Latin

Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4

Total number of words is 3322
Total number of unique words is 1883
26.5 of words are in the 2000 most common words
36.4 of words are in the 5000 most common words
42.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
soraglaram berilýär. Bu neşirýata başbitin çözdürjek mesele däl, muña kitap
söwdasy guramalarynyñ hem baş galdyrmagy gerek, edebi tankyda, edebiýaty
öwrenişe bolsun diýen niýet gerek.
T.Jumageldiýew dogry belläp geçdi, edebi tankyt üçin üýşüp, edebi tankyt hakda
az gürrüñ edýäris, çykyşlaryñ birentegi özge žanrlara sowlup gitdi, käbirinde bolsa
hiç bir žanra, aslynda, edebiýata dahyly bolmadyk gürrüñler edildi. Çeninden, "Açaçan gürrüñ" diýilýän zada bir taraply düşünýän bolmaga çemelimiz. "Açaçanlyga" geçip, özgänin kemçiligi hakda aýdýarkak, özümiz, öz sözümiz baradada oýlanmasak bolmaz. Men muny A.Welsaparowyñ çykyşyny göz öñüne tutup
aýdýaryn. Dogry, N.Hojageldiýewiñ dokladynda subýektiw äheñler ýok diýip
boljak däl. Ýöne subýektiwizm meselede A.Welsaparowyñ özi hiç kimden kem
oturmady, dilewar jümlelere, emosiýaly ritorikalara agram berlip edilen çykyşyñ
tendensiýalydygy hakda aýtmanymyzda-da, Magtymguly we realizm meselesinde,
J.Allakowyñ, D.Nuralyýewiñ makalalary baradaky ýañsyly gürrüñlerinde
edebiýatyñ, edebi tankydyñ bähbidi aralmaýandygy düşnükli boldy. Onsoñam juda
aýdyñ bir hakykat bar: ÖWRETMEK ÜÇIN ILKI ÖZÜÑ ÖWRENMELIDIR.
Sözümiziñ ahyrynda edebi tankyda bagyşlanan bu giñişleýin maslahatyñ juda
peýdaly bolandygyny aýtmakçy. Galyberse-de, edebi tankydyñ medeniýetine
ähmiýet bermelidigimizi, ondanam has derwaýys mesele - TANKYDY KABUL
ETMEK, DOGRY NETIJE ÇYKARMAK MEDENIÝETIMIZIÑ heniz-henizler
juda bärden gaýdýandygyny şu maslahat bütin dolulygynda äşgär etdi.
▶ Abdyrahman MÜLKAMANOW:
- Türkmen klassyk edebiýatynyñ wekilleri barasynda ýazylýan eserler we
olardaky bärden gaýtmalar dogrusynda hem aýdyldy. Şunuñ bilen baglanyşykly bir
zady nygtasym gelýär. Klassyk şahyrlarymyz hakynda ýazýan ýazyjynyñ hökmany
suratda TSSR YA-nyñ Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyñ
golýazmalar fondunda saklanýan materiallary özleşdirmegi zerur. Şol
materiallaryñ 600-e golaý bukjasy Magtymgula degişli. Şolaryñ 100-e golaýy arap
hatyndaky doly golýazma diwany, 200 töweregi doly däl diwan, onlarça daşbasma
nusgalary, dürli ýyllarda halk arasyndan ýazylyp getirilen şahyr baradaky
gürrüñler, rowaýatlar, maglumatlar. Obýektiw sebäplere görä, Magtymgulynyñ
şygyr mirasynyñ ählisiniñ çap edilmeýändigini hem ýatlalyñ. Şahyryñ çap
edilmeýän eserleriniñ möçberi iki-üç kitaplyk bar. (Biz şolary 1970-nji ýylda
toplap, häzirki elipbiýde, maşynkadan geçen görnüşiniñ bir ekzemlýaryny
golýazmalar fonduna tabşyrypdyk). Eger Magtymguly hakda eser ýazýan awtor
şahyryñ neşirlerinden başga çap edilmedik eserlerini hem öwrense, her bir setiriniñ
onlarça tapawutly, ýöne biri-birinden çeper görnüşde gelýän wariantlaryny
özleşdirse, şahyryñ gözýetiminiñ nähili giñ bolandygyny, eserleriniñ ýöne bir
şygyr däl-de, ylymdygyna, akyldygyna has doly göz ýetirjekdigi, şahyryñ
obrazyny has göwnejaý döretjekdigi bellidir. Emma ýazyjylarymyz şeýle
materiallary öwrenmeýärler. Şeýle materiallary esere baha berýän tankytçynyñ has
beter öwrenmelidigi öz-özünden düşnükli.
Rahym Magtymowiç öz çykyşynda Magtymgulynyñ eserleriniñ rus diline terjime
edilişiniñ göwnejaý däldigini dogry belledi. Hakykatdan hem şahyryñ
şygyrlarynyñ rusça terjimesiniñ köp essesi okyjynyñ lapyny keç edýär.
