Latin

Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2

Total number of words is 3548
Total number of unique words is 1917
25.8 of words are in the 2000 most common words
38.0 of words are in the 5000 most common words
44.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýa ynha, şol makalada G.Şagulyýewanyñ liriki gahrymanynyñ zeýrenjeñligi,
awtoryñ goşgularynda intim duýgularyñ agdyklyk edýänligi barada aýdylýar.
Elbetde, bir bada şeýle ýaly bolup hem duýulýandyr. Ýöne meniñçe, belki bu
şahyranyñ öz döredijilik aýratynlygydyr, öz sesidir.
Umuman, çekişmä goşulan okyjylaryñ seslenmelerinde hem öteräk geçilýän ýerleri
bar. Çekişmede, umuman, tankytda çeper analize köp üns bermeli.
Aslyýetinde, poeziýa hälki bir setirleriñ sazlaşygy däldir. Hakyky poeziýada
jadylaýjy güýç, galkyndyryjy hyjuw, oýlandyrýan pähim bardyr. Bu barada ýaş
türkmen şahyry G.Kakabaýewde şeýle setirler bar:
Epgekmi, aýazmy oñ üçin des-deñ,
Şeýle bir mylaýym, şeýle merdana.
Ýöne sen sähelçe galplyk etseñ,
Ol başyndan aýlap zyñar girdaba.
▶ Wladimir PU:
Biz bu gün tankyt barada janagyryly gürrün edýäris. Elbetde, tankydymyzyñ
ýagdaýy öwerlik däl. Ýöne, meniñçe, esasy mesele tankytçy kadrlaryñ
ýetmezçiliginde bolsa gerek. Näme üçindir hemişe ýaş ýazyjylar, ýaş prozaçylar
barada alada edilýär-de, ýaş tankytçylar barada alada edilmeýär. Ine, şu gün kämil
tankytçylaryñ azlygyndan zeýrenýäris. Emma bu ýagdaý ertirki gün nähili bolar?
Ine, şu barada biziñ çynlakaý oýlanmagymyz gerek. Ýogsa, bu meselä halys
özakymlaýyn barýar. Belki-de, uniwersitetiñ filologiýa fakultetiniñ ýanynda tankyt
bölümini döretmek gerekdir.
Elbetde, tankytçynyñ diñe okumyşlygy, edebiýaty gowy bilýänligi ýeterlik däldir.
Ol çeper dile juda ezber bolmalydyr, dili ýiti bilmelidir. Dogrusy, bu gün biz çeper
terjimäniñ ýagdaýy barada hem terjimeçiniñ iki dili hem ähli öwüşginleri bilen
öwrenmelidigi barada gürrüñ edýäris. Emma bu günki gün mekdeplerde hem
türkmen diliniñ-de, rus diliniñ-de öwredilişi juda ýaramaz. Institutda okap
ýörenleriñ köpüsi diktanty üçlüge ýazyp biläýse zor boldugy. Onsoñ çeper diliñ
ähli çuñlugy, öwüşginleri barada söz bolup bilermi? Ýagdaý şeýle bolansoñ,
mekdeplerde hem diliñ, edebiýatyñ okadylyşyna ünsi güýçlendirmeli. Sebäbi
mekdep partasyndan taýýarlyksyz gelen okuwça soñ bir zatlar öwrenmek juda kyn
bolýar.
Ine, biziñ tankydymyzyñ ertirki güni hem şu zatlar bilen baglydyr.
▶ Gylyç KULYÝEW:
- Bizde tankytçylaryñ abraýly delegasiýasy geldi. Ony TSSR Ýazyjylar
soýuzynyñ prawleniýesiniñ ýolbaşçylary çagyrypdyrlar. Näme boldugyka?
Tankytda howsalaly ýagdaý döräýdimikä? Ýok?! Tankyt hemişe bardy. Berdi
Kerbabaýewem tankyt edilýärdi, Gylyç Kulyýewem, gürrüñ tankydyñ döredijilik
mertebesini ýokarlandyrmak, onuñ mazmuny jähtden obýektiw, hakykata laýyk,
professional jähtden degerli, talaba laýyk bolmagyny gazanmak barada gidýän
bolara çemeli. Bu wezipäni amala aşyrmak, ozaly bilen, biziñ özümize, döredijilik
işlerimizi negatiw ýagdaýlardan arassalap bilşimize bagly.
Nähili negatiw ýagdaýlar barada gürrüñ gidýär?
Ine, "Sowet Türkmenistanynda" şu ýylyñ 14-nji fewralynda çykan makaladan bir
parça" "Býurokratçylyk, ildeşlik (землячество - t.b.), dost-ýarlyk we gaýry
gözboýagçylyk meýilleriniñ döredijilik intelligensiýasynyñ arasyna aralaşmagy
türkmen edebiýatynda-da, türkmen edebiýatçylarynyñ arasynda-da käbir negatiw
ýagdaýlary döretdi.."
Gazet bu hakykaty nygtamak bilen, geçen plenumymyzda region barada bolan
gürrüñi garaçyny bilen ýazgarýar, ony nadaralyk saýýar. Ilçilik bu region dälmi?
