Latin

Hekaýalar ummany - 2

Total number of words is 3461
Total number of unique words is 1608
41.0 of words are in the 2000 most common words
54.5 of words are in the 5000 most common words
62.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Bärleri gaty üýtgeşik eken. Men kän
zat öwrendim. Olar barada, öýe baramsoň,
bellik depderime-de ýazjak.
Akbulut bilen eden gezelenjimiz örän
gyzykly boldy. Meni düşürende, «soň ýene
gezmäge gideris» diýip ylalaşdyk-da,
hoşlaşdyk.
59
AKYLLY EŞEK WE AT
Ýatakda diňe eşek bilen at bar eken.
Eşek öýüň ýeňil işlerini edýär, agyr işler
bolsa atyň paýyna düşýän eken. Işlerini
dynan-soň, eşek ýataga gelip, hezil edip
dynç alýarmyş. At bolsa ýadawlykdan
ýaňa zordan ýataga ýetip, derrew uklap
galýarmyş. Eşek ýatakda özüniň mekirligi
we akyllylygy bilen öwünýän eken.
Eşek:
– Eşidýäňmi, at dost? Senem meniň ýaly
akylly bolsadyň, beýdip işläp kösenip,
ysgyndan gaçyp ýörmezdiň.
At:
– Seniň edýän işleriň ýeňil bolmagy
60
akyllylygyň sebäpli däl-de, eşek bolanyň
üçin.
Eşek:
– Aý, onuň üçin-ä däl. Men işden gaçmagy başarýan.
At:
– Meni diňle, eşek dost! Sen, gowusy,
meniň gadyrymy bil.
Eşek:
– O näme üçin?
At:
– Eger maňa bir zat bolaýsa, hemme işi
sen etmeli bolarsyň.
Eşek:
– Ha-ha-ha! Maňa hiç zadam etdirip
bilmezler.
At:
– Maňa bir zat bolanda, görersiň.
Eşek:
– Görübereris.
61
Şu gürrüňlerden birnäçe gün geçensoň,
at ýadawlykdan ýaňa tapdan düşüp
syrkawlaýar. Hiç işe ýaramaýar. Şeýdip,
eşegiň gorkan güni başyndan inýär. Öýdäki
işleriň hemmesi eşegiň üstüne atylýar.
Eşek uzakly gün işleýär. At bolsa ýatakda
syrkawlygyň hözirini görüp ýatyberýär.
Agşam düşende, eşek ýadawlykdan ýaňa
öler ýaly bolup ýataga gelýär.
At:
– Nätdi, eşek? Işden gaçyp bildiňmi onsoň?
Eşek:
– Ýok bol, azar berme! Bu gün paşmady,
62
ýöne ertir hökman meniň diýenim bolar.
Ertesi gün hojaýyn eşegi ýene-de
işlemäge äkidýär. Günuzyn adatça atyň
edýän işlerini edýär. Emma nätse-de işden
gaçyp, gutulyp bilmeýär. Agşam düşende,
eşek ýene-de ýadawlykdan öler ýaly bolup
ýataga gaýdyp gelýär.
At:
– Hawa, eşek, aýt hany. Bu günem
bolmady gerek?
Eşek:
– Wah, nädeýin? Hojaýyn ýanymdan
aýrylanog-a... Emma ertir-ä arzuwyma
ýeterin.
Ertesi gün eşek işlemäge gidip, ýenede niýeti paşman dolanyp gelýär. Agşam
ýataga baranda, ýadawlykdan ýaňa jany
üzülere gelýär.
At:
– Näme boldy-haw, eşek? Ýene bolmadymy?!
63
Eşek:
– Hawa. Seniň nähili kösenýändigiňe
men indi düşündim.
At:
– Saňa geregi şoldy.
Eşek:
– Mundan beýläk her işde saňa menem
kömek etjek.
Hä diýmän, atyňam ýagdaýy gowulanýar. Eşek sözünde durup, ata kömek edip
başlaýar. Şondan soň ne at, ne-de eşek öňküsi ýaly ýadamaýar.
64
GAHARJAŇ AÝY
Sengi örän gaharjaň aýydy. Çala
zada gyzyberýärdi. Her kim onuň
bilen gürleşmäge-de çekinýärdi. Çalt
gaharlanýandygy üçin, köp aýy bilenem
arasy gowy däldi.
Öýde-de Sengi bilen hiç kimiň gepi
65
alşanokdy. Ejesi onuň öte gaharjaňlygyndan zeýrenýärdi. Kakasy bolsa onuň näme
üçin beýle gaharjaňdygyny anyklamaga
çalyşýardy. Bir gün kakasy ony günuzyn
göz astynda saklamagy ýüregine düwdi. Öz
ýanyndan «Göreli hany, bu gün nämejikler
ederkä?!» diýdi.
Dostlary Mumu, Kezgin we Jadi Sengini
öz ýanlaryna çagyrdy. Bile gözdaňdy
oýnajakdylar. Olardan başga-da üç-dört
sany aýyjyk gelensoň, bije atyşdylar.
