Latin

Dünye haçan namart boldy - 1

Total number of words is 3690
Total number of unique words is 2273
29.4 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
NOBATGULY REJEBOW
DÜNÝE HAÇAN
NAMART OLDY?!
(powest)
DÜNÝE HAÇAN NAMART OLDY?!
(powest)
Ýazyjy Agageldi Allanazarowa bagyşlanýar.
Garabil hem, Ýahbil hem, Ýellibil hem günorta
tarap uzap etiň süňke bitişi ýaly, baryp Garly daglara
sepleşip gidýär. Bi baýyrlaryň arasyna gelseň, Taňrynyň
mähriban demi bilen gursagyňa salan jany, göýä
kapasadaky bilbilgöýä ýaly pelesaň kakyp, daş çykjak
bolup dyzaýar. Ýaşyl gyrtyç bolup asmana galyp
barýan baýyrlar zenan synalaryna: omzuna, göwsüne,
sagrysyna, biline çalym edip aklyňdan jyda düşürýär.
Hanha, dereden düýn agşam ýagma keýpinden çykan
lemmer-lemmer ak bulut dünýäniň dälije ýeline
owsunyp barýar. Şeýle gözelligi döreden Allatagalanyň
ynsany ýaradyp goýberen ýalňyşlygyna gyýylýarsyň!
Öň goly gapanly gaplaň aranyny süýräp barýar:
gan joralanyp topraga duşmançylygyň tohumy ýaly
seçelenýär. Aran malalap ekip gelýär. Ýogsa gaplaň
adama dostam däl, duşmanam, sebäp ol-a adam
etini iýenok, adam hem gaplaň etini! Onda bi näme?!
Görogly beg: «Tüpeň çykyp dünýä namart boldy»
diýipdir, gaplaň ony bilenok, ýöne ol adam dünýäň
namart bolandygyny, tebigatyň sazlaşygynyň elhenç
2
bozulandygyny bilýär.
Gaplaň gapany däl-de, agyr kysmatyny süýräp,
dogup dörän tokaýlygyny nazarlap gelýär. Her kes ölüm
müddeti golaýlanynda doglan ýerinde jan bermegi
küýseýär, sebäp o ýerde oňa jan bermek ýeňil!
Adamyň yzyny yzarlap gelýändigine gaplaňyň akly
ýetýär. «Etjegiň edip indikiň näme diý!.. Geliber bakaly,
gapyl ynsan, kasas kyýamata galýan däldir!».
Ähli janly-jandar ýaly gaplaňam adamy halanok,
çünki ynsan barypýatan mahluk: ne ys alyp bilýä,
ne duýýar. Şagal ýaly porsy şagalam gaplaňyň ýatan
tokaýyny bilýär-de aýlanypjyk geçýär, emma ynsan
bilenok. Mahluk kemi ýok! Ne ýagyş, ne gar ýagjagyny,
ne depesinden betbagtlyk abanjagyny, ne gorpa gitjegini
biler. Akly diňe gözüniň görýänje zadyna ýeter! Zompa
üstüňden geler-de, gorkusyna durandyr süňk-süýegini
şakyrdadyp. Gözleri göz däl-de, iki damja gözýaşdyr,
bir arlasaň damjak bolup durandyr. Emma sypdygy
bir hilejik gurar! Päheý, namart diýse! Hawa-da, Taňry
ony namart ýaratmajak bolsa, ýene iki aýagy gysganyp
durmazdy, ile meňzeş edip goýbärdi.
Haýwanat dünýäsi ynsany mahluk, gapyl hasaplaýar,
çünki ynsanyň pikirlenişi örän ýönekeý! Arifmetika!
3
Adamzat haýwanaty mahluk hasaplaýar, çünki ol
haýwana berlen adatdan daşary akyldan mahrum! Ol
ynsana hiç wagt mälim bolmajak kosmiki matematika!
Gaplaň uzak ýöredi, alnynda endamyna ýaňy
ýaşyllyk çaýylyp ugran ümürsin tokaýly Egrije göründi.
Pendililer Murgap derýasyna Egrije diýýärler. Egrije
diýseň Egrije! Mes gelin ýaly guýrugyny hä çepine, hä
sagyna çaýkap, iki gumuň arasyna sygman dünýäde
özünden gaýry zat bardyr öýtmän akyp ýatyr. Ýaşulular:
«Murgaby dogrulasaň, dogry Hazar deňzine ýetýär»
diýýärler. Ol ýeter, ýok ony ýetirerler, ony gönelderler,
çünki ynsan göwnüne gelen işi edýär, aklyna aýlanyp
hem buduna urýar...
Gaplaň bir salym saklanyp mähriban tokaýyna
nazar aýlady, tumşugyny talawladyp bahar howasyny
ysgady, birden onuň burnuna agyr hem hapa ys urdy,
ol ýaňadan howany ysgap lezzet aldy. Ol dem bilen
onuň ýüregindäki sorkuldy zym-zyýat boldy, golundan
joralanýan gan togtady, dowzah tupany turýan
gursagyna ýaşaýyş ýeli çaýyldy. Ar almak hyrujyndan
ýaňa gözleri jöwherlenip gitdi.
«Gelýär, geliber bakaly! ».
Gaplaň bir belent baýyrdan pese inen ýaly etdi-de,
4
aşagy gar sary samanly çakyçlyga dolandy, sary reňkler
garyşdy-da, gaplaň bilen ynsan garpyşdy!..
