Latin

Hekaýalar toplumy - 7

Total number of words is 2969
Total number of unique words is 1760
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Kakam gowy biler diýdim-ä. Men başga näme diýeýin?
Hatyja getiren çomuçlarynyň daşyny arassalady-da olary tabaga salyp
Annagurbanyň eline tutdurdy. Oglanjyk eli tabakly çalmara tarap ylgady.
69
- Aý, oglan, ýykylaýma...
Myhmanlaryň çalmaryna çomuçly tabagy alyp ylgap barýan çaga birden sakga
durdy-da: - Kakam gelýär, kakam gelýär – diýip bökjekledi. Muňa düşüş Mämmet
aga loh-loh güldi.
- Gulagy mis ýalydyr. Motoryň sesini barymyzdan öňürti eşidýä-dä.
Oňa çenli, hakykatdanam motoryň sesi her kime eşdildi. Haý diýmänem Mämmet
agaň uly ogly Atagurban motorly göründi. Ýüzi Güne garalan, at ýüzli, gözleri
irimçik, syratly ýigit motordan howlukman düşdi-de ony aýaklaryna jaýlaşykly
galdyrdy. Soň, çagyrlan ýaly, göni çalmara – myhmanlaryň oturan ýerine gaýtdy,
gelip olar bilen görüşdi.
- Uly oglum. Ýene biri bar. Ol kiçiräk, täze ýyl mekdebi gutarýar. Ol kän çölçül,
malçyl däl. Ony indiki ýyl, Aşgabada, okuwa iberermikäm diýýän. O maňa mal
bakyb-a hezil berjek däl.
- Atagurbany näme ibermediň?
- Aý, muň özem gitjek diýip dyzap durmady. Ýöne ibersem boljagam däldi. Bu
mallar indi ýeke janyma eýgertmeýä.
Atagurban kän eglenmän, çalmardan çykyp gapdalda dikilen gara öýe girdi. Gelni
onuň öňüne çaý getirdi.
- Nahary kakaň dagy bilen iýjekmi?
- Bor-la.
- Nurmyrat aga ýene Hatyjany diläp gelipdir.
- Hmm. Kakam näme diýýär?
- Bilmedim.
- Hatyja näme?
- O-da kakam biler diýýä. Men-ä bolsam, hezil edip giderdim.
- Gitmeli ekeniň-dä.
- Siz geldiňiz-dä.
- Meňem Aşgabada okuwa gidesim gelipdi. Kakam goýbermez öýtdüm. Giden
bolsam, ýeke özi horlanjakdy-da.
- Giden bolsaň, şäheriň okuwly gyzlaryndan birini alardyň.
- Aý, on-a etmezdim.
Daşyndan agras görünýän Atagurbanyň gelni bilen beýle içgin gürleşmesi belki,
daşyndan synlana geň görner. Atagurbanyň çaýyny agdaranda, käsesini öňüne
çekende parahatlygy, arkaýynlygy hasam göze ilýärdi. “Bu çopan ogly darykmany
bir bilýärmikä? Dünýäni suw-sil alsa-da, munuň topugyna çykjaga meňzänok”
diýdirýärdi.
- Kakaň Hatyjany beräýmese...
- Näme üçin?
- Kakajany şäherde okatjak diýýä. Oňa şäherde okanda bolar ýaly öý gerekdir.
70
- Uly iliň çagasy okaýan ýerinde ýaşap ýör-a. Nunna agaň oglam şeýle.
- Ynha, görersiň.
- Hatyja göwnänokmy?
- O gyzyň içini biljek gümanyň barmy? Edil kakaň.
- Hmm.
Işikde Hatyja görünýär.
- Gelneje, köşege ýumurtga içireli-le.
Atagurbanam sähel dikeldi-de: - Menem baraýnmy? – diýdi.
- Ýok, çaýyňy içiber, özümize-de eýgerder-le. Annagurban bar, tutuşar-da.
Hatyjanyň yzyndan galmaýan Annagurban näme tutup, näme saklamalydygyny
bilmese-de, petekesini gaýşartdy. Muňa kakasy çala ýylgyryp oňaýdy. Gelin bilen
Hatyja akja köşegiň agzyna ýumrtga çakyp içirmäge durdylar. Köşejik özüniň
zorlanýanyna naýynjar bozlaýardy. Onuň enesem birahatlanyp gazygynyň daşynda
aýlanýardy. Annagurbanjygam beýleräkden durup köşegiň ýumurtga içişine synlap
durşuna: - Hatyja, Hatyja! Menem ýumurtga içýän-dä – diýip gygyrdy.
