Latin

Hudaýberdi gorkak - 2

Total number of words is 2642
Total number of unique words is 1324
29.9 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tutman, tilkleriň hanyna satdym-da! (aýaly ýer ýumruklap uwlap başlaýar)
Aýtdym-a, aýtsam uwlamaly borsuň diýip.
Nurbike – Waý, gara maňlaýym-eý! Alty aýlap eden azabymyzy ele sowurdym
diýsene! Waý öýüňi tilkilere oljalatdym diýsene! Waý ojagyňy öz elim bilen
ýumurdym diýsene! (aýaly hüňübirýän aglaýar).
Hudaýberdi – Nurbike, gaýdyp maňa gorkagam, züwwetdin, züwwügem diýme!
Men diňe bir gorkak däl-de, samasow samsyk ekenim, nadan-akmak ekenim,
çaçaw-çoça ekenim, tentek-tuntaw ekenim, sähne-seňse ekenim, telbe-tünt ekenim!
Nurbike – Waý, indi biz nädip ýaşarys-eý, nädip ile çykarys-eý, nädip güngüzeran göreris eý...
12
Hudaýberdi – Agla, Nurbikäm agla! Şu gün seniň gorkak, züwwetdin, samasow,
samsyk äriň öldi! Sen şonuň patasyny alyp agla! Hudaýberdi şu günden başlap
ýaşamaz! Nurbike, başymy alyp gidip bediýan çöllerde gorkak, züwwük, samsyk,
akmak adymy gurruk guýa gömüp, aždarhalar bilen atyşyp, döwler bilen tutuşyp,
Hudaýberdi batyr adyny alyp baý bolup gelerin, ýogsa-da ýat ýerlerde öler giderin!
Agla, Nurbikäm, Hudaýberdi gorkak öldi... öldi... öldi...
Çyra sönýär.
(Horaşaja geýnen, bili hanjarly, egni horjunly Hudaýberdi sahnanyň öňi bilen
barýar. Ýolda ýeser ýylgyryşyp oňa ýönekeý baý geýimli Hile han bilen Pirim beg
garaşyp dur.)
Hile han – How, goňşy, ýol bolsun!
Hudaýberdi – Hudaý berse bol bolsun!
Pirim beg – Hanjak ugradyň, Hudaýberdi?
(Hile han onuň horjunynyň bir gözüne seredýär, gülýär)
Hile han – Hudaýberdi batyr han haraba-da kürk bolup jüýje çykarmaga barýar!
Hah-hah-ha! (Pirim horjunyň beýleki gözüne seredýär, gülýär)
Pirim beg – Hudaýberdi batyr kültem-kültem ýüp alyp, Jynly jülgede asylmaga
barýar.
Hudaýberdi – Güleweriň, güleweriň! Bu gün siziň güler günüňiz! Enşalla men
gülen günüm siz aglamaly borsuňyz!..
(Geçip gidýär, olar wahahaýlaşyp gülýärler, terse gidýärler...)
(Döwleriň ýaşaýan jülgesi, törde garly daglar görünýär. Ullakan çynar agajy
kölege salýar. Gara döw bilen Girdenek döw beýik gerşe çykyp syn edýär)
Girdenek döw – Waý, waý, ajal ýaly göni gelýär ol!
Gara döw – Gorkma! Gorkma! Adam ogly! Adam gaty gorkakdyr!
Girdenek döw – Gorkak bormy! Hanha, göni gelýär!
Gara döw – Diýmek, onuň iki gözem kördür, batyrdyr!
Girdenek döw – Garagy batyl bolsa, hasasy bordy... büdrärdi...
Gara döw – Diýmek ýa dälidir, ýa telbedir!.. Dogrudanam, gorkuzaýmasak göni
gelýär-ow!
Girdenek döw – Gorkmasa näderis? Özümiz gorkmaly borusmy?
Gara döw – Gorkak golaýa gelende elhenç-elhenç arlaşarys weli, gorkup züwledip
gaçar!
