Latin

Garagumuň ýüregi - 1

Total number of words is 3836
Total number of unique words is 2044
27.6 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
47.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nobatguly Rejebow,
Kerim Annanow
GARAGUMUŇ ÝÜREGI
Uly göwrümli çeper filmiň edebi esasy
Waka 1922-nji, 1928-nji ýyllarda Garagumuň jümmüşinde bolup
geçýär.
Aşgabat. 2007-2009ý.
1
Aşgabadyň etegindäki obalaryň biri. Barjamly aksakalyň bagbakjaly öýi. Daşarda iki-üç at gazagynda aýlanyp dur. Ujaýda birnäçe
Ullakan jaýda birnäçe aksakal saçak başynda çaýlap maslahat edip
otyrlar. Arasynda iki-ýeke Jahylam bar. Törde oba aksakalynyň ýanynda
harby geýimli, stalin papakly adam otyr, döşünde iki-üç orden-medaly
bar.
Goja ak sakal:- Halmyrat, tüweleme, sen täze hökümediň uly adamsy.
Täze hökümet baý-beg diýip galyň adamyň süri-süri dowaryny, sygryny,
düýesini elinden alyn gidip otyr. Ak bolup, gyzyl bolup ençe ýyl bäri
ýuwan seçegi ýaly ýigitler wepat bolup gidip otyr. Heý, munuň yzy
gelmejekmikä?
Harby Halmyrat agyr haşlaýar:
-Haý, ýaşulular, mal bilen, baýlyk bilen sypyp bolsamy?..
-Wah, mallary alsa alyp geçsin, ýöne jüllyketen goýup özüni türmä
basyp, sibir edip ýörmesi bolanok.
-Ýaşulular, nätjek-dä, hökümeddiň syýasdaty şeýle: baýlary-begleri,
barlylary, ahun-pirleri, Işan-mollalary ýat synp hökmünde ýok edip,
garyp gasarlar bilen täze döwlet gursak…
Beý, walla, indi malyň yzyna düşüp serhetden aşmaly bolarmyka?!
Halmyrat:
-Serhetden aşmak bolmaz! Baýlyk diýip yurdy terk edip bolmaz!
Awa seýis:
- Aksakallar, il bilen gelen toýda-baýram diýlendir. Özümiz owarram,
başa name gelse görübermeli bor. Ana ýöne päkize atlarymyzyň tohumy
tükenip barýar. Her atymy alanlarynda janym gidýär. Men-ä oňlasaňyz
atlarymy alyp, obanyň saýlama atlaryny alyp gumuň törüne çekiläýsem
diýýän.
Halmyrat:
-Anha, dana maslahat, akyl kep! Awa seýis Garagumuň töründe çekilse,
beriň obanyň saýlama tohum
atlaryny! Türkmen mydama ejiz
düseninde Garaguma çekilýändir… Onsoň obanyň baýlaram-beglerem
göçsün, başga etrap, başga oba gyt däl. Görogly beg aýtmaýarmy:
Gaçyşym bar kowuşyma bermenem diýip… Başga obalara, etraplara,
welaýatlara göçün, ynha ol serhetden aşanyňdan, türmä gideniňden,
sibire sürgün bolanyňdan ýuz esse ýagşy bor…
Obanyň kethudasy:
- Hawa-da, adyl ak patyşasyny ýok eden bolşewiklerden gowulygaha
garaşmaň…
Maslahat dowam edyär…
2
Gije. Gara gijäni lerzana getirip bir süri ýylky çapyp gelýär. Ýylky
sürüsi gara gijeden çykyp al sähere barýan ýaly ýüzün salyşyp barýar.
Gündogar hal atyp, daň agaryp barýar. Sürüniň ýylkybany Derýa
gykuwlap, atlaryna meçew berip, kellesini göçürip, bedewini uçuryp
gelýär. Ýylky sürüsi gara ýel ýaly owsun atýar. .Ýylkybanyňam kellesi
göçüpdir, sarç-sarç atlaryňam!
Günüň dogjak ýeri gyzarýar. Atyny çapdyryp göwün solpudan
çykýan Derýa ala şowhun bolup saýda ýaýylyp ýatan kak suwunuň
kenarynda zordan atynyň başyny çekýär, ýylkylaram aý berip zordan
saklanýar.
Gün dogup gelýär. Kakyň suwy göweçde erän altyn ýaly. Atlar
suwa girip suw içýär, bir näçesi suwda oýun edýär.
Kak suwunyň kenary owadan sazaklyk. Birden şaglap bäş-alty
sany kepderi gökden inip, kenara gonýar. Birdenem olar gür-gür silkinip
bäş-alty sany perizada öwrülýär. Derýäň gözleri höwlenip, haýran
galýar.
Perizat gyzlar owadan saza süýnüp-sarkyp, näz-kereşme edip,
owsunyşyp, towlanyşyp raksa-tansa başlaýar. Gyzlaryň ortasynda şa
gyzy- Melike, onuň başynda owadan jyga.Melike ähli gyzdan owadan,
ol Derýa jilwe taşlap, ogryn garaýyşlap raks oýnaýar.
Derýa jadylanan ýaly Melikeden gözüni aýryp bilenok.
Perizatlar bir salym tans oýnaýarlar…
-Heý oglan!
