Latin

Gurruk guýy - 2

Total number of words is 3861
Total number of unique words is 2081
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Mommagyň kenegi gurruk guýynyň gyrasyna gelip durdy. Myrat ykjam çenenip kenegini
atdy. Myradyň kenegi zarp bilen gelip Mommagyň kenegine degdi. Kenek gurruk guýynyň
düýbüne zyňylyp gitdi. Myradyň kenegem daşynda galdy. Ine, saňa bahana. Mommak Myradyň
ezenegine ýapyşdy.
– Çykar kenegi. Ýogsa-da ähli aşyklaryňy berersiň.
Bu gurruklar baýyrda kändi. Olar gadym käriziň gömülen guýularydy. Öň tutuş oba şol
käriziň suwundan içip, ekin ekip, güzeran görer eken. Soň käriz arassalanmansoň, gözbaşam,
guýularam gömülýär. Üstesine-de ýaşulular: «37-nji ýylda bolşewikler obaň adamlaryny
atanlarynda şol gurruklaryň agzynda atyp, maslygy gurruga togalap goýberer ekenler» diýip, o
ýere barmaz ýaly edipdiler. Oýna gyzmadyk bolsalar, ol-a kenegi çykarmak eken, oglanlar
gurruklaryň ýakynyna-da barmaga gorkardylar.
Emma Mommak Myrady goýbererli däldi. Ol ony gurruga tarap çekýärdi. Kenek
guýularyň iň çuňy, «Eýeli gurruk» diýilýäne gaçypdy. Bu gurrugyň çuňlugy 5-6 metr bardy.
Ahyry Myrat Mommagyň güýçli ellerinden sypdy-da aşyklarynam taşlap gaçdy. Onuň gaçyşyna
oglanlaryňam göhi geldi. Olar bogazlaryna sygdygyndan «Gorkak! Gorkak!» diýip
gygyrýardylar. Myrat şol gaçyp barşyna bir daşa büdredi-de, ýere ýazyldy. Onuň gözlerinden ýaş
paýrap gitdi. Ol ýykylanynyň awusyna aglaýarmy, ýa-da gorkak adyny alanyna namys edip
aglaýarmy seljerer ýaly däldi. Ýöne ol şondan soň üýtgedi. Öňki alçak, degişgen Myratdan namnyşan galmady. Ol bir hili ulalan ýaly boldy. Myrat öz çagalygy bilen gorkak adyny alyp
hoşlaşypdy.
Ýogsa, Myrat bir-iki gün soň, ýeke özi «Ölsemem şo guýa girerin» diýip, «Eýeli
gurruga» barybam görüpdi. Günortan wagtydy. Her kim goýunyny sürüp gaýdypdy. Myradam
goýunlaryny ýatagyna getirip, ýamaşgan yzyna gelipdi. Töwerek çolady. Myrat ýuwaşýuwaşdan süýşüp gurruk guýynyň agzyna ýakyn geldi. Gurrugyň agzy garalyp, düýbi aşakdan
çala görünýärdi.
Gurruk guýynyň gyrasynda oturan ýaşajyk Myrat jadylanan ýaly garaňky agyzdan
gözlerini aýyryp bilmeýärdi. Onuň häzir «gorkak» ady bilen ýaşanyndan özüne «batyr eken»
diýdirip, ölesi gelýärdi. Hat-da ejesiniň özüniň jesediniň baş ujunda aglaýşyna çenli göz öňüne
getirýärdi. Näme üçindir ejesiniň bu aglaýyşy oňa ýaraýardy. Deň-duşlaram, hatda Mommaga
çenli: «O, batyr ekeni. Biziň hemmämzdenem batyr ekeni» diýişýärdiler. Ýöne atasy welin, onuň
bu edenini halajak däldi. Atasynyň närazylygy az-kem saklasa-da, Myrat gurruga seretdigiçe
erkini aldyryp barýardy. Onuň ýaşajyk maňlaýynda, burnunyň üstünde owunjak der damjalary
bulduraýardy. Myrat çalajadan gurruga tarap süýşýärdi. «Eýeli gurruk» ony ýuwaş-ýuwaşdan
özüne sorup barýana meňzeýärdi. Ejesi, garry atasy yzynda, ellerini serip, ony saklajak bolýan
ýalydylar. Emma olaryň edip bilýän zady ýokdy. Gurrugyň garaňky agzy gitdigiçe
ýakynlaşýardy.
Şol wagt Myrat birden başyny galdyrdy. Guýynyň garşy tarapynda bir nätanyş oňa
owadan ýylgyryp, seredip durdy. Duýdansyz peýda bolan bu adama Myrat eýedir öýtdi. Derrew
götünjekledi. Soňam yzyna garaman gaçdy...
Myrat batyr bolup ölmeg-ä beýle-de dursun, özüniň hakykatdananam gorkakdygyny özözüne subut edipdi. Şol wakadan soň, ol bir hepdeläp başyny ýassykdan galdyrman, basyrganyp
ýatdy. Guýynyň garşysynda gören adamsy, 37-nji ýylda atylan adamlar, jesedi gurruga tarap
depýän Gyzyl komandiriň ýalpyldawuk ädigi köp wagtlap Myradyň düýşüne girdi. Düýşünde
köp gezek gurruga ýykylyp, hopugyp oýandy. Garry atasy bilen ejesi gije-gündiz onuň
başujyndan aýrylmady. Oňa «Eýe görüpdir» diýip doga-tumar aldylar. Myrat o dogany gaty köp
ýyllap boýnundan aýyrman gezdi...
