Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 5

Total number of words is 3820
Total number of unique words is 2247
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
galasyna tarapdy. Düýeli gazak köpleriň gözüne ilipdir. Ol «Hanyň
ýanyna barýan. Hana arzym bar» diýip, öňünden çykana şol bir sözi
yzygiderli aýdýan ekeni. Bu hakda hana hem habar ýetiripdirler. Han
oňa el degirmezlik, ädimini yzarlamak barada perman beripdir.
Ol düýesi bilen göni şähere girdi. Şähere girensoň bolsa ol düýesini han
köşgüne tarap sürdi. Mädreýim han ony uzakdan synlap durdy. Düýeli
gazak hem:
-Han aga, men düýş gördüm! Han aga, men düýş gördüm!-diýip, şol bir
sözi zol gygyryp, gaýtalap gelýärdi.
Ýasawullar ony saklajak boldular, köşge düýeli girilmeýändigini
düşündirmek islediler. Emma ýaşuly gazak gulak asmady. Özüniň diňe
hanyň ýanyna gelýändigini gaýtalady durdy. Han «Goýberiň!» diýen
terzde yşarat etdi.
Hanyň ýanyna gelen ýaşuly düýäniň üstünde oturan ýerinde:
60
-Han agam, arzym br-diýdi.
-Aýdyp oturyň.
-Aýtsam, han aga, düýş gördüm. Düýşümde dumly-duşuna agyz urup,
alyp-ýolup barýan gurt gördüm.
-Onsoň?
-Onsoň bir tilki gördüm.
-Onsoň...
-Onsoň bir kän, bir kä-än gülki gördüm.
Han «Düşnükli» diýdi. Soň tomsuň yssysyna garamazdan, galyň içmek
geýşini, düýeli kööşge girişini geňledi.
Sorag berdi:
-Näme üçin düýeli geldiň?
-Tagtymdan düşesim gelmedi.
-Näme üçin tomusda içmek geýýäň?
-Ýazgydy öňünden duýanym üçin.
-Ugur nirä?
-Haýyr gazanmaga.
Han «serpaý getiriň» diýýär. Düýeli ýaşula serpaý ýapyp, hormatlap
ugradýar.
Hanyň ýakynlary nämäniň nämedigine düşünmän galypdyrlar.
Sebäbini soranlarynda han muny şeýle düşündiripdir:
-Ol raýatdaky iň akylly adam. Gönüläp aýtmaga het edilip bilinmejek
zady aýdyp gitdi. Onuň gurt diýýäni biz bolmaly. Dumly-duşa
çapawulçylyjk edip ýörşümizi gurda meňzetdi. Bizden soňraky tagta
geçjek adam tilkilik bilen öz tagtyny saklar. «Tilki gördüm» diýýäni
şudyr. Ondan soňraky tagta çykjak adam ile gülki bolup tagtdan düşer.
«Kän gülki» diýýäniniň ýorgudy şeýledir.
-Tagsyr, düýesinden düşmän gelmeginde näme many barka?-diýip,
Mädreýim hanyň ýakyn maslahatçysy sorapdyr.
-Hanlaryň hemmesi her edip, hesip edip, tagtdan düşmejek bolýandyr.
Ol şuny aýtdy. Tomusda içmek geýmeginiň sebäbem ertir belli bolar...
Ertesi onuň giden ugrunda birden howa sowap, ýazyň günüdigine
garamazdan, hasrat gopupdyr. Bu ýagypdyr. Diňe şondan soňra adamlar
onuň paýhasyna haýran galypdyrlar.
Şol dana gojanyň aýdanyny soňra taryh hem subut edipdir. Gurt
ýaly syýasat ýöreden Mädreýim handan soňra tagta gelen Seýit
Isfendiýar Bahadur han tilkilik bilen ýurdy dolandyrypdyr. Seýit Adylla
Töräniň bolsa diňe ady han bolup, ähli zady Jüneýit han dolandyrypdyr.
Ol ile gülki bolupdyr.
61
Halkyň düýbünde hakykat ýatan rowaýatlary düýnüň, şu günüň
wakalaryny özüniň çeperçilik eleginde hemişe eleýär.
TOTY GUŞ
-Oglanjyk, saňa Harmanjygy görkezdim dälmi?
-Hawa, oňa Çäşdepe diýilýär gerek...
-Bolýa, bolýa. Şol gyrdan düşmän gidiberseň, gidiberseň, öňüňden Guba
burun diýilýän ýer çykýar.
-Onsoň?
-Onsoň şol ýerde bir çeşme bardyr...
-Hawa, ertekimi bi?
Toty guş oglanjygyň bisabyrlygyna azajyk gatyrgandy:
-Sabyrlyrak bolarlar. Ol çeşmä Guba çeşme diýýärler...
Oglanjyk akyllyja bolup sesini çykarman otyr. Toty guş dowam etdi:
-Indi bolsa şol Guba çeşme baradaky rowaýaty diňlärsiň...
GUBA ÇEŞME
Owaldan-ahyra dürli gözli çeşmä daş atylmandyr ýöne adam azsa
nämeler edilmeýär?! Bu uly mukaddeslige kast edenlerem geçmişi
unudanok.
Guba çeşme... Guba burunda ýerleşenligi üçin oňa şeýle diýýärler.
