Latin

Don Kihot - Turkmen - 1

Total number of words is 3711
Total number of unique words is 2225
27.1 of words are in the 2000 most common words
39.0 of words are in the 5000 most common words
45.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
МИГЕЛ ДЕ СЕРВАНТЕС СААВЕДРА
DON KIHOT
roman
Birinji kitap
Hormatly okyjy, eliňizdäki romanyň dünýädäki iň gowy, iň genial
romandygyny köpüňiz bilýänsiňiz. Belinskiniň aýdyşy ýaly, şu roman dünýä
edebiýatynda täze, hakyky edebiýatyň düýbüni başlaýar, şu güne çenli hem ol
dünýä ýazyjylaryna nusgalygyny ýitirmän gelýär. Bu romanyň birinji kitaby
çapdan çykandan soň Serwantes dessine tutuş Ispaniýada hem Ýewropa
ýurtlarynda meşhur bolýar, hatda awtoryň bu üstünligine görübilmezçilik edip,
haýsydyr bir talantly ýazyjy romanyň ikinji kitabyny Serwantesiň ady bilen ýazyp,
çap etdirip, onuň şöhratyny püçege çykarjak bolýar, ony kimiň edeni şu güne çen
näbelli, her hal inkiwizasiýanyň eli bardyr öýdülip çaklanylýar.
Roman şol döwürlerde halys ýoň bolan gahrymançylyk, rysarçylyk
romanlaryna kinaýa,яңсы,пародия hökmünde ýazylypdyr. Beýik rus ýazyjysy
Dostoýewskiý: «Eger Allatagala: «Eý, adamzat, millionlarça ýylda ýüze tutarlyk
näme iş etdiň?» diýip soraýsa, diňe şu kitaby görkezip bolar» diýen pikiri
aýdypdyr. Siz kitaby okap çyksaňyz ol sözleriň halys ýürekden aýdylandygyna göz
ýetirersiňiz.
GIRIŞ ÝERINE TERJIMEÇIDEN
Islendik kuwwatly imperiýa gol astyndaky halklaryň üstünden däl, öz halkynyň
üstünden hem bedibagtlyk baryny inderýär, emma güýçli imperiýalar döwründe
edebiýatda-da, sungatda-da görlüp-eşidilmedik ösüşler bolýar. Dünýäniň bäşden
bir böleginde höküm süren, Ýewropanyň köp bölegini, Aziýanyň, Afrikanyň,
Amerikanyň birentek ýerlerini basyp alan, obrazly aýdanyňda, üstünde hiç mahal
gün ýaşmaýan Ispan imperiýasy döwründe, XVI, XVII asyrlarda dünýä belli
alymlar, ýazyjylar, hudožnikler adamzadyň altyn fonduna öz ölmez-ýitmez
eserlerini goşdular. Serwantes, Lope de Wega, Kalderon, Tirso we Molina,
Kewelo, Gongora, Greko, Murilo, Welaskes dagy elhenç inkiwizasiýanyň, edenetdiliginiň höküm sürendigine garamazdan, edebiýata hem sungata «altyn asyry»
bagş etdiler.
Migel de Serwantes Saawedra 1547-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda tebibiň
maşgalasynda dünýä inýär, Ispaniýanyň dünýä deňizlerinde, okeanlarynda hem üç
kontinentinde agalyk sürýändigine garamazdan, onuň kakasy garyp bolupdyr, şol
garyplyk ýazyjynyň hem ömürboýy hemrasy bolupdyr. Ýogsa ýazyjy ýaşlyk
ýyllaryndan başlap, Ispan korolynyň goşunynda gulluk edip, edermenlik görkezip,
türkler bilen agyr söweşde ýaralanyp, maýyp bolupdyr. Oňa mehşur
goşunbaşlyklar söweş edermenligini kepillendirýän ençeme zamunnamalar
beripdir, ýöne ol iline gaýdyp gelýärkä, onuň münüp gelýän gämisini türkler ýesir
1
alýar, ol ömrüniň bäş ýylyny türkleriň golasty döwleti bolan Alžirde ýesirlikde
geçirýär. Ýesirlikden gelip, maýyplygyna garamazdan, düşewündi az wezipelerde
işleýär, sebäp meşhur goşunbaşlyklaryň oňa beren zamunnamalary ýesirlikde
geçiren bäş ýylynda ähmiýetini ýitirýär. Eýse, bütin ömrüni diýen ýaly patyşa ak
ýürekden hyzmat eden, beýik ispan näme diýip garyplykda ýaşapdyr? Sebäp
Ispaniýanyň Amerikadaky koloniýalaryndan ummasyz köp möçberde altyn-kümüş
gelip başlaýar, şeýlelikde, pul beýlede dursun, altyn-kümüş hümmetini ýitirýär,
altyn-kümüşe gyzyp daýhanlar ýer ekmesini, maldarlar mal bakmasyny,
dokmaçylar dokmasyny, hünärmenler öz kesbini terk edýärler, ýagny altyn-kümüş
ýurdy krizise batyrýar, asyrlarboýy dowam eden üznüksiz uruş halky tozdurýar.
Diniň gaty güýjemegi zerarly dindarlar çaksyz köpelýär. Ispaniýada şol mahallar
tas bir milliona golaý dindar bolupdyr. Şeýdibem Serwantes baý öýüň garyp
çagasy bolup galyberýär.
