Latin

Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 1

Total number of words is 3456
Total number of unique words is 1817
25.7 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
42.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
EDEBIÝAT TANKYDYNYÑ DERWAÝYS WEZIPELERI
1987-nji ýylyñ 12-13-nji maýynda Aşgabatda SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ
prawleniýesiniñ tankyt we edebiýaty öwreniş soweti bilen Türkmenistan Ýazyjylar
soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ bilelikdäki maslahaty
geçirildi.
Iki gün dowam eden giñişleýin maslahatda TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ
prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ başlygy Nargylyç Hojageldiýewiñ
dokladyndan hem-de leningradly tankytçy Dmitriý Moldawskiniñ goşmaça
dokladyndan soñ türkmen edebiýatynyñ hem-de edebi tankydynyñ derwaýys
wezipeleri hakynda tankytçylar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar söz sözlediler.
"Edebiýat we Sungat" gazetiniñ 1987-nji ýylyñ 22-nji maýyndaky sanynda
dokladlary we maslahatda sözlänleriñ sözlerini gysgaldylan görnüşde çap edilen
30-dan gowrak çykyşy edebi saýtymyzda dolulygyna dykgatyñyza ýetireris.
▶ Nargylyç HOJAGELDIÝEWIÑ dokladynyñ beýany:
Nargylyç Hojageldiýew dokladynyñ başynda Kommunistik partiýanyñ soñky
ýyllarda edebi tankyda hemme wagtdakysyndan köp üns berýändigini, ony
ösdürmek barada hakyky atalyk aladasyny edýändigini belleýär. SSKP Merkezi
Komitetiniñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky", "Dörediji ýaşlar bilen alnyp
barylýan iş hakyndaky", "Edebi-çeper žurnallaryñ kommunistik gurluşygyñ
praktikasy bilen döredijilik arabaglanyşygy hakyndaky", "Döredijilik soýuzlarynyñ
iş şertlerini gowulandyrmak hakyndaky kararlarynda edebi tankydy ösdürmek
barada anyk hem möhüm çäreler bellenildi. SSKP Merkezi Komitetiniñ Baş
sekretary M.S.Gorbaçýowyñ "Sowet Soýuzynyñ Kommunustik partiýasynyñ
XXVII gurultaýyna SSKP Merkezi Komitetiniñ Syýasy dokladynda-da,
köpçülikleýin informasiýa hem propoganda serişdeleriniñ ýolbaşçylary bilen
duşuşykda sözlän sözünde-de edebi tankydyñ öñünde duran derwaýys meselelere
uly üns berildi.
Dokladçy ýoldaş M.S.Gorbaçýowyñ: "Edebi-çeper tankyda göwnühoşluk we çini
ýokarylara ýaranjak bolmak tozanyny üstünden kakyp aýrarça wagt boldy, sebäbi
beýle zatlar sagdyn moraly içinden gemirýär, özi-de tankydyñ awtorlaryñ menmenligini we gopbamlygyny hörekleýän sfera däl-de, jemgyýetçilik işidigini ýatda
saklamak gerek" diýen sözlerine salgylanmak bilen, bu sözleriñ türkmen
tankydyna has-da beter degişlidigini nygtaýar. Türkmen tankydynyñ ýagdaýy
hakda, onuñ öñünde duran teoretiki hem praktiki wezipeler hakda, onuñ
söweşjeñligini we prinsipiallygyny artdyrmak hakda gürrüñ etmek zerurlygy hem
şundan gelip çykýar.
Köp wagtlardan bäri türkmen tankydynyñ yza galýandygy hakda gürrüñ edilip
gelinýär. Dogrudanam, türkmen tankydy diñe döwrüñ talaplaryndan däl, edebi
prosesiñ ösüşindenem yza galýar. Ol edebi prosesiñ ösüşini umumylaşdyryp,
ondaky položitel we otrisatel tendensiýalary aýyl-saýyl edip bilmedi. Hatda
neşirýatlar tarapyndan çykarylýan kitaplaryñ ujypsyzja bölegine resenziýalar
ýazmagyñam hötdesinden gelip bilmedi. Edebi tankyt 70-nji ýyllaryñ başlarybda
SSKP MK-nyñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky" karary kabul edilen badyna
birneme tijenip ugranam bolsa, soñra ol ýene-de depginini gowşatdy. Munuñam
esasy sebäbi SSKP MK-nyñ Baş sekretary M.S.Gorbaçýowyñ SSKP MK-nyñ
ýanwar (1987-nji ýyl) Plenumynda eden dokladynda belleýşi ýaly, durgunlyk
ideologiýasynyñ we psihologiýasynyñ medeniýet, edebiýat we sungat sferasyna-da
aralaşanlygyndan, çeper döredijilige baha bermek kriterileriniñ pese
gaçanlygyndan ybarat bolup durýar.
Durgunlyk psihologiýasy biziñ döredijilik atmosferamyzy hereketden galdyrdy.
Biziñ döredijilik soýuzymyzda köp zat ~ gurultaýlaryñ geçirilişinden başlap,
prawleniýäniñ žanrlar boýunça sowetleriniñ gündelik maslahatlaryna çenli formal
häsiýete eýe bolup geldi. Okalýan, täze kitaplara we gazet-žurnallarda çap edilýän
eserlere belet adam gaty az. Aýry-aýry ýazyjylaryñ döredijiligine bolan gowy ýada ýaramaz garaýyşlar döredijilige dahylsyz gatnaşyklar esasynda döräp geldi.
