Latin

Garagumuň ýüregi - 2

Total number of words is 3818
Total number of unique words is 2093
29.6 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
--Sen şu ýerde maňa garaş, men häzir gelýän—diýip, sözleriniň
terjimesini hereket bilen düşündirdi-de bir towsanda Garçgaýa atlanyp
jüw gitdi. Gyz haýran galyp yzyndan garap galdy. Gyz töweregine
garandy, soňra Garlawajynyň horjunyndan sapançany alyp
sypaşdyrdy....
Derýa atyny ýüzin saldyryp barýar, bir salymda çöl tükenip daglyk
başlady, ol şol gidiwüne ýapalajyk daglaryň gujagyna doldy. Ol indi
atyny gorduryp barýar. ...
Elwira gurruk guýynyň, ojagyň ýanyp durşyna haýran galyp, ahyry
ojagyň alty ýedi ädim aňry ýanyndan elleri bilen bir ojak gazdy. Bir
taýajygy ojakda kesindi edip, getirip öz ýasan ojagyna atdy. Ojak
güpüläp ýanyp başlady.....
Derýa bir belent dag gerşiniň eteginde atyny goýberip, dumlyduşuna seredýär. Hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirip, dagyň etegindäki
gaýanyň ýanynda duran düýe ýaly daşa ýapyşýar Derýanyň gözleri
yşkdan, göwresi duýgudan hyrçdan ýanyp dur. Ol hähläp düýe ýaly daşy
süýşürýär, aşakda gowak bar. Derýa gowaga girýär. Gowakda büküdip
gidip bolýar. Ol gowak bilen kyrk ädim çemesi gidýär, gowak petige
baryp direýär, ol petikdäki äpet daşy süýşürip, aňyrky gowaga geçýär.
Ol gowak has giň. Gowak bilen bir meýdan ýöreýär, onuň öňinden ýene
petik çykýar, ol petikdäki daşy süýşürýär. Aňyrda uly jaý: içi durşyna
hazyna! Altyn ýerde hem çaşyp ýatyr, gowagyň gapdallaryndanda
sandyk-sandyk....
Atyny dabradyp gelen Derýa ank bolýar. Elwira gurruk guýydan
asmana zogdurylyp duran oduň daşynda halkalaýyn onlarça ojak gazyp
ählisine ot berip ortada dur.
Elwira Derýany görüp ank bolýar: Derýa tamam altyn-kümüşden
edilen söweş geýminde. Elinde gylyç-galkan, başynda altyn göwherden
15
edilen jyga. Derýa horjuny hem atdan düşürýär. Ol horjundan Melikäniň
şa gyzynyň jygasyny alyp Elwira geýdirýär.
Başy jygaly söweş egni söweş geýimli Derýa başy jygaly
Elwiranyň golundan tutup:
-- Elwirajan! Biz Garagumyň gudraty, keramatly ýüregine aralaşdyk.
Gör-hä, heý kerem-keramat, gudrat bolmasa ýer yanar ýatarmy?!.. Bu
ýerler keramatly ýerler, bu yerde nämäni arzuw etseň, Hudaýym şonam
amal edýär.
Gün ýaşyp barýar.
Derýa: -Gadym-gadym zamanda bir türkmen patyşasy ýabany, wagşy
duşmanlar bilen iň soňky demine çenli söweşipdir, ol ähli hazynadepnesine, göwher jygasyny, söweş geýimlerini Garagumyň ýüreginde
bukdurup, ganat bagla pirlerine okadyp-okadyp bu ýerleri dogaladypdyr.
Hudaýym bu ýeri maňa düýşümde salgy berdi, men ony huşumda
tapdym... Sen asmandan geldiň gerek?
Gyz düşünmedi. Oglan ellerini uçär edip güwledi.
-- Hawa, hawa, men şeýdip asmandan uçup geldim...
Gördüňmi, Hudaýym seni ýörite arşy-agladan maňa iberipdir! Sen
Agaýunus peri, a men Görogly! Men islesem-de, islemesem-de Görogly
bolaýmaly, Hudaýymyň permany şeýle! Türkmen halky agyr ýagdaýa
düşende mydama Görogly ýaly bir gaýratly är döreýär! Türkmeniň
ýurduna bolsa häzir gan çaýkalýar. Gyzyl gan bolşewik-menşewik diýip
dörän äjit-mäjitler garyp-gasarlary, baýlara-beglere garşy, möminmusulmanlary, ahun-pirleri garşy uruşdyryp, ýurtda kyýamat gopdurýar.
Türkmen ak bolup, gyzyl bolup gyrlyp gutaryp barýar... Dogan-dogana,
ogul-ata garşy uruşýar. Biler bolsaň, meniň atamyň bäş ogly bardy,
meniň kakam Girman urşunda ölüpdir, galan ogullarynyň ikisi ak bolup,
aklaryň tarapynda, ikisi gyzyl bolup gyzyllaryň tarapynda urşup wepat
bolýar. Bäş gerçeginden dynan atam meni Garagumyň ýüregine alyp
gaçypdyr. Men ýedi ýaşamda görgüli däliräp öldi... Men islesemde-de
ata çykaýmaly, islemesem-de!
--Sen nähili ajaýyp ýigit! –diýip ol elleri bilen ýigidiň iki golundan tutup
aýlanýar. Töwerek-daşda san-sajaksyz ot ýanyp dur. Ortada bolsa gurruk
guýudan çykýan ýalyn gap gara asmany ýalaýar...
