Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 3

Total number of words is 3777
Total number of unique words is 2182
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Garaňkyda zat saýgaryp boljak däl. Ol bir pursat oýlanyp durdy-da
çörek owuntygyny gaçyran ýeriniň gumuny tümmejik edip üýşürdi.
Üstüne taýagyny dürtdi. «Ertir gelip gözlärin. Taparyn. Tapmasam agaç
dikip şu ýeriniň mukaddesligini mälim ederin. Hiç kim basalamaz».
Ol gaýtdy. Odunyny düşürdi. Çala ymyzganyp, ymyzganman ýene
düýesiniň ýüzüni guma tutdurdy.
Ol agşamky kän eglenen ýerine golaý gelýärdi. Günüň tegelek
kökesi elwan şapagyň ýüzünden galyp barýardy. Öňde bir zat ýiti öwşün
atyp göründi. Ol ýakynlaşanda, gözlerine ynanmady. Agşamky dikip
giden taýagy durşuna altyna öwrülen bolsa nätjek... Gumy dörende bolsa
ýene bir bölejik altyn tapypdyr.
TOTY GUŞ
Toty guş esli oýlanyp oturdy. Wagty bilen söze başlamady. Oglanjygyň
içi byjyklap barýardy.
-Eý Toty guş, aýtjak bolsaň aýt-da.
-Aýtjak, ýöne haýsysyndan başlajagymy bilemok. Näme hakda eşidesiň
gelýär?
-Meniňmi? Ýagşylyk-ýamanlyk, garyplyk-baýlyk, patyşalar...
-Hä, boldy. Ýagşylyk hakdaky rowaýat gulak as.
31
ÝAGŞYLYK
Bir mahal bir şäheriň adamlary şeýle azgyn bolanmyş. Ynsap
diýen zady bilmänmişler. Hemmesiniň ýürekleri gara bolansoň, edip
bilseler biri-birlerine ýamanlyk edenmişler. Hatda sähel ýanaşsalar, biribirleriniň etini hem iýipdirler. Şonuň üçin olaryň tutuş şäherleri
garaňkylyk bolupdyr.
Bir gün bu şähere Ynsap işi düşüp gelipdir. Garapälliler derrew
onuň atyny ogurlapdyrlar. Ynsap ak sakgalyny sypalapdyr-da ýene
ynsaplylygyny edipdir:
-Men size ýagşylyk etjek. Ýamanlyga ýagşylyk hem bar-diýipdir.
Sahawat horjunyny açypdyr-da, olara kän naz-nygmatlar paýlapdyr.
Emma olar aç däl ekenler. Pälleri içlerine çökensoň, olar şeýle aç ýaly
görünýän ekenler. Ynsap:
-Size kanagat bersin-diýip, dileg edipir-de ýoluna gidipdir.
Ýagşylyk gara pällileriň arasynda galyp kän aglapdyr. Gözýaş
döküpdir. Emma adamlaryň hiç biri Ýagşylygy yzyna gaýtarmak
hakynda pikir etmändir. Ýagşylyk yzyna gaýtarylaryna kän garaşypdyr.
Adamlar ony yzyna gaýtarmagyň deregine zir-zibilleriň arasyna oklap
goýberipdirler. Göwher ýaly bolup ýatsa-da, Ýagşylyk hiç haýsynyň
gözüne ilmändir.
Hemişeler eltilip berlen ýerinden arzylanyp yzyna getirilýän
Ýagşylyk uzak çydap bilmändir. Bir gije hüwläp asmana galypdyr-da,
gyzyl oda öwrülipdir.
Dünýäniň ýagtylanyna adamlar aňk-taňk bolupdyrlar. Özlerini
şeýle harlan Ýagşylygynyň ýene özlerine nur saçýanyna
begenmändirler. Gaýtam ýagşylygyň hemmä deň şöhle saçyşyny görüp
bilmändirler. Şöhläni o goňşy o goňşudan gabanypdyr. Etekleri bilen
ýapjak bolupdyrlar. Ýagşylyk bularyň beýleki adamlara hem zyýan
ýetirip başlanlaryny görüp, lowlap gyzypdyr. Garapällileriň şäherini
jyzyrdadyp ýakmaga başlapdyr. Şäheriň ýerini az salymda küle
öwrüpdir. Külüň ýerinden al-ýaşyl bolup galkan gülleri görüp
begenipdir. Ýene öňki kaddyna gelip, mylaýym şöhle saçyp başlapdyr.
Şeýdip Ýagşylyk asmanda hemişelik galypdyr. Adamlar oňa Gün
diýipdirler.
Garapällileriň şäheri häzir ýok. Ýöne olaryň birnäçesi şäher ýanan
wagtynda dumly-duşa gaçyp ýetişidpir. Henizem birlän-ikilän bet
pygylly adamlaryň duşýanlygy şonuň üçindir.
32
Ýagşylyk bolsa ýerde ýagşy adamlaryň köplügi üçin olara zat diýip
bilenok. Adamlaryň olary ýok etjegine ynanýar. Şol sebäpli gowy
adamlaryň hatyrasy üçin zol aýlanyp ýör, aýlanyp ýör.
TOTY GUŞ
Toty guş başyny silkeläp goýberdi. Soňam:
-Minaranyň örän owadan altyn gupbasy bolupdyr-diýdi.
-Ony alyp muzeýde goýdularmyka?