Ilkinji eşşi Kezgin boldy. Az wagtdan:
– Jadi, tutdum, indi sen eşşi!
Jadi:
– Hawa, dogry aýdýaň, tutuldym. Indi
eşşi men.
Kezgin:
– Gel, gözleriňi daňaly-da.
Jadi:
– Bol, daň! Sengi, häzir seni tutuşyma
seret!
66
Sengi:
– Näme diýjek bolýaň? Näme üçin meni
tutjak, hä?!
Jadi:
– Oýun etdim, Sengi. Gaharlanmasana!
Sengi:
– Ýok, sen oýun etmediň. Şondanam bir
oýun bormy?!
Mumu:
– Jadi seniň bilen çyndanam oýun etdi,
Sengi. Näme üçin derrew gaharlanýaň?
Sengi:
– Ýok, siziň hiç haýsyňyz meni gowy
göreňzok. Men-ä siziň bilen oýnajagam däl.
Mumu:
– Bizar etdiň-aý, Sengi! Oýnamasaň,
oýnaman geç!
Şol wagtam Senginiň kakasy geldi. Sengi
ylgap bardy-da, kakasyny gujaklady. Bolan
zatlary gürrüň berdi. Kakasy oňa:
67
– Beýdip gaharlanar ýaly hiç zat ýok
ahyryn. Biderek ýere dostlaryň göwnüne
degipsiň.
Sengi:
– Ýöne, kaka...
Kakasy:
– Maňa gulak as! Görýäňmi, dostlaryň
senden gaty gördüler... Gahar edip, hiç
zat utmarsyň. Käte giňräk bolmagy hem
başarmak gerek!
Sengi:
– Onda gelip, maňa «bagyşla» diýsinler.
Men olar bilen şonda ýaraşaryn.
Kakasy:
– Ýok, günäkär seniň özüň. Şonuň üçinem,
git-de, sen ötünç sora!
Sengi:
– Bor, kaka, düşündim.
Kakasy:
– Diňle, Sengi, kän we çalt gaharlanmak
68
zyýanlydyr. Giň we geçirimli bolmagy
başar! Sen çalt gaharlanýaň-da, her
kimiň göwnüne degýäň. Mundan beýläk,
gaharlanmajak bol!
Sengi:
– Düşündim, kaka.
Kakasy:
– Indem git-de, dostlaryňdan ötünç sora.
«Menem siziň bilen oýnaýaýyn» diý.
Sengi kakasynyň aýdanlary barada
pikirlenip, dostlarynyň ýanyna bardyda, ötünç sorady. Soňam gaharlanman,
akyllyja bolup oýnady.
69
BAÝ WE GARYP
Bir tüçjar baý adam bar eken. Onuň
birgiden jaýy, kärhanalary, ulaglary,
hatda özüniň uçary hem bar eken. Ol örän
baý bolup, islän zadyny edinip bilse-de,
hakyky bagty tapyp bilmändir. Sebäbi daştöweregindäki adamlaryň ählisi ony diňe
baý bolany üçin gowy görýän eken. Ol bolsa
hakyky dosty bolmanlygy sebäpli, hakyky
bagta ýetip bilmän ýören eken.
Bu baý adam bir gün özüne hakyky
dost gözläp tapmagy ýüregine düwüpdir.
Munuň üçin näme etmelidigi barada
70
pikirlenip başlapdyr. Ahyry kellesine bir
pikir gelipdir. Özüni garyp ýaly görkezip,
adamlardan kömek soramakçy bolupdyr.
Garyp-gasardyr öýdüp, özüne kömek
edenler bilen dost bolmak isläpdir.
Bir gün agşam eleşan geýnip, köçä
çykypdyr. Köçelerde gezip ýörkä, owadan
jaýa gözi düşüpdir. Öz ýanyndan:
– Şu owadan öýe gideýin-de, pul diläýin –
diýip pikir edipdir.
Soňra gidip , gapyny kakypdyr. Gapyny
bir aýal açypdyr. Ol baýyň köne-küşül
eşiklerini görüp, ony dilegçidir öýdüpdir.
Baý entek agzynam açmanka:
– Biziň dilegçä berer ýaly pulumyz ýok.
Bar, başga gapa git – diýip, onuň üstüne
gygyryp goýberipdir.
Soň baý ol ýerden gaýdypdyr. Köçelerde
gezip ýörkä, öňünden başga bir ullakan,
owadan jaý görüpdir.
– Şu jaýdakylardanam kömek sorap
göreýin – diýip pikir edip, haýal etmän,
71
gapyny kakypdyr. Bu gezegem bir adam
çykypdyr-da:
– A-haw! Gijäniň bir wagty näme işläp
ýörsüň?! – diýip käýinipdir. Baý:
– Men örän aç we ýatara ýerim ýok. Haýyş edýän, şu gije sizde myhman bolaýaýyn
– diýip, ýalbarmaga başlapdyr.
Gapyny açan
gaharlanyp:
kişi
muňa
has-da
– Owarra bol, nirede ýatsaň, şonda
ýat! Bizi bir biynjalyk etme – diýip, baýa
yrsarapdyr.