Men Magtymgulynyñ eserlerini täzeden terjime etmegi arap-pars dillerini, türki
dilleri, şol sanda türkmen dilini bilýän we türkmençeden göni terjime edip biljek
Leningrad uniwersitetiniñ professory, şahyr-terjimeçi Sergeý Iwanowdan haýyş
etmegi teklip edýärin.
Bu ýerde G.Kulyýewiñ "Magtymguly" romany hakda hem gürrüñ gitdi. Bu barada
jedel köp boldy. Bu taryhy roman geljekde çuñ işleniler diýip pikir edýäris. Ýöne
bu eser hakda tankyt taryh esasynda ylmy çemeleşmelidir. Şeýle çuñ analiziñ
ýazylmagy bolsa zerur, ol awtora kömek eder.
Gadymy we klassyky edebiýatymyzy işlemekde ylmy kadrlaryñ ýetmeýänligi
hakda hem dogry aýtdylar. Dogrusyny aýtsak, käbir şyltakçylar orta asyr edebiýaty
boýunça işleýän alymlaryñ işden elini sowatdylar. Mysala ýüzleneliñ. Men 1970nji ýylyñ başynda XVII asyrda Kiçi Aziýada ýaşap geçen Garajaoglanyñ 500-e
golaý şygrynyñ tekstini taýýarlapdym. Ol alymlaryñ, edebiýatçylaryñ
maslahatynda oñat baha aldy. Ýygyndyny Berdi Kerbabaýew redaktirläp, 1973-nji
ýylyñ plany boýunça "Türkmenistan" neşirýaty" neşir etmelidi. Birden ýygyndyny
çap etmeli däl diýip, täsirli ýerden buýruk geldi. "Entek garaşmaly!" diýdiler. Indi
on bäş ýyl bäri Garajaoglan garañky künjekden çykman garaşýar.
Ýene bir mesele bar. Bizde "Gorkut ata", Magrupynyñ "Ýusup-Ahmet",
Şabendäniñ "Hojamberdi" dessanlary gadagan edilipdi. Bizde şol "gadagan
zolagyndan" çykmaga çak bolmadymyka? Goñşymyz Azerbaýjanda "Däde
Gorkut" baryp, 1950-nji ýyllardan bäri öwrenilýär we çap edilip gelinýär. Şu
mesele hem özüniñ çözgüdine garaşýar.
▶ Sapar ÖRÄÝEW:
- Çeper eser bir adam, bir oba hakynda ýazylsa-da, şol bir adam, şol bir oba üçin
ýazylanok. Ol tutuş adamzada hyzmat etmelidir. Adamlar görnüşleri, gylykhäsiýetleri, ýaşaýyş, durmuş obrazlary boýunça dürli-dürli. Şol bir wagtyñ özünde
olary birleşdirýän birmeñzeş beýik ideallar hem kän. Ylaýta-da häzir. Şolaryñ biride berk parahatçylykdyr. Şu mahal parahatçylyk ýer ýüzünde ýaşaýan janlyjandaryñ, tutuş zeminiñ ykbalyna öwrüldi. Esasy materialy adam bolan çeper
eseriñ şol zerurlygy her bir adamyñ añyna ýetirmekde, pugta parahatçylygy
berkarar etmäge her bir adamy galkyndyrmakda bitirýän hyzmaty uludyr. Onuñ
hyzmatlary has ýokary götermek, ösdürmek üçin bolsa edebi güýçleriñ birleşen
tagallasy, birleşen hereketi gerek.
Edebi tankyt bilen iş salyşýan her bir adam döredijilik adamlarynyñ ýakyn
maslahatçysy bolmaly. Maslahatçy bolmak üçin bolsa has köp bilmek derwaýys.
Ýazyjynyñ galyp barýan belentligine edebi tankytçy ondan has öñ galan bolmaly,
hemişe öñde gitmeli. Şeýdibem ýazyjyny ýalñyşsyz ýol bilen, dogry hereket
etmäge ganatlandyrmaly. Tankyt talap edijilik bilen birlikde öwrediji, ynandyryjy,
hoşniýetli pikirleri hemişe hemra edinmeli. Gynansak-da, käbir tankytçylar
tankydy temmi bermek guralyna öwürjwk bolýarlar. Dogry, günäli temmi almaly.
Ýöne tankydy taýaga öwürmeli däl.
Söz ýykylany galdyrybam bilýär, dik durany heläkläbem bilýär. Şonuñ üçinem
ondan gaty ähtibar peýdalanmak gerek. Tankytçy çeper esere diagnoz goýujy
wraçdyr. Wraç syrkawa derman bermezden öñ onuñ derdini kesgitleýär. Ony takyk
kesgitlemän derman berýän tebibiñ syrkawy galdyrman, öldürmegi mümkin. Şoña
görä-de has takyk, has dogry hereket etmek zerur.
Her ýazyjy miweli daragta barabar bolsa, tankytçy bagbandyr. Bagban her
daragtyñ häsiýetine, ösüş, miwe getiriş prosesine belet bolmalydyr. Şonda ol agaç
has köp, has şirin miwe getirer ýaly alada etmeli. Agajy gysýan, bigerek hapahaşallardan arassalap, miwesiz şahalary nädip aýyrmalydygyny aýdyp durmaly.
