Latin

Hekaýalar ummany - 1

Total number of words is 3356
Total number of unique words is 1549
38.8 of words are in the 2000 most common words
51.6 of words are in the 5000 most common words
58.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
MAZMUNY
Ýekelik ................................................................... 3
Baý kitaphana ................................................... 9
Täze bäbejik gelýär ........................................ 14
Baýramçylyk ................................................... 20
Ýaryş ................................................................... 26
Okuwçylar dynç alşa çykýar ...................... 32
Pişik bilen syçanyň dostlugy ...................... 37
Guş ....................................................................... 42
Akylly kitap ...................................................... 46
Oraz aga we onuň kesir aty ......................... 52
Gezegen bulut we Çary .................................. 55
Akylly eşek we at ............................................ 60
Gaharjaň aýy ................................................... 65
Baý we garyp ................................................... 70
Kiçijik ýalan ...................................................... 78
Bir bulgur suw ................................................. 84
Eziziň oýunjak hasasy .................................. 89
Kitaphana gorkusy ........................................ 96
Kekene .............................................................. 101
Tebigy dökün .................................................. 106
ÝEKELIK
Soňky wagtlar Döwran özüni ýeke
duýýardy. Aslynda onuň isleýäni hem şoldy. Döwran mekdebiň iň ökde okuwçysydy.
Mugallymlarynyň hemmesi ony gowy
görýärdi. Emma dostlary onuň bilen känbir gepleşmeýärdi. Oýnanlarynda-da, olar
Döwrany aralaryna goşmaýardy. Bile bir
ýere gitselerem, ony çagyrmaýardylar.
Ogullarynyň birnäçe gün bäri özüni
ýeke duýýandygyny görüp, ata-enesi hem
onuň okuw ýagdaýyny bilmek isleýärdi.
Esasanam, ejesi Nurnabat gelneje oglunyň
3
aladasyny edýärdi.
Nurnabat gelneje:
– Saňa näme boldy, Döwran? Näme üçin
keýpiň ýok?
Döwran:
– Hiç zadam bolanok. Diňe ýeke bolasym
gelýär.
Nurnabat gelneje:
– Bolýar, oglum. Ýöne meniň bilen
gürleşesiň gelse, ýanyma geläýgin, bormy?
Döwran:
– Bor, eje.
Nurnabat gelneje gapyny ýuwaşja ýapyp, otagdan çykdy. Aslynda, Döwranam
ýeke bolmak islänokdy. Derdini gürrüň
berer ýaly dost gözleýärdi. Ine, häzir onuň
üçin şeýle pursat döräpdi. Şonuň üçinem, ol
ylgap, ejesiniň ýanyna bardy.
Döwran:
– Eje, men saňa bir zat gürrüň beräýjekdim-dä...
4
Nurnabat gelneje:
– Diňleýän, oglum.
Nurnabat gelneje Döwranyň öňi-soňy
öz ýanyna geljegini bilýärdi. Ol Döwrany
gyssamagyň ýerine, hut özüniň gelip,
derdini gürrüň bermegine garaşýardy.
Döwran:
– Gel, eje, oturaly.
Nurnabat gelneje:
– Bor, oglum.
Döwran:
– Eje, neme diýjekdim... mekdepdäki
dostlarym maňa üns berenoklar.
Nurnabat gelneje:
– O nähili üns berenoklar?!
Döwran:
– Oýun oýnanlarynda, meni aralarynada goşanoklar.
Nurnabat gelneje:
– Düşündim, oglum. Mekdepdäki dost5
laryň sapaklary nähili?
Döwran:
– Aý, gaty gowy-ha däl. Sapak okaýyşlary pesräk.
Nurnabat gelneje:
– Sen sapaklaryňa taýýarlanyp, öý
işleriňi edeniňde, olar näme diýýärler?
Döwran:
– Maňa «Alym boljak bolýaňmy?», «Okap
kösenip näme etjek?!» ýaly ýaramaz sözleri
aýdýarlar.
Nurnabat gelneje:
– A sen olara näme jogap berýäň?
6
Döwran:
– Hiç zadam diýemok, eje.
Nurnabat gelneje:
– Berekella, oglum. Şu aýtjak zatlarymy
berk belle.
Döwran:
– Diňleýän, eje.
Nurnabat gelneje:
– Kämahal käbir adamlar bilen dost
bolmazlyk gowudyr. Sen olar bilen ýakyn
dost bolsaň, sapak okaýşyň peseler, peýdaly zatlary öwrenip bilmersiň. Netijede,
sen zyýan çekersiň.
Döwran:
– Ýöne, eje, olar bile oýnaýarlar,
aýlanmaga gidýärler... hezil edýärler!
Nurnabat gelneje:
– Sen daşyndan seredip, olaryň şu wagt
hezil edip ýörüşlerine aldanma. Ine, hä
diýmän okuwy gutararsyňyz welin, sen-ä
hezil edersiň, olaram kösenerler.
7
Döwran:
– Indi düşündim, eje.
Nurnabat gelneje:
– Özüňi ýeke duýmagyn, oglum. Ejeň
bilen kakaň seniň iň ýakyn dostuňdyr.