Gyrda häsiýetli bolmadyk bir zat-bir bölek gamyş uzakdan gözüňe
basylyp dur. Ol Guba çeşmäniň gözbaşyndan nem syzyp, gök öwsüp
otyr. Läbik arasyndan syzýan turşumtyk, duzly suwdan guş-gumursy,
towşan-keýik çölüni gandyryp gidýär. Guba çeşme gözýaş ýaly
syzylýar. Onuň gözbaşynyň nirededigi belli däl.
Diňliburundan gyra çykyp seretseň Akderýanyň-gadymy Tüni
derýadan gaýdan ýaplaryň biri bolsa gerek-köne akym ugry gadymy
kerwen ýollary ýaly egrem-bugram ak zolak bolup, gözýetime uzap
gidýär. Ondan bäri bolsa, gyryň etegi bilen öwrüm edip, häzirki
Aýböwür kölüne guýýar. Gadymy akym ugrundan häzir zeý kanaly
akýar. Akderýanyň suwunyň kesilen wagtam bu ýerlerde ýaşaýyş,
ekinçilik bolupdyr diýýärler. Ynanmasaň rowaýata gulak asyp gör...
Birmahallar onuň şildiräp akýan süýji suwy bar ekeni. Egrem-bugram
ýol ýasap, ýüz ugra teşnelere nem berip, Akderýanyň hanasyna birigýän
ekeni. Bu giň ýeriň ýüzünde oňuşmadyk adamlar oňa kast etmedik
bolandamy...
62
Aýakdaky türkmenler Hywada oturan hanyň böwründe köne dert
bolup häli-şindi gozgaýar. Alarman, çaparman belalar, hana boýun
synmak islänoklar. Her gezek salgyt ýygnamaly bolanda görgi baryny
görkezýärler. Bu gezegem ýasawulbaşy şolar sebäpli hanyň keýpini
bozdy:
-Han aga, Akderýanyň ugrundaky türkmenler salgyt tölemekden boýun
towlaýarlar. Özlerem gowulyk bilen bererli däl.
-Näme bahana tapýarlar?
-Han geçen ýylam gaza çekjek däl diýip, hem gazy gazdyrdy, hem gazy
salgyt saldy. Bu ýylam gazysyny gazdyk. Gazy salgydyny tölejek däl
diýýärler.
-Olary gaty tiz mugyra getiris.
Hanyň bu sözi ýasawulbaşyda howsalaly umyt döretdi. Ol şol ýyrtyjy
türkmenler bilen ýene gylyç syryşmaly bolar diýip öler ýaly gorkýardy.
Bu bir görseň sähraýy, bir görseň ganygyzgyn halk bilen gylyç syryp
gepleşmek gowulyga eltjek däldi. Ol bu hakda hana gönüläp aýtmakdan
çekindi. Han sözüni dowam etdirdi. Özem düýbünden başga köçeden
gopdy:
-Olary suwdan keseris. Özleri salgytlaryny elleri bilen getirip bererler.
Salgyt tölänlere bolsa böwet açylýança bir gulak suw artyk gider.
Ýasawulbaşy alasarmyk ýagdaýda galyp, hanyň agzyna seretdi. Han
görkezme bermäge durdy:
-Akderýanyň sakasyny gömsünler. Bir damja hem suw gitmesin.
Özünem ähli ýasawulyň bilen sakany gora. Olar diňe öz ilinde uruşmaga
batyrdyrlar. Onsoňam aňsat-aňsat başy birigýän halk däldir. Şu hem
seniň peýdaňa bor. Menden habar barynça saka açylmasyn...
Akderýanyň asyrlap akan hanasy günüň içinde gurap galdy.
Jüňňüllerde üýşüp galan balyklar öri darlygyndan heläk boldular. Guran
hana bolsa jokrama günüň astynda darka-darka ýaryldy.
Han oýlanýar. Türkmenler on-on bäş günden köp çydam edip bilmezler.
Tizara sakgaly döşüni ýapyp duran gaba telpek türkmenler atly işanlaryň
birini öňüne salyp gelseler gerek. Bu olara has gymmat düşer. Göreris
bakaly...
Gadymy ýurtda durmuş öz akymy bilen dowam edýär. Güzeran
ýüzi güne gaýzygan daýhanyň jykyry ýaly haýallyk bilen şol aýlanyp
dur, aýlanyp dur. Namysjaň halk boýun etmezligi ýüregine düwdi. Olar
hanyň salgydynam tölemezler, suwunam içmezler. Ine, saňa gerek
bosla! Guba çeşmäniň suwy gün-günden köpelýär. Göýä solup barýan
63
bagy-bossanara dözmeýän ýaly. Diňe bir mal-gara däl, ekin-dikine-de
ölmez-ödi ýetip barýar.
Han garaşýar. Türkmenler welin kellesini etegine salyp, onuň
huzuryna geläýenoklar. Han jansyzlaryň birini çagyrdy. Aýakdaky
türkmenleriň nähili güzeran görýändiklerini bilip gelmegi sargady.
Derwüş jindesini geýip, boýnundan betbagt kädisini asan jansyz
türkmen obalaryna tarap gitdi. Gelibem Guba burundaky geň çeşme
barada hana habar berdi.
Han oýunda utulan oýunçy ýaly böwrüni diňläp otyr. Türkmenlere
göz görkezmek baradaky nejis pikir bir pursat hem ynjalyk berenok. Ol
ýakynlaryny çagyrdy. Guba çeşmäni ýok etmegiň maslahatyny etdiler.