Soñky on ýylyñ dowamynda ýazyjylaryñ gurultaýlarynda we haýsy meselä
bagyşlanandygyna garamazdan prawleniýäniñ ähli plenumlarynda sähel üýtgedilen
şol bir doklad gaýtalanyp okalyp gelindi. Edebi prosese analiz bermegiñ we ol
hakda anyk gürrüñ etmegiñ deregine, her gezek ýazyjylaryñ atlarynyñ we olaryñ
ýazan eserleriniñ uzyndan-uzyn spisogy gaýtalandy. Özem käbir eserleriñ çärýek
asyr öñ ýazylanlygy-da hiç kimi müýnürgedip durmady. Ýöne şol spisok
düzülende, ýazyjylaryñ atlarynyñ olaryñ çinine we işleýän wezipesine baglylykda
ýerleşdirilmegine welin uly üns berildi.
Ine, şol çini ulularyñ öñünde ýaýaplamak prinsipi hem türkmen edebi tankydynyñ
öñünde geçip bolmajak päsgelçilik döretdi. Ähli atly-derejeli ýazyjylar özlerini
tankytdan daşarda goýdular. Sähel degerliräk wezipede işleýän ýazyjylaram özüni
tankytdan daşarda goýdy. Şeýdip, tankyt eder ýaly adam galmady. Tankyt edebi
žanrdyr öýdülmedi, çeper döredijilik hasaplanmady. Şol kemçilikler häzirem biziñ
öñümizde keserip dur diýip, dokladçy sözüni dowam edýär. Eger tankyda päsgel
berýän ähli zatlary zyñyp taşlamasak, eger aramyzda özüni tankytdan daşarda
goýmaga synanyşýan ýekeje ýazyjy tapylsa-da biz hiç zat edip bilmeris.
Respublikamyzyñ tankytçylarynyñ SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ we sowet
ýazyjylarynyñ VIII gurultaýynyñ öñde goýan wezipelerini berjaý etmek ugrunda
işeññirlik görkezip başlaly bäri entek bir ýylam geçenok. Ýöne käbir ýazyjylaryñ
tankydy juda ýokuş görmegi biziñ başlan bir topar oñat işlerimiziñ göwün diýen
netije bermegine böwet boldy, iñ ýamany, olaryñ birentegini ýatyrmaga mejbur
bolduk.
Şunuñ bilen baglanyşykly, dokladçy tankytçy D.Nuralyýewiñ "Şahyr bolçulygynda
şygyr gytçylygy" diýen makalasynyñ töwereginde gurnalan çekişmäniñ käbir
şahyrlaryñ tankydy ýokuş görmegi sebäpli doly netije bermändigini, gürrüñiñ
esasy meselelerden sowlup, käbir şahyrlary tankyt etmek mümkinmi ýa-da olar
tankyt ederden belentdemi diýen bolgusyz jedele syrygyndygyny belleýär.
Poeziýamyzda gürrüñi ediler ýaly möhüm meseleleriñ kändigini, olar barada
gürrüñ etmezligiñ mümkin däldigini nygtaýar. Poeziýada harsallyk köp, şahyrlar
biri-birini, doganlyk halklaryñ şahyrlaryny, hatda öz-özlerini gaýtalaýarlar. Olary
biri-birinden tapawutlandyrmak kyn. Poeziýanyñ graždanlyk, watançylyk,
gumanistik, internasional äheñine ýeterlik üns berilmeýär.
Aýratynam çagalar poeziýasynyñ ýagdaýy erbet. Bu meselede çeper döredijilige
baha bermegiń kriterileri saklanmaýar. Şahyrlar şol bir eserlerinu zol-zol gaýtalap
neşir edýärler. Hatda olaryñ şol bir goşgyny dürli at bilen şol bir kitapda gaýtalap
ýerleşdirýän halatlary-da bolýar. Mysal üçin TSSR-iñ halk ýazyjysy
K.Tañrygulyýewiñ "Çopan ýodasy" ("Padymanyñ ýodasy" bolmaly taýýarlaýjynyñ belligi) ýygyndysynda ýerleşdirilen "Iki ussa" we "Aga inimiz"
diýen goşgularyñ biri-birini sözme-söz gaýtalaýandygy oña abraýdyr öýdemok.
Öz döredijiligine jogapkärçilik bilen garamak duýgusyny ýitirmek hiç kimi hiç
wagt gowulygyñ üstünden eltmez. Çagalar şahyry Gurban Çöliýewiñ döredijiligi
şuny aýdyñ tassyklaýar. Ol 70-nji ýyllarda respublikanyñ iñ gowy çagalar
şahyrlarynyñ biridi. Emma onuñ soñky "Uzakdaky ýyldyzlar", "Gök nagyşlar"
diýen ýygyndylary harsallyga ýüz urandygyna güwä geçýär.
Poeziýamyzda, aýratynam çagalar poeziýamyzda dowam edýän harsallyga, çigçarsylyga garşy göreşmek edebi tankydyñ borjy bolup durýar.
