Latin

Dünye haçan namart boldy - 5

Total number of words is 474
Total number of unique words is 347
44.5 of words are in the 2000 most common words
57.4 of words are in the 5000 most common words
63.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ynanyp bilmerin» diýjekdi, emma süwümsiz görüp
dymdy.
– Sen ýempeýän ýaly-la, ok-sok degdimi? – Amady
ýanynda özelenip duran Ganlybaşa habar gatdy.
– Ýok-la, çöp dildi. Amady akga, menden gaýryny
orta çykarsaň senden o dünýe bu dünýe gaty görerin...
– Köpeý ogly, özüň-ä ýagşy iş bitirip geldiň... Sen gyz
alyp gaçar ýaly ýer urup ýerde galan ýetimmi, hossaryň
ýokmy!?.
Her hal Amady ony orta çykardy, bu bolsa
döwdalanlary kyn ýagdaýa saldy. Şagylyja ýalňyz
çykalga galdy. Ol orta Şerip guly çykardy. Şerip gul
özüne goýlan bu hormata tas ýeldirgäpdi. Emin iki sany
guşak berdi, olar guşandylar, ilki emin olaryň guşagyňy
106
barlady, soňra olar bir-biriniň guşagyny barlady. Emin
göreş başlanýandygyny yglan etdi. Aýagyna agram
düşen Ganlybaş gaça göreşip, amatyny agtarýardy,
ondan möwç alan Şerip güýjüm zorluk edip, gitdigiçe
sürünýärdi, ahyry çemesine salyp abaýyny alan Ganlybaş
«Alla» diýip ýanbaşa alyp magallakdan gaýtardy guly,
döwdalanlaryň ýüzi ýer diläýdi. Şerip gul dessine turup
ýaňadan ýapyşdy, emin olary ýene billeşdirip aradan
aýryldy, mazaly şäker dadan Şerip gul aklyna aýlandy,
eger şu gezek hem ýykylaýsa onuňkyň gutardygydy!
Melewşe elden gitjekdi, ýanynda billeşip duran ýigidiň
bilini Melewşe gujaklajakdy, üstesine-de, ol soň nädip
döwdalanlara barsyn, nädip olaryň ýüzüne görünsin!
Diýmek, takdyry güne galjakdy.
Ganlybaşyň aýagynyň sargysynyň daşyndan çykýan
gany gören Amady, ony göreşe çykaryp ýalňyşandygyny
duýdy, ol bi ýalňyşlygynyň soňundan heder eýledi.
Ol Bike ejäniň ýeke oglunyň jesedini nädip onuň
gapysyndan eltsin!? Ol Allasyny çagyrdy. Şol mahal hem
Ganlybaşyň ýykylanyny görüp, ony şagga der basdy. Ol
ýaňadan Allasyny çagyrdy. Gyzyllaram, pendililerem,
Amadynyň nökerlerem ýaý deý dartylyp durdular.
Aýgytly göreş başlanypdy, Şerip ýene öwjäp ugrady,
Ganlybaş mundan peýdalanyp saldy çilişi, sag aýak
107
girdi Şeribiň çep aýagynyň içinden. Sargynyň daşyndan
gan çüwdürilip başlady. Amady başyny ýaýkady. Aýagy
sag bolanda Ganlybaş bi emeli salanda kim hem bolsa
alýady, ýöne aýak namartlamasa, ol bu gezek almalydy.
Şerip hem daýawdy, ol güýç bermän gaty kän durdy. Iki
pälwan ortada leňňer atyp dur! Birde Ganlybaş alaýjak
ýaly, bir-de Şerip. Bi badagyň häsiýeti şeýle-dä! Birden
Şerip guluň gözleri Şagylyjyň içinden geçip barýan
göreçlerine kaklyşdy, aljyrajak ýaly etdi, garşydaşynyň
gowşanyny duýan Ganlybaş bar güýjüni edip gaňyrdy.
Şerip dag gaýdan ýaly gaýdanyny syzdy, şol pursat hem
ol indiki etmeli işini oýundan geçirip ýetişdi.
Ol «Hernä ujydysyň-da» diýip arkasy ýere degipdegmänkä dessine Ganlybaşyň aýyrdynyň arasyna
dyzyny goýdy, Ganlybaş nagra dartyp, Şeribiň üstünden
agdarylyp gitdi. Amady hem, ýaşlygyny göreşip
geçiren döwdalanlaram, gyzyllaram, Amadynyň
ýigitlerem Ganlybaşy garşydaşynyň erkeklikden jyda
düşürendigini magat bildiler. Emin başyny ýaýkady.
Amady Şagylyja bakdy... Şagylyç onuň nazarlarynyň
öňünde durup bilmedi. Namys etdi, ýoldaky diwanany
ýatlady. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly atyny sürüp bardy
ýerinden turan Şeribiň ýanyna. Şerip ýaýaplady.
– Gul ahyry gullugyňy etdiň-ä!
108
Şagylyç ýyldyrym çaltlygynda gylyjyny gynyndan
sogrup alyp, edil boýnundan saldy, Şerip gul hatda
wah diýip hem ýetişmedi. Soňam ol dälirän ýaly
basdy ata gamçyny, doganlaram onuň yzyndan
basdylar ata gamçyny. Atlar ýyldyrym bolup süýnüp
barýardy, emma olar näçe gaty gitse-de, guluň salan bu
masgaraçylygyndan gaçyp gutulyp biljek däldi...
Dünýe, sen haçan namart bolduň?!
109
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Dünye haçan namart boldy - 1
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2273
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 2
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2153
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 3
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2099
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 4
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2040
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 5
    Total number of words is 474
    Total number of unique words is 347
    44.5 of words are in the 2000 most common words
    57.4 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.