Biri çeşmäniň gözbaşyny hapalamaly, şonda çeşme öz-özi gurar diýdi.
Ýene bir çeşmäniň gözbaşyna gurşun eredip guýmagy maslahat berdi.
Başga biri gözbaşa keçä oralan tut agajyny kakmagy dogry tapdy. Garaz,
her kim bir zat aýtdy.
Etekdäki obada hiç kim gyr üstündäki gözbaşa kast ediler diýip
göwnüne hem getirmeýär. Sebäbi duşmana kast edilse-de, owaldanahyra gözbaşa kast edilmändir. Ýöne bir gün ir bilen turan adamlara bir
zat kemelen ýaly duýuldy. Nämekä? Asyl çeşmäniň sesi eşidilmeýän
bolsa nätjek! Han atlylary bir gijede çeşmänňi gözbaşyny haraplap
gidipdirler. Olaryň näme emel edeni belli däl. Ýöne hemişeki hyjuwy
içine sygman çogup duran çeşme diňe dymyljap ýatyrdy...
Barybir türkmenler boýun egmändir. Dumly-duşa göçüpdirler. Kimler
bolsa guýy gazyp çarwalyk etmäge başlapdyr. Tizara Tüni derýany hem
hanasyndan sowupdyrlar. Bütin etrap gamgyn çölüstana öwrülip
galypdyr.
Guba çeşme... Ol bu beýik hasrata dözüp bilmändir. Şor gözýaşa
gark bolupdyr. Häzir onuň birhili, şorumtyk suwy bar. Ýöne şeýle-de
bolsa syzylyp çykýan az mukdardaky mineral suwy ähli janly-jandar
höwes bilen içýär. Guba çeşmäniň suwundan içen malyň, adamyň
sagdyn bolýandygyny çopanlar aňypdyrlar. Emma bir zamanlar
unudylan bu çeşme hakynda oýlanmak şu günüň işi başyndan agdyk
adamlarynyň ýadyna düşenok. Guba çeşme, häzir şonuň üçin gözýaş
döýkýändir.
TOTY GUŞ
Toty guş oglanjygyň gaşyna emaý bilen gondy. Gürrüňe başlamaga
bahana agtaryp oturman, sorag berdi:
64
-Eý, oglanjyk, sen Jüneýit han barada eşitdiňmi?
-O kinodaky Jüneýit hanmy?
-Hawa, ony seniň babaňam gören bolmaly?
-Sen şo barada rowaýat aýtjakmy?
-Hawa.
-Ony babam gören bolsa nähili? Rowaýatlar gadymy döwürlerde bolup
geçmeýärmi näme?
-Ýok, ynsan balasy, ýok. Her zamanyň öz rowaýatlary bolýar. Diňle,
ynha, iň soňky ýaýran rowaýatlardan...
HANBAÝTAL
Gulagyna azan aýdylyp dakylan ady Gurbanmämmet bolsa-da,
taryhda görnükli yz galdyran bu adam daş-ýakynda Jüneýit han, ýagny
jüneýitleriň hany ady bilen tanaldy. Gaty inçe diplomat, ýiti syýasatçy,
gözsüz batyr bolan bu adam barada her hili çyna berimsiz gürrüňler
aýdylýar. Elbetde, olaryň baryny hakykat diýip bolmaz. Ýöne gowy
bolsun, erbet bolsun, halk hakydasy olary yzygiderli timarlaýar.
Ýogsamam ýanynda janyňdan doýmadyk bolsaň aýdylmaýan, diňe
ýeňsesinden tutulýan beýleki bir adynyň Hanbaýtal bolandygyndan köp
adam habarlydyr. Oňa bu adyň galyşy barada dürli gürrüň aýdylýar. Bir
güýçli işana bir baýtal berip pata alanmyş, Han Işana bir baýtal berip,
sopy bolanmyş. Hanbaýtal ady şondan galanmyş diýen ýaly myşly
gürrüňler köp. Hakykata has ýakynrak ýaly görünýän aşakdaky rowaýat
hem bar.
Jüneýit hanyň ýedi janynyň biri ogry bilen ahlak taýdan azgyn
admalar bolupdyr. Ol şolara hiç hili rehim etmezden Nepes peşşaba
tabşyrýan ekeni. Adamsyndan aýrylmakçy bolýan naçar maşgalalar
dogrusynda dagy ol jezalaryň iň gazaplysyndan gazaplysyny ulanypdyr.
Bir gün Jüneýit hanyň huzurynda bir betgabgt gelin peýda bolýar.
Bosagadan ätlän, hanyň jübüt duran köwşüniň birini ters düňderip
goýýar. Egilip salam berýär, ýaşmak astyndan pyşyrdap, arzyny aýdýar.
-Han kaka, adamymyň bary-ýogy deň. Şondan meni aýryň. Hanyň
gözleri gazap bilen agdaryldy. Edaly gelne adamçy öküziň nazary bilen
seretdi. Sesine basalyk berip gepledi:
-Talagyňy soraýarmyň? Ganjyk esrese şeýle bolýar. Zyýany ýok, saňa
taňry talagyny beräýeris.
Han sähel sägini hyzmatkäri çagyrdy:
65
-Bar, muny Nepes peşşaba eltip tabşyr. Tiz itden çykarsyn. Äriniň talagy
gerekmiş oňa.
