Latin

Hekaýalar toplumy - 1

Total number of words is 3794
Total number of unique words is 2243
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hydyr Amangeldi
Hekaýalar toplumy
1
Böwürslen
(Hekaýa)
Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
***
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy
10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün dogmanka
oýanaýmalydy. Muny oňa enesi heniz mekdebe-de gitmeýäkä öwredipdi. «Daňdan
perişdeler gezýärkä oýa bolsaň, köp sogap gazanarsyň, süňňüň ýeňil bor» diýipdi.
Togsana golaýlansoň, bir-iki ýyllykda dünýeden gaýdan enesini Nurum dünýede
ähli zatdan gowy görýärdi – hat-da kakasyndanam.
Bu gün bolsa ol şeýle-de ir turmalydy. Geçen hepdeden bäri Nurum daňdan turup
jülgeden böwürslen ýygýardy. Soňam ejesi gapylaryndaky bulgary satmaga
äkidende ýany bile bazara gidýärdi. Ýyganja böwürslenlerini satýardy. Soňam
gazananja puluny ejesine berýärdi.
Daňdan nähili täsin. Onuň täsinliginden töweregem üýtgeşik geýnen ýaly
görünýär. Ynha, Gün dogup töwerek gyzyp ugransoň dünýäň ýüzüni kirşen basan
ýaly bolar. Häzir welin, böwürslenlerem edil bir ýere baglanan merjen däneleri
ýaly. Buz ýaljak miweleriň aýratyn tagamyny nädip düşündirjek. Daňdan tur-da
böwürslen ýygyp gör şonda bilersiň diýäýmeseň...
Nurum böwürslenleriň tagamynyň nähili gowudygyny dil bilen düşündirip
bolmajagyna azajyk gynandy. Edil böwürsleniň tikeneriniň eline ýara salanda
çalaja gynanyşy ýaly...
***
Maksat «BMW»-siniň ýeňil ruluny ýeňil tutup, gününden hoşal barýardy. Birden
onuň jübi telefony hoş owaz etdi. Ol kimiňdir biriniň jaň etmesine begendi.
Telefon bolsa hezil – ol çagyrylmadyk myhman däl. Ýüregiňe düşse ýa halamasaň
telefony öçüräýmeli. Emma Maksadyň ony öçürmäge gaýraty çatmady. Jaň edýän
aýalydy. Ol nälaç, ýüzüni-gözüni bürüşdirip jogap berdi:
– Hawa, Maksat diňleýä.
– Men.
– Hawa, sen. Näme gerek?
– Bulgar burç gerek. Ajjyga ýapýan, näme derrew al-petimden alýaň?
– Näçe kile?
– Iki kile bor-la?!
– Men näbileýin. Iki bolsa iki.
– Gyýw, bolýa diýip agşam süýräp getiräýmegin. Şeýle-de Gün gidip barýa. Men
baňkalary ýuwuşdyryp otyryn. Häzir getir. Gowsunam gözläp ýörme, arzanragam
bolýa.
Maksat laýyk bazaryň deňinden barýardy. Ol maşynyny gyra sowup saklady.
– Bolýar, on bäş minitden barýan.
2
Bazar adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Maksadyň häzir onuň jümmüşine çümesi
gelmedi. Onsoňam bazara giren ýeriňde, ýerde oturyp satýanlar, alyp-satar
bazarçylar bolmansoň zatlaryny arzan berýärdiler. Maksadyň gözi bulgar burç
satyp oturan daýza düşenden göni şoňa tarap gaýtdy.
– Bulgary näçe diýýäň?
Pukara nazary geýnüwli ýigide düşenden hasam müýnürgän Nurumyň ejesi:
– Iki müňden. Alaý, bar galanjam şü – diýdi. Maksat içinden «Muň bazarçy däldigi
bolşundan belli. Bazarda iň arzan bulgaryň şuňkudygyna golam çekerin» diýip
pikir etdi-de:
– Manat ýarymdan bolanokmy, iki kile aljak – diýip, ýerde aşagyna kardon kagyz
ýazyp oturan daýza diňkesini dikdi.
– Ýok, janym. Bar galanjam şü. Ikiden alyp durlar.
– Bolýa-da. Munyň iki kile bir çykarmyka, hany çek.
Çommalyp oturan Maksadyň ilikleri ýazdyrylan penjeginiň syny guma degdi. Ol
mundan bihabar gapjygyny açdy.
– Pakediň bamy?
– Ýok. Özüňde ýokmy?
Maksat töweregine garanjaklap paket satýan gözledi. Açylan gapjykdaky bir petde
pula gözi düşen Nurum saklanyp bilmedi:
– Daýy, böwürslenem alaý. Şü ýaman gowy zat, gany köpeldýä. Alaý.
– Men howlugýan-laý. Hany pakediň ýokmy?
– Pakedim bar, ine. Ýaman gowy zat, ganyňy köpeldýä, daýy.
Nurum ýukajyk selofana salynan böwürslenlerini mazamlady.
– Ýok-how, maňa bulgar salar ýaly paket gerek.
Maksat oglanjygyň bolşuna ýylgyryp burç satýan daýza seretdi.
– Şu-la zor edibem böwürslenlerini aldyrjag-aý.
