Latin

Hudaýberdi gorkak - 1

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 1785
27.0 of words are in the 2000 most common words
38.5 of words are in the 5000 most common words
45.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nobatguly REJEBOW
HUDAÝBERDI GORKAK
Komediýa
Kiçi we orta ýaşly okuwçylar üçin
HUDAÝBERDINIŇ DÜÝŞI
Perde açylýar, sahna tüm garaňky. Törde äpet aždarha başyny galdyryp dur.
Onuň iki gözünde çyra ýanýar. Onuň gözleriniň yşygy prožektor ýaly, nire düşse
şol ýerine ýagtyldýar. Sahnada dört-bäş sany döw çugudyp, diň ýaly garalyp otyr.
Aždarhanyň gözleriniň yşygyna sahnada towalanyp ýatan guýrugy görünýär.
Aždarha pallaýar, gözleri ýanyp-öçýär.
Aždarha – Men ajykýan! A-jyk-ýan (gygyrýar)
Iki sany mähnet döw uzyn taýagy daňlan Hudaýberdini göterip gelýär. Taýagyň
ujy olaryň egninde. Elleri, aýaklary taýaga daňlan Hudaýberdi sallanyp gelýär.
Döwler raksa başlaýar, olar oturyp-turup, gülkünç çaýkanyşyp tans oýnap, aýdym
aýdýarlar. Sahna ýagtylýar.
Birinji döw – Han hezretleri aždarha!
Döwler hor bolup: «Hah-hah-ha!» – diýip gygyrýar.
Hanlar hany ýuwdarha! Döwler: «Hoh-hoh-ho!» – diýip gygyrýar.
Lepbeý!
Lepbeý!
Lepbeý!
Goýýas saňa hormaty!
Saňa lukma getirdik
Hudaýberdi gorkagy!
Aždarha – Kim ol? Kim ol?
Birinji döw – Hudaýberdi gorkajyk berebekgeýýýý!
Döwleriň hory – Gözlerini gul iýsin,
Gulaklaryň dul iýsin,
Sakalyny serke baý,
Saçlaryňy pil iýsin!
Galtak garnyny syrtlan,
Paşşyk burnuny hyrslan,
Eli bilen aýagyň
Kim islese şol iýsin!
Ikinji döw – Hudaýberdi warrykdyr,
Hudaýberdi züwwükdir,
Züwwetendir, gorkakdyr,
1
Emma aždarha hana
Ol bir nahar boljakdyr!
Hudaýberdi – (gorkusyna gygyrýar) Meni kim iýse gorkak bor, züwwük,
züwwetdin bor!
Aždarha – Hah-hah-ha! Gorkak bormy aždarha! Ynha, seni men iýdim!
Mähnet aždarha Hudaýberdä agyz salýar, ol «Waý, ejeleý!» diýip gygyrýar...
Düýş ýitýär-de, sahna tümlük, imisalalyk bolýar. Birden hamala top atylan ýaly
Hudaýberdiniň dik depesinde elhenç gök gümmürdeýär. Hudaýberdi «Waý,
ejeleý!» diýip, ýorganyny bürenip gaçýar, şol barşyna hem aňyrdan tasap gelýän
aýaly bilen kaklyşýar, ondanam gorkup ýene «eje-low!» diýip gygyrýar. Aýaly
ýorganyny silkip alýar.
Nurbike – Utan! Uýal! Kyrk ýaşap «Waý, eje-low!» diýip zowladyp ýöremäge!
Gyzymyzyň-a ýüregini ýardyň!
Hudaýberdi – (azajyk aňalýar) Kim gorkanmyş? Kim gygyranmyş?
Nurbike – Sen! Ýaňyja «Waý, eje!» diýip ýorganyňy süýrep gaçyp ýören kimdi?!
Hudaýberdi – (murtuna tow berýär) Hä men şu penje-penje murty gorkmak üçin
göterýändirin.
(Şol pursat dik depesinde elhençden elhenç gök gümmürdeýär, ol ýene
«waý, ej!» diýip gygyranyny duýman galýar).
Nurbike – Eri, bu gezek «waý, eje!» diýip gygyran kim? Ejeň pahyr-a göründe dik
oturyp çykýandyr.
Hudaýberdi – (mölerýär) Gygyraýdymmy?.. Keýwany gygyranam bolsam
bilmezlikde gygyrandyryn!
Nurbike – Pil ýaly halyňa gorkup ýörmäge utanmaýamyň? Haý, gorkak diýse!
Hudaýberdi – Eý, hatyn, sen näme ýüzüme bakyp gorkak diýip dursuň!
Nurbike – Onda ýeňsäňe öwrül, ýeňsäňden diýärin!.. Waý, gara maňlaýym, iller
saňa «Hudaýberdi gorkak, Haddy züwwük, züwwetdin, waý, eje...» diýip, kyrk
sany lakam dakypdyr. Utan, uýal, masgara!
Hudaýberdi – Ýagşy ýigidiň ady kän bor, keýwany! Ildir, näme diýse diýibersin,
ýöne seniň Hudaýberdiň batyrlaryň batyry bolmasa-da, orta batyr-a bardyr!
(Nurbike Hudaýberdä görkezmän elindäki ýumagy bilen Hudaýberdiniň aňyrsynda
duran legeni urýar, mis legen eýmenç ses edýär, Hudaýberdi, erbet tisginip
aýalynyň gujagyna dolýar.)
Nurbike – (jak-jaklap gülýär) Haý-haý, batyr, birden gorkyňa sakow bolup
oturma!
