Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 4

Total number of words is 3742
Total number of unique words is 2220
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ortarasynda el bilen getirilip goýlan ýaly bolup otyr. Onuň üstündäki
Ybraýym-Edhemiň mawzoleýi, Çilgez sopynyň metjidi gaty uzaklardan
görünýär. Ol ýerde Erhem sahabanyň, onuň ogly Ybraýym soltanyň,
Çilgez sopynyň, Hezret Alynyň ýaşlykda ölen ekizleriniň mazary bar.
Bu ýere gelýänleri ilki bilen haýran galdyran zat Çilgez sopynyň metjidi
bolsa gerek. Dagdan byçgy bilen kesilip örülen metjidiň daşlaryny ynsan
güýji bilen gozgamak mümkin däl. Ýöne Çilgez sopy üçin bu mähnet
daşlary gozgamagyň hiç hili kynçylygy bolmandyr. Sebäbi onuň öz
göwresi hem kiçi däl ekeni. «Çilgez» sözüniň özi hem «kyrk gez»
diýmegi aňladýar. Bu onuň boýunyň uzynlygy bilen baglanyşykly.
Metjidiň arka ýüzünde uzyn, gaty uzyn mazar ýatyr. Ol Çilgez sopynyň
mazary bolmaly. Şeýle boýy bolan adamyň uzynlygy iki, ini bir metr
bolan daşlary kesip, ondan metjit gurmagy bolup biljek zat.
Ýogsamam bir gezek şeýle bir waka bolanmyş. Ybraýym soltanyň
öýüne bir düýeli myhman sowulýar. Ybraýym Soltan ony güler ýüz
bilen garşy alýar. Töre geçirýär.
Nätanyş myhman üçin gazan atarylýar. Ybraýym soltan
myhmanyň tüý basyp giden agyz-burnuny birhiliräk görse-de, sesini
çykaranok. Myhman hatyrasyny saklaýar. Ybraýym soltan Edhem
sahabanyň ogly. Şerigaty, däp-dessury gaty berk berjaý edýär. Azajyk
biedeplik hem bolsa, gödegräk hereketleri edermen bolýar. Sebäbi
myhman özünden bilenok. Haçanda nahar taýýar bolanda, ele suw
akydylmanka, myhmanyň öňüne legen, ýyly suwly kündük getirip
goýýar:
-Myhman, tagamyň hatyrasy üçin tämizleniň.
46
Myhman o zatlaryň ýüzüne hem seretmeýär. Ybraýym soltanyň bu sözi
üçin öýkeläp, nahary hem iýmän turup gidýär. Ybraýym soltan
myhmanyň göwnüne degip, geçilmez agyr günä edendigine göz ýetirýär.
Obanyň çetinde myhmanyň yzyndan ýetip töwella edýär:
-Myhman, düýäň başyny bir çek-le. Biz şerigaty berjaý etjek diýip, agyr
günä edipdiris. Dag ýaly günämizi dary ýaly edip geç.
-Ýok, günäňi egçip bilmen.
-Gurbanyň bolaýyn, myhmn. Bir egzek egçir. Näme şertiň bolsa
bitirmäge razy.
Onuň soňky sözi myhmany oýlandyrýar. Ybraýym soltandan gaty kine
edenoň, şuny edip bilmez diýen niýet bilen şeýle diýýär:
-Şu duran ýerimden düýämden düşürmän, aýagymy ýere degirmän alyp
gitseň, günäňi geçeýin. Tagamyňy hem iýeýin.
Ybraýym soltan şerti diňleýär. Az salym oýlanýar. Soňam oba garap:
«Çilgez» diýip gygyrýar.
Dem salymda boýy kyrk gez, gaýanyň bölegi ýaly Çilgez soltan
ýetip gelýär. Nätanyş myhmany düýesi bilen göterip Ybraýym soltanyň
öýüne getirýär. Myhman bilen öý eýesini ýaraşdyryp, uly sogap
gazanýar.
Häzir bu özboluşly, gadymdan galan ýadygärliginiň ýanynyň
adamyz wagty ýok. Zyýarata gelen iki ýaşuly Çilgez sopynyň mazaryna
seredip, özara gürrüň edýär:
-Geçmişde nähili admalar bolupdyr. Adam tohumy barha ownaýar
öýdýän?!
-Gürrüňdeşi oňa garşy çykýar:
-Ýok-la, adam tohumy däl-de, köp adamlary synlap, adam ygrary, lebzi,
häsiýeti ownaýar diýseň, dogry bolar...
Rowaýatlaram şu gün hakda söhbet etmäge gepbaşy bolaýýar-ow...
TOTY GUŞ
Bu gezek soraga oglanjyk başlady:
-Eý, Toty guş, sen köp galalar barada gürrüň berdiň, ýöne näme üçin
Gyzylja gala barada aýtmadyň?
-Sen o galany nirden bilýäň?
-Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün ekskursiýa
gitdik-dä şoňa.
-Gördüňizmi onsoň?
-Hawa.
47
-Näme zatlar gördüňiz?
-Ýykylyp gutaraňkyrlan köne gala. Onsoň bäri gelip bazara girdik.
Moroženoe alyp iýdik.
-Şol ýerden gyzylymtyl daşlar tapdyňyzmy?
-Hawa, hä şonuň üçinmi?
-Bir sebäbi şol. Ýöne galanyň ady üç dürli düşündirilýär. Howlukma,
aýdyp bereýin.
