Latin

Dünye haçan namart boldy - 4

Total number of words is 3715
Total number of unique words is 2040
32.4 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Döwdalanlar öwlüýäniň daşyny gallap garaşyberdiler,
bu mahal Gün hem ilerki ýapa erňegini diräpdi.
Ganlybaşyň çaklaýşy ýaly, döwdalanlar öwlüýä
girmäge het etmänsoň ol ynjalyk tapdy.
– Biz nähili bagtly?.. – Ol gyza dikanlap garady. Gyz
onuň bagtly diýen jümlesinden gorkup ugrady. «Öz-ä
öwlüýäde, özem özüni bagtly saýýar» diýip göwnüne
iňkis gitdi. Şu ýerde ol aýy ýaly bi mähnet ýigit özüne
ýanaşar öýdüp gorkdy. Aslynda ol öýlerinde ýorgan
astynda ýatan görmegeý ýigidi beýle pilmahmytdyram
öýtmeýärdi. Gumry ýalyjak Melewşe oňa gorky bilen
garap yza-yza süýşdi.
– Men-ä bir salym ýataýmasam ölüp barýan, senem
arkaýyn ýat, bize degen bolmaz! – diýip, müjewüriň
bir ýassygyny alyp, çokaýyny hem çykarman süýndi.
80
Dessine-de uka gitdi.
Niçe gün uky garasyny görmedik Melewşe bolsa
hüjräniň içine göz aýlady, soňra dagyň parçasy ýaly
bolup ýatan ýigide garady. Garadygyça gorkdy,
döwdalan tohumam bolsa gorkdy. Ol hyýalynda nika
gyýlyp, bi ýatan pyýada bilen jaýa gabalana dönüp
hopukdy. Gowsy, ölen ýagşy diýip içini gepletdi, asylam
ol indii diri sypmajagyna ynanýardy.
Gije ýarymlar turaryn öýdüp ýatan Ganlybaş
daňdanlar tisginip oýandy, dessine nazary bilen
Melewşäniň bardygyny anyklady, soňam daş çykyp
asmana göz aýlap, özüne käýindi. Aty hokrandy. Bumat
döwdalanlar şöwür çekýärdiler, ýöne olarda-da niçe
günüň alynmadyk ukusy ýatyr. Ählisi diýen ýaly ala
ukulydy. Ganlybaş gündiz gören gyzganynyň ýanyna
bardy, sübseleç bir pezzik şahany emaý bilen döwüp
aldy-da, atynyň ýanyna geldi. Atyny boşatdy, guýrugyny
galdyrybam gyzgany gysdyrdy. Soň gaýrarak çekilip,
janawaryň syrtyna bir depdi weli, at mazar beýleki
diýmän atylyp, döwdalanlary ala basgy edip güw gitdi.
Döwdalanlar «atlan-ha atlan» diýip gygyryşyp eňdiler
atyň yzyndan. Olaryň atlarynyň dükürdisini sanan
Ganlybaş barynyň gidendigini anyklap Melewşäniň
golundan, tutup derýa bakan gyp basdy.
81
Atyň yzyndan ýarym sagat çemesi kowan döwdalanlar
onuň üstüniň boşdugyny görüp yza tarap sürdüler...
Ganlybaş Melewşäniň golundan tutup derýa
bakan ylgap barýardy, ýaraty aýagy diýenini etmesede, onuň yzasy ýüregine basylsa-da, çydap ylgap
barýardy. Olaryň geýim-gejimleri pers-alady, ýüzgözlerinde çitenekledilmedik ýeri galmady. Ganlybaş
«Allajanlarym, diri ele düşäýmeli bormyka?» diýip
oýlanýardy, çykalga agtarýardy, emma hany çykalga!?
Yzyňdan atlaryny debsiläp döwdalanlar ýetip gelýär.
Eger-de şu mahal ajal aždarha bolup alnynda agzyny
açyp dursa, ol Melewşäni alyp onuň holtumyna öz aýagy
bilen baryp girip gitjekdi. Ol ölümden gorkanokdy,
ol Melewşä göz astyndan seredip başlanynda
ölümini boýun alypdy... Ol duz beren adamlar bilen
duşuşmakdan gorkýardy... Birden onuň ýadyna gaplaň
düşdi. Ol näçe wagtlap ýaraty gaplaňy yzarlady, janyny
alyp, hamyny sypyrmak üçin yzarlady, öldürmän
goýmajak bolup yzarlady. «Kasas kyýamata galmaýar
diýilýäni çyn eken-ow!» diýip oýlandy.
Içigargalmyş birden tokaý gutardy duruberdi.
Ganlybaşyň burnuna tüssäniň ysy urdy. Asyl olar
bir obanyň duşuna gelipdir. Bu taýam obanyň malgarasynyň derýa inýän güzeri eken. Ol edil alkymynda
82
bir ýaşulynyň seredip duranyny gördi. Melewşe tisginip
gitdi. Ol derýa garşy ýöneldi.
– Gorkmaň munda geliň! – Ahun aga mylakat bilen
olary yza dändirdi.
Üşükli Ahun aga daýaw pyýada hem garagözelek
«oglany» gören dessine göwnüne iňkis gidýär. Derýanyň
o çetinden helewleşip gelýän atlylary görüp nämäňnämedigine düşünýär.