Biziñ respublikamyzyñ edebi tankydy bilen iş salyşýanlaryñ çeper eser
döretmeýäni ýok diýseñem boljak. Biz oña garşy däl. Ol bizi begendirýär. Ýöne
edebi eserleriñ ussatlyk, çeperçilik derejesini kesgitleýän, olara baha berýän
adamlaryñ özleri gowşak ýazsalar, munuñ özi has-da geçirimsizdir. Allamyrat
Garaýew bilen Begmyrat Ussaýew özlerini tapylgysyz tankytçy hasap edişleri
ýaly, özlerini talantly şahyram hasap edýärler. Emma olaryñ ýazýan goşgulary
köplenç çeperçilik taýdan juda gowşak çykýar. Ony aýtsañ, olar ör-gökden
gelýärler.
Tankytçy hemme tarapdan görelde bolmalydyr, oña hukuk gazanmalydyr.
Tankytçy gowşak eser ýazsa, ýaş şahyryñ gowşak eserinden erbetdir.
▶ Akmyrat HOJANYÝAZOW:
- Türkmen edebi tankydy ýaş güýçleriñ hasabyna ösdürilmese, öñki tankytçylar
azlyk edýär. Arassa, açyk, adamkärçilikli, bir-birege sarpa goýýan, çynlakaý tankyt
okyjy üçin peýdaly.
Türkmen edebi tankydy çeper terjimäniñ meselelerine az üns berýär. Terjime
edilýän eserleriñ hili barada gürrüñ edilmeýär diýen ýaly. Türkmençe okaýan
okyjylar Eduardas Meželaýtisiñ adyny köp eşidýärler. Ýöne onuñ poeziýasynyñ
hakyky belentligini Saparmyrat Öwezberdiýewiñ terjimesi arkaly göz öñüne
getirmek mümkin däl. Bu terjimeler okyjynyñ ýüregine ýeterden gowşak. Edebi
tankyt şeýle gowşak terjimeleriñ öñüne böwet basmaly. Öz zehiniñ ýagdaýyny
bilmän, şeýle güýçli poeziýany terjime edip, harlamak nämä gerek?
Ine, biziñ tankydymyz şu zatlar hakda hem oýlansa gowy bolar.
▶ Hajy KAKALYÝEW:
- Men şu bolup geçýän zatlara ýürekden gynanýaryn. Iki gün bäri biz näme hakda
gürrüñ edýäris. Iñ bir derwaýys mesele hakda, ýöne zeýrençli we igençli sözlerem
ýetik. Şunda tireparazlyk bar hasap edýärin. Bu täzd hadysa däl, onlarça ýyllaryñ
dowamynda onuñ agzalalyk döredýäniniñ şaýady bolup gelýäris. Emma şu ýigrenji
zat barada köplenç dymýarys. Onsoñ, bu gün şu mesele biziñ milli
betbagtçylygymyza öwrülýär. Birleri hüjüm edýär, beýlekileri goranýarlar. Ýeñýän
bolsa bolmandy, häzirem ýok, bolmazam.
Şu ýagdaýdan çykalga ýokmy? Bar diýip pikir edýärin. Ýöne şunda jemgyýetçilik
pikiriniñ güýjüni ulanmak gerek. Şeýle bölünişige meçew berýän belli-belli
adamlaryñ ýüzünden perdesinu syrmak gerek.
Bize, ýaş şahyrlara we ýazyjylara üns berlişi ýaramaz. Ýaşlar hakynda hakyky
alada az. Şol sebäpdenem ýaşlar bir topardan başga topara goşulýarlar, umumy işiñ
hatyrasyna däl-de, diñe özlerine peýda gözleýärler. Biri bilen gürleşseñ beýlekiler
gyýa bakýarlar, beýlekiler bilen gürrüñdeş bolsañ, öñküler gözlerini alardýarlar.
Şu-da käbir ýaşlaryñ arasynda prinsipsizligi, ýöwselligi döredýär. Bu meselede
berk durmak üçin ägirt graždanlyk mertligi gerek, paýhasly akyl hem paýhasly
ýürek gerek. Özüm hakda aýtsam, men şeýle ýaramaz hadysany näletleýärin. tutuş
sowet halkynyñ anyk pozisiýasynda durup, hemmeleri-de jebisleşikli herekete
çagyrýaryn. Başga maksat bolup bilmez. Biziñ milli guwanjymyzy harlaýan
gepden-gybatdan daş durup, öz ýüzümizi halkymyzyñ aladalaryna tarap öwreliñ,
biziñ beýik zamanamyza bap gelýän ajaýyp eserler döredeliñ.
▶ Berdinazar HUDAÝNAZAROW:
- Durgunlyk ýyllary öz etjegini etdi: çeper tankyt ýüzgörüjilige ýüz urdy, her kim
özüne baha bermäge başlady. Mälim bolşy ýaly, özüne pes baha berýän ýok diýen
ýaly. Hemmeleri deñ aýakdan sürme meýli-de uzak ýyllaryñ dowamynda
Ýazyjylar soýuzynyñ ýolbaşçylary tarapyndan ýazgarylman geldi.