--Gara gije asmanda parlak ýyldyzlar patrak ýaly...
--Aşakda halka bolup ýanýan otlar gyzyl güle meňzeýär...
Olaryň arasynda Derýa bilen Elwira yşkdan, bagtdan ýaňa başy aýlanyp,
aýlanyşyp durlar...
16
Ýolaman perizada duşup, hak aşyk, Öwez tentek alabassy gyza
sataşyp zyýan tapynansoň, Awa seýis, Gurban gyzyldiş, Durdy Ýolbars
ýaraglanyp ýola çykdylar. Olar ilki Datly guýa, Öweziň albassa uçran
ýerine geldiler. Alabassy-da ýok, Derýa-da! Üçüsi üç tirkeşik bolup
ýylky sürüsini agtaryp başladylar.
Derýa bilen ak gyz at çapyşdyryp beýik bir alandan aşdylar. Derýa
görse ýedi-sekiz galtaman ýylkylaryň daşyny alyp sürüp barýarlar.
Galtamanlaram olary gördi.
Elwira gorkusyna sandyrap, elewräp başlady:
-Gorkma Melikäm, gorkma!
Galtamanlaryň serdary olara tarap gaýtdy. Derýa:
--How agalar, näme etjek bolýaňyz?
--Galtamanbaşy onuň alkymyna gelip, gyzy synlap durşuna:
--Pah-pah olja diýibem şuňa aýdaýsaň! Hah-hah-ha, ýylkylaryny sürjek,
bujagaz gyza:
--How aga, ýylkylar Begmyrat hanyňkydyr Begmyrat hanyň goluna
degseňiz,
--Edip serhetden aňyrda satýandyr...
Hah-hah-ha! Gumlularam mekirlik öwrenen ýaly-la? Aý köpeý ogly, biz
atlaryň hökümetden bukup ýören tohum atlardygyny bilmeýändir
öýdýäňizmi?
--Aga, bu atlar türkmeniň tamam tohum atlary, bularam sürseniz Ahal
atsyz galar-da... Dal bedewleriň tohumy ýiter-dä!
-Haý, ogul, balşewik türkmeniň tohumyny tükedip barýa, senem tohum
aty gorajak! Sen atmaga dözer ýaly oglan däl ekeniň. Akyllyja bolup
ýylkylary sürüşseň, saňa degmeris, ýöne ynha, bujagaz gyz weli meniňki
bolar.
Galtamanbaşy gyza owsun atdy, gyz aglamjyrady. Derýa
goltugyndan iki sapança çykaryp galtamana gezedi. Birden galtamanyň
gözi sapança düşdi. Ol ýasama ýylgyryp:
-Päheý, adamlaryň degşerligem galmandyr-ow!
Derýa pert-pert gürledi:
-Ýoldaşlaryňa derhal atlary sür diý-de gygyr, emma...
-Heý näme aňalyp dursuňyz? Derhal ýylkylary sürüp ugraň!
Galtamanlar ýylkylary sürüp başladylar.Derýa:
--Indi tüpeniň okuny çykar! Çykar diýýän men saňa, haram at
ogrusy!Böwrüňi garaladýan ýogsa...
—Galtamanbaşy tüpeniň okuny çykardy.
—Indi maňa okly atarlarynyňam ber!
17
Galtamanbaşy gözüniň gytagyny aýlady. Onuň ýoldaşlary hanha sürüni
aňňatdan aşyryp barýar. Ýumruk ýaly oglana ýesir düşenine namys edip
galtaman başy hyrçyny dişleýär.
Derýa: -Tüpenini taşlap!—Ol tüpenini taşlady. Derýa dürre gamçasyny
alyp galtamanbaşynyň kibtine bir ýelmedi, gamçynyň ujy onuň boýnuna
çolaşdy. Derýa bir dartanda ol atdan agyp düşdi. Derýa gyza hereket
bilen düşündirdi, şiz ikinji annada dyrmyşyp barýan atlara goluny bulap:
-- Heý,Garlawaç, dolan Garlawaç dolan diýip atyna gamçy çaldy.
Gyzam atyna gamçy çaldy. Olar gykuwlap Gurtguýa tarap ýüzün saldy.
Ýylkybanyň ol hereketine werziş bolan atlar galtamanlaruyň arasynda
urup çykan ýylkybanyň yzyna düşdiler. Ýylky sürüsi ýmdüzüne çapyp
Derýanyň yzyndan eňdi…
Galtamanlar nämäniň nämedigine-de düşünip bilmän Derýa bilen
gyzdan pöwhe-de pöwhe atyp sürini kowalap başladylar. Ok ýeterden
ara daşdy…
Tüpeň seslerini eşiden Awa Seýis, Gurban gyzyldiş dagy ata gamçy
goýdy, olar sazak tokaýlygyndan çykyp ýylky sürüsini kowalap barýan
atlylary gördüler.
Durdy Ýolbars:- Pah-pah, Hudaýjan berende beriberýär-ow! Hanha olja,
ýigitler!
Olar hellewleşip barýan atlylaryň yzyndan kowdular.
Gaç-ha kow… kowha gaç… tüpeň sesleri… Derýanyň gykuwy…
Bäş-alty ýyl bäri onlarça-onlarça sapar at ogrularyna garşy söweşmäni
öwrenen Awa seýis dagynyň ata bökdirilgi horjunynda mydama bäşalty sözen taýagy, inçe kendir kement bardy. Olaryň tüpene, sapançasam
guratdy.
