Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 2

Total number of words is 3743
Total number of unique words is 2171
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
16
zyňarlar. Soňky arzuwym Ürgenjiň bir gysym topragynyň
buýurmagydy. Şol arzuwyma ýetsem bes. Törebeg hanym bilen men
kyýamatda sataşmaly bolduk.
Köp wagt geçmänkä, Ussaguş dünýäden ötüpdir. Ony öz wesýetine
görä, gümmeziň gapdalynda jaýlapdyrlar. Şeýdip Ussaguş pespälligini
öz ölümi bilen hem ýene bir gezek subut edipdir.
TOTY GUŞ
-Bu gezekki aýtjak rowaýatym has gyzykly bolar-diýip, Toty guş
aýtmanka oglanjygy gyzyklandyrdy. Soňam ýadyna salýandan bolup,
boýnuny eýläk-beýläk gyşardyp esli eglendi. Aýdyp başlamaga
howlukmady. Oglanjygyň sabry ýetmedi:
-Aýdyp ber-dä gyzykly bolsa, Toty guş. Ýogsamam ol näme hakynda?
-Meniň ýaşymdaky?
-Hawa.
-Onda başlasana Toty guş. «Bir bar eken, bir ýok ekenem» diýmän
aýdyber.
-Ýogsan men näme şeýle diýýänmi. Ýöne sen sözümi bölmän otur...
ŞYHY ŞEKER GENJIM WELI
Welilik akylyň, parsadyň aňrybaş derejesi hasaplanýar. Ol her
kime ýetdirip ýörenok. Onuň üçin süňňi halal adam bolmaly.
Haramharsylyk bilen welilik bir ýere sygyşmaýas diýýärler.
Şol zamanlarda bir akylly aýal bolupdyr. Ol bütin ömrüne öz
hakyna kaýyl bolup, kişi hakyny iýmän, ýaşap gelýär ekeni.
Ol juda akylly, öňden görüji aýal bolansoň, öz oglunyň hem
welilige ýetjekdigine, Ürgenjiň şöhratyny göterjek bir ýyldyz bolup
dogjakdygyny aňýar.
Ol çagasyny alty ýaşda medresä getirip berýär-de, alty aýyň içinde ähli
dersleri, ylmy maglumatlary geçip çykmagy talap edýär.
Oglanyň şoňa ukybynyň bardygyny durýdurýar. Oglanjyk täsin
ukyby bilen görenleri haýran galdyrýar. Onuň üçin bir eşiden zadyny iki
gezek eşitmek zerurlygy bolmandyr.
Şyhy Şeker atlandyrylan bu oglan alty aýda däl-de, bir ýylda şol
döwrüň ähli ylymlaryny özleşdirýär, welilige ýetýär. Akyl-parasatda
onuň bilen deňşelen bolmaýar. Munuň sebäbini onuň enesinden
soraýarlar. Enesi:
17
-Men halal süýt emip ulaldym. Bütin ömrüme hem diňe alyn derim bilen
ýaşadym. Çagama hem halal iýdirdim. Kişiniň dyrnak ýaly zady hem
goşulmady. Diňe bir gezek suwa baramda, bir hoşa üzüm akyp barýan
ekeni. Bir dänesini ýolup agzyma salanymdan soňra, onuň kişiniňkidigi
ýadyma düşdi. Şol bir hoşa üzümuň eýesini agtaryp tapmadym. Şol bir
däne üzüm üçin eýesini razy eden bolanymda, oglum bir ýylda däl-de,
alty aýda welilige ýetmelidi-diýip jogap berýär.
Şonda oglanjygyň Şyhy Şekler ady bilen bilelikde, genje (kiçijik,
ýaşajyk) weli ady hem ýörgünli bolýar. Onuň adyny Genje weli diýip
tutmaga başlaýarlar. Genje weliniň akyl-paýhasyny hemme ykrar edýär.
Arman, ýyldyzyna guwanmak Ürgenje uzak miýesser etmeýär.
Asyl Ürgenjiň özüniň güni batmagyň bäri ýanynda duran bolsa nätjek?!
Tizara Ürgenjiň üstüne tatar-mongollar sil ýaly yňdarylyp dökülýär.
Medreseden çykyp gelýärkä, daýyrdaşyp gelen duşman atlylary Genje
weliniň kellesini togalap gidýärler. Medresäniň bosagasynyň üstüne
onuň al gany dökülýär. Nejmeddin Kubranyň mawzoleýiniň günbatar
ýüzünde daşyna hatara daş goýlan çaga mazary ýatyr...
TOTY GUŞ
Toty guş oglanjygyň garşysyna gondy. Gyzyklandyrjak bolmak,
gümürtik söze başlap dymmak ýaly hemişeki endikleriniň hiç birini
etmedi. Onuň bilen edil uly adam ýaly gepleşdi:
-Men saňa beren sözümde tapyljak-diýdi.
-Sen maňa näme söz beripdiň, Toty guş?
-Törebeg hanym hakynda soň bir gezek aýdyp bereýin diýipdim-ä.
-Hä, omy? Aýdyber. Diňläýin.
HÜÝRGENÇ
Öz gözelligi, pähim-paýhasy hem-de ugurtapyjylygy bilen
meşhurlyk gazanan şazada Törebegn hanym diýýärler. Onuň mawzoleýi
hem Törebeg hanymyň özi ýaly Gündogarda seýrek ymaratlaryň biri
bolup, şu günlerem saýlanyp otyr.