Baý alaçsyz ol ýerdenem gaýtmaly
bolupdyr. Baý şol gije ençeme jaýyň
gapysyndan barypdyr. Gaty kän öýden
kömek sorapdyr, emma hemmesinden
kowlup gaýdypdyr.
Ol:
– Adamlar, gör, nähili erbet bolupdyr...
Meni garypdyr öýdüp, hiç kim kömegem
edenok – diýip pikir edipdir. Bu ýagdaýa
örän gynanypdyr.
72
Baý soňam köneje eşiklerini geýip,
köçeme-köçe aýlanypdyr. Öýleriň gapysyny kakyp, kömek sorapdyr, emma hiç
kimden netije bolmandyr. Ol şeýdip bir
hepde geçiripdir.
Baý bir hepdeläp her gün agşam özüni
garyp hökmünde görkezip, adamlardan
kömek sorapdyr, emma kömek etjek ýekeje
kişem tapylmandyr. Baý hakyky dost
tapynmak baradaky umydyny üzäýmeli
bolupdyr. Iň soňky gezek ýene bir gije köçä
çykyp, kömek soramagy we dost gözlenmegi ýüregine düwüpdir.
Ýene-de tutuş gije ýatman gezipdir, ýöne
ol gije-de oňa hiç kim kömek etmändir. Baý
doly umydyny üzüpdir. Gynançly ýagdaýda oý-pikire batyp, öýüne barýarka,
öňünden bir adam çykypdyr. Onuň
garypdygy daşyndan belli bolup durmuşyn. Garyp baýdan:
– Seniň ýagdaýlaryň gowumy?! Gaty
gussaly görünýäň. Näme derdiň bar? – diýip
sorapdyr.
73
Baý hem:
– Bir derdim-ä bar. Men örän aç. Ýatmaga
ýerimem ýok. O gapydan bu gapa aýlanyp,
adamlardan kömek soradym, emma hiç
kim maňa kömek etmedi – diýipdir.
Garyp bolsa:
– Ýör, meniň öýümde myhman bol! Öýümiň
ýagdaýy gaty gowy däl. Gowy-gowy iýgiiçgi hem hödürläp bilmerin. Aýalym bilen
oňardygymyzdan ýaşap ýörüs. Saňa-da
ýatmaga ýer, iýmäge bir-iki döwüm çöreg-ä
bereris – diýipdir.
Baý öňünden çykan bu adamyň teklibini
derrew kabul edipdir. Öýe baranlarynda,
olary garybyň aýaly garşy alypdyr. Garyp
aýalyna ýüzlenip:
– Bu gije myhmanymyz bardyr. Garny
aç eken. Çorbajyk taýýarlaweri – diýipdir.
Garybyň aýaly wagt ýitirmän çorbany
bişirip, myhmana hödür edipdir. Baý hem-ä
şol gije, şeýle hem ondan soňky iki gije
garyp adamyň myhmany bolupdyr. Garyp
74
myhmanyny örän gowy garşylapdyr. Onuň
bilen içgin gyzyklanypdyr. Biri-birine
ýakyn dost bolupdyrlar. Baý onuň öýünde
üç gije ýatyp, ertesi gün gitmek isleýändigini aýdypdyr, ýöne garyp bilen aýaly
baýyň ýene biraz ýanlarynda bolmagyny
isläpdir. Emma baý gitmekligi ýüregine
75
düwen eken. Şondan soň garyp:
– Kyn ýagdaýa düşseň, arkaýyn bize
gelibergin – diýip, baýy ugradypdyr.
Baý özüne hakyky dost tapanyna diýseň
begenipdir. Aradan birnäçe gün geçenden
soň, baý ýene-de garybyň öýüne barypdyr.
Ol ýerde birnäçe gün myhman bolupdyr.
Garyp bilen aýaly onuň baýdygyny bilmän,
ýene kän hezzet-hormat edipdirler. Onuň
bilen has gowy dost bolupdyrlar. Şondan
soň baý täze dostunyň ýanyna gatnap
başlapdyr. Her gezeginde-de köne eşiklerini
geýip barypdyr. Hut, şol sebäpden garyp
bilen aýaly onuň baýdygyny hiç hili
aňmandyr.
Baý indi garyp bilen aýalyna hakykaty
aýtmaly diýen karara gelipdir. Ine,
bir günem iň gowy eşiklerini geýip, iň
gowy awtoulagyna münüp, garybyň
öýüne barypdyr. Garyp bilen aýaly baýy
garşylanlarynda, bu ýagdaýy görüp
haýran galypdyrlar. Baý olara hemme zady bolşy ýaly gürrüň beripdir. Baý garyp
76
bilen aýalyna:
– Siz ikiňiz meniň hakyky dostum.
Meni baýlygym sebäpli däl-de, adam
bolanym üçin söýüp-sylap, maňa ýakyn
dost bolduňyz. Mundan soňam siz meniň
hemişelik dostum boluň – diýipdir.