9
Şondan soň, Myradyň ýigreneni gorkaklyk, gorkak oglanlar boldy. Edil şoň ýalam batyr
oglanlary gowy gördi. Bilgeşleýin yrsarap Mommak bilenem uruşdy. Uruldy. Ýene uruşdy. Ýene
uruldy. Mommak onuň deňi däldi. Güýçlidi. Myrat welin, onda-da uruşýardy. Soňa-baka
Mommak ondan gaçyp ugrady. Indi hiç kim Myrada «gorkak» diýip bilenokdy, emma özi welin,
gorkakdygyny bilýärdi. Ol «gurruk guýudan» gorkýardy. Myrat ulaldygyça, onuň «gurruk
guýusam» ulalýardy.
8.
Myrat hyrsyz nazaryny Gorka dikdi:
– Şonda meni gurruga girdirmedik senmidiň?
– Hawa, mendim. Şol wagt men seni halas etmesem, başga halas etjek barmydy?!
Gorkynyň bu parahat sesi Myradyň ýarasyna duz sepilen ýaly etdi.
– Belki, sen meni halas eden dälsiň-de, gaýta öldürensiň?!
Myrat özüniň dagyň depesinde oturanyny gördi. Ýanynda-da Gorky dyzyny gujaklap
otyr. Gorkynyň arryklygy Myradyň gözüne ildi. Onuň owadan barmaklary hor goşarynyň daşyna
aýlanyp durdy. Gorky diýlen bir gorkunç bolaýjak ýaly welin, ol gülüň ýapragy ýaly näzik
görünýärdi.
– Näme üçin maňa sag bol aýtmalykaň, gaýta, meni günäkärleýäň?
Gorky elini Myradyň egnine goýdy:
– Men seni gowy görýän. Sebäbi sen maňa şol gurrukdan bäri düşünjek bolduň. Arzygül
üçinem men günäkär däl...
Gorkynyň Arzygüliň adyny tutmagy birden Myradyň gaharyny getirdi. Arzygül onuň
üçin gadagan temady. Myrady ýigrenç duýgusy gaplady...
9.
O gyzyň ady Arzygüldi. Myradyň Arzysydy...
Şol ýyl Myrat dagy onýyllyk mekdebiň gutardyş ekzamenlerini tabşyrýardylar. Öňdesoňda gyz bilen işi bolmadyk ýigidekçe dostlary bilen ylgap klasdan çykypdy. Öňden çykan
Myrat gapynyň daş agzynda bir gyz bilen nähili çakyşanynam duýman galdy. Gyzyň elindäki
depderdir, kitaplary pytrap gitdi. Myrat adatdaky gyz gykylygyna garaşdy. O gyz welin,
mylaýymlyk bilen bir zatlar diýdi. Myrat utanjyna dym-gyzyl boldy. Näme diýip, näme etjegini
bilmän sömelip galan Myrat bir haýukdan özüne geldi. Egilip o gyzyň ýerde pytraşyp ýatan
kitaplaryny ýygnaşdy. Myrat zordan ýüzüni galdyryp, mylaýym gyza seretdi. Hiç zat bolmadyk
ýaly zatlaryny ýygnap gidip barýan, goňşy klasda okaýan Arzygüldi.
Hakykatdanam üýtgeşik bolan zat ýokdy. Hatda Myradyň ýoldaşlaram hiç zat
aňmandylar. Emma Myradyň welin, dünýesi başaşak bolupdy. Onuň üçin şol pursatdan soň,
pursadam gutarypdy, wagtam. Ol nirä barsa-da, näme işlese-de, şol çakyşan ýerinden aýrylyp
bilmeýärdi. Myrat gaýta-gaýta şol pursady akylyndan geçirip, Arzygüliň şeýle çuň mähir, derýa
ýaly giň mylaýymlyk bilen näme diýenini ýatlajak bolýardy. Ýöne näçe jan etse-de, ýatlap
bilmeýärdi. Arzygülüň ýerine ençeme jümleler gurup görýärdi, emma olaryň biri suwjuk eşdilse,
beýleksi gödek bolup çykýardy.
Arzygül bir göreňde akylyňy ýitiräýer ýaly beýle bir owadan gyzam däldi. Iň haýran
galdyrýan ýerem Myrat üçin owadan bolsun, bolmasyn gyz diýlen milletiň bary-ýogunyň
deňdigidi. Ýogsa, Arzygülden kän owadan gyzlar Myrada hat ýazypdylar. Myrat o hatlary
okaman diýen ýaly ýyrtyp goýbärdi. Näme üçin beýle doň ýürek bolandygyna onuň özem
düşünmeýärdi. Gurruk guýudan, atasy elinde jan berenden soň, Myradyň iň halamaýan häsiýeti
gorkaklyk, ýaranjaňlyk, suwjuklyk boldy. Belki ol bu hat gatnaşyklarynda nähilidir bir ýuwanlyk
görendir. Muny düşündirmek kyn. Ýöne bu-da bir pelegiň oýny, durmuşyň synagymy kim
bilýär. Gyzlara hat ýazmaga beýlede dursun, ýazýanlaram halamaýan Myradyň özi şol
çakyşmadan üç gün geçenden soň Arzygüle hat ýazdy. Dogrusy, ýazman bilmedi. Ol indi üç
gündür, ne idili ýatýardy, ne-de, iýip-içýärdi.
