Latin

Könelmeýän söz - 1

Total number of words is 3389
Total number of unique words is 1832
25.0 of words are in the 2000 most common words
35.8 of words are in the 5000 most common words
41.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
KAKAJAN ATAÝEW
KÖNELMEÝÄN
SÖZ

KAKAJAN ATAÝEW
KÖNELMEÝÄN SÖZ
Aşgabat «Magaryf» 1991
Kakajan Ataýew, Könelmeýän söz, Aşgabat «Magaryf» 1991.
Ylmy-populýar neşir.
Orta ýaşly mekdep okuwçylary üçin.

Adamlar asyrlar dowamynda salamlaşmak arkaly özleriniň iň
oňat arzuw-umytlaryny beýan edip gelipdirler. Olar bir-birlerine parahat durmuş, bagtly ýaşaýyş, berk jan saglyk isläpdirler.
Awtor salamyň taryhy, onuň däp-dessurlarynyň dürli halklarda
nähili ýerine ýetirilýändigi barada degerli deliller bilen gyzykly
gürrüň berýär.

Redaktor R. Durdyýew
Suratçy M. Gylyjow
Surat redaktory D. Mämijikow
Tehniki redaktor N. Başlykowa
Korrektor B. Gulyýewa

Ýygnamaga berildi 10.08.1990.
Çap etmäge rugsat edildi 01.03.1991.
PDF-a geçirildi 24.09.2017.

TSSR Metbugat baradaky döwlet komitetiniň «Magaryf» neşirýaty, Aşgabat, 744013, Hasanow pereulogy, 16.

TSSR Metbugat baradaky döwlet komitetiniň Krasnowodskidäki çaphanasy, 745000, Krasnowodsk şäheri, Besşapoçnyý
köçesiniň 1-nji jaýy.

ISBN 5–675–00544–7
Mazmuny
I
Sözbaşy
1
II
Könelmeýän söz
3
III
Sözsoňy
37
ii

SÖZBAŞY
Salam okyjy!
Eliňi ber! Görüşeli!
Hawa, biziň özara gatnaşyklarymyzyň ählisi salam bilen
başlanýar. Adamlar her gün bir-birlerini görenlerinde, ilki salamlaşýarlar, hal-ahwal soraşýarlar. Şonda olar tüýs ýürekden çykýan arzuw-umytlaryny birek-birege parahat durmuş,
bagtly ýaşaýyş, berk jan saglyk isleýändiklerini beýan edýärler.
Biz diňe bir öz ýakyn tanyş-bilişlerimiz, dost-ýarlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen däl, eýsem tanamaýan-bilmeýän
adamlarymyz bilen-de saglyk-amanlyk soraşýarys. Salamlaşmanyň bellenilen takyk wagty-sagady ýa-da belli bir görkezilen
orny bolmaýar. Adamlar gije-gündiziň bütin dowamynda öýde-de, işde-de, ýolda-da, ýygnanyşyklarda-da, mahlasy nirede,
näwagt bolsa-da, ilki duşuşanlarynda «Salam» diýen söz bilen
biri-birlerine ýüzlenýärler. Ol ýüzbe-ýüz bolnan halatda-da,
başga biriniň sargydy bilen-de, telefon, telegraf arkaly-da, hat
üsti bilen-de berjaý edilýär.
Bu asylly däp adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde ýörgünli bolupdyr. Ençeme müň ýyllyklaryň dowamynda salamyň
asyl mazmuny bir durkuragyny saklap gelen hem bolsa, salamlaşmakda ulanylýan sözler, berjaý edilýän kada-kanunlar,
ýerine ýetirilýän hereketler üýtgäp, özgerip, täzelenip durupdyr.
Muňa jemgyýetiň ösüş formasiýalary, döwrüň syýasy-ykdysady
gurluşy, dini, etiki kada-kanunlar, her ýurduň özüne mahsus
ýaşaýyş aýratynlyklary, ylmyň, medeniýetiň ösüşi we beýleki
ýagdaýlar täsir edipdir. Wagtyň geçmegi bilen, salamlaşmak
kem-kemden kämilleşýär, medeniýetleşýär. Gadymy döwürlerde
1