Hyzmatkär ýasawul gelniň ýeňsesinden südürläp alyp gitdi.
Şol wagt hanyň ýanyna hanyň gaýynatasy Atabaý gyrymsa ýetip
gelýärdi. Ol hanyň öýünden ýeňsesinden südülenip, alnyp gidilen gelni
görüp galdy.
Tabaý gyrymsa hayň ýanyna girdi. Köwşüni çykarjak wagty hanyň bir
taýy düňderilip goýlan köwşüne gözi düşdi. Jüneýit hana sorag berdi:
-Bu köwşi aýňky gelin düňderip gitdimi?
-hawa.
-Näme arzy bar ekeni?
-Ärinden aýryljakmyş.
-Onsoň näme diýdiň?
-Azan heleýe näme diýmeli. Nepes peşşaba ugratdym.
-Näme üçin aýrylyşjak bolýanyny soramadyňmy?
-Ýok.
-Häý han, baýtallan ekeniň-ow. Uly iliň hany bolup oturyp, akylyň bir
jüýje horazyňkyça-da ýok ekeni. O naçar saňa sebäbini giren bada aýdan
ekeni. Bar aýt, ölmedik bolsa, syrtmagy boşatsynlar.
Emma gijä galypdyrlar. Nepes peşşabyň syrtmagyna boýny degen adam
bada ölýän ekeni. Atabaý gyrymsa hana şol gelniň adamsyny getirtmegi
buýrupdyr.
Hyzmatkärler şol demde gelniň adamsyny getirenmişler. Onuň
erkeklik nyşanasy ýokmuş. Özem süpük neşekeş ekeni. Sorap görüp
onuň aýala ýararlyk ýagdaýynyň ýoklugyny bilýärler. Atabaý gyrymsa
hana garap, başky sözüni ýene gaýtalapdyr:
-Baýtallapsyň han. Biçäre gelniň ene bolasy, çaga hüwdüläsi gelendir.
Onuň bagtyna mert diýip aýagyna ýykylany hem (naçarlapdyr diýmegi
has gödegräk gören borly) baýtallapdyr.
Han peýdasyz hem bolsa etmişine ökünipdir. Edaly gelniň edebinden
hanlaryň hem nusga alaýmaly tarapynyň bardygyna göz ýetiripdir. Şol
pursatdan özüne Hanbaýtal adynyň galandygyny han aňanam däl
bolmaly.
TOTY GUŞ
Toty guş ýene-de geldi. Gelşine-de oglanjyga ýüzlendi:
-harmanjyk ýadyňa düşýärmi?
-hawa, hol gün görkezipdir.
66
-Göz öňüňe getirýärmiň?
-Onda diňle.
Birden gamgyn owaz töweregi gaplap alýar. Özem şeýle bir zaryn, şeýle
bir zaryn, ýüregiňi elendirip barýar. Lowlap ýanýan oduň şuwwulda
meňzeş sesem eşidilen ýaly bolýar. Kämähal bolsa Toty guşuň
oglanjyga indi tanyş bolup galan sesem gulaga kakyp gidýär...
GARADÄLINIŇ ÝANDYMY
Oňa käte «Garadäliniň ýandymy», köplenjem ýöne «Ýandm»
diýäýýärler. Eýle-beýle bolsaň, erjeşer ýaly ýol däldir. Juda bir ussadyň
güýçli bolaýmasa.
«Garadäliniň ýandymy» indi näçe wagtdyrr admalaryň ýüregini
eläp, gözüne ýaş aýladýar. Sebäbi onda hakyky bagyr awusy ýüregiňi
gyýyp barýar. Erbet bir daşbagyr bolaýmasaň, diňleseň, seni öz erkiňe
goýmaz.
-«Ýandymyň» nirede dünýä inenini bilýäňmi? Çäşdepede. Şindiki
Harmanjyk depä öňler Çäşdepe diýýän ekenler. Obaň ýerleşişinden
Harmanjyk günüň çäş wagtyna dogry gelipdir.
Rowaýatlar näme diýýärkä? Onda bäriňe öwrül.
Aýböwür etraplarynda soňky iki ýüz ýyllykda ilkinji bolup ýurt tutan
gökleňler bolupdyr. Muhammetrahym han sürüp gelen ýesirlerine
Hywanyň aýagyndan ýer beripdir. Kyblada Gürgen bilen aralykda
aýralyk ýaly, Nalajyň gyry keserip dur. Onuň üstündäki Harmanjykdepe
(şol wagtky Çäşdepe) gaty alyslardan görünýär.
Burnuň gany ýaly goýy gyrmyzy ketenileri hem ilkinji bolup
gökleň gelin-gyzlary dokap başlapdyrlar. Keteni adynyň gelip çykyşy
bolsa, gökleňerdäki keteni urugynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Keteni
galasy hem bar. Ol doganlyk Garagalpagystanda bolup, gökleňleriň bir
çak ýaşan ýeridir.
Ine, ahyry Gürgene göterilmäge mümkinçilik döreýär. Hywada han
ölýär. Gökleňleriň köpüsi Gürgene sary ýola düşýär.
Kerwen günüň öýle ýerini nazarlap, süýşüp barýar. Kim düýeli, kim
atly, eşek münenlerem bar. Bar ýüküni ulaga basyp, gapdalyndan
pyýadalap barýanlar san-sajaksyz.
