Latin

Könelmeýän söz - 3

Total number of words is 754
Total number of unique words is 567
33.6 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dürli düwünler salmak, derileriň içine, agaçlaryň uly-uly ýapraklarynyň arasyna her hili zatlar salyp, düwünçekler düwmek
arkaly we beýleki her hili serişdeler bilen biri-birine habar ýetirip, şolaryň üsti bilen aragatnaşyk edip, näme aýtjak bolýandyklaryna düşünipdirler. Uzak ýerlere habar ýollap, ol taýdan
hem habar alypdyrlar.
Görşümiz ýaly, elipbiýler ýüze çykmazdan ozal hem köp
wagtlap adamlar dürli usullar bilen beýan edilen özboluşly
hatlary «ýazyşyp» durupdyrlar. Hatda käte iki tarap üçin öňden
belli hem düşnukli bolan bir nyşanyň gelip gowuşmagy-da
salam hat ornuna kabul edilipdir.
Belki, türkmen aýallarynyň oba gidenlerinde äkidýän düwünçekleri hem gadymy döwrüň şol salam hatlaryndan saklanyp galan ýadygärlikdir. Aslynda düwünçege ýöne bir iýmek
üçin eltiläýen süýji-köke diýip düşünmeli däl. Ilki başda onuň
hem aňladýan manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty bolupdyr. Ýöne wagtyň geçmegi, edilýän gatnaşyklaryň üýtgemegi bilen,
onuň asyl manysy ýitip gidipdir. Käbir ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, häzir hem düwünçekler arkaly gepleşip, olaryň diline
düşünýän, ýagny okap bilýän adamlar barmyş. Bu respublikamyzyň belli-belli ýerlerinde gudaçylyga barlanda ulanylýar
diýilýär. Ata-babadan gelýän dessura görä, eltilen düwünçek
el degirilmän – açylman yzyna gaýtarylsa, onda barlan ýeriň
garyndaşlyk açmak – guda bolmak islemeýändigini aňladýar.
Şol düwünçekleriň daňylyşynda hem many bolaýmaly.
Salam hatlar beýleki birnäçe resmi häsiýetde ýazylýan hatlardan tapawutly bolýar. Olar arkaly adamlar, esasan, bir-birleriniň saglyklaryny, hal-ahwallaryny, gün-güzeran ýagdaýlaryny, iş-aladalarynyň gidişini, durmuşlarynda nähili täzelikleriň
ýüze çykandygyny, geljekde nämeler etmegi göz öňünde tut34

ýandyklaryny bilip durýarlar hem-de pikir alyşýarlar. Hat üsti
bilen döwlet ähmiýetli işler, ylmyň, medeniýetiň, çeper döredijiligiň we beýleki ugurlaryň derwaýys meseleleri-de ara alnyp
maslahatlaşylýar.
Türkmençe ýazylýan salam hatlar adatça şeýle başlanýar:

Salam haty.
Kim men, goşun gullugynda bolup, Watan öňündäki borjuny ýerine ýetirip ýören öz ogluňyz Döwletow Amanyň tarapyndan güneşli Türkmenistanda ýaşap hem işläp ýören ejeme,
kakama, agama, gelnejeme, daýyma, daýzama (olaryň atlarynyň ýazylýan wagtlary hem bolýar) we beýleki bizi soranlara
uzak ýoldan, ýakyn ýürekden gyzyldan gymmatly ýüz-müňlerçe
mähirli salam bolsun. Salamdan sözüm budur ki...

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esgerler öz dogduk obalaryndan, şäherlerinden ýüz-müňlerçe salam hatlaryny aldylar, olara jogap gaýtardylar. Şolaryň hiç birinem tolgunman okamak
mümkin däl. Olaryň käbiri bilen tanyşanyňda bolsa gözüňe ýaş
aýlanyňy duýman galýarsyň. Şol hatlarda köplenç gazaply söweş epizodlary janlanýar. Ýüz-müňlerçe esgerleriň gaýduwsyz
göreşi, görkezen gahrymançylygy bolşy-bolşy ýaly beýan edilýär. Obalaryň, şäherleriň şol döwürdäki keşbi, adamlaryň tylda
alyp baran iş-aladalary, hal-ýagdaýlary suratlandyrylýar. Urşuň
başyndamy ýa ahyrynda ýazylandygyna garamazdan, hatlaryň
ählisinde uly ýeňşe sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy, onuň
hökman boljakdygy, şondan soň parahatçylykly günleriň geljekdigi örän uly ynam bilen beýan edilýär. Uruşda uly pidalar
çekilip, tylda açlyk-horluk, keselçilik zerarly sansyz gyrgynçylyk dowam edip duran wagty hem adamlar ruhdan düşmän,
hat üsti bilen bir-birlerine parahatçylyk, baş saglygyny, bagtly
durmuş arzuw etdiler. Şol arzuw-umytlar hem Beýik ýeňşiň
gazanylmagyna uly hemaýat berdi.
35