salam bermek, salam almak sada hem ýöntem ýerine ýetirilen
bolsa, soňabaka ol belli bir derejede çylşyrymlaşýar. Ýokary gatlak wekilleri bilen sada daýhanyň, çopan-çolugyň, uly bilen
kiçiniň, aýal bilen erkegiň salamlaşyşy tapawutlanypdyr. Bu
babatda her ýurduň özüne mahsus aýratynlyklarynyň bardygyny hem ýatdan çykarmak bolmaz. Ýewropaly bilen aziýalynyň,
afrikalynyň, tropik ýurtlar bilen demirgazyk halklarynyň özara
salamlaşyşlary birmeňzeş däldir. Köplenç halatlarda salamyň
dini ynançlar bilen utgaşýandygyny hem aýtmak gerek. Şonuň
üçin buddizme, hristiançylyga, yslam dinine uýýanlaryň salamlaşyşlarynda, hal-ahwal soraşyşlarynda tapawudyň boljakdygy
şübhesizdir.
Salamyň gyzykly hem özüne çekiji taryhy bar. Ony bilmek
möhüm öwredijilik hem terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Bu mesele bilen içgin gyzyklanmak ýaşlara hem ýetginjeklere has-da
zerurdyr. Sebäbi salam adamkärçiligiň mukaddes kada-kanunlaryny, medeniýeti, edep-ekramy öwrenmegiň başlangyjydyr,
hatda onuň açarydyr diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Ata-babalarymyz ýaş nesle gowy terbiýe bermegi durmuşda gaýra goýulmasyz hem derwaýys meseleleriň biri hasaplapdyr. Şonda olar
hemişe «Çagam gowy, edebi ondanam gowy» diýen dana sözlerden ugur alyp, ynsanperwerlige, raýdaşlyga, parahatçylyga
uly sarpa goýupdyrlar. Ýaşlaryň şeýle ruhda terbiýelenmegi, hakyky watançylar bolup ýetişmegi ugrunda göreşipdirler. Salam
bolsa adamkärçiligiň mizan terezisi hökmünde halka hyzmat
edipdir.
2

KÖNELMEÝÄN SÖZ
Salam haçan we nähili döräpdir? Adamlar irki döwürlerde
neneňsi salamlaşypdyrlar? Bu sowallara bir agyzdan çürt-kesik jogap bermek kyn. Her halda onuň ýüze çykyş hem ösüş
taryhyny umumy häsiýetde yzarlamak mümkin.
Durmuşda ähli zat zerurlyk esasynda döreýär. Adamlar hemişe bir-birlerini tanamak, özara pikir alyşmak, düşünişmek,
raýdaşlyk saklamak, baryş-geliş etmek isläpdirler. Şu maksat
bilen olar ilki duşanlarynda özlerini örän hoşamaý alyp barmaga, gadyrly bolmaga, garşydaşynyň ünsüni özüne çekmek,
onuň göwnüne degmezlik, onda gowy pikir galdyrmak üçin iň
oňat, mylaýym sözler tapmaga, özüni medeniýetli alyp barmaga çalşypdyr. Şeýlelikde, ýüzbe-ýüz durlanda ilkinji aýdylýan
sözlere aýratyn uly ähmiýet bermek, olaryň üsti bilen garşydaşyňa bada-bat umumy matlabyňy aýan etmek gerek bodupdyr.
Şu pursatda salam üçin saýlanyp alynýan sözler dünýäniň ähli
3

halklarynda bir meňzeş bolmandyr. Ýer ýüzünde salamlaşmanyň dürli tärleri, dürli görnüşleri, dürli hili ýollary bolupdyr,
onuň üçin ençeme sözler ulanylypdyr.
Merkezi Afrikada ilkidurmuş döwründe ýaşaýan iki taýpanyň adamlarynyň duşuşygyny bir awtor şeýle suratlandyrypdyr:
«Gijäniň içinde jeňňelde adam sesleri ýaňlanyp başlady:
Birinji topar. – Ýat adamlar, siz nirä barýarsyňyz?
Ikinji topar. – Siz nirä barýarsyňyz?
Birinji topar. – Bu ýurt sizi kabul etmek islemeýär.
Ikinji topar. – Kabul etmek islemeýär.
Birinji topar. – Hemmeler size garşy bolar.
Ikinji topar. – Garşy bolar.
Birinji topar. – Özüňizem gaty ýenjilersiňiz.
Ikinji topar. - Gaty ýenjilersiňiz.
Birinji topar. – Ha-ha-ha-a-a!
Ikinji topar. – Ha-ha-a!»
Bu epizoda salamlaşma diýilse, köpleriň ynanasy gelmese
gerek. Göräýmäge olaryň boluşlary haýbat atmagy, birek-biregi
gorkuzmagy aňladýan ýaly. Hakykatda bolsa şol taýpalaryň
salamlaşyş endikleri şeýle bolupdyr.
Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gadymy döwürlerde adamlar hereket üsti bilen salamlaşmaga kän ýykgyn edipdirler. Tokaýlarda, daglarda, gowaklarda topar-topar bolup ýaşaýan bir
taýpanyň ýaşaýjylary beýleki taýpanyň ýaşaýjylaryny daşdan
görenlerinde iki tarap hem ellerindäki taýakdyr naýzalaryny
ýokary göterip, biri-birlerine gygyryşypdyrlar. Afrika ýurtlarynyň bir ýerinde eliň bilen döşüňe kakyp, başga bir ýerinde
bolsa garşydaşyňa ýuwaşja baş egip, el çarpyp salamlaşmak
däbe öwrülip gidipdir. Gadymy Tibetde ýaşaýan halklarda çagalar ululary gören wagtlary kellelerini ýalaňaçlap, dillerini
görkezip, hormat bilen baş egipdirler. Mongollarda salamlaşmanyň şular ýaly bir görnüşi hem bar. Ýaşy durguşan adamlar
duşan wagtlarynda, olaryň biri elleriniň aýasyny ýokary edip,
4