Galtamanlar ýylky sürüsini kowalap barýar, olaryň yzyndan ýetiberen
Awa dagy gol boýy sözen taýagyny yzky üç atlydan zybyrdadyp
zyňdylar, Iki galtamanyň kellesinden degen golboýy taýak olary atdan
agdardy, Durdy Yolbarsyň taýagy pys geçdi, ol ahmyr edip dessine
kemendine ýapyşdy. Gulagynyň duşundan zybyrdap geçen taýagy gören
galtaman yzyna seretdi, şol mahal Durdy Yolbarsyň oklan kemendi oňa
geýdirildi. Durdy Ýolbars sözen taýagynyň pys geçenine ahmyr edip bir
silkdi, görgüli galtaman ýerde seňseläp ýatyr. Öňgäki dört atly yzdaky
güpür-tapyrdyny eşidip, tüpeňlerine ýapyşyp pöwhe-de pöwhe atyp,
gaçyp başladylar… Ýerden çykan ýaly üç item galtamanlaryň üstüne
eňdi atlyny atyndan düýelini düýesinden agdaryp ýören itler özüni atyň
üstüne oklaýar. Galtamanlar aljyrap, ala basgy bolup gaçýar. Emma ajal
18
ýaly Gurban gyzyldiş, Awa seýis, Durdy Ýolbars jyn ýaly çalasyn Derýa
olary heý sypdyrjakmy?
Atyny ýüzin saldyryp barýan gyz yzyna seredip bolan waka haýran
galdy.Derýa hanha galtamanlary kowalap barýar. Gyz yzky kowgy
atlary synlap, olar Derýanyň tarapdarlarydygyny bildi.
Agşamara awy oňan Awa seýis dagy sekiz atlynyň aýaklaryny ellerini
güýlüp, ýaradarlarynyň ýarasyny sarap, atyň üstüne kese basyp Purtgul
indiler.
Durdy Ýolbars lahlahlap:
-- Derýa beg,. Bi olja urşun bilen sen depseň deprenmez baý bolýaň!
-- Bujagaz owadanja gyzy nirden tapyp ýörsiň Derýajan! – diýip, Awa
seýis ýylgyrdy.
-- Ony Hudaýjan iberdi! –diýip Derýa gyzaryp, bozaryp zordan aýtdy…
Gurtguýy obasyna tomaşa geldi, kimler Öwez tentegiiň üstünden gülse,
kimler Ýolamana degýärdi….
Öýüň arkasynda Derýa bilen Hüýrjemal bilen gürleşip dur,
Hüýrjemal:
--Toba,toba ýüwürjim seniň aklyň ýerindemi?
-- Gelneje ol gyzy maňa Hudaýjan berdi!.. ol suw perisi … men oňa
öýlenjek
-- Baý, bir as ýaly gyz Garagumy gyrgyna beräýdile… sen ýaşyny bir
bilýämiň?...
-- Ýaşynam bilýän name aýdýanynam bilýän, Men o gyzy söýýän!
-- Waý sen Awa kakaňy masgara etjek bolýaňmy? Awa kakaň seni
kapyr gyzyna öýärmi?
-- Gelneje, gelneje, heý olar ýaly perizadam kapyr bormy? Ol suw perisi
daşly guýydan özüm çykardym…
-- Kapyr şol! Kapyr!
-- Kapyr bolsa menem kapyr boljak! Ol meni söýýär musulmanam
boljak diýýär!
-- Awa kakaň seni hatly-sowatly etdi! On ýedi ýaşyň dolan güni
Aşgabada äkidip okuwa saljak diýip ýör. Sen onuň yhlasynyň ýüzüne
uraýjakmy?
-- Gelneje biz aşyk-magşuk! ol meni söýýär men ony söýýän!
-- Bar onda, kapyr gyzyny söýýän diýip Awa kakaňa aýt!
Derýa Awanyň adyny eşdip tisginýär.
-- Awa kakama aýdyp bilsem, özelenip saňa ýalbarjakmy, gelneje!
-- Haý aşyk ýüwürjim hany aýt ol kimiň gyzy? Nirede ýaşaýar? Sen
onuň bilen nädip gürleşip gördüň?... Ertir ol bolşewikleryň ketdesiniň
19
gyzy bolup çykaýdy-da … Meniň gyzyma zor bilen öýlenipsiň diýip
seni-hä it atan ýaly atyp gider! Saňa obamyza gan çaýkatjak aga
diýerler!
-- Gelneje jan gelneje, men ony söýýän söýýän!
-- Söýýäniň çyn bolsa garaş. Awa kakaň gyzyň nireden gelenini biljek
bolup garry çyrladan orusça bilýän adamy getirmäge çapar ýollady…
Garaş
Derýa agyr haşlady…
Nurdan ýaradylan ýaly Elwira gelip Awa seýsin öýüne şowhun
şagalaň girdi. Elwira ýekeje söz türkmençe, Hüýrjemal ýekeje söz rusça
bilmeýärdi, emma olar uzyn gün gülüşip gürleşýärdi. Gijeler bolsa Awa
ikisini alnynda oturdyp, ―Göröglydan‖ ylgar ýöllaryndan aýdym
aýdýardy. Moskwada akademigiň atasynyň maşgalasynda aristokrat
terbiýesini alan sazçylyk mekdebini gutaran Elwira awanyň aýdymynyň
sazynyň muşdagy boldy. Hüýrjemal bolsa owadanja gyz adamsyna aşyk
bolandyr, diýip begenýärdi, çünki Durmuş guranlaryna 15 ýyl bolsada
olaryň perzende ýüzi düşmedi.
