Latin

Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli - 01

Total number of words is 3485
Total number of unique words is 2089
28.2 of words are in the 2000 most common words
40.1 of words are in the 5000 most common words
46.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

1993 ý
DOSTY NENEŇSI
GAZANMALY WE
ADAMLARA NÄDIP
TÄSIRIŇI ÝETIRMELI
Deýl Karnegi
Elektron görnüşe geçiren Atadurdyýew Atadurdy (HYYAL studio/)

BAGTLY BOLMAGYŇ SYRYNY ÖWREDÝÄN ADAM
(giriş ýerine)
Eger-de siz işleriňiziň şowly, dostlaryňyzyň köp bolmagyny, il
içinde meşhur bolmagyňyzy, maşgala agzybirligini bagt hasap
edýän bolsaňyz, eliňizdäki kitap nädip bagtly bolmagyň
usullaryny öwredýän kitapdyr. Juda biagyr adam bolaýmasa,
muny bir gezek okan ikinji, üçünji... gezek — tä berilýän
maslahatlaryň ýüzünde ulanmagy öwrenýänçä, okajakdygyna,
soňra bolsa ony nesilleri üçin aýap goýjakdygyna güwä geçse
bolar.
Deýl Karnegiň bahasyna ýetip bolmajak şeýle kitabynyň
doly tekstiniň şu mahala çenli ozalky SSSR-iň çäklerinde çap
edilmänliginiň sebäbi nämekä? (Biz bu ýerde üýtgedip
gurmakdan öňki ýyllary göz öňünde tutýarys.) Elbetde onuň
sebäbi belli
biziň «sosialistik» sistemamyz kapitalizm
dünýäsini ýek ýigrenýärdi, ondan ýagşy zatlary öwrenmekligi
hem özüne kiçilik bilýärdi. Ýogsam, «Dosty neneňsi gazanmaly
we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli» diýen bu kitap ilkinji
gezek amerikan okyjysynyň elinde peýda bolaly bäri altmyş
ýyla basalykly wagt geçdi. Munuň adamlaryň arasyndaky
gatnaşyklary, agzybirligi, maşgala abadançylygyny, işewürligi
gowulandyrmaga ýardam etjek eserdigine garamazdan, ol
sowet okyjysyna örän giç gowuşdy. Ynha, ol türkmen okyjysyna
bolsa ilkinji gezek hödürlenýär.
Indi Deýl Karnegiň pikirlerini beýan ediş usuly hakda birki
agyz aýdyp geçmek gerek. Adatça, owadan geplemäge çalyşýan
köpsözli adamlary ýalan sözlemek üçin hile gurýan hökmünde
görýärler. Deýl Karnegi köpsözlülikden, söz owadanlamakdan
1

halasdyr. Ol adamzadyň asyrlarboýy toplan akyl-paýhasyny,
tejribesini kem-käs taraşlap, gündelik gabat gelip duran
meseleleri çözmek üçin ulanyp bolaýjak ýagdaýa getirip, ony
ýene adamzadyň özüne hödürleýär. Bu kitap alyma-da, işçidir
daýhana-da, ýolbaşçy,işgärlere-de deň derejede zerurdyr,
üstesine-de durmuş ýoluna ýaňy gadam basan adama-da
düşnüklidir. Deýl Karnegi adamlary güýmemek islemän, olara
praktiki kömek bermek isleýär. Ol şu niýetini amala aşyrmak
üçin üýtgeşik beýan ediş usulyny gözlemän, ýönekeý, maksada
okgunly, gönümel beýan ediş usuly saýlap alypdyr. Şuňa
garamazdan, kitap özüne bendi ediji, gyzykly okalýar, gaýtalap
okaňda-da ýadatmaýar.
Kitabyň ikinji aýratynlygy Karnegiň kiçigöwünlilik bilen
ýürekdeş gürrüň edýänliginden ybaratdyr. Ol mugallym
hökmünde özüni okyjydan belentde goýanok. Özbaşdak,
gündelik durmuşda ulanmak üçin amatly bir filosofiýany ýüze
çykaran adam hökmünde men-menlik satanok. Filosoflar bilen
jedele-de girenok. Aýdýan zatlaryny faktlara, tejribä akylpayhas logikasyna daýanyp, esaslandyryp, ynandyryjy halda
aýdýar.
Soňky döwürde «Gyzlary yrmagyň usullary», «Ýigidi
imrindirmegiň tärleri». «Başlygyňy tabyn etmegiň ýollary»,
«Kartda utmagyň düzgünleri» diýen ýaly eserler amerikada
köp peýda boldy. Şeýle-de bolsa, Deýl Karnegiň «Dosty neneňsi
gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli» diýen kitaby
we beýleki kitaplary agzalan kitaplaryň arasyndan okgunly
saýlanyp çykdy hem özuni kämilleşdirmek isleýän adamlaryň
gündelik ser salýan kitabyna öwrüldi. Kitabyň okyjylara ýaýran
ýyly, entek bir ýylam geçmänkä, onuň bir million
2