10
Myrat haty nähili ýazanyny bilmese-de, ony Arzygüle gowşurmaly bolanda, ýüregine
gorky geldi. Oglan haty bermeg-ä beýlede dursun, o gyza hat uzadyp durşyny gözöňüne-de
getirip bilmeýärdi. Ahyry ol ýagdaýyny dostlaryna aýtdy. Içlerinde şu işe «ökde» birine hatyny
gowşuryp berseň diýdi. Ýöne ol hem ör-gökden gelip: «Özüň ýazypsyň, özüňem ber» diýip
etmedi. Hiç kimiň äkidip bermejegine göz ýetiren Myrat hatyny birden ýyrtym-ýyrtym etdi.
Ýyrtylan hat bilen Myradyň ýüregem birden köşeşdi. Günler geçiberdi. Ekzamenlerem
tabşyryldy. Okuwa giren okuwa girdi, girip bilmedik işe durdy. Soňam gulluk. Orsýetiň sowuk
ülkeleriniň birinde gulluk edip ýörkä-de, Myrada dostlarynyň birinden Arzygülüň durmuşa
çykandygyny habar berýän hat geldi. Ýigit çykan Myradyň gözlerine birinji gezek ýaş geldi.
Gözünden daman ýekeje damja dyzyňa ýetip duran galyň gara, seçme çümen ýaly çümüp gitdi.
Ol gözýaş gar bilen birlikde Myradyň ýüreginiň jümmüşine-de çümüp giden ýaly boldy.
Ol Arzysyny birwagt ýadyndan çykarandyryn öýdüp ýördi. Ýekeje damja galan eken.
Ýürekden çykyp ýene ýürege çümen o damja Myradyň bütin ömrüne daşy kesmeklän ýara bolup
galdy. Ýyl geçdi. Gulluk gutardy, öýlendi, şofer boldy. Bir günem...
Bir günem Myrat ýol ugrunda Arzygüle duşdy. Myrat sesini çykaryp bilmän otursa-da,
Arzygül saklanyp bilmedi. Çykyp baran ýerinde hor ýaşaýandygyny, adamsynyň arakdantirýekden gaýtmaýandygyny aýdyp aglady.
– Ýat ýere gitdim. Siziň biriňiz adam iberäýmelidiňiz ahyryn – diýdi.
Myrat Arzysyna hiç zat diýip bilmedi. Ýyrtan haty onuň göz öňüne gelip, Arzygülüň
agysyndanam beter täsir edýärdi. Hamala dünýesi ýyrtym-ýyrtym bolup barýardy. Ol bar zadyň
günäkäri gorkusy hasaplady. Gorkaklyk etmän hatyny eltip beräýen bolsa, Myrat soň Arzysynyň
eline tiken batyrarmydy?! Arzygül öýleriniň deňinde düşüp gitdi. Ol ýüzüni ýerden galdyrman:
– Siz bagtly bolsaňyzam bolýa – diýdi. Myrat ýene dil ýaryp bilmedi. Hat ýazanynam,
gorkaklyk edip bermäninem, aýtmaga dili barmady. Kemtersinden göwünlik bermegem
oňarmady.
– Men gorkak, gorkak. Şonda gurruk guýa girip bilen bolsadym...
Şondan soň hiç ýerde karary ýetmedik Myrat bir hepdäň içinde obasyny taşlap, çagalary
bilen şähere göçüp geldi...
10.
Gorky Myradyň gözlerinden damýan gözýaşlary sesini çykarman synlap otyrdy. Myrat
mawy asmana diňkesini dikip, agy gatyşykly sesi bilen ýuwaşja gürleýärdi:
– Git. Sen menden gidip bilýän bolsaň, git. Sen adamy halas edeňok, masgara edýäň. Sen
sebäpli, öz gorkaklygym sebäpli näçe gezek etmejegimi etdim, diýmejegimi diýdim. Diýäýmeli
ýerinde dilimi dişläp, gaýta ýaranjaňlyk etdim. Sen sebäpli Arzygüliň bagtyny ýatyranymam
maňa ýeterlik. Git!
Gorky sesini çykarman ýer çyzýardy. Töwrek ýalazy, şor meýdandy. Kä ýerde bir şemala
başyny yraýan ejizje ýandak görünýärdi.
Myrat bolsa Gorkyny şol günäkärläp otyrdy:
– Sen meni kä çagalarym bilen, kä bu çüýrük dünýäň wagtlaýyn keýpi-sapasy bilen, kä
ejizligim bilen ýeňdiň. Bolýa, men ýeňildim, ýöne indi bir meni günüme goý. Ol iki-üç metrlik
gurruk, indi meň üçin düýpsüz gorpa öwrüldi. Git, gurrugyň gyrasynda aşyk oýnaýan indiki
çagalaryň ýanyna git. Olary «halas et». «Gorkak diýseler diýibersinler, gorkak bolsam
bolaýaýyn, ölmesem bolýa» diýmäni öwret.
Şu wagt seni öldürip biljegimi bilsedim öldürerdim. Ýöne ony etmekdenem gorkýan.
Gorky hamala lal açan ýalydy. Ol şor ýerde biten garyş boýy ýandagyň bir şahasyny eline
alyp yhlas bilen ony ýeke-ýeke tikenlerinden saplaýardy. Myrat welin tükederli däldi:
– Ajal gelse, edil häzir geläýen däldir, inşallah, ölmerin, gutularyn diýip umyda aldanyp
bolýar. Ýöne ýüregiňe gorky geleňde welin, gaçara, aldanara ýagdaý galanok. Sen geleňde
asman zemine, zemin asmana öwrülýär, bar zat başaşak bolýar. Sen ynsany maýmyn kimin
oýnadyp, ýylan kimin süýrendirýäň, ant içdirip, awy ýaladýaň.