Döwran:
– Bor, eje.
Döwran ejesiniň ýanyndan gaýdanda,
begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Indi
özüni ýeke duýanokdy. Iki sany gaty gowy
dostunyň bardygyna göz ýetiripdi. Hawa,
ejesi bilen kakasy onuň iň ýakyn dostudy.
8
BAÝ KITAPHANA
Döwranyň okaýan mekdebiniň ýekeje
kemçiligi bardy – kitaphana. Mekdep müdiri Maksat mugallym hem bu ýagdaýdan
habarlydy. Şonuň üçinem, ol bu barada
ata-eneler ýygnagyny geçirmek isleýärdi.
Ýygnagy şol günüň ertesi geçirmeli diýen
karara geldi.
Ýygnak başlady.
Maksat mugallym ata-enelere:
– Men sizi kitaphanamyz barada
gürleşmek üçin çagyrdym. Hawa, kimiň
näme teklibi bar bolsa, eliňizi galdyryp
aýdyberiň.
9
Ýygnak gitdigiçe uzaga çekýärdi.
Hemmeler kitaplaryň azlygyna zeýrenýärdi, ýöne hiç kim çykalga tapanokdy.
Ahyry, türkmen dili we edebiýaty
mugallymy Halmyrat mugallym:
– Adamlar, meniň bir pikirim bar – diýdi.
Her kim onuň pikirine garaşýardy.
Halmyrat mugallym:
– Birinjiden-ä, her birimiz öýümizden,
bolmanda, bir kitap getireliň. Ikinjidenem,
bu barada obamyzyň ýolbaşçysynada aýdyp göreliň. Belki olam bize kitap
ýygnamaga kömek eder.
Maksat mugallym Halmyrat mugallymyň pikirini halady. Şol wagtyň özündede, mekdebiň gowy görülýän okuwçysy
Döwrany ýanyna çagyrdy. Döwran ylgap
geldi. Ýygnagyň geçirilýän ýerine gapyny
kakyp girende, Maksat mugallym oňa:
– Döwran, hemme dostlaryňa we
tanyşlaryňa aýt, mekdebimiziň kitaphanasyny baýlaşdyrjak bolýarys. Her kim elin10
den gelen kömegi etmeli – diýdi.
Döwran:
– Düşündim, mugallym. Men ilki bilen bu
barada mekdebiň meýdançasyna bildiriş
asaýyn – diýdi.
Maksat mugallym:
– Berekella.
Döwran:
– Mugallym, ilkinji kömegi, goý, mugallymlaryň özi etsin. Şonda okuwçylaram
olardan görelde alarlar – diýdi.
11
Maksat mugallym Döwrany goldap:
– Hawa, hormatly ata-eneler! Döwran
dogry aýdýar... Döwran, sen haýal etmän
bildirişi as – diýdi.
Döwran:
– Bor, mugallym.
Döwran ikinji sapaga çenli bildirişi
asdy. Ilkinji bolup kitap kömegini beren
kişi türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Halmyrat mugallym boldy. Ol mekdebiň
kitaphanasyna jemi iki ýüze golaý kitap
sowgat etdi.
12
Döwran bir tarapdan mekdepde, bir
tarapdanam obada kitap ýygnaýardy.
Mekdep müdiri Maksat mugallym bolsa
kitaplary goýar ýaly tekje ýasadýardy.
Aradan bir hepde geçensoň, Döwran
Maksat mugallyma ýygnan kitaplarynyň
sanawyny berdi. Netije garaşylandan has
gowy çykdy. Görüp otursalar, Döwran bir
hepdede üç müňe golaý kitap ýygnan eken.
Onýança, kitaphana-da taýyn boldy.
Maksat mugallym hem-ä begenýärdi, hemde buýsanýardy.
Ol kitaphanany baýlaşdyrmaga kömek
edenleriň hemmesine sagbolsun aýtdy.
Soňra bolsa Halmyrat mugallym bilen
Döwrany ýanyna çagyrdy. Kitaphana
meselesinde uly ýardam berendikleri üçin,
olaryň ikisine-de aýratyn sagbolsun aýdyp, minnetdarlyk bildirdi.
13
TÄZE BÄBEJIK GELÝÄR
Döwran bagtly maşgalanyň ýeke-täk
perzendidi. Öýde ýeke özi oýnaýardy,
ýekelikden ýaňa içi gysýardy.
Günlerde bir gün Döwranyň ejesi
Nurnabat gelneje bilen kakasy Merdan
aga öýe uly begenç bilen geldiler. Döwran
olaryň şatlygynyň sebäbine düşünmedi.
Döwran:
– Eje, siz nämä begenýäňiz?
Nurnabat gelneje:
– Maşgalamyz ýene biraz ulalýar, oglum.
Şoňa begenýäris.
14
Döwran:
– Men-ä hiç zada düşünmedim.
Merdan aga:
– Bize myhman gelýär, oglum.
Döwran:
– Kim gelýär? Atam bilen enemmi?
