Latin

Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3

Total number of words is 3506
Total number of unique words is 1951
26.6 of words are in the 2000 most common words
36.9 of words are in the 5000 most common words
42.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýagdaýlar hem az däl.
Şahyryñ "Rubagy poemasyndaky" "rubagyñ bahasy ~ gyzyñ bahasy" diýen ýaly
howaýy pikirler-de eserlerinde duşup başlady. Sorag ýüze çykýar: biziñ
gyzlarymyz şeýle bigadyrmyka? Elbetde, ýok. Bu ýerde diñe badyhowalyk bar.
Halypa şahyrymyz kähalatlarda esassyz taryplamalara berk ynandy. "Taýmaz
babanyñ" A.Twardowskiniñ "Wasiliý Týorkin" poemasyna deñelmegini doly ykrar
etdi. Bilşimiz ýaly, Wasiliý Týorkinw halj gahrymany hökmünde Smolensk
topragynda ýadygärlik guruljak. Taýmaz baba babatda şeýle pikir etmek
bolarmyka?!
Şeýdibem şahyr öz-özüni gowşatdy. Onuñ "Sowet edebiýaty" žurnalynda çap
edilen "Parahatlyk ilçisi" poemasy biziñ pikirimizi tassyklasa gerek. Poema ideýa
taýdan onçakly dürs çykmandyr. Muny ýañky öz çykyşynda G.Kulyýew hem
dogry belledi. Tema bilen ideýanyñ birligi-de ýok. Eseriñ ýüküni göterýän baş
gahrymanam ýok. Diýmek, esasy ideýa liniýasy ýok. Taryhda uly gan döküşiklige
sebäp bolan din wekiliniñ hakyky adyny gizläp, onuñ sosial lakamyny ~ işany has
at hökmünde baş harp bilen ýazmak hem eseriñ peýdasyna däl. Taryh ylymlarynyñ
doktory M.Annanepesowyñ "sözsoñusy" eseriñ nogsanlyklaryny aklap bilmeýär.
Doly bahaly çeper eser öz agramyny özi götermelidir. Hormatly şahyrymyz edebi
jemgyýetçilik bilen, öz ýoldaşlary bilen maslahatlaşyp, poemany düýplüräk işläýen
bolsa, kem bolmazdy. Şeýle ýagdaýlaryñ ýüze çykmagy hem şahyryñ köp
wagtlaryñ dowamynda tankytdan daşda galmagy sebäpli bolsa gerek.
▶ Anatoliý KARPOW,
professor, (Moskwa):
- Biziñ edebiýatymyzyñ ähli bela-beterliklerinde hemmeden öñürti tankydy
günäkärlemek endik bolup galypdyr. Ýöne edebiýatyñ özüne mynasyp tankydy
bar. Üstüni ýetiribem aýdyp bilerdim: edebi tankydyñ bar zatdan ozal
jemgyýetçilik durmuşynyñ ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Mundan sähel öñräkki
wagtlarda bolşy ýaly, eger tankydyñ ähmiýeti şeýle tiz pese gaçyrylan bolsa, ol
gönüden-göni edebi tankydyñ özüni görkezip bilşi bilen baglanyşyklydyr. Ol
ýaşamagyny dowam etdiripdi, pähimli-paýhasly, manyly-mazmunly, käte-de ýiti
işlerde nogsanlyklardan-da halasdy, onuñ sesi eşidiler ýaly derejede-de
ýañlanypdy, gönüläp aýtsak welin, beýle belent däldi.
Ýene bir bellemeli ýagdaý, ol-da onuñ adresine aýdylýan gödek sözler.
Tankytçyny hyzmatkär hatarynda görmek, onuñ işine ol ýa-da başga bir hormatly
awtory öweni ýa tankytlany üçin baha bermek islegi adatdan daşary derejede
ýaýrapdyr. Ol biziñ günlerimizde-de düýp-teýkary bilen ýok bolup gitmändir.
N.Hojageldiýewiñ "Edebiýat we Sungat" hepdeligindäki (20.03.1987) sözlerine
salgylanyp-da bileris:
"Biziñ ýazyjylarymyz edebi tankydyñ edebiýata hyzmat edýändigini ýatdan
çykardylar, ony öz hususy hyzmatkäridir öýdüp geldiler".
Ýaş tankytçy A.Nurmämmedow diñe çynlakaý, özem meniñ garaýşymça
G.Kulyýewiñ "Magtymguly" romanyna örän esasly belliklerini aýdanda, ussat
awtor şeýle haýbatly, şeýle hem adalatsyz aýyplamalary bilen hüjüme geçdi:
"Tankytçy makalasyny goh turuzmagy, eseri puja çykarmagy niýetläp ýazypdyr.
Içki gyzgyn, içki howur oña sabyr-takady elden bermän, galamy duýgurlyk bilen
ýöretmäge maý bermändir".
Ol öz gaharly aýyplamalaryny tankytçynyñ nirede, nähili hökman näme
işlemelidigi hakdaky gös-göni görkezmeleri bilen jemläpdir.
Edebi tankyda şeýle çemeleşilende, oña ýaşamak kyn, özüniñ adatdan daşary
jogapkärçilikli borjuny edebiýatyñ hem okyjynyñ öñünde ýerine ýetirmek kyn.