Garyp bilen aýaly bolsa:
– Elbetde, biz seniň hemişe-de dostuň
bolarys. Islän wagtyň öýümize gelip, bize
myhman bolup bilersiň – diýipdirler.
Garyp bilen baý örän gowy dost
bolupdyrlar. Bu bolan zatlardan soň baý
bir ýerde bir garyp görse, kömek edipdir.
Baýyň bu ýagdaýyny gören öňki dostlary
we beýleki tanyş-bilişleri çyndan söýmegiň näme diýmekdigine düşünipdirler.
77
KIÇIJIK ÝALAN
Jahan kitaphana gatnap, okuwdaky
başarjaňlygyny hasam artdyrmaga çalyşýardy. Bu başarjaňlygyny duýup,
mugallymlaram oňa goldaw berýärdi.
Jahan bilen bir synpda okaýan goňşusy
Kemalam oňa ýoldaş bolup, bile sapaklara
78
taýýarlyk görýärdiler. Günlerde bir gün
Kemalyň kitaphana gidesi gelmedi. Kemal:
– Jahan, men-ä bu gün seniň bilen
kitaphana gitjek däl – diýdi.
Jahan:
– Näme üçin gitjek däl?
Kemal:
– Dostlarym bilen futbol oýnajak.
Jahan:
– Bor, Kemal.
Kemal:
– Ýöne senden bir zat haýyş etjek,
edermiň?
Jahan:
– O nähili haýyş?
Kemal:
– Eger ejem dagy senden «Kemal
ýanyňdadymy?» diýip sorasa, «Ýanymdady» diýgin, bormy?
– Beýtsem, meniň ýalan sözledigim
79
bolar-a.
– Bilýän, kiçijik ýalanyň hiç kime zyýany bolmaz-la. Gaýtam maňa peýdasy deger.
– Aý, bilmedim-dä.
– Haýyş edýän, Jahan, senden ilkinji
gezek bir zat soradym-a.
– Bolýar, arkaýyn bolaý.
– Sag bol! Meni gynandyrmajagyňy
bilýärdim.
Jahan bilen Kemal şeýdip wagtlaýyn
hoşlaşdylar. Jahanyň içini kiçijik gorky
gaplap aldy, emma ol:
– Aý, kiçijik ýalan üçin kime näme zyýan
ýetsin?! – diýip, öz-özüne göwünlik berdide, ýoluna dowam etdi. Ýöne bu wakanyň
soňy Jahanyň pikir edişinden düýbünden
başgaça gutardy.
Jahan kitaphanadan öýlerine gaýdyp
barýarka, ýolda Kemalyň kakasy Mämmet
agany gördi. Mämmet aga:
– Jahan, bu gün Kemaly gördüňmi? –
80
diýip sorady. Jahan:
– Hawa, Mämmet aga, kitaphanada
meniň ýanymdady.
81
– Bor, gyzym, sag bol – diýdi-de, Mämmet
aga ýoluna dowam etdi. Jahan kellesi
garjaşyk ýagdaýda Mämmet aganyň
yzyndan seredip galdy. Onda bu näme
boldugyka?
Agşam
düşensoň,
Mämmet
aga
Kemaly alyp, Jahanlaryň öýlerine bardy,
gapylaryny kakdy. Gapyny Jahanyň
kakasy Sapar aga açdy. Mämmet aga bilen
Kemal içerik girdi. Sapar aga Kemalyň üstbaşyny görüp geň galdy. Sapar aga:
– Eýgilikmi, Mämmet aga, Kemala näme
boldy? – diýip sorady.
Kemalyň üst-başy görer ýaly däldi,
eşikleri ýyrym-ýyrtykdy. Biri bilen
ýakalaşandygy daşyndanam görnüp durdy. Mämmet aga:
– Jahan ýaly dogruçyl gyzyň ýalan
sözlänine gaharym gelýär – diýdi. Sapar
aga bu bolan waka haýran galyp, dessine
Jahany ýanyna çagyrdy. Jahan iki
aýtdyrman, kakasynyň ýanyna geldi.
Utanjyndan kellesini galdyryp bilenokdy.
82
Sapar aga:
– Jahan, gyzym, men-ä Mämmet agany
diňläp haýran galdym. Onuň aýdanlary
dogrumy? – diýip sorady. Jahan:
– Mämmet aga dogry aýdýar, kaka. Men
oňa «Kemal kitaphanadady» diýip ýalan
sözledim.
Mämmet aga:
– Näme üçin beýtdiň, gyzym? – diýip
sorady. Bu soraga Kemalyň özi jogap berdi.
Kemal:
– Ony ýalan sözlemäge men mejbur
etdim, ýogsam ol ýalan sözlejek däldi.
Sapar aga Jahanyň bu hereketini hem
geň gördi, hem-de gynandy. Emma Jahan
şeýle ýalňyşy mundan beýläk hiç haçan
goýbermejekdigine söz berdi.
83
BIR BULGUR SUW
Aman öýleriniň howlusynda oýnap ýördi.
