Latin

Don Kihot - Turkmen - 3

Total number of words is 3724
Total number of unique words is 2078
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolmadyk ýaly söweş esbaplaryny ýygnaşdyryp, ýene öňküsi ýaly ikibaka
ýöremäge durdy. Az mahal geçip geçmän, birinji gatyr sürüjiniň düşen
ýagdaýyndan bihabar ikinji gatyr, sürüji hem malyny ýakarman bolup, guýyň
başyna geldi, nowany almak üçin ol hem Don Kihotyň ýarag-esbaplaryny
aýyrmaga durdy, bu gezek Don Kihot dilinem ýarman, hiç kimi kömege-de
çagyrman, galkanyny bir ýana goýup, naýzasyny göterip, ikinji gatyr sürüjiniň hem
depesinden inderdi weli naýza kül-uşak bolman, gatyr sürüjiniň beýnisi üçe däl-de,
dörde bölündi. Bu goha kerwensaraýyň janly-jandary ylgaşyp geldi, şol sanda çişik
hojaýynam geldi. Don Kihot bolsa bir eline galkanyny, beýleki eline gylyjyny alyp
haýkyrdy:
– Eý gözelligiň soltany! Sary giden ýüregimiň güýji hem sarsmaz galasy!
Üstüne eýmenç howp abanýan sadyk guluň bolan rysara merhenetli nazaryňy
aýlamaga wagt ýetdi!
Şu mahal ol göwresinde şeýle bir aýgyt duýdy, hamana bütin dünýäniň
gatyrbanlary üýşüp üstüne çozaýanda-da ýekeje ädim hem yza süýşmäýjek ýalydy.
Gatyr sürüjileriň ýoldaşlary öz dostlarynyň şeýle elhenç ýagdaýa sezewar bolanyny
görüp, ýerli-ýerden Don Kihoty daşlap ugradylar, rysar mümkin boldugyndan
galkany bilen goranýardy, ýarag-esbaplaryny ykbalyň ýowuz oýnuna galdyrmajak
bolup, nowadan çekilmeýärdi. Hojaýyn gatyr sürüjilere gygyrdy, olary rysara
degmezlige yrmaga çalyşdy: sebäp ol olara myhmanyň jynlylygyny aýdypdy,
jynlyny bolsa, öldüräý, peýdasy näme. Emma Don Kihot gitdigiçe has gaty
gygyrýardy: gatyr sürüjileri ol dönük, bimessep diýip aýyplaýardy, galanyň
hojaýynyň bolsa beýle bişeýkellige ýol bereni üçin, jahandar rysara beýle
daryşdyrandygy üçin, rehim-şepagatsyz bieden kabalýero diýýärdi, onuň üstüne-de
eger Don Kihot rysarlyga ak pata alaýsa, hojýyn ähtiýalanlygy üçin jogap bermeli
boljakdygyny goşýardy.
– A men bi hapysa hem nejis garamaýaklary ýigrenýärin! Daş aýlaň, golaýyma
geliň, geliň, ýakynrak, çozuň üstüme, etjegiňizi ediň, häzir siz gödek hem kemakyl
hereketiňiz üçin jogap bermeli borsuňyz!
Don Kihotyň sesinde elhenç söweşjeňlik ýaňlanýardy, bu bolsa onuň
duşmanlarynyň howuny basyp ugrady, bir tarapdan abanýan gorky zerarly, beýleki
tarapdan hojýynyň getirýän delilini makullan gatyr sürüjileri ony daşlamany
21
goýbolsun etdiler. Don Kihot bolsa öňküsi ýaly merdanalyk bilen öz ýaragesbaplaryny goramaga girişdi hem olara ýaradarlaryny ýygnamaga razylyk berdi.
Myhmanyň hokgalary hojaýynyň ýüregine düşdi, ol onuň soňuna sogan ekmek
üçin hem myhman has beter bir zat toslamanka, dereje bermek dessuryny geçirip
dynmak isledi. Ol onuň alkymyna baryp, özünden biidin bi nejis milletiň oňa şeýle
haýynlyk bilen daryşany üçin ötünç sorady, olara berk çäre görjekdigine söz berdi.
Soňra ol galada buthananyň ýokdugyny, häzirki zamanda oňa bolan zerurlygyň
hem galmanlygyny nygtady, oňa mälim bolşuna görä, rysarlyga ak pata bermek
dessury – ýeňsesine kakyp, ýagyrnysynyň ýüzüne şpaga bilen doňdurmakdan
ybaratdy, ony bolsa islendik meýdanda hem üstünlik bilen geçirip bolýardy: a
ýaragly çöwür çekmek işinem bes etmelidi, sebäp soňky döwürlerde bary-ýogy iki
sagat şöwür çekilmelidi, a Don Kihot bolsa eýýäm dört sagat bäri ýaragly şöwür
çekýärdi. Don Kihot onuň samahyllamalaryna güp ynandy hem özüniň
tabynlygyny äşgär edip basymrak rysarlyga dereje beriş dessuryny geçirmegi teklip
etdi, eger-de Don Kihot rysarlyga göterilensoň, duşmanlary oňa topulaýsa, şeýle
ýagdaýda galanyň içinde ýekeje diri adam goýmajakdygyny duýdurdy, elbetde,
galanyň hojaýyny kimdir biriniň diri galmagyna islese, haýyş edip biljekdigini hem
aýtdy.
