Latin

Dünye haçan namart boldy - 3

Total number of words is 3718
Total number of unique words is 2099
30.6 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sag-aman geçdiler.
– Sen ýüzüp bilýän ekeniň-ä, näme Guşlygaýaň
ýanynda ýüzmediň?
– Ölmek isledim!
Ganlybaş onuň bilen kän gürleşjek boldy, emma gyz
oňa, üýrýämiňem diýmedi, diňe gözlerini balkyldadyp
yzyna düşüp barýar. Ganlybaş käte bir yzyna garap,
aglap gelýän gyza göwünlik berjek bolýar, emma gyz
oňa gulak asanok!
Melewşe bolup geçen wakany aňynda aýlap, akyl
ýetirmäge synanýar. Emma akly çatanok! Gel-gel
babasynyň lälijegi, ýedi doganyň görer göreji Melewşe
gaçypdyr diýilse kim ynanar! Kakasynyň doganlary
54
däliräýmezmi!? Babasy ýerde togalanyp amanadyny
tabşyraýmazmy!? Olar nädip ile çykar!?
Melewşe hopukdy, ol bi gözleri jadyly ýigidi ölümden
gutaranyna begense-de, özüniň ölüp bilmeýändigine
gynandy. Onuň göwnüne düwen matlabyna görä, ol
eýýäm özüne kast etmelidi. Emma ol şindem diri.
Melewşe aglady.
***
Gumdan Döwdalanlaryň paty-putusyny alyp gelen
Şerip gul özüniň ýalňyşmandygyny bildi. Çak edişi
ýaly Melewşe ýokdy. Emma ol ony kimden sorasyn.
Ol öz ömründe bolaýmaly zadyň – iň elhenç zadyň
bolanyna göz ýetirip zowzuldaýardy. Ýöne Melewşäniň
dyrnagynyň hem rowa görülmejekdigine akly ýetikdi.
Nädip ýetmesin! Düýp Döwdalan oňa ýetim-ýesir bir
gyzy alyp berjek bolanda baýraçlylar, kes-kelläm garşy
çykypdylar. «Baýrajyň ganyny hapaladyp bilmeris,
guluňy gowy görýän bolsaň gyzy öz ilen-çalanyňdan
gözle» diýlenini gul bilýärdi. Emma söýgi gadaganyňy
bilýärmi!? Ol torguş oturyşly, garyçgaý garaýyşly
Melewşä gaýybana aşykdy. Wessalam! Melewşe oňa
seretsin, seretmesin, gürleşsin, gürleşmesin, parhy ýok
– Şerip ony söýýärdi.
55
Tebibe-de em etdirmeýän düýp Döwdalan çiň-arkan
düşüp ýatyrdy. Ol hiç kim bilen gepleşmeýärdi, hiç zat
iýip-içmeýärdi, tebipden başga hiç kimi ýanyna-da
goýbermeýärdi.
Şerip gul golaýa gelen ýedi-sekiz atlynyň öňünden
çykdy, endigine görä serdarpisint ýigidiň atyny
tutarman boldy.
Amady:
– At başyny tutanyň ýagşy ýigit ýöne, biz bir ýaradar
ýigidi yzarlap ýörѕs. Şondan habar bilseň-ä atdan
düşjek, ýogsa-da gyssagmyz özümizde – diýdi.
– Ýaradaryňyzyň ady näme?
– Ganlybaş...
Şol mahal Janybeg gelip Şerip guly mamasynyň
ýanyna alyp gitdi. Mamasy ondan atlylaryň kimdigini
sorady, sebäp bu mahal myhman almak hatardy, syryň
açylmagy daş däldi. Şerip gul ýaňadan atlylaryň ýanyna
bardy.
– Siziň ýaradaryňyz ady Ganlybaş bolsa, özem
Ýolötenden bolsa arkaýyn Ýolötene gidiberiň. Ony
ugratdyk, derýa bilen barar – diýdi.
Atly ýigitleriň gahary geldi, emma köpi gören Amady
56
üm bilen olary alyp çykyp, agşama çenli derýanyň
gyrasynda tokaýda garaşyp, agşam obadan bir habarhatyr bilmegi müwessa bildi...
***
Pyýada halkynyň öndürýän ýoly barmy? Gyrmyldan
gyr aşar edip, gidip otursaň ýol alsaňam boljak,
aýagyňy gan-gabarçak etmeseňem. Emma Ganlybaş
yzyndan ajalyň ysyrganyp gelýänini açyk bilse,
Melewşe Döwdalanlar ýetäýse, ölümden has elhenç
masgaraçylyga uçrajakdygyny bilýärdi. Gaty gaýdylany
sebäpli, öýde oturan gyzyň aýaklary pakga-pakga
gabardy, ol indi ýöräýin diýse-de ýöräp biljek däldi...