Derýa tisginýar, görse alnyynda bir atly kişi tüpenini gezäp dur. Derýa
birde atla, birde gyzlara seredýär. Görse hyýalynda janlanan gyzlar zymzyýat bolupdyr. Derýa ajaýyp hyýaldan oýaran atla ýigrenç bilen
seredýär. Derýä töweregine nazar aýlaýar, asyl dört atly ýylky sürüsiniň
daşyny alyp dur. Hemmesem ýaragly.
- Heý, ýylkybaý, bize at gerek, bize at berersiň gerek?
- Aga, bular tohum atlar, jyns atlar! Bularyň eýesi halk! Goragam
güýçli!
-Kim bularyň goragy? Ýa senmi?—Ol hahahaýlap gülýär.
Derýa:
-Ýerde men!Ýokarda Hudaý! Töwerekde ýerler-pirler!...
-Görýämiň, biz bäş sany galtaman! Herimize iki at gerek, jemi ýigrimi at
bolýar!
Derýa samsyklyga salýar:
- Siz bäş, heriňem iki at alsaň on at bor-da!
3
-Ýok edäý çarwa hasabyny! Biz bäş adam, herimiz iki atdan alsak,
jemisi otuz at bolýar, düşündiňmi?
Gara görnümdäki alandan bir atly çykýar, ol Awa seýis. Ol wakany
görýär, dessine atyndan düşüp, aty alandan aňryk geçýär. Ozem
bukdaklap ullakan sazaga dublanyp Derýaň alkymyndaky galtamany
nyşana alýar.
Derýa: - Agalar, siz galtamanmy ýa at ogrusy?
Galtaman hezil edip lahlahlap gülýär:
-Häzir maňlaýyňdan bir oky goýbärin weli, biziň kimdigimizi
bilersiň!—diýip tüpeňini Derýaň maňlaýyna gezeýär…
-Galtaman bolsaňyz alaweriň atlary… ýöne galtaman aga sürüniň
Serdary Algyr guş dergazap atdyr. Ýoldaşlaryňa aýt, sürünin aňyrsyna
geçsinler, men size gerek atyňyzy bölüp bermesem, ol size ýekeje
baýtalam bermez!
Galtaman ellerini hereketlendirip, ýoldaşlaryna görkezme berýär.
Olaryň bary sürüniň aňyrsyna geçýär. Derýa töweregine garanýar:
- Aga, size otuz at bolsa bolýamy?
- Kyrk bolsun!
- Al onda kyrkyny!—diýip, Derýa duýdansyz duran galtamana gamçyny
salýar, gamçy galtamanyň boýnuna çolaşýar, Derýa bir silkip goýberýär,
galtaman tüpeňni bilen atdan agyp seňseleýär. Derýa ala gykuwlap,
eýmenç gygyryp sürä garşy urulýar, ýylkybana belet atlar güpürdeşip
dört atlynyň üstüne eňýär. Galtamanlar ýylkynyň ortasynda galýar, olar
ne atlaryň arasyndan çykyp bilýar, ne atyp bilýär. Derýa bolsa gykuwlap
sürini aýlandyryp ýör. Derýa sapançasyny çykaryp ýene bir galtamany
atýar. Ol atdan agýar. Başda atdan agan galtaman ozüne gelip Derýany
nyşana alýar, emma Derýa atyň o ýanyna geçip gözden ýitýär. Şol pursat
Awa seýis Derýany nyşana alan galtamany atýar. Gapdaldan çykan
tüpeň sese galtamanlar haýran galýar, olar aljyraýar. Atynyň gapdalynda
bukulan Derýa aljyrap bir galtamanyň golaýyna baryp, sapançasy bilen
atýar. Onuň atdan aganyny gören galtamanlaryň biri zordan sürüden
çykyp ýüzüniň bakyp duran tarapyna gaçýar. Ikinji hem rejäniň geň
däldigini bilip sürüden saýlanjak bolýar. Ýylkylaryň arasynda görünmän
baran Derýa oňa hem gamçy salýar, birinji galtamany edişi ýaly ony
hem atyndan agdaryp seňseledýär.
Galtaman gaçyp barýar, yzyndan Awa seýis… Gaçha-kow…
Galtaman yzyna dönüp birki ýola towhuldadyp atýar, emma Awa
seýis atyň ol ýanyna, bu ýanyna geçip okdan sowulýar.
4
Gaçho-kow…. Awa seýis arany ýygyryp barşyna kement oklaýar.
Kement galtamanyň egninden, kellesinden ilýär. Çalasyn Awa seýis bir
silkende ol atdan agdarylyp ýerde Çalam-çaş bolup ýatyr…
Ýylkylar guýa inýär, itler hawhawlaşyp çykýar. Derýa:
-Päheý köpeý ogullary! Meniň ýanymda bolanyňyzxda, tomoşa
görerdiňiz!
Atlar pure-pür daş nowadan göwünli-göwünsiz suw uçip, bassyrma
ýönelýär. Her kesiň öýi-dä!
Derýa atdan düşüp uýanyny, eýerini aýryp göýbertýär, ol hem
bassyrma tarap gidýär. Derýa kündükden itleriň ýalagyna suw guýýar,
emma olar seretmän, jabşynyşyp guýa üýrýär.
- Asyl siz guýynyň suwuny küýseýäsiňizmi?...Onda garaşyň.
Derýa tamkepbä girip, gara peji otlaýar, soňra daşky geýimlerini
çykaryp, guşaklygyna çenli ýalaňaçlap gar bilen ala gykylyk bolup
ýuwunýar. Öýe girip süpürinip, kitiri peje goýýar. Itler üýrýär. Derýa
daş çykanda olar guýa tarap bakyp üýrýärler.