Daýzaň ýüzüni aşak salyşyndan aýdanyny halamanyny duýan Maksat oňaýsyz
ýagdaýdan çykmak islän ýaly ýene oglanjyga bakdy:
– Näçe diýýäň, onnoň eliňdäkini?
– Dört müň manat.
– Dört müň?! Gymmat-laý.
Daýza oglanjygyň ýerine jogap berdi:
– Üçe alaý.
– Üçe alaý, daýy, bar galanjam. Ganyňy köpeldýä...
– Aý bolýa getir. Söwda etmän-ä oňarjak sen.
Nurum begenjine nädip guş bolup uçmady biz haýran. Ol ýyljyraklap iň soňkuja
böwürslenlerini Maksadaa uzatdy. Oňa çenli bulgar burç salar ýaly pakedem
tapyldy. Maksat ilki burçuň bahasyny töläp, soň üç sany müňlügem böwürslen
üçin daýzaň öňünde goýanda göwnüne müňlükler üç däl-de, dört ýaly göpündi. Ol
ýene bir gezek başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan geçirip
pullaryň üçdügine göz ýetirdi. Ýerinden turup maşynyna tarap gaýşarlyp ugran
Maksat penjeginiň gyrasyny gum edenini gördi. Böwürslen bilen burjuny bir eline
alyp beýleki eli bilen penjegini kakyşdyryp barşyna ol içinden paýyş sögündi.
– «BMW»-e ýetseň, öýe ýeten ýaly bolaýýaň-aý – diýip pikir eden Maksat ýola
3
düşeni bilen telefonyny eline aldy.
– Sulýa!
– Sulýa diýmesene, süle ýaly bolýar. Sülgün diý.
– Bolýar, bolýar, Sülgünjigim, sen böwürsleni gowy görýäňmi?
– Obožaýu.
– Onda garaş ýarym sagatdan barýan, okeými?
– Okeý.
Telefony ýapan Maksat:
– Sülgünimiň ýanynda bir süýnsem, ähli ýadawlygym gider, onda-da
böwürslenlije. Ýaňky oglanjyk näme diýdi? Hä, ganyňy köpeldýä...
Öýüne gelen Maksat bulgar burçly pakedi alyp maşynyndan düşdi. Ol jaýa gireni
bilen 5-6 ýaşlyja Ahmedi ylgap maşyna mündi. Müneni bilenem gözi
böwürslenlere düşdi.
Maksat:
–Men howlugýan, işe ýetişmeli – diýip maşynyna dolanyp gelende
böwürslenleriniň ýokdugyny gördi:
– Hany, böwürslen alypdym-la?
– Ony eýýäm ogluň içki tama geçip iýip otyr.
– Bäh, bu çagalar niräňe dyksaňam ýolup alyp iýjekler-aý.
– Kakasy sen-dä.
– Hawa-laý, şoň üçin alypdym-laý. Ýuwup iýsin.
Gaýdyşyn ýene bazara sowlan Maksat bu gezek onuň hyň berýän jümmüşine
çümmeli boldy. Emma hiç ýerden böwürslen tapmady.
***
Böwürslenlerini satan Nurum ejesi bilen eýýäm öýlerine ýetip barýadylar. Ejesi
görgüli ýol boýy ogluna guwanyp geldi. Geýnüwli ýigidiň ogluny öwüp
aýdanlaryny gaýta-gaýta gaýtalady. Nurumyny edil şoň ýaly geýnüwli, gapjygy
puldan doly göz öňüne getiren ene durup bilmän onuň başyny sypap maňlaýyndan
ogşady. Awtobusyň içinde, köpçülikde özüniň ogşalmagyndan çytylan Nurum:
– Eje beýtmesene – diýip gyzardy. Soňam birden ejesine tarap öwrüldi-de:
– Eje, çyndanam kyýamatda kim günä eden bolsa, şony oda ýakýalarmy? – diýdi.
Onuň edil özi oda ýakylyp barýan ýaly gözjagazlary balkyldaýardy.
– Sen günä edeňog-a, oglum.
Nurum sesini çykarmady. Ahyry öýlerine ýetenlerinde olaryň öňünden kakalary
çykdy. Neşä özüni aldyran, çala şemal gatyrak gelse göterip alyp gitjek kakasy
hüňürdeýärdi:
– Şunça wagtlabam bazar bolarm-aý? Ertirden bär-ow, gözüm ýoluňyzda galdylaow. Azarlap öldümä-row.
Nurumyň ejesi sesini çykarman içerik girdi. Onuň diş-dyrnak bolup gazananjasyny
adamsyna beresi gelenokdy. Bermänem bilenokdy. Nurumyň welin keýpi kökdi:
– Kaka, kaka! Menem ählije böwürslenlerimi satdym.
– Bolýa-laý. Seň böwürslenleň bilen...
Kakasy Nurumyň ýeňsesine çalyp goýberdi. Muny gören eje görgüli saklanyp
bilmedi – eline ilen boş çaý gaby boldy, şony dazyladyp adamsyna tarap saldy.
4
Gaty gapyrjak gözüňe degse çykarjak, maňlaýyňa degse ýarjakdy. Birden tutuş
durky bilen üýtgäp, gaýduwsyz sypata giren ejäniň bolşy edil kürk towuguň
jüýjesini goramak üçin özüni oda urmaga-da taýyn, hiç zatdan heder etmeýşine
meňzeýärdi.
