Latin

Hekaýalar toplumy - 6

Total number of words is 3853
Total number of unique words is 2377
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
berýän ýaly hereketler edýä. Kakamy öldüren aýam şuňa meňzeşdi. Onyň
gapdalynda ak aýy. Ol ýanyndaky çagasyny menden gorajak bolýa. Boýny uzyn
aýaklaryndanam uzyn, kellesi mäşirik ýaljak Žiraf senem bärdemiň? Keýik
janawer, titreme. Daryşgnlykda saňa gaçara ýer ýok. Gorkma, gababalan keýigi
tutup iýenimden doň läşi çekelänim abraýlydyr. Şagal, sen bärde näme işleýäň?
Men özümi gaplaň bolanym üçin gözeneiň aňyrsyna atandyrlar öýdýärdim. Ynsan
meni şagaly edişi ýaly kapasa oklandyr öýtmeýärdim. Bu gulagy uzyn janawer
meni görüp gorkusyna gan siýýär. Galpyldama, ýesirem ýesire degermi?!
Bu ýeriň daşyny birmeňzeş eşikli adamlar aldylar. Olaryň hersiniň elinde-de
gözünden ot çykýan taýak. Olaryň niýeti nämekä? Ol adamlar menden bir zad-a
isleýäler. Olar meni kesekleýäler. Ýene biri taýak oklaýa. Adamyň töweregi
ýaňlandyrýan gaty sesi gelýä. "Atmaň! Beýleki haýwanlara okuňyz deger.
Garaşmaly! Oňa azar bermäň, gaharyny getirersiňiz. Buýruga garaşyň!" Bu näme
diýildigikä? Hiç ynsanyň diline düşünmän geçdim. Olaryň özleri bir biri-birlerine
düşünip bilýämikäler? Nirä gitsemkäm? Ýene yzyma kapasama giräýsemmikäm?
Ýüregime gorky gelýär. Tutuş ömrüme bir gezek şol gaty sesli güwleýän zadyň
içinde ýokardan aşak oklananymda gorkupdym. Birem ňäzir gorkýan. Men
düşnükli dünýäň jandary. Etimden ötüp süňküme ýeten düşnüksizlikden gorkup
başladym. Düşnüksizlik hakykatdan-da gorkunç zat eken. Hiç zada
düşünmesemem bütin ömrüme meni sypdyrman yzarlan düşnüksizligiň
57
nämedigine-hä ahyry düşünäýdim öýdýän. Men düşnüksizlige, bimanylyga
düşünjek bolup şunça ýaşadym. Ahyram diňe onuň gaplaňam gorkuzyp biljek
eýmenç zatdygyna düşündim. Ynha düşündim, bal günüme-de batdym. Emma
şonda-da bilemok, saňa düşünmek gowumy ýa-da düşünmezlik? Men öňem
düşnüksizligiň torundadym, häzirem şeýle. Ýöne indi, megerem, bary düşnükli
bolar. Bahym bu hiç düşünip bolmaýan manysyzlykdan halas bolaryn. Soňky
nokadym golaýlap gelýän ýaly. Alma gözli Lama arkaýyn bedäňi iýiber. Men seň
ýatagyňa girmerin. Gorkma. Köpek dostum zaryn aýdymyna başlady. Onuň
ýanyna baraýyn. Görüşmesek hoş galyň, kowumdaşlar! Zaryn owaz meni ýanyna
çagyrýar. Şagal, bar sen bir çyk, urunan bolup durma. Penjämi bir uramda şagalyň
keteginiň agzy açyldy. Gury awunanym boldy, şagal daşyna çykmady. Barýan
köpek dost, barýan. Gör, seni çetde daňypdyrlar. Ýene adamyň gaty sesi eşdilýär.
"Ünsli boluň, gaplaň bagyň çykalgasyna ýakynlaşýar! Atyň!" Demir taýaklaryň
gözi ýanyp başlady. Duruň, bigünä köpegi bir atmaň! Ah dost, men sebäpli öldüň!
Boýnuň tanaply öldüň! Menem ölýän. Bu manysyzlykdan hemişelik halas bolýan.
Aýdymlaryň üçin sag bol, köpek do...
58
Doňbagyr
(Hekaýa)
Leýli indi 45 gündir işledilmeýän telewizoryň düwmesine basdy, günlere meňzeýär
ýüzündäki ýukajyk çaň. Çaňda jan ýok – esgä agram bermän syrylyp gitdi, emma
ýas getiren günler welin, musallat daşy kimin doňup dur. Açylanyna mähetdel
ekranda ak telpekli jigitler tans edip iki tarapa at salyşsalar-da içerä, Leýliniň
süňňüne ornap giden gussany kowardan ejiz. Şowhunly saz boş otaga boş ýaň
saldygyça gaýta Leýliniň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy. Ol telewizoryň
sesini peseltdi, emma özüne zor salyp ony öçürmedi. Öýüň töründäki diwana
geçip, telekanaly üýtgetdi. Ruslaryň programasyna geçirenden peýda bolan
Petrosýanyň ýasama ýylgyrýan ýuwan ýüzi ony ýene düwmä basdyrdy. Ekranda
nirdedir bir ýerde gelen siliň salan weýrançylygy göründi. Bu betbagtçylygam
Leýliňň bokurdagyna dykylan agysynyň azaryny ýeňletmese-de tans edilenden-ä
gowy ýaly, indi kanala degmedi. Ýaňy durmuşa çykan gelin telewizora seredip
otursa-da, görünýänleri ne görýär, ne-de eşidýär – göz öňünde ýaňy kyrky geçen
kakasy...