Serwantes döredijilik işine şahyrlykdan başlaýar, ýöne ondan gelýän şöhratdan
oňa depesinden ýagýan durmuş külpetleri köp bolupdyr. Soňra ol birnäçe drama
eserlerini, romanlary ýazypdyr, ýöne oňa esasy şöhrat getiren romany eliňizdäki
romandyr. Bu romany ýazmak pikiri onuň kellesine zyndanda ýatyrka gelipdir. Ol
sadalygy, ynanjaňlygy zerarly, üç gezek dürli töhmetler bilen ispan zyndanynda
ýatýar.
Häzir dünýäniň kitap magazinlerini, kino ekranlaryny Amerikanyň gorkunç
romanlarynyň, filmleriniň tutuşy ýaly, Serwantesiň ýaşan döwründen öň, ýaşap
ýören zamanlary rysar romanlaryny ýazmak şeýlebir ýoň bolupdyr, hatda başga
eserleri ýazmak unudylypdyr. A rysar romanlary bolsa, çyna berimsiz
çypdyrmalardan,
jadygöýlerden,
arwah-jynlardan,
aklyňa
sygmajak
samahyllamalardan doly bolupdyr. Serwantes şolaryň ählisiniň üstünden gülmek,
ählisini tankytlamak maksady bilen «Don Kihoty» ýazýar. Ol altmyş ýaşynda çap
edilýär, dessine onuň şöhraty tutuş Ispaniýa, onuň koloniýalaryna, goňşy
döwletlere ýaýraýar. Soňra awtor onuň ikinji kitabyny ýazýar, elbetde, dürli
ýerlerde aldygyna çykyp başlan romandan ýazyja pul gelendir, emma ony
sowmaga ýazyja puryja berilmeýär, ol altmyş sekiz ýaşynda älemden ötýär.
Serwantes kitabyna ýazan girişinde kitabyny näme diýip ýazandygyny
düşündirjek bolup gaty heläk bolýar, çünki özünden öňki ýaşap geçen meşhur
ýazyjylara, döwürdeş ýazyjylaryna garşy gidäýmek, ýeňil wezipe däl. Her hal ol
özünde şeýle batyrgaýlyk tapyp romany ýazyp bilipdir. Esasy zat – romanyň
ýazylmagy hem çap edilmegi. Şonuň üçinem awtoryň öz romanyny döredişi, rysar
romanlaryna meňzetjek bolşy barada berýän maglumatyny gysgaldyp almagy
makul bildik.
Bir gyzykly zady hem aýdaýyn: jahandar rysaryň ýaraglary Sanço – ýagny
Aleksandr, türkmençe Isgender. Tä roman çap bolup çykýança şu ady aşaky
gatlagyň adamlaryna dakmak gadagan eken, diňe şondan soň ol ady ýokary synp
wekilleri çagasyna dakmaga hem höwesek bolmandyrlar, sebäp Sanço durmuşda
gabat gelýän gülkünç tip.
Romanyň gahrymany jahandar rysar Don Kihot Lamançly, ol dünýäniň garypgasarlarynyň, ezilenleriniň goragyna çykan, bir seretseň, kemakyl, bir seretseň
aňrybaş akylly adam.
2
Roman öňki SSSR-de ençeme ýola dürli dillerde çap edildi, dürli kinostudiýalar
ol eseri ekranlaşdyrdy.
«Don Kihot» romany kinaýaly teýeneden doly, ol rysar romanlaryna ýazylan
gyzykly ýaňsy, roman siziň söýgüli kitabyňyza öwrüler diýen tamamyz bar.
PROLOG
Eý, eli boş okyjy! Meniň aň-paýhasymyň önümi bolan eliňdäki kitabyň iň
ajaýyp, iň kämil, iň paýhasly kitap bolmagyny nähiller isleýändigimi aýdyp kasam
etmesem-de, sen ynanarsyň. Tebigatyň kanuny bar: Her kim özüne meňzeşi
dogurýar, şol kanuny ýykmak maňa-da başartmady, menem özüme meňzeşi dünýä
getirdim. Meniň hasylsyz, maňyzsyz hem göýdük aklym ham bilen süňkden
ybarat, hor, emma kellesi şu çaka çenli hiç kimiň ýatsa-tursa hyýalyna gelmejek
ой-pikirleri bilen urlup dykylan akyly gelip gitmeli gahryman baradaky romandan
gaýry bir eseri dünýä getirip hem bilmezdi. Eýse ejire-сүтеме sezewar bolanlaryň
hem gam-gussanyň mesgeni bolan zyndanda Don Kihotdan gaýry nähili gahryman
dogulmaga milt edip biler? Imisalalyk, jennete berimsiz ýer, açyk asman,
çeşmeleriň şildirdisi, kalbyň asudalygy hatda önelgesiz Muzanam göwreli edip,
dünýäni aňk edäýjek, haýranda goýaýjak eserleri döretdirmäge ýardam edip bilýär.