– Barmagyňam degiräýmegin, ogluma. Edil barmagyňy ýeke-ýeke sograryn.
Aýalyndan, ýuwaş pakyrym görgüliden henize çenli beýle zady görmedik
neşebendiň zähresi ýaryldy. Gorkusyna saňňyldap diline näme gelse samraberdi:
– Degmedigim, degmedigim. Men bir Hudaý uran-a, siz bir meni urmaň-da. Belaň
körügi men, ne ölüp bilýän, ne-de şo haramy taşlap bilýän. Men bir Hudaý uran-a.
Siz bir meň bilen deň bolmaň-da...
Nurumyň ejesi pul düwülen ýaglygyny adamsyna tarap zyňyp goýberdi-de biş-düş
bilen boldy. Düwünçek öňüne düşen neşebent gurap süňk bolup galan, gyssanjyna
titireýän uzyn barmaklary bilen derrew ony çözdi. Içindäki pullaryň baryny garbap
eline aldy. Birdenem her hereketini sypdyrman syünlaýan oglunyň monjuk ýaly
ýyldyraýan gara gözlerine gözi düşdi-de sakga durdy. Gysymyny açyp diňe bir
çekerlik puly aldy, galanyny ýalyga atdy, emma durup bilmedi – puldan ýene dört
sany on müňlügi aldy. Soň ýaglygy hasyr-husur düýrläp, öňküsi ýaly düwdi.
Aýalyna:
- Hemmesini alan däldirin-eý – diýip gygyrdy.
Ol ylgap diýen ýaly daşaryk çykdy, ýelkidikläp neşe satýanyň öýüne tarap
haýdady. Ol aýagynyň ýere degýäninem duýman barşyna içinden aýalyna alkyş
aýdýardy.
Nurum welin, kakasynyň urulmagyna namys etdi. Başga biri bolsady «Näme
kakamy urýaň?» diýip topuljakdy, ýöne ejeňe zat diýip bolýamy.
***
Nurumyň kakasy ady hammam, köne kümäň içinde çugutdyryp näçe oturanynam,
gözünden ýaş syrygýanynam bilenokdy. Onuň göwnüne henizem aýaly:
«Barmagyňy ýeke-ýeke soguraryn» diýip duran ýalydy. Birden jygyldap
hammamyň gapysy açyldy. Ogly Nurum boýunjagazyny içerik uzatdy. Kakasy
gaňrylyp oňa seretdi.
- Kaka, kaka... Aglama, ejem ýöne gaharyna diýäýdi. O seni gowy görýär-ä.
- Bilýän oglum, bilýän. Menem seni bilmän urdum, urjak däldim.
- Hiç, o hiç. Pulam hiç. Ertir ýene böwürslen ýygaryn. Baý adamlar böwürsleni
ýam-man gowy görýäler. Kaka, men ulalamda bizem baý bolarys gerek?..
***
Garaňky düşdi. Nurumam ertir daňyň atjagyna ynanyp uka gitdi. Düýş gördi.
Düýşünde şeýle bir hezillik. Töwerek, ýöne, böwürslen bolup ýatyr. Olam ejesi
bilen olaryň üstünden gol tutuşyp uçup barýalar.
– Eje, bu böwürslenleň kändigini, özem ýygylgyja. Bazara äkidip satsak, kän
pulumyz bor.
– Indi biz bazara gitmeris, oglum.
Nurum uçup barşyna hem ejesiniň aýdýanlaryna, hem onuň Aý ýaly töwerege
5
şöhle saçyp, lowurdap duran ýüzüne haýran galýardy.
– Eje näme boldy?
– Kyýamat gopdy, oglum.
Nurum sakga durdy.
– Hany, kakam? Ony oda ýakýalarmy? O meni çalaja urd-a. Alla jan, ony oda
ýakma, ony bagyşlaý, Alla jan! Alla jan, sen gow-a. Enem saňa gowy diýýädi. Alla
jan!…
***
Nurumyň ejesi welin, penjireden düşýän Aýyň ýagtysyna seredip uklap bilmän
ýatyrdy. Ol entek gyzka ejesiniň:
– Gyzym, aýalyň adamsy ýerdäki Hudaýydyr – diýenini ýatlaýardy. Onuň turup
dolan Aýy synlasy geldi. Ol kiçijikliginden Aýy synlamagy gowy görýärdi. Onuň
ady Aýbölekdi. Ol oglunyň basyrganyp «Alla jan!» diýmesine tisginip gitdi.
– Ýatyber oglum, ýatyber.
Nurum oýandy.
– Eje meni daň atdygy turuzgyn.
– Bor, oglum ýatyber.
Turup Aýy synlamaga penjiräň öňüne barmadyk Aýbölek ahyry uka gitdi. Ertir
daň agarar, Nurumyň garaşýany üçin daň agarar. Ýogsa daň adam üçin
agarmaýarmy näme?!
Aşgabat. 2002.
6
Atgulaksyz tabyt
(Hekaýa)
Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot
söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem
Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz
olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden
gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri
olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý,
köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir
olardan galaýsa ýarsy galypdyr. Oraz säher bilen ýüregini gysdyrasy gelmedi.