Hudaýberdi – Hah-hah-ha! Men-ä seni güldüreýin diýip gorkan bolýan, senem
çyn bilýäň-ow!
Nurbike – (adamsyny synlaýar) Hudaýym saňa mähnet göwre berip içini
gorkudan-ürküden dolduryp, agzyny bogup meniň alnyma atypdyr!
Hudaýberdi – Hudaýym saňa näzenin göwre berip, içini hüňürdiden-iňirdiden
dolduryp, agzynam bogman, meniň alnyma atypdyr!.. Nurbike, sen akmak!
Ýigrimi ýyl bäri sen maňa «gorkak-gorkak» diýip, gorkak edip barýaň! Sen akylly
2
hatyn bolaňda «Hudaýberdi batyr, Haddy gerçek» diýip ýöreňde, men Görogly
ýaly ýurt sorap oturan soltan bordum...
(Şol pursat hem elhenç ýyldyrym çakýar, hem gök gürleýär. Ol atylyp honda
düşýär)
Nurbike – (Jak-jaklap gülýär) Waý, züwwetdin, züwwük diýse! Eý, Alla,
ýyldyrymdanam gorkup ýören erkek boljak eken-ow!
Hudaýberdi – (murtuna tow berýär) Keýwany, men gorksam-da örän owadan
gorkýandyryn... Men gorksam-da örän medeniýetli gorkýandyryn! Men gorksamda erkek gorkýandyryn!
Nurbike – Hawwa-la, hatda penje-penje murtuňam gorkyny bukup bilenok...
(Eýjejik mejemide iýer-içer getirýär)
Eýjejik – Eje, kakama gorkak diýip ýöreme! Meniň kakam jan batyrlaryň
batyrydyr!
Nurbike – Gorkak seniň kakaň! Janyň çyksa-da, gorkak şol! Gorkak bolmasa, öten
ýyl alty aýlap dokan halymyzy haram Tilkä aldyryp gelermidi?!
Eýjejik – Kakam gorkak däl, ýöne ol ynanjaň, sada, türkana adam-da!
Hudaýberdi – Bir haram Tilkä aldaýypdyr weli, ýüz ýyl kep etdiň? Eýjejigim, şu
gün saňa Nusaý bazarynyň iň gymmat, iň owadan tylla ýüzügini satyn alyp gelerin!
(Eýjejik begenip ýylgyryp gidýär)
Nurbike – Bar ýuwun, ardyň, daň atyp gelýär. Ýoldaşlaryňy garaşdyrma! Özem
zynharlap-zynharlap aýdýan, ene Tilkä, Şagala özüňi aldatdyryp geläýme!
(Hudaýberdi dikan seredýär, gapdalda duran agaç sallançak öz-özi üwrelip
başlaýar)
Hudaýberdi – Keýwany, keýwany, seret, sallançagymyzyň öz-özi üwrelip
başlady...
Nurbike – (seretmezden) Hawa-la, hanha penjirämizem saňňy dişlerini syrtardyp
gözlerinden ot suwurýar!..
Hudaýberdi – Sen sallançaga bak, sallançaga!
Nurbike – Seniň bazara gitjegiňi bilip jyn-arwah gelendir, ýola çykmaly bolanda,
bar zat saňa goşa-goşa bolup görünýär.
(Nurbike baryp sallançagy saklaýar, elini aýyrýaram weli, ol üwrelip başlaýar.
Gitdigiçe batlanýar, Nurbike gorka ýeňsäk çekilýär. Ýene baryp saklaýar, elini
aýyrýar weli, ol tilki çalajadan üwrelýär).
Hudaýberdi – Keýwany, oglumyz boljakdyr! Oglumyzyň rysgal-döwleti geläýdi
öýdýän! (Sallançak batly-batly üwrelýär, gözüni açalak-ýumalak edip duran
Nurbike gaçyp adamsynyň gujagyna dolýar, Hudaýberdi dessine ony öňüne tutýar)
Heleý, heleý, gorkmagyn, arkaňda men bardyryn!..
Çyra sönýär.
(Ýaragy gurat Hudaýberdi atly sahnanyň öňünden barýar. Birden sag tarapdan ses
çykýar.)
Sag ses – Hudaýberdi, dön yzyňa, şumadam bir pille! Birinjiden, bu gün sähet däl!
Synla, heý senden başga bazara barýan barmy? Ikinjiden... Üstümizdäki aý
3
garakçy-galtamanlaryň, talaňçy-alamanlaryň awa-şikara çykýan aýy. Seni tutarlar,
harydyňy oljalap, atyňy, ýaraglaryňy alyp, özüňem gaýry ýurtlara gul edip satyp
goýbererler! Ynha, onsoň çagalaryň ýetim-ýesir galyberer!
Hudaýberdi – Rast aýtdyň! Dost kepini senden eşitdim! (atyny yza öwürýär)
Sol ses – Hudaýberdi, utan, uýal! Sen bazara ugrap, nädip yzyňa bararsyň!
Hatynyň saňa gorkak, züwwetdin diýip gün berermi?! A-haw, Hudaýberdi, penjepenje murtuňa bat berip, gorkýan bolsaň toprak başyňa zaňňar!
Hudaýberdi – Rast aýtdyň! Gerçek kepini senden eşitdim!
(Ol atyny bazara tarap dönderýär, atyna gamçy urýar, at mytdyldap ugraýar)
Sag ses – Hudaýberdi, barybir hatynyň saňa gorkak diýýär! Gorkajyk bolsaň,
başyň amanda bolar! Seniň alnyňda entek Jynly jülge bar. Gaplaňly dere bar,
aždarhaly dag bar, dolan yzyňa, Hudaýberdi! Jyn-arwaha duşup jynlyrarsyň, gyzyl
däli borsuň, soň saňa hatynyň seredermi?!