ekzemplýarynyň satylandygynyň aýdyň şaýadydyr. Kitabyň
tizara daşary ýurtlaryň on dördüsinde terjime edilip
çykarylmagy,onuň näderejede meşhurdygyndan habar berýär.
«Nýu-ýork taýms» gazetiniň ýöredýän spisogy boýunça ol on
ýylyň dowamynda iň köp okalýan kitaplaryň hatarynda durýar.
Bu möhlet haýsy kitaplygyna garamazdan, örän uzyn
möhletdir, uçursyz meşhurlygyň şaýady bolup duran döwürdir.
Eliňizdäki kitap boýunça amerikanyň we Kanadanyň 861
şäherinde, daşary ýurtlaryň 51 şäherinde ýörite kurslar
okadylýar. Elbetde, bu maglumat 1966-njy ýyla degişli. Munuň
daşyndaky şowhunyň häzirem kiparlamandygy, siziň muny
okap, ondan köp zatlar öwrenip oturanlygyňyzdanam mälim
bolýar. Şunlukda ilkibada Karnegini «bolgusyz akyldar»
hasaplaýan kişi bilýan köpbilmişleriň gybat şekilli gürrüňleri
bir çak ýalana çykdy.
Elbetde, adam gatnaşyklary baradaky ylmy edebiýat, sungat,
taryh, pedagogika, psihologiýa, sosiologiýa, oratorçylyk
sungaty diýen ýaly ylymlaram öwrenýär. Her hal bular öz
ugurlary bilen gümra bolup, adamlaryň gündelik durmuş
gatnaşyklaryna düýpli hem içgin aralaşyp bilmeýärler. Mysal
üçin, takyk bir meseläni çözmegiň takyk bir usulyny salgy
bermeýärler. Durmuş tejribesidir ynsanýetçilikli ylymlaryň
ýönekeýleşdirilen sintezinden dörän Karnegiň filosofiýasy her
bir ýüze çykýan durmuşy meseläni çözmek üçin neneňsi
hereket etmelidiginiň takyk ýoluny salgy berip bilýänligi bilen
awtory şeýle tanymallyga getirdi. Durmuşda bolup geçýän
wakalary, ynsan hem jemgyetçilik gatnaşyklaryny öwrenýän
ylymlaryň öseni bilen, adamlaryň ysnyşyp, kämilleşip
gidibermeýändigi häzirki döwürde mälim boldy. Ylymlaryň,
3

olaryň gatnaşyklarynyň ösmegi gaýtam ynsan gatnaşyklaryny
çylşyrymlaşdyrýar. Soňky döwürde dörän psihofizika,
psihobiologiýa, psiholingiwistika, sosiobiologiýa... diýen ýaly
ylymlar aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Şonuň üçin bolsa
gerek: Karnegi syýasatçylardan, işewür adamlardan,
wraçlardan, şahyrlardan köp mysallar alsa-da, alymlaryň
işlerine örän seýrek ýüzlenýär. Durmuşy hem ylmy sapaklaryň
iş ýüzünde ulanyp bolaýjaklaryny jemläp, Deýliň ortalyk bir
ýoly döretmegi, onuňam şeýle ýönekeý, gündelik durmuşda
ulanarlykly bolmagy, awtoryň hem onuň filosofiýasynyň
tanymallygynyň esasy bolup durýan bolsa gerek.
Şunlukda, birwagtlarky näbelli padyman adamzada zerur
bolan zatlaryň esasylarynyň biriniň syryny açyp, bu ugurdan
kämilleşmegiň ýoluny tapyp, dünýä ýüzünde uly şöhrata eýe
boldy. Ol mugallymçylyk kollejiniň sonky kursunda okap ýörkä,
1900-nji ýylda şu zerurlygy duýdy hem adamlary siňin synlap
başlady.
Student döwründe Karnegiň krujoklara, ýaryşlara
gatnaşmaga, deň-duşlary bilen oýnamaga ne wagty, ne-de bir
ýaramly eşigi bardy. Onuň ile çykar ýaly birje kostýumy
bolardy. Bir gezek ol futbol komandasyna girmäge synandy.
Karnegiň agramynyň ýeterlik däldigini bahanalap, trener ony
komanda almady. Kynçylyk, mätäçlik, özüni ilden kem saýmaga
mejbur edilmegi, ony durmuş barada ymykly oýlanmaga
itekledi.
Deýle çekişme krujogyna girmekligi ejesi maslahat berýär.
Ol maslahata eýerip. birnäçe synanyşyklardan soň, bu krujoga
girmegi başarýar. Bu waka onuň durmuşynda düýpli
özgerişlikler döretmäge sebäp bolan wakalaryň biridir.
4