***
- Şu ýyl altmyş-a ýaşalýandyr, ölmesek. Ýa täze ýoňa görä ýene bir-iki ýyldan
Pygamber ýaş toýuny edäýeliňmi?
- Ikisinem ederis, kaka, şükür ýagdaýymyz bar-a.
Ak gireni gowy bildirse-de entek doly agarmadyk saçlarynyň çala tolkun atmasyna
guwanyp, telim daranýan, eginlek, uzyn boýly kakasy bu gürrüňden soň iki aýam
ýaşamady.
***
Leýli elini ýüzüne ýetirdi. Ähli zada biperwaý telewizory paltalaýasy geldi.
Hakykatda welin, onuň özüne gazaby içini ýaryp barýardy. Durmuşa çykyp baran
ýerinde bir hepde-de doly bolmadyk Leýli bir-iki günlükde göwresinde çaga
galanyny bildi. Dek düýn ejesi nirdendir bir ýerden düşen gök almany dünýäni
unudyp, iştämen gemirşine syrly ýylgyryp seredende Leýlini tok uran ýaly boldy.
Almany taşlap, gyzaryp, aňyrsyna bakdy. Bu pursady hiç unudyp bilmeýän Leýli
telewizoryň düwmesine elini uzadanda ejesi gapydan girdi.
- Degme, öçürme...
Adamsynyň yz ýanyny basyp duranam bolsa ýaşy kän bildirmeýän, ýüzüniň görki
solmadyk Gytja daýza gyzynyň gapdalynda emaý bilen oturdy. Ol Leýliniň
gözüniň ýaşaranyny görmediklerden bolup telewizora seretdi.
59
***
- Gytja gyzyňy çykar, meň ýagdaýym gowy däl.
- Oň ýalam zat bolarmy? Gutularsyň inşalla. Il näme diýer?
- Ömrüňde bir gezejik bir meň diýenimi diňläý. Bir bolmasy iş bolsa ara ýyl
salmaly bolarsyňyz.
- Hommat, gorkuzmasana.
Är-aýalyň arasyndaky bu gürrüňiň ýasamalygndanmy ara düşen dymyşlyk ikisinede agyr hem agyrlydy. Emma bu içerde çyna dört aýdyr orun ýokdy. Ol içerden
baş alyp çykybam gitmändi – ýürekleriň iň gizlin jümmüşinde gizlenipdi.
- Kakasy «Gyzymyň toýuny göresim gelýä» diýýä diý. Ýene on günden aňryk
çekme.
Aslynda, on günem tutuş içeriniň gelen karary. Kakalarynyň indi uzak
ýaşamajagyny lukmanlar anyk aýdypdylar. Oniki barmak içegedäki düwnük ýarasy
gaty çalt ýaýraýarmyş...
***
Leýli ses edip aglaryn öýdüp, goňşy otaga geçjek boldy. Telewizor onuň beýnisini
iýip barýar. Hamala bar zat ýüzi suratly gapyrjaga goşulyşyp: «Üýtgeşik bolan zat
ýok. Çagaň dünýä inmesiniň adaty bolşy ýaly, adamyň ölüp gitmegem adaty zat»
diýip gygyrýar.
***
- Waleýkim-es-salam. Hä, Zamandurdy senmi? Hawa menem ýagşyrak öz-ä. Güngünden ysgynym gidip barýa-da. Özüm jaň edeýin diýip ýatyrdym. Bizem Leýli
jany durmuşa çykaraýsak diýýäs. Sag bol. Hawa, indiki hepdäň üçünji güni.
Beýleki oglanlara-da aýdyşdyrarsyň-da. Işleriňizem ýagşy dälmi? Bor, onda. Toýy
eşdişeweriň. Baryp aýtmaga-ra ýagdaýym ýok. Bolýa. Hawa, alty gün bar. Bolýa,
sag boluň. Oglanlaryň hemmesine salam aýt.
Hommat aga telefony goýup gussaly ýylgyrdy. Hasapçy ýigidiň «Kakam, men
bolan ýyllarym eýýäm zamanaň, döwrüň doňanyny duýupdyr. Bir üýtgeşiklik
bolsun diýibem maňa Zamandurdy dakypdyr» diýende, özüniň «Diýseňem-ä kakaň
näçe iýsek kolbosa bar, näçe içsek arak tapylyp dur. Şu zaman bir üýtgemän
dursun» diýendir-de, soň döwrüň üýtgänini görübem beýleligine agaýan
bolaýmasa» diýip degişýänini ýatlady.
Yene alty günden durmuşa çykmaly Leýlem kakasynyň toý aýdyşyny açyk
gapydan eşdip oturşyna içinden «Alty gün» diýip gaýtalady. Düýnden bäri iýeni
yzyna gaýdyp duran kakasy şoňa çenli bir ölmän galarmyka? Leýli bu sowalyny
aňyndan kowjak boldy. Bolmady. Häzir Hommat aganyň içersinde uludan-kiçä her
kimiň aňynda şu sowal. Iň köp alada edýänem, gijeler ýatman Alladan «Toýy bir
60
geçireýin, azajyk ajalyňa sabyr ber, men altmyşam ýaşaman ölmäge kaýyl» diýip
dileýänem ýene ölmeliň özi.
