Latin

Dünye haçan namart boldy - 2

Total number of words is 3776
Total number of unique words is 2153
31.5 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gul Şeribe öz ýanyndan gargap uka gidýär. Ýöne ol uky
däl – ol gündiziň owadan dowamy! Düýş, yzyna düýş!
Düýşde bolsa ol wakalar asla onuň özüne bagly däl!..
Iki-üç günden bäri pagsa jaýa nahar-çaýy jigisinden
iberýän Melewşe nädip babasynyň jaýyna baranyny
hem bilmedi. Ýatan ýaraty ýigide seretmerin diýdi,
seretdi. Bu mahal goja Döwdalan ýaz hakynda gürrüň
berýärdi.
– Öten agşam ýeriň gursagyna köz atyldy, ota-çöpe
rugsat berildi. Indi meýdanlar ýöne parç bolaýar...
– Baba, saňa çaý getirdim.
– Getir, balajygym, getir – diýip, çäýnek almak üçin
28
uzan gollary kersene degende gojanyň ýüregine çigrek
şemal aralaşyp giden ýaly boldy. Melewşe hem çaý diýip
uzadanynyň çaldygyny soň bilip galdy. Pagsa tamda yşk
ody lowlap ýandy, ony ilkinji bolup sokur kör Döwdalan
gördi...
***
Bu gün-bu gün, erte-erte bilen ýedi-sekiz güni
geçiren Amady han ýanyna alty-ýedi oba oglanyny
alyp atlandy. Dagy güýmenje tapman Allaly ussanyň
dükanynyň agzynda gününi geçirýän gödeklerden
hem dört-bäş sanysy goşuldy. Olar ýolda öňlerinden
çykýan çopan-çoluklardan sorag-ideg edip barýardylar.
Ýol uzak, meýdan gözel hem bolanda ýadadýar. Bular
ýene türkmen mydaryna başladylar. Japby çeme bilen
Garahan at üstünde ýatdan küşdi dikdiler.
Ýatdan küşt ömrüni at üstünde geçiren türkmenleriň
ýolheňi, güýmenjesi däldi, olar hamana küşt oýnamak
üçin ýörite ýola çykýan ýalydylar. Maýsasy tolkun atyp
ýatan çöl bilen baryşlaryna türkmen küşt ýörelgesine
eýerip, iki tarap bolup oýnaýardylar. Ýöne esasy
oýunçylar ikidi, galanlary şol ikiniň maslahatçysydy,
tarapdarydy, allaçysydy. Japby çeme bilen at üstünde
oturyp bilşine haýran galaýmaly Garahan oýnaýardy.
29
Her hataryň, her öýjügiň öz ady bardy.
– Seniň şujagaz piljagazyň gaty gidýärmi ýa meniň
göwnümemi?
– Kişiň Hindistan ýaly ýerden getiren piline göwni
ýetmezlik etme! – diýip, ýigitleriň biri gorsady.
– Piljagazam bolanda şo Şordepede agnap ýatan
baýtala beriljek däldir!
– Meniň jyns atym baýtal boldumy? Ine, baýtal bolsa,
saňa bir küşt diýeli, han!
Şol mahal hüşgär atlylaryň biri «gulan» diýip seslendide, basdy ata gamçyny. Allaly ussanyň gulan ýagy gerek
diýýäni ýadyna düşen Amady hem «ýigitler, basyň ata
gamçyny» diýip gulanyň yzyndan kowdular. Gulanam
gulan bolýar. Ýabany çöl haýwany, adam elinde nähilem
bolsa adamlaşan haýwana ýetdiräýýämi! Her hal ony
tüpeňläp alyp soýdular. Ýigitleriň birini oba aşyr diýip
ugradyp, ýene küşde gümra bolup, Pendi baýyrlaryna
rowana boldular. Dünýägörnen depesi, Guşlygaýa
beýigi yzda galdy. Emma Ganlybaşy gördüm-bildim
diýen çopan-çoluga gabat gelmediler...
***
Götinsümer diýip bir ot bar. Onuň gylçygy goýnuň
30
görejine çümýär, goýun janawar gözlerini gyrpyp näçe
aýyrjak boldugyça, ol çuňlaşyp gidip otyr, gidip otyr.
Söýgem edil şonuň ýaly, ýüregine bir ornansoň sypjak
boldugyňça berkeýär, gaçdygyňça güýjeýär... Çally
wakadan soň Ganlybaş akylyna aýlandy. «Seni bi kişiler
ölümden alyp galdy, töründen orun berip, ýetim guza
sereden ýaly seretdi, ynha, sen bolsa olaryň namysyna
tokunjak bolýaň! Ýüzüňe gara, başyňa toprak!» Ganlybaş
ölýänem bolsam gaýdyp bi gaşlary pelpelläp, didesiniň
däl, diliniň diýip bilmejek sözlerinem diýip duran
ýaňaklary her dem bir reňkde, öwşün atyp duran gara
saçlary ýere ýetsem – hapa bolar, ýetmesem ýer öýkelär
diýip duran gyza tarap garamazlygy öz ýanyndan äht
etdi.