Görer göze görnüp duranam bolsa Nalajyň gyryna ýetilýänçä bir gün
gerek boldy. Kerwen gyryň üstüne çykyp, Çäşdepede düşledi. Adamlar
goş ýazdyrdylar.
67
Çagalar daşyndan seretseň harmanyň gyzylna meňzäp duran
depeleriň üstüne dyrmaşyp oýnaýarlar. Olar öňdäki ýolda duşjak
täsinlikler barada göwün ýüwürdýärdiler. Yzda bolsa... Edil eliň
aýasynda ýaly bolup, belli bir wagt ömür sürlen, aglanan, gülünen, toý
tutulan, horluk çekilen... ýurt ýatyrdy. Bu zatlary bolsa sähel uluraklar
ýüregine salýandyr.
Garadäli gökleň ýerde ýaplanyp ýatyşyna hesretli gözleri bilen
oýda galan ýurda seredýär. Bu ýurtda nämeler galmady?! Garadäliniň
aýdymyna elenmedik oba barmyka?! Indem halypa gidip barýar. Halk,
şägirtleri uly bagşyny gözýaş bilen ugradypdyrlar. Bir ýaşuly-a şeýle-de
diýdi:
-Gökleň, aýdym-sazyňy bir goýup gideweri. Şägirtleriňe pata berensiňdä hernä!
Ýok, onuň özünden ozdurjak şägirtleri Garadälini ýoklatmazlar.
«Ine, bi Garadäliniň ýoly» diýip aýdarlar. Ussada öýkünip aýdym
aýdarlar. Ýöne ... Gojalykdanmyka? Ýa-da soňy gelen, galan horluklar,
Watan zary ýa-da düşýärmikä? Bagşynyň ýüregi bir zatlara atygsaýar.
Halypa gara gazmany gabyndan çykardy. Kirişlerini düzdi. Soňam
şabram kakdy-da perdeleri yzarlap gitdi. Bu heniz görülmedik heňdi.
Horluklarmy ýa öwrenişilen ýerden gitmäniň gynanjymy, ýitirilen dostýarlarmy ... garaz, Gara gökleň durşuna hesret bolup elenýärdi.
Garadäli gökleň dutary gapdalynda goýdy. Ugradyp gelýän şägirtleriniňi
birini çagyrdy. Ýaňy dünýä inderen sazyny gaýtalap çaldy-da:
-Menden şunam alyp galyň-diýdi.
Kerwen ýene ýola düşdi. Garadäli gökleň kalbyny gyýmak bilen
Aýböwüre gözlerini ýaşlap, ýene bir öwre seretdi. Soň gaýtalap
garamazlyga çalşyp, kerweniň yzyna düşüp gitdi...Hawa, soňra hywaly
şägirtleri Çäşdepede dünýä inen «Garadäliniň ýandymyny» aýdyma hem
salypdyrlar. Indi bolsa «Ýandymy» hem bagşynyň özüçe aýdyşy bar.
Ýöne mukamyň asyl durky welin üýtgemeýär. Ussadyň ýanyp dünýä
inderen «Ýandymy» taraşa mätäç däl.
TOTY GUŞ
Toty guş oglanjyga bir kitap görkezýär.
-Hany daşyny oka.
Oglanjyk hetjikläp okaýar:
-«Kö-ne-ür-genç ro-wa-ýat-la-ry».
Toty guş ony açýar-da, oglanjyga okap bermäge çemlenýär.
68
Ilki açan ýerindäki rowaýatyň sözbaşysyny okaýar:
-«Diýarbekiriň rowaýaty».
Yzyndanam üýtgeşik bir labyz bilen okap başlaýar. Tizara Toty
guş hem, kitap oglanjygyň gözlerinden uçýar. Hyýaly şol alyslara
gidýär. Birden ol garşysynda Toty guşuň gözlerini görýär. Ol okaýana
meňzänok. Iki gözem oglanjyga garaýar. Rowaýaty bolsa aýdyp otyr...
DIÝARBEKIRIŇ ROWAÝATY
Maşynyň kölegesinde çaý içmek üçin ýaňy goş ýazdyranymyz hem
şoldy welin, duýdansyz çykan gargy tüýdügiň sesi on iki süňňümize
ýaýrap gitdi. Munuň aýratyn sebäbi bardy. Biz Şasenem galasyny,
gadymy Diýarbekiri görmäge gelipdik. Hol ilerki Duz gyryny etekläp,
Tüni derýanyň gadymy hanasy uzalyp gidýär. Ondan bäriligine yzynda
adaja tozan galydyrp, ymgyr süri süýşüp gelýär. Çopan bolsa tanapy
başyna goýberilen eşegiň üstünde iki aýagyny hem bir ýana sallap,
ýanyn münüp gelşine gargy tüýdükde «Tüni derýa» zowladýardy.
Ol bizi gördi-de, bäriligine gönüledi. Çopan halky hemişe
myhman küýsegiç bolýar. Ol hem örän alçak, gürrüňçil ýaşuly ekeni. Ol
çaý başynda nazaryny käwagt bir ýazylyp otlap ýören agyr sürä aýlap
goýberip oturyşyna öz aýdyşy ýaly, Garyp aşygyň ýollaryndan saz
çalyp berdi. Sazam saz weli onuň Garyp aşyk hakyndaky rowaýaty
hasam biziň ünsümizi çekdi. Onuň aýdýan wakalary hut biziň oturan
ýerimiz bilen bagly bolany üçinem gyzyklydy.