Girdenek döw – Eger gorkup gaçmasa näme?
Gara döw –Gorkup gaçmasa... Özümiz gaçmaly borus-da!
(Gyňyr döwem gelýär, olar ellerini agzyna tutup eýmenç arlaşýarlar. Hudaýberdi
sahnanyň gyrasyna gelýär, gorkýar, emma gorkýanyny bildirmejek bolýar!)
Hudaýberdi – (özüne) Gorkma Hudaýberdi, gorkma! Senem bir çirkin arla, eger
döwler gorkmasa, sen gorkmaly borsuň-da!
(Hudaýberdi eýmenç gygyryp gamçysyny şarpyldadyp uwlaýar. Döwler gorkýar.)
Hudaýberdi (Gamçysyny şarpyldadyp) Mahluklar! Derhal hatara duruň!
(Gamçynyň şarpydasyndan tüýleri syh-syh bolan döwler gorkusyna sandyraşyp
nyzama durýar) Eý, mahluklar, men Hezreti Jahangir soltanyň permany bilen
13
geldim! Maňa derrende-perrendeleriň, aždarhalaryň-döwleriň, iki aýakly – dört
aýakly mahluklaryň arslanlaryň-ýolbarslaryň piri Hudaýberdi batyr diýýärler
(horjundan düýrlengi permany çykaryp ýazýar) Ynha, hezreti soltanyň permany!
Men Kap dagynyň mahluklaryny sürüp, Soltanyň dergähine eltmeli!!!
Düşündiňizmi?
Gara döw – Batyr aga... (sakawlap zordan aýdýar) Biz mah-luk däl, biz döw!
Hudaýberdi – Hah-hah-ha! Haý haram mahluklar! Siz kimi aldajak bolýaňyz! Siz
meni, her naharyna üç döwi iýip ýören Hudaýberdi batyry aldajak bolýaňyzmy?!
Döwleriň patyşasy Seňňer döwüň şahlaryny omrup, beýnisini iýen Hudaýberdi
batyry aldajak bolýaňyzmy?! Siz döwleriň gerçegi Garahan döwüň boýnuny kak
towlan ýaly towlap, çişlik edip iýen Hudaýberdi gerçegi aldajak bolýaňyzmy?..
(Döwler jan edip özleriniň döwdügini subut etjek bolýalar)
Gara döw – Alladan ant içýäris, biz döw, Hudaýberdi batyr!
Hudaýberdi – (kinaýa) Aý, ýog-a! Siz döwmi?!
Girdenek döw – Ýyldyrym ursun, biz döw!
(Ol hatara duran döwleri ýeke-ýeke synlap)
Hudaýberdi – (Gara döwe) Sen döwmi? Hah-hah-ha! (Gyňyr döwe) Senem
döwmi! (Girdenek döwi görkezip gülýär) Utanman şuňa-da döw diýseňiz, siz
zyrrajym ýalançy borsuňyz! (Döwler göýdük, girdenek döwe döw diýmäge
utanýar.)
Gara döw – Hudaýberdi batyr, ýurdumyzy ýer hopsun, biz döw!
Hudaýberdi – Ahaw, mahluklar, men döw halkyna beletdirin! Döwler raks
oýnanda daglar-daşlar lerzana gelýändir. Hany, siz döw bolsaňyz, maňa raks oýnap
görkeziň! (Döwler begenip böküp-böküp, oturyp-turup çaýkanyşyp tans edýärler.
Bu mahal Dagbaşy gelip agaja dulanyp Hudaýberdini synlap haýran galýar.
Hudaýberdi gamçysyny şarpyldadyp hamala döwleriň hany ýaly)
Gyňyr döw – Indi ynandyňmy, Batyr aga?
Hudaýberdi – Dogrudanam, siz döwe meňzäp barýaňyz-ow! Siz hakyky döw
bolsaňyz, güleniňizde asman-zemin çaýkanyberýändir. Hany, maňa gülüşip hem
görkeziň!