Tankyt üçin yzarlamalara, gysmalara juda ýowuz daraýan kanunlar barka, näme
üçin olary edebi tankytda peýdalanmaly däl?
Türkmen edebi tankydynyñ ýagdaýy tutuşlygyna baha bermegi maksat edinemok,
meniñ okan zatlarym az, ýöne şu iki ýagdaý hakda aýtmaga welin esas berýär.
Birinjiden, tankytçylaryñ gözýetiminiñ darlygy äşgär. Olaryñ edebi hadysalary
edebiýatçylykdan saýlanyp bilenok. Şeýle halda analiz çuñlugyna, takyk baha
bermeklige garaşmagyñ kyn boljagy tebigydyr. Ýöne başga bir tarapy-da bar,
seljerilýän eserler gürrüñ edeniñe degenok, analizi çäklendirýär, eger şeýle aýtsak,
olar ownuklygyñ girdabyna batyrýar. Setirleriñ, bentleriñ, obrazlaryñ ýasalyşy
hakda umuman, şoña göräräk gürrüñ etmeli bolýar. Tankytçy edebi prosesiñ
oýlanmalaryna, möhüm problemalaryna ýetmek baradaky islegini synap bilmeýär.
Ýañy çykyş edenleriñ biri, şeýle halatda prowinsializm keselini ýeñip geçmegiñ
zerurlygyny aýtdy.
Ikinjiden, edebiýat meýdanynda işleýän türkmen kärdeşlerimiziñ işinde teoretik
çuñluk, edebi prosesiñ kanunalaýyklygyny, edebi gurluşyñ düzgünlerini, ahyryndada, hususy estetiki planyñ talaplaryny özünde jemläp, bolup geçýän hadysalara şu
günüñ edebiýatynda baha bermek isleginiñ ýetmezçilik edýäni açyk duýulýar.
Muña mysal hökmünde D.Nuralyýewiñ "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy"
diýen makalasyndan soñky çekişmäni görkezmek bolar. Gazetde habar berlişine
görä, makala altmyşdan gowrak seslenme gelipdir, olaryñ köpüsi çap edilipdir.
Seslenmeleriñ sany-da makalanyñ umumy işiñ bähbidine ýazylandygyny
görkezýär, onda şu günki ýaş türkmen poeziýasynyñ düşen haly hakynda ajy
hakykat aýdylypdyr. Menin garaýşymça, makala gyzykly hem paýhasly,
batyrgaýlygy bilen bolsa möhüm. D.Nuralyýewiñ aýdanlarynyñ hemmesi jedelsiz
däl, ýöne ol çynlakaýlyga, jikme-jiklige, gyzykly gürrüñçilige äheñ berýär. Ýöne,
arman, şeýle gürrüñçilik bolmandyr, bu nähili geñ bolsa-da, oña kän okyjy
gatnaşyp, edebiýatçylar çetde durupdyr. Iş bolsa makalanyñ pozisiýasyny hem
aýry-aýry pikirlerini makullamaklyga ýa-da ylalaşyp bilmezlige gönügipdir.
Bar iş diñe onda däl ahyry. Çekişmäniñ geçiriliş medeniýeti hem o diýen ýokary
derejede bolmandyr, oña gatnaşanlar hususy pikire ýykgyn edipdirler. Ýöne
tankytçy ol ýa-da beýleki bir şahyryñ döredijiligi hakda ýönekeý gürrüñe
başlaman, poeziýanyñ ösüş aýratynlyklary hem problemalary baradaky
gürrüñçiligi gozgapdy. Şeýle gürrüñçilik dowam etdirilmändir. Onuñ bilen
şahyrlaryñ özleriniñ (D.Nuralyýewiñ tankytlanlaryndan başgalarynyñ) hem
tankytçylaryñ gyzyklanmazlygy geñ.
Eýsem, bu şu günki türkmen tankydynyñ derejesini görkezmeýärmi näme?
Ýo.Annagurbanowyñ "Edebiýat we Sungatda" çap edilen (29.08.1986 ý)
makalasyndaky soñky ýyllaryń edebi tankydyna degişli sözleri ýatlalyñ:
"...tankydyñ özüne tankydy nazar salynmazlygy edebiýatymyzyñ bu söweşjeñ
žanrynyñ durgunlaşmagyna getirdi", "tankytda esassyz mahabatlandyrmalara... ýol
berildi".
Gönümel, ýöne adalatly aýdylypdyr. Biziñ durmuşymyzyñ ähli ugurlaryndaky
janlanma edebi tankyda işlemäge mümkinçilikler berýän ýakymly täzelikleri
döredýär. Şeýle mümkinçilikleriñ doly güýjünde ulanyljakdygyna ynanasyñ gelýär.
▶ Aleksandr KARLÝUKEWIÇ
(žurnalist):
- Sungatda-da, edebiýatda-da ilkinji rol talantly, giñ gözýetimli şahsyýete degişli.
Öz döwründe Maksim Gorkiniñ ýaş edebiýatçylara bilimleri ele almagy nähili
erjellik bilen talap edendigini biz bilýäris.
Islendik käri saýlap alan her bir adam şol ugurdan kän tejribe toplan halypanyñ
goldawyna, maslahatyna eýerýär. Şeýle halypalar ýaş edebiýatçylar üçinem zerur.