Türkmen prozasynyñ şu günki ýagdaýy hem edebi tankydyñ wezipeleri hakda
gürrüñ etmek bilen, dokladçy problematika we häsiýet meselesiniñ iñ düýpli
meseleleriñ biridigini belleýär. Düýpli problema bolmasa, düýpli häsiýet bolup
bilmez. Düýpli häsiýet ýok ýerinde hem düýpli eser bolup bilmez. Gynansak-da,
ýazyjylarymyz bu meselä ýeterlik üns bermeýärler. Edebi tankydyñ dogry belleýşi
ýaly, Tirkiş Jumageldiýewiñ "Mähekdaş" romanynda ilki düýpli sosial-ahlak
problemalar gozgalýar. Ýöne Aýgözeliñ Baýnazara sataşmagy bilen, soñra şol
problemalar ýatdan çykyp gidýär. Eseriñ ideýa-çeperçilik derejesini diñs sosialahlak meseläniñ möhümligi hem kesgitlemeýär. Eseriñ eser bolmagy üçin möhüm
problemanyñ häsiýet bilen badaşmagy, bütewi bir zada öwrülmegi gerek. Emma
bu umuman gowy çykan we edebi tankydyñ goýan bahasyna mynasyp bolan
eserleriñem hemmesinde göwün diýen derejä ýetip bilenok. Hudaýberdi
Hallyýewiñ "Saçak" powestinde sada goja daýhanyñ gowy obrazy döredildi. Onda
ene topraga bolan mukaddes garaýyş, uly adamkärçilik bar. Emma powestde
gozgalýan ahlak, sosial meseleleriñ hemmesi gahrymanyñ häsiýeti bilen sepleşip
bilenok, öz-özlüginde galýar. Ýylgaý Durdyýewiñ "Göreç" romanyndaky ylmy
problemalar hem käte obraza siñip bilmän, öz-özlügindäki ylmy problema bolup
galýar. Berdinazar Hudaýnazarowyñ "Aksakgal" powestindäki goja hem juda köp
pikir öwürýär, az hereket edýär. Käbir eserlerde bolsa sosial-ahlak problemanyñ
bardygyny çak bilen añlamak mümkin. Şadurdy Çaryýewiñ "Yza tesmäge hakyñ
ýok" diýen powestinde göräýmäge uly problemalaryñ gürrüñi edilýär. Garahanow
gowaçanyñ täze gowy sortuny tapypdyr. Ýöne tohumçylyk stansiýasynyñ direktory
öz sortuny saklamak üçin oña ýol berenok. Arman, bu ýerde hakykat bilen
galplygyñ arasyndaky göreş powestiñ çäginden daşarda galýar. Geldiýewiñ nähili
delil, nähili ýol bilen Garahanowyñ sortuna garşy bolşy, Garahanowyñ ahyry nädip
hakykaty subut edendigi görünmeýär. Okyjy muny awtoryñ dilinden bilip galýar.
Çap edilýän eserleriñ ýokary çeperçiligi ugrunda göreşmek edebi tankydyñ iñ
derwaýys wezipeleriniñ biri bolup durýar. Emma bu mesele häli-häzire çenli edebi
tankydyñ çäginden daşarda galýar. Mysal üçin, G.Kulyýewiñ "Gijigen ökünç"
romany şu günüñ möhüm meselelerini gozgaýar. Onda biziñ ösüşimize päsgel
berýän gözboýagçylyk, artdyryp ýazmak, ýaranjañlyk, dostparazlyk ýaly zyýanly
hadysalar paş edilýär. Özem romanyñ ýazylan wagty şeýle nogsanlara garşy
göreşmek kyndy. Položitel gahrymanlar köplenç goranmaga mejbur bolýardylar.
Bu-da olara hemme wagt başardyp duranokdy. Her niçigem bolsa, romanyñ baş
gahrymanlary hakykatyñ tarapynda durmagyñ, galplyk edýän adamlary paş
etmegiñ hötdesinddn gelmegi başarýarlar.
Ýöne bu meseleleri çeperçilik taýdan göwnejaý işlemek welin awtora gaty kyn
düşdi. Roman Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesinde-de, "Sowet edebiýaty"
žurnalynyñ redkollegiýasynda-da birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Esasanam çeperçiliginiñ gowşakdygy üçin çap etmekden saklanyldy. Romanda
häzirem çeperçilik babatda ýetmezçilikler köp.
Soñra dokladçy soñky döwürde birnäçe taryhy romanlaryñ döredilendigini, emma
şolaryñ tankydyñ nazaryndan daşarda galýandygyny aýdýar. Ýazyjylarymyz öz
halkynyñ taryhynda uly rol oýnan wakalara, taryhy şahsyýetlere ýüzlenýärler.
Ýöne her bir uly şahsyýet, aýratynam synpy jemgyýetde, öz tebigaty boýunça
çylşyrymly şahsdyr. Şonuñ üçinem taryhy wakalara, taryhy şahslara ýüzlenilende
anyk marksistik-leninçilik synpy pozisiýadan ugur alynmalydyr. Gynansak-da,
biziñ taryhy romanlarymyzda taryhy hakykatyñ ýoýulýan halatlaryna-da, taryhy
şahslaryñ roluna baha bermekde nädogry pozisiýada durulýan halatlaryna-da,
synpy pozisiýanyñ goldan berilýän halatlaryna-da gabat gelinýär. Taryhy wakalara
we taryhy şahslara juda erkana çemeleşmek G.Kulyýewiñ "Güljemal han",
W.Rybiniñ "Öwrülişik", A.Taganyñ "Saragt galasy", Ý.Mämmediniñ "Şapak"
romanlarynda duýulýar.
