Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 6

Total number of words is 1440
Total number of unique words is 981
39.9 of words are in the 2000 most common words
50.8 of words are in the 5000 most common words
57.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
saçyndan birbada heder etseler-de, soň nämäniň-nämedigine göz ýetirip,
onuň üstüne gondular, iki gözüni çokalamaga başladylar.
TOTY GUŞ
Oglanjyk kän wagtdan bäri ýüreginde Toty guşa bir sorag besläp
ýördi. Ony Toty guşa bermekçidi. Ýöne her gezek gyzykly bir rowaýat
ara düşýärdi-de, ol ýatdan çykyp galýardy. Şu gün ara böwşeňlik
düşende şol soragy Toty guşa berdi:
-Eý, Toty guş, sen zooparkdan geldiňmi?
74
-Ýok, ertekilerden. Saňa Köneürgenç hakyndaky rowaýatlary gürrüň
bermek üçin geldim.
-Soň ýene gidermiň?
-Hawa, giderin.
-Gaýdyp dolanmazmyň?
-Kämahal saňa rowaýat aýdyp bermäge gelerin.
-Sen ol rowaýatlary nämä salyp gelýäň? Bu kiçijik kelläňe nädip
sygýar.?
-Göreňokmy näme muny?- -OL edil ertekilerdäki ýaly äpet, haşamly
horjuny görkezdi. Şuňa salyp getirýän.
Toty guş birden kah-kah edip güldi:
-Seret!-diýip, horjunyň bir gözüne çüňküni sokdy:
-Örän gyzykly birje rowaýat galan ekeni. Özem Döwkesen hakynda...
DÖWKESEN
Gyryň edil byçgy bilen kesilen ýaly ýarylan ýerini göreniňde
gudrat diýýärsiň. Ýöne gyryň adam eli bilen kesilendigigi görnüp dur.
Onuň aňyrsynda hasratly rowaýat ýatyr.
...Ýaz ýaýla müň dürli öwüşgini bilen ýazyldy. Perhat atly çopan
ýigit üçin bu ýazyň gözelligi goşlanan ýalydy. Ýogsam näme!
Gözelleriň gözeli Şirini söýen, onuňam söýgüsine mynasyp bolan ýigit
üçin bu baharyň görki aýratyndy. Ýöne .. ol uludan dem aldy. Gyryň
üstünde ýerleşen, hol ýokardaky gala seretdi. Soň ýamaly çokaýyna
garady. Gyry etekläp ýagşy ýazylan dowar sürüsine çala nazar aýlan
Perhat ýene hyýallara çümdi.
Şirin han gyzy. Ol Perhada ýetdirmezmikä? Ýigit gyra seretdi.
Onuň üstündäki gala gaty haýbatly görünýärdi. Perhat Şirin üçin gyryň
iň uçut ýerinden çykmalam bolsa çykjakdygyna ynandy. Han gyzyna
aşyk bolan ýigidiň öz öňünde ondanam agyr, onda-da al goşulan
kynçylyklaryň duranyndan habary ýokdy.
Perhat mallaryny ýataga dolady. Soň Şirin üçin gülleriň iň
owadanyndan owadanyny ýygmaga başlady.
Perhat güllerini gizlinlik bilen magşugyna gowşurdy. Gelen
aýgytly netijesi barada söýgülisine hem aýtdy. Ol kellesini etegine salyp,
hanyň ýanyna barmagy ýüregine düwüpdi.
Han öz galasynda daşardan edilýän çozuşlardan howpsuzlyk üçin
gyry kesdirip, nähili garym gazdyryp boljakdygy baradaky hyýallara
çümüp otyrdy. Birden onuň huzurynda Perhat häzir boldy. Perhat özüne
75
üns gönügenden ölümden öňünçä iň soňky sözüni aýdýan ýaly,
habaryny bermäge howlukdy.
Han göni ajala gelen garyp ýigidiň mertligine haýran galdy.
