Latin

Gurruk guýy - 3

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2102
31.0 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Oraz ahunam şonda atylypdy.
– Al! Al! Alarsyň diýýän men saňa – diýip, elinde öli balyk, gyzyl komandir ahun agaň
üstüne dyzaýardy. Ahun aga welin, oňa diýýämiňem diýenokdy.
16
– Men halala haramy gatyp bilmerin.
– Bilersiň. Sen gatmasaň nebereleriňe gatdyraryn. Süýtden suwy saýlap bolmaýşy ýaly
haramy halaldan saýlanmaz ýaly ederin.
Yetişip bildiginden Kur'an aýatlaryny okaýan Oraz ahuny gurrugyň gyrasyna getirdiler.
Gaharyna dym gyzyl bolan Gyzyl komandir «Atyň!» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyryp
buýruk berdi. 5-6 alty tüpeň birden boşady. Ahala belli ahun, ýüzüni kybla öwürip,
«Läilähäilallah» diýip dyzyna çökdi-de, ýykyldy. Onuň gurruga togalanmanyny gören komandir
ädikli aýagy bilen onam gurruga itekledi. Bu gezek asmanda gaýda-gaýmalaşyk bolup ýören
gargalaryň sesi hasam eýmendirji eşdildi.
Ahuny gurruk guýa itäklän gözi gyzyl komandir:
«Dirikäň almasaň, öleňsoň alarsyň» diýip, ahun agaň jesediniň yzyndan gurruga iki sany
balygy hem taşlady.
Oba adamlary:
«Ahun agany gurrukda ýatyrsak bolmaz» diýip, garaňky düşensoň, onuň jesedini
ýygnamaga geldiler. Adamlar bu edýän işleri üçin ertir özleriniň atylaýmagynyň mümkindigini
bilýärdiler. Töwerekden, obaň içalylylaryndan gorkýardylar. Emma başga bir has uly gorky
olary gurruk guýa getiripdi. Olar gurruk guýyň alkymyna gelenlerinde azgyn komandiriň oklan
balyklarynyň guýynyň agzyndan on-on bäş metr beýlede, Aýyň ýagtysyna üýtgeşik reňkde
öwüşgin atyp ýatandygyny gördüler. Muňa haýran galan adamlaryň süňňi saňňyldady. Bu bir
zadyň alamatydy. Her niçigem bolsa adamlar: «Aý, garga-sarga çykarandyr-da» diýip, özlerini
köşeşdirdiler. Ertesi ir bilenem ahun agany ýuwup-ardyp, jynazasyny okap, obaň gaýrasyndaky
Hoja mazar diýilýän gonamçylykda jaýladylar. Soň obaň aýallary şol balyklar daşa öwrülipmiş
diýip gürrüň çykardylar. «Ýaňy-ýaňam adamlar ony ellemäge gorkardylar welin, Leningraddan
gelen bir arhiolog gyz ýany bilen äkidipmiş» diýen gürrüň oba ýaýranda, Myrat ýaňy aşyga
gyzygyp ýören oglanjykdy.
Häzir bolsa, Myrat Gorky bilen, baýryň depesine çykyp, aşakda, gurrugyň başynda bolup
geçýän bu wakalary sahnada görýän ýaly synlaýardy.
Ol saňňyldaýan sesi bilen:
– Biz 37-nji ýyldamy? – diýip sorady. Gorky:
– Hawa – diýip, jogap berende ýüzi hyrsyzdy. Ony tanar ýaly däldi. Gorkynyň bu sypaty
Myrady hasam gorkuzdy.
– Men 37-nji ýyldan kän soň doguldym ahyryn?..
– Döwür, ýyl, aý-gün, wagt diňe siziň ölçegleriňiz, siziň gaçyp atalgaňyz. Sen bu
ölçegleriň şertli bir zatlar ekendigini bilersiň.
Ana, ýene bir adamyň jesedi gurruk guýynyň düýbüne patlap gaçdy. Myrat o tarapa
seretmejek bolýardy.
– O balykçy nireden geldi. Ol näme satýar, balykmy?
– Ýok, haramy satýar.
– Haramy?! Pulamy?
– Ýok, imana.
– Adamlary näme üçin atýarlar?
Myrat bu sowaly atasyndanam kän sorapdy. Atasy düşündirse-de düşünmändi.
Gorky ajy ýylgyrdy:
– Honha, hol atylýan adamyň öýünden Kur'an çykypdyr, oraz aýy agzyny bekläpdir.
Häzirem «Balyk aljak däl» diýýär.
– Gargalar ne köpelipdir?! Ýa-da bu-da bir erbetligiň alamatymy?
– Ýok. Ynsan hapalamak bilen, guş janawerler töweregi arassalamak bilen. Olar öz
zikrleri, öz wezipeleri bilen meşgul...
Ýene-de eýmenç ses baýryň içine doldy. Gorkynyň ýüzi ýowuz, ýüregi ýaralydy. Ol
aglaýardy, emma gözlerinden ýaş ýerine uçgun çykýan ýalydy. Myrat welin, häzir baýryň
depesinde, 1937-nji ýyly ýanynda ýaly görse-de, bu bolýan zatlara akyl ýetirip bilmeýärdi.
Beýleräkde obaň sygyrlaram damak ganyň daşynda bögürişýärdiler. Mähnet gara öküzem şol bir
17
wagtkysy ýaly, üstünden gum sowurýardy. Üstünden guýulan gumdan ýaňa, onuň reňki ala
görünýärdi...