Güýç hem hile garpyşdy!
***
Garry Döwdalan bu ahwala garaşýardy, özem çak
edişi ýaly boldy, Baýlym baý öňüne oba kethudasynam,
hanynam, orsuň baýarynam salyp gelmedi. Diňe başdan
aýaga ýaraglanan inisi bilen geldi. Ol baýyň salamynam,
habarynam aldy.
– Ganymy sorap geldim, aksakal!
– Gaty gowy edipsiň. Ganyňy şüpille aljakmy ýa atababa dessur boýunça?
– Şüpille!
Gündiziň güni göz edilip ogly öldürilen Baýlym baý
bilen inisiniň gözünden çilim otlabermelidi. Özlerine
näçe erk etjek bolsalar-da, saňňyldaýandyklary,
sesleriniň endireýändigi mesaňady. Goja Döwdalan:
– Döwdalan bolsaň, çykyp hatara duruň! – diýip
gygyrdy. – Ýerden ýöräniň!..—diýibem yzyna suňşurdy.
Nämäniň nämediginden habarly döwdalanlaram,
bihabar körpelerem, ýaňyja kesilen jüllüjeginiň
kesmegi gopup ugranam hatara durdular. Aýal-ebtatlar
5
gapydan boýnuny uzadyp bilmän, ýakalaryna tüýkürip,
ýetişibildiklerinden Alla ýalbarýardylar. Garry
Döwdalanam iň soňunda hataryň öňüne baryp durdy.
– Baýlym baý, biziň dogma seniň dogmaň ganyna
galypdyr. Ýaramaz iş edipdir. Gana gan ata-baba
dessur, ynha, döwdalanlar seniň öňüňde biýarag durlar.
Ganyňy al! Ýöne... yzynyň ýönesem bardyr!
– O nämäniň ýönesi?
– Bilmedikden bolma, baý! Sen ogluň metjide barýany
üçin öldürilmändigini bilýäň-ä!.. Seň aryňy ýerine sal,
ýöne soňundan, men märekäniň öňünde Guwan ýetimi
gelniň öýüne girdirjekdigimem bilip goý!..
– Aksakal, gepe ýel berme, Guwan ýetimiň, gelnine
girileni bilen bolan-goýan iş ýok!
– Guwan ýetimdenem bolan-goýan zat bolmaz, ýöne
şoňa çydamaly borsuň!.. Atyber indi, ýönäm şol...
– Guwan ýetimiň aryny almak size galmandyr, onuň
bilen köprüde götüňiziň galtaşan ýeri ýok!
– Göt-pöt diýen boluberme! Ýetime, ýesire
güýjümzorluk etseň, döwdalanlaryň ýetip gelýändigini
sen unudan borly! Indi nämä dursuň!?
Guwan ýetimli gürrüňiň yzynyň ýönesi oňa oglunyň
6
ölüminden beter degmese, kem degmedi. Öýe düşenine
bir ýylam bolmadyk maýaly-maňyzly gelniniň otagyna
girilip barylýana dönen baý aljyrady, bir inisiniň ýüzüne,
birem döwdalanlara seretdi. Inisem namysa çydap
bilmän, ýere garady. Baýlym baý bilen inisi doňňara daş
bolup esli duransoň, goja Döwdalan dillendi.
– Baýlym baý, dünýede ölümden beter jeza-da bardyr
görseň...
Baýlym baý haşlap dem alanyny duýman galdy.
Ol gözlerini ýumdy, çekge süňkleri tutgaýlyňky ýaly
oýnap başlady. Birhaýukdan inisine seredip hyrra
yzyna öwrülip gelen ýerine ýumlukdy, inisem onuň
hereketlerini gaýtalady.
Dünýäniň
aladasyndan
alysdaky
gögele
döw¬dalanlar hut öz babasynyň iki sany gelmişegiň
öňünde tutuş neberelerini duruzanyna namys etdiler.
Ýaňyja jüllüjegi kesilen kiçijik döwdalan bolsa, etegini
galdyryp Baýlym baý dagynyň giden tarapyna bakyp
çüwdürip ugrady. Düýp Döwdalan ardynjyrady, onsoň
döw¬dalanlar işli-işine gönükdi, öýde aýallar haşlaşyp
dem alyp Allalaryndan minnetdar boldular.
***
Gumuň astynda gyşdan zordan çykan gömülgen ýaly
7
bir çalajan pikir beýniniň bir künjünde müňňüldedi,
ol Ganlybaşyň iň soňky deminde edip ýetişen ahyrky
pikiridi! «Namart ölmeli boldum-ow»... Ýene bir pikir
beýnide ýandak odunyň uçguny ýaly yşyrajak boldy,
emma başarmady. Endige görä, ol gözüni açjak boldy,
o-da bolmady! Göwresi bolsa ýokdy, göwresi hakda
düýbünden pikir hem ýokdy! Ganlybaş ölendigine
diri mahaly ymykly göz ýetiripdi, ol gabryny sermeläp
görmek isledi, emma göwräň gymyldysy barmy!
«Ölen bolsam!.. Onda bi hümürdi näme, Heňkirmüňkürdir!..» Ol ýaňadan zulmat tününe garşy erksizygtyýarsyz süýşüp gitdi...