GYZYLJA GALA
Kimligini anyk aýdyp biljeg-ä däl welin demi degirmen ýöredýän
häkimleriň biri bu ýerde gala saldyrarman boldy. Ussalar, hakyna
tutulanlaryň bary bu işe sürüldi. Ussalar galanyň haýsy ýerini laýdan
galdyrmaly, haýsy ýerini kerpiçden örmeli-baryny peýleýärdiler. Kerpiç
bişirýän hummuzlaryň tüssesi gije-gündiz kesilmeýärdi.
Şol ýerli belli galtamanlaryň biri häkimiň ýanyna geldi. Barly
adamlar ýaly özüniňem gala kömek edesiniň gelýändigini aýtdy. Indiki
oljasyna düşen kerweni oňa bagyşlajakdygyna söz berdi.
Kellekeserlerini yzyna tirkän galtaman «awa» çykdy. Şöwür çekip
birnäçe gün garaşansoň, kerwen ýolunda jaň sesi eşidildi. Gözleri
gyzaryp, saçlary syh-syh bolan, ýaragy düz galtamanlar oňa tarap aç böri
ýaly okduryldylar. Hä diýmän oljalanan kerweniň başy häkimiň
obasyna tarap öwrüldi.
Galtaman wadasynda tapylyp, kerweniň gylyny gyşartman häkimiň
gaşyna getirdi. Gözleri jöwherlenen häkim agyr ýükli kerweni görüp
ýyrşardy. Galtamana sorag berdi:
-Kerweniň ýüki näme ekeni?
-Barlap görmedik.
-Barlaň.
Tizden kerweniň ýüküni barladylar. Ol durşuna boýag bolup
çykdy.
Başga bir gymmatly zatdyr öýden häkimiň lapy keç boldy. Gaharyna
hyzmatkälere buýruk berdi:
-Kerweniň ähli ýüküni düşüriň, boýaglary kerpiç guýýan ussalar laýa
goşsunlar.
Aýdyşy ýaly edipdirler. Boýag goşulan kerpiçler gyp-gyzyl
birenaýy bolupdyr. Gyzyl kerpiçden örülen diwarlar uzakdan gyzaryp
görnüpdir.
48
Galanyň Gyzyljagala ady şondan galypdyr diýýärler. Gyp-gyzyl
daşlaryň galyndylaryna bu ýerde häzirem duşmak bolýar.
Bu ýerde gökleňleriň gyzyllar diýen tiresi ýaşanmyş, galany gurduranam
şolarmyş diýen gürrüňem bar. Bu galada ýaşaýanlar çöpboýa öndürmek
bilen meşgullanypdyr. Gyzylja gala ady şondandyr diýibem
düşündirilýär. Her niçigem bolsa ad-a galypdyr. Haýsynyň hakykta has
golaýdygyny welin aýtmak kyn-da...
TOTY GUŞ
-Oglanjyk, indi sen ýatyp dynç al. Yzyny ertir dowam ederis.
Oglanjyk uklady. Bellenen wagtda ýene-de Toty guş bilen ýüzbe-ýüz
boldy. Toty guş bir dem oýlanyp oturdy-da:
-Eý, oglanjyk, bu gün sen Gökleň medrese baradaky rowaýaty diňlärsiňdiýdi.
Indi diňe Toty guşuň sesi eşidilýär. Oglanjyk bolsa oňa gözlerini
gyrpman seredýär.
GÖKLEŇ MEDRESE
Gökleň medrese... Onuň taýak atym ileri ýanyndan Hanýap
towlanyp akýar. Medresäniň gümmezekläp duran hüjreleriniň iň
soňkusy ýakynda ýykyldy. Şykgyldap duran toýun palçykdan eýi
ýetirilip galdyrylan diwarlar uzak ýyllaryň ýel-ýagmyryna, şorlan
topragyň yzgaryna ahyry ýan berdi. Indem ... oňa haraba diýesim
gelenok.
Medresäniň synasynyň sagat wagtyny hem bilýänler bar.
Medresede ylym alan, ony özleriniň ylym öýi hasaplap ýörenlerem az
däl. Bir wagtlar bu ýerde sowet mekdebi ýerleşipdir.
Medresäniň demirgazyk tarapynda gyşyn-ýazyn çagalaryň şowhuny
kesilmeýär. Daş kerpiçden salnan owadan ymarat-orta mekdebiň jaýy.
Mekdep hem medrese... Göwnüňe bolmasa, göze görünmeýän haýsydyr
bir sapak olary birleşdirip duran ýaly. Ýogsam näme? Onsoňam Gökleň
medrese hakynda nämeler aýdylmaýar?
Medreseden sähel öýle taraprakda Hanýabyň ileri kenarynda
Gyzylja gala ýerleşýär. Bu ýerler gadymy Hywa hanlygynda ýurduň
günbatar araçägi bolupdyr. Has dogrusy, mundan bu ýana ekara
meýdanlar bolmandyr.
49
...Taryhyň kerweni özüniň güňleç ses edýän jaňy bilen asyrlara ýaň
salyp, zol gidip otyr. Kerweniň jaňy köne harbalara, iki-ýeke somalyp
galan mawzoleýlere, galalara düşüp hüňleýär. Asyrlaryň aňyrsyndan
ýaňlanýan bu owazlardan näme eşidilýär?