-Ý-o-k. Muzeýde goýsalar jaý dälmi. Ony has irkiräk döwürlerde
gaçyrypdyrlar. Minara şonda duşmana gaty uly zyýan ýetiripdir.
-Minara duşmana zyýan ýetiripdir?
-Hawa, ýurdy goramakda minaranyň görkezen hyzmatlaram az
bolmandyr. Men saňa şony aýdyp beräýerin...
ATGYRLAN
Bu etraba «Atgyrlan» diýýärler. Öňler Ürgenjiň altyn gupbaly
minarasy gaty uzaklardan howalanyp, görner durar ekeni. «Atgyrlan»
sözüniň aňyrsynda hem şonuň bilen baglanyşykly waka ýatyr.
...Ýurda betbagtçylyk aralaşdy. Tatar-mongollar dagdan inen sil
ýaly duýdanyz döküldi. Muhammet şa şurdy taşlap gaçyp gitdi. Emma
Ürgenjiň pukara halky şäheri goramaga aýaga galdy.
Mongol serkerdeleri bu ajaýyp şäheri biri-birinden öň almaga
dyrjaşýarlar. Şäheriň üstüne çar tarapdan goşun çekilýär. Ürgenjiň altyn
gupbaly minarasy hol uzakdan gün şöhlesine öwşün atyp, aç gurtlara
semiz goýnuň guýrugy bolup özüni güjeňleýär. Agzy suwaran
galtamanbaşy şähere bir zarbada ýetjegine ynanýar. «Minara görünýär.
Şäheriň golaýyna geldik. Atlary gamça basyň» diýip buýruk berýär.
Öňde at derledýän meýdanlaryň ýatandygy diňe şondan soňra belli
bolýar. Topar-topar obalar yzda galýar. Goşun öňe süýşýär. Minara
barha yza gaçýar. Ýene-de buýruk:
-Minara görnüp dur. Şäher ynhajykga. Atlary sowatmaň.
Gyzan at toýnaklarynyň astynda depreklenýän toprak yza bakan
suw ýaly akýar. Agyr goşuny ymsyndyryp, minara mekirlik bilen yza
gaçýar. Göýä hol obadan geçen ýeriňde ýetiläýjek ýaly duýulýar. Her
niçik hem bolsa, minaranyň syrdam sütüni barha açyk görnüp başlaýar.
33
Atlar ak köpük bolup derleýär. Şähere bir demde ýetmek arzuwy
bilen ganatlanan galtamanlar muny duýmaýarlar. Yzly-yzyna gamçy
çalynýar. Ymgyr goşun ýeriň bölegi ýaly öňe süýşýär.
Minara has golaýa gelýär. Dogrusy, özleri minara golaý gelýärler. Ýene
az salymdan ... Ýöne dur-la... nökerleriň biriniň aty büdredi-de tapba
ýykyldy. Onsiň ýene biri. Ýene, ýene... Ýykylan at köp boldy. Atlaryň
hemmesi diýen ýaly şu ýerde ýüregi çişip ölüpdir diýýärler.
Galtamanlaryň şäheri bir zarbada almak plany başa barmandyr. Şeýdip
duşmanyň çozulmadyk ilki hüjümini minara yza serpikirýär.
Dogry, soňra alty aýlyk gabawdan soň duşmanlar şäheri alyp
bilipdirler. Şäher haýynlyk bilen haraplanypdyr. Minara hem şikest
ýetýär. Duşmanlar onuň altyn gupbasyny atyp gaçyýarlar.
Emma hakyky sungata ölüm ýok. Ol şu günlerem başy alynsa-da boýun
egmedik esger ýaly asmana baş dikip, howalanyp otyr. Ýogsam näme?!
Hakyky ussatlaryň elinden çykan sungat eseri halk bilen ýaşaýar.
Halkyň derdini deň paýlaşyp, bile göreşýär. Bu dünýe döräp şeýle, ýenede şeýle bolmaly.
TOTY GUŞ
Toty guş oglanyň bilesigelijiliginden, soragdan doly gözlerine garady:
Oglanjyk, seniň hemme zatlary bilmek isleýänligiň maňa hoş ýakýardiýip, ol aýtdy.
-Meniň gyzykly zatlary diňläsim gelýär.
-meniňem aýdyp beresim gelýär.
-Aýdyber-dä onda.
-Häzir saňa Şeýh Nejmeddin Kubra baradaky rowaýaty aýdyp berjek
bolup durun-a...
ÜRGENÇ SYNÝAR
Mertleriň ykbaly ilinden aýry bolup bilmeýär. Tatar-mongollaryň
sil ýaly yňdarylyp gelýän habaryny eşidip, Muhammet şa ýurdy taşlap
gaçanam bolsa Ürgenjiň merdana halky aýaga galdy. Arslan ýürek
Jelaleddin gerçek ýigitleri toplap, ýurdy goramagy ýüregine düwdi.
Alymlaryň köpüsi durmuşyň Bagdat ýaly has asuda ýerlerine gitdiler.
Ýöne ulamalar ussady Şeýh Nejmeddin Kubra Watandan gaýry
rahatlygy göz öňüne getirip bilmedi. Kemal tapylan şu topragy gorap
ölmeli diýen netijä geldi.
34
Muhammet şanyň enesi Jelaleddiniň şöhratyna görüplikden ýaňa
bir ölüp bilenokdy. Şalyk täji öz söwer agtygyndan aýrylyp oňa
geýdirilenden soň bolsa-ha hasam içi ot bilen ýalyndy. Watan ýaly
mukaddes zadyň ykbaly çözülýän mahaly hem göripleriň kalby
agarmaýan bolarly.