– Döwdalan, melamatyň ýüzi aňryk, indi munuň
demine degilmez!
– Pahaý, Ýalama, gepiň-gürrüňiň dagy näteňet!
Bir gorra gaplaň bilen salam-helik etdim diýip ölüp
gidibermeli bormy! Ýaradan ölenden Ýaradanyň
ýaradany bolmaz!
– Ýarasyndan öler diýýän ýok saňa! Gaplaňyň agzy
päkize eken!
– Gaplaň ýalamadyr-da, häli-şindi dodagyny ýalap,
päkizeleýändir-dä!
Zulmatdan yşyrap gelýän gudrat ýene onuň beýnisini
8
yrap gördi! «Men haýsy dünýädekäm!? Ýagty ýalançyda
bolsam gymyldardym». Ol gymyldajak boldy, emma
tutuş göwresi kölçede buz bilen gatap galan balyk
ýalydy. Birden ol özüniň hopugýanyny, dem alyp
bilmän sojaýanyny duýdy, gyssanjyna urunmak isledi,
göwresindäki sähelçe hereket onuň beýnisini ýer
goduklan ýaly tisgindirdi! «Ölmändirin!» Begençden
ýaňa kalbynyň bir ýerinden gözýaşa derek damarlar
bilen gözüne awy süýşüp ugrady. Garryja enesini ýalňyz
galdyryp ölüp gitmändigi hakydasyna gelip damagyna
agy hykga doldy...
Ganlybaş ümezli gözlerini açdy, zat saýgarmasada gözleriniň açylanyny saýgardy. Ol ukudan
oýanandygyny ýa beýhuş bolup özüne gelendigini
takyklajak boldy. Ganlybaşyň kepen öýdeni deridi, tebip
iki sany uly öwejiň derisi bilen ony ykjam gundapdy...
– Çöpi tükenmändir! Ajala dagy dözüp bolmajak
nazarkerde ýigit eken!
– Ýalama, biziň umytly ojaga diri gelen diri gitsin.
Melhemiňi gysganma, bir gamyşgulak bedew serpaýyň
bar!
Bi Döwdalan atly gojanyň güňleç sesidi. Ganlybaşam
çölde özüni bilmän ýatan mahaly şu gojanyň guly
9
Şerip tapyp düýesine ýükläp getiripdi. Döwdalan
ol gojanyň lakamydy, düýp Döwdalanyň oňa dakan
ady Gerdandy, emma Gerdan adyny öz ýanynda
heder edip tutaýmasalar, Pendi ilaty oňa Döwdalan
diýerdiler. Tebip ýaly deň-duşlar-a onuň ýüzüne-de
Döwdalan diýip bilýärdi. Gerdan aga-da ogullaryna
öz ýanyndan iň gowy atlary saýlap-seçip dakypdy.
Onuň üç aýalyndan jemi sekiz ogly bardy. Şajahan,
Şagylyç, Şabasan, Şagelen, Şaberdi, Şamyrat, Şadurdy,
iň körpejesi Şajyk... Emma barybir onuň ogullaryna-da
döwdalanlar diýýärdiler. Şondan soň goja agtyklaryna at
dakyp ber diýseler: «Aý, Döwdalan diýiberseňizlän, öňisoňy olara-da Döwdalan diýerler», diýýärdi. Aslynda
Döwdalan at goja-da akgasyndan geçipdi. Akgasy
Sahyguly golça alamandan gelýärkä, gumda Albassa
duşupmyş, Albassy bilen tutluşyp, onuň kellesinden
bir penje saçyny ýolupmyş. Şondan soň Albassy onuň
hyzmatynda gezipdir: hum getir diýse hum getiripdir,
pul getir diýse — pul. Ýöne Sahyguly golça öýden
çykdygy, onuň gelnine kä derejeden, kä gapydan jyklap,
«Saçymy beräý» diýip özelenip ýörmüş. Bizar peteňi
çykan gelin ahyr Albassyň saçyny berip goýberipdir,
şondan soň uzak ýaşaman Sahyguly golça ýeldirgäpdir.
Döwdalanyň ogullaryna ene başga dogan diýer
10
ýaly däl. Baýrajyň gaty bir synçy adamy bolmasa,
Döwdalanyň haýsy oglunyň haýsy aýalyndandygyny
bilýän hem ýokdy. Döwdalanam, ogullaram asla ony
biljek hem bolanokdylar. Olar atasynyň ogludy, ata
bolsa Gerdan Döwdalan!..
Ganlybaşy nämälim bir güýç ýaňadan ýagty
ýalançydan dartyp, nämälimlige, tümlüge, gaýry bir
dünýä dartyp ugrady. Ol uka batyp barýanynam,
özünden gidip barýanynam, ajalyň holtumyna dolaşyp
barýanynam aňşyrmady, ýoňsuz güýje tabyn boldy, her
hal tebip onuň dadyna ýetişdi. Burnuna tutulan ýiti
ys oglany asgyrtdy. Pallap jan gidermiş diýleni ýaly,
gabaklary göterildi, gözleriň öňünden duman syrylyp,
açylan gapydan dört künjek ýagty gudrat bolup ala
gözler garap dur. Görülmedik gudrat onuň göwresine
jan bolup girdi. Gyzyň gözlerinden çykýan yşyk onuň
garaňky dünýäsine şugla saçdy, näzijekden endiräp
çykýan ses onuň endamyna melhem bolup ýaýrap gitdi.