Törebeg hanymyň çaksyz owadanlygy baradaky habar Horezminiň
çäginde durmady. Agyzdan-agza geçip, ýel bolup uçdy. Bu habar seljuk
döwletiniň soltany sanjaryň gulagyna ýetýär. Ol Törebeg hanyma aşyk
bolup, oňa sawçy ýollaýar. Näme şerti, nähili galyňy bolsa çekmäge
taýýardygyny, ähli zada erkiniň ýetjekdigini aýdýar.
18
Törebeg hanym sawçylara:
-Baryp soltanyňyza aýdyň. Soltan hökmünde onuň köp zada erki ýeter.
Köp galalary özüne boýun egdirip biler. Ýöne ýürek diýilýän galany
müňläp ýygyn bilen hem syndyryp bolmaýar. Onuň üçin hem akmaklyk
etmesin-diýýär.
Sawçylar baryp Törebeg hanymyň habaryny Soltan Sanjara aýdýarlar.
Sözi gaýtarylan şa dergazap bolýar. Bütin Horezme göz görkezmegi
ýüregine düwýär. Amyderýanyň sakasyna bent basyp, eger Törebeg
hanym özüne durmuşa çykmaga razylyk berse açyljakdygyny, bolmasa
açylmajakdygyny duýdurýar.
Törebeg hanym Soltan Sanjara adam ýollaýar. Baran adamlar:
-Söýgi zorluk bilen gazanylmaýar. Onsoň ile ýamanlyk etmek merdiň işi
däl. Bibimiz şa bolup bir naçardan ýeňildi adyny almajak bolsa, açsyn
diýdi-diýip, Törebeg hanymyň habaryny berýärler. Emma Soltan Sanjar
baran adamlaryň töwellasyny almaýar.
Ähli zadyň barlygy suw bilen, Horezminiň ýaşyl baglary
ýapraklaryny sallap ugraýar. Garagumdan öwüsýän sörtük Horezminiň
ýaşyl ýaýlasyny ýalap barýar. Iň esasy hem halkyň ýylajy galmagy
daşda däl. Nätmeli? Goşun çekip gitmelimi? Ýok, muňa Törebeg
hanymyň ynsaby çatjak däl. bir özi üçin munça ganyň dökülmegine ýol
berip bilmez. Ol bu ýagdaýdan hile arkaly bir özi baş alyp çykmagy
ýüregine düwýär. Ýöne ol Törebeg hanymyň çeňňegine düşermikä?!
Şazada gyz oýlanýar. Belki, ol akyllydyr. Törebeg hanym aldatmaz.
Şazada gyz adam iberip, barlap görmekçi bolýar. Ol ýörite adam iberip,
iberen adamlaryna onuň daşky keşbini, mümkin bolsa käbir hereketlerini
synlap gelmegi tabşyrýar.
Iberen adamlaryna onuň ýüzüni görmek başartmaýar. Olar ony
diňe ýeňsesinden synlap gaýdýarlar. Törebeg hanym ol barada has
anyklap soraýar.
-Siz soltany gördüňizmi?
-Gördük.
-Nähili ýagdaýda?
-Biz onuň ýüzüni görüp bilmedik. Tärek kylyp otyrka ýeňseinden synlap
gaýtdyk.
-Nirä bakyp täret kyldy? Ýelämi, yga?
-Yk tarapa oturyp, täret kyldy.
Onuň şu hereketinden Törebeg hanym soltanyň samsyk tarapynyň
bardygyny bilýär, aldap boljakdygyny aňýar. Şondan soň haýdan-haý
kyrk sany täze gulunlan ýyndam ýylky tapyp gelmegi buýurýar. Olary
19
derýanyň sakasyna çenli her ýerde, her ýerde goýdurýar. Özleriniňem
taýlaryny bir çakyrym bärde galdyrýar. Özi bolsa bir ýylkyny münüp,
derýanyň sakasyna tarap ugraýar. Soltan sanjaryň ýanyna baryp, özüniň
oňa durmuşa çykmaga razy bolandygyny aýdýar. Seljuk soltany bendi
açjakdygyna söz berip, oňa öýlenmekçi bolýar:
-Ýok, ilki bendi açdyr. Gysrak ýylky bilen gelenimi görüp dursuň.
Bendiň açylanyny gözüm bilen göreýin. Onsoň men seniňki.
Olar bende barýarlar, Soltan Sanjar meniň atym başartmaz, senem at
mün diýip, oňa at bermekçi bolýar. Törebeg hanym öz ýylkysynda
gitjekdigini aýdýar:
-Özüň çydasaň, atyň çydar, men gitmesem ýylkynyňam gitmejegine
atyňam düşüner. Bent açylansoň atyňam aýaklaryny ýazar-diýýär.
Soltan sanjar onuň soňky sözüne düşünmän galýar.
Bendi açýarlar. Dykyn alyp duran suw dürtülerine mähetdel yňyp
gaýdýar. Şol demde ýylkynyň başyny yza öwren Törebeg hanym gamça
basýar. Emjekleri çişip, taýyna ýetmäge howlugyp duran baýtal
ýyldyrym bolup uçýar. Soltan Sanjaram yzyndan kowýar. Her çakrymda
baýtaly çalşyryp gelýän Törebeg hanym zut gidýär. Amyderýanyň orta
akymlaryndan geçiberende ýetibilmejegine gözi ýetensoň Soltan Sanjar:
-Bar-eý, gyz gidiber-diýenmiş. Şondam hem häzirki Amyderýanyň
boýundaky Baragyz diýen ady galanmyş diýýärler.