11
Gorkynyň jogap bermän oturşy Myratda «Ol edenleri üçin ötünç soramaga gelen
bolaýmasyn?!» diýen pikiri döretdi. «Şunuň bilen dagam şeýdip, süýrenşip ýörüpdirin. Munuňa
ýöne ýüzüne tüýkürip deňinden geçip gidibermeli ekenim...»
Myrat ahmyrly, erbet güldi:
– Gorkym sen bolsaň, özümem senden düzüwli däldirin. Seň ýüzüňe tüýkürdigim öz
ýüzüme tüýkürdigim dälmi? Kim nähili bolsa, gorkusam şoň ýalydyr-da. Sen bu müýnli sypatyň,
aýply ýaly seredişiň bilen meni aldamarsyň. Men seň hakykatda nähili eýmençdigiňi bäş
barmagym ýaly bilýän. Sen dälmi adamlara lebzini ýuwutdyrýan, Watanyny, dostuny
satdyrýan?! Öňki döwür wezipesinden boşadylaryn öýdüp, ejesiniň jynazasyna gelmedikleriň
günäsi seň boýnuňa dälmi?!
Gorky sesini çykaranokdy. Myradyň gahary bolsa beter möwç alýardy:
– Ýeri nä sypatyňa ýanyma geldiň? Şo gezek gurruk guýa giren bolsam, eýderdimbeýderdim çykardym. Ýoldaşlam gidip uly adamlary çagyrardylar. Ýöne «gorkak» adyny
almazdym, mydama gurrugyň içinde ýaşaýan ýaly ýaşamazdym. Men owal bu dünýede iň
aýylganç zat ölümdir öýderdim...
11.
Atasy dünýeden ötende Myrat birinji gezek gölegçileriň biri bolup gonamçylyga gidipdi.
Ol şonda birinji gezek uly adamlaryňamm aglaýan ekendigini görüp, haýran galypdy. Gök
tabydyň üstünde göterilip barýan atasy bolmalydy. Emma, muňa Myradyň ýaş beýnisi hiç
ynanyp bilmeýärdi. Atasy öz elinde jan berse-de, ynha, gonamçylykdan yzyna dolanyp barsa,
öňküje düşekçesinde ýatanyny göräýjek, oňa ýene hemişekileri ýaly Magtymgulyny okap
beräýjek ýalydy. Sebäp diýseň, ataly-ogul şeýle bir biri-birlerine baglanypdylar, atasy nirä gitse,
Myradam bile gidäýmeli, Myrat dirimi, atasam diri bolaýmaly ýalydy. Bu bagyň ýüp üzülen ýaly
birden üzülip hem biljekdigi onuň oglan akylyna sygmaýardy.
Atasyny jaýlamaga gaty köp adam gelipdi. Tutuş obaň adamlary-ha bardy welin,
Myradyň ömründe görmedik adamlaram kändi. Olar: «Munça ýaşady armany ýok welin, şondada ölüm ajy-da» diýişýärdiler. Myrat bolsa hiç şol ajyny duýmaýardy. Atasy jan beräýende,
özüne jogap bermän şalkyldap gujagyna dolanda aglany-aglany soň hiç agysy tutmandy.
Ýöne Myrady haýran eden zat atasynyň demi sogrulandan soňky ýatyşy boldy. Dirikä
atasy dirilige gaty yhlaslydy. Ýaşy togsana golaýlanam bolsa, öýde bir gymyldy edilse, arasyna
goşuljak bolardy. Myrat atasynyň myllaryp ýatanyny hiç görmändi. Garry atasynyň boýun
damarlarynyň bu dünýä baglanan ýüpler ýaly dartylyp duruşy häzirem onuň göz öňündedi.
Emma sanalgysy doldy welin, ol dartylyp duran damarlar gowşan ýaly bolaýypdy. Jan beren
garrynyň şeýle rahat uzanyp ýatyşyna Myrat haýran galypdy. Ol atasyny şunuň ýaly rahatlykda
hiç görmändi.
Adamlar hatary, öňünde atasyny göterip barýan tabyt öňem telim gelen ýeri bolandanmy,
hiç ýana sowulman göni gonamçylyga bardy. Adamlar täze gazylan çukuryň daşyna tegelendiler.
Çukuryň bir gapdalynda içki jaý garalyp görünýärdi. Belki, ýaşlygyndandyr ýa-da ilkinji gezek
gelşindenmi Myradyň ýaş başy her bir görýän zadyny gyzyklanma bilen biygtyýar synlaýardy.
Myrat bu dünýäni özüne dar görüp ýören atasynyň şol darajyk «jaýa» sygyşyna haýran galdy.
«Ynsan üçin mazaryň içki öýi şeýle laýyk zat eken, edil kitabyň kitap tekjelerine laýyk
bolşy ýaly. Kitap hem başga nirede goýsaňam, tä şol tekjede ýerleşýänçä ýerinde däl ýaly bolar
durar. Adamam şeýle eken. Ýa-da adam bu dünýede iki ýana uruna-uruna şol «jaýy» gözläp,
ahyry demi sogrulanda-da ony tapyp rahatlanýarmyka?!»