Gorkydan imany öçen hojaýyn akmak däldi, ol sözüni gutaran badyna dessine
gatyr sürüjilere günde näçe süle, näçe saman berýänini ýazýan kitabyny hem hälki
zenanlary alyp geldi. Ol eli jotda şemli hyzmatkäri hem hälki zenanlar bilen Don
Kihotyň ýanyna bardy, oňa dyza çökmäge buýruk berdi, hamana keramatly kitap
okaýan ýaly mydyrdap durşuna onuň ýeňsesine kemsiz doňdurdy, ýene doga okan
ýaly samyrdap-samyrdap rysaryň hut öz şpagasy bilen ýagyrnysynyň gözüne-de
ýapdy. Doga okama dessuryny berjaý eden hojaýyn ýaňky jelepleriň birinde Don
Kihotyň biline gylyç guşamagy tabşyrdy, köpi gören tula-da, bu işi örän ussatlyk
hem adatdan daşary çalasynlyk bilen ýerine ýetirdi, göräýmäge bu iş ýeňil däl
ýalam bolsa, ýeňil däldi, sebäp, bi dessuryň bir ýerinde pyňkyraýmagyň daş däldi,
ýöne täze dörän bu rysaryň hälki eden işleri ýadyna düşende olaryň gülküleri
erinlerinde doňup galypdy.
– Goý, taňry siziň aly jenabyňyza ähli rysarlardan gaýratly bolmaga kömek
etsin, ähli garpyşykda işiňiz şow bolsun – diýip, onuň biline gylyç guşap duran
senora hormat bilen dillendi.
Don Kihot özüne şeýle peýdaly iş eden adamyň adyny hökman biläýmelidigini,
çünki ol gaýratly goly bilen gazanjak beýik ýeňişleriniň abraýyny onuň bilen
bölüşjekdigini aýtdy. Senora adynyň galjaňdygyny, ädikçiniň gyzydygyny,
Toledada doglandygyny, häzirki wagtda Sanço Býenaýynyň bazarynda
ýaşaýandygyny, mundan buýana ol nirede gezse-de öz jenabyna hyzmat
etjekdigini, hormat goýjakdygyny çyna berimsiz edip aýtdy. Don Kihot oňa bolan
hormaty hem söýgüsi üçin adynyň öňüne donýa derejesini goşmaga rugsat
bermegini haýyş etdi we mundan beýläk ony donýa Galjaň diýip
atlandyrjakdygyny aýtdy. Ol razy boldy. Muny gören beýleki zenan onuň ädigine
şporyny dakyp berdi-de, jorasynyň sözünden dabarasy, göçgüni pes bolmadyk
nutuk sözledi. Don Kihot onuň hem adyny sorady, ol özüniň adynyň
Ýeňilkelledigini, aňtekerli degirmençiniň gyzydygyny aýtdy. Don Kihot oňa-da öz
22
hyzmatyny hem penasyny teklip edip, onuň adyna hem donýa derejesini
goşjakdygyny, mundan buýana oňa donýa Ýeňilkelle diýip ýüzlenjekdigini habar
berdi. Adatdan daşary dessur tamam bolan badyna, Don Kihot ýelekden ýeňil
gopup atyna atlanmaga howlukdy: gyzykly hadysa sabyr bilen garaşmaga onuň
takady ýetenokdy. Ol Rosinanty desbi-dähil eýerläp, hojaýyny gujaklap, özüni
rysarlyga götereni üçin alkyş baryny aýdyp, itiň içegesi ýaly çylşyrymly jümleler
bilen minnetdarlyk bildirip, atyna gondy. Don Kihotyň kerwensaraýdan gidýänine
begenen, emma begenýändigini bildirmejek bolup jan edýän hojaýyn, myhman
bolany üçin ondan gara şaýy alman, gysga jümleler bilen hoşlaşdy. Don Kihot sagsalamat ýola düşdi.
IV BAŞ
Munda kerwensaraýdan ugran rysaryň ýeneki waka uçraýşy hekaýat edilýär.
Saba-saba Don Kihot şatlanyp, bagtdan ýaňa tolgunyp, özüniň rysarlyga
göterilenine buýsançdan ýaňa eýerde-de oturyp bilmän kerwensaraýdan çykdy. Şol
bada-da onuň hakydasyna hojaýynyň beren pendi düşdi, ol atyň jylawuny obasyna
bakan öwrüp, ýanyna zerur bolan zatlary almagy makul bildi, esasy zat hem tämiz
çalşyrgyç köýnek: ýaragdar edip bolsa öz obadaşy, garyp, çagalary köp bir daýhan
almagy dogry tapdy, çünki ol ýaragdarlyk üçin ýasalan ýalydy, ýaragdaryň etmeli
işiniň hötdesinden şondan gowy gelip biljek ýokdy. Şol maksat bilen ol Rosinantyň
ýüzüni oba tarap öwürdi weli, at janawar ýyly ýatagyny duýandanmy-nämemi, asyl
toýnaklary ýere galtaşman ýorgalap barýar.
