Latin

Hekaýalar toplumy - 3

Total number of words is 3751
Total number of unique words is 2309
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelip duran, galyň tagtadan ýasalan mähnet stol, onuň bilen asla sazlaşmaýan
ýeňiljek, ejizje oturgyç jaýyň esasy bölegini tutup dur. Üstüniň matasy süzülip
giden köne diwanda ýatan goja diwardan asylan suratlardan gözüni aýyryp bilmän
synlaýardy. Alagaraňkyda birihili başga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän
Lenin bilen Dzeržinskiý hem oňa diňkelerini dikipdiler. Kagyzynyň saralyp,
ýüzüni tozan basyp gidenligi bu suratdakylara hasam adatdan daşary jadylaýjy
sypat berýärdi. Lenin ýasama gülümsiräp, gözlerini köpbilmiş süzgekletse,
Dzeržinskiniň gözi çakgyň çüýi ýaly içiňden giçip barýar. Olar gürläberselerem
geň däl. Olaryň ikisiniňem gözlerini sowman, başga seredere zat gapyşan ýaly
özüne dikanlap durmalary garrynyň bogunlaryny sanaýardy. Oýanandan esli salym
gecenden soň özüne gelip ugran ýaşuly ýüreginde dörän gorkyny kowjak bolup,
daşyndan: “Al-aýt diri ýal-aýt” diýenini duýman galdy. Suratdakylar welin
diýdiňmem diýenok. Daňyň ümsümliginde naýynjar çykan howsalaly sesi onyň
gorkusyny hasam artdyrdy.
Harby adamlarda köp duş gelýän, endigi durmuşyna öwrülip giden bu „weýenniý“
adam nire, beýdip ýatmak nire. Onuň üçin jahanyň ýagtylmasy altmyş, belki
ondanam kän ýyldan bäri, harby eşigini geýipdir diňe ukudan oýanmalydygyny,
hasyr-husur düşegiňi ýügnaşdyryp, ýuwunmalydygyny aýdýan buýruk. Ýöne bu
gün welin, onuň düşeginden turasy gelenok. Bendäniň baryp-ha haçandan bäri hiç
wagt hiç zady küýsemedik göwni birinji ýola bir zat isleýär ýa-da ol göwnüniň
islegini ilkinji gezek diňleýär. Göwni bolsa bary-ýogy „Turma, ýene azajyk ýat!“
diýýärdi.
Garry kütelen gözlerini otagyna aýlady.
Birden suratdaky çokga sakgal pyýadalaryň ikisem aşak düşüberdi. Hamala öňem
mydama diwardan syrylyp ýere düşüp ýören ýaly olar juda arkaýyn. Adatdan
daşary bir iş edýändirisem öýdenoklar. Haýran galaýmaly, Lenin bilen
Dzeržinskiniň boluşlaryny Garamurtam demi tutulyp synlap ýatsa-da geň
görenokdy. Ol „Keýpine bütin ömür diwara ýelmenen ýaly asylyp duran-a dälsiňiz,
ahyry bir hokga-ra çykararsyňyz“ diýip öňem göwnüne getirerdi. Emma olaryň
bolşy nämyrtar. Tilki gözlüsi Garamurtuň hemişeki ýöreýän ýerinde iki-baka
haýdap, hyrsyzy ony düşegine şatyrdadyp saramaga başlady. Il bilýän eken,
Pelekis diýilýäniň eline düşseň sypjak gümanyň ýok. Ol tutan ýerini doňduryp
goýaýýardy. Garamurt gymyldajak boldugyça beter ne eline diýenini etdirip bilýär
ne aýagyna. Ol gorkusyna zowladyp gygyrjak boldy, emma sesi çykmady. Lenin
26
ýyljyraklap geldi-de «Ta-ak» diýip eliniň sowuk aýasyny Garamurtyň dodaklaryna
tutup aýyrdy welin, agzy gowuşsun-la. Dili agzyny dolduryp duran herketsiz, lokga
ete öwrüldi durberdi. Asla gutarmaz öýden günleriniň gutaranyna birden akyl
ýetiren garry hopukdy. Ýene turaýyn diýip dyzynanda, dyzanma beýlede dursun
çala tisginmedem. Gapy ýapyk. Ölüp gitseňem duýjak ýok, maslygyň porsap
töwerege ýaýransoň duýaýmasalar. Sen kimiň ýadyna-oýuna düşýäň?! Gaýta şu
garram ölüp dynsa, jaýy boşatsa dýýändirler. Ol ýere dşen suratlara üm bilen
ýalbaryp gapyny açdyrjak, nobatçy oglany çagyrtjak bolýardy. Ýalbarmadan
peýdaýkdugyna düşünen, ýüzüniň gasyn atan ýygyrtary segseniňem soňlaryndan
habar berýän garrynyň gözüne ýaş aýlandy. Göz owasyndan syrygyp gaýdan ýeke
düwme gasynlaryň birini yzarlarlap, çöken eňeginden boýnuň hamynyň epinlerine
ýetdi. Ýaşuly ony sylybam bilmedi. Muny gören Lenin iki eliniň aýasyny birbirine şapyldadyp urdy-da, soňam olary biri-birine sürtüp rusçalap «Ta-ak» diýdi.
Birdenem ol sakga durdy-da garryň üstüne egilip keýpihon gürledi:
- Öldi. Gutardy. Nokat. Sen öldürdiň, bu gün özüň öldüň. Tapawut ýok. Ýok, bar.