– Baba, nahar çekelimi?
– Owlagym, nahar-nowa syrkaw-sökele soralyp
berilýändir. Getiriber, bokurdakdan ötjek zat bolsa
getiriber. Garry babaň bi dünýäde ýygnap-ýygşyranyny
halallap gitsin!
11
Ganlybaş alasarmyk halda gyzyň gözlerinden gözüni
zordan aýryp asmana dikdi, şol pursat ol özüniň ýer
bilen asmanyň arasynda däl-de, iki dünýäniň arasynda
gurlan leňkebut torunda hallan atyp durandygyny
duýdy.
Pagsa jaýyň ortarasynda Şahanyň Buharadan getiren
demir pejinde ýylgyn ody gübürdäp dur. Ýalama
lakamly Seýit tebip Ganlybaşyň daşyna oralan goýun
derilerini emaý bilen aýryp ýaralaryny täzeläp, melhem
ýapyşdyrdy. Ganlybaşyň endamy malgama derdi-yza el
bilen aýrylan ýalydy, ýöne, ine, tebip ýaralary haýsydyr
bir derman suw bilen ýuwup melhem ýapmaga
başlanyndan, onuň göwresindäki yza ketegi çokjalanan
ary ýaly hüwläp, ýüregine düşüp alyp barýardy. Asyl
onuň endam-janynda ýara düşmedik ýeri ýok borly.
– Haram gatan, daraklab-a bilipdir! – diýip, tebip
gaplaňa käýindi, ýöne öz edip oturyşy gaplaňyňka
gaýra dur diýdirýärdi. Ýatanyň jany bardyr öýtmän,
jübtegi bilen ýaralary arkaýyn çokap otyr. Ganlybaş diş
gysýardy. Her hal tebip ýarym sagat çemesinden soň
ýaralary sarap boldy. Onýança Melewşe eli çäýnekli
gapydan girdi. Gyz ýarata seretdi, seretmän biljek däldi,
çünki bi eňegi nal ýaly berdaşly, görmegeý, ýüzi sary esgi
ýaly ýigidiň hol düýpde görnýän ullakan gözlerinde bir
12
jynssyz ýiti ýagtylyk göründi. Ol şeýle jynssyz ýagtyny
mamasynyň gözünde-de görüpdi, mamasy pahyr
şondan üç günden soň ýagty jahan bilen hoşlaşypdy.
«Bi pahyram ölüp gidibirmikä?» diýen heder bilen ol
ýaratynyň gözlerine ýaňadan seretdi, bar, şol jynssyz
ýiti ýagty ýaratynyň içine çöküp giden gözlerinde bar.
Melewşäniň ýüregi ynjap, agyryp gitdi...
Agşamara Ganlybaş bijaý üşüdip başlady, sandyrap,
galpyldap gidip barýar. Döwdalanyň agtygy, ýedi-sekiz
ýaşly Janybeg tüsseledip, aldygyna peje odun salýar.
Tebip iki ýorganyň üstünden Döwdalanyň beren boldan
tikilen possunynam ýapdy, gazandan Melewşäniň
getirip beren duzuny halta salyp, dabanlaryna goýdy.
Ganlybaş bolup ýatyşyndan utanyp näderini bilenokdy,
ýer ýarylanokdy, ol girenokdy. Melewşe tebibiň demläp
gel diýen gülşen otuny demläp getirdi. Sandyrap
ýatan Ganlybaşyň gözi ýene bi yhlasly gyzyň jadyly
nazarlaryna ýolukdy. Diş gysyp galpyldysyny galdyrdy.
Gyzyň okara ýaly ala gözlerinden ýyldyrym çakyp,
onuň gözlerinden endamyna täsin bir gyzgynlyk ýaýrap
ugrady. Ganlybaş sekunt saýyn başga bir adama öwrülip
barýardy. Melewşe öz-özünden uýalyp, ýaňaklaryny
sabanyň aly ýaly gyzardyp, çykyp gitdi.
Melewşe Döwdalanyň uly ogly Şajahanyň gyzydy. Ol
13
bolanda Baýrajyň dilewarlary:
– Ahaw, bi Döwdalanlaryň kalbyna-da adamçylyk
aralaşypdyr, Şajahanyň hakyýt gyzy bolaýypdyr –
diýişdiler.
Düýp Döwdalan ähli neberesiniň içinden ala-böle
Melewşäni gowy görerdi. Öz tohum-tijinde ýeke gyzlygy
üçinem bolsa ahmal, ýöne Melewşäniň hyzmatynam
goýaý. Ol gulpagyny tasadyp ugraly bäri, babasynyň çaýsuwuny özi getirip berýärdi. Babasyna bolsa diňe iýeriçer getirmek üçin dik duran biri gerekdi. Melewşäniň
ýaş çagaly iň ýaş gelnejesi ýazlaga äkidilmändi, ol bir eli
bäbekli uzak gün gazanyň başyndan aýrylyp bilmeýärdi,
ýöne ony ýokuş hem görmeýärdi. Bolmalysy şeýledir
öýderdi. Döwdalanlaryň işe ýarany ýazlaga gideli bäri
Melewşe-de dokap oturan halysyndan düşüpdi.
Baýraçlylar: – Bir Döwdalany bakanyňdan iki jüp
öküzi bakanyň aňsat – diýip, ýönelige aýtmaýarlar.