Kubra tatar-mongollar şäheri gabanda derwezä aýagyny diräp
oturyberipdir. Onuň keramatyndan dünýä garaňkylyk bolupdyr,
duşmanlar galanyň derwezesini tapman heläk bolupdyrlar. Ýöne onuň
üstünden Muhammet şanyň enesi Türkan hatynyň ýoly düşüpdir.
-Sen näme işleýäň bu ýerde?
-Derwezäni saklaýan.
Senden derweze saklan bolarmy. Tur git.
-Ýamanlygym diňe saňa ýetjek bolsa, gynanman gitmesem giderdim.
Gör ahyry, il-gün, ýurt heläk bolup barýar.
-derwezäni saklamak saňa galmandyr. Gümüňi çek.
Kubra derwezäni taşlap gidipdir. Dünýä ýagtylypdyr. Duşmanlar
şäheriň daşyna halkalaýyn aýlanypdyr. Beýik halypa barybir dek oturyp
bilmändir. Gözel ýurduň harap bolup barýanyna ýüregi gyýylyp,
ýaragyny şaýlapdyr-da, duşman bilen söweşmäge gidipdir. Mert durup
galany gorapdyr.
Duşmanyň güýji eýgerder ýaly bolmandyr. Haçanda Ürgenç elden
gider-gider bolanda şalar-şazadalar-a şäherden gaçyp, başyny gutarmak
bilen bolupdyr. Nejmeddin Kubra öz adamlary bilen soňky gezek
duşman leşgerleriniň üstüne at goýýar. Ýagy bilen gözi ýok ýaly
garpyşýar. Duşmanyň tuguny ýykýar. Şol pursat hem onuň kellesini
alypdyrlar. Ýöne şonda-da ol duşmanyň tuguny elinden goýbermändir.
Duşmanlar onuň elinden tugy barmaklaryny ýeke-ýeke çapyp aýryp
almaly bolupdyrlar.
Ürgenjiň beýik ogly onuň bilen bile synýar.
TOTY GUŞ
-Oglanjyk, ejeňi gowy görýäňmi?
-Hawa, olam meni gowy görýär.
Oglanjyk şeýle sorag-jogaplardan gürrüňiniň soňunyň haýsydyr bir
rowaýata ýazjagyny bilýär. Ýöne enteg-ä Toty guşuň nämäniň üstünden
düşjegini aňanok. Gürrüň berýän-ä babasy welin, hyýalynda şol jadyly
Toty guş oňa rowaýaty gaýtalaýan ýaly.
35
-Her näme diýseňem, sen ejeňi onuň seni gowy görşüçe görüp bilýän
dälsiň. Bir rowaýatda, bilýäňmi näme diýilýär...
PERZENT DAWASY
Perzent dünýä indi. Myradyny el alan ene çagasyny ýüpden
sallançak etdi. Bir zat bolsa hemmeden öň begenjek, hemmeden öň
gynanjak enäniň ähli mähri ak süýt bolup onuň göwsüne indi. Çagasyny
ýanap hüwdä hiňlenýän mahaly ene-de bagtyýardy, perzendem. Ene
düýe sagmaga çykanda bolsa onuň sallançagyny bu sährada gezip ýören
awara şemal üwreýärdi. Guşlar iň şirin mukamlary bilen ony
hüwdüleýärdiler.
Çagajyk gaýmak ýalap ulalýardy. Güneşiň, ene süýdüniň,
hüwdiniň astynda meýmireýärdi. Şeýdibem ilki emedekledi, onsoň
durdy-durdy boldy, soňra bolsa ent-ment edip, aýaklaryny biri-biriniň
öňüne taşlamagy öwrendi. Hä diýmän bolsa ylgap owlaklar bilen
ýaryşyp ýören oglanjyk boldy. Enäniň guwanjynyň çägi ýokdy. Bir
salym gözünden sowulsa, ýüregi atygsar durardy. Oglanjygyň kalby
bolsa sähra telwas edýärdi. Owlak-guzy görse ylgardy, köşejik sataşsa,
yzyndan galasy gelmezdi, taýçanak duşsa, üstüne münüp çapsam diýip
göwün ýüwürderdi.
Dili zybana gelmedik çaganyň ümüne diňe enesi düşýärdi. Onuň
näme diýjegini gözlerinden aňýardy. Bir zat bolaýmasyn gorkusy bilen
ondan nazaryny salmaýardy. Bir gün çagajyk akmaýanyň ýanynda gezip
ýören akja köşejige seretdi-seretdi-de onuň yzyna düşüp gitdi. Düýe
sagmaga giden enesi gelip çagasyny tapmady. Giden ugrudyr diýip ters
tarapa gözlege çykdy. Şol bamana günbatar garaldy-da, güýçli şemal
peşmekleri aldygyna kowalap başlady. Çäge sowrulyp ugrady.
Perzendini yzlap çykan ene bozlap galdy. Biçäräniň ýürek gyýyjy sesi
bolsa Garagumyň başyna oýun salýan şemalyň güwwüldisiniň içinde
ýitip gidýärdi.
Çaga ýeliň ugruna düşüp allaowarralardan çykypdyr. Şeýdip
goňşy guýa baryp düşenmiş. Bu ýerde niýetini gara düwen bir aýal
ygyp düşen çaga eýe çykýar.