***
- Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Ogullarynyň ählisini okuwly etdi. Öýerdi. Senem
okuwa saldy. Oň bar aladasy sizdiňiz, siziňem başyňyzy deňledi. Armany
galmady. Ynha, ogluň bolsa, gaýynlaň göwnese kakaň adyny dakarys.
Gytja bu sözleri näler gyzyna aýtjak, emma aýdyp bilmän, şeýle-de zordan oturan
gyzyny agladaryn diýen gorkudan gözüni aýyrman telewizora seredýärdi. «Ähli
ýaraň dermany wagtdyr» diýip bir ýerden eşden «akylyny» içinden gaýtalaýardy.
Aňynyň başga bir künjünden bolsa «Ýara bar – ýara bar. Ýara diýleniň ählisiniň
dermany bolaýmalydyr öýdýäs. Bolsady, Hommadyňam ýarasynyňky tapylardy.
Oňa ne wagtyň güýji ýetdi ne-de dogtoryň» diýen ses has dury gelýärdi.
Birden gapy jyňňyrdady. Işe giden ogullarynyň ýa gelinleriniň biri nahara gelendir
diýseňem entek ir. Megerem, Hommadyň daş ýerdäki tanyşlaryndan biridir, eşdip
gaýdyberendir. Gytja daýza «gelim-gidimdenem ýadadyk» diýýän terzde uludan
demini alyp, gelşik üçin telewizory öçürdi. Leýli welin, gaýyn tarapyndan
gelendirler öýtdi, emma kakasynyň işlän firmasynyň hasapçysy Zamany görüp geň
galdy.
- Ejeň öýdemidir?
- Hawa, geliberiň.
Hasapçy ýigit çekinjeňligindenmi, ýa-da başga-da näme diýjegini bilmedimi sesini
çykarman elindäki portfelini açmaga durdy. Az salym dörünjiränden soň dört daňy
pul çykardy.
- Başlyk Hommat agaň ýaraman galan aýynyň doly aýlygyny hem zähmet
rugsadyna çykan hökmünde ýene bir aýyň doly aýlygyny bermeli etdi. Irräk
getiräýen bolsam has gowy boljakdy welin, bankdan pul alyp bilmedik. Şu ýere-de
gol çekäýseňiz.
Zamandurdy işini bitirenden gelişi ýaly çykyp gitdi. Pullar onuň goýan ýerinde,
öýüň ortasynda gözeilginç bolup ýatyrdylar. Gytja daýzaň olara eli barmaýardy.
Leýli öňki oturan ýerine geçip otursa-da ýene telewizory açmady.
- Toý diýip arkaýyn ölübem bilmedi. Ölensoňam arkaýyn ýatman aladamyzy edip
ýör. Honha, pul iberipdir.
- Oň bar aladasy sizdiňiz-dä.
- Adamyň öz ömrem bolmalydyr-a. Ähli günlerini biziň ömrümize paýlap geçirdi.
Gytja daýza birden turdy-da, pullary ýygnady.
- Laýyk bolaýdy, seni gaýtarjak bolsaňam janly almalydyr diýip alada edip
otyrdym.
- Eje sen ýaman doňbagyr-la.
61
- Men däl, dünýe doňbagyr gyzym...
Gytja telewizoryň düwmesine basdy – ýaş gyz ortada aýdym aýdýardy, onuň
arkasynda-da ýadamany bilmeýän ak telpekli jigitler böküşýär.
***
Gyzy durmuşa çykandan soň edi gün diri ýatan Hommat agaň gijelerini nädip
geçirenini bilýan ýok. Ýogsa ogullary gezekleşip ýanynda ýatdylar. Telim ýola
turup, kakalarynyň agzyna suw damdyrdylar.
«Ýyldyzlar ýanyňda ýaly, Aý-a görnenok. Ýa bahym täze aý dogjakmyka?
Mümkin penjirämden görünýän däldir, Aý tamyň arka tarapyndadyr...
Gyzymam sag-aman ugratdym, ölmedim...
...Arka tarapda ýaşaýanlar ony görýändir, menden başgalaň ertiri, birgüni adaty
keşbinde görüşleri mysaly. Işli, aladaly, aýlykly, tanyşly, dostly, salamly, telefonly
ertirler, birgünler... Mende-de edil ýaňam ähli kişiňki ýaly ertir, birgün bardy. Dört
aýa dört sany tutuş aýlyk, dört gezek ýigrimi dört iş güni sygýar. Şonda-da
oglanlaň onkologiýadan ««Gowy» diýdiler, kaka» diýselerem gözleri görnüp duran
gussaly gelenleri düýn ýaly.
«Bu dünýe bir düýşdir
Düýş görseň düýbi hiçdir»
diýip telim gezek dilimiň ugruna gaýtalandyryn. Düýşde düýş görýän ýaly ýaşap
indem dört aý bäri ukudan oýanjak bolşummyka, şü? Ol-a özüm eken, aýalym,
çagalarym, tanyş-u-dost hiç kimem maňa birden ukudan oýanyp ýatyberer öýden
däldir. Bu dünýede diňe bolaýmaly zatlar bolup geçýär diýip ynanýardym-a.
Häzirem mensiz Günüň dogjagyny göz öňüme getirip dursamam oňa ynanyp
bilemok...
Owf-f! Sagat üç bolupdyr... Uklap bolsady...
Düýşüň dowamyny görmek üçinmi?
Gyzymam-a çykardym. Ölmedim. Ölmejegimi bilýädim. Çagalaryma gerek bolsa,
ajala-da güýjüm ýetäýjek eken...
