Latin

Köneürgenç rowaýatlary - 1

Total number of words is 3796
Total number of unique words is 2130
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1
ŞÖHRAT ABDYÝEW
KÖNEÜRGENÇ ROWAÝATLARY
398 .( 575.4)
A14
Abdyýew Şöhrat.
Köneürgenç rowaýatlary:Rowaýatlar,
tymsallar( Uly ýaşly mekdep okuwçylary
üçin)/ Kiril hatyndan milli türkmen elipbiýine
geçiren, Köneürgenç etrap merkezi
kitaphanasynyň müdiri, şahyra
Annatuwak Kakaýewa .-A.: Magaryf,
1993.- 79 s .
2
Awtordan
Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz
ösen medeniýeti, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri
meşhurlyk gazanyp gelipdir. Ol has irki siwilizasiýanyň merkezleriniň
biri hökmünde taryha girdi. Taryhyň çarhy soňky döwürlerde Ürgenjiň
ýüzüne çäge syçradyp geçip gidipdir. Emma şol döwürlerden galan
nusgalar kül içindäki göwher ýaly asyrlardan-asyrlara lowurdapdyr. Şol
döwrüň ajaýyp ymaratlaryndan, sungat eserlerinden nusgalar biziň
günlerimize hem gelip ýetidpir.
Indi onuň adyna Köneürgenç diýýärler. Müň ýaşly ymaratlary bilen
seleňläp oturan şäher köpleriň ünsüni çekýär. Eýsem, Köneürgenç örän
köp dürli rowaýatlaryň hem mesgeni. Olar diňleýjini biygtyýar özüne
çekýär.
Babam söhbetsöýer, märekeman adamdy. Onuň aýdyp beren
rowaýatlary, ertekileri çagalykdan aňymda galypdyr. Olar maňa köp
wagtlap ynjalyk bermedi. Ahyry hem şu kitabyň dünýä inmegine getirdi.
Şonuň üçin kitaba başda «Babamyň hekaýatlary» diýip at goýjak
boldum. Emma rowaýatlaryň köpüsiniň ýerligi gadymy Horezm topragy,
Köneürgenç bilen baglanyşykly bolup çykdy. Şeýle bolansoň
Köneürgenç bilen baglanyşykly bolmadyk käbir ertekileriň,
rowaýatlaryň bolmagyna garaman, «Köneürgenç rowaýatlary» diýip
atlandyrmagy dogry tapdym. Kitap folklor materialymy ýa-da gaýtadan
işlenen proza diýen soragy çözmegi bolsa, kitaby okajak okyjylaryň
özlerine goýýaryn.
3
KÖNEÜRGENÇ
Ak sakgally, ýüzi peşeneli ýaşuly hasasyny ýere diräp,
skameýkada otyr. Köçeden geçýän maşynlaryň yzy üzülenok.
-Baba, näme üçin biziň şäherimize «köne» diýýärler?
Onuň nämesi köne?
-Ýok, oglum, biziň şäherimiz täze. Görýäňmi, heý, köne zat barmy?
Köne zat bolsa derrew aýryp, täzesini gurýarlar-diýip, goja jogap berýär.
-Eýsem, minarany, Törebeg hanymy, Soltan Alyny hem ýykyp, täzeden
gurarlarmy?
-Ý-ok, olary remont edýärler. Heý, olary hem ýykyp bolarmy? Olaryň
gurlanyna azyndan 600-800 ýyl bolupdyr. Birwagt biziň şäherimiziň
ýerinde iňňän uly paýtagt şäher ýerleşipdir. Oňa Ürgenç diýip at
goýýarlar. Iki Ürgenç bolansoň, muňa «öňki, gadymy» manysynda
«Köneürgenç» diýip at goýupdyrlar. Bu ýerde her bir ýadygärligiň, her
bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bardyr. Ine, meselem ...
diýip, goja gürrüňe başlaýar.
TOTY GUŞ
Oglanjygyň eline «Totynyň hekaýatlary» diýen kitap düşüpdi. Ol
kitapda özüne düşnüksiz sözler baranm bolsa ony zalp bilen okap çykdy.
Ine, häzir babasy gürrüň berýärkä-de şol kitapdaky Toty guş göz öňüne
gelýär. Ol hakykatda Toty guşy bir gezegem görmedi. Ýöne telewizorda
tomaşa etdi, suratyny gördi. Emma häzirki gürrüň berýän Toty guşy
düýbünden başgaçady.
Toty guş edil kitap okaýan ýaly gürrüň berýär. Oglanjyk käte
meýmireýär. Şonda Toty guş onuň gözlerine has aýdyň görünýär.
Hereketlerem has aýyl-saýyl.
Toty guş Köneürgenç baradaky rowaýatlary aýdyp berýär. Hawa, babasy
däl-de Toty guş aýdýar. Özem şeýle bir gyzykly, şeýle bir şüweleňli
gürrüň berýär welin, oglanjyk agzyny açyp galýar. Toty guş ilki
rowaýatyny «Merdiň gözýaşy» diýip atlandyrdy.
4
MERDIŇ GÖZÝAŞY
Horezm şalarynyň biri erbet näsaglady. Kesel halys basmarlap,
şanyň jany bogazyna geldi. Ahyry ol ýurduň ähli tebiplerini ýygnap
ölüme buýurmagy ýüregine düwdi. Baş wezire pkirini ýaňzytdy hem:
-Gudraty güýçli hökümdar. Hekimleri ýene bir ýygnaly. Belki bir zat
tapaýadylar-diýdi.