(Döwler ilki zoraýakdan, soňra çyny bilen gülýär, biri-birini gyjyklaşyp lah-lah
gülýäler, hatda bukudaky Dagbaşam ýylgyrýar. Olar gülüp ýadaýar)
Gara döw – Indi ynandyňmy, Batyr aga?
Hudaýberdi – Beh, siz döwe meňzäp barýaňyz-ow! Hany, maňa aglaşyp hem
görkeziň. Döwler ýürekden aglanynda asman-zemin gapyşyp ahyrzaman
bolýandyr.
(Döwler çynyny edip bagyryşyp, möňňürişip aglaýarlar, Gyňyr döwüň öz
boluşlaryna gahary gelip ýumruklaryny düwýär)
Girdenek döw – Indi bir ynandyňmy Batyr aga?
Hudaýberdi – Beh, dogrudanam siz döw ýaly-la?.. Ýöne, ýöne döwler hakyky
döwleriň gapysynda mydama kyrk gazan nahar bişip durýandyr. Hakyky döwleriň
harwar-harwar hazyna-depinesi, baýlygy bolýandyr. Siziň gapyňyzda bolsa ýel
turýar.
Gara döw – Weý, kyrk gulakly kyrk gazanymyz gaýnap dur-da, Batyr aga, hanha
jaýymyzyň arkasynda! Ýör, hazynamyzam görkezeli!
14
(Gara döw dagyň kertinde edilen tegelek gapynyň gulpuny açýar, girýärler)
Dagbaşy – Anha, saňa Hudaýberdi gorkak! Pah-pah, meniň geljekki gaýyn atam
döwlere şalyk satyp dur-ow... Gidip Eýjejigimi bir begendireýin! (Gidýär)
(Sahnada gowagyň içi. Çar ýanyň altyn, göwher, dür, zümerretlerden ýanyp dur.
Hudaýberdi sandyk-sandyk baýlyklary synlaýar. Döwler sandyklaryň agzyny açyp
görkezýär)
Gara döw – Hazynamyzy niçik gördüň, Hudaýberdi batyr?
Hudaýberdi – Siz munça baýlygy, hazynany näme edýäňiz?
Gara döw – Aý adamlaram ýygnaýar diýip ýygnap ýörüs-dä...
Gyňyr döw – Adamlar akylly bolýar! Olar bilmän ýygnaýan däldirler!
(Dagbaşy sahnanyň öňi bilen atly-ýaragly geçip gidýär)
(Döwler gowakdan çykypdyr, olar çynaryň kölegesinde)
Gyňyr döw – Batyr aga, naharymyzy gördüň, hazynamyzy gördüň, indi biziň
döwdügimize ynandyňmy?
Hudaýberdi – Ahaw, döwler, doganlar, men siziň döwdügiňize ynanmaýyn!
(horjunyndan düýrlenen kagyz çykarýar) Hezreti soltanyň permany bar, eger siz
döw bolsaňyz, onda men siziň hamyňyzy alyp soltanyň dergähine eltmeli! Şonuň
üçinem men size başgaça at bereýin!
(Döwler hamy sypyrylyp barýan ýaly gorkýarlar)
Hudaýberdi – (Gara döwe) Seniň adyň Döwjikge döw bolsun! (Gyňyr döwe)
Seniň adyň bolsa... Böwww-jikge döw bolsun! (Girdenege) Seniň adyň bolsa
Jüwjükge döw bolsun!
Gyňyr döw – Hudaýberdi batyr, sen adyl, adalatly batyr bolýan bolsaň, biziň bilen
güýç synanyşyp gör!
Hudaýberdi – Heý, onuň gürrüňi bormy! Men siziň piriňiz bolup, heý, güýjümi
görkezmenmi?! Eger siz hakyky döw bolsaňyz, eger menden zor bolsaňyz, depip
ýeriň ýagyny çykaryp bilersiňiz!
Girdenek döw – Waý, eriň ýagam barmydyr?