Tankydy ösdürmegiñ aladasy tankytçy hakyndaky anyk alada öwrülse, diñe şonda
peýda berip biler. Dogryñy aýtmak añsat däl, dogryñy aýtsañ senden ýüzüni
sowýanam tapylýar, öýkeleýänem. Bularyñ üstesine-de tankydy makalalary kitap
edip çykartmak kyn. Şu ýagdaý ukyply adamlaryñ bu žanrdan daşlaşmagyna ýa-da
sowaşmagyna getirdi. Emma tankyt ýarym göwün bilen işlemegi halamaýar...
Ýazyjylaryñ soýuzy soñky ýyllarda geçirilen bütinsoýuz gurultaýynda,
plenumlarda biziñ milli edebiýatymyz babatda hiç zat agzalmady diýen ýaly.
"Литературная газета"-nyñ sahypalarynda türkmen sowet edebiýatyna berilýän
orun nega-da berilýän bäş setirlik informasiýa bilen çäklenýär. Merkezi
metbugatda "Gündogar poeziýasyna", dogrusyny aýtsañ, möwriti geçen poeziýa
hökmünde garalýandygynyñ faktlaryny biz bilýäris. Öz zadyñy çap etdirmek üçin
talantly bolanyñdan ugurtapyjy bolanyñ kem däl ýaly... Emma biziñ
bazarlarymyzda öz dokan gymmatbahaly, müñ öwüşginli el halysynyñ üstünde
harydyna hyrydar tapjak bolup oda-köze düşmän, buýsanç bilen çaý içip oturan
adamlara syn ediñ. Görene el serip, halysyna hyrydar gözläp ýörmegi olar özlerine
kiçilik bilýärler. Çyn şahyram şeýle. Ýöne biziñ goşgularymyz propoganda mätäç.
Biz üçin tankytçy şol propogandist.
Tankydy halaýan adam bardyr öýdemok. Ýöne tankyt bilen her edip-hesip edip
kimdir birine şyltak atjak bolmagyñ tapawudy bar... "Tankytçynyñ" kime näme
diýjegi heniz tribuna çykmanka saba mälimkä, ony diñläsiñ gelenok. Men özümi
geniý hasaplamok. Men öwrenýärin. Ýöne mynasyp ussatlardan öwrenýärin.
Milli çeperçilik medeniýetimiziñ ösüşiniñ häzirki döwründe akylly-başly,
hoşniýetli, professional derejedäki tankydy pikiriñ zerurdygyny biz iññän ýiti
duýýarys.
▶ Atamyrat ATABAÝEW:
- Tankyt hakyndaky şu günki gürrüñe merkezden gelen abraýly tankytçylaryñ
hem gelip goşulmagy bizi begendirýär. Biz şeýle aç-aç-açan gürrüñe kän garaşdyk.
Edilýän çykyşlardan çen tutsak, biziñ hemmämiz bu gürrüñe çynlakaý taýynlyk
görüpdiris.
Durgunlyk ýyllarynda hem graždanlyk mertligi bilen çykyş eden, eser ýazan
ýazyjy-şahyrlarymyz boldy. Şeýle mertlik bilen ýazylan eserleriñ okyja
ýetmeginde kynçylyk çekilen hem bolsa, barybir şol eserler biziñ şu günümiziñ ~
täzeden gurmak döwrüniñ gelmegini tizleşdirdi. Ýöne şol batyrgaýlyk bilen eser
ýazan, kynçylyk gören ýazyjy-şahyrlar hem bu günki günde halt-halta ýüz uran
grafomanlar bilen deñ hatarda bolup galdylar. Öñki körzehinler şu gün:
"Pursat geldi, öñki ýyllarda bize kyn boldy" diýip gygyrsalar-da, olara asla kyn
bolmandy. Şeýle adamlar şu günem hakykatçy bolan bolup, öz sözlerini käte
diñledýärler. Hakyky talanta mydama kyn bolupdy. Ýöne olar häzirem kynçylyk
çekýärler. Sebäbi, gowy eser, çynlakaý eser ýazmak hiç kime añsat bolan däldir.
Emma şu günki günüñ geljegine ynam bilen ýaşap, erbetlige garşy göreşen
ýazyjylaryñ abraýy indi hasam ýokary göterildi.
Köp mahallap biziñ tankydymyz ýaş poeziýamyzda graždanlyk äheñleriniñ
ýokdugyny tekrarlady. Ýaş poeziýanyñ iñ talantly wekilleri Orazguly Annaýewiñ,
Nobatguly Rejebowyñ, Ahmet Gurbannepesowyñ, Gurbanýaz Daşgynowyñ,
Atajan Annaberdiýewiñ, Kakabaý Gurbanmyradowyñ, Tirkeş Sadykowyñ
döredijiliginde gowy graždanlyk goşgularynyñ bardygyny welin hiç kim inkär edip
bilmez.