Tebip melhemli çaýdan içen Ganlybaşyň üstüni gowy
basyryşdyryp, pejiň başyna bardy, çoýun pejiň agzyny
açyp, kesewi bilen közlerini agzyna sürüşdirdi.
– Ynha, myhman, dermanyň gowsuny indi ederin
men saňa, nädersiň erte şumatlar tanapyňa towsup
dursaň...
14
– Ýagşy ýigit, tebip seni bi derdiňden açar, ýöne soň
seni açylmaz bir derde-de ýolukdyr. Nädersiň obaňa
süpük tirýeki bolup baraýsaň!.. Özi ýaly emeli eder bi
seni...
Pendiler tirýeki adama emeli adam diýýärler.
Megerem, bi tirýeki adamyň diňe neşe bilen adam
bolýandygy üçin diýilýän bolsa gerek!
– Bäş-üç ýola çekeniň bilen tirýeki bolubermelimi!?.
Ozalam bir neşebent: «Puly bolup neşe çekmeýän
kişiniň, pulsuz bolup neşe çekjek bolýan kişiniň
oglannam bir…» diýip, tebip rowaýaty sögünji bilen
aýdyp berdi. Ol pyçagyny alyp, simini gazaşdyryp oda
saldy, üstüne köz çekişdirdi.
– «Gurt ýarasyn ýalap gutar» diýip eşitdiňmi? – Ol
Ganlybaşa ýüzlendi. – Haýwanlaryň ýarasynyň emi
tüýküligidir. Adamyňkam şeýle. Barmagyňa tiken
batsa-da – eliňi agzyňa elteniňi duýman galarsyň.
Tüýkülik örän dermandyr. Bi neşe diýeniň bolsa, ýylan
çakanynda zäherini sorup Musa pygamberiň tüýküren
ýerinden gögeren çöp ahyry. Myň dermanlygyny goýaý
ýöne...
– Ýene şuň ýaly iki tebibi bolsa Baýrajyň işi gaýtdy
bil!
15
Ganlybaşyň göwnüne bolmasa gapy däl-de, Jennetiň
gabsasy açylyp, ondan Jennetiň perizady giren ýaly
boldy. Ýöne bi gezek Melewşe Ganlybaşa tarap nazaryny
hem aýlaman tebibiň ýanynda hum çäýnegi goýdy.
Getiren matasy bilen basyrdy. Edil şol mahal ýaňy
sesine labyz ýaýran jüýje horaz gygyrdy. Tebip:
– Köşegim, eşidýämiň, şojagaz jüýje horazy belle.
Ertir nesip bolsa, myhmana şorja çorba içirmeli bolar...
– diýdi.
Melewşe çalaja ýylgyryp çykyp gitdi. «Eý-ho, beýlede bir ýylgyryş bor eken». Melewşäniň söz bilen
beýan edip bolmajak ýylgyryşy Ganlybaşyň ýüregine
derýanyň ýukajyk tolkuny ýaly çaýyldy. «Näme üçin
ol bi gezek nazar hem aýlamady!? Ýa neşe çekenimi
göräýdimikä?!» Melewşe ýaňadan girip uly mejimäniň
üstünde deňje dört käselenen garrygyz gawuny getirip,
gelşi ýalam çykyp gitdi. Ýaralarynyň yzasynyň deregine
Ganlybaşyň ýüreginde sorkuldy başlady...
Tebip:
– Döwdalan üstüne kepek hem sepdiräýmeli ekeniň
– diýdi... – Ahyr aşa düşüp Baýrajy ile peçan edersiň!
– Ýogsa-da Döwdalan keselläp ölüpdir-ä diýip
eşitmersiň!
16
Gojalar gülüşdi. Jaýa gawunyň ýakymly ysy ýaýrady.
– Gawun diýeniň asylam ýakymsyz zat. Ýyl
aşanynyň-a ýüzüne köz degsin.
– Hä, öz-ä ýakymsyzdyr bi!
Tebip simine lokgalap goýnuň çöri ýaly tirýegini
çekip bolýança Döwdalan hem bitin gawuny halallady.
Bu mahal Ganlybaş yşkyň, neşäniň hem däridermanlaryň güýjünden alasarmyk halda ukynyň
goýnuna bakan süýşüp barýardy...
***
Ganlybaşyň üstünden Döwdalanyň guly Şerip gul
gabat gelip düýä ýükläp oba getiripdi.
Şeribi Şajahana Buharadaky aşnasy Salamat baý peşgeş
beripdi. Ene-atasynyň ýoklugyny, bazarda satyljak
bolup durka dözmän satyn alandygyny, döwdalanlary
elin görüp berýändigini aýdypdy. Şerip gara zähmet
üçin dörän oglan bolup çykdy. Gijesini gündiz edip
ylgady. Murty tabap ugransoňam ony Döwdalan guma,
çoluk edip iberipdi. Şerip döwdalanlaryň ählisine akga
diýip, garry Döwdalana ata diýýär. Asyl maşgala soň
goşulana meňzeş däl. Öten ýyl garry Döwdalan:
– Şerip han, ýigit çykdyň, adam bolduň, saňa
17
öýlenmäge, bäş-üç ýyl bol-elin ýaşamaga pul bererler,
sen indi azat, alla ýaryň bolsun – diýipdi. Şerip örgökden gelip:
– Ata, ata jan, men nirä gideýin? – diýip özelendi.