– Yzyňdaky kowgy kim? – Ganlybaş başga alaç
tapman ýagdaýyny aýtdy.
Ahun aga hopul-sopul geýnen garagözelek gyza
esewan etdi, gyz ýüzi gyzaryp aşak bakdy.
– Siz hol jaýa baryberiň – diýip, ol ýortmança ogluna,
daşarda süýt bişirip duran aýalyna görkezme berdi-de,
mellegiň aýagujyndaky pagsa jaýyň gapysynyň gulpuny
açdy.
– Köşekler, hany daş çykyň-da bir salym aýagyňyzy
ýazyň! – Ol jaýa boýnuny uzadyp gygyrdy. Däliler
hezil edip daş çykdylar. Olar gapyda duranlary synlap
başladylar. Ahun aga pagsa jaýyň içkisine sübse çalyp,
Ganlybaş bilen gyzy girizdi, soňra daşkysyny sübseledi.
Onýança çagyrylan adamlar gelip başlady. Ahun aga
83
aýalyny hem ýene bir adamyny alyp jaýa girip, nika
gyýmaga başlady.
– Seniň adyň näme?
– Ganlybaş Sapar ogly.
– Seniň adyň näme?
– Melewşe...
Diňe şunda Ganlybaş Melewşäniň adyny bilip galdy.
Ahun aga olaryň razylygyny alyp nika gyýdy, aýaly
olara çaý-nahar getirdi. Şondan soň Ahun aga:
– Sesiňizi çykarman oturyň, nesip bolsa töwellamyzy
alansoňlar sizi çykararys – diýip, pagsa jaýyň gulpuny
urup gitdi. Däliler muňa nägile boldular. Sebäp
gelmişekler olaň gözüniň öňünde jaýlaryny alyp
oturyberdiler!
Ahun aga uly mola-da däl-di, işanam. Atasy uly
mollady. Ýokarsy Pendi, aşagy Murgap töwereginiň
dälisini şoňa getirerdiler. Atasy ýogalansoň Ahun aga
«garyndaşlaryňyzy ýygnaň» diýip habar edipdi, köpüsi
dälilerini alyp gidipdi, bu bäş kişi bolsa ibaly hossary
ýok bolany zerarly Ahun aganyň gapysynda galyberdi.
Ahun aga-da başardygyndan okaýardy. Nätsin görgüli!..
Ahun agaň ýortmança ogly oýnam öýli gyzyllaryň
84
obasynyň erkeklerini
döwdalanlar ýetip geldi.
ýygnap
geldi.
Onýança
Ahun aga myhmanlaryň öňünden çykyp, salam
berdi, salam aldy.
– Hoş geldiňiz ýigitler! Atdan düşüň, taňry
myhmanymyz boluň.
– Myhman bolan ýaly görüň. Biz habarly geldik.
– Habaryňyz bolsa habaryňyzy soň aýdar ýörersiňizdä...
– Bize gaçaklarymyzy çykaryp beriň! Habar şol!
– Ýigitler, munyňyz-a bir tüýsli gep boldy?
– Tüýslisi şol, gaçaklary çykaryň!
– Haw, ýigitler, geregiňiz gaçak bolsun, siz ýöne ilki
atdan düşüp, bir duz dadyň!
Agasynyň sypaýy gepläp durşuna syny oturmadyk
Şagelen söz urdy.
– Biz Pendi ýaly ýerden duz datmaga gelendir
öýtdüňmi? Çykar gaçaklary! – Ahun aga-da, gyzyllaryň
Mergen agadan gaýry sakgal biteni sypaýysyrap, olaryň
gaňryşyna gaýtman myhman aljak boldular, emma
döwdalanlar ýer depip gazygyna towsup durlar. Ahun
85
aga ýanyna ýüzüniň peşehordasy dürtgüjiň yzy ýaly
bolup duran ýigidi çagyryp Mergen agany alyp gelmegi
tabşyrdy. Ýigit onuň halynyň ýokdugyny aýtdy. Şeýlede bolsa, ýigide ony alyp gel diýdi.
– Haw, ýigitler, ýöne gaçaklary çykaryň diýip dyzaşyp
dursuňyz. Siz näme bizi türkmen däl diýip eşitdiňizmi?
– diýip, gyzyllaň biri gürrüňe goşuldy.
– Aý, ýok beý diýib-ä eşidemizok!
– Onda biz myhmanymyzy siziň penjäňize berip
goýberibilmeris ahyry...
– Ýaşuly, ol biziň namysymyza el garyp gaýtdy... Biz
ony öldüribem köşeşip bilmeris – diýip, ýene dyzmaç
Şagelen ara girdi.
– Ol siziň namysyňyza köp bolup tokunan däldir
ahyry – diýip, gyzyllardan ýene bir ýigit hem Ahun
aganyň tarapyny çaldy. – Munça bolup birini it atan
ýaly atyp gidiberіeksiňiz – ol bolmaz!
Bir käse çaý içim salymdan soň ýüzi peşehordaly
ýigit Mergen aganyň goltugyndan girip getirdi. Mergen
aga aşaky, ýokarky sarygyň sylagly ýaşulysydy. Ol
özüni raslap, hasasyna söýenip gelenleriň salamyny
alyp, olaryň eždatlaryny soraşdyrdy. Döwdalanlar
86
kimlerdendigini aýtmakdan boýun gaçyrdy. Şagelen
agasyndan öňürtdi:
– Ýaşuly, töwellasy gutardy muň!