Sen özüň öldüň. Seni öldüren ýok.
Lenin çalgyrt geplese-de geň galaýmaly Feliks Edmundowiç türkmençä suwara
eken:
- Tapawudy näme, Wladimir Ilýiç? Nokat, nokatdyr, ony çep eliň bilen goý, sag
eliň bilen goý parhy ýok – gyşarmaz. Ol ýeňseçukuryňdan giren okuň yzy ýalydyr.
Goja ýeredüşen suratlaryň gürrüňlerine düşünse-de, olaryň näme diýjek
bolýanlaryna düşünmedi. Ýöne olaryň heşelle kakýany welin görnüp durdy. Garry
munuň sebäbine-de düşünmedi. Olara näme ýamanlyk edenini ýadyna salyp
bilmedi. Birdenem soňky günlerini ýaşaýan gojanyň ýaşly gözleriniň öňünden
tutuş ömri bir-bir geçiberdi... Ol olary saklajagam bolmady...
***
Ýaňy murty tabap ugran ýetginjek özünden sähel kiçiräk oglanlar bilen saryýagyz,
çypar ýigidiň daşyny alyp, onuň surat çekişine jadylanan deýin aňalyp synlaýardy.
Saçlary altyna batyrlyp çykarlan ýaly lowurdap duran ýigit Garagumuň
jümmüşinde süýji suwly guýyň başynda tegelenip oturan ýigrimi-otuz öýli obany
gözüň alnynda ýuwaş-ýuwaşdan eýlesi-beýlesi iki garyş töweregi kagyzyň ýüzüne
sygdyryp barýar.
- Al-aýt, ediberşin-aýt. Honha, düýelerimizem...
- Diri ýal-aýt, hä?
- Dagy näme, olar ölümi?
Oglanjyklar kikirdeşip gülüşdiler. Gepine gülünen oglan, gyzaryp gidenini
27
ýaşyrjak bolýan ýaly, burnunyň üstüni owkalaşdyryp:
- Kagyzdaky düýelere diýýän – diýdi. Gülki sesi tapba ýatdy. Hakykatdanam orsuň
çeken düýeleri diri däldi. Ýöne ölen düýede çerkeziň ýumşak baldagyny syrar
durarmy? Inçemik görünse-de daýaw ýigit boljagyny aýdyp duran süňkleri irimçik
ýetginjek «Obamyzyň, alaňlyklaryň suratyny çekmek nämä gerekkä? Olar haçan
görseňem şu duruşlaryny üýtgetmän durlar-a?» diýip pikir etdi. Arasynda başyny
galdyryp oba seredýän, soňam galamly elini haýdadýan, garader bolan myhmany
synlap içgepletmesini dowam etdi: «Ondan-a öz suratyny çeksedi». Oglany geň
galdyrýan Aşgabatdan gelen mymanyň saçlarydy. Ol diňe gyzlaryň saçyny
ösdürýänini bilýärdi.
- Ondan-a öz suratyňy çekip ber.
di. iň baý hem edenli dul heleý Mamur telekeçiň ýeke dogmasydy. Çagalykdan
towguna tok diýilmän, iýse öňünde, iýmese ardynda ulalypdy.
Garamurtuň çyn ady Garamyratmy, Garagulmy, Garameretmi... şoňa meňzeş bir
zat bolmaly, ýöne ony anyk bilýän az-azdy, her kim ony Garamurt diýip tanaýardy.
Garamurty ähli deň-duşundan tapawutlandyrýan gulaklaryna ýetip duran, ujy tekäň
şahy ýaly towly, haýbatly murtudy. Diňe murtam däl. Tutuş Garagumy tirýek bilen
üpjin edýän baý heleý – Mamur telekeçiň ýeke ogly Garamurt geýnende-de iň
saýlama eşikler geýerdi. Üstesine-de daýaw göwresi göreni eýmendirerdi.
Mamuryň özi erkekleri oturyp-turuzyp bilýän, gepi-gep, sözi-söz – edenli aýal
bolansoň, ondan bolan ogla-da şo häsiýetler ýokupdy. Mamur telekeçiňem bar
derdi ogluny hakyky erkek kişi edip ýetişdirmek ýalydy. Ol ogluna ýeke gezek
şarpyk çalypdy. Şol gezek Aşgabatdan öýlerine gelen iki sany myhman üç-dört
gün ýatyp gidipdi. Olaryň biri saryýagyz çypar ýigit türkmen däldi. Emma alçakdy.
Öz dilinde birzatlar diýip gülýärdi. Hatda ol ýaňy ýetginjek ýaşa gelen
Garamurtdan aşyk oýnamanam öwrenipdi. Kese ýurtly bir gün kiçijik aýnasyny,
ýaşyl saply, poladynda ýüzüň görnüp duran päkisini çykaryp, sakgal-murtuny
sysrpdy. Ondan gözüni aýyrman gapdalynda her hereketini sypdyrman synlaýan
oglan onuň üýtgeşik päkisine höwes edipdi. Garamurt myhmanyň eýlesine bir
geçip, beýlesine bir geçip päkisini aýnasy bilen birlikde bir gysym grana hem bäş
sany aşyga satyn alypdy. Myhmanlar gaýdany bilenem alaňyň aňyrsyna geçip ýaňy
dümterip ugran murtuny syrypdy. Murtuny syryp ýyljyraklap ejesine görünmäge
gelipdi. Garamurt şonda birinji gezek ejäň eliniň gatysyny bilipdi. Ol ýaňagy
gyzyp gidenden gözlerinden ot çykaýdymyka öýdüpdi.