Krujokda eden çykyşlary oňa öz güýjüne ynanmaklyga kömek
berdi. Bir ýyl geçip-geçmänkä ol kollejdäki oratorçylyk sungaty
boýunça geçirilýän ýaryşda üstün çykyp ugrady. Oňa sylaglar
berip başladylar, hormat goýdular. Şunlukda, Karnegä öň
göwni ýetmeýän ýoldaşlary hem ondan maslahat sorap, käbir
zatlary öwretmegini haýyş edip başladylar.
Kemsinmek duýgusyny ýeňip geçmäge gönükdirilen
tagallalar netijesinde, indi Deýl isle bir adamyň, isle-de ýüzlerçe
adamyň öňüne çykyp, pikirini beýan etmegi, özüni ykrar
etdirmegi ,başarýardy. Şu ýagdaý onuň öz ukybyna bolan
ynamy güýçlendirip başlaýar. Ynam bolsa hemme islegarzuwlaryňa ýetmäge mümkinçilik döredýän jadyly açardyr. Ol
myrat-maksadyňa ýetmäge goltgy berýär. Eger mende şeýle
ynam döran bolsa, bu duýgyny özgelerde hem döredip bolar
diýen pikir Karnegide şol wagtlar peýda boldy.
Deýl Karnegiň işläp düzen leksiýalar kursunyň esasy hut şu
pikirden gelip çykdy. Soňra bu kursy Louell Tomas: «Uly
adamlary okatmagyň iň gowy sistemasy» diýip atlandyrdy.
Kolleji tamamlandan soň, Karnegini işe çagyran söwda
guramalary köp bolýar. Karnegi teklipleriň birini kabul edenem
bolsa az mahal işlän döwründe işde üstünlik gazananam bolsa,
bu ugurda uzak işlemeýär. Munuňam sebäbi: adamlaryň özüne
bolan ynamyny güýçleýdirmek hem ony praktikada synap
görmek niýeti boldy. Ol şu işi amala aşyrsa, jemgyýete uly
peýda getirerin diýip hasap etdi. Karnegi şu maksat bilen Nýuýorka ugraýar.
Uorrennsbergden gidenden iki hepde geçenden soň, ol
Karky Manhetteniň 125-nji jaýynda ýerleşýän Ýaş ýigitleriň
hristian assosiasiýasynyň (ÝaÝHa) ýolbaşçylary bilen kurs
5

açmak barada gürrüňleşdi. Karnegi ýüregine düwen kursuny
açmak üçin mundan amatly ýer ýok hasap edipdir. Emma bu
guramanyň ýolbaşçylary ilkibaşda Karnegä kembaha
garapdyrlar. ÝaÝHa-da leksiýa okaýan mugallymlaryň her
leksiýasy üçin adatça iki dollar töleýän ekenler. Karnegiň heniz
näbelli, hiç ýerde synalyp görülmedik kursy üçin onça pul
bermek islemändirler. Karnegi raýyndan gaýtmandyr. Leksiýa
diňlemäge isleg bildirenlerden ýygnanjak pula razydygyny
aýdyp, kurs açmaga kömek etmeklerini haýyş edipdir. ÝaÝHanyň ýolbaşçylary şondan soň, oňa kurs açmaga mümkinçilik
döredipdirler.1912-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Deýl Karnegi
öz açan kursunyň ilkinji toparynda leksiýa okap başlaýar.
Birnäçe aý geçenden soň, onuň kursy şeýle bir meşhurlyk
gazanýar, hälki iki dollar tölemäge razy bolmaýan ÝaÝHa-nyň
ýolbaşçylary indi onuň her gün agşamky leksiýasy üçin otuz
dollar tölemeli bolýarlar.Karnegiň Nýu-Ýorkdaky üstünliklerini
eşidip, ÝaÝHa-nyň beýleki şäherlerdaki direktorlary hem onuň
kursuny özleriniň okuw programmalaryna girizip, Deýliň
leksiýa okap bermegini haýyş edip başladylar. Munuň yzy süre
beýleki professnional klublar hem şeýle haýyşlar bilen ýüz
tutdular. Şunluk bilen Karnegiň üsti haýyşdan ýaňa gömülgi
boldy. Indi onuň dynç almaga-da wagty galmady. Şuňa
garamazdan Karnegi işleýärdi hem gitdikçe leksiýalaryny
kämilleşdirýärdi. Ynsan aragatnaşyklarynyň prinsipleri barada
kiçijik kitapçalar neşir etdirýärdi. Okuwçylary ol kitaplary
gyzyklanmak bilen okap, onda ýazylan zatlary gündelik
durmuşlarynda synag edip görýärdiler.
1933-nji ýylda Nýu-ýork ştatynyň Larçmont şäherinde
«Saýmon end Şuster» neşirýatynyň baş iş dolandyryjysy Leon
6

Şimkin Karnegiň kursunyň diňleýjisi bolýar. Leksiýalar oňa
örän güýçli täsir edipdir. Şondan soň ol Karnegä leksiýalaryny
bir sistema salyp, ony kitap görnüşinde okyjylara
hödürlemekligi maslahat berýär we beýle kitabyň ýerde
ýatmajakdygyny aýdýar. Şunlukda, 1936-njy ýylyň 12-nji
noýabrynda eliňizdaki kitap dünýä inýär, Leon Şimkini
duýgulary aldaman eken, görşüňiz ýaly, ol hazire çenli hem
ýerde ýatanok.
TERJIMEÇILER
7