Moskwaly dostlarymyz, gowy şahyrlar Ýuriý Kuznesow, Nowella Matweýewa,
Wadim Kuznesow, Gennadiý Krasnikow, Aleksandr Şuplow dagy biziñ iñ oñat
goşgularymyzy bütinsoýuz okyjysyna ýetirdi. Biziñ şahyrana neslimiziñ
bütinsoýuz okyjysyna ýetmegine gyýa göz bilen garaýan käbir ýoldaşlaryñ öz
galamdaşlarynyñ üstünligine begenmeýändigi bizi gynandyrýar.
Edebiýata düýrmegi bilen gulluk edýän tankytçy bizde ýok diýen ýaly. Elbetde,
tankytçy hem, tankyt hem ýok diýip bolmaz. Köp tankytçylar goşgy ýazmaga,
proza ýazmaga ýykgyn edip, tankydy esasy işiniñ gapdalyndan ýöredýärler.
Şeýlelikde olar ne tankydy gönendirýärler, ne prozany, ne poeziýany. Biz
moskwaly tankytçylar Swetlana Alyýewa, Pawel Ulýaşow, Wladimir Bondarenko
dagylara minnetdarlyk bildirmeli. Elbetde, käte biziñ edebiýatymyz hakda çyn
tankydy sözi aýtmak olara-da kyn düşýär. Olar bütinsoýuz metbugatda ol ýa-da
beýleki ýazyjy hakda tankydy bellik aýdaýsalar, bärden käbir ýoldaşlar gygyryp
başlaýarlar.
"Dat, bize başga ýeriñ tankytçysy gerek däl, olar eserleri ýazylan dilinde okap
bilmän, nädip baha bersinler. Öz edebiýatymyzyñ meselesini özümiz çözeris" we
ş.m...
Bu biziñ medeni derejämiziñ pesliginden nyşan. Eger bardy-geldi öwäýseler welin,
mümkin bolan ýerde olañ diýen sözlerini getirip, peýdalanyp başlaýarys.
Ençeme poeziýa kitabyny üýşürip, birbada okap çykan D.Nuralyýew ýaly
tankytçylaryñ şahyryñ ruhy ahwalatyna, haýsy goşgynyñ nähili ýagdaýda
dörändigine akyl ýetirip bilmejekdigi düşnükli zat. Köplenç tankytçylar şahyryñ
ruhy ahwalatyna öz ruhy ahwalatyndan, redaksiýanyñ tabşyrygyndan ugur alyp
çemeleşýärler. Ine, şu ýerden hem şahyr bilen tankytçynyñ arasyndaky
düşünişmezlik başlanýar. Gazetde ýazylan zatlara absolýut hakykat diýip düşünýän
okyjylar hem alasarmyk ýagdaýa sezewar bolýar. D.Nuralyýewiñ makalalaryny
täze döwrüñ sesi hökmünde düşündirjek bolýan adamlar ýalñyşdylar. Ol makalalar
jemgyýetiñ täzelenýän döwründäki köneçe ses.
Ine, şu günki gürrüñimizde emosiýanyñ güýçlüdigi, sesimizi gataldyp, birek-birege
igenmegimiz hem şu zatlardan gelip çykýar. Ýöne, meniñ pikirimce, indi
emosoýany - gykylygy azaldyp, umumy edebiýat işimiz üçin köp aladalansak, öz
döredijilik hem fiziki, ruhy güýçlerimizi edebiýaty ösdürmegiñ, hakyky dostlarça,
obýektiw tankydyñ ösmegine sarp etsek gowy bolardy.
▶ Maral ABAÝEWA,
filosofiýa ylymlarynyñ kandidaty:
- Indi ikinji günüñ içidir, bu zalda milli edebiýatyñ möhüm meseleleri barada
çynlakaý gürrüñ gidýär. Menem maslahatyñ temasyna belli bir derejede
baglanyşygy bolan käbir meseleleriñ üstünde durup geçmekçi.
Edebiýatyñ bir özûniñ ähli zatdan üzñelikde ösüşi mümkin däl. Respublikamyzyñ
Ýazyjylar soýuzynyñ işini diñe bir edebiýaty öwrenijileriñ däl, eýsem ideologiýa
frontunyñ jemgyýeti öwreniji alymlaryñ, filosoflaryñ, taryhçylaryñ, ýuristleriñ we
başgalaryñ işleri bilenem ýygjam aragatnaşykda alyp barmaga wagt ýetdi.
Adam faktorynyñ, taryhy faktlaryñ obýektiw şöhlelendirilişiniñ hem beýleki
meseleleriñ Ýazyjylar soýuzynda hem-de ylmy edaralaryñ alymlar sowetiniñ
mejlisinde bilelikde maslahatlaşylmagy göwnejaý bolardy.
SSKP MK-nyñ ýanwar Plenumynda milli gatnaşyklaryñ meselelerini derñeýän
käbir jemgyýeti öwrenijileriñ ähli zady "gülala-güllük" edip görkezendikleri
nygtalyp geçildi. Türkmenistan Kompartiýasynyñ MK-nyñ VII Plenumynda hem
şu meselä deglip geçildi. Soñky ýyllarda döredilen edebi eserler bu aýdylan
adalatly bellikleriñ ýazyjylara-da degişlidigini görkezdi.