– Han ogullar, siz biziň ýaşulymyzy sylaň!
– Edil şuň ýaly bir ýaşuly olaryň haram maslygyna
garaşyp ölüp bilmän ýatyr! Bize töwella gerek däl!
Diýleni edip gaçaklary çykarsaňyz-a, çykaryň, ýogsada barymyz maslyk bolynça gidişeris! Wessalam!
Döwdalanlar
töwellany
almadylar.
Mergen
aganyňam, beýleki ýaşulularyňam raýy ýykyldy. Ýaş
ýigitleriň mertebesi depelendi. Oba ýigitleriniň öňüne
düşüp ýören ýaşy ortadan agan Jaňkul öz ýaşulularyna
ýüzlendi:
– Ýaşulular, töwellaňam çeni bar. – Soňra ol Şagylyja
ýüzlendi: – Han tutuşjakmy, at üstünde söweşjekmi ýa
alaňa ýaplanjakmy!?
Şagylyç oýlandy. Ol göreşe taýýardy, birden gyzy
alyp gaçan garşyňa çykarylsa nätіek? Nädip onuň
bilen döşleşjek! Ýok, o bolmaz! At üstünde söweşjek
diýsegem, onuň söweşe gatnaşmagy ahmal. Ýene onuň
pis ýüzüne ýüzüň düşmeli bor...
– Alaňa ýaplanyşjak!
87
***
Gyzyllar ýaşulularynyň raýynyň ýykylanyny gaty
gördüler, indi olaryň gyzyl et bolsalar-da gepini
gögerdip, gaçaklary döwdalanlara bermejegi hakdy.
Ýöne olar kowguçylara-da gynandy. Ýeri, dulunda
oturan namysyňa tokunylsa, haýsy türkmen ýaragyny
alyp, ýa ar, ýa mazar diýip çykmaz!? Şonuň üçinem olar
sypaýylygy saklap, hamana döwdalanlar bilen atyşyga
däl-de göreşe çykan ýaly parahat çykdylar.
Atyşjaý saýlanyp alyndy. Emin bellenildi. Ömrüniň
ahyrynda raýy ýykylan Mergen aga hasasyna söýenip,
yra-dara öýüne ugrady, ýaşulularam onuň yzyna
düşdüler.
Atyşjaý weli tüýs göwnejaý ýerde, hamana, bu köne
galany salan ata-babalarymyz bir zaman nesillerimiz
atyşsa gerek bor diýip salan ýalydy. Köne galanyň
diwarlary ýere bagryny berip, topraga siňip barýardy,
onuň belent ýeri çöküp oturan düýeden beýik däldi,
her hal ýaplanyşmaga boljakdy. Galanyň iki diwarynyň
arasy ýüz-ýüz otuz ädimdi. Ýokary başyna döwdalanlar,
aşak tarapyna gyzyllardan sandaş adam geçdi. Olar
ýagşy ornaşandan soň, emin elindäki ak baýdagy
ýatyrdy. Atyşyk başlandy.
88
Döwdalanlaryňam, gyzyllaryňam ýaragy guratdy.
Ors Ýolötende, Pendide goş basaly bäri, puluň barmy,
ýüňüň barmy, baganaň barmy – bar parhy ýok, ýarag
edindim hasap edäýmelidi. Onsuzam saryklaryň
söwdegärleri iňlislerden ýarag baryny satyn alyp
gelýärdiler. Hyrly öz ornuny Ýewropa ýaragyna beripdi.
Iki tarapam bukdaklaşyp, müňedeňleşip bir-birini
nyşana alyp atýardy, agyşygyň golaýyna eltilmedik
ýaş oglanlar beýik agaçlaryň üstüne çykyp tomaşa
edýärdiler. Galalaram geçmişiň öwlüýäsi, öwlüýäde
duşmanyna kast etmedik döwdalanlar bi öwlüýäniň
üstünde hiç bir günäsi ýok adamlar bilen atyşyp ýatyrlar.
Gijöýlänler obadan iniňi duýrukdiriji ses eşidildi.
Bir howa gyzyllar atmasyny bes edip diň saldylar,
bir bolmasy işiň bolandygyny aňan döwdalanlaram
atmasyny goýdy. Emin ak baýdagyny göterdi. Mergen
aga ýogalypdy. Gyzyllar eminiň yzyna düşüp, ses
çykan jaýa tarap ugradylar. Döwdalanlar ses-sedasyz
olaryň yzy bilen gelip pagsa tamyň öňünde gyzyllaryň
gapdalynda ses etdiler. Wepat bolan bendäniň Mergen
agadygyny bilip, olaryň keýpi gaçdy, ýöne özlerinde
müýn duýmadylar...
***
89
Ahun aganyň dälileri oturyp-turup karar tapmadylar.