Taryhy temanyñ işlenilişi bilen baglanyşykly Magtymgulynyñ edebi obrazynyñ
döredilişi hakdaky mesele barada-da durup geçmek bilen, dokladçy entek
Magtymgulynyñ döredijiligini öwrenmeklige hem edebi obrazyny döretmeklige
hem nädogry çemeleşilýändigini nygtaýar. Edebiýaty öwreniş ylmynda-da, çeper
edebiýatda-da Magtymguly syýasy hem döwlet işgärine öwrüldi. Eýsem ol şahyr
hem akyldar ahyry. Eger ol türkmen halkynyñ jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna
ägirt uly täsir ýetiren bolsa, onda bu onuñ syýasy hem döwlet işgäri hökmünde
bitiren praktiki işleriniñ netijesi däl-de, çeper sözüniñ, öñe süren jemgyýetçiliksyýasy ideýalarynyñ netijesidir.
Soñra dokladçy şahyryñ eserleriniñ tekstologiýasynyñ öwrenilmeýändigini, ol
hakda ylmy iş ýazýan adamlaryñam, çeper eser ýazýan adamlaryñam TSSR YAnyñ Magtumguly adyndaky dil we edebiýat institutynyñ golýazmalar fondundan
bihabar adamlardygyny aýdýar.
Dokladçy çeper terjime žanrynyñ, dramaturgiýa žanrynyñ edebi tankytdan bütinleý
daşarda galandygyna ünsi çekýär. Çeper terjimäniñ problemalaýyn meselelerini
gozgaýan makalalar-a beýlede dursun, hatda haýsydyr bir terjime esere ýazylan
syna-da gabat geljek gümanyñ ýok. Dramaturgiýa babatda hem käte "Edebiýat we
Sungat" gazetinde spektakllara ýazylýan synlar gabat gelýär diýäýmeseñ, düýpli
makala ýa-da syn ýok. Şol spektakllaryñ dramaturgiki materialy barada çynlakaý
gürrüñ edilmeýär.
Edebi tankyt ýaşlaryñ döredijiligine hem az üns berýär. Bizde zehinli ýaşlaryñ uly
topary ösüp gelýär. Şolaryñ döredijiligindäki şowly taraplary goldamak,
kemçiliklerden saplanmaga kömek etmek, dogry döredijilik pozisiýasyny
eýelemeklerini gazanmak edebi tankydyñ jana-jan borjy bolup durýar.
Tankydy analiziñ teoretiki bazasyna, metodologiýasyna uly üns berilmelidigini
tankytçy nygtaýar. Marksistik-leninçilik estetikanyñ sosialistik realizm,
partiýalaýynlyk, halkylyk ýaly fundamental meseleleri edebi tankytda-da,
edebiýaty öwreniş ylmynda-da düýpli işlenilenok. Bu meselede esasy agram TSSR
YA-nyñ Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyñ boýnuna düşýär.
Gynansak-da, institutyñ kollektiwi bu meselelere, häzirki zaman edebi prosesine az
üns berýär. Ýazylýan işlerem köplenç obzorlaýyn häsiýete eýe. Ýöne sowet
edebiýatynyñ fundamental meseleleri, häzirki zaman edebi prosesiniñ ýagdaýy
institutyñ kollektiwiniñ hiç wagt nazaryndan sypmaly däldir.
Dokladçy türkmen edebiýatynyñ döremeginde we ösmeginde rus edebi
tankydynyñ uly işler bitirendigi we bitirip gelýändigi barada ýörite durup geçýär.
Şol bir wagtyñ özünde hem ol rus edebi tankydynyñ köplenç komplimentar
häsiýete eýedigini, türkmen edebiýaty hakda ýazýan käbir tankytçylaryñ,
edebiýatçylaryñ materiala ýeterlik belet däldigini anyk mysallar arkaly nygtap
görkezýär.
Dokladçy ýaş tankytçylary terbiýeläp ýetişdirmegiñ möhümdigini, ýaşlar bilen
işlemegiñ dürli formalaryny gözlemelidigini we synap görmelidigini aýdýar.
Tankytçylaryñ makalalarynyñ we synlarynyñ özbaşyna kitap edilip çykarylmagy
hakdaky mesele hem özüniñ položitel çözgüdine garaşýar.
N.Hojageldiýew dokladynyñ ahyrynda edebi tankydyñ işini täzeden gurmak we
çaltlandyrmak döwrüne laýyk gurmagyñ zerurdygyny, edebi tankyda, aç-açan
gürrüñe, döredijilik çekişmelerine giñ ýol açmalydygyny nygtaýar. SSKP MK-nyñ
Baş sekretary M.S.Gorbaçýow WLKSM-iñ XX gurultaýynda sözlän sözünde
"Çekişme ~ bu syýasy pozisiýany, graždanlaýynlygy formirlemegiñ baş
metodydyr" diýip aýtdy. Şol sözler tutuşlygyna edebi tankyda hem degişlidir.