– Olar adamlary däl, meni atýarlar, meni öldürjek bolýarlar.
– Näme üçin?! Sen olara näme ýamanlyk etdiň?
– Men ölsem ynsanda ynsanlykdan nam-nyşan galmaz. Baş aýak, aýak baş bolar.
Myradyň tutuş göwresiniň ysgyny gidip, agzy gurapdy. Ol zordan:
– Olar seni öldürip bildilermi?! – diýip sorady.
Gorky ýylgyrdy:
– Görýäň-ä men seň ýanyňda, diýmek, öldürip bilmändirler...
– Senem ölýäňmi?
– Ýok.
Gorky ýene başyny gussa bilen aşak egip, ýüzüni ýerden galdyrman:
– Ýöne men ynsany, dagy alaç tapmasam, taşlamaaga mejbur bolýan...
Myrat ýuwdundy.
– Gideli bu ýerden, bahymrak gideli...
– Biz gitsegem olar atmalaryny goýmazlar. Tä ahyret gününe çenli olar meni tüpeňlärler.
Gurrugyň düýbüne gaçýan jesediň güňleç sesini tä ahyrete çenli gelip-geçjek ähli adamlar seniň
şu eşdişiň ýaly eşider...
Töwerek gyrawlap durdy. Baýryň ýaňy galyp ugran gyrtyjynyň ýüzüne düşen gyraw
ýaşyl reňk bilen garyşyp töwrege täsin bir görnüş berýärdi. Gorkynyň aýdanlarynyň ýarysyna-da
doly düşünmedik Myrat üşeýärdi. Ýukajyk köýneginiň daşyndan öz göwresini özi gujaklap
ýylatmaga çalyşýan Myradyň sowukdan ýaňa eňegi titreýärdi. Ol häzir gorkusyna
saňňyldaýarmy, ýa-da sowukdan titreýärmi biler ýaly däldi. Ol ýene Gorka ýalbardy:
– Gideli bu ýerden, bahymrak gideli...
17.
Myrat maşyny bilen şäher köçelerinden barýardy. Gorkam ýanynda, müşderileriň biri
ýaly, öň oturgyçda oturdy. Daşyndan göräýmäge, Gorkuda adaty ynsandan tapawutly hiç zat
ýokdy. Göz gytagy bilen ony synlap barýan Myrat saklanyp bilmedi:
– Bu sypatyň seň asyl keşbiňmi ýa-da meni gorkuzmajak bolup adam şekilinde geldiňmi?
Gorky pikire giden nazaryny ýola dikip oturşyna jogap berdi:
– Ynsany näme üçin köplenç asyl däl-de, şekil gyzyklandyrýarka? Meň üçin şekilimiň hiç
manysy ýok. Siziň şifonerlerde asyp goýýan eşikleriňizde, heý, many barmy?
– Bolýa, onda seň aslyň nähili?
Gorky bu sowala gaňrylyp, Myradyň ýüzüne seretdi-de, çyny bilen jogap berdi. Myrat
Gorkynyň gürleşende juda seýrek ýüzüne seredýändigini duýdy. Muny geň gördi.
– Meň aslym ynsana söýgüden ýasalan.
Myrat bu jogaba gülüp goýberdi. Soňam gülküsiniň ýerliksiz bolanyna düşünip:
– Bagyşla. Men seň göwnüňe degjek bolmadym. Ýöne «Ynsana ýigrençdenem şeýtan
ýasaldymy?» diýen sowal kelläme geldi-de, gülküm tutaýdy.
Gorky ýene öňki parahat kaddyna geldi:
– Ýok, şeýtanam ynsana ýigrençden ýaradylan däl. Ynsan özüne ýigrenji özi döredýär.
Ýene ara dymyşlyk düşdi. Myrat ýolda müşderi alýardy. Olary islän ýerlerine äkidýärdi.
Ýöne haýran galaýmaly zat olaryň birem Gorkynyň ýanlarynda oturanyny görmeýärdi. Bu bir
bada Myrat üçin gyzykly göründi. Ol ýanyna münen hiç zatdan habarsyz ak sakgal ýaşuludan:
– Agam, şu wagt ýanyňyzda Gorky otyr diýsem ynanarmysyňyz? – diýip sorady. – Ýöne
siz ony göreňizok.
Ýaşuly şofer ýigidiň näme diýjek bolanyna bir bada düşünmedi:
– O nämäň gorkusy?
– Gorkud-a.
18
Myrat Gorkyny nädip ýaşula düşündirjegini bilmedi. Ahyry aýlap-aýlap zordan
düşündirdi. Myrat ýaşula düşündirýärkä Gorkyň bolşuna syn edýärdi. Ol gaty arkaýyndy.
Hamala gürrüň özi hakynda gitmeýän ýalydy. Myradyň näme diýjek bolýanyna ahyry düşünen
ýaşuly loh-loh gülüp, ak sakgalyny sypalady:
– Haý, oglum seňem tapýan zadyňy. Gorky her ynsanyň hemişe ýanyndadyr. Şu wagt sen
gorkmaýan bolsaň, ýoluňa seretmän ýa-da gözüňi ýumup sür, göreýin, maşynyňy. Gorkudan
ynsana zyýan gelmez. Ýöne bela gelmänkä gorkmalydyr, üstüňe gelensoň gorkudan peýda
bolmaz – diýdi.
