Latin

Gurruk guýy - 1

Total number of words is 3814
Total number of unique words is 2098
31.0 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hydyr AMANGELDI
Gurruk guýy
1.
Ýaşy kyrkdan geçip ugran Myrat köçäň gyrasynda aşyk oýnaýan oglanlary
maşynyndanam düşmän, synlap duranyny özem duýanokdy. Ol oglanlaryň biri kenegini
dogrulap atyp bilse, hamala özi atan ýaly begenip, emelsizrägi pys geçirse-de, «Häh» diýip
gynanýardy. Onuň bolup oturşy «Eý, menem oýnadaýyňda» diýip, maşynyndan düşüp baraýjaga
meňzeýärdi. Ol oglanlaryň utýan aşyklaryny jübülerine salyşlaryny görüp: «Meň dagy ýörite
aşyk torbam bolardy. Onda-da birem däl, ikisi bardy» diýip içinden pikir etdi. Soňam edil
oglanlygyndaky ýaly: «Biziň ýanymyzda dagy bular öwrenje-laý» diýdi. Ahyram mugallymlar
«Agtygyň aşykdan başga bilýän zady ýok, okuwyny okanok» diýip, onuň atasyna arz edipdiler.
Atasy pahyram bir gün Myrada: «Hany oglum, getir aşyklaryňy. Getir, sanap göreli» diýipdi. Şol
gün ataly-ogul aşyklary täze ýyl kän aşyk getirer ýaly melleklerinde, üzümleriň arasynda
ekipdiler. Şeýdip, Myrat aşyk oýnamasyny goýupdy. Dogrusy, aşygy taşlanynyň sebäbi diňe buda däldi...
Myradyň ikinji sebäbi ýatlasy gelmedi. Ikinji sebäbiň ýadyna düşmesi ony birden özüne
getirdi. Ol töweregine seretdi. Çagalaň aşyk oýnaýşyna syn edip oturşyny gizlejek bolýan ýaly
garanjaklady. Ýöne hiç kimiň, hatda çagalaryňam onuň bilen işi ýokdy.
Könelip ugran maşyny bilen kireý edip çaga ekleýän, ýüzi ýaşyndan uly görünýän, bu
aladaçyl adamyň şu gün ir ertirden ýüreginde bir üýtgeşik duýgy oýanypdy. Ýa gije düýşünde
garry atasyny görendenmi, birhili nämädir bir zada garaşýan ýalydy.
Myrat kiçijikliginden atasy bilen höwrügipdi. Atasyny tapsa eje-kaka diýmändi. Atasam
bu ýumuşjyja agtygyny gowy görerdi. Myrat ölümiň ilkinji ajysynam atasy ýogalanda dadypdy.
Atasy pahyr dünýeden ötende Myrat on üç-on dört ýaşly oglandy. Şol ýaşlarynda ol ýogalan
atasyny düýşünde köp görerdi. Edil diriligindäki ýaly, çaýyny-käsesini äberip, gürleşip oturardy.
Soňam ukudan oýananyna gynanardy. Bu düýşler Myradyň aňynda hamala atasy ýakyn bir ýerde
ýaşap ýören ýaly duýgyny oýarardy. Ýöne soň ýigit çykdy, öýlendi, çagalary boldy. Ata-da
hamala daş bir ýurda göçen ýaly, ýuwaş-ýuwaş ýatdan çykyberdi. Atasam düýşüne girmesini
goýdy. Myradyň niçe ýyldan bäri birinji gezek atasyny düýşünde görşüdi.
Ol edil diri ýalydy. Owadan gül-gülzarlykda otyr. Täret kylýanja mis kündügem ýanynda.
Myrat, gör, näçe gezek o kündügi atasyna suwdan dolduryp beripdi. Köneje namazlygam
ýazylgy dur. O pahyr söýgüli agtygyna bir zatlar diýdi welin, Myrat oýananda, teý, ýadyna
düşürip bilmändi. Kündügi, namazlygy, hasam atasynyň elini, ýüzüni ýanynda ýaly görenini
bilýärdi. Myrady haýran eden zat hasam atasynyň täret kylanda ýuwan elleriniň, ýüzüniň
lowurdap durşudy. Atasynyň goşarynda buldurap duran suw damjalary, edil merjen ýaly
ýaldyraýardy.
Atasynyň sakgalyny öllän suw damjalarynyň lowurdusy häzirem Myradyň göz öňüne
gelip gitdi. Myrat bu düýşüni nämä ýorjagyny bilmeýärdi. Has beteri hem atasynyň
aýdanlarynyň ýadyna düşmeýänine gynanýardy. Göwnüne bolmasa, ol ýöne ýere düýşüne
girmedik ýaly, atasynyň aýdanlarynyň juda gerekli bir zatdygyny duýýardy.
Myrat çygjaran maňlaýyny eliniň aýasy bilen syldy. Ol öz ýanyndan: «Ýadymdan
çykmasyn diýip iki dagam gaýtaladym-la» diýip ahmyr etdi. Soňam içinde gopýan düşnüksiz
harasady özüçe şeýle düşündirdi:
«Düýşümdenem däldir-le, belki, ýazyň ilki günleri düşnüksiz duýgulary oýarýandyr.
Elim giňese, bir janly alyp, atam üçin ýörite tebärek çykardaryn-da...»
2.