– Şajahan kerwene goşar, ýurduňa aş, belki, dogangaryndaşlaryňy taparsyň...
– Ata, meniň ýurdumam ýok, enem-atamam,
garyndaşymam...
– Beý diýme, köşek... Her kesiň gumy alnan ýeri
bardyr, ana adama şol ýerden eziz ýer ýokdur...
– Ýok-ýok, ata men hiç ýere gitjek däl... Gaýrat ediň,
meni kowmaň! Men sizden gidip nämiş edeýin? Nirä
gideýin... ýok, ýok!!!
– Sen gul, ýöne bütin ömrüňi gul bolup geçirip
bolmaz! Sen git, hanym, öýlenersiň, illenersiň...
Şerip gitmedi, dagy gul nirä gitsin!? Onuň barjak ýeri
— zynjyr, etjegi — gulçulyk, iýjegi — dürre. Ol başga
hili durmuşy bilenok. Öňi-soňy gulçulyk etjek bolsaň,
Döwdalanyňkydan amat ýer ýok. Garry Döwdalan ony
ýük görenokdy, emma ýetişen guly gapyda saklamaly
däldigini hem bilýärdi. Gul gul bolýardy. Pendiden
öýlendireýin diýse-de, iliň gepinden gaçýardy, sebäp
18
ýaşulular oňa «Gerdan, saryklary dürüşde edip çykjak
sen, bes et!» diýipdi.
Şerip şeýlelik bilen Döwdalanlaryň hyzmatynda
gezip ýördi. «Gelin göwni ýelekde, guluň göwni
melekde» diýlişi ýaly, Şerip gul hem Melewşä daşyndan
aşykdy, Melewşäniň ýüzüne şindi bir gezek hem inegana bakyp görmedik hem bolsa aşykdy...
***
Niçe günläp basyrganyp ýatyp bilmeýän, gijäniň
özündenem uzyn düýş görüp çykýan Bike eje Tokga
mama düýşüni ýordurmaga gitjek boldy, ýöne ol
haýsy birini ýordursyn: uzyn gijesi düýş, asyl gözüni
ýumsa düýş ony toruna dolap alaýýar ahyry. Özem
moşjuk düýş. Ol niçe günläp gara bermedik oglundan
na dynçdy, ýüregi bir ýakymsyzlygy syzýardy. Ýogsa,
oglunyň gelerin diýip giden müddetinden bir hepde –
on gün geçirip gelýän halaty kän bolýardy, emma ene
ýüreginiň beýle bikarar bolan gezegi ýadyna düşenok.
Ol oturyp-turup karar tapmady. Ol ertirden bäri Allaly
ussanyň dükanynyň ýanyna üýşüp duran adamlaryň
içinde Amady hanyň bardygyny magat bilse-de,
aýagy çekmändi. Ahyry ol özünden rüstem gelip, sary
bürenjegini galgadyp Allaly ussanyň dükanyna garşy
19
ugrady.
Obanyň orta gürpünde ýerleşýän Allaly ussanyň
dükanynyň öňi mydam bazardyr. Küşt bolsa güzeranyny
unudýan göçgünli küştçüler iki tarap bolup ala
gykylykdyr. «Ony göçde, muny göç!» Düzzümçilerem
öz oýunlaryny küştden kem görmän, «goşa düzzüme
düşensiň, han» diýip ala wagyrdyr. Allaly ussanyň
bi ýagdaýa werziş aýaly uzak gün agtygyndan çaý
ugradar, nahar bişende nahar eltdirer. Beýleräkde bolsa
çagajyklar matal aýdyşyp otyr. Olaram iki topardyr.
Aslynda tarap-tarap bolmak ynsanyň ganynda bar
bolarly. Birinji topar, matal aýtdy:
– Enesi daşdan,
Atasy dagdan,
Bir peri gelýär —
Hünjüsi çygdan.
Ikinji topar matalyň jogaby hamana birden biriniň
görejine ýazylan ýaly, birek-birege bakyp, kelle döwüp
ugradylar, emma matalyň jogaby tapdyrly däldi.
– Janlymy, jansyz?
– Janly diýseňem boljak, jansyz diýseňem...
– Öýdeçimi-düzdeçi?
20
– Düzdeçi...
Ikinji topar bilmedi. Birinji topardan ekabyrragy:
– Bilmedik bolsaňyz, ýurt beriň! – diýdi.
– Bar, Rumustan siziňki bolsun!
– Ýok, Rumustanyň derkar däl, Hindistany berersiňiz!
– Bujagaz pohly matala Hindistany berip bolmaz!..
Küştde-de, düzzüme-de goşulman, Allaly ussanyň
agtygynyň getiren çaýyny öňüne alyp gaýtaryp oturan
goja:
– Päheý, öz ýurduny aldyran goňursy gullar,
Rumustan gerek dälmiş size – diýip käýindi.
Bu günki küşt hasam gyzykdy, çünki Jantaýdan Allaly
ussa gyrkylyk buýrup giden üç-dört sany jantaýly bilen
Amady dagy oba-oba bolup oýnaýardy. Myhmany
hezzetläp ak çöp olara berlipdi. Myhmanlary hezzetläp,
Amady han myhmanlaryň tarapyndan bolup Haşym
hükgä lak atdy:
– Haşym han, hany jantaýlarda it masgarasy bolşuňy
gürrüň bersene!