Biziñ pikirimizçe, region bilen ilçiligiñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Onda näme
üçin redaksiýa region baradaky gürrüñi eşidip ör-gökden geldikä? Sebäbi ony
problema gyzyklandyranok, şahsyýet gyzyklandyrýar. Bu barada TSSR Ýazyjylar
soýuzynyñ partiýa guramasynyñ ýygnagynda möhüm gürrüñ boldy, kommunistler
gazetiñ redaktory Kerimini nobatdaky partiýa ýygnagyna çagyrmagy, bu mesele
barada aç-açan gürleşmegi biragyzdan karar etdiler. Kommunustleriñ raýy ret
edilmez diýip umyt edýäris.
Näme üçin kommunistler hut redaktoryñ özüni çagyrmagy karar etdilerkä? Sebäbi
gazetleriñ käbir ýolbaşçylary ýaş, az tejribeli işgärleri öñe sürüp, özleri çetde
durjak bolýarlar. Gazetlerde çykýan makalalara, biziñ pikirimizçe, ozaly bilen,
gazete ýolbaşçylyk edýän adamlar jogap bermelidirler. Tankydy işler barada
gürrüñ edilende bolsa, ýaşlyk, tejribesizlik üçin hiç hili ýeñillik berilmeli däldir.
Biziñ eserlerimizde, şol sanda meniñ eserlerimde-de, elbetde, ýetmezçilikler bar.
Magtymguly barada bir roman çykdy. Onuñ barasynda entek köp eser dörediler.
Ynha Hudaýberdi Durdyýew şahyr barada öz oýlanmalaryny ýazypdyr. Işde oñat
paýhas, pikirlerem bar, möhüm ýetmezçiliklerem. Sabyr-takaty elden bermän,
kärdeşlerçe düşünişmeli, pikir alyşmaly.
Golaýda Kerim Gurbannepesowyñ "Parahatlyk ilçisi" poemasyny okadyk. Eser
ideýa jähtden örän agsaýar, hakykatdan daş. Men bu barada makala ýazmagy
ýüregime düwdüm. Emma saklandym. Sebäbi Kakaly Berdiýew makalany çap
eder-de, ertesi güni ýagdaýyndan peýdalanyp, seslenme gurar. Onuñ ozalky guran
seslenmeleriniñ oñaýly netije bermändigini, gaýtam garyşyk pikirler döredenligini
ýene bir gezek nygtap geçesim gelýär.
Ýene bir mesele barada: merhum kärdeşlerimiziñ eserleriniñ içinde jüpüne
düşenem bar, jüpüne düşmedigem. Nätmeli? Men 1972-nji ýylda B.Seýtäkowyñ
"Doganlar" romany barada makala ýazdym, ondaky syýasy-teoretiki ýalñyşlary,
wakalaryñ nädogry wasp edilişini görkezdim. Emma TKP MK-nyñ ideologiýa
boýunça şol wagtky sekretary Çary Ataýew makalany goýbermedi, biz halk
ýazyjysynyñ abraýyna zeper ýetirip bilmeris diýdi. "Türkmenistan" neşirýaty şol
romany gaýtadan neşir etmegi planlaşdyrýar. Biziñ pikirimizçe, romany möhüm
teoretiki-syýasy ýalñyşlardan saplaman bu günki ýaş nesle hödürlemek ideologiýa
işimize diñe zyýan ýetirer. B.Seýtäkow biziñ edebiýatymyzyñ ösüşinde ähmiýetli
rol oýnady. Ol ençeme eseriñ awtory. Gürrüñ bolsa onuñ bir eseri barada, ondaky
gödek ýalñyşlyklary düzetmek barada gidýär. Ol ýalñyşlaryñ düzedilmegi
B.Seýtäkowyñ abraýyna zeper ýetirmez, gaýtam eser barada-da, onuñ awtory
barada-da gowy pikirleriñ, okyjylarda wasp edilýän wakalar hakda dogry
düşünjäniñ döremegine kömek eder.
▶ Swetlana ALYÝEWA:
- Elbetde, türkmen dilini bilmezligimiz bizde türkmen edebiýatynyñ, aýratyn hem
türkmen prozasynyñ ösüşini öwrenmekde, gahrymanyñ pikirleniş derejesine
aralaşmakda gaty bökdençlik döredýär. Men bu ýerde Moskwada ýaşaýan
edebiýatçylar barada aýdýaryn. Hawa, dili bilmezlik türkmen edebiýatynyñ
täzelikleri bilen tanyşmakda, ony ýylysy bilen propogandirlemekde, ýagny tankydy
pikiri orta atmakda has hem bökdençlik döredýär. Soñky ýyllarda türkmen
prozasynda Tirkiş Jumageldiýewiñ, Ýylgaý Durdyýewiñ, Nury Baýramowyñ, Çary
Aşyrowyñ, Ýazmyrat Mämmediýewiñ, ýaş prozaçylardan Annageldi
Nurgeldiýewiñ, Oraz Ýagmyrowyñ, Kömek Kulyýewiñ eserleriniñ peýda
bolandygyny bilýärin. Ýöne rus dilinde okaýanlygym üçin bularyñ hemmesi bilen
heniz meniñ tanyşlygym ýok. Dogrusy, men Tirkiş Jumageldiýewiñ täze romany,
ýaşlardan Juma Hudaýgulyýewiñ, Akmuhammet Welsaparowyñ, Jumadurdy
Nepesowyñ powestleridir hekaýalary bilen welin tanyşmaga ýetuşdim.