-Men size «Şasenem-Garyp» dessanyny gaýtalamok, oglanlar-diýip, ol
söze başlady-Aşyk Garyp hakyndaky hekaýat dessan ýazylmanka hem
şu sähralarda dilden-dile geçip gelipdir. Soň bu hekaýatlar bir şahyryň
düýşüne has aýdyň giripdir. Şahyr tarsa turup, döwet-galamyna
ýapyşypdyr. Üç günde ýerinden galman ýazyp gutarypdyr. Ol şahyryň
kimligini bilýän ýok. Ýöne eşidişime görä, ol bende kazasy dolanda
Ybraýym Edhem babada jaýlanypdyr...
Diýarbekir häkiminiň gyzy, gözellikde deňi-taýy bolmadyk
Şasenem göwün açmak üçin öz kenizleri bilen bagda gezim edýärdi. Ol
her hili al-elwan gülleri hezil edinip synlady. Bu güýmenje hem ony tiz
irizdi. Özdiýenli şazada gyz täze___________? agtardy. Häkimlikde
onuň edeni bolýardy. Şa öz perzendine ähli erki beripdi. Şasenem sähra
güllerinden oňat çemen baglap getirenlere serpaý ýapjakdygyna
_________? Uly-kiçi serpaý hantamasy bilen sähra güllerine tarap eňdi.
69
Hemişe yşky aýdymlary aýdyp ýörensoň Aşyk Garyp adyny alan çopan
ýigit hem padasyny ýoldaşyna tabşyrdy. Öz güllerinden ýolup çemen
baglamaga oturdy. Onuň gülleri örän owadandy, gözüň ýagyny iýip
barýardy. Olardan örän ajaýyp bir çemen emele geldi. Aşyk Garyp ony
alyp, köpçüligiň ugraýan ýerine ugrady.
Şasenem özüne getirilen çemenleri ýeke-ýeke kabul edip, göwnüne
ýaranlaryny alýardy, eýesine bolsa bir halat ýa bir gysym teňňe
oklaýardy.
Şasenem Aşyk garybyň elten çemenine ünsli garady. Onuň
owadanlygyna bendi boldy.
-Bu hili owadan gülleri nirede ösdürip ýetişdirdiňiz?-diýip sorady.
Ho-ol sähralarda-diýip, çopan taýagyny salgap görkezdi.
Şasenem kenizlerine:
-Bu gülüň çemenini eltip meniň otagymda goýuň, özüne bolsa bir laý
serpaý bilen bir gysym teňňe berip goýberiň-diýip, buýruk berdi.
-Haý, bibim az tölediňiz?
Başgalaryňkydan onlarça esse köp töledim diýip oýlanan gyz oňa haýran
galyp, soragly garady.
-Hakyky gül bilen söýgüniň bahasy bolmaýar. Men ony size ýöne
sowgat hökmünde berýän. Ýogsam, bahasyny kemsidersiňiz.
Şeýdip Aşyk Garyp gaýdýar. Şasenem ol gülleri öz otagyna eltip
goýýar. Bu ajaýyp çemen säher otaga öl düşende çopanyň söýgi
hakyndaky aýdymyny gaýtalaýarmyş. Beýleki güllerden tapawudy bu
güller wagt geçse-de solmany bilmeýär. Gaýtam barha owadanlaşýar.
Ýene bir geň ýeri, Şasenem şatlansa çemen hasam owadanlaşýar. Gam
çekse süllerýär. Gyz bu çemeniň syryny bilmän azara galýar.
Aşyk Garyby çagyryp getirýärler. Getiren çemeniniň syryny
soraýarlar. Garyp «Bir çemçe ganymy geçseňiz aýdaýyn» diýýär. «Bar
geçdik, aýt» diýýärler. Şonda Aşyk Garyp Şaseneme garap şeýle diýýär:
-Men seniň husnuňy ýedi ýaşymda düýşümde gördüm. Bir garyp enem,
ýene naçar doganym bilen saňa ýetip bilmejegim anykdy. Içimi urup zar
aglap ýörşüme gözümiň ýaşynyň daman ýerinde gülälekler gögerip
başlady. Içim içime sygman, aýdyma gyryranymda käkilikler goşulyşyp
saýrady. Gülälekler şeýle bir owadan boldy weli, bibim, hut sizi
ýatlatdy. Öňküden beter ot aldym. Seniň çakylygyňy eşidip, öz
bagymdaky gülleri gözýaşym bilen suwaryp başladym. Açylan günem...
Şasenem «Söýgi mundan zyýada bolmaz» diýäge-de özüni duran
ýerinden Garybyň üstüne oklaýar. Gujakla ýatýarlar.
70
Soň il-günüň, halkyň talap etmegi boýunça Diýarbekiriň häkimi
özüniň ýeke-täk gyzyny garyp çopana bermäge razy bolýar.
Bu geň hakykat şu säharada dilden-dile geçip gelipdir.
Şahyrlar bolsa dessana başlapdyrlar.