Olar syýrdam dereklerden ýonulyp edilen gapyny depip
gördüler, çekip gördüler, emma gapy berkdi. Däliler
ozal bir maksat bilen ýaşaýardylar: näletsiňmiş jaýdan
çy¬kyp, bir hezil etmek olaryň arzuwydy. Ynha jaýdan
çykarlaly bäri, küýi-köçeleri gelmişekleriň elinden niçe
ýyllap öwrenişen jaýlaryny gaýtaryp almakdy. Gapy
hezil bermänsoň, dälileriň hany pagsa diwary ýykmagy
teklip etdi. Bäş däli bäş ýerden pagsa diwara eginini diräp,
zomap, dyzap gara suw boldular. Halys bolmansoň, han
oturyp-oturyp başga bir karara geldi. Ol dälileri nyzama
durzup, özem iň öňe geçdi. Olar götinläp otuz-kyrk
ädim çemesi gidip, birdenem bat alyp gaýtdylar diwara
garşy. Setir däli diwara uruldy. Dälileriň hanynyň tas
myžžygy çykypdy. Ol yzyndaky däli bilen ýerini çalşyp
ýaňadan gidip, bat bilen diwara uruldylar. Mundanam
netije ýokdugyny bilip, olar gabsanyň yşyndan içine
tüýkürip, ýumruk çenäp, gygyryp başladylar. Ahun
aganyň aýalam, özem pata gidendigini bilen däliler
has hem bolmajysy bolýardylar. Hojalykda hanlyk
olara galypdy. Birden olaryň öwrenişen jaýyndan şeýle
bir jynssyz gykylyk çykdy weli, däliler zähresi ýarylan
ýaly atylyp-atylyp gaçdylar. Däli gorkanda gaty gorkar
eken, olar uly ýoluň ýakasynda galpyldaşyp gözlerini
90
tegeleşip, jaýlaryna garap durlar. Häh diýseň, bendeleň
ýüregi ýaryljak!
O ses Melewşäniň sesidi...
***
Bir gije Mergen agany myhman aldylar, golaýgoltumdaky obalardan eýýäm gelen bardy, şonuň üçin
bolsa gerek, gyzyllar döwdalanlar bilen garyşyp-gatlyşyp
gitdiler. Ýaňy aty¬şyp duranlar şulardy diýseň rus
baýarynyň ýüregi ýarylardy. Emma Emin bilen Jaňkul
murt Şagylyç bilen Şabasany alyp, ýaşulularyň ýanyna
giripdiler. Öýde merhumyň gap¬dalynda üýşen eňegi
sakgallylar oba mollasynyň berýän gürrüňini diňläp
baş atyp otyrdylar. Gürrüň esasan Mergen aganyň gowy
adamdygyny subut edýän durmuş wakalary, kyýamat
gürrüňleri baradady. Daş çykan Ahun aga ýasyň
beýemçisi:
– Ahun aga, Agamyrat aga Mara gidipdir, sa¬gana
gazýan ussa agtaryp tapyp bilemzok – diýdi.
– Hany Agamyradyň ýanynda işleýän oglanlar, şolar
gazar – diýip Ahun aga gürrüňe nokat goýdum etdi.
– Olar entek özbaşdak gazyp göremzok diýýäs –
diýýärler.
91
– Saganany nesip bolsa, rugsat etseňiz men gazaryn
– Bu ses Şamyradyň sesidi. Ol beýemçiniň häliden bäri
heläk bolup saganany agtarýandygyny güman edipdi. –
Obamyzda saganany mydama men gazýaryn.
Ahun aga rugsat berdi. Döwdalanlar bilen gyzyllar
bir üzüm teläriň astynda uzyn gije çaý içdiler, däbe görä
goňşy-golamlaryň getirýän tagamyndan duz datdylar.
Gyzyllar öwrüp gürrüňi Mergen aga getirýärdiler,
döwdalanlar bolsa assyrynlyk bilen gürrüňi şu ýylyň
gelşine, dünýä ýagdaýlaryna syrykdyrýardylar, çünki olar
Mergen aganyň ölümi üçin özünde müýn duýýardylar.
Soňra şol ýerde ýazylan düşege geçip bir süýnenlerini
bildiler, birem eýmenç orlaşygyň eşidilenini. Gyzyllar
Mergen aga ses edýärdiler. Döwdalanlar hem olara
goşulyp bir salym ses etdiler. Öýlänara Şamyradyň
gazan saganasynda gojany depin etdiler. Töwerekdäki
ähli obadan gelen kişileriň gürrüňi Mergen aga hem
onuň üýtgeşik saganasy barada boldy.
Üç gün döwdalanlar şol ýerde boldular, ir bilen
beýlekiler ýaly ses etdiler. Üçünji gün üçüni sowup
gitjekler ugrandan soň eminiň ýanyna baryp Şagylyç
han ertir atyşy dowam etmegini sorady.
– Bizde ýedisi geçýänçä merhumyň ýasy sowuldy
92
hasap edilenok, myhman!
– Bizde merhumyň kyrky geçýänçä aglanylýar, emma
ýagdaý diýenem bir zat bar!
Ýaşulular bilen maslahatlaşan emin döwdalanlara
ertirden atyş boljagyny yglan etdi.
Ertesi iki tarapam atyşhana çykdylar, ok-ýaý bilen
garantga atyşýan oglanlaram hezil oýnuny goýup
agaçlara dyrmaşdylar. Aýallar bolsa taňrydan bi gäbi
azan erkekleriň gursagyna gowulygy salmagy dileg
edip hudaýýoluna sadaka aýtdylar. Günem gyzýardy,
atyşam, iki tarapdanam ýeňil-ýelpaý ýaralanan boldy.
Gaty agyr ýaralanaýmasa, dogan dogana-da kömege
baranokdy, öz ýaraňy özüň daňyp atyşybermelidi...