Bulardan başga kitaplary Moskwada neşir edilen ýa-da eserleri terjime edilen
awtorlardan Gylyç Kulyýewiñ, Atajan Taganyñ, Ogultäç Orazberdiýewanyñ,
Orazguly Annaýewiñ, Atageldi Garaýewiñ we beýleki käbir awtorlaryñ eserlerinide okadym. Elbetde, türkmen prozasynyñ baýlaşýandygyny aýtmak gerek. Eýsem
bularyń eserlerinde näme üýtgeşiklik, nähili täzelik bar?! Ine, bu zatlary welin
türkmen tankydynda, bütinsoýuz tankyt hem öz wagtynda duýmalydyr.
Ine, men Aşgabatda, şu uly maslahata gaýtmazymyñ öñinçäsi "Литературное
обозрение" žurnalyndan Berdinazar Hudaýnazarowyñ ünsüñi çekýän şeýle
sözlerini okadym:
"Häzirki zaman adamy diýlende, öñi bilen, onuñ ylmy-tehniki rewolýusiýa
zamanynyñ adamydygyny aýtmak gerek. Onuñ nazaryýeti giñ we köpgyrañly".
Bu biziñ döwürdeşlerimiz barada örän jaýdar aýdylan pikir. Hakyky ýazyjy hem öz
eserlerinde hut şol nazaryýeti giñ, häzirki zaman adamynyñ keşbini
suratlandyrmagy başarmalydyr. Ýazyjynyñ borjy onuñ, ýagny ylmy tehniki
rewolýusiýanyñ adamynyñ begenjini, gynanjyny, özüni alyp barşyny, içki
psihologiýasyny açyp görkezmegi başarmakdan ybaratdyr. Awtor ýaşaýşyñ dürli
wakalaryny hernäçe gyzykly gürrüñ berse-de, ol döwrüñ keşbini, döwürdeşimiziñ
keşbini döredip bilmese, ol hakyky ýazyjy däldir.
Eýsem, türkmenistanly ýazyjylar nämelere üns berýärler, haýsy temalara
ýüzlenýärler, nähili problemalary orta atýarlar?! Şu meseleleriñ tankyt tarapyndan
öwrenilişi nähili? Ynha, Atajan Taganyñ, Ýazmyrat Mämmediýewiñ, Ýuriý
Belowyñ, Walentin Rybiniñ we beýlekileriñ bireýýäm çykan kitaplary barada
tankyt näme aýtdy? Bu eserler barada Türkmenistanda ylmy derñewler alnyp
barylýarmy?
Ýa ynha, taryhy rewolýusion tema, türkmen milli intelligensiýasynyñ kemala
gelmegi bilen baglanyşykly meseleler nähili? Ine, şu ýerde öñi bilen Ata
Atajanowyñ döredijiligi ýadyña düşýär. Onda geçmişe şu günüñ belentliginden
nazar salynýar. Umuman, türkmen prozasynda pikirlenmäge, jedelleşmäge zat bar.
Emma türkmen tankydy bu zatlara gowşak üns berýär.
30-njy ýyllarda N.Saryhanow türkmen obasyna täzeligiñ gelşini ussatlyk bilen
beýane edýär. Eýsem, şu günki türkmen obasyny suratlandyrýan awtor barmy? Ýa
bolmasa birentek awtorlar häzirki zaman temasyna ýüzlenýärler. Emma köneçe
beýan edýärler. Şol bir wagtyñ özünde howlukmaçlyk edýärler, tizräk meşhurlyga
ymtylýarlar.
Elbetde, ýaşlaryñ arasynda-da ünsüñi çekýänler bar. Men zehinli ýaş ýazyjy Juma
Hudaýgulyýewiñ eserleriniñ birnäçesini okap gördüm. Ol forma tapmaga ökde,
awtoryñ ýiti synçylygy bar, suratkeş, eserleriniñ dili çeper, täsirli, tolgundyryjy.
Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Emma zehin nämä sarp edilýärkä, awtor
näme aýtmagy maksat tutundyka diýip oýlanýarsyñ. Ynha, onuñ "Harasat" diýen
powesti bizde şeýle pikirler oýardy. Dogry, awtor şukşinçilige eýerip, häsiýet
döretmäge ökde. Emma beýan edişinde naturalistik äheñ bar. Jumadurdy
Nepesowyñ "Saçlar agarýar" diýen hekaýasy oñat eken.
Üçünji bir ýazyjy Akmuhammet Welsaparowyñ hekaýalaryndan göwnüm suw
içmedi. Olar hiç bir babatdan ünsümi çekmedi. Ýöne onuñ "Gawunkelle" powesti
welin erbet däl. Onda oýlanara zat bar.
Dogrusy, türkmen prozasynyñ esasy keşigini ýaşuly hem orta nesil çekip gelýär.
Meselem, Gylyç Kulyýewiñ, Tirkiş Jumageldiýewiñ, Ata Atajanowyñ, Atajan
Taganyñ eserleri çeper analize, ylmy derñewlere garaşýar.
Ýöne şu günki türkmen prozasynda heniz ylmy-tehniki rewolýusiýa zamanynyñ
nazaryýeti giñ hem köpgyrañly gahrymanynyñ ýokdugyny aýtmak gerek. Täzeçe,
hyruçly pikirlenýän gahryman ýok. Dogrusy, bu günki türkmen prozasyna täze
döwrüñ talaplaryna bap gelýän konfliktler, aktiw sosial pozisiýaly, durmuşyñ
meselelerine aýdyñ göz ýetirip bilýän sagdyn düşünjeli, paýhasly gahryman
ýetmezçilik edýär. Prozaçylar heniz durmuşyñ gündelik wakalaryny beýan
etmekden, tema ownukçyllygyndan, milli çäklerden, gaýtalamadan, ýasamalykdan
saplanyp bilmeýärler. Ýazyjylar 30-njy ýyllarda türkmen prozasynyñ hyruç bilen
başlan däplerini ýatdan çykardylar.