Louell Tomas
MEŞHURLYGA TARAP IŇ GYSGA ÝOL
Geçen ýylyň ýanwarynyň sowuk agşamlarynyň birinde iki
ýarym
müň
adam
Nýu-ýork
«Pensilwaniýa»
myhmanhanasynyň uly tans zalyna ýygnandy sekiziň ýarynda
hemme ýerler eýelendi. Zala girmek isleýänler sekizde-de
topar-topar bolup gelip durdular. Birsalymdan uly eýwan
hyryn-dykyn boldy. Indi zala alma atsaň ýere gaçjak däldi. Uzyn
gün işden aryp gelen adamlar şol agşam bir ýarym sagat aýak
ustünde dik durdular. Nämäniň hatyrasynadyr öýdýärsiňiz?
Täze egin-eşikleriň modalaryna ýa-da welosiped sürüjileriň
alty günlük ýaryşynyň finalyna tomaşa etmek üçinmi, ýa
bolmasa kinoaktýor Klark Geýbliň ýüzüne seretmek üçinmi?
Ýok! Gazetde çykan bir bildiriş adamlary bu ýere ýygnapdy.
Gazetiň bir sahypasyny tutup duran şol bildiriş Nýu-ýorkuň
«San» gazetinde mundan iki gün öň peýda bolupdy. Köpleriň
gözüne ilen şol bildirişde şeýle sözlem bardy:
«Girdejileriňizi artdyryň;
Sözi başarnykly peýdalanmagy öwreniň;
Ýolbaşçy bolmaga taýynlanyň».
Könemi? Hawa, ýöne ynansanyz ynanyň, ynanmasaňyz
ynanmaň welin, şeýle wakanyň bolany çyn. Dürli täsin
habarlardan ýaňa eljirän, halkyň ýigrimi prosenti işsizligi üçin
kömek alýan şäheriň iki ýarym müň adamy agşamlaryny
maşgalalarynyň
arasynda
geçirmän,
«Pensilwaniýa»
myhmanhanasyna howlukdylar.
Onsoňam ol bildirişiň hälki bir köçe gazetinde çykman, Nýu8

Ýorkuň iň bir konserwatiw gazeti bolan «San» gazetinde
çykandygyny bek belläň. Bildirişe imrinenler bolsa, jemgyetiň
ykdysadyýet bilen iş salyşýan adamlarynyň ýokary gatlagyna
degişliler boldy. Olaryň köpüsi ýyllyk girdejileri ondan elli müň
dollara ýetýän ýolbaşçy, spesialist hem işewür adamlardy.
Bular oratorlyk sungaty hem adamlaryň aragatnaşyk
meseleleri boýunça iň bir döwrebap, gündelik durmuşda
ulanmak üçin ähmiýetli usuly öwrenýän Deýl Karnegiň
Instituty tarapyndan hödürlenýän «Sözi başarnykly
peýdalanmagyň sungaty we işewür dünýäde adamlara täsir
etmegiň usullary» diýen kursuň açylyşyna gatnaşmaga
ýygnanypdylar.
Ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bolan iki ýarym müň
aýal-erkegiň bu kursa teşneliginiň sebäbi nämekä?
Belki, ýurtda dörän ykdysady durgunlyk zerarly, olarda
bilimlerini artdyrmak islegi dörändir?
Ýok, bu çenimiz hakykata gabat gelenok. Sebäbi Nýu-ýorkuň
hyryn-dykyn adamly auditoriýalarynda soňky ýigrimi dört
ýylyň dowamynda hut şeýle kurslar her ýyl okadylyp gelinýärdi
ahyryn. Şonça wagtyň dowamynda on bäş müňdenem gowrak
spesialistler we işewür adamlar Deýl Karnegiden tälim
alypdylar. Hatda: «Westigauz elektrik», «Mak-Grou-Hill
pablişing kampani», «Bruklin ýunion ges kampani», Brukliniň
söwda palatasy, amerikanyň injener-elektrik instituty, «NýuÝork telefon kampaň» ýaly uly hem şeýle kurslara kinaýaly
garaýan konserwatiw guramalar hem gullukçylaryny, ýolbaşçy
işgärlerini şu programma bilen okadýardylar.
Başlangyç we orta mekdepleri, kollejleri gutaran adamlaryň
on-on iki ýyldan soň ýokardaky ýaly kurslarda okamaly
9