Ene çagasyny kän idegleýär. Mal yzynda gezip ýören atasy hem
ýiten çaganyň süýeginden bir nyşan tapmak umydy bilen gözlege
çykýar. Ene ahyry çagasyny goňşy obadan tapýar. Emma çagany tapan
aýal öz çagam diýip dawa tutýar.
36
Dawa ula gidýär. Dawaly çaganyň üstündäki galmagal kaza çenli
ýetýär. Enesi «Dogran men, perzent meniňki» diýýärmiş. Dawagär aýal
«Galat aýdýar, perzent meniňki» diýip onuňkyny inkär edýärmiş. Kazy
näderini bilmeýär. Hyzmatkärine gygyrýar:
-Gylyç getiriň! Dawaly çagany ikisine deň bölüp berjek!
Dawagär aýal şertine bitirse razy.
-Şeýdäý, kazy-diýýär.
Ene ot gysymlan ýaly ellerini daldaladýar:
-Ýok, ýok, beýtmäň. Ol aýalda galybersin. Diri gezip ýörenini görüp
gezsem bolýar-diýenmiş.
Kazy özüniň ugurtapyjylygy bilen şeýdip çaganyň hakyky enesiniň
kimligini anyklapdyr.
TOTY GUŞ
Oglanjygyň nowbahar gözlerinde ýene-de rowaýat diňlemek
höwesi ýyldyraýar. Telpegine gürrüň berse-de, garaz, o zamanlardan gür
bermegi halaýan gojanyň bosla rowaýatlary egsilerli däldi. Çaganyň
hyýal dünýäsinde ýaşaýan Toty guş hem onuň bilen öwrenişdi.
Ýene-de Toty guş oglanjygyň gaşyna gelip gonýar. Başlamaga
bahanamy? Ol gyt däl-le. Ýa oglanjyk, ýa Toty guş biri-birine bir sorag
berer. Şonuň bilenem rowaýat hakyndaky söhbet başlanar. Bu gezek
Toty guş sorag berdi:
-Oglanjyk, näme ýüzüň çytyk, gaharjaň daýhanyň ýüzi ýaly?
-Gaharjaň daýhanyň?!
-Hawa, näme eşitmänmidiň? Aýdyp bermeli etdiň-ow..
GAHARJAŇ DAÝHAN
Jüp öküz daýhanyň kejine gaýdyp, öňküdenem gyzgyn ganyny
gyzdyrýar. Kä ikisi deň ýöremän, kä biri gapdala sowup içini ýakýardy.
Şonuň üçinem daýhanyň elindäki tasma gamçy gezekli-gezegine
öküzleriň sagrysyna şarpyldap degýärdi. Daýhan kä gara öküze, kä ak
öküze sögýärdi. Ol şeýdip ýeke özi alagalmagal bolup ýörşüne şory
ýüzüne çykyp duran ýeri sürüp, ortalap barýardy.
Işi rowaçlyga ygtyýar berip ýören Hydyr atanyň ýoly onuň
üstünden düşdi. «Bi, daýhan, näme üçin ömür zat gögertmejek ýere der
saçyp ýörkä? Gel, şuňa bir gowy maslahat bereýin» diýen pikir bilen
sowuldy. Hydyr ata onuň ýanyna geldi:
37
-Salowmaleýkim!
Daýhan garabaşyna gaý işläp ýörşüne onuň salamyny eşitmedi. Ikinji
gezek gaýtalanansoň, göwünli-göwünsiz aldy. Hydyr ata seresaplylyk
bilen:
-Bu ýere biderek azap çekip ýörmeseň boljak ekeni. Barybir gögertmezdiýdi.
-Ol senden soralanok. Işiň bilen bol. Seniň maslahatyňa zar günüm ýokdiýip, daýhan öküzlerine yzly-yzyna gamçy çalypdyr. Soňam tüýkürinip
goýberipdir-de hüňürdäp sögünipdir.
Gahary gelen Hydyr ata şor ýere nepes eýläpdir. Ýere tä kyýamat
ahyrzamana çenli syýa gögertmezligini sargapdyr. Yzyndanam hiç zat
gögertmejek ýere yhlas baryny edip ýören daýhana ýene bir gezek
nebsiagyryjylyk bilen garapdyr-da öz ýoluna gidipdir.
Ondan soňra bir ýyl geçipdir. Alabahar Hydyr ata akgöwün
adamlary myradyna ýetirmek üçon öz müdimi sergezdançylygy bilen
aýlanyp ýörkä ýene-de şol ýeriň üstünden gelipdir. Hydyr ata ýere kineli
garapdyr:
Ýer güňlenç seslenipdir:
-Diýipdi-ä welin, ýöne daýhanam niýetinden gaýdarly däl ekeni. Ýedi
gezek suwaryp, ýedi gezek sürýänçä sargydyň ýadymdady. Soň sekizinji
gezek sürüp agdaranda, mum helim bolup, erki elden giderip, näme
bolanymy bilmändirin..
Hydyr ata biraz oýlanypdyr-da:
-Yhlasyňa görä myrat bolsun-diýip, ellerini ýüzüne sylyp, göz açyp
ýumasy salymda gözden gaýyp bolupdyr.
TOTY GUŞ
Oglanjygyň şol hyýaly hemrasy ýene gelip gaşyna gondy. Töweregine
garanjaklady. Oglanjyk onuň söze başlaryna garaşýar. Ine, ol söze
başlady;
-Eý, oglanjyk, sen ene-ataňy gowy görýäň dälmi?