▶ Akjemal OMAROWA:
- Adam ykbalyny has çuññur öwrenmek üçin nämeler etmeli?! Nädip gowy-gowy
goşgular, poemalar, hekaýalar, romanlar döretmeli?! Munuñ üçin, ozaly bilen,
döwrüñ talaplaryna dogry düşünmek hem-de hakyky döredijilik gözlegleriniñ
belentligine göterilmek zerur.
Elbetde, biz ýazyjylar maýda-çüýde zatlara gümra bolman, irginsiz işlemelidigine
düşünýäris. Rewolýusion özgerişler, täzelenme öwüsgini köp zatlaryñ üstüni açdy,
ýazyjylaryñ has hem tijenip işlemelidikleri aýan boldy. Şonuñ bilen birlikde,
düýnki gün goýberen hatalarymyzyñ agyr netijeleri hem öñümizde keserdi.
Gündelik durmuşymyzda çözgüdine garaşýan problemalaryñ uly topary bar.
Emma, biz ýazyjylar tä şu çaka çenli köplenç hemme zady gülala-güllük edip
görkezdik. Bu ýagdaý edebi tankydymyza-da ýaramaz täsir etdi. Durgunlyk
ýyllarynda edebiýatymyzyñ problemalaryny çuññur açyp görkezýän düýpli
makalalar juda seýrekledi. Şeýlelikde, çig-çarsy eserler gitdigiçe artdy. Şowly
eserleri bilen agza düşen ýazyjylar bolsa, yzygiderli öwüldi. Netijede, özözümizden talaby gowşatdyk, arkaýynlaşdyk. Kerim Gurbannepesow, Berdinazar
Hudaýnazarow ýaly ýazyjylar köplenç tankytdan daşarda galdy. Soñky ýyllarda
olaryñ adresine ýekeje-de tankydy bellik edilmedi. Elbetde, K.Gurbannepesowam,
B.Hudaýnazarowam zehinli ýazyjylar, olaryñ oñat-oñat eserleri döredendiklerine
söz bolup bilmez. Ýöne olaryñ döreden eserleriniñ hemmesiniñ añrybaş eserler
däldigi hem belli.
Mydama öwlüp ýörseñ, soñabaka tankydy iññän ýokuş görjegiñ düşnükli. Men
poeziýa sowetiniñ maslahatynda B.Kerbabaýewe salgylanyp, K.Gurbannepesowyñ
"Taýmaz baba" poemasy barada kiçijik tankydy bellik etdim. Şondan köp wagt
geçmänkä "Käbir takyklamalar" atly makala peýda boldy. Onda "Taýmaz
babanyñ" awtory öz poemasy barada aýdylan öwgüli sözleri getirip, özüni
aklamaga synanyşýar. Bu tankydy ýokuş görmegiñ, ondan goranjak bolmagyñ
alamaty dälmi näme?! Dogry, nädogry pikiri ýalana çykarmak başga gep. Emma
hakykaty ýaşyryp bolmaýar.
Geljekde hiç bir eseriñ, hiç bir ýazyjynyñ tankytdan daşarda galmazlygyny
gazanmaly. Bu diñe üstünlik getirer.
▶ Baýram JÜTDIÝEW:
- Ynha, indi on-on bäş ýylyñ içidir biz edebi tankydyñ ýagdaýynyñ
ýaramazlygyndan zeýrenýäris. Ýöne ähli günä tankytçylaryñ üstüne syrykdyrylsa,
megerem, adyl bolmazdy. Biz ýazyjylar hem-de şahyrlar günäniñ bir bölegini,
belki has agramly bölegini öz üstümize almalydyrys. Dogrusy, biz tankytçylary
aýamadyk, kömege mätäç pursatlarynda goldamadyk. Tersine, öz abraýymyz,
çinimiz-derejämiz bilen käte ýekelikde, käte ýygyn çekip, üstlerine hüjüm etdik.
Mysal üçin, A.Nurmämmedow Magtymgulynyñ obrazyny döretmäge edilen
synanyşyklar hakynda düýpli makala ýazdy. Şeýle çynlakaý makala ýazany üçin
goldama derek, G.Kulyýew ýaş tankytçyny her hili ýollar bilen utandyrmaga
synanyşdy.
N.Hojageldiýewiñ dokladynda ýerlikli bellenilişi ýaly, "Edebiýat we Sungat"
hepdeliginde soñky on ýylyñ ýaş poeziýasynyñ ýagdaýyna bagyşlanan çekişme
guraldy. Çekişme poeziýa sowetiniñ giñişleýin maslahatynda jemlenildi.
Göräýmäge, şeýle tutumly gürrüñçiligi gurany üçin redaksiýanyñ kollektiwine
hoşallyk bildiräýmeli ýaly. Ýok, ýene şol öñki nägilelik, hyşy-wyşy, teýeneli
gürrüñler.
Her kim her näme diýse-de, bizde edebi tankydam, edebiýaty öwreniş ylmam bar.