(Hudaýberdi haşlap dem alyp ýene atyny yzyna öwürýär)
Sol ses – Öl! Öl-ä Hudaýberdi! Heý şu ömrüňde Jynly jülgede jyna sataşyp
jynlyrany gördüňmi? Ýa aňdarhaly dagda aždarha uçrany gördüňmi?! Bir gezek
dünýä inen bir gezegem ölýändir, her ädimde gorkup, züwledip ölüp ýörme! Obaňa
barsaň, gyzyň Eýjejik zar-zar aglap gözýaş eder! Utan! Uýal!
(Hudaýberdi şarpyldap sag tarapyna gamçy yzyna gançy çalýar)
Hudaýberdi – Owarra bol, melgun! Sen meni gorkuzyp-ürküzip ile gülki etjek
bolýasyň! Owarra bol! Ölsem, men ölýän, gul bolsam, men bolýan! Eýjejik
gyzymy aglatman!..
(Hudaýberdi atyna gamçy çalyp aýgytly ugraýar.)
(Hudaýberdi hiňlenip atyny ýorgasyna goýberip barýar. Onuň sagyndan hem
solundan ören bezemen geýnen, barmaklary ullakan ýüzükli, döşleri tumarly, zerzerbap donly, zerrin kemerli, billeri gylyçly Hile han bilen Pirim beg çykýar.
Ikisiniňem donunyň yzyndan sübse ýaly tilkiň guýruklary görünýär.)
Hile han – Haw, sakgaldaş, salawmaleýkim!
Hudaýberdi – Waleýkim sakgaldaş!
(Olar elleşip görüşýärler. Hile han elini gözüne kölege edip.)
Hile han – Beg aga, sen şol Hakykdeşt obasyndaky Hudaýberdi batyr-a dälsiň-dä?
Hudaýberdi – (utanýar) Hawa, Hakykdeştli Hudaýberdi men.
Pirim beg – Beg aga ýol bolsun!
Hudaýberdi – Hudaý berse, bol bolsun!
Hile han – Saba bilen atyňy ýorgasyna goýberip, kaýan barýaň batyr aga?
Hudaýberdi – Nusaý bazaryna barýan. Bäş-dört geýimlik ketenim bilen düýp
halym bar, pullanyp geläýin diýip ýola düşdüm.
Hile han – (gaty haýran). Nusaýa barýan?.. Pah-pah batyr diýeniň batyr bolýa-da!
Maňa müň tylla berjek diýseler-de ýürek edip gidip biljek däl! Ýolda garakçy
diýjekmi, bela-beter köp-dä!
Pirim beg – Paha-haý, kep tapdyň-ow! Alamandan-galtamandan, arwah-jyndan,
aždarha-arslandan gorkjak bolsa, oňa Hudaýberdi batyr diýiljekmi?
Hile han – How batyr, ýagşyny görmek jennet diýlendir, hany, halyňy bir göreli!
Halyň ýagşy bolsa, belki biz alarys ony!
4
(Hile han Hudaýberdä garaşman horjundan halyny alýar, ikisi synlaýar)
Pirim beg – Pah-pah, haly-ha halyjan eken-ow! Gözleriň ýagyny iýip, ýüregiň
ýagyny soýup duran haly eken-ow! Batyr, halyny maňa sataý!
Hudaýberdi – Aý, ýok, begler, men size satmaýyn!
(çetde) Guýrugy başyny iýmişler, haly aljakmyş!
Hile han – Näme biziň pulumyzyň haramy barmyşmy?
Hudaýberdi – Aý, o bir gezek meni bir haram tilki gaty aldady. Şondan soň
gaýdyp men tilki tohumy bilen söwda etmen diýip şert edäýdim-dä...
Hile han – Hah-hah-ha! Bir haram tilki aldady diýip, bütin dünýäniň tilkilerine
müňkür bolup ýörmüň?! Hah-hah-ha!
Pirim beg – Muny şol hyzlampyk küle çöl tilkisi aldandyr! Hah-hah-ha! Batyr. Ol
küle tilki Hudaýsyz mahluk, kim-de bolsaň, duran ýerinde aldaýar! Bütin tilki
tohumyny wejera edip ýör diýip arada lagnat daş edip öldürdik ony!
Hile han – Hudaýberdi batyr, halyny näçe sataýsam diýýäň?
Hudaýberdi – On tylla! Bäş geýimlik ketenem on tylla!
Hile han – On tylla? (ikisi wahaýlaşyp gülüşýär, Hudaýberdi utanýar)
Hudaýberdi – Dokuzam bolsa beräýjek... (ikisi öňküdenem beter gülüşýär.)
Gymmat görseler, sekiz tylla-da bolýar!
Hile han – Hudaýberdi batyr, heý bular ýaly ajaýyp halynam on tylla berip bormy?
Ýigrimi bäş tyllasyz halyňy adynam tutdurmagyn!
Pirim beg – Hudaýberdi batyr, otuz tyllaň menden!
Hile han – Otuz bäş tyllaň menden!
Pirim beg – Kyrk tyllaň menden!
Hile han – Elli tyllaň menden!
Pirim beg – How, han, meniň bilen kejeşip bahana göterme! Men bütin tokaý
tilkileriniň genji-hazynasyny batyryň alnyna dökerin, ýöne halyny sypdyrman!