Ganlybaş şindem özi bilen gürleşmän gelýän gyz dynç
alar ýaly ýaşyrak toraňňynyň pürlerinden petdäniň
kölegesine düşedi. Tüpeňini toraňňa söýäp:
– Sen birneme dynç al, men bir ulag edinmäniň
alajyny agtaraýyn – diýip, ýekegapanlaryň güzer edinen
ýerrägine çirtmek ýassanyp turdy. Tokaýda garrap
ýykylan gury toraňňylaryň pürlerini döwüşdirip pürüni
derýa gyra daşap ugrady. Bäş-alty sanysyny üýşüren
soň donuny zowwam-zowwam ýyrtyşdyryp, olary birbirine mäkäm sarady. Ine, saňa sal! Salyň üstüne gür
ýaşyl töňňeli ýaprakly toraňňy şahalaryny dikişdirip,
57
saly görünmez ýaly etdi. Ganlybaşyň pikiriçe, ol
derýadan akanda edil äpet düýp toraňňy akyp barýan
ýaly bolmalydy... Saly derýaň gyrasyna eltjek bolup
dyzap ugranda käkiligiň jakgyldysyny, janhowluna
urunýan sesini eşitdi. Ol bi işi soňa goýup, çirtmek
guran ýerine geldi, görse horaz käkilik pelesaň kakýar...
Ganlybaş käkiligi çirtmekden sypdyryp, derýa
ýakasynda doga okap damagyny çaldy. Köýneginiň
eteginden elýaglyk ýaly bölegi ýyrtyp alyp, ony gözüň
ýagyny iýip barýan gyzyl gana boýady. Käkiligi ütüşdirip,
ýuwuşdyryp, oda daglap iýäýmeli edip gelşine, yzçynyň
yz çalyp geläýjek ýolunda oturan bir ýylgyna elýaglygy
görner ýaly edip gysdyrdy. Eger yzçy yz çalyp çarpar
otdan geçse, onda bi elýaglygy Döwdalanlar üçin
duýduryşdy...
Ganlybaş ençe ýyl çölde erkin gezensoň, ot almak
onuň üçin itiň aňsadydy. Duzjagazam bolaýsa, diýip
tamşananyny duýman gyzyň oturan toraňňysyna
golaýlaşan Ganlybaş iki-üç ädim öňünde ýaňlanan
tüpeň sesinden kellesini bir gapdala sowanyny hem
duýman galdy. Tüpeň patlap ýanyna düşdi. Tüpeňiň
depýäninden bihabar gyz duýdansyz urga ýylgynlyga
ýykylypdy.
58
***
Şagylyç Döwdalanyň ýüregi erbet jassyldap gitdi,
lakma kakan ýaly ýüzi gapdala döndi. Ol yzçydan
hem, inilerinden hem ozal ýylgyna gysdyrylgy gyzyl
gana boýalan ak matany gördi. Ony yzçy-da, doganlarda gördi. Toraňňynyň astyna düşelen ýaşyl ýaprakly
petdäniň maýda şahalaryna sereden döwdalanlaryň gany
gaýnady, şolam taň zat boldy. Gazap olaryň garagyny
gapdy, beýnisiniň işlemesini kesdi. Döwdalanlar yzpyza, beýlekä bakman, tokaýyň içi bilen gönüläp
basdylar ata gamçyny. Öňdäki atlydan sypan ýylgyn
şahalary ikinjä, ikinjiniň sypdyrany üçünjä şarpyldap
degýärdi, emma dälilik kaddyna ýeten döwdalanlar ony
asla duýmaýardylar.
Bir salymdan olar atlaryny daýyrdadyp, köwden depä
çykdylar. Dyz boýy oty parç bolan tekiz meýdan gyzyl
güllerden ýaňa gan çaýkalan ýaly bolup ýatyrdy. Olar
hä diýmän hasasyny süýräp öňden gelýän pyýadanyň
öňünden çykdylar. Ol ýany betbagt kädili, eşikleri
aşyklynyň eti ýaly, saç-sakgaly tamdyryň tüssesi ýaly
burugsap duran diwanady. Döwdalanlar gaharyny
basyp salam berdiler, ol salam aldy. Şagylyç döwdalan
oňa ýan jübüsinden içi tyllaly haltajygyny gözläp
durşuna:
59
– Haw, diwana, ýolda öňüňden iki sany ötegçi
çykmadymy? – diýip, habar galdy.
– Bi dünýäde hemme kişi ötemen – diýip, diwana
göwnübir jogap gaýtardy.
– Al, başymyzyň sadakasy...
– Diwana tylla nämä gerek?
– Onda bize bir ak pata ber!
– Gara niýet bilen barýan adamlara ak pata nä hajat!
– Haw, diwana agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de
atalap durma! – Gaharjaň Şagelen seslendi.
Diwana olary nury öçen terkidünýä nazary bilen
synlap, hernä iň ýaşuly bolsaň gerek diýip Şagylyja
ýüzlendi.
– Alnyňyzda garaňky görünýä, yza gaýdyň!
Şagylyç mundan artyk söhbetiň geregi ýok hasap
edip, atynyň jylawuny burup öz ugruna sürdi. Yzyndan
ýeten inilerine eşider ýaly edip: «Kellesi ýerinde adam
diwana bormy» diýdi. Yzdan diwananyň sesi eşidildi.
Döwdalanlar yza gaňryldy. Diwana Şagelene tarap
barmak çommaldyp:
– Hiç bolmanda sen bir gaýt – diýip gygyrdy. Doganlar
60
pitiwa etmän nirdesiň Ýolöten diýip sürüberdiler.