Bahym jaýlarlar. Ilki üçümi, ýedimi, soň aýymy, kyrkymy, iň soňunda-da ýylymy
ederler. Bular durarlar, diňe men ýola düşmäge rugsat berlen poýezd ýaly daşlaşar
bararyn – üçünji stansiýa, ýedinji, otuzynjy, kyrkynjy... Aslynda, diriler Ýere
daňylgy bolansoňlar şol bir duran ýerlerinde durýan, ölüler hereket edýän, gidýän
eken. Öýüm, çagalarym, oturşýanja oglanlarym bilen geçirenje hoş günlerim – bu
dünýede sizden uly many bardyr öýtmezdim. Birdenem baryňyz, hatda hiç wagt
ähmiýetini ýitirmez öýdýän, azajygam bolsa hemişe köpelmegini isleýän
aýlygymam manysyny ýitirdi durberdi –düýşüňde yzyňdan ýetip barýan eli
pistoletli ganhoryň oýanaňda manysyny ýitirişi ýaly...
Ulujam – Atamyradym, maňa seretmek üçin ýörite ýanymda ýatýan ulujam – süýji
62
ukuda ýatyr. Ulujamyň indi özüniň ulujasy bar. Agtyjagym, «atam» diýýänjäm,
indi sizi goýup gidibermelimikäm?! Gitmäge rugsat berlen, ýanyna ýekje-de
ýolagçy alyp gidip bilmeýän poýezd. Emma ýatlamalarym, öýlenen günüm,
Aşgabatdan jaý alyşym, çagalarymyň ilkinji ädimjigine, dil çykaryşyna,
begendirşine çenli – wagon-wagon ýatlamalarym bardyr. Ýa-da olaram üzülip
galaýarmyka? Ýok, galmazlar. Olar menden başga kime gerek? Menden başga kim
olara düşüner, kim gadyryny biler? Meniň öz ömrüm ýok ahyryn, bary şu içerden
girip çykýanlara, täze alan inomarka maşynyma, hatda akwariumdaky balyjaklara
çenli paýlanan ahyryn. Ýitip, eräp, pytrap iň soňky minutlaryna, sekundlaryna,
sekundyňam müňlerçe, ýüzmüňlerçe bölejiklerine çenli paýlanyp, seçilen. Ömrüm,
ömrümiň manysy, bitiren işim diýip setanda-seýranda pikir edäýemde-de onuň
öňünde, yzynda, arkasynda, tutuş daş töwereginde, içinde-de, orraortarasynda-da
ýene öý-içerim, maşgalam, çagalarym bardy ahyryn. Meniň üçin geljegem,
geçmişem, ertirem, düýnem – şular. Indem şular menden galar. Onsoň ertirimem
ýok. Düýnümem ýokmuka? Düýnümem ýok. Onam şular mesgäni çörege çalan
kimin iýdiler. Noş bolsun. Ýöne... Owf... Aldy-la bi agyry...
...Aý aýlanyp biziň tarapymyza geçäýmel-ä. Kiçijikkäm Aýy synlamagy gowy
görerdim. Enem pahyr bu häsiýetimi halamazdy. Ulalamsoň, şu jaýa göçüp
gelemsoňam eýwana çykyp Aýy synlamak ýadyma düşmändir. Asla Aýyň yşygy
bir düşýämidikä biziň jaýymyza. Düşendir-le. Aý dogsa älem görer diýilýär-ä.
Pylanam diýme, jaýymyň penjiresi demirgazyga bakyp dur. Gytja: «Biziň öýmüz
Gün düşýän tarapda däl, gaty gyzanok» diýýädi. Haýran galaýmaly otuz ýyllap bir
gezegem Aý ýadyma düşmändir. Otuzdanam köpdür. Öýlenenime näçe ýyl boldy?
Arka tarapda bir Aý barmyka? Atamyrad-a bilýändir. Biderek zat üçin çagamy
ukudan oýarmaýyn, şol Aýy görmän ýaşapdyryn, öläýemde-de hiç zat üýtgäsi ýok.
Göresimiň gelenini diňe özüm bilerin, Aýam bilmez.
Aglama, ene jan, bes et ahyňy,
Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry
diýýämi, Gurbannazar...
O ýatan Mälik janymy öýeremde eden çykdajylary ýazan depderimmi? Şol. Wah,
elim ýetsedi, ýene bir gezejik şol aladalarymy ýaşasam... Owf! Agdarynyp
bilmezmikäm? Ýanym ýara bolup gitdi-le. Çydaýyn, ýene azajyk ýatsyn, bir
sagadyrakdan turuzaýaryn. Şulaň rahatlygy üçin diýjegimi diýip, etjegimi edip
bilmedik gezeklerm kän bolandyr. Şolara çydadym, indi bir ýan agyry üçin
turuzmaýyn. Gyzymam çykýança ölmänjik ýataýdym, Hudaýa şükür. Allaň
öňünde beýle sylagymyň bardygyny öňräjik bilen bolsam, bolmanda kelemämi
gaýtarmany gowy öwrenerdim. «Doly bilmeseň, Lä ilähä illalla. Muhammet-erresulalla diýseňem bolýa» diý-dä Mämmet aga. Lä ilähä illalla Muhammet-erresulalla... Lä ilähä illalla Muhammet-er-resulalla... Owf-f!
63
- Ýok, ýatyber oglum.
«Öňi-soňy oýanan bolsaň bir ýuwdum suw äberäý» diýäýmeledim welin... Ýatsyn.