Öňünde kesgitli şert goýup, şoňa razy bolsa, Şirini bagyş etjekdigini
aýtdy. Ýüreginiň gürsüldisi çep gursagyny ýarara getirýän ýigit tizräk
onuň şertini eşitmäge gyssandy. Han äwmedi. Ahyry agras dillendi:
-Dagy ýaryp, garym geçirmeli borsuň. Gutaran günüň toýa
taýýarlanyber. Müddetiň hem kyrk gündür.
...Zarp bilen daga urulýan kerkiniň zarbyndan uçgun syçrap
gidýärdi. Söýgüniň gudraty bilen, garyp ýigidiň güýçli golarynyň
astynda dag müm-helime dönüp barýardy. Dagyň aňyrsynda Şirin durdy.
Perhat oňa ýetmäge howlugýardy.
Bu ýagdaýa azgyny açan adamlar, perhadyň güýjüne haýran galyp:
-Ýigid-ä dagy döw ýaly kesip barýar-diýýärler. Bu köne galanyň
Döwkseen ady şondan galypdyr.
Han ynjalykdan gaçdy. Ol Perhatdan beýle zada garaşmandy! Ýok, ol
garamaýaga gyzyny ömür hem berjek däldi. Nätmeli? Lebňizi
ýuwutmalymy?! Olam boljak däl.
Çykalga tapyldy. Otuzikisinden biri galmadyk, bükür, betnyşan kempir
onuň öňüne iki büküldi:
-Sylagymyzy ýetirseň, aşyklaryň arasyna çöp atmak biz bilen.
Han razylyk berdi. Kempir üç günläp goýunlary guzudan, düýeleri
köşekden, sygyrlary göleden aýra saklamagy talap etdi. Aýdyşy ýaly
etdiler. Üç güni geçirip, olary goýberdiler. Aç guzular, köşekler, göleler,
gökläp emjekleri çişen goýunlar, düýeler, sygyrlar yzan-da-çuwan
boldular.
Derini syryp, gyra çykan Perhadyň gulagyna obadan gelýän
zarlaşyk diňe häzir eşidildi. Ol süňňi bir zat syzan ýaly munuň sebäbi
bilmek isledi. Şol barmana onuň nazary özüne tarap elem-tas bolup
gelýän betnyşan kempirde eglendi. Soraga zerurlyk bolmady. Kempir
gele-gelmäne ýarym-ýaş bolup, ýaka ýyrtyp ses etdi:
-Oglum, bagtymyz ýatandyr-la, waý... Eh-he-eh-he-eh-he...
Şirin tarpa-taýyn jan berdi. Eh-he-eh-he... Bütin ili eňredip gitdi-le,
waý...
Ýigidiň gursagyndan ýüregi sogrulan ýaly boldy. Uçudyň gyrasyna
geldi-de özüni aşak oklady. Hemme zadyň anygyna göz ýetiren Şirin
hem Perhatsyz jahanda galmak islemedi. Gyzyň meýdini uçudyň
eteginden tapdylar.
Aşyklary aýra salmak garapällilere barybir başartmandyr.
76
Seleňläp görünýän gyryň üstündäki köne galada hile bilen aýra salnan
aşyklaryň ýanaşyk mazary bar.
TOTY GUŞ
Toty guş bu gzek oýlanyp kän oturdy. Teý gürrüňe başlanok.
Ahyry oglanjyk dillendi:
-Eý, Toty guş, näme gürläňok? Ýa ýadyňa düşenokmy?
-Ýok, rowaýatlarym gutardy.
Oglanjyk erbet gynandy:
-Gutardy?
-Hawa, häzirlikçe gutardy. Ýöne sen gynanmaz ýaly Döwksene galasy
baradaky rowaýatyň başga bir görnüşini aýdyp bereýin.
-On-a ýaňy aýtdyň.
-Ýok, oňa meňzeş däl. Ýok, bile öwrenmäge gideris. Bolýamy.
Diňle, onda.
WEZIR GALASY
-Bagşylaryň käte «Bi pylan sazyň çöwre ýüzi» diýip çalamsy
bardyr. Şonda olar şol bir mukamy iki dürli röwüşde çalýandyrlar.
Döwkesen galasy hakyndaky gamly hekaýat ýadyňdadyr. Bi hem şonuň
çöwre ýüzi diýen kysmy bir zat...
döwkesen galasy baradaky rowaýatyň çöwre ýüzi çözlenýär. Gör bak
näme diýer?!