Diwananyň sözleri yzçynyň süňňünden yzarlap
kalbyna ýetdi. Adam pahyryň ýaşy gitdigiçe dine,
Hudaýa ynanjy artýar. Sebäp ol ölüme golaýlaşýanyny
aňýar, haýsydyr bir gudrat arkaly ölüm howsalasyny
basmaga synanýar. Olar iki çakyrym töweregi ýol
geçensoň, düzlükden ýylgyny gyrymsy tokaýa at
çapdyryp girdiler. Çägesöw tokaýda alaka kürüm kändi,
ine şol kürümleriň birine Şageleniň atynyň aýagy gitdi.
Şagelen tüwdürilip, togalanyp honda düşdi, at janawar
hem başyndan agdarylyp, zordan aýak üstünde galdy.
Şageleniň ýaýjygy döwüldi. Yzçy ony ýerine eltip
goltugynyň aşagy bilen mäkäm sapar daňdy. Diwananyň
bir diýen-ä boldy diýip içinden pikir öwürdi, sandygyna
nämälim gorky aralaşdy.
***
«Taňry bir gözüňi kör edip ýaratsa, bir gözüňi bendesi
çykarar eken!..»
«Perzendiň ýeke bolsa hesretiň iki bor eken!..»
«Ýaman gözden goran balam, ýaman sözden goran
balam, indi seni kimden soraryn balam!?»
Gije-gündiz daşyny oba aýallary gallap oturan Bike
61
eje mahal-mahal bir іѕmle aýdyp, düýbi köwlen garry
daragt ýaly yraň atýardy. Bir aýa golaý köşeşdiriіi
sözleri aýdyp-aýdyp tagamyny gaçyran aýallar uludan
demini alyp, hudaýa gaçyp otyrdylar. Amady hanyň
atlylaryndan hem habar-hatyr ýokdy.
«Eý, taňrym, eý perwerdigär, balamyň jesedini
gapymdan getirjek bolsaň, tagapyl eýläp, ilki meniň
jesedimi gapymdan çykar!»...
***
Bütinleý öz pikirlerine berlip, yzy düýbünden ýitiren
Şahym tilki döwdalanlaryň nägile hem dergazap
nazarlaryna bakyp bilmän, gaýry alaç hem tapman
derýanyň çepine bir geçdi, sagyna bir geçdi. Yzyndada atlylar. Yzdan bolsa ne nam bar, ne nyşan. Dogrusy,
Şahym yzçy olaryň sal ýasap gidendigini güman hem
etmän duranokdy. Ýöne dymyp barýan döwdalanlaryň
hiç biriniň kellesine bi pikir gelmänsoň, olam öz
çaklamasyny goýbolsun etdi. Onuňam bir sebäbi,
diwananyň duşmagy olaryň oň hasap edip barýan
namys işini gara niýete deňemegi, onuň aýdyşy ýaly,
Şagelene göz görkezmesi. Şahym tilkä hereketini mizan
terezisine salmaga, saldarlap görmäge mejbur etdi.
Özüni gyzy alyp gaçyp barýan ýigidiň ornunda goýup
62
gördi. Özüni düýp Döwdalanyň ýerinde goýup gördi.
Bir topar atly bolup iki biçäräni kowup, barşyny aňynda
aýlap gördi. Iki juwanyň läşiniň serlip galyşyny göz
öňüne getirip gördi. Sag-salamat obalaryna barsalar,
iki tarapyň arasynda boljak gan döküşligi göz öňüne
getirip gördi...
Öňden timisgenip barýan elliden agan yzçy yz
agtarman gidende-de, olaryň üstünden barjagyna
ynanýardy. Derýanyň akyşyny, öz atlarynyň gidişi
bilen deňeşdirip, gijäniň sowuklygyny nazara alyp,
indi kän uzaklaşman, olaryň haýsam bolsa bir kenara
çykjakdygyna akyl ýetirdi. Soňsuz oýlara gümra bolup
barşyna, çarandan çarana düşüp yz agtaryp ýörşüne
onuň öňünden çykan çöle bakan gidipdir. Ol yzy
doganlara görkezip:
– Ynha, olaryň yzy! Yzymyzy ýitirendiris öýdüp
güman edip, çöle çykypdyrlar – diýdi.
Ömrüniň köpüsini çölde geçiren doganlar agşamky
ýagyşdan sudur bolup galan yzy synladylar. Olar yzça
gatybir ynam etmän, bir-biriniň ýüzüne sorag bilen
seretdiler. Şagylyç:
– Sen yzyň şolaň yzydygyna ynanýamyň ýa güman
edýämiň? – diýdi.
63
– Ýagmyr birneme bozupdyr, her hal yz şolaňky
bolsa gerek!
Doganlar yzçynyň yzy bilen at goýdular. Yz bolsa
çarandan çarana tarap barýardy. Olar garaňky
gatlyşansoň Aý dogýança dynç alarman boldular. Çaýnahar edinip gözleriniň awusyny alyp gije ýarymdan
agansoň turdular-da, ýaňadan atlandylar. Dolan Aý
dünýäni gündizlige öwüripdi... Daň ýagtylansoň
töweregini mazaly synlap gelýän Şabasan güňlenç
gürledi:
– Akga, biz düýnden bäri bir ýerde aýlanyp durus.
Hanha, Dünýägörnen düýnem biziň duşumyzdady,
häzirem duşumyzda – diýip säheriň ýeňilіek ümürine
başyny çümrüp oturan Dünýägörnen diýseň dünýä
görnen örän beýik depäni görkezdi.