Emma men bu eseri zyndanda ýazdym. Şeýle ýagdaý bolýar: atanyň bedroý, eli işe
gelişmeýän, emelsiz çagasy dünýä inýär, emma atalyk söýgüsi onuň garagyny
gapýar. Ol öz oglunyň kemçiliklerini görmek beýlede dursun, gaýta şol
kemçilikleri zirek akyldan alamat hasaplap, otursa-tursa öz ýoldaşlaryna oglunyň
eser hokgalary barada ýadaman gürrüň berýär. Biler bolsaň, men Don Kihotyň
atasy bolandan bolsam-da, onuň hakyky atasy däl-dе, öweý atasy, şol sebäplem
özge awtorlaryň edişi ýaly akymyň ugruna ýüzmen, gözlerime ýaş dolduryp,
perzendimiň hatalaryny bagyşla, onuň kemçiliklerini görmedikden bol diýip,
gadyrdan okyjy, saňa asla ýalbarman. Hanha, Don Kihot, ol seniňем ilen-çalanyň
däl, dostuňам däl, ynha sen, seniň göwräňde öz kalbyň, başynda öz kelläň,
gursagyňda erkana erkiň bar, sen hiç kimden kem däl, patyşa öz köşgünde patyşa
bolsa sen, öz öýüňde patyşa, şonuň üçinem keýpiň kelläňde. Bir nakyl bardyr: «Öz
üçegimiň astynda men patyşanam öldürip bilerin» diýip. Bularyň ählisi seni ýüz
görmekden, jogapkärçilikden halas edýär: şol sebäplem sen roman hakda kelläňe
gelen zady şagladyp bilersiň: romany tankytlasam ýazgararlar öýdübem çekinme,
minnetdar borlar diýibem garaşma. Adaty romanlarda edilişi ýaly, men bu kitabyň
öňüni akylly giriş bilen, soňsuz sonetler, epigrammalar, mahabatlar bilen
doldurman, dogluşy ýaly, öz bolşy ýaly seniň dykgatyňa hödürlemek isleýärin.
Emma men bir zady aýtmalydyryn. Men bu kitaba uçursyz agyr zähmet siňdirdim,
ýöne şu okap oturan sözbaşyny ýazmak meniň üçin baryndan kyn boldy. Men bu
sözbaşyny köp gezek ýazjak bolup galama ýapyşdym, emma näme ýazjagymy
bilmän, her gezek taşlamaly boldum. Ine, bir gezek, öňüme kagyz alyp, gulagyma
ýelegimi gysdyryp, tirsegimi stola diräp, aýalarymy çekgäme goýup, aýgytly pikire
gelip bilmän otyrkam, tötänden bir dostum geldi, ol gaty akyllydy, okumyşdy, ol
meniň pikire gark bolup oturanymyň sebäbini sorady. Men oňa Don Kihota giriş
3
ýazyp bilmän kösenýändigimi, asla ýazasymyň gelmeýändigini, hatda «Don
Kihoty» çap etdirmek pikirinden hem el çekýändigimi aýtdym:
– Ýeri aýdyň, men nädip kyn güne galып müzzermäýin, ençeme ýyllap jahanda
bardygymy bildirmän, garrap, günleriň bir günem oňa hor baýtal ýaly aррык,
fantaziýasy dar, pikire-pelsepä garyp, stili ýok, danalykdan, pähim-parasatdan
daşdaky eseri talapkär okyjynyň öňüne goýaýyn: özüňiziň bilşiňiz ýaly, häzir
durmuşy hem dünýewi hekaýatларa çenli çap bolýan eserleriň içem, girişem,
polýalarynyň gyrasam Aristotelden Platona çenli ýaşan ähli filosoflardan alnan
mysallardan doldurylýar, okyjy bende bolsa ol kitaplaryň awtoryny gaty okumyş
hem suhangöý hasaplaýar. Olaryň keramatly kitaplardan wagyz-nesihat mysal
alşyna dagy bir bakyň! Şonda ol awtorlar hut keramatly Fomadan hem beýleki
meşhur dini hadymlardan хем akyldar görünýär. Bir sahypada olar azgyn oýnaşyň
haram keýpini şeýlebir suratlandyrar, yz ýanam Injilden, keramatly kitapdan mysal
yzyna mysal getirip oturandyr, ýöne keýp edip, kelläňi ýakyp okap oturmaly.
Meniň kitabymda asla beýle zatlar ýok, sahypanyň gyrasyna ýazar ýalam, çykgyt
eder ýalam, yzynda düşündiriş berer ýalam zat ýok, aslynda men bu romany
ýazamda haýsy awtordan ugur alanym hem näbelli, onsoň eseriň yzyndaky
düşündirişde, belliklerde Aristotelden başlap Ksenofonta, Zoile, Zewskise çenli
ählisiniň adyny elipbiý boýunça getirmäge hem ýagdaýym ýok, ýogsam olaryň
biri-hä içi öçli ýaňra, beýlekisem nakgaş. Elbetde, kitabyň başynda sansyz sonet
bolmaz, hiç bolmanda, meşhur gersoglaryň, markizleriň, graflaryň, ýepiskoplaryň,
görmegeý zenanlaryň ýa tanymal şahyrlaryň mahabatly sonetlerinem ulanman.