Şol pursatyň özünde çaparlar, jarçylar dumly-duşa at saldylar. Ähli
tebipler bellenen müddetde şa köşgüne ýygnaldy. Wezir tebipleriň
öňünde kesgitli şert goýdy:
-Üç gün puryja berilýär. Şoňa çenli şanyň derdine em tapmasaňyz,
hemmäňize jellat aýpaltasy garaşýar.
Tebipler uly alada galdylar. Dert güýçlüdi. Hiç hili däri-derman
bilen alyp bolanokdy. Baryndan hem beteri derman tapylaýanda-da şa
sagalýança olar boşadyljak däldiler. Hemmesi ölümlerini boýnuna alyp,
çuňňur gaýga batdylar. Birden bir tebip olara ýüzlendi:
-Halaýyk! Gamlanmaň! Çykalgany men tapjak bolaryn. Nesip bolsa, bu
belany siziň başyňyzdan özümiz sowarys-diýdi.
-Aýt-da, aýt-boluşdylar.
-Men ony degişli ýerinde aýdaryn. Siz üç güne çenli pal atyň, gurra
taşlaň, ýyldyz sanaň. Derman agtarýandan boluberiň.
Ähli hekimler onuň aýdany bilen boldular. Üç gün möhlet geçip, ýene
baş wezir olary ýygnady. Şol tebip ýerinden galdy:
-Gatsyr, şanyň derdine derman tapsak, şu halaýygyň ölümden gutuljagy
rastmydyr?
-Rastdyr-diýdi.
-Rast bolsa biz üç günläp kitap dörüp, ýyldyz garap, ahyry şa derdiniň
dermanyny tapandyrys. Ýöne ony ele salmak örän kyndyr-diýdi.
-Gudrat güýçli hökümdaryň ýanynda ele salynmajak zat bolmaz. Aýt.
-Ele salyp bilmeseňiz, bize azar berilmez gerek?
-Berilmez.
-Bu ýeriň ýüzünde şanyň derdiniň ýaňlyz dermany bar.
Merdiň ejizläp aglandaky gözýaşy şamyzyň derdine em bolar.
Şanyň permany bilen tebiplere serpaý ýapylyp ugradylypdyr. Indi
çaparlar dumly-duşa başga perman bilen at salypdyrlar. Minneti egri
gylyjyndan çekýän, iliň-günüň aladasy bilen ýaşaýan bir merdi gollaryna
zynjyr urup getirdiler.
Ony her hili horluga sezewar etdiler. Emma gözlerinden nem dammady.
Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. Saçlarynyň ýary agardy.
5
Dişleriniň ýarysy düşdi. Goly bagly ýesiriň gözlerinden syçran uçgun
jellatlaryň saç-sakgalyny çirkizdi.
Şanyň iň soňky demleri gelip gidýär. Wezir-wekiller ýene merdiň
üstüne hüjüm edýärdiler. Bu egzek onuň çagalaryny oda ýakdylar.
Bagyr awusyndan ýaňa ýüzleri gara-ört boldy. Saçlarynyň bary agardy,
dişleriniň bary düşdi. Emma onuň gzölerinden ýekeje katra hem
gaçmady.
Wezir-wekilerden biri maslahat tapdy:
-Gözüniň öňünde munuň namysyna degmeli. Şonda aglar. Zynjyr bilen
gozganmaz ýaly saradylar. Soň bolsa
onuň gözüniň öňünde
maşgalasynyň namysyna degidler.
-Ah-diýip, bir urundy. Şol demde hem gök daş bolup doňup galdy.
Şol pursat şa hem jan berdi. Tebibiň hilesine şa-da, wezir-wekiller-de
akyl ýetirip bilmändir. Mertde ejizlik gözýaşynyň bolmaýandygy olaryň
hiç biriniň kellesine gelmändir.
Ýöne ol tebip näçe akylly hem bolsa çykalgasynyň birnäçe
adamyň ganyna sebäp boljakdygyny aňmadyk bolsa gerek. Ýogsam
beýle diýmezdi.
TOTY GUŞ
Toty guş suwa muşdak guwlar ýaly gadymy Ürgenjiň ortasynda
ýaldyrap duran dury suwly kölüň depesinde öwrüm berdi. Soňam Şeýh
Nejmeddin Kubranyň mawzoleýiniň depesine gelip gondy. Geň ýeri,
gonan bada onuň ýüz keşbi bilesigelijilik bilen oňa garap duran
oglanjyga öwrüldi duruberdi.
-Sen şo köl hakda bir zatlar bilýärmiň?-diýip, Toty guş oglanjykdan
sorady. Onuň ýüz keşbinden öz gürrüň berjek bolýan zadyndan
habarsyzlygyny aňyp, oglanjygyň bar ünsüni Kubranyň köli kakyndaky
rowaýata alyp gitdi.
KUBRANYŇ KÖLI
Şeýh Nejmeddin Kubranyň ady Ürgençde doga ýaly görülýärdi.
Ýogsam näme, ol hem edil Ibn Sina, Beruni, Muhammet al Horezmi
ýaly Ürgenjiň bagtyna gonan ajaýyp ýyldyzlaryň biridi ahyry. Ýiti
paýhasy, çakdanaşa ylymlylygy üçin soltanada hem onuň sarpasy uludy.