Näme üçin respublikamyzyñ Ýazyjylar soýuzynyñ garamagynda ýaş
edebiýatçylaryń mekdebini açyp bolmaýar? Şol mekdebe gatnaýan otuz-kyrk
okuwçynyñ her ýylda biriniñ öz ykbalyny edebiýata baglap, ugrugyp gitmegi-de az
zat däl ahyryn. Şol mekdepde edebi tankyt seksiýasynyñ bolmagyny-da talaba
laýyk hasap edýäris.
Ýazyjylarymyzyñ mekdeplere baryş ýagdaýy barada näme aýtmak bolar? Olaryñ
ýygy-ýygydan okuwçylaryñ arasynda bolmagy, sapak berip, ýaşlaryñ edebiýatdan
taýýarlygyny, bilim derejesini öwrenmekleri özleri üçinem peýdaly bolardy.
Akjemal Omarowanyñ öz çykyşynda aýdan düýpli makalalaryñ seýrekligi
baradaky tankydy bellikleri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Ýöne onuñ özem
metbugatda aýal-gyzlaryñ poeziýasynyñ gowy hem kemter gaýdýan taraplary
barada çykyş edäýse, ýerine düşerdi. Ýa-da bu möhüm meseläni ol öz işi hasap
etmeýärmikä? Öz problemalaryny ýazyjylaryñ özlerinden gowy biljek adam
tapylmasa gerek.
▶ RAHYM ESENOW:
- Durmuşda bolşy ýaly, edebiýatda hem tankyt hakykatçyl, dogruçyl bolmalydyr.
Ýazyjy özüniñ ýokary terbiýeçilik missiýasyna ygrarly bolmalydyr, ýaşlara görelde
görkezmelidir, birek-birege, halkyñ baýlygyna, köp milletli sowet edebiýatynyñ
hazynasyna öwrülen eserlere hatyraly garamalydyr. Tankyt etmek gerek, ýöne
şerraýlyga, nigilizme ýüz urmaly däl. Yza galak, durgun zatlary paş etmek bilen
birlikde, bizde gadymdan gelýän parasatly pikiri ýatdan çykarmaga hakymyz
ýokdur: gaş bejerjek bolup göz çykarmaly däldiris.
Men esasy iki dokladyñ hem tutumlydygyny, mazmunlydygyny haladym. Ýöne
dokladçy N.Hojageldiýewiñ: rus tankytçylarynyñ originaly bilmezlikleri olaryñ
mümkinçiligini çäklendirýär, sözme-söz terjimeden edilýän edebi terjime bolsa,
türkmen awtorlarynyñ köp kitaplary hakynda hemişe dogry düşünjäni berip
bilmeýär diýen pikiriniñ üstüni azda-kände doldurasym gelýär. Sypaýyçylykly
aýdylypdyr: şeýle praktika edebiýaty garyplaşdyrýar. Biz islesek, islemesek
özümize zyýan edýäris, özümiziñ ruhy gymmatlyklarymyzy harlaýarys. Nebsimiz
agyrsa-da, köp ýyllaryñ dowamynda türkmen edebiýatyny öwrenýän moskwaly
tankytçylaryñ hiç biri-de biziñ dilimizi bilenok, olar resenziýalary-da, hatda
monografiýalary-da terjime eserleri esasynda ýazýarlar. Türkmen edebiýatyna
bagyşlap ýazan monografiýalarynda ýalñyşlyklara ýol beren Swetlana Alyýewany
hem-de professor Göroglyny dokladçy adalatly tankyt etdi. Olar originalyñ dilini
azda-kände bilen bolsalar, sözme-söz terjimeden edilen eserlerden peýdalanmadyk
bolsalar, beýle tagaşyksyzlyklar bolmazdy.
Sözme-söz terjimeleriñ hiliniñ pesligi ýa-da edebi terjimeçiniñ ussatlygynyñ
kemterligi, kähalatda bolsa, onuñ biparhlygy eseriñ originaldan daşlaşmagyna
getirýär, onsoñ awtor özüniñ edebi eserini tanabam bilenok. Magtymgulynyñ,
Zeliliniñ, Keminäniñ genial eserlerini terjime eden ajaýyp şahyrlaram, elbetde,
olary harsallykda günälemek bolmaz, şonda-da olaryñ sözme-söz terjimeden
edendikleri üçin köp zady ~ manysyny, mazmunyny, filosofiki äheñiniñ çuñlugyny
ýitirdiler, milli koloriti hem öwüşginleri hakda-ha aýdybam oturmaly däl.
Ukrainada, Pribaltika respublikalarynda edebi eserler diñe originalyñ dilinden
terjime edilýär. Ýañy-ýakynda Wengriýada "Sowet poeziýasynyñ antologiýasy"
neşir edilip, türkmen şahyrlarynyñ şoña girizilen goşgulary-da originalyñ dilinden
terjime edildi.
Şu ýagdaýa seredeniñde, respublikada çeperçilik syýasatyny kesgitleýän ýokary
edaralarda-da türkmen edebiýatyna terjime üsti bilen serenjam berýänleriñ
oturanlygyna nebsiñ agyrýar. Çyzga düşünip bilmeýän inženeri ýa-da karta
düşünmeýän topografy göz öñüne getirip görüñ. Bu-da şo tetelli bir zat-da...