Inçeden uzynak ýigit oglan ýaly ýeňil turdy. Beýleräkde ýatan sazak böleklerinden
köreýän oduň üstüne atdy. Közüň reňkiniň owadandygyny. Şeýle owadanlygyňam
köze berilşini. Töwerek asuda, ümsümlik. Gündizki çoz-ha-çoz, top oklarynyň
gümmürdisi bolmadyk ýaly. Oraz mergen «Daňam golaýlaberendir-le, täret
kylaýyn» diýip, eli kündükli gapa ýetiberende gelen iňňil-dä gaňryldy. Iňlän bir-iki
günlikde çigininden ýaralanan dosty Haljandy.
- Haljan!
- Ýok-laý, bilmän bijaý agdarynaýypdyryn. Näme ýataňokmy?
- Aý, indi daňam golaýlandyr.
- Hmm. Ýene azajyk irkileýin-le...
Haljan gözüni ýumdy. Öz ýanyndan «Men ýarasy gutulandyr öýdüp ýördüm» diýip
daşaryk çykany bilen ýaňja tamdyrdan çykan çöregiň janyňy alyp barýan ysy
Orazyň burnuna urdy. Iki öý beýleräkde tamdyr garalyp görünýär,
aňyrragyndanam bir garryja ene eli kündükli barýar. Birdenem horazyň sesi geldi.
Oraz gulaklaryna ynanmady. Bäh, horazam bar eken-aý. Hamala gabawam ýok,
urşam ýok. Gün çyzylar, bary ýene başlanar. Ol namazyna howlukdy.
Gökdepe galasynyň gabalanyna on-onki gün bolupdy. Emma ol günleriň hersi bir
aýa, bary birleşibem uzyn tükeniksiz ýyla süýnene meňzeýärdi. Duşmanyň gelşi
gazapdy. Galaň içinde ýarylýan top oklarynyň derdinden ýer goduk-godukdy. Näçe
hüjüm yzyna gaýtarylyp, näçe ors gyrylanam bolsa edil äjit-mäjit ýaly birini
öldürseň ikisi döreýärdi.
Oraz namazyny okap boldy-da tüňçeleri suwdan dolduryp oduň alkymyna
süýşürdi. Oýaly-ukuly ýatan ýigitlerem birlän-ikilän örüp ugradylar. Diňe Haljan
bir elini ýarasynyň üstüne goýup süýji ukuda ýatyrdy. «Entek namaza maý bar-la,
tüňçeler bir gaýnasyn» diýip zol dostunyň ýüzüne seredýän Orazyň ony turuzasy
gelenokdy. Tüňçelerem howlugsaň-a rikge eder welin, häzir hasam çalt gaýnady.
Oraz sazagyň egri şahasyny olaryň biriniň sapyndan geçirip öňüne çekdi-de çaý
demledi. Ahyry nälaç «Haljan! Namazyň geçýä» diýdi. Elini beýleräkde ýatan käsä
7
uzatdy. Käsäni eline alandan ýüregi jigläp gitdi. «Bäh, muň meňzeşdigini.»
O wagtlar Oraz ýaňy hyrly götermäge ýarapdy. Birinji gezek dogany ony käkilige,
awa äkidipdi. Awlary oňupdy. Hatda dogany oňa iki gezek hyrlysynam ynanypdy.
Iki okam boş geçmändi. Doganynyň «berekellasynam» alypdy. Ynha, hamana dag
goçyny alyp gelen ýaly Oraz uran käkiliklerini (elbetde içinde doganynyňkylaram
bardy) ejesiniň oňünde goýupdy. Ejejsi «Tüweleme, siziň tohumyňyz mergen-ä»
diýip arkasyna kakypdy. Şonda aýagy büdredimi ýa-da bijaýrak ýapladymy hyrly
söýelgi ýerinden ýykylyp, nili gyrada duran akja käsä degipdi. Käse dik ikä
bölündi.
- Wah... haýt... Eneňden galanja käsedi...
Bar eşiden käýinjem şo boldy, ýöne Oraz sygyr döläň arkasyna geçip aglapdy.
Ejesi bir salymdan gelip başyny sypap «Men saňa käýýemedim-ä, oglum» diýip
köşeşdirip öýe alyp gelipdi. Doganam: «Aglak oglandanam awçy bolarmy?»
diýipdi. Şodur-şodur Orazyň gözüne ýaş aýlanmandy. Hatda şol dogany
ýogalanda-da.
Aslynda, ýigrimi-ýigrimiki ýaşlaryndaky Oraz üçin dünýede düşnüksiz zat ýokdy.
Ölüm-dirilik, ýalan-çyn, mertlik-namartlyk, akyllylyk-akmaklyk edil ak bilen gara
ýaly aýyl-saýyldy. Heniz nätjegini bilmän, aljyrab-a görmändi welin, şeýle güne
düşäýse-de ýaşulularyň maslahatyna eýermelidgine ynanýardy. Dünýede öler jany
ýaşulularyň gürrüňini diňlemekdi. Şonuň üçin ol gereginden artyk gürlemezdem,
jedele-de goşulmazdy, howsala-da düşmezdi. Kän bir oýlanyp, pikire batyp, dünýä
haýran bolubam ýörmezdi. Içini hümledip oturan birini görse-de ondan bahymrak
daşlaşanyny kem görmezdi. Onuň üçin ähli zadyň bir tarapy bardy – olam öňüdi.