- Senem bir köşejik-dä.
- Atamam maňa köşegim diýýä.
- Hany onda gel, saňa-da ýumertga içireli, aç agzyňy.
- Häk-gä. Bişirip iýmeli.
- Köşek boljak bolsaň, çig içmeli.
- Häk-gä.
Oglanjyk gaçýar. Hatyja ony kowalan bolýar.
- Hatyja, meni köşege mündiräý-dä.
- Gorkmazmyň?
- Häk-gä.
- Gel, häk-gä bolsa.
Hatyja özüni köşegiň deňine göterip eltende, oglanjyk hernäçe batyrsyra-da,
gorkýanyny gizläp bilmedi, Hatyjaň gujagyna gysyldy:
- Gorkajyk, gorkajyk... Onda gulajyklaryny sypalaý.
Köşejik ýene bozlady. Annagurbanyň muňa tisginmesine Hatyja hezil edip güldi.
- A gyz, köşegi horlamaň-da.
Bu görnüşi Esen aganyň çalmaryň açyk agzyndan synlaýanyny gören Mämmet
aga: - Köşege ýumurtga içirseň, sakyrtgalamazak bolýar. Elbet, ýumurtgaň ysy
ganyna çykýandyr-da – diýdi.
- Menem towuklary görüp, içimden: “Çopanlar goýnuň yzynda gezenlerinde
ýanlaryna towuk dagam alýan ekenler-ow” diýip geň gördüm. Mundan çykd-ow.
- Özümizem iýýäs, köşekleň arkasyndan.
Nurmyradyňam Esen agadan beter gözüni aýyrman gyzyny synlaýanyny gören
Mämmet agada birhili gabanjaňlyk duýgusy oýandy. “Hany, ýumurtgasyny içiren
71
bolsaňyz eglenmäň. Bize nahar äberiň” diýieýin, olary myhmanlaryň gözünden
aýraýyn diýen niýet bilen Mämmet aga çalmardan çykdy. Emma, ýaşuly çopan
gyzy bilen agtygynyň bolşuny görüp, gabanjaňlygynam unutdy.
- Ata, Hatyja meni köşege mündürjek diýýär.
- Köşek saňa eýgertmez, gel, men seni düýä mündüreýin.
Köşekden gorkup duran halyna düýä münmeli bolan oglanjyk gözlerini tegeläp
atasynyň ýanyna ýaýdana-ýaýdana bardy. Çopan agtygynyň gorkýanyny bilse-de,
bilmediksirän bolup düýäni çökerdi.
- Ýöne berk ýapyşgyn how.
- Kaka, ýykylaýmasyn.
- Ýykylmaz. Ýapyşdyňmy? Çüw, janawer.
Düýe turanda bir hopugjak ýaly eden çaga onuň ýüňünden berk ýapyşdy.
- Nähili, hezilmi?
Annagurbanjykdan ses çykmady.
- Düşjekmi?
Oglanjyga bu söz ýarady öýdýän, çalt-çaltdan başyny atdy.
- Hany, gorkamok diýdiň-ä. Gel, syryl bärik, gujagyma.
Oglanjyk atasynyň gujagyna özüni oklady.
- Aý, tüweleme. Meň oglum, batyr eken-aýt. Gorkmadam-aýt. Gördüňmi, Hatyja?
Düşürmedik bolsam, düýäni sürüp gidiberjeg-aýt, meň köşegim.
- Annagurban çopan ogl-a, heý düýeden gorkarmy?
Özüni dürsän Annagurbanjyk bu öwgülere ýylgyranda lopuşja ýaňaklary
çukurjyklap gitdi.
- Towuklaryňa iým berdiňmi-how sen? Hany ýör. Olary iýmlemesek, indikide
ýumurtga bermez.
Towuklara däne bermek Annagurbanjygyň iň ökde hem gowy görüp edýän işidi.