Hywa hany Etrek-Gürgen sebitlerinden olja bilen dolanyp geldi. Hywa
bazary ýesirlerden hyryn-dykyn doldy. Han olaryň aksakallaryny
Hywada saklap, galanyny ýurduň günbatar çetinde-Hanýabyň
aýagujunda göz tussagy edip saklady. Gürgenler şu ýurtda mekan
tutdular. Han olary bu ýerde suwuň aýagynda ýerleşdirip, agyr salgyt
saldy. Ýurduna gitmezlikleri üçin berk gözegçilik goýdy.
Diri adama hemme zat gerek. Gyzylja galada ýerleşen gökleňler
ýetme-ýykylma suw bien Horezmiň boz toprakly ýerinden hasyl almaga
başladylar. Ýerli halk bilen gatnaşyk açyldy. Ýöne Watan ýaly şirin zat
ýok. Hemmeleriň göwni Gürgeni küýseýär. Hatda düýelerem sähel
gözüňden sypyndygy köşegini yzyna tirkäp Gürgene tarap güm
bolaýýar.
Zelili şahyryň «Watanym seni» goşgusy hemmeleriň gözüne ýaş
aýlaýar. Watanyň gadyryny diňe şulardan soraýmaly.
Bir gün aksakallaryň üýşmeginde Zelili şeýle teklip bilen ýüzlendi.
Meňlihoja Hywada zyndanda bolansoň, gökleňleriň kethudasy Zelili
bolup galypdy. Şonda-da ol «Näme bu ýurtda ömürlik ornaşaýmak
hyýalyň barmy?» diýiläýmeginden gorkup ýaşulular çekine-çekine
aýtdy:
-Azady babamyz ylym-şam-çyrag diýipdi. Düýäň üstünde-de bolsa,
çagalarymyz ylymsyz galmasyn. Medrese salalyň. Okadyp biljegimiz
bar. Ýurda göterilsegem gökleňlerden galan zat diýip ýagşylyk bilen
ýatlarlar...
Şahyryň pikirini ýaşulular makullady. Uly-kiçi hemmeler elinden
gelen kömegini etmeli edildi.
Şeýdibem Gökleň medrese salyndy. Ýöne Zelilä bu ýerde uzak
sapak bermek miýesser etmedi. Gökleňlere ýurda aşmaga mümkinçilik
döredi. Gökleňler bir günüň içinde bulut süýşen ýaly göterilip gitdiler.
Ýöne olaryň bu ýerli bolup galanlary hem az bolmady
Gökleň medrese gökleňleriň Hywadaky ýaşan günlerine ýadygärlik
bolup galdy. Zeliliniň teklibi, ýaşulularyň yradasy bilen gurlan medrese
köp-köp nesillere ylym berdi. Soň onda gyzyl mugallymlar sapak geçdi.
Hywa hany Gürgene baryp öz gylyjynyň ganly yzyny goýup gaýtdy.
Onuň sürüp getiren ýesirlerinden bolsa ýagşylyk galdy. Halkyň zelili
ýaly şahyr ogullarynyň bar ýerinde başga hili bolubam bilmeli däldi.
50
TOTY GUŞ
Toty guş uçup barşyna pessaýlady-da, garagajyň aşagyndan geçdi. Soň
ýene ýokary göterilip, garşysyndaky mawzoleýiň depesine galdy.
Mawzoleýiň üstüne gonman daşrakdan öwrüm edip, onuň gapdalyna
gondy.
-Bu Pirýar weli diýdi. Onuň ogluna bolsa Mahmyt Pälwan diýýärler.
Özem atasy ýaly Ürgençde däl-de, Hywada ýaşap öten ...
Toty guş rowaýata başlaýar.
MAHMYT PÄLWAN
-Pälwan ata diýilýäni kim bolduka?
Goja başam barmagy bilen çäýnegiň gapagyny basyp, aşak-ýokary
çalaja galgadyp, çaýyny syrykdy. Çäýnegi aňyrrak süýşürip, käsesini
eline aldy. Diňe şondan soňra jogap bermäge başlady:
-Halk bir zada yňyp gitse gidýär oturýar. Pälwan ata diýilýäni öz
döwrüniň meşhur şahyry hem pälwany bolan adam. Onuň hakyky ady
Mahmyt bolup, Pälwan onuň lakamydyr. Horezmde meşhur adamlar
sanalsa, Mahmyt Pälwanyň ady hem öň hatarda tutulmaga mynasyp.
Mahmyt Pälwan köp göreşlerde özüni görkezýär. Şeýle bolansoň
ony Horezm şasy baş pälwan hökmünde köşkde saklaýar. Bu hakda öňki
kitaplarda hem ýazylandyr...
Mahmyt pälwanyň öňüne çykyp biljek pälwan Horezm
topragynda-ha magat ýokdy. Eýranda, Yrakda, Hindistanda tutulýan
toýlardan hem onuň ýeňişsiz dolanýan wagty ýokdy. Diňe bir gezek,
hawa, şol gezek ol ýeňişsiz dolandy...
Eýranda tutulýan toýa Horezm şasy bilen bilelikde Mahmyt
Pälwan hem gitdi. Eýran şasynyň tutýan toýunyň dabarasy uludy. Köp
ýurtlaryň iň atly pälwanlary çagyrylypdy.