Tomsuň yssy günleriniň biridi. Pişikler
we itler yssydan ýaňa tapan kölegesinde
butnaman ýatyrdy. Her näme-de bolsa,
öýüň howlusyna-da kölege gelipdi. Aman
özüni şeýle bir oýna beripdi welin, gaty
başagaýdy.
Şol aralykda bir garryja daýy geldi-de,
köçäniň gyrasynda howlynyň düýbüne
düşýän kölegede oturdy. Suwsuzlykdan we
yssydan ýaňa onuň agzy kepäp giden eken.
Ahyry, Aman onuň haýatyň düýbünde
dynjyny alyp oturanyny gördi. Ylgap,
ýanyna bardy. Oňa bildirtmän, bir salym
seredip durdy. Soňra derrew öýlerine girip,
bir eline içi suwly ulurak gaby, beýleki eline
bulgury alyp, yzyna çykdy.
Aman:
– Daýy, siziň ýagdaýlaryňyz gowumy?
Näme boldy?
Ýaşuly:
84
– Hawa, oglum, gowy. Howa gaty yssy
bolansoň, oturyp, bir salym dynjymy
alaýaýyn diýdim.
Aman:
– Size suw getirdim, içjekmi?
Ýaşuly:
85
– Gaty hoşal bolardym, oglum. Sag bol!
Aman:
– Ýok-la, daýy. Men özümden ululara
kömek etmegi gowy görýän.
Aman bulgury suwdan dolduryp, ýaşula
uzatdy. Ýaşuly suwy haýaljakdan içip, ýene bir bulgur guýmagyny sorady. Aman
guýup berensoň, ony hem içip gutardy.
Ýaşuly:
– Köp sag bol, oglum! Minnetdar!
Aman:
– Bor-la, daýy. Üýtgeşik zat etmedim-ä.
Ýaşuly:
– Oglum, seniň adyň näme?
Aman:
– Meniň adym Aman. Siziň adyňyz näme?
Ýaşuly:
– Meniň adym Öwez. Tanşanymyza şat!
– Menem tanşanymyza hoşal boldum,
Öwez daýy.
86
Öwez daýy:
– Men indi turaýyn. Özüňe gowuja seret,
oglum.
Aman:
– Ýoluň açyk bolsun, daýy!
Aman ýaşulynyň yzyndan bir sellem
garap durdy. Soňra oýnuna dowam etdi.
Aradan birnäçe gün geçdi. Mekdebe gijä
galyp barýandygy üçin, Aman öýlerinden
ertirligini edinmän çykdy we ýolda bir
zatlar alaryn diýip pikir etdi. Dükana
girip, elini jübüsine salanda, pulunyň
ýokdugyny, öýden alman çykandygyny
bilip galdy. Egnini gysyp, mekdebe tarap
ugrady. Şol wagt kimdir biriniň egnine elini goýandygyny duýdy.
– Dur hany, oglum.
Öwrülip seretse, ol kişi Öwez daýy eken.
Aman:
– Wiý, Öwez daýy, salawmaleýkim!
Ertiriňiz haýyrly bolsun!
87
Öwez daýy:
– Waleýkim salam! Seniňem ertiriň
haýyrly bolsun, Aman! Me, al. Şuny saňa
aldym.
Aman:
– Azara galmaly däl ekeniňiz, Öwez daýy!
Öwez daýy:
– Oglum, mekdebe aç gitmeli däl.
Onsoňam, adamlar kyn ýagdaýa düşende,
biri-birine kömek etmeli ahyryn.
Aman:
– Dogry aýdýaňyz, Öwez daýy.
Aman Öwez daýa duşanyna örän begendi. Oňa sagbolsun aýdyp, mekdebine tarap
ýola düşdi. Ýolda gidip barýarka:
– Hiç bir ýagşylyk ýerde ýatmaz – diýip,
içini gepletdi.
88
EZIZIŇ OÝUNJAK HASASY
Bu hasa siziň bilýän hasalaryňyza
meňzänok. Ony Ezize atasy Durdy aga
sowgat beripdir.
Şol gün Eziziň doglan günüdi we
ýedi ýaşaýardy. Oňa her kim uzakdan
dolandyrylýan maşyn, uçar, oýun ulgamy
89
ýaly örän gowy sowgatlar alypdy. Ýöne
Durdy aga oňa bir hasa sowgat beripdi.
Kiçijik Eziz bolsa atasyndan beýle ýönekeýje sowgada garaşmandy. Sebäbi mundan öň ol agtygyna hemişe saýlap-seçip, iň
gowy oýnawaçlary alyp berýärdi. Şonuň
üçinem, Eziziň biraz keýpi gaçypdy. Doglan
gün dabarasy gutaryp, her kim gaýdyşyp
ugranda, Durdy aga Ezize:
– Sowgadymy halamandygyňy bilýän.
Ýöne ol beýlekilerdenem has gymmatly
sowgatdyr – diýdi-de, olam öýüne gaýtdy.
Öý akan-dökän bolupdy. Indi öýi ýygnaşdyryp arassalamagyň wagty gelip ýetipdi.