Hakyky ukudan oýanyp barýan üçin bir owurt suwuň manysy ýok, ýatan bir
ukudan açylmasyn, çagama azar bolup bildim. Indi uzak dert bolman ölsem. Öljek
hassa ölüp dynsa ýagşy. Ýedi günümem indi bu içeri üçin artykmaç azar.
Azardygymy gizleýäler. Gizleme kemini goýanoklar. Toý geçýänçä gaýrat edip
ölmänime begendiňiz, şol begenjiňiziň ýüzi kirlemänkä ölsem ýagşy. Elimiň
gözümdäki ýaşy sylmaga-da ragbaty ýok...
Ömür, hakykatdanam, adama özüni tanamasy üçin beriläýýän bir zatmyka, soň
Allaň öňüne baraňda «Men dowzahy däl, jenneti» diýip dawa etmez ýaly? Ýok,
bahym özüňi tanaýaň-la. Şol tanaýşyň ýalam ýaşap geçýän bolaýmasaň. Men-ä
birinji gezek ýöwsellän günüm özümiň kimdigimi bildim, şoňa laýygam ýaşadym.
Bu dünýäň seň gaýratyňa aýlap bir ýumruk urmasy bar, şonda köp kişiň gaýraty
ýere ýazylyp gidýär-de, soň bigaýrat bolup turaýýar. Men-ä asylam ilden üýtgeşik
gaýratly bolmaga höwes etmändim. Poýezdem bolsam demir ýolumy özüm
düşändirin.
Bu hakykatdan ömür boýy gaçsamam, Aýsyz gije gelip ýakamdan tutdy. Aslynda,
gaçýandyryn öýdýän ekenim, ol welin, iň soňky stansiýada duşuşjagyny anyk
bilensoň kowalajagam bolmandyr.
Ýaradan, näme günä eden bolsam, köpüsini, agramlysyny öýüm-içerim,
çagalarymyň bagty üçin edendirin. Hatda Saňa ynanmazçylyk edemde-de, öýümiň
abat bolmagy üçin etdim. Olary maňa berenem Özüňsiň, eýe bol, horlama diýenem
Özüňsiň. Men muny günälerime Özüň sebäpkärsiň diýjek bolup aýdamok. Bilýän,
mensizem olar adam bolardy. Özüm bir gezegem «kaka» diýmän ulaldym. Ýöne
maňa kaka mähri ýetmedi. Belki, şonuň üçindir özüme ýetmedik zady çagalaryma
bol-elin berjek bolanym... Ýene Seni günäkärleýän ýaly boldum...
Owf-f! Öldüm-le...
Ýok, çagaly, agtykly eden Özüňsiň, bagyşlajagam Özüňsiň... Günäm ejizligimde,
Sen ejize ganym dälsiň. Men özüme ýetmedik mähriň nämedigini, onuň güýjüniň
nähilidigini bilýän. Şoň üçinem Seň mähriňe ynanýan... Owf-f!
- Bir gultumjyk suw.. oglum...
64
Çöl, çomuç, düýe süýdi...
(Hekaýa)
Aladaňdan ýola düşen ýeňil ulag orta ýaşdan agan Nurmyrat bilen altmyşa ýeten
Esen agany Garagumyň jümmüşine “Tüm” diýilýän ýere tarap alyp barýar. Olaryň
ýaş kiçisi guma belet. Okuwy gutaryp, eline “diplom” alan ýyly “kolhoz”
diýilýäniň ýykyljak-ýykyljak uçurlarynda goýundarçylyk fermasynyň müdiri
bellenen Nurmyradyň şodur-şodur bir aýagy çölden ýygnanok. Häzirem hususy
kärhanasynda mal saklaýar. Goýun bolsun, sygyr – tapawudy ýok, arrygrak maly
arzan bahadan satyn alyp, semredip satýar. Düşewündi gowy, gurply.
Esen agaňky welin, tersine, ýaşy ýoldaşyndan ulam bolsa, gum içine ýatymlyk ilki
çykyşy. Ömrüni döwlet edaralarynda geçiren bu uzynak pyýada çöle diňe
ýoldaşlaryň bilen oturyşmaga, çişlik beýleki bişirlip dynç almaga gidilýändir
öýderdi. Ine, bu günem paty-putusyny alyp cöle, hepdeligine. Onda-da “Tüme”. Bu
adyň özem ony az eýmendirenok. Ýöne dertli bolsaň, dermanyň nirede diýilse,
adam pahyr ýaýdanmaýan eken. Tüm diýýäňmi, tümüň jümmüşinede çekinmän
gitjek.
Ýogsa bu ýaşuly keselbent adamam däldi. Hassahanada ýatanam kän ýadyna
düşenok. Birdenem lukmanlar “Aşgazanyňda ýara bar – gyssag kesmeli” diýip
durberdiler. Bäş sagatlap pyçagyň aşagynda ýatan Esen aga “sag-aman” öýüme
dolandym diýip sadaka berdi.
Tigirleri ýere degmeýän ýaly, süýnüp barýan rahat ulagda parahat oturan ýaşulyň
göz öňüne sadakasyna gelen, bir döwür bile işlän tanyşynyň “Men saňa aýdaýyn –
etseň-etmeseň özüň bilýäň. Şu wagt çomujyň wagty. Çomuç ýaly derman zat ýok.