tirseginden epilen görnüşde diňe iki goşaryny göwresinden
öňe uzadýar. Garşydaşy hem edil şol görnüşde onuň elleriniň
üstünde ellerini goýýar.
Gadym zamanlarda dörän endikleriň birnäçesi jemgyýetiň ösüşiniň soňky etaplarynda hem dowam edipdir. Häzirki
döwürde dünýäniň köp halklarynyň birnäçe sapar baş egip
salamlaşyşlary, ýapon we başga-da birnäçe ýurtlaryň çagalarynyň ata-eneleriniň öňünde çöke düşüp, hormat bilen tagzym
edişleri muňa mysal bolup biler. Hindiler salamlaşanlarynda elleriniň aýasyny biri-birine goýup, maňlaýynyň deňine
ýetirýärler. Olaryň käbir taýpalarynda salamlaşmanyň başga
bir täsin görnüşi-de henize-bu güne çenli dowam edip gelipdir. Bu taýpanyň adamlary duşan wagtlary biri dodagyny
hem burnuny beýlekisiniň ýaňagyna degirip, uludan dem alýar.
Hindiler myhmany ysgap görmegi, onuň ysyndan dem almagy
oňa uly hormat goýuldygy hasaplaýarlar. Şular ýaly hereketler
düşünmeýänler üçin örän geň-taň görnüpdir. Hatda Dawid
Liwingston ýaly tejribeli syýahatçy hem bir sapar öz ýoldaşlary
bilen Afrika obalarynyň biriniň deňinden geçip barýarkalar, şol
ýeriň ähli ýaşaýjylary gykuwlaşyp deňlerinden çykanlarynda,
onuň salamlaşmadygyna birbada düşünmändir.
Wagtyň geçmegi bilen, salamlaşmadaky dessurlar üýtgeýär,
özgerýär. Ilkidurmuş adamlary taýakdyr naýzalaryny ýokary
göterip, biri-birlerine salam beren bolsalar, soňabaka munuň
üçin diňe boş eliňi ýokary götermek hem ýeterlik bolupdyr. Bu
hereket «Ynha meniň elimde hiç zat ýok. Sen menden gorkma, saňa rahatlyk bolsun!» diýen manyny aňladypdyr. Gadymy
müsürlileriň sag eliniň aýasyny açyk görnüşde ýokary edip, egniniň deňine ýetirmekleri hem şol pikiriň ikinji bir özboluşly
beýanydyr. Şeýle görnüşde işlenen suratdyr heýkeller «Gadym
dünýä taryhynyň» sahypalarynda duş gelýär. Bu şekili örän
oýlanyşykly çekilen parahatçylyk simwoly hem diýip atlandyrmak mümkin. Hereket üsti bilen beýan edilen salamlaşma
soňra gujaklaşma, ogşaşma çenli ösýär.
5

Durmuşda käbir endikler uzak saklanýar. Biziň günlerimizde hem eliňi ýokary göterip salamlaşma häli-şindi duş gelýär.
Bu hereketiň gelip çykyş taryhyny köpleriň bilmeýän bolmaklary hem mümkin. Birnäçe alym häzirki elleşip salamlaşmany-da eliňi ýokary göterip ýa-da eliň aýasyny ýokary edip, egniň
deňine ýetirmäniň dowamy hasaplaýar. Muny inkär etmek
kyn. Sebäbi bu hereketiň hem esasynda elimde hiç zat ýok,
ynanmasaň ynha göräý diýen many ýatyr.
Irki döwürlerde salamlaşylanda ulanylan sözleriň birnäçesiniň häzir geň görülmegi-de mümkin. Sebäbi her ýurt, her
halk bir ýörelgä eýerip, öz durmuşlaryna iň derwaýys hem ýetmeýän zatlary arzuw edip gelipdirler. Şonda ýurt parahatçylygy, baş saglygy diýen düşünjeler başgarak sözleriň üsti bilen,
başgarak tärler arkaly beýan edilipdir.
Hytaý imperatorlarynyň höküm süren döwründe salamlaşmanyň şeýle bir görnüşi ýörgünli bolupdyr. Adamlar duşanlarynda biri beýlekisine:
– Siz iýdiňizmi? – diýip ýüzlenipdir. Ol hem şol sözleri
gaýtalamak bilen jogap beripdir:
– Siz iýdiňizmi?
Gadymy parslar salamlaşanlarynda:
– Şadyýan bol! – diýip ýüzlenipdirler hem-de adamyň ruhy
dünýäsiniň sagdynlygy barada tagalla edipdirler.
Günorta Afrikada ýaşaýan zulu halky bolsady ekeniň bilen
hiç bir zadyň öz-özünden bolubermeýändigini nazara alyp,
salamlaşanlarynda bir-birlerine örän ýönekeý hem mylaýym
sözleri aýdypdyrlar:
– Men seni görýärin.
Garşydaşy hem şol sözler bilen oňa jogap beripdir:
– Men seni görýärin.
Arap ýarym adasynyň günortasyndaky hadramauta atly
taýpanyň käbir dialektlerinde bolsa «Salawmaleýkim hem «Waleýkimessalam!» sözleriň deregine «Gülgün säher» diýen sözleri
ulanmak bilen çäklenilipdir.
6