Şonuň üçin hem Ürgendçdäki ähli alymlaryň, şahyrlaryň kitaplaryna
6
reşat (ýaýratmaga, medresäniň programmasyna girizmäge berilýän
rugsat) basmagy oňa ynanypdyrlar.
...Kiçijik mawy köl asmanyň bir bölegi ýere gaçaýdymyka
diýdirýär. Kölüň içindäki bir adamlyk ak gaýyk bolsa, edil köle gonan
ýalňyz gazy ýada salýar. Muňa Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli
diýýärler. Ol şol gaýyga münüp, öz talyplaryna ders berýär. Açyk
howada, gözel tebigatly ýerde berilýän sapagyň talyplaryň aňyna gowy
girýändigi üçin şeýdýärmikä? Ýok, beýle däl. Onuň köli täsin häsiýete
eýe.
Allambaý Towsa diýilýän bir baýyň dünýäsi ýere-göge syganokdy.
Ürgençde özüni iň baý adam saýýardy. Özüni Ürgençde tanamaýan
bardyr öýdenokdy. Meşhur alym Fahreddin Rzany dagy aýagyna
ýapyşan palçykça-da görenokdy. Ýöne kiçijik bir waka Allambaý
Towsa Fahreddin Rza ýaly adamlaryň kän mertebe özünden ýokarda
durýandygyna göz ýetirmegine sebäp boldy duruberdi. Uzak ýurtlaryň
birinde bazarda duşan bir adam Allambaý Towsanyň ürgençlidigini
bilip, ondan Fahreddin Rzany sorady. Allambaý Towsanyň gözi
bilesigelijilik bilen ýyldyrady:
-Sen näme ony tanaýarmyň?
-Heý, ony ylym dünýäsinde tanamaýan barmy? Özüni göremok.
Kitaplaryny okadym. Gaýybana tanap, adyna aşna bolup ýörün. Duşsaň
salam aýt.
Ine, şu ýerde-de Allambaý Towsanyň kalbynda Fahreddin Rzanyň
şöhratyna bolan göriplik duýgusy oýandy. Özüniň däl-de nirede bir
çöregini patyşalykdan alyp ýören alymsumagyň tanalmagy onuň
degnasyna degdi. Gelibem «Şolaryň ýazýan zatlaryny men ýazyp
bilemokmy?» diýdi-de kagyz-galama ýapyşdy.
Allambaý Towsa öz kitabyna «Akylnama» diýip at goýdy. Daşyny
gymmat bahaly matadan jezwerledi-de, mahmala orap, Mahmyt
Ýalwajyň ýanyna ugrady. Mahmyt Ýalwaç Allambaý Towsanyň
kitabynda hiç zadyň ýokdugyny aýdyp, oňa reşat bermekden ýüz
dönderdi.
Başga alaç ýok. Näçe islemese-de Şeýh Nejmeddin Kubranyň
ýanyna barmaly boldy. Şol başyna selle oran alymsumagy ähli ýerde
tanaýarlar. Özem Fahreddin Rzanyň hem ýene köpleriň hem halypasy.
Allambaý Towsanyň ony näler ykrar edesi gelenok. Ýöne ýene şoňa
ýüz tutmaly. Allambaý Towsa ýaly adam haýyş bilen ýüz tutsa, ol
hökman bitiräýmeli ýaly. Ýok, ol beýtmedi.
7
Nejmeddin Kubra Allambaý Towsany güler ýüz bilen garşylady.
Habaryny aldy. Allambaý Towsa zer jezwerli kitabyny oňa uzatdy.
Habaryny berdi. Şeýh Nejmeddin Kubra:
-Okap görerin diýdi.
Allambaý Towsa üç günden dolandy. Ýanyna sowgatjyk hem aldy.
Gyrmyzy dony goltugyna saldy. «Nädersiň haramzada ýyrşaryberse».
Ýok Şeýh Nejmeddin Kubra ony kanagatlandyrmady.
-Siziň kitabyňyz reşada mynasyp däl. Bu hili zady islendik çalasowatly
adam çyrşap biler. Munyňyz dürüşde ýaly bir zat. Okan kitaplaryňyzdan
ýadyňyzda galan ýerlerini hem çyrşaberipsiziň. Göçüren ýeriňizem bar.
Ynha, meselem ... diýip, ol birin-birin düşündirmäge durdy.
-Näme üçin beýle?
-Manysy ýok.
-Ony sen maňa subut edip bilermiň?
-Subut edip beräýerin. Ynha, şu kitap kimiňki? Sen sowatly adam.
-Ibn Sinanyňky?
-Ine, bu seniňki.
Ol Allambaý Towsany köle eltdi. Iki kitabam suwa oklap
goýberdi. Ibn Sinanyň kitaby suwa çümdi. Allambaý Towsanyň kitaby
bolsa suwuň ýüzünde gaýyp geziberipdir.
-Indi gördüňizmi? Kitabyňyzyň gara şaýylyk agramy ýok. Men kitaplary
okanyma kanagat etmän, şu kölde barlap görýän.
Şondan soňra Allambaý Towsa ýaly, aňsat ýerden şöhrat
gözleýänler ýok bolanmyş. Ylmyň, edebiýatyň agramyny adyllyk bilen
ölçeýän Kubranyň köli gadymy Ürgençde dürli ugurlardaky uly ösüşlere
sebäp bolanmyş.