Türkmenistanyñ ýazyjylar guramasy diñe bir türkmen dilinden däl, eýsem, rus,
ukrain, gruzin hem beýleki dillerden-de geljekde terjimeçiler kadrlaryny
taýýarlamak barada aladalanar diýip umyt bildirýärin. Bu hakda oýlanyşmak gerek.
Biziñ maslahatymyza gatnaşýan TKP MK-nyñ sekretary M.Mollaýewanyñ bolsa
şu meselede bize hemaýat bermegini haýyş edýäris.
Ene dilimiz hakynda aladalanmak bilen birlikde bilimleriñ hem progresiñ ýagty
dünýäsine gönükdirýän rus dilini, beýik Leniniñ hem Puşkiniñ dilini yzygiderli,
has düýpli öwrenmegi-de ýatdan salmaly däldiris. Onsoñam, özümiz bilen
doganlyk maşgalada ýaşaýan, şatlygymyzy, gaýgymyzy deñ paýlaşýan galamdaş
rus doganlarymyzy-da dostlarça köteklemek isleýärin. Olar respublikada ujypsyz,
ýöne tas ömürboýy ýaşap, türkmen halkyna bagyşlanan ençeme eserler döredip,
şonda-da öz doganlarynyñ dilini öwrenmelidir öýtmediler. Dogry, olaryñ arasynda
türkmen dilini bilýänleri-de bar, ýöne barmak basyp sanaýmaly.
Her bir dili bilmek uly baýlyk, aýratynam ýazyjy üçin. Dil bilmek edebiýatçynyñ
dünýägaraýşyny giñeldýär, onuñ gahrymanlary baý hem koloritli bolýar, şonuñ
bilen-de edebiýat ösüş gazanýar. Ýene bir zat. Respublikada ýaşaýan rus
ýazyjylary türkmen dilini bilseler, öz galamdaşlarynyñ eserlerini sözme-söz
terjimeden rusça geçirmän, originaldan terjime edip, türkmen sowet edebiýatynyñ
mundan buýana-da ösmegine önjeýli goşant goşup bilerdiler. Munuñ özi
internasional ideýasyny añladýan, sosialistik realizm esasynda berk durýan
türkmen sowet edebiýatyny öñküden-de baýlaşdyrardy.
▶ Akmuhammet WELSAPAROW:
- Bizi bökdeýän esasy sebäpler nämeler? Belli bir menzile ýetensoñ, türkmen
sowet edebiýaty ozalky galan belentligini ýitirip, pessaýlap ugrady. Çünki, biziñ
edebiýatymyzda salgyma kowalaşyp başladylar. Tankytçylarymyz türkmen
ýazyjylarynyñ eserlerine doganlyk halklaryñ ýazyjylarynyñ eserleri bilen
deñeşdirip baha bermän, diñe türkmen edebiýatynyñ çäklerinde biri-biri bilen
deñeşdirip, baha kesmäni çykardylar. Bu ýagdaý kem-kemden milli çäkliligi
döretdi, türkmen ýazyjylaryndan edilýän talaby gowşatdy. Güýçli ýazyjy ýa-da
gowşak ýazyjy diýlen düşünjeleriñ hasap-hesibi diñe milli edebiýatyñ çäklerinde
çykarylanda, köplenç hakykatdan sowaşyk düşülýär. Çünki hemme zat hakyky
deñeşdirmede mälim bolýar.
N.Hojageldiýew, J.Allakow, D.Nuralyýew ýaly tankytçylar diñe bir türkmen
okyjysynyñ ynamyny däl-de, eýsem käbir ýaşuly ýazyjylarymyzyñ özüni hem
aldamagy başardylar. Olary siz beýik diýip ynandyrdylar. Emma biziñ
respublikamyzda juda uly ýazyjy diýlip gürrüñi edilýän käbir ýazyjynyñ eserlerini
doganlyk edebiýatlaryñ eserleri bilen deñeşdirýäñ welin, tankytçylarymyzyñ
irmän-arman gaýtalap ýören sözleriniñ hakykatdan juda sowaşykdygyna göz
ýetirýärsiñ. Şeýle deñeşdirme aglaba biziñ ýazyjylarymyzyñ peýdasyna däl.
Wagty gelip, türkmen ýazyjylarynyñ soñky nesilleriniñ içinden eserleriniñ hili
bütinsoýuz okyjysyny azda-kände imrindirýän adamlar çykdy. Olaryñ eserleri
hakynda seýregem bolsa, merkezi metbugatda ýatlanylyp ugrady. Bu bolsa
respublikanyñ çäginde uly diýlip ýörlen ýazyjylarymyz bilen soñky ýazyjylaryñ
arasynda belli bir derejede gapma-garşylyk döretdi. Tankytçylarmyz şol gapmagarşylygy akylly-başly çözmelidiler. Emma olar beýle etmediler, tersine, gaýta öz
tendensioz makalalary bilen has-da ýitileşdirdiler. Munuñ sebäbi näme? Birinji
sebäbi: ýüz görüp, gapyrga syrmak. Ikinjisi: ady agzalan tankytçylaryñ öz
derejeleri hem meniñki bolsun diýerlik däl. Üçünji bir sebäbi hem bar: olara ozal
telim ýyllaryñ dowamynda gaýtalap gelen sözleriniñ belli bir derejede hakykata
gabat gelmeýänliginu boýun almak kyn.