Synpy jemgyýetiň ýüze çykmagy synpy garşylyklaryň ýigileşmegi salama-da öz täsirini ýetiripdir. Gul eýeçilik, feodalizm,
kapitalizm döwrüniň hökmürowanlary adaty hal-ahwal soraşylan mahalynda hem gahar-gazapdan el çekmändirler. Şol
pursatda-da olar öz güýç-kuwwatlaryny, şan-şöhratlaryny dabaralandyryp, halkyň sussuny basmak, olary gula öwürmek
maksady bilen, adamlaryň kalbyndaky ähli gowy arzuw-umytlary, adamkärçilikli garaýyşlary basgylapdyrlar. Şalar, hanlar,
soltanlar, emirler özlerini adaty adamlardan tapawutlandyrmak, özleriniň mertebelerini arşa götermek, özlerine adatdan daşary hezzet-hormat goýulmagy ugrunda göreşip gelipdirler. Ine, şonuň üçin hem başga ýurtlaryň wekillerini, köşk
adamlaryny, raýatyndaky ýaşaýjylary kabul edenlerinde ýa-da
haýsydyr bir özge ýerde duşanlarynda olar bilen görüşmäniň
özlerine zerur diýip hasaplan düzgünlerini girizipdirler. Ýokary gatlak wekilleri huzuryna gelen adamlary iki epilip, dyza
çöküp, ýer öpüp, emedekläp gelip, hatda käbir halatlarda özleriniň aýagyny, elini ogşap görüşmäge mejbur edipdirler. Şeýle
edilmedik halatlarynda olar gahar-gazaba münüpdirler, köp
adamlary ölüm-ýitime, agyr jezalandyrmalara sezewar edipdirler. Hatda käbir ýurtlarda häkim toparlaryň, çekip-çydardan
agyr düzgünleri girizen halatlary-da, başga bir ýurda uruş yglan eden wagtlary-da bolupdyr. Alymlar takmynan üç müň ýyl
mundan öňki pahna ýazuwyny okanlarynda, onda şeýle maglumatlaryň berilýändigini anyklapdyrlar. Müsür şasy Sargon II
«Assiriýanyň häkimi gymmat bahaly sowgatlar bilen huzuryma
salama gelip, meniň aýagymy ogşamady» diýip, oňa garşy uruş
yglan edipdir. Rim imperatory Diokletian hem özi bilen salamlaşanlaryň ählisini aýagyny ogşamaga mejbur edipdir. Sebäbi
şol döwürde kim imperator saýlanjak bolsa, ol hökman gelip
çykyşy boýunça şa neslinden ýa-da ýokary gatlak wekilinden
bolmaly ekeni. Diokletian bolsa ýaşlykda Dalmasiýada goýun
çopany bolan ekeni. Iň ýamany hem şol döwürde ony hemmeler bilýär ekeni. Imperatoryň şeýle geçmişi oňa hiç wagt
7

rahatlyk bermändir. Ol köşk adamlarynyň mekir garaýyşlaryndan «Sen çopan. Sen häkimlige, tagta çykmaga mynasyp
däl!» diýen manyny ogurlapdyr we bar ýerde özüniň üstünden
gülünýändir öýdüpdir. Ine, şonuň üçin hem ol hemişe dymyp
gezmek bilen, gahar-gazaba münüpdir hem-de salamlaşan
adamlaryny aýagyna ýykylmaga, aýagyny ogşamaga mejbur
edipdir.
Häkim toparlarynyň huzuryna barlanda görüşmek üçin dyza çöküp, ýer bagyrtlap, onuň aýagyny ýa-da elini ogşamak
yslam dini ýüze çykandan soň, musulman ýurtlarynda hem
dowam edipdir. Başda muňa otparazlar çürt-kesik garşy çykypdyrlar. Sebäbi zarostrizm dininiň taglymatyna görä, Ýer,
Gün, belli-belli ýyldyzlar hudaý hasaplanyp, oňa sežde edipdirler. Haçan-da köşk emeldarlarynyň ýa-da başga ýerden gelen
adamlaryň patyşanyň aýagyna ýykylyşlaryny görenlerinde, olar
«Siz näme üçin onuň aýagyny ogşaýarsyňyz? Ol hudaý däl ahyry!» diýipdirler. Otparazlar patyşalara «Şahy-jahan» (Dünýäniň
şasy) diýilmegini-de halamandyrlar. Olar dünýäniň eýesi, ýagny şahy-jahan diňe hudaý bolmalydyr diýen pikire uýupdyrlar.
Belli-belli halatlarda garşylyk görkezilen hem bolsa, häkim toparyň aýagyna ýykylmak Gündogar ýurtlarynda uzak
wagtlap dowam edipdir.
979-njy ýylda Bagdatda Adud ad-Daula täç geýdirmek üçin
geçirilen köşk ýygnanyşygy örän dabaraly bolýar. Köşkde egnine pygamberiň donuny geýip, eline onuň hasasyny alyp, biline
gylyjyny dakynyp, öňünde hem Osmanyň «Gurhanyny» goýup,
Halyf gabarylyp oturýar. Töweregini bolsa köşgüň atly-abraýly,
tanymal adamlary, çagyrylan myhmanlar gurşap alýarlar. Adud
ad-Daula jaýa girende, Halyfa gözi düşüp, şol bada ýüzin ýykylyp, ýer ogşap başlaýar. Ol ýerinden turup, ýöräp baryşyna şol
hereketlerini ýene iki sapar gaýtalaýar. Şonda Halyf öz adamlaryna «Ony bärik alyp geliň!» diýýär. Ol gelýär. Ýöne başyny
Halyfyň aýagyna goýup ýatyberýär. Halyf «Geç, otur!» diýse-de
bir bada kellesini ýerden galdyrmaýar. Ahyry «Haýyş edýärin,
8