Çopan agtygynyň ylgap alyp gelen gabyna bir goşawuç däne guýup berenden ol
ony äkidip towuklaryň öňüne sepelemäge durdy. Towuklar çar tarapdan haýdaşyp
gelip, derrew onuň daşyna üýşdüler. Bu çaganyň hasam keýpini çag edýärdi. Ol
muňa hezil edip, jykyr-jykr gülýärdi. Hatyja köşegiň boýnuny sypalap, kakasyna,
jigisiniň bolşuna ýylgyryp seredip durşuna ýüregine niredendir bir ýerden
gussanyň gelenini duýman galdy.
- A, gyz! Seni ejeň çagyrýar.
Hatyja gelnejesiniň sesine tisginip özüne geldi.
Çalmaryň içinden iki myhman üçin bu görnüşler kino ýaly gyzyklydy. Hasam Esen
aga çopanlar maşgalasynyň her hereketini sypdyrman, höwes bilen synlaýardy.
- Görýäňmi, Mämmet agaň kiçijiklikden çagany mala öwrenişdirişini?!
- Bäşýyllap pedagogikany okan ýaly.
- Bulara gumludyr, bisowatdyr diýmegin. Bular iki-ýeke professormykam diýip
72
ýörenleňňe sapak berer. Gyzy dagy şeýle bir mähirli maşgala welin...
- Ýazylan bolsun-da. Hakykatdanam, asylly maşgala eken.
- Aý, kakasy gözüniň alnyndan aýyrmajak bolup, hötjetlik etmese, gyz bilen
ejesiniň göwnejegin-ä bilýän.
- Aýal tarapy göwnese...
- Beý diýme, bärde meseläni öýüň uly gyzy çözenok. Şo ýeri bar. Oglum okuwa
gitjek diýmedi diýen bolýar. Heý, diýmezmi?! Ýeke agyz “Otur!” diýendir mesele
çözülendir. Oglunyň jyňkam çykmaz.
- Aý, Mämmet aga ýumşak adama meňzeýä-le, beýle däl bolaýmasyn.
- Saňa-maňa ýumşakdyr. Bu gumlulaň okuwy aňyrdandyr. Men bulara beletdirin.
- Aý, Nurmyrat, ugur-utgaňa düşüp bolmad-aý. Birden-ä öwüp arşa çykarýaň,
birdenem...
Çaý içildi. Sähel salymdan pomidorly-hyýarly, şibitli, şäwilli (bulary Nurmyrat
ýany bilen alyp gelipdi) agaranly-çally, palawly saçak ýazyldy. Muny gören Esen
aga gözlerine ynanmady. Ol Garagumyň jümmüşinde däl ýalydy. Bir ýetmeýän zat
– nahar iýilýän çarşak, demir çemçedi. Emma, çopan palawy eli bilen iýmekçidi,
myhmanlaram öňa görä boldular. Palawyň ýany bilen terje çomujam Esen agaň
agzyna ýarady. Ýogsa, gaýdanda “Iýip biläýsem, ysly zatdyr öz-ä” diýip alada
edipdi.
- Çomuç nähili, Esen aga? Bu gün şuny iýeliň, ertir irden özümezem köwläp
alarys. Şeýtsek nädýä, Esen aga?
- Bolar, bolar. Nahar bilen hasam şüwlümli bolýan eken.
- Derman bolsun.
- Muň beýle bir ýakymsyz ysam ýok eken-le. Şähere eltilip satylýanlar-a
yslyrakmyka diýýädim.
- Hä, olar biraz ulalansoň, ýygylyp äkidilýänlerdir.
Şeýdip myhmanlar nädip garaňky düşeninem bilman galdylar. Ortada ýanýan
odam biraz peseldi. Esen aga goýun derisini aşagyna düşek edinip ýatyşyna haýran
galyp asmana seredýärdi.
- Ýyldyzlaň iridigini.
Mämmet çopan onuň geň galmasyna mähirli ýylgyrdy.
- Hä, şäheriňkä görä iriräkdir.
Geleli bäri Mämmet aga bilen gudaçylyk gürrüňini edere maý tapmaýşyna darygyp
ýatan Nurmyradam gürrüňe goşuldy:
- Gumuň adamlaram şoňa göräräk bolaýsa-ha, hä, Mämmet aga?