-Hawa.
-Sen olara kömekleşýäňmi?
-Hawa, şu gün ejemiň ýumşunam etdim. Jigim turýança sallançagyny
üwredim. Soň üzüme gonan guşlary kowup geldim. Şonuň üçin ol maňa
akyllyjamam diýýär...
-Onda şonuň üçin saňa bir rowaýat aýdyp bereýin ...
38
SARGYT
Bir ymgyr çölde, aňňat-aňňat gumlaryň arasynda kä çepe
sowulýan, kä saga dönýän, kä şaha aýyrýan, kä birigýän ýollar öz
üstünden nijeme kerwenleri geçirendir. Ahal bilen arada ýaýylyp ýatan
ummasyz çöl ululy-kiçili ýodalardan, ýollardan ýaňa bişen gürbegiň tory
ýaly bolup ýatandyr. O zamanlar bu ýollar howp-hatardan aman
bolmandyr. Ýoluň azaplary, kynçylyklary hem onuň üstüne.
Güzeran zerurlygy obalary gumy kesip, Kesearkaçdaky obalar
bilen gatnaşyk etmäge mejbur edipdir. Özlerinden artyk zatlaryny alyp
gidipdirler, özlerine zerur zatlary alyp gaýdypdyrlar.
Argyş hatarly ýola düşýär. Ene-atanyň ýeke dikrary, oglanlykdan
saýlanan ýigit hem argyşa goşulyp gidermen boldy. Ýol azygyny düwdi.
Ugramazyndan öň atasynyň gaşynda häzir boldy:
-Kaka, saňa argyşdan näme alyp geleýin?
-Oglum, maňa tapsaň, ýüpüň üzük-ýolugyny ýygnap geläý.
-bar sargydyň şolmy? Ondan gaplap getirerin.
Agyr ýola ilki gezek baş goşýan ýigit ak pata diläp enesiniň gaşynda
hem dyz epdi:
-Eje, argyşdan saňa näme getirmeli?
-Ejeň näme göwni bar, oglum. Maňa gowusy çöregiň ýanygyny çöpläp
getiräý.
-Beh-eý, ejemiň aýdýanyny. Onuňm kyn zady bormy? Gerek zadyň şol
bolsa halta dolusyny äkelerin.
Işekçer ýigit öz erkegine artyk-süýşük zatlaryny ýükläp
argyşçylara goşulýar. Goldan-gola, takyrdan-takyra, guýudan-guýa aşyp
argyş süýşüp barýar. Her düşlenende ýigidiň ýadyna enesiniň sargydy
düşýär. Iýen çöreginiň ýanygyny aýryp, ýygnap goýýar.
Gumdan çykyp ile aralaşýarlar. Her kim elten zadyny zerur zadyna
çalyşýar. Ýigit hem aňry-bäri alyş-çalyş edýär. Atasynyň sargydyny
berjaý edip, gözüne görnen ýerden üzük-ýoluk ýüp çöpleýär.
Bellenen gün ýüki çalşyrylan düýeler yzyna tarap ýola düşýär. Guýy
sanap öz obalaryna tarap göçüm edýärler.
Iň soňky ýapyny yzda galdyran argyş oba inýär. Agşam çaý
başynda argyşdan gelen ýigit müýnlülik bilen habaryny berýär:
-Kaka, seniň sargydyň kän bolmasa-da bitirdimem weli, ýolda kä çeki
üzüldi, kä üzeňňi. Käte gaplaryň agyznyň bogusy gitdi. Garaz, ýygnan
üzük-ýoluk ýüplerimiň bary ýolda ulanyldy-diýýär. Kakasy:
39
-Meniň sargydymy bitiripsiň. Ýolda ulanaryň üçin şony sargapdymdiýenmiş.
-Eje, seniň üçin-ä az-owlak çöregiň ýanygyny ýygnap getirdim.
Ejesi hem oglundan şatmyşyn.
-Sag-aman gelen ýeriň bolýar, oglum. Bir-ä ýolda aç bolmasyn, birem
çöregiň ýanygyny iýmesin diýip sargapdym. Çöregiň ýanygy adamy
kesel edýär. Ýolda howul-hara çöregi ýanygy bilen iýmedik bolsaň
bolýar-diýenmiş.
Ýigit ene-atasynyň näme üçin özüne üzük-ýoluk ýüp, çöregiň
ýanygyny sarganyna şondan soňra düşünip galypdyr.
TOTY GUŞ
Toty guş asmana galdy. Birsalym gökde gezmeläli diýip, oglanjygam
ýanyna aldy. Oglanjyk Toty guşuň arkasyndamy, ýa özi uçup barýarmy
bilenok. Ýöne asmandan-a barýarlar. Ähli zatlar hol aşakda görünýär.
Toty guş çüňki bilen hol uzaklary salgy berdi:
-Şony görýäňmi?
-Hawa, görýän. Depemi ol nämemi?
-Hawa, depe. Üns berip seret, nämä meňzeýär?
-Ertekili kitapdaky harmanyň suratyna. Toty guş, aýtsana, ol näme?
Belki, gyzykly rowaýaty bardyr?
Toty guş oglanjygy köp ýalbartmady.
HARMANJYK
-Harmanjygyň nähili döreýşini aýdyp ber diýýärmiň?
Aýdyp bereýin. Özüňem görensiň. Gyryň üstündäki örän
alyslardan görünýän bu depe, öz daşky görnüşi boýunça edil harmany
ýada salýar. Rowaýata gulak assaň, bu aslynda-da harman bolupdyr.