Myrat sadasyran boldy:
– Mydam saňňyldap ýörübem ýaşap bolmaz ahyryn?
– Oglum, gorkmaly zadyňam, gorkmaly däl zadyňam edil dost saýlan ýaly saýlamalydyr.
Myrat ýene özünkini tutdy:
– Gorky bir gelse, ony saýlap seçip durup bolýarmy? Arkaňdan ýolbars ýaly bir it hopba
bolaýsa, sen gorkýan-gorkmaýan diýip bilermiň?
Ýaşuly ýene loh-loh güldi.
– Oglum, çatrykdan geç-de saklaý, men geldim. Sen bir itden gorkusyna-da saňňyldap
duran adam hakynda soradyňmy? Şujagaz ýerde saklaý. Olar ýaly adamlara gorkak diýler.
Gorkaklar hakynda indiki gezek duş gelişsek gürleşeris. Şu bolarmy? – diýip, gürrüňçil ýaşuly
Myrada pul uzatdy. Maşyndan düşüberjek ýaly eden ýaşuly birden saklandy-da:
– Adamlar aýalyndan, baýlygyny, wezipesini ýitirmekden, uly başlygyndan gorkup,
Alladan bolsa gorkman ýaşasalar, bü dünýäň bulam-bujarlygy dowam eder durar – diýdi.
– Häk, ýaşuly, sizde gep-ä kän eken welin, arman bahym düşäýdiňiz-dä.
Ýaşuly düşenden soň, başga bir müşderi mündi. Ol Myradyň gorky hakynda gürrüň
gozgamasyna:
– Adamlaň gara gaýgysy bir manadyny iki etmek, seň ýadyňa gorky düşýär – diýdi. Ol
hakykatdanam gaty aljyraňňy görünýärdi. Gorky ýadyna düşer ýaly däldi. Myrat ol müşderini
düşürip öz ýanyndan «Ýeri, gorky bilen manadyň näme dahylly ýeri bar? Gorky öz başyna
gazanç öz başyna» diýip pikir etdi-de, soňam «Ýa, edil beýle-de dälmikä?» diýdi. Ýene bir
müşderi:
– Gorka-gorka şu güne geldik. Sen bir gorkyň gürrüňini etmesene. Ynsany ejiz bir
mahluk edýän gorkydyr-da – diýdi. Oňa şol ýigrenýän Gorkyň-a, ýanyňda otyr diýip
görkezäýseň, bellisini edäýerlidi. Myrat bu pikirinem makullamady: «Aý, gaýta züwdürip,
gaçaýmasa, gaty batlyja gürlän bolýar welin...»
Myrat ýene bir orta ýaşly adamdan:
– Ölüm gorkunçmyka ýa-da ölüm gorkusy? – diýip sorady. Ol:
– Ölümden gorkuşymyz, ölümiň özünden has beter bolaýmasa – diýse, başga bir ýaşuly:
– Ölümiň hakyky keşbiniň ýanynda gorkymyz hiç zatdyr – diýip jogap berdi. Myrat
olaryň haýsyna dogry diýjegini bilmedi. Ahyry Gorkyň özünden sorady. Gorky:
– Çingiz han gorkunçmy ýa Muhammet şanyň gorkusy? Ölümem şoň ýalydyr. Ondan
ynsanyň gorkuşy has beterdir – diýip jogap berdi. Myrat Gorkyň garşysyna gitdi:
– Sen näme ölüp gördüňmi?
Gorky ýylgyrdy.
– Sen nähak ýere meni günäkärleme. Her gorkagyň gorkaklygy üçin Gorkam günäkär
däl, ölümem.
Myrat saklanyp bilmedi:
– Onda kim günäkär?
18.
Ene-de Gorky gaýyp boldy. Myrat maşynyny saklady. Gorky uzakdan baýryň ýüzi bilen
ýokarlygyna barýardy. Myrat onuň yzyndan ylgady.
19
– Dur! Jogap ber, gorkagyň gorkaklygy üçin, Gorky günäkär däl bolsa, kim günäkär? Sen
şuňa jogap bermejek bolsaň, näme üçin maňa göründiň?
Gorky howlukman barýardy. Onuň ädimleri ýeňildi. Myrat welin, haşylap beýik baýra
zordan dyrmaşýardy. Myrat bu barýan ýerleriniň obalarynyň ilersidigini bildi. Gaňrylyp yzyna
seretdi. Honha, aşakda şol gurruk guýy. Oglanlaram goýun bakyp ýörler. Ýöne olar Mommak
dagy däldi. Olar başgadylar. Myrat haşylap barşyna hem Gorkyň yzyndan ýetjek bolup
haýdaýardy hem içinden şu pikirleri öwürýärdi:
– Mümkin olar Mommak dagyň ogullarydyr ýa agtyklarydyr. Meňem eýýäm kiçi oglum
şolar ýaly ýaşa ýetdi ahyryn. Olaram aşyk oýnaýar. Olaram aşyklaryny gurruk guýa
gaçyrarlarmy? Dursana. Meň bilmeýän zadym bar, aýtsana... Olaram aşyklaryny gaçyrarlarmy?
Sen näme niýet bilen ýanyma geldiň?
Ahyry Myrat Gorkyň yzyndan ýetdi. Şo bada hem töweregiň reňki üýtgän ýaly boldy. Bu
gaýaň depesem däldi, deňziň ýakasam. Myrat ömründe görmedik reňkleriniň arasynda ýüzýärdi.