Uzak ýoluň ýadawlygy basmarlasa-da, Mahmyt Pälwan myhman
ýerinde jaýlaşyp, çaý-suw içensoň, azajyk ýadawlygy aýryldy. Ol
gezelenç etmegi, şäher etegindäki bu oba bilen tanyşmagy ýüregine
düwdi. Obany gezmeläp ýörşüne gonamçylyga girip gidenini duýman
galdy.
Iňlär siňeksiz mazarystanlyk. Dur-la. Bir hümürdi eşidilýän ýalyla?! Pälwan öňe ädim urdy. Garrap, bili ýaýa dönen ak saç mama
haýsydyr bir mazary gujaklap aglaýardy, bir zatlary samraýardy.
51
Pälwan onuň ýanyna bardy, salam berdi.
-Guranyň bolaýyn, bizi rysgaldan kesme...
Ol henizem mazary gujaklap ýalbarýardy. Ahyry bäri döndi. Pälwana
seretdi, salamyny aldy.
-Ýeri, mama, haýsy dert seni bu ýere alyp geldi?
Mama içki derdini daşyna çykarmaga durdy:
-Oglum, biz bir rysgaly şalykdan ýazylan bendeler. Bäş baş maşgalamyz
diňe ogulymyzyň arkasyndan gün görýär. Oglum patyşanyň uly
pälwany. Patyşa uly toý tutýar. Ol toýa uzak-ýakyn ýerleriň ähli
pälwanlary çagyryldy. Toýa Horezminiň iň uly pälwany Mahmyt hem
geljekmiş. Meniň oglum dünýäde diňe Mahmyt Pälwandan çekinýär.
Patyşa eger oňa bir pälwandan basylaýsa, çörekden kesjekdigini
duýdurdy. Ol çörekden kesilse, biz aç galarys. Üç gije-gündiz bäri şu
keramatly mazary gujaklap, oglumyň Mahmyt Pälwany ýeňmegini
dileýärin...
Mahmyt Pälwan ony ünsli diňledi. Yzyndanam:
-Mama, sen öýüňe gaýdyber. Enşalla, seniň ogluň ýeňer diýdi.
Mama ony hudaý tarapyndan iberilen bir gudrat hasaplady. Şat bolup
öýüne gaýtdy. Onuň şol meşhur Mahmyt Pälwandygyny tanamady.
Mahmyt pälwan ertesi toý diýlen güni gijesi bilen kän oýlandy. Nähili
bolarka? Bir maşgalany çörekden kesmek gowy däl. Ýurduň abraýyny
hem goramaly. Onsoňam Mahmyt Pälwan bilden bir tutansoň,
bilgeşleýin ýykylyp bilermikä?! Munuň özi gaty gelşiksiz, tutuş
märekäni oýnamak ahyry! Ol o ýanyna bu ýanyna kän agdaryldy.
Uklaman daňyny atyrdy.
Ahyry şol pursat gelip ýetdi. Göreş meýdanynyň bir tarapynda
goýlan bezelgi supra Eýranyň, Horezmiň şalary, belent mertebeli
adamlar gelip oturdylar. Iň uly baýraga Mahmyt çykdy. Onuň bilen
tutluşmaga Eýranyň şasy pälwanyny goýberdi.
Pälwanlar tutluşdylar. Mahmyt Pälwan garşydaşynyň guşagydnan elini
egçirdi.
-Ýa bir Aly Şahymerdan!-diýdi-de, göterip ýanbaşdan aýlarly bolanda,
düýnki garry mama ýadyna düşdi. Garşydaşyny ýerde goýdy-da, iki
dyzyny aşak taşlady.
-Şa şertini üýtgetmese, men ýykyldym-diýip, boýun aldy.
Horezm şasy ot gysymlan ýaly zöwwe ýerinden turdy:
-Dönük, dönük! Saňa Horezm topragy haram. Gözüme görünme...
52
mahmyt pälwan toýdan çykyp gaýtdy. Ömründe bir gezek uly baýraga
çykyp, öz erki bilen garşydaşyndan ýeňilip gaýtdy. Hemişeler ony
gözigidijilik bilen garaýan nazarlar ugradýardy. Bu gezek bolsa ...
Mahmyt Pälwan daglarda gezip ýördi. Birden hol uçut gaýadan bir
at uçup gaýtdy. Onuň üstünde adamam bardy. Mahmyt Pälwan
çalasynlyk bilen aty tutmaga ýetişdi. Atlyny hem, aty hem ynjytman,
usullyk bilen ýere düşürdi. Atly Horezmiň patyşasy bolsa nätjek.
Gaýdyşyn Mahmyt Pälwanyň atyny münüp gaýdypdyr. At hem
uzaklardan öz eýesini tanapdyr-da, uçutdan özüni goýberipdir.
Patyşa öz halagäriniň öňünde dyza çöküpdir:
-Günämi öt, pälwan. Seniň näme üçin dyzyňy ýere taşlanyňy bütin
Eýran bilýär. Halk patyşanyň pälwanynyň öňünde goýan şertinden
habarly ekeni. Seniň beýik adamkärçiligiňe halaýyk haýran galdy. Sen
ýykylanam bolsaň ýeňdiň. Ynjydanym üçin bagyşla, ýör, ýurda gideli.
Bu ýagşylygyň üçin bolsa sylagyňy şol ýerde ýetirerin...
Nökerleriň ugratmagynda ýüzüni Horezme tutan iki sany atly
ümmüldeşip, daglardan düşüp gelýärdi.