Halk iş bitirip gelen batyr gyzy dasbar bilen garşylaýar. Soltan
sanjar şondan soňra ýeňilenini boýun alyp, Törebeg hanyma garşy
çykmandyr. Ugurtapyjylygy bilen haýran galdyran Törebeg hanym
Horezm gözellerine nusga bolupdyr. Oňa «gyzlaryň hüýri, hüýr gyz,
soňabaka bolsa Hüýrgenç» diýmäge başlapdyrlar. Şindi-ki Köneürgenjiň
öňki Ürgenç ady hem Hüýrgenç sözünden galanmyş.
Belki, hakykatdan ertekä ýakyn bu zatlar bolan hem däldir. Taryhy
yzarlasaň, faktlaryň başga-başga zady gürrüň bermegem mümkin. Ýöne
Ürgenjiň edermen gyzy hakyndaky rowaýat şeýle görnüşde agzydanagza geçip biziň günlerimize gelip ýetipdir.
TOTY GUŞ
-Eý, oglanjyk, Hanýabyň nähili döränini bilýäňmi?
-Ýok.
-Bilmeýän bolsaň, bu rowaýatam şonuň döreýşi ýaly, ile ýagşylyk edýän
adamlar hakynda.
20
HANÝAP
Pis oguldan ýagşyrakdyr,
Pyragy, ýagşy at galsyn.
Magtymguly.
Ol Köneürgenç şäherini deň ikä bölüp güwläp akyp ýatyr. Ýüz
ýaşly çynarlaryň arasyndan ýylan hereketi bilen suwylyp geçýär-de,
teşnelere ýetmek üçin örän uzaklara gidýär. Bu-üstünden agyr
heňňamlary ötüren Hanýap bolmaly.
...Şu etrapda ýaşap geçen bir hanyň maly ýere-göge sygmandyr. Bu
agyr döwletiň ýalňyz gädik tarapy bar ekeni. Hanyň perzendi
bolmandyr. Näçe öýlense-de, döwletbaşy perzende gözi düşmändir.
Ol dünýäden namyrat ötmeli boljagyna gözi ýetip gaty gamgyn
gezipmişin. Mal-mülke höwesi gaçypdyr. Ýalançy dünýäniň yşgynda
gezenine ökünipdir. Ine, ol pähimdar, ýagşyzada alymyň huzuryna
barýar. Arzyny aýdyp, içini dökýär:
-Mal-mülküm ýere-göge syganok. Emma yzym eýesiz galyp barýar.
Pähimdar ýaşuly:
-Oglum, gam çekme diýipdir. Dünýäniň asly agdyk ýasalandyr. Dört
tarapyny deňläp bilmän, bir armanly dünýäden gitmek her bir merde
ozalebetde ýazylandyr. Mal-mülkden peýda ýok. Haýyr-sahawat gazan.
Yzyňda ýagy at galar.
-Eýsem, men näme etmeli?
-Aja nan ber, suwasana suw ber. Ömür unudylmaz bir ýagşylyk galdyr.
Mal-dünýäňi il-gün üçin harç et.
Han öýüne dolanýar. Ol: «Men ölsem, bu zatlar gör kimlere ýal bolar.
Gowusy, öz elim bilen bu zatlary harçlaýyn» diýip pikir edýär.
Ol kän oýlanýar. Ahyry belli bir netijä gelip, gum eteklerindäki obalara
çapar gönderýär: han:
-Pile güýji ýetýänler gelsinler. Men olara sakadan suw içer ýaly ýap
gazdyryp berjek. Ähli harajady menden-diýýär.
Çöpde-çörde san bardy, emma işlemäge gelýän adamlarda san
ýokdy. Tarp ýerleriň göwsi ýarylyp, suw üçin ýol açylyp barýardy. Gazy
alty aýlap dowam edipdir. Şeýdip hanyň aladasy, iliň güýji bilen şu ýap
gazdyrylýar. Amyderýanyň mele suwy ömür görmedik ýodasy bilen
teşne illere tarap ýol salypdyr.
El bilen emele getirilen bu ýaba halk «Hanyň gazdyran ýaby»,
«Hanýap» diýip at goýupdyr. Biperzent öten hanyň ady bir ýagşylygy
sebäpli halk arasynda «Hanýap, Hanýap» diýlip gaýtalanyp gelnipdir.
21
Onuň men-men diýen ärleri maýyrýan agyr gazysy ýaňy-ýakynlara çenli
dowam edipdir. Diňe tehnikanyň gelmegi bilen halk bu ejirli işden
dynypdyr.
Indi ol kanal uzaldyldy hem giňeldildi. Indi ol Köneürgençden
ýüzlerçe kilometr günbatara-Aýböwür böwrüne çenli şaha-şaha bolup
ýaýrap gidýär.
Onda Jeýhunyň joşguny saklanyp galypdyr. Kenarlaryny opuryp,
çukanajyk-çukanajyk burumlar ýasap akýar. Esrän iner ýaly, kenara
haýbat atyp, degresinde joş urýan durmuşa nem bermek üçin howlugyp
barýar. Onuň ýagşylykdan dörän ýüregine şam-u-säher durma ýok.