Dogry men öz hünärment dostlarymyň iküç sanysyndan haýyş etsem, olar maňa
näçe diýsem sonet ýazyp bererdiler, özem olaryň sonetleri Ispaniýanyň meşhur
şahyrlaryny ompa oturdardy. Bir söz bilen aýdanyňda, eziz dostum, men mynasyp
awtor tapylan, Don Kihoty şeýle zatlar bilen bezeýänçä, romanymy Lamanç
arhiwinde gabra gapgaran ýaly etmeli diýen karara geldim: men öz sowadymyň
kemterligi, talantymyň ejizligi zerarly ol işlere hötde gelip bilmeýändigimi boýun
aldym: onsoňam men tebigatym boýunça işýakmaz hem ýalta. Şeýle-de, men
özümiň has gowy ýazyp biljek zatlarymy ýazdyrmak üçin awtor gözlemegi hem
gereksiz hasaplaýan. Ine, men şol sebäpli hem agyr oýa batyp, çykalga tapyp
bilmän, gara güne galyp, müzzerip otyryn.
Meniň gürrüňimi diňlän dostum maňlaýyna ýumruklap, lah-lah gülüp:
– Alla bar, гардашым, men siz bilen tanşanym bäri ähli babatda sizi ýiti akylpaýhasly ederini bilýän kişi hökmünde görüp ýördüm, ynha indi siz meniň
ýalňyşyp ýörendigimi aýyl-saýyl etdiňiz oturyberdiňiz. Siz asmanyň ýerden alysda
bolşy ýaly, akyl-paýhasdan gaty daşda ekeniňiz. Siziň islendik agyr
kynçylykdan,has çylşyrymly meselelerden baş alyp çykýan zirek akylyňyzyň el ujy
düzedäýmeli zatda ikirjiňläp durmasy, gelşiksiz.Hudaý kessin, onuň sebäbi siziň
başarnygyňyzyň pesligi däl-de, diňe siziň ýaltalygyňyz günäkär.Isleseňiz men size
hakykaty aýdýanymy subut edeýin. Hany, siz maňa gulak. goýuň,men bir demde
siziň alnyňyzda keserip duran päslegçilikleri ýok edenýin, bu çykalgasyz ýagdaý
diýýäniňizden çykmaga aňsatja ýol tapyp bereýin. Siz meşhur Don Kihotyňyzyň
— sergezdan rysarlaryň aýnasy, albaýy, nusgasy bolan Don Kihotyňyzy çapdan
çykarmaga çekinýärsiňiz, gaýratyňyz çatmaýar, müýnürgeýärsiňiz.
4
--Aýdyp beriň, siz nädip meniň kalbymy eýeläp ýatan gorkymy, okyjynyň,
döwrüň öňündäki hederimi, müýnümi ýok edip bilersiňiz? — diýip men oňa sowal
berdim.
Ol maňa şeýle jogap berdi.
--Birinjiden, siz kitabyň başynda meşhur adamlaryň, derejeli begzadalaryň
sonetleriniň, epigrammalarynyň, mahabatly hatlarynyň ýokdugyndan ejir çekýäňiz.
Bu juda ýeňil zat: özüňiz alagada ýazyň ençeme soneti, mahabatnamany, yzyna-da,
toslaga-da, aýdaly, awtory Ioan Hindistanly ýa Trapezund imperatory diýip goýuň,
ikisiniň hem şahyr bolandygy barada maglumat bar. Wessalam, haýsyyr bir
okumyş ylym uran ýa köpbilmiş wakalar eýdip-beýdip siziň ol awtorlaryňyzyň,
toslama ýalan awtordygyny bilýän ekenem-de, ýeri bilende näme, şonuň üçin siziň
eliňizi çapjak bolup duran barmy?
Ikinjiden, sahypanyň gyrasyna bellik eder ýaly, çykgytda görkezer ýaly, özge
awtorlardan, filosoflardan alnan parasatly sözleriň, sitatalaryň ýokdugyndan
kösenýärsiňiz, onuň işem aňsat: siz öz bilýän gowy aforizmleriňizi, atalar sözüňizi
şeýdägede mysal getiräýýäňiz: aýdaly, erkinlik hem gulçulyk barada mysal gerek.
Ýazýaňyz: ―Hiç bir pula, hiç bir baýlyga erkinligi satmak bolýan däldir!‖
Sahypanyň aşak ýüzündenem Gorasiýniň ýa şoňa meňzeş läheň bir filosofyň
adyny patladýaň çykgytda. Ýa ajalyň adalatlylygy, gutulgysyzlygy hakynda sitata
gerekmi, baş üstüne:
―Gan-petsiz ajal pukaranyň külbesiniňem gapysyny kakýandyr, baýlaryň
köşküniň gapysynam kakýandyr―.
Eger söz geçirimlilik hakda, Biribaryň duşmanlarymyzy hem söýmegi, olar
bilen dostlaşmagy hakda gidýän bolsa, dessine keramatly kitaba ýapyşyp, ol
ýerden ýöne-möne kişiniň däl, hut Hudaýyň özünden bark urup duran sitata getirip
bilersiňiz: „Men size aýdýaryn: siz öz duşmanlaryňyzam söýüň―. Eger söz pis
pygyl, pidul päl hakda barýan bolsa Injile ýapyşyň: „Ýaramaz pikirler ýürekden
örýär―. Eger söz dostlaryň dünýä ýaly üýtgäp durýandygy hakda barýan bolsa,
hanha goluňyzyň astynda şahyr Katonyň ikilemesi: sen dostlaryň köp güni
bagtyýarsyň, emma başyňa bela gelende ýalňyz galýarsyň.―
Ynha şular ýaly we şuňa meňzeş birnäçe mysal getirseňziz, siz özüňizi latyn
diline suwara beýik şahsyýet edip görkezip bilersiňiz, biziň zamanamyzda latyn
diline suwaralyk at-abraýly hem örän düşewüntlem.