Şeýh Nejmeddin Kubranyň köli... Kubranyň mawzoleýi bar hem
bolsa, onuň kölüniň edil häzir haýsy ýerde bolanlygyny kesgitlemek
kyn. Belki, şeýle köl bolan hem däldir. Emma sunagtyň, edebiýatyň,
ylmyň agramyny adyllyk bilen ölçemek baradaky şol röwşen ideýa
barha giň gerim alyp, körzehinleriň, zoraýakdan ylma baş goşýanlaryň
örüsini gün-günden daraldýar.
TOTY GUŞ
Oglanjyk ukusyna garjaşýardy. Gören kinolary göz öňünde
janlanýar. Ine, elleri, galkanly, gylyçly, atlaram özleri ýaly daýawdaýaw adamlar. Olar biri-birine ýarag çekmäge başlaýar. Näme üçindir
oglanjygyň gözlerine olaryň murtlarynyň ujyna çenli ýarag tygy bolup
8
görünýär. Birdenem bary sumat bolýar-da, olaryň ýerine Toty guş
gelýär. Bir görseňem onuň ýüzi «Siziň üçin, körpelerdäki» Aman daýa
meňzäp gidýär. Ol gözlerini edil oglanjyga dikip rowaýata başlaýar...
MERTLIK KANUNY
Är kişiler jahadan är kimin ýaşap ötermiş. Agzyndan çykan bir
agyz söze daňlyp, bir söz üstünde jan alyp, jan berermişler. Orta gara
başy goýup, mert kimin gepleşer ekenler. Şeýle mert kişileriň biri barada
şeýleräk rowaýat aýdýarlar.
Mämeli batyryň at-owazasy etraba ýaýrapdy. Edil arkadan bärde
ar-namysy halallap gelýärdi. Onuň barlygynda etraba hiç bir ýagy
ýakynlaşyp bilenok. Iller amandy, ýollar salamatyçylykdy. Kän
zamanlar bäri Mämeli batyr uruşmaly bolanokdy. Atlar diňe toýlarda
çapylýardy, ýaraglar diňe awda ulanylýardy.
Göz boldumy, dil boldumy, erkana tigirlenip duran bu günlerem
birden galta düşen ýaly boldy. Mämeli batyryň Eýrana giden kerweni
gumdan aşyp, ile ýakynlaşanda talandy. Kerwendäkileriň bary gyrylyp,
mallar, harytlar oljalandy. Arabozarlar bu işi eden goňşy iliň batyry
Agaly batyrmyş diýip myş ýaýradýarlar.
Haý, şu gözsüz batyrlarda soňuny saýman bir iş edäýmek endigi
bar-da. Mämeli batyram sen-men ýok atlandy-da depdi, Agaly batyryň
üstüne. Il agasy bolup ýören Agaly batyryň hem mert kişidigi, beýle
namartçylygy etmejekdigi kellesine gelmedi. Ýogsam toýlarynaýaslaryna barşyp-gelşip hem ýördüler.
Agaly batyr awdady. Mämeli batyr onuň obasyna gyrgy ýaly
duýdansyz indi. Juwaza goşulgy düýelere çenli sürdi «Çapmaly bolsa
bizem senden pes atanyň ogly däldiris» diýip, Mämeli batyr gaýdyp
gelşine göwnühoş ýylgyrýardy.
Agaly batyr gaýdyp geldi. Şol demde-de Mämeli batyra çapar
ýollady. «Mallary yzyna gaýtarsyn, ary bolsa gelip düşünişsin. Ýok,
gaýratyna buýsanýan bolsa-da ilerki guma çyksyn. Başa-baş göreşeli
diýse-de men bar, ýygyn çekse-de. Ikisinden birini saýlasyn. Şulary aýt»
diýdi.
-«Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz». Bizde ýaraşyga ýer
galmady. Är kişi bolýan bolsa ýekme-ýek çyksyn. Yzyna güjük tirkäp
barsa ol namart. Menem şeýle barýan. «Waý» diýip ölsem menem
namart-diýipdir.
9
Mämeli batyr bellenen ýere öň gelip garaşyp durdy. Iki-baka atly
gezmeledi. Soňam atyny goýberip, aýbogdaşyny gurup oturdy.
Gamçysynyň ujy bilen çägäni dörjeledi. Birdenem goşary jyzlap gitdi.
Towsup gapdala zyňylanda ikinji bir ýylan uýlugyndan agyz urdy.
Atyna baryp münjek boldy. Ýene oba gitsem gorkup namartlap gitdi
adyna galaryn diýip garaşmaga durdy.
Agaly batyr söweş enjamyny dakynyp geldi. Olam başa-baş
söweşe razy bolupdy. Gelip görse Mämeli batyr güp ýaly çişip otyr,
geplän sözüni zordan düşündirýär.
Agaly batyr aňyrdan gandarynyň ganyna suwsap gyjynyp geýärdi.
Söweş hyjuwy bilen göterilip gelýän batyryň lapy keç boldy. Agaly
batyr garawsyz duşmanyny parçalap taşlap hem biljekdi. Ýöne ejize
ýarag çekmek batyrlaryň işi däldi.
Agaly batyr atyndan düşdi. Öz duşmanynyň agzyna suw tutdy.