- Haý, peläketler, siz asyl nowanam gaçyrmany öwrendiňizmi?—diýip,
guýynyň demir çarhyny aýlap başlaýar, çarh agyr aýlanýar, emma
orangutan ýaly elleri uzyn, atan-satan Derýa agramy bilmeýär. Itler
üýrüşýär. –Guýynyň ýyljak suwuny küýseýäsiňizmi?—itleri ne lak
atýar, birden guýynyň agzyna gelen gowa gözi düşýär, gowada jowur ak
possunly jowura ak köýnekli, jowur aksaçly, jowur ak gyz ak şugla
saçyp ýatyr! Garaşylmadyk ýagdaýdan şok bolan Derýa çarhyň
aýlawajyny elinden sypdyrýar. Gyzly gowa gidýär otuz bäş gulaçlyk
guýynyň düýbüne!
Derýa ngaty gorkupdyr, ol töweregine ýalt-ýult gtarap, ok bolup
aýlanyp duran çarha ýapyşýar ýuwaş-ýuwaşdan onuň badyny saklaýarda öz ozüne:
-Päheý, seniň ýigit bolaýşyňy! Hälem adam-gara ýok ekeni, ýogsam
wejera bolma kemiň galmady! Beh, allajanlarym, gowada ak gyz näm
işleýärkä?.. Guýuda gyz name işleýsiň! Gözüme görnendir,
göwnumedir… Kepderiler ýanyna gonup huýr gyza öwrülýärkä,
düýşüne periler-girýärkä… Ýa Öwez tentek meni gorkuzjak bolup bir
hokga edäýdimikä?
Ol çarhy aýlap dur, aýlap dur, ahyry gowa guýynyň agzyna gelýär:
Derýä gözlerini höwlendirip gyzy synlaýar: Jowur ak geýim-gejimli,
jowur ak saçly, jowur ak gyz!
- Eý, Allajan, jyn-arwahmyka? Suw perisimikä? Ýa düýşümmikä? Ýa
entek gök örmänkä hüýlenip ýörmiükam?...—diýip. Ol sol ely bilen
5
ýaňagyna çalýar. –Päheý pekge, ana şol gyz albassam-da, arwaham-da,
şeýle owadan gyzdan gorkup… toprak başyňa zamňar!
Ol gowany çekip, mähnet penjeli goluny uzadyp, gyzy gujagyna
alýar. Gyzyň geýim-gejiginden suw joralanýar, itler üýrüp onuň yzyna
düşýär.
Tamkepbede peç gübürdäp ýanýar, ol gyzy keçede ýatyryp,
possunyny çykaryp daşda basylgy odunlara serýär. Derýa öýe gelýär.
Gorka-gorka gyzyň elinden tutup görýär, jany bar. Ol boýnundaky
ýaglygyny alyp, oturan ýerini süpürýär.
Derýa gyzyň geýimlerini çykarmaly, emma nädip? Ol gözlerini ýumup
gyza seredýär, birden allaniçiksi tisginýär:
-Eý, Allam, meniň gözlerim ýumukka-da görýärle?...Aý, akmak, beýle
perizady sokur kör görmeýärmi?—diýip ullakan ýaglygy alyp gözlerini
ýumup üstünden daňyp başlaýar. Bu mahal gyz öýüne gelýär,
gapdalynda orangutan ýaly mähnet belany görüp tisginýär. Ol, ýigit öz
geýim-gejimini çykarjak bolýanyny bilip gorkýar, emma geýimleriniň
şalpy-şaraňdygyny bilip:
--Saklan --diýip, ysgynsyz dillenýär.
Derýa gözleriniň daňysyny aýryp gyza seredýär. Gyz ýigide seredýär.
Ikisiniň nazarlary tapyşýar. Olar hakykatdanda ilkinji bakyşda döreýär
diýilýän yşka sataşýar. Hudaý:
―-- Aşyk, agtaraber, magşugyňy diňe nazaryň tapar!‖ diýenmiş.
Birhaýukdan owadan gözlerini çalaja gülümsiredip ak gyz:
-Özüm… diýýär. Gyz orsça gürleýär.
Ýigit diwara asylan haly çuwaldan ilki kamys ýaly ak köýnek- balagyny,
soňra ýuwlup goýlan ýupek geýim-gejimini, soňra mawut köýnekbalagyny çykarýar. Ahyry ol ak kamysdan köýnek- balagynyň ýanynda
goýýar. Gyz nazary bilen oňa daşaryny görkezýär.
Derýa gapynyň daşynda oýa batyp aýlanyp ýör, ahyry ol gapa gelip
gözlerini ýumup:
-Giräýinmi indi?
Gyzyň giräý diýen sesini eşidip, gözlerini ýumup kellesini sokýar, bir
gözüni çalaja açyp seredýär: gorse ak gyz onuň ak kamys köýnekbalagyny geýipdir.
Derýa dessine ilki oýlugyny, soňra özüniň täzeje ýorganyny ýazýar. Gyz
süýşenekläp ýorgana geçýär. Gyzyň üstüne Öweziň ýorganyny ýapýar,
soňra gara gyşda geýýän tüýlek possunyny ýapýar. Derýa gyzyň geýimgejimlerini gözüni ýumup alyp çykýar, basylgy odunlara ýeke-ýeke
seržär. Öýe gelýär.