Nurnabat gelneje:
– Ýok, oglum, saňa taý gelýär.
Döwran:
– Siziň aýdýan zadyňyza ýene düşünmedim-dä.
Merdan aga:
– Diýjek bolýanymyz, saňa jigi gelýär,
oglum.
Döwran ahyry düşündi. Birbada näme
etjeginem, näme diýjeginem bilmedi. Haýran galyp, bir salym dymyp durdy. Birdenem begençli gygyrdy:
– Gowudygyny!
Döwran indi ýeke däldi.
15
Döwran:
– Siz näme üçin beýdişip dursuňyz?!
Nurnabat gelneje:
– Näme boldy, Döwran jan?
Döwran:
– Tiz taýýarlyk görüp başlalyň, näme
gerek bolsa alyşdyralyň.
Merdan aga:
– Dur entek, howlukma, oglum. Ýene alty
aý bar ahyryn.
16
– Bolanda näme? Biz taýýarlyk görýänçäk, wagtam çaltjak geçip gider-dä.
Döwranyň diýşi ýaly boldy. Wagt
çalt geçdi, bäbegiň doguljak güni örän
ýakynlaşypdy. Ynha, bir gün garaşylmadyk ýagdaýda hassahana gitdiler. Olar
hassahanada kän garaşmaly boldular.
Döwran:
– Kaka, indi näme etmeli?
Merdan aga:
– Buşlukly habara garaşmaly, oglum.
On minutdan soň bir lukman olaryň
ýanlaryna
geldi.
Bäbejigiň
hem-de
Nurnabat gelnejäniň saglyk ýagdaýynyň
gowudygyny, olary ýene iki sagatdan görüp biljekdiklerini aýtdy.
Iki sagat geçensoň, Döwran bilen Merdan
aga Nurnabat gelnejäni hem-de täze doglan
bäbejigi görmäge bardylar. Ikisiniňem
saglygy gowudy.
Döwran:
17
– Eje, jigimiň adyny men dakaýaýyn?!
Nurnabat gelneje:
– Näme at dakasyň gelýär?
Döwran:
– Ady Batyr bolaýsyn!
Merdan aga-da, Nurnabat gelneje-de bu
ady halady.
Merdan aga:
– Bolýar. Goý, jigiň ady Batyr bolsun!
Iki günden hassahanadan çykyp, öýlerine bardylar. Döwran kiçijik jigisiniň ota18
gyny we eşijeklerini taýýarlamak üçin
ejesine kömek etdi.
Döwran diýseň bagtlydy. Ol indi ýeke
däldi. Sebäbi onuň ýoldaşy – jigisi bardy.
19
BAÝRAMÇYLYK
Döwran bu baýramçylykda öňkülerden
has şadyýandy. Sebäbi indi onuň jigisi hem
bardy. Batyrjygam ulalyp, ýöräp başlapdy.
di.
Döwran jigisi Batyry gaty gowy görýär-
Onuň begenji az wagtdan hasam
artjakdy. Sebäbi kakasynyň doganlary,
daýy-daýzalary... hemme garyndaşlary
olaryň öýlerine gelmelidi.
20
Döwran üçin baýramçylyk günleri ir
bilen has gyzykly bolýardy. Sebäbi olaryň
öýünde täze güni uly şatlyk bilen garşy
alýardylar. Baýramçylyk mynasybetli
gutlamak üçin öýlerine garyndaşlary hem
geläýse, şol gün hasam hezil bolýardy.
Ilki uly agasy Ýagmyr aga bilen maşgalasy geldi. Olardan soň kiçi agasy, daýysy,
kakasynyň hem-de ejesiniň aýal doganlary
geldi. Şeýdip, öýüň içi adamdan doldy.
Bu baýramçylykda nähilidir bir üýtgeşiklik bardy. Hiç kim Döwrana öňküler
ýaly üns berenokdy. Hemme kişi Batyrjygy
gujagynda göterip, şonuň bilen oýnaýardy. Döwran muňa artyk çydap bilmän, öz
otagyna gitdi. Bu bolýan zatlara daşdan
seredip duran Ýagmyr aga Döwranyň
nämeleri başdan geçirýändigini gaty gowy
bilýärdi.
Şonuň üçinem, ol derrew Döwranyň
ýanyna bardy.
Ýagmyr aga:
21
– Döwran jan, aýt hany, näme üçin seniň
keýpiň ýok?
Döwran:
– Meniň-ä keýpim gowy.
Ýagmyr aga:
– Keýpiň gowy-ha däl, köşek. Göwnüme
bolmasa, sen Batyry gabanan ýaly.
Döwran:
– Nämesini gabanaýyn-aý, Ýagmyr
kaka?! Batyrdyr-da.
Ýagmyr aga:
– Kakaň doglanda, menem seniň ýaşlaryňdadym.
Seniň başyňdan geçenler meniňem başymdan geçipdi.
Döwran:
– O nähili?
Ýagmyr aga:
– Diýjek bolýanym, menem Merdany gaty gabanypdym.
22
Döwran:
– Näme üçin?