ýeriňe geç! Häzir saňa patyşalyk täjini geýdirýäris!» diýende,
onuň sag tarapynda özi üçin taýynlanan kürsüni ogşap, onuň
üstüne çykýar.
Arap halyfatynyň bu däp-dessury fatimidler döwründe has-da ýörgünli bolupdyr. Ol musulman ýurtlarynyň ählisine, şol
sanda Orta Aziýada giňden ýaýrapdyr, hatda Ýewropa ýurtlaryna-da aralaşypdyr.
Gadymy grek ýazyjysy Plutarhyň berýän maglumatlaryna
gerä, Aleksandr Makedonskiý Eýrana ýöriş eden mahalynda,
basyp alan ýerlerinde şa köşgünde bolup geçýän dabaralary,
jemagatyň, köşk adamlarynyň şa bilen salamlaşyşlaryny ýakyndan synlaýar hem-de ony halaýar. Ylaýta-da patyşanyň
aýagynyň ogşalmagy oňa ýaraýar. Şonuň üçin ol bu däbi öz
ýurdunda hem ýöretmek barada höküm çykarýar. Şondan soň
iň oňat, gymmatbaha lybaslaryny geýip hem-de şalyk bezegleridir nyşanlaryny dakynyp, ýygnanan jemagatyň öňüne çykanda, hemmeler dyza çöküp, maňlaýlaryny ýere goýup, oňa
baş egýärler. Ýöne şonda ýeke-täk Kallisfon hökümi ýerine
ýetirmeýär. Ol patyşanyň öňünde baş egmeg-ä beýle-de dursun, gaýta adamlary aýagyna ýykylmaga mejbur edip, özüniň
mertebesini hudaýyň deňine ýetirenligi üçin halkyň öňünde
Aleksandr Makedonskini utandyrýar. Onuň hiç zatdan heder
etmän, örän uly batyrgaýlyk bilen şeýle uly serkerdäniň garşysyna çykmagy, onuň ýüzüne durmagy, bu eden işi üçin ony
ýazgarmagy bir bada köpleri howatyrlandyrýar. Ýöne Aleksandr Makedonskiniň onuň aýdanlaryna gulak asmagy, onuň
bilen ylalaşyp, şol çykaran höküminden el çekýändigini yglan
etmegi bütin märekäni geň galdyrýar. Şeýlelikde, Aristoteliň
garyndaşy Kallisfon grek halkyny uly kemsitmeden, Aleksandr
Makedonskini bolsa örän şowsuz synanyşykdan halas edipdir.
Ýöne ýokary gatlak wekilleri bilen edilýän gatnaşyklarda
ýüze çykan dartgynly ýagdaýlaryň ählisiniň ahyry şular ýaly
gülala-güllük bilen gutaraýmandyr. Beýik knýaz Mihail Çernigowskiý bilen boýar Fýodor Altyn Orda hanlygyna baranlaryn9