6
Ak gyz owadan gözlerini güldürüp, ýigide minnetdarlygyny duýdurýar.
Ýene olaryň nazary duşuşýar. Gyz kirpikmen gözlerini üç ýola ýumup
ysgynsyz ýylgyrýar…
--Sen azajyk ýataý, çaky gaty horlanypsyň…
Derýa tüpeňini alyp kak suwuna tarap barýar…Derýa bir sülgüni
golunda sallap gelýär…Derýa öýe girýär, gyz derläpjik ýatyr. Gije şem
ýanyp dur, gyz derläp ýatyr. Daň atyp gelýär, gyz ýatyr, ýigit nazaryny
aýryp bilmän otyr. Gyzyň buýra-buýra ak saçlary daglaryň şaglawugy
ýaly, bir dessesi ýüzüne düşüpdir. Derýa gorkup gidýär, ol ―birden gyz
ölen bolaýmasyn‖ diýen heder bilen gyzyň akja elinden tutýar, ýüregi
gürsüldäp gidýär. Şindi elinden tutulyp görmedik gyz çalaja tisginýär, ol
gözüni açýar, emma saçlaryň arasynda Derýa gyzyň gözlerini görmeýär.
Ol elini silkip aýyrýar, soňra boýnundaky ýaglygy alyp, gyzyň elinden
tutan ýerini süpürýär, ony synlap ýatan gyz ysgynsyz ýylgyrýar. Gyza
ýigidi synlamak hoş ýakýar. Gyzyň oýadygyndan habarsyz Derýa onuň
tüweleý al ýaly ak saçyny sypalap ýüzünden aýyrmak isleýär, gyz
gözlerini ýumýar, ýigit desse saçy aýyrýar weli, gyz owadan ýylgyryp
halasgärine nazar salýar. Derýadyr gyzyň nazarlary tapyşýar…
Gyz süýem barmagyny gursagyna dürtüp:
--Men Elwira, sen kim?
Derýa onuň hereketini gaýtalap:
--Men Derýa! A sen Elwira!.. Elwira!...
--Derýa!... Derýa!... Derýa!...
Gyz Derýa diýip şeýle bir süýjüdip, gözlerini süzüp aýdýar, Derýa
gözlerini süüzüp ―Elwira!‖ diýip süýjedip aýdýar. Olar bior salym birekbiregin adyny gaýtalap ahyry hem gülüşýärler…
Derýa bilen ak gyzyň nazarlary ýyldyrym çakdyrýar. Derýa gyza arşdan
Allanyň ýere inderen Gudraty, Keramaty hökmünde seredýär. Gyz
mähnet ýaş ýigide özüniň Halasgäri hökmünde seredýär . Ikisiniňem
dideleri yşkdan dumanlap dur. Derýa:
-- Ak gyz, ýene ýarym käsejik sülgün çorbasyny içäý diýip, ol käsä
ýarpy edip pejiň üstünde duran pitiden çorba guýýar. Gyzyň ysgyny ýok,
ol sag goluny onuň boýnunyň aşagyndan salyp, gyza şakäsäni içirjek
bolýar, emma sazanaklap, saňňýldap käsäni endiredip dur. Gyz ýigidi
synlap owadan ýylgyrýar.
Gyz eljiräp:
-- Hany maňa çorbajyk içir-dä… Melhem eken çorbaň…
Gyzyň göhi gelýär, ýigit sandyrap şakäsäni gyzyň agzyna kynlyk
bilen eltýär, ol gara der bolupdyr… Gyz:
7
-- Eý, Allajan, men şum ajala garaşardym, şum ajala!... Gör-ha, Allam
gudraty bilen meni yşka sataşdyrdy… Indi ölsem-de armanym ýok…
--Gyz ýylgyryp içýär, soňra jilwe taşlap ýigide ýylgyrýar. –Eý, Allajan,
bilýämiň meniň guýuda näçe gün ýatanymy?.. Meniň bilýänim üç gün…
guýa gaçanymda seňseläp näçe ýatypdyryn, ony Alla bilýär…
Ýigit ýene çorba guýup äberýär, sannyldaýar, gyz ýigidiň bolşuna
ýylgyrýar, ýigit uýalyp gyzyň ýylgyryşyna ýylgyrýar.
--Seniň ýaly görmegeý, mähriban ýigide duşjagymy bilsem, şol guýuda
ýaşamaga-da razy men! – Gyz çorba içýär, ýene owadan gözlerini
güldürýär. Ýene nazarlar tapyşýar.
***
Gije üç sany şem ýanyp dur. Olar birek-biregiň didaryndan ganman biribirine seredip otyrlar. Derýa:
--Ak gyz, men seni söýýän ! Gursagymy ýaryp ýüregimi görkezsem,
haýranlar galardyň, sen meniň ýüregimiň töründe yşk mülküniň şasy
bolup otyrsyň!
Ak gyz:
--Biz asmandan uçup gelýädik…--diýip sag elini samolýot edip
görkezýär. Derýa:
-- Bilýän. Bilýän. Seni ýörite meniň üçin arşy agladan Allajan iberdi.
Bilýän… Allajan maňa ilki seni düýşümde görkezdi, şondan soň sen
meniň hyýalymda ýaşap başladyň… Soň Allajan seni kepderi edip
alnyma gonduryp başlady. Sen keňizleriň bilen gürre silkinip perizada
öwrülýärdiň… Ahyram seni hakyky perizat edip iberipdir. Allajan, şeýle
owadan perizady bagyş edenine Alla ýalkasyn-ow seni!... Emma suw
perisi, sen asmandan gelip, guýa nädip düşüp ýörsüň?