Kitabyň soňunda beriljek bellikler, düşündirişler barada-da alada galyp
oturmaň: eger siziň kitabyňyzda haýsydyr bir ämert pilmahmyt hakda söhbet
edilýän bolsa, oňa GOLIAf diýip at beriň, onuň size agyry-eýili bolup durmaz,
emmä kitabyň yzynda eýýäm argamly düşündiriş taýýar: „Beýik Goliasyň ýa-da
Goliafyň asly filistýamly bolupdyr. Şalyklar kitabynda gürrüň berilişine görä, ony
Terebint fülgesinde, çopan Dawut sapany bilen daşlap öldürüpdir―, onsoň şol
kitaby tapyp haýsy bapdan alanyňyzy ýazýarsyňyz, wessalam.
Eger özüňizi dünýä akyl ýetiren yzymdyr, köp bilýän,окумыш ýazyjy edip
görkezesiňiz gelse, şeýle diýmegem unutmaň: «Taho derýasy Ispan korolynyň
biriniň adyny göterýär, ol gözbaşyny pylan dagdan alyp, meşhur Lissabon
şäheriniň ýanyndan geçip, pismidan deňze guýýar, onuň suwunda altyn bar diýip
alymlar aýdýarlar». Wessalam.
5
Eger size ogrynyң keşbini suratlandyrmak gerek bolsa, mende Kakanyň taryhy
bar, hatda men ony ýatdan bilýärin. Eger siz azgyn zenanlary suratlandyrmak
isleseňiz ýepiskop Mondonýedli size Lamiýni, Laisi, Florm ýaly gahba gelinleri
teklip edip biler. Eger size дерgazap zenanyň obrazy gerek bolsa, Medeýa
ýüzleneniňizi Owidiý gaty görüp durmaz. Eger siz jadygöýler barada ýazjak
bolsaňyz Gomeriň Kalipsosyndan ugur alyň, eger siz gözsüz batyrlygy,
gahrymanlygy wasp etmekçi bolsaňyz Ýuliý Sezar size öz eden edermenliklerini
beýan edýän«Ýazgylaryny» hödürläp biler, aPlutarh siz öüz sany Iskendiriň
taryhyny bagş eder. Eger siz dürli yklymlarda,dürli ýurtlarде seýli-seýran edermen
bolsaňyz, siz öz kitap tekjäňizden Fonsekiniň «Taňrynyň söýgüsi hakdaky»
kitabyny alyň-da peýdalanyberiň, çünki onuň kitabynda şol mesele babatda islän
zadyňyzy tapyp bilersiňiz, sizem sizden başga ýiti danyşmendem şondan artyk
zady talap edip durmaz. Bardy-geldi siz yşk-söýgüden söz açarman bolsaňyz şireli
toskan diliniň kömegi bilen Leon Ýewreýiň ýakasyndan çalyp tutuň, ol size
gereginden artygam eçiler. Siz kitabyňyzda diňe şeýle adamlaryň adyny tutmaga
ýykgyn ediň hem meniň sanap geçen eserlerimiň adyny agzamagy unutmaň, a
kitabyň yzyna dürli bellikleri, çykgytlary we düşündirişleri hem-de sahypalaryň
gyralaryna çenli dolduryp, dört-bäş kagyz ýazyp berjegime söz berýän.
Indi beýleki kitaplarda getirilýän dürli-dürli awtorlar meselesine geçeli, olar
siziň kitabyňyzda ýok. Bu bir dile çolarlyk işem däl. Siz A harpyndan Ýa harpyna
çenli öz aýdyşyňyz ýaly, elipbiý tertibinde awtorlaryň atlary sanalan bir kitabyny
tapýarsyňyz, soňam şol sanawy alaga-da öz kitabyňyzyň yzyna ýelmeýärsiziň,
elbetde, bu okyjyny aldamak bolýar, ýöne bu aldawda hiç kime jinnik zyýan ýok,
sebäbi siz ol awtorlardan hiç bir närsäni almaýarsyňyz ahyry.
Belki,siz ýönekeý hem sadalaç hekaýatyňyzda ol awtorlaryň eserlerinden
peýdalanandygyňyza ynanjak sada okyjy hem tapylsa tapylar.Size awtorlaryň itiň
içegesi ýaly uzyn sanawynyň çigit ýaly geregi bolmasa-da,ol sanaw siziň eseriňizi
ähmiýetini artdyrar,wajyp eser hökmünde görkezer.Kitabyňyzda ol awtorlardan
peýdalandyňyzmy,peýdalanmadyňyzmy,ony barlajak bolup duran barmy,ol
aslynda kime derkar.