1
Myrat aşyk diýip, düýş diýip, ýok zatlaryň pikirini edýänine käýindi. Ol: «Meňem bolup
ýörşümi?!» diýip hüňürdedi-de, maşynyny otlap ýola düşdi. Näçe hüňürdese-de, hakydasynda
janlanan öz oglanlygy, obaň ilersinde goýun bakyşlary, aşyk oýnaýyşlary, atasy bilen mellegiň
içinde aşyk ekişleri esli wagt onuň göz öňünden gitmedi.
Çagalygyň dünýesi bir aýry. Ýöne şol aşyklary bilen baglanşykly bir waka Myradyň
ýüreginde yza bolup galypdy. Häzirem ol şol yza sebäpli, çagalygyny hakydasyndan kowjak
bolýardy. «Ondan jübüňe düşýän zat ýok. Sagat bolsa eýýäm on bir bolup barýar. Ullakan eden
kireýimem ýok. Tas ýarym sagada golaý aşyk oýnaýan çagalara seredip oturypdyryn» diýip,
ýene özüne käýinen Myrat maşynynyň gazyna basdy.
Şäheriň köçeleri birhili çolady. Hamala millet işli-işine, öýli-öýüne ýygnanan ýalydy.
Myrat öz-özüne käýinip barşyna biraz ünsüni üýtgetmek niýetinde magnitofonynyň düwmesine
basdy. Maşynyň içine ýakymly saz doldy. Bu saz gaýta Myrady ýene ýatlamalara çekýärdi.
Ýatlamalaryndan basylýan, gönümeliräk häsiýetli bu ýigit hor çekgelerini owkalaşdyrdy.
– Bu nähili bold-aý?! Ýa öýe baryp bir salym irkilip galaýsammykam. Aý, gaýta beter
bolaryn. Uklabam bilmerin.
Owal şular ýaly bolanda dostlarynyň ýanyna gitmek Myradyň häsiýetidi.
– Indi dost diýip gapy-gapy aýlanylyp ýörülýän ýaşdanam çykylypdyr. Atam pahyra
garransoňam «Men Muhammetmyratlara baryp geleýin» diýerdi-de, hasasyny tyrkyldadyp, obaň
o çetine gidibererdi. Muhammetmyrat aga-da garaşyp oturandyr atama. Baý, ikisi süýji-süýji
gürrüňler ederdiler. Ýa bizem ýaşymyz segsene ýetensoň dostlarymyzyň ýanyna keýpine
gidermikäk?! Aý, näbileýin, Hoja Nasreddiniňki ýaly o ýaşa çenli ýa dost galmaz, ýa biz...
Oglanlykda aşykdan soň gyzygan zady çeper kitap bolandanmy nämemi, Myrat birden
her hili oýlanmalara özüni aldyranyny duýman galardy. Onuň bu häsiýetini ejesi pahyram
halamazdy. «Ýene başladyňmy içiňi hümletmäge?» diýerdi. Myradyňam ýaşy gitdigiçe
halamaýan zady pikir boldy. Ol: «Pikirden netije ýok, öňi-soňy durmuş seň pikiriňe kän bir
gulak asanok. Oň öz etjegi bar» diýerdi. Emma aslynda onuň pikir etmäni ýigrenip
başlamagynyň sebäbi pikirlerinden uç tapyp bilmeýänligindendi. Köpülenjem pikirleri ony
başyndan geçen haýsydyr bir gussaly wakaň üstünden elterdi. Myrat onsoň kän günläp
gussasyndan açylyp bilmän gezerdi. Häzirem ol kellesiniň biygtyýar müň meseläň üstüni
gozgamasyna darykýardy.
Myrat magnitofonyna täze kasseta goýdy. Indi bir ýaş ýigit söýgi aýdymyna gygyryp
başlady. Myrada bu ses hem ýoknasyz eşdildi. Ol göz gytagyny aýlap, kassetalaryny dörüşdirdi.
Göwnüne ýaraýjak aýdym-saz gözledi. Şol barmana-da ýoldan ylgap geçjek bolan biri
maşynynyň öňüne çolaşdy. Myrat nädip tormoza basanyny, ruluny saga sowanyny duýmady.
Maşyn ýanýodany kesip, gyrada ösüp oturan ýogyn agaja dört barmak ýetmän saklandy.
Ýüzünde reňk-pet galmadyk Myrat maşynynyň ruluny gujaklap esli salym oturdy. Maşynynyň
aşagyna düşmeden Hudaý sowan, gyssanmaç ýigit, ýukajyk plaşşynyň ýakasyny galdyryp, yzyna
garaman haýdap, özünden uzaklaşyp barýardy. Aýaklarynda ysgyn galmadyk Myrat onuň
ýakasyndan tutmaga beýle-de dursun, oňa sögünibem bilmeýärdi. Biriniň ganyna galandyryn
diýen gorky onuň ähli erkini alypdy.
Myrat bir salymdan özüne geldi. Henizem çalaja titireýän aýaklaryny owkalaşdyrdy.
Düşüp maşynynyň agaja şeýle golaý gelse-de, degmeýşine haýran galyp seretdi. Soň ýene
dolanyp, maşynyna mündi. Myradyň ýüreginde näçe harasat gopsa, töweregem şonça asuda
ýalydy. Ol bu ägirt tapawuda haýran galdy. Öý-içeri, çaga, iş, gazanç aladalary bilen ýaşynyň
kyrkdan nädip geçeninem duýmadyk bu sada ynsan, mydam özüni bu dünýäniň bir aýrylmaz
bölegi ýaly duýýardy. Gün dogmaly, olam oýanaýmaly. Gün ýaşmaly, garaňky düşmeli olam
ýadaw halda düşegine geçip uklamaly. Ertesi ýene şoň ýaly. Häzir welin, ol hamala gelmişek
ýalydy. Hiç kimiň, hiç zadyň onuň bilen işi ýokdy. Myradyň kellesine: «Adam ölende-de şeýle
bolýandyr-ow. Sen ýok, Gün bolsa şol öňküsi ýaly ýaşyp dogup dur. Sen welin, irden turmasaň
Gün dogmajak, gazanç getirmeseň aç öläýjek ýaly haýdap ýörensiň» diýen pikir gelip geçdi.