Tanyş ýerler: Diýarbekir, Şasenemeiň galasy, Tüniderýa, Akja
gelniň bagy, süňňüňi elendirýän sazlar. Aýagyň astynda bir wagt bolup
geçipdir diýilýän wakalar ýanlyk ýaýan çarwa gelniň pişegi ýaly
hyýalyňy bir o ýana, bir bu ýana oklaýar.
TOTY GUŞ
Toty guş asmanda kän uçdy. Öwrüm berip aýlandy ýördi. Gözleri bilen
yzarlamakdan ýaňa oglanjyk ýadap gitdi. Toty guş ahyry gondy.
-Eý, Toty guş, näme asmanda beýle köp eglendiň? Ýa bir zadyňy
ýitirdiňmi?
-Ýok, çopan atanyň agajyny gözledim.
-Çopan atanyň agajy?
-Näme sen ol baradaky rowaýaty bileňokmy?
-Ýok.
-Şeýle diýsene... Onda eşidip goý.
USSAT SARPASY
Üstýurduň ýaýlalarynda gazak säharalarynda iki sany arasy
onçakly daş bolmadyk gonamçylyk bar. Olaryň birine Çopan ata,
beýlekisine Guşçy ata diýýärler. Aýtmaklaryna görä olaryň ikisem
türkmenmiş...
Ürgenç soramynda medreselerem köpdi, ylymly adamlaram.
Şägirtler ussat görüp, kemala gelýärler. Bu demir ýaly düzgündi.
Halypanyň petegi bolsa, kybla bakyp, elini ýüzüne sylyp berýän ak
patasydy.
Halypalaryň sarpasy örän belentdi. Şägirtler halypanyň her bir
ýumşuna şatdylar. Onuň göwnünden turup bilseler başga myratlary
ýokdy. Halypanyň gargyşyna dagy galmakdan hudaý saklasyn. Bu
ýerdäki ynanja görä, halypanyň gargyşyna galanyň ýedi arkasy ýerden
galmazmyş, önüp-örňemezmiş, garny doýup, eşigi bitmezmiş.
Tüni derýanyň aşak akymlarynda owazly ussatlaryň biri bardy.
Talyplara ylym bererdi, göwni ýetenlerine ak pata bererdi. Başga
ussatlardan tälim almagy maslahat bererdi.
71
Remezan aýy ýetip gelýärdi. Bir gün halypa ähli şägirtlerini ak öýe
ýygnady. Şägirtler kimleredir birlerine ak pata beriljegini aňýardylar.
Hemişe şeýledi. Halypa ak pata berip, birini ugratjak bolsa, ähli
şägirtlerini ýygnardy.
Halypa töre geçdi. Ähli şägirtler edep bilen oturdylar. «Kimiň
bagty çüwerkä?» diýip hemmeler garaşýardylar. Halypa bu gezek
äwmedi. Hasasyny eline aldy. Soňam çaltlyk bilen ýokary zyňdy, hasa
tüýnükden çykyp gitdi. Hiç zada düşünmedik şägirtlere garap şeýle
diýdi:
-Kim hasany tapyp gelse, şoňa ak pata berjek. Gözläp görjegiňiz barmy?
Şägirtler şol demde dyr-pytrak boldular. Diňe iki talyp-Çopan bilen
Guşçy ýerlerindenem gozganmady. Halypa olara soragly garady:
-Siz nä gitmediňiz? Tapmak umydyňyz ýokmy?
Çopan ilki bilen söze başlady:
-Tagsyr hasaňyz aýak ýeterden uzakda. Oňa ýetjek bolsaň üç-dört
günlük ýol gerek. Alyp gel diýseňiz. Indi gitmesek bolmaz. Bize rugsat
ber. Ýöne bize garaşma. Biz barýançak hasa gögerer. Onoň düýp tutan
zada el urup bilmeris. Biz indi şonuň gapdalynda ömürlik galmakçy.
Beýleki şägirtler bütin aýak ýeter ýeri elek-dörjük edip boş gelýärler.
Halypa diňe şol ikisine ak pata berip ugradýar.
Çopan ata hem, Guşçy ata hem Üstýurt gyrynda ýaşap ötýärler.
Ikisiniň mazarynyň arasy bir salkynlyk ýol. Olar halypanyň hasasyny
äkeljek bolup gaýdyşlaryna bu ýerden gidip bilmeýärler. Hasany alyp
gideli diýseler-ä düýp tutupdyr. Ýogsamam ýumşuny bitirmän baryp
boljak däl.
Çopan atanyň mazarynyň başynda şildiräp akýan çeşme bar.
Çeşmäniň gözbaşynda bir düýp agaç ösýär. Bu-Çopan atanyň ömrüni şu
ýere örklemegine sebäp bolan şo-ol hasa bolmaly.
TOTY GUŞ
Toty guş pikire çümüp otyr. Oglanjyk ony sorag bilen gorjaýar:
-Nirede başlajagyňy bileňokmy?
-Ýok, dünýede bolýan zatlara akyl ýetirip bilmän otyrdym.
-Hä, seňem düşünmeýän zatlaryň barmy?
-Kän, ynsan balasy, gaty kän. Sen öz atasyna, öz iline ikilik edýän gyz
hakynda eşidipmidiň? Ol şeýle...