Gyz owadan ýylgyryp:
--Biz şeýdip asmandan uçup gelýädik. Aşakdan galtamanlar şeýdip—
uçary hem aşakdan galtamanlaryň atyşyny hereketi bilen görkezýär…
atdylar!
--Haý gurrumsaklar, sen kepderi bolup gelýäkäň atdylarmy?...
Atandyrlar… bolsa-da… Alla name aman galypsyň. Men seniň—elleri
bilen görkezýär –şeýdip asmandan geljegini bilýädim, Hudaýymyň
perizat gyzy maňa ýar etjekdigine-de ynanýadym… Sebäbi Hudaýym
meniň-a alnymda örän belent maksat goýdy. Şeniň ýaly arşdan gelen
perizadym bolmasa, men Allanyň goýan maksadyny amal edip bilmen!
--Eý, Alla! Men dünýä gelip seniň ýaly görmegeý, nurana, dogumly
oglany göremok. Men seni Moskwa alyp giderin. Meniň atam
Moskwada dünýä belli alym, biz gaty baý ýaşaýas. Kakamy bolsa
8
hökümet ýörite Aşgabada ýollady… Köp ýyllar bäri Aşgabada uly
wezipede işleýär… Meniň doganym hem Daşoguzda uly işde işleýär…
Men şonuňka görme-görşe gidip gelýädim… ýolda bizi şeýdip
atdylar…--hereketi bilen görkezýar.
--Sen gorkma! Sen bilýämiň nirede? Garagumuň ýüreginde! Keramatly
ýerde! Gowuja gutul, men saňa Garagumuň Gudratly ýüregini
görkezerin!
Gyz owadan ýylgyrýar:
--Halasgärim, men seni ogşap göräýin-dä! Men saňa minnetdarlygymy
dil bilen beýan edip bilemok ahyry…--diýip, gyz emaý bilen Derýanyň
ýaňagyndan ogşaýar.
Derýa yşkdan ýaňa, bagtdan ýaňa uçýar! Uçýar! Görse ýanynda ak gyz
hem uçup barýar!
--Perizadym, biz arşy agla uçup barýarys!... uçup barýarys!...
***
Gurtguýy atly gum obajygy. Guýuda bary-ýogy edi-sekiz hojalyk
ýaşaýar. Ýaş oglanjyklar çapyp barýan düýä münmeşek jedelini
edýärler. Berdi atly garagol oglan:
-- Sen Şahym aganyň däli inerine ylgap barýarka münüp bilseň, men
garry inerimiziň guýrugyndan tutup, ýere çalyp uraryn.
-- Men inere münerin, ýöne sen başarmarsyň –diýip Hally jedirdeýär.
--Gel jedel edeli!
--Gel
Olar külbike barmaklaryny salamlaşdyryp jedel edýär. Hally
Şahym aganyň otlap ýören inerini kowalap başlaýar. Mazaly iner-de
öwrendikli bolan şekilli, on iki ýaşly Hallynyň öýünde patanaklap
gaçýar. Hally ylgap ineri ýetýär-de aýagynyň başam barmagy bilen
süýem barmagynyň syňragyny düýäniň art aýagynyň sinirine basyp,
ylgap diýen ýaly ineriň üstüne münýär…
Oglanlar gygyryşyp şowhunyny ýetirýär…
Soňra Berdi bir düýäni kowalap barýar, Berdi bolaýsa on dört
ýaşynda, Düýe aýaklaryny jüpläp her bökende üç-dört metre zyňylýar.
Berdi düýäniň guýrugyndan tutup, jüpläp bökeninde gapdala silkip
goýberýär. Düýe janawer patlap ýanyn düşýär, içikýär. Aýaklaryny
debşenekledip, ýerinden zordan turýar. Durdy Ýolbars oglunyň
garagollugyny görüp, oňa bakan ok bolup ylgaýar. Berdi jyrraýlyp
gaçýar.
9
Durdy Ýolbars: -Men seniň hamyňy sypyryp Nesimi edýän eşşek
ataly! –diýip gygyrýar…
***
Üç adamlyk kiçijek uçar asmandan uçup gelýär.Uçarman harby
adam. Onuň ýanynda çaksyz owadan gyz otyr, ýaşy bolaýsa on ýedi.
Onuň towar-towap ak saçlary şaglawuk ýaly eginlekden desselenip
sagrysyna baryp ýetýär. Egninde gymmatbaha sütükli ak possun. Yzda
çaklanja çemodan hem owadan gaplyja skripka.
Harby adam: - Moskwa haçan gidýäň?
-Ýene dört günden…
Gyz ýaňadan sazak tokaýly çölüstany synlaýar.
Uçarman sazak tokaýlygynda alty-ýedi sany atlyny görýär. Atlylaram
uçary görýär.
-- Jüneýit hanyň bandalary!
Aşakdan atlylar uçary atyp başlaýarlar. Harby adamyň gahary gelýär.
-- Aňkasy aşanlar! Gör-le, bukulmanyň deregne!—diýip, uçarman uçary
ýokaryk galdyryp yzyna aýlanýar. Gyz ýalbarýar.
Uçarman: - Duşmana rehim edip bolmaz! Onda-da ot açýan duşmana!