Ýagmyr aga:
– Sebäbi oňa şeýle bir üns berýärdiler,
maňa bolsa barmysyňam diýenokdylar.
Döwran:
– Siz näme etdiňiz?
Ýagmyr aga:
– Öýden gaçdym!
Döwran:
23
– O nähili öýden gaçdyňyz? Soň näme
boldy?
Ýagmyr aga:
– Has dogrusy, gaçjak boldum. Öýden
çykyp barýarkam, kakam gördi.
Döwran:
– Gaty gaharlandy gerek?!
Ýagmyr aga:
– Ýok, maňa kiçiligimi gürrüň berdi.
Kiçijikkäm, meni hem şeýdip gowy
görüpdirler.
Döwran:
– O nähili?
Ýagmyr aga:
– Garaz, köşek, senem doglanyňda,
şeýdip her kim seni gowy görüpdi. Ejeň bilen
kakaň-a seni şu wagtam öňküleri ýaly gowy görýärler.
Döwran:
– Indi men näme etmeli?
24
Ýagmyr aga:
– Git-de, jigiň bilen oýna. Ol seniň jigiň
ahyryn. Ýogsa-da, ol bu wagt seniň söýgiňe
mätäçdir.
Döwran Ýagmyr kakasynyň aýdanlaryna düşünipdi. Jigisiniň ýanyna bardyda, onuň bilen oýnap başlady. Şondan soň
jigisini «gabanjak däl» diýip, özüne söz berdi. Baýramçylyk bu gezek hemişekilerdenem gyzykly geçdi.
25
ÝARYŞ
Döwran eýýäm näçe wagt bäri bir
ýaryşa taýýarlanyp ýördi. Welaýatdaky
mekdepleriň arasynda geçirilýän bu bilim
bäsleşiginiň geçirilýän güni golaýladygyça, Döwran hem-ä tolgunýardy, hemem has
köp okaýardy.
Bäsleşige bir hepde galanda, mekdebiň
müdiri Maksat mugallym Döwrany öz
ýanyna çagyrdy.
Maksat mugallym:
26
– Ýagdaýlaryň gowumy, Döwran?
Döwran:
– Gowy, sag boluň, mugallym!
Maksat mugallym:
– Bilşiň ýaly, ýaryşa gaty az wagt galdy.
Döwran:
– Hawa, bilýän, mugallym.
Maksat mugallym:
– Tolgunýaňmy?
Döwran:
– Hawa, tolgunýan.
Maksat mugallym:
– Näme üçin tolgunýaň?
Döwran:
– Neme... bäsleşige mekdebimiziň
adyndan gatnaşýandygym üçin.
Maksat mugallym:
– Hany, has düşnükli edip aýt bakaly.
Döwran:
27
– Diýjek bolýanym, eger ýeňiji bolup
bilmesem, siziň, mugallymlarymyň we
dostlarymyň ýüzüne men nädip seredeýin?!
Maksat mugallym:
– Aslynda menem saňa şony düşündirmek isledim.
28
Döwran:
– Düşünmedim, mugallym.
Maksat mugallym:
– Ýagny ýaryşda biz barada pikir etme.
Şunam ýadyňdan çykarma: ýeňseňem,
ýeňilseňem, biz seni gaty gowy görýäris.
Döwran:
– Düşündim, mugallym.
Maksat mugallym:
– Gidip bilersiň.
Maksat mugallymyň bu sözlerini eşidip,
Döwran az-kem ynjaldy. Ýogsam arkasyna
agyr ýük ýüklenen ýaly bolup ýördi.
Şondan soň birnäçe gün geçdi we ýaryş
güni gelip ýetdi. Bäsleşik örän çekeleşikli
başlady. Oňa gatnaşýan on dört mekdebiň
dördüsi ikinji tapgyra saýlanmady.
Ýaryşdaky tolgunma barha artýardy.
Ýene-de bäş mekdep indiki tapgyra geçip
bilmedi. Döwran bolsa ýaryşyň soňuna
golaýladygyça begenýärdi.
29
Ahyrynda iki mekdep jemleýji tapgyra
çykmagy başardy – Döwranyň mekdebi
hem-de başga bir mekdep.
Hemmeler şeýle bir tolgunýardy. Soňky
soraga gezek ýetipdi. Tolgunma aňrybaş
derejededi. Döwran şoňa çenli özüni ele
alyp, asla aljyramazlygy başarypdy.
Şeýlelikde, soňky soraga bäsdeşi nädogry, Döwran bolsa dogry jogap berdi.
Onuň arkasyndaky ýük indi doly aýryldy.
Begenjiniň çägi ýokdy, edil şonuň ýaly-da
30
doly rahatlanypdy.
Döwran ylgap baryp, Maksat mugallyma sagbolsun aýtdy. Onuň birinji orny
eýelemegine Maksat mugallymyň beren
goldawy kiçijigem bolsa, juda täsirli
bolupdy.
31
OKUWÇYLAR DYNÇ ALŞA ÇYKÝAR
Okuw ýyly Döwrany ýadadypdy. Emma
kän-kän üstünlikler hem gazanypdy. Ýenede hemme sapaklaryndan bäşlik alypdy.