da, olardan Çingiz hanyň şekiline çokunmagy talap edýärler.
Şonda olar bu talabyň öz öňlerinde goýulmagyny masgaraçylyk
hasaplaýandyklaryny, ony ýerine ýetirmek islemeýändiklerini
duýdurýarlar hem-de şeýle işi edenlerinden özleriniň ölenlerini gowy görýändiklerini aýdýarlar.
Şonda olary öldürmek üçin çadyrdan çykaryp alyp gidýärler. Çingiz hanyň jellatlary gymmat baha halylara, derilere we
beýleki zatlara gan ýokmasyn diýip, çadyrda adam öldürmeýän ekenler. Şular ýaly batyrgaý, aýgytly hereketleri bilen olar
ynsan mertebesi ugrundaky göreşiň pidasy bolýarlar.
Salamlaşylan mahalynda berjaý edilmeli ogşaşma düzgüni-de köp halatlarda jedel hem nägilelik döredipdir. Sebäbi
ilkinji duşuşykda salamlaşylan mahalynda, kim kimiň aýagyny,
elini, egnini, ýaňagyny ýa-da dodagyny ogşamaly diýen soraga
bada-bat jogap tapmak kyn bolupdyr. Ol köp halklaryň öňden dowam edip gelýän ýörelgelerine, edim-gylymlaryna ters
gelipdir. Bir halk ony halasa, beýleki bir halk artykmaç ýa-da
suwjuklyk hasaplapdyr. Ýaranjaňlar, şöhrat-parazlar, ýokary
emele ymtylýanlar üçin ol elýetmez zat bolup durýan wagtlarynda, başga bir halkyň wekili üçin ol kemsidilme hökmünde
kabul edilipdir. Ine, şonuň üçin Awstriýanyň ilçisi Ýekaterina
II-niň huzuryna salama baranda, imperatoryň özüne uzadan
elini ogşamandyr. Rus patyşasynyň bolsa muňa öler ýaly gahary gelipdir hem-de şol duran ýerinde ilçiniň günäsini ýuwmak
üçin, onuň öz eline suw akytmagyny talap edipdir.
Bir halkyň wekiliniň beýleki bir halkyň wekili bilen salamlaşanda, olaryň biri-birine düşünişmeýän, oňaýsyz ýagdaýlary
başdan geçirýän pursatlary başga-da az bolmandyr. Ylaýta-da
salam berlen hem salam alnan wagtynda üst-başyňdaky egin-eşikleriň haýsydyr birini çykarmagy bir halk oňlasa, beýleki bir
halk geň görüpdir hem ýerliksiz hasaplapdyr.
Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, gadymy ýehudylarda salamlaşmak üçin aýagyňy ýalaňaçlamaly, ýagny köwşüňi çykarmaly ekeni. Ýaponlar bolsa elleşip görüşmeden sak10

lanmak maksady bilen, ellerini ýalaňaçlapdyrlar, has takygy
elindäki elliklerini çykarypdyrlar. Salamlaşylanda kelläňi ýalaňaçlamak bolsa dünýäniň birtopar halklarynyň durmuşyna
ymykly ornaşyp gidipdir. Dogry, başaçyk gezmegi, onda-da
salamlaşylanda, şeýle hem toýa, ýasa barlanda kelleýalaňaç
bolmagy halamaýan halklar hem bar. Hakykatda bolsa bularyň hemmesi-de bir zady — birek-birege ynanyşmagy, sarpa
goýmagy, birek-biregi hormatlamagy, sylamagy aňladypdyr.
Ýöne şol ynanyşma, hormatlama, sylaşma her döwürde üýtgäp, özgerip durupdyr. Oňa her ýurt, her halk, her jemgyýet,
her synpyň wekili özüçe ähmiýet beripdir hem-de ony özüçe
berjaý edipdir.
Lýudowik XIV öz zamanynda iň edep-ekramly adam saýylypdyr. Salamlaşma, edep-ekram babatda hemmeler ondan
görelde alar ekeni. Ýöne döwürdeşleriniň biriniň belläp geçmegine görä, ol hem hemmeler bilen bir meňzeş salamlaşmandyr.
Atly-abraýly adamlara duşanda, şlýapasyny kellesinden bütinleý diýen ýaly çykarypdyr. Ondan pesräkleri görende, ony
biraz galdyryp, gulaklarynyň deňinden çala geçiripdir. Adaty
adamlara gabat gelende bolsa, diňe şlýapasyna elini ýetirmek
bilen oňaýypdyr.
1614-nji ýylda German imperatory öz tagtynda rus patyşasynyň ilçisini kabul edýär. Olar resmi kada-kanunlar boýunça
salamlaşýarlar. Diplomatiýanyň düzgünlerine laýyklykda öň
lenji çykan mahabatly jümleler ýene öwran-öwran gaýtalanyp
başlaýar. Kabul edişlige ýygnananlar ilçiniň her bir hereketini
içgin synlap, her sözüni ünsli diňleýärler. Rus ilçisi öz patyşasynyň adyny tutanda, imperator kellesini ýalaňaçlaman, oňa
derek şlýapasyna çala elini ýetirmek bilen çäklenýär. Ilçi sözüni kesýär. Imperator hem dymýar. Zala aýylganç ümsümlik
aralaşýar. Hemmeler doňup galýar.
Ahyry ilçi ümsümligi bozýar. Ol niýetine düwen dessuryny imperatoryň berjaý etmäge, ýagny rus patyşasynyň ady
tutulanda, onuň kellesini ýalaňaçlamaga garşydygyny aňýar
11