Emma, edebiýatymyzda Soýuz derejesinde işleýän ýekeje-de tankytçynyñ
bolmazlygy, birhili çetiñe degýär. Edebi tankydymyza analiz çuñlugy, pikir giñligi,
öz sözüñ yzynda durmak, ony dik durup goramak medeniýeti ýetmeýän bolsa
gerek. Edebi tankydyñ bir topar ýyllap gadymy köşk şahyrlarynyñ roluny oýnap
gelendigi bu gün hiç kime gizlin däl.
Tankytçylara, göwnüme bolmasa, juda ýowuz daraldy öýdýän. Tankytçy diýen
millet gaty çydamlydyr welin, olar "jeñ" meýdanyndan, ýeñilen polk ýaly,
baýdaklaryny taşlap gaçmaga mejbur boldular. Hatda garadan gaýtmaz Abdylla
Myradowam ömrüniñ soñky ýyllaryny proza bagyşlady ahyryn!
Dokladda türkmen sowet poeziýasynyñ şu günki ýagdaýy hakynda degerli pikirler
aýdyldy. Türkmen sowet poeziýasynyñ arkasynda beýik Magtymguly hem-de
Gündogaryñ uly mekdebi, Puşkiniñ, Lermontowyñ, Nekrasowyñ, Ýeseniniñ,
Twardowskiniñ genisi, dünýä edebiýatynyñ Geýnesi, Baýrony, Lorkasy bar. Resul
Gamzatowdan başlap Loik Şerala çenli ululy-kiçili şahyrlaryñ hemmesi bu gün
biziñ mekdebimiz! Şeýle bolansoñ, ondan diñe Soýuz ölçegi bilen talap etmek
gerek. G.Seýitliýew bilen K.Gurbannepesowyñ, B.Hudaýnazarow bilen
R.Seýidowyñ, A.Agabaýew bilen G.Ezizowyñ poeziýasy hut şol derejedäki
poeziýadyr. Bizde ýene-de birtopar zehinli şahyrlar we talantly şygyrlar bar. Olar
Moskwada, beýleki doganlyk respublikalarda, daşary ýurtlarda çap edilýär. Bu
begençli ýagdaý! Ýöne biziñ poeziýamyzda düýpli kemçiliklerem bar. Harsallyk,
tema ownuklygy, birek-biregi gaýtalamak halys ýadadýar. Setir sany, kitap sany zehiniñ ölçeg birligine öwrülip gitdi.
Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyñ 70 ýyllygyny bellemäge taýýarlanyp
ýörüs. Emma türkmen goşgusy henize-bu güne çenli eli-aýagy bilen sözme-söz
terjimä mäkäm kökerilgi! Ýagdaý şeýle bolansoñ, dünýä inen gününde abraý
gazanyp bilmedik şygyrlaryñ birentegi terjimede utuş gazanyp bilýär. Onsoñ giden
düşnüksizlik döreýär.
Originalynyñ dilini bilmän, çeper esere baha bermek halys ýoñ bolup barýar.
Meniñ Puşkiniñ goşgularyny okap başlanyma azyndan kyrk ýyl dagy bolandyr.
Onuñ birentek goşgularyny terjime-de etdim. Emma Puşkiniñ goşgularynyñ
gürrüñi edilende, ili diñlänimi gowy görýän. Çünki, şygyr bir halkyñ ruhudyr,
onuñ ýüreginiñ iñ eziz, iñ inçe syrydyr. Ady ýadymda ýok, rus ýazyjylarynyñ biri
şeýle diýipdir:
"Hala uly bolsun, hala kiçi, parhy ýok ~ her bir halkyñ beýik poeziýasy bardyr.
Ýöne rus prozasy ýaly beýik proza welin gaty azdyr".
Şundan gowy aýtmak mümkin däl.
SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýanynda türkmen edebiýaty boýunça sowet bar.
Sowetiñ çlenleri bize belli bir derejede kömek berýärler, munuñ üçin biz olara gaty
minnetdar. Ýöne edebiýat meseleleriniñ ara alnyp maslahatlaşylyşynda
birtaraplylyk hem-de juda ýüzleýlik bar. Ol, adatça, Aşgabatda kiçiräk ýygnak
geçirmäge syrykdyrylýar. Üýşülýär, iki-üç sany mysally hasap etmeseñ, haýsy
şäherde etseñ edip durmaly umumy gürrüñ bolýar. Ýerli awtorlardan birkisi çykyş
edýär. Wessalam. Soñra öz aramyzdaky ýeser pyýadalar myhmanlary alyp
gaçýarlar-da, hiç kime görkezmän geçäýýärler. Bize bolsa özara pikir alyşmalar,
gürrüñçiligiñ yzyndan döredijilik dostlugyna geçmegi gerek. Şeýle dostlugyñ
öñden gelýän oñat däplerini dowam etdirmeli.
Dost - dostuñ aýnasy. Aýnalar bolsa şahyr aýtmyşlaýyn:
"Seniñ ýüzüñe seredip ýalan sözländen, döwlenini gowy görermişin".
Ajaýyp pikir!
▶ Nazar GULLAÝEW:
- Biziñ edebi prosesimiziñ hem şol barada söhbet açýan edebi tankydymyzyñ
teýiniñ durmuşy, taryhy taýdan dogruçyl, ylmy taýdan esasly bolmagy üçin biziñ
ýazyjy-şahyrlarymyzyñ-da, tankytçylarymyzyñ-da halkymyzyñ, edebiýatymyzyñ,
folklorymyzyñ hem sungatymyzyñ taryhyny bilmekleri zerur.