bolýanlygy, biziň bilim beriş sistemamyzyň düýpli kemçiligidir.
Hakykatda uly adamlar nämäni öwrenmek isleýär? Bu örän
möhüm sowala jogap bermek üçin Çikago uniweresteti uly
adamlary okatmagyň amerikan assosiasiýasy we HaML
birleşen mekdepleri ýigrimi bäş müň dollar harç edip, iki ýyllap
ýörite barlaglar geçirdiler.
Geçirilen barlaglar: uly adamlary esasy gyzyklandyrýan zat
— olaryň saglygydyny kesgitledi. Uly adamlary ikinji nobatda
gyzyklandyrýan zadam: adamlar bilen aragatnaşygy gowy ýola
goýmak, oňşup ýaşamak we olara täsir etmek bolup çykdy.
Adamlaryň köpüsinde orator bolmak niýeti ýok, şonuň üçinem
olara psihologiýa barada agyz dolduryp eden gürrüňleriň
ýokanok. Şonuň üçinem uly adamlara işde, öýde, tanyş-bilişleri,
dogan-gardaşlary bilen aragatnaşykda ulanar ýaly ýönekeý
maslahatlar gerek.
Şunlukda, uly adamlar hakykatdanam şu zatlary öwrenmek
isleýärler diýen netijä gelip bolarmy?
Barlagçylar
muny«bolar»
hasaplap,
bu
islegleri
kanagatlandyryp biljekdiklerine heşelle kakdylar.
Emma, haçanda şu ugra degişli okuw kitaby gözlenip
ugralanda, ynsanara gatnaşyklarda gündelik gabat gelýän
kynçylyklary asan edip biljek gündelik maslahatçy bolmaly
kitap heniz hiç kim tarapyndan ýazylmandygy mälim boldy.
Haýran galmaly ýagdaý! ýüzläp ýyllaryň dowamynda sada
adama gerek bolmajak grek, latyn dilleri, ýokary matematika
degişli bir näçe ylmy işler ýazylypdyr. Emma ýönekeý adama
günüň-gününe gerek bolup duran, oňa maslahatçy, ýol görkeziji
bolup biljek derse degişli hiç bir iş edilmändir.
«Pensilwaniýa» myhmanhanasynyň tans zalynda iki ýarym
10

müň adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan zadynyň sebäbi ine,
şundadyr. Olaryň köp wagtlap gözlän zadyny edil şu ýerde
tapýan bolmaklary mümkin. Gazetdäki bildirişe munça aýalerkegiň höwesek imrinmesiniň sebäbini hem şundan
gözlemeli.
Bular orta mekdepde, kollejde jan edip, kitap baryny agtaryp
okap ýörkäler, hunärleri boýunça şowly işlemek diňe aljak
bilimlerine bagly bolar şolam maşgalany, kärhanany
dolandyrmaga, baýlyk toplamaga kömek eder öýdýärdiler.
Emma hakykat bularyň garaşyşyndan gödegräk bolup çykdy
iş ýüzünde gabat gelýän zatlar diňe bilime bagly däldi. Birnäçe
ýyl geçenden soň bular näumyt bolup başlady. Şunlukda
lapykeçlik döredi. Bilimli, hünäriňe ökde bolanyň bilen üstünlik
gazanyp bolmaýardy. Işewür dünýäde has uly üstünlikler
gazanmak üçin bilimden, hünäriňe ökdelikden daşgaryn,
ýerlikli geplemäni, özgeleri öz garaýyşlaryna imrindirmäni
hem öz matlaplaryňy wagyz etmäni, şu zatlaryň üsti bilenem
özüňi ile tanatmany başarmalydy.
Senagat we maliýe işleriniň çäginde ýolbaşçy wezipeleri
eýelemekde ugurtapyjylygyň, hususy häsiýetleriň we gepe
çeperligiň latyn işliklerini bilmekden ýa-da Garward
uniwersitetiniň diplomyndan has zerurdygyna olar göz
ýetirdiler.
«San» gazetinde peýda bolan bildiriş «Pensilwaniýa»
myhmanhanasyndaky ýygnagyň gyzykly boljakdygyna wada
beripdi. Bu şeýle-de boldy.
Gürrüňi edilýän kursy gutaran adamlaryň on sekizi
mikrofonyň öňünde hatara durdy. Şolaryň on bäşisine öz
hekaýatlaryny aýtmak üçin bary-ýogy ýetmiş bäş sekuntdan
11

wagt berildi. Şondan soň serenjam beriji ýolbaşçy çekijini urup:
«Siziň wagtyňyz gutardy! Indiki orator!» diýip, yglan edýärdi.
Düzlükden dabyrdaşyp eňip barýan ýabany öküzleriň
sürüsiniň tizligi ýaly, hereket çalt dowam edýärdi. Tomaşaçylar
bu spektakla dik durup bir ýarym sagat seretdiler.
Çykyş edenleriň arasynda ABŞ-yň işjeň toparlarynyň dürli
wekilleri bardy. Olar: birmeňzeş ownuk söwda magazinlerine
eýelik edýän firmanyň administratoryndan, çörek bişirijiden,
haýsydyr bir söwda assosiasiýasynyň prawleniýesiniň
başlygyndan, iki bankirden, ýük maşynlaryny satyjy agentden,
himiki önümleri satyjy agentden, strahowaniýe agentinden,
kerpiç örüjiler assosiasiýasynyň sekretaryndan, buhgalterden,
diş doktaryndan, «Hristian ylmy» guramasynyň wekilinden,
Indianapolisden
Nýu-Ýorka
kursda
okamaga
gelen
dermanhana eýesinden, diňe üç minutlyk örän möhüm çykyşa
taýýarlanmak üçin Gawanadan gelen aklawjydan ybaratdy.
Birinji çykyş eden oratoryň ady şotlantlardan bölünip çykan
millet bolan gelleriň adyna meňzeşdi. Oňa Patrik J. 0’Heýr
diýýärdiler. Ol Irlandiýada doglupdyr, bary-ýogy dört ýyl
mekdebe gatnapdyr amerika gelip, ilkibada mehanik, sonra
şofýor bolup işläpdir.
Şunlukda, onuň kyrk ýaşy dolupdyr, çaga basypdyr, olary
eklemek üçin köpräk harjy gerek bolupdyr. Şonuň üçinem ol
ýük maşynlaryny satýan agent bolup işe geçmäge
synanyşypdyr. Özüniň aýtmagyna görä, bu adam özüne
kembaha garamakdan ejir çekýän eken. Şol sebäpli ýaňky täze
işe girjek firmasynyň gapysyny açmaga utanyp, onun
töwereginde zowzanaklap ýörüpdir ahyry işe girenden soňam
söwda agenti bolmak onuň maňzyna batmandyr. Işden
12