TOTY GUŞ
Toty guş garagajyň gaba başynda oňa mähirli nazar salyp aýlandy.
Soňam şahasyna gondy. Ynsan dilinde oňa ýüzlendi:
-Eý, Garagaç, men sen baradaky gamgyn rowaýaty bilýän. Ony soranjaň
oglanjyga-da aýdyp bererin.
Geň zat, hereketleriniň bary oglanjygyň göz öňünde bolup geçdi.
Ol bu gürrüňlerem edişdip durdy. Emma şeýle seretseň, Toty guşuň
hereketleri hol alysda ýalydy.
Toty guş bärisine öwrüldi welin oglanjyk bilen ýüzbe-ýüz bolaýdy.
-Diňle, Garagaç, men sen baradaky gamgyn hekaýaty gürrüň bereýin.
Oglanjygam garagajy ekmegiň günädigini bilsin, sen hakyndaky
rowaýaty eşitsin...
GARAGAÇ
Her ýerräkde birnäçe düýp garagaç gara düýn ýaly garalyp otyr.
Olaryň biri edil Soltan Aly bilen Nejmeddin Kubranyň biri-birine bakyp
oturan mawzoleýleriniň öňünde gögeripdir. Bu garagaç nämeleri
hakydaňa getirmeýär?!
...Serker baý öz hyzmatkäri Bagbany uzak sapara kerwenbaşy edip
goýberdi. Kerweniň gidýän ýurdunda belli bir düzgün bolmanmyş. Şol
sebäpli ol ýerden talanman gelýän kerwen az ekeni. Serker baýyň
Bagbany özi ýaly edermen ýigitlere kerwenbaşy belläp, kerwenden
düşjek girdejiniň deň ýaryny Bagbana bagyş etjekdigi barada söz
bermegi hem şonuň üçin.
Agyr kerwen çölüň iň soňky depesini yzda galdyryp, oba inip
gelýär. Ençeme çapawulçylykly çozuşlar yzyna gaýtaryldy. Bagban
22
birnäçe ýerinden ýaralandy. Emma şonda-da keýpi kök. Öz gazanjak
baýlygyna, öz söýýän gyzyny duluna çekip biljekdigine buýsanjyň
ýylysyna çoýunyp barýar.
Bagban agaçlary söýerdi. Öň baýyň bagynda bagbandy. Ol uzak
ýurtlarda hem bu pişesini unutmady. Şol ýerden bu ýerler üçin geň bir
agajyň nahalyny alyp gaýtdy. Getirip nahaly bagda oturtdy.
Baýlygyň haramdan üýşýän ýeriniň bir gapdalynda hökman hile
bardyr. Serker baý kerweniň sag-aman gelenine begense-de, böwründe
sanjy bar. Il öňünde eden lebzine görä, baýlygyň ýaryny bagbana
bermeli. Diwana gysym teňňe oklap görmedik baý näderini bilenok.
Täze oturdylan nahaly gören Serker baý Bagbany işläp ýören ýerinden
çagyrdy:
-Bu näme agaç?
-Bilemok. Kerwensaraýyň deňinden geçýän bazarçylaryň biri
gaçyrypdyr. Bu ýurtda ösjegi-ösmejegi belli däl. Ýöne alyp
gaýdyberdim.
Baý sesini çyakrmady. Agajyň garamtyl baldagyna seretdi. Içinden
bir zatlara ýylgyrdy-da, öz ugruna gitdi. Agşama çenli bir-iki adamyň
ýanynda Bagbanyň täze getiren agajynyň örän syrlydygyny, ýöne
aýtmak bolmaýandygyny ýaňzytdy.
Agşam baý kerwene gidenleri hormatlap öz öýüne çagyrdy.
Hyzmat edilişine baýyň öz ogly göz-gulak boldy. Orta nahar gelensoň,
baý bagbana ýüzlendi:
-Oglum, şol agajy ekmeseň, gowy boljak ekeni...
-Hä, näme boldy?
-Oňa garagaç diýýärler...
baýyň bu gürrüňini oturanlaryň hemmesi eşitdi. Nahar iýlip bolnansoň,
el ýuwuldy. Baý gzöüniň gytagyny aýdlady:
-Bar, aýt, çaý getirsinler.
Bagbana goýlan çäýnegiň aýratynlygyny baýyň ogly bilen özünden
başga bilen adam bolmady.
Ertesi günki şum habar oba tiz ýaýrady. Bagban agşamky
ýatyşyndan galmandyr. Hemmeler Bagbanyň ölümini «bagtsyzlyk
getirýän» garagaçdan gördüler.
Bagbanyň eken nahaly göýä onuň ýasyny tutýan ýaly uzak wagtlap
eýikmändir. Örän haýal ösürpdir. Adamlar «gandar» agajy görenlerinde
hemişe Bagban neressäni ýatlapdyrlar.
Şeýdip garagajyň tohumyny ilki getiren Bagbanyň nähak ölümi
bilen ol hakynda erbet «myş-myşlar» ýaýrapdyr. Hamala ony eken adam
23
ölýärmiş. «Garagajy eken saýada ýatmaz» diýen gürrüň hem bar. Şu
yryma eýerip, bu agajy diňe 80-90 ýaşan gojalar ekýärler.