Hile han – Men dag tilkileriniň hany halyma, senden pes galarynmy? Tamam dag
tilkileriniň genji-hazynasy beýle-de dursun, hamlarynam sypyryp batyra bererin,
ýöne halyny saňa bermen!
Pirim beg – Saňa şu halyny aldyrsam, Hokga hanyň ogly bolmadygym!
Hile han – Menem şu halyny almasam, gyzyl et bolşaýaryn! (Ikisi hem gylyç
syryp, söweşe başlaýar, çyny bilen söweşýärler).
Hudaýberdi – (adalatlylyk satýar) Duruň, duruň-how, han halyňyza bir haly diýip
gyrlyşyp mahlukmy siz! Aýyp bor, bu sapar halyny (Hile hany görkezýär) bu han
alsyn, halyny başda görenem şol, senem ketenileri al, ikisiniň gymmaty desdeňjedir!
Hile han – Anha, batyr han kepini tapdy! Bu sapar halyny men alaýyn, sebäbi
köşgümem ýetişip barýar, indiki sapar sen gel!
(Pirim beg haşlaýar, namysyna deglen ýaly hapa bolýar.)
Pirim beg – Bolýar-da, men bi haly diýip ölüşjek, ýöne Hudaýberdi batyryň
hatyrasyna halyny saňa bereýin!
(Biri halyny, ikinjisi ketenileri goltugyna gysyp seňkildäp gidýärler)
Hudaýberdi – Ahaw, hanlar, hanjak barýaňyz? Hany malymyň puly?
Hile han – Eýse, biz hanjak barýas? Puluňy getirmäge barýas-da ahyry!
5
Hudaýberdi – Onda (ýalbarýar) haly bilen ketenileri goýup gidiň! Haram tilkiniň
aldanam bardyr!
Pirim beg – (ör-gökden gelip ýoldaşyna). Şeri, bi beg saňa müňkürlik edäýýämi?
Hile han – Şepi, o zaňňar saňa müňkürlik edýär öýdýän? How, batyr, beg halyňa
sen han hezretlerine müňkür bolýamyň?!
Pirim beg – How, batyr, han halymyza biz haly satan duşar diýip, hazynamyzy
ýanymyza göterip gezelimi?.. Sen atyňy dönderip, horjunyň agzyny açýançaň, elli
tyllany menden al!
Hile han – Batyr, elli tyllaňam menden al! Çagalaryňa halwa, kişde, kişmişem
saljakdyrys. (Hudaýberdi haşlaýar, olar seňkildäp ugraýar)
Pirim beg – Batyr, atyňy yzyna öwüriber, hanhajykga öýümiz, derrew gelýäs...
(Hudaýberdi atyny yzyna öwürýär, tilkiler gidýär...)
(Sahnanyň öňünden Pyrryldyk beg gelýär.)
Pyrryldyk beg – (kellesini ýaýkaýar). Pah-pah, meniň emelsiz agalarym bir
alasamsygy aldap dünýäni alandyrys öýdýärler! Han-hah-ha, siz entek Pyrryldyk
begiň oýnuna tomaşa kylyň! (ol geçip gidýär)
(Hudaýberdi iki taýak dikip, donuny kölege edip şerbet içip otyr, ol hüşerilýär.
Ýasama sakgal-murtly, horaşa geýnen, başy selleli, eli hanjarly Pyrryldyk beg
atylyp gelýär.)
Pyrryldyk beg – How, beg han, iki sany bezemen-beslenen tilki-hä gören
dälsiziň?
Hudaýberdi – Gördüm...
Pyrryldyk beg – Eginleri eýerläp donly, elleri göwher-zer ýüzüklimi?
Hudaýberdi – Howa. Al, bir käse şerbet iç, häzir olar gelýär.
Pyrryldyk beg – Olar niräk gitdi?
Hudaýberdi – Han-ha, hol jülgedäki öýlerine gitdi. Maňa pul getirmäge gitdiler.
Pyrryldyk beg – Saňa pul getirmäge?..
Hudaýberdi – Howa, men olara düýp haly bilen bäş geýimlik keteni satdym, häzir
olar puluny alyp gelýär.
Pyrryldyk beg – (dikan synlaýar). How, beg aga, sen akmakmy, samsykmy,
tüntaňmy-düzümi, durrakmy-dundukmy?! Heý, olar harydyňy alarda pul getirmi?
Men saňa aýdyp durun-a, ol ikisi ýolda oturyp ýol urup ýören talaňçy, galtaman,
garakçy diýip! Ol iki gurrumsak Mekgä – haja gidemde öýümi ýaryp, hazynadepinämi, hany-manymy oljalap gaýdypdyr. Duruň bakaly, haramzadalar, men
siziň ganyňyzy içmesem, atamyň ogly bolmadygym! (Hanjaryny syryp ylgap
gidýär).
Hudaýberdi – Wah...
(Pyrryldyk beg ýaňadan yzyna ylgap gelýär, güne seredýär).
Pyrryldyk beg – Aga jan, beg aga jan, atyňy-ýaragyňy ber maňa! Gün batmanka
tapyp, ikisinem alnyňa getirip, puluňy, malyňy, derisini sypyryp, genji-hazynamy
tapdyrmasam, gije tapdyrmaz!
(Ol Hudaýberdiniň alaý diýerine garaşman, ýaraglaryny alyp gidýär, atyň kişňeýän
sesi çykýar. Hudaýberdi turup, yzyndan garaýar.)
Hudaýberdi – Haw, aga, gahar kapyrdyr, bäş pul diýip gan dökäýme... Gorkuz,
ürküz, ýöne, öldürme...