Hudaýberdi – Pah-pah, eriň ýagyny düzjagaz çalyp ýöne ýalap ýatmalydyr! Hany
başlaň!
(Döwler sag ökjesi bilen ýer depýär, ýag çykmaýar, olar göge towsup gygyryşyp
ýer depýär, Hudaýberdi pursatdan peýdalanyp dört sany ýumurtgany ýere gömýär.
Döwler towsup ýer depip ýadaýar)
Gara döw – Aý, ýok, ýerde ýag ýok!
Hudaýberdi – Döwjikgeler, ýeriň ýagyny şeýdip çykarmalydyr! (Ol gygyryp
böküp ýer depýär, ýumurtga ýarylyp, agy-sarysy Gara döwüň ýüzüne malçyldaýar.
Hudaýberdi duz sepýär) Ýalap goýber, Döwjikge döw! (ol ýalaýar)
Gara döw – Baý-baý, süýjüje eken-ow!
(Hudaýberdi ýaňky usulda hersine bir ýumurtganyň agyny-sarysyny malçyldadýar.
Iň soňkyny öz ýüzüne malçyldadýar, üçüsem duzlan ýumurtgany ýalaýarlar.
Haýran galýarlar.)
Döwler – Zor gördüg-ow, seni, Hudaýberdi batyr!
Hudaýberdi – Pahahaý, döw bolaýşyňyzy! Ýeriň ýagyny çykaryp bilmediňiz,
hany, daşyň suwuny bir çykaryp bilermikäňiz!
Gyňyr döw – How-how, batyr, daşda-da suw bormy?
15
Hudaýberdi – Onda-da ýanýan suw bardyr! Kelle ýaly daş alyp kelläňize uruň!
(Döwler goşaýumruk ýaly çagyl alyp kellesine urup gygyryşýarlar)
Gara döw – Ahaw, bi kelläňi ýarjak ahyry!
Hudaýberdi – Döw bolsaňyz kelläňiz ýarylmaz, gatyrak uruň!
(Döwler gaty urup, kellesini tutup uwlaşýar. Ol pursatdan peýdalanyp, çäýnek ýaly
daş jürdegini çagyllaryň arasyna garýar.)
Döwler – Uwww! Beýnimizi çogdurdyk-la!
Hudaýberdi – Pahahaý, döw bolaýşyňyzy! Ynha, şeýdip urmalydyr!
(Ol daşlaryň arasyndan daş jürdegini alyp gözüni ýumup bat bilen kellesine urýar.
Daş jürdek ýarylyp, içindäki nebit öňüne dökülýär. Hudaýberdi ojakdan otly
kesindini alyp degirýär, nebit güpleýär. Döwler gorksa-da, suwuň ýanyp durşuna
haýran galýarlar.)
Gara döw – Gudrat! Gudrat! Suw ýanyp dur!
Hudaýberdi – (pezzerýär) Maňa soltan perman berdi, men siziň çeşmäňizi otlap
dagyňyzy ýumrup gitmeli, ýöne size haýpym gelýär...
Gyňyr döw – Heý, hol garly gerşiň ýanyndaky ataşly gerşiň näme diýip gijegündiz ot sowrup durany düşnükli boldy! Dagyň astyndaky suwlar ýanýan eken!
Gara döw – Hudaýberdi batyr, sen zor ekeniň, gudrat ekeniň!
Gyňyr döw – Hudaýberdi batyr, gel ikimiz agaç hem sogrup güýç synanyşaly-la!
Girdenek döw – Aperin! Batyr aga, hany senem gudratyňy görkez!
(Hudaýberdi horjunyndan kültem tanapyny çykaryp sahnadaky ähli agaçlaryň
düýbüne sarap aýlanyp ýör, döwler geňleýär.)
Gara döw – How batyr aga, näme etjek bolýaň?!
Hudaýberdi – Ýeke-ýekeden sogrup ýörmen, baryny bir demde sogrup taşlajak
bolýan.