Gün günorta boluberende ýerden çykan ýaly bolup
orsuň on atlysy geldi. Olaryň baýary gygyryp, yzyndan
sapançasyny asmana gezäp atdy. Onuň ýanyndaky
dilmajy, dagystanly türki halklaryň birinden bolarly,
baýaryň diýenini gygyryp terjime edip başlady. Baýaryň
çagyrmagy bilen döwdalanlaryň ýaşulysy Şagylyç bilen
gyzyllaryň serdary Jaňkul han baýaryň ýanyna bardy.
Iki tarapyňam ýigitleri tüpeňlerine ok sürüp wakanyň
soňuna garaşdylar. Baýar:
– Bibaşlygyňyzy goýuň, siz ak patyşanyň raýatynda
93
ýaşaýaňyz! Atyşmak gadagan! Kimde-kim meniň
diýenime gulak salman atyşsa, ony biz zyndana gabarys!
Şagylyç hanam, Jaňkul hanam haýran galyp birbiriniň ýüzüne seredip, egnini gysdylar.
– Bu nä gäbi azan ors!? Muny kim çagyrtdyka? –
Şagylyç soragly nazaryny Jaňkul murta dikdi. Jaňkul
murt hamana, olaryň gelmegi özünden görülýän ýaly
pert-pert gepledi.
– Biz-ä, beg ýigit, Allany çagyryp meýdana çykdyk,
orsy kim çagyrtsa-da gyzyllar çagyrmaz!
– Sen baýaryňa aýt, atyşsak biz atyşýas, ölsek biz
ölýäs, bi ortada onuň näme işi bar!? Şagylyç dilmaja
ýüzlendi. Dilmaç ony terіime edibem durmady-da,
baýaryň ýerine özi іogap berdi. O-da Şagylyjyň tüsseläp
duran oduna nebit sepdi.
– Atyşaly diýen günüňiz atyşybiýr ýaly, gyrlyşaly
diýen günüňiz gyrlyşybiýr ýaly siz erkin halk däl. Siz
baýarlaryň diýeni bilen bolmaly, ýogsa... – Şagylyç onuň
çalgyrt gepleýşine kynlyk bilen düşünýärdi.
– Ýogsaň näme!? Sen biz bilen kepleşer ýaly ygtyýarly
kişi däl! Sen biziň diýenimizi baýaryňa aýt, biziň nähili
halkdygymyzy kesgitlemek saňa galmandyr, ýogsa
94
maslygyň şu ýerde galar!
Badyhowa gyzyl murt dagystanlynyň ýeli ýatdy.
Ol Şagylyjyň gitdigiçe agy köpelip barýan gözlerine
howatyr bilen garap, baýaryna bir zatlar diýdi. Baýaram
bir zatlar diýdi. Dilmaç söze başlady:
– Baýar aýdýar, diňe wagşy kişiler bir-birini wagşylyk
bilen gyrýar. Siz wagşylygyňyzy goýuň. Nekelaý patyşa
sizi adam etmek isleýär.
– Sen orsuňa aýt, ol biziň işimize goşulmasyn. –
Şagylyç seslendi.
– Häzir namys işi çözѕlýär, seniň orsuň oňa düşünmez,
gowsy abraýyňyz barka gidiň mundan – Jaňkul murt
hem dilmaja ýüzlendi.
Dilmajyny diňlän baýar öz buýrugyny pitiwa
edilmeýänine gazaplanyp, sapançasyny asmana atyp,
Şagylyja bakan atyny debsiledi. Rejäniň geň däldigini
gören döwdalanlaram gyzyllaram goşulyşyp atyş
meýdany goýup, tüpeňlerini gezeşip olara garşy ylgaşyp
gaýtdylar. Baýaryň gözleri peträp bir tüpeňlerini
gezeşip gelýänlere, birem Şagylyç bilen Jaňkul murta
seredip, atynyň jylawuny öwrüp basdy ata gamçyny. Ol
öz yzyndan ýeten dilmajyna bakyp:
95
– Patyşa-da akyl ýok, bi ýabanylary owsarlaryn
öýdýär. Seret, bize gezek galanda iki duşman tarap
birleşdi oturyberdi. Ýogsa biz olara ýagşylyk edýäris
ahyry – diýdi. – Görersiň, patyşanyň başyna basyp alan
halklary ýeter... – Olar yzynda at dükürdisini galdyryp,
gelşi ýalam sumat boldular.
Dört gün bäri gijelerine dälileriň jaýynda Jennetiň
gumrujygy bilen aýşy-eşretde bolýan Ganlybaş
gündizlerini gapynyň yşyndan garap geçirýärdi.
Ýogsa günde bir ýola Ahun aga hemme zadyň
gowudygyny, döwdalanlar bilen gürrüň geçirip razy
edip barýandyklaryny aýdyp gidýärdi. Wagtal-wagtal
olara çaý-nahar çekýän oglanjygam, Ahun aganyň
aýalam Ganlybaşa diňe gowluk diýýärdiler. Ganlybaş
ynjalygyny ýitirip, oglanjygy aldap daş çykmagy makul
tapdy. Dört gün bäri daşda ugruna oňly seredilmeýän
däliler bolsa pagsa jaýyň dumly-duşundan hüjüm edip
görýärdiler, emma bolanokdy. Olar pagsa tama arkan
salybam çekip gördüler. Pagsa jaý gymyldaýynam
diýenokdy... Ahyr olaryň biriniň kellesine pagsa jaýyň
sypaldan üçegini otlamak pikiri geldi. Olar keýerişip
Ahun aganyň giderini garamlap garaşyberdiler.