Myrat bu pikirlere şol wagt geldimi ýa-da soň, ony bilmedik. Ýöne ol birnäçe ýyllap,
ölüm hakynda, atasy hakynda şeýleräk oýlanyp gezdi.
...Üýşmek gum. Adamyň yhlasam şoňa ýerleşýär, tutuş ömrem. Gonamçylykdaky bu
mazarlar meniň göwnüme ullakan ýüzlenme belgileri bolup görünýärler. Her ömür tamalanandan
soň, diriler üçin ýüzlenme belgisine öwrülýän ýaly.
12
Honha atamyň mazary. Onuň mazary üç ýyly kem togsan ýaşa baran ýyllaryň baryny
özünde jemläp, yzynda diri galan maňa ýüzlenme belgisi bolup ýatyr. Nokadam däl, sorag
alamatam däl. Haýran galaýmaly atamyzyň adyny dakan kiçijik bäbejigimizem akja gundagda
ýüzlenme belgisine meňzeýär. Gundaga dolanan «ýüzlenme belgisi» özünden öňki gaty köp
ýüzlenmeleri özünde jemleýän kiçijik ýüzlenmemikä? Her bir dünýä inmek dünýeden öteniň
dowamy. Eger her soňky gelen özünden öň öteniň ömrüni iň soňky ýüzlenme belgisine çenli
okamasa, adamzat duran ýerinde durar. Aslynda biz bir duran ýerimizde duranlar bolmasadyk,
her ýogalan ýüzlenme belgisine meňzäp ýatmazdy...
Myrat şol wagt 14-15 ýaşlaryndady. Ýurduny başgalany jaýlap, «gowy adamdy»
diýilenden soň, adamlar ýene aýat okap turdular. Turulansoň her kim gonamçylykdan çykmaga
howlukdy. Myradam adamlara goşulyşyp çykyp barýardy. Ol birden gaňrylyp, atasyny alyp
galan mazara seretdi. Şol wagtam birzada büdredi. Myrat tas bir çaga mazarynyň üstüne
ýykylypdy. Hernä doly ýere ýazylman elini ýere ýetirende ol kiçijik mazary gujaklan ýaly boldy.
Şol wagt ýaňy agy-garany saýgaryp ugran ýetginjek başga bir geň duýgy bilen hem gujaklaşdy.
Ol birden ölümiň bardygyna, atasynyň hem indi yzyna dolanyp gelmejegine düşündi...
12.
Aslynda Myrat ölümi 4-5 ýaşlarynda görüpdi. O wagtlar her gün irden kolhozyň mallary
örä äkidilerdi. Oba adamlaram sygyrlaryny kolhoz sürüsine goşardylar.
Şol gün Myrat sygyrlaryň erbet bögürşýän seslerine oýandy. Ylgap köçä çykdy. Kolhoz
sürüsindäki äpet gara öküz aýaklary bilen gum peşäp erbet bögürýärdi. Asmana galýan tozanyň
aňyrsyndan çala görünýän sygyr çopanam «Näme üçin mal öldürip, damakganyny ýakaňyzok?»
diýip erbet sögünýärdi hem ýabysyny debsiläp damak gana üýşen sygyrlary, mähnet öküzi
kowup äkitjek bolýardy. Süriň üýşýän ýeri öten agşam goňşularynyň sygyrlaryny öldüren ýeridi.
Hasam göwresi uly bolsa-da, özi ýuwaşja mähnet gara öküzi tanar ýaly däldi. Onuň toýnaklary
bilen ýerden sowurýan gumy gelip ýene üstüne dökülýärdi. Bu görnüş juda eýmendirjidi. Myrat
bu görnüşden hem gorkup, hem jadylanan ýaly ondan aýrylyp bilmän seredip durka, hernä, ejesi
gelip ony öýe salypdy. Agtygynyň gorkanyny gören atasy:
– Sygyrlar düýnki sygyryň öldürileni üçin aglaşýarlar. Sen gorkma, oglum, olar ynha bir
salymdan örä giderler – diýipdi.
Myrat şol wakadan soň esli gün gijesini basryganyp geçirdi. 4-5 ýaşlyja çaga şonda
birinji gezek ölüm bilen özi akyl ýetirmän duşuşypdy. Ol şondan soň, dünýede iň gorkunç zat
ölümdir öýdüpdi.
13.
Myrat dagyň kert gaýasynyň uçudynyň gyrasyna gaty golaýlandygyny duýdy. Aşak
seretdigiňçe eýmendirýärdi. Emma ýokaryk, uzaklara seredeňde welin, ganatlaryňy ýaýyp uçup
gidiberjek ýaly görünýärdiň. Topbak-topbak bulutlaram aýagyň aşagyndady. Bu görnüş düýşe
meňzeýärdi. Gorky bir daşy alyp aşak oklady. Daş ala-zenzele edip, ýolundaky bir topar daşlary
alyp aşak togarlandy. Bu sesler bolýan zatlaryň düýşden has daşdadygyny görkezýärdi.
Myrat ýüzüni asmana tutup oturdy. Dagyň çigrek şemaly ony sowuk suwa çümen ýaly
edýärdi. Ol bu sowuk suwdan çaltyrak çykmak, uçudyň gyrasyndan aýrylmak isledi. Guş
bolmasaň uçudyň gyrasynda işiň ýok.
– Meni uçudyň gyrasyna getirme, maňa şol köneje maşynym bolýar. Meň ganatlarymy
şol gurruk guýy gyrkdy. Gowsy, sen meni günüme goý. Men indi garrapdyryn. Seň bilenem,
Mommak bilenem, gurruk guýy bilenem uruşmaga indi höwesim ýok. Maňa kaýyllyk geldi.