Ejesi Selbi gelneje Ezize we gyzy Aýna
seslenip:
– Eziz! Aýna! Hany geliň. Hezil
etdik, gyzykly boldy, indi bolsa öýi
ýygnaşdyrmaly.
Eziz bilen Aýna otaglaryndan çykyp
geldiler. Öý çyndanam akan-dökän bolupdy. Soňra kakalary Bäşim aga-da geldi.
Hemmesi bilelikde öýlerini arassaladylar.
90
Arassaçylyk işleri gutarandan soň, Eziz
kakasyna ýüzlenip:
– Kaka, siziň pikiriňizçe, atam bu geň
zady maňa näme üçin sowgat etdikä? –
diýip sorady.
Kakasy:
– Bilmedim-dä, oglum. Ataň köp ýaşap,
köpi gören adam. Ol bir zat diýýän bolsa,
ugrunda bardyr.
Az wagtdan Eziz bilen Aýna dişlerini
ýuwup, ejelerine we kakalaryna rahat uky
arzuw edenlerinden soň, öz otaglaryna
gitdiler.
Eziz otagyna girip, hasany görende:
«Näme gymmatyň bolsun, ýönekeý bir
hasasyň-da!» – diýip hüňürdedi. Ýatýan
eşiklerini geýip, düşegine geçdi welin, bir
tykyrdy eşidildi. Soň ýene-de bir ses eşidildi:
– Sen daş keşbe gaty çalt aldanýan
ekeniň-ow!
Eziziň ýüregi ýarylyp, düşeginden böküp
91
turdy-da, çyrany ýakdy. Birdenem hasanyň edil baş ujunda durandygyny gördi.
Eziz:
– Gürleýän kim?! Häziriň özünde orta
çyk!
92
Hasa:
– Şol-a men.
Eziz örän geň galypdy, atasynyň sowgat
eden hasasy hakyt gürleýärdi. Dogrusy, ol
birbada gorkupdy.
Hasa:
– Näme boldy? Geň göräýdiň öýdýän.
Eziz:
– Hawa, geň görmez ýalymy?!
Hasa:
– Gorkuzan bolsam, bagyşla! Ýöne ýaňky
sözleriň göwnüme degdi. Men seniň diýşiň
ýaly ýönekeý hasa däl.
Eziz:
– Ol sözlerim üçin menem senden ötünç
soraýan.
Hasa:
– Eziz, ýör, seniň bilen biraz aýlaň-çaýlaň edeli. Alada etme, gidenimizden hiç
kimiň habary bolmaz.
93
Eziz:
– Bolýar. Nirä gideli?
Hasa:
– Sen meniň näme işe ýaraýandygymy
beri bilýäňmi?
Eziz:
– Hawa, bilýän. Sen ýöremekde kynçylyk çekýän uly ýaşly adamlara kömek
edýärsiň.
Hasa:
– Berekella! Häzir seniň bilen ýaşuly
adamlaryň ýaşaýan ýerine gideris. Saňa
olaryň çekýän kynçylyklaryny görkezjek.
Onsoň sen şony dostlaryňa aýdyp berersiň.
Eziz bilen hasa, bileje, ýaşulularyň ýanyna gitdiler. Ýaşulular oturyp, öz aralarynda
derdi-nişýärdi. Olaryň biri beýlekä garap:
– Görýäňmi, meniň çagalarym ýene
yzymdan gelmedi – diýdi.
Başga bir garryja mama bolsa:
– Menem näçe wagt bäri agtyklarymy
94
görüp bilemok – diýdi. Eziziň gözi ýaşardy.
Ol hasa seredip:
– Hasa, bu ýerde nämeler bolup geçýär?
Hasa:
– Bu ýer garrylar öýi. Käbir ýaşulular
şu ýerde ýaşaýarlar. Ýöne çagalary we
agtyklary olary görmäge gelenoklar. Olaram bu ýagdaýa gaty gynanýarlar.
Eziz:
– Men olar üçin näme edip bilerin?
Hasa:
– Irden mekdebe baranyňda, mugallymlaryňa we dostlaryňa gören zatlaryňy
gürrüň ber. Soňam üýşüp, şu ýere geliň.
Eziz oýananda, eýýäm daň atypdy.
Ol mekdebe baryp, mugallymlaryna we
dostlaryna gören zatlaryny aýdyp berdi.
Mugallym:
– Ýörüň onda, çagalar, beýle bolsa bizem
ýaşulularymyzy görmäge gideliň-de, olary
azajygam bolsa begendireliň – diýdi.
95
KITAPHANA GORKUSY
«Daşyndan şeýle sowuk görünýän
binanyň içi nähilikä? Içi hem daşy ýaly
gorkunçmyka?» – diýip, Aman her gezek
şäher kitaphanasynyň öňünden geçende
pikir edýärdi. Kitaphana gorkusy ony
tutuşlygyna gurşap alypdy.
Amanyň ejesi Gözel gelneje onuň bu
gorkusyndan habarlydy. Oglunyň bu
96
gorkyny ýeňip geçmegi üçin elinden gelenini edýärdi.
Gözel gelneje:
– Oglum, näme üçin kitaphana gidesiň
gelenok?