6
(Hudaýberdiniň atynyň güpürdisi gelýär, çyra sönýär.)
Eýjejik dagyň etegindäki çeşmeden suw almaga gelýär. Owadan saz.
Ýylgyryşlar, näzli garaýyşlar. Dagbaşy onuň küýzesini suwdan doldurýar.
Dagbaşy – Eýjejik, men seni düýşümde görýän, huşumdakydan müň esse owadan
sen, huşumda görýän düýşümdäkiden müň esse owadan sen! Sen gün-günden
owadan bolup ahyr Humaý guşuna öwrülip behişde uçup gitmeseňem biridir...
Eýjejik – Goýaweri, utanmaýamyň...
Dagbaşy – Utanýan... Eýjejik, men saňa aýdym aýdyp beräýerin!
Eýjejik – Waý, toba! Il-gün eşitse näme diýer?
Dagbaşy – Men... men pyşyrdap aýdyp beräýerin!
Dagbaşy hakyky aýdymçylar ýaly hereket edip, gygyrmanyň ýerine pyşyrdap
aýdym aýdýar.
Aý, Eýjejik, Eýjejik,
Meni Mežnun eýleýip,
Ykjadyp al öýmäňi,
Hülle donuň geýdejik,
Ýalpy ýazyň öýläni,
Seýle çyk sen, seýle çyk!
Perileriň soltany,
Eýjejik gyz, Eýjejik!
Eýjejik! Eräp-akyp küýzesini göterip gidýär. Dagbaşy Mežnun ýaly däliräp
gygyryp, emma sessiz aýdym aýdýar...
Gije. Hudaýberdi ot ýakypdyr. Töwerek-daşdan gözleri çyra ýaly ýanýan
şagallar, başga ýyrtyjy haýwanlar eýmenç-eýmenç uwlaşyp, dişlerini gaýraýar.
Uwwww..!
Hudaýberdi – Haram ölmüş şagallar! Gorkuzdyňyz-ow! Zährämem ýardyňyz,
ýüregimem ýardyňyz. Indi bir owarra bolup gidiň-dä! (Otly kesindisini bulaýar).
Entek gündizlikde-de duşarsyňyz maňa! Entek obamyza towuk ogurlamaga baryp,
meniň elime-de düşersiňiz (baýguş erbet jykyrdaýar) Waý, eje jan-ow! (şagallar
köp uwlaşýar). Bir ýerde ýyrtygyň bolsa zowladyberiň, Haram ölsem etimem iýip
bilmersiňiz!... Haw, şagallar, men size çynymy aýdaýyn! Meni iýäýseňiz menden
ýüz esse gorkak borsuňyz! Menem gorkajyk towşanyň etini iýip gorkak boldum!..
Şagallar, goýuň uwlaşmaňyzy! Men size bir akyl bereýin, jinnek beýniňiz bolsa,
uwlaşmaňyzy bes ediň, sebäbi siziň myrtar owazyňyzy eşidip gaplaň ýa ýolbars
geläýse, ilki sizi iýer, soň meni! (Şol mahal aždarha ýaly bir jandar elhenç
çekreýär, Hudaýberdi «waý, eje-leý» diýip gygyryp donuny bürenýär. Şagallar
uwlaşýar...)
Sahnanyň öňünde Dagbaşynyň kakasy Jomart baý gat-gat çymylganyň üstünde
goşa ýassyga tirsek urup, gözlerini ýumup pinekläp ýa pikir edip ýatyr. Onuň aýaly
bedroý Hüýrjemal tow berlen ýaly iki-baka çapyp Dagbaşa gygyrýar.
7
Hüýrjemal – Haý-haý, seniň Dagbaşy bolaýşyňy! Saňa Dagsoňy, Depesoňy
diýerler! Waý iller-eý, gyz tohumy tükenen ýaly beg halyna, baý halyna munuň
saýlap-seçen gyrnagyna bakaň-a! Waý, waý, il-gün eşitse näderin-eý!
Dagbaşy – Eýjejigiň näme kemi barmyş, eje!
Hüýrjemal – Eýjejigiň müň kemi bar! Aslynda ony Alla ýama-ýama edip diňe
kemçilikden ýarapdyr! Birinjiden, ol garamaýak!
Dagbaşy – Eýjejigi men söýýän!
Hüýrjemal – Ikinjiden, olar ýer urup ýerde galan garyp, pukara, ýoksul!
Dagbaşy – Jümle-jahanyň baýlygy bir ýana, Eýjejik bir ýana!
Hüýrjemal – Üçünjiden, ol züwwetdin gorkagyň, züwwük gorkagyň gyzy!
Dagbaşy – Eje, Eýjejik perizat! Eýjejik hüýr-melek!
Hüýrjemal – (adamsyna) Gyýw, düňderilip ýatma-da diý bi sölitäňe!
Jomart baý – (bir gözüni açýar) Men sölitäme näme diýeýin?
Hüýrjemal – Akyl ber bi kellesi kesilmişe!
Jomart baý – (ol gözüni ýumup, beýleki gözüni açýar) Ahaw, kellesi kesilmiş,
ataňyň akylyny al! Öýlenjek gyzyň, birinjiden, owadan bolsun! Ikinjiden, owadan
bolsun! Üçünjiden, owadan bolsun! (gözüni ýumýar).
Hüýrjemal – Akyly näme? Owadany ezip içjekmi?