Arzygülüňem, elbet, kysmatydyr-da. Men oňa şo haty beräýenim bilenem, kim bilýär, o maňa
näme jogap bererdi?!
Esli salym olar seslerini çykarman oturdylar. Dag şemalyna olaryň ýuka eşikleri
pasyrdaýardy. Gorky Myradyň ak girip ugran saçlaryna elini uzatdy. Myrat onuň elini itekledi.
13
– Seresap bol, agaran saçlarym aýna gyýyklary ýalydyr. Birden elleriňi gyýaýmasyn.
Çagalygymdaky ýumşajyk saçlardan oba göçdi.
14.
– Ýadyňa düşýärmi Muhammet şaň Çingiz handan gorkuşy?
Myrat asmana seredip ýatyşyna ajy ýylgyrdy.
– Ýadyňa düşýärmem diýýän. Muhammet şany gününe goýman ýeke gezegem gylyç
syrdyrman, naýza atyşdyrman ýurduny taşladyp gaçyran sendiň ahyryn.
Myrat Horezm şasynyň öz atlylary bilen Çingiz handan, ýol tozanladyp, gaçyp
baryşlaryny, edil ýanynda görüp oturan ýaly, duýgyny başyndan geçirýärdi. Jylaw çeýnäp,
hokranşyp, duşman bilen jeň küýseýän atlaryň aýaklarynyň sesi onuň gulaklaryna eşdilýän
ýalydy. Muhammet şa bolsa, hatda münüp oturan bedewiniň hyjuwyndanam gorkýardy. Her dem
onuň göz öňüne Çingiz hanyň gylyjynyň boýnuny kesişi gelýärdi. Gijeler basyrganyp oýanyp,
atyna atlanýan şa, Watanyny öz goşunyndan kän az goşunly, atlary araba goşaýmasaň başga zada
ýaramajak, gözleri gyzdyrmaň deşigi ýaly çyzylan ýumruk ýalyjak Çingize taşlap gaçýardy.
Myrat dikeldi:
– Gorkaklygyň tutuş milletleriň ösüşini asyrlarça yza tesdirenini bilýärmiň? Diňe bir
Muhammet şanyň we onuň töweregindäkileriň gorkaklygy sebäpli medeniýetiň iň gözel
binýatlarynyň biri Mar-u Şah-u Jahan, Köneürgenç ýer bilen ýegsan bolmadymy?! Nije
alymlaryň kitaplar agdaran ägirt kitaphanalary bir gysym kül bolup, şemalyň ugruna tozap
gitmedimi? Muny Çingiz han däl, Muhammet şanyň gorkaklygy etdi ahyryn.
Myrat birden bogazyna sygyndan gygyrdy:
– Git, gözüme görünme!
Myradyň sesi gaýalara düşüp ýaňlandy-da, kesildi.
Haçandan bäri geplemän oturan Gorky parahat seslendi:
– Men ker däl. Sen meni nähak günäkärleýäň. Muhammet şaň gorkaklygy üçin men
günäkär däl.
Myrat Gorkynyň aýdanlarynda nähilidir düşnüksiz hakykatyň bardygyny aňdy. Emma
Myradyň bu zatlara düşünesi gelmedi. Ol Gorkynyň hakykatyny göterip bilmerin öýdüp gorkdy.
Gorky birden ýere seredip şeýle bir hakykatlary aýdýardy welin, Myradyň onki süňňi
sökülip barýardy. Iň beterem Myrat Gorkynyň indiki aýtjaklaryndan gorkýardy. Kim bilýär
käbir hakykatlary bileniňden bilmäniň gowudyr. Şonuň üçin Myrat Gorka: «Onda kim
günäkär?» diýip bilmedi. Myrat bu sowalyndan näçe gorksa-da, ondan gutulyp bilmejegini
bilýärdi. Gorkynyň keýpine ýanyna gelmäni bellidi. Emma şonda-da sowulyp geçenini kem
görmedi.
Gorky ýere seredip oturşyna gürrüňini dowam etdi:
– Her kim meni iň uly aýbydyr öýdýär, ýüreginiň ýarasy hasaplaýar. Siz ynsanlar
batyrlygy gowy görýäňiz. Niçik ogluňyz boldumy Batyr, Merdan diýşen bolup at goýýaňyz.
Myrat gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşyny etdi:
– Dagy näme çagalarymyza «Gorkak» diýip at goýalymy?! «Tilki» diýelimi, «şagal»
diýelimi?
Gorky gussaly nazaryny Myrada dikdi. Bu nazar ony bogun-bogun yzarlady. Ol indi
Gorkudan hakykatdanam gorkýandygyny tutuş durky bilen syzdy.
– Bilýän sen menden gorkýaň. Gorksaňam tanap gork. Mydama meni ýüregiňde göterip
ýaşamagyň aňsat däldiinem bilýän.
Emma Myradyň gorkýandygyny boýun alasy gelmeýärdi. Ol ýumruklaryny düwdi.
Duluklarynyň eti düwüldi.
– Özüň gorky bolarsyň-da, seni tanap oturasy näme bar?! Men senden gorkamok, men
seni ýigrenýän.
Birdenem Myrat ýerinden turup hahaýlap gülüp başlady. Näçe ýyldyr öz üstünden gülen
Gorkyň üstünden gülmek oňa lezzet berýän ýalydy. Emma bu ýasama lezzet uzaga çekmedi.