Samolýot asmandan pessaýlap-pikirläp atlylary pulemýot okuna tutýar,
galtamanlar dumly-duşa pytyrap uçary atýarlar. Iki atly atyndan agýar,
biri aty bilen agdarylýar. Uçar ýaňadan aýlaw edip gelşine dyr pytrak
bolan atlylary pulemýot okuna tutýar. Ýene göge galyp ýaňadan pikirläp
olary oka tutýar. Atlylaram garadan gaýdýanlar däl, pöwhe-de pöwhe
atýarlar. Birden uçaryň sesi üýtgeýär: patyr-putur ses çykyp başlaýar.
Gyzyň gözleri höwlenýär. Uçarman dürli priborlary, tilsimatlary
barlaşdyrýar.
--Işler pyrryk!...
--Men saňa aýtmadymmy?
--Elwirajan gorkma!Gorkma!
Uçar patyrdap barýar, atlylar yzda galýar, uçar gitdigiçe pessaýlaýar.
Uçarmanyň maňlaýy derleýär.
Ol:- Men gonmaly boldum… Hol takyrlyga ýetip bilsem boldugym…
Sen gaç, hol sazaklykda bukul! Men hile bilen galan duşmany hem
pürrelärin. Soň uçary oňaryp, ýaňadan Aşgabada uçarys…
Uçar ýere golaýlap gelýär.
Birden maňa bir zat bolaýsa.. gaçgyn… bäş-alty kilometrlikde obajyk
bardyr. Türkmenler örän gowy halkdyr… Olar saňa kömek eder…
10
Uçar gonýar. Gyz düşüp sazaklyga tarap gaçýar, jan edip
ylgaýar… Sazaklyga barýar. Uçarman kabinada ölen bolup ýatýar. Üç
atly üç tarapdan hüşgär synlap gelýär… Uçarman ýatyr… Olar gaty
golaý gelýär.. Gyz sazaklykdan seredýär…Atlylar golaý gelende
uçarman iki sapançaly, iki tarapdakyny atýar, olar atdan agýar, üçünji
uçara granat oklaýar. Samolýot uçarmany bilen partlaýar. Gyzyl ýalyn
tüsse asmana göterilýär. Gyz ýüzüni tutup aglap gaçyp başlaýar…
Gyzyň demi-demine ýetenok, ýöne ol şonda-da gaçyp gelýär. Janam
sűýji-dä! Ol bir alaňdan aşýar, görse hanha oýda guýy bar. Guýynyň
bärsinde belent gurlan bassyrma. Onda gyşyň sowugynda ýylkylar
bolýar. Onuň aňyr ýanynda guýy. Guýudan kyrk-elli ädim aňyrda bolsa
tamkepbe.
Gyz bassyrmadan geçýä weli, hanha alysdan űç sany äpet it gyzy
görűp okdyrylýar. Gyz gorkýar, aljyraýar. Bassyrma seredip, oňa çykyp
bilmejegini bilýär. Eýýäm itler tamkepbä ýetip gelýär. Gyz aljyrap guýa
seredýär. Guýynyň erňegi ýerden bir metre golaý ýokarda. Onuň iki
tarapyna dikilen utunyň űstűnde çarh bar. Gyz çarha çykyp bilse, itleriň
ýarmajagyna ynandy. Ol jaýdan adam çykar tamasy bilen çasly gygyryp
guýa bardy. Guýynyň erňegine çykyp, çarha műnjek boldy. Gowasy
gurasyn diýlip çarhyň űstűne çykarylyp goýlupdyr. Gyz çarhyň űstűne
műndi, indi ony itler ýaryp biljek däldi, ýöne çarh gowşak daňlan eken,
gyz deňagramlygyny ýitirende ol gowa bilen aýlanyp gitdi guýynyň
içine! Itler guýudan çykan çirkin sese űýrüp başladylar…
***
Gurban gyzyldişiň ogly ʼnwez tentek hem ýylkybandy, ýöne derýa
onuň goşda bolanyndan bolmanyny gowy görýärdi. Şol sebäplem ʼnwez
köplenç onuň azygyny-suwlugyny daşaýardy. ʼnwez horjunyny egnine
atyp pyýadalap, aýdyma zowladyp barýar. Ol her aýdymdan birki bent
bileni űçin, her aňňda bir aýdyma gygyrýar.
Pikir-dä, tentegem bolsaň geliberýär-dä! ʼnwez tentegiň kellesine
Derýany gorkuzmak pikiri geldi. Ol tapan hokgasyna hoş bolup gűlűp
başlady.
--Derýa han, seni gorkuzyp wägirdişime bir bak!
Ol guýa golaýlap, gyşda atlaryň saklanýan beýik bassyrmasyna
dublandy. Dişirgendi, guýynyň şemalynda edilen ýylgyn tamkepbede
Derýanyň sesi gelýär. Ol bassyrma bukulyp, tamkepbeden Derýanyň
çykaryna garaşyp diň salmaga durdy. Bir salymdan tamkepbäniň
gapysy açyldy. ʼnwez horjuny gapdalynda goýup, donuny gaňryp başyna
bűräp eýmenç gygyryp tamkepbä tarap ylgady. Ŷöne tamkepbeden
11
çykan Derýa däl-de Elwirady. Jaýdan alty-ýedi ädim daşlaşan Elwira
ʼnweziň sesinden, bolup gelşinden gorkup şeýle bir jynssyz gygyrdy.
ʼnwez tenregiň haýýady göçűp, donuny göterip, gyzy görűp göterdi
ökjäni, özem şeýle bir çirkin gygyrýardy weli, gyzyň sesi dagy
gykylygam däldi.