Ösüp oturan agaçlar hamala nurdan ýasalan ýalydy. Olaryň her pyntygy, her baldagy lowurdap,
gözüň ýagyny iýip barýardy. Uzakdan täsin bir nur görünýärdi. Ýogsa töwerek garaňky
gijeligem däldi. Nuruň arasyndan görünýän Gorky şol mylaýym ýylgyrşy bilen gürleýärdi:
– Adam gorkudan däl, gorkaklykdan gorkmalydyr. Sen bularyň ikisem bir zatdyr öýtme.
Gorkak gorkudan gorkýandyr. Çyn gorkyny ýüregiňde göterip bilmek üçin, hezreti Alynyňky
ýaly batyr ýürek, çyn iman gerekdir. Diňle, dört çaryýarlaryň iň soňkusy, men hakynda näme
diýýär.
"Men islendik başga bir zatdan gorkýan diýmäge-de Alladan gorkýan!"
Hawa, Alladan gorkan adam başga hiç zatdan gorkmaz. Çyn gorkudan dörän bu batyrlyk
namardyň ýüregine sygmaz, bigaýrada, müsginsokara beýle gorky götertmez. Bu sözleri aýtmak,
şoňa görä-de ýaşamak üçin, nähili batyrlyk gerek.
Ýadyňa sal, Gökdepe urşunyň şehitlerini. Ol şehitleriň ýüregindäki çyn gorka,
kapyrlardan gorkmakdan has üstün gelýän, Allanyň öňündäki gorka düşünjek bol. Sen ol ärleri
ýaraglarynyň gyrkylyk bolandygy, harby ylymda ýeten derejeleriniň pesdigi, dünýä
siwilizasiýasynda yza galandyklary bilen aýplap bilersiň. Emma hiç kim olara köre-kör batyr,
düşünjesiz mert diýip bilmez. Olaryň batyrlygy köre-körlügiň nyşanasy däl, iman nurundan
nyşandy. Ýüreginde iman nury, Alladan gorkusy bolan, Çingiz han ýaly, garaňky gabyrdan
gorkup, baky diriligiň dermanyny gözlemez. Ýa-da bir dinsiz mysaly, ölümden gorkusyna bu
dünýe çüýrük, soňy garaňky gabyra direýär diýip, arak-şerap, keýpi-sapa gözleginde hapa
wejeralyga özüni aldyryp, ruhuny dirikä öldürmez. Musulman ölümem, diriligi söýüşi ýaly, deň
derejede söýer. Onuň ähli gorkusy özüni Alla tabşyrmagy, her bir zatda Allanyň emrini görmegi
bilen dep bolar. Ýüregiňde Alladan başga zatdan gorky dörese, bu köre-kör gorkudyr. Çyn
gorkmaly gorky – Alladan gorkmazlykdyr. Alladan gorkulman ýaşalýan dünýe hiç haçan
düzelmez.
Gorkynyň sözlerem üýtgeşik reňklere bürenýän ýalydy. Nirdendir uzakdan täsin sazyň
owazam Gorkyň sözlerine garyşyp gelýärdi.
– Batyrlygyň nähili bolýandygyny menden gowy bilýän, oňa menden gowy düşünýän
ýokdur. Sebäbi ol meň perzendim. Batyrlyk menden - çyn gorkudan döreýändir.
Çyn mähirem, çyn söýgem edil çyn batyrlyk ýaly menden döreýändir. Gorkaklykdan
gorksaň çyn batyrlyk dörär. Ýalançylykdan gorksaň dogruçyllyk dörär. Messepsizlikden
gorksaň, bir lebizlilik dörär. Bigaýratlykdan gorksaň, gaýrat geler. Binamyslykdan gorksaň
namysyň oýanar. Bularyň hemmesiniň aňyrsynda-da çyn gorky ýatandyr. Alla gorkusy. Şol
gorkam çyn söýgüni döredýändir - Alla bolan söýgüni...
Käbir adam şeýle çyn gorky bilen ýaşap bilmez-de, gorkaklyga ýüz urar. Gorkaklygy
özüniň halasgäri saýar. Käbir ynsanyň ýalany halasgär saýyşy ýaly...
Emma şeýle bir gorky bardyr. Alla menden ýüz öwüräýse, Alla menden närza bolaýsa
şonda näderin diýen gorky.
19.
20
Myradyň atasy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Alagaraňky jaýda dermanlaryň ysy höküm
sürýärdi. Olar hassanyň başujunda kiçijik stoluň üstünde rejelenip goýulypdyr. 10-15 ýaşlyja
Myrat atasyna Magtymgulynyň goşgusyny okap berýärdi. Ölügsi yşyga kitap okaýan Myradyň
gözleri ýadap gidipdi. Ol atasy uklandyr öýdüp, her gezek kitaby goýjak bolanda atasy:
«Okaber» diýip ýuwaşja seslenýärdi. Myrat bialaç goşgy okamasyny dowam etdirmeli bolýardy.
...Haky ýada salsaň, hakdan gorkyňa,
Şeýtan ara düşer, goýmaz erkiňe,
Guba juwan, guwanmagyl görküňe,
Gojalar sen, görküň ýüze myhmandyr.
Magtymguly, öwüt bardyr sözümde,
Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde,
Her niçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde,
Adam ogly bäş gün duza myhmandyr.
Ysgyn-rowgaty giden goja agtygynyň adyny tutup çalaja seslendi.
– Ata näme?