TOTY GUŞ
Toty guş haýsydyr bir kitapdan okaýana meňzäp hekaýat aýdýar.
Hatda käbir hekaýatlar onuň özüniň aýdýanyna meňzeş hem däl.
Rowaýaty aslynda kimdir biri gürrüň berýän ýaly duýulýar. Ýöne
oglanjygyň göz öňünde bosla örän gyzykly-gyzykly rowaýatlary gaty
kän bilýän Toty guş janlanýar.
Ynha, Toty guş Tüni derýa hakyndaky rowaýat aýdýar. Oglanjyk
üçin parhy ýok. Gyzykly rowaýat bolsa bolany. Diňlemäge ýaltanmaýar.
TÜNI DERÝA
Içinde defoliant ysy kükäp duran «An-2» samolýoty gerekli
belentligini ýygnan soň, ýüregiňi bokurdagyňa getirip, çaýkamasyny bes
etdi. Aşakda tolkun şekilli çäge alaňlary, tekizlikler aýyl-saýyl
saýgardýar. Aşak garap oturyşyma egrem-bugram sapajyk ýaly
günbatara uzaýan zolajyga gözüm düşdi. Tüni derýa...
Asyrlaryň geçmegine garamazdan, onuň akym ugrundaky atyzçilleriň, obalaryň sudury üýtgemän galypdyr. Demirgazyk gündogardan
süýşüp gelýän ekara-ýaşyl zolak onuň akym ugruna ýakyn gelipdir.
53
Tüni derýa. Şasenemiň Garybyny sorap zarynlan kenarynda durup, boş
hana garaýarsyň. Jeýhunyň bir şahasy bolan bu derýanyň göçgünlilik
bilen akandygyna onuň ýylanyň yzy ýaly egrem-bugram hanasy şaýtlyk
edýär. Indi bosla sowulan döwran ýaly boşan hana hoňkaryp dur.
Bir ýerlerden zaryn saz eşidilýär. «Tüni derýa» atlandyrylan bu gamgyn
saz Şasenemiň ýürek owazy bolman, bir mahalky kül edilen etrabyň
nalasy bolup ýaňlanýar. Dogurdanam bu ýerler bir mahal ýaşyl diýar
diýilýäni bolupdyr. Hywadan jaýyň üçeginden ýöräp ugran ýylan ýere
düşmän, sarygamyşyň eteginde ýerleşýän Wezir şäherine ýetip bilýän
ekeni. Ýogsam näme, Tüni derýanyň akym ugry türkmenleriň ata
Watany bolupdyr ahyry.
Saz ýaňlanýar. Zaryn owaz onki süňňüňi söküp barýar. Ondaky
zaryn owazy edil häzir duýan ýaly bolýarsyň. Asyrlaryň aňyrsyndan
ýaşyl diýary çöl eden sahnalar janlanýar.
...Hywa hany emeldarlary, ýumşa iberilen ýasawullary ýeke-ýeke
kabul edýär. Üstýurtdaky türkmen obalaryna salgyt ýygnamaga iberilen
iki ýasawul gorka-gorka arzhana girdi. Han sanap oturan altyn tesbisini
tagtyň gaşyna ildirdi, olara soragly garady.
-Han aga ... Şol başbozar türkmenler...
-Hä, ýene salgytlaryny bermedilermi?
-Olar bererli däl, han aga. Goşun çekäýmeseň, kyrk-elli atlyňa eýgerderli
däl. Öňki alanlaryňyz besdir diýip, zabun garşylyk görkezdiler. Köp
ýerde çaknyşdygam. Atlylardan ölenem bar. Zordan gaçyp gutuldyk,
han aga.
-Hm...
Han başga zat diýmedi. Gazaply gözlerini bir alartdy-da işige elini
salgady. Iki ýasuwlyň ikisem ýeňsesinden itilen ýaly çykyp gitdiler.
Han böwrüni diňledi. Şu başbozar türkmenleri nätse bolar. Han bu
zatlar hakynda öňem kän kelle döwüpdi. «Hanlykda erkana ýaýnap,
ýerimi ekende ekýärler, suwumy içende içýärler. Salgyt tölemeli
bolsa...»
Nähili göz görkezmeli?! Han turup gezmeledi. Gan dökmelimi?
Olar ata çykyp, gylyç oýnatmaga her pursat taýýar. Gelegurt ýaly bir zat.
-Olaryňmy?! Olaryň içinden urmaly!
Han pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy. Ýöne nädip?
Uzakdaky deňiz ýakasyndaky türkmenler orlsar bilen gatnaşyk edýämiş.
Olaryňka orslaryň gämileri zol-zol gelýämiş. Bu habar hanyň gulagyna
ýygy-ýygydan gelip ýetýärdi. Dini başga orslar bilen aralyga serhet
çekiläýse, han üçin ters däldi.
54
Han birden edil biriniň üstüne gygyrýan ýaly arlady, gamçysy
bilen ädiginiň gonjuna patdyldatdy:
-Men olara göz görkezerin! Demligini daraldaryn! Bogaryn!..
Han öz tapan çykalgasyna monça boldy. Başbozar türkmenleriň
gözgyny halda elewreýşini göz öňüne getirip, keýp etdi. Han Tüni
derýanyň sakasyna bent basmak hakynda perman berdi.