Sagy, çepi, arkasy, aşagy, ýokarsy – bularyň bary öň tarapyň belli bolmagy üçin
ýaradylan goşmaça taraplardy. Hatda ygrar, lebiz, mertebe, ar-namys, dost,
duşman... ýaly meselelere-de şeýle serederdi.
Gala gabalyp, uruş başlanaly bäri-hä Orazyň ýüregine hasam parahatlyk gelipdi.
Ähli zat düşnükli. Her kim, başa inen agyr güni gerşinde çekýär. Gahrymançylyk
görkezmegem, ajala el bulamagam ýok. Edil şonuň ýaly bigaýratlaýanam ýok.
Oraza galanyň depesinden ýörite mergenler üçin edilen garawul diňinden ýer
görkezdiler. Öňüňde-de duşmanyň geljek tarapy – at gaýtarym ýer. Arka-da ýok,
sag-solam. Tä demiň tükenýänçä ýa-da duşman gyrylyp gutarýança nyşana almaly,
mäşäni gysmaly. Okuň boş geçmeli däl. Bolany. Elbetde, her kimiňem, şolaryň
arasynda Orazyňam, diňe gaýry dinliň gödeňsi ädikleriniň tozanyny,
naçarlarymyzyň dat edip gaçyşlaryny göresi gelmeýärdi...
Erňegi gyzyl çyzyklyja akja käsä çaý guýunan mergen saçakda çöregiň ýokdugyny
gördi. Irdenki ys täzeden burnuna uran ýaly boldy. Galdaw ýigit çalasyn ýerinden
turdy.
- Haljan, çaýyň başyna geç, men çörek alyp geleýin.
8
Tamdyryň gyzgynam entek gitmändir. Oraz ardynjyrady-da işigi açdy. Şol
pursatam... Ol oňa seretdi. Olam oňa. Ol elindäki saçagy uzatdy. Olam aldy.
Soňam tamdyrdan ýaňy çykan ýyljak çörek Orazyň bokurdagyndan geçmedi.
Sähelçe wagt. Bolmanam biljek, bolmanda-da bolmandygy bildirmejek suw
ýuwdum wagt. Dört örüm gara saçlar. Mähirden, ýylydan doly balkyldap duran
maral gözleriň dözümsiz, nebsi agyryjy seredişi. Birdenem gyzyň ýüzüniň gyzaryp
gidişi, nazarynyň aşak bakyşy. Ýene-de köp zatlar – bu dünýä sygmajak, onuň
gursagyna-da şonuň üçin sygmaýan, asla düşündiribem bolmaýan zatlar şojagaz
wagta sygyp geçip gitdi. Geçip gitdimi ýa-da gelip Orazyň döş kapasasyna
girdimi? Bir ýüregiň zordan ýerleşýän ýerine ikinji gysylyp salynan ýaly boldy.
Ýeke ýürek ýalňyz özi özbaşyna beýle gürsüldäp urarmy? Ol şu wagta çenli
ýüreginiň bardygynam bilmeýärdi ahyryn.
Orazyň ýadyna bir gezek Haljan bilen suwa gelýän oba gyzlaryny gamyşlykda
bukulyp, synlaýyşlary düşdi. Gün guşluk wagtlarydy. Gyz synlajak diýip, olaryň
ýoluna howsala bilen seredişip otursalaram, ikisiniňem garagaýgysy gyzlar däldi –
bolup ýörüşleri ile peçan bolaryndan gorkýardylar. Birdenem gyzlar bäş-alty bolup
güsärdeşip geldiler. Dünýeden bihabar gülüşip, küýzelerini suwdan dolduryp,
ýaşyl-gyzyl öwsüşip deňlerinden geçip gitdiler. Orazyň welin, ýüregi sähelçe-de
üýtgemändi. Gaýta özüni ogurlyk edýän ýaly duýup, bolşundan utanypdy. Gyzlar
gidensoň iki dostuň ikisem seslerini çykarman gamyşlykdan çykyp gaýdypdylar.
Diňe Halja „Meň ýaly eşek ýokdur-laý“ diýipdi. Ol gyz synlamak pikirini tapany
üçin özüni gynaýardy. Bu waka öňki uruşdanam öň bolupdy. Azyndan üç ýyla
geçendir.
Ýene top oklary ýeri sarsdyrmaga başlady. Mergenler ýerli-ýerden hyrlylaryny
alyp, galaň depesine alňasadylar. Käselerde ýarpy galan çaýlar sarsgyna titräp
galdy. Şuwlap gelýän oklaryň gala ýetmän ýarylýany, ary köýen ýaly galyň diwara
urulýany, galadan aşyp içine düşýäni haýsy. Ýeriň goduklaýşyny, galaň oburlyp
gaýdyşyny Orazyň gözem görýär, gulagam eşidýärdi, emma göwnüne bu zatlar
düýş, ýalan ýalydy. Öň «Wah, şu toplary bolmasady, atyşsalar, gylyç salyşsalar
ýeňilsegem mert ýeňilsek» diýýän ýigidiň akylynda ne ýeňiş bardy, ne-de ýeňiliş.