çykarman bolup, öňki kärini dowam etdirjek bolup ýörkä-de
Deýl Karnegiň ýerlikli geplemek sungatyny öwredýän
kursunyň
diňleýjileriniň
guramaçylyk
ýygnagyna
çagyrylypdyr. «Barsam ýokary bilimli sowatly adamlaryň
arasyna düşüp aljyraryn» diýen gorky bilen, onuň ýygnaga-da
gidesi gelmändir.
Güzeran zerarly herki zatdan dalda gözläp, ýapyşalga tapsa,
ýapyşmaga kaýyl aýalyna ony yrmak başardypdyr. Ol: «Munuň
saňa delalaty degmegi mümkin. Pat, hudaýyň nireden berjegini
bilip bolmaz, sen şoňa git» diýipdir. Ol ýygnak geçjek ýere
gaýdypdyr. Gelip jaýa girmäge het edibilmän, bäş minut dagy
gapyda durupdyr.
Ilkibaşda çykyş etmäge birnäçe gezek synanyşanda, onuň
gorkudan ýaňa başy aýlanypdyr. Hepdeler geçipdir, onda özüne
ynam güýçlenipdir. Kem-kem ýaňkyda çekinjeňlikden, gorkyürküden nyşan galmandyr, gaýtam uly auditoriýanyň öňünde
çykyş etmek oňa ýarap başlapdyr. Diňleýän adam näçe köp
boldugyça, onuň gepläsi gelip ugrapdyr. Şunlukda ol käbir
adamlardyr müşderilerinden çekinmesini düýpgöter taşlapdyr.
Patyň girdejisi birden ýokary galypdyr. Häzir ol Nýu-Ýorkuň iň
gowy söwda agentleriniň biridir. Şol gün agşam Patrik 0’Heýr
«Pensilwaniýa» myhmanhanasynda, iki ýarym müň diňleýjiniň
öňünde öz üstünlikleriniň geň galdyryjy taryhyny gürrüň berdi.
Zal gülküden ýaňa ýarylaýyn diýýärdi. Şeýle şowly çykyş, diňe
käbir professional oratorlara başardar.
Indiki sözi on bir çaganyň atasy, ak saçly bankir alýar. Ol
birinji gezek klasda geplejek bolanda onuň dili tutulan eken.
Godfri Meýer diýilýän bu adamyň şonda beýnisi işlemändir.
Meýeriň taryhy— ýolbaşçy poýetlary diňe ussat geplemegi
13

başarýan adamlaryň eýeleýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Meýer häzir Uolli-stritde (Nýu-Ýorkdaky esasy banklaryň
uly konsernleriň, birja fondlarynyň ýerleşýän köçesi) işleýär. Ol
ozal ýigrimi bäş ýyllap Nýu-Jersi ştatynyň Klifton şäherinde
ýaşapdyr. Şol wagtlar Meýer jemgyetçilik işlerine işeňňir
gatnaşmandyr. Ony şäheriň bäş ýüz töweregi adamy tanaýar
eken.
Karnegiň kursuna gatnap ugranynyň yz ýanlary oňa salgyt
töleginiň hatyny gowşurýarlar. Salgydy adalatsyz hasap
edýänligi üçin, ol gahar atyna atlanýar adatça şeýle halatlarda
ol öýünden çykman hum ýaly çişip oturar eken. Haty
goňşularyna görkezip, zeýrenip, jibirdäp içini sowadýarmyşyn.
Emma şol agşam ol adaty häsiýetinden el çekip, şlýapasyny
kellesine sokupdyr-da, şäher boýunça ýüze çykýan meseleleri
çözmek üçin ýygnanýan saýlawçylaryň ýygnagyna düňk
ýasapdyr. Şol ýerdede köpçüligiň öňüne çykyp, gepläp göwün
solpudan çykypdyr.
Şeýle gahar-gazaply çykyşyň täsirine düşen Kliftonyň
grajdanlary, geljekki saýlawda öz kanditaturasyny şäher
munisipalitetine görkezmegini tutanýerli haýyş edip
başlapdyrlar. Şunuň bilen baglylykda ol bir ýygnakdan çyksa,
beýlekä baryp, şäheriň munisipal häkimýetleriniň serişdeleri
bisarpa tutuşyny, harajatlary artykmaç sowuşlaryny ýazgaryp,
birnäçe hepdäniň dowamynda yzygiderli çykyş edýär.
Şäheriň munisipalitetine togsan alty sany kandidat
görkezilipdir. Haçanda sesler sanalanda Godfri Meýeriň ady
birinji ýerde eken, Ol sähelçe wagtyň içinde kyrk müň ýaşaýjyly
şäherde iň bir tanymal adama öwrülip ötägidipdir. Köpçüligiň
öňünde çykyp geplemeler Meýere ozalky ýigrimi bäş ýyldaky
14