14
Gorky hamala «Sen gürleşenime-de degeňok» diýýän ýaly turup gidip ugrady. Myrat ony
saklady.
– Dur, gitme. Näme çetiňe degýämi?! Sen adamlaryň ýüregine girip, olary züwwetdin
edeňde gowy-da, öz üstüňden gülünse ýakanokmy?!
Myrat Gorkynyň gussaly gözlerine seretmejek bolýardy, tutuş göwresi bilen saňňyldap
dursa-da, syr bermediksirän bolýardy. Geň galdyrýan ýerem gorkara zat ýok ýalydy. Gorky ne
onuň üstüne dyzaýardy, ne-de haýbat atýardy. Şonda-da Myrat gorkusyna göwresiniň
sandyramasyny saklap bilenokdy. Gorky onuň içini görüp duran ýalydy:
– Saňa bu sözleri gorkaklygyň diýdirýär.
Indi Myradyň götünjeklemäge ýagdaýy ýokdy. Gülüp başladyňmy, gülen şekilli
gülmelidi. Ol Gorkyň üstünden gülýärmi ýa-da öz gorkaklygynyň üsünden gülýärmi düşüner
ýaly däldi. Myrat şu pursat öz bolşuny ýigrense-de, özüne erk edip bilmeýärdi. Ol:
– Gorkudanam gorkularm-aý?! – diýip, öňküsindenem gaty gülmäge çalyşdy. Onuň
ýasama gülküsi daglara ýaň saldy. Gorky welin, parahatdy. Hamala ol Myradyň bu gülküsini
eşitmeýän ýalydy.
– Sen meň şeýle uly güýçdügimden habaryň ýok. Namys, wyždan, söýgi, utanç-haýa
ýaly, ynsany ynsan derejesinde saklap duran sütünleriň biriniň mendigimi bileňok.
Myrat özüniň Gorky bilen näme üçin jedele girenine düşünmeýärdi. Ol her näçe batyrlyk
satsa-da özüniň Gorkudan ejizdigini duýýardy. Gorky Mommak däldi. Ony gaýta-gaýta urşanyň
bilen ýeňip bolmaýardy.
Gorky bir aşyk ýaly daşyň üstüne ýumrugyň ululylygyndaky daşy goýjak bolýardy. Kiçi
daş uly daşyň üstünde durmaýardy. Soňra Gorky daşlaryň ýerini çalyşdy . Hemme zat ýerbe-ýer
boldy. Myrat Gorkynyň diýýäňmem diýmän daş oýnap oturşyna nähili düşünjegini bilmedi.
Gorky daşlardan ýüzüni galdyryp:
– Sen ýaňy Muhammet şaň gorkaklygyny ýatladyň. Çingiz hanyň gorkaklygynam ýadyňa
sal – diýdi.
Çingiz hanyň gorkaklyk edeni Myradyň ýadyna düşmedi. Onuň käbir söweşde hilegärlik
edip, yza çekilen ýeri bolupdyr. Ol öz goşunbaşysyny elleri bilen bogup öldürmekden
gaýtmandyr, ýöne onuň gorkaklyk edeni haçandyka?
– Ýadyňa düşenokmy «Maňa baky dirilik suwuny ýasap getirip beriň, bolmasa kelläňizi
alaryn» diýip, alymlarynyň, münejjimleriniň üstüne dyzaýşy? Ýadyňa düşenokmy, o zalymyň
baýry aýalynyň etegine başyny goýup aglaýyşy.
15.
Çingiz han: «Men gorkýan, men gabryň garaňkylygyndan gorkýan» diýip, aýalynyň
etegine ýüzüni goýup, horkuldap aglaýardy. Ol şol wagt aýalça-da ýokdy, diňe ady Çingiz
handy. Aýaly hany nädip köşeşdirjegini bilmeýärdi. Töwerek, uly-uly şäherler bolsa ýanýardy.
Myrat bilen Gorky beýleräkde Çingiz hanyň ejizleýşini synlaýardylar. Myrat ajy tüssä bogulyp
durşuna bu işe haýran galdy.
«Wagt diýlen hiç zad-ow. Dünýä gan çaýkan Çingiz hanyň ýakyp-ýandyran şäherileriniň
tüssesiniň ysam gelip dur. Onuň ejizläp aglandaky horkuldysynyň sesi şu wagtam eşdilip dur.
Hatda Ýer okundan sypynça-da eşdiler durar. Ýogsa şoňa daga dirilik nämesine gerek?! Käşgä
serhowuzyň başynda, sülgündir tawuslaryň arasynda, tawus ýaly gelinleri daşyňda tans etdiren,
hökmirowan şa bolan bolsa. Mydama ýörişde. Köşgi-eýwanam çadyrdyr. Onuň özüne Çingiz
han diýdirjek bolup gören görgülerini it görse gözi agarar.»
Içinden şeýle pikirler öwüren Myrat Muhammet şanyň, Çingiz hanyň gorkusynyň
ýanynda öz gorkusynyň hiç zatdygyna düşündi. Özüni olardan batyr saýjagynam bilmedi, gorkak
saýjagynam. Soňam: «Men kim?! Gorkak bolamda-da, batyr bolamda-da, men kim?! Ne bir
Çingiz han ne-de, Muhammet şa» diýip özüni aklamaga çalyşdy.