- Aý, adamlaryna pylan diýjek däl. Ýöne munda şäherli-gumly diýip saýlaberseň
öte düşäýmeseň? Biziň goýundan başga gören zadymyzam ýok welin, göwnüme
gelenini aýdaýýan-da.
Ýol ýadawlygy basan myhmanlar derrew uka gitdiler.
73
***
Agaryp gelýän daň gum alaňlaryna täsin reňk berýärdi. Olar hakyky däl-de, bir
ussat suratkeşiň elde çeken üýtgeşik suratymyka diýdirýärdi. Düýeleri sagýan
gelnejesine köşek çekişýän Hatyja bu görnüşi her gün görse-de, oňa öwrenşip
bilmeýärdi. Ol köşejigiň boýnuny sypalap “Hörele köşegim, hörele” diýip, ýumşak
sesi bilen ony köşeşdirip durşuna gözüni gum alaňlaryndan, şemala daranýan sazak
başlaryndan aýryp bilmeýärdi.
Myhmanlar welin, süýji ukuda ýatyrdylar. Olary oýarmaga dözer ýaly däldi.
Mämmet çopan seresaplyk bilen ortada söneňkirlän ody güýçlendirýärdi. Onuň
hysyrdysyna ilki Esen aga oýandy.
- Oýaraýdymmy, Esen aga? Gowy ýatybildiňmi?
- Allaha şükür. Henize çenli beýle rahat uklan wagtym ýokdur.
- Tüweleme, kelläňi ýassyga goýdugyň uklaýýan ekeniň. Düýelerem sagýalar, indi
tutruşybersegem bolar, neneň görýäň?
Oňa çenli çalmaryň daşynda çybşyldy eşdildi. Mämmet aga daş çykdy. Ol
eglenmän ullakan ak şakäse doly düýe süýdini alyp geldi. Soňam ony howlukman
kiçi käselere paýlady. Daňyň ýagtysyna bu görnüş, entek ukudan doly açylmadyk
myhmanlar üçin düýş ýalydy.
Düýe süýdi içildi, töwür galdyryldy.
- Ýörüň, indi men size çomujyň niresiniň iýilýändigini görkezeýin.
“Aşgazanymda dörän ýara bolmasady, men ömürem şunça ýol söküp, çölüň
jümmüşine çommuç diýip gelmezdim. Gelmezdimem, bu gözelligi görmezdimem.
Dört aý mundan öň nirede, nähili halda ýatyrdym. Bärimden aňrym ýakyndy...”
Içinden şeýleräk pikir eden Esen agaň ýüregi jigläp gitdi. Oňa “Sen şu derdi çek,
soňam şeýle ajaýyp ýere gelersiň, çomujyň kökünden bir sere ýaly ýokarda, entek
ak çägeden saýlanmadyk, Gün şöhlesini görmedik ter baldagynyň janyňa üýtgeşik
şypa berýän tagamyny dadarsyň, daň bilen sagylan körpe köşekli düýäň süýdüni
içeniňde süýt ýaly daňdanyň özüni içen ýaly bolarsyň, çölüň giňligi ýaly göwni
giň, pespäl, mährem çopan hyzmatyňy eder” diýip söz beren bolmandy. Emma,
göwnüne söz berlen ýalydy. Ol çöle gelenleri bäri özüni bu giňlige çümüp giden
mysaly duýýardy. Edil ýaňy, şu gumuň gerşine dyrmaşyp barýakalaram töweregine
seredip: “Adam ata-da Ýeriň ýüzüne ilkinji gezek gözüni aýlanda özüni şeýle
duýdumyka? Ägirt giňlik, aňyrsyna göz ýetenok. Sen bolsa, şeýle kiçijik, çägäň
owunjak zerrelerindenem kiçijik. Bu gün şu ýerde, ertir nirede boljagyň belli däl –
şemalyň haýsy tarapdan ösjegine bagly” diýip pikir edipdi.
- Ynha, Esen aga, çomujyň niresiniň iýilýäninem öwrendiň. Derman bolsun.
- Taňryýalkasyn. Siziň ýagşylyklaryňyzy yzyna gaýtaryp, üzülişer ýaly bolmady.
74
Düýäň süýdi, çomuç...
- Derdiňe derman bolsa, üzülüşdigiň, şol, Esen aga. Dogry diýýän dämi,
Nurmyrat?
