Latin

Garagumuň ýüregi - 3

Total number of words is 416
Total number of unique words is 288
43.3 of words are in the 2000 most common words
55.9 of words are in the 5000 most common words
62.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düşünen Elwira turşy-ajy zatlaryň ählisini onuň öňüne üýşürüp başlady.
Gyzyň kakasy bilen Awa stakany başyna çekdi. Awa tamşanyp aýalyna
ýuwaşja:
-- Hüýrüm, seniň agzyň bimaza bolup ýörmi ýa göwnümemi?
Hüýrjemal ýylgyryp baş atdy, ol begenjinden tas aýalyny
gujaklapdy.....
Her hal at dükürdisi olary tisgindirýärdi. Hanha, ýerden çykan ýaly
bolup Garyçgaýly Derýa dur. Hemmeler oňa aňk boldy. Elwira ony
görüp „Derýa! Derýajan!― diýip aýakýalan ylgap Derýa:
-- Awa kaka gyzy hossarlaryna tabşyrdyň gerek?
Awa seýis aňk bolup baş atdy. Elwira Derýanyň ýanyna bardy.
Derýa egläge-de gyzyň goltugyndan tutup, bir silkende atyň öňüne,alyp
basdy Garçgaýa gamçyny! Gyzyň kakasam, esgerlerem ýaragly
ýaragyna ýapyşdy, emma awuny alan Derýa oka ýetdirjekmi? Awa
seýis:
-- Saklanyň, atmaň olar biri-birini söýýär! Atmaň!
-- Elwira! Elwira! – diýip gyzyň kakasy bozlap gygyrdy.
Awa seýis ellerin agzyna tutup „Garyçgaýym gaýt!― diýip sesiniň
ýetdiginden gygyrdy, soňra barmaklaryny agzyna sokup sygyrdy. Ýüzün
salyp barýan at aý berip yzyna aýlandy. Awa gygyrýardy, emma söwer
ýary goluna düşen Derýa ata buýrup bilmezmi? Ol Garçgaýa dözümli
gamçy çalyp ýaňadan ýüzüni beýewana tutdy. Esgerlerem atly atyna
atlanyp kowmana taýyndylar..
Awa ataýmaň ol meniň oglumdyr, Elwira ikisi biri-birini söýýär.
Men size olary getirip bereýin― diýip elewreýärdi.
29
Ýaňadan kakasyndan, öz öwrenişen dünýäsinden aýrylyp barýan
Elwira aglaýardy. Derýa gyza haýran galyp atyny saklady. Ol:
-- Eýse sen meni söýmeýärmiň? Sen meniň melikäm bolmak
islemeýärmiň?
-- Söýýän! Söýýän! ... – diýip gyz hünübiýan aglap Derýanyň
ýaňaklaryndan, ýüz-gözünden ogşap -- Indi ynandyň gerek söýýänime!?
Ol aňyrdan ylgap gelýän kakasyna – Kaka! Kakajan diýip owsyndy.
Gyzyň kakasy ylgap gelişine:
-- Oglum, oglum gyzymy guma äkitme, sen oglum bol, hem körekenim
bol—diýip ylgaýardy.
Şol pursat Öwez ýylky sürüsüni kowalap, gykuwlap annatdan
aşdy. Derýany, onuň Garçgaýyny gören ýylkylar keerişip, kişňediler,
horgurdylar. Derýa bir atlary bir aglaýan gyza, soňra ýaragly esgerlere
seredip:
-- Söýmeýan bolsan kakaňa gowşuraýýas, Elwira—diýip ony atdan guş
göteren ýaly edip düşürdi. Gyzyň kakasy gyzyny gujaklap aglaýardy.
Atlar horgurup kişňeýärdi.
Derýa:
-- Derýa! Derýa, Hudaýym saňa ýol görkezip alnyňda belent maksatlar
goýdy, senem bir gyz diýip nirä barýarşyň!—diýip ol atyna gamçy
çaldy, maýak atym ýere baryp, mes atyny çalpaýa galdyryp:
-- Sen maňa garaş men seni hökman taparynam alarynam Elwira!!!
Derýa Garçgaýyna gamçy çaldy, Garçgaý tüwel eýläp, ýylky
sürüsüni yzyna düşürüp aňňatdan aşyryp güw gitdi. Elwira kakasynyň
boýnunda çabalanyp, çalnyp aglaýardy...
***
Birnäçe günden soň Awa seýis atly, düýeli aýaly bilen ýanaşyp
gelýär. Hüýrjemal göz güldürüp adamsyna bakýar. Adamsy Awa:
-- Hüýrüm, Hüýrüm gördüňmi, biz Allanyň synagyndan geçdik, ol bize
perzent eçilýär... Hüýrjemal owadan ýylgyrýar, Awa seýis şirwan perdä
gygyrýar. Düňle çöle aýdym ajaýyp owaz bolup jan berýär...
30
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Garagumuň ýüregi - 1
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2044
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 2
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2093
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 3
    Total number of words is 416
    Total number of unique words is 288
    43.3 of words are in the 2000 most common words
    55.9 of words are in the 5000 most common words
    62.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.