Tüni derýa köki kesilen agaç ýaly gurap galdy. Ýaşyl baglar, çemenzar
sähralar öz dirilik nyşanyny ýitirip başlady. Türkmenleriň köpüsi
suwarymly ýer gözläp, Amyderýanyň günorta akymlaryna, Kesearkaja
çekildi. Üstýurt ýaýlasynda ykmanda ýel uwlap galdy...
Asyrlar heňňamlaryň üstünden öz köne tigrini birsydyrgyn tigirleýär.
Sowulan döwranlaryň hem ýene dolanmasy bar. Uzaklardan Düýeboýn
kanaly ýetip gelýär. Türkmenler «Ozal akan ýerden akarmyş aryk»
diýýärler.
TOTY GUŞ
Toty guş köne endigine eýerip, oglanjykda gyzyklanma oýarjak bolýar,
iki setir goşgyny zol gaýtalaýar:
-Arzygül çykdy üçege,
Kyrk ýigit düşdi pyçaga.
Oglanjyk durup bilmedi:
-Toty guş, o näme diýdigiň?
-Eşidesiň gelýärmi oglanjyk? Zorluk hem namysyna wepalylyk hakynda
rowaýat? Aýdyp bereýinmi,ä ?
Oglanjyk baş atdy.
ARZYGÜL
Arzygül ot ýaly ýedi ýigidiň arasynda ýetişdi. Agalary ýalňyz
uýalaryny apalap saklaýardylar. Ýetişip barýan Arzygülüň owadanlygy
obadan-oba aşdy. Barybam goňşy nanlaryň biriniň gulagyna ýetdi.
Horjunlary tylladan doldurylan kyrk sany sawçy gün dogar-dogmazda
käliň gyrasyny etekläp oturan çarwa obasynyň çetinden girdiler. Ilki
duşan adamdan sorap gerekli öýüň salgyny aldylar.
Ýedi ýigit awa gitjek bolup durdy. Emma atly-ýaragly kyrk
adamyň «Myhmandyrys» diýip, aýratyn olaryň gapysynda dökülmegi
ýigitleri ýoldan saklady. Myhmanlara hyzmat etmek aladasyna
girişdiler.
55
Çaý-nahardan soň kyrklaryň öňüne düşüp gelen, ýüzi hyýrsyz, bürünç
ýhabaryny bermäge durdy:
-Ýigitler biedepligimiz üçin bagyşlaň. Biz howlugýas. Şonuň üçin hem
diňleseňiz habarymyzy bermek bilen boljak-diýdi.
Ýedi ýigidiň agasy edep saklap:
-Olar ýaly bolsa aýdyň oturyň-diýdi.
-Aýtsak, biz pylan hanyň adamlary. Haýyr işe sebäp bolmak üçin ýola
çykan adamlar. Sizde bir gowy maşgala bar ekeni. Hanymyz biz bilen
garyndaşlyk açsalar, agyzlarynyň aýdanyny berip gaýdyň diýdiÝigitleriň ýüzüniň agyp-dönüp barýanyny aňan sawçylarbaşy gürrüňiniň
soňuny ýumşatdy-Biz bir ýumuş oglany. Hoş diýseňiz horjun-horjun
tylla. Ýok diýseňiz, hana iberjek jogabyňyzy äkitmekçi.
Arly-namysly ýedileriň agasy murtuna ýapyşan agarany eliniň tersi bilen
süpürdi. Myhman hatyrasyny saklap, salyhatlydan gysgajyk jogap
gaýtardy:
-Baryp hanyňyza aýdyň, hana berer ýaly gyz bizde ýok.
Kesgitli sorag-jogapdan soňra myhmanlar turmak bilen boldular.
Ýedi ýigit hem ýarag esbabyny şaýlap awa çykdy.
Sawçylaryň öňüne düşüp gelýän adam içini hümledýär. «Sähraýy
çarwa diýjeksiň, nähili namysjaň halk. Öz uýalaryny beýik hana-da rowa
görenok». Ol birden öz bolup barşynyň telekdigi hakynda oýlandy. Han
onuň horjunyny tylaldan dolduryp goýberdi. Ol bolsa iki elini burnuna
sokup, yzyna gaýdyp barýar.
«Sawçylar» bir menzil geçip düşlediler. Öz aralarynda maslahat
etdiler.
-Beýle barsak, hanyň ýumşuny bitirp bilmedikden bolýas. Ýedi sany
men diýen pyýada agramyna gyzyl çekeniň bilenem berjek däller-diýip,
«sawçylarbaşy» oturanlara ýüzlendi.
-Biz ol oba, hut Arzygülleriň öýüne myhman bolduk. Bizden hiç kim
erbet zat oýlamaz. Bäş-alty sany ýyndam atlyny ibereli,.. Agalary bolsa
awa çykdylar.Belli bir maslahata gelindi.
Arzygül düýe sagmaga daşary çykypdy. Arwana keýp bilen sagdyryp
durdy. Süýdüň jozzuldysy bilen ýakynlaşyp gelýän atlylary birbada
aňmady. Ýigitleriň biri gamçysyny ýere oklap goýberdi. «Dur-a
haramy» diýip, atyna käýinen wagty Arzygül tisginip gitdi, bärisine
öwrüldi. Ýedi doganyndan arkaýyn gyz hiç ady göwnüne getirmän,
olara soragly bakdy.
Şol barmana ýigitleri biri:
56
-Gamçymy ýadymdan çykarypdyryn. Äberip goýberip bilmezmiň-diýdi.