Kellesi mähnet, göwresi kiçijik, ýagyrnysy hem
arkasy örküçli hükgi:
21
– Akga, sen meniň utan ýerimem aýtdyr-da –
diýip, degilmese bagry gijäp barýan Haşym hezil etdi.
Jantaýlardan gelen bir sada sary pyýada häliden bäri
bi wäşi hükgini synlap otyrdy. Küşt bilmeýän hem bir
zat etmeli ahyry. O bende dünýädäki betbagtlaryň
barynyň meňzeş bolşy ýaly, taňrynyň hükgüleriniň
hem juda meňzeş bolýandygyny nirden bilsin. Hükgä
lak atdy: bar weli görseň, aýna sereden ýaly bolarsyň –
diýdi. Jantaýlynyň nyşana münenini bilen Haşym, tarsa
dyzyna galdy:
– O näme diýip Jantaýda bir hükgi bar?! – diýdi.
Beýle soraga garaşmadyk sary pyýada äm-säm bolup,
töweregine garady:
– Jantaýdaky beýleki hükgini nätdiňiz? Hä?
Öldürdiňizmi?! Akgam pahyr «Arkaýyn bol, Jantaýda
iki doganyň bardyr!» diýýärdi. Hany onuň beýlekileri?
– diýip, Haşym hükgi şerraýlyga urdy. Oturanlar gyzylgyran gülüşdiler. Sary pyýadanyň ýüzi gijilewük degen
sygryň ýelni ýaly gyzardy. Jantaýlylar erbet boldy,
ony syzan Amady myhmanlary oňaýsyz ýagdaýdan
çykarjak bolup amat söz agtardy, edil şol mahal Bike
ejäniň gelmesi kemem bolmady.
– Gel, Bike eje – diýip, ol gürrüňem, gülkinem
22
ýatyrdy.
Gyzyl-gyran gülşenler ýeňlerine gözýaşlaryny sylyp,
Bike ejä salam berdiler. Jantaýlaňam jany aram tapdy,
her hal olar gyzyl pyýada alarylýardylar.
– Amady, iniň Ganlybaşyň gapanyny alyp guma
gidenine iki hepde bolup barýar, habar-hatyr ýok.
– Pahaý, Bike ejemiňem bizowh bolup ýören zadyny...
Bu wagt çöl diýeniň Behişt ahyry. Bu wagt çöle çykyp
bir aýdan köwlenip bilseňem zor boldugyňdyr. Dirikäň
Jennet göreýin diýseň, al meňem enemi ýanyňa,
kejebeläp Ýahbile eltip gaýdaýyn.
– Amady, diýseňem-ä ýüregim bir sowuk syzýa.
Oglanlara bir aýlanyp gaýt diýseň näder? Gurt diýdi,
guş diýdi...
– Aýlanyp gaýdybiris, Bike eje. Ýöne Ganlybaşa
gurt duşsa janyndan, gaplaň duşsa hamyndan dyndym
bilsin. Tüweleme, ömri bolsun! Agyn Kuly akgam-da...
Ýöne sen oňa göreşi goýduryp bikär etdiň. Ol Ýolöteni,
Pendini baglajakdy.
Elgaraz, Bike ejäniň göwnüni giňeldip ugradyp, ýene
oýun bilen boldular. Hawa-da, bi dünýede çynyň ýok
çagy, dünýäň özi oýun bor eken!
23
***
– Inim, sen kim borsuň?
– Adym-a Ganlybaş, özüm ýolötenli, gyzyllardan.
Marydan gaýdylansoň akgam bir sebäbe ganlybaşlaryň
arasyna göçüp barýar. Şolary hatyralap hem at dakypdyr
pahyr maňa...
– Gaplaňa nädip duşup ýörsüň?
Düýp Döwdalan güldi:
– Gum içinde gezseň dagy tebibe duşjakmy?! – soň
ol ýarata ýüzlendi. – Ogul erkek adam üç ýola ajala
uçrarmyş. Birinjisini, sag-aman başdan geçirdiň!..
Seniň tebibiň duşdy. Seýit ýalama tebipçilik edip ugraly
bäri, biziň Baýraja, Dädegula Ezraýyl aralaşyp bilýän
däldir. Suhty diýýä, Söýünaly-bedeň diýýä, gidýä güm
bolup...
– Döwdalan, ahyr meň elimedem-ä düşersiň özi!
– Dünýäde iýer-içer gutarmasa, seniň eliňe düşmen.
Döwdalan hezil edip ýaşajyk malyň, ýagny Ganlybaşy
dolamak üçin soýlan mallaryň biriniň içýagyny iýip
oturşyna rowaýat getirýärdi. – Bir zamanlar alamana
giderdik. Üç käse ýag içersiň, onsoň üç günläp, suwam
derkar däldir, nanam. Bäri-bärden urdumyşlap gaýtsaň
24
senden ýeteni bilner, onsoň gidersiň saýryň jümmüşine.
Oslanmajak ýerden oljalap götärsiň ökjäni. Ilde-gündede seňki ýaly ýigidem, atam bardyr. Münerler söbügiňe.
Duşundan geçen obaň jahyllaram atlanyp, walalaýlaşyp
yzyňdan kowar. Ana, şonda duzlanyp logala edilen bir
bölek ýagy çapyp barýan atyň agzyna tutdyrsyň weli,
soň janawar ne ýadar, ne suwsar, ýöne ýeriň tanapyňy
dartyp barýandyr.