Jomart baý – Oglum, öýlenjek gyzyň owadan bolsun, peri-peýker bolsun, hüýrmelek bolsun! Jümle-jahanda gyzlaryň iň akyllysyny ataň alyp gönenendir! Sen
meniň ýalňyşymy gaýtalama! (Bedroý, hor, gykylykçy, Hüýrjemal akylly diýlenine
monça bolýar).
Hüýrjemal – Gyzlaryň akyllysy men bolsam...
Jomart baý – Sen-de akyl näme işlesin! (bir gözüni açyp seredýär) Başga sende
öwer ýaly ýer bolmansoň aýdaýdym...
Hüýrjemal – (ogluna) Eşitdim-eşitmedim diýme! Şu öýe Eýjejigi gelin edip
getirseňiz, men paty-putymy alyp, atamyň öýüne gitdigimdir, bek biliň şuny!
Jomart baý – (birinji gezek iki gözünem ýalpa açýar). Çynyňmy, keýwany?
Hüýrjemal – Ýer ýüzüniň ähli keramatlysyndan, asmanyň ähli perişdesinden,
älemleriň eýesi Alla jandan ant içýän: Eýjejik geldigi, meniň gitdigimdir!!!
Jomart baý atylyp ogluna gygyrýar.
Jomart baý – Aý köpek ogly, indi nämä oýkanjyrap dursuň, ýet, Eýjejigi alyp gaç,
soň men guda baryp, parçasyny geçirip, guda bolubiýrin! Ikimiziň-de bagtymyz
çüwjek bolup durka, nämä aňalyp dursuň! Sen-ä Eýjejikli borsuň, menem seni
täzeje ejelije ederin!
Hüýrjemal allaniçiksi bolýar, çyra sönýär.
Ertesi ajygan, suwsan, horlanan Hudaýberdi mytdyldap barýar, aýak sesine goşup,
öz-özüni kötekleýär.
Hudaýberdi – Hudaýberdi, Hudaýberdi, saňa gorkak, gorkagyň gorkagy,
züwwetdin züwwük diýip ýalan aýdýan ekenler! Biler bolsaň, sen akmak,
akmagyň akmagy, samsyk, samsyk, samsam-samasow, çaçaw-çoça, tüntaw, telbe,
seňse-sähne, durrak-dunduk ekeniň! Wah, wah, gözleriň ýagyny iýip barýan
halyňy kime aldyrdyň? Guýruklary sübse ýaly haram tilkä aldyrdyň?! Uwww!
Şowurdap duran ketenileriňi kime aldyrdyň, haram tilkilere aldyrdyň, uwww!
8
Atyňy-ýaragyňy kime aldyrdyň, mahluk tilkilere aldyrdyň, uwww! Eri indi, sen
öýüňe nädip bararsyň?! Ýeri indi nädip Eýjejik gyzyň gözlerine gararsyň, toprak
başyňa züwwetdin samsyk, zaňňar!
(Ol geçip gidýär. Sahna ýagtylýar. Daş guýynyň başynda bezemen geýnen,
murtlak, sakgalsyz Pyrryldak beg horkuldap aglaýar. Hudaýberdi gelşine ony
synlaýar)
Hudaýberdi – How, oglan näme aglap dursuň?
Pyrryldak beg – (sojap) Wah, aga jan, men aglaman kim aglasyn! Men bir eşşek,
men bir mahluk! How, aga, meniň gulak çekgäme bir doňdursana! (özi özüniň sag
çekgesine urýar, soňra sol çekgesine urýar) Jan aga, musulman bolsaň, ber meniň
depäme! Ur meni, öldür meni! (özi özüni urýar)
Hudaýberdi – How, how, inim köşeş! Hany maňa aýdyp ber, näme boldy?
Pyrryldak beg – How, aga, men Beg obasyndan Çaňly baýyň ogly borun! Çaňly
baý diýib-ä eşidensiň.. Nusaý şehrine barýadym, suwsap şu guýudan suw içeýin
diýip, ýypüni aşak sallap egildim weli, goltugymdaky gapjygym gaçaýdy.
Gapçygymy gapjak bolup, ýüpem, gowanam gaçyrdym...
Hudaýberdi – Gapjygyndaky puluň köpdümi?
Pyrryldak beg – (aglaýar) Uwww!
Hudaýberdi – Elli tyllamydy? (Pyryrldak uwlaýar) Ýüz tyllamydy? (ol has köp
uwlaýar)
Pyrryldak beg – Müň tyllady, aga, müň tylla! Uwwwwww!
Hudaýberdi – Uwwwwww! Besdir, uwlaşyp gapjygy alyp bilmeris. Gel men şu
guşagym bilen seni sallaýyn, gapjygyňy alyp çyk!
Pyrryldak beg – Meni? Heý, men guýa girerinmi? Alla bilsin bu guýuda ýyllan
bamy, içýan bamy, al barmy, albassy barmy, ajdarha barmy – uwdarha barmy?
Hudaýberdi – Ýaş ýigit, gorkak bolmazlar, guýuda hiç zadam ýokdur. Gir.
Pyrryldak beg – Waý, waý, men ölsem girerinmi? Öldürjek diýseler girerinmi!
(Hudaýberdiniň gulagyna ýuwaşja) Aga jan, men dünýä belli Hudaýberdi
gorkakdan-da gorkakdyryn!
Hudaýberdi – (begenýär, özünden gorkagam bar eken) Aý-ýog-a! Sen onda
tohum gorkak ekeniň!
Pyrryldak beg – Waý, men indi öýe nädip bararyn-eýýýý!
Hudaýberdi – (çete) Waý, men indi öýe nädip bararyn-eý!