Ýe.E.Bertels XVIII asyrdan ozal türkmenlerde edebiýatyñ bolandygyny inkär
edenlere jogap hökmünde mundan kyrk ýyl gowrak öñ şeýle ýazypdyr:
"Türkmen halkynyñ çeper söze bolan söýgüsi hemmä bellidir... Bu halk, haçan-da
bolsa bir wagt poeziýasyz oñupdyr diýip, diñe şu halkyñ ganym duşmany pikir
edip biler".
Bu ýerde alym, elbetde, Magtymgulydan añyrky 7-8 ýüz ýyly göz öñünde
tutupdyr. Hakykatda bolsa, ondan has gadym zamanlarda-da türkmen halkynyñ
belli bir derejede ösen medeni durmuşynyñ bolandygyny dürli häsiýetdäki taryhy
çeşmeler tassyklaýarlar. Emma bu ugurdan edilen işler halkymyzyñ entek özüniñ
giñden hem çuñdan öwrenilmegine garaşýan iki ýarym ýyllyk edebiýat taryhyny
göz öñüne getireniñde, deñziñ damjalary ýalydyr. Şeýle bolsa-da, edebi
tankydymyz entek şolar barada hem öz aýdaýmaly sözüni doly aýdyp ýetişenok.
Mysal üçin, çärýek asyryñ dowamynda bular barada A.Meredowyñ üç,
T.Nepesowyñ iki, Emir Najybyñ, D.Nuralyýewiñ, A.Atdaýewiñ, G.Gurbanowyñ
hersiniñ bir, biziñ hem dört sany resenziýamyz çap edildi.
Görşümiz ýaly hiç bir jähtden-de kanagatlanarly däl. Emma etjek alajyñ ýok.
Munuñ beýle bolmagynyñ sebäbi näme?! Birinjiden, bu döwürden material tapmak
kyn. Ikinjiden, şularyñ baryna hötde geläýeñde-de käte berekella derek, garamata
galynýan halatlary az bolmaýar.
Üstesine-de TDU-nyñ türkmen filologiýasy fakultetinde, W.I.Lenin adyndaky
türkmen döwlet pedagogik institutynda "Gadymy hem orta asyrlar türkmen
edebiýaty" kursunyñ öwrenilýändigine garamazdan, TSSR YA-nyñ Magtymguly
adyndaky dil we edebiýat institutynda gadymy döwürler-ä däl, orta asyrlar hem
indi ençeme wagt bäri hiç kim tarapyndan düýpli öwrenilenok.
Ýagdaý şeýle bolansoñ, edebiýatymyzyñ gadymy hem orta asyrlar döwri
düýbünden öwrenilenok diýlen ýaly. Ol döwürleri işläp biläýjek kadrlar bolsa örän
az. Bolanlary-da sowaşygrak işlerde işledilýär.
Garaz, täzeden gurmak döwrüniñ talabyna görä, kadrlary ýerli-ýerinde goýmaly
hem olardan örän rejeli peýdalanmaly. Ahyr netijede bolsa gadymy, orta, XVIII
hem XIX asyrlar edebiýatymyzyñ häzirki zaman talaplaryna laýyk öwrenilmegini
gazanmagymyz gerek.
▶ Narbaý HUDAÝBERGENOW,
professor (Daşkent):
- Men türkmenleriñ arasynda doguldym, türkmen çagajyklary bilen mekdebe
gatnadym. Men häzir hem özümi azda-kände türkmen hasaplaýaryn. Şol sebäpli-de
türkmen ýazyjylary şatlansa, men hem şatlanýaryn, olar gynansa meniñem ýüregim
gyýylýar. Türkmen ýazyjylarynyñ işi, döredijiligi bilen ýürekden gyzyklanýaryn.
Onsoñ, men bu gün bu ýerde çykyş eden ýoldaşlaryñ dürli pikirleri orta atmagynyda unaýaryn. Sebäbi, biz türkmen tankydynyń bu günki ýagdaýyndan köpçülik
bolup baş alyp çykmak üçin ýygnandyk.
Edebiýat hem tankyt bir bitewi zatdyr. Meniñ añlyşyma görä, türkmen
edebiýatynda hem, tankydynda hem nähilidir öñe gidişlikler bar. Häzir bütin
ýurdumyzda täzeçe işlemeklige geçilýär, rewolýusion özgerişler durmuşa
geçirilýär. Eýsem, bu zatlar türkmen edebiýatynda nähili? Men, elbetde, merkezi
neşirlerde çykýan kitaplary yzygiderli okaýaryn. Şolardan Tirkiş Jumageldiýewiñ,
Atajan Taganyñ proza eserleri, Atamyrat Atabaýewiñ, Nobatguly Rejebowyñ
goşgulary ünsümi çekýär. Elbetde, bu awtorlar heniz edebiýatda uly bir çeperçilik
açyş etmedik hem bolsalar, olar dogry ýol bilen barýarlar.
Eýsem, türkmen edebi tankydynda hem öñe gidişlikler bar. Ýöne tankytda heniz
köki bilen aýryp zyñmaly zatlar hem bar. Şolaryñ biri hem prowinsializmdir.
Meniñ prowinsializm diýýänim diñe bir ýurduñ çet künjeklerinde däl, eýsem
Moskwada hem, merkezi metbugatyñ sahypalarynda hem bolup biler. Estetiki
körlük, sadalyk, galypdan çykyp bilmezlik şol prowonsializm diýýänimize barýar.