Ganlybaşyň öz tarapyna asla nazar salmaýandygy
bolsa gyzyň keteni köýnegini ýalna öwürdi. Agşam
ýanyp ýaşyp barýan äpet Gün otly tagan bolup
Melewşäniň boýnundan ildi, ertir gyzaryp dogan gün
otly halka bolup geýdirildi. Hawa, söýgiň kadasy şeýle,
durşuna gapma-garşylykdan ybarat, Taňry ony aslynda
şeýle ýaradypdyr. Tagtany bir-birine garşy süýkäp ot
alynşy ýaly, dünýä iki juwandan şeýdip yşk oduny alýar!
Tebibiň hem öňküligi ýokdy. Ol hem güman edýärdi.
Özem öz şübhesinden gitdigiçe heder edýärdi. Nägünlük
31
bilen aýaga galdyran bi nazarkerde ýigdini döwdalanlara
ýapydan aşyryp goýbermek eşekden palan alança-da
ýokdy. Döwdalanlar onuň üçin gaharam edip durmaz!
Aslynda, döwdalanlar gahar edýän adamlar däldi. Olar
gahar etmeýärdi-de, gaharyny getirip biljek zady ýok
edip goýberiberýärdiler.
Biz ýaly geldi-geçjekleriň iki gözem alnynda, dana
kişileriň bir gözi alnynda, biri ýeňsesinde bormuş.
Sokur körlerem görýär, emma olaryň niresi bilen
görýänini Allaň bir özi bilýär. Döwdalan bolmasy işiň
bolýandygyny magatlady. Ol agtyjagyny entek ýaş gördi,
gije barmak basyp Melewşäniň ýaşynam hasaplap gördi.
On ýedini ýaňy tamamlap, on sekize gadam basypdyr!
Ýaş! Hawa, adam pahyr berjek bolanda gyzyny hemişe
ýaş görýär, aljak bolanda oňa ýaşdan ýaşy gerek. Düýp
Döwdalan Ganlybaş meýdanyna çykanda tebibe syr
bermän ýüzlendi:
– Sen how, bi ýaratyny öýüne aşar ýaly edýärmiň,
ýa günüm geçse bolýa diýip meniň pejimiň başyny
ýassanyp ýatjakmyň?
– Myhman entek-entek açylmaýar...
– O näme diýip açylmaýar!? «Ýigide düşen ýara, ele
ýokan gara» diýlendir. Em edýäniň çyn bolsa, bumada
32
gitmeli ol açylyp.
– Ol gije ýarasynyň kesmegini açýar...
Tebip aýtmaly däl zady aýdanyny bildi, puşeýman
etdi. Ol bu syry Döwdalana asla aýtmazdy, ýöne
bi ahwalata hiç düşünip bilenokdy. Ol Ganlybaşyň
ýaralaryna kemsiz melhem ýapyp, ykjam sarap gidýärdi.
Ertesi gelse, ýara çokalanyp, melhem gyra süýşürilendir.
Ýara-da täze ýaradyr! Her hal ol myhmanyň arkasyny
alarman bolup:
– Döwdalan, sen nä ýara näbeletmi! Artyp bitip
gitjek wagty nähili gijeýär. Ana, myhman hem çydaman
çokjaýan bolarly... Köp adam şoňa çydap bilmän gaşap
ýaňadan ýara edäýýär – diýdi.
Düýp Döwdalan ony asla diňlänokdy, ol hatda onuň
sesinem eşidenokdy, onuň ýanynda oturandygynam
unudypdy. Tebip bilen Döwdalanyň arasyndaky gürrüňi
gapydan girjek bolup duran Melewşe-de eşitdi. Ol
dessine yzyna öwrüldi. Melewşäniň endamy jigläp gitdi.
Maýsaly ýaýla gezim edip gelýän Ganlybaş göründi.
Häzir Melewşe ýaňrak botlan düýesiniň ýanyna bir
bahanajyk bilen barmaga ragwaty çatsa, Ganlybaş bilen
iki agyz gürleşip biljekdi. Gyz özüne erk edip, eline
kersen alyp düýesiniň ýanyna bardy. Ganlybaş deňine
33
gelende özüne zor salyp seslendi:
– Sen şu gije gaç, seni ertire çykarman öldürýärler!
Ýolunyň gyz bilen gabatlaşanyna derläp gelýän
halyna bi gürrüň Ganlybaşy ýyldyrym uran ýaly etdi.
– Näme diýip meni öldürýärler!?
– Biziňkiler sebäbini aýtmaýarlar, ony het edip sorap
bilen hem bolmaýar.
– Meni ajalyň elinden tebip alyp galmady, seniň
gözleriň alyp galdy. Men halasgärimden gaçyp hanjak
gideýin!?
– Gaç, ganyň bize düşmesin, seni hökman öldirler!..
– Men gaçsam hökman aýralykdan ölerin! Ondan
seni görüp ölenim müň paý gowy dälmi?!
– Keçjeligiňi öz iliňde et!
Melewşe şeý diýip gidiberjek boldy, şol pursadyň
özüne bagş edilen soňky pursatdygyny aňan Ganlybaş:
– Gije ýarymda, horaz gygyranda çyk! Sen çykmasaň
gider öýtme!
– Hiýh! – Melewşäniň gaşlary edil ýyldyrym ýaly
çakyp gitdi, gözleri gazap bilen ýandy, garaşylmadyk
söz onuň beýnisini sandyratdy, her hal ol kimdir biri
34
seredip duran bolaýmasyn diýen gorky bilen özüni ele
alyp, zordan öýlerine tarap ugrady.