Soňam mämeli batyry atyna mündürip, obasyna getirdi. Öýüne düşürdi.
Mämeli batyr soňky deminde:
-Men ýeňildim. Agaly batyrdan oljanan zatlary eltip geliň-diýipdir.
Agaly batyr welin onuň başujyny saklap oturypdyr. Jaýlamaga
gidenlerinde-de salajanyň bir ujuny egninde göterip gidipdir.
TOTY GUŞ
Toty guş ganatlaryny giň gerip, badyny peseltdi-de, aýaklaryny
minaranyň depesine uzatdy. Darajyk guş ädimleri bilen onuň depesinde
aýlandy. Hol aşakda ýazylyp ýatan Köneürgenje ünsli garady. Nazaryny
gezdirip, oglanjygyň ýyldyrap duran iki gözüni tapdy.
-Saňa bu gezek Köneürgenjiň minarasy hakyndaky rowaýaty aýdyp
bermelidir. Minaranyň depesine gonanymdan şol hakynda sorajagyňy
gözleriňden okap durun. Hany, men bir böwrüme diň salyp, hakydamy
oýaraýyn. Bu kerpiçleriň her birinde Ussaguşyň eliniň yzy bar ýaly.
Onda diňle. Başladyk.
USSAGUŞ
Ady äleme dolan Ürgenjiň nurana keşbine ýene bir hal gondy.
Horezm şanyň buýrugy bilen gurulýan ajaýyp minara ýyldyzlaryň
bärisine uzap barýar...
Horezm şa elinde atyn tesbisini sanasa-da, pikiri başga zatda. Ol
hemme zatda özüniň ýeke-täkligini saklamak isleýär. Ine-de, onuň
10
hyýalyna gara garga ýaly nejis pikir gelip düşledi. «Ussa, ussa ...» diýip
içinden gaýtalady. Beýle hünärli, ajaýyp zatlary bina edýän ussa edil
Soltanyň özi ýaly ýeke-täk. Belki, bardyr hem. Ýok, bu etrapda ýok.
Horezm şa tisginip gitdi. Belki, bardyr hem. Ýok, bu etrapda ýok.
Horezm şa tisginip gitdi. «Eýsem ussa şeýle minarany ýene bir ýerde
dikeldip bilmezmi? Onsoňam ol elýetmez hünärliligi bilen soltanyň
ýeke-täkligini ýada salýar».
Onuň agyr gabaklary galdy. «Ýok etmeli». Beýle minara ýene bir
ýerde dikelmez ýaly ýok etmeli. Hawa, Horezm şa şeýle pikire geldi.
Özüniň jellat aýpaltasyny sungata hem uzatmagy ýüregine düwdi.
Horezm şa öz pikirini ýakynlaryna hem ýaňzytdy. Olar hem şeýle etmeli
diýdiler. Ürgenjiň minarasy ýeke-täk bolmaly.
Iş gyzgalaňly gidýärdi. Köp sanly işçiler bilen birlikde minaranyň
gurluşygynda ussanyň şägirtleri hem işleýärdiler. Näçe gizlin saklansada, agyz-agyzdan ýel alyp, şanyň pikiri bu ýere hem gelip ýetdi.
Ussanyň şägirtlerinden biri kerpijiň ýüzünde bu habary beýan etdi.
Ussanyň nazary ençeme ellerden geçip, özüne gelen kerpiçdäki ýazgyda
eglendi. Okady. Başga bir kerpiji aldy-da ýüzüne özi üçin gamyş, kagyz,
ýelim ibermegi haýyş edip hat ýazdy. Kerpiçden kemçilik tapan bolup,
«Şuny iberen ussa gowşuryň» diýip, yzyna gaýtardy. Şeýle etmese
boljak hem däldi. Ussa berk gorag astyndady.
Wepadar şägirtler halypasynyň haýyşyny kanagatlandyrdylar. Ussa öz
sungatyna biwepalyk etmedi. Minarany gurup boldy. Depesine altyndan
gupba oturtdy.
Tamamlanan işi görmäge gelen Horezm şanyň ýanynda jellatlar
häzir bolup durdular. Ussanyň düşmegine garaşylýardy. Emma
minaranyň depesinden gamyşdyr kagyzdan ýelim arkaly ganat edinen
ussa asmana göterilip gitdi. Zalym soltan öz gara niýeti bilen agzyny
açyp galdy.
Şondan soň ol Ussanyň adyna
halk Ussaguş diýipdir.
Ugurtapyjylygy bilen özüni halas eden ussaguş soňra Hywa, Buhara,
Samarkant ýaly şäherlerde hem ajaýyp ymaratlary bina edip, özüne
ebedilik ýadygärlik, halkyň aňynda bolsa öçmejek ýatlama galdyrypdyr.
TOTY GUŞ
-Sen näme üçin Ussaguş şondan soň nirä baryp gondyka?-diýip soraňoknirededir öýdüp çak edýärsiň? Ä? Bilmeýän bolsaň, onda aýdyp
beräýeýin. Gulak as.
11
BOLDUMSAZ
Ussaguş gündogara uçdy. Üç-dört at düşlärlik ýol geçip, bir
galanyň depesinde aşaklady. Ýere gondy, ölüm penjesinden gutulan
Ussaguş emeli ganatlaryna seredip, uludan demini aldy:-Indi saz
boldum. Men ýene-de halk üçin kän zatlary guraryn. ...Äpet köne
galanyň harabasy henizem beýikligi bilen ähli zatdan saýlanyp dur.