tutan dostlaryndan segsen esse köp dost gazanmaga
mümkinçilik berdi. Bu hadysanyň bary-ýogy alty hepdäniň
içinde bolup geçendigi has-da geň galdyryjydyr.
Onuň aýlyk gazanjy bolsa munisipalitetin çleni hökmünde
ozalkysyndan müň prosent artdy.
Üçünji orator gaty iri azyk önümleri fabrikantlarynyň
assosiasiýasynyň başlygydy. Ol ozal direktorlaryň sowetleriniň
ýygnaklarynda ýerinden turmaga-da çekinýändigini gürrüň
berdi. Ýaňky öz pikirini köpçülige ussatlyk bilen düşündirip
ugrandan soň, iki sany geň hadysa bolupdyr. Ony basym öz
assosiasiýalarynyň prawleniýesiniň başlyklygyna saýlapdyrlar.
Bu wezipe ony ABŞ-yň dürli künjeklerinde çykyş etmäge borçly
edipdir. Onuň eden çykyşlarynyň käbiri assoşeýted Press
agentligi tarapyndan ýurduň gazet-jurnallarynda çap edilip
giňden ýaýradylypdyr.
Ol çykyş etmäni öwrenenden soňky geçen iki ýylyň
dowamynda kompaniýalarynyň we onuň goýberýän
önümleriniň reklamasyny öň çärýek million harçlap ýaýradýan
gönümel reklamalaryndanam giň propagandirlemegi başardy.
Ol ozal aşaky Manhettendäki käbir ýolbaşçylara jaň etmäge-de,
olary käte nahara çagyrmaga-da çekinip gezendigini boýun
aldy. Emma indi welin şol adamlaryň özleri oňa jaň edýärler,
ertirlik nahara çagyrýarlar, üstesine-de gymmatly wagtyny
alandyklary üçin ötünç soraýarlar. Ýerlikli geplemegiň gudraty
gör, nähili eken.
Çykyş etmegi başarmak tanymallyga sary barýan iň gysga
ýoldur. Bu ukyp adamy adamlaryň üns merkezinde saklaýar
adatça gowy, ýerlikli gürlemäni başarýan adamlara onuň asla
ukyby bolmadyk zatlaryny hem başarýandyr öýdýärler.
15

Häzirki günlerde biziň ýurdumyzda uly adamlary okatmak
hereketi diýseň okgunly ösýär. Bu hereketiň iň netijeli
wekilleriniň biri Deýl Karnegidir. Ol uly adamlaryň çykyşlaryny
iň köp diňlän we olar barada taňkydy belliklerini aýdan
adamdyr. Riplişn ýaňy-ýakynda peýda bolan «Ynansaňyz
ynanyň, ynanmasaňyz özüňiz biliň» diýen karikatura toparyna
salgylansak, Deýl Karnegi bir ýüz elli müň sany çykyşa tankydy
analiz beripdir. Eger sizi şeýle uly san haýran galdyrmadyk
bolsa, onda siz başga bir zady göz öňüne getiriň. Bu, Kolumbyň
amerikany açaly bäri, tas her gün bir çykyş edildi diýildigidir.
Başgaça aýdanymyzda, her kim Karnegiň gatnaşmagynda baryýogy üç minut çykyş eden bolsa, onda oňa gije-gündiz ýatman,
bir ýylyň dowamynda olary diňlemek gerek bolardy.
Deýl Karnegiň dürli gapma-garşylyklara baý ömri özboluşly
ideýa maýyl hem ony uly ruhybelentlik bilen durmuşa geçirjek
bolan adamyň ýetip biljek derejesini görkezýän aýdyň
mysaldyr.
Ol Missuri ştatynda, demir ýoldan on alty kilometrlikde
ýerleşýän fermada eneden doglupdyr. Karnegi on iki ýaşynda
birinji gezek tramwaýy görüpdir. Şuňa garamazdan ol kyrk
altyýaşynyň içinde ýeriň iň uzak künjekleri bilen tanyş bolmaga
ýetişdi. Gonkongdan Hammerfeste çenli, bir gezek bolsa
Demirgazyk polýusyna-da ýakyn bardy: Onuň Demirgazyk
polýusyndaky baran ýeri admiral Berdiň Litl-amerkadaky ştabkwartirasynyň duran ýerinden Gunorta polýusa çenli bolan
aralykdanam golaýdy.
Bir wagtlar sagadyna bary-ýogy bäş sent hak alyp, ýer
tudanasyny ýygan, ot oran bu missurili oglanjyk indi her
minudyna bir dollar alyp, uly korporasiýalaryň ýolbaşçylaryna
16