Ganlybaş uludan dem aldy. Şu pursat garry
Döwdalanyň «erkek adam üç ýola ölüm bilen
garpyşmalydyr» diýen sözüni ýatlady. «Birinjisi, gaplaň,
ikinjisi, has eýmenç, ol bu jadyly gyzyň gözleri!.. Eý,
Alla üçünjisi nähili ajalka onuň?!» diýip, töwereklere
nazar aýlan bolup duýgusyny owsarlap, pagsa tama
bakan gönükdi. Ganlybaş şonda Döwdalanyň gyssag
tapyp agtygy Janybegi ýanyna çagyranyny bilip, päsgel
bermäýin diýip sagyndy.
Garry Döwdalan ylgap gelen ýedi-sekiz ýaşly
agtygyna:
– Garry alaşany mün-de, ýazlaga git! Şagylyç akgaňa
aýt, sen baran badyňa oba depsin! – diýdi.
Janybeg oýurganyp, gözlerini petredip ysgynsyz
seslendi.
– Ýazlaga? Gorkýan, baba!..
– Näme?! Gorkýan?.. – Garry Döwdalan gulagyna
ynanmaýan ýaly gaýtalap, gaýtalap sorady. Soňam
ýanyna gelen çaganyň öz dölüdigini aňşyrjak bolýan
ýaly, onuň ýüz-gözüni etlek elleri bilen gödeňsi sypap
35
käýinip başlady.
– Nämeden gorkýaň, köpeý ogly!? Haýsy eşşek saňa
gorkmany öwretdi!? Hä!? Dünýe-hä döwdalanlardan
gorkýar, sen onsoň Döwdalan bolup kimden gorkýaň!
Ondan gep bolmaz! Mün alaşany, ýanyňa-da ýolbarsyňy
alyp gidiber, atyň werzişdir ýola, gije ýaryma galdyrman
elter!.. Eşitdiňmi, özüňem gaýdyp gorkujy bolaýma!?
Gorky bilen jan saklatmaz! – diýip, agtygynyň ýeňsesine
dözüm bilen kakyp goýberdi. Agtygy düwdenekläp
alaşa bakan eňdi.
Pagsa tamyň ýanynda köw-söw edip duran Ganlybaş
oglanjygyň ýöne ýere çöle ugradylmandygyny, ýöne
ýerden gyz ejabynyň çäginden çykyp, Melewşäniň
janykmandygyny bildi. Diýmek, kör Döwdalan baryny
bilýär.
Agşam çaý-naharyň ýüzüne seretmän, geplemän
Melewşäniň küýlenen ýaly bolup ýörşüni gelnejesi
halamady! Her hal osmakladyp:
– A gyz, Melewşe, ýumruk ýaly çagany gijäň içinde
bediýan çöle iberibiýr ýaly babaňa nä döw çaldy? –
diýdi.
– Döwdalanlara öwrenşiber, gelneje. Bularda çagauly, gorky-ürki diýen zat bolmaýar. Howsala düşme, hä
36
diýmän geler, Janybeg!
Bu sözler Melewşäniň akyly ýerindekä aýdan
sözleridi, yzky jümlesini hakydasynda ýaňadan gaýtalap,
ýaňadan ýeldirgäp ugrady. «Geler, Döwdalanlaram
geler, myhmanam dünýä gelmedik ýaly ederler. Olar
onuň boýuna-syratyna, görküne, görmegine seredip
durmazlar!!!»
Melewşe damarlaryny awy-zerzaw edip, göwresinden
gözlerine ajy ýaşyň sil bolup möwç urup gelýändigini
duýdy-da, diş gysdy, möňňürmejek bolup diş gysdy...
Birden-birdenem ol aklyna aýlanyp: «Ölüm bilen oýnan
bolýar, oýnaber bakaly, nädersiň öz iliňe deri bilen
baraýsaň!.. Gaçalam diýäýdi öýdýän ýaşy kesilen! Dili
guramyş diýse! It gaçsyn seniň bilen! Enemiň-atamyň
ojagyndan gaçar ýaly gören ýamanlygym näme!?
Gyzyl ýüzli agalarymyň sen ýaly üçin gyzyl ýüzüni
soldyrynmy!?» Ol gahar-gazabyny öjükdirip Ganlybaşa
gargynýardy.
Gara gije kä onuň aklyny ýerine getirip, kä ýeldirgedip
edil keçe çeken ýaly çekýär. Ahyry horazlar gygyryşdy.
«Öldirler! Öldirler ony! Gümansyz öldirler! Wah, nädip
ölüme dözjek siz ony!» Melewşe möňňürip goýberdi.
– Melewşe, Melewşe jan, näm bolýar saňa! Ýaramaz
37
düýş gördüňmi, janym?! – diýip, gelnejesi örtenip,
dessine adamsynyň uzak ýola göterýän jöwher pyçagyny
alyp, gyzyň ýassygynyň aşagyna goýdy, onam az görüp
düýe ýüňünden dokalan doly saçagy hem başujuna
geçirdi. Suw içirdi. Birneme aklyna aýlanan Melewşe:
– Düýş gördüm, erbet düýş – diýip, sojap-sojap
aglady.
– Goý, dünýäm, ana, başujuňda pyçagam goýdum,
saçagam, gaýdyp düýş görmersiň – diýip, gelnejesi
elewredi.