Aman:
– Eje, kitaphana maňa gaty gorkunç
görünýär.
Gözel gelneje:
– Nämesinden gorkýaň, oglum?
Aman:
– Sebäbi, eje, kitaphana örän sowuk we
mähirsiz görünýär.
Gözel gelneje:
– Ýöne, oglum, ilki içine bir girip gör-dä!
Aman:
– Bilemok-da. Içi hem daşy ýaly gorkunç
bolaýmasa...
Gözel gelneje:
– Isleseň, ýör, bile gideli.
97
Aman:
– Eje, ol ýerde bir erbet kitaphana işgäri
barmyş.
Gözel gelneje:
– O näme diýdigiň?
Aman:
– Mekdepdäki käbir dostlarym aýtdy.
Gözel gelneje:
– Näme diýdiler?
Aman:
– Kitaphanaçylaryň ýüzi agyr bolýar,
özleri hem şeýle bir mähirsiz diýýärler.
Gözel gelneje:
– Olar ýaly zat ýok, Aman. Dostlaryň
başgalardan eşiden zatlaryny aýdaýandyrlar.
Aman:
– Çyndanammy?
Gözel gelneje:
– Ynanmasaň, ýör, bile gidip göreli!
98
Aman:
– Bor, eje.
Aman şol gün ejesi bilen şäher kitaphanasyna gitdi. Kitaphananyň içiniň
daşyndan görnüşi ýaly däldigine göz
ýetirdi.
Mundan başga-da, kitaphanaçynyň
dostlarynyň aýdyşy ýaly ýüzi agyr we
mähirsiz däldigini hem öz gözi bilen gördi.
Tersine, ol güler ýüzli eken. Hatda olara
çagalar üçin kitaplary gözleşmäge-de
kömek etdi.
Aman şunça wagtlap näme üçin beýle
zatlara ynanandygy hakda pikirlenip, gaty
ökündi:
– Eje, şeýle ajaýyp ýere has öň gelen
bolsadym…
Gözel gelneje:
– Hawa, oglum, dogry aýdýaň.
Kitaphanalar ylym-bilimiň öýüdir. Olardan
aňry ýany bilen peýdalanmak gerek.
Aman:
99
– Men indi hemişe şu ýere geljek.
Aman kitaphana bilen tanşan gününden
soň her gün ol ýere gatnap ugrady.
100
KEKENE
Ýaz geldi. Howludaky garlar eredi. Güller
açylyp, agaçlar we hemme ösümlikler
gülläp ugrady. Diňe ösümliklere jan girmän, eýsem haýwanlaram gyş ukusyndan
oýanyp başlady.
Atajan gyş paslynyň gutaranyna
gynanypdy, ýöne ýaz paslynyň beýle
joşgunly gelmegi onuň gynanjyny begenje
101
öwrüpdi. Ýazyň gelmegi Atajanyň kakasy
Ýazgeldi aga bilen Jeren gelnejä-de täsir
edipdi.
Ýazgeldi aga:
– Keýwany, ýazam geldi. Ýeri agdaryp,
agaçlaryň düýbüni ýumşadaýsak näderkä?
Jeren gelneje:
– Dogry aýdýaň, kakasy. Ertir irden
başlaly.
Atajan näme sebäpden agaçlaryň
düýbüniň ýumşadylyp, ýeriň agdarylmalydygyna düşünenokdy.
Atajan:
– Kaka, ýeri näme üçin agdarmaly?
Ýazgeldi aga:
– Ýeri agdarsak, toprak dem alýar. Şonda
agaçlaram has gowy miwe getirýär.
Jeren gelneje:
– Kakaň dogry aýdýar. Gyşyna toprak
ýeterlik suw içýär, ýöne dem alyp bilenok.
102
Atajan indi has gowy düşünýärdi. Ertesi
gün Ýazgeldi aga bilen Jeren gelneje mellege
girip, ýeri agdaryp başladylar.
Atajanyňam ejesine we kakasyna kömek
edesi gelýärdi. Bileleşseler, iş has çalt dynar diýip, olaryň ýanyna gitdi.
Ýazgeldi aga:
– Gel, oglum. Geleniň gowy bolaýdy.
Jeren gelneje:
– Hawa, oglum, tüýs wagtynda geldiň.
Atajan ejesi bilen kakasynyň bu sözlerine monça bolup, hyjuw bilen işläp başlady.
Bulary görüp, guşlaram, olara daşyndan begenýän ýaly, saýraşdylar.
Mellekdäki guşlaryň saýrak sesleri
Atajany has-da joşdurýardy. Özüne berlen
soňkuja ýumşy hem ýerine ýetirdi. Kätmeni
ýerine goýanda, birden eline bir kekenäniň
gonandygyny gördi. Ylgap, ejesiniň ýanyna barmak isledi, ýöne kekene uçaýmasyn
diýip ýuwaşjadan ýöräp gitdi.
103
Atajan:
– Eje, seret, elime kekene gondy!
Jeren gelneje:
– Kekene örän owadan jandardyr.