Üstesine, düýe süýdi, geçi süýdi, agaran, çal, çölüň arassa howasy seni edil eliňden
çekilen ýaly edäýer. Ýaýdanma-da git. Biziň-ä ullakan bilýän zadymyzam ýok,
size maslahat berer ýaly welin...” diýip janygyşy geldi. Bu maslahat hassahanaň
dört diwaryndan, halyňy sorap gelýän-gidýänlerden ýadan Esen agaňam
göwnünden turmazmy?! Ýöne ol çöli nirde görüpdir, kim oňa ýolbelet, ýoldaş
bolup gitjek? Şol wagt daşgynrak garyndaşy Nurmyrat bir ýerden çykdy-da
“Çomuç, düýe süýdi bilen iş bitjek bolsa, şol işi men bitireýin. Tümde gatnaşýan
çopanym bar. Her ýyl “Çomuç iýmäge gel” diýýä, eldegenok bahanasy bilen gidip
bilemok. Şol çopanlyk başga-da işjagazymam bar” diýip, nesýe işi nagt etdi
oturberdi. Esen aga muny ýagşylyga ýordy. “Hassa sagaljak bolsa, lukmany üstüne
geler” diýilmeýärmi?
- Barjak ýerimizi gowy tanaýan diýdiňmi?
- Gaty gowy tanaýan, Esen aga. Indi, men aýdaýyn, on bäş ýyldan-a aňyrdadyr.
Barsaň görersiň, myhmansöýer adamdyr. Geçen ýyl çagalary bilen üç-dört gün
65
öýüme myhman bolup gitdiler. Çagalaryny şähere gezdirdim. “On ata”, “Çagalar
dünýäsine” äkitdim – hoşal bolup gitdiler. Şonda-da uly gyzyna synym düşdi.
Bilýänsiň, meňem uly oglum şu ýyl uniwersiteti gutarýar.
- Hmm. Habar gatdyňmy, onsoň?
- Hawa, Mämmet aga ýaňzytdym. Türkmeniňki näme, şol ýazylan bolsadyr-da.
Anyk bolýa-da diýmedi, ýogam.
Esen aga Nurmyradyň ogluny ýadyna saljak boldy – hiç hakydasyna getirip
bilmedi.
- Ogluň ýokary bilimli boljak bolsa, gumly gyz bilen gepi alyşarmyka?
- Haý, Esen aga, senem şo gepi tapýaň – gepi alyşarmyka, gyzyklanýan zatlary deň
gelermikä? Näme men mal alyp satýan, ýanymdakyň şol ugurdan bilýän zady
barmy? Oňuşyp ýaşaşyb-a ýörüs.
- Hmm. Onyňam dogry. Gum çagasy işeňňir-ä bolýandyr.
Nurmyradyň şol bada gözleri ýiteldi.
- Sen sorama, Esen aga. Bir minut boş oturýamy diýsene. Düýe sagyşyny görseň...
Biziňkiler ýaly, uzak gününi telefon oýnap, aýnaň başynda sypanyp geçirmez.
Esen agaň bu deňeşdirmä goşulasy gelmedi. Ol asylam adamlara köpçülikleýin
baha berilmesini halamazdy. “Pylan obaň adamlary beýle, ileri gapdalyň halky
beýle” diýseler, içini hümlederdi. Kä içinden, kä daşyndan: “Her ýerde-de her hili
adamlar bardyr. Gowsam tapylar, erbedem duşar” diýerdi. Üstesine, dört gelin
edinen ýaşuly bir zada akyl ýetiripdi. Gelin gelýänçä gaty üýtgeşik gowy.
Gelensoň, onuňam ähli adamlar ýaly, gowy hem bärden gaýdýan häsiýetleri
bildirip ugraýar. Görüp otursaň, gelinem üýtgeşik däl eken, ähli kişi ýaly eken. Bu
bir bada seni gynandyrýar, soňam, şeýle bolmalydgyna, başgaça bolubam biljek
däldigine akyl ýetirýäň. “Alla beterinden saklasyn” diýip, bijäňe düşen geline
kaýyl bolýaň. Şonuň üçin, ýaşuly gelinli meseläni uzaldasy gelmedi.
Esen aga ýel bilen ýaryş gurýan ýeňil ulagyň gidişini öz ömrüne meňzedenini
duýman galdy.
“Mundan birki sagat öňem öýdedim, eýýäm gum obalary öňümizden çykyp
ugrady. Ýaňam on-onki ýaşly oglandym, eýýäm altmyşa ýetdim, Ezraýylyň
atlylary gapymy kakýar.”
Kesel, horluk adamyň ýüregini ýukaldýandyr-da, ýaşuly sähel bir zat bolsa, ony
ömür, düýş ýaly çalt geçip giden ýyllar... bilen deňeşdirmäni çykarypdy. Hernä,
onuň bu deňeşdirmeleriniň köpüsini içinden edýänem gowy zat. Ol daşyndan
“Ýagşydyryn, gorkmaň, gelinler, günbe-gün gowlanýan” diýýärdi. Aslynda, bu
sözler oňa kakasyndan miras galan sözler. Segsenden geçip dünýeden öten kakasy
soňky gezek agyr ýatanda, soramaga gelýänlere şu jogaby gaýta-gaýta bererdi.
“Derweze” diýilýän, göçülen ýurda ýeten ulag, asfaltdan düşüp, saga – güm içine
sowuldy. Çägä batyp aýlanýan tigirleriň öňki bady gowşady. Indi birhili ýolam
66
ýola meňzedi.
- Esen aga, ýagşymyň? Ýadaman durýaňmy?