Ol biparham daldi, emma urşuň parhynam öňki ýaly duýmaýardy. Hyrçyny dişläp
«Hany, gaýratyňyz bolsa, biiňiz boýnuňyzy görkeziň» diýip mäşäni gysmaga
taýýar bolup ýatan mergen şol bir wagtyň özünde-de ala daňdanky eli saçakly
gyzyň akylyndangitmeýänine nähili düşünjegini bilmeýärdi. Ýigitligiň joşguny
diýse, oňa sähelçe-de pis pikir bilen seretmändi. Dogrusy, seredeninem bilmeýärdi.
Onuň diňe gözleri görüpdi, ýüregem kabul edipdi. «Gala elden gitjek bolup durka
bigaýratlap, ejizläp ýördügimmikä?» diýip oýlanan ýigit ýeke duşmanyň görnenini
dileýärdi. Hamala öz gaýratyny özüne subut etmek isleýäýärdi. Hakykatdanam,
ýüregi ýerinden üýtgäne meňzese-de, hyrlyň uzyn nili çalaja-da titränok. Gurşun
9
gülle edil barmaly ýerine nokat goýan ýaly barjak.
Bi ýerde ölüm bilen jan çaknyşanokmy?
Oraz ajy ýuwdundy. Kyrk-elli ädim öň ýanynda ýarylan top okundan onuň
gözýetimi tozana gaplandy. Ol bolsa tozanyň arasyndan gyzyň köýneginiň alaja
bagjygynyň döşüni tutup duran gülýakasynyň üstünden çalaja sallanyp durşuny
aýyl-saýyl görýär.
Mergen göz gytagyny murty ýaňy garalyp başlan oglanlara aýlady. Iki sany
ýigidekçe-de hersi bir ýaragy okdan dolduryp, mergene uzatmaga taýýar bolup dur.
Ahala belli Oraz mergene kömekçi edilip her öňýeten oglan bellenmeýär. Olar
buýsanç bilen mergene seredýäler. Gurşun gülleleri, dykylmaly keçe bölejiklerini,
hatda därä çenli ölçege laýyklap taýýar edip goýupdyrlar.
O ýyl Oraz oglandy. Edil şu işşekçerleriň ýaşyndady. Garahassalyk diýdiler, «awçy
jigim» diýip ýanyndan aýyrmaýan doganyny alyp gitdi. Şonda ejesi onuň tabydyna
atgulak daňypdy. Öýlenmän dünýeden öten ýigidiň tabydynyň baş ujuna atgulak
daňylýanyny Oraz şonda görüpdi. Iki sany biri gyzylja, beýlekisi gülli matanyň
şemala pasyrdaýşyndan ol tä gonamçylyga barýançalar gözüni aýryp bilmän
gidipdi.
Şol atgulaklaryň şu wagt ýadyna düşmesinden mergeniň süňňi gowşap gitdi. O
matalar beýle-de dursun, Oraz ömri gysga ýazylan agasynam kän bir ýatlap özözüni örtäp ýörmeýärdi ahyryn. Ýa şeýtanyň oýnymyka? Duşmanyň gelşi, çadyr
gurap, galany etekläp ymykly oturşy, ok-däriň, mergenleriň, batyrlaryň güngünden azalmasy, indi näçe gündir adamlary alada goýan, ýeriň aşagyndan gelýän
düňküldi sesleri... ýüregimde howsala, gorky döredip ýörmükä? Ajalyň özünden
gelşi gorkunçmyka?
Gorkyny bilmez adam-a ýokdur. Ynsan haýwan däl ahyryn, damagynyň
çalynjagyny bilse-de arkaýyn ideklenip barar ýaly. Aý, haýwanam aňsat arkaýyn
ideklemersiň, gaty eldeki janawer bolaýmasa. Ýöne ynsanyň ölüme düşünşi
haýwanyň düşünşinden başgarak bolaýmasa. Ölüm bir zat, gorky başga. Ajaldan
gaçyp gutulmak ýok, bir başa bir ölüm – oňa düşünip bolýar, kaýylam bolýaň ýöne
gorky başga – ony düşündirip bolmaýa. Ýüregiň gopmasa aždarha geläýsin, emma
bir gopsa...
Sähel salym öň saçagy alyp, zordan «Taňryýalkasyn» diýeňde ýüregim gopdy
diýjek bolýamyň? Hakykatdanam şo wagt menden beter özüni ýitiren kim bardy bu
dünýede? Gorky diýilýän şomuka? Adam gorksa utanmazmy, ýöne Oraz şol
pursaty aňynda aýladygyça, gaýta, ýüregi süýji, ýakymly syzlaýardy. Niçik boldy
bar zat birden reňkini üýtgetdi. Hatda gorkam tanadanok. Ölüm diriligiň içine girip
gitdi, dirilik ölümiň, ak gara siňdi, gara aga. Birdenem doganynyň tabydyna
daňylan mata bölekleri pasyrdap ýüzüni sypap geçen ýaly boldy. Şol bada-da
duşman tarapdan gara göründi. Oraz sähel salymda ony didiwana mündürdi.
10
Demini sähäl saklap, mäşäni gysdy. Gara ýere ýazylyp gitdi-de gaýdyp turmady.