Emma men size çökderini aýdýan: eger men dogry düşünen bolsam, siziň
romanyňyza ýetmeýär diýýän zatlaryňyzyň bu romana geregi hem ýek,ony beýdip
bezäp beslemegem hökman däl,sebäbi siziň romanyňyz rysar romanlaryny
tankytlamak, olaryň ýüzünden örtügini aýyrmak maksady bilen ýazylan bolmaly,
şeýle bolýan bolsa, size gadymy awtorlaryň geregi hem ýok, çünki Aristotel rysar
romanlarynyň adyny ýeke gezek hem agzanok, keramatly Wasiliň hem rysarlar
hakda hiç zat aýtmandyr. Siseron rysarlaryň nämedigini asla bilenok hem.Siziň
romanyňyzyň hyýalyňa-oýuňa gelmejýek toslama wakalary hakykatyaň takyk
talaplary bilenem,mäneçüimçilik ylmynyň kadalary bilenem hiç bir umumylygy
ýek:geometriýa ylmynyň ölçeglerem ol esere beýle dahylly däl: şeýlede ritorlaryň
delilleri häli -şindi çepbesine çöwürmesiniňýem geregi ýek,oňa adam ogullary
bilen ylahy işleri garym-gatym edip wagyz etmegiňem zerurlygy ýek,hakyky
akylly-başly isaýy dindar elbetde,olar ýaly işlerden daşda durmalydyr.Siz bu
eserde ýeke-täk etmeli işiňiz-her edip hesip edip öýkünmäge
ýykgyn
6
etmelisiňiz,sebäbi siziň öýkänmäňiz näçe kämil bolsa, şonça-da siziň eseriňiz
gowy bolar.Aslynda siziň bu romanyňyz kämillikden daşdaky halk köçüliginiň
dünýäsinde juda mertebesi beýik bolan rysar romanlarynyň adamlaryň aňyna
edýän täsirini hem gymmatyny kül-peýekun etmäge gönükdirileni öçrip,gadymy
dana filosoflaryndan parasatly sözleri,keramatly kitaplardan pendi-nesihaty,
şahyrlardan ertekileri,suhangöý ritorlardan owadan jümleleri,keramatlylardan
gudratly wakalary
getirmegiňem derkary ýok: emma siz sözlemleriňiz
düşnükli,akgynly, şireli,pikirleriňiziň salyhatly, jümleleriňiziň manyly bolmagyna
yhlasyňyzy gaýgyrmaň, goý-siziň sözlemleriňiz labyzly owazlar bilen çeşme-çaý
ýaly aksyn: goý ähli mümkin bolan ýerde beýan edýän pikiriňiz,wakaňyz düşnükli
bolup,okyjylaryň aňyny garym-gatym düşnüksiz närseler bilen garjaşdyrmasyn.
Onsoňam siz öz eseriňizi okan göwnüçkgün kişi hezil edip güler ýaly, şadyýan
hasam şady-horram bolar ýaly,sada tukatlanmaz ýaly,akylly kişi, siziň oýlap
tapýan zatlaryňyza haýran galar ýaly,salyhatly kişi ýigrenmez ýaly,a okumyş
dana ony magtar ýaly gaty yhlasyňyzy gaýgyrmaň. Bir söz bilen aýdanyňda, hiç
haçan maksadyňyzdan-köpleriň halys ýürekden ýigrenýän, köp kişileriň bolsa
mahabatlandyrýan
rysar
romanlarynyň sülsadydyny derbi-dagyn etmek
pikiriňizden daşlaşmaň: egersiz şol matlabyňyzy amal edip bilseňiz,ol helemüçük iş däldir.
Men dil ýarman agyr dymyşlykda dostumyň dana sözlerini diýledim,onuň
aýdyň pikirleri meniň aňyma zamlaşdy,men gepsiz-gürrüňsiz dostumyň aýdýan
pikirlerini adalatly hem akylly başly sanyp, şol aýdylanlardan giriş sözüni
ýazmaly diýen aýgytly karara geldim. Eziz okyjy,sen bu ýazgylarymy okap,meniň
dostumyň nähili
akyllydygyna, kyn pursatda
meniň
dadyma ýetişen
maslahatdaryň tapylanyna göz ýetirersiň: mundan daşgaram meşhur Don Kihat
Lamançlynyň
gyzykly
taryhyny gerekmejýek
närseler bilen bezäpbeslemän,seniň dykgatyňa hödürlänimden hoşal bolarsyň: sebäbi Montýel
welaýatynyň ähli ilaty gün-şu güne çenli şeýle maksada okgunly hem gözsüz
batyr rysaryň bu illerde bolmandygyny tekrarlaýarlar.Men seni zamanamyzyň
görnükli hem merhemetli rysary bilen tanyşdyryp, öz üstünliklerimi ulaldyp
görkezjýek bolmadym: emma sen jahandar rysaryň meşhur ýaragdary bilen
tanyşdyranyma weli, minnetdar bolmalysyň,çünki san-sajaksyz bor-bolgusyz rysar
romanlarynyň ählisinde başly-barat, ýarym-ýalta keşbi çekilen ýaragdarlaryň
hemmesiniň mynasybeti meniň bir ýaragdarymda jemlenendir. Goý, şunlukda Alla
saňa berk jan saglyk bersin, goý ol menem unutmasyn. Valle.
AMADIS GALLY DON KIHOT
LAMANÇLA
Eý, Don Kihot, ykbalymyz bir biziň,
Sen deý daşda şol arzyly matlapdan
Ýalaňaç uçutda ýaşap, örtenip,
Ýadapdym men halys gama batmakdan.
7
Tomusyň jöwzasyn başdan geçirip,
Göz ýaşyňy içip suwuň ýerine.
Çeke-çeke aşyklygyň ejirin
Günüň galyp tokaý iýmişlerine.
Datdyň ölmez-ýitmezligiň tagamyn
Gün aýlanyp dursa seniň üstüňde
Bolarsyň sen gerçek ogly jahanyň.