Don Kihot ýörän bolsa sähelçe ýol ýörändir, birden onuň gulagyna tokaýyň
jümmüşinden kimdir biriniň iňňildisine çalymdaş ses gelip ugrady, ol ony eşiden
badyna atyny şol ýana sürdi:
– Maňa eden merhemeti üçin, Asman şan-şöhrat bolsun, ol maňa hiç bir pursat
geçmänkä, rysarlyk borjuny berjaý etmäge, ýagşy niýetleriniň hasylyny
ýygnamaga ajaýyp mümkinçilik döretdi oturyberdi. Bu iňňildiniň kömege mätäç
bir pukaranyňkydygyna ýa-da ejiz naçaryňkydygyna şübhe bolup bilmez, onuň
meniň goragyma hem penama mätäçligi görnüp dur.
Şu sözleri aýdyp, jylawy silkip goýberip, atyny gyssap iňňildiň gelýän ýerine
howlukdy. Tokaýa girip sähel ýöränsoň, ol dub agajyna daňylgy bir baýtaly, başga
bir dub agajyna daňylan, göbeginden ýokarsy ýalaňaç ýaş oglany gördi, ine şol
oglanam aldygyna iňňildeýärdi. Bir bedehät daýhan bolsa uranyny az görýän ýaly,
her gamçy salanda oňa hem iňirdeýärdi, hem akarat berýärdi:
– Ahmal bolma, bir ýerde dil ýaraýsaň, diliňe dag basaryn!
– Gaýdyp beýtmäýin, aga, hudaýym Isadan ant içýän, gaýdyp sürüden gözümi
aýyrmaýyn – oglan ýalbarýardy.
Bu bolýan wakalary gözi bilen gören Don Kihot arlady:
– Biedep rysar! Özüni goramaga küşdi ýetmeýän oglanjyga sütem etmäge
utanmadyňyzmy?! Naýzaňyzy eliňize alyň, atyňyza münüň, men bi edip duran
işiňiziň gaty peslikdigini subut edeýin – bir zady bellemek gerek, daýhanyňam
naýzasy bardy, ol ony baýtalyny daňan dubuna söýäp goýupdy.
23
Daýhan ýarag-şaýy gurat kişiniň üstüne abanyp, eňeginiň aşagynda naýza
oýnalyp durşuna görüp ajalynyň ýetendigine ynandy.
– Senor kabalýero! – Daýhan ýaranjaňlyk bilen söze başlady: – Men goýnumy
bakýan bu oglanjyga, ýagny hyzmatkärime ýönelige temmi beremok, bi mahaw
zerarly her gün meniň sürimden bir goýun, iki goýup ýitip gelýär. Men muňa işe
sowuk-salalygy üçin jeza berýän, dogrusy şeýtanlygy üçin, onuň goýnumy ýitireniýitireni gaýta, gysyklygym üçin munuň aýlygyny tölemejek bolup ýitmedik
goýnuňy ýitdi diýýämişim, gör, munuň tapyp ýören zadyny, men alladan ant içýän,
bi ýalan sözleýär.
– Gödek gurrumsak, meniň barymda siz oňa nädip ýalan sözleýär diýmäge het
edip bilýäňiz! – Rysar haýkyrdy. – Jümle-jahana şuglasyny saçyp duran Günden
ant içýän, häziriň özünde men naýzamy siziň hapysa göwräňizden parran geçirerin!
Hiç bir buýtar-suýtarsyz, dessine onuň hakyny töläň, ýogsa alla şaýat bor, men sizi
parça-parça edip kokunyňyzy iýerin. Bol bejit, onuň elini çözüň!
Obaly daýhan başyny aşak salyp, dem-düýdüni çykarman, oglany boşatdy. Don
Kihot hyzmatkärden hojaýynyň näçe puluny bermändigini sorady. Oglan dokuz
aýyň ýedi realdan hakyny bermändigini aýtdy. Don Kihot ony içinden hasaplap
görüp, jemi altmyş üç real bolýandygyny, eger janyna haýpy gelýän bolsa şu
minudyň özünde tölemelidigini aýtdy. Gorkudan birneme aýňalyp özüne gelen
daýhan oglanyň algysynyň beýle bir kän däldigi barada ant içip awy ýalap ugrady,
sebäp oglan goýnuň yzynda tozduran üç jübüt köwşüniň hem ýaraman ýatanynda
goýberilen gan üçin puly hem aýrylmalydygyny aýtdy.
– Ol şeýledir, emma siz muny ýersiz-ýere ýençdiňiz, şol urgulary köwüşleriň
hem goýberilen ganyň bahasy hasap edýäris. Sebäp ol satyn alyp beren
aýakgabyňyzy ýyrtan bolsa, siz onuň hut öz derisini ýyrtdyňyz! Dellek ýarawsyz
mahaly oňa gan goýberen bolsa, siz sagatka onuň ganyny dökdüňiz! Şeýlelikde, siz
hutma-hut, aýlygyny bolsa derrew töläň! – diýip, Don Kihot adalatly netijä geldi.