hem-de şol duran ýerinden çykyp gaýdýar. Gepleşik kesilýär.
1687-nji ýylda bu iki döwletiň arasynda resmi gepleşikler
geçirilen mahalynda, kelle ýalaňaçlanylmasa-da bolýar diýip
şertnama baglaşylýar.
Petr I köp babatlarda oýlanyşykly hereket edipdir. Ol daşary
ýurt ilçileriniň hem myhmanlaryny kabul edende, duşuşyklar
geçýän mahaly hemişe kellesine hiç zat geýmez ekeni. Şonuň üçin hem ol her geleniň öňünde kelle ýalaňaçlap durmaly
bolmandyr.
Rus patyşalary, knýazlary, boýarlary köşk ýygnanyşyklaryna
baranlarynda, il arasyna çykanlarynda, özleriniň uly dabara,
uly şowhun bilen garşylanmagyny, jemagatyň öz öňlerinde
dyza çöküp, baş egip salam bermegini talap edipdirler. Şonda
olaryň gelýänini görmän ýa-da başga bir säwlik bilen salam
bermegi unudan, oňa ýetişmedik adamlaryn dürli jezalar bilen
jezalandyrylan halatlary az bolmandyr.
Bir sapar rus ofiserleriniň biri bir ýaş zenan bilen özara
gürrüňe gyzyp, imperator Paweliň gelýänini duýman galypdyr
hem-de oňa salam bermäge ýetişmändir. Şonuň üçin ol Sibire
sürgün edilipdir. Şol ofiseriň komandiri bir aý tussaglykda saklanyp onuň gürrüňdeş bolan aýalynyň äri, belli çinownik hem
kötek iýýär. Başga bir söwdagäriň ogly bolsa haýal-ýagallyga
salyp, gijä galyp salam berenligi üçin elli sapar gamçy bilen
urmaly diýen höküme duçar bolupdyr.
1800-nji ýylyň ýaz aýynyň çytawunly günleriniň birinde
Moskwada Ýusupowlaryň bagyna adamlar gezelenje çykýarlar.
Bezemen geýnen harby eşikli adamyň ol ýerde peýda bolmagy
hemmeleri uly gozgalaňa salýar. Märeke iki tarapa sowlup, şlýapalaryny çykaryp, hormat bilen oňa salam berýärler hem-de
tä deňlerinden geçip gidýänçä iki epilip, doňup galýarlar. Ol
bolsa käte bir ädip, äwmezlik bilen ýöräp barşyna olaryň bolup
duruşlaryna kän bir ähmiýet hem bermeýär. Ine, birdenem
eli çagaly enekä gözi düşende, ol gaharlanýar-da şol tarapa
gaty-gaty ýöräp ugraýar. Barşyna-da çagajyň başyndaky pa12

pajygyny çykaryp, enekä erbet käýinýär. Bir ýaşlyja oglanjyk
bolsa nämäniň näme bolanyna düşünmän, gaharjaň adamyň
yzyndan mölerlip garap galýar. Bu wakanyň döremegine sebäpkär bolan çaga Puşkin eken. Beýik şahyryň patyşa bilen
ilkinji duşuşygy hem-de onuň bilen ilkinji salamlaşyşy şeýle
bolupdyr.
Haýsydyr bir hormatlanýan adamyň ýa-da myhmanyň gelýäni bilinse, onuň öňünden çykmak, ugradylanda bolsa ep-esli
ýere ýany bilen gitmek irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän gowy däp-dessurlaryň biridir. Salamlaşylan we hoşlaşylan
wagtynda şeýle uly tagallanyň edilmegi, oňa aýratyn üns berilmegi ýöne ýere däl. Ol jemgyýetde tertip-düzgüni berkitmek,
nesil terbiýelemek, adamlaryň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin gerek bolupdyr.
Käte dünýäde täsin wakalar ýüze çykýar, geň-enaýy zatlar
bolup geçýär. Adatça adamlar salamlaşanlaryndan soň, gysga
hem uzak söhbete başlaýarlar, uly hem kiçi işleri ýerine ýetirýärler. Ýöne Gündogaryň beýik söz ussady Alyşir Nowaýynyň
durmuşynda başgaçarak bir ýagdaý ýüze çykýar.
1500-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Soltansöýün ýörişden
gaýdyp gelýär diýen habar gelýär. Ol başga bir ýere gidende Hyrat şäherini edara etmegi Nowaýa ynanar ekeni. Adatça
şahyr soltany bir ýerden gaýdyp gelende, paýtagtdan ep-esli
uzaklykda garşy alar ekeni.
1500-nji ýylyň iň soňky güni – 31-nji dekabrda Nowaýy
Emirşa-mälik diýen ýerde Soltansöýüniň öňünden çykýar. Şol
wagtlar hökümdaryň saglygy ýaramazlaşyp, at üstunde oturyp bilmeýär ekeni. Ol bir ýerden başga ýere gidende, onuň
üçin ýörite kejebe gurapdyrlar. Nowaýynyň hem saglyk ýagdaýy öwerlik bolmasa-da, at üstünde oturyp bilipdir. Duşuşyk
pursatynyň öň ýanynda şahyryň başy aýlanyp başlaýar. Ol
ýanyndakylara ýagdaýynyň gowy däldigini duýdurýar.
Nowaýy soltan bilen görüşmek üçin atdan düşende, nägehan bir bela-beter onuň başyndan inýär, ysgynyny alýar. Ýa13