...Güjümläp giden garagajyň şahalary Soltan Aly bilen Nejmeddin
Kubranyň tyllaýy syrçaly diwarlaryny sypalaýar. Göýä ol özi hakyndaky
hekaýaty ýalana çykaryp, şu ýerli gojalardan kän eşiden gürrüňini
gaýtalaýan ýalydy:
-Ýalan. Bary ýalan. Daragt ekmekden sogap zat ýok. «Garagajy eken
saýada ýatmaz» diýen gürrüň meniň örän haýal ösýänligim üçin
aýdylýandyr. Häzir men 150 ýaşadym. Meni eken 30 ýaşly ýigit 90
ýaşap, şu etrapda aradan çykdy. Şonda men 60 ýaşanam bolsam,
boýumy almandym. Ol 90 ýaşanda saýamda namaz okamaga kölegäni
zordan tapdy. Görýäňizmi, adamlar, men hakyndaky gybat ýalan. Ýalan,
ýalan, ýa-a-lan...
TOTY GUŞ
-Ýaňky rowaýatymy gysga gördüňmi? Seniň uklamaly wagtyň
bolanokmy?
-Rowaýat diňlesem ukym gelenok-diýip, oglanjyk jogap berdi.
-Şeýle bolsa edil bagban ýaly ykbaly keç bolan adamlaryň ýene biri
hakynda aýdyp bereýin. Düşünmedik ýeriňi sorarsyň, bolýamy, ynsan
balasy?
Oglanjyk baş atdy.
Toty guş rowaýata başlady.
JEMILJAN
Ussalar hiç haçanam köp bolan däldir. Şonuň üçinem hakyky
şägirtler ussat gözleginde owaldan-ahyra ser-sepil bolupdyrlar.
...Uzak ülkelere barýan kerwen Ürgenjiň kerwen saraýynda
düşledi. Kerwene daklyşyp gaýdan ýedi ýaşly jöhüt oglanjygy bu äpet
şähere aňk bolup seretdi. Haşamly howlular, altyngümmezli ymaratlar,
belent minaralar onuň ünsüni çekdi. Iň esasam ol şu wagta çenli
gaýybana adyny eşidip ýören Şeýh Nejmeddin Kubra bilen duşuşdy. Üç
ýüz altmyş şägirdiň ussady, uly alym ony haýran galdyrdy. Ol
kerwenden üzülip galdy. Şeýh Nejmeddin Kubra şägirt durdy.
Halypa din hadymlarynyň tersine gidip, dini başga jöhüt
oglanjygyny özüne şägirt tutundy. Oglanjygyň ukybyny görüp, ondan
bir zat çykjakdygyny aňdy. Oňa sapak berip başlady.
24
Göripler, içigaralaar hemişe-de bolupdyr. Şeýh Nejmeddin Kubrany
görüp bilmeýänler oňa her hili şyltak atýarlar. Olar «Şeýh Nejmeddin
Kubra daşyna ýaş oglanlary üýşürip, beçebazlyk edýämişin» diýen
gürrüň ýaýradýarlar. Emma soltanatda birbada muňa gulak
gabardylmaýar.
Jemiljan atly bu oglan ýörite Şeýh Nejmeddin Kubra üçin suw
daşaýan ekeni. Günde bir gezek boýny küýzeli Tüni derýa baryp
gelipdir. Onuň boýnundan asylgy küýzesindäki suň hemişe gaýnap
durupdyr. Şol wagtlar Tüni derýa Ürgenjiň bir çakyrym ileri ýüzünden
geçýän ekeni. Jemiljan halypasynyň bir aýdanyny iki gaýtalatmandyr.
«Jemijan!» diýip bir gezek gygyrandan nirede gezip ýörenem bola onuň
gaşynda häzir bolýan ekeni.
Şeýh Nejmeddin Kubrany bir büdredip bolmazmyka diýip ýören
göripler ýene dek ýatmaýarlar. «Bir jöhüt oglan Kubra şägirt bolan
bolup, seniň gyzyňy göz astyna alyp gelipdir. Halypa hem bu zatlardan
habarly» diýen habary Horezmiň şasynyň gulagyna ýetirýärler.
Dergazap bolan şa Jemiljanyň kellesini almak barada perman berýär. Şol
demde atlanan jellatlar suw alyp gelýän oglanjygyň kellesini kesip
taşlaýarlar.
Suwa giden Jemiljan eglenip, wagty bilen gelmeýär. Kubra
ynjalyksyzlanyp başlaýar. Oňa çenli Nejmeddin Kubradan hem ar
almakçy bolup, «namysyna deglen» şa onuň ýanyna gelip ýetýär.
Nejmeddin Kubra şany görüp, bir zatlaryň bolandygyny aňýar. Gudrat
görkezmegiň wagty gelendigini duýýar. Nämedir bir ýumuş buýurmakçy
bolup:
-Jemiljan!-diýip gygyrýar.
Emma gelen adam bolmaýar.
-Jemiljan!
Ikinji gezekde hem halypanyň çakylygy jogapsyz galýar.
Ol üçünji gezek gygyrýar:
-Jemiljan!
Şol pursat bolup geçen waka topy-topalaňy bilen gelip duran şa
haýran galýar. Kellesi kesilen Jemiljan kesilen kellesini goltugyna alyp
ýetip gelýärmiş. Ol şol halda-da halypanyň buýrugyna häzir bolup
durmuş.
Oglanjyga şadan bir zat ýetenini aňan Nejmeddin Kubra gargap
başlaýar:
-Ürgenç gider, Buhara gider, Samarkant gider...