Näme murtuňy syryp, heleý boljak bolýaňmy? Özüňe Mamuryň ýylmanagy
diýdiresiň gelýämi? Gaýdyp murtuňa päki degreniňi göräýmäýin. Murtuň peleňiň
28
murty ýaly bolsun. Gaýratyňam şoň ýaly. Geçi sakgalyň bilen işim ýok.
Şodur-şodur Garamurtuň murtuna päki degmedi. Oňa Garamurt diýmez ýalam
bolmady, zaňňaryň murty ygally ýylyň selini ýaly ösdi. Şeýle bir murt boldy,
gözüňe söweýin, çugdamlap ýeňsesinde bogaýmalydy. Sakgaly welin, Garamurt
goýbermedi. Her hereketi bilen ejesiniň göwnünden turmaga çalyşýan ýigit
gapylaryndaky hyzmatkärden, talabandan paýyş sözüni, gamçysynyň awusyny
gysganmady. Şonda-da merdemsi heleý oglunyň bärden gaýdan ýerini görende
«Häk, höwür atym duşmady-da» diýip hyrçyny dişlärdi. Bu Garamurta iň ýokuş
degýän sözdi. Heniz bäbejikkä gum içinde şehit bolan kakasynyň sypatynyň nähili
bolanynam bilmese-de, ahmyr edip ondan ar alasy gelibererdi.
Döwrem 30-njy ýyllaryň öň ýanlary. O döwürler gumuň jümmüşinde bir guýyň
daşyna üýşen bu obajyga Aşgabatdan setanda-seýranda birlän-ikilän myhman
gelerdi. Olaram Mamur telekeçiňkide bolardylar, gaýdardylar. Emma 30-40 öýli
kiçijik obadan Mamuruň özünden başga Aşgabada gidip-gelip bilýän ýok
diýerlikdi.
Garamurtam ýyl içinde bir gezek şähere giderdi. Onda-da ne gidiş – murty ýaglap,
ädigi lowurdadyp, täzeje gyrmyzy dony şowurdadyp, eslije kümüş gyranam biline
guşap giderdi. Bäş gün, bir hepdedenem öňküsindenem peşşerlip dolanyp gelerdi.
Gelensoň, dyzlarynyň aşagyny ýalaňaçlap gezýän aýal maşgalalar, çala çekseň özözi çözülip, goýberdigiňem öz-özi daňylýan bihaýa uçgurlar, öz-özi ýöreýän
arabalar, gaýnatma çorba atylýan «gärtişge» diýilýän zat hakynda geň gürrüňler
bererdi. Ol bir gezek «möwzer» diýip birhili gysga nilli tüpeňem alyp gelipdi. Oň
bilen Garamurt alakany, beýlekini atan bordy. Şo sesine alakaň her tikesini gulagy
ýaly edäýjek ýaly welin, zähresi ýarylan janawar göreni haýran edip, hinine tarap
haýdap barýandyr. Muny gören gumlular hezil edip gülşerdiler, o bela-beteriň
sesinden welin eýmenerdiler. Degrip ataýsaň dagy içegäňi çogduraýjagy besbellidi. Zada ýaramasa-da haýbat üçin Garamurt möwzerini bilinden sallap
gezerdi.
Bir gezegem Garamurt Aşgabada diýip gitdi-de, gaýdyp dolanyp gelmedi.
Mamuram näme üçindir ýeke ogluny gözlemedi. Oba her-hili myş-myşlar ýaýrady.
Kim «Aşgabatda pul oýnap utulyp öldürilenmiş» diýdi. Emma pul diýilýäniň nädip
oýnalýanyny hiç kim göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. «Mamur telekeçiň özi
ogluny kowanmyş» diýenem tapyldy. Il-gün «Kim öz perzendini, onda-da ene
bolup ýeke dikraryny kowsun. Mamurdan beýle zadyň çykaýmagam biçeme däl
welin, Mamur telekeçi bolaňda-da garabagyrdyr-a, heýem ogluny kowarmy?
Öldürilen bolsa ahmal» diýdi-de goýdy. Mamuruň özündenem het edip sorap bilen
bolmady. Bolan iş welin şeýledi:
«Baý-gulak» diýlip Sibirde gözi açyljak bagtygaralaryň has baýap puluna ýer
tapmaýan döwüleri «Teke bazar» diýilýän ýer ahalda iň meşhur ýere öwrüldi. Teke
29
bazaryňam iň meşhur ýeri çaýhanasydy. Bu çaýhana juda özüne göwni ýetýän mes
ýigitler barardylar. Bu çaýhanada çilim ýerine ýüzi möhürli tirýek çekilip, çaý
ýerine göknar içilerdi. Ady belli, elýetmez bagşylaram gulagyna urlan ýaly
gygyryp, aýdym aýdardy. Kä «Gürjiniň» janyňy alyp barsa, kä «Sallançakly»
ýüregiňi tüýdüm-tüýdüm ederdi. Oturanlar çaýkanyşyp, käte bir çümmük Eýranyň
nohutly kişmişini agyzlaryna atyp, dere batyp aýdym diňlärdiler. Bazar sowlansoň,
o bagşylar orta oklanan kümüş gyranlardan doly ýelýyrtan ýaglygyň uçlaryny
zordan düwüp, alyp giderdiler. Pah, meslik, elpe-şelpelik diýibem şoňa diýseň. Her
kimiň gapdalynda mauzeri sallanyp durandyr. Olar gaharyny getirse, siňegem
tüpeňlemekden gaýtjak däldiler. Bir günem çaýhana murty, hamala, pişge, elleri
ýekedaban ýaly, goşarlarynyň çopüri täze gyrmyzy donuň ýeňinden çogup duran,
her egninde bir ýigdekçe oturaýmaly pyýada sary ädigni lowurdadyp, owşanaklap
geldi. Öň görülmedik bu haýbatly ýigit her kimiň ünsüni çekdi. Şol wagt çaýhanaň
töründe büküdip, ýumruk ýalyjak bolup ýassyga ýaplanyp, tirýek kükedip ýatan iki
kişiň biri beýlekisine:
Şol söwüt saplyň murtunyň birini kesip bilermiň? – diýip, kih-kih edip güldi.