2
Myrat bu gün öz bolup ýörşüne, kellesine gelýän pikirlere haýran galýardy. Aşyk diýdi,
atasyny ýatlady, dostluk diýdi, indem ölüm, ölümden soňam dünýäň aýlanyp durjakdygy...
Ol: «Tas bir aňkawyň ganyna galypdym. Öýe baraýyn, dynjymy alaýyn. Bu gün meňki
boljak däl» diýip, ulagyny yza sürüp, ýanýodadan aýyrmakçy boldy. Şol wagtam Myrat
gapdalynda biriniň peýda bolanyny duýdy.
– Näme, gaty gorkduňmy?
Onuň sesi näçe ýakymly, mylaýymam bolsa, Myrat tisginip gitdi. Gaňrylyp nätanyşa
seretdi.
Gapdalynda ýylgyryp oturan 25-30 ýaşlaryndaky ýigitden töwerege üýtgeşik bir mähir,
nur ýaýraýan ýalydy. Onuň sypatynda gorkara hiç zat ýogam bolsa, Myradyň ýüregini üýtgeşik
bir gorky gaplady. Ýa onuň duýdansyz geleninden boldumy...
– Sen kim?
Nätanyş jogap bermän ýylgyrýardy. Ol hamala jogaby owadan gözlerimden, lowurdap
duran sagat dişlerimden al diýýän ýalydy. Nätanyşyň jogap bermän oturşy Myradyň ýüreginde
dörän gorkyny hasam artdyrdy. Niçigem bolsa Myrat özüne basalyk eden bolup, zordan
ýylgyrdy-da:
– Dost, seň nädip geleniňi, haçan maşyna müneniňem duýmandyryn. Aý, ýaňy aljyranyň
biri tas maşynyň aşagyna düşüpdi. Hudaý sowaýdy.
– Hawa, özüňe galsa-ha sowulyp ýetişjek däldiň.
Myrat barmaklarynyň täzeden titiräp başlanyny duýdy. Onuň örküçliräk burnunyň
üstünde owunjak der damjalary göründi. Gorksa derrew burnunyň derlemesi Myratda
çagalagyndan bardy. Burnunda der gördügi ol gorkýanyny bilip hasam özüni ýitirerdi. Nätanyş
welin, hamala Myrady köneden tanap ýören ýaly gaty arkaýyndy. Ol haýran galdyrýan ýürekdeş
mylaýymlyk bilen:
– Esasy zat meň saňa dostdugymy bilseň bolýa. Her kes meni özüniň duşmany saýýar,
sen welin, maňa dost diýdiň. Ýogsa, meň adama ýamanlyk eden ýerim ýok – diýdi. Nirden
çykany näbelli bu nätanyşyň gürlän wagty dilinden beter gözleri gürleýän ýalydy. Onuň göz
okarasyny dolduryp duran gözleri mähir derýasy ýalydy. Nätanyşyň owadan gözlerine bendi
bolsa-da, eden gürrüňinden hiç zada düşünmedik Myrat, öz ýanyndan çen atýardy:
«Men muň nädip gelenini duýmadym. Seredişi ýylgyrşam birhili üýtgeşik. Gep-sözünede düşüner ýaly däl. Ýa gözüme görünýärmikä? Ýa gorkyma aklym üýtgäýdimikä?»
Nätanyş edil Myradyň içinden edýän pikirlerinem bilip duran ýaly seslendi:
– Nätdiň-aý. Akyly üýtgän adamam maşyn sürüp bilermi? Sen arkaýyn maşynyňy ýola
çykardyň.
Myradyň zordan dili aýlandy. Ol sakawlap:
– S-s-s-Sen kim? N-n-nirden çykdyň? Pe-pe-perişdemi, ýa arwah-jynmy?
Nätanyş indi çala ses bilen güldi.
«Gülüşem täsin. Arwah-jyn bolsa, gorkunç bolaýjak ýaly? Sakawlyk nireden gel-daý.»
Nätanyş öňküsindenem beter ýüzi ak-tam bolan Myrady köşeşdirmäge çalyşýardy.
Myradyň häzirki gorkuşy, maşyny bilen adam urdurjak bolandaky bilenem deňeşdirer ýaly däldi.
Onuň tutuş göwresine galpyldy gelipdi. Myrat bu adamyň owal ýanynda ýokdugyny, soňam
ýanyna gelmändigini anyk bilýärdi. Ol:
«Bolmanda maşynyň gapysy açylyp ýapylanda duýardym. Hakykatdanam meň akylyma
bir zada boldy.Töweregem birhili çolaran, üýtgän ýaly. Ýa dogurdanam bu jynmyka ýa
perişdemikä?!»
– Heý, meň jyna meňzeýän ýerim barmy?!
Nätanyş seçelenip, çala tolkun atyp duran saçlaryny barmaklary bilen daraklady:
– Men perişde-de däl.