Melewşäniň başujunda saçak hem pyçak! Ölüm
hem ömür! Melewşe ähli erkini jemläp, saçagy saýlap,
ýaglygyny ýüzüň üsti bilen daňyp özüni köşeşdirmäge,
hiç bolmanda, gelnejesine syr bildirmezlige dyrjaşdy.
Melewşe aglap köşeşip bilmedi, ol eger-de çep
gursagynda tözlenipjik, dik duran göwsüniň ýerinde
ýüregi bolanda, ony edil nar mynçgan ýaly edip
özüni öldürmäge-de kaýyldy, emma aklyndan, erk
ygtyýaryndan jyda düşürip, amanadyny alyp barýan
dert gyz göwsünden has aşakdady, ol dert ýürekdi.
Seýit ýalama janygyp gürrüň berýärdi, Döwdalan
onuň häsini berse-de, gulak asmaýardy. Ol gapyl
duýgularyna aldanyp, ýok ýerden Şeýtanyň alyna gidip,
38
basga galyp ýören bolan bolmaýyn diýip oýlanýardy,
özüne basalyk bermäge işiň bolaryndan gorkýardy.
Ertir ogullarynyň birden biri geler, ol bi başa towky
bolup düşen myhmany obasyna ugratdyr, ile syr
bermez. Şeýdip hem kalbyny daraw-daraw edip barýan
masgaraçylykdan dynar.
Ganlybaş iki oduň arasynda galyp, iki jahanyň
haýrany bolup, tebibi diňlän bolup ýatyrdy. Ol obasynda
gyz alyp gaçan kişini ýatlamaga synanyşdy, ýadyna
düşmedi. Ganlybaş Melewşesiz ýaşap bilmejegini
anyk bilýärdi. Melewşe bolsa gudaçylyga gelnende
hem ýetime berilmejekdi. Diýmek, diňe alyp gaçmak
galýardy. «Alyp gaçmaly! Duz iýen kalbyňa tüýkürmeli!
Seni adamdyr öýdüp ajalyň elinden alyp galan adamlara
haýwanlygyňy görkezmeli!»
Alyp gaçaýyn diýende gyz seniň bilen gaçjak bolup
durmy?
Gaçar! Hökman gaçar! Ganlybaş oňa Hudaýa ynanan
ýaly ynanýardy. Ýogsa oňa gyz gaçmaga razylyk hem
bermändi, ýyly söz hem.
Tebip görgülem bi syratly myhmanyň bolmasy bir
işiň üstünden barmagyndan ätiýaç edip diňlenmeýänini
bilse-de, gürrüň beren bolup ýatyr, ol uklamajak bolýar.
39
Döwdalany uklatmajak bolýar, ýöne bu dünýede
etjek bolýan zadyň tersine bolýanyndan üşükli tebip
bihabardy. Onuň soňsuz madyrdysy Döwdalany
beýhuş dermany berlen ýaly uklatdy. Özem sakyrdaýsakyrdaý ahyry ýatyp galanyny hem duýmady. Horazlar
gygyryşdy. Goňşy jaýyň gapysy weli açylanok. Ömrüni
aw awlap geçiren Ganlybaş diňşirgenip ýatyşyna
gojanyň tüpeňinem alyp gitmegi makul tapdy. Ot bilen
oýnajak bolsaň kesewiň ýanyňda bolmaly!
Daňyň öň ýany Ganlybaş daş çykdy, aty eýerledi, bir
salym demini alman diňşirgendi. Itiň Janybeg bilen
gidenem taň zat boldy, ýogsa üýrjekmi-üýrmejekmi,
kim bilýär! Itdir-dä!
Gyzyň bolýan jaýynyň gabsasy emaý bilen açyldy...
***
Janybeg gorkusyndan rüstem geljek bolup jan edýärdi.
Ýolbarsyna lak atýardy, garry baýtaly bilen gepleşýärdi.
Ýola werziş baýtal köpegiň yzy bilen gidip otyrdy. Ýene
iki sany baýyr aşsa ol goşa baraýmalydy, emma birden it
ala gabyrdy bolup bir zat bilen garpyşdy. Baýtal janawar
arkan serpdi, tas Janybegiň çüwdesi ýere degipdi, her
hal gorkarak gelýäni oňa peýda etdi. Baýtal alyp gaçdy,
depe diýmän, sakazlyk, çykyçlyk diýmän ýüzin salyp
40
gidip otyr. Janybeg jylawy çekjek boldy, başartmady.
Erbet ýerem baýtal gapdala gaçýardy. Garram bolsa
jan süýjüdir-dä! Ol gara-der bolup ençeme baýyr aşyp,
burnuny parladyp bir belent baýryň üstüne çykdy-da,
yzyna keýerip garady. Birneme ynjaldy. Köpek bolsa
galypdy.
Baýtalyň çykan baýry örän beýik eken: hol etekde
saýda çopanyň ody görünýär. Bolaýsa bäş-alty çakyrym.
Oglanjyk esli salym oýa batyp durdy: «Hanjak gitmeli!?
Çopanyň oduna baryp irden ýola düşseň amatly, emma
onsoň akgasy näme diýer!? Babasy sen namart ekeniň,
sen Döwdalanyň döli däl diýmezmi!? Doganlary dagy
eşidäýse bar onsoň, eşege ters mindirler!