Oglanjyk nahar getirdi. Ganlybaş oňa mylaýymlyk
bilen habar gatdy.
96
– Serdar jan, gelnejeň hakyt akja bäbek getiräýdi,
göresiň gelýämi?
Melewşe uzak gününi diýen ýaly uklap, ýarawsyz
halda geçirýärdi. Hassa bolup hassa däl, sagat bolup
sagat däl, Melewşe häzir pagsa jaýyň dulunda myrlapjyk
ýatyrdy. Oglanjyk oňa іogap gaýtardy:
– Alladýaň. Sen ýaňy gelin aldyň. Gelnejem indiki
ýyl bäbek getirmeli.
Ganlybaş her zatlar diýip gördi, emma oglanjyk
aldatmady. Ol yzyna gaýdansoň. Ahun aganyň gidenini
gören däliler ojakdaky kesindini getirip pagsa tamyň
arka tarapyndan sypal üçege ot berip, gyra çekilip,
heşelle kakyp başladylar.
Ol gaty bir tutaşyp ýetişmänkä, mazaly Ahun aganyň
aýaly daş çykaýdy. Ol elewräp, goňşy-golamlaryna
gygyryp, gyňajyndan ot berlene döndi. Pahyr gaty
aljyrandyr-da gabsanyň gulpuny açmak hem kellesine
gelmedi. Il bir gowy zat, goňşularyň aýallary ylgaşyp
gelip, gabsanyň gulpuny açdylar. Tüsseden üsgürip
Melewşäni Ahun aganyň öýlerinde goýmaga gorkup,
goňşusy alyp gitdi. Ganlybaş bolsa aýallara baş bolup
ýangyny söndürdi.
***
97
Çapar bolup hellewläp gelýän Şerip guluň yzyndan
Ymambaba obasynda tebip ýetdi. Ol düýn Döwdalanyň
ýogalandygyny habar berdi. Ähli döwdalanlaryň dessine
atasyny jaýlamaga gelmelidigini ol nygtap-nygtap aýtdy.
Sebäp oňa-da nygtalypdy. Ol döwdalanlaryň namys
işini soňa goýmalydygyny hem öwran-öwran aýtdy.
Şerip gula diline berk bolmagy, ýogsa gürüm-jürüm
ediläýmeginiň daş däldigini hem aýtdy.
Şerip gula dözmän ony özi aýtdy. Şerip gul ýola
düşensoň oýa batdy:
«Döwdalanlar atasynyň ölenini eşitse, hökman
gaýdar. Olar atasyny ile gömdürmez! Meger, ar almagy
maňa tabşyrlar, men onsoň ol köpeý oglunyň müň
janynda birini goýman, Melewşäni atyň syrtyna basyp
ýüzümiň bakyp duran ýerine giderin! Ýol gutarýança
giderin! Ölinçäm giderin! Nirä gidemde meniň ýurdum
bar?! Nirä gidemde maňa ýurt bolmaz! Melewşe meňki
bolsa, maňa gaýry zat gerek däl!»
Şunuň ýaly süýji pikirlere gark bolup gelýän Şerip
tötänleýin atyşygyň üstünden geläýdi. Ol on-onbäş
ädim Döwdalanlara ýetmän, at başyny çekip, ýapyrylyp
Şagylyjyň ýanyna gelip şum habary aýtdy. Şagylyjyň
dişleri şakyrdady. Heý, jan berende atasynyň ýanynda
98
bolup bilmedikdenem bir perzent bormy! Ol döw ýaly
doganlaryna garady. Olaryň eýýäm üçüsi ýaradardy.
Gaty agyr bolmasa-da ýaralydy. Ömründe ýaňy ýaşulylyk
edip başlan Şagylyç näme etmelidigini aňynda ölçerip
dökdi. Ölçerip dökdigiçe-de döwdalan tohumynyň
ýüzüne gara çalyp gaýdan ganjyga gaharlanyp ugrady.
Şol gaçmadyk bolsa goja Döwdalan entek-entek ýaşap
ýöräýіek ýalydy. Bu zatlar jemlenibem onuň kalbyndaky
ody has tutaşdyryp başlady. Goja Döwdalanyň:
«Ýetişen gyz öýden ýa kejebä münüp, ýa tabyda münüp
çykmalydyr» diýen sesem gulagynda galdy.
Şerip aýtmaly habaryny aýdansoň alaňa ýaplanyp,
tüpeňini gezäp atmaga hyýallandy, ony gören Şagylyç:
– Bar, atyňy al-da, eminiň ýanyna ugra – diýdi.
– Akga, menem atyşjak, janym size gurban...
– Diýleni bilen bol! Döwdalanlaryň aryny almak
haçandan bäri saňa galdy!?
Döwdalanlara belet Şerip uludan dem alyp, eminiň
ýanyna süzüberdi.
***
Atyşa kemsiz gyzan döwdalanlaram, gyzyllaram
eminiň ýanyndan başly-barat çykýan tüpeň seslerine
99
haýran galyp, ors baýary ýene gelendir diýip bakdylar.