Gadymy Üstýurt. Haraba dönüp galan galalar. Daş diwarlar,
mawzoleýler her ýerde, her ýerde garry adamyň dişi ýaly iki-ýeke
somalyp galypdyrlar. Olar ýalňyzlyk täleýine kaýyl bolup otyrlar.
Tüni derýanyň gyryň etegini ýuwup akýan zamanlary. Şo wagtlar bi
giden harabalar, bi giden galalar Ürgenç bilen bäs edýän şäherler ekeni.
O zamanlar bi etraplarda gala sözi şäher sözi bilen manydaşyrak
bolupdyr. Sebäbi şäher bolanyň hökman daşynyň galasam bar ekeni.
Şamahy galasy «Günbatar şäheri», «Günbatar şäheri», Şirwan galasy
«Pul şäheri» diýmegi aňladypdyr. Şindiki Döwkesen diýýäniňize şol
mahalar Wezir galasy diýýän ekenler.
Wezir galasy... Onuň günorta hem günbatar taraplary gyryň kert
eňňidinde dogry gelipdir. Demirgazyk hem gündogar taraplaryna beýik
daş diwar aýlanyp, onuň daşyndan hem çuňňur garym gazylypdyr.
Wezir galasy... Bu adyň aňyrsynda bir zatlar-a bolmaly.
77
Birmahal şäheriň şasy öz goşuny-serkerdesi, topy-topalaňy bilen uzak
wagtlyk awa çykypdyr. Ugramazyndan ozal şa baş weziri ýanyna
çagyrypdyr:
-Men gelýänçäm galanyň daşyna şeýle bir berkitme guruň. Hiç bir ýagy
alyp bilmez ýaly bolsun.
Şanyň saldamly hökümi weziriň egninden basylan ýaly etdi.
Gazaply şanyň hökümi gaty düşnüklidi. Onuň aňyrsynda dar agajy
gerlip durdy. Haýal-ýagallyk etmek gerek däldi. Şa ugrandan baş wezir
haýdan-haý işe girişdi. Ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli ähli raýat
galanyň gurluşygyna çekildi.
Är gaýratyny ölçeýän, aýdanyňdan hem juda zabun iş dowam
edýär. Ýaraňokmy?! Daş diwaryň arasynda müdimi galýaň. Diwara
basyp, üstünden daş galdyryp giderler. Gurluşykda ýaramadyklary
diwaryň aşagyna basyp gitmek adaty şu elhenç galanyň gurluşygyndan
soňra galanmyşyn.
«Iliň güýji-siliň güýji». Üstünde arba sürübermeli galyň diwar
galanyň daşyna aýlanyp gelýär. Onuň daşyndanam gyry oýup, çuň
garym gazylýar-da içine suw goýberilýär. Ine-de berkitme taýýar. Näçe
ýagyň bolsa sürünibersin. Aljak gümany bolmaz.
Şa şikardan dolanyp gelýär. Gyryň üstüdäki äpet gala dumana
duwalanyp dur. Ýöne şanyň sadyk gullary onuň öňünde derwezäni
dabara bilen açmadylar. Wezir häkimligi bermek islemeýändigini aýtdy.
Uly goşun bilen gelýän patyşa garşy uruş yglan etdi.
Şa galanyň daşynda, wezir içinde. Dogan-doganyň arasynda uruş
gidýär. Şanyň goşuny oňat ýaraglanan, özem weziriňkiden köp. Ýöne
weziriň goşuny azam bolsa, olary daş diwarlar örän ygtybarly goraýar.
Gözaralaryndan atylýan oklar sowa geçenok.
Şa ýeňildi. Onuň boýnuna ýüp salyp, weziriň gaşyna süýräp
getirdiler. Wezir oňa baş egip, hormat bilen salam berdi:
-Tagsyr, hoş geldiňiz. Hökümiňiz ak ýürek bilen ýerine ýetirendiris. Ine,
tagtyňyz, ine, galaňyz. Eýe boluň.