– Jenap kabalýero, ýaman ýeri men ýanym bilen pul götermändirin, goý,
Andreas meniň bilen oba gitsin, men öýe bardygym hakyny töläýin.
– Men muň bilen onuň öýüne giderinmi?! Näme meniň kelläm ýerinde dälmi!
Senýor asylha gitmen! Eger siz gidip, men munuň bilen bile galsam, keramatly
Worfolemeýiň hamyny sypyryşlary ýaly derimi soýar!
– Ol beýdip bilmez. – Don Kihot garşy çykdy. – Men oňa höküm ederin, ol
meni diňlemezlige milt edip bilmez. Goý, ol haýsy rysar ordenine degişlidigini
aýtsyn ýa-da dört tarapy açyk, islän ýerine gidibersin, a seniň puluňy tölejekdigine
bolsa men kepil geçýärin.
– Merhemet ediň, jenap, siz nämeler aýdyp dursuňyz, meniň hojaýynym asla
rysar däl, hiç bir rysar ordenine degişli ýerem ýok, bu Huan Aldudo, Kintanar
obasyndan bolan baý daýhan.
– Onuň parhy ýok. Aldudo hem rysar bolup biler. Onsoňam her kişä edýän işi
boýunça baha bermelidir – diýip, Don Kihot oglana aýtdy.
– Onyňyz dogry – Andreas ylalaşdy – meniň gara derimi döküp gazanan
zähmet hakymy bermekden boýun towlasa, siz meniň hojaýynyma näme edersiňiz?
– Doganym, oglum Andreas, men näme hakyňy bermekden boýun
gaçyrýanmy? – Daýhan özelenip ugrady. – Merhemet et, gideli, dünýäň ýüzünde
24
näçe örňän bolsa, şonça rysar ordenlerinden ant içýärin, seniň gara şaýyňy
galdyrman, ählisini tölejekdigime şek-şübhe bolup bilmez! Hoş bolup tölärin.
– Hoş bolman töleseň hem bolar, siz oňa näçe tölemeli bolsaňyz, töläň, sizden
talap şeýle! Emma eden kasamyňyza hormat goýuň, eger-de oglanyň hakyny
bermekden boýun gaçyrsaňyz, menem siziň içen kasamyňyz ýaly kasam içýän,
ýere girseňiz gulagyňyzdan çekip çykaryn, asmana uçsaňyz aýagyňyzdan. Soňam
bir temmi berşime bakyň! – Don Kihot azm urdy. Size höküm edip duranyň
kimdigini tanajak bolsaňyz maňa Don Kihot Lamançly diýerler, ezilenleriň,
kemsidilenleriň penakäri! Allany unutmaň, eger-de eden wadaňyzdan,
kasamyňyzdan ýüz dönderseňiz, mydama meniň gazabym depäňizden ajal halkasy
ýaly sallanyp durjakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň!
Ol sözüni tamam edip, Rosinantyň böwrüne ökjesi bilen depdi-de, dessine
tokaýa siňip gitdi. Daýhan onuň yzyndan garap, tokaýdan çykyp gidenine kemsiz
göz ýetirip, Andreasyň ýanyna baryp şeý diýdi:
– Gel-le bärik, oglum, men ezilenleriň hem kemsidilenleriň buýrugyny berjaý
edeýin hem seniň hakyňy töläýin.
– Men oňa birjigem şübhelenemok, siziň aly jenabyňyz – Andreas göwnühoş
gürledi. – Mylakatly rysaryň buýrugyndan çykmajagyňyzy bilýärin, goý, alla oňa
müň ýaş bersin, gör, nähili batyr, gör, nähili adalatly rysar, eger siz meniň hakymy
tölemeseňiz, keramatly Rokeden ant içýän, ol hökman dolanyp geler, öz hökümini
gögerder, ana şonda size syçanyň hini müň tylla bolar.
– Menem sähelçe-de şübhelenemok. Men seni nähili gowy görýän, meniň
isteglim, meniň saňa kän bergi edesim gelýär, soňundan üýşürip tölär ýaly...
Daýhan şeý diýen bolup, çalasynlyk bilen oglany tutdy-da, ýaňadan ony duba
sarady, öldir ýaly ýenjip başlady:
– Hany sen kemsidilenleriň hossaryny çagyr bakaly, jenap Andreas, göreli oň
saňa hossarlyk edişini! Meniň pikirimçe, seniň hezzetiňi ýaňy kemterräk etdim.
Hamyňy sypyr-sypyr diýip elim gijäp dur.