Şu diýýänlerime bolsa men türkmen tankytçylarynyn makalalarynda duş gelýärin.
Beýle ýagdaý tankytçylaryñ ýetilen we ýetilmedik derejelere talapkärçilik bilen
baha beren wagtlarynda ýüze çykýar. Sebäbi şol talapkärçilik degerli deliller bilen
subut edilmeýär. Ol deliller bolsa çeper döredijiligiñ kanunlaryndan ybaratdyr.
Men şu ýerde Ulýaşowyñ aýdyşy ýaly, türkmen tankytçylarynyñ käte şu günki
güne laýyk diýip, asla nälaýyk zady aýdyp goýberýändigi baradaky pikiri bilen
ylalaşamok.
Ine, şu gün türkmen poeziýasy barada bolan jedeliñ gürrüñini köp etdiler. Köpler
Durdymuhammet Nuralyýewiñ makalasynda şu günüñ täzeçe işlemek, täzeçe
çemeleşmek pikiriniñ bardygyny aýtdylar, ony goldadylar. Men welin
D.Nuralyýewiñ aýdýanlary bilen ylalaşamok.
Ol öz pikirini subut etmän, ýerliksiz tankyt edýär. Munuñ özi Atamyrat
Atabaýewiñ, Nobatguly Rejebowyñ goşgulary barada hem şeýle. Tankytda, ondada poeziýanyñ tankydyna gezek geleninde tankytçy gaty duýgur bolmalydyr.
Goşgularyñ diñe bir gönümel manysyny däl-de, eýsem setirleriñ añyrsynda ýatan
manysyny-da duýmagy, akyl ýetirmegi başarmalydyr. Awtor ýöne bir tankytlaman,
eýsem goşgyny çeper analiz etmelidir. Hatda poeziýanyñ jedeli bilen bagly çap
edilen materiallarda liriki gahryman bilen awtoryñ garyşdyrylýan, şahyrlaryñ
şahsyýetinw degilýän ýerleri-de bar. Munuñ özi asla ýol berilmesiz ýagdaýdyr.
Onsoñam goşga "syýasy taýdan yrga" diýmek üçin, öñünden berk oýlanmak gerek.
Özüm-ä D.Nuralyýewiñ makalasynda N.Rejebowyñ goşgularyndan mysal getirip,
yrga diýýäni bilen ylalaşamok. Tankyt gaty obýektiw, medeniýetli, sowatly
bolmalydyr. Diñe şeýle tankyt edebiýatyñ ösüşine itergi berip biler.
Muhammetguly Amansähedowyñ Nury Baýramowyñ kitabyna ýazan synynda hem
nädogry netijeler çykarylýan ýerleri bar.
Ýa ynha, şu günki dokladda Tirkiş Jumageldiýewiñ "Mähekdaş" romany barada bir
topar zatlar aýdylýar. Dogrusy, özüm-ä bu romany okamok. Ýöne dokladçynyñ
aýtmagyna görä, romanyñ baş gahrymany Aýgözel eseriñ başynda bir topar uly-uly
işleri etmegi maksat tutunýar. Uly hyruç, uly hyjuw bilen şähere gidýär. Emma ol
Baýnazara duşan gününden onuñ ähli uly maksatlary, arzuwlary biderek bolýar-da,
ol diñe öz şahsy durmuşy bilen meşgul bolýar. Özi-de bu ýagdaý romanyñ ahyryna
çenli dowam edýär. Dokladçy eseriñ esasy gahrymanynyñ şeýle görkezilmeginde
ýazyjyny ýazgarýar. Men bu meselede dokladçy bilen ylalaşamok. Eýsem Lew
Tolstoýyñ Anna Kareninasy nähili?! Eseriñ bütin dowamynda Anna we Woronskiý
şahsy durmuş meselelerini çözýärler. Eýsem şahsy durmuş meseleleriniñ jeminden
jemgyýetçilik pikiri gelip çykmaýarmy näme?! Ýoldaşlar, esere baha berleninde
birtaraplaýyn netije çykarman, oñat oýlanyp, awtoryñ aýtjak bolýan zadyna göz
ýetirmegi başarmak gerek. Diñe şeýle tankyt ýazyjyny oýlandyryp biler, oña
eserini has çeperleşdirmäge, kämilleşdirmäge ýardam edip biler.
▶ Şadurdy ÇARYGULYÝEW:
- Men "Edebiýat we Sungat" gazetiniñ tankyt bölüminde işlän döwürlerimde
biziñ intellektual derejämiziñ heniz juda pesdigine göz ýetirdim. Tankydyñ
gysylmagy, tankyt üçin yzarlamak ýaly nogsanlyklaryñ özi hem şol peslikden
gözbaş alyp gaýdýar. Soñky ýyllarda tankytçylaryñ hatary seýrekledi. Edebiýatyñ
şu günki durgunlygy hem hut şu zatlar bilen baglydyr.
Tankyt goldawa mätäç. Sebäbi soñky ýyllarda harsal eserlerini, harsal kitaplaryny
uly bir edebi gymmatlyk, täzer bir açyş hökmünde arşa göterip baýlyk edinenlerde, uly-uly atlar alanlar-da boldy. Ýagdaý häzir hem gaty üýtgeýär. Indi çigçarsylyk sähelçe tankytlansa, onuñ eýeleri baýraklaryny, atlaryny öñe tutup:
"Tankyt eýle bolmaly däl, beýle bolmaly" diýip görkezme berip başlaýarlar.