Olaryň düýbünden nätanyş atlylardygyny görübem
goňşy obalaryň birinden ýigitler töwella gelendir
öýtdüler. Emma olar ýalňyşypdy, olar Amady hanyň
atlylarydy. Atyşygyň bir pursat togtanyny gören Amady
sesinde baryndan iki tarapam eşider ýaly edip gygyrdy:
– Haw, ýigitler, iki tarapyňam begi meniň ýanyma
gelsin!
Onuň buýrugyna döwdalanlaryň gahary geldi, olar
ünsüni Amadydan sowup buýrugyň ýerine gyzyllara
bakan atyp başladylar. Gyzyllaram jogap gaýtardy, öz
sözüniň alga alynmandygyny duýan Amady, atlylary
bilen daýyrdap orta girdi. Atyşyk nalaç kesilmeli boldy.
Näden nä bolarka diýip duran emin hem baýdagyny
süýräp Amadynyň yzyndan gaýtdy.
– Adamlar, biz Ganlybaşyň gandüşer garyndaşlary!..
Haýsy tarap oňa howandar çykdy?
Emin oňa Jaňkul murtuň ýanynda üýşüp duran
ýigitleri görkezdi.
– Gyzyl garyndaşlar, garyndaşlyk edeniňiz üçin
taňryýalkasyn. Indi gezek biziňki!
– Biz size gezegi bermeýäris. Bi gana suwsanlar biziň
100
pygamber ýaly ýaşulularymyzyň raýyny ýykdy, biz indi
bir ýaňalak bolýança, bular bilen göreşeris! – Jaňkul
murt pert-pert gepledi.
– Haw, pendili garyndaşlar, gyz alyp gaçmak bar zat.
Görogly beg ýaly Göroglam Agaýunusy nikalap alyp
gaýtmandyr...
– Bar bolsa sizde bardyr-da, bizde-hä ýok! – Şagelen
Amadynyň jogabyny nagt etdi. Amady töwellany
uzaklaşdyryp durmady.
– Men size töwella edip durar ýaly ýurduň kethudasy
däl, aksakaly däl. Aklym siziňkiçe ýa bar, ýa ýok! Atyşyň,
tä birek-biregi gyryp gutarýançaňyz atyşyň! Ýöne
meniňem bir şertim bar, pendili garyndaşlar! Atyşyk
gutaransoň diri galanyňyzy özüm gyraryn! Şu ýerden
baýtalyna atlanyp hellewläp hiç kim aman gitmez!..
Hanha, bir gyz diýip tohumyňyza gyran degirjek
bolsaňyz, ertä galmaň! Amady atasynyň ogludyr! Onuň
diýenini edýändiginem berk belläň!
– Seniňem tüpeňiň çatlajak bolup duran bolsa garaş,
bularyň bellisini edip, seniň bilenem görübiýris, beg
ýigit – diýip, Şagelen gygyrdy. Amady oýa batdy. Ol
iki tarapam nazaryndan geçirip ýaňadan gygyryp söze
başlady.
101
– Biz ortadan aýrylmasak nädersiňiz?
– Onda biz ilki sizi tüpeňläris! – Şagylyjyň sözünden
soň, Amady pähimlenip gürläp başlady.
– Ýigitler, türkmen aga bir ölüsine kyrk gün aglaýar.
Emma gany gyzanda bir pursatda, birek-biregi tüpeňläp
goýberýär. Meni gygyrdyp durmaň, hany baryň bärik
geliň. Atyşygyň gaçyp gitjek ýeri ýok. Meniňem bir
sözümi diňläň – diýdi. Eminem töwella etdi.
Şagylyç bi atlylara baş bolup gelen ýigidiň ortadan
çykmajagyny bilip näalaç oňa tarap ýöremeli boldy, ony
gören Jaňkul murt hem bardy.
– Pendili garyndaş, siz hem mamla! Duluňda oturan
namysyňa el garylsa, ölüşmek türkmeniň borjy! Gyzyl
garyndaş, siz hem mamla! Pena isläp gelen mysapyr
üçin türkmen mydama-da gyrlyşyp gelipdir. Men hem
mamla! Menem şol ýigidiň hossary! Menem onuň
jesedini ata basyp garyp enesiniň gapysyndan baryp
bilіek däl! Diýmek, üç tarap gyrlyşyp gutarsa-da, il-gün
oňlajak! – diýip, Amady ýigitlere nazar aýlady.
– Ýigit sen ortadan çyk, biz ölinçäk atyşjak. Eger
aramyzda kimdir biri diri galsa, sen arkaýyn at-da
gidiber, gany soraljak däldir! – Şagylyç Amada ýüzlendi.
– Üç sany hakykat bolmaýar. Biziň namysymyza degildi,
102
indi bir ýaňalak bolmasa, biz ýaşap bilmeris!
– Han, sen ýaňy üç hakykat ýok diýdiň, emma bar,
häzir üç hakykat bar! Üçüsem gyrlyşyk bilen gutarýar.
Şonuň üçin dördünji ýoly saýlap tapmaly! – Amady bir
Şagylyja, birem Jaňkul murta garady.
– O nähili ýol?! – Şagylyç pessaý gepledi. – Seniň
ýoluň kän ýaly-la, ýigit! Mert ýigidiň ýoly ýekedir! –
Şagylyç oňa gazap bilen garady. Amady oňa üns hem
bermedi.