Nätanyşyň her hereketini sypdyrman synlaýan Myrat öz ýanyndan ony bir ýerde görenine
meňzetdi. Birdenem arada bile oturşan bir şahyry ýadyna düşdi. Ýazyjy-şahyr, edebiýatçylar
bilen kän oturyşyp görmese-de, ýakynda bir toýda olara duş gelipdi. Bu nätanyşam şolaryň
içinden bir şahyra gaty meňzeşdi. Onuň şeýle mähirli gözleri bardy. Joşgun bilen goşgy okap,
3
soňundanam saçlaryny edil şu nätanyşyňky ýaly daraklaýardy. Nätanyşyň biraz eňegini ýokarrak
tutup, gözlerini çala süzgekledip, uzaklara seredişi hem şol şahyry ýatladýardy.
Myrat: – Sen şahyrmy? – diýenini duýman galdy. Nätanyş Myradyň özüni şahyra meňzetmegine
begendi.
– Bilmedim. Goşga goşamok. Ýöne şahyrlary gowy görýän, çyn şahyrlary. Dogurdanam
men şahyra meňzeýänmi?
– B-b-birine meňzetdim-de...
Myrat ýene özüne zor salyp ýylgyrmaga çalyşdy.
– Aý, ýaňy gaty gorkdum-da... Siz ýolagçysyňyz. Sizi ni-ni-nirä äkitmeli?
– Men seň ýanyňa geldim. Men gorky.
Myrady tok uran ýaly boldy. Sakawlamasynyň dagy nähili aýrylanynam bilmedi:
– O nämäň gorkusy?
Nätanyş yhlas bilen, ellerini hereketlendirip, Myrada aýdanlaryny düşündirmäge başlady.
Onuň buýra saçlary seçelenip ýüzüne düşüp gitdi. Ol ýene saçlaryny arkan daraklady:
– Ýaňy sen gorkduň-a. Menem geldim. Tormoza basdyrdym, ruluňy saga towlatdym.
Myrat bu bolýan zatlary akylyna sygdyryp bilenokdy. Onuň bu başyndan geçýänler düýş
diýse düýş däldi, hyýal diýse hyýal däldi. Hakykata-ha asla-da meňzemeýärdi. Ol maşynynda
ätiýaç üçin göterýän suwundan owurtlady.
Myrat «Öz-özümi aldaýyn, kim bilýär ýalanym oňa siňdirýän yhlasymdan utanyp çyna
öwrüläýse» diýýän ýaly ýasama ýylgyrdy. Ol indi ýanyna geleniň adaty ynsan däldigine düşündi.
Onuň jyndygyna doly ynanan Myrat şonda-da özüne zor salyp:
– Gowsy, nirä äkitmelidigiňi aýt, men mugt äkideýin. Meň öňki gorkanym azmy, sen
bir gorky diýip, zat diýip meni gorkuzma – diýdi.
Hernä indi ol sakawlanokdy. Gorkynyň bolsa, özüni tanadyp bilmeýändigine jany
ýanýardy. Nädip tanatjagynam bilmeýärdi. Häzir näçe düşündirjek bolsa-da, Myradyň özüne
düşünmejegi belli.
– Sen hökman meň ýanyma geläýmeli däl-ä, başga-da adam kän-ä. Başga birini
tapaýsana...
– Nätdiň-aý. Men saňa nädip düşündirsemkäm?..
– Ýok, hiç zat düşündirjek bolma. Adresiňi aýt. Özüm taparyn. Men şähere belet. Gara
çynym, seň bir köpügiňem gerek däl. Goý, başymyň sadakasy bolsun, bir beladan
sag-aman sowuldym. Sendenem Allaň özi sowsun...
Myradyň bolşuna Gorkynyň nebsi agyrdy. Dogrusy, ol özüni kabul etdirmegiň kyn
boljagyny onuň ýanyna gelmänkä-de bilýärdi.
3.
Bir gezek Gorkyň mergi keseli bilen ýoly gabat gelipdi. Şonda Gorky mergiden:
«Bu obadan näçe adamyň janyny aljak?» diýip sorapdy. Mergi keselem: «Üçden birini»
diýip jogap beripdi.
Soň obadan çykanlarynda ikisi ýene duşuşdylar. Şonda Gorky nägilelik bilen:
«Sen obaň ilatynyň üçden biriniň janyny aljak diýdiň welin, ýarsyndan köpüsi gyryldyla?» diýen-de, mergi: «Galany keselden däl gorkudan öldi, olary sen öldürdiň» diýipdi...
4.
Ondan bäri gör, näçe ýyl geçdi, nije nesiller çalyşdy. Adamlaryň ylymy ösdi. Olar
mergini ýeňdiler. Emma Gorka gezek gelende welin, şol bir boluşlary.
Gorky başardygyndan Myrada özüniň ýamanlygynyň ýokdugyny görkezmäge
çalyşýardy.
– Hany sürsene maşynyňy. Öňem çagalaň aşyk oýnaýşyna seredip ýarym günüňi
geçirdiň.
4
Gorkynyň bu diýenem ters düşdi. Edil Myradyň duýdansyz peýda bolan nätanyşdan
gorkmajak boldugyça, beter gorkuşy ýaly, Gorkam gorkuzmajak bolup ony hasam beter
gorkuzdy.
«Bu meň aşyk oýnaýan çagalaň ýanynda duranymy nireden bilýärkä? Ýa öňden yzarlap
ýörmükä? Öz-ä bir gören ýüzüm, nirede gördümkäm?!»