Kubra «Stambul» diýip, «gider» diýmänkä şa onuň agzyny tutýar.
25
-uraweri, tagsyr, bütin ünýäni harap edersiň.
Şa aldananyny bilýär. Çöküne düşüp ötünç soraýar. Oglanjygyň
agramyna barabar hun hödür edýär. Emma halypa öz söýgüli şägirdiniň
ölümi üçin tylla almak ilemeýär. Sebäbi hakyky şägirdiň huny Kubranyň
hasap edişine görä bahasyzmyş.
Tizara tatar-mongollar ýurda dökülýär. Şeýh Nejmeddin Kubranyň
sanan şäherlerini ýer bilen ýegsan edýärler. Stambuly alyp bilmän
galýarlar.
Kubra ylma teşne bolup gelen, dini başga oglanjygy öz jaýlanjak
ýeriniň başujunda jaýladýar. «Maňa gelen ilki bilen şoňa sežde etsin»diýip wesýet galdyrýar.
Şeýh Nejmeddin Kubranyň haşamly mawzoleýine giren ýeriňde
nazaryň kiçijik oglanyň mazaryna düşýär, hawa, bu şo-ol Jemiljan
bolmaly.
TOTY GUŞ
Toty guş rowaýatyny aýaklan bada oglanjyk gözlerini ýaşardyp pallady.
-Indi bes edäýeli. Näme palladyň, uklasyň gelýärmi?
-Ýok.
-Eýsem näme edesiň gelýär. Toty guşuň sesi hol uzaklardan eşidilýän
ýaly güňlenç ýaňlandy. Oglanjyga ol bütinleý gidip barýan ýaly göründi.
Tisginip oýandy:
-Rowaýat diňläsim gelýär? Toty guşuň sesi hol uzaklardan eşidilýän
ýaly güňlenç ýaňlandy. Oglanjyga ol bütinleý gidip barýan ýaly göründi.
Tisginip oýandy:
-Rowaýat diňläsim gelýär.
-Ýene-de diňlejekmi?-Toty guş böwrüne diň saldyIndi Horezmşalar hakynda aýdyp beräýsemmikä?!
Oglanjyk ünsüni jemläp, gulagyny gerdi.
AZGYN ŞA
Dört pasyl içinde aýlanyp duran bu owadan dünýäde tutulýan,
ynsanyň myrady saýylýan toýlar mukaddes hasaplanypdyr. Bu gadymy
Ürgençde Muhammet şa zamanlarynda hem şeýle ekeni...
Ürgenjiň darajyk köçesinde gulpaklary iki egnine düşüp duran
derwüş ýakymly owaz bilen sena aýdýardy. Işikleriň öňünde sesine bat
berip, biraz eglenýärdi. Içerden kimdir biri çykyp, onuň daşy ýylmanyp
26
giden betbagt kädisine bir zat okladygy yzyna öwrülýärdi. Ýogsamam
başga bir işige tarap ýoluny dowam etdirýärdi. Derwüş aýdym arasynda
«Halaýyk, hudadan şalar adyl bolsun diýip diläň. Şasy azan ýurda bela
gelermiş» diýip, şol bir aýdýan sözlerini gaýtalaýardy. Derwüş köçede
şalaryň adyllyga, adamlary haýyr-yhsana çagyryp, birsydyrgyn senasyna
gygyryp ýör. Emma haýbatly köşklerde adyllykdan özge nämeler
bolmaýar?!
O döwürler Şähribossan etraplary gülgün diýar diýilýänleri
bolupdyr. Bu ýerleriň lälezar baharlaryny diýsene! Synlanlaryň kalbyny
lerzana getiripdir. Şonuň üçin hem Ürgenjiň şalary aw awlamak,
gezelenç etmek, göwün açmak üçin köplenç Şähribossana çykýan
ekenler.
Bu gün Şähribossanda toý tutulýar. Ýazlaga çykan obanyň uludankiçä hemmesi garyp çopan Annalynyň öýüne üýşüpdir. Bu ýerlerde
seýrek bolýan zat-çopan ýigit öz söýen gyzyna öýlenýär. Nejep aşyk
Aýjemal bilen ykbalyny goşýar.
Obanyň gyz-gelinleri tarapyndan yhlas bilen bezelen, üsti kejebeli
akmaýa gelnaljylaryň öňüni çekip gelýär. Atbaşçylar sarç bedewlerini
öňe-yza dabyrdadýarlar. Kä oýa inip, kä alaňa dyrmaşyp, kejebe süýşüp
gelýär. Bu ýerlerde gadymdan bäri gölegçi bilen kejebäniň öňüni kesip
geçmeýärler. Bu adamçylygyň ýazylmadyk kanuny. Şeýle iki
mukaddesligiň öňünde adamçylyk nyşanasy bolmadyk galtamanlar hem
toba gelipdir.
Gelinli kejebäniň öňünden Muhammet şa topy-topalaňy bilen
çykýar. Däbe görä oňa bir tegelek nan uzadýarlar. Şu ýerde Muhammet
şa kejebäni alnyna sylyp, gelne bagt diläp ýoluna gidibermeli. Emma
hökmürowan şanyň kalbynda gara pikirler köwsarlaýar. Ol gelniň
ýüzüni açyp görkezmegi talap etdi.