Janybeg ahyry aýgyt edip, atyň alyp gaçan ýerine
baka ölsem öleýine salyp öwürdi, baýtal gitmejek boldy,
emma iki-üç gamçy iýensoň gulaklaryny gaýçylap
heder bilen ýola düşdi.
Gumda bir gidip barýan ýolundan azaşaňsoň, yzyňy
tapjak gümanyň ýok! Janybeg uzak gije ýol ýöräp,
digdiräp, daň atyp barýarka tötänden öz goşlarynyň
üstünden bardy.
Döwdalanlar ony haýran galyp garşyladylar, bolmasy
işiň bolandygyny güman etdiler.
41
***
Başa-baş gaplaň bilen, ýaraty möjek bilen garpyşyp
gören Ganlybaş oýlanmak ukybyndan jyda düşüp
görmändi. Häzir bolsa ne bolup geçen ýagdaý barada, ne
indiki etmeli işler barada oýlanyp bilýärdi, ýöne barýardy.
Ol sähel ýalňyşlygyň soňky ýalňyşlyk boljakdygyny
– özüniň bir tarapy Jennet, bir tarapy dowzah bolan
gyldan inçe, gylyçdan ýiti syrat köprüsiniň üstünde
ömrüni humara goýandygyny äşgär bilýärdi, çünki
ol Döwdalanlara az-kem belet bolupdy. Ganlybaşyň
pikirleri ýandak odunyň uçguny ýaly kellesinde dörän
dessine uçuşyp dursa-da, Hudaýy bar eken, ol dürs
ýoly saýlapdy. Ol Döwdalanlardan kesip gaýdan atyny
münüp çöl-beýewana tutdurman ýa tokaýlyga siňmän,
baýraçlylaryň gaýygynyň gulpuny syndyryp, küregi
alyp derýa bilen ýola düşüpdi. Derýada yz çalyp biljek
däller, ikinjidenem bahar joşa gelen mes suwda gaýyk
atdan assa gidenok. Ol atyny gaýygyň yzyndaky agaja
baglapdy, at janawar gaýygyň yzynda ýüzüpjik gelýär.
Derýa bolsa bumat Melewşäniň kalbyna çalym edýär.
Agdarlyp-düňderlip, şaglap, öz-özünden ýowuz
tolkun ýasap, hä sag kenaryna, hä çep kenaryna urunyp
akyp ýatan ýaly. Gijeligine garamazdan harasat ýaly
42
towlanyp tozan ýaly agaryp akyp ýatyr. Eýmenç-eýmenç
ses edip häli-şindi garalyp oturan tokaýly kenary opýar.
Onuň badyna gaýyjak gawun paçagy ýaly ondan oňa
zyňylýar. Ondan-mundan garalyşyp gaýa bilen opan
mähnet toraňňylar akyp geçýär.
Daň agaryp barýardy. Gaýyk gyrasy tokaý bilen
parawuzlanan derýa içre ummadan çykypdy. Ganlybaş
suw astynda galan Isgender şahlynyň saldyran
daşköprüsiniň duşundan geçendirin öýdüp pikir
edýärdi.
Gaýygyň yzynda tutulan guş ýaly çugutdyryp başyny
aşak salyp oturan Melewşe aklyna aýlandy. Düzedip
bolmajak iş edendigine, gyzyl ýüzli gardaşlarynyň
ýüzüne bäş barmak garany çekip gaýdandygyna,
gelnejesiniň başujunda goýan saçak bilen pyçakdan
pyçagy saýlandygyna göz ýetirdi. Emma boljak iş
bolupdy. Döwdalan gany bolan Melewşe başa gelenini
göz görere urup otyrdy.
Melewşe gaýygyň art tarapy suwa batyp ugrandygyny
bilip başyny göterdi. Ganlybaşam yza garady, görse
uýany gaýyga gysga baglanan at janawaryň kellesi
kä suwa çümýärdi, kä çykýardy. Göwresinde mejal
galmadyk borly. Ol dessine atyny ýylan çakandygyny
43
duýdy. Bahar aýlary sil-suwlary gaty köp janly-jandar
bilen birlikde ýylanlaram öz holtumyna dolap alyp
gaýdýardy. Ine, şol ýylanlaryň biri atyna sebäp bolupdyr.
– Ak gyz, bol, basym, geç, ýogsa çümýäris.
Gyz bir zat diýýämiňem diýmedi. Ýene öňküsi ýaly
başyny aşak saldy. Ganlybaş aýgytly hereket etmese,
häziriň özünde gaýygyň çümjegine göz ýetirip uzyn
ätläp, yza kän agram salman mähnet penjeleri bilen
gyzy öňdäki oturgyja geçirdi. Özi awuna ýapyrlyp ugran
arslan ýaly bolup gaýygyň yzyna aralaşdy. At janawar
soňky deminde urunýardy. Ganlybaş atyň kellesinden
göterse gaýyk çümüp barýar, götermese, atdan dynyp
barýar. Ol atyň jylawyndan tutup, özüne tarap dartdy.
Gaýyk çümere geldi. Ol jylawy bir goluna orap, kenara
seretdi. Kenar daşdy...