Geljek nesil adyň şöhat-şan eder,
Seniň ýurduň ähli ýurtdan beýikde,
Seň awtoryň bar awtordan danadyr.
DON BELÝANIS ÝUNANLY
DON KIHOT LAMANÇLA
Urdum, gyrdym, gylyç syrdym, ýumurdym,
Şer aran jeňbazy oda saldym men.
Gorgynda gezip ençe ýuwurdyň
Barça rysarlardan beýge galdym men.
Wepasyny saklap eziz mahbubyň,
Aldym garyp-gasarlaryň aryny.
Söweşde kellesin kakyp mahlugyň
Çaňa bulamadym rysar adymy.
Şowlulyk gullugym etdi gül ýaly,
Paş eýledim jadygöýleň alyny
Kötel ýoda-ýollarynda ykbalyň.
Ýetik bu dünýäde şöhradym-şanym
Hem meniň kalbymda zerre arman ýok,
Emma saňa gözüm gidýär Don Kihot.
HANYM ORIANA DULSINEÝA TOBOSLA
SONET
Dulsineýa, gulak sal sen odama,
Göçüp biläýsedi Tobosa ýurdum,
London öwrülerdi seniň obaňa
Menem seniň sadyk keniziň bordum.
Arşda maňa rehmi gelip halygyň
Bilsemdim seň ajap keşbiňe girip,
8
Algyr guş deý goramaga namysym
Rysaryň gelerdi gylyjyn syryp.
Amadisden gorap bolsa gyzlygym
Seniň Don Kihotdan goraýşyň ýaly,
Gözümden dökmeli bolmazdym ýaşy.
Bahyllyk gelmezdi meniň golaýma,
Perizat halyma aglap ýörmezdim
Gözüm gidip kesekiniň heleýne.
AMADIS GALLYNYŇ ÝARAGDARY GANDALIN
DON KIHOT LAMANÇLYNYŇ ÝARAGDARY SANÇO PANSA
SONET
Salam, owalbaşda nesibäň çekip,
Ýaragdar kesbiňe saýlanan bende,
Gezdiň sen jahanyň ýollaryn söküp,
Emma görünmediň bir gezek jeňde.
Ýaragdaryň adyn göterdiň diňe
Ýeňiş saňa nazaryny salmady.
Ýöne wepa bile, sadyklyk bile
Ompa oturtdyň sen buýsanjaňlary.
Seniň eşigiňem örän edepli,
Sanço, ynan, saňa gözlerim gidýär,
Ýüreklere girip gitdiň eşekli.
Gözüm gidýär şöhratyňa, sarpaňa,
Goý, ispan Nazony ak pata berip,
Bäş barmagyň yzyn goýsun arkaňa.
BABÝEK BILEN ROSINANTYŇ AÝDYŞYGY
B. – Näme hor sen? Düşdüň dostum nä güne?
R. – Iým iýmeseň gowy bolarmy tabyň.
B. – Bermeýärmi näme hojaýyn süle?
R. – Süle tapsa özi iýjek jenabyň!
B. – Jenabyň ýazgaran eşekdir eşek
Beýle söz diliňe gaýdyp gelmesin.
R. – Nädeýin jenabym eşekden erbet,
Aşyk bolup hut ýitirdi kellesin.
9
B. – Söýgi bir samsyk zat. R? – Söýen has beter.
B. – Filosof bolupsyň! R. – Açlykdan ýaňa.
B. – Sanço arz et, belki, bir alaç eder.
R. – Şikaýat edere eýe ýok mende,
Jahandar rysar hem ýaragdar Sanço
Bir-birine gaýra dur diýýän telbe.
BURLADORA, AKADEMIK ARGAMASILSKINIŇ SANÇO PANSANYN
MAZAR DAŞYNA EPITAFIÝASY
Ýatyr ynha Sanço, kiçijik kişi,
Ýöne ady ýaň salypdy ýalança,
Öňem bolan däldir, bolmazam indi
Oň ýaly garadan gaýtmaz ýaragdar.
Ada han bolmagy arzuw edipdi,
Emma gudrat oňa gülüp bakmady.
Ol dünýäniň garşysyna gidipdi,
Betbagt etmek – bu dünýäniň maksady.
Lagar agtyň yzy bilen eşekli
Gitdi Sanço adalatyň gözlegne,
Hemem bu dünýäniň azabyn çekdi.
Nähili aldawaç süýji hyýallar!
Bir ullakan ada han boljak kişi,
Ýatyr bu jahana gelmedik kibi.
EL MONIKONGO, AKADEMIK ARGAMASILSKINIŇ DON KIHOTYŇ
MAZAR DAŞYNA EPITAFIÝASY
Gresiýaň Ýazony deý sergezdan,
Lamançyň şöhrady burk urdy sende,
Kellesi Flýuger, aýlanyp her ýan,
Bir görseň, akylly, bir görseň telbe.
Ähli zamanlarda şahyrsumaklaň
Içinde danasy, içinde belli.
Söweşe çykanda batyrdy çakdan,
Zarbyndan titredi Hytaýa çenli.
Amadis tohumna pohun iýdirip,
Karlik kimin gyrdy pilmahmytlary.
10
Ajap Dulsineýa özün söýdürip.
Gezdi mydam pasyklaryň kastynda
Rosinanty ýedi yklyma dabradyp,
Ýaşady ol betbagtlygyň astynda.