Şonda-da Döwran tomusky dynç alyş
möwsümini biderek geçirmek islänokdy.
Dynç alyşda okar ýaly birnäçe kitap
saýlamak isleýärdi. Şonuň üçinem, otagyna bardy-da, bir salym kitaplaryny
görüşdirdi. Soňam kakasynyň ýanyna bardy.
Döwran:
– Kaka!
Merdan aga:
32
– Näme boldy, oglum? Nä beýle tolgunyp
ýörsüň?
Döwran:
– Saňa bir zat aýdaýjakdym.
Merdan aga:
– Aýdyber, oglum.
Döwran:
– Ýaňy kitaplarymy görüşdirdim...
Merdan aga:
– Onsoň? Näme bolupdyr kitaplaryňa?
Döwran:
– Tomusda okar ýaly kitap saýlajakdym
welin...
Merdan aga:
– Ýeri, onsoň?
Döwran:
– Tekjämdäki kitaplaryň hemmesini
okapdyryn. Men indi näme kitap okaýyn?!
Merdan aga:
33
– Düşündim, oglum. Näme edeli?
Döwran:
– Şu gün senem işe gideňog-a. Täze kitap
almaga gidäýeli.
Kitap dükanlaryna aýlanmagy we täze
kitap satyn almagy Döwran juda gowy
görýärdi. Kitaba bolan şeýle uly höwes
onuň kakasynda-da bardy.
Merdan aga:
– Bor, oglum, hökman gideris.
Döwran:
– Men onda taýýarlanaýyn.
Merdan aga:
– Ejeňe aýt, olam biziň bilen gitsin. Batyr
jana-da kitap alaly.
Döwran:
– Ýöne Batyr entek kitap okap bilenog-a?!
Merdan aga:
– Käbir kitaplary-ha oňa sen okap
berersiň, galanynam suratly kitaplardan
34
saýlarys.
Döwran:
– Suratly kitaplar Batyra näme üçin
gerek?
Merdan aga:
– Içindäki suratlara seredip, jigiňem
şol ýerdäki zatlaryň adyny öwrensin-dä,
oglum.
Döwran:
– Düşündim, kaka. Men derrew gideýinde, ejeme habar bereýin.
Döwran ylgap, ejesiniň ýanyna bardy.
Oňa-da taýýarlanmalydygyny aýtdy.
Batyrjygy geýindirip taýýarlamak üçin
ejesine kömek etdi.
Döwran:
– Eje, Batyra aljak kitaplaryňyzy
saýlamaga menem kömek edäýeýin?!
Nurnabat gelneje:
– Elbetde, oglum.
35
Döwran muny eşidip, hasam begendi.
Hem-ä özüne kitap aljakdy, hemem jigisine
kitap saýlaşjakdy.
Taýýar bolanlaryndan soň, olar kitap
dükanlaryna aýlanyp başladylar. Döwran
tomusky dynç alyş möwsümi üçin özüne
kitap alýardy. Dogry, tomusda dynjam
almalydy, ýöne tutuşlygyna boş hem
geçirmeli däldi.
Kitap dükanlaryna aýlanyp-aýlanyp,
ahyry öýlerine bardylar. Döwran özüniň
we jigisiniň kitaplaryny öz otagyna alyp
gitdi. Bu tomus örän gyzykly we peýdaly
geçmelidi.
36
PIŞIK BILEN SYÇANYŇ DOSTLUGY
Bilşiňiz ýaly, pişikler bilen syçanlar
hemişe biri-birine duşman bolýar. Pişig-ä
syçan görse, kowalaýar, syçanam pişik
görse, gaçýar. Saryja atly pişik bilen Tokarja atly syçan, munuň tersine, gaty gowy
dost. Hemme haýwanlar ol ikisini gaban37
ýar. Hatda bir gün pişikleriň hojaýyny
Saryjany ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:
– Gulak as, Saryja, seniň bi syçan bilen
dost bolup ýörmegiň-ä saňa gelşenok.
Saryja:
– O nähili gelşenok, hojaýyn?! Pişikler
bilen syçanlar dost bolubam biler ahyryn.
Pişikleriň hojaýyny:
– Gulak as, seniň o syçan dostuň saňa
ýamanlyk edende, beýleki pişikler saňa ýüz
bermezler! Aýtmady diýme!
Saryja:
– Etmez, hojaýyn! «Dostuň könesi, donuň
täzesi» diýipdirler. Belki biz pişikleriňem
haçan-da bolsa bir wagt syçanlara günümiz düşer.
Pişikleriň hojaýyny:
– Bar, ötägit, Saryja! Seniň bilen entek
bize işiň düşende görşeris.
Saryja:
– Bor, hojaýyn.
38
Saryja şeýdip hojaýynlarynyň huzuryndan çykyp, göni dosty Tokarjanyň
ýanyna bardy. Tokarjanyňam hiç hili keýpi
ýokdy.
Saryja:
– Tokarja, saňa näme boldy?
Tokarja:
– Meni syçanlaryň hojaýyny çagyrdy.
Saryja:
– Näme diýdi?