Gara döw – Haý, Hudaýberdi batyr, bize rehimiň gelsin! Bar agaçlary sogursaň,
biz duşman gelende nirde bukularys?!
Girdenek döw – Bu agaçlaryň baryny sogursaň, biz näme iýeris? Biz bu tokaýyň
hozy, pissesi, injiri-nary bilen eklenip ýörüs, batyr aga! Päliňden gaýdawer!
Gara döw – (dyzyna çöküp tagzym edýär. Beýleki döwlerem) Hudaýberdi batyr,
sen biziň hanymyz, sen biziň soltanymyz! Ýör, batyr aga, indi nahar iýeliň!
Hudaýberdi – Aý, ýok, özüňiz iýberiň! Ojagaz naharyňyz maňa çilimteýem
bolmaýar!
Gara döw – Batyr aga, sen biziň myhmanymyz! Nahary sen iýmeli!
Hudaýberdi – Ahaw, men nahara başlasam işdäm açylar, onsoň sizen bilmezlikde
iýip goýbärin! Eger maňa nahar iýdirjegiňiz çyn bolsa, gowagyňyza girip içinden
temmeläň! Doýmasam hökman sizi iýerin!
Döwler gorka-gorka götinläp gowaga ugraýar. Çyra sönýär.
(Eýjejik çeşme başyndaky daşyň üstüne münüp, çugudyp oturyşyna gama
batypdyr. Nerkes gözlerinden çykýan ýaş al ýaňagyndan syrykýar. Dagbaşy onuň
göwnüni açjak bolup, çyny bilen gürrüň berýär)
Dagbaşy – Eýjejik köşeşsene! Aglamasana! Sen aglasaň meniň jiger-bagrym
paralanýar! Men Hudaýberdi aganyň yzyny yzlap, algyr atymy arladyp ýedi gijegündiz ýatman ýol geçdim, emma barybir kakaňyň yzyndan ýetmek başartmady.
16
Sekizinji günüň öýläni men Kap dagyndan aşyp, bir jülgede düşdüm. Ol jülge
döwleriň jülgesi eken. Algyr atymy tokaýda bukup, dagdan daşa dulanyp bardym
döwleriň mesgenine.
Eýjejik – Senmi?
Dagbaşy – Hawa, men! Gorkdum, ýöne gorksamda bardym, sebäbi seni
begendirmekden uly bagt ýok maňa! Bir görsem, seniň kakaň dürre gamçysyny
şarpyldadyp, döwleri hatara duruzyp, nämedir bir zatlary gürrüň berýär. Ahyry
döwler sandyk-sandyk altynlaryny – göwherlerini çykaryp kakaň öňünde
goýdular!.. Ertesi Hudaýberdi aga döwler bilen şerap içip, nahar iýip mes bolup,
aýdym aýtdylar, raks oýnadylar. Men şol gije has golaýyna baryp diňledim. Hudaý
bar, ynanaý, Hudaýberdi aga döwleriň patyşasy bolupdyr...
Eýjejik – Goýsana, sen meni köşeşdirjek bolup ýalan-ýaşryk sözläp otyrsyň!
Dagbaşy – Hudaýdan ant içýän, ýalan sözleýän bolsam şu demde garagym
gapylsyn!
Eýjejik – Goý, goý, kakamy gören bolsaň ýanyna barardyň?
Dagbaşy – Menmi? Eýjejik, Eýjejik, men nädip utanman gaýyn atamyň ýanyna
baraýyn!
Eýjejik – Haý ýigrenji diýse! (gülýär) Utan, uýal, men entek on alty hem ýaşamok
ahyry! Seniň kakamy göreniňem ýalan, döwlere duşanyňam ýalan!
Dagbaşy – Eýjejigim, subutnamam bar! Men Hudaýberdi aganyň ýanyna bardym.
Ol şu tylla ýüzügi gyzym Eýjejik jana eltip ber, men oňa wada beripdim diýdi!