Endikli eller derew tüpeňi çalyşdy. Duşman top okundan soň pyýada goşuny bilen
hüjüme geçýärdi. Oraz yzly-yzyna ýaragyny çalyşýardy. Üç hyrly yzyny üzmän
diýen ýaly boşaýardy. Tüpeň arassalanýan demir çybygy işledýän ýigdekçeleriňem
eline göz ilmeýärdi. Däri, keçe, demir çybyk, gülle, keçe, ýene demir çybyk...
Gözüne urulan ýaly haýdap gelýän duşman mergen mäşäni gysandan kä eplenip
çökýärdi, kä diňarkan serilip ýykylýardy ýa-da köki kesilen ýaly bir gapdala
ýatyberýärdi. Mergeniň bir okam boş geçmýärdi, emma şol iki arada-da gyzyň
suraty görnüp gidýärdi. Ol Oraza bir zatlar diýjek bolýana meňzeýrdi.
Kimden maslahat sorajak, haýsy ýaşulyň ýanyna barjak, kime ýagdaýyňy aýtjak?
Saňa häzir Haljanam düşünmez.
Duşman esgerleriniň hatary seýreklese-de olar gitdigiçe gala ýakynlaşýardylar.
- Çaltlaşyň, jigilerim...
Oglanlar haýdap tüpeňe ok sürýärdiler. Gyşyň örküjinde edil tomusyň jöwzasnyň
aşagynda ýaly derleýärdiler. Orazyňam maňlaýy çygjardy. Ol indi känbir siňňitli
nyşana alyp oturman mäşäni gysgysmaga gyssanýardy. Ahyry ol uludan demini
aldy. Gala ýetip bilmejegine gözi ýeten goşun yza çekilmäge başlady. Atlylar
muňa garaşyp duran ýaly «Alla!» diýip ýeňse beren duşmanyň üstüne eňdiler.
Duşmanyň az sanlysy çadyrlaryna özüni atyp ýetişdi. Ýigitlerem mundan artyk
ýakynlaşman yzlaryna dolandylar. Oraz bolsa yzyna öwrülip, hyrlysyna
maňlaýyny diräp aşak oturdy. Gözlerini ýumdy. Burnunyň çala bildirýän örküjini
hyrlyň niline oýkady. Emma ol ne däriň ýiti ysyny, ne-de gulagynyň tüpeň
sesinden soň şaňlamasyny duýýardy.
- Ýezitler, tohumyňyz tükenýänçä geliň. Gala gerekmi size!
- Därimiz azalýa
- Olaram azalýandyr. Haram nejis kapyrlar...
Oraz kömekçi oglanlaryň özara janygmasyna gözüni açdy. Olaryň gazapdan ýaňa
düwülen ýumruklaryny görüp ýene gözüni ýumdy.
Bularyň ýüreginden orsa bolan ýigrenç uruşdan soň bir aýrylarmyka? Demir ýol
çekjek bolsaň hökman uruşmalymyka? Hoşamaýlyk bilen bolýan däldr-dä, elbet.
Özüni sylaýan hiç milletem top süýräp geleniň üçin öňüňde dyz epmez ahyryn. Şu
çagalaryň, olardan bolanlaryňam ýüreginde diňe ýara däl, ýigrenjem galar. Edil
ýaňy meň elimden amanadyny tabşyran orsam ýeke-ýeke sanardan kän. Tä olaryň
gana suwsap gelmändiklerine, uruşmaly diýlensoň uruşandyklaryna düşünýänçäler
bu oglanlardan orsa bolan ýigrenç gitmez. Gany gan bilen ýuwjak bolarlar.
Oraz ýüzüni tutdy. Mergen henize çenli beýle pikir etmändi, duşmana nebsi
agyrmandy. Ol bu oýlary daňdanky duşuşygyň etdirýäni diýip düşündi.
Seň toý edesiň gelýärmi? Bu gyrgynçylykda toý küýsediňmi?
Mergen ýüreginiň çuňluklaryndan gaýdan bu kesgin, ýowuz soraga sowukganlylyk
11
bilen «Hawa» diýenini duýman galdy. Gözlerini açdy. Şol bada-da tarapyň müň
dürli goşmaça taraplary ýitirim boldy. Ol özüniň göni garagyna garady. Hawa, toý
edesim, nikamyň gyýylanyny isleýän. Şu urşuň bolmanyny isleýän. Dagy bolmasa
ony ýene bir göresim gelýär. Ýüregiňi bu dünýede goýup, özüň o dünýä gidilmez.
O diňe bir ýüregimmi?!
Garaşman durka oýanan bu duýgy indi Oraza şeýle bir düşnüklidi, emma onuň
düşnükliliginden bu başa inen bela akyl ýetmejek, düşündirip bolmajak derejede
düşnüksiz bolýardy. Ol özüne tarap agzyny açyp, bogazyna sygdygyndan gygyryp
gelýän murtlak, sary ors esgeriniň bolup gelşine, garnyndan giren güllüň agyrysyna
sakga durup, iki büklüm bolşuna, beýlekileriň bolsa muny görmeýän ýaly beter
özüne tarap dyzaýyşlaryna, bäş ädim ätmänem topragy penjeläp ýykylyşlaryna –
bu gyrgynçylyga düşünmeýärdi.
- Bir başa bir ölümmidir? Ajalyň ýetmese ölüm ýokmudyr?