Atlylar saklanyp Şahym tilkiniň daşyna egele boldular.
Tilki rejäniň geň däldigini duýdy, emma nätsin, takdyra
ten berip dur.
– Gel-gel sen bize tilki sapalagyny atýamyň? Yzlasyň
gelmeýän bolsa, owalabetde aýtsaň bolmadymy?
Pendide senden başga-da tilki bilen şirin yzyny
saýgarýan az däl! – Şagylyç oňa azm urdy.
– Adam ýalňyşman bolmaz! – yzçy burnuny salyp
64
madyrdady.
– Ýalňyşdym diýsene! Taňry seni tilkä ýöne ýere
meňzeş edip ýaratmandyr!..
Muny döwdalanlar birdem saklanman yzyna
kowjaklar, emma bi olaryň syryny bilýär. Şonuň
üçin olar birek-birege köpmanyly, syrly seredişdiler.
Doganlar üm üsti bilen ony ýoklamaly diýen karara
gelip, üm üsti bilen Şagylyja maslahat saldylar. Esli
oýurganyp duran Şagylyç:
– Degmäň gitsin ýoluna. Namardy öldürmeli diýen
zat ýok. Utansa ýaşabersin!
Döwdalanlar ata gamçy çaldylar. Şagylyjyň soňky sözi
Şahym aganyň jigerini parran dilip geçdi. Ol hamana
namart bolup barýan ýaly, at üstünde zowzuldady.
Birdenem arkasyndaky iňlis tüpeňini alyp, ok ýeterden
geçip barýan Şagylyçdan çenäp bir oky goýberdi. Ol
gülläniň degmänini bilibem, tüpeňini başyndan aýlap
urdy. Döwdalanlar yzyna bir gaňrylyp bakdylar-da, şol
gidişlerine zut gitdiler...
***
Yşk saly derýanyň içi bilen gaýmançak ýaly
gaýdyrylyp barýar. Baş bermez bedew ýaly kä ileri çete,
65
kä gaýra çete gidýär, käte şaglap ýatan äpet şaglawuga
düşüp, pyrlampaç dünýäde aşyk-magşugyň seri ýaly
aýlanýar. Gür ýaşyl şahalara duwlanyp oturan Ganlybaş
bilen Melewşe hamana däli dünýäniň ýüzünden dälde, mawy asmanyň depesinden ýaşyl bulutlara münüp
gaýry bir düýşe çalymdaş dünýä ýüzüp barýan ýaly. Sal
leňňer atýar, sal tolkunlaryň üstünden geçende, olaryň
göwnüni göterjek bolýan ýaly leňkildeýär. Beýle sala
münüp görmedik kişä, özem ölemen söýýän gyzy bilen
münüp görmedik kişä salyň nämedigini düşündirmek
mümkin däl. Döwdalanlaryň gazaply dünýäsinden
ýüzüp barýan sal, ýöne-möne sal däl, ol söýgi saly.
Ganlybaş salyň gyrasynda çugutdyryp, sähel
ýerinden galsa derýa towusjak bolup oturan gyza lak
atmazlygy makul bildi. Diňe ol gabak astyndan garap
başlady. Ol gyzyň keşbinden Döwdalanyň öýündäki
jadyly garaýşy agtarýardy. Wagt geçdigi saýy gyzyň
nazarlary mylaýymlaşyp, mähremleşip başlady. Ol
gyza seredýärdi, gyzam oňa. Ganlybaş görüp otursa,
dil diýeniň asla geregi ýok eken. Kirpikleri içýanyň
guýrugy ýaly çowlanyp duran gyzyň okara ýaly
didelerinde janyňy alyp barýan bir gudrat, kalbyňa
şugla salýan ýyldyrymyňky ýaly bir şugla, dünýädäki
ýok tagam bardy. Ganlybaş beýhuş bolup barýardy. Ol
66
didelerde, dünýäde Ganlybaşyň şindi düşüp görmedik
ylahy gudraty bardy.
Ganlybaş Ymambabanyň deňinden, geçip barýanyny
duýdy. Ol hyýalynda eýýäm obasyna barana döndi.
Garyp ejesiniň uçjak bolup nogul-nabat seçişini göz
öňüne getirdi... Birdenem obany oda tutup, gören
kişisini gamçylap, gyryp-jyryp döwdalanlar girýär.
Obanyň ýigitleri öňünden çykýar... Ol kimleriň
çykjakdygyny aňynda aýlap gördi... üç-dört dosty çykar
öýtdi... Birdenem olaryň läş bolup ýatan göwreleri –
olaryň ejeleriniň dady-perýady gulagynda ýaňlandy...
Ol uludan dem aldy. «Ýok, oba eltip bolmaz, gyrgynçylyk
bolar!»
Ol gyzy nirä äkitjekdigini bilmän, hyýalynda
garyndaşlarynyň
ygtybarlysyndan
ygtybarlysyny
agtarýardy.
Gam-gussaly, pajygaly bulut ýaly pikirlerini gyzyň
nazarlary ýyldyrym uran ýaly edip goýberdi. Meger
Taňry gözleri yşk üçin ýaradandyr diýip Ganlybaş
oýlandy.