Tokarja:
– Pişikler bilen syçanlaryň hiç haçan dost
bolup bilmejekdigini aýtdy.
Saryja:
– Menem şu wagt pişikleriň hojaýynynyň ýanyndan gelýän. Olam maňa saňa
aýdylanlary aýtdy.
Tokarja:
– Indi biz näme ederis?
Saryja:
39
– Olara gulak asmarys. Dostlugymyza
galarys.
Saryja bilen Tokarja dostlugyny dowam
etdiripdir. Bile oýnap, heziller edipdirler.
Ol ikisine her kimiň gözi gidipdir. Emma
hojaýynlaryndan çekinýändikleri üçinm
hiç kim olar ýaly dost bolup bilmändir.
Ine, bir günem pişikleriň hojaýynyny it
kowalapdyr. Hojaýyn çaltlyk bilen agajyň
ýokarsyna çykmaga çalşypdyr, emma
aýagy iki şahanyň arasynda galypdyr. Näçe jan etse-de, aýagyny çykaryp bilmändir.
Muny eşiden Tokarja bilen Saryja derrew
kömek etmäge gidipdir.
Bärden barsalar, it agajyň aşagynda
entegem garaşyp duran eken.
Saryja itiň öňünden geçip, ony yzyna
tirkäp alyp gaýdypdyr. Tokarja bolsa
agaja çykyp, hojaýynyň aýagynyň galan
şahasyny gemrip, ony halas edipdir. Saryja hem itden sypandan soň, olaryň ýanyna
gelipdir.
Pişikleriň hojaýyny:
40
– Saryja, men sizden ötünç soraýan. Siz
barada aýdan zatlaryma gaty ökünýän.
Saryja:
– Zyýany ýok, hojaýyn.
Pişikleriň hojaýyny:
– Tokarja, saňa-da sagbolsun aýdýan.
Tokarja:
– Hökman däl-le, hojaýyn. Men Saryjanyň dosty. Size kömek etmek meniň borjum
ahyryn.
Bu wakany hemme pişikler, ähli
syçanlar eşidipdir. Pişikler bilen syçanlar
ýaraşypdyrlar-da, şondan soň dost bolup
ýaşapdyrlar.
41
GUŞ
Aman uly höwes bilen oýandy. Turşunada aýnanyň öňüne ylgady. Birnäçe guş
penjiresiniň öňünde göçüşip-gonuşyp ýördi. Ýöne guşlaryň biri owadan tüýleri bilen beýlekilerden tapawutlanýardy. Aman
ýuwaşlyk bilen guşuň golaýyna bardy-da,
ony bir towsanda tutdy. Tutan badyna-da
otagyndaky boş duran kapasa saldy.
Guşjagaz şeýle bir çyrpynýardy. Onuň
bolşy hamala: «Meni bu ýerden çykar!
Erkinligimi elimden alma!» diýýäne meňzeýärdi. Emma Aman guşjagazy gorkusyna
çyrpynýandyr öýtdi. Soň ylgap, ejesiniň
42
ýanyna bardy:
– Eje! Eje!
– Hä, näme boldy, oglum?
– Bärik gel. Saňa bir zat görkezjek.
– Näme görkezjek?
– Ýokaryk çykaly, onsoň görersiň.
Amanyň ejesi Mähri gelneje derrew
oglunyň otagyna bardy. Kapasadaky guşy
görüp, geň galdy:
– Oglum, guşy beýtmeli däl ekeniň. Çaltjak uçuryp goýber.
– Ýöne, eje... Owadan-a... Öýümizi bezärdidä...
– Ýöne özi bagtly bolup bilmez!
– Wagtyň geçmegi bilen öwrenişer-dä...
Edil şol wagtam Amanyň kakasy Sapar
aga geldi. Olam guşy görüp geň galdy.
Mähri gelneje:
– Amana gaharlanmaweri. Ol entek çaga.
Nämäniň nämedigine heniz düşünenok –
43
diýdi.
– Ýok, gaharlanamok. Men oňa diňe
guşuň ýagdaýyny düşündirjek.
Kakasy Amanyň otagyndan çykdy-da,
gapyny daşyndan gulplady. Aýalyna-da
gapyny diňe nahar wagty açmagy tabşyrdy.
Bir-iki sagatdan soň Aman gapyny kakyp
ugrady:
– Haýyş edýän, gapyny açaýyň! Bu ýerde meniň içim gysýar!
Kakasy:
44
– Ýok, oglum. Sen içerdekäň biz daşarda
hezil edýäris.
– Ýöne meniň içim gysýar-a...
– Wagtyň geçmegi bilen öwrenişersiň!
Aman ýalňyşyna şol bada düşündi.
Gynandy. «Diýmek, guşam özüni şeýle
duýýan bolmaly» diýip pikir etdi.
– Bolýar, kaka. Guşy goýberjek. Söz
berýän.
– Indi düşündiňmi guşuň ýagdaýyna?
– Gaty gowy düşündim...
Kakasy gapyny açdy. Aman otagdan
çykyşyna, kapasanyň agzyny açdy. Guş
yzyna-da öwrülmän uçup gitdi.