Elbetde, bu uly maslahatyñ esasan "Edebiýat we Sungatyñ" sahypalarynda çap
edilen makalalaryñ töwereginde barýandygy bizi begendirýär. Iş edilýän ýerde
gowy taraplar bilen birlikde bärden gaýtmalaryñ-da bolmagy mümkin. Ýöne beýle
zatlar üçin haýbat atmak, ýanamalar asla nädogrudyr.
Partiýamyzyñ kararlaryndan ugur alyp, tankydy birneme janlandyrdyk, jedelli
makalalar çap etdik. Emma tankyt üçin ýazyjylar makalanyñ awtoryna ýa-da
redaksiýanyñ özüne haýbat atýarlar. Meselem, ýazyjy Gylyç Kulyýew gazetde çap
edilen "Magtymgulynyñ edebi obrazyna käbir bellikler" diýen makala üçin onuñ
awtoryna "taýaýmagyñ ähtimal" diýip haýbat atýar. Hatda birentek ýazyjylar
tankytçylary medeniýetsizlikde, sypaýyçylyksyzlykda aýyplaýarlar. Emma olaryñ
özleri welin sähel tankytlansalar, derrew ýokary organlara arz edip başlaýarlar. Biz
uly adamlar ahbeti. Eýsem, özara maslahatlaşyp, ýa-da edebi çekişmeler arkaly
düşünişip bolýar ahbeti. Onuñ üçin işli adamlary işden goýup ýörmek nämä
gerek?!
Şu ýerde respublikamyzyñ beýleki gazetleriniñ çeper edebiýatyñ tankydyna üns
bermeýändiklerini hem aýdasym gelýär.
Tankytçylary goldamak gerek. "Tankytlap adam göwnüne degmek nämä gerek?"
diýip tankytçynyñ badyny almaly däl. Tankydyñ adalatly, subutly bolmagyny talap
etmek başga gep.
Edebi çekişmeler hem olara okyjylaryñ ýazan seslenmelerime ýazyjylaryñ
birnäçesi nädogry düşünýär. Hamana diýersiñ, ol seslenmeleri okyjylaryñ özleri
ýazmaýarmyş-da, olary redaksiýanyñ işgärleri birini abraýdan düşürmek üçin,
bilkastlaýyn taýýarlaýarmyş.
Beýle betgümanlyk, elbetde, biziñ umumy işimize zyýan berýär. Şeýle negatiw
ýagdaýlary biz diñe öñküden-de prinsipial, ýüz görmezek hem adyl tankyt arkaly
ýok edip bileris, edebiýatyñ hakyky söweşjeñligini, sagdynlygyny gazanyp bileris.
▶ Begmyrat USSAÝEW:
- Biziñ ýurdumyzda durmuşyñ ähli meselelerinde, ähli pudaklarynda uzak
wagtlap durgunlygyñ bolandygy SSKP MK-nyñ aprel (1985-nji ýyl) Plenumynda
hem-de SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ materiallarynda esasly nygtaldy. Şonuñ
üçin hem ýurtda Oktýabr rewolýusiýasynyñ ruhunda täzeden gurmaklyga girişildi.
Durgunlyk başga ugurlarda bolşy ýaly, edebi döredijilikde-de boldy. Edebi
tankytda ol hasam çökder duýuldy. Dişliräj ýazylan tankydy materiallary çap
etdirmek juda kyn düşdi.
Şol döwürlerde ýitiräk ýazylan çeper eserleri hem çap etdirmek añsat bolmady.
G.Kulyýewiñ "Gijigen ökünç" romany hakda köp aýdylýar. Eser köp ýyllap çap
edilmedi. Onuñ ýañy-ýakynda okyja gowuşmagyny üstünlik hasaplap bolmaz.
Sebäbi romanyñ ilkinji görnüşi köp derejede özgerdilip, täsirliligi gowşadylyp çap
edildi.
Geçen ýyllarda tankydy pikirleriñ gysylyşy ýaly, belli-belli adamlar tankytdan
ýörite goraldy. Şeýle ýagdaý ýazyjy-şahyrlaryñ özlerine-de peýda getirmedi.
Aýdaly, 60-70-nji ýyllaryñ görnükli şahyry M.Seýidowyñ poeziýasy 80-nji
ýyllarda göz-görtele pese gaçyp başlady. Onuñ sebäbi hem şahyr tankydy
pikirlerden daşda galdy.
Şu ýagdaý K.Gurbannepesowa-da oñaýsyz täsirini ýetirmän durmady. Telim
ýyllaryń dowamynda tankydy bellik eşitmedik şahyr muña juda öwrenişdi. Hemişe
öwgüli pikirlere garaşdy. Bu hemişe şeýle hem boldy. Şeýlelikde, zehinli, ukyply
şahyryñ poeziýasyna ýugrumy ýetmedik ençeme goşgy ýa-da goşgy setirleri
aralaşdy. Kähalatlarda onuñ liriki gahrymanynda ýeñles hereketler ýüze çykyp
başlady. Esassyz akyl bermek, öz-özüñi gaýtalamak, howaýy gürlemek ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3
  • Parts
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 1
    Total number of words is 3456
    Total number of unique words is 1817
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1917
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1951
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    42.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1883
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.