72
YZMYKŞIR
Baýguş mesgenine öwrülip galan köne gala gaty haýbatly
görünýär. Aýlaryň-ýyllaryň, ýel-ýagmyryň, yssynyň-sowugyň täsiri
bilen üstünde araba sürübermeli diwarlaryň käbir ýeri gemrik atyp
başlapdyr. Galanyň gündogar kybla tarapy bolsa köl bolup çaýkanyp
dur. Megerem galanyň laýy şol ýerden alnan bolarly. Gala könelse-de o
baradaky iniňi dygladýan rowaýata könelme ýok. Eşidesiň gelýärmi?
Onda guilak as.
...Gülçeçek sähralaryň, kowçum-kowçum obalaryň üstünde
ýaýnaýan şemal erkindi. Bagtyýar illeriň bagtly gününe aýdym
aýdýardy. Suwam öz erkine bulanmaýar. Bir günem bu sazlaşyk
bozuldy. Sansyz leşgerleriň süýşüp gelýändigi baradaky habar oba
aralaşdy.
Indi Yzmykşir obasy gaýnap duran gazana çalym edýärdi. Yzmykşiriň
häkimi onça ýagynyň öňünde durup bolmajagyny aňdy. Şonuň üçin
hem gyssagly örän berk gala gurmaly diýen karar geldi. Ýerden ýöräniň
bary galanyň gurluşygyna sürüldi. Hiç kime rehim edilmedi.
Ýaramadyklar diwaryň arasyna basylyp gidildi. Sebäbi ertir ýagy
dökülse, gan gaty köp döküljekdi. Ondan ummasyz meýdany tutup ýatan
galany gaty tiz gurup gutarmalydy.
Gala gurlup gutaryldy. Gaty beýik diwarlaryň üstünde eşek araba
arkaýyn ýöräp bilýärdi. Garawul gözaralaryndan gaty uzakdaky ýagyny
saýgarmak boljakdy. Mahlasy gala halky ygtybarly gorap biljekdi.
Yzmykşiriň häkimi üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Indi galmyk
hany näçe goşun bilen gelse gelibersin.
Ýagy uzak garaşdyrmady. Galmyk hany Yzmykşir galasynyň üstüne
doly ýagan ýaly döküldi. Obanyň ähli halky bar azyk-suwlugy, maly
bilen gala girip ýetişdi. Mergenler gözaralaryň öňüni eýeldiler. Çöpdeçörde san bardy, dökülen ýagyda san-sajak ýokdy. Diňe mäkäm gala bil
baglaýmasaň, olary urşup ýeňerin diýip umyt eder ýaly däldi. Ýöne
galanyň halky batyr goranýardy.
Duşman galanyň daşyny halkalaýyn alyp ýatyberdi. Olar galany
urşup alyp bilmejekdiklerine göz ýetirip, uzak wagtlyk gabawdan soňra
yzmykşirlileriň öz boýun egerlerine garaşdylar. Galanyň azyk-suwlugy
uzak wagtlyk gabawa çydamaly däldi.
Gabaw üç aýlap dowam etdi. Galada azyk rejeli tutulýardy. Ýöne
Yzmykşir häkimi bir pirim oýlap tapmagy ýüregine düwdi. Ol her öýden
73
bir gysym däne ýygnamagy buýurdy. Ony bir öküze iýdirdi. Soň garny
topa dönen öküzi galanyň diwarynyň üstüne çykaryp goýberdiler.
Garny däneden doýan öküz duşmanlara haýbat atyp, her hili oýunlar
edýärdi, galmyklar ony şol bada atyp gaçyrdylar. Semiz öküzi
soýanlarynda onuň diňe däne bilen bakylandygyny görüp, haýran
galypdyrlar. Galmyk hany özüçe netije çykardy.
-Biz bu galany aljak diýip ýatyşymyza beýleki oljalardan galarys. Bular
öküzlerini galla bilen bakýan bolsalar, entek bize boýun egmez.
Gowusy, gideliň.
Bu bolýan zatlary görsene! Şol wagt ujy hatly bir peýkam gaýyp gelip
düşdi. Haty açyp okadylar:
«Eý, galmygyň batyr hany. Siz aldanyp gitmäň. Galada açlyk
dowam edýär. Ýene üç gün garaşsaňyz, gala size boýun eger. Men size
aşyk boldum. Ölsem ýeriňki-ölmesem seniňki diýip kasam içdim. Size
garaşýan. Yzmykşir häkiminiň gyzy».
Öz kör söýgüsine bäs gelip bilmedik gyz tutuş galany harap etdi.
Adamlar barybir açlykdan öljek bolsak, duşman bilen garpyşyp öleli
diýip, iň soňky demlerinde derwezäni açyp, duşmanyň üstüne eňdiler.
Ne gözel ýigitler al ganyny bu topraga akdyrdylar. Galmyklar köp
gurban berip, şäheri eýelediler.
Galmyk hany galany oljalady. Yzmykşir häkiminiň gyzyny öz
gaşyna getirmegi buýurdy. Gaýybana aşyk bolan görkana gözeli alyp
geldiler. Gyz onuň gaşynda baş egdi. Galmyk hany onuň garamyk ýaly
gözleriniňi garaçygyna seretdi-de:
-Kellesini alyň diýdi. Atasyna, obasyna biwepalyk eden gyz aýal bolup
bize wepa bermez.
Ynsan deri bilen bina bolan äpet gala baýguş mesgenine öwrülip
galdy. Açgöz gargalar gyzyň kesilen kellesindäki towlanyp ýatan gara
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Köneürgenç rowaýatlary - 6
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.