Urmakdan özi ýadap, özi irip ahyry oglany boşadyp, hökümini amal eder ýaly,
penakäriňi gözle diýip, kowup goýberdi. Çopan ýüzüni turşadyp edermen rysar
Don Kihot Lamançlyny tapyp, oňa bolan ýagdaýy gürrüň berip, aryny hem hakyny
aldyrmaga rysaryň gözlegine çykdy. Onuň ýarym ýaş bolup barşyna daýhan hezil
etdi. Bu mahal edermen Don Kihot ejiziň arkasyny alandygyna, ykbalyň rysarlyga
bolan ilkinji gadamyna bagtyýar başlangyç berendigine hoş bolup, buýsançdan
tolgunyp öz obasyna tarap barýardy, ol pyşyrdap:
– Eý, gözelleriň gözeli, Dulsineýa Tobosly, sen ýeriň ýüzünde ýaşap ýören
zenanlaryň içinde bagtyýar zenandygyňyza ynanyp bilersiňiz! Şeýle gaýduwsyz
hem şöhratly rysar siziň näzleriňizi çekmäge, arzuwlaryňyzy amal etmäge boýun
sunujy kişi etmek ykbala hoş ýakdy: Don Kihot Lamançly mydama şonlugyna
galar, çünki ol dek düýn rysar ordenine goşuldy, bu gün eýýäm elhenç şeri kökidamary bilen sogrup, bikanunlygy ýok etdi, nekgendäniň ýaş oglany saýgylaýan
gamçysyny elinden aldy – diýýärdi. Bir salymdan ol çatryga geldi. Ýol dört tarapa
uzaýardy, şonda dessine onuň hyýalynda ýene sergezdan rysarlar janlandy, olar
rysar edehedine görä, mydama ýoluň çar-para bolýan ýerinde durup oýa
batýardylar: Don Kihot gadym rysarlara öýkünip, at başyny çekip oýa batyp durdy25
da, soňundan jylawy goýberip, Rosinanta bil baglap, ony erkine goýdy. Rosinant
bolsa başdaky gelen netijesinden dänmän, göni öwrenişen teblehanasyna garşy
ýumlugyberdi. Takmynan iki mil töweregi ýol geçensoň, birden bir topar adam
göründi, soň görüp otursa, olar Tolel täjirleri bolup, Mursiýa ýüpek almaga barýan
ekenler. Täjirler alty kişidi, ýedi sany hyzmatkär olaryň depelerine saýawan tutup
ugradyp barýardylar; olaryň dördüsi ulaglydy, üçüsi bolsa pyýadady, pyýadalar
gatyr sürüp barýardylar. Olary görenden, Don Kihot täze başdan geçirme agtaryp,
özüni okan romanlarynyň gahrymany sanyp ugrady, şol gahrymanlara meňzäbem
akylly-başly hereket edip, häziriň özünde bir görnükli iş etmegi maksat edindi. Şol
sebäplem ol üzeňňä galyp, naýzasyny häzirläp, galkanyny alnynda tutup, jahandar
rysarlara garaşyp başlady. Ol täjirleri gezende rysar diýip öz ýanyndan kabul edip,
ýoluň üstünde erkin duruberdi, haçanda olar gaty golaýa gelensoň söweşijiniň
şekline girip, sesine bat berdi:
– Siz näçe bolsaňyz-da, parhy ýok, tä dünýäde näçe peri-peýker bolsa şolaryň
ählisinden Lamanjyň imperatory – melikesi gözel diýmeseňiz byt ediji bolaýmaň!
Onuň bu sözlerini diňläp, geň-taň daşky keşbini synlap, täjirler saklandylar: olar
onuň gepinden, özüni alyp barşyndan aklynyň ýerinde däldigini aňdylar, herhal
olar talap edilýän ykrar edilmäniň näme hajatynyň bardygyny has anyklajak
boldular. Mydama özgeleri oýnamaga ýykgyn edýän bir täjir dillendi:
– Jenap kabalýero! Siziň magtaýan ol hormatly perizadyňyzy biz görmesek,
bilmesek. Siz bize ol gözeli görkeziň, ol siziň tassyklaýşyňyz ýaky, hakykatdanam,
owadan bolsa, biz höwes bilen meýletin, siziň hökümiňizi tabyn bolup, onuň
gözelligini ykrar edeli!
– Eger men ony size görkezsem siziň görnüp duran hakykaty ykrar etmegiňiz
kime gerek? – Don Kihot garşy çykdy. – Siz görmän ynanmaly, kepil geçmeli,
tassyklamaly, ant içmeli, ine ähli mesele şonda, ýogsa-da men sizi söweşe
çagyrýaryn, tekepbir hem gurrumsak nekgendeler! Rysarlyk kadasynyň dessury
boýunça çykyberiň meniň garşyma ýeke-ýekeden, ýogsa-da özüňize mahsus
adamjyklaryň edehedine görä baryň meniň üstüme hüjüm ediň. Men özümiň
bütinleý mamlalygyma ynanyp, sizi döş gerip garşy aljak hem merkiňizi berjek.