Süýіi pursatlara salym ýok, eýýäm Aý ýaşypdy, hä
diýmän daň atmalydy. Gitdigiçe derýa giňeýärdi, gaýra
çöl hem, ileri çöl hem peselýärdi. Eýýäm haçan garry
67
toraňňylaryň endamyna suw ornap salyň depesine suw
çykyp başlapdy. Ganlybaş gyzyň galpyldaýanyny gördide:
– Kenara çykaýaly, ýogsa üşäris – diýip, elindäki uzyn
syrygy bilen saly sag kenara gönükdirіek bolup başlady,
emma jeýhun derýa oňa baş bermedi, derýa saly öz
islän tarapyna alyp gitdi. Muny duýan gyz özüni sessizüýnsiz derýa urdy. Nämäniň nämedligine düşünmän
aňalyp galan Ganlybaş esli salym derýanyň ýüzüne
seretdi. Birdenem ot alan ýaly bolup gyzyň çümen
ýerine başak urdy. Ol guw ýaly bolup bir çümüp, bir
çykyp depesine gonan bagt guşuny agtarýardy, emma
gyzdan nyşan ýok! Onuň kalbynda harasat gopup,
dälilik kaddyna ýetdi. Birhaýukdan gyz derýanyň sag
kenaryny parawuzlap oturan gamyşlaryň ýanyndan
çykdy. Ganlabyş haýran galyp seretdi durdy. Gyz emaý
bilen ýüzüp baryp gamyşlardan ýapyşyp kenara çykdy.
Ganlybaş hem derýany gulaçlap ugrady. Onuň kalby
ýene Murgap derýasy ýaly joşup ugrady, ol hyýalynda
öz saýlan gyzynyň ýöne bir peri-peýker däl-de,
döwdalanlaryň gany bolan, garadangaýtmaz gyzlygyna
hoş boldy. Ganlybaş hülle donunyň suwy joralanyp
duran eteklerini, ýere degip duran şar gara saçlaryny
sykyp duran gyzyň öňüne düşüp:
68
– Ýör, derrew ot ýakynarys – diýip, suwa düşme
kemini goýmadyk tüpeňini sag eline alyp, çep eli bilen
tokaýy aralap ýylgyndyr, petdeleriň gür ýerine bakan
gitdi. Şu ýerde-hä tamdyr otlasaňam keseden görünmese
gerek diýip tüpeňini goýup, petdeleriň düýbünde öten
ýyldan galan gury samanlardan ýygnaşdyryp, çakyry
çykyp giden iki sany gabyksyz ýylgyny tapyp bir-birine
süýkäp ot aldy.
– Käkiligiňem iýilmeli pursaty geldi – gyz oňa jogap
bermän, diňe ýigidiň ýanbaşyndaky sallanyp duran
käkilige garady.
Gyz hülle donuny çykaryp oda serip guratdy, beýleki
geýimleri bolsa bedeninde yşk ody bilen ýigrenç
gaýnap duran endamynda gurady gitdi. Jahan kemsiz
ýagtylansoň, olar hut oturan ýerleriniň golaýynda
ýeri gümmezekledip aşyk-magşugy synlap oturan
kömelekleri gördüler. Gyz «Aktelpek» diýenini hem
duýman iküç ädimlikdäki kömelegi dessine gopardy.
Ýigit hem beýle ýandan birini tapdy. «Gelin kömelek,
özem ýaşmaklyja» – diýip, ol hem gygyrdy. Bir-ä altyn
tapan kişi özi bilmeý gygyrarmyş, birem kömelek tapan!
Melewşe kömelekli gѕrrѕňiň aşagyndan başga
many çykandygyny bilip, gyzaryp, bozaryp uýat eýläp,
69
Ganlybaşa syrly garady. Gözler, ala gözlar! Ganlybaş
şundan soň gyzyň ýüregine diňe gözlerinden baryp
bolýandygyny, geplemegiň asla gerek däldigini, şonda
bi döwdalanlardan bolan peýkeriň özüne basym
beriljekdigini duýdy.
Ganlybaş gyzdan gözlerini aýyrman gelin-kömelegi
ysgady. «Melewşe ýaly ter, tämiz, görende özüň bilmeý
topuldyrýan kömelek! Gudrat sen!» Melewşe utandy.
Melewşe ýagdaýdan çykalga tapmak üçin beýleräkde
görnen garşy ýöneldi, Ganlybaşam saba ýeline ygşyldap
duran otlaryň arasyndan kömelek gözledi. Hersi
kömelek tapanda ýylgyryp, beýlekä seredýärdi. Munuň
özi Dünýe malyna barabardy. Ganlybaş ýylgyryp duran
gyzyň ýaňajygyndaky çukanajyklary görüp, gyzyň
ýylgyryp durşuna beýhuş bolup, tasdan ylgap gelip gyzy
bagryna basypdy, emma özüne basalyk berip, gür otly
ýerde akjaryp duran kömelege penjesini urdy. Gyz onuň
kömelek tapanyny bilip, Ganlybaşyň ýylgyryp gaýtarjak
jogabyna garaşyp, ony synlap durdy. Ýöne bagt diýip
penje uran ýerinden betbagtlygyň çykyşy ýaly, edil
kömelegiň ýanynda ukudan gowy aýňalyp ýetişmedik
ýylan şatladyp, Ganlybaşyň çep baldyryndan çakdy.