Häzir döwrümiz internasionalizm, internasional terbiýe barada täze, has çuññur
talaplary öñe sürýär.
Sosialistik milletleriñ, milli medeniýetleriñ doganlyk gatnaşyklary sosializmde
kanuna laýyklykdyr. Döredijilik intelligensiýasynyñ dürli halklardan bolan
wekilleriniñ gatnaşmagynda bolup geçýän şu maslahatam muny tekrarlaýar.
Demokratiýanyñ, aýdyñlygyñ güýçlenýän häzirki şertleri milletler arasyndaky
gatnaşykda her bir adamyñ özünde ýokary medeniýeti terbiýelemegi talap edýär.
Bu ugurda ýüze çykýan ol ýa-da beýleki meseleleriñ oñyn çözgüdi marksistikleninçilik ideologiýa kämilligine, kommunistik ynamlylygyñ derejesine baglydyr.
▶ Hudaýberdi DURDYÝEW:
Biz bu ýere edebiýat hakda, edebiýat tankydy hakda uly hem çynlakaý gürrüñ
etmäge ýygnandyk. Beýle gürrüñiñ zerurlygy häzir biziñ jemgyýetimiziñ
ýaşaýşynyñ ähli sferalarynda bolup geçýän ullalan özgerişlerden gelip çykýar.
Täzeden gurmak döwri çeper edebiýatyñ missiýasynyñ täze belentligini kesgitledi.
Bu gün çeper edebiýat özüniñ adamlary päkleýjilik we terbiýeleýjilik roluny
hemme wagtdakysyndan has zor oýnamaly. Ýañy-ýakynda Moskwada SSSR
Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ plenumy bolup geçdi, şonda sowet
ýazyjylary ykdysadyýetiñ, syýasatyñ, moralyñ, umuman terbiýeçilik işiniñ örän
möhüm meseleleri hakda tolgunyp gürrüñ etdiler, Oktýabryñ ideallary, sosializmiñ,
halklaryñ hakyky doganlygynyñ ideallary ugrunda göreşijileriñ ençeme nesilleriniñ
yhlas-höwesi bilen döredilen gymmatlyklary aýap saklamagyñ, öñküden-de
baýlaşdyrmagyñ zerurdygyny öwran-öwran nygtadylar. Olar partiýanyñ we halkyñ
iñ belent ideallaryna ak ýürekden hyzmat etmäge, halkyñ iñ mukaddes oýarzuwlaryny, hyýal-umytlaryny añladyjy hökmünde Çeper Sözüñ sarpasyny hem
mertebesini saklamaga taýýardyklaryny bildirdiler.
Soñky ýyllar biziñ respublikamyzda obýektiw, professional tankydy pikiriñ
ösmegine ýaramaz täsir etdi diýmek bolar. Özem diñe bir biziñ respublikamyzdada däl. Şeýle bolansoñ, biz indi žanr hökmünde edebi tankydy güýçlendirmegiñ
hem kämilleşdirmegiñ, ony häzirki zamanyñ öñe süren wezipelerini çözmäge
ukyply etmegiñ täze formalaryny we serişdelerini gözleýäris.
Bu gün şu belent tribunadan her kim öz ýüregindäkini dökdi, her kim soñky
birnäçe ýyllar bäri özüne yza berýän agyrylary barada aýtdy. Ýöne men munda hiç
hili howatyrlanar ýaly zat göremok. Munuñ özi işe täzeçe çemeleşmegiñ,
aýanlygyñ ýüze çykarýan ajaýyp aýdyñlygydyr. Ýöne hemmämiz ähli
ýetmezlerimizi derrew düzedäýjek bolýarys. Ýetmezçiliklerimiz welin juda köp.
Şol sebäpli entek köp işleri etmeli bolar. Hatda biz edebiýatymyzda, şeýle hem
tankydymyzda goýberen kemçilikler, harsallyklar barada hem birek-birege heniz
doly düşünemzok. Pikirlerimiziñ gapma-garşy, çapraz gelýän ýerleri bar. Ine, şol
agyrylarymyz barada gürrüñ eden wagtymyz bize dostlarça, doganlarça
duýgudaşlyk bildirip, şol agyrylardan saplanmaga hemaýat etmäge çalyşýan bu
günki myhmanlarymyza minnedarlyk bildirýärin.
Dogry, çykyp geplän ýoldaşlaryñ birentegi edebiýatymyzdaky, umumy işimizdäki
şol kemçilikleri düzetmek üçin bir asudalyk, parahat ýagdaý döredeliñ diýýärler.
Ýöne, ýoldaşlar, parahat ýagdaý bolmaz. Onda-da tankyt barada gürrüñ gidýän
mahalynda hiç wagt parahat ýagdaýyñ bolmajagyny ýatladasym gelýär. Sebäbi
tankyt üçin ýokuş görenler-de, öýkelänler-de, hatda salamlaşman ýörenler-de
bolar. Aslyýetinde, tankydy halaýan ýok bolsa gerek. Esasy maksat biziñ öz
sözümiziñ, pikirimiziñ, orta atýan meselämiziñ dogrudygyny düşündirmegi
başarmagymyzdan ybaratdyr.