Beglerim häzir boluňlar,
Daglar gümür-gümürlen-deý!
Ýetip Derbendi alyňlap,
Daglar gümür-gümürler-deý!
Elwira uçganaklap söweşe çykjak ýigit ýaly bolup hyruç-hyjyw bilen
aýdym aýdýan Awadan gözlerini aýryp bilmeýärdi. Awa aýdymy
tamamlap:
Ak gyz aýdymy niçik gördüň?
Hürjemal:
--Hany ahal ýölumyzdan yşky aýdymlardanam aýdyp berdä...
-- Hüýrjäm ýaşajyk gyzjagaza heý yşky aýdym aýdyp bermek bormy?
--Waý, ýaşajyk bolaýşyny onuň! Görmeýämiň ol sen diýip ölüp – öçüp
barýar. Awajan, öýlen bujagaz gyza, men güni bolaýyn, gyrnak bolaýyn
senden nesil galsa bolýar maňa.
- -Goý, goý, Hüýrüm neresse çagajyga... goýaweri...
--Waý, Ýolaman aga sakgalyňy selkildedip aşyk bolanda... Awajan
meniň bagtly bolmagymy isleseň al şu gyzy... Perzendiň bolsa bolýar.
--Hüýrjemal Hudaýym senden perzent berse-hä perzenli borus, ýogsada
maňa gaýdyp şeýle gep aýdyjy bolaýma!‖
20
Gapy açyldy öýe giren Ýolaman molla oturyşyny edip Awanyň öňünde
oturdy:
--Awajan jan bagşy .. ol goltygyndan haltajyk çykardy ynha atababamdan galan hazynam dört ýärym müň tylla ! Ähli düýäm, goýnumgeçim seniňki bolsun! Ber maňa bujagaz perizat gyzy! Men bu perizada
aşyk, perizat maňa aşyk! Ol maňa göz güldürip ýylgyrdy.
Awa ýylgyryp:
--Ogulla ýeňňem näme? Çagalaryň näme?
--Maňa Ogulla-da, ogul-gyzda gerekmez! Däliräp jynlyrap gitmegimi
istemeseň ber maňa perizady.
Şol pursat gapy açylyp Gurban gyzyldiş, Durdy ýolbars öýe girdi, olar
dik duran ýerinden:
--Awa perizady Ýolamana ber, ony garyp görseň, maňa ber!
--Gyzy maňa ber, Awajan, gumda menden baý ýokdur -diýip Gurban
gyzyldiş döşüne kakdy.
--Siziň aklyňyz ýerindemi? Bu neresse çaganyň ejesi-kakasy ýokmydyr?
Gurban gyzyldiş aýbogdaşyny gurup:
--Awa, perizady ýa özüň al, ýa maňa ber...
--Ýa maňa ber! diýip – Ýolamanam, Durdy Ýolbarsam seslendi.
Bular ýaly owadan gyzy guýyda saklap bolmaz!.. Bi ýoldaşy bilen
Şyhyň düzünde Begmyrat hanyň ençeme atlysyny pürreläpdir. Olaram
bularyň münüp gelen aýrapalanyny ýandyrypdyrlar. Dessine birden
birimiz öýlenmesek, hä diýmän Begmyrat han sülsady bilen ýetip geler.
Duşmanymy öýünde saklapsyňyz diýip seniňä seni-hä bir ýoklar,
obanam oka berer. Öýlensek han adamdyr, günämizi geçse geçer...
Awa olary ýeke-ýeke synlady:
--Siziň çynyňyzmy?
Üçüsi üç ýerden:
--Çypbakaý çynymyz – diýip deňine aýtdylar. Awa gaharlanmajak bolup
awyly ýylgyrdy.
--Men size sypaýylyk bilen aýdýan: teklibiňiz şol bolsa göteriliň öýden!
Olar gözlerini höwlendirip Awany synlaýardylar. Bir gorkyny duýan
gyz naýynjan ýylgyryp olary synlaýardy...
Men size garaňyzy saýlaň diýmedimmi?—Awa garysyna galyp,
ýassygyň aşagyndan altyataryny aldy...
Üçüsem daşaryk ugrady...
Ak gyzyň kimdigini niredendigini näme maksat bilen guma
düşendigini anyklamak üçin Awa seýis Mürzeçölden Meret orsy
çagyrmagy muwessa bildi.. Meret orsy alyp gelmegi Ýolamana boýnuna
21
aldy. Ýolaman ýol boýy Meret orsa perizady özüne boýun edip berse,
köşeli düýe berjekdigini sarga . Meret ors öz aýtmyşy boýunça Girman
urşunda, ýagny birinji jahan urşynda bolupdy. Oňa Meret girmanam
diýýädiler.
Meret ors Awanyň öýüne wajyp Halda girdi, Ýolaman şol pursadam
oňa köşekli düýäni ýatlatdy. Meret ors öýüň töründe keteni köýnekli ak
saçlary sagrysynda owsunyp duran owadan gyza haýran galdy.
Ýylgyryşdan ýaradylan gyz ýylgyrdy. Meret ors:
--O barşyna.. O çuwiha! Kto tyý – diýdi.