- Ýagşydyryn.
- Ýadan bolsaň, birsalym durup, bir käse çaý içip, dynç alyp gidäýeli?!
- Aý... Kän ýadawlug-a bildirenok.
Durman gidenlerini kem görmeýän Nurmyrat sypaýçylyk bilen muny bildirdi:
- Ýene ýarym sagat, aňry gitse, kyrk minutdan goşa-da ýeteris. Ýöne dynç alalyň
diýseňiz, ýoldan sowulyp durmag-a meň bilen.
- Ýarym sagat bolsa, gaýrat ederis.
- Çaýam bardyr.
- Çaýyň bolsa, gidip barýakagam içip bileris, ýol kän çaýkanok ýaly-la.
- Içseňiz kofe-de bolmaly.
- Ol-a hasam gowy.
Kofäniň joşduryjy ysy ulagyň içine doldy. Ondan howlukman, süýjüdip
owurtlaýan Esen aga ýene içinden edýän pikirine dolandy.
“Indi “JIP-em” özüniň ýola düşenini duýandyr. Burnunyň ýeli ýatan ýaly bolaýdy.
Ol hälden myçyp barşyna, ýol sökýändirinem öýdenok. Menem altmyşyň etegine
baramsoň, ýol külterleýän ekendigimi duýup galdym öýdýän. Indi ýaşamak üçin
ýaşamak başlanaýdymy? Owal öz-özi ýaşalar ýörerdi, lukmanam ýada düşenokdy,
çomujam, çölem. Ýoluň ýoldugyny bildirýän ýerem bar eken. Allaha şükür, buça
bolsam gowul-a...”
- Dymyşyp barman, ýol kesd-ä, Esen aga.
Morta aýdylan bu söze Esen aga gobsunanyny duýman galdy.
- Aý, mendenem ýaşuly bolarmy?! Tyrryk eşikli, şlýapaly ýaşuly diýilýändirin-dä.
Ýaşuly diýip kakam pahyra diýseň. Sadakalarda gypjakly Çary Karan bilen ikisi
goşluşyp gürrüňe başlardylar, siňek uçsa, ganatynyň sesi eşdilerdi. Gelen oturar,
turup gidibilmez. Gelen oturar. Ahyry sadaka edýän: “Ýaşulular, gürrüňiňize bir
maý beriň, gelýän myhmanlary oturdara ýer tapamok. Mundan öň töwürini
galdyran turar gidibererdi welin...” diýip, olaryň gürrüňleriniň arasyny bölerdi.
Mende gürrüň barmy, Moskwa gidişimizi, Almata uçuşymyzy gürrüň
beräýmesem...
- Aý, Çary aga dagy Ak patyşaň döwrüniňem çala gyrasyny gören, urşy, açlygy,
basa-basy başlaryndan geçiren diýýäler-ä, olarda gürrüň kändir.
- Sen sorama. Hany, indi ol adamlar. Ýakynlaşýasmy, özi? Ýolgyrada gögerip
oturan üýtgeşik ösümlikler görünýä welin, çomuç diýilýän şomuka?
- Menem şolara geň galyp barýan. Çomujyň ösüp esli bolanyny kän gördüm welin,
ýaňy çykyp ugranda nähili bolýanyny bilemok.
- Sakla, durup göräýeli-le, bolmanda ysyndan-a bildirer.
Sakla diýilerine mähetdel, Nurmyrat ulagy saklady. Hakykatdanam, her ýerde-her
67
ýerde telpekläp oturan çomuç diýilýän bolup çykdy.
- Muň niresi iýilýärkä?
Gökden düşen ýaly, töwerege haýran bolup gelýän, geň ýolagçylar haý diýmän
çopan goşuna-da ýetdiler, çomujyň niresiniň iýilýändiginem öwrendiler.
Ýylgyryp öňlerinden çykan Mämmet çopan bilen elleşip durşuna Esen aga
geňlänini duýman galdy. Ol çopan diýseler, çölüň yssysyna goýdügen, şypyrmasy
gözüne düşüp, çäkmeni ýere degäýjek bolup duran mürrük pyýada görjekdi. “Bu,
Gürjüstanyň jana şypaly howasynda, dereleriň çeşme suwyny içip ulalanan pälwan
ýaly-la, tüweleme.” Çopanyň göwnem göwresi-çe bar eken, sähel gysylaýyn
diýsin-le. Olary edil ýitirip tapan ýaly, ýeňil gopup, goşlary çalmara daşady. Orta
ot ýakdy, mis tüňkçäni dolduryp çaý goýdy.
- Atagurbanam sürüň üstüne gitdi. Onsoň özi edişdirip ýör diýip geňlemäň. Biz
bular ýaly sähel-mähel iş üçin aýal-ebtada-da azar berip duramyzok. Gum
adamsydyrys, Daşoguzçalap aýtsam, eleşdirmäň. Ýomut garyndaşlar bilen
araçäkdeş bolamyzsoň dillerinem öwrenýäs.
- Bä, Daşoguzyň ýerine geläýdikmi?
Esen agaň bu geň galmasyna Mämmet aga hezil etdi.
- Şundan birki alaň aşsaň, Daşoguzyň çopanlaryna “salowmaleýkim” diýersiň Esen
aga.
- Elini uzadan ýeriňden çomuç, düýe süýdi, Mämmet aga ýaly çopany tapaýjag-ow
sen, Esen aga. “Bulara ýetjek bolsaň, ençeme menzil aşmaly borsuň” diýsene.