Mundan başga-da meniñ çekişme tankyt üçin ýaşamak hukugydyr diýesim gelýär.
Çekişme bolmasa tankyt bolup bilmez. Ýöne jedelleşmegiñ birek-birekden gaty
gygyrmak däldigini hem unutmaly däldiris. Çekişme öz nukdaýnazaryñy köre-köre
goramagam däldir. Çekişme iki tarapyñam hakykaty gözlemegidir. Şonuñ üçinem
jedelleşýän wagtymyzda kimiñ hakykata has golaýdygyny anyklajak bolmaga
çalyşmalydyrys.
Tankyt hoşgylawly bolmalydyr, aladaly, pähimli bolmalydyr. Ýazyjynyñ
şahsyýetine degmeli däldir, ony kemsitmeli däldir.
▶ Dmitriý MOLDAWSKINIÑ dokladynyñ beýany (Leningrad):
- SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tabşyrygy boýunça men
Türkmenistana telim sapar gelip-gitmeli boldum, onuñ oba-şäherlerine aýlandym diýip, dokladçy aýdýar.
- Kerim Gurbannepesowyñ, Gylyç Kulyýewiñ hem beýlekileriñ döredijiligine
bagyşlanan makalalar, resenziýalar ýazdym, olar "Знамя", "Новый мир", "Нева"
žurnallarynda çap edildi. Öz kitaplarymyñ aýry-aýry baplarynda men türkmen
edebiýaty barada söhbet açdym.
Başky dokladda aýdylyşy ýaly, elbetde, her bir halkyñ edebiýatyny öwrenmekden
ötri, şol edebiýaty döredijilere, olaryñ eserlerine has içgin aralaşmaly. Eýsem-de
bolsa, türkmen edebiýatyndan maglumat berýän kitaplar ýok diýerlikdir.
O.Kuzmin bilen W.Puwuñ çagalar edebiýatyna degişli bibliografiki kitaby çykdy.
Berdi Kerbabaýew hakynda-da çaklañja kitap çykdy. Emma respublikanyñ her
obasynda tanalýan Kerim Gurbannepesow barada, merhum Beki Seýtäkow
hakynda, Gylyç Kulyýew, Walentin Rybin hakynda hem beýlekiler barada hatda
ýönekeý kitapçalar hem ýok.
Bu tötänden däldir. Bu türkmen edebiýatynyñ, hususan-da türkmen edebi
tankydynyñ ýagdaýyndan habar berýär. Tankydyñ ýagdaýyny janlandyrmaga
Ýazyjylar soýuzynyñ ýolbaşçylary çynlakaý girişipdirler. Men muny Kerim
Gurbannepesow bilen gürrüñdeş bolanymda eşitdim. Edebi tankydyñ edebiýatyñ
ösmegindäki rolunyñ şeýle bir belent däldigini onuñ özi-de aýtdy.
Köp-köp belli romanlaryñ awtory Gylyç Kulyýew bilen-de gürrüñdeş boldum. Ol
özüniñ "Gijigen ökünç" romany barada 1972-nji ýylda çykarylan karary partiýanyñ
Merkezi Komitetiniñ ýatyrandygyny gürrüñ berdi. Roman türkmen hem rus
dillerinde neşir edilipdir. Gylyç Kulyýew bu romany üçin köp göreşmeli bolupdyr.
Roman bolsa, hut biziñ şu gün aýanlyk bilen aýdýan zatlarymyz ~ ogurlyk,
artdyryp ýazmak hem beýlekiler baradadyr.
Dokladçy soñra belli prozaçy Tirkiş Jumageldiýew bilen söhbetdeş bolanyny
aýdyp, edebi tankyt barada onuñ "Дружба Народов" žurnalynda çap edilen
belliklerinden käbir bölegi okap, prozaçynyñ adalatly pikirlerini goldaýar.
Ýap-ýañy Durdymuhammet Nuralyýewiñ "Iri prozanyń ownamagy" ("Edebiýat we
Sungat", 05.12.1985 ý) hem-de "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" (şol
gazetde, 05.09.1986 ý) diýen makalalary hakynda gürrüñ edildi. Bada-bat aýdaýyn:
Bu makalalar näderejede hem hemme babatda adalatlymy ýa-da däldigine
garamazdan, olaryñ ähmiýetliligi gürrüñsizdir. Şol makalalar ümsümligi bozdular,
durgunlygyñ garşysyna jemgyýetçiligiñ ünsüni çekdiler. Ýöne makalalarda
dagynyklyk bar. Ylaýta-da proza eserleri barada gürrüñ edýän makalada awtor köp
milletli sowet edebiýatynyñ ösüş aýratynlyklary barada zat aýtmandyr. Häzirki
zaman sowet prozasyna ägirt goşant goşan Aýtmatowam, Astafýewam,
Rasputinem, Graninem agzalmandyr. Şonuñ bilen birlikde özbek, gazak, tatar hem
beýleki halklaryñ belli proza eserlerine-de nazar salynmandyr. Bu makalanyñ
kemter tarapydyr.
Bu hadysa awtoryñ poeziýa baradaky makalasyna-da degişlidir.