Bu gyra Nalajyň gyry diýilýänini bilýänsiň. Nalaç diýilýäni jykyr bilen
şu gyryň üstüne suw çykaryp ekin ekipdir. Şol ýylam onuň ak ekini
başyna gören ýaly bitipdir.
Bir gün Nalaç bugdaýynyň gyzylyny üýşürip, üstüne bereket
kesegini goýan wagty geçip barýan bir atly sowulýar. Ol uzak ýola
barýandygyny aýdyp, namaz okaýança, atyna bir goşawuç iým bermegi
haýyş edýär.
40
Nalajyň kalbynda husytlyk uçguny döreýär. Eline berlen attorba bir
goşawuç dänäni dözmeýär. Gözüni güýdüp iým torba owunjak daş
guýup, ata geýdirýär.
At eýesi bir seretse, atyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akýar.
Haçanda torbany görende ýagdaýa düşünýär. Atly aty horlany üçin
Nalaja «Harmanyň daşa dönsün» diýip gargyş edip gidýär.
Eýesiniň husytlygy sebäpli harman daşa öwrülip galypmyşyn. Şondan
bäri bu ýerniň adamlary ýolagçy bir dileg bilen sowulsa, boş
goýberilmeli däldigini gaty gowy bilýärler, husytlygyň erbet zatdygyna
hem düşünýärler.
TOTY GUŞ
Ol bu egzek birhiliräk öwrüm etjek boldy. Olam onçakly başa barmady.
Içi güjükli sorag berdi:
-Öz käriňi başarmasaň näderdiň?
-Haýsy käri?
Toty guş soragyna düzediş girizdi:
-Hä, sen entek belli bir käriň başyny tutaňog-ow. Meselem, haýsydyr bir
käri edinensoň, işiň ugrygybermese näderdiň?
Oglanjygyň beýnisi soragyň düýp manysyny çokup bilmän kösendisakawlady:
-Menmi? Okaryn. Bäşlik alaryn. Ýene okaryn.
-Aý pekge. Düşünmediň. Öňem biriniň işi oňmanynda näme edenligi
baradaky rowaýaty aýdyp berjekdim. Gowusy söze başlabereýin...
ÝERE SYGYN
Dürli ýerlerde işläp, hiç haýsynda kemal tapmadyk biri maslahat
soran, akyldar-dananyň gaşynda dyza çökenmiş:
-Hiç bir ýerde işim oňanok. Bir maslahat berseňiz.
Akyldar ony ünsli diňläpdir, sowam sorag beripdir:
-Ataňyz nä kesp ederdi?
Maslahat sorap gelen gyzaryp-bozarýar. Gümmi-sümmä urjak bolýar.
-Aý, ol hökmanmydy näme?
-Bolsa-da aýdyň.
-Ýaşuly, onyň meniň aýdasym gelenok.
Maslahat sorap geleniňiz çyn bolsa soraga jogap beriň.
-Şoňa ýetmämizde bolmazmydy?
41
-Bolmaz ogul.
Bolmady. Ýüzüni ýere salýan şol sözi ýene-de gaýtalady.
-Atam ogrudy. Şonuň bilen gün görerdi.
-Häzir özüň näme iş edýäň?
-Täzelikde ussa şägirt durdum.
-Onda seniňki kyn ogul. Ogurlyk ediberseň, işiň oňardy. Ýöne bir dogry
ýola düşen boslaň, sowulma. Ogurlykdan dogurlyga geçmegem kyn,
dogrulykdan ogurlyga geçmegem. Gowusy, ýere hyzmat ediber.
Aýdyşy ýaly, adam daýhançylyk edip başlapdyr. Günleriň birinde
bolsa, kemal tapyp, işi oňuna bolup gidipdir.
TOTY GUŞ
Rowaýat gutardy welin Toty guş gözüni bir gyrpyldadandan
ikisem öňki ýerine geldi. Toty guş demirgazyk tarapa öwrüldi. Onuň
gözlerinden çykýan şöhle kinoproektordan gaýdan yşyk ýaly bolup, hol
alys uzaklara bir ýere gitdi. Örän alysdaky ýanaşyk iki gala düşdi.
-Seret-diýip, ol aýtdy-Şu galanyň söýgi hem wepa hakynda örän gyzykly
bir rowaýaty bar...
MAZLUMHANSYLU
Iki sany äpet galanyň arasy ep-esli bar. Şeýle hem bolsa olaryň
gabarasynyň ululygy sebäpli aralary ýakyn ýaly görünýär. Onuň
günortasyndaky Gäwür hanyň galasy bolsa demirgazykdaky Mazlum
hana degişli bolupdyr. Iki han il bolup ýaşar ekenler.
Bu has köneräk zamanlarda bolupdyr. Şol wagtlar aýal-gyzlar
erkekler bilen deň derejede görülýän ekeni. Barysy diňe şindan soň ýüze
çykypdyr. Iki hanyň arasyna çöp düşmegine hem şol waka sebäp bolýar.
Mazlum hanyň Sylu diýen örän görmegeý, ýaş aýaly bar ekeni. Ol görkgörmekde taýsyz bolupdyr. Gäwür hanyň nazary oňa düşýär. Onuň
ajaýyp kaddy-kamatyna akyl-huşuny aldyrýar.