Ýaşuly ýazyjymyz Berdinazar Hudaýnazarow hatda öz çykyşlarynda telim gezek
şeýle sözi gaýtalady: "ýaşlaryñ kitaplary Moskwada, rus dilinde çykyp dur, olara
haý-küş diýýänem ýok".
Begenmeli zada gynanyp ugranlygyny ýazyjynyñ özi hem duýman galdy.
Umuman, milli çäklilik hiç haçan peýda getirmändi. Biziñ edebiýatymyzy-da ol
uly zyýan berdi, oña bulaşyklyk saldy. Şu dörän ýagdaýdan näçe tiz çykylsa,
şonça-da gowy. Ýogsam, türkmen sowet edebiýatyndaky häzirki jedeller salgyma
kowalaşmakdan başga zat däldir!
▶ Annaberdi AGABAÝEW:
- Düýnki bolan gürrüñçilikden soñ pähimler köşgi şu ajaýyp kitaphanamyzdan
çykyp barýarkak, men dogrusy:
"Eger-de maksat bary-ýogy iki sany şahyryñ, A.Atabaýewdir N.Rejebowyñ, birem
tankytçy D.Nuralyýewiñ gürrüñini etmek bolsa, onda olar nähili üýtgeşik zehin
bolaýanlarynda-da, şunuñ üçin epeý bir delegasiýanyñ Moskwadan bärik şunça ýol
söküp gelmeginiñ, oña munça halk serişdesiniñ sarp edilmeginiñ, bu ýerde bir hem
däl, birdenem goşa Sowetiniñ mejlisiniñ geçirilmeginiñ zerurlygy bir barmyja
berin" - diýip oýlandym.
Islesek-islemesek, düýn, N.Hojageldiýewiñ eden düýpli dokladyny hasaba
almanyñda, galan çykyşlaryñ aglabasy, ýagny uzak günki söhbet diñe şu atlaryñ
daşynda aýlanyp duran ýaly boldy. Bu babatda men-ä hormatly
myhmanlarymyzyñam ýek-tükünden öññesiniñ ýüküni gaty ýeñil görüp, haýran
galdym. Myhmanlar, göwnüme bolmasa, gürrüñi juda uzaga çeken araky
"Edebiýat we Sungatyñ" şol iki-üç sany makalanyñ terjimesinden gaýry hiç bir zat
bilen bilkastdan tanyş edilmedik ýaly. Ýöne iki-üç sany atdan ýa iki-üç sany
makaladan häzirki edebi prosesi ýasap bolmaz ahyry. Edebi tankyt barada edebi
prosesden üzñe ýa-da onuñ çygryndan daşda gürrüñ edilende bolsa, bu gürrüñe hiç
haçan çynyñ bilen pisint etmersiñ.
Kerim Gurbannepesow ýaly uly ile meşhur, hakyky halk şahyrymyzyñ adyma
aýdylan nähak gürrüñlere üns etmän geçmek naýynsaplygyñ añyrbaşy bolardy.
Men öz halypamyzyñ döredijiligidir ussatlyk derejesi barada bu gün kimdir
birinden eşidip bilmeli däl. Öz wagtynda men muny ýörite-de öwrenipdim, bu
barada "Литературная газета" makala-da ýazypdym. K.Gurbannepesowyñ şu
ýerde agzalan "Parahatlyk ilçisi" atly poemasy iññän çylşyrymly we agyr temany
gozgaýar. Dogrusy, biziñ aramyzda bu temadan töwekgelçilik edip ýazyp ýören
ýazyjam kän däl. Sebäbi material kyn. Şonuñ üçin şahyryñ özem bu poemany
boldum edendirin diýen pikirden daşdamyka diýýän. Ol megerem, entek oña
öwran-öwran dolanar. Kimdir biri häli şu ýerde "Aýgytly ädimi", Kerbabaýewi
ýatlady. Bu beýik eseriñem ýüzlenen temasy öz döwründe çylşyrymly saýylan
temalaryñ biridi. Şonuñ üçinem B.Kerbabaýew roman çap bolanyndan soñam bu
eseri çyn eser etmek üçin ýene 20-30 ýyllap der döküpdi ahbetin!
Şu ýerde "Edebiýat we Sungat" gazeti hakynda her zeýilli pikirler aýdyldy. Menem
bu barada iki agyz aýtmakçy bolýan welin, dogrymdan gelsem, çekinmänem
duramok. Sebäbi men bu gazetde "yzyny üzmän" aldygyna haýdap çykyş edýän
awtor hökmünde agzaldym-da, indi özüme şol gazetiñ "aklawjysy boljak bolýan
kişi" diýdirermikäm diýýän. Hut şol sebäpdenem men şu ýerde şu kiçijik
sprawkany bermäge mejbur: men şu gazetde soñky sapar alty aý mundan ozal,
ýagny 1986-njy ýylyñ 19-njy dekabrynda çykyş etdim. Gazet hakda bolsa şeýle
diýmek isleýän. Bu redaksiýanyñ öz işini täzeden gurýandygy barada men onuñ
sahypalarynda çap bolýan ýiti-ýiti makalalardan çen tutup netije çykaramok. Men
gazetdäki çynlakaý döwrebap özgerişlikleriñ baş we esasy alamatlaryny, ozaly
bilen, onuñ dürli-dürli, käte hatda biri-birine açykdan açyk garşy çykýan, çapraz
gelýän pikirlere giñ ýol açanlygynda görýän. Eýsem soñky ençeme ýyllaryñ içinde
biziñ ýazyjylarymyzyñ arzuw edip, ýetibilmeýän zady şu dälmidi näme!