– Jenap kabalýero! – Ýene täjir dillendi. – Şu ýerde bar bolan ähli hormatly
täjirleriň adyndan men size haýyş bilen ýüzlenýärin: biz görmezden, hiç zat
eşitmezden, hiç zat bilmezden ol perizadyň dünýädäki iň ajaýyp perizatdygyna
kepil geçip, wyždanymyzyň öňünde galplyk edip, üstesine-de Alkarriý we
Estremadur melikelerini kemsidip bilmeris, şol sebäplem, siziň aly hezretiňiz,
adalat eýläp, hiç bolmanda, onuň dyrnak ýalyjak suratyny görkeziň: doňzy
tüýünden tanaýarlar diýipdir könelerimiz, biz onuň suratyny görüp, onuň,
hakykatdanam, deňsiň-taýsyz gözelligine ynanaly hem-de bize şeýle bagt miýesser
edeni üçin size minnetdar bolaly. Boýun alýan, biz onsuzam gaýybana onuň
görküne maýyl bolduk, eger-de suratyny görsek has äşgär bordy, ýagny siziň
magtaýan gözeliňiziň bir gözi gyşyk bolsa-da, bir gözi şully bolup, jikgesi şorlap
dursa-da, siziň hatyraňyz üçin biz ony islendik mynasybyýet bilen ykrar edip
bileris.
– Onuň gözi şully dagy däl, porsy haýwan! – Don Kihotyň kalbynda gazap
alawlaýar, ol haýkyrdy. – Onuň gözünden çorbasy däl-de, nur akýar, ol asmandan
26
inen melek, ondan müşki-anwar ysy gelýär. Gözi çaşam däl, ýagyrnysy hükgem
däl, edil guadarramyň buz iňňesi ýaly syrdam. Elhenç masgaraçylykly jümleleriňiz
üçin, men entek siziň gözüňize görkezerin! Çünki siziň asmandan inen meniň
hökmürowanyma hapa diliňizi ýetirdiňiz!
Ol sözüni tamam edip naýzasyny gezäp şeýlebir gahar-gazap bilen
gürrüňdeşine bakan atyldy, eger-de Rosinant ýolda büdremedik bolanda, täjiriň
jany jähennem bolaýmalydy. Rosinant täjire ýetmän ýykyldy, üstündäki tüwdürilip
honda düşdi: turjak boldy, bolmady – naýza, gylyç, galkan, şpor, tuwulga, gadymy
ýarag esbaplary oňa götertmedi. Ol turjak bolup, dyza, urnup ýatyşyna gygyrýardy:
– Saklanyň gözgyny züwwetdinler, ýigrenji mahluklar, garaşyň! Çünki men öz
günäm zerarly däl-de, atym sebäpli ýykyldym.
Ine, onsoň ýuwaşlygy bilen tapawutlanmaýany görnüp duran gatyr sürüji
şindem atdan agdarylanyň özlerine gargap ýatanyna çydaman, bardy-da, onuň
naýzasyny alyp iki döwdi, saldamly bir bölegi bilen Don Kihotyň ýagyrnysynyň
gözüne çekip başlady, edil ýöne desse bugdaý döwýän ýaly edäýdi. Täjirler
hyzmatkäri köşeşdirmäge hem jenaby öz gününe goýdurmaga jan çekdiler, emma
hyzmatkär kalbyndaky gahar köşeşýänçä ony ýençdi: ol naýzanyň bir bölegi
döwülse, ikinjisini alyp, ýere bagryny berip ýatan betbagt rysary saýgylaýardy.
Rysar bolsa elhenç ýenjilip ýatanyna garamazdan, birden hem dek ýatman
asmanyň, zeminiň adyndan bu ganhorlardan ar aljakdygyna ant içýärdi.
Gatyr sürüji urup-urup ýadansoň, täjirlerem tä gaýdyp gelýänçäler hezil
gürrüňden, garyp hem kemsiz ýenjilen rysaryň bolşundan gürrüň şaýyny
tutansoňlar, öz ýoluna gitdiler. A rysar ýerinden galjak bolup dyzady, emma sagat
wagty ýerinden galyp bilmedik rysar it ýaly ýenjilip, öldüm halyna eltilensoň nädip
galyp bilsin? Her näme-de bolsa ol özüne bagtly bolup göründi, sebäp aty zerarly
düşen bi bişeýkel ýagdaýyny jahandar rysarlaryň adaty başdan geçirýän wakasy
hasap etdi. Ýöne görgüli näçe jan etse-de, turup bilmeýärdi, urunýardy,
horlanýardy, garasaý, bir halta süňk bolup guma bulaşyp ýatyrdy.
V BAŞ
Munda biziň rysarymyzyň başdan geçiren külpetleri baradaky hekaýat dowam
edýär.
Gozganmaga mejalynyň ýokdugyna göz ýetiren rysar öz adaty ulanýan çäresine
ýüz urmagy makul bildi: ol okan romanlarynyň içinden şuňa meňzeş bir wakany
ýadyna salmaga synandy, onuň alasarmyk hakydasynda bolsa, Balduin bilen
markiz Mantuanlynyň, ýagny Karlottanyň dagda Balduini ýaralan wakasy düşdi,
bu taryha çagalar beletdi, otüki taryhy wakany hakykatdyr öýdýän, garrylaryň
ýanynda has ýatkeş ýaşlaram bilýärdi, aslynda ol taryham Muhammet hakyndaky
toslamalardan enaýy däldi. Don Kihot öz düşen ýagdaýy bilen şol taryhyň
arasynda nähilidir bir umumylyk tapdy hem güýçli tolgunmadan ýaňa iki ýanyna
togalanyp, bir mahallar Tokaý Rysarynyň aýdan sözlerini eşidiler-eşidilmez
gaýtalap ugrady:
27
Gel ýanyma, gel, hanym.