Şeýle bolsa-da, makalalar jedelli seslenmeleri döretdi. D.Nuralyýewiñ makalasy
çykansoñ şahyr A.Atabaýew çykyş edip, "Hakykatyñ hatyrasy üçin" diýen
makalasynda Nuralyýewiñ makalasynyñ professional ýazyjylaryñ arasynda
gyzgalañly jedel döretmedigem bolsa, okyjylaryñ seslenmesini döredenligini
belledi.
Kerim Gurbannepesow bilen bolan gürrüñ çap edilip, onda şahyr bu makalanyñ
oñyn taraplaryny aýdypdyr.
Ýöne Nargylyç Hojageldiýew şol gazetdw şu ýylyñ 30-njy ýanwarynda çap edilen
"Liriki gahrymanyñ şahsyýeti" diýen makalasynda ýagdaýy has anyk kesgitläpdir.
Men bu makalany ideallaşdyrmakdan daşda. Ýöne tankytçy esasy zady aýdypdyr.
D.Nuralyýewiñ makalasy barada aýdyp, ol şeýle ýazýar:
"Makala bizi gapyl basdy. Biz soñky on ýylyñ poeziýasy hakda çynlakaý gürrüñ
etmäge, ondaky položitel hem otrisatel tendensiýalary seljermäge taýyn däldik.
Ýöne taýýarlanmagymyz, bu döwletli gürrüñi dowam etdirmegimiz gerek".
Bu ýöwselligi batyrgaý hem mertlerçe boýun almakdyr. Türkmen tankydynyñ
gowşaklygy-da şundan ybarat. Bu hakda giñişleýin gürrüñ etmek gerek.
Dokladçy çeper kitaplaryñ terjimesi hakynda, merkezi neşirlerde çykan kitaplara
ýazylýan synlar hakynda aýdanda, eseriñ asyl originalyny seljermezden berilýän
bahalaryñ çapraz düşýändigini hem awtorlar bilen tankytçylaryñ arasynda nägilelik
döredýändigini belläp geçdi.
Duşuşyklar hem maslahatlar geçýän mahalynda biz türkmen tankytçylarynyñ
"Aшхабад" žurnalynda hem beýleki neşirlerde rus dilinde çykan makalalary bilende tanyş bolduk. Elbetde, men hem, beýlekiler-de tankytçylaryñ işiniñ hemme
tarapyna doly belet diýsek ýalñyş bolar. Ýöne biz köp zat okadyk. Şol
okanlarymdan M.Gurbanowyñ "Şahsyýete bil baglamak" ("Ашхабад", 1985 ý,
N"9) diýen ahlak gözlegleri baradaky makalasy hakda aýtsam, ol täsirsiz däl, ýöne
köplenç halatda subut edijilik ýetenok. Türkmen-özbek edebiýatlarynyñ özara
hyzmatdaşlygy barada Jora Allakowyñ ýazan makalasy (bu hem žurnalyñ şol
sanynda) täsin barlaglar esasynda gurlupdyr. Kuzmin bilen W.Puwuñ şol žurnalda
çap edilen "Taryh arkaly terbiýelemek" diýen makalasy-da şowly çykypdyr. Okan
zatlarymyñ arasynda tankydy makala däl-de, eýsem edebiýaty öwreniş ylmyna
degişli belliklerden Kakabaý Gurbanmyradowyñ "Beýik mekdebiñ sapaklary"
("Ашхабад", 1986 ý, N"9) diýen çaklañja makalasy maña has ýarady. Onda
W.Maýakowskiniñ Durdy Haldurdynyñ döredijiligine täsiri hakynda gürrüñ edilip,
täsin deñeşdirmeler getirilýär. Haldurdynyñ döredijiligine mahsus bolan
aýratynlyklar teswir edilýär. Makalada terjimäniñ özboluşly täsiri hakda-da
gyzykly maglumatlar bar. Ýöne makalanyñ awtory, Maýakowskiniñ täsiri
baradaky tema bilen meşgullanýan başga-da birnäçeleri bu temanyñ diñe
özlerinden başlandygy hakda pikir ýöredýärler. Eýsem, Maýakowskiniñ Orta
Aziýa edebiýatlaryna ýetiren täsiri barada baryp-ha 1949-njy ýylda "Звезда"
žurnalynda tutumly makala çap edilipdi, şonda türkmen poeziýasy dogrusynda
gürrüñ bolupdy.
Habyp Güseýinowyñ "Ýatdan çykan goşgy" atly kiçijik makalasy-da ýerine
düşüpdir. Onda W.Lugowskoýyñ "Туркменская искра" gazetinde 1930-njy ýylda
çap edilen "Diwarlar" goşgusynyñ tapylyşy barada gürrüñ berilýär.
Şahyr Kerim Gurbannepesowyñ şol žurnalda çap edilen, ýöne edebi tankyt bilen
kem-käsleýin utgaşýan ("Tomus ýazgylary") oýlanmalary-da güwä geçýär.