Ganlybaş atyň ýagdaýynyň gaty agyrdygyny duýup,
çep eli bilen jylawy çözüp başlady, ol dessine aty kenara
çykarmaly diýen karara geldi, ýöne şol mahal gaýyk
derýaň bir saýyndan köne ýyldan galan çata ilip duran
äpet toraňňa baryp uruldy. Toraňňyň öňüne gamyş,
porruk, çöp-çalam üýşeni üçin suw hem çişip durdy.
Gaýygyň badyna bahana tapman duran toraňňy çatdan
sypdy. Ýöne akyma düşüp jyrt degen mal ýaly aýlanmaga
44
durdy, gaýyk bilen çaknyşdy, şolam baýraçlylaryň
gaýygynyň derýaň üstündäki soňky pursady boldy.
Ganlybaş gaýygyň agyp barýandygyny ýok, dünýäsiniň
agyp barýandygyny aňşyrdy. Gaýyk agdy, sag eline jylaw
oralan Ganlybaşy mejalsyz at alyp gitdi derýaň teýine
bakan. Gaýygam depesinde. Ganlybaş özüni ýitirmeli
däl diýip ýyldyrym çaltlygynda oýlanyp ýetişdi. Ýan
pyçagyny alyp jylawy kesdi, emma hany indi Melewşe!
Hany ony ölümden gutaran gyz! Hany ol diýip ölüme
garşy ýola düşen gyz!? Öz eli bilen ölüme berdi. Bigaýrat!
Ganlybaş düwlen ýaly bolup kä çümýärdi, kä
çykýardy, daň bolsa örän nepislik bilen şalyň aňyrsyndan
görünýän gelin lebleri ýaly çyzylyp ugrady.
Gyzdan derek ýokdy, ýöne ýokarda Hudaý bardy...
***
Döwdalanlaryň hiç birinden ses çykanokdy.
Başdan-aýak ýaraglanan Döwdalanlary Şahym
tilki yz çalyp güzere getirdi. Görseler, gaýyk ýokdy,
diňe çaýlymda gaňrylyp döwlen ýoňsuz guli ýatyr.
Ol derýanyň aňry kenaryna bir garady-da, üm bilen
Şagylyja, derýadan geçmelidigini düşündirdi. Olar
atdan düşüp, Şagylyjyň yzy bilen atly-atynyň uýanyndan
tutup, derýa girip başladylar. Şaberdini der basdy. Derýa
45
girip bilmän sägindi durdy. Ol ömrüni gumda goýun
ýanynda bolany sebäpli ýüzüp bilenokdy.
– Akga men girmäýin...
Şagylyçdan başgalar yzyna garadylar. Döwdalanlar
goja Döwdalana-da akga diýerdiler, Şajykdan başlap her
kim özünden ulusynyň adyny hem tutup durman akga
diýip ýüzlenerdi. Doganlar onuň kime ýüzlenendigini
biljek hem bolmadylar.
– Men ýüzüp bilemok!.. – Şaberdi ýer ýarylsa girjekdi,
emma derýa ýürek edip bilmedi. Atyny suwdan çykaran
Şagylyç üst-başyndan joralandyryp suwuny akdyryp,
golaý gelip inisine tiňkesini dikdi.
– Ölerin öýdýäňmi, doňuz? Il-ä ölmäge ýer tapanok!
Kesellän Döwdalanyň ýanynda Şajahan galypdy,
diýmek, serdar Şagylyçdy. Ol bir salym inisini synlap
durdy-da, gamçysyny alyp Şaberdini saýgylaberdi.
Gamçydan ürkýän at janawar Şaberdä baş bermejek
bolup başyny talawladýardy. Ind-ä eýiň ýeten bolsa
gerek diýip pikir eden Şagylyç gamçysy bilen oňa ýol
görkezdi. Pessaý ses bilen:
– Atyň ýalyndan ýapyşda aýagyňy hereketlendiriber,
at alyp çykar! – diýdi.
46
Şaberdä gaýry alaç galmady. Ol derýa girdi, doganlar
ony gallap ýüzüp ugradylar.
Ölümden aňyrda näme bar diýilse, masgaraçylyk
bardyr diýip arkaýyn aýdaýyň. Döwdalan döli bolan
Şaberdi hem özüne gahar etdi, şu derýa üçin gamçy
iýene däl-de, masgara bolanyna, bir ölüp bilmedi.
Ol agalarynyň edişi ýaly sag eli bilen atyň ýalyndan
ýapyşdy, çep elini, aýaklaryny hereketlendirip ugrady.
Ony gapdallap barýan Şabasan inisine:
– Bilip goýgun, ynsan gorkýany sebäpli, ýüzüp
bilmese, derýa girip bilmeýär. Emma gumda ýaşap
ýören janly-jandaryň islendigini derýa okla, ýüzer
ötägider, sebäp o gorkanok – diýdi.
Bu söz Şaberdä hasam agyr degdi.
***
Gyz Guşlygaýanyň eteginde özüne geldi, gözlerini
açalak-ýumalak edip depesine abanyp duran bäş-alty
ýüz ädim kert gaýany synlady. Sag egninde, towlanyp
akyp ýatan derýany gördi. Ol ölmändigine gynandy.