Eli süýt kädili gyz ýüzüni kese tutup, ýaňy ýere oklanan gamçyny oňa
uzatdy. Çalasyn ýigit gamçyly goşardan garbap tutdy, bir dartdan gyzy
atyň öňüne kese basdy. Gyzyň «Waý, ýetiň!» diýen çirkin sesini ilki
eşiden Alabaý diýen mähnet köpek boldy. Ol esli ýere barýança olar
bilen dalaşyp gitdi, ahyry elinden zat gelmän, çyňsap yzyna dolandy.
Çalasyn atlylar hiç kim nämäniň nämedigini aňmanka obadan garasyny
saýlamak bilen boldular. Kowgudan saýlanandyklaryna gözleri ýetensoň
bolsa atlaryny maýdalyna sürüp gitdiler. Barmaly ýerlerine bir günlük
ýol galanda agşamlyk düşlediler. Sähra maralyny alty ganat ak öýe
salyp, gulp urdular, öýüň daşynda garawul goýdular.
Arzygül oýlanýar. Ýedi agasy, obasy göz öňüne gelýär.
Agalarynyň uly namysyň astynda galyp, içlerine urjagyny hyýalynda
aýlaýar. Häzir ol dört tärimiň arasynda. Han galasyna çenli ýene bir
günlük menziliň bardygynam bilýär. Han üçin alnyp barlansoň, özüne
hiç kimiň el batyryp bilmejeginden hem habarly.
Neden onuň ýadyna agalarynyň bir gezek «Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz
dogany bolmasyn» diýeni ýadyna düşdi. Hawa, ony Arslan baý sawçy
iberende, ortanjy agasy aýdypdy.
Gyzyň birden damagy doldy. Gyz bolup dünýä inenine ökündi. Dyzyny
gujaklap aglady. «Dogulmasam bolmaýamy? Siziň ýüzüňizi ýere
saldym. Namys astynda goýdum...».
Ol esli aglady. Ýüregi gowzansoň bolsa aýgytly netijä geldi. «Size
ölümimi çekdirerin, namysymy çekdirmerin. Ölümimi çekmek
namysymy çekmekden her niçigem bolsa aňsat düşer. Arkaýyn bolaýyň.
Men sebäpli ýüzüňiz gyzarmasyn. Hoş mähribanlarym...».
Ertesi işigi açanlarynda Arzygül öýüň çagarak bagyndan sallanyp, hallan
atyp durdy.
Şol demde atly-ýaragly ýediler dostlary bilen ýetip gelýärler. Gyz
ogrularynyň kyrkysyny hem paýhynlapdyrlar. Ölse-de, özlerini namysa
goýmadyk uýalaryny hormat bilen jaýlapdyrlar.
Arzygül çykdy üçege,
Kyrk ýigit düşdi pyçaga-diýen gürrüň şondan soňra galypdyr.
TOTY GUŞ
-Bir mahal sen ýaly üç oglan bolupdyr. Her haýsy bir ýerden ekeni...
Toty guş sözüne dyngy berip dymdy. Oglanjygyň gözleri ýyldyrady:
-hä, onsoň, Aýdyber. Gyzykly rowaýat bolsa gerek.
57
-Rowaýat has soňky döwre degişli. Diňle okap bereýin-diýdi-de,
«Köneürgenç rowaýatlary» atly kitaby açdy. Çalt-çalt sahaplady-da,
gözleýän ýerini tapdy. Soň okap başlady...
KIM BOLUP ÝETIŞERKÄ?
-Oglanrak wagtym eşidipdim. Üçünjisiniň ady ýadyma düşenok. Öz-ä
atly-abraýly adam bolup geçipdir. Bärki ikisini-ä bilýän weli...
Oglanjyk ünsüni jemläp, gulaklaryny gerýär. Goja gürrüňe başlaýar.
...Eýran hanlarynyň biri nähilidir bir gyzykly pişe bilen güýmenmekçi
boldy. Hemme zat ony irizipdi. Ol nämedir özüni gyzyklandyryp biljek
zady küýseýärdi. Hanyň kämahal gürrüňçi adamlary diňlemek ýa-da
başga bir gyzyklyrak zada güýmenmek häsiýeti bardy. Han wezirini
çagyrdy. Wezir gelip girdi.
-näme täzelik bar?
Hanyň ümüne düşüş wezir ellerini owkalady.
-Ýene öňki ýaly sadranç oýnatsak nädýär? Ýeňilene hem yza içirsek
aýal geýmini geýdirip...
-Ýok, -Han elini salgap goýberdi –Beçebazlyga tomaşa edesim gelenok.
Akyllyrak bir zat tap.
Wezir az wagtlyk idin sorap çykyp gitdi. Tizdenem dolanyp geldi.
-Han aga, Keýmir köri bilýänsiňiz?
-Eýranda, Türkmende ony bilmeýän barmy?
-Ana şol ýaş çagalaryň geljekde nähili adam boljakdygyny aýdyp bilýän
ekeni.
-Näme Keýmir kör barmy?
-Ýok, ýöne Hywa giden biziň oglanlar türkmenlerden üç sany ýaş
çagany ogurlap gelipdirler.
-Onsoň?
-Onsoň bizem kethudalarymyzyň biriniň pähimini barlap göräýsek
diýýän.
Bu teklip hanyň göwnüne ýarady. Gözleri gyzyklanmak bilen ýyldyrady.
Weziriň ýüzüne mylaýym nazar bilen garady.