Myradyň diline gelýän diňe şo bir sowaldy:
– Arwah-jyn bolmasaň, onda sen kim?
Gorky Myradyň ünsüni sowmak isledi:
– Howaň gowudygyny. Bu ýyl gyşam bolmady. Bahym agaçlar güllejek.
Myrat ýetişip bildiginden pikir edýärdi:
«Göräýmäge muň erbet niýetem ýok ýaly. Göwresem ejiz. Näme bolsa şo bolsun, gel,
şuň üstüne dyzabam bir göreýin. Gorkmaýanymy bilse, belki özi gorkar. Ynsandan arwah-jyn,
bar mahluk gorkarmyşyn-a... Onsoňam maşyn meň-kä. Bu näme eýemsirän bolup otyr. Görseň,
pulsuz entäp ýöreniň biridir. Arwaham däldir, jynam. Jynda-da beýle mähirli göz bolarmy?!
Men gorkyma oň nädip maşynyma münenini duýan däldirin. Gorkana goşa görner diýilýär-ä.
Men gorkyma ýok zatlar pikir edýän. Adam jyndan gorkuşy ýaly Alladanam gorkaýsa... Men şu
gorkaklygymy haçan ýeňerkäm?!»
Myrat haýdap maşyndan düşdi-de, Gorkynyň oturan tarapyndan gelip, maşynyň
gapysyny açdy:
– Näme hojaýynsyran bolup otyrsyň? Düş maşyndan. Arwaham bolsaň, jynam bolsaň
düş. Sylagyň ýetdi, hezzet ýokmaz. Tapdyň oýun edişjek wagtyňy. Ýanyňda puluň ýok bolsa,
maşyna münüp nätjekdiň, git pyýada gez...
Gorkynyň gorkýan zadam şudy. Ol kowulan ýagdaýynda bialaç galýardy. Gorky
Myradyň gözüne birhili ereýän ýaly göründi.
– Bolýa, git diýseň giderin. Ýöne ýaňky beladanam seni goran mendim. Men gitsem seni
indiki belalardan kim gorar?!
5.
Gorky öňem «Git, gaýdyp meň ýanyma gelme» sözüni eşidipdi. Şonda ol baýryň
depesine çykyp, aşakda görünýän şäheri synlap oturşyna, gözýaşlaryny saklap bilmän aglapdy.
Onuň gözýayndan baýry ak ümür büräp, şähere ownuklap ýagyş ýagydy. Şäher jaýlary
üçeklerini saýawan edinip, ýagyşdan goranýardylar. Gyş gününiň sowuk ýagyşy juda uzak
ýagypdy. Şonda saýawanly saýawanynyň aşagyndan, öýünden çykyp bilmän oturan penjireden
daşaryny synlap, düşnüksiz oýa batypdy. Her kim bu agyr hallaryny howa bilen, ýagyş bilen
düşündiripdi. Hiç kim oňa Gorkynyň gözýaşydyr öýtmändi.
Şol gezek ony kowan ýaş ýetginjekdi.
Etginjek mekdebi tamamlap, başga okuwa-da girip bilmän, indi esli gün bäri, öýde köwsöw edip ýördi. Ne eje, ne-de kaka oňa belli bir zat diýýärdi. Kakasy käwagt irden çaýyň
başynda: – Senem bir işe-daga girseň...– diýen bolýardy. Ejesem: – Özüň gowja işe salaýmal-a –
diýip jogap berýärdi welin, işli gürrüňem gutarýardy.
Bir gün olaryň öýlerine şäherde söwda işini edýän daýysy geldi. Daýysynyň özünden
hoşal gopbam ýylgyrşyny, ejesine sowalga diýip pul berşini ýetginjek halamandy. Ejesi welin, –
Jigim jan, şuny bir adam et – diýip onuň daşynda kebelek bolupdy. Ejesi: – Ol halalhon kakadana, muňa zat öwredenem ýok, işe salanam. Özi işine gidip-gelip dursa, sähelçe-de aýlyk getirse
boldugy – diýip kakasyny ýamanlanda daýysynyň uludan demini alan bolup: – Aýlyk akmaklaň,
nalajedeýinleň haky – diýişini näçe ýigrense-de, sesini çykaryp bilmändi. Daýysynda pul kändi.
Bir gezekde jübsünden çykarany, belki, kakasynyň bir aýlygyça bardy. Ýetgenjek şol pullara,
onuň münýän maşynyna gözigidijilik bilen seredipdi.
– Ertir bazara gel. Şol gök satýanlaň ýanynda dursaň, özüm seni taparyn...
Ertesi ýetginjek gök bazaryna geldi. Ejesiniň «Dogumlyja bolgun, erniň suwuny akdyryp
durmagyn. Daýyň näme et diýse etgin» diýeni töweregine garanjaklap duran ýetginjegiň
5
gulagyndan gidenokdy, gözleri bolsa, daýysynyň üýtgeşik maşynyny gözleýärdi. Daýysy ony
uzak garaşdyrmady. Ýetginjegiň salamyny göwünli-göwünsiz aldy. Pully pyýada onuň özüne
artykmaç ýükdügini gizlejegem bolmaýardy. Gaýta muny oglana bildirmekden lezzet alýan
ýalydy. Ýetginjek şol pursatlar, hamala, özi däl-de, kakasy äsgerilmeýän ýaly duýgyny başyndan
geçirýärdi. Emma şonda-da, geleni üçin çydamaly bolýardy. Daýysy ony yzyna tirkäp, balyk
söwdasyny edýänleriň ýanyna alyp bardy. Balyk dükanyndan haplap uran ysa oglanyň hasam
ýüzi çytyldy. Ol içinden: «Iş diýip... In-ä, bahym gulluga gitmeli ahyryn» diýse-de, ýene özözüne garşy gidip: «Aý, gowja düşse, özüme eşik alynaryn» diýip öz-özüni köşeşdirýärdi. Balyk
satýanlar onuň daýysyny görenlerinden edip oturan gürrüňlerini goýup, söm-saýak boldular. Ol
näme diýse «Bolar, agamdan» başga ýeke sözem aýtmadylar. Daýsy ýegenini olara tabşyrdy.