ʼnwez ýykylyp-sűrşűp janajygyna gaçýardy, ol birnäçe aňňatdan aşyp
yzyna garap, daljygyp ýykyldy, ýöne petreşen gözleri yzynda.
Dűnýä imisala töwerek asuda. ʼnwez oýlanyp başlady, ýöne içinden
oýlanýany daşyndan bolýardy.
--Eý, Taňrym! Gözűme görnendir-le! Daşly guýyda ýalaňaç gyz näm
işlesin?! Ŷok , ondan gyz bolmaz! Heý ak saçlam bir gyz bormy?!...
albassydyr! Arwahdyr!...Horjunam galypdyr. Bäh, ony nirede
galdyrdymkam? Päheý ʼnwez tentek diýilse ʼnwez tentek ekeniň-ow!
Gurban gyzyl diş gören bolsa hamymy sypyrdy!...Hany Gurban gyzyl
dişiň ogly bol!
Garasaý, ol ýűregine daşa baglap yzyna dolandy. Ol gorka-gorka
bassyrma duwlanyp bardy guýynyň bäri ýanyndan.Elwira bu mahal
geýnip, saçlaryny darap, arkanlygyna desseläp goýberipdi. Ol gorkanyna
utanyp, bassyrmanyň ýerleşen belentligine çykyp gorkan oglanynyň
yzyndan garap görmekçi boldy. Şol mahal bassyrmanyň burçundan
aýlanan ʼnwez gyz bilen pete-pet gabat geldi. ʼnwez ýaňadan bir gygyryp
gaçandyr, oňkiniň çakam bolmady. Elwira-da onuň yzyndan gygyryp:
--Gorkma, gorkma , men adaty gyz-diýip ʼnweziň yzyndan ylgady.
ʼnwez bir gaňrylyp garanda ak köýnekli ak saçlary seçelenip gelýän
albassyny görűp şeýle bir gidendir, öz gykylygynyň yzyndan ýetip
geçdi! Şeýdip ʼnwez tentek dűnýäde ilkinji bolup sesden ozdy, emme o
zaman Ginnesiň kitaby barmy!
Etek alty ýeň ýedi ýykylyp-sűrşűp, elem-tas bolup Gurtguýy obasyna
giren ʼnwez Durdy Ŷolbarsa gujagyna gysyp:
--ʼnwez! ʼnwezjan! Näme gördűň? Gorkma! Gorkma!
ʼnwez saňňyldap, sazanaklap gepläp bilmän zol yzyna ýalt-ýult edip
ýuwdunyp dur.
ʼnweze suw içirip:
--Öwezjan, hany özüňi dürse! Gorkma, sen obada ahyry!
--ʼnwez sakawlap-sakawlap ahyry:
--Gyz gördűm-diýdi. Onuň daşyny alyp duran guýulylar gűlűşdiler.
Durdy Ŷolbars:
--Päheý-de weli! Gyz göreňde beýdip sazanaklap ýörseň, erte Gurban
gyzyldyş seni nädip öýererkä? Adamlar ýene gűlűşdiler.
12
--Daşly guýuda…çuw ýalaňac gyz gördűm…--Adamlar ýene
gűlűşdiler. Durdy Ŷolbars:
--Haý bagty çűwen! Çuw ýalaňaç gyz görűbem gaçarlarmy?
--Ow, ol arwah gyz…Saçlaram çuw ak, endam-janam çuw ak,
köýnegem çuw-ak!
Durdy Ŷolbars ʼnweziň gözlerini petredip, sözlerini agyzdan gaçyryp
durşuny synlap
--Päheý, zűwwetdin! Ŷerine gelen şeýle bolsa, giden dagy nähilikä!
Adamlar gűlűşýär. Aňyrdan apaň-araň gelýän Gurban gyzyldiş
oglunyň wejera bolup durşuna bir ölűp bilmedi. Ol gelşine ʼnwezi
gamçylap başlady. Her hal ara Durdy Ŷolbars girip, ʼnwez gaçyp
ýetişmedik bolsa neressäniň işi gaýtjakdy.
Durdy Ŷolbars:
--Gurban, şahym agany çagyrt! Ol ýöne gorkanyň işi däl…
Garasaý ʼnwez tentek Gurtguýy obasynyň gűrrűňini täzeledi.
Gyzyň guýudan çykanyna dört gün bolupdyr. Ol mazaly gutulypdyr.
Olar daşda. Derýa sygyrýar Ýylkylaryň içinden kişňäp ak at gelýär. Ol:
--Elwira, munuň ady Garçgaý! Ahal alasynyň saýlama aty. –diýip, ol
Garçgaýy eýerläp başlaýar. Gyz gorky-ürküsiz „Gargaý, Gargaý!―
diýip atyň boýnundan sypalaýar.
Ol Derýanyň elinden irişme bilen gamçyny alýar, tamkepbäniň ýanyna
basylan gyş odunyna ýanap ata münçek bolýar. Derýa:
--Ýok, ýok, münjek bolma, çyrpynyp duran Garçgaýym seni ýykar!
Gyz ýanyn oturýar. Derýa:
--Elwira, ata beýdip münülmeýär. – diýip gülýär.
Elwira atyň boýnuna kakýar, soňra gözlerini höwlendirip gyzyň
ýykylaryndan gorkup duran Derýa jilwe taşlap atyň sagrysyna gamçy
çalýar. At tüweleýläp gidýär. Derýanyň janynda jan galman atyň
yzyndan ylgaýar.