Adamzat durmuşy ýaly, salam hatlaryň mazmuny-da baý
hem köp taraply bolýar. Olaryň bary-da biziň özara gatnaşyklarymyza, birek-birek bilen pikir alyşmagymyza, düşünişmegimize, raýdaşlyk saklamagymyza hyzmat edýär.
Häzirki döwürde dünýä halklarynyň köpüsi, esasan, söz
arkaly salamlaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde onuň ýany bilen käbir hereketler hem dowam edip gelýär. Dogry, pionerler,
harby hem deňiz flotunyň gullugyndaky adamlar salamlaşanlarynda has-da köp hereket edýärler. Sebäbi olardan ustawdaky
düzgünleri ýoýman ýerine ýetirmek talap edilýär.
Hawa, her gun ýüz müňlerçe, millionlarça adam öz garyndaşy, dost-ýary, tanyş-bilşi, işdeş ýoldaşy, hatda tanamaýany
bilen-de salamlaşýar. Kiçi özünden uly adama duşanda, «Salawmaleýkim! – Size rahatlyk!» diýip ýüzlenýär. Ol hem oňa
«Waleýkimessalam! – Size-de rahatlyk!» diýip jogap berýär.
36

SÖZSOŇY
Gadyrly okyjy!
Siz bilen salam barada söhbet etdik. Onuň taryhyna ser
saldyk. Köp kitaplaryň gatlaryndan alnan maglumatlar esasynda dünýä halklarynyň birnäçesiniň salamlaşyşlary, şonda
berjaý edilen kada-kanunlar, salam wagtynda ýüze çykan käbir
wakalar bilen gysgaça tanyşdyk.
Geçmişde türkmen halky hem bu mukaddes dessura uly sarpa goýupdyr. Hal-ahwal soraşmagyň gowy kada-kanunlaryny
döredipdir. Olar wagtyň geçmegi bilen, ösüp, özgerip durupdyr.
Biri beýlekisiniň ornuny çalşypdyr.
Bular barada köpräk döwnemegi makul bildik. Sebäbi biziň öz ata-babalarymyzyň kimler bolandygyny, olaryň haýsy
däp-dessurlary ýöredendiklerini, nesil terbiýelemekde nähili
uly tagallalar edendiklerini geregiçe bilmegimiz gerek. Olary
hormatlamagymyz, olara sarpa goýmagymyz gerek.
Türkmenlerde salamlaşmagyň dürli görnüşleriniň ulanylmagy onuň taryhynyň örän gadymydygyny, halkymyzyň dünýä
halklarynyň köpüsi bilen hoşniýetli gatnaşykda bolandygyny,
parahatlyk barada tagalla baryny edip gelendigini, adamkärçilige uly sarpa goýandygyny görkezýär. Olar hemişe pähim-paýhasa gulak asypdyrlar.
Elbetde, halk arasynda salamlaşmaga dahylly başga-da biziň bilmeýän zatlarymyzyň bar bolmagy mümkin. Belki-de
salam barada täze gymmatly maglumatlary, gyzykly gürrüňleri,
täsin rowaýatlary bilýän adamlar bardyr. Olar seslenerler diýip
umyt edýärin.
Häzirlikçe hoş sag boluň! Saglykda görüşeliň! Hemmäňiziň
37

asuda durmuşda bagry bitin, başy dik gezip ýörmegiňizi arzuw
edýärin.
Mertebäňiz belent bolsun!
38


«Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem
bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin
hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Könelmeýän söz - 1
    Total number of words is 3389
    Total number of unique words is 1832
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Könelmeýän söz - 2
    Total number of words is 3487
    Total number of unique words is 1786
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    34.8 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Könelmeýän söz - 3
    Total number of words is 754
    Total number of unique words is 567
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.