- Hawa-la Mämmet aga. Derman bolar diýib-ä şonça ýol söküp geldik, derman
bolsun-da.
- Bolar inşaalla. Bu sagadagasy gitdigim çölüň, diňe howasam dermandyr, beýleki
zatlary-ha beýlede dursun.
Esen aga içinden edýän pikirlerini nähili daşyna çykaranynam bilmedi:
- Mämmet aga, göwnüme şu çomuçlar meň üçin gögeren, düýe-de süýdüni meň
üçin beren ýaly. Hamala, edil geljegimi bilip, şu çomuç ýerden gögerip
çykaýdymyka diýýän. Bu çölem bakylygyň sazyny çalýan ýaly. Bu sazy diňläp
doýup bolanok.
Çopan Esen agaň näme diýjek bolanyna düşünmese-de, ýüzugra ony çyny bilen
makullady.
- Dagy näme, hemmesi adam üçin...
Nurmyrat Esen agaň ýüreginiň ýukalnyny aňdymy – gürrüňi degişmä öwürdi.
- Hany şol Esen aga üçin gögeren çomuç, Mämmet aga muny gazmasak bolmaýar.
Olar gülşüp, Esen agaň hälki görkezen çomujynyň aşagyny gazmaga başladylar.
Ýaşuly olaryň gülküsine ýylgyrdy.
- Diýseňem, Esen agaň aýdýanlarynyň jany bar, how. Meň öňümde müňe ýakyn,
ýedi-sekiz ýüz goýun bar. Hemmesini özüm bakýan. Daşyndan hemmesem
özümki, tut, al-da iýiber. Ýöne beýdip bolanok. Içinde halkyň maly, döwlediiňki,
hojalygyňky bar. Men şolaň diňe özüme degişlisini iýip bilýän.
Esen aga gapdalda ýowşan pürlerini iri dodaklary bilen syryp iýýän düýeleri
görkezip, pikirini dowam etdi:
- Hol düýelerem ýowşan iýýä, ýylak bilen işi ýok. Diýmek, ýylak düýeler üçin
gögermändir. Goýun itiniň-ä asla, ot-çöp bilen işi ýok. Goýunlaň hezil edip
otlaýşyna seredip, ýanlarynda selkildäp ýör. Ýogsa, oňam şeýdip, ýumşajyk otlary
çirtip iýesi gelýändir.
- Bäh, baryňyz pelsepeçi ekeniňz-aý. Hany, Esen aga, indi haýsy çomuç “Meni iý”
diýýär? Şony görkezsene...
Oňa çenli saryja guş üýtgeşik saýrap, sazagyň şahasyna gonan ýaly etdi-de, ýene
uçup gitdi.
- Bilbilm-aý?
Mämmet aga Esen agaň bu gepine ýylgyrdy.
- Oňa goýun guşy diýerler.
- Birinji gezek görýän. Geçi guşuny bilýäs. Goýun guşam bar eken-aý.
- Olam, Esen aga üçin saýradymyka?
“Çomuççylar” ýene hezil edip gülüşdiler.
75
“Men çägäň zerresi ýaly kiçijik bolsam, bu zatlar meniň üçin gögermezdi. “Gel, iý,
iç” diýip çagyrmazdy. Aslynda, çägäň zerrelerem kiçijik däl, göwnüňe kiçi
görünýär...”
Esen aga sowuk çägäni gysymyna dolduryp, “gum sagadyna” meňzedip, eliniň
içinden aşak akdyrýardy. Sähel salymda onuň gysymy boşaýardy. Ol gaýtadan
goşawujyny dolduryp alsa-da, çäge aýalarynyň arasyndan akyp gidýärdi.
“Biziňki hemişe tersine, uly zatlara kiçijikdir öýdýäris, ownuk zatlaram
ulaldýarys...”
Mämmet aga bilen Nurmyrat pikirlerine gümra bolan Esen agadan gyra çekildiler:
- Mämmet aga, men-ä araky eden gürrüňimiziň anygyny eşideýin diýip geldim,
çomujam bir bahana. Indiki gelemde çagalaň ejesini alyp geläýjek, toý sähedini,
beýlekisini belleşer ýaly?
- Beý, Nurmyrat, sen meni gaty gyssaýaň-aýt. Giň ýeriň adamsynyň gyssabererligi
ýokdur.