Bölüş meniň derdimi!
Eşit meniň perýadym
Çekdirme-de jebrimi,
Ol romansyny dowam edip, başky setirlere ýetdi:
Eý, hökümdar Mantuanly,
Agam hem-de patyşahym!
Haraza bugdaý eltip, degirmenden gaýdyp gelýän obadaşynyň ýoly onuň
üstünden düşdi, ol ýere bagryny berip, bir kişiniň ýatanyny görüp, oňa näme
bolýanyny, niresiniň agyrýanyny, neçüýn beýle zar-zar ýyglaýanyny sorady.
Elbetde, Don Kihot ony agasy markiz Mantuanly hasap edip, romansda bolşy ýaly
jikme-jiklik bilen şahynşahyň oglunyň öz öweý ejesine aşyk bolşundan, bedibagt
söýgüsinden gürrüň berip başlady. Daýhan haýran galyp, samahyllamalaryna diň
salyp, onuň ýüzünden döwlen demir nikaby aýryp, ýüzüniň çaňyny süpürişdirdi,
şondan soň obadaşyny tanap, oňa ýüzlendi:
– Jenap, Kihado! (Şindi aklyndan azaşmanka, şindi ortahal idalgodan ykmanda
rysara öwrülmänkä, onuň ady şeýledi) Kim sizi beýle ýençdi?
Emma Don Kihot onuň ähli sowalyna şol romansyň bölekleri bilen, ýagny
goşgy bilen jogap gaýtardy. Şondan soň ýuka ýürek daýhan onuň
ýaralanandygyna-ýaralanmandygyna ymykly göz ýetirmek üçin örän seresaplyk
bilen demir döşlügini, eginligini aýyrdy, emma gan akyp duran ýara-da,
sypjyrygam tapmady. Ol ony emaý bilen ýerinden galdyryp, eşekden gowy ulag
ýok diýip pikir edip, ony atyna däl-de, eşegine mündürdi. Soňundan ýaragesbaplaryny, hatda naýzasynyň döwüklerinem çöpleşdirip Rosinantyň eýerine
baglap, hamana üstüne rysar müneni üçin agyr pikire batan ýaly gamgyn eşegiň
nogtasyndan iýdip ugrady, eşek bolsa agyr oýlara gark bolup, rysaryň
samahyllamalaryny gulagynyň duşundan geçirip, oba bakan dikgirdäp ugrady. Don
Kihotam agyr pikire gark bolup, gaňňada zordan ýykylman barşyna, wagtal-wagtal
öwhülläp uludan bir dem alýardy weli, agzyndan çykan howur asmany ýalap
gaýdýardy, şol sebäplem daýhan ýaňadan onuň niresiniň agyrýanyny soramaga
mejbur boldy, emma Don Kihotyň gulagyna hamana öz ýörişlerine çalymdaş
warsakyny hut şeýtan onuň gulagyna pyşyrdaýan ýalydy. Ol eýýäm Balduini
unudyp, Alkaýda Rodrigo de Narwaesiň mawr Abindarresi ýesir alyp öz galasyna
getirişini ýadyna salyp gelýärdi, haçanda daýhan oňa ýagdaýyň niçik, özüňi
duýşuň nähili diýip sorag bereninde, Don Kihot oňa birçak okan romanynyň
gahrymany, ýagny Horhe de Montemaýoryň «Diana» romanynyň bir wakasynda
bolşy ýaly ýesir düşen Abanserrahyň Rodrigo de Narwaese ýüzlenişi ýaly
ýüzlendi. Ol mawryň taryhyny özüne şeýlebir ussatlyk bilen ýabşyrdy weli,
patarrakysyny diňläp gelýän daýhan, ençeme ýola şeýtanyň adyny agzamaly boldy:
onuň yzy kesilmeýän patyrrakysy daýhanda obadaşy Don Kihotyň jypdyrandygyna
kepil geçdi. Onuň tükezzibanyndan basymrak dynmak maksady bilen daýhan
ädimini ýygjamlatdy. Don Kihot pikirini jemledi:
28
– Jenap Don Rodrigo de Narwaes, siziň aly hezretiňize äşgär bolsun, meniň
size gürrüň beren owadan Harifam hut jadylaýjy Dulsineýa Toboslydyr, şonuň
hatyrasy üçinem men entek dünýäde hiç kimiň görmedik, hiç kimiň görmejek
edermenligini etdim, edýärin hem etjekdirin – diýdi.
Daýhan oňa şeýle diýdi:
– Wah, işim gaýtdy, siziň aly hezretleriňiz! Düşüniň ahyry, jenap, men hiç hili
don Rodrigo de Narwaesem däl, markiz Mantuanlam däl, men bary-ýogy siziň
obadaşyňyz Pedro Alonso. Siz hem hiç hili Balduinem däl, Abindarresem, siz
hormatly idalgo, jenap Kihana.