"Sowet edebiýaty" žurnalynyñ 1986-njy ýylda çykan sanynda "Bir romana iki
resenziýa" ady bilen gyzykly materiallar çap edilen-de bolsa, onda tankydy
makalalar azlyk edýär. Ady agzalan resenziýalarda Tirkiş Jumageldiýewiñ
"Mähekdaş romany barada jedelli pikir ýöredilýär. Romana özüm baha bermekden
saklanyp, eýsem, şeýle resenziýalaryñ ýüze çykmagynyñ türkmen tankydynyñ
gürrüñsiz janlanyp ugrandygyna güwä geçýändigini aýdyp bilerin. Beýleki käbir
çaklamalar hem, hususan-da M.Amansähedowyñ "Ýönekeými ýa-da ýöntem
goşgular" atly hem-de Ýo.Annagurbanowyñ "Käbir kemçiliklerine garamazdan..."
diýen makalalarynyñ "Edebiýat we Sungat" gazetinde peýda bolmagy-da edebi
tankydyñ tijenýänligine güwä geçýär.
Her niçik bolsa-da, türkmen edebiýatynda tankydyñ başlangyç hereketleri ýüze
çykýar, eýsem-de bolsa, köp kitaplar heniz ünsden düşürilýär. Ýokarda ady tutulan
Atamyrat Atabaýew barada heniz doly bahaly makala çap edilenok.
G.Krasnikowyñ terjimesinde, Ýe.Winokurowyñ inçelik bilen sözbaşy ýazmagynda
"Молодая гвардия" neşirýatynda kitaby çykan Nobatguly Rejebow hakynda-da
çynlakaý iş edilmändir. Rus hem türkmen çagalar ýazyjylarynyñ döredijiligi
hakda-da suwytly zat ýok. Atajan Taganyñ täsin powestini öz içine alýan, ýakynda
Moskwada neşir edilen "Keseki" atly kitaby-da tankydyñ nazaryndan sypypdyr.
O.Kuzmin bilen W.Puwuñ Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen
ýazyjylaryna bagyşlanyp, 1985-nji ýylda neşir edilen "Ýalynly ýyllaryñ adamlary"
kitabynyñ göze ilmän galmagy-da gynançly hadysadyr. Bir wagtlar men olaryñ
türkmen çagalar ýazyjylary hakynda gürrüñ berýän kitabyny goldandym. Häzirem
olaryñ kitaby barada hoş sözler aýdasym gelýär. Ýöne welin, belent äheñler, açaçan mahabatlar kitaba azda-kände zeper ýetirmän duranok.
- Türkmen tankydy, elbetde, yza galýar. Muña söz ýok. Ýöne türkmen edebiýatyda tutuşlygyna haýal ösýär. Eger-de biziñ günlerimiziñ rus edebiýatyny rus edebi
tankydy bilen deñeşdirseñ, onda türkmen tankytçylary üçin täze materialyñ
azdygyny inkär etmek bolmaz. Elbetde, çäklilik hem duýulýar, ýoldaşyñ kitabyna
umumydöwlet bähbidinden garamagy başarmazlyk hem bar, kähalatda ildeşlik
hem beýleki nogsanlyklaram ýüze çykýar. Eýsem-de bolsa, öñe hereket bar. Bu
ugurdan ilkinji ädimleri edýän ýoldaşlarymyza ýardam bermek biziñ borjumyz
bolup durýar - diýip, dokladçy sözüniñ ahyrynda aýtdy.
▶ Kerim GURBANNEPESOW:
- Diñe tankytçylar däl, her bir ýazyjynyñ özi öz ýazýan eserleriniñ tankytçysy
bolmaly. Ýöne öz eserleriniñ tankytçysy derejesine göterilmek her bir awtora
ýetdirip duran zat däl. Şonuñ üçinem "gapdaldan" edilýän tankydyñ uly ähmiýeti
bar. Beýle tankydyñ käbir halatlarda örän ýokuş degýän bolmagy mümkin. Ýöne
şonda-da añly-başly awtor üçin ol örän peýdalydyr. Şonuñ ýaly makalalaryñ biri
arada "Edebiýat we Sungat" gazetinde peýda boldy. Ol ýaşlaryñ döredijiligi
hakyndady. Makalanyñ awtory tankytçy D.Nuralyýew ýaşlar poeziýasynyñ soñky
ýyllardaky durgunlygy barada öz aladaly howsalasyny beýan edýärdi. Bu zeýilli
makalalar diñe biziñ respublikamyzda däl-de, bütin Soýuzymyda kadaly ýagdaý
ahbetin. Emma bu makala bizde uly galmagalyñ, uly şowhunyñ "eýesi" boldy.
Onuñ bir ujy Moskwa-da baryp ýetdi. Meşhur tankytçy Aleksandr Mihaýlow
SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ Moskwada geçen plenumynda şeýle
diýdi: "Aşgabatdan bize çagyryş bilen ýüz tutýarlar, geleweriñ, kömek beriñ
diýýärler".
Ýeri, bize näme kömek bermelikä? Düşünýänler üçin, şol makalanyñ özi kömekdi
ahbeti! Her kim öz döredijiligi hakynda pikirlense, aýdylýan belliklerden many
almaga çalyşsa ~ şol kömek dälmidi näme? Ýa-da şonuñ ýaly makalalaryñ ýene-de
ikinjisini, üçünjisini, dördünjisini, bäşinjisini ýazmalymyka? Belki, ozalka görä-de
ýitiräk ýazmalydyr. Şeýdilse, belki, has-da gowy kömek bolardy... Zyýany ýok.
Biz belli tankytçylarymyzy Aşgabada çagyrdyk. Olar biziñ çagyryşymyzy kabul
etdiler. Ynha, indi bolsa döwletli maslahatymyzy geçirip otyrys...