Soňam ýetginjege göwniýetmezçilik bilen seredip: «Ýöne, ýüň sakgal edäýmegin» diýdi.
Ýetginjek ululara öýkünip: «Bolýar, agam» diýjegem bolsa, dili diýenini etmedi. Daýysynyň
welin, ýegeniniň ýüreginde gopýan harasatlar azaryna-da däldi. Daýysy üçin edil uçup ýören
çybynam bir ýegenem bir ýalydy. Ol epeý-epeý ýöräp dükandan çykyp gitdi, dükançylaram tä ol
gidýänçä «lepbeý» diýşip, gol gowşuryp durdular. Gidensoňam ýene öňki boluşlaryna dolanyp
geldiler. Olaryň boluşlaryny üýtgedişleri edil o jaýdan o jaýa geçen ýalydy. Dükançylaryň bu
häsiýeti onuň oglan göwnünde näçe ýigrenç döretse-de, daýysynyň jübsünden çykan pullar gelip,
onuň bu duýgularyny süpürip aýyrýardy. Ýöne, haýran galaýmaly, puluň süpüren ýeri
arassalanman gaýta, şondan soň ýetginjegiň dünýesi boşap, ýerine biparhlyk gelýärdi.
Satyjylardan uluragy, ýogsa olaryň hemmesem 20 bilen 25 aralygyndaky pyýadalardy,
ýetginjege göwniýetmezilik bilen seredip:
– Ýaman gaharjaň görünýäň welin, alyjylar bilen gygyryşaýmagyn. Agzyňdan: «Bolar,
agamdan» başga söz çykmasyn. Kem çekýäň diýip, haýýarlyk edene bir balyk, iki balyk artyk
ataýgyn. Bize sesini çykarmaýanlardan galýanam ýeterlik bor. Bir zat bolsa, biz ýanyňdadyrys.
Hany, gel, tereziň başyna geç – diýdi. Ýetginjek satyjylara ýene bir gezek bakanda olar bilen
satylmaly öli balyklaryň arasynda meňzeşlik duýdy. Olar edil balyklar ýaly sowukdylar.
Endamlaryna-da balyk ysy ornap giden ýalydy. Belki, duýgularam şu balyklar ýaly doňup
gidendir.
Oňa çenlem alyjylar üýşüp ugrady. Tereziniň kem çekýäni göz-görteledi. Muny
alyjylaram bilmän duranokdylar. Ýöne olar has beterinden çekinýän ýaly, muňa-da kaýyldylar.
Her kim balyk aldygy dukandan bahymrak çykmaga howlugýardy.
Etginjek ilkinji müşderisi üçin balyk çekmäge durdy. Şol wagt hem onuň ýanyna Gorky
geldi.
– Sen haramdan gorkaňokmy?
Etginjek bu sese tisginip, dikeldi. Töwereginde özüne ýüzlenip duran hiç kim ýokdy.
Beýleräkde satyjylaryň uluragy ony synlap durdy. Ondanam beýle sözüň çykmajagy belli.
Etginjek ýene elini sowuk balyklara uzatdy. Eliňe selofan paketden ellik geýseňem,
balyklaryň sowugyndan, burnuňa urýan ýakymsyz ysdan goranyp bolanokdy. Ýene-de nätanyş
ses ýanynda ýaly eşdildi:
– Meň saňa nebsim agyrýar. Seň zannyň harama garşy ahyryn. Näme üçin bet işe
batyrlyk edýäň?!
Etginjek ýüreginiň gürsüldäp urýanyny duýdy. Oňa çenli hem beýle-de synlap duran
satyjy geldi-de:
– Hany, aýryl, näme çörek iýmedik ýaly saňňyldap dursuň. Seret meň işleýşime – diýip
ýetginjegi beýläk itdi. Oglan gyra çekildi. Bir salym ezber satyjynyň balyklary terezä goýupgoýman: «pylança manat» diýip, çalasyn işleýşini synlady. Soňam daşaryk çykdy.
– Men seň haram işi etmejegiňi bilýärdim.
Etginjegiň ýanyndaky mylaýym ýylgyryp duran bize öňden tanyş Gorkydy.
– Sen kim?
Bu sowal Gorka kän berlen bolmaga çemeli. Ol säginmän: – Seň dostuň – diýdi.
Ýetginjek sowuk beton sekä özüni goýberdi:
– Milisemi?
6
Gorky oglanyň egnine elini goýup, ýanynda oturdy.
– Ýok, men sendäki iň gowy duýgularyň biri – Gorky. Sen arkaýyn bol, meni senden
başga görýän ýok. Edýän gürrüňimizem hiç kim eşidýän däldir.
Etginjek Gorkynyň aýdanlaryndan hiç zada düşünmedi. Ýöne bu nätanyşyň özüne
zyýanynyň ýokdugyna welin, derrew akyl ýetirdi.