Halk oňa «Boldumsaz» diýýär. Munuň özi Ussaguşyň saz bolan ýeri
diýmekdir. Bu sözüň näderejede hakykata golaýlygy belli däl. Ýöne iliň
söwer ogullarynyň basan yzy, aýdan sözi, ýörän ýoly ebedi ýadygärlik
bolup galýar.
Toty guş
Ol bu gezek birhili enaýy-enaýy oýunlar etdi-de oglanjygyň gaşyna
gondy. Silkinip darandy. Şeýdibem özüni gürrüňe häzirledi. Oglanjyga
sorag berdi:
-Öňki gezek saňa haýsy rowaýaty aýdyp beripdim?
-Boldumsaz hakyndakyny.
-Hä, şol Ussaguş hakyndaky rowaýatlardanmy? Onda bu gezek saňa
onuň şägirdi hakyndaky rowaýaty aýdyp bereýin.
USSAGUŞYŇ ŞÄGIRDI
Ykbal ony garyp ýaratsa-da hünärden kembagt etmändir. Hawa, ol
Ussaguşyň şägirdidi. Guran ymaratlary göreni aňk edýärdi. Daş
kerpiçleri haly dokan ýaly sünnä bilen örerdi. Ir ertirden ýassyna çenli
işlärdi. Sungatyna berlen ussanyň ýadadymy, ýaltandymy bolmazdy.
Ol tanalyp başlady. Daş-ýakynda ady çykdy. Uly zehini, uly
ussatlygy ony ömür aýagy sekmejek ýerine-han köşgüne alyp geldi. Han
Ussaguşyň şägirdini köşge aldy.
Ussa hanyň aradan çykan atasynyň mazarynyň üstüne gümmez
galdyryp bolup barýardy. Tizara handan täze perman gelip gowuşdy.
«Ussa gyzymyň hormatyna ýedi yklymda nusgasy bolmadyk taýsyz
köşk gursun. Soňra meniň adym ömürlik ýaşar ýaly, pylan hanyň
gurduran medresesi diýler ýaly heniz hiç ýerde gurulmadyk binýady
berkden tutulan belent bina galdyrmaly».
Ussa ýigit işleýärdi. Üznüksiz işleýärdi. Ylaýta-da, hanyň apaly
gyzy Tawus üçin gurmak oňa ýakymly boldy. Bar zehinini siňdirdi, han
12
gyzyna bolan ähli söýgüsini gurýan binasyna guýup aýan etdi. Çünki
esli wagt bäri gül bedenli Tawusyň yşkyna düşen ussa bikarardy. Söýgi
bilen gurlan zadyň ajaýyplygyň çeniň däldi.
Han köşgi görüp haýranlar galdy. Içinden oýlandy. «Muny aldap
göwnüni tapaýyn, köşgümi gözellikde ýedi yklyma belli bolar ýaly
edeýin. Şäherimiz dünýäde taýsyz bolsun. Soňam beýle ymaratlar başga
ýerde galmaz ýaly peşşaplara baş ataýmaly bor-da. Ýöne häzirlikçe
uguny ýekeläýin. Ol entek maňa gerek».
Gara niýet han düz ýerde seleňläp galan, beýik şahyrlaryň gazaly
ýaly ajaýyp köşge göwnüýetijilik bilen garady. Kiçi dilden bärden
mylaýym sözledi:
-Berekella, ussa! Sen-ä aýdyşymdanam bäş beter edipsiň. Şuny ýadyňda
sakla, han seniň zähmetiňi unutmaz. Saňa täze ýumuş. Men öz adymy
taryhda müdimi galdyrmak isleýärin. Pylan hanyň gurdurany diýiler
ýaly, köşgüň gapdalyndan üstüne çykanda üç günlük ýolda gelýän
atlyny saýgardýan bir minara gur. Eger zähmetiňden göwnüm bitse, öz
elim bilen gyzymy nikalap bererin.
Han eçildi. Ýigidiň arzuw guşy eýýäm gurjak minarasynyň
depesinde pel-pelläp ýördi. Ussa ýigit hanyň gülbeden gyzy Tawusa
näler hyrydar bakardy. Emma ony özi ýaly garyp ýigit üçin elýetmez
halka hasaplansoň, tamasy üzgünlidi. Ýöne oňa bolan söýgüsini
kalbyndan öçürip hem bilenokdy. Bu gün bolsa ... Eger han lebzinde
dursa, onda ussanyň dünýäde armany ýokdy.
Özi üçin gurlan köşgi synlamaga gelen han gyzy ussa sataşdy.
Onuň nazary ymaratda eglendi, ussanyň söýgüsini duýdy, birdenem
muhabbetden püre-pürlendi-de ussa tarap aýlandy. Ussany der basdy.
«Hanyň aýdanyny duýduraýsammykam? Aý, gowusy duýdurmaýyn-la».
-Bibim, niçik göwnüňize ýaradymy?
-Bu köşge diňe bir der siňdirilmändir. Bu diňe bir zehin bilen hem
döredilen ymarat däl. Muňa zehin bilen söýgüni goşup, dere eýläp
siňdiripsiňiz. Beýle ajaýyp zat dünýäde ýokdur.