Eňegi nal ýaly nazarkerde ýigit weli ýokdy. Diňe onuň
babasyndan ogurlap gaýdan ors tüpeňi ýylgyna söýelgi
durdy. Bu mahal Ganlybaş gaýanyň güneý tarapynda
öl bolan oklaryny guradýardy. Guradaýanda-da
47
onuň göçjegini, göçmejegini bilenokdy, her hal ätiýaç
üçin guradyp otyrdy. Ol gaňrylyp seredende gyzyň
toraňňylyga tarap barýanyny görüp, bi peri-peýkeriň
sag-aman aýak üstüne galandygyna begendi. Ol gyz
geýim-gejimlerini sykmaga tokaýa girendir öýdüp
güman etdi. Ol bagt guşunyň giden tarapyna buýsanç
bilen garap arzuw deňzinde ýüzmäge başlady. Ganlybaş
bu mahal özüni dünýäde bagtyýar adam hasap etdi,
aslynda bu ullakan dünýäde ullakan gözleri okara ýaly
owadan perizat bilen özünden başga kim bar!?
Birden howalanyp duran toraňňynyň günbatara
uzaýan şahasy ýelkildäp aşak ýokaryk inip başlady.
Ganlybaş ýerinden galyp esli salym aňalyp seredip
durdy. Ýüregine aralaşan ýakymsyz duýgudan heder
eden Ganlybaş toraňňa tarap ylgady, iki bökende
bardy. Görse gyz uzyn gara saçlaryny boýnuna dolap
özüni asypdy. Ganlybaş barşyna gyzy garsa gujaklajak
boldy. Ýöne tirsekleri bir-birinden ötüp gitse-de, ol
gyzy gujagynda duýmady. Bir gysymjyk bil pilmahmyt
ýaly ýigidiň gujagynda tapyljakmy?! Ganlybaş çep goly
bilen ony gujaklap bäbek göteren ýaly göterip, sag goly
bilen gyzyň saçlaryny çözdi. Boýna iki ýola oralan goşar
ýaly saçlary aýryp ýere goýberdi. Ýagty jahan bilen
arasy üzülip barýarka, ýaňadan bi jahana gelen gyz,
48
Ganlybaşyň ýaňagyna ýetişip bildiginden çalyp başlady.
Özem dälirän ýaly jynssyz gygyrýardy. Ganlybaş ony,
hakykatdanam, dälirändir öýdüp pikir etdi.
– Goýber diýýän men saňa! Goýber!
Ganlybaş gyzy goýberdi. Gyz toraňňa ýaplanyp ulili
bilen aglady.
Ganlybaş gyssanmady, tä ýüregi gowzaýança garaşdy.
Goş-golamyny, tüpeňini alyp geldi. Garaşdy. Ahyry
gyzyň ýanyna baryp:
– Köşeşsene, boljak iş boldy, aglanyňdan peýda ýok
– diýip, başyny sypajak boldy. Gyz dessine bärsine
garap ýyrtyjy ýaly wagşyýana şekilde penjelerini öňüne
gezedi. – Köşeşsene, ondan pursat barka ýol aşaly.
– Barybir seni öldirler. – Gyz ýigrenç bilen aýtdy.
– Öldürsinler, men indi ölümden çigit ýaly gypynç
hem edemok. Ýör gideli. – Ganlybaş gyzyň goşaryndan
tutup, çaran ýoda düşjek boldy.
– Çek eliňi!
– Saňa näm bolýar?!. Ikimiz gaçdyk ahyry...
– Galat! Men seni ölümden alyp çykdym. Men
agalarymyň golunyň gana boýalmagyndan heder
etdim. Hanha ýoluň gidiber! Gaýdyp diri seniň ýanyňda
49
görner öýdüp, maslyk bolup golaýyňdan tapylar öýdüp,
güman etme!
Ganlybaş gaharyny basyp ähli parasadyny jemläp
söze başlady:
– Hany, maňa seret! – Gyz seretmedi. – Duz iýen
saçagyny pohlap gaýdar ýaly men hem akmak däl,
agalarynyň gül ýüzüni soldyr ýaly sen hem akmak däl...
Emma biz elhenç derde sezewar bolduk. Biz bir-birege
duşanymyz bäri öz aklymyzda däl. Däli bolup däli däl,
doly bolup-doly. Biziň gözümizi baglanam, erkimizi
elimizden alanam, gaçyranam söýgi...
Ganlybaş öz düşünmeýän ýagdaýyny, öz
düşünmeýän söýgüsini gyza düşündirіek bolýardy. Gyz
diňlemeýän ýalam bolsa, gulak salýardy hem bi ýigidiň
aýdýanlarynyň janynyň barlygyna ynanýardy. Ýogsa ol
hem gaçarmydy!?
Garaburunda dört-bäş atlyny gören Ganlybaş gyzyň
elinden tutup tokaýa çekjek boldy. Gyz ýene tez jeren
ýaly atylyp ony gözünde oky bolsa atjak bolup dur.
– Sen-ä bir kesir gyz ekeniň. Ýör hany, görmeýärmiň
ol atlylary!
– Ol atlylary sen gör! Olar seni öldirler! Men bolsa
50
özümi!.. Döwdalanlar ýöne sypdyrmaz! Olar namysyny
basgyladandan.
– Döwdalanlar! Döwdalanlar! Indi sen meňki! Indi
sen meniň namysym! Jany ikidir öýtse aždarha dalanam
bolsa gelibersin! – Ganlybaş gyzyň goşaryndan tutup,
çarandan çarana urup gitdi. Gyz aglaýardy, ýöne onuň
sesi atlylara ýeterden ýetmezi ýakyndy. Ganlybaş bolsa
oňa aglaýarmyňam diýmeýärdi.