Gel diýemde gels-ä keserin.
Çagyr onda, gelmese, özüm getirin.
Murt kesjek kişi mauzerini gabyndan çykaryp, ýassygynyň aşagyna dykdy-da,
dyzyna galyp:
Ah-ow! Goç ýigit! – diýip, çasly gygyrdy. Tüňçeden sähel ulurak pyýadadan beýle
haýbatly, ýognas ses çykar öýtmersiň, Garamurt ýalt edenini duýman galdy.
Bärik gel, gürrüň bar.
Garamurt birbada geňirgenjek ýaly etse-de, apaň-apaň ädimläp, göni çagyranlara
tarap gaýdyberdi. Şowhuny asmana göterilýän çaýhana birden dym-dyrslyk
aralaşdy. «Şekli kümüşe çitilmeli durna-da» asmanda doňup galdy. Diňe agyr
göwräň aşagynda jygyldaýan sary ädigiň sesi eşidilýärdi. Goçulardan oňňullugyň
çykmajagyny bilýän adamlar gözlerini gyrpman, nätanyş ýigidi yzarlaýardy. Bu
ümsümligiň ýöne ýere däldigini aňan Garamurtuňam uýlugy saňňyllaberdi.
Çagyran kişi ol gelenden bir eli bilen sapançanyň sowuk nilini onuň ýagly
böwrüne diredi-de, beýleki eline-de ýanyndakyň uzadan gaýçysyny alyp, murtunyň
bir taýyny şarpyldadyp goýberdi. Garry kempiriň ýüň daragyndan çykan gara
guzyň ýüňüni ýatladýan pişge murt ýere togarlanyp gitdi. Göz-açyp ýumasy
salymda bolup geçen bu işe Garamurt hiç hili päsgelem berip ýetişmedi. Soňam
gözleri çakgyň çüýi ýaly içiňden geçip barýan garadan gaýtmaz:
Gaýdyp şu jelegaýda görnäýseň, indi kelläňden dynarsyň. Bar gidiber – diýdi-de,
hiç zat bolmadyk ýaly, saçy täze syrylan ýylpyldap duran ýalaňaç ýeňsesini öwrüp,
ýassyga ýaplanaýdy. Onuň ýoldaşynyňam eliniň üstüne gyraly ýaglyk ýapylan
sapançaň mäşesindedigine Garamurtuň gözi düşdi. Äm-sämlikde aňňalak
30
gapdyrylan gelmişek ýigit şagga derläp, näderini bilmedi.
Saňa gidiber diýildi.
Murtuny keseniň ýanyndakyň dişiniň arasyndan syzdyryp, ýigrenç bilen aýdan bu
sözleri Garamurta Hudaýyň emri ýaly eşidildi. Ol gelşi ýaly, çaýhanadan çykyp
gitdi. Biçäre ýigit çykyp gidenden soňam çaýhanada az salym dymyşlyk dowam
etdi. Her kim aýak astynda ýatan burmaly ýeke taý murta seredýärdi.
Bagşy aga durnaň yzy gelmedi-le. Mämmedaly, bu tüýleri çaýhanaň bir
böwründen asyp goý, görene sapak bolsun. Her kim hetdini tanasyn. Göterip
bilmejek murtuny goýbermesin. Ha... ha... ha...
Garamurt daşaryk çykyp-çykman murtuna ýapyşdy. Yzyna dolanyp haklaşmaga
gaýraty çatmady. Dolanaýanda-da ol entek ýaňkylaň ýanyna ýetmänkä paçagynyň
pytrajagyna düşündi. Biçärelikden onuň daýaw göwresi büküläýdi. Ol elini
ýüzünden aýyrman gözünüň garaýan tarapyna haýdady. Köp ýöredi. Hamala,
halasgäri öňünden çykyp, çykalga salgy beräýjek ýalydy. Emma her kim oňa
haýran-haýran bakyp oňaýýardy. Kime dadyňy aýtjak, bu güwläp duran ýat
şäherde? Haýsy gapy saňa hossar çykjak? Onuň ezilen ýüreginde birinji gezek
ynsana ýigrenç döredi. Yns-jynssyz Garagumy şeýle bir küýsedi welin,
bogunlaryna çenli syzlady. «Ak çägä ýaplanyp, ýaňkylar bilen atyşsam, onusynada aldyrmazdym. Bil tutuşsam ýüzüsiniň bilini çykan ýerinden oňurardym» diýip,
ahmyrly hyrçyny dişledi. Ýöne indi nädip oba barjak? Nädip ejeňe görünjek?