– Düşünmedim. Nämäň gorkusy. Saňa näme gerek?
Gorkynyň keýpi kökdi. Ol bu gün uly iş bitiripdi. Ol ýetginjegiň saçlaryny bulaşdyrdy,
ony gujaklady, öňünde pyrlanyp tans edibeeresi geldi.
– Sen sada hem gowy oglan. Inşallah, gowy adam bolup ýetişersiň. Belki, saňa ýaşamak
kyn düşer. Ol çekjek kynçylyklaryňam seň peýdaňa bolar. Ýöne sen ony soň bilersiň. Bar, daýyň
ýanyna git, «Söwdany halamok» diý-de, taşla bu pişäni.
Daýysynyň ady tutulandan ýetginjegiň ýüzi üýtgäp gitdi. Onuň göz öňüne daýysynyň
jübsünden çykaran pullary geldi.
– Ýok.
– Näme üçin ýok?
Indi Gorkynyň berýän sowallary ýöntem eşdildi.
– Il-ä oň ýaly daýy tapanok. Bu dükana işe giräýmek, näme, aňsatdyr öýdýäňmi?!
Bu sözler onuň ejesiniň sözleridi. Ol düýn çekinibräge-de: «Aý, işde näme bar-aý?!»
diýende, ejesi şu sözleri aýdypdy. Ýetginjegem oňa jogap tapmandy. Ejesiniň soňky
aýdanlaryna-da garşy gidip bilmändi.
– Utanaňokmy, öýde eplenip ýatmaga. Kakaň sähelçe aýlygy nämä ýetýär? Öz deňduşlaň geýýän eşigini gör. Öz eşikleriňe seret. Seň olardan nämäň kem, işle, gazan, geýin.
Gorky başyny aşak sallady. Ýetginjek bolsa, sorag yzyna sorag ýagdyrýardy. Onuň her
soragy Gorka tüpeňiň oky bolup degýärdi.
– Haçana çenli biziň içerimiz ýeter-ýetmez ýaşamaly? Öz deň-duşlarym gymmat eşikler
geýýärkä, men olara «Geň görmäň, kakamyň aýlygy az» diýeýinmi? Meň deň-duşlarymdan
nämäm kem? Sen dostumam bolsaň, perişde-de bolsaň, ýüregimiň jümmüşindäki arassa
duýgymam bolsaň git. Git gözüme görünme...
Ýetginjek silkinip ýerinden turdy-da, balyk dükanyna girip gitdi. Gelşine-de haýdap
balyk çekip duran satyjyny itip, ýerine geçdi. Ýüzüni galdyrman balyk çekmäge başlady. Her
gezek çekip bolandan soň «pylança manat» diýýän oglanyň gözleri doň balyklardanam sowukdy,
manysyzdy. Ol Gorkynyň gapdalynda aglap, özüne seredip duranyny görenokdy, görmegem
islänokdy.
Gorky dükandan çykdy. Daşarda ýagyş ýagýardy.
– Meni ýüregine kir ýokuşmadyk ýetginjegem kowansoň, nirä gitmeli?! Men kazinolara,
restoranlara... baramok ahyryn. Ýaňy murty taban ýigidekçäň ýüregine bardym. Allahym, meni
bagyşla, men hatda oň ýüreginde-de ýerleşmegi başarmadym. Men kowuldym. Men ýeňildim.
Indi ol ýetginjegiň haly niçik bolar?!
Ýagyş gitdigiçe güýjeýärdi. Şemallap ýagýardy. Sowuk damjalar köçeden barýan
adamlaryň ýüzüne urulýardy. Olar ýüzlerini çytýardylar. Ýetginjek bolsa, gitdigiçe çalasyn
işleýärdi...
6.
Gorky ýuwaş-ýuwaşdan şemala galgaýan ýaly galgap ugrady. Ol ýerden üzüldi-de
Myratdan daşlaşyp başlady. Myradyň tutuş süňňi Gorkynyň soňky sözlerini gaýtalaýardy:
«Indiki belalardan seni kim gorar?» Myrat hopugyp «Dur!» diýip gygyrdy.
Myrat özüniň boşluk meýdanda duranyny gördi. Töwerek ýalaňaç. Ne şäher bar, ne
adamlar. Myrat özüniňem baryny-ýoguny anyk bilip bilenokdy. Hat-da özüniň bardygyny subut
etjek zadam ýokdy. Bar zady Gorky ýany bilen alyp gidip barýardy. Myrat bogazyna
sygdygyndan «Dur! Gitme!» diýip, yzyny üzmän gygyrýardy hem çar tarapa ylgaýardy. Onuň
7
pelesaň kakmasy-da manysyzdy. Çünki töwerekde tarap diýere tarabam ýokdy. Ne ileri
bildirýärdi, ne gaýra. Ne aşak bardy, ne ýokary. Töwerek boşlukdy.
Myrat uzakdan Gorkyň gidip barýanyny gördi. Yzyndan ylgap ýetdi. Elinden ýapyşdy:
«Dur!» Gorky bir duran ýaly etdi-de, ýene ýitdi. Gorkynyň eli Myradyň elinden suw akan ýaly
akyp gitdi. Myrat bu bolýan zatlara akyl ýetirmese-de, nätanyşy ýitirmekden gorkýardy. Gorky
hamala onuň ýüreginiň iň gymmatly damaryny soguryp, ýany bilen alyp gidip barýan ýalydy.