Ýazgeldi aga:
– Eliňe kekene gonsa, bu ýylky işleriň
şowuna boljagydyr.
Atajan:
– Hemmämiziň işleriniň şowuna bolmagyny arzuw edýän.
Atajan bu sözlerini aýdyp gutaran badyna, kekene uçup gitdi.
Ýazgeldi aga:
– Kekene seni eşitdi öýdýän, Atajan.
Atajan:
– Belki eşidendir. Dilegimiň kabul bolmagyny umyt edýän.
Jeren gelneje:
– Hany, işli-işimiz bilen bolalyň. Işlerimiziň ugruna bolmagy üçin diňe dileg etmek
104
ýeterlik däl. Onuň üçin tijenip işlemegem
gerek.
Ýazgeldi aga:
– Ejeň dogry aýdýar, Atajan. Hökman
zähmet çekmeli.
Jeren gelnejäniň begenjiniň çägi ýokdy.
Diýýän zatlary hem dogrudy. Işleriň ugruna bolmagy üçin diňe dileg etmek ýeterlik
däldi. Onuň daşyndan, işlemegem gerekdi.
105
TEBIGY DÖKÜN
Ýer agdarylyp bolnandan soň, toprak
dem aldy. Indi gezek tohum sepip, dökün
bermäge ýetipdi. Ýazgeldi aga bilen Jeren
gelneje-de bu barada gürleşip otyrdylar.
Ýazgeldi aga:
– Keýwany, bu ýyl emeli dökün ulanmasak diýýän.
106
Jeren gelneje:
– Onda näme edeli?
Ýazgeldi aga:
– Gündizlerine towuklary, gazlary we
ördekleri mellege goýbereli.
Jeren gelneje:
– Bolarmy şeýtsek?
Ýazgeldi aga:
– Hawa, gowam bolar.
Atajan ejesi bilen kakasynyň näme
gürleşýändiklerine düşünjek bolýardy, ýöne başaranokdy.
Atajan:
– Eje! Kaka! Siz näme barada gürleşýäňiz?
Ýazgeldi aga:
– Mellege dökün bermek barada, oglum.
Atajan:
– Onsoň, mellege dökün bermek bilen
kümedäki haýwanlaryň näme baglanyşygy bar?
107
Jeren gelneje:
– Oglum, kümedäki haýwanlar tebigy
dökün berýär-dä.
Atajan:
– Çyndanam? Gowudygyny!
Jeren gelneje:
– Ýöne beýtsek, mellek öte yslanmazmy?!
Ýazgeldi aga:
– Keýwany, esasy zat mellegiň yslanmazlygy däl-de, sagdyn önümler bilen
iýmitlenmek ahyryn.
Jeren gelneje:
– Onda sizem maňa kömek etmeli
bolarsyňyz.
Ýazgeldi aga:
– Bolýar, keýwany. Kömek ederis.
Jeren gelneje:
– Söz beriň. Soňundan işden gaçmaly
däldir, bormy?
Atajan:
108
– Söz berýän, eje, höwes bilen kömek
ederin.
Ertesi gün kümedäki towuklary, gazlary we ördekleri mellege çykardylar.
109
Olar öň kümäniň daşyna çykyp görmedik ýaly tolgunyşdylar. Esasanam, horaz
begenjinden ýaňa uçýan ýaly, ondan-oňa
bökýärdi. Haýwanjyklar irdenden agşama çenli, tä nahar iýilýänçä, ondan oňa
gaýmalap, ylgaşlap geçdiler.
Arassa howa haýwanlara bolşy ýaly,
kümä-de gowy ýarady. Ýazgeldi aga hem-ä
kümäni ýelejiretdi, hemem haýwanlaryň
hapasyny daşaryk çykardy.
Ýazgeldi aga kümäni ýelejiredýänçä,
haýwanlar gaçyp gitmez ýaly, Atajan
olara göz-gulak boldy. Jeren gelneje bolsa
haýwanlar içer ýaly suw daşady.
Ýazgeldi aga:
– Keýwany, haýwanlary indi kümä
salaýaly, garaňky düşüp barýar.
Jeren gelneje:
– Bolýar, kakasy.
Atajan:
– Kaka, maňa kömek ediň-dä!
110
Haýwanlary ahyry salyp boldular. Her
kim gaty ýadady.
Jeren gelneje:
– Topraga şeýdip dökün bermek peýdaly
iş, ýöne adamy gaty ýadadýar.
Ýazgeldi aga:
– Dogry aýdýaň, keýwany, ýöne şoňa görä sagdyn önümler iýip, hözirinem görýäris ahyryn.
Ýazgeldi aga bilen Jeren gelneje şu
gürrüňleri edýärkä, Atajanyň hem begenjiniň çägi ýokdy. Ol ýerine geçip geçmänkä,
uklap galdy.
111
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Hekaýalar ummany - 1
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1549
    38.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar ummany - 2
    Total number of words is 3461
    Total number of unique words is 1608
    41.0 of words are in the 2000 most common words
    54.5 of words are in the 5000 most common words
    62.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.