– Meni bir dikelt ýagty jahany göreýin.
Myrat ejizje gollary bilen süňk bolup giden atasyny dikeltdi. Garrynyň guran elleri
penjräniň öňüne oturdylan gözenege ýetdi. Ol gözenekden aslyşyp, göwresini galdyrdy-da
daşaryk seretdi. Biçäre gojanyň kütelen gözleri tamyň öň ýanyndan galdyryrlan adam boýy
haýatdan başga hiç zady görmedi. Onuň dodaklary çalaja gymyldaýardy. Myrat onuň:
«Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde» diýip gaýtalaýanyny eşitdi. Myrat atasynyň
seredýän tarapyna sertdi. Birden gözüne şol gurruk guýyň başynda ýeke özi otyrka görünen
adam haýatyň ýüzünde-de görnüp gitdi.
– Ata, ata, o ýerde bir adam bar...
Emma atasy onuň sesini eşitmeýärdi. Onuň jansyz gowresi agtygynyň gujagyna syryldy.
Myrat:
– Ata! Ata! – diýip bogazyna sygdygyndan gygyrdy...
20.
Huw, Hak» diýip gygyrýan derwüşiň sesi uzaklara ýaýrap gidýärdi. Onuň sesine harabalardaky
hüwüler oturan ýerlerinden uçmaly bolýandyklaryna gynanýan ýaly, kynlyk bilen gobsunyp,
ganatlaryny galgadýardylar. Olar uzak uçmanam ýene gonýardylar. Derwüşiň sesine goşup
«Hüw... Hüw...» edýärdiler. Derwüş beýik söwüdiň aşagyna gelende, gara sarlar paýrap, asmana
dökülen monjuklara meňzäp, pasyrdaşyp ördüler. Gorky edep bilen derwüşe salam berdi.
Derwüş:
– Ber, sowalyňy, Gorky, ýanyňdakam diňlesin – diýdi. Gorkyň ýanyndaky Myratdy. Ol
derwüşe-de, baýguşlara-da, garasarlara-da haýran galyp bakýardy. Gorky sowalyny berdi:
– Eý, derwüş! Aýt, sen Allany söýýärmiň ýa-da Ondan gorkýarmyň?
Derwüş Alla sözüni eşdenden ýene «Huw, Hak» diýdi-de, Gorka jogap berdi:
– Men Allany gorkýanym üçin söýýän, söýýänim üçin gorkýan. Alladan gorkym, Alla
bolan söýgim – ýolumyň yşyklarydyr. «Alladan gorkym meni taşlap gidäýmesin, Alla meni
söýmesini goýaýmasyn» diýen gorkym, meň iň eziz duýgymdyr...
Gorky Myrada tarap öwrüldi-de, derwüşiň sözleriniň yzyny ýetirdi:
– Ynsan ilki gorkar, soň düşüner, soň bolsa söýer. Şeýle bir söýer, gorkusynam söýer.
Eger gorkusy ýitäýse, söýgüsem sönäýjek ýaly görüner. Beýle ynsanlar meni başlaryna täç
ederler. Meniň başymyň täjem olardyr. Beýle duýgy bilen ýaşamak üçin, hökman derwüş
bolmalydyram öýtme.
21
Derwüş:
– Bir gorky bardyr – gorkularyň patyşasy. Ol – Alla menden ýüz öwüräýse diýen gorky...
Huw, Hak... Huw, Hak... – diýdi-de, ýoluny dowam etdi:
21.
Gorky Myrady ýene bir eýmenç ýere getirdi. Üstünden tikenekli, tokly sim çekilen uzyn
diwar bu ýeriň daşyna aýlanypdyr. Diwaryň burçlarynda eli awtomatly esgerler beýikden ýörite
edilen ýerlerde oturyp, içindäkileriň daşyna çykmazlagy üçin gözlerini gyrpman garawulçylyk
çekýär. Diwaryň iç ýüzünden birden daşyna gaçyp çykmaga hyýal eden tapylaýsa aýagyna
çolaşsyn diýip, möýüň kerebine meňzeýän inçe simler bulaşdyrylyp atylypdyr. «Kerebiň»
aňyrsyndan bolsa, ýaragly esgerler her bir sagatdan yz çalyp aýlanýarlar. Olaryň öňülerine düşüp
barýan ýörite itleriniň ýiti, ýakymsyz sesi gelýärdi.
Tikenek simleriň aňyrsynda «türme» diýlip atlandyrylýan, başga bir dünýe bardy.
Aslynda içerdäki dünýede, daşyndaky dünýeden döräni üçin, gowy oýlansaň, kän bir tapawudam
etmeýärdi. Birbada eýlesi-beýlesi bir gektar töweregi tutýan bu ýerdäkileriň bary günäkär, onuň
daşyndakylar bolsa, günä iş etmedik ýaly görünýärdi. Içindäkileriň hemmesine geýdirlen gara
eşigem, munuň şeýledigini tassyklamak üçin, girizilen düzgün ýalydy. Her kim gara eşikde,
saçy, sakgaly syrylan, kysmata kaýyl ynsanlar. Bu görnüş daşyndan geleni üýşendirýärdi.
«Hakyky günäkärler, daşynda içindäkilerden has köpdür» diýen pikiri kelläňe-de getirmeýärdi.