(Ol lowurdap duran tylla ýüzügi Eýjejige berýär. Eýjejik ynanjagynamynanmajagynam bilmän dur. Dagbaşy emaý bilen ýüzügi onuň sülük barmagyna
dakýar.)
Çyra sönýär.
(Sahnanyň öňünde sag burçunda üç döw gürrüň edýär.)
Girdenek döw – Pah-pah, nahary dagy pil bilen eňterýär eken-ow!
Gyňyr döw – Şonça nahardan doýman eriň ýagynam alyp iýipdir...
Gara döw –Doganlar, ýuwaş boluň! Dagyň düýbünde ýatsyn, gijäniň ýarymynda
baryp depesinden düýe ýaly daşlary zyňyp öldüreris, ähli odunymyzy üstüne goýup
otlarys! Batyry şeýdip ýok etmelidir!
(Üçisi gidýär, sahna aýlanýar. Hudaýberdi ullakan daşlary üýşürip adam ýatan ýaly
edilýär. Üstüne ýorgan ýapyp, özem bukulmaga gidýär. Saz.)
Gijäniň ýary, üç döw üç ýerden düýe ýaly daşlary göterip «Hudaýberdiniň üstüne
taşlaýar, bir salymda ol ýerde dag döreýär. Döwler odun daşap ot berýärler. Ýalyn
asmana galýar, döwler heşelle kakýar...»
(Sahna aýlanýar. Guşlar saýraşýar, daň atyp gelýär. Üç döw bulgur-bulgur şerap
içip mes bolýarlar.)
Gyňyr döw – Hah-hah-ha! Bolduň meniň başyma Hudaýberdi batyr! Ýatan ýeriň
ýagty bolsun, Hudaýberdi batyr!
Gara döw – Dowzah odunda ýanyp kül bolduňmy gurrumsak! Boldy meniň
başyma döw iýip ýören döw soltany!
17
Girdenek döw – Ahaw, döwler, Hudaýberdi batyryň düşek aşyndan iýeweriň!
(Hudaýberdi arka tarapda gygyryp pallaýar. Döwleriň zähresi ýarylýar, olar gepläp
bilmän sakawlaşyp durlar, ýykylyp aýagyny gujaklaýarlar)
Üçüsi – Sag-aman ýatyp turduňyzmy, beýik soltanymyz!
Hudaýberdi – Aý, ýok mazaly ýatyp bilmedim. Şemal boldumy, ýüzüme
daşjagazlar degip ýatyrmady. Soňam epgek ýaly boldy! Ýurduňyz ýagşy däl eken,
men indi gaýtjak!
Gara döw – Hudaýberdi batyr, hazynamyz, depinämiz seňki!
Gyňyr döw – Özümjik asmandan uçup öýüňize eltip gaýdýan!
Girdenek döw – Toý tutup ugradarys, batyr aga!
Çyra sönýär.
Sahnada apy-tupan başlap, ýyldyrym çakyp, gök gümmürdeýär. Iki döw gol bulap
dur. Asmanda ak-gara bulutlaryň ýany bilen daglaryň depesinden Gara döw uçup
barýar. Üstünde Hudaýberdi. Ol aşak gol bulaýar)
Gara döw – How, Hudaýberdi batyr, kyrk gulakly kyrk gazan nahar iýseň-de
agramyň aşykça ýok-la!
Hudaýberdi – Hah-hah-ha! Men asmandaky tanapymdan ýapyşyp barýan. Bar
agramymy salaýsam sen güwläp aşak gaýdarsyň!
Gara döw – Hany, bar agramyňy salyp gör! (Hudaýberdi hanjaryny çykaryp
döwüň gerşinden basýar) Waý, waý asmandaky tanapyndan aslyşawer zaluwat,
öldürdiň!
(Sahna aýlanýar, Gara döw uçup barýar. Aşakdan çagalaryň sesi gelýär...)
Sesler – Gaçyň-eý, gara döw uçup gelýär!!!
Sesler – Serediň-eý, üstünde-de adam bar!