Orsça sözleri eşden Elwira guş bolup uçdy.
--Ýa Elwira. Elwira Abramowna Warşawskaýa ... Men Moskwadan.
Atam akademik, uly alym Kakam Aşgabatda halk komissarlar sowetinde
işleýär.
--Gowori gowori çort poberi! Kto tyý?
Durdy Ýolbars daş çykyp, daşdakylara ýüzlenip:
--Pahaý, Meret ors diýseler Meret ors ekenow! O rusça dagy jedirdäp
duraý...
--Girman dilinede ökdemiş ol...
--Iki ýyl German urşunda bolsaň senem suwara gürlärsiň...
Orsça bilýäne duşanyna begenen Elwiranyň bar keýpi uçdy. Meret ors:
--Ýa pahan! Znaýeş,ýa pahan byl. Ty kto?
Elwira ýene adyny atasynyň adyny aýtdy.
--Çewo petýukaýeş a? Siças brežu mordu! – diýip Meret ors söz
zapasyny ahyrlap ýylgyrdy. Elwira ―požalusta‖ diýip ýylgyrdy...
--Ponimaýeş, bäryşna! Katys tyý!
Birhaýukdan Meret orsda Awada çykdy. Meret ors wajyp görnüşe
girip:
--Awajan, ýylgyran bolup oturanja gyzdan ors gyz bolmaz!
--Onda kim ol?
--Orsuň ýurdundan aňyrda girman ýaşaýar, girmandan aňyrda iňlis.
Orsuň saçy sary bolýar, ortabarmak orslaryň saçy gyzylam bolýar.
Ojagaşja gyz ýa girmanyň ýa iňlisiň şpiýony, içalysy, jansyzy!
--How-how Meret garagumyň orruk ortasynda nemsisiň şpiýony näm
işlesin?
Meret ors dünýä belet ylymdar hökmünde wajyp keşbe girip:
--Hä, hä saňa şipiýon içaly saňa näme işleýänini aýdara...
Gurt guýy obasynyň şemal tarapy giden sazaklykdy. Şahym aga ýoluň
ýakasyndaky gaba sazagyň ykyşynda daşyna alty-ýedi çagany üýşürip
22
okudyp otyr. Olaryň her biriniň öz düşegi, öz kitaby bar. Oganljyklar
gyzjagazlar hor bolup okaýar.
Şahym aga ýol bilen gelýän dört bäş aýaly görüp salam berdi, olar
salam aldy. Olaryň hemmesi gartaşan aýallardy.Şahym aga ýylgyryp:
--Gelinler kejebeläp-kerwenläp hanjak ugradyňyz?—diýdi. Öňdäki
eşekli garry aýal Şahym aganyň ―gelinler‖diýip degişýänine hoş boldy
ol:
Siziň obaňyza bir perizat gelenmiş...albassymyş...arwahmyş...ýaşajyk
gyzlygyna garamazdan saçy duz ýaly akmyş diýip eştdik...Ors gyzmyş
diýip eştdik. Bizem görmedigimiz görde galan, ak saçly ýaşajyk ors
gyzy görüp gaýdaly diýdik-dä...
--Haý Ogulsabyr eje azabyňyz reýgan bolupdyrda...
--Hä, o nä Şahym? Ýa ors gyzly kep ýalanmy?
--Ors diýip ýören gyzymyz girmanyň
içalysymyş, işpiýonmyş,
jansyzmyş...
--Biljek däl Ogulsabyr eje. Ors gyzy görseňiz görüň, emma ki adyňyzy,
haýsy obadandygyňyzy bir aýdaýmaň... erteki gara güne galyp ýörmäňdä... diýip Şahym aga lahlahlap gülýär. Aýallar gülüşip kerwen bolup
ugraýar.
Awa seýis burçak-burçak derläp, dolup-daşyp aýdym aýdýar. Alnynda
Hüýrjemal bilen Elwira göze-gulaga öwrülip diňleýär. Daşarda itleriň
gohy gelip başlady. Awa dutaryny goýup, altyataryny alyp gyrmyz
donuny ýelbegeý alyp çykdy.Daşardan at toýnaklarynyň güpürdisi,
itleriň sesi gelýär. Hüýrjemal çuwalda duran bästary alyp,, ok sürüp
gulagyny gaýtaryp durlukdan garady. Elwira-da çuwalda duran
bäşatarlaryň birini alyp Hüýrjemalyň ýanyna bardy. Olar atlylary
synlady.
Awa seýs on bäş atlynyň ýanyna bardy. Atlylaryň serkerdesi öňde:
--Awa bagşy, salawmaleýkim.
--Waleýkim begler.
Bu mahal Gurban gyzyldiş, Durdy Ýolbars, Ýolaman sakgal, dagam
tüpeňini alyp atlylaryň alnyna gelipdi.
--Bagşy, biz hezreti Begmyrat hanyň begleri! Men begler begi Haly beg!
Seniň öýüňde biziň duşmanymyz kapyr gyzy bar diýip eşidip geldik.
Derhal gyzy çykar!
--Ol gyz meniň myhmanym. Men dirikäm myhmany berer öýdýäňizmi?
--Gyrlyşman gyz bermeris! –Ýolaman hemmeden öňürti.