nyndakylaryň goltugyna girip, hemaýat bermegi bilen ol Soltansöýüniň ýanyna barýar. Şonda ol zordan gujaklaşyp görüşmäge we salam bermäge ýetişýär. Şol ýerde-de şahyr özünden
gidýär. Ony Hyrada getirýärler. 1501-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bolsa şahyr aradan çykýar. Görşümiz ýaly, Nowaýynyň iň
soňky aýdan sözi «salam» diýen söz bolupdyr. Şol söz bilen
hem ol dünýä bilen hoşlaşýar.
Gündogaryň beýik söz ussady Alyşir Nowaýy bütin ömür
boýy edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa uly sarpa
goýýar. Ol ýurduň parahat ýaşamagy ugrunda tagalla baryny edýär. Şahyr ýurdy dolandyrmakda Soltansöýüniň ýakyn
kömekçisi hökmünde ony goldap, ençeme dildüwşikleri paş
edýär, ganly çaknyşyklaryň, uruşlaryň öňüni alýar, iliň-günüň
bähbidi üçin birtopar mekdep-medreseleri, kitaphanalary, kerwensaraýlary we beýleki desgalary gurdurýar. Ýöne Nowaýy
aradan çykandan soň, Soltansöýüniň döwleti dargap başlaýar,
feodal despotlaryň özara göreşleri güýçlenýär.
Feodalizm zamanynda häkim toparlar öz güýçlerine baýrynyp, adaty salamlaşan mahallary hem halkyň aňynda uly
wehim, güýçli gorky döredip gelipdirler. Buhara emirleri, Hywa hanlary, Eýran şalary bir ýere sapara ugranlarynda, olaryň
öňlerinden ýörite atlylar gider ekenler. Olar geçiljek ýoluň ugrundaky ýaşaýjylara häkimiň gelýänini habar beripdirler. Hökmürowanlara gözi kaklyşdygy ýolagçy ýoldan çykyp, gapdalda
işläp ýören adamlar bolsa duran ýerinde dyza çöküp, maňlaýlaryny ýere goýup, salam beripdirler. Ýöne şonda ýurduň
häkimi tä deňinden geçip gidýänçä olar başlaryny ýokary galdyrmaly ýa-da ýerinden turmaly däl ekeni. Kimde-kim şeýle
etmese, ol kyrk gamçy urmak bilen jezalandyrylypdyr.
Sosial deňsizligiň dowam eden döwründe diňe bir patyşalar, hanlar, soltanlar däl, eýsem ýokary gatlak wekilleriniň
ählisi-de jemgyýetdäki adaty ýaşaýjylardan tapawutlanmak,
at-abraýlaryny ýokary götermek, köpçüligiň howuny basmak,
ähli kişini özlerine bakna etmek ugrunda göreşip gelipdirler.
14

Olar il arasyna çykanlarynda, hemmeleriň baş egip, ýaýaplap durmaklaryny isläpdirler. «Agzy gyşygam bolsa, baý ogly
gürlesin» diýen pikire eýeripdirler hem-de mynasypmy ýa-da
dälmi, oňa garamazdan, atlarynyň öňünden mahabatlandyryjy titullary ulanypdyrlar. Olar salamlaşanlarynda-da şoňa
ýykgyn edip, özlerinden pes hasaplan adamlaryny äsgermän,
ökdäni görenlerinde-de üzeňňisinden üç geçip, ýaranjaňlyk
edipdirler. Bir ýere ugranlarynda, olaryň adatdan daşary güýç
ulanan wagtlary hem bolupdyr. Geçen asyrda haýsydyr bir
atly-abraýly hasaplanýan adam Tähranyň köçelerine çykanda,
onuň öňünden elleri uzyn taýakly hyzmatkärler ýörär ekeni.
Olar gidip barýan ugurlarynda gabat gelen pyýadalary taýaklapdyrlar. Şol hyzmatkärler hatda daşdan gelýänlerini görüp,
ýol bermek üçin sowulyp gaçanlaryň hem yzyndan kowalap
ýetmäge jan eder ekenler. Hawa, şol döwürde hojaýynlaryň
at-abraýyny, mertebesini gorap saklamagyň şular ýaly gödek
hem gözçykgynç ýörelgesi dowam edipdir. Iň ýamany hem
ol köpçülik tarapyndan ykrar edilip, adaty däp-dessura öwrülip gidipdir. Şonda urlup-enjilenligi üçin hiç ýerde hiç kimiň
arz-şikaýaty hem diňlenmändir.
Her bir häkim tagta çykanda onuň huzuryna öz raýatlygyndan hem-de başga ýurtlardan köp adamlar görme-görşe —
salama gelipdirler. Jemagat ony gutlap, işinde rowaçlyk gazanmagyny, il-ýurduň parahat, abadan bolmagyny, halkyň bol-elinlikde, bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edip, gowudan-gowy sözler aýdypdyrlar. Häkimem, köşk adamlary hem
salam diýen sözleri agyzlaryndan düşürmändirler. Iş ýüzünde
bolsa başgaçarak hereket edipdirler. Olar ýeke günem parahat
oturmandyrlar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Könelmeýän söz - 2
  • Parts
  • Könelmeýän söz - 1
    Total number of words is 3389
    Total number of unique words is 1832
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    35.8 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Könelmeýän söz - 2
    Total number of words is 3487
    Total number of unique words is 1786
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    34.8 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Könelmeýän söz - 3
    Total number of words is 754
    Total number of unique words is 567
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.