Bu gün zona adatdakysyndan hem ýowuzdy. Ýokardan barlag gelipdi. Tussaglaryň egineşikleri, saçlarynyň syrylandygy, ýatakhanalar barlanýardy. Özüne göwni ýetýän iki-ýeke murt
goýberden tussaglaryň murtlaryny syrýardylar. Barlagçylaryň başlygy ýasy, etlek ýüzli
polkownik edil guduzlan ýalydy. Ol sähel zady bahana arap yrsaraýardy. Bäş-bäşden hatar
oturan tussaglary sanap, goýun agyly ýaly edilip ýörite daşyna gözenek aýlanan kiçiräk
aýmançaň içine salýardylar.
Zonada 4-5 sany ýaşy ýetmişe golaýlan sakgaly ýaşulam bardy. Polkownigiň birden
olaryň sakgalyna jyny düşdi. Şu wagta çenli näçe barlagçy gelse-de, ýaşulularyň sakgalyna azar
berýäni ýokdy. Ol welin, agzyndan tüýküligini syçradyp, rus dilinde hapa sögünip:
– Sakgal-murt gadagan syrmaly. Ýaşulyňam bilemok, beýlekiňem – diýip töweregine
dalanýardy.
Bu görnüşi synlap duran Myrat polkownigiň ýüzüni öňem bir ýerde gören ýaly boldy.
Gorky ýowuz nazaryny üýtgetmän:
– Hawa, bu şol balyk satýan oglan – diýdi.
Myrat birden garyn salyp ýognan paşşyk ýüzli polkownikde şol porsan balyklaryny
satýanyna begenjine bökjeleýän oglanjygy tanady. Onuň depe saçy düýrügip gitdi.
Barlagçylaryň matlabyndan bihabar sanawdan geçip barýan Täşli agany sakladylar. Ony
milletiň öňünde gaty oturgyçda oturtdylar. Ýaşuly şonda-da nämäň-nämedigine düşünmedi. Soň
zonaň işgärleriniň hyzmatyny edýän tussag eňegine ýapyşanda sada görgüli rejäň geň däldigine
düşündi. Goja bir «Ýok!» diýdi-de, ýaňky tussagyň döşünden itip goýberdi. Garry adamdan
beýle zada garaşmadyk tussag arkan serilip gitdi. Päkisi, stakany, beýleki şakur-şukurlary goýlan
oturgyjam bile düňderlip gitdi. Hyzmatkär tussagyň ýykylyşyna aýmançada ýygnanan tussaglar
gülüşdiler. Oňa çenli iki sany esger ylgap geldi-de, garryň elini arkasyna towlady. Ile gülki
edilenine hyzmatkäriňem gahary geldi. Ol Täşli aganyň juw ak sakgalyndan ýapyşdy-da päkisini
işledip başlady.
Ýaşulynyň gözünden akýan ýaşyň hor çekgesinden syrygyp sakgalyny ezişine doňýürek
polkownikden başga hiç kim seredip bilmedi. Hatda «Heý, şularda rehim-şepagat bir barmyka?»
diýdirýän, türmäň bir-iki sany ýakasy gaýyşly ofiserem, ýüzüni sowdy. Birden polkownigem
hyrra yzyna öwrüldi. Soňam ýerde ýatan daşy ýalpyldawuk ädiginiň burny bilen gaharly depip
goýberdi.
Polkownigiň daş depişi Myrada Gyzyl komandiriň gurruk guýa jesedi depip goýberişini
ýatlatdy.
22
Ýaşulyň sakgaly derrew syryldy. Sowet türmesinde düzgün-tertibe seredýän sowet
esgerleri Täşli aganyň elini goýberdiler. Garry görgüli boşanyndan bir eli bilen taýparyp galan
eňegini tutdy, beýleki eli bilen bolsa ýerde bulaşyp ýatan sakgalyny ýygnady. Ýaňam garrynyň
ýüzüne gelşik berip duran ak sakgal indi ýaşulyň sandyraýan gysymynda bigörk görünýärdi.
Täşli aga ýetişip bildiginden samraýardy:
– Ýa, Ýaradan, günämi geç. Men sakgalymy gorap bilmedim. Günämi geç. Başymy
alsadylar, şehit bolardym. Ýa, Ýaradan günämizi geç...
Myrat durup bilmedi:
– Ol ýaşuly bu ýaşdan soň, näme jenaýat iş etdikä?
Gorky jogap berdi:
– Ol oglunyň etmişini öz boýnuna alyp bu ýerlere geldi. «Indi men nirede bolamda näme,
sen çagalaryňdan aýrylma. Sen tutulyp gitseň bular hor bolarlar. Garry adamdyr diýip, maňa,
belki, kän ýylam bermezler» diýip, ýeke oglunyň ýerine özi gaýtdy.
– Oglunyň günäsi nämedi?
– Tirýek satýady...
Täşli aga üçin sakgaly bar zadydy. Bir jedelliräk gürrüň çyksa, «Ak sakgalymy sallap,
men şeýle iş ederinmi?!» diýerdi. Gojanyň göwnüne ähli bet işlerden ony goraýan, ýagşy işlere
sebäpkär bolýan, döşüni tutup duran sakgaly ýalydy. Ol sakgalyny bäş barmaklary bilen daraklap
goýbermäni gowy görerdi. Şeýdende özünde buýsanç duýgulary oýanardy. Ahyret gününde-de
ol şu sakgallary üçin ýalkalaryn diýip umyt ederdi. Her täret kylanda sakgalyny gowy öllärdi.