Gäwür han bütinleý Syluwyň yşgyna düşýär. Ony azdyrmagyň ýoluny
agtarýar. Ençeme synanyşyklardan soň ony razy etmek Gäwür hana
başardýar. Haram keýpe berlen Sylu bütin hanlygy namys astyna
goýýar.
Gäwür han bu işi gizlin saklamagyň çäresini gözleýär. Onsoň ol
Sylu bilen pynhan gatnaşyk etmek üçin iki galanyň arasynda ýer
astyndan örän gizlin ýol gurdurýar.
42
Egri ýol uzaga gitmeýär. Bir gün dostunyňka görme-görşe gelen
Mazmum han öz ghözlerine ynanmaýar. Sylu Gäwür hanyň öýünde
oturanmyşyn. Mazlum han ýaňy gaýdan wagty hem öýünde gören
aýalynyň bu ýerde oturanyna müňkür bolýar. Meňzeşdir öýdýär. Tizden
öýüne dolanýar. Öýüne gelse, Sylu eýýäm öýünde otyrmyş.
Mazlum han gizlinlik bilen aňtaýar. Hemme syr äşgär bolýar. Özüni
namys astynda goýan aýalyny öldürmekçi bolup topulýar. Emma Gylu
Göwür hana habar ýetirip ýetişen ekeni. Gäwür han ýarag çekip,
Mazlum hanyň üstüne gelýär. Sylu ylgap onuň aýagynyň astyna dary
sepýär.
Mazlum hanyň köpegi zynjyryny üzüp, oňa topulýar. Syluwy
parçalaýar. Soň Gäwür hany ýaralaýar.
Mazlum hanyň ejiz tarapyny Gäwür hana aýdan ekeni. Göwür han
gylyç salyp, Mazlum hanyň dyzçanagyndan aşagyny kesip taşlaýar...
Mazlum han soňky deminde «It wepa, aýal biwepa» diýip ýetişýär.
Onuň özüni bir bölek, aýagyny bir bölek jaýlaýarlar. Onuň
dyzçasnagyndan aşagy hem ýigrimi sekiz ädim çykanmyş.
Haçanda Sylu jaýlananda ilat onuň üstüne lagnat daşyny oklapdyr.
Şedip Sylu tutuş aýal jynsyna erbet garaýyşy döredipdir. Şondan soň
adamlaryň arasynda aýal-gyzlara gyýyk göz bilen garamak, ynamsyzlyk
ýüze çykanmyşyn, «Bir ýamanyň ýedi ýere kösti ýeter» diýip şonuň üçin
aýdýarlar.
Hojaili şäherinden Köneürgenje gidýän şa ýoluň gündogar
tarapyndan iki gala ýanaşyk otyr. Mazlum hanyň galasy agyr
gonamçylyga öwrülipdir. Gäwür hanyň galasyny bolsa adamlar haram
toprak hasaplap, merhum jaýlamaýarlar.
TOTY GUŞ
Oglanjyk irkiljek-irkiljek bolýar. Ine-de Toty guş oglanjygy
arkasyna aldy-da Akgala alyp gitdi. Oglanjyk bu köne gadymy galany
nebsewürlik bilen synlady. Toty guş oňa sorag berdi:
-Jyn-arwahly ertekiler diňläpmidiň?
Gorkudan ýaňa ol titir-titir etdi:
-Näme bu jyn-arwahlaryň galasymy?
Toty guş güldi:
-Ýok, näme gorkýaň? Men-ä jyn-arwahly rowaýatlaryň birini adýyp
berjek boldum...
-Onda diňläýin. Jyn-arwah gelmez gerek?
43
-Ýok, bu ýerde adamlar ýaşaýar. Jyn-arwahlar bolsa diňe ertekilerde
ýaşaýar-a...
AKGALA
Köne hananyň ýakasyndaky gadymy gala çölüň ortasynda,
jöwzanyň aşagynda kökerilen ýaly güne kakap galypdyr. Bötendagdan
garasaň, äpet gala demirgazyk gündogar tarapa agaryp görünýär. Akgala
ady şondan galan bolsa gerek. Küňreleri, gözaralary galany goraýanlar
ýaňy çykyp giden ýaly mizemändir. Iki bölek galanyň içinde aňry
tarapdaky adamyň keşbini saýgarmak kyn. Bu hakda nähili rowaýat
aýdylýanyny bilýärmisiziň?
...Gyz oňa göçülen ýurtda sataşdy. Aglap oturan gyz geçip barýan
atly ýigidiň gözüne ildi. Haly perişan nowbahar gyzyň deňinden geçip
gidäýip bilmedi. Sowuldy.
-Eý, gözel gyz, ne beýle ah-u-efgan eder sen?
-Enem-atam meni şu köne ýurtda galdyryp, göçüp gidipdir. Söýenere
hossarym, guwanara garyndaşym ýok.
-Ýyglama, gözel gyz, men saňa hossar bolaýyn.
Gyz onuň aýdýan sözleriniň çyndygyny, ýalandygyny bilmek isleýän
ýaly ýüzüne dikarynlap seretdi. Sähraýy ýigidiň hiç-hili hile-alsyz
ýürekden aýdýanyna göz ýetirip, ýerinden galdy, onuň ýanyna geldi.
Ýigit bu nätanyş gyzy atynyň syrtyna mündürip alyp gaýtdy. Obasyna
getirdi. Soňam gyzyň razylygy bilen oňa öýlendi.