***
Yzyna Döwdalanlary düşürip barýan Şahym
tilki ha derýanyň gaýrasyna, ha ilersine geçirýärdi.
Ganlybaşyň aýagyzyndan, yzyny ýitirіek bolup urýan
sapalaklaryndan onuň hem ýöne-möne kişi däldigine
ol göz ýetirdi. Döwdalanlara batyrynyp, namysyna
tokunan pyýada janyny berer weli, gyzy bermez diýip
içinden pikir öwürdi. Şahym aga yzçylygy üçin tilki
diýmeýärdiler. Onuň jüýk burny baryp kiçijek, burnuň
aşagyna girip duranja eňeginiň üstüne münüp durdy.
Onuň dişi dagy düşse, eňek burna degäýіekdi. Bir ýola
sadakada bir nätanyş adam:
– Halypa, men seni ozal bir ýerde-hä gördüm... Öz-ä
ýadyma düşjek bolýar – diýipdi. Şahym tilki oňa siňesiňe seredip:
51
– Sen halypa, ozal tilki görensiň-de, şol ýadyňa düşjek
bolýandyr – diýip, märekäni gülüşdiripdi. Sebäp ol tilki
lakamyndan utanyp duranokdy.
Şahym tilki ara gan düşmeli bolanda yzçylyk etmezdi,
bu gezek hem göwnäp gaýtmandy, ýöne gaýtmanam
bilmedi. Birinjiden, Döwdalanlary hormatlasa, ikinjiden
gelmişek ýolötenliniň edip giden işini teý oňlanokdy.
Ekläp-saklap oturan gyzy-ogly bardy, agtygam bardy.
«Indi öýüňe myhmanam getirip bolmasa... Özem ölüm
halynda getirlen köpeý ogly! Heý, duz dadan ýeriň
maşgalasyna-da bir gyýk göz bilen garap bormy?! Iýeni
haram bolmuş»! Ol ýol yzarlaman öz pikirlerini yzarlap
barýardy.
Şahym tilki insizje, çöp-çalam basan ýodanyň
aýyrt bolýan ýerine geldi, seretse, sag tarapa sowulan
ölügsije ýodanyň gyrasynda ot ýakylypdyr, külem dört
para edilipdir. Şahym tilki atdan düşüp küli gysymlap
gördi. Ölügsi ýylynyň bardygyny duýdy. Ol töweregine
eserdeňlik bilen bakyp oýlandy. Onuň paralanmagynyň
manysyna beýlekiler düşünmese-de, yzçy gaty düşündi:
«indi yzarlasaň – ojagyň ýumruldygy bil» diýildigidi.
Kän pikir edip duransoň Şahym tilki çep ýoda düşüp
ugrady. Şagylyç bir galdyr-bassyrlygyň baryny güman
edip:
52
– Sagdaky ýodany yzarla! – diýdi.
– Bolar, beg, ýöne... ol awçynyň yzy, ot hem
awçynyňky...
– Diýlenini ediber!
Şahym tilki her hili sapalak atdy, emma Döwdalanlar
oňa gulak asmadylar. Şahym tilki indi her bir ädimde
ajalyna golaýlap barýandygyny duýýardy. «Eger gaçak
ada mysy bar adam bolsa-ha, ýene bir alamat berer,
ýogsa-da başa gelenini görmeli boldy» diýip gidip
otyr. Gitmese nätsin! Döwdalanlar ony indi ýöne
sypdyrmaz! Yzdan ýaraglaryny gezişip gelýär, öňde-de
haýsy ýylgynyň aňyrsynda oňa tüpeňiň niliniň garaşyp
durany mälim däl.
Yzçynyň ajaly iki bolýar...
Ýylgyn tokaýlygy çüpräp ahyry güzere geldi,
Ganlybaş ýylgyna duwlanyp esewan etse, bir süri goýun
suwa inipdir. Derýa kenarda biten garry toraňňynyň
astynda iki çopan nahar-nowa bilen gümra. Ganlybaş
aýlanyp geçip bilmejegine göz ýetirdi. Süriniň sak itleri
duýsa oňullygyň üstünden eltmez diýip güman edip,
derýanyň beýle kenaryna geçmegi makul bildi. Emma
gyz ýüzüp bilenokdy. Ol gyzy arkasyna hopba edermen
boldy, gyz gözleriniň agyny köpeldip oňa garady.
53
– Gel, arkama min, derýanyň o kenaryna geçmesek
bolmaýar!
– Arkaňa ajal hopba bolsun!
– Sen arkama min-de, arkaýyn gargaber, biz derýadan
geçmeli! Hökman geçmeli! Sen bolsa ýüzüp bileňok!
Gyz sesini çykarman, derýa garşy ýöneldi, onuň
etjek bolýan işini aňyp ýetişmedik Ganlybaş hem ony
gapdallap ugrady. Gyz derýa girip goýun ýüzüşini,
ýagny gyz ýüzüşini edip ýüzüp başlady. Olar derýadan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dünye haçan namart boldy - 3
  • Parts
  • Dünye haçan namart boldy - 1
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2273
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 2
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2153
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 3
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2099
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 4
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2040
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 5
    Total number of words is 474
    Total number of unique words is 347
    44.5 of words are in the 2000 most common words
    57.4 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.