Redaksiýa, redaktorlar "makalalara seslenme gurýarlar" diýlip hem nägilelik
ýañzydyldy. Men-ä şeýle edilýän bolsa, onda olara gaýtam hoşallyk bildirip, sag
bolsun aýtmalymyka diýýän. Sebäbi hut şol iş her bir redaktoryñ jana-jan gulluk
borjy ahyry. Elbetde, redaksiýada gazet çykyşlaryna gelýän seslenmeler belli bir
niýet bilen saýlanyp-seçilip çap edilýär diýilmekçi bolýan bolsa başga gürrüñ.
Onda TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýörite derñew komissiýasynyñ bardygyny, onuñ
bu ýagdaýy Aý dogan ýaly edip biljekdigini ýatladasym gelýär.
▶ Jora ALLAKOW:
Edebi tankydyñ borjy edebi prosesi yzygider yzarlap, analizläp durmakdan
ybaratdyr. SSKP MK-nyñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky" kararynda şu pikir
nygtalyp bellenilýär. Sebäbi edebi prosesden örksüz ýazylan makalanyñ, hatda
sanynyñ-da ýerine düşmezligi gaty mümkindir. Her bir täze eseriñ gymmaty,
getirýän täzeligi tutuş edebi proses nazara alnan mahalynda belli bolýar. Emma
bizde edebi prosesiñ yzarlanyşy göwnejaý däl. Käbir žanrlar bütinleýin diýen ýaly
edebi prosesiñ nazaryndan düşüp galýar. Edebi prosesi yzygider yzarlap durmak
üçin metbugat organlarynyñ tagallasy biçak zerur. Metbugat organlarynyñ edebi
prosesi tutuşlygyna analizlemäge gönükdirilen planly işi gerek. Ol organlaryñ
köpüsi özlerine setanda-seýranda düşen tötänleýin makalalardyr synlar bilen oñşuk
edip gelýärler. Tötänleýin düşen makaladyr synlar bilen edebi prosesi analizlejek
gümanyñ ýok. Dogry, soñky döwürde "Edebiýat we Sungat" gazeti, "Sowet
edebiýaty" žurnaly edebi tankyda berýän ünsüni güýçlendirdi. Emma "Ашхабад"
žurnalynda weli entek hiç hili janlanma duýlanok. Bu žurnal uzak ýyllardan bäri
edebi prosesden örksüz ýaşap gelýär. Žurnal edebi tankyda öz sahypalarynda
ujypsyzja ýer berýär. Bu žurnalda çap edilýän ýüzleýje, öwgüli makaladyr synlar
arkaly türkmen edebiýatynyñ ösüş prosesini sähelçe-de göz öñüne getirmek
mümkin däl.
Beýleki metbugat organlarynda-da edebi prosese düýpli aralaşan, ony çuñdan
analizleýän makaladyr synlar göze ilmeýär. Bu kadasyz ýagdaýy olar özleriniñ
edebiýat organlary däldikleri bilen tasa getirjek bolýarlar. "ПРАВДА" gazeti ýaly
metbugat organynyñ sahypalarynda her hepdede diýen ýaly edebiýat we sungat
meselelerine bagyşlanan düýpli makalany okamak bolýar. Şu ýagdaýy nazara
alanyñda, biziñ metbugat organlarymyzyñ çeper edebiýatyñ, edebi tankydyñ
möhüm meselelerine ýeterlik üns bermezliklerini hiç zat bilen aklamak mümkin
däl.
Edebi tankydy janlandyrmak, edebi prosesi analizlemek üçin ýazyjylaryñ öz
tagallalary-da biçak zerur. Ýazyjylaram edebi prosesi çuñ bilmeli. Edebiýatyñ
möhüm problemalary, galamdaşlarynyñ eserleri hakda seslenip durmaly. Emma
ýazyjylarymyzyñ köpüsi edebi tankyt diñe tankytçylaryñ işi diýen nädogry düşünjä
gulluk edýärler. Bu düşünjäniñ ýerliksizdigini uly ýazyjylaryñ döredijilik
tejribeleri aýdyñ tassyklar. Belli söz ussatlarynyñ her biriniñ döredijiliginde olaryñ
tankydy garaýyşlary uly orun tutýar. Aslynda, edebi-tankydy pikirleri döredijiler
ýazyjylaryñ özleri bolup durýarlar.
Biziñ tankytçylarymyzyñ hataryndan gidýän kän-de, oña gelip goşulýan biçak az.
Sebäbi biziñ respublikamyzda tankytçynyñ zähmetine berilýän üns juda ujypsyz.
Olaryñ kitaplary juda seýrek hem biçak azajyk tiraž bilen çap edilýär. Ol kitaplar
hatda studentlere-de ýetmän galýar. Ýogsam tankytçylaryñ kitaplaryna bolan isleg
az däl.