- Gyssama nirede? Öňki gelip-gidenime iki aý bolup barýa. Çagalaram howlugýar,
bellisini aýdaýsa diýýäler. Bir ýyl garaş, bereýin diýseň, oňa-da razy.
- Al-aýt, kyn güne goýduň. Dogrusy, men gep uzaltmaýyn, biz oňaýaly-la,
Nurmyrat. Çagalaram kän bir göwnäp baranok.
- Hmm.
- Sen neme etme. Özümem şähere barsam, arkaýyn barara öýümiň bolanyny kem
göremok, Kakajanam täze ýyl okuwa diýip ugratmakçy. Olam doganynyň öýünde
ýatyp-tursa kem däl.
- Meň diýýänimem şo-da...
- Aý, ýok, bolmaýa. Çagalary ynjydasym gelenok. Sen menden aýp görme.
- Hmm. Bor-da. Men-ä ýok diýersiň öýtmändim.
- Nädeýin, ýeke menden çözülýän mesele däl, gynanma, ýazylanynyň üstünden
bararsyň.
- Gör-dä. Ökünäýmeseň soň...
“Ökünäýmeseň” diýilen söze gaşy çytylan Mämmet aga syr bermän, gürrüňi başga
ýana sowup goýberdi.
- Esen aga, indi men goýunlaň ýanyna baraýyn. Sizem biraz aýlanyp, çalmara
beryberiň, tüňçäň çaýy bilen çomujyň toşabynam iýip görüň. Geçilerem sagarlar,
oňam derman süýdi bardyr.
Mämmet aga aralaryndan uzaklaşany bilen Esen aga: “Şu taýda ot ýakyp, biraz
oturaýsak näder, Nurmyrat?” – diýdi-de, gury sazaklardan çöpleme çöplemäge
başlady. Sähel salymda odun toplandy. Iki kişi sazak oduna çoýunmaga durdular.
- Çopan-a göwnemedi.
- Hä?
- Aý, çagalaryny bahana edýä.
76
- Be... Ýazylýan däldir-dä.
- Ýazylmaz-maý?! Oňa düýe sagýan gerek, geçi çopan gerek. Gyzyny ynjytjak
dälmiş. Gyzynyň şu çölden çykyp bilse, armanynyň ýokdugyny bilip durun. Aý,
bular diktator-a. Maly bolsa bolýa.
- Edil beýle däl bolaýmasyn.
- Bir käse süýt berdi diýip arkasyny almasana, Esen aga.
- Biri hakynda erbet pikir edip günä galanyňdan, gowy pikir edip ýalňyşanyň
ýagşyrakdyr diýlipdir.
- Haý, Esen aga. Seňki hezil, gep otar diýseň...
Ertirlik çaý-suw äbermegiň aldasynda gydyrdanyp ýören Amansoltan eje “Adam
içindäkini aýdar. Göwnese “bolýa” diýer, göwnemese, aňdyrar. Biz-ä şu gyza
düşmedik” diýip özbaşyna hüňürdeýärdi. Onuň hüňürdüsini özünden başga
eşidýänem ýokdy. Dogrusy welin, Amansoltan gyzyny Nurmyratlara bernini kem
görenokdy. Oňam asyl sebäbini körpe oglunyň täze ýyl Aşgabatda okamaly
boljakdygy, oňa ýaşara öý gerekdigi bilen baglanyşdyrsa-da, Aşgabat diýilen ony
ýylba-ýyl özüne çekýärdi. Telewizor diýilýände şäherde her gün bir zadyň
gurulýanyny, açylýanyny görýärdi. Çölüň welin, şol sarsman oturşydy – başy garly
dagam bir – Garagumam. “Bu gyz nirä baranda-da bu göwünaçyklygy bilen hor
boljak gyz-a däl. Birbada nemetse-de, soň öwrenşer gider...” Şol wagt aňyrdan
ylgap gelen Annagurbanjyk enesiniň edýän pikirlerini dyr-pytrak etdi. Ol
ylgawşyny ýazman gelensoň, haş-haş edýärdi:
- Ene, ene, goşgy aýdyp bereýinmi?
- Aýt, köşegim, aýt.
Oglanjyk gaýşaryp, uly iş bitirjek ýaly ýaňy öwrenen goşgusyny aýtmaga durdy:
- Çuňňur guýa daş atsaň,
Çümer gider, eje jan.