Ýöräp-ýöräp sütüni süýnen Garamurt şäheriň gaýrasyndaky gonamçylyga – «Ops
öwlüýä» diýilýän ýere ýetdi. Ol başujunda ekilen agaçlaryň kölegesinde ýatan
mazarlara gözügidijilik bilen seretdi. Töwerek çolady. Garamurt ejizje pürli
arçalaryň iň edenlisiniň aşagyna bardy. Bilindäki guşagyny çözdi. Ejesiniň beren
granlary bir garry orsuň mazarynyň üstüne şaňňyrdap döküldi. Mazaryň baş ujuna
dikilen haça berkidilen suratdaky goja granlardan gözüni aýryp bilmän seredýän
ýalydy. Garamurtuň gözüne welin, gran görnenokdy. Onuň titreýän gödensiz elleri
guşagynyň bir ujuna syrtmak salmak bilen başagaýdy. Garamurt ahyry salan
syrtmagyny boýnundan geçirdi. Soň howlukman atanak çüýlenen haça çykyp, gök
salyp oturan arçaň ýokary başyndaky şahasyna elini ýetirdi. Ony özüne tarap egdide, guşagynyň beýleki ujuny agajyň berdaşlyrak şahasynyň çykan ýeriniň ýokary
ýanyndan geçirip berk daňdy. Indi diňe haçdan özüňi aşak goýberäýmelidi. Ol
haçyň üstünde durşuna birden töweregine seretdi. Entek ýigrimbäşiň dälijesi
diýilýän ýaşa-da ýetmedik, öňünden çykylar öýtmedik, «tüf!» diýse tüýkülgi ýere
gaçmadyk baý ogly henize çenli dünýäni beýle gözel görnüşde görmändi. Guşlaryň
owazymy, mymyjak şemalmy, dury asman gümmezimi... töwerek diýip-aýdardan
owadandy. «Be, mawy reňk, asyl, reňkleriň iň owadany eken-ow, men
gyrmyzymyka diýer ýörerdim» diýip, pikir eden Garamurtuň göz öňüne
çaýhanadaky goçular geldi. Ol:
31
Haý, munuň reňkiniňem, görküniňem... – diýip, paýyş sögündi-de özüni haçdan
aşak oklady. Garamurt aýagy ýere ýetmän bir asylyp, boglan ýaly etdi. Soň
şartyldy eşidildi. Ol gütläp ýere düşdi. Agaç näçe berdaşly görünse-de daýaw
pyýadanyň agramyna orta bilinden döwlüpdi. Oňa çenlem orsçalap bogazyna
sygdygyndan gygyryp gelýän garry ors göründi. Bu şol gonamçylygyň
serenjamçysydy. Garamurt turup gaçjak boldy. Boýnundaky guşagy çözülmedi. Ol
döwlen agajam özi bilen süýräp, bäş ädim gaçsa-da garry derrew yzyndan ýetdi.
Ty çýo, sumaşedşiý? Stoý tebe goworýat.
Garry tozan turzup barýan şahadah aslyşyp, Garamurty saklady. Garamurt syrtyny
ýere urdy-da, başyny dyzyna goýup aglamaga başlady. Öküz bögüren ýaly kä wagt
bir ýognas ses çykaýmasa, onuň aglaýanam bildirenokdy. Diňe ýasy eginler
silkinýärdi. Birsalymdan nämäň-nämedigine düşünen goja biçäräň gapdalynda
çökdi.
Goja Garamurty külbesine äkitdi, bildiginden ýarpy-ýalta türkmençeläp oňa arak
içirdi. Hakykatdanam göwni giňän ýaly bolan işigaýdan özüni bilmän ýykylýança
içdi. Murtunyň beýleki taýynam syryp, on-onki gün ors gonamçylyrynda ýatyp,
garry orsuň maslahaty bilen obasyna, ejesiniň ýanyna gitdi. Emma obasyna gündiz
baryp bilmedi. Ogurlyga gelen kimin çola ýerde garaňky düşüp, aýak ýygnanaryna
garaşdy. Bu oňa näçe agyr degse-de, ilki ejesine görünmän, bu sypaty bilen iliň
gözüne görnesi gelmedi. Ahyry garaňkam düşdi. Ol atuwa barýan ýaly saňňyldap,
öýlerine tarap ugrady. Emma Garamurt özüniň nähili barýanyny, aýagynyyň
ýerden süýrenýänini-süýrenmeýäninem bilmeýärdi. Hatda şol barşyna gapylaryna
ýetmän büdräninem duýanokdy. Ol gapylarynyň agzynda ardynjyrajak boldy –
bokurdagyndan ses çykmady. Ýüzüni ak tam edip içerik ätlän ogluny görenden
Mamur telekeçi «Hih» edip ýakasyny tutdy. Garamurtam iç işikde uly göwresini
aşak goýberip, ýüzüni tutup, iner çöken ýaly ejesiniň öňünde dyzyna çökdi.
Murtuňy nätdiň?
Garamurt sakawlap, sesini endiredidp, näçe agyr düşse-de, başyndan geçenleri,
özüni öldürjek bolşuna çenli birin-birin gürrüň berdi. Mamur ýüzüni ýerden
galdyrman, esli oturdy-da:
Murtuňy aldyryp geleniňden başyňy aldyryp gelen bolsaň gowy bordy – diýende
Garamurt nädip syçrap ýerinden turanynam duýmady. Şol turşuna-da gaýdyp
öýlerinde dyzyny epmedi. Ýüzüni garaňka tutup, çykyp gitdi. Mamuram sarsmady.