Ýylan arkan öwrülip zäherini dökjek pursaty, ýylandan
hem çakgan Ganlybaş onuň kellesinden hem bilinden
70
penjeläp, edil ýagyrnysyndan urdy agzy. Ol oglan
mahallary çakan ýylanyň özüniň hem bilinden dişläp
bilseň, zäheriniň ýöremeýändigini eşidipdi... Ganlybaş
dişiniň astynda ýylanyň oňurgasynyň şatyrdysyny eşitdi,
agzyna ganyň dolanyny bilip, ýylany depesinde sapan
aýlan ýaly edip ýere çaldy. Ýylan towlanyp-towlanyp,
ahyry gönelip jan berdi. «Hiýh» diýip tisginen Melewşe
ylgap Ganlybaşyň ýanyna geleninem duýmady. Ol
ýylanyň diş yzynyň ganjaryp duran ýerinden ýapyşdy.
Ganlybaş gyza ýylgyryp seredip durşuna, köýneginiň
art eteginden esli bölegini ýyrtyp alyp dyzynyň aşak
ýanyndan gyza çekdirip saratdy. Soňra ol oduň başynda
gysyp-gysyp ýylanyň zäherini çykardy. Ençeme ýola
şeýdensoň, ýanbaşyndaky pyçagy alyp, ýiti gezlik bilen
baldyrynyň etini aşaklygyna dilip ugrady. Endamy
tisginen gyz mundan artyk oňa seredip durup bilmedi.
Gözüni açyp göreni ýowuz döwdalanlar bolan gyz
maňlaýyndan çykan ýigidiňem, arkaýyn endamyny
pyçak bilen dilip durşuna haýran galyp, «bi erkek
kişiniň jany nämedenkä?» diýip oýlandy.
Ganlybaşyň ýarasy ganaýardy, ol bolsa şol akan
ganam az görýän ýaly pyçagy bilen ýene-de endamyny
dilişdirýärdi. Ind-ä bolan bolsa gerek diýip başyny
galdyranda, gyzyň özüne başyndaky ýaglygyny uzadyp
71
duranyny görüp, göwni telwas urdy. Ol ýaglygy almadyda, ganly aýagyny gyza uzatdy. Gyz ýaglygy bilen onuň
aýagyny güýjünde baryny edip daňdy. Ýene dideler
tapyşdy...
Birden imisala tokaýyň endam-janyny söküp,
gaýalaryň oňurgasyny ýazdyryp, golaýjykda tüpeň sesi
dünýä ýaň salyp gitdi. Melewşe nädip ýigidiň goltugyna
dolanyny hem bilmän galdy.
– Gutardy!.. Geldiler! – Gyz pyşyrdady.
– Gorkma!
Tüpeň sesinden soň dünýä ýene imisalalyk aralaşdy.
Hatda Ganlybaşyň gulagyna gyzyň ýüreginiň urgusy
hem eşidildi durdy, ýok tersine Melewşe pilmahmyt
ýaly ýigidiň çep goltugynda ýürek ýaly gürsüldäp durdy.
Ol gyzyň başyny emaý bilen sypady-da:
– Gorkma! Bar, şol ýylgynyň aňyrsyna duwlan! Men
häzir... – diýip, göçerinden göçmezi ýakyn tüpeňini
alyp, awçy ýöreýşini edip tüpeň sesi çykan ugrady.
Otuz-kyrk ädim şemal tarapda ol ýylgyna baglanan
al aty, gapdalynda toraňňydan asylan goş-golamy,
gyrmyz dony, silkme telpegi gördi. At hokranjak ýaly
etdi. Ganlybaş emaý bilen çöp-çalamy şygyrdatman,
72
derýanyň gaýasynyň gyrasyna bardy, görse derýanyň
güzerinde bir awçy, ýaňyja tüpeňläp şahlary burumburum tekesini soýup başlapdyr. Ganlybaş yzlaýyn
ýöräp, ýitigsi ýoda çykyp, gyzy goýup giden ýerine geldi.
Ol ýylgyryp Melewşäniň başyndan gupbaly tahýasyny,
gülýakasyny, oduň başyndan hülle donuny alyp,
gelşi ýaly yzyna gitdi. Melewşe hiç zada düşünmedi.
Birhaýukdan ol aty idip geldi. Gyza awçynyň gyrmyz
donuny geýdirdi, uzyn dony geýen gyz ýylgyrýardy,
başyny talawladýanyna bakman, oňa silkmäni hem
geýdirdi. Bilini awçynyň guşagy bilen guşady. Dessinede atlanyp ýola düşdüler.
Agşamara Ymambaba obasyna «Garly mergen şaýly
gelne duşupmyş, şaýly gelin onuň geýim-gejimini
sypyryp, öz eşiklerini beripmiş, pahyr indi dildenagyzdan galyp ýatyrmyş» diýen myş-myş ýaýrady...
***
Ömrüne öýdençer guldugy, ýer urup ýerde galan
ýetimdigi üçin beýle urga ruhy ejir çekip görmedik
Şerip gul zowzanaklaýardy. Tursa kalbyndaky hesretden
ýaňa leňňer atýardy, otursa ýer hopup barýardy. Göze
görünmeýän ýyrtyjy penje onuň iç-goşuny darawdaraw darap mynçgalaýardy. Ömründe beden-ten
73
awusyndan gaýry beýle awynyň baryny bilmeýän Şerip
gul öz ýagdaýyny möjegiň syrtyndan iýen eşegi bilen
deňeşdirdi. Bir ýola bir möjek onuň eşeginiň ardyndan
baraga-da ýumşak etinden ýapyşyp, gyzyl ödegine çenli
sogrup gidipdir... Iň elhenç ýerem Şeribiň syryny açyp
derdini paýlaşmaga hiç kimsi ýokdy.