Oba betbagtlyk aralaýar. Obanyň mallary ýer ýuwdan ýaly gürümjürüm bolmaga başlaýar. Malyň süýeginden nyşan tapmak hem
başartmaýar. Ýagdaý çenden çykma boluberensoň, ýurduň şasy ähli
akyldarlary, bilimdarlary, münejjimleri, gurrandazlary ýygnaýar. Bu
ýagdaýyň sebäbi soraýar. Olar kitap garap, ýyldyz sanap, gumalak atyp,
ýurda bir sany ýuhanyň aralaşandygyny bilýärler. Ýuha diýilýäni
ýylanlar nesline degişli bolup, aždarhadan hem beterräk mahlukmyşyn.
Şa ýurduň ähli erkeklerini ýygnaýar-da:
-Kimde-kim öz aýalynyň aslyna doly ýetik bolmasa galsyn, galanlary
gaýdybersin-diýýär. Hälki ýigit galmaly bolýar.
-Ýigit, gelniňi tanaýarmyň?
-Ýok.
-Nireden öýlendiň?
Ýigit gelnine sataşanyny gürrüň berýär. Pähimli adamlar oňa gije
ýatman gelnini garawllamagy maslahat berýärler. Emma ol her gün
44
beýhuş bolan ýaly özüni bilmän uklap galýar. Bolmansoň, ýene
danalaryň ýanyna gelýär. Olar oňa içmäge doga berýärler. Aýaly her
gün agşam ýüzüne tüýkürip ukladyp gidýän ekeni.
Bu gün agşam ýigidiň gözüne uky gelmeýär. Ol ýatamzynyň öňinçäsi
berlen dogany içdi. Gözüni ýumup uklan kişi bolup ýatyr. Gelnini
garawullaýar. Ine-de gelni ýorgandan ýylan ýaly suwulyp çykdy.
Adamsynyň ýüzüne bir tüýkürdi. Soň bir silkindi-de ak ýylana öwrüldi.
Kündügiň agzyndan girdi-de, sozugyp çürnüginden çykdy. Her hili
oýunlar etdi. Soň obanyň çetine tarap ugrady.
Ýigit ony garaba-gara garawullap gidip oyr. Obanyň çetinde ýene
bir gara ýuha oňa garaşyp duran ekeni. Ol ak ýuhanyň dogany bolup
çykdy. Ak ýuha her gün agşam il ýatyp, it uklanda obanyň mallaryndan
oňa eltip berýän ekeni.
Ýigit gören ahwalyny patyşa gürrüň berdi. Ondan dynmagyň
maslahatyny etdiler. Ahyry kyrk gulaç ýeriň aşagynda kyrk gapysy hem
demirden gala gurmaly, ýuhany şoňa taşlamaly diýen karar gelindi. Şa
şeýle galanyň gurluşygyna başlamak barada perman berdi.
Gala gurlup bolundy. Özem kyrk gulaç ýeriň aşagynda, barjak bolsaň,
kyrk sany demir gapydan geçip barmaly.
Ýigit gelnini ýeriň aşagyndaky gala getirdi. Ony iň soňky işikden
içe girizdi-de, özi daşa çykyp, işigi mäkämledi. Ýuha iýniňi düýrükdiriji
çirkin gygyrdy. Emma ýetişikli ýigit demir işikleri yzly-yzyna
mäkämleýärdi. Ol iň soňky işigi açylmaz ýaly mäkämledi-de, uludan
demini alyp, derini syrdy...
Häzirki Akgala şol ýer astynda galan demir galanyň üstünden
gurlanmyş. Alymlar ol ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärkä,
armasyna gelen oba adamlary, gazylan ýerden demir işik görünäýjek
ýaly düşnüksiz bir garaýyş bilen garaýarlar. Çarwa ýigitleri bolsa gowy
tanamaýan gyzlaryna öýlenenoklar.
TOTY GUŞ
-Eý, oglanjyk, Pilmahmyt hakyndaky ertekini bilýäňmi?
Oglanjygyň gözleri jogap gaýtarmaga höweseklik bilen ýyldyrady:
-Hawa, bilýän. Ony bakjada enekämiz aýdyp berdi. Soň ertesi gürrüň
edip berenim üçin bäşligem aldym. Bilýän men ony-a.
-Bilseň gowy-da Pilmahmyt ýaly daýaw adamlaryň biri barada rowaýt
bilýärdim-de... Aý, onam bilýänsiň-le..
-Kim hakynda?
45
-Çilgez sopy hakynda.
-Ýok, ony bilemok. Aýdyp beräý-dä, Toty guş? Eger rowaýat aýtjak
bolsaň «Siziň üçin körpelerem» görmäge gitjek däl.
-Ýok, ony gör. Onda seniň üçin köp peýdaly zatlar aýdylýar. Häzir
aýdyp bereýin. Diňle-de, soň tlewizor görmäge git...
ÇILGEZ SOPY
Aslynda onuň ady Kabas dagy bolanmyş. Asly mekany
Arabystanda bolupdyr diýýärler. Beýik daglar oňuşdyrmanosň,
üstündäki öwlüýäsi zady bilen bir gijede Horezmin ýurduna göterilip
gaýdypdyr. Bir gijede derýanyň ýakasyna gelip gonan daga ýerli ilat
Bötendag, ýagny böten-başga ýerden gelen dag diýip at goýupdyr.
Bötendag ... Ol Tüni derýanyň köne akaba ugrunyň boýunda çölüň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Köneürgenç rowaýatlary - 4
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.