Bu sese Oraz gözlerini ýalpa açdy. Ses galaň derwezesiniň öňünde ata çykan, eli
ýalaňaç gylyçly ýigitden gelýärdi.
- Şol ajal-a şu gün ýetse-de ýeter, ýetmese-de. Hany göreli, ýetýämi ýetenokmy?
Ýeke atly top oklarynyň çykýan ýerine, duşmanyň çadyrlaryna tarap at goýdy. Hiç
kim ony saklabam bilmedi. Nämäň-nämedigine düşünilýänçä ol ýigit eýýäm alabasga düşen düşman hatarynyň bir çetinden girip, öňünden çykany ýatyryp
barýardy. Şeýdip bir salym daran batyr, bir çen bolandyr-da diýýän ýaly atyň
jylawyny gala öwürdi. At janawerem eýesine düşüş derwezä tarap süýndi. Ýigidiň
gulagyna ors tüpeňiniň okunyň şuwwuldysy eşdilse-de eden zady bolmady. Amansag galaň derwezesine ýeten ýigit gylyjyny asmanda bir bulady-da ýene duşmana
tarap at goýdy. Muňa dost-duşman – hiç kim garaşmaýardy. Göz-açyp ýumasy
salymda dyzy gara, altynsow mele bedew ikinji gezek duşman hataryna özüni
urdy. Gylyç ýetişip bildiginden çar-tarapa galgaýardy, gorkusyna näderini
bilmeýän agyr goşuny gurt parçalan ýaly parçalaýardy. Batyr aljyraňlylyga düşen
duşman aýňalyp ýetişmänkä ýene aty yzyna – gala sürdi. Indi gezek bedewiňki, ol
eýesini oduň içinden alyp çykmaly. At ýoly ýarpylaberende büdürän ýaly etdi-de
badyna togalanyp gitdi. Honda düşen batyram ala gar meýdanda bir-iki agdaryldyda ýatyberdi. Şobada bir toplum atly „Alla!“ diýip duşmana tarap at goýdy. Olar
batyryň jesedini alyp yzlaryna dolandylar.
- Haý, batyr, batyr... Sen ajala aşyk bolduň... Duşmana dowul saldyň. Olara tekäň
kimdigini görkezdiň. Dirilikden ýüz öwürip, aşygyňy tapdyň. Men näme etmeli?
Sen ýitirip tapdyň. Sen diriligi ýitirip, söýeniňe gowuşdyň, men welin, oňa gözüm
düşenden soň diriligem ýitirdim, ölümem. Hiç zatda many galmady. Men tapyp
ýitirdim, batyr.
Oraz göterilip gelinýän batyra seredip bilmän ýüzüni duşman tarapyna öwürdi.
Onuň gözlerinden ýaş syrygýardy.
12
- Men batyr däl, ýöne batyrlaň yzynda durmagy başarmasam çöpdüýbi
boldugymdyr...
Bu ajy pysyrdamasyny diňe mergen ýigdiň özi eşitdi. Dogrusy, ol janynyň
ýangynjyna daşyndan aýtsa-da, özi üçin aýdypdy.
- Mergenler!
Mergenler ýene hyrlylaryny işledip başladylar. Duşman öňki hüjüminde
ölenlerinem ýygnaman ýene çozýardy. Megerem, olaram jan howuluna urunýan
bolarly.
- Halmyrat kaka! Halmyrat kaka! Halja! Halja kaka!!!
Oraz gaňrylyp dostunyň ok atýan ýerine seretdi. Aslynda seretmese-de düşnüklidi.
Ýigidekçeler gaýta-gaýta adyny tutuberdimi, diýmek ol şehit. Halja dostum, şehit.
Duşman oky döşünden giripdir. Onuň ak ezýaka köýnegi gyrmyzy donundanam
goýy gyzyl görünýä. Ony alyp gitdiler. Oraza onuň bilen hoşlaşmaga-da maý
bolmady. Ahyry hatary gowy seýreklän duşman ýene yzyna serpikdi.
- Batyr, sen çyn batyr. Maňa bigaýrat diýerler.
Oraz elindäki hyrlysyny ýeňil oglana berip, aşak düşüp barýardy. Ol alňasagam,
howsalalam däldi. Akyly ýerinde, nepesi durudy. Oraz entek galaň depesindekä
gyzy ýene bir gezek görmän öläýsem bu bigaýratladygym, bu gorkaklygym diýen
karara gelipdi. Ol özüne näme diýseler, näme etseler taýyndy. Onuň dogrusy bir
taraplydy. Mergen kim bilýär nämedendir bir zatlardan çekinip, dogrynyň çepini
ýa-da sagyny gözlejeklerden däldi. Ýene bir gün ýaşajagam bolsa, ýaşajakdy. Ol
gyza duşanyna, has dogrusy duşuranyna Allaha şükür edýärdi hem-de Duşuranyň
öňünde özüni jogapkär hasaplaýardy. Dogrusy, ol öz tabydyny görýärdi. Eger oňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hekaýalar toplumy - 2
  • Parts
  • Hekaýalar toplumy - 1
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2243
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 2
    Total number of words is 3847
    Total number of unique words is 2324
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2309
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 4
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 2305
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 5
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2257
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 6
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 2377
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hekaýalar toplumy - 7
    Total number of words is 2969
    Total number of unique words is 1760
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.