45
AKYLLY KITAP
Kitaphanada ol özüni ýalňyz duýýärdy.
Çagalaryň hiç birem indi onuň ýanyna
baranokdy. Olam ýekelikden ýadapdy.
Kompýuter we internet ulgamy çagalaryň
dünýäsine gireli bäri, olar kitaplaryň
46
ýüzüne-de seredenokdy.
Kitaphananyň içinde özüçe gygyrdy:
– Uf! Erbet içim gysýar...
– Meni okajak ýokmy?!
– Içimdäki maglumatlar bilen gyzyklanýan adam barmy?!
– Indi bärik hiç kimiň ýoly düşmezmikä?!
Kitaphananyň beýleki tarapynda duran
bir garryja kitap seslendi:
– Biderek kösenme, seni hiç kim eşitmez
Men bärde näçe ýyl bäri durun, indi bu ýerlere geljek ýok – diýdem welin, kitaphananyň tozan basyp giden gapysy jygyldap
açyldy. Içerik ýaşajyk bir mugallym girdi.
– Salam, söýgüli kitaplar! Mugallymym
siziň maňa durmuşy öwretjekdigiňizi
aýdypdy. Akylly kitap haýsyňyz bolýaňyz?
Maňa hemme zady şol öwretjekmiş.
Ýaş mugallymyň soragy jogapsyz galdy.
Onuň muňa jany ýandy. Soň ýene seslendi:
– O-how, kitaplar! Sessiz oturmaň-da,
47
maňa akylly kitaby görkezseňizläň!
Birnäçe minutlap dowam eden sessizlikden soň, ahyry kitaplaryň arasyndan bir
ses geldi:
– Biz bu ýerde näçe ýyl bäri hiç hili ynsan
sesini eşidemzok. Geň gördük!
– Akylly kitap – men. Seniň mugallymyň
dogry aýdypdyr. Saňa hemme zady
öwrederis, ýöne biziňem bir islegimiz bar.
Ýaş mugallym:
– O nähili isleg?
Akylly kitap:
– Kän wagt boldy, bärik ýekeje çaga-da
gelenok. Sen bu ýere çagalary getir. Biz
olara-da bir zatlar öwredeli.
Ýaş mugallym:
– Hä... Çagalar näme üçin gelenok?
Akylly kitap:
– Çagalar indi telewizoryň, kompýuteriň
başyndan turanoklar. Ana, şonuň üçinem
gelenoklar.
48
Ýaş mugallym:
– Men näme edip bilerin?
– Sen mugallym ahyryn, çagalara biziň
peýdalarymyz hakda aýdyp ber. Şonda seni
diňlärler.
– Aýdanlaryňyza düşündim. Men derrew
bu zatlaryň ugruna çykaýyn.
Ýaş mugallym işleýän mekdebine baryp,
sapaga giren badyna okuwçylara, jan edip,
kitap barada gürrüň bermäge başlady:
– Çagalar, aramyzda näçe kişi kitaphana
gidýär? Indi hiç birimiz kompýuter bilen
telewizoryň başyndan aýrylyp bilemzok.
Kitaplary düýbünden ýatdan çykardyk.
Geliň, şu gün hemmämiz üýşüp, kitaphana
gideliň. Goý, her kim bir kitap alsyn-da,
okasyn!
Okuwçylar mugallymyň teklibine haýran
galdylar. Kitaphananyň içiniň nähilidigini
hem bilesleri gelip, içleri byjyklap durdy.
Şonuň üçin, olaryň arasynda bu teklibe
garşy çykan bolmady.
49
Ýaş mugallym:
– Onda ýörüň, kitaphana gidýäris.
Kitaphanadaky kitaplar bolsa şol wagt
öz aralarynda gürleşýärdiler:
– Ýaş mugallym bärik hiç kimi getirip
bilmese näme?!
– Ýene bäri tozan basyp ýatmaly
bolaýarmyka?!
Akylly kitap söze goşuldy:
– Ýok, ýok. Mugallym çagalary hökman
getirer. Bizem öňki bagtly günlerimize
dolanyp bararys.
Öz aralarynda gürleşip otyrkalar,
ýene-de kitaphananyň gapysy jygyldap
açyldy. Ilki bilen içerik ýaş mugallym girdi.
Onuň yz ýany bilenem okuwçylar girdi.
Kitaphananyň içi okuwçydan ýaňa hyryndykyn doldy.
– Baý-bow! Şu taýy kitaphana diýilýän
ýermi?
– Bärdäki kitaplaryň köpdügini!
50
– Öň näme üçin gelmedikkäk?!
– Bärde giden maglumat-a bardyr?!
Kitaphanadaky kitaplaram begendiler.
Akylly kitap ýaş mugallyma:
– Sen sözüňde durduň, indi meniň
gezegim.
Ýaş mugallym:
– Maňa diňe okuwçylarym bilen nähili
gürleşmelidigimi öwret!
Akylly kitap:
– Olary bärik getirip, başyny-ha dogry
başladyň.