-Şeýle ajaýyp zat diňe size mynasyp, bibim.
-Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony guran ussa mynasyp.
Ýigit ýüreginiň gürsüldisine bäs gelip sözledi:
-Bibim, hudaý halasa, şeýle-de bolar. Ataň hem seni maňa bermäge söz
berdi. Ýöne men şeýle bir minara gurmaly-diýip düşündirdi.
Ussa bilini berk guşap işleýärdi. Joşgun bilen işleýärdi. Sähel
ýadajak bolsa, söýgülisiniň keşbi göz öňünde janlanýardy, biline
kuwwat gelen ýaly bolýardy. «Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony
13
guran ussa mynasyp». Bu sözler onuň gulagynda ene hüwdüsi ýaly
ýaňlanýardy...
Ussa her gün şäheriň ymamy azana gygyrmak üçin münbere
çykmanka, gurup ýören minarasynyň üstünde peýda bolýardy.
Töwereginde howalanyp oturan metjit, medrese, köşkler onuň elinden
çykan zatlar. Olary ussa öz ömrüniň binýady saýýar. Aýratyn hem han
gyzy üçin guran köşgi onuň gözüne eziz görünýär. Tawusyň ady
agzalanda onuň on iki süňňüne galpyldy ýaýraýardy. Ussa süýji
hyýallara batyp, köşkde özüne onuň ak bileklerini ýassanyp oturan
görnüşde göz öňüne getirýärdi. Şu pikirler oňa hiç zat bilen deňeşdirip
bolmajak ruhy lezzet berýärdi.
Ussat işleýärdi. Eýýäm hol asmanda. Jaýlar, ymaratlar aşakda
galdy. Şol ýerde işini dowam etdirip ýör.
Han häli-şindi onuň işinden habar alyp durýardy. Ýigidiň şeýle çalt
gurşuna begenip, öz ýanyndan ony işletmegiň ugruny tapanyna monça
bolýardy. «Boluber bakaly. Göreris. Han gyzynyň dyrnagy hem saňa
ýetäýmez. Tawus bilen sözleşeniňden habarym bar. Şony bahanalaryn».
Ussa işini tamamlady. Iň soňky kerpijini kebşriläp, depesine hanyň
görkezmesi boýunça altyndan gupba oturtdy. Nähili ajaýyp! Minaranyň
başy hol asmana –örän belentlige uzaýardy, göýä geçip barýan
durnalaryň hatary ilteşip galarlydy.
Indi han çykyp görer. Belki göwni ýeter. Onsoň... Ussa süýji
ýylgyrdy. Emma şol wagt töweregine ýakyn adamlaryny tirkäp gelen
hanyň ýüzi gaty gazaplydy. Ussanyň ýüreginiň gürsüldisi çaltlaşdy,
kalbyna bir howsala aralaşdy. Näçe wagtlap çeken zähmetine beriljek
bahaň çykjak ýerine hanyň agzyna seretdi. Sebäbi onuň gaharly gözleri
ussa seretmek islemeýän ýaly kesä göngipdi. Hanyň çal murtlary
gymyldaýança esli garaşmaly boldy.
-Ussa, zähmetine sözüm ýok. Emma meniň bir agyz sözüm üçin sen
namysymy depelediň. Seniň Tawusyň ýanynda bolandygyňy subut
etmäge taňry şaýatlar näçe diýseň bar. Men saňa beýle et diýmedim.
Diňe zähmetiňe göwnüm ýetse diýdim. Sen bolsa... –Onuň sesi birden
zarplandy –-Ýok, beýle namysy çekmek han adyma gelişmez.
Gapysyndaky hyzmatkäri hanyň gyzyna el ýetiripdir diýen sözi eşitmek
maňa agyr deger. Beýle ýagdaýda günäkär gul günäsini diňe gany bilen
ýuwup biler. Jellat!..
Ussanyň daşyny gallan ozaldan öwredilen jellatlar hanyň ýokary
galan eliniň aşak düşerine garaşýardylar. Nepis nagyşlanan donuň ýeňi
aşak gaýdandan jellat aýpaltasy ussanyň boýnudnan indi. Al gan
14
ahmyrly ýaly zogdurylyp çykdy. Neresse ussanyň gany heniz
guramadyk palçyk ýokundyly geýimlerine syçrady, näçe wagt bäri torç
eden topragyna akyp başlady.
Ussanyň bu topraga nähak akýan gany zeminiň bagryny daglady.
Zemin muňa çydap bilmedi, lerzana geldi, goduklady.
Haýbatly başyny buýsançly galdyryp oturan minara özüni guran
ussanyň gana bulaşyp ýatmagyna dözmedi. Özüniň äpet göwresini
ýakyn adamlaryny töweregine üýşürip, gan dökmegiň keýpi bilen duran
hanyň üstüne goýberdi. Ýer sarsyp gitdi. Halkyň ganyny sülük deý
sorýan zalymlary... öz astynda ömürlik gizledi. Ussanyň guran minarasy
hany öz ýakyn adamlary bilen ussadan öňürti jaýlady.
Han gyzy Tawus ussa ýigit bilen öz köşgünde bile jaýlamakalryny
wesýet edip, köşgüň depesinden özüni oklanmyş.