Belki, oňa-da «Ogly masgara bolup gelipdir» diýlenden gelmäni gowy görnendir.
Niredeigini, näme işleýänini bilmeýän Garamurt bir-iki alaňy aşansoň, gapdalynda
şalkyldap barýan mauzeri ýadyna düşdi. Halasgäri hakydasyna gelen kimin
mauzeriň agaç gabyny açdy. Gap boşdy. Megerem, ony ätiýaçdan müjewür ors
alyp ýygnan bolmaly. «Möwzerini» araga çalşan bolsa kim bilýär. Garamurt
sähelçe günüň içinde ikinji gezek syrtyny ýere urdy, ikinji gezek adamzada
32
ýigrenji bokurdagyna dykyldy. Ol Garagumyň çägesine togalanyp, janynyň
ýangynjyna bogazayna sygdygyndan gygyryp paýyş sögünýärdi. Ömründe bir
gezegem görmedik kakasyndan başlap ejesine, doglan ýurduna, teke bazaryna,
onuň goçularyna, ors öwlüýäsine, onuň müjewirine çenli gaýgyrmaýardy. Emma
onuň sesini eşidýänem, diňleýänem, alga alýanam ýokdy. Gum depelerem
bagyrlaryny ýere berşip, çöken düýä meňzäp, garalyp ýatyrdy. Olar şeýle bir
biparhdylar welin, gäwüşem çalýarmyka diýdirýärdi. Elinden ýaragy alnan, murty
kesilen, enesi tarapyndan itçe-de görülmän kowlan garamaňlaý ýigidiň bolsa bar
elinden gelýän sögünmekdi. Sögüne-sögüne ahyry gidip orsdan ýaragyny almagy,
teke bazaryna barmagy, çaýhanada öňünden çykanyň janyny jähenneme ibermegi
ýüregine düwdi. «Eje, dogry aýdýaň, beýdip diri gezenimden ölenim gowy. Ýöne
ölmezden öň içimi bir sowadaýyn» diýdi. Emma garry sapançany bermedi. Ant
içip, awy ýalap «Alamok» diýdi. Öldir ýaly ýençdi, şonda-da bermedi. Ahyry
öldürse-de ýaragyny alyp bilmejegine gözi ýeten Garamurt orsuň külbesini agdardüňder edip çykdy, şonda-da ýaragyny tapmady. Ýene-de oň iň ýakyn dosty arak
boldy. Birnäçe günläp galman içdi. Çalajan orsa getirdip içdi. Emma her zadyň
çägi bar. Arakdan doýup dünýäni duýman ýatmagyňam. Allanyň güni darydan
köp, Garamurt içmän içini hümledibem ýatyp gördi. Gün bolsa dogup-ýaşyp dur.
Indi orsuňam iňirdisi artyp ugrady. Arak getirmesini goýdy. Garaz, Garamurt
ýuwaş-ýuwaş sowaberdi. Edil gyzyşy ýaly, ýüregine myrtar sowuklyk ornaşdy.
Ors ony demirýol edarasyna - «DEPO» diýilýän ýere işe saldy. Adynyň yzyndaky
«murty» aýrylyp, diňe Garasy galdy. Daýaw, gujurly, dymma ýigidi demirýolçular
erbet görmeseler-de onuň garasöýmezliginden çekindiler. Kim «Ol bir gumly,
ejesini öldürip gelipdir» diýdi. Kim «Öýleneni gyz çykmansoň, şony öldürip
gelipdir» diýip, gürrüň çykardy. Her kim göhert ýaly hyýrsyz pyýadadan daşrak
duranyny kem görmedi. Onuňam il diýip gözi-gaşy çekip durmady. Garaň eline
ýekedaban berdiler. Onuň janynyň ýangynjyny gyzgyn demirden çykarjak bolýan
ýaly ýekedabany başyndan aýlap urşuny görseň, eýmenmez ýalam däldi. Gara
gaýdyp «Teke bazaryň» töweregine barmady. Goçularyň öňüni garawullap öz
edişleri ýaly ahmala salyp ar alasy gelmedi. Ejesi «Başyňy aldyryp gelen bolsaň
gowy bordy» diýenden soň, ol goçular gözüne çirkeýçe-de görünmedi. Ol olary
ýeke-ýeke öldürse-de ejesiniň sözüniň içinden çykmajagyny bilýärdi. Namazyny
goýdy, nahar başynda garry ors bilen arajyk içmesini goýmady. Sakgal murtuny
ürç edip, her gün gazap-gazap syrdy. Edarada aýlyk paýlaýan garaýagyzja ýumruk
ýalyjak gyz Garaň gowşak tarapyndan barmany oňardy. NKWD-äň ketdeleriniň
biri bilen arasy bar diýlip gürrüňi edilýän kassir gyz Gara durmuşa çykdy. Garaň
bu gürrüňlerden habary bolmasa-da: «Aý indi maňa parhy näme? Öňi-soňy ejemiň
alyp berjek «Baýdak ýaly gelniniň» maňa nesip etjek gümany ýok» diýdi. Birinji
gije gelniniň ýagdaýyny bilse-de bilmedik boldy. «Bu-da bir özüm ýaly
33
bagtygaranyň biridir-dä» diýdi. Hakykatda welin, Gara bar zatdan doýdy, doňdy.