Gorky ýüzüni ýerden galdyrman seslendi. Onuň sesi asyrlaryň aňyrsyndan, alysdan gelýän ýaly
eşdildi:
15
– Patyşasynyň günäsi üçin halkam şonça günäkärdir. Kiçi daş ullakan daşy göterip
bilmeýär. Göräýmäge patyşa halkyny göterýän ýalydyr welin, halk patyşsyny göterýändir.
– Sen Muhammet şanyň gorkakalygy üçin halk jezasyny çekdi diýjek bolýarmyň?
Gorky jogap bermedi. Biraz dymyşykdan soň ýene Gorky Myrada göni seredip:
– Onsaňam, her kim öz ömrüniň Çingiz hany, Muhammet şasy, Jelaletdinidir. Sen muny
gowy bilýäň.
Myrat gürrüňi ýene şalara, hanlara sowanyny kem görmedi:
– Sen olaryňam ýanyna meň ýanyma gelşiň ýaly bardyňmy?
– Hawa bardym, ýöne olar menden ýüz öwürdiler. Men olary terk etmeli boldum.
Myrat ýene Gorka düşünmedi. Gorkagam gorkudan ýüz öwürermi? Şonda-da gönüläp
sorap bilmedi. Gorkam hiç zat düşündirmedi.
16.
Gorky Myrady ýene gurruk guýynyň başyna alyp geldi. Güýzüň soňky aýlarydy.
Howanyň ýakymsyz sowugy bardy. Üstesine nirdendir bir ýerden gelen gargalaryň sesi, töweregi
hasam eýmendirji görnüşe salýardy. Ýyl 1937-njidi. Myradyň gorkan gurruk guýysynyň agzy
köplükdi...
Eli arkasyna daňylgy adamy gurrugyň agzyna getirýärdiler. Bäş-alty adam birden
daňylgy adamy atýardy. Atylan adam guýa togarlanman bäri ýanynda ýykylýardy welin, Gyzyl
komandir gelip, ädigi bilen depip, ony guýa togarlaýardy. Atylan adam agyr läş bolup, guýynyň
düýbüne ýetende, patlap erbet ses edýärdi. Şonda guýynyň düýbünden çykýan güňleç ses bäşalty tüpeň atylanda çykýan sesdenem eýmenç eşdilýärdi. Töwerekde duran adamlar tisginip
gidýärdi. Hamala ol jeset guýa däl-de, tutuş halkyň ýüreginiň jümmüşine agyr daş bolup gaçýan
ýalydy. Tüpeň sesine birahat bolýan gargalar hem ýetişip bildiginden gagyldaýardylar.
«Gak! Gak! Gak!» sesleri «Dat! Dat! Dat!» ýaly eşdilýärdi.
Şol wagt bir ýerden balyk satýan ýaş ýetginjek peýda boldy. Ol ýetişip bildiginden
duranlara balyk hödürleýärdi:
– Alyň, arzan balyk, ýaňy tutulan balyk. Alyň, men birazajyk kemiräk çekýän welin, siz
üns bermäň. Meňem il ýaly ýaşasym gelýär. Gowy geýinesim gelýär. Kakam ýaly öz üstümden
güldüresim gelenok. Şoň üçin men kem çekýänime üns bermäň. Alyň, balyk alyň.
Atylmak üçin hatara goýlan adamlar duýdansyz bir ýerden çykan oglana geň galyp
seredýärdiler. Ol görenokmyka bu bolup ýören zatlary, ýalpyldawuk ädikli, maňlaýy bäş
ýyldyzly admadan gorkanokmyka?
Oňa çenli gyzyl ofiser balyk satýan oglany ýanyna çagyrdy:
– Gowy balyklaň bar eken. Maňa çek şu üç balygy. Kem çekeniň zyýany ýok. Ogry
bolsaň, ogry şärigi bolsaň, haram-halal, Kuran-Pygamber diýmersiň. Diýjegem bolsaň diýip
bilmersiň. Biz ogrular, oba ogrularynyň döwletini gurarys. Iň uly başlygyndan başlap,
garawulyna çenli ogurlyk eder. Hiç kim hiç kime: «Sen haram iýýäň, ogurlyk edip ýaşaýaň,
ýüregiňde gorky ýok, Hudaýdan gorkaňok» diýip bilmez. Her kim şu gün bir zatjyk ogurlap
öýüne getirip bilse, şoňa begenipjik ýaşar. Şeýdip biz adalatsyzlygyň höküm sürýän iň adalatly
döwletini gurarys. Iň hakyky adalat adalatsyzlygyň çür başyna çykylanda döreýändir.
Gyzyl komandir bu sözlerinden soň duranlaryň her birine balyk satyn almagy buýurdy.
Kim porsap duran ogurlyk balykdan sesini çykarman alsa, ol atylman goýberilýärdi. Her kim
ölmese razydy. Porsan balyk bilen janyňy satyn alyp bolýan bolsa, nä armanyň bar?! Balyk
satýan oglanam harydynyň geçýänine begenjinden bökjekläp tans edýärdi. Ol ýetişip
bildiginden:
– Men indi maşynam alaryn, indi pulum maşyna-da ýeter – diýip samraýardy.
Emma, porsan balygy almadyklaram bardy. Kur'anyny gujaklap, balyk almak islemedik
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gurruk guýy - 3
  • Parts
  • Gurruk guýy - 1
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2098
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 2
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2081
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2102
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 4
    Total number of words is 44
    Total number of unique words is 39
    56.3 of words are in the 2000 most common words
    66.4 of words are in the 5000 most common words
    74.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.