«Eger-de Melewşäni doganlary öldürip geläýseler,
men hem özümi öldirin» diýip ol şert etdi. Gyzyň
gaçanyny magat bilen Şerip gul şir ýaly agalarynyň
Melewşäni diri goýmajakdygyna ynanýardy. Bu
hakykata kem-kem göz ýetirip ugran Şerip gul delil
agtaryp başlady. «Men Melewşe üçin müň janym hem
bolsa pida etjek, emma Melewşe üçin ölenimi kim
biler!? Hiç kim!»...
Goja Döwdalan zerarly Şerip guluň halyndan
habar alýanam ýok. Ozalky ýaly goja üçin uly gazan
hem atarlanok. Döwdalanlar syr bildirmän ýas tutýar.
Şeýlelikde, Şerip gula gara garnyny otarmak dert boldy.
Melewşe ikinji orna geçdi.
«Eger doganlar ýalňyz naçarlaryny öldürmäge
dözmän yzyna getiräýseler» diýip Şerip oýlandy,
oýlandygyça oý-pikirleriniň tagamy artyp ugrady.
«El degen, dil degen maşgalany bi etrapda kim alsyn!
74
Basyrdym-ýusurdym etjek bolup maňa beräýseler!..»
Şerip guluň gözleri ýiteldi, bedenine çusluk aralaşdy.
Gula galyndy nahar berilýär, ol oňa kaýyl, Melewşe-de
galyndy bolýa-da, bolubersin, ol ony ikelläp depesine
täç etjek!.. Şu iki pikiriň arasynda sergezdan bolup,
Şerip gul öý işleriniň ählisini endigine görä edýärdi...
Goja Döwdalan özünden gidip başlansoň, baýry
aýalynyň emri bilen Şerip guly döwdalanlaryň yzyndan
iberdiler. Oňa olary nireden tapmagy tebip öwranöwran düşündirdi... Melewşäni görmäge ykbal oňa ýol
berdi. Şerip gul sarç aty münüp niredesiň Ýolöten diýip
basda janawara gamçyny!..
***
Yzçyny kowan döwdalanlar Şagylyjyň tabşyrygy
bilen ikä bölѕndiler. Bir topar derýanyň sag kenaryny,
beýleki topar çep kenaryny syryp aşak tarapa
gaýdyberdiler. Dagy olaryň alajy ýokdy. Yzçy syrtyny
bulady. Yz yzlamak her kişiniň işi däl. Ýolda duşýan
maýdaly-irili obalardan bolsa olar nädip habar alyp
bilsin?! Döwdalanlary tanamaýan barmy? Olar Ýolötene
çenli aranyň uly toýundan, ýasyndan galýan adam
däl. Biri tanalmasa, biri tanajak! Şagylyç hem, beýleki
döwdalanlar hem gaçagyň öz obalaryna barmajagyny
75
anyk bilýär, meger, Mary Sarahs etraplaryna özüni
atjak bolsa gerek diýip gümanynyň yzlaryna düşüp
barýarlar...
At edinen, Melewşä geýim-gejim edinip tanalmaz
ýaly eden Ganlybaş derýanyň gaýra çetinden sürüp
otyr. Ata dözümli daraýar. Gaýrada oba-da az, it ne
görjek, ne üýrjek! Ol içinden: «Wah, şu mahal bir
harasat turup, çagba geläýsedi» diýip alla nalyş edýärdi,
onda ol göni ileri çöle çykyp, salyra aşmakçydy, emma
her gün öýlänara ileri garalsa-da, öýlänçi şybyr-sybyr
etse-de, Ganlybaşyň kѕýseýän jalasy ýokdy. Häzir bolsa
ol çöle tutdursa, çѕm otly çägede yzy üç aýlap bildirip
durmajakmy?
Ganlybaşyň keýpi kökdi, ol häli-şindi yzynda oturan
perizada habar gatýardy, gyzdan іogap bolmasada, öz başyna gѕrläp barýardy. Ol içinden «Häý,
Görogly aga mamla eken, edäýmelisi-hä bar...» diýip
yzyna gaňryldy... Peri-peýkere gaýra durr diýdirýän
gyza seredip hem pikirini ýalňardy. «Abraýly ýeriň
maşgalasyny beýewanda biabraý edip bolmaz!»
– Sesimden utanmasaň-a, saňa bir aýdym aýdyp
bereýin. – Ol іogaba garaşman, «Gyrmyza» tutdurdy.
Çypy bilen aýtdy, çygjaryp aýtdy. Bir seretse, holl
76
beýigiň üstünde üç sany atly özüni nazara alyp durr.
Ganlybaş atynyň jylawuny derýa burun bolup süsňäp
duran gaýa tarap burdy, atlylaram atlaryny aldygyna
goýberip kowup başlady. Ganlybaş gaýa golaýlaberende
yzyna dönѕp:
– Berk ýapyş! – diýdi. At janawar bärik gaýadan
bökmäge heder eder diýen gorky bilen ol gaýa
ýetiberende atyň sagrysyna ýelmedi birki ýola gamçyny.