Indi ony eredip, gaýtadan direldip, adam hataryna goşjak zat ýokdy.
Garaja gelin Garany hor etmedi. Ol NKWD-ä işe girdi-de, sähel salymdanam
adamsynam ýanyna aldy. Gara harby eşik berdiler. Eline bäşatar, biline sapança
dakdylar. Ol täzeden murt goýberdi. Ýene Garamurt boldy. Bar etmeli işem, ölüme
höküm edilenleri atmakdy.
Garamurt birinji gezek sapançanyň sowuk nilini goly arkasyna bagly, aňyrsyna
bakyp duran orta boýly arryk adamyň ýeňseçukuryna diräp mäşäni gysjak bolanda,
barmaklary doňan ýaly, diýenini etmejek bolupdy. Şol bada-da onuň ýadyna teke
bazaryň çaýhanasy düşdi.
Ah-ow! Goç ýigit! Bärik gel, gürrüň bar.
Garamurtuň böwrüne täzeden mauzer direlen ýaly boldy. Ol hyrçyny dişläp,
mäşäni gysdy. Ýeňsesinden ok giren adam şalkyldap ýere ýazyldy. Teke bazaram
goçulary bilen şol bada gümüň teýine gitdi. Sag eliniň ýaglak aýasynyň derini çep
eliniň gödensiz barmaklary bilen sylan Garamurtuň göwresine atan adamsynyň
ysgyny goşulan ýaly boldy. Ol sapançasyny gabyna salyp, murtuny taýly gezek
towlaşdyrdy. Emma janyny alan adamsynyň jesedine seretmedi. Ölini süýremek,
gömmek oňa degişli däldi. Garamurtda iş bitiren, aryny alan, ahmyryny çykaran
ýaly duýgy döredi. Bu duýgy ondan esli wagtlap aýrylmady. Garamurtuň günde
birnäçe adamy atýan günleri hem bolýardy. Şonda agzysary ors esgerleriniň
ýöwsellemesine onuň hasam göhi gelip, ýeke özi hatara duruzylan adamlary ýekeýekeden atyp çykýardy. Hemişe-de adamyň ýeňse çukuryndan – gün düşmezinden
atýardy. Ölüme höküm edilenleriň sandyraýşy, gözleriniň hanasyndan çykaýjak
bolşy, sowuk derläp, ysgyndan gidişleri oňa düşündirip bolmajak lezzet berýärdi.
Ol her adamy atanda, hamala, onuň jany özüne geçýän ýaly, özüniň asla
ölmejekdigine ynamy artýardy. Garamurtuň ak sakgal garrynyň äňinden ädiginiň
beýik ökjesi bilen basyp, towlap durşuna: «Keramatly işanmyşyň-la. Görkez näme
keramatyň bolsa maňa!» diýşi NKWD-äň işgärleriniňem käbirini üýşendirse-de,
onuň arkasyna kakyp: «Molodes!» diýýärdiler. Berekellalar oňa hasam meçew
berýärdi.
Teke bazardaky çaýhana bir wagt gum-guklyga öwrülipdi. Hatda bir gün Garamurt
ýanyna iki sany esgeri alyp gidip ýörite boş çaýhanaň bir burçuna buşugybam
gaýdypdy. Emma şonda-da içi sowamaýardy. Aslynda, ýüreginiň ody ejesi, onuň
söleridi. Ol şonda gugaryp galan çaýhanada näme edende-de dünýesiniň
düzelmejegine göz ýetiripdi. Garamurt şol günden adamy keýpine, serçe atan ýaly
biparh atyp başlady. Onuň käri onuň çöregidi, goragydy, abraýydy, derejesidi. Ol
adam atmasa, özüniň hiç kim boljagyna gözi ýetýärdi. «Tut-ha-tutlugyň yzy
kesiläýsä-rä, men bulara gerek bolman. Aý, heleýler dogrup dursa, adam gyrlyp
gutarasy ýok. Bu millete geregem şodur – gorkmasa sylamaz. Murtda akyl-a bar»
34
diýýärdi.
Gana suwsan Garamurt daşyndan şeýle doňýürek görünse-de öýünde ýatsa rahat
ukusyny alyp bilmeýärdi. Kä wagt düýşünde öz ejesini atýarmykam öýdüp
basyrganyp oýanýardy. Käte-de haýsydyr bir işan ony keramaty bilen jadylap, oda
oklaýardy. Bir günem ol gijesi bilen iş ýerinde bolmaly boldy. Haýran galaýmaly,
ol näçe ýyldan bäri ilki gezek ukusyny alyp oýandy. Ne düýş gördi, ne-de
basyrgandy. Diwardan asylgy suratlar onyň ukusyny goran ýalydy. Hasam Stalini
diýsene, özünkiçe bolmasa-da haýbatly murtlary, gaýşaryp duruşy Garamurta
arkasynda gala bar ýaly täsir edýärdi. Garamurt göni naçalnigi «Gyzyl orsuň»
ýanyna bardy-da iş ýerinde ýatyp-turmaga rugsat sorady. Nämäň nämedigine şo
bada düşünen naçalnik ýylgyryp: «Sen tarhansyň, Garamurt!» diýdi. «Tarhan»
sözüni eşden pyýada murtuny towlap ardynjyrady. Birdenem ýadyna ejesi düşüp
gitdi. Ejesiniňem gowy görýän sözi «tarhandy».