Täşli aga bir agajyň aşagynda çukur gazyp emaý bilen sakgalyny gömýärdi. Ol
perzendinden, agtyklaryndan aýrylyp, şu ýowuz ýerlere düşeninde-de, häzirkisi ýaly, agyr hala
düşmändi. Bu jepaly goja ogluny, gelnini, agtyklaryny kyn günden halas edip, bu ýere göwnäp
gelipdi. «Başyma herne düşse, garry süňkdirin çydaryn» diýip, kysmatyna kaýyl bolup gelipdi.
Ol açlyga, suwsuzlyga, hat-da azana duşup, birdir ýarym gezek urulmaga-da razydy. Emma
häzirki görkezilen sütem welin, onuň ýatsa-tursa aklyna-da getirmedik sütemidi. Bu sütemiň,
beýle kemsidilmegiň aşagynda garry süňk däl, gojanyň nije çärşenbäni başyndan geçiren daşdan
gaty gara maňlaýam ýarylana dönüpdi. Adamyň edýänine, ýene adam çydýar, hem adamy
göterip ýören zemin.
Tussagda oturan ýoldaşlaryndan ýaşula göwünlik berjek bolup: «Täşli aga, degmeseň,
sakgaldyr, ýene on-onbäş günden öňküsi ýaly bolar, özüňi gynama» diýenlere: «Hawa-la, oňa
aklym ýetýä-le» diýip jogap berýärdi. Emma onuň içinde welin, şeýle harasatlar turýardy:
«Ynsanyň kimdigini görkezýän bir sypaty bardyr ahyryn. Ynsanyň aryny, namysyny, abraýyny,
derejesini görkezýän bir alamatlary bardyr ahyryn. Ýaşulyň ýaş-ýuwuşdan, erkegiň aýaldan
tapawudyny görkezýän zat bolmasa nähili bolar?! Ol tapawutlandyrýan zatlaryň gadyrgymmatyny bilmesek, biziň özümizde sylag-sarpa galmaz ahyryn. Aýallarymyzyň ýaşmagyny
sypyrdyp, gyňajyny oda oklatjak bolanlar muny bilmän etdilermi?! Näme ol gözi gyzaran
polkownik düşünmän, bilmän sakgalyma ýapyşýarmy?! «Ýaşulynyň iň goraýan, gadyrgymmatyny ähli zatdan ýokarda tutýan zady şudur. Şuny oň elinden alaýyn, onda ne ar galsyn,
ne namys, ne dereje galsyn ne sarpa, ne Alla gorkusy» diýýär.
Birden dörän gorkudan gojanyň tutuş göwresi titräp gitdi.
– Perwerdigärim sakgalym syryldy, ýöne Senden gorkymberi ýüregimden syrylyp
gitmäwersin. Ýa, Ýaradan, Saňa bolan gorky ýüregimizden syrylan biziň bilen deň bolmaweri.
Gorky hem ýaşulynyň dilegine goşulyp özüçe dileg etdi:
– Ynsan garransoň, onuň gorkusy azalyp, umydy köpelsin.
Myrat Gorkyň bu sözlerine düşünmedi. Gaňrylyp onuň ýüzüne soragly seretdi. Gorky
jogap berdi:
– Ýaradan welileriň birinden: «Sen ynsana näme dilegiň bolsa dile» diýeninde, şeýle
dileg edipdi: «Ýa, Ýaradan! Goý, ynsanyň ýüreginde ýaş wagty Senden gorkusy köp, umydy az
bolsun. Garransoň welin, tersine, gorkusy azalyp, umydy artsyn!»
Bu sözler Myradyň inini tikenekletdi. Ol içinden Gorkyň sözlerini biygtyýar
gaýtalanynam duýmady.
23
Myrat bilen Gorky biçäre gojanyň golaýjygynda durdy. Ýaşuly üçin hiç zat elinden
gelmeýän, hatda göwünlik beribem bilmeýän Myradyň tutuş göwresi saňňyldaýardy.
Çagalygynda aýaklary bilen üstünden gum sowuryp bögürýän mähnet öküzden gözüni aýryp
bilmeýşi ýaly, ol garrynyň ýylpyldap betgelşik görünýän ýalaňaç eňeginden, gözýaşa ezilen,
syrylan sakgalyny gysymlan barmaklarynyň arasyndan çykyşyp duran gyllardan gözlerini aýyryp
bilmeýärdi. Ak gyllar kümüş deýin, Günüň nuruna ýylpyldaýardy.
22.
Myrat ýene çola bir ýere geldi. Aňyrrakdan demir ýoluň relsleri, ýere taşlanan pyçaklar
ýaly, ýalpyldap görünýärdi. Myradyň gözi bir mazarda eglendi. Ol bir hili sarsyp, yrgyldap
ýatyrdy.
– Bu kimiň mazary?
– Gökdepe şehidiniň.
– Ol näme ýeri sarsdyryp ýatyr?
– Deňinden poýezd geçende şoňa sarsýar...
Hakykatdanam aňyrdan bir poýezd ýeri sarsdyryp gelýärdi. Onuň ýüküniň nämedigi
bildirenokdy. Ýöne agyr bolara çemeli, onuň haşşyldysy uzakdan eşdilýärdi. Namys-ar, Watan
diýip başyny goýan şehidem ýeri sarsdyryp ýatyrdy...
23.
Birden kellelerindäki börüklerini oda oklaýan türkmen aýallary edil dokumental
kinokadrlary ýaly Myradyň göz öňünden geçip başlady. Gün ikindidi. Ortada uly ot ýanýardy.