▶ Tirkiş JUMAGELDIÝEW:
Men tankyt boýunça Sowetiñ başlygy N.Hojageldiýewiñ dokladyndan türkmen
tankydynyñ şu günki ýagdaýy barada çuññur analize garaşypdym. Doklad
tankytçylarymyzyñ işi hakda däl-de soñky döwür edebiýatymyzda žanrlar boýunça
döredilen eserleriñ hasabatyna meñzeýär. Eger ol stil taýdan özgerişlikler, şol
özgerişliklere tankytçylaryñ näderejede çemeleşip bilişleri hakda degerli pikirler
aýdan bolsa, ýerlikli bolardy. Biziñ tankytçylarymyzyñ gerimi, edebi prosese
bütinsoýuz prosesiñ nazaryndan garap, baha bermäge ukyby, şu ýagdaýyñ pesligi
zerarly türkmen tankydynyñ Soýuz möçberine çykyp bilmeýändigi çynlakaý
derñewe garaşýar. Eger şu meseleler barada oýlanyşykly, çynlakaý gürrüñ açylan
bolsady, dokladdaky subýektiw äheñlere ýer galmazdy. Häzirki diñlän
dokladymyzda, esasan, Hojageldiýewiñ şahsy halamaýan awtorlarynyñ eserleriniñ
mertebesini her edip-hesip edip peseltmek tendensiýasy bar. Doklad ýazylandan
soñ, tankyt Sowetiniñ ähli çlenleri bilen maslahat edilmeli ekeni.
"Edebiýat we Sungat" gazetinde Nuralyýewiñ jedelli makalasy bilen bagly dowam
eden poeziýa jedeli barada köp gürrüñ edildi. Şol jedele ýazyjylaryñ, tankytçylaryñ
işeññir gatnaşmadyklary bellendi. Meniñ pikirimçe, munuñ degerli sebäbi bar.
Nuralyýewiñ makalasy mahabatlandyryp oturar ýaly çuññur makala däl. Gazet
jedel başlamak islän bolsa, makalany bermezden öñ, awtorlaryñ şahsyýetine kesek
atylýan äheñleri aýyrmaly eken. Goý, poeziýa barada adalatly jedel bolsun. Gazet
dürli pikirleri sabyrlylyk bilen diñläp, soñra redkollegiýanyñ adyndan gowy
äheñde öz pikirini aýtmalydy, medeniýetli etika şuny talap edýärdi. Gazet nätdi?
Nuralyýewiñ pikirini öz pozisiýasy hökmünde tutanýerlilik bilen goramaga
başlady. Beýle boljak bolsa, jedele çagyrmagyñ nämä derkary bardy! Jedeliñ
garaşylmaýan ugra gidenini gören adamlar oña gatnaşmakdan saklanan bolsalar
gerek. Gazet jedeliñ dowamynda aralyk ýagdaýy saklap, ahyrda dürli pikirlere
çeper edebiýatyñ bähbidi bilen baha bermegi başaran halatynda peýdaly jedeller
geçirip biler!
Biziñ tankytçylarymyzyñ käbirinde ýazyja syýasy ýarlyk dakmaga bolan meýil
güýçli. Käbiri bolsa, diñe meniñ pikirim ykrar edilmeli diýýär. Tankytda
monopoliýa gazanmak meýli çeper pikiriñ ösmegine däl-de, onuñ bogulmagyna
getirýär.
Edebiýatyñ baýlygy dürli stilde işleýän ýazyjylaryñ döredijiligine bagly. Her
ýazyjynyñ öz orny bar. Edebiýatda bir awtoryñ ornuny, şöhratyny başga biri eýeläp
bilmeýär. Şu hakykata düşünip, birek-birege sarpa goýup işlemegimiz gerek.
Men tankytçy Swetlana Alyýewanyñ zehinli ýaş ýazyjymyz Juma
Hudaýgulyýewiñ döredijiligine aýratyn tankydy bellikleriniñ käbiri bilen
ylalaşmaýaryn. Bir eserden bir bölek alyp, şol bölek boýunça tutuş netijä
gelmekden saklanylsa gowy bolardy.
▶ Nafi JUSOÝTY,
(Gruziýa):
- Men Rahym Esenowyñ "bize gelen tankytçylaryñ hiç haýsy hem türkmençe
okap bilenok" diýen pikirini unap duramok. Bizde myhmanyñ hatyrasyny
saklamak iñ gowy däpleriñ biri. Däbi ýitirmek gerek däl. Gep bu ýerde eseriñ
haýsy dilde ýazylanlygynda däl-de, nähili ýazylanlygyndadyr. Biz Gomeri hem
Gýotäni hem rus dili arkaly bilýäris. Gamzatowy, Kaýsyn Kulyýewi, Mustaý
Kerimi hem rusça okaýarys. Beýik Şota Rustaweliniñ "Gaplañ derisinine giren
pälwan" eserini N.Zaboloskiniñ terjimesi arkaly bilýäris. Bu ajaýyp eseri rus dilini
gowy bilýän gruzin professory hem terjime etdi. Ýöne ol terjime hiç kime derkar
bolmady. Şonuñ üçinem eseriñ originalyny bilenok diýip, terjimeçä hem, tankytça
hem igenmek nädogrudyr. Biz bu ýere dil öwrenmäge gelmedik, gaýta birekbiregiñ edebiýat hojalygymyzda bolup geçýän, umumysoýuz edebiýatynda bolup
geçýän ýagdaýlar hakda, tankydyñ ýagdaýy hakynda pikir alyşmaga geldik.