--Awa bagşy, ondan myhman bolmaz! Ol ýoldaşy bilen Hezreti
Begmyrat begiň ýedi atlysyny pürreledi. Ýoldaşyny aýrapalany bilen
23
ýandyrdyk, gyz bolsa ujyz gutuldy. Ol biziň duşmanymyz! Hezreti
Begmyrat hanyň duşmany!
Awa seýis synçy nazaryny aýlap atlylaryň içinde Begmyrat
hanyňam bardygyny anyklady, sebäbi atlylaryň käbiri her jümleden soň
yzdaky atla seredýärdi.
Awa:- Bä, biz Hezreti Begmyrat beg Watan üçin, il-ýurt üçin ata çykan
beýik han diýip daşyndan buýsanyp ýordük, asyl Begmyrat han ýumruk
ýaly neresse çagany hem duşman saýyp ýörmi?—diýip, ol gabak
astyndan Begmyrat hany synlady.
--Hezreti Begmyrat hana baha bermek saňa galmandyr, bagşy! Gyzy
çykar diýdimmi gyzy çykar, ýogsam obaňyzy oda tutup, hökümetden
bukup ýören atlaryňyzam süreris.
-- Beýle bolsa türkmen däbini ýöredip ýapa ýaplanyşalyň! Bizi gyraň-da
äkidiberiň ―Naçar duşmanyňyzy!‖
Birden atlylaryň hemmesiniň gözleri höwlendi. Oýden keteni
köýnekli towlam-towlam ak saçlary sagrysyndan geçip owsunýan
Elwira çykyp, göni bir bege tarap göneldi. Ol öýüň durlugyndan begiň
elindäki skripkasyny görüpdi. Ol begiň ýanyna bardy, beg aňk boldy,
gyz onuň elinden skripkasyny alyp, dessine gabyndan çykaryp düzüp
Çuwal bagşynyň ―Daglara‖ aýdymynyň sazyny çalyp başlady. Awa
bagşydan öwran-öwran eşiden aýdymyny Elwira şeýlebir elendirip
çalýardy, begler gyza haýran galyp, gözlerini höwlendirip diňleýärdiler.
Gyz sazy şeýle ajap çalýardy, saz soňlanan badyna yzda özüni tanatman
duran
Begmyrat han:- Bagşy, myhman alsaň, atdan düşeýli…
--Begmyrat beg myhman düşse söwüşläp, serpaýlap myhman alarys…
Ýolaman, Durdy, Ýolbars dagy Begmyrat hana gözlerini höwlendirip
seretdi.
Olar atdan düşdüler…
24
Iki sany kiçeňräk toý gazany gaýnap dur. Gazanyň başy, Awa
bagşynyň öýüniň daşy gaýda-gaýmalaşyk. Kimler çaý çekýär,
gazanlaryň birinde börtme, birinde palaw atarylypdyr. Durdy Ýolbars
başyny ýaýkap :
-- Awanyň bagşylygy, perizat gyzyň sazandalygy obany halas edäýdi...
Gylyçgemren Begmyrat beg gyzy bir aparardy, obany pürrelemekdenem
gaýtmazdy....
24
Begmyrat han törde körpeçäniň üstünde güberip oturşyna gözlerini
süzüp aýdym diňleýär. Awa Ahal ýolundan nama aýdýar, onuň ýanynda
keteni köýnekli Elwira skripkasyny
çalyp bagşyny kowalaýar.
Gysylyşyp ýeke dyz oturan nökerler durşuna göze öwrülip ak saçlary
desse-desse gyza seredýärler.
Aýdym tamam bolýar:
-- Berekella, bagşy ömrüň, uzak bolsun!
Daşarda Durdy Ýolbars Gurban gyzyldiş dagy hem aýdym
diňleýär, hem nahara seredýär.
***
Sähetli güni Gurtguýusynyň ýerden ýöräni ak gyzy ugratmaga
üýşdi. Elwira hem begenýädi, hem Derýadan aýrylyp barýanyna
gynanýardy. Hemmeler geldi, diňe Derýa ýok. Gyz bolsa delmirip,
nazary bilen Derýany gözleýär. „Derýa, Derýa nirede― diýip elewreýär.
Kerwen ýola taýynlandy. Ilki Hüýrjemal düýä mündi. Edil şol pursat
Garçgaý guşuny uçuryp Derýa ýetip geldi. Ak saçly ak köýnekli Elwira
ak durna ýaly ganat kakyp begenjinden tas uçupdy. Derýa nepesini
üýtgedip, hiç kime nazar salman atdan towsuşyna gyzyň ýanyna geldi.
Gyz begenjinden gözlerini ýaşlap „Derýa! Derýajan!― diýip bir zatlar
diýýärdi.
Derýa gyzyň gözlerine dogry bakyp golaýyna geldi, onuň iki
goljagazyndan tutup:
-- Hoş! ýene duşuşýançak! diýip gyzy bagryna basdy.
Gumlylar aňk bolup ýakasyna tüýkürdiler. Birdenem Derýa bir
tosanda Garyçgaýyna münüp çaldy gamçyny. Elwira gyz yzyndan
bozlap, bagyryp aglap galdy. Ýüregi barlaram bozuldy, ýüregi
ýoklaram.... Aýallar uwlap duran gyzy hataba göterip mündirdiler.
Gurban gyzyldiş bilen Durdy Ýolbars Awa seýsiň ýanyna gelip:
-- Biz birki menzil ugratjak... Bilip bolmaýar goragda borus...