I BAŞ
DON KIHOT
Munda meşhur idalgo Don Kihot Lamançlynyň gylyk-häsiýeti, edim-gylymy
hekaýat edilýär.
Haýsydyr bir Lamanç obasynda, ol obanyň adyny agzasymam gelenok weli,
nädeýin, gaty ir bolmadyk zamanda bir idalgo L ýaşapdyr, onuň bar ýarag-şaýy
atasynyň atasyndan galan naýzasy, gadymy galkany, lakaşa aty hem tazysy bar
eken. Begzadanyň naharyny sygyr etinden däl-de, köplenç goýun etinden
taýýarlapdyrlar: şamlyk nahary mydama diýen ýaly winegret, penşenbe günleri
doňuz ýagy bilen heýgenek, şenbe günleri merjimek, bazar günleri bolsa,
baýramçylyk nahary hökmünde kepderi bişirilipdir. Garasaý, begzadanyň naharyna
onuň girdejisiniň dörtden bir bölegi harçlanypdyr, a galan puluna bolsa oňa men
diýen mawutdan plaş, mahmal jalbar, baýramçylyk aýakgaby diýen ýaly zatlary
alypdyrlar. Adaty günler ol öýde dokalýan beýle bir nepis bolmadyk mawutdan
tikilen kostýumyny geýer eken. Onuň öýünde ýaşy kyrkdan agan öý beýemçisi,
ýigrimi ýaşap barýan ýegençisi hem hojalyk, meýdan işlerini alyp barýan
hyzmatkäri ýaşapdyr. Hyzmatkäriň, ýagny öýdençeriň wezipesi ata esewan
etmekden, mellekdäki baglara seretmekden ybarat bolupdyr. Biziň idalgomyz,
elbetde biz oňa meşhurlygy üçin begzada diýýäris, ýaşy elliden geçen, berdaşly,
agajet, kakçekge, atýüz kişi eken. Ol ölemen awçy bolupdyr, özem guşlar bile
örmegi söýüpdir. Aýdyşlaryna görä, onuň pederiniň ady Kihada ýa-da Kesada
bolmaly. (Ol barada ýazan awtorlaryň pikiri köplenç biri-biriniňkä çapraz gelýär)
emma bir topar delillerden ugur alyp, onuň familiýesiniň Kehana diýip çak etse
boljak. Umuman-a, biziň bu hekaýatymyz üçin ullakan bir parhy ýok: ady näme
bolsa şol bolsun, biz zada eýerýäris, onuň taryhyny gyl ýaly hem gyşartman, bolşybolşy ýaly edip romanda beýan edýäris.
Biziň begzadamyz boş wagtlary rysar romanlaryny okamaga halys endik edipdi,
onuň boş wagty bolsa, bir günde bir gündi, bir aýda otuz gündi, bir ýylda bolsa üç
ýüz altmyş bäş gündi. Soňabka begzada rysar romanlaryna şeýle bir berildi weli,
aw ýatdan çykdy. Meýdanda onuň okundan gorkup gezen ýabany haýwanlar soňsoňlar ony küýsäp ugrady, hojalyk bolsa düýpden unudyldy. Emma kitaba-da pul
gerekdi, ol täze-täze kitaplary almak üçrip, men diýen sürümli ýerinden birniçe
desýatin ýeri satyp goýberdi, o ýeriň pulam kitap bolup onuň tekjesine mündi.
Kitaplar köpeldigiçe, şonça-da onuň akylyna zeper ýetirip ugrady. Emma ýaman
ýeri begzada ondan bihabardy. Ol meşhur Felisiano de Silwanyň ajaýyp
romanlarynyň muşdagyna öwrüldi, onuň kyssasynyň özüne çekijiligi, bijaý
11
aýlawlylygy begzada kämilligiň hut özi bolup göründi. Romanlardaky yşky hatlar,
ýekme-ýek söweşe çakylykda «Siziň hakykatyňyz meniň hakykatyma Siziň
hakykatyňyzyň nähaklygy zerarly meniň hakykatyma çapraz gelip, meniň
hakykatymyň hakyny alýar. Şonuň üçinem men, hakykatdanam, siziň
hakykatyňyzyň üstünden şikaýat etmeli bolaryn» ýa-da «gudraty güýçli asman
ylahy ýyldyzlary bilen sizi şeýle bir ylahylaşdyrýar hem merhemetli mertebäňize
mertebe hem merhemet goşýar». Şeýle sözlemleriň manysyny tirjek bolup,
düşünjek bolup, biziň garyp begzadamyz gijeler çirim etmän geçirýärdi, eger
hudanyň gudraty bilen Aristoteliň özi direlip geläýende-de, ol sözlemlerden baş
çykaryp bilmejekdigini bolsa begzada kaýdan bilsin? Onsoňam begzada
söweşlerde sansyz ýara alýan don Belýanisiň ýaralaryny akylyna sygdyryp, göz
öňüne getirip bilenokdy, çünki dünýäniň iň ökde hekimleri ähli tagallasyny
edäýende-de, don Belýanisiniň ýüzi-gözi, endam-jany besse-besse ýara yzyndan,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Don Kihot - Turkmen - 2
  • Parts
  • Don Kihot - Turkmen - 1
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2225
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Don Kihot - Turkmen - 2
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2178
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Don Kihot - Turkmen - 3
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2078
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.