pikirlerini aýdyň beýan etmek sungatyny öwredýär.
Bir mahallar Günorta Dakotynyň gunbatar böleginde göle
tagmalap, ýabyň üstünde selkildäp sygyr bakan padyman indi
Ueleiň şazadasynyň hemaýaty bilen Londonda çykyş edýär,
Märeke öňündäki ilkinji bäş-alty çykyşynda düýpli
şowsuzlyga uçran bu ýigit soňra meniň hususy iş dolandyryjym
boldy Deýl Karnegiň ýolbaşçylygy astynda okamagym, meniň
köp üstünliklerimiň hemrasy boldy.
Ýaş Karnegiň bilim almak üçin söken ýoly kyn boldy.
Missury ştatynyň demirgazyk günbatar böleginde ýerleşen
köne fermanyň üstüne köp betbagtçylyklar inip durardy. «102»
atly derýa ýylyň-ýylyna joşýardy, ak ekinleri suw basýardy,
bedäni sil alyp gidýärdi. Her ýyl diýen ýaly semiz doňuzlara
mergi keseli degip, olaryň sany azalýardy. Iri şahly mallaryň we
gatyrlaryň bahasy iň pes derejä düşeni sebäpli, bank ferma
hojaýynlarynyň goýan girewini tölemejekdigi barada haýbat
atýardy.
Halys ruhdan düşen Karnegiň maşgalasy ozalky fermalaryny
satyp, Missuri ştatynyň Uorrensbergdäki mugallymçylyk
kollejiniň golaýynda ýerleşýän täze bir fermany satyn aldylar.
Şol mahallar günüňe bir dollara kireýine jaý alsaň, iýmitiňem
berýärdiler. Emma ýaş Karnegiň şoňa-da mümkinçiligi ýokdy.
Şu ýagdaý sebäpli ol fermada ýaşap, bäş kilometr töweregi
daşlykdaky kolleje ýabyly gatnap okamaly boldy. Ol fermada
sygyrlary sagýardy, odun aýyrýardy, doňuzlary naharlaýardy.
Işden dynandan soňra bolsa, tä gözi ýumlup, maňlaýyny
kitaplara urýança, ýag çyranyň yşygyna latyn işliklerini
gaýtalap-gaýtalap okaýardy.
Ol ýarym gije ýerine girse-de sagadyny daňdan üçe gurup
17

ýatmaly bolýardy. Sebäbi kakasy dýurok-jersi atly tohum
doňuzlaryny köpeltmegiň arzuwyndady. Gyşyň sowuk
gijelerinde jojuklaryň sowuk alaýmak howpy bolansoň, olary
ilkagşamdan sebede salyp aşhananyň pejiniň ýanynda getirip
goýýardylar. Üstlerini çit halta bilen basyrýardylar. Jojuklar
dilleşen ýaly, daňdan sagat üçde süýt talap edip jygyldaşyp
başlaýardylar. Şol mahalam sagat jyňňyrdap, Deýlini
oýarýardy. Gije jojuklary enesiniň ýanyna äkidip, emip
bolansoňlaram ýene yzyna alyp gaýtmak onuň boýnunady. Deýl
her gyş gijesi syňsyraklap bu işi edýärdi.
Mugallymçylyk kollejiň alty ýüz studenti bardy. Şolaryňam
diňe alty sanysynyň şäherde ýaşamaga mümkinçiligi ýokdy.
Şolaryň biri hem Deýl Karnegidi. Ol her gün okuwdan gelip,
sygyrlary sagmaly bolýardy. Özüne dar bolýan paltosyny, kelte
bolýan jalbaryny geýip kolleje baranda, garypdyklaryna
utanýardy, kemsinýärdi.Şeýdip egnini gysyp ýörşüne, onda
özüne kembaha garamak duýgusy gitdikçe ösýärdi. Şu zerarly
Karnegi deň-duşlaryndan saýlanmagyň iň gysga ýoluny gözläp
başlaýar. Kollejdäki futbol oýnaýan hem oratorçylyk
çekişmelere gatnaşyp, ýeňiji bolýan studentleriň beýlekilere
görä abraýlarynyň galadygyny ol tiz saýgardy.
Sportda tapawutlanyp bilmejegine gözi ýeten Karnegi
dilewarçylyk boýunça geçirilýän ýaryşlarda üstün çykmagy
niýet edinip. Ol birnäçe aýyň dowamynda çykyş etmäge
taýynlandy. Sygyr sagyp otyrka-da, ýabyly kolleje barýarka-da
onuň pişesi owadan geplemekligi öwrenmek boldy. Soňabaka
ol saraýdaky küdäniň üstüne münüp, ellerini kelemenledip,
ürküp pasyrdaşyp uçýan kepderileriň arasynda ýaponlaryň
amerika göçüp gelmegini togtatmak barada uly joşgun bilen söz
18

sözlemäge türgenleşmäni çykardy.
Şeýle yhlas bilen ýapyşsa-da, oňa şowsuzlyk yzyna
şowsuzlyk uçrady. Ol wagtlar Karnegiň bary-ýogy on sekiz ýaşy
bardy. Özem öýkelekdi, tekepbirdi. Şowsuzlyklar ony aljyratdy,
sussypesligini has-da artdyrdy, hatda janyna kast etmek
pikirine hem ýolukdyrdy. Emma garaşylmadyk ýerden ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli - 02