Awa ýylgyrdy:
--Sizden bizi kim gorasyn? Gerek däl!
Şahym aga ak pata berdi. Kerwen ýola düşdi.
Bu mahal Derýa atyny ýüzin saldyryp, düňle çöli lerzana getirip çapyp
barýardy, gözlerinden akýan ýaş ýaňaklaryny, ýüzüni ýuwupdy...
Ol sessiz aglaýardy..
Suwperisinden jyda düşen Derýa dünýä sygman Garçgaýyny kä
çapdyryp, kä gordurup, kä ýorgasyna goýberip gidip otyr, niräk
barýanynam, näçe ýol geçeninem bilenok. Ol gözlerinden ýaşyny
25
akdyryp gidip otyr, hamana şeýdip ýol geçip aýralyk dünýäsinden çykyp
bolýan ýaly.
Ol golaýda otlap ýören sürini görüp, suwsuz ölüp barýanyny
duýdy. Ilki itler, soňra süriniň çopany ylgap çykdy. Derýa gözýaşyny
gowy süpürse-de, aglamakdan ýaňa gözleri çym gyzyl bolupdy.Çopan
salam berip, oňa çiňňerilip bakdy:
-- Çopan suwuň barmydyr?
-- Doganym işjegiň suw bolsun! Geçi süzmesinden çal edip bereýin, düş
atdan.
Derýa atdan düşüp Garçgaýany ota kowdy. Olar tirkeşip goşa bardy.
Derýa meşigi başyna çekdi, ony synlap oturan çopan:
-- Doganym agladyňmy? — diýdi. Derýa baş atdy.
-- Doganym, ýetimiň?...Ýetimsiň... Menem ýetim. Ne ata, ne ene, ne
dogan, ne dolanan bar!
Üstesine-de ... –Ol bozuldy, sesi agyly çykdy – üstesine-de eziz
Watandan-da jyda düşdim. Üç ýylyň içidir gören ýeke türkmenim sen!..
Üç ýylyň içidir jiger-bagrymy paralap gije-gündiz malyň yzynda aglap
ýörendirin, doganym... diýip ol aglady.
Çopana Derýanyň ýüregi awady, haýran galdy:
-- Watandan aýrylar ýaly seniň ýurdyň nirede?
-- Aýböwürli men! Türkmenistandan... Türkmenistanyňam Was diýen
ýerinden . Ýetimdim, ýalňyz hossarym, hojaýynym Işanguly baý... wah
Watanymyň didaryny ýekeje gezek görüp, Watanymyň topragyna
dabanymy basyp ölsem armanym ýok.
Derýa oňa haýran galýar, derdi agyr bolmasa ol hahaýlap gülerdi,
ýöne özini saklady:
-- Doganym sen Türkmenistanda! Sen öz ýurduňda!...
Çopan ol özüni oýnaýandyr öýdip, heşerlendi:
-- Doganym, men çopan-da bolsam, ýetim-de bolsam nadan däldirin!
Işanguly baý ýigrimi dördünji ýylda malyny-halyny alyp Owganystana
gaçdy, menem sürekçisi. Ýedi gün ýol ýöräp serhetden aşdyk, soňam
bäş gün ýöräp şu ýerde mesgen tutdyk...wah Watan!...
Süriniň itleri alysdan gelýän atlyny görüp gitdiler. Çopan gorka:
-- Haram! Baýym gelýä...
-- Watanyňa gidesiň gelýämi? Çopan mölerip seretdi.
-- Wah, Watanyma baryp ölmäge-de razy men!
-- Erkek sözmidir?
-- Erkek sözdir!
26
Derýa desbi-dähil atyna atlandy, baý hem gelip ýetdi, onuň
arkasynda berdeňke bardy. Ol Derýa ýigrenç bilen seretdi, hatda
salamynam sowuk-sala aldy. Baý:
-- Annamyrat, al saňa iýer-içer getirdim.
-- Garçgaýa atlanan derýa sapançasyny çykaryp:
-- Baý aga, atdan düş-de, tüpeňiňi Annamyrada ber!—Baý gazaplandy.
Derýa altyataryň bir okuny baýyň telpeginden goýberdi. Telpegi
başyndan atylyp giden baýa dessine akyl geldi. Ol atdan düşip
berdenkesini Annamyrada berdi.—sapançaň bilen hanjaryňy, guşagyň
donyň bilen ber!. Mundan buýana malyňy öziň bakarsyň! Annamyrat,
dessine baýyň geýimlerini geý!
Baýyň geýmine giren Annamyrat Derýa bilen at çapyp guw gitdi.
Baý talabanyň ýyrtyk-ýirik donyny ýigrenç bilen gyra oklap, olaryň
yzyndan garap galdy.
***
Awa öňde atly, yzynda Elwiranyň münen düýesi, onuň yzynda
Hüýrjemalyň düýesi düňle çöl bilen mytdyldap barýar. Awa düňle çöli
ýalandyryp aýdyma zowladýar.
Kerwen gidip otyr... Hüýrjemalyň ýüregi bulanýar, ol heläk.
Aýdymy tamamlan Awa:
--Hüýrim saňa näme bolýar? Ýola çykanymyz bäri sen heläk....
-- Göwnüňedir.. maňa hiç zadam bolanok.
-- Meniň ýeňsämde gözümiň bardygyny unutma! Saňa bir zada bolýar...
Onsoňam bizi kimdir biri yzarlaýar...