Biz döwrüñ derejesinde pikirlenmelidiris, tankydyñ täze tipi, edebiýatyñ täze tipi
barada oýlanmalydyrys. Biz pikirlenişiñ täze belentliklerine galmalydyrys.
Elbetde, bu zatlary bir demde düzedäýmek kyn. Bize güýçli, sowatly, medeniýetli
tankytçylar gerek. TSSR Ylymlar akademiýasynda we beýleki ýerlerde bir topar
edebiýatçy, dilçi alymlar işleýär. Emma olar edebi tankydyñ, edebiýaty öwreniş
ylmynyñ keşigini deñ çekişip bilýänler däl.
Respublikada ýokary medeniýetli, oýlandyrýan, pikirlendirýän tankyt, entek
gynansagam ýok. Bize täze, taýýarlykly kadrlar gerek. Şol sebäpli-de biz ýaş
edebiýatçy Akmuhammet Welsaparowy Moskwa - tankytçylaryñ iki ýyllyk
kursuna ibermegi göz öñünde tutýarys. Ol o ýerde okar, öwrener, birneme
paýhaslanar, akyllanar. Onsoñ ol bu günki ýaly morta bir zadyny atyp oturman,
nädogry netijelere salgylanyp, çökder gürlemän, meselä has başgaça, has paýhasly
çemeleşer diýip düşünýärin. Edebiýatçylaryñ iki ýyllyk kursuna beýleki bir zehinli
ýigidimiz Hajy Kakalyýewi iberýäris.
Biziñ birentegimize, şol sanda ýaşlarymyza hem intelligentlik paýhasy, intellektual
duýgurlyk ýetenok.
Hawa, ap-arkaýynlyga garaşmaly däl. Beýle ýagdaý hiç mahal bolmaz. Gowusy
ýüregimizi, beýnimizi zaýalaýan ähli bulaşyk pikirlerden, hapysa zatlardan
saplanmagymyz gerek. Onsoñam, soñky ýyllarda edebiýatymyzda goýberilen
harsallyklar, çig-çarsylyklar üçin hemmämiz günäkärdiris. Bu ýerde kim ak
guşduryn öýdýän bolsa, ol ýalñyşýandyr. Bu günki nogsanlar ~ hemmämiziñ
kemçiligimiz. Biz muña belent graždanlyk duýgusy bilen akyl ýetirmelidiris.
Ýazyjy halkyñ ynsabydyr, päk wyždanydyr. Diýmek, biz ýazyjy bolýan bolsak,
onda paýhaslylygy, intellektual eserdeñligi, hoşniýetliligi elden bermeli däldiris.
Şol sebäpli, biz öñi bilen özümizi düzetmelidiris.
Geliñ, tankydy güýçlendireliñ. Ýöne hiç kime ala göz bilen garamalyñ, hiç kimi
tankytdan daşarda galdyrmalyñ. Ýaşulymy, ýaşkiçimi, wezipelimi, wezipesizmi,
Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ sekretarymy, başlygymy, tapawudy ýok,
hemmeleriñ eserleri barada gürrüñ edeliñ, ýetmezlerini tankytlalyñ. Ýöne
tankydymyz juda ýerlikli bolmalydyr, edebiýata, çeper senede hormat goýmakdan
ugur almalydygymyzy ýatdan çykarmalyñ. Bu meselede ýazyjy bilen ýazyjynyñ
arasynda kän tapawudyñ bardygyny-da unutmalyñ. Gruzin ýazyjysy Sisişwili
aýtmyşlaýyn, käbir ýazyjy bar ~ on ýazyja degýär.
Bu gün köp mesele orta atyldy. Ýöne men çykyp geplänleriñ Durdymuhammet
Nuralyýewiñ poeziýa baradaky makalasyny asyryñ uly bir wakasy hökmünde
alamatlandyrmagy bilen ylalaşamok. Hut özüm-ä ol makalanyñ ýüze çykmagyna
beýle geñ galmadym. Onuñ ýazylmagy tebigy zat. Ol, geliñ ýoldaşlar, batyrgaý
işläliñ diýdi.
Biz, elbetde, bir ýygnak bilen, bir maslahat bilen sagdyn tankyt döredip bilmeris.
Tijeneliñ, işe çynlakaý ýapyşalyñ.
Her kim ilki özünden talap etmegi başarmaly. Biziñ SSSR Ýazyjylar soýuzyndaly
wekilimiz hökmünde Atajan Taganow hem geljekde umumy işimiziñ bähbitleri
üçin öz guramaçylygyny güýçlendirer diýip umyt edýäris.
Umuman, şonuñ ýaly çäreler edebiýatymyzyñ ösüş praktikasyna položitel täsir
edýär. Şeýle regional maslahatlar goñşy respublikalaryñ wekilleri bilen bilelikde
geçirilse hem, döredijilikli tejribe alyşmak manysynda peýdaly bolardy.