– Türkmen diýeniň bir mert halkdyr!.. – Amady
obadan ýempäp çykan Ganlybaşy gördi. – Ony Şerip
gulam gördi. Şerip gul böwrüne geňeşip ýempäp gelýän
ýigidi tüpeňläýinem bir diýdi, emma döwdalanlardan
çekindi. Ol Ganlybaşy ölüm halynda çölden alyp
geleni üçin içinden özüne, hapa-hapa sögündi, täleýine
gargady. Hamana, şol ýigit bolmasa, onuň bagty
açylaýjak ýalydy. Amady sözüni dowam etdi. – Görogly
beg «Tüpeň çykyp dünýe namart oldy!» diýýär. Tüpeň
mert ýigidiň şaýy däldir! Geliň, ata-baba dessura
eýerip, aradan tüpeňi aýralyň! Biz ata-baba ýoluny
ýöretmelidiris! Her tarapdan çykaryň bir ýigidi! Ana,
mert mydama şeýdip gelendir...
Gürrüň uzaga çekensoň iki tarapyňam ýigitleri orta
103
üýşdi. Hatda olar gürrüňe gyzyp birek-birek bilen
garyşdam.
– Ýigit, sen ýaňy men kethuda däl diýýän ýalydyň,
kethuda bolmasaň, atyşy ýatyrjak bolup arrygyňy
gynama! – Şagelen gazaplandy.
– Agaň barka aksakallyk saňa galmandyr. – Amady
olaryň dogandygyny daş keşbinden çak edip aýtdy. –
Pendili garyndaşlar, päliňizden gaýdyň, bir ýeke ýigidiň
üstüne top-tüpeň süýräp gelmek aýyp bolar! Hanha,
siziň ar almaly ýigidiňiz, öz aýagy bilen üstüňize gelýär.
Çykaryň bir ýigidi, göreşsin, ýyksa başyny alsyn, «wah»
diýse ol hem erkek däl, biz hem... Hanha Alyň ala
meýdany!
Döwdalanlar Ganlybaşy görmändiler. Olar saçsakal basyp giden ýigide nädip garanyny hem duýman
galdylar. Olar ony gözleri bilen iýäýjek bolup dergazap
seretdiler-de, dessine ýüzüni sowdular.
Amady hanyň sözüni ýanjap duranyna Şagylyjyň
gany gaýnap, jany ýanýardy, emma nätsin, ol mamlady.
Şu ýerde ýene bir gezek Şagylyç özüniň ýaşuly bolup
bilmändigine ökündi, ýogsa ol munça bolup atlanman,
Şageleni iberende, ol onuň ýedi janyndan birini diri
goýjakmy!? Ol indi näme etіekdigi hakda oýlanmaga
104
synandy, öýlerinde süýnüp ýatan goja Döwdalan
göz öňüne geldi, geýimleri pers ala diwana onuň oýpikiriniň içinden hasasyny süýräp geçip gitdi... Şol
mahal Şageleň gyjyrdap onuň gulagyna pyşyrdady.
– Akga, goýber meni, men onuň depesini guma
süsdürip, damagyny çalyp geleýin – diýdi.
Şagylyç aýtmasyz zady dyzmaç inisine aýdanyny
duýman galdy. – Sen onuň bilen nädip döşleşjek!?
Şageleniň ýüzüne kül urlan ýaly boldy, ol gelen yzyna
gitdi. Şagylyjyň arkasyndan Şerip geldi:
– Akga, şol çolagyň ýanyna meni goýbersene. Onsoň
şol çişip duran atlynyň garşysyna-da meni goýber. Men
näçe ýyl bereketdir duzuňyzy iýip, size namys-ar günem
gerek bolmadymmy? Men sizi doganym diýip ýaşap
ýörin-ä bi ýalançy-da! Siz meni gul hasap edýäňiz –
Şerip gul hamsykdy. Ony atyşa goýbermedik Şagylyjyň
ýüregi awap gitdi. Öz ýanyndan «Dogan bolanda-da
şuň ýaly wepaly bolar» diýip Şeribiň bolup oturyşyna
nebsi agyrdy. Ol eminiň ýanyna ýöneldi. Emin ony
görüp ak baýdak göterdi. Halaýyk bir täzelige garaşyp
demini alman durdy. Özüniň sözüniň ýer aljakdygyny
duýan Amady Ganlybaş bilen salamlaşdy. Halyny
sorady, emma ýüz bermedi. Ol hem Ganlybaşyň edip
105
gaýdan işini oňlanokdy. Şagylyç döwdalan bilen eminiň
az salymlyk gysga gürrüňinden soň emin:
– Pendili garyndaşlar, göreşe çykjak ýigidi orta
çykarsyn diýýärler diýip gygyrdy. Ony eşiden Ganlybaş
atylyp orta çykdy. Ol Amadynyň töwellasyna:
– Amady akga, ozalam men diýip bi görgüliler köp
azap çekdi. Diňe men çykjak, çünki men bu zatlaryň
sebäpkäri – diýdi. Ol «Men gelnimiň ykbalyny hiç kime
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dünye haçan namart boldy - 5
  • Parts
  • Dünye haçan namart boldy - 1
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2273
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 2
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2153
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 3
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2099
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 4
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2040
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 5
    Total number of words is 474
    Total number of unique words is 347
    44.5 of words are in the 2000 most common words
    57.4 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.