Baş egip çykyp giden wezir eýýäm işe girişipdi. Obalaryň birinden
köpüň sala salýan, maslahat alýan ýaşulusy getirilipdi. Her haýsy
türkmen sährasynyňy bir ýerinden ogurlanyp gelnen çagajyklar bolsa
saraýlaryň birinde çugutdyryp otyrdy.
Ýaşulyny hanyň gaşyna alyp geldiler. Han onuň salamyny göwünsiz
aldy. Tutuksy gürledi:
58
-Il-güne maslahat berýärmiň?
-Soralanda bar zadyndan bermezlik musulman ymmatyna gelşenok, han
aga. Onsoň bizem..
-Şu ýere näme üçin çagyrylanyňy bilýäňmi?
-Hanlaryň ýanynda bendesi hemişe-de ýazyklydyr, han aga. Günämiz
bolsa geçiň.
-Tüket! Gara şaýa geçmejek samahullamalaryňy garamaýak halka eltip
dök. Bize seniň akylly gürrüňleriň gerek. Häzir üç sany türkmeniň
çagasyny getirerler. Ulalanda olaryň nähili adam boljakdygyny aýdyň
berersiň. Bu hakda ýazgy edip galdyrarys. Aýdanyň dogry gelmese,
seniň bütin nesliňe nälet bolar. Düşnüklimi?
-Tagsyr, synanyşyp gör diýseň göreli. Ýöne taýyň nähili at boljagy
seýisine-de baglydyr.
Oňa çenli üç oglanjygy hem han köşgüne getirdiler. Goja olary ýekeýeke içgin synlady. Oglanjyklaryň biri han köşgündäki dürli bezegleri,
nagyşlary gözigidijilik bilen synlaýardy. Bir o zada, bir bu zada
seredýärdi. Ýaşuly oňa garap:
-Megerem, iki tarapy hem elden bermeýän, mekir adam bolup ýetişseň
gerek-diýdi.
Kätipler onuň aýdanyny, oglanjygyň adyny, tiresini derrew ýazga
geçirdiler.
Ikinji oglanyň gözlerinde gorky bardy. Taýakdan gorkusyna
gabyrdap topulmaga çekinip duran güjügi ýada salýardy. Şonuň bilen
birlikde töweregindäkilere «Bu edeniňizi oňaýyna gelende ýerine
salaryn» diýen nazar bilen garaýardy.
Goja oňa garap:
-Ulalsa, Eýrana ot ýakdyrmajagyň biri şu bolsa gerek-diýdi.
Muny hem bellediler. Üçünji oglan gamgyndy. Hanyň dabaraly köşgi
hem onuň ünsüni onçakly çekmeýärdi. Artykmaç gorky-ürküsi hem
ýokdy. Şeýle bir manyly nazary bardy welin edil uly adamy ýada
salýardy.
-Adamyň güli şu bolar-diýip ýaşuly aýtdy. –Il-günüň täsibini çekýän,
akylly-parasatly adam bolup ýetişäýedi-dä.
Oglanjyklaryň kimlerdigi anyklanylyp, öz obalaryna getirilip
goýberilipdir. «Iki aýakly iki günde» diýleni. Olar ers-mers bolup
ýetişýärler.
-Ýaşulynyň aýdany gelipdir. Birinji oglanjyk Şyhym Sülgün ekeni, ikinji
oglanjyk bolsa Eziz han. Şyhym Sülgün ugurtapyjy adam bolansoň, ony
Jüneýit han diplomatik işde ulanypdyr. Tejene gan çaýkan Eziz hany
59
hem bilmeýän ýok. Üçünji oglanjyk hem ýaşulynyň aýdyşy ýaly adam
bolup ýetişipdir. Ýöne kimligini hiç hakydama getirip bilemok-da...
Halk pähimi uly akabany ýada salýar. Dürli şahsyýetleriň obrazlary şol
akabada külal palçygy ýaly yzygiderli eýlenýär.
TOTY GUŞ
Toty guş ganatlaryny giň ýaýdy. Oglanjyk ony uçup gitjekdir öýtdi.
Emma ol uçmady. Ganatlaryny pat-pat urdy-da:
-Hywa hanlary hankynda-da birini aýdyp bereýin. Soň sen ýatyp
dynjyňy al. Yzyny ertir dowam ederi-diýdi.
Toty guş ganatlaryny giň ýaýdy. Oglanjyk ony uçup gitdi diýip oglanjyk
oýlaýar. Gözüni gyrpmazlyga çalyşýar. Şeýtse «hä munuň entek ukusy
tutmandyr» diýip, ýene birine başlaberer öýdýär. Emma Toty guş
hakyna jür. Häzirlikçe goýaly diýdimi, goýar. Şu rowaýaty diňlemeli-de
ýatmaly.
Toty guşuň kä pessaýlaýan, kä belende galýan sesi eşidilýär.
KIM NÄHILI HAN?
«Halk bir gözli çeşme» diýilýär. Onuň döretmeýän zady barmy?
Goja gürrüň berýär. Rowaýatlar zynjyr halkasy ýaly düzülýär. Bu
gezeki rowaýat Hywa hanlarynyň ýöreden syýasaty hakynda. Özem has
soňky döwürlere degişli.
...Uzak gyrdan gaýdan düýeli gazak ýaşulynyň ugry Hywa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Köneürgenç rowaýatlary - 5
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.