Şeýdip, ýaş mugallym akylly kitaby
diňlemäge durdy.
51
ORAZ AGA WE ONUŇ KESIR ATY
Oraz aganyň bir kesir aty bardy. Ol ony
kiçilikden seýisläp gelýärdi. Emma olam
indi ýadapdy. Mekan bolsa atasy Oraz
aganyň bu ýagdaýyna gynanýardy.
Mekan:
– Ata, näme üçin beýle gynanýaň?
Oraz aga:
– Görýäň-ä, Mekan jan. Bu at gaty kesir.
Ýanyna hiç kimi eltenok.
Mekan:
52
– Ata, ol näme üçin beýle kesir?
Oraz aga:
– Şonuň sebäbine menem düşünemok.
Mekan:
– Belki erkin ýaşamak isleýändir. Näme
üçin daňyp saklajak bolýaňyz?
Oraz aga:
– Seniň aýdýanyň dogry öýdýän, oglum.
Emma biz ony gowy görýäris. Onsoňam,
atlar adamlaryň işlerine kömek edýärler
ahyryn.
Mekan:
– Men saňa düşünýän, ata, ýöne ata-da
düşünmeli ahyryn.
Oraz aga agtygy Mekanyň aýdanlary
bilen doly ylalaşýardy. Sebäbi onuň
erkinligini elinden alyp, kiçijik otaga gabap goýupdylar.
Oraz aga:
– Sen dogry aýdýaň, oglum. Ýör, gidelide, aty boşadaly.
53
Mekan:
– Bor, ata.
Oraz aga bilen Mekan ikisi aty boşatmak üçin ýataga bardylar. Ýöne haýran
galaýmaly bir zat bolupdyr. Görseler, at
ýüpüni üzüpdir-de, gaçyp gidiberipdir.
54
GEZEGEN BULUT WE ÇARY
Asmandaky şo-ol bulut nireden gelip, nirä barýarka? Onuň gezip görýän ýerleri, gör,
nähili täsindir... Meniňem uzak diýarlara
gidesim gelýär. Başga ýurtlardaky adamlar bilen tanyşmak, bärde görmedik ösüm55
liklerimi, haýwanlarymy görmek isleýärin.
Ana, şol bulut meniň diýýän ýurtlarymy
hökman bilýändir.
– E-eý, bulut! Menem öz ýanyň bilen alyp
gidäý!
Meniň adym Çary. Men sekiz ýaşymda.
Köp zady bilesim gelýär. Esasanam, başga
ýurtlara gidip görmek isleýärin. Mekdepde
mugallymlarymyň, öýde ejem bilen
kakamyň öwredýän zatlary maňa ýetenok.
– E-eý, gezegen bulut! Barýan ýeriňe
menem äkidäý!
Bulutlar maňa jogabam berenoklar!
Ahyry bir jogap eşidildi:
– O-how, çagajyk! Sen näme üçin
gygyrýaň? Saňa bizden näme gerek?
– Başga ýurtlara gidip göresim gelýär.
Haýyş edýän, menem alyp gidäýiň-dä...
Bulut:
– Bolýar. Men häzir aşagrak süýşerin
56
welin, üstüme mün, bolýarmy?
– Bor, münerin.
Böküp mündüm. Bulut azajyk çaltlanyp
başlady.
– Tanyş bolaly, meniň adym Çary.
Bulut:
– Tanşanymyza şat, Çary. Meniň adym
Akbulut.
Men:
– Nirä barýarys, Akbulut?
Akbulut:
– Häzir seniň bilen Hindistana gideris.
Men:
– Hindistana diýýäňmi? Men öňden bäri
şol ýere gidip görmek isleýärdim.
Akbulut:
– Hawa, biz eýýäm ýetip barýarys.
Häzir seni hol ýerde düşürjek. Soň ýene şol
taýda mündürerin. Şoňa çenli islän ýeriňe
aýlanyber.
57
Men:
– Bolýar, häzirlikçe sag bol!
Akbuludyň düşüren ýerindäki adamlaryň arasyna goşuldym. Bu ýerde sygyrlary
mukaddes hasap edýän ekenler. Olara gaty uly hormat goýýarlar.
Onsoň, bu ýerde Gang diýen derýa-da
bar. Adamlar şonuň suwuna ýuwnup,
günälerinden saplanýarmyş.
Gang derýasyndan soň Täç Mahala gitdim. Ony XVII asyrda Jahan şa saldyrypdyr.
Şähere biraz aýlananymdan soň,
Akbuludyň meni düşüren ýerine bardym.
Sebäbi ol meni mündürip alyp gaýdan
ýerine eltip düşürmelidi.
Soň Akbulut geldi-de, meni alyp gitdi.
Akbulut:
– Aýdyp otur, Çary! Bu ýerleri neneň
gördüň?
Men:
58
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hekaýalar ummany - 2
  • Parts
  • Hekaýalar ummany - 1
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1549
    38.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar ummany - 2
    Total number of words is 3461
    Total number of unique words is 1608
    41.0 of words are in the 2000 most common words
    54.5 of words are in the 5000 most common words
    62.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.