Ganlybaş her owasyna ýumruk sokaýmaly döwpisint
goja:
– Baba, gözüňe näm boldy? – diýip, heder bilen
sorady.
– Gelnaljy keseklände daş degdi – diýip Ýalama lahlah güldi.
Oňaýsyz halda galan Ganlybaş:
– Näbileýin, mama-sama degäýdimikä diýdim –
diýdi.
– Pendä göçüp gelemizde garakçy köp bordy.
Meýmenäniň bir özbek hany türkmen gözüne altyn pul
goýan bolsa nätjek. Asyl ýöne üstümiz depeşek bolaýdy.
Çölde çopany, gyrda kerweni goramak hyllalla! Bizem
ýagyň daşyndan içi aman diýip gidýäs içine. Han näme
25
kimiň gözi diýip saýgaryp durmy! Öz gözlerini özüne,
sat-a! Görse, ilinde kör köpelip barýar. Muny Hyradyň
hany eşidip onuň öz gözünem çekdirdi. Ýöne köp
harapçylyk etdi-dä namyt... Biziňkem şonda... gitdi.
Satýanyň göz bolsa, satýanyň garak bolsa, öz garagyň
hem bir gün bazardan çykjak eken!..
– Göz bolmasa ýagty jahanda tagam ýokdur-la –
diýip, Ganlybaş goja gynandy.
– Baýguş Hudaýa aýdypdyr: «Ýazyňy gördüm,
güýzüňi gördüm, tomsuňy gördüm, gyşyňy gördüm.
Ýene görkezjek paslyň barmy ýa dünýäň bar bolup
bilşi şümi?» diýenmiş. Inim dünýäde göräýmelisini
gördük. Gözüm kör diýip ahmyrym ýok, ýöne, ynha,
ýamany atdan düşmeli boldy. Uly gürrüňdeşiňem
Düldülätländen aňryk ätläp görmedik şu tebip. Ana
ýamany, inim!
Döwdalan içýagy galyň mele myssyk bugdaý nan
bilen iýip bolup, jamy gyra süýşürdi. Tebip:
– Nahardan bolan bolsaň töwir et-dä! – diýdi.
– Garyndaş, senem bir kyýama adam-ow! Sen näme
meni molla diýip eşitdiňmi ýa ahunyň yzyna tirkeşip
ýören sopuçylygymy gördüňmi? Her iýen-içenme töwir
etjek bolsam, ertirden agşama doga sanap oturmaly
26
bolmanmy men?!
– Töwir etmek sogap-da...
– Sogap bilen ýülünerden günä agyrdyr!
***
Gyýçak-gyýçak gara ýowuz daşlaryň arasynda
gögeren näzijek çigildem güli (saryklar çigildeme
melewşe diýýärler) Melewşe özüne näm bolýandygyny
bilmedi: göwün pagsa jaýa, göwre başga ýana dartdy.
Ser seretme diýdi, dideler seredenini duýman galdy. Al
kakdymy, Hudaý urdumy – ol halyna düşünip bilmedi.
Gözlerini açsa-da Ganlybaşy gördi, gözlerini ýumsa-da.
Melewşe on ýedi ýaşan hem bolsa, şindi yşksöýgi barada kelamagyz söz edişip görmändi. Dessan
diňlemäg-ä beýlede dursun, dünýäde yşga garşy
ýowuz göreş alyp baran yslam dininiňem on dört
aşyk-magşugyň yşgyny ykrar eden dessanlarynyň
bardygynam bilenokdy. Ol hatda söýgüden söz açýan
ertekem eşidip görmändi. Dagy pahyrjyk beýle
ertekini nirden eşitsin?! Gara döw ýaly gulaklaryndan
bir çogdam tüý çykyp duran gojadan eşitsinmi?!
Baýraçlylaryň ýigitleriniň arasynda hem şindi oňa sawçy
nazaryny ýollan ýigit ýokdy. Bolaýsa-da, ol nazarlary
Döwdalanlar kellesi bilen sogrup taşlamaýarmy?
27
Melewşe öýe syganok, hüwläp gidiberesi gelýär.
Ýaratynyň ýatan jaýyna göwni bar-bar diýip dursa-da
barmazlygy ýüregine bek düwdi. Heýem bir ýaş gyz
myhmana seredermi! – Seredersiň! Söýgi diýilýän
zat gaňryşyna gaýtdygyňça güýjeýär. Akyma garşy
ýüzdügiňçe derýanyň göhi gelýär.
Ol gündizini eýdip-beýdip geçirýär, bar-bar dert
gijede bar! Ähli keselleriň gije beterleýşi ýaly yşk
derdem güýjeýär. Ýakyp-ýandyryp barýar. Gara öýüň
tüýnügine garasa, Ganlybaşyň keşbi ýylgyryp dur.
Gözlerini ýumsa, onuň mylaýym sesi eşidilýär. Melewşe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dünye haçan namart boldy - 2
  • Parts
  • Dünye haçan namart boldy - 1
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2273
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 2
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2153
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 3
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2099
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 4
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2040
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dünye haçan namart boldy - 5
    Total number of words is 474
    Total number of unique words is 347
    44.5 of words are in the 2000 most common words
    57.4 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.