diýip gygyrdy.
Şol wagt işikden bir ýigit tasak-ga çykdy hem:
– Aga, saňa ne habar gerek? – diýip sorady. Onda Elbent
bagşy:
– Men bir ötermen ýolagçy, bir çilim berip bilmezmiň? –
diýdi.
16

Bu ýerde bir bölek hanly, aga-begli, mäterli, töreli, guşbegili oturan, bir topar gürrüň-ýaran bilen meşgul ýigitler
bardy. Ýaňky ýigit içeri giren badyna: «Daşardaky kim?» diýip
soradylar.
– Arkasynda dutary bar, teýinde ýorgasy bar, ötermen ýolagçy, çilim berseň diýip dur.
– Arkasynda dutary bolsa, märeke görüp ýören ýigitdir, düşüp çaý içsin, çilim çeksin – diýdiler. Mürähede zar bolup duran
bagşy ýorgadan özüni oklaýdy, baýaky ýigit ýorgany tutjak bolup synanyşdy. Emma ol «Degme ýorga» diýip, eýwançada
ýorgasyny gaňtaryp goýup, içeri girdi. Oňa çaý berdiler, çilim
berdiler. Soňra:
– Aga, arkaňda dutaryň bar ekeni, bagşymyň, sazandamyň,
şahyrmyň? – diýip soradylar.
– Her haýsyndan hem birneme bardyr.
Onda olar:
– Her haýsyndan hem birneme bolsa, bizem bir gam basyp
oturan ýigitlerdiris, bize bir-iki nama aýdyp berseňiz, bir-iki
ýol saz çalyp berseňiz – diýdiler.
Ondan soň Elbent bagşy: «Alla janym, şu ýigitler hem gowy
ýigitler ekeni, her kim öz gijän ýerini gaşasa gerek, gel-ä Sonanyň soragyny şulardanam soragaýyn-la» diýip, elinde sazy,
dilinde sözi, bu ýigitlerden Sonany sorap, bir bäş keleme söz
diýse gerek:
Asty arap atly beg oglanlary,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Jygalary tel-tel, gözleri mestan,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Töwriziň degresi ýoldur-ýolakdyr,
Üstümizde gurlan çarhy pelekdir,
Enesi hüýrüdir, gyzy melekdir,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
17

Töwriziň degresi dolanma daglar,
Ýar ýardan aýrylsa, ah çeker, aglar,
Açylsa läleler, gül olsa baglar,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Nejep oglan - 2
  • Parts
  • Nejep oglan - 1
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 1820
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 2
    Total number of words is 3909
    Total number of unique words is 1794
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 3
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 1778
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Nejep oglan - 4
    Total number of words is 2269
    Total number of unique words is 1275
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.