Şa öz gözüniň görýän zadyna, öz gulagynyň eşidýän zadyna ynanmady.
Wezir dowam etdi:
-Eger şeýle etmedik bolsam, meni dar agajyndan asardyňyz. Galany hiç
kimiň alyp bilmejekdigini men size subut etdim...
Wezir galasy ady şondan galypdyr. Hökümdarlar nämeler etmeýär.
Ýöne iki arada horluk ýene-de garyp halkyň gerdenine düşýär.
78
TOTY GUŞ
Toty guş oglanjyga her gün rowaýat aýdyp berýär. Özem şeýle bir
gyzykly, şeýle bir gyzykly, heý ýöne goýaý! Toty guş oglanjyga näme
üçin aýdyp berýärkä?! Ýa-da ol gadymky döwürlerdäki ýaly, kiçijik
şazadamyka?! Ýok, üç, gezek ýok! Onuň patyşa-da, şazada-da bolasy
gelenok. Oglanjyk olaryň gowy adamlar bolmaýandygyny bilýär.
Oglanjygyň niýetini aňlaýan ýaly ýene Tity guşuň güňleç sesi ýaňlanýar:
-Şonam bileňokmy?-diýip ol soraýar –Öz obaň, öz ýurduň geçmişini
hökman biläýmeli. Ýogsam, hakyky adam bolmak kyn. Heý, öz atababalary, asly barada bilmeýänem adam bolarmy? Men saňa şu zatlary
bilsin diýip gürrüň berýärin.
Toty guş ýene-de rowaýata başlaýar. Oglanjygyň geň galmakdan,
gyzyklanmakdan ýaňa gözleri kä tegelenýär, käte Toty guşuň görejine
garaýar.
Rowaýatlar bolsa dowam edýär. Oňa gutarma ýok...
GADYMYÝETIŇ GALYNDYLARY
Köneürgenç rowaýatlary... Olar gulaga ýakymly saz diňledigiçe
diňläsiň gelýär. Olar bilen çaý başynda ak sakgally gojalar
gürrüňdeşlerini ýüpsüz örkläp goýýar. Olar dürli-dürli. Hatda şol bir zat
hakynda dürli-dürli rowaýat bar. Hakykata çala ýanaşýanlary-da,
hyýalyň ganatyna münüp uçýanlary-da duşýar.
-Diýseňem, tötänlikmi ýa hakykatmy, bilemok, aýdylýanlaryň gabat
gelýän ýerlerem bar. Köneürgenç bir tuduň dikilen ýeri, hemme zat ýene
gaýtalanmaly diýerdiler. Oglankak minaranyň astynda aždarhanyň hini
barmyş, şony çykarmajak bolup gurupdyrlar diýlenine hem güp
ynanardyk. Ýakyn barmaga gorkardyk-diýip, goja çöşlenip ugran
gürrüňi alyp gidýär –O gürrüňleriň ýalandygyna indi şübhelenip ýörüs.
Könäň ileri çetinde Fahreddin ar Razynyň mawzoleýiniň kybla
tarapynda gadymy kerwensaraý bardyr. Şol birmahallar Ürgenjiň
günorta derwezesi bolupdyr. Uzak-uzak ýurtlardan gelip düşýän
kerwenler şonda togtar eken. Ana, şoňa ýene bir mahal derweze,
kerwnsaraý bolmalymyş, şol gadymy zatlar ýene bir gezek
gaýtalanmalymyş diýerdiler. Asyl-asyl ynanmazdyk. Gör-ä, bi bolýan
zatlary. Şol ýerden Köneürgenç-Aşgabat magistral ýoly başlanyp gitdi.
Demirýol hem edil şo ýerden geldi. Eşidişime görä, demirýol stansiýasy,
wokzaly hem şo ýerden guruljakmyş...
79
Şäher gün-günden ösýär, pajarlaýar. Ajaýyp-ajaýyp ymaratrlar çar
ýandan galýar. Köneürgenç öz gadymy geçmişdäki belentliklerine tarap
uzap barýar. Köneürgenç gadymy rowaýatlardan şu güne dolanýar. Iň
esasy hem rowaýatlar hakykaty gaýtalaýar.
80
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.