(Sahnada alagaraňky, apy-tupan turýar, agaçlaryň başlary bulanyp, ýyldyrym
çakyp aldygyna gök gürleýär. Ses aňlanýar: Gara döw gonup gelýär. Tüsse, tozan,
hiç zat görnenok. Sahna ýagtylýar. Ortada ýedi sandyk baýlyk, bir ýanynda
Hudaýberdi batyr, bir ýanynda gara döw. Eýjejik gapyny açyp jyklaýar)
Eýjejik – Waý, kakam! Kakam jan! Kakam jan döw münüp gelipdir!
(Ol ylgap gelşine kakasynyň gujagyna dolýar. Soň Nurbike, beýlekiler gelip
başlaýar.)
Gara döw – (tagzym kylýar) Gulluk, hezreti soltanymyz Hudaýberdi batyr!
Nurbike – Waý, kakasy!
Hudaýberdi – Keýwany, toý tutuň, toý! Alty sandyk altyny obamyzyň garypgasaryna paýlaň!
Nurbike – (uýalýar) Ekiz oglumyz boldy!
Hudaýberdi – Dagy Hudaýberdi batyryň ýeke ogly bolsunmy? Men saňa
aýtmadymmy, dünýä injek oglumyzyň rysgal-döwleti gelendir diýip.
(Tör ýagtylýar, ol ýerde owadan agaç öz-özi üwrelip dur, döw gorka seredýär.)
Gara döw – (bir penje tüýüni ýolup berýär) Hudaýberdi batyr, eger biz gerek
bolsak, bir tüýümi tütetseň, Kap dagynyň ähli döwleri seniň gullugyňa geler!
18
Hudaýberdi – Hoş gardaşym, gara döw! Ýurduňa sag-aman bar! Üstüňize
haýsydyr bir howp abansa, Kap dagynyň depesinde ot ýakyň! Men derhal ýetip
bararyn!
(Döw gidýär. Sahnanyň töri garalýar, sahna aýlanýar)
(Sahnanyň öňünde gat-gat çymylganyň üstünde semiz Jomart baý goşa ýassyga
tirsek urup, iki gözünem ýumup pinekläp ýatyr. Ol sahnanyň dowamynda iki
gözüni açmaz. Endigi boýunça ýa sag, ýa sol gözüni açýar. Aýaly tüweleýläp
girýär, ol badyny saklap bilmän sahnada bir aýlawaç edýär. Dagbaşy geýnip dur...)
Hüýrjemal – Waý, bularyň bolup ýatyşyny! Turaweriň, baraweriň, ýeteweriň,
hakyňyzy alaweriň!
Ol ogluna bir okara altyn, göwher, düri görkezýär.
Dagbaşy – Näme eje, dünýä paýlaşyga düşdümi?
Hüýrjemal – Dünýä paýlaşyga düşdi! Gudamyz okara-okara göwher-dür
paýlaýar! Tur, gabyr ýaly güberip ýatmada! (ärini silkeleýär)
Jomart baý – (bir gözüni açyp) Haý, hatyn, men dünýäniň paýlaşygyndan hakymy
bireýýäm alandyryn!
Hüýrjemal – (ogluna) Indi näme aňalyp dursuň? Ýet gaýynataň sandyk-sandyk
baýlyk paýlaýar! Eýjejik jan saňa garaşýar!
Dagbaşy – Eýjejik geregime däl, birinjiden, ol garamaýak! Ikinjiden, garyp-gasar,
üçünjiden, züwwetdiniň gyzy!
Hüýrjemal – Tur, tur pinekläp ýatmada! Hudaýberdi batyr bilen guda bolaly!
Dagbaşy – Hudaýberdi gorkak, warryk, züwwetdin, züwwük!
Hüýrjemal – Waý, akmak! Hudaýberdi döwleriň soltany! Beýdip ejeňi oýnaklap
dursaň Eýjejigi biri kakyp gider! Eýjejik jan-a hüýrleriň hüýri eken! Ýet ýogsam
soltanyň gyzydyr, birden senden dänip oturybermesin!