Atbaşçylara bu habar gök gübürdän ýaly täsir etdi. Namysy orta
goýup başdan geçäýmeli ýeri geldi. Emma olaryň öňünde allanyň saýasy
düşen, ähli raýatyň atasy hasaplanylýan hökümdar durdy.
Gelnaljylar müýnlülik bilen toý ýerine geldiler. Hiç kim açyk aýtmasada, geň galdyryjy pyşyrdylar agyzdan-agza geçdi. Toý birhili nämälim
tukatlyk bilen dowam etdi. Adamlar haýsydyr bir adatdan daşary waka
garaşdylar. Emma şanyň hokgalary munuň bilen çäklenmedi.
Şa çadyryna gelip, uly ýörişlerde şanyň tuguny göterýän
atlybaşysyny ýanyna çagyrdy. Muhammet şa oňa hyýrsyz seretdi:
-Saňa üç soragym bar. Birinjisi, şo gelin çopan ýigide mynasypmy?
27
Zyndanlaryň, diwanhananyň, kazy-kelanlarynyň üstünden garaýan
galtaman sypat atlybaşy murtlaryny oýnatdy:
-Ýok.
-Şo gelin nirä mynasyp?
Şanyň pikirine eýýäm düşünen atlybaşy hökümdara ýaranjaňlyk bilen
şelaýynsyrady:
-Şanyň haremhanasyna.
-Saňa üçünji sorag, hemma zada düşünýän serkerdä nähili buýruk
berilýär?
-Hemme zada düşünýän serkerde etmeli işini özi biler, tagsyr. Sizi şu
gün haremhanaňyzda şo gyz garşylar. Çopana bolsa haýsy bir gyrnagy
berende gelişmän dur?..
Şähribossanda tutulan toý ýasa döndi. Nejep özi üçin getirilen
gyrnaklaryň birine-de göwün bermedi, hemmesine rugsat berip
goýberdi. Şa haremhanasyna getirilen Aýjemalyň gözüne howalanyp
duran köşki-eýwanlar zyndandan enaýy görünmedi.
Söýgülisinden ýüzüni açmanka jyda düşürilen Aýjemal biçäre
Muhammet şa «Öz iliňde ölmäsiň, arzylanyp gömülmäsiň, ýasyň
tutulmasyn»-diýip, ýer ýumruklap garganmyş. Muhammet şanyň şol
azgynlygy Ürgenjiň başyna bela bolup inenmiş. Tatar-mongollar
dökülip, ýurdy ýer bilen ýegsan edipdirler. Gül öwüsýän diýarda hazan
öwsüpdir.
Muhammet şa hem pälinden tapypdyr. Tatar-mongollaryň gelýän
habaryny eşidip, ýurtdan gaçyp gidipdir. Kaspiý deňziniň uzakdaky
adalarynyň birinde, heýwere keselileriň arasynda gözgyny bolup
ölüpdir.
Şalaryň adyllygyny, durmuşyň gowulygyny islän halk taryhy
şahslaryň subýektiw hereketleri bilen baglanyşdyrýar. Tatarmongollaryň çozmagy şalaryň azanlygy üçin bolan hadysa däl.
Üstünden asyrlar geçensoň rowaýatlar ýamanlygy ýaman zada,
gowulygy gowy zada sebäp edip görkezýär. Ýöne bu rowaýatda
hakykata golaýlyk şeýle bir ýogam däl.
Dört pasyl içinde aýlanyp duran bu owadan dünýäde tutulýan,
ynsanyň myrady saýylýan toýlar mukaddes hasaplanypdyr. Bu gadymy
Ürgençde Muhammet şa zamanlarynda hem şeýle ekeni. Bu häzirem
şeýle.
28
TOTY GUŞ
Bu gün Toty guşuň ýerine Baýguş geldi. Oglanjyk oňa ýaltaklap seretdi:
-Eý, Baýguş, senem rowaýat bilýäňmi?
-Meňzeýänmi, ä?! -Baýguş örän eýmenç hem çakyr güldi. Gözleriniň
garaçygyny pyrlandyryp-pyrlandyryp goýberdi. Ol gözleriň garaçygy
aýna gapdaky şarik ýaly onuň göz owasynda pyrlandy durdy.
-Şaňňyrt! Baýguş bir silkindi weli ... Oglanjygyň göz öňünde Toty guş
durdy.
-Gorkaňokmy?-diýip ol sorady –-Zyýany ýok, men saňa Baýguş
hakynda aýdyp bermekçidim...
BAÝGUŞ
Ýene-de rowaýatlaryň täsin ýumagy Akpamygyň kökesi ýaly,
tigirlenip ugraýar-da, öz yzyna biygtyýar düşürip äkidýär.
Köne galanyň harabalygy ikindiniň alagaraňkysynda näbelli bir
sudur bolup görünýär. Ana, şol tarapdan bolsa Baýguşyň ýakymsyz sesi
gelýär. Ol häzir ýüregedüşgünç jakyrdanok-da, birsydyrgyn guguldaýar.
Baýguşyň peýdaly guşdugyny bilselerem, käbir adamlaryň kalbynda oňa
bolan ýigrenç orun alypdyr. Belki, başga guşlaryň tersine ala-böle onuň
harabany söýýänligi üçindir. Mümkin. Ýöne ol hakynda adamlaryň
şeýleräk gürrüň edýänligi belli:
-Baýguş gargyşa galan guşdur. Ol aslynda adam bolupdyr. Şindi ki üns
berip garasaňyz, onuň ýüzünde adam şekiliniň perişan alamatlary bar
ýaly duýulýandyr. Onuň hakyky ady Baýogly bolmaly ...