Myrat içinden «Ol perişdedir, perişdedir. Maňa kömek etmäge gelendir» diýip pyşyrdaýardy.
Töwerek sowugam bolsa, ol özüniň gara dere batyp derleýändigini duýdy. Bu ýerler Myradyň
owal gelip gören ýerleri däldi. Beýle boşlugy ol asla ömründe bir gezegem görmändi. Hernä,
Hudaýa şükür, howa bar, aýagy ýere direýär, derleýär, sowugy duýýar.
Myrat:
– Bu zatlar düýşüm bolsady, oýansadym. Bary birden gutarsady – diýip arzuw etdi. Düýş
nirden, bar zat hakykatdanam hakykatdy.
Gorky beýleräkden ýene göründi. Myrat oňa tarap ylgady. Gorky bir görnüp, bir ýitip,
hamala, Myrada dil bilen düşündirip bolmaýan bir zady düşündirjek bolýan ýalydy. Gorkynyň
görnüp, soň ýitip gitmegi, Myradyň bolsa elini serip, çar ýana ylgaýşy klassyk sazlaryny
ýatladýardy. Haýsydyr bir meşhur pianinoçy dünýä belli kompozitoryň sazyny çalýana
meňzeýärdi. Ullakan konsert zaly owazlardan doludy. Sahna, oturgyçlar, saz diňleýän adamlar
baram bolsa ýok ýalydy. Diňe bir beýgelip bir peselýän, bir ýitip, bir döreýän, zalyň
diwarlaryndan daşaryk çykyp bilmeýän ýaly ondan-oňa urunýan owazlar bardy. Olaryň döredýän
duýgularyny dil bilen düşündirip bolmaýşy ýaly, Gorky bilen ynsanyň bu ýalaňaç zeminde
ondan oňa urunşyny-da, bu urunmanyň manysyny-da dil bilen anyk düşündirmek mümkin däldi.
– Sen hakykatdanam meň halasgärimmi?
– Hawa.
– Sen meni belalardan goraýan perişdemi?
– Ýok.
– Onda sen kim?
– Men Gorky. Her bir ynsanyň ýüreginde ýerleşýän Gorky.
– Sen halasgär bolsaň, onda näme üçin seni hiç kim halanok? Ýagyş damjyklaýar. Sen
aglaýaňmy? Meni bagyşla.
Gorky ýene ýitip ugrady. Myrat onuň yzyndan ylgap barşyna gygyrýardy:
– Dursana, yzyňda ylgap ýadadym. Bu boşluk, bulam-bujarlyk seniň ýoklugyňdanmy?
Dur, düşündirsene.
Gorky durdy. Myrat sojap gürleýärdi:
– Men seni öňem bir görüpdim. Ýöne haçan nirede görenimi ýatlap bilemok.
Gorkyň goşaryndan ýapyşyp, ony sypdyrmajak bolup duran Myrat birden özüniň
maşynynyň içinde oturanyny duýdy. Ýaňky boşluk zym-zyýat bolupdy. Haýran galaýmaly, indi
bu öwrülşik Myrady geň galdyrmady. Ol indi bu bolýan zatlara kanuny zat ýaly gördi. Gorkam
onuň ýanyndady.
– Ýadyňa düşýärmi, obaň ilersinde, baýyrda goýun bakýardyň. Şol ýylam şu ýylky ýaly
gyş beýle sowuk bolmandy. Ýaz ir düşüpdi. Töwerek göm-gökdi. Siz aşyk oýnaýardyňyz.
Gurruk guýyň başynda-da men birinji gezek saňa görnüpdim. Men seni halas edipdim.
Myrat şol gurruk guýyny, şol ir gelen ýazy ýatlamazdy. Başarsa ony unutmaga
çalyşardy. Emma häzir welin, ol özüne buýrup bilmedi.
7.
Töwerek şeýle ajaýypdy. Ir gelen ýazyň howasy tenekar ýalydy. Goýunlar duran ýerinde
doýup durdular. Häzir bu gözel görnüşi synlap, «Ýene iki-üç aýdan jöwzaly tomus geler. Bu
baýryň ýüzi saralyp galar» diýseň ynanar ýaly däldi. On-onki ýaşlaryndaky Myrat dagynyň-a
kellesine beýle pikirler asla-da gelenokdy. Olar üçin düýnem ýokdy, ertirem. Olar diňe şu
günleri, şu pursatlary bilen ýaşaýardylar. Isle tomus bolsun, isle-de ýaz – ullakan parhy ýok. Olar
8
tomusyňam, gyşyňam, ýazyňam, güýzüňem gözelligini görüp, ondan lezzet alyp ýaşap bilýän
ýaşdadylar.
Häzirem olaryň bar aladalary aşyklarydy. Aralarynda iň ekabyry Mommak bilen Myrat
ikisi ýoldaşlaryny utupdylar. Indi oýun diňe ikisiniň arasynda barýardy. Myrat çepiksirägem
bolsa, aşyga ökdedi. Ol Mommagy utýardy. Muňa Mommak näderini bilenokdy. Sähel bahana
tapsa yrsarajakdy welin, bahana-da tapanokdy. Oglanlaram Myradyň arkasyny alýardylar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gurruk guýy - 2
  • Parts
  • Gurruk guýy - 1
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2098
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 2
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2081
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 3
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2102
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gurruk guýy - 4
    Total number of words is 44
    Total number of unique words is 39
    56.3 of words are in the 2000 most common words
    66.4 of words are in the 5000 most common words
    74.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.