Gaýadan towsan atam, gyz bilen Ganlybaşam çümüp
gitdiler. Ganlybaş birhaýukdan çykyp atyň jylawuny
goluna orap, gyza garaşdy. Gyz has aňyrdan çykdy.
Ganlybaş ýene oňa haýran galdy.
Döwdalanlar gaýa gelip atlaryny saklap atyp
başladylar. Ganlybaş bilen gyz gaz ýaly bir çümüp,
bir çykyp hile edýärdiler. Şunça atsalaram gyz bilen
Ganlybaş gyýaklap derýadan sag-salamat geçdiler.
Döwdalanlar atmagy bolsa namartlyk sandylar.
Murgap derýasynyň bir aýratynlygy bar. Onuň çep
kenary gaýa bolsa, sagy inişli bolýar, eger sag kenary
berk bolsa, çepi inişli. Ganlybaş gamyş-gajara bakman,
atyny idip Melewşäni penalap tokaýa siňdi. Onuň
aýagyny ýempäp alşyny gören doganlar, aýagyndan
urandyklaryna ynandylar, arkaýynlaşdylar. Indi onuň
77
artlaşykly aty bilen gaçyp gitjek ýeri ýok diýip pikir
edip, derýanyň güzer ýerine sürüp ugradylar...
Ganlybaş ata atlandy, ýöne öňki ýaly gyzy ardyna
mündürmän, gyzyň garşylygyna garaman, ony guş
göteren ýaly edip öňüne aldy-da, basdy ata gamçyny. Bi
onuň gyzy öz göwresi bilen okdan penalamak üçin eden
işidi. Giden tekizlige çykan at ýeriň tanapyny dartyp
barýardy, Ganlybaş yzyna garasa, derýa tarapdan dälde, çöl tarapdan hem üç atly aldyrany bar ýaly ýetip
gelýär. Ömründe aljyramadyk Ganlybaş aljyrady,
oňa indi diňe Hudaýa gaçyp, yzyndan gülle ýetýänçä
gidäýmek galypdy. Gyz hem beýleden gelýän atlylary
gördi.
– Aýtmadymmy, bizi öldirler diýip...
– Hudaý bardyr!..
Hakykatdanam, Hudaý bar eken. Öňde hüjresiniň
älemlerini pasyrdadyp gonamçylyk göründi. Ol baba
Gammar öwlüýäsidi. Ganlybaş atyň jylawuny şoňa tarap
deňläberdi. Muny aňan döwdalanlar ýetişibildiginden
atýardylar. Ok olaryň hä beýlesinden, hä eýlesinden
juwlap geçip gidýärdi. Bolsa-da, olar ýetdirmän özlerini
Gammar babanyň hüjresine atdylar. Ganlybaş arkaýyn
Melewşäni atdan düşürip durşuna:
78
– Aýtdym ahyry, Hudaý bardyr diýip – diýdi...
Melewşe öwlüýä däl-de, hamana gaçyp galasyna
gelen ýaly arkaýynlaşan ýigide haýran galdy... Gaçyp
gelen ýeriň öwlüýä bolsa, kysmatyňdakyny gör-dä!
Öwlüýä özlerem getirerdiler diýip ol oýlandy.
Ganlybaş hüjräniň beýle ýanynda çakyry çykyp
giden agaja atyny baglady. Melewşäniň alyp hüjrä girdi.
Müjewür bir ýaňa işi çykyp ýaňyrak giden borly. Entek
taňkasynyň çaýy hem sowap ýetişmändi.
– Al, bir käse iç...
Ganlybaş daş çykdy. Görse, derýanyň gaýra başyndaky
döwdalanlar bilen ileri başyndakylar tapyşyp, ülker ýaly
bolup durlar. Seslerem Ganlybaşa eşidilip durr! Şagelen
paýyş sögündi. Ol Şagylyja bakyp:
– Akga, döwdalan tohumynda täret kylyp, namaza
durýany barmy!? Men gidip läşlerini serip gaýtjak!
Hudaý näm edýän bolsa maňa etsin! – diýdi.
Şagylyjyň aňynda düýp Döwdalanyň keşbi janlandy.
«Gyz ýetişensoň öýden ýa kejebeli çykmalydyr, ýa
tabytly...» Şagylyç hem olaryň ganyna suwsap durdy,
hudaýa-da bir ynanyp barýanlardan däldi, her hal ol:
– Ölülere sygynyp, öwlüýä özüni atana degip bolmaz!
79
– diýdi.
– Akga, takwalygyň ýeri däl!
Şagylyç oýlanýardy, alaç agtarýardy, emma Gammar
babanyň çägine girip gan dökmegi oňlamady:
– Il näme diýer?.. Ozalky masgaraçylygymyz azmy?
– Ol gürrüň gutardy diýen terzde ýygyna tarap atyny
sürüp, atdan düşüp daňdy. – Özleri mugyra gelip çykar...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dünye haçan namart boldy - 4
  • Parts
  • Dünye haçan namart boldy - 1
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2273
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 2
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2153
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 3
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2099
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 4
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2040
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 5
    Total number of words is 474
    Total number of unique words is 347
    44.5 of words are in the 2000 most common words
    57.4 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.