Asyrlara barabar ýaşamaly minara şeýdip özüni guran ussanyňnamyrat aşygyň ganyny almak üçin öz ajaýyp şekilini bir giden haraba
öwrüpdir. Onuň ornunyň nirede bolanlygy anyk belli däl. Gadymy
Ürgenç topragynyň köp ýerinde harabalar, köne galalaryň yzy köp.
TOTY GUŞ
-Şonuň nämeligini bilýärmiň?-diýip, Toty guş syrçalary öwşün atyp
duran, minaranyň demirgazyk günbatar tarapyndaky belent ymaratlary
görkezdi.
-Törebeg hanym!-diýip, oglanjyk göwünjeň aýtdy.
-Ýok, ol hakynda ýene bir gezek. Häzir ýene Ussaguş hakynda. Şonuň
gapdalynda bir mazar bardyr...
Toty guş ýene-de rowaýata başlady.
DIÝAR KÜÝSEGI
Ussaguş uzak wagtlyk sergezdançylykdan soň öz ülkesinde ölmek,
Ürgenjiň topragyna duwlanmak arzuwy bilen Watanyna dolanypdyr.
Şoňa çenli ol köp ýurtlarda örän ajaýyp ymaratlar gurupdyr, şägirtler
ýetişdiripdir.
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Indi oňa ölüm howp salmaz.
Ondan bäri Ürgenjiň hökümdarlary näçe gezek çalyşdy. Onsoňam goja
ussa soňky arzuw-şu toprakda ölmek arzuw bilen gelýär ahyry?! Onsoň
oňa Ürgenjiň bir daban ýeri, bir gysym topragy halal ahyry.
15
Çagalykdan göze siňen meýdanlar kalba ýakyn. Ussaguşyň olara
bagryna basasy, gujaklasy gelýär. Hol-ha, öz eli bilen bina eden
minarasy onuň dolanyp gelýänine şatlanýan ýaly, salgym atyp gol
bulaýar. Metjit-medreseler, ussanyň elinden çykan zatlaryň hemmesi
«Ürgenç topragy saňa halaldyr-halal» diýýän ýaly. Horezm şa
göriplikden ussany ýok etmek islänem bolsa, sada halk ony gowy
gorýärdi ahyry?!
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Nämedir bir zat onuň gojalan
göwnüne ýylylyk berýän ýaly-la? Ussaguş birmahal şazada Törebeg
hanymy söýüpdi. Şazada gyz hem öz söýgüsini diňe hünärment ýigide
bagyşlapdy. Ýöne ykballaryny birleşdirmek dürli sebäplere görä, olara
miýesser bolmandy. Törebeg hanym baradaky şo-ol ýakymly ýatlamalar
oňa lezzet berýär. Ol bütin ömrüne birmahal Törebeg hanymy söýeni
üçin özüni bagtly saýyp, gaýybana söýgüsine çoýunyp gezipdi. Ussaguş
diňe bir Watanyna däl, özüniň gadymky söýgüsine hem dolanýar.
Ürgenç Ussaguşy gujak açyp garşylaýar. Tanyş-bilişleriniň,
şägirtleriniň, dogan-garyndaşlarynyň şatlygynyň çägi ýok. Olar
Ussaguşyň diýara dolananyna begenýärler. Ýogsam, näme, bürgütlerem
öljek wagty öz gaýasyna dolanýar-a?!
Törebeg hanym dünýäden öten ekeni. Mert gyz öz söýgüsine
wepalylygyna galypdyr. Ölmezinden ozal:
-Ussaguş mert ýigitdir. Ölmezinden öň diýara dolanar. Mertler Watany
unudýan däldir. Ony meniň bilen ýanaşyk jaýlaň-diýip, wesýet edipdir.
Ussaguş bu habary eşidip, gaty hapa boldy. Ol Törebeg hanymyň
üstüne entek hiç ýerde bolmadyk üýtgeşik bir gümmez galdyrmagy
özüne borç hasap etdi. Ussaguş şägirtleriniň goldawyna daýanyp, oňa
soňky zehinini siňdirdi. Minaranyň günbatar ýüzünde alnyňa
sylybermeli ajaýyp ymarat seleňläp galdy. Adamlar gümmeziň diňe bir
adamlykdygyna geň galyp, Ussaguşa soragly bakypdyrlar. Ol
pespälligini edipdir:
-Şazada şalar bilen ýatmalydyr. Garamaýak garamaýak bilen. Her
niçigem bolsa, men onuň wesýetine garşy bolup bilmen. Meni
gümmeziň gapdalynda jaýlasynlar.
Ussaguş Törebeg hanymyň özünden saýlanyp durmagyny isläpdir.
Bütin ömrüne gezişi ýaly, onuň egin deňlemegine öz elinden gelýän
zatda-da göwnne laýyk bilmändir. Ussaguşyň näme üçin beýle
edýändigini has anyklap soranlarynda bolsa ol şeýle diýipdir:
-Meniň guýýan kerpijimde berklik bardyr. Emma şalaryň lebzinde
berklik bolmaz. Özlerine ýer tapmadyk günleri meni ýene çykaryp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Köneürgenç rowaýatlary - 2
  • Parts
  • Köneürgenç rowaýatlary - 1
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2130
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 2
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 3
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2182
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 4
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2220
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 5
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2247
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Köneürgenç rowaýatlary - 6
    Total number of words is 1440
    Total number of unique words is 981
    39.9 of words are in the 2000 most common words
    50.8 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.