-- Garçgaý, Garçgaý, saklan, gyzy ýykarsyň! Perizadymy ýykarsyň!...
Emma ýykyl nire, görk nire! Elwira şowhun edip Garçgaýy ýüzin salyp
takyrlyk bilen guw gidýär. Derýa ank bolup, şok galýar:
--Akmak sen, Derýa! Allajan seni beýik maksada ýetirmek üçin perizat
berýär! Heý ol perizadam atdan ýykylarmy? ....Ýene kepderä
öwrüläýmezmi?...
***
Gyşyň başynda Ýolamanyň aýaly Ogulla zyýan tapynypdy.
Ýolaman aýaly bilen iki hepde Garry çyrla obasynda, aýalyny Halap
pire okudyp, Gurtguýa gelýärdi. Aýaly birkemsiz gutulypdy. Ogulla
13
öňde eşekli, yzda Ýolaman. Ýol sazak tokaýlygynyň içi bilen gelýä.
Ýolaman jaý jogabyny etmek üçiň gabaryp duran sazaklygyň aňyrsyna
dolandy.
Ýol tokaýlykdan takyrlyga çykdy. Birden Ogulla jajaýlap
çirkinden çirken gygyrdy. Ýolamanyň depesaçy syh-syh bolup, hajatyny
taşlap aýalyna tarap yglap barşyna, aýaly ýene dälirändir öýdüp gorkup,
ol:
--Ogulla, gorkma! Bardym Ogulla! Gorkma!..
Ogulla eşigini çapdyryp aldygyna saýgylap hanha guw gidip
barýar. Ýolaman töweregine nazar aýlanda ak atly, ak köýnekli, dessedesse ak saçlary şemala oýnaýan Elwirana görüp ank boldy. Ol gyzdan
gözüni aýyrman, dyzyna çökdi. Elwira olaryň özinden bilip öz dilinde
―gorkmaň, gorkmaň, men bir adaty gyz ahyry― diýip ýylgyrýardy.
Ýylgyryşdan, nurdan ýaradylan ýaly owadan gyzy Ýolaman ertekilerde
eşitýän perizadydyr öýtdi. Gözlerini güldürip duran owadan gyza ank
bolup, oňa tarap dyzanaklap ugrady. Ol nämedir bir zat samraýardy,
ýöne düşüner ýaly däldi. Ýolaman gudrat gören ýaly keramat gören ýaly
iki gollaryny galdyryp dyzanaklap barýar. Ogulla allawaradan:
--Gaç ahyry! Ýolaman gaç!
Gyz näderini bilmän owadan ýylgyryp atynyň başyny öwürüp gamçy
çaldy. Mes at tüweleýläp gitdi. Ýolaman:
--Perizat! Hüýr-melek!.... Ogulla, perizat maňa gözini güldürdi!—diýip
şindem dyzanaklap yzyndan garap dur.....
Öwez tentekden bir gün soň Ýolaman bilen Ogulla-da gurtguýynyň
gürrüňini täzeledi.
Derýa bilen Elwira atlaryny ýüzün salyp barýarlar. Düňle çölde at
toýnaklary ajaýyp mukam çalýar. Derýa ýylgyryp Elwira seredýär.
Elwira ýylgyryp Derýa seredýär.
Derýa äpet aňňatdan aşyp, saýa gelip atyň başyny çekdi, Elwirada
saklandy. Olar atdan düşdiler. Derýa gyza düşmäne hemaýat berdi. Ol
--Suwperim, ynha, biz Garagumyň ýüregine geldik! -- ellerini gerýär—
Şundan şeýläk entek dünýe döräp duşman toýnagy seken däldir! Maňa
ynanaý, mundan beýläk keramatly, gudratly ýer başlanýar. Häzir
görkezeýin.....
Derýa çäge ýeri elleri bilen gazyp ojak şekilli bir zat etdi. Bir gysym
selini alyp tutaşdylyk edip, kükürt çykaryp, seline ot berdi. Ol ýanyp
duran selni ojaga oklady.
Ojak güpläp ýanyp başlady. Elwira gözlerini tegeläp ank boldy....
--Gurbany bolaýyn, gudratly ýer –dä! Gör ýanaýşyny!
14
Derýa gapdalda ýatan jagrama oduny ojaga atdy, onuň bir tarapy
kemsiz tutaşyp ýanyp başlansoň, gyzyň elinden tutup, gurruk guýynyň
ýanyna eltdi.
--Seret, muňa gurruk guýy diýerler!
Gyz eglip guýunyň içine seretdi. Derýa gyzy yza çekip, ýanyp duran
kesindini guýa atdy. Guýy partlap, bir salymdan tüweleýläp ýalyn
asmana galdy. Elwira gorkusyna ýigidiň gujagyna doldy.
--Gorkma, janam, gorkma! ... gudratly, keramatly ýer bu ýerler. Bu
taýda gije dagy ýataýsaň gara basyp, ýatyrmaýar.
Ol gyzy äpet sazagyň ýanyna eltip:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Garagumuň ýüregi - 2
  • Parts
  • Garagumuň ýüregi - 1
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2044
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 2
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2093
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Garagumuň ýüregi - 3
    Total number of words is 416
    Total number of unique words is 288
    43.3 of words are in the 2000 most common words
    55.9 of words are in the 5000 most common words
    62.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.