Şeýtdi-de Garamurt iş ýerine çaýy-çäýnegi, paty-putusy bilen göçüp geldi Ol indi
dünýäni unudyp, egnindäki şinelinem aýyrman, ädiginem çykarman arkaýyn
uklaýardy. Daň bildirendenem turup maşk edýärdi, maşkdan soň gyşyn-ýazyn
üstünden bir bedre sowuk suw guýýardy. Muny oňa «Gyzyl ors» diýýän naçalnigi
«Şeýtseň, nerwiň berk bolar» diýip öwredipdi. Garamurt özüni ähli adamlardan
tapawutly duýýardy. Hatda adam atmak wezipesi hem şeýle üýtgeşikligi üçin
özüne ynanylan hasaplaýardy. Öz ýanyndan özüne «Diňe maňa adam atmak
hukugy berlipdir. Diňe men lezzet bilen jan alyp bilýän. Men Eraýylyň ýerdäki
wekili. Ta-ak!» diýýärdi.
Garamurtuň iş bolsa-bolmasa edarada ýatmak häsiýeti aýaly üçinem kemje kerdem
däldi. Oglam oglanjykka-ra kakasynyň işde ýatyp turmasyny kän bilmedi.
Ulalansoňam kakasynyň kimdigini, näme işler edenini aýdanyndan, ýaşyranyny
kem görmedi. Ejesiniň ýanyna gelýän «Alik daýy» oňa murtlak, hyýrsyz adamdan
has mährem göründi.
Ýyllar geçdi. Garamurt üçin agyr günler başlandy – uruş turdy, adam atylmasy
galdy. Ýogsa Garamurt üçin uruş turdy-turmady birdi. Onuň urşa alynjak aladasy
ýok – milisiýa işgärleri bronlydy. Ol harby eşikli, uzak gününi edaranyň darajyk
kabinetinde o burçdan, o burça gatnap geçirýärdi hem özüniň urşa alynmaýanyna
begenýärdi. «Diňe şu bähbidem ähli zada degýär» diýip, özüne jellatlyk käriniň
ynananylanyna depesi göge ýetýärdi.
Garamurt urşuň nähili gutaranynam bilmedi. Çünki uruş ýyllary radiodan Lewitany
diňlärdi, milisiýaň işgärleri bilen urşuň gürrüňini ederdi. Kim urşa gitmejek bolup
gaçgaklyk etse, ony tutmaga kömekleşerdi. Ururşdan soň welin, onuň güni asla-da
geçmedi. Stalin öldi. Bir günem onuň kabinetindäki üç suratyň biriniň, iň erkek
kişi saýýanynyň suratyny alyp gitdiler. Staliniň suraty äkidilensoň Garamurtuň
göwnüne kabineti boşap galan ýaly bolaýdy. Ol surat Garamurtuň arkasynyň dagy,
35
öňüniň galkanydy ahyryn. Soňa-baka ol «Staliniň guýrugy» diýlip atylmakdan
gorkup başlady. Ýüzüne kül sepilen ýaly bolan murtlary sallandy, sesi ýuwaşady.
Emma ony atmadylar – türmä garawül etdiler. Özüniň atylmajagyna düşünen
Garamurt muňa begense-de, bu işigaýdan üçin tutulanlary atmasa işi netijesiz
ýalydy. Garawulçylygyndan hiç hili lezzet almaýan garry özüni gapyň öňünde
goýlan gury töňňe ýaly görýärdi. Ýaşam gidip barýardy. Indi elleri sandyraýardy.
Şol sebäpden oňa setanda-seýranda atuw jezasy berlýänlerem atdyrmaýardylar.
Garamurtuň ýigrendigi ýaşlar ýetişýärdi. Ol ýaşlary garrylaryň belasy saýýardy.
Olar köpeldigiçe, garrylar azalýardy. Muňa garamazdan Garamurt öljege
meňzänokdy, henizem kellesi çüri, maňlaýy bäş ýyldyzly papakly, köne şinelli
milisiýaň jaýynda ýatyp-turup ýördi. Täze gelenler oňa indi hiç işi hem
etdirmeýärdiler – “Seni pensiýa çykardyk, biziň weteranymyz” diýýärdiler.
Milisiýaň jaýyny boşadam diýip bilmeýärdiler. “Aý, ýene ýaşasa sähel ýyl ýaşar,
öler gider-dä” diýip oňuşyk edýärdiler. Garamurt bolsa ne ýasa görünýärdi, ne-de
toýa gidýärdi. Dört diwar, Leniniň, Dzeržinskiniň suratlary onuň gürrüňdeşi, ýakyn
ýoldaşydy. Dogrusy, Stalin gideli bäri olar bilenem uzak gürleşip durmaýardy.
Garamurtuň iň köp gaýtalaýan sözi türkmençä geçirseň hiç bir manysyz, diliň
ugruna «şeýle» diýmegi aňladýan ors sözi «takdy». Bu sözi ol uzadyp «ta-ak» dýip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hekaýalar toplumy - 4
  • Parts
  • Hekaýalar toplumy - 1
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2243
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 2
    Total number of words is 3847
    Total number of unique words is 2324
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2309
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 4
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2305
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 5
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2257
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 6
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2377
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 7
    Total number of words is 2969
    Total number of unique words is 1760
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.