Pyrryldak beg – How, aga, beg aga, sen guýa girip gapjygymy alyp çyksaň, gylla
ýaryny bereýin.
Hudaýberdi – Ýok-la, pul üçrip-äbu guýa girip bolmaz! Ýöne sen Hudaýberdi
gorkakdanam gorkak bolsaň, men girmeli borun-ow!
Pyrryldak beg – Gylla ýaryny berýän, beg aga!
Hudaýberdi – Aý, ýok, pul üçin girjek däl, ana, ýöne saňa ýagşylyk edeýin diýip
girsem girerin!
Pyrryldak beg – Beg aga, hiç bolman üçden birini almajak bolsaň, gireniň gerek
däl! Ilçilikdir, ýene biri geler!
Hudaýberdi – (çete) Üç ýüz tyllasyny berse, men öýe han bolup baryp, halynam,
keteninem, atym bilen ýaragymam satdym diýip Nurbikäniň üstüne gygyrybam
bilýän! (Pyrryldak bege) How, inim, meniň gorkaklygymam seňkiçe bardyr!
9
Hazyna berseler-de, bi gurruk guýa girmerin men, ana, ýöne bir bendä ýagşylyk
etjek bolup, gyzyl oda girmelem bolsa girýän men!
(Guýynyň erňegine münüp başlaýar, Pyrryldak beg saklaýar)
Pyrryldak beg – How, aga, heý, hapa geýim bilen girip iliň guýusyny hapalap
bormy? Guýa geýim-gejimiňi çykaryp girmelidir!
Hudaýberdi – Rast aýtdyň inim!
(Ol geýimini, köwşüni çykaryp, ýalaňaçlanyp guýa girýär, guşagyň ujundan
Pyrryldak beg tutup dur)
Pyrryldak beg – Entek düýbi daşmy?.. Pah-pah, agramyňa bar eken-ow, beg aga!
Dur, men elime bir tüýküreýin!
(Pyrryldak beg gülüp guşagy goýberýär, guýudan ala-zenzele gykylyk çykýar.
Pyrryldak beg öz eşigini çykaryp, onuň geýimlerini geýýär, aňyrdan atyň kişňeýän
sesi gelýär.)
Hudaýberdiniň sesi – Ahaw, inim guýuda gapjyk ýok-la!
Pyrryldak beg – Hah-hah-ha! Ahaw, Hudaýberdi gorkak, mundan buýan saňa
gorkak diýseler «Ýok, men akmak, çaçaw, çoça, samsyk-sähne» diýäýgin! Hahhah-ha! Gaçmadyk gapjyk gurruk guýuda näme işlesin! Hah-hah-ha! (gidýär,
yzyna dolanýar) How, akmak aga, ajyňdan ölmänkäň çykjak bol! (sahnanyň
gyrasyna barýar) Indi ol iki akmak bege-de bir göz görkezsem, hakyky Pyrryldak
beg bolýan! Hah-hah-ha! (gidýär)
Çyra sönýär.
(Hudaýberdi sahnanyň öňünden zordan barýar. Ol uzyn ýaprakly şahalardan biline
guşanyp «ýubka» edinipdir, peçek ýaly çyrmaşyk otlardan köýnek, telpek geýipdir.
Elinde hasa.)
Hudaýberdi – Haý, akmak! Ýeri indi men nädip öýe bararyn, nädip, nädip, nädip?
(durýar). Eý, Ýer aga, kerem-keramatyň bar bolsa şu demde ýaryl-da ýuwut meni!
(ýöreýär, durýar, göge garaýar.) Aý Allam, arşda-kürsde bar bolsaň ýygna meni!
Ýygna meni! (geçip gidýär.)
(Sahna ýatylýar. Hile han bilen Pirim beg iýip-içip mes bolup, göçgünli sazda raks
oýnaýarlar, aýdýarlar.)
Pirim beg – Meniň adym Pirim beg,
Hile han – Meniň adym Hile han
Hile-alyň piri biz,
Ikisi – Pyrrykdakdyr kärimiz,
Öwüp, magtap, mazamlap
Kimem bolsa aldaýas!
Hah-hah-ha!
Hoh-hoh-ho!
Hih-hih-hi!
– Hudaýberdi gorkagy
– Içikdirdikmi?
– Içikdirdik!
(Ikisi mähnet garynlaryny kakyşdyrýar. Tersine aýlanyp, syrtyny kakyşdyrýar:)
10
– Müçükdirdikmi?
– Müçükdirdik.
(Ikisi raks oýnap sag eginlerini kakyşdyrýar:)
– Aňňalak gapdyrdykmy?
– Gapdyrdyk!
– Halysyny satdyrdykmy?
– Satdyrdyk!
(Ikisi sol eginlerini kakyşdyrýar, oturyp-turup raks oýnaýar:)
Hah-hah-ha! Hoh-hoh-ho!
(Ýasama sakgal-murtly, Hudaýberdiniň geýim-gejimini geýen, atyny münen
Pyrryldak beg atyny dabradyp ala gykylyk bolup, ikisi agasyny gamçylap
başlaýar.)
Pyrryldak beg – Gurrumsak düpbozanlar, siz Hudaýberdi batyry aldarça kim
bolupsyňyz? Alyň hakyňyzy! (gymçylaýar) Alyň heşdegiňizi! (gamçylaýar) Men
siziň hamyňyzy diriligize sypyryp hatynyma possun etmesem Hudaýberdi batyr
bolmadygym! Men sizi urup-urup öldürmesem Hudaýberdi batyr adyny götermen!
(Ikisi gamçydan gaçyp sahnada aýlanýar hem ýalbarýar.)