Ýat illere gyz berseň,
Ýiter gider, eje jan.
Goşgy gutardy, emma enesinden “berekella” eşdilmeýärdi. Ara dymyşlyk
düşmesine geň galan oglanjyk gözüni tegeledi. “Gaýtadan aýdasammykam? Ýa-da
ýalňyş aýtdymmykam?” diýip durka enesi özüne geldi.
- Kim öwretdi saňa muny?
- Hatyja. Ýöne atama aýdyp bermeli däl, diňe saňa aýtmaly.
- Hä, berekella guzym. Ýöne ataňa aýdyp bermegin.
- Häk-gä. Atama aýtmaly däl.
Çybanyny ýaran çopanam agyr ädimläp goşa geldi. Gelşine-de aýalynyň oturýan
jaýyna bardy.
- Nämäni ataňa aýtmaly däl?
Ogrulykda tutulan ýaly bolan Annagurbanjyk haraý isläp, enesine seretdi.
77
Amansoltan eje-de birinji gezek aljyrady. Niçigem bolsa, diline gelenini bahana
eden boldy, emma çynyny aýtmaýanynyň bildirip duranyny özem duýdy. Onda-da
nätsin, bir zat diýmeli:
- Aý, towuklaň iýmini döküpmi-nämemi...
- Hä, şeýlemi?
Oglanjyk zyrlap daşaryk ylgady. Mämmet aga aýalynyň özüni ýiterini bilmedik
boldy:
- Keýwany, men-ä Nurmyrada oňaýaly diýdim.
- Özüň bilersiň, kakasy.
- Hmm. Çomujyň toşabynam äber-äý. Ýumurtga-da çak.
- Aýtmasaňam ediler-le...
Gudaçylyga gelen biri, sözi alynmadyk başga biri bolany üçin däl, näme üçindir,
bu aňyrsyna gözýetmeýän ürgün çägelikde Esen agaň gözüne ähli zat ownuk,
geçegçi görünýärdi. Bakylyk diýilýäni bir zada meňzetmeli bolsa, onuň göwnüne
iňläp ýatan çölden laýyk zat ýokdy. Özüni sowuk çägä goýberen Esen aga oduň
ýylysyna nädip irkileninem bilmedi. Onuň uklanynam birbada duýmadyk
Nurmyrat alada galdy.
- Üşäýmezd-ä hern-ä? Goşdan içmegi alyp geläýsemmikäm? Aşagyndan
üşäýmese... Içmegi getiremde-de, ýazjak bolsam oýanar. Şujagaz ýöränine-de
ýadandyr...
Esen agaň gözleri ýumuk bolandanmy, Nurmyradyň göwnüne onuň ýüzi hasam
hor, ejiz göründi.
“Ýaňy, şu çomujam meň üçin gögeren ýaly diýdi welin, bokurdagymyň dolanyny
duýmandyryn... Kesel diýlen myrtar zad-ow...”
Nurmyrat egnindäki penjegini çykaryp, Esen agaň üstüne ýapdy. Indi diňe oduň
şytyrdysy eşdilýärdi. Başy aladaly pyýada Esen agany oýarmajak bolup, sesini
çykarman oda seredip, öz pikirlerine gümra bolup, esli oturdy. Onyň ýadyna gijeki
ýyldyzlar düşdi. Çölde olaryň şeýle ýakyna gelýänini, hem ullakan görünýänini
hakydasyna getirip: “Şunça ýyl çöle gatnasamam muňa aň etmändirin” diýip
haýran galdy. Onuň göz öňüne oglankalar tomsuň güni daşarda ýatyşlary geldi.
“Ýedigenem her gije biziň üçin dogardy. Ony synlap doýup bilmezdik. Kakam
Ýedigenleriň – ýedi doganlaryň Ülkeriň gyzyny alyp gaçyşyny gürrüň bererdi.
“Altynjy ýyldyzyň öňünde çala ýyldyraýan ýyldyzy görýäňmi? Şol Ýlkeriň gyzy”
dýerdi.
- Honha, ol topbak ýyldyzlaram Ülkeriň atlylary, yzlaryndan kowup gelýärler.
- Olar doganlaryň yzyndan ýeterlermi?
- Ýetmezler. Ýetmezler, oglum.