Elbetde, men hem meniñ ýoldaşlarym türkmençe bilse, oña ýetesi zat ýok. Birekbiregiñ dilini öwrenip, sözme-söz terjimesiz düşünişsek, terjime etsek gowy
boljakdygyna şek ýok. Bu geljegiñ işi.
Edebiýat hojalygymyzda, jemgyýetimizde durgunlyk döwründe bolan ýaramaz
hadysalar tankydyñ ösmegine zyýan berdi. Köplenç ýerlerde tankytçynyñ pikirine
derek, başga adamlaryñ pikiri diñlendi. Biziñ öz edebiýatymyzda hem ýokary
guramalara ýaranjañlyk edip, öz galp pikirlerini geçirýän çinownik-edebiýatçylar
boldy. Galdyr-basdyrlyk, ýazyjyny her edip, hesip edip ürküzjek bolmak
tankytçynyñ borjuna girmeýär. Tankytçy öz sözli, öz pikirli, kast etmek meýli
bolmadyk adam bolmaly. Ýazyjy bilen tankytçy biri-birine garşy bolmaly däl-de,
biri-birine söýenişmeli, şeýle ýagdaýda edebiýat hem ösýär, ýazyjam nadyl
bolanok.
Siziñ gazet-žurnallaryñyzda soñky döwürlerde çap edilen makalalaryñ sözme-söz
terjimesini okap çykdym. Hemme ýerde horaz deñräk gygyrýar. Sizde hem şeýle.
Edebi tankydyñ professional derejesi gynansak-da, pes. Pawel Ulýaşow şol
makalalaryñ birinden
"Ýazyjylaryñ komandirowkalarda özlerini alyp baryşlaryna berk kontrollyk etmeli"
diýen sözleri okap:
"Şundan soñ men-ä Siziñ respublikañyza gelmäge hem çekindim" diýip dogry
aýtdy.
Ýazyjynyñ komandirowkada özüni alyp barşyna seredýän edaralar bar, oña
ýazyjylar soýuzy ýa-da tankytçy kontrollyk etse bolmaz ahyry. Men
"Литературная газета"-nyñ sahypalarynda çykyş edip durýaryn. Ýöne nämüçindir
türkmen tankytçylarynyñ umumy soýuz edebiýaty hakda-ha däl, türkmen
edebiýaty hakynda hem makalalaryna duş gelemok. Beýleki merkezi neşirlerde-de
şeýle. Elbetde, biz arkalaşyp, öz kömegimizi gaýgyrmarys, ýöne türkmen
tankytçylary-da diñe öz çygryndan çykyp bilmän ýörmän, beýkeli halklaryñ
edebiýatlary hakynda hem öz pikirlerini aýtsalar, oñat bolar. Birek-biregiñ dilini
bilmesek-de, edebiýatyny bilsek, öwrensek, diñe şonda biz hakyky
internasionalistler bolarys.
▶ Gurbandurdy GELDIÝEW:
- Çykyş eden ýoldaşlaryñ teýeneli gürrüñleriniñ içinde biziñ neşir eden
kitaplarymyzyñ hem ady agzaldy. Edilen belliklere, tankydy pikirlere däl diýjek
bolamzok. Ýugrumy ýetmedik kitaplaryñ neşir edilýändigi hemmä mälim, olar
barada metbugatda, ýygnaklarda durlup geçildi. Emma bir ýagdaýa düşünişmek
gerek. Neşirçilere gezek gelende, şeýle bir batyrgaý "topulynylýar" welin, hamana
diýersiñ, awtorlar kitabyny neşirýatyñ talaby boýunça şeýle gowşak edip ýazýan
ýaly bir duýgy döreýär. Garamaty öz boýnumyzdan aýyrmak niýetimiz ýok, ýöne
tereziniñ agramly tarapy awtorlaryñ paýyna düşýär. Onsoñam, şol kämil däl
diýilýän eserleri ýazanam, ýazýanam Siziñ özüñiz ~ şu zalda oturan ýazyjylaryñ
özleri ahyryn. Bu meseledäki "belanyñ körügi" öz-özüñe tankyt, öz ýazýan
eserlerimize tankydy garamak ukybymyzyñ gowşap gidenliginde. Käbirimiz bolsa
şeýle derwaýys zatdan düýpgöter mahrum bolupdyrys.
Edebi tankydy, edebiýaty öwreniş kitaplary az planlaşdyrylýar diýlen pikir bilen
ylalaşmazlyk mümkin däl. Her ýyl bu žanra degişli iki-üçden artyk kitap çykaryp
bilemzok. Dogrudanam, žanryñ žanr sarpasy saklanmagy gerek, "dadyrdym-da
guwdurdym" etmek nädogry. Ýöne taýagyñ ikinji ujuny - hödürlenjek
golýazmalaryñ derwaýys problemalara bagyşlanan bolmalydygyny, başgaça
aýtsak, edebi tankyt, edebiýaty öwreniş diýilýän žanra mynasyp işler
bolmalydygyny unutmaly däldiris. Tankydy kitaplaryñ tiražy juda az diýip,
menden öñürti çykyş eden ýoldaşlar belläp geçdi. Dogry aýdylýar. Okyjyda şeýle
kitaplara bolan islegiñ bardygyna-da ynanýaryn. Duşuşyklarda ol barada
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4
  • Parts
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 1
    Total number of words is 3456
    Total number of unique words is 1817
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1917
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1951
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    42.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1883
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.