Hile han – Jan aga, Hudaýberdi aga, öýldürdiň-ow!
Pirim beg – Waý, Hudaýberdi batyr, öldürdiň-ow!
Pyrryldak beg – Men siziň hamyňyzy possuntozdan çykarýan! Derhal halymy
tapyň, gurrumsaklar! Derhal ketenimi tapyň, gurrumsaklar!
(Ikisi ylgaşyp haly bilen ketenini getirip berýär)
Ikisi – Jan aga, günämizi geçeweri!
(Ikisi dükge düşüp, ýer ýumruklap, Hudaýberdä ýalbarýar. Ol urmasyny goýýar.)
Pyrryldak beg – Hah-hah-ha! Paha-haý siziň beg bolaýşyňyzy! (Pyrryldak salgalmurtuny aýyrýar, ikisi Hile han, soňra Pirim beg başyny galdyrýar, görseler,
Pyrryldak beg gülüp dur.)
Ikisi – Waý, Alla! Pyrryldak beg!
Pyrryldak beg – Ýok meniň adym Sübse handyr!
Hile han – Ýok, inim, seniň adyň Pyrryldak beg eken! Sen begleriň begi ekeniň!
Pirim beg – Sen hanlaryň hany ekeniň!
Hile han – Walla, zähremizi ýardyň-ow!
Pirim beg – Walla, ýüregimzi ýardyň-ow! Sen aga çykypsyň!
Hile han – Hudaýberdiniň atyny, ýaragyny...
Pirim beg – Geýimini-gejimini... öldürip aldyňmy?
Pyrryldak beg – Men näme gandöker ganhormy! Beýläňize serediň!
Olar sahnanyň öňünden oklukirpi ýaly şagyrdap ýaprakly şahadan geýimli
Hudaýberdini synlap wahahaýlap gülüşýärler.
Pyrryldak beg – Anha, aparanda şeýdip köki-damary bilen goparmalydyr!
Hile han – Aždarha çykypsyň, beg inim!
Pirim beg – Ýuwdarha çykypsyň, han agam!
Olar gülüşip Hudaýberdiniň yzyndan seredýär, çyra sönýär.
Gaba telpegi otdan, «ýubkasy» ýaprakly şahalardan bolan Hudaýberdi illere
görünmejek bolup atylyp howlusyna girýär, ony gören aýalynyň zähresi ýarylyp,
11
«Waý, waý! Aý-ýuw, eteweriň, Aýuw, gelipdir!» diýip gaçýar, bir ýerden çarşagy
alyp oklukirpi ýaly şagyrdap gelýän Hudaýberdä topulýar.
Nurbike – Dur! Gelme! Bagryňdan geçirin çarşagy!
Hudaýberdi – (oýun edýär) Uwww! Aý-ýuwww men!
(Nurbike çarşagyny gezäp ony kowalaýar, gygyrýar)
Nurbike – Waý, eteweriň, iller-eý, Aýuw gelipdir!
Hudaýberdi – Nurbike! Nurbike (gaçyp ýörşüne) Dul galýaň-ow, bi men!
Hudaýberdi men!
(Nurbike ony tanaýar, içine tüýkürýär)
Nurbike – Waý, yşarat diýse! Waý, masgara diýse! Janymda jan-a goýmadyň,
sypaty gurmuş!
Hudaýberdi – Hah-hah-ha! Ýürejigiň ýarylaýdymy! (gülýär) Bir gazanyň
garasyny içmeli bolaýdyňmy?! Güleweri! (çete) Häzir aglamalam borsuň!
Nurbike – Toba! Toba! Bolup gelşiň dagy näteňet?!
Hudaýberdi – Pahahaý hatyn, men bir baý adamda! Men bir mes adam-da! Nädip
gelemde bolman dur!
Nurbike – Hany, geýim-gejimiň? Hany atyň-ýaragyň?
Hudaýberdi – Hah-hah-ha! Hatyn han, men saňa çynymy aýdaýynmy ýa
çypdyryp bereýinmi?
Nurbike – Çynyňy aýt! Söwdaň küşatmydyr?
Hudaýberdi – (suw berýär) Al suw iç! Birden çynymy aýdaýsam ýürejigiň
ýarylyp, meni hatynsyz goýarsyň! Pah-pah Nusaý bazarynda duşdy iki sany hazyna
depinesiniň, pulunyň-malynyň sanyny bilmeýän loty han! Düýp hatyn-a elli
tylladan, ketenileriň baryny elli tylladan...
Nurbike – Elli tylladan? On tyllalyk halymyzy?
Hudaýberdi – Menem näme, göreniň men, kelläm göçüp, bular ýaly loty han är
ömrüňde bir duşar diýip, atymy-ýaraglarymam, geýim-gejimlerimem güzledip
satyp goýberdim...
Nurbike – Hany tyllalar?
Hudaýberdi – Tyllalaram bar... bar. Bu gün bolmasa erte, erte bolmasa, indiki
hepdede bolýar.
Nurbike – O hanlar haýsy ýurduň, halkyň hanlary eken!
Hudaýberdi – Nurbike, şony sormasana! Menem aýtmaýyn!
Nurbike – Näme diýip aýtmaly dälmişiň?
Hudaýberdi – Men aýtsam sen uwlamaly borsuň-da! Men ýene seniň pendiňi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hudaýberdi gorkak - 2
  • Parts
  • Hudaýberdi gorkak - 1
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1785
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hudaýberdi gorkak - 2
    Total number of words is 2642
    Total number of unique words is 1324
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.