Ýöne meniñ häzirki aýtjak bolýan zadym başga zat hakda: ýaşlarymyzyñ tankyda
bolan ynjyklygy hakynda. Bular eýýämden tankyda şeýle ynjyklyk bilen garap
başlan bolsalar, soñy nähili bolarka? Poeziýamyz durgunlykdan halas bolup
bilermikä?
Makalada agzalýan ýaşlaryñ köpüsi biziñ sarpa goýýan ýaşlarymyz. Käbirleri
bolsa (Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow...) aýratyn zehinli ýaşlar. Emma
olaryñ birnäçeleri, näme üçindir, ör-gökden geldiler. Tankydy kabul etmezlik üçin
ellerinden gelenlerini etdiler. Şol makalanyñ awtorlarynyñ hem-de onuñ tarapyny
çalýanlaryñ özlerinden dürli "aýyplar" gözlemegiñ pirimine düşdüler. Bu gelşiksiz
hereketler, elbetde, ýaş döredijileriñ peýdasyna bolup bilmejekdi. D.Nuralyýewiñ
makalasynda öz wagtynda ýazylan zerur makalady. D.Nuralyýew bolmasa başga
bir tankytçy, "Edebiýat we Sungat" bolmasa başga bir metbugat organy ol
meseläni hökman gozgaýmalydy...
D.Nuralyýewiñ türkmen prozasy hakyndaky soñraky makalasyna boýdan-başa
doly goşulasym gelenok. Ol ýüzleý ýazylypdyr, bir makalanyñ içinde prozamyzyñ
giden romanlary, powestleri hakynda gürrüñ ediljek bolunýar. Bu bolsa islendik
netijäni berip bilenok. Ýöne uzak wagtlyk "tankydy dymyşlykdan" soñ onuñ hem
juda zerur başlangyçdygyny gutlamalydyrys...
Sözümi şeýle jemläsim gelýär. Çekişme medeniýeti bizde ýetmezçilik edýär. Bir
tarap - haýsy-da bolsa bir eseri öwüp, arşa göterýär, beýleki garşydaş bolsa ýere
urup, ýerden çykarýar. Çekişmeçiler biri-biriniñ pikirini äsgermezçilik edýärler. Bu
bolsa çekişmä däl-de, "depişmä" alyp barýar.
Gepiñ gysgasy, çekişme medeniýetini öwrenmegimiz gerek.
▶ Pawel ULÝAŞOW:
- Ýazyjylarymyz halys öwgüli sözlere öwrenişip gidipdirler. Onsoñ olar indi sähel
tankydy hem ýokuş görýärler. Aslynda her bir ýazyjy, şol sanda abraýly ýazyjylar
hem özleriniñ tankytdan daşda bolmaly däldiklerini duýmalydyr. Ine, şeýle derejä
ýeten wagtymyz hiç kim hem tankydy ýokuş görüp durmaz. Dogrusy, hemmeler
tankytlanyp ýörülse, onda tankyt hiç kime-de agyr degmez.
Biz edebiýatyñ taryhyna göz aýlan wagtymyz Puşkin, Tolstoý, Dostoýewskiý,
Ýesenin ýaly ägirtleriñ-de tankytlanandygyna göz ýetirýäris. Emma bu asylly we
adalatly ýörelge diñe soñky on-on bäş ýylyñ dowamynda halys ýatyp galdy.
Dogrusy, hakyky edebiýat tankydynyñ ornuny ýerliksiz mahabatlandyrmalar
eýeledi. Netijede hem "tankytlanmaly däl adamlar" ýüze çykdy.
Elbetde, tankyt çeper eseri her taraplaýyn analizlemelidir, subut etmelidir,
öwredijilikli bolmalydyr. Munuñ özi türkmen edebi tankydy barada hem şeýledir.
Batgada ýatyp galandan birneme çekeleşilse umumy işe diñe peýda getirer. Ýöne
birbada ylalaşmasalar-da, erte düşünişerler, ýaraşarlar, belki hakyky dost bolarlar.
Ine, "Edebiýat we Sungat" gazeti soñky on ýylyñ ýaş türkmen poeziýasy barada
D.Nuralyýewiñ jedelli makalasyny çap edipdir. Ýaşlaryñ birentegine, aýratyn hem
A.Atabaýewe, N.Rejebowa, O.Annaýewe gatyrak deglipdir. Ýöne hut özüm-ä şol
aýdylýanlar bilen doly ylalaşamok. Ynha, A.Atabaýewiñ goşgusynda sen pylan
köýnegiñi geýip geldiñ, soñ şol köýnegiñi geýnip gitdiñ diýýän ýaly setirlerde
özüm-ä beýle bir wejera zat ýok ýaly. Ýöne bu, elbetde, milli däpler bilen bagly
bolansoñ, ägä bolmalymyka diýýärin. Käbir goşgular syýasy taýdan yrga
diýmekden öñ pugta oýlanmak gerek.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2
  • Parts
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 1
    Total number of words is 3456
    Total number of unique words is 1817
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 2
    Total number of words is 3548
    Total number of unique words is 1917
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 3
    Total number of words is 3506
    Total number of unique words is 1951
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    42.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri - 4
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1883
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    36.4 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.