Dagbaşy – Kaka, şu sapar ejemiň aýdanyny edäýiňmi?
Jomart baý – Şu sapar edäý! Ejeň üç ýylda bir akylly söz aýdýandyr!
Hüýrjemal – Waý, oglum ýeteweri, ol akmak gaýynataň Eýjejik ikiňiziň bar
baýlygyňyzy paýlap gutarmanka! Waý, meniň weli oglum, öňden görüji oglum,
döwleriň soltanynyň körekeni, gyzlaryň soltanynyň ýoldaşy boldy oturyberdi...
Çyra sönýär.
(Sahnanyň öňünden Gara döw barýar, ýolda oňa Hile han, Pirim beg, Pyrryldak
beg garaşyp dur.)
Hile han – How, döw aga, nirden gelýäň?
Gara döw – Hudaýberdi batyry öýüne getirdim?
Pirim beg – Hudaýberdi batyr diýýäniň, hol Hudaýberdi gorkakmy? (görkezýär)
Hah-hah-ha! Oňa Hudaýberdi gorkak, warryk, züwwetdin, züwwük, waý, eje
diýerler!
Gara döw – Goý, goý, biz oňa ýedi sandyk hazyna berip zordan aman sypdyk!
Üçüsi – Ýedi sandyk? Hudaýberdi gorkagamy? (wahahaýlap gülýärler) ýör, bir
sandygyny bize berseň biz hazynaňyzy yzyna alyp bermeli!
Hile han – Döw halky akmak bor diýerdiler weli, akmagyň akmagy ekeniňiz! Ýör
hazynaňyzy alyp berýäs! Hudaýberdi züwwüge baýlyk berip, akmaklar!
19
Gara döw – Aý, ýok, siz meni aldap bir belanyň üstünden eltersiňiz! Men
gorkýan!
Üçüsi – Gorkma!
Gara döw – Meni eltip, aldap gaçsaňyz näme?!
Pyrryldak beg – Heý, biz gaçarysmy? Ynha, sellämi boýnuma daňaýyn, senem
gaçar öýtseň biliňe daň!
(Üçüsem sellesini çözüp başlaýar. Sahna ýagtylýar. Hudaýberdiniň aýaly gelene
altyn paýlaýar. Dagbaşy bilen Eýjejik biri-birine ogryn bakýar)
Hudaýberdi – Oglumyza Döwletli Döwran diýip at dakaly, keýwany!
(Sahnanyň töwünden Gara döw gorka gelýär, üç tilki hem sellesini boýnuna
daňypdyr, selläniň bir ujam Gara döwüň biline daňlypdyr.
Nurbike – Waý, haram ölmüş tilkiler gelýä...
Hudaýberdi – (gygyrýar) Ahaw, kezzap tilkiler, siziň ataňyzyň maňa üç döw
bergisi bar, Siňiz bar getirýäniňizem ýekeje garry döwmi?!
Gara döw – Haý, gurrumsaklar, asyl siz meni ataňyzyň bergisine berjek
bolduňyzmy?
(Ol döwleri süýräp gaçýar, döwler bogulýar. Sahna garaňkyraýar)
(Gara döw, Hile han, Pirim beg, Pyrryldak beg üçüsi bulutlaryň ýanyndan uçup
barýar.)
Gara döw – Kezzaplar, siz meni ataňyzyň bergisine berjek-dä! Men sizi öz atamyň
bergisine bereýin!
Tilkiler – Jan aga, ýüpümizden boşatma, biz saňa gul bolaly!
Nurbike – Asmana serediň, asmanda tilkiler uçup gelýär... Hah-hah-ha!
Göçgünli saz. Toý tansy başlaýar.
Perde.
20
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Hudaýberdi gorkak - 1
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1785
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hudaýberdi gorkak - 2
    Total number of words is 2642
    Total number of unique words is 1324
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.