Biz doganlar Ýedigen ýyldyzlaryny gowy görerdik. Bir demde ýedi gezek:
Ýedigenim ýedi ýyldyz,
78
Ýedi gonar, ýedi göçer,
Sanasam sogaby bar.
- diýip sanamaga çalşardyk. Sanap sogap gazanardyk. Men jigilerimden ulurak
bolamsoň, köpräk sanardym. Muňa çynym bilen begenerdim, ejeme aýdyp
öwünerdim. Ol ýyllar ýasamalyk bize ýatdy. Gülsegem çynymyz bilen gülerdik,
aglasagam, öwünsegem...”
Birden Esen aga bir iňledi-de, tisginip oýandy.
- Düşürgäýdiňmi?
- Bäh, uklaýdym-maý? Ejem pahyry göräýipdirin... eli kündükli... şol bir bolşy...
Esen aga düýşüni doly gürrüň bermedi. Dogrusy, soranam bolmady. Onuň düýşi
welin, göwnüne hakykat ýaly, gäýta, häzirki görýänleri düýşe meňzeýärdi:
Öz-ä şäherde, ssirkde. Bir maýmyny orta çykaryp, adam ýaly oýnadýardylar.
Maýmyn top depýärdi, stoluň başyna geçip birzatlar ýazan bolýardy. Ýazanlaryny
ýyrtyp, başyny tutup oturýardy. Birdenem, adamy maýmyn edip oýnadýarlar.
Adam agaja dyrmaşýardy, maýmyna öýkünip çirkin gygyrýardy. Şahadan-şaha
bökýärdi. Bir agajyň şahasynda sallançak uçýardy. Şol wagtam Esen agaň ejesi eli
kündükli göründi. Ol sesiniň ýetdiginden ejesine gygyrdy: “Eje, çynlakaýlyk bilen
ýasamalygyň arasynda sary-sadylla bolup geçmelimi? Şumy dünýäň manysy?”
Segsenden geçen garry elindäki kündügini ýerde goýdy-da, parahat jogap berdi:
“Oglum, sen iki arada elewremän, ýaradylyşyňa laýygyny edibereňde
bolmaýarmy?” Ol hasajygyna daýanyp, basgançaklary sanaýan ýaly, ýeke-ýeke
basyp barşyna: “Dünýäň manysy Ýaradanyň söýgüsini gazanmak dälmi?!” diýdi.
Esen aga ejesine ýokaryk galmaga kömek etjek bolup, elini uzadany bilen
basgançakda hiç kimiň ýokdugyny görüp galypdy, tisginbem oýanypdy.
- Turan bolsak, baraly, Mämmet aga çalmarda garaşýandyr. Üşemediň dälmi, Esen
aga?
Çalmaryň bärräginde eneleri otara giden dört-bäş sany körpe köşek gazygynyň
daşynda aýlanýardy. Olar adamlary görüp çaga ýaly bozlaşdylar.
- Süýtdeş doganjyklarymyzmy, bular?
- Ýok, emişen doganlarymyz.
- Nurmyrat, hany, olar bilen suratymy alsana...
Mämmet aga çalmarda çomujyň toşaby bilen çaýy taýýar edip garaşyp oturşyna,
köşekler bilen surata düşýän myhmanlaryny ýylgyryp synlaýardy. Hatyja-da
gelnejesi bilen çalmaryň arka tarapyndaky alaňyň aňyrsynda geçileri sagýardy.
Annagurbanjygam käsesi elinde, Hatyjaň süýt sagyp bererine garaşýardy.
79
Mazmuny
1. Böwürslen……………………………………………………………….…….2
2. Atgulaksyz tabyt………………………………………………………….…....7
3.Ok……………………………………………………………………………...15
4. Höwürtge……………………………………………………………………...21
5. Garamurt……………………………………………………………………....26
6. Gaplaň………………………………………………………………………....40
7. Doňbagyr……………………………………………………………………...59
8. Çöl, çomuç, düýe süýdi.......................................................................................65
80
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Hekaýalar toplumy - 1
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2243
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 2
    Total number of words is 3847
    Total number of unique words is 2324
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2309
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 4
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2305
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 5
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2257
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 6
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2377
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 7
    Total number of words is 2969
    Total number of unique words is 1760
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.