Baýogly ýaşajykka ony ene-atasy hiç zatdan kem etmändir. Eneatasy oňa ýaşlykdan her hili gymmatly nesihatlary eder ekenler.
Ürgenjiň iň uly alymlary bolsa oňa dürli ugurlardan sapak beripdirler.
Emma bary biderek bolupdyr.
Baýogly Ürgenç sährasynda ýetişen laçyn ýaly gyza öýlenipdir. Ol
gyz oňa durmuşa çykmanka, özünden başgany söýmejekdigine ant
içdiripdir. Emma Baýogly özüniň baýlygyna baýrynyp, ene-atasynyň
pendine hem gulak asman, ikinji gezek öýlenipdir. Ilkinji öýlenen gyzy
jadygöý ekeni. Ol «ykrarsyz ärden är bolmaz» diýip, onuň talagyny-da
garaman, öz iline gidipdir. Baýogla bolsa «Haý, adam sypatyň ýitsin»
diýip gargapdyr. Baýogly şol demde gözleri içinden geçip barýan,
elhenç sypatly guşa öwrülipdir. Şondan soň onuň adyna «Baýogly»
diýmän, «Baýguş» diýmäge başlapdyrlar.
29
Ene-atasy oňa ýurduňa ikilik etmezligi ýaşlykdan sargaýan
ekenler. Watany jandan eziz görmegi tabşyrypdyrlar. Haçanda ýurda
tatar-mongollar çozanda, ol ene-atasynyň bu sargydyny hem unudýar.
Ýarag alyp duşmana garşy çykmaga derek, öz gara başyny aman
gutarmagyň aladasyny edipdir. Bipaýan perzendi kemala getiren ene-ata
Ürgenjiň diwarynyň düýbünde soňky demlerine çenli söweşipdirler.
Baýguşa bolsa «Ýurduň haraba bolsun, öňýeten saňa nälet daşyny
oklasyn, ylahym» diýip gargyş edipdirler.
Şondan bäri hem baýguşy betbagtlygyň alamaty hasaplaýar. Öz
jaýlaryna gonsa yrym üçin ot oklaýarlar.Soňra Baýguş etmişine kän
ökünipdir. Emma Watana dönüklik edeniň, lebzinde durmadygyň günäsi
geçilmeýär.
Köne harabalykdan Baýguşyň sesi gelýär. Belki, ol ýurdy gorap
ölen ene-atasynyň mazaryny agtarýandyr. Ýene-de ötünç sorajakdyr.
Emma bary biderek bolar. Onuň günäsi geçilmeýär. Onuň betbagt
durmuşy eger irde-giçde Watana, Söýgä dönüklik etjekleriň geljekki
ykbalyny görkezip, harabalarda dowam edip ýör.
TOTY GUŞ
-Eý, oglanjyk saňa bir soragym bar. Sen bir halta meýdana zyňylan
çörek tapyp berermiň?
-Ol-a kän, penjireleriň öňünde, zibil ýaşşiklerinde, hatda köçäň ugrundada pytrap ýatyr.
-Nany zaýalamaly däl diýip size öwredenoklarmy?
-Öwredýärler...
-Onda näme?
-...?
-Nanyň nähili gudratly zatdygy baradaky rowaýaty gürrüň bererin weli...
NANYŇ GUDRATY
Gün esli gijikdi. Äpet gyzyl çörek alyslarda alaňyň aňyrsynda
tigirlenip barýar. Ol ýygan odunlaryny ýüklemäge duranda, özünde agyr
ýadawlygy duýdy. «Azajyk nan galypdy. Çaý gaýnadyp garbanaýsaňa...»
Oňa wagt ýokdy. Oba aşmalydy. Iner agyr ýük astynda yňranyp
ýerinden turdy. Ýüzüni demirgazyga öwürdi.
30
Onuň açlygy has bildirip ugrady. Günbatara seretdi. Gyzyl çörek
barha-barja aňry süýşýärdi. Ajygansoň ol hasam çörege meňzeş göründi,
agzyny suwartdy.
Düýe egri boýunlaryny sozup demirgazyga çekýärdi. Şu gidişine
gitse-de, il ýatmanka obanyň bir çetlerine aşyp biljegi gümanady.
Ol çydam edip bilmedi. Guşagyny çözdi. Günortanky tygşytlap goýan
bir döwüm nanyny çykardy. Ömründe etmedik işini etdi. Çöregi oturyp
saçak başynda däl-de ýöräp barýarka iýmäge başlady.
«Nan gudratyňdan aýlanaýyn seniň. Seni harlanlaryň hor
bolýanyny, sylanlaryň sarpaly bolýanyny bilýän. Baý bolmasamam, aç
bolamda saçagymda tapylýanyň üçin minnetdar. Bu günki günämi
bagyşla...».
Emma çörek bagyşlamady. Kiçijik bir owuntygy ýere gaçdy. Ol
«Wah» diýip aşak çökdi. Düýesini saklap gaçyran owuntygyny
gözlemäge oturdy.
Kän gözledi. Gaty kän gözledi. Nan owuntygy tapylmady.
Onýança ýarysy görnüp duran gyzyl çörek hem ýitip gitdi. Älem gara
çäkmenini başyna çekip başlady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Köneürgenç rowaýatlary - 3
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.