▶ Aleksandr MIHAÝLOW
(Moskwa):
- Iki günläp dowam eden maslahatda türkmen edebiýatynyñ hem-de tankydynyñ
iñ bir zerur meseleleri barada çynlakaý gürrüñ edildi diýip, SSSR Ýazyjylar
soýuzynyñ prawleniýesiniñ sekretary Aleksandr MIHAÝLOW jemleýji sözüniñ
başynda aýtdy. - Hawa, käbir çykyşlaryñ gyzmaç taraplarynu hasaba almasañ,
umuman, peýdaly, netijeli gürrüñ ýaýbañlandy. Köp adam gepledi. Edebiýar
tankydynyñ ýetmezi barada alada bilen aýdanlar köp boldy.
Elbetde, çykyş edenleriñ arasynda toparlanyşyk, tireparazlyk hakynda
ýañzydanlaram boldy. Bu ýagdaý biziñ umumy işimize biçak uly zyýan ýetirýär.
Men ýaş edebiýatçy Hajy Kakalyýewiñ sözüni haladym. Ol içki duýgusyny joşgun
bilen beýan etdi. Ýöne türkmen edebiýatçylarynyñ arasyndaky zyýanly hadysalary
partiýanyñ Merkezi Komiteti düzetmeli diýen pikir bilen ylalaşmak bolmaz.
ÖZÜÑIZ DÜZETMELI! Her bir ýazyjy özüniñ ynsabyna görä hereket edip,
negatiw hadysalary aradan aýyrmaly.
Tankydy halaýan ýok. Bir ýygnakda:
"Siz tankyda bada-bat jogap berdiñiz" diýip, maña hat gowuşdy. Men zala
ýüzlendim:
"Kim-de kim tankydy gowy görýän bolsa elini galdyrsyn" diýdim. El galmady.
Ine, tankydyñ her kime-de ýokuş degýäniniñ ýekeje mysaly. Ýöne her niçik ýokuş
degse-de, özüñi köşeşdirmeli, geregiñi almaly.
Tankyda oñat düşünýänler gerek. Bu ylaýta-da ýaşlara degişli. Tankytda iñ erbedi
gykylyk, howaýy şowhunlar. Ýaş tankytçylaryñ ýalñyşlaryny aladaly düzetmeli,
olary ugrukdyrmaly.
Tankytçylary taýýarlamagyñ formalaryny gözlemeli. Zehinli ýaşlary
aspiranturalara ibermeli, beýleki respublikalardan görelde almaly. Şu mynasybetli
RSFSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesi köp iş edýär. Ýaş tankytçylaryñ
hepdelik, aýlyk seminarlary, okuwlary geçirilip durulýar. Ýaş tankytçylaryñ
jemleýji ýygyndylary çykarylýar. Netijede belli tankytçylar ösüp ýetişýär. Sizde-de
neşirýatlarda ýyllyk ýygyndylar çykarylsa, edebi prosesiñ ösüşine oñaýly täsir
ederdi.
Şu ýerde 20-30-njy ýyllaryñ edebiýat tankydynyñ tejribesi barada aýdyldy. Bu
meselede seresaplygy saklamak gerek. Eserleri anyk mysallar arkaly seljermegi
başarmaly, biderek günä ýöñkemekden, esassyz igençden gaça durmak gerek.
Ekologiýa meselesini alyp göreliñ. Biziñ ýazyjylarymyzyñ bu ugurdan bitirýän
işleri daşary ýurtlarda-da goldaw tapýar. Sebäbi ýazyjynyñ durmuş hakykatyna
batyrgaý goşulmagy iñ bir möhüm problemalaryñ-da döwlet möçberinde
çözülmegine ýardam berýär. Demirgazyk derýalarynyñ akymy ýa-da Baýkal köli
baradaky aýgytly netijeler muña mysal bolup biler. Ýazyja uly hormat goýulýar.
Hut şonuñ üçin-de ýazyjynyñ tutuş durky durmuş bilen aýrylmaz baglanyşykly
bolmalydyr.
SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ aýry-aýry döredijilik sowetlerine degişli tankydy
bellikleri dogry hasap edýäris. Milli edebiýatlara ýeterlik üns berilmeýänligini biz
bilýäris. Ynha, biziñ şu günki geçirýän çärämiz hem şol işi öñküden has
janlandyrmagyñ hatyrasyna. Bu täzeden gurmak döwründe biziñ işimiziñ
başlangyjy. Hudaýberdi Durdyýewiñ öz işinde adalatly belleýşi ýaly, biz şu
maslahat bilen işi boýdan-başa düzederis diýip bilmeris. Iş indi başlanýar. Has
batyrgaý çözmeli meseleler öñde durýar.
Biz ähli güýjümizi, ukybymyzy, başarnygymyzy tutuş sowet edebiýatynyñ mundan
buýana-da netijeli ösmegine gönükdireliñ. Şuña bizde güýç hem bar,
mümkinçiligem.
(soñy).
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 1
    Total number of words is 3456
    Total number of unique words is 1817
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1917
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1951
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    42.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1883
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.