«Ýok bolsun, könäniň zyýanly galyndylary!» diýlip ýazylan ýazgylar, oduň ýagtysyna hasam ýiti
görünýärdi. Ýanýan esgiden erbet ys töwerege ýaýraýardy. Bu işi edýäniňem, etdirýäniňem,
muny synlaýanyňam ýüreginde uly gorkynyň, howpuň howsalasy turýardy. Her kimiň ýüregi
howsalalydy. Bäş-üç sany obada belli bozuklar heşelle kakýardy. Şäherden ýörite iberilen gaýyş
papakly wekil:
– Aýal-erkek deň hukuklydyr! Biz garyp-gasaryňam, aýal-gyzyňam hukugynyň
kemsidilmegine ýol bermeris! Kolhozlar gurarys! Komsomol toýlaryny tutarys! Indi bize «yza
galak türkmen» diýen atdan halas bolmaga wagt ýetdi...– diýip bogazyna sygdygyndan gygyryp,
ýygnanan mähelläniň öňünde nutuk sözleýärdi. Ot bolsa, gitdigiçe güýjeýärdi. Nutuk sözleýän
wekiliňem sowuk gözleri şol ot deýin ýanýardy. Ol özüne garşy giden her bir zady ýakyp
ýandyrmaga taýýardy. Wekiliň gözlerinde gorky-ürküden nam-nyşan ýokdy. Ol:
«Ýaşasyn bolşewikler partiýasy!» diýip, gygyranda goňşy obada suw tutup ýören, bu
wakalardan habarsyz suwçulara çenli eşdipdi. Olar: «Bu ses nireden gelýärkä, ýa Asmanam
«ýaşasyn belşewik» diýip gygyraýýarmyka? Ýa bu ahyrzamanyň alamatymyka?» diýşip, birbirlerine-de bildirmän, içlerinden kelemelerini gaýtarypdylar.
Bolşewigi diňleýän giden mähelle bolsa, hem otdan, hem bolşewigiň gözlerinden
gözlerini sowup bilmän, jadylanan ýaly seredýärdi.
Tikenekli sim, gözi ýaşly ýaşulynyň sakgalynyň syrylyşy, Oraz ahunyň gurruga iteklenşi,
aýallaryň börüklerini sypyryp oda oklaýyşlary, gulagyňy gapyp barýan sazyň aşagynda tutulýan
komsomol toýlary, ýer sarsdyryp ýatan şehidiň mazary... bary birden Myradyň gözüne göründi.
Ol bu görnüşe seretdigiçe, gorkunç gurruk guýudan hem has aýylganç, has garaňky, düýbi
görünmeýän çuňluga gaçyp barýan ýaly boldy. Myrat hopugýardy. Gygyrýardy. Emma öz sesini
özem eşdenokdy. Ýapyşara-da hiç zat ýokdy. Guýynyň diwarlaryna ýapyşjak boldugyça üstüne
gum dökülýärdi, elleri taýýardy. Gurrugyň diwarlarynyň ýüzünde Myradyň diňe dyrnaklarynyň
yzy galýardy. Ol bu gurruk guýynyň şol gorkan guýusydygyna düşündi. Mundan ony indi ne
dostlary, ne-de obadan geljek uly adamlar çykaryp biljekdiler. Belki, atasam «Ölüm
ýadymdadyr, gorky gözümde» diýip pyşyrdanda, haýatyň ýüzünde şu guýynyň sypatyny
görendir. Atasy agyr ýatyrka:
24
– Oglum men ölümden gorkamok. Irde-giçde ölmelidigine akylym ýetýär. Ýaşym
togsana ýetip barýar, bu dünýede armanym galmady. Ýöne başga bir zatdan howp edýän,
nämediginem düşündirip bilemok – diýende Myrat öz ýanyndan gabyra girmekden gorkýandyr
diýip pikir edipdi. Onuň çaga akylynyň ölümde görýän zady, gabyr bilen tamamlanýardy. Bu
gün welin derwüşiň: «Bir gorky bardyr – gorkularyň patyşasy. Ol Alla menden ýüz öwüräýse
diýen gorky... Huw, Hak... Huw, Hak...» diýip baryşy, sakgalyny gömýän gözi ýaşly garrynyň:
«Perwerdigärim sakgalym syryldy, ýöne Senden gorkymberi ýüregimden syrylyp gitmäwersin...
Ýa Ýaradan, Saňa bolan gorky ýüregimizden syrylan biziň bilen deň bolmaweri» diýip, yzyny
üzmän özbaşyna gürleýşi, onda täze duýgulary, täze düşünjeleri oýarýardy. Bu düýpsüz gorpa
ýykylyp barşyna, onuň ýüregine başga bir gorky ornaýardy.
24.
Myrat tisginip oýandy. Ol maşynyň içinde uklap galanyna düşündi. Töwereginde hiç kim
ýokdy. Myrat köpden bäri beýle süýji uklamandy, endigine görä sagadyna seretdi – günorta
naharynyň wagty bolupdyr. Ol bir zat görmek isleýän ýaly, gapdalyndaky kürsä seretdi. Myrat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gurruk guýy - 4
  • Parts
  • Gurruk guýy - 1
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2098
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 2
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2081
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2102
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 4
    Total number of words is 44
    Total number of unique words is 39
    56.3 of words are in the 2000 most common words
    66.4 of words are in the 5000 most common words
    74.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.