– Men özümiň kimdigimi bilýärin. – Don Kihot garşy çykdy. – Meniň size
gürrüň beren gahrymanlarym-a beýle-de dursun. Pereňistanyň on iki pýeri bilenem,
şeýle-de şöhratly doňuz är bilenem adymy çalşyrmaga hukugym bar, çünki olaryň
üýşüp görkezen gahrymançylyklary, ýekelikde görkezen gahrymançylyklary hiç
bir babatda meniňki bilen deňleşip bilmez. Olar şunuň ýaly söhbetler bilen gijara
öz obalaryna golaýladylar: Idalgo gaňňada zordan otyrdy, daýhan onuň bilen gözgörüm bolup oba barmagy oňlaman, hiç kim görmez ýaly, itler üýrmez ýaly
kemsiz garaňky düşýänçä garaşmagy makul bildi. Garaňky kemsiz düşensoň, ol
göni Don Kihotyň öýüne ugrady, o taýda bolsa bu mahal howsala höküm sürýärdi,
öý hojalykçynyň Don Kihotyň ýürekdeş dosty ruhany hem dellek bilen gepleşýäni
eşidilýärdi:
– Ýeri siz, Allanyň sadyk guly Pero Peres, (ruhanyň ady şeýledi) meniň
jenabymyň düşüp ýören külpetlerine näme diýersiňiz? Atyny, galkanyny,
naýzasyny, ýarag-esbaplaryny alyp ýitip gidenine, ynha indi, üç gündür. Meniň
maňlaýym nähili gara eken! Herhal men bir zady aýdyp biljek, ölmegiň hak,
dirilmegiň hak bolşy ýaly, meniň jenabymyň nätelsiňmiş rysar kitaplaryny okapokap aklyndan azaşandygy hak. Indi oýlanyp otursam, ýadyma düşýär, ol ençe
gezek özi bilen özi gürrüň edip, başdangeçirme agtaryp jahandar rysar bolup
dünýäni gezmek barada kän arzuw edipdi. Meniň jenabymy zirek aklyndan jyda
düşürip jynlyradan bu kitaplary, goý, Iblis hem Waorawwa güm etsin! Sebäp tutuş
Lamançda beýle hoşgylaw kişini tapyp bolmaz.
Rysarymyzyň ýegençesi gürrüňiň yzyny alyp göterdi.
– Jenap Nikolas, biler bolsaňyz, meniň daýymyň bi nejis kitaplary iki gijegündizläp okan mahallaram boldy. Soňundanam ol romanlary bir gapdala taşlap,
gylyjyny eline alyp, tä ysgyn-mydary gidýänçä diwary gylyçlap: «Her biri diňe
barabar dört sany depegözi öldürdim» diýýänini kän eşidipdim. Joralanyp akyp
duran derini ol gan hasaplap, söweşde ýaralandym diýýärdi. Halys lüti çykansoň
bir saplaw sowuk suwy başyna çenip, dynç alýardy, birneme ynjalýardy, onuň
pikiriçe, ol ýöne-möne suw bolman, gudratly dermanmyş! Tapýan zadyny görüň,
onam oňa Alkifmi ýa Paf-pifmi, garaz wepaly dosty ak jyn getirip berýämiş.
– Men hem şol pikirde. Men size söz berýärin, hut ertiriň özünde şeýle bir
keramatly tomaşa ederin: gaýdyp bu kitaplar hiç kime zeper ýetirip bilmez ýaly,
oda ýakmaga höküm ederin.
Daýhan bilen Don Kihot bu gürrüňiň baryny daşarda eşitdi, daýhan şol bada öz
obadaşynyň başyna nähili belanyň gelenine akyl ýetirip, gaty-gaty gygyrmaga
durdy:
29
– Siziň jenabyňyz! Jenap Balduine gapyny açyň hem agyr ýaralanan markiz
Mantuanla hem jenap Abindarresi ýesir alyp gelýän Anteker alkaýdy edermen
Rodrigo de Narwaesi garşy alyň!
Daýhanyň gohuna ählisi ylgaşyp çykdy, erkekler basym öz dostuny, aýallar
bolsa eşegiň üstünde zordan oturan daýysyny we jenabyny görüp, ony
gujaklamaga başladylar. Don Kihot:
– Saklanyň! Men atym zerarly agyr ýaralandym. Meni derhal düşegime alyp
baryň-da, mümkin bolsa, ýaralaryma melhem eder ýaly akylly urganduny çagyryp
geliň – diýdi.
– Nähili betbagtlyk! Meniň hojaýynymyň bir belanyň üstünden barandygyny
ýürejigim duýup durdy. – Öý beýemçisi yzyny üzmän gürlemäge durdy. – Eşekden
düşüň bakaly, siziň aly jenabyňyz, biz Pogandasyzam
30
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Don Kihot - Turkmen - 1
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2225
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Don Kihot - Turkmen - 2
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2178
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Don Kihot - Turkmen - 3
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2078
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.