Mämmet aga Nurmyradyň bu degişmesine ýylgyryp:
- Meň ýaly çopan bilen düýe süýdün-ä guma aralaşyp bilseň taparsyň welin, çomuç
diýeniň hemme ýerde gögerbermeýä-how, şü. Şu taýda-da birküç alaň aşsaň
seýrekläp ugrar. Özüniň bir bitýän topragy bar öýdýän. Haý, ýöne derman zat-da.
Şol wagt bäş-alty ýaşlaryndaky mölegözje oglanjyk çalmaryň agzynda göründi.
- Jyklap durma-da geliber, how. Hany, myhmanlar bilen elleş. Gel.
Mölegöz atasy çagyransoň, çekinibräge-de içeri irdi. Ýüzüni ýerden galdyrman
myhmanlara eljagazlaryny uzatdy.
- Agtyk bi, Atagurbanyň ogly. Şulam how, çomuç tapsa, hyýar gemiren ýaly
gemirip ýör. Asyl agzyndan düşürenok.
Esen aga oglana lak atdy:
- Adyňam-a aýtmadyň.
- Aýt how, adyňy, myhmanlar bilen tanyş ahyry.
- Annagurban.
- Tüweleme, gowy adyň bar eken-ä. Bize-de çomujyňdan ber-dä.
Oglanjyk elindäki ýarsy iýlen çomujyny ýaşula uzatdy.
- Iýip ýöreniňi berme how. Bar, eneňe “Myhmanlara çomuç arassalap ber” diý.
Annagurbanjyk atasynyň aýdanyny enesine ýetirmek üçin, zyrlap çalmardan çykyp
68
gitdi.
- Ýelgamak ýaljak, how, özem. Kakasyna seň ýaly gowşag-a boljak däl diýsem,
kän halanok. Ýogsa, öz çagasyny öwýän-laýt, men. Tüňçe-dä gürrüňimize gülüp
ugrady. Muň gülküsini keseli, Nurmyrat. Türkmeniňki näme, ilki çaýdyr-da.
- Ýaş näçä bardy, Mämmet?
- Ellinä ortaladyk. Şu ýyl 57 dolmaly.
- Aramyz bary-ýogy üç ýaş eken-le. Menden-ä kän daýaw siz, tüweleme.
- Ine, senem tut ýaly bolarsyň Esen aga. Çöl diýlen bu gudratdyr. Munuň derman
däl zady bolmaz. Iýjegiň çomuç, işjegiň düýe süýdi bilen geçi süýdi bolsun. Biziň
şol goşumyz üpjin.
Ara dymyşlyk düşdi. Mämmet aga nämeden söz açjagyny bilmedimi ýerinden
turdy-da: - Annagurbanyň gidişi-gidişi bolaýdy-la. Hany, men bir aýllanyp geleýin.
Sen çaýy agdaryşdyryber, Nurmyrat. Senem ýat adam däl-ä how – diýip çykdy.
Mämmet aga çalmardan on-onbäş ädim gapdalda daşdan salynan tamjagaza
girende küýzeden agaran, çal alyp oturan aýaly Amansoltanyň ýüzünden gelen
myhmanlaryň alada getirenini okabermelidi. Emma, gaýynatasynyň girenini görüp,
käşir arassalaýan gelin welin, derrew ýaşmagy bilen agzyny örtüp ykjamlandy.
- Nurmyradyň şu gezek çyny bolaýmasa, heniz-ä dil ýaranok welin. Sen ätiýaçdan
gyzyň bilen açyk gürleş. Kakajan okuwuny gutarsa, şähere iberäýesim gelýä.
Okuwa girip bilse, arkaýyn ýatyp-turup, okabiljek öýi bolsa kemem däl...
- O gyzyň “Kakam bilerden” başga zat geplänog-a.
Şol wagt içerik gyzlary Hatyja girenden Amansoltan eje syr bermän, derrew
gürrüňi üýtgedip goýberdi. Emma, gyzyň ýüregi özüniň gürrüňiniň edilýänini
aňdy.
- Palaw etdiräýýän? Myhmanlaň ep-esli käşirem getiripdir.
- Bor-la.
Mämmet çopan aýaly ýaly ugur tapyjy däl bolarly, ol oňaýsyz ýagdaýa düşensoň
çykarman boldy. Çykyp barýaka-da näme üçin geleni ýadyna düşüp yzyna
gaňryldy. Onuň gözi Hatyjaň ýanynda wepadar güjüjek ýaly dikilip duran
agtygyna düşdi. Hatyjaň elindäki bäş-üç sany çomujam indi gördi.
- Annagurban, saňa çomuç getir diýdik-le, how.
Bu gezegem öýüň keýwanysy parahat jogap berdi.
- Hä, Hatyja ýygyp gelipdir, häzir arassalap ibererin.
Mämmet aga çykyp gidenden soň, esli salym dil ýaran bolmady. Ahyry ýene eje
görgüli durup bilmedi. Indi onuň sesinde häki parahatlykdan nam-nyşan ýokdy.
- A, gyz! Aşgabatlylar ýene gelipdir. Kakaň senden sora diýdi. Näme diýýäň?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hekaýalar toplumy - 7
  • Parts
  • Hekaýalar toplumy - 1
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2243
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 2
    Total number of words is 3847
    Total number of unique words is 2324
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2309
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 4
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2305
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 5
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2257
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 6
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2377
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 7
    Total number of words is 2969
    Total number of unique words is 1760
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.