Hakykatdanam Derýa bilen Annamyrat kerweni yzarlap barýar.
Ikisiniň-de ýaragy gurat. Derýa häli-şindi dürbi tutup olary synlaýar. Bir
gün Derýa:
-- Annamyrat, doganym, dogry günüň ýaşýan ýerine tarap gönüläp
gidibersen agşama çenli Aşgabada bararsyň. Me saňa pul. Şähere
ýetmän atyňy goýber, ýaragyňy zyň, ýogsam seni tutarlar. Şäherde otly
bilen iliňe aşarsyň!
-- Menem seniň bilen gitjek!
-- Sen meniň diýenimi ediber! Meniň maksadym belent. Bir zamandan
bir zaman Derýa han atly ýgnaýamyş diýip eşitseň, meniň ýanyma
gelersiň! Patyşa bolupdyr Derýa diýip eşitseň gelersiň! Düşündiňmi?
***
27
Ençeme günläp ýol ýörän kerwen mytdyldap gidip barýar.
Hüýrjemalyň ýüregi bulanýar, ol ony adamsyndan, gyzdan bukjak bolup
heläk. Ömründe düýe münüp görmedik Elwira düýe dursada yraň atyp
duran bolupdyr. Elwiranyň ýürejigi sessiz aglaýar. Kerwen sazak
tokoýlygyndan çykyp bir beýik aňňada bardy. Edil şol pursat on bir atly
ýaragly esger aňňada çykdy. Duýdansyz duşuşykdan iki tarapam aljyrap
ýaragly, ýaragyna ýapyşdylar. Elwira olary synlap:
-- Kaka! Kakajan! Bu men! Men Elwira – diýip yzly-yzyna gygyrdy.
Esgerleriň arasyndaky stalin papakly harby adam elini kölegeldip
seredip:
-- Elwira!—diýip gygyryp atdan özüni zyňdy, ol ýykylyp – sürşüp
gyzyň münüp oturan düýesine tarap ylgady. Eýýäm gözlerini ýaşlap
ýetişen Elwira düýäniň üstünden kakasynyň gujagyna özüni oklady.
Ataly gyz aglaşdylar. Hüýrjemal Awa, Awa Hüýrjemala seretdi.
Äpet ojaryň üstüne çykan Derýa olary dürbüde synlaýardy....
***
Gurtguýynyň erkek göbeklisi Durdy Ýolbarsyň möjekhanasynyň
arkasyndaky giň meýdana üýşüpdir. Ortada möjek, onuň zynjyry Durdy
Ýolbarsyň elindedi. Möjegiň kellesine gaýyşdan-gönden tor torba
geýdirilipdir. Durdy Ýolbarsyň ogly ýaş ýormança köpekleri möjegiň
üstüne küşgürýär. Mähelle gykuwyny ýetirip:
-- Haý Alabaý bas!
-- Haý Aždarym parçala!
-- Haý Boýnagym, gap!
Agzy gaýyş torly möjek biçäre olary ýaryp bilenok. Janköýerleriň
şowhundan, meçew alan ýaş köpekler agzy torbaly möjegiň üstüne ýerli
ýerden çozup dişleýärler. Möjek kellesi bilen süsüp, aýagy bilen kakyp
ýaş köpeklere hezil berenok.
Durdy Ýolbarsyň işi-pişesi möjek bilen itlerini uruşdyryp, deňşiz
taýsyz goýun itlerini taýýarlamak. Durdy Ýolbarsyň elinden çykan
köpekler atlyny atyndan, düýelini düýesinden agdarýar.
Mähelle gygyryşyp köpekleriň şowhunyny ýetirýär. Aňyrdan gelen
Şyhym aga Gurban gyzyldişi, Durdy Ýolbarşyň , Ýolaman aşygyň
ýanyna gelip:
-- Anha munyňyz bolýa! Ýogsa Awa seýsiň tapyndy gyzynyň üstünde
tas özünüz gyrlyşypdyňyz!—diýip lah-lah gülýär.
28
***
Esgerler bir oduň başynda, gyzyň kakasy, gyz, Hüýrjemal, Awa
dagy bir oduň daşynda naharlanyp otyrlar. Olaryň öňünde bol gowurma,
şäherden gelen dürli kolbasa, gaýry zatlar. Elwira jedirdäp kakasyna
başyndan geçirenlerini gürrüň berýär. Gyzyň kakasy ç
çalgyrdam bolsa türkmençe bilýär. Ol gyzynyň başyny sypalap:
--Awajan perişde ýaly adam ekeniň! Men gyzymy diri görerin
öýtmeýärdim.. Ikimiz dogan okaşaly. Al arak-şerap içmeýänem bolsaň,
meni agaň sanyp iç, menem seni inim sanyp içeýin. Yzyndan şu turşyja
hyýary iý....
Turşuja diýen söze Hüýrjemalyň gözleri ýalpa açyldy. Ol gyza
ümläp, hyýary görkezdi Elwira oňa hyýary alyp berdi. Hyýary bir dişlän
Hüýrjemal dünýäni unudyp pyşyrdadyp iýip başlady. Onuň ýagdaýyna
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Garagumuň ýüregi - 3
  • Parts
  • Garagumuň ýüregi - 1
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2044
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 2
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2093
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 3
    Total number of words is 416
    Total number of unique words is 288
    43.3 of words are